Latin

Söýgüde serhet ýok - 16

Total number of words is 3845
Total number of unique words is 2181
31.3 of words are in the 2000 most common words
45.3 of words are in the 5000 most common words
52.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
goýmady. Men agzymyň ýetişdiginden gürläp başladym. «Erkin! Gulak
sal! Trubkany goýma! Diňle! Şu gün irden meni ýene şo maşynda
göreniňi bilýän. Ýöne, ynan bu hakykatdanam iň soäky gezek boldy.
Bergidar galmazlyk üçin men onuň bilen hasaplaşmalydym. Şeýle-de
etdim. Iň soňky köpügine çenli sanap berdim...» diýdim. Ol welin
şonda-da dymýardy. Men bolsam onuň birdenkä ýarylaga-da: «Onda
işden soň oň bilen şäheriň daşyna näme üçin gitdi? Ony näme bilen
aklajak? Ýa ol ýerigem hasaplaşmak üçin gitdiňmi?» – diýip,
gygyrybererinden gorkdum. Şeý diýäýse näme jogap berjegimi bilmän
ýaýdandym. Hern-ä ol o barada hiç zat diýmedi. Diýmek ol ony bilenok.
Şeýle-de bolsa şol hereketim üçin onuň öňünde özümi hasam müýnli
duýýaryn. Ýeňilkelleligim üçin öz-özümi ýigrenýärin. Ahyrsoňunda
gözlerimi ýaşa dolduryp: «Erkin! Şundan şu ýana şol maşyna tarap
gyýalap garanymy görseňem ýüzüme tüýküräň», diýenimden soň azkem gowşady. Men muny onuň assa-ýuwaş ardynjyrap ugranyndan
duýdum. Bu onuň niýetini bagyşlamaklyga diken wagty edýän
hereketleriniň başlangyjydy. Umumanam onuň sähelçe mümkinçilik
dörese maňa ynanasy, bagyşlasy, ýaraşasy gelýärdi. Özüniň edip ýören
göwnigaraçylykly hereketleriniň düýbünden puç, ýalan bolup, meniň
bolsa ak bolup çykmagymy isleýärdi.
Şonuň üçinem ol ýene bir gezek çalaja ardynjyrady-da dawaly
gürrüňiň üstündenem barman ýuwaşlyk bilen özümiň, çagalarymyň
ýagdaýyny sorady.
Şol oglan baradaky eden pikirleriniň dogry bolup çykandygyny,
niýetiniň dogrudanam gowy däl ekendigini, haýyr-sahawata perdelenip
başga zatlaryň kül-külünde ekendigini welin men barybir Erkine aýdyp
187
bilmedim. Çünki, bu ýene-de onuň derdini täzelejekdi. Täze-täze
öýkeleşiklere sezewar etjekdi.
3
– Şol iki wakadan soň ol barybir aýňalyp bilmedi. – diýip, Jemal az
salymlyk ara düşen dymyşlykdan soň sözüni dowam etdirdi. – Meniň
her bir ädimimi yzarlady ýördi. Iňňän uzaga çeken hupbatly ýyllar
başlandy. Söýgüniň humaryna gark bolan lezzetli günler gutardy. Men
özümiň iňňän uly hata goýberendigime, Erkinem, özümem öz elim bilen
çoçgara çolaşdyrandygyma düşündim. «Men indi diňe Erkiniň akylpaýhasyna bil baglap biljekdim. Ýöne, bar zat tersine boldy. Ol
aklyndan asgyn çykdy, «was-wasa» ulaşdy. Däliredi. Bäş minut ýerimde
tapylmasam, meni gözläp, hars urup başladym...
Şol wagtam hyzmatkär gyz geldi. Boşan gap-gaçlary, galangaçanlary ýygnaşdyrdy. Ýene näme isleýändigimizi sorady. Men: özüň
aýdaý, diýen manyda Jemala yşarat etdim. Ol aşak bakyp oturşyna gyza
tarap nazarynam aýlaman:
– Ilki, kofe, soňam doňdurma getiräýiň – diýdi.
Men kofe içemokdym. Şonuň üçinem, hyzmatkär gyzdan berkje
demlenen gök çaý getirip bermegini haýyş etdim. Onuň giderine
mähetdel Jemal:
– Howwa, şeýdip ol durmuşdan ýadady. Özem men zerarly ýadady
– diýdi.– Şolar ýaly pähimli, paýhasly adamy yşk bozdy. Aşyklyk onuň
ömrüni zaýalady. Häsiýetini üýtgetdi. – Jemal ýene-de bir nokada bakyp
ep-esli dymdy. – Şondan soň köp wagt geçmänkä meni öz edaramyň üsti
bilen iki aýlyk Moskwa okuwa iberdiler. Entek öňki urgudanam doly
açylyp ýetişmedik Erkin muňa erbet gynandy. Ýöne, bu gezek maňa
ynanmazçylyk edýändigi üçin däl-de, iki aýyň aýraçylygyna döz
gelmekligiň kyn boljakdygy üçin, gidýändigimi aýdanymdan dik duran
ýerinden aşak çökdi-de, içini tutdy oturyberdi. Çünki, ol meni örän
gowy görýärdi. Esasy betbagtçylygam şondady.
Şol iki aýy aýralykda geçirmek meniň üçinem kyn boldy. Erkinsiz
ýaşap bilmejekdigime menem şonda ymykly göz ýetirdim. Elbetde,
Moskwa şagalaňly, owadan, köp adamly uly şäher. Üstesine biz her
dynç alyş günleri Moskwadan çykyp Tula, Rýazan, Wladimirsk ýaly
gadymy şäherlere syýahata gidýärdik. Bir gezeg-ä hatda trustlere
188
goşulyp Peterburga hem gitdik. Emma o zatlar meniň gözüme-de
görünmedi. Göz öňümde hemişe Erkiniň aladaly, ýadaw keşbi
gaýmalaklady durdy. Hamala ol gapdalymdan syn edip duran ýaly,
birdenkä gapdalymdan «zompa» çykaga-da: «Näme işläp durduň muň
bilen», diýäýjek ýaly, bir adam bilen bäş minutdan artyk gepleşip durup
bilmedim. Sähelçe aýralyk ara düşenden Erkini beýle küýsärin diýip
dagy ýadyma-oýuma-da düşenokdy. Ahyram saklanybilmän Aşgabada
öýüne jaň etdim. Ýadyma düşýä, günortan çaglarydy, çak edişime görä
Erkin şol wagt öýde bolmalydy. Çünki, o döwrem onuň işsiz oturan
wagtlarydy. Diýşim ýalam boldy. Trubkany özi aldy. Ýöne, sesi diýseň
solgun çykdy. Sebäbi, aýaly öýde ekeni. ol muny maňa aýlawly sözler
bilen düşündirdi. Özüm gepledim, özüm goýdum. Ýöne, şondan soň azkem köşeşdim. Ýüregim ýerine gelen ýaly boldy.
Aşgabada gaýdyp gelenimde ol meni uçargähde garşylady. Iliň
gözüniň öňünde gujaklaşyp görüşäýmekden zordan saklandyk. Şähere
gelýärkäk maşynyň içinde men oňa aýlanan şäherlerimdäki
Peterburgdaky we Moskwanyň özündäki düşen suratlarymy görkezdim.
Gören zatlarymy gürrüň berdim. Ertesi hylwat jaýymyzda duşuşmagy
wadalaşybam hoşlaşdyk. Men öz öýümiň deňinde düşüp galdym.
Gatnaşygymyz gün-günden gowulaşyp, deňiz, ak maşyn zerarly ara
düşen doňaklyk kem-kemden eräp ugrady. Ikimizem ýene-de başkymyz
ýaly ýalykda duşumyzdan geçip, indem ömrümiziň ikinji bahary
hökmünde gaýdyp gelen söýgümiziň hözürini görýärdik. Lezzet
alýardyk. Men mümkin boldugyça onuň gaharyny getirmejek
bolýardym, gabanjaňlyk duýgularyny oýaryp bilaýjek hereketleri
etmejek bolýardym.
Şeýle-de bolsa, meniň ýalňyşym zerarly, ýene bir gezek aramyza
sekiz aýyň aýraçylygy düşdi. Erkin meni adamym ýogalandan soň, tä
ýyly geçýänçä aýadyny-töwürini sowup beren garyndaşyndan gabandy.
– Habarym bar, o zatlardanam habarym bar, – diýip, men Jemalyň
sözüni bölmezlik üçin iňňän seresap gürledim. – Ýöne men bir tarapyny
bilýän, siz tarapyny eşitmek bolsa meniň üçin has möhüm hem gyzykly.
– Men ol adamy öň bir gezegem görmändim. Ol meniň
durmuşymda adamym ýogalandan soň peýda boldy. Özüni onuň
garyndaşlarynyň biri diýip tanatdy. Şonuň üçinem, men ony
turuwbaşdan maşgalamyzyň hossary hökmünde kabul etdim. Dogrusyny
aýtsam nirede oturtjagymy bilemokdym. Edýän hyzmatlary üçin berýän
189
aklyklarymdan, düwünçeklerimden kes-kelläm boýun gaçyrýandygy
üçin men onuň hakyky hossardygyna ynanýardym. Ol her gezek: «Ýok,
ýok, men sizden zat almaly däl, gaýtam bermelikömek etmeli», diýýärdi.
«Jigijiklerim...» diýip, gelende-gidende gyzjagazlarymyň başyny
sypalaýardy. Ýaňajyklaryndan ogşaýardy, odur-budur zatjagazlar
äberýärdi. «Menem sizden az iýemok şu öýden», diýip, käte bäş-üç kilo
kartoşkajyk, sogan, pomidor ýaly önümlerem getiräýýärdi. Dogry,
getirýän zatlarynyň hili pes, bazardaky iň arzan harytlar, şeýlede bolsa
nätjek biziň üçin, şolam uly kömekdi. Büý-ä bir tüýs, köne düzgüni,
inüw-çykuwy ýagşy bilýän hakyky türkmen ekeni-ow, diýip, öz
ýanymdan oňa köp-köp minnetdar bolýardym. Dogry, käte ol ýanymda
oturyp aýalyny ýamanlaýardy. «bir amatlyja maşgala tapsam şonymy
täzelejek» diýýärdi. Men bolsa şonda-da göwnüme zat getirmän: Aý, şu
çaka çenli oňuşan bolsaňyz oňuşyberseňizläň, diýip, oňa göwünlik
berýärdim.
Adamymyň ýyly geçenden soň, ol ymykly gider, hossarsyz galaryn,
diýip, dogrusy soňabaka darygyp ugradym, emma ol gitmedi. Öümiň
odur-budur hyzmatyny edip geziberdi. Özüniň welin elinden gelmeýän
zat ýok. Ökde ussa. Demir bolsun, agaç ýa aýna bolsun, tapawudy ýok,
daş edýä. Öýçülikde-de näme, erkege bagly iş gytmy. Bir gün suw
kranyň döwülýä, bir gün turbaň deşilýä, ýene bir gün gapyň ýarsýa,
aýnaň çat açýa, penjiräň petlesi süýşýä, iň bärkisi lampaňy,
rozetkalaryňy çalyşmaly bolýa, garaz, hysyrdysy ýetik. Şol zatlar
üçinem men öňi-soňy kimem bolsa birine ýüz tutmaly. Erkin-ä öýe
getiribilemok, getiräýenimde-de o zatlardan baş çykaryşy meňkiden
öwerlikli däl. «Hossar» bolsa baýaminnet eip ýör. Juda iş bolmasa bir
ýerlerden tapyp getiren uzyn saply bozagan sübsesi bilen men işe giden
wagtym howlyny süpürýä welin boş oturanok. Yzyndanam gowy
suwlaýa. Haýyş eden wagtym gyzlarymam okuwa äkidip getirýä.
Ine, adamymyň sakydy sowulandan soňam onuň şeýdip ýörşi
Erkine ýaramady. «Edil eýäň ýaly howluňa arkaýyn girip çykyp ýör. Bu
gowy däl. Hernäçe garyndaşsyrasa-da niýeti düzüw däl, hälem bolsa
wagt bar, egleme-de kow», diýdi. Men muny gaty gördüm. Sen meniň
bähbidime çapaňok, bileniň biteniň gabanjaňlyk» diýip, öýkeledim.
Şol ikiarada-da karz-kowal edip gapymda gazly suw budkajygyny
açdym. Satyjy gözledim. Ýene-de dadyma molla garyndaşymyz ýetişdi.
«Satyjy tutsaň puluň bibereket bolar, men özüm ýörederin, näme düşse190
de, gylyny gyşartman eliňe bererin, maňa hiç zat gerek-gä, saňa
kömegim degse bolýa şol», diýdi. Men muňa öňkümdenem beter
begendim.
Şondan soň her gün işe gidenimde öýüň açarynam oňa goýup
gitdim. Sebäbi günuzyn şol ýerde bolansoň arasynda namaz okamaly,
täret etmeli, iýmeli içmeli bolýardy. Men oňa günortan iýeri ýaly nahar
edip, sowutgyja salyp gidýärdim.
O zatlary bilensoň-a jan dogan, Erkin halys gyzyl däli boldy. «Hää, açaryňam berdiň dälmi, öýüňe-de goýberdiň dälmi, goşuňyzam
birikdirdiňiz dälmi, indi ikiňizem allanäme bir gapydan girip çykýaňyz
dälmi, diýen ýaly henize çenli aýtmadyk sözleri bilen halys gulak etimi
guratdy. Men ýene-de oňa gulak asmadym. Pitiwa bermedim. Sebäbi,
şol adamyň hossarçylygy bilen meniň ýeke bir öý işlerim däl, eýsem
telekeçilik işimem ýöräp durdy.
Bir günem men işde wagtym Erkin öýe gelipdir-de, eýlesinden bir
baryp, beýlesinden bir baryp ony gepledipdir. O-da: «Men Jemala ony
äberdim, muny äberdim», diýen ýaly ýalan – ýaşryk gepler bilen munuň
ýüregini çişiripdir. Bu-da onuň aýdan zatlarynyň ählisini bir kagyza
ýazypdyr-da, sanaw düzüpdir. Şeýdibem şol günüň özünde günortanyň
öň ýany jaň etdi, «çyk, seň bilen gürrüň bar», diýdi. Çykdym. Haty
berdi. Şol aralykda: «Ýeke bu-da däl, ol seň bilen nikalaşmak barada
hem gürrüň gozgaýarmyşyn, sen bolsaň: O zatlara entek howlukmaly
diýýärmişiň» diýen sesem gulagyma geldi.
Ozaldanam-a ýarylaýasym gelip durdy welin, ony eşidib-ä hasam
erbet boldum. Erkin şol wagt meniň gözüme gabanjaňlyk zerarly
mettebesini ýitirip özüni halys aýak astyna taşlan, nalajedeýin, gowşak
biçäre adam bolup göründi. Şeýle-de bolsa, bolup durşy menden ymykly
elini üzene meňzeýärdi.
Ýöne, men oňa barybir hiç hii düşündiriş bermedim. Özümi
aklajagam bolmadym. Içi ýananyň ýylgyryşyny edip durşuma hatly
kagyzyny eline gaýtaryp berdim-de, öwrüldim ötägitdim. Birki agyz ajy
söz aýdan bolaýmagymam ahmal.
Erkini unutmak maňa başda juda kyn düşdi. Ýatsam-tursam göz
öňümden aýrylmady. Girsem-cyksam gapdalymda bar ýaly boldy durdy.
Hatda köçede barýarkam, göwnüme ýoluň o tarapynda maňa gözüni
dikip duran ýalydy. Gijeler gyzjagazlarym ýatandan soň ýeke özüm
oturyp aglaýardym. Sahabyna goluny çekip, ýadygärlik ýazgy ýazyp
191
beren goşgular kitabyny çykarýardym-da, gyýa garap oturan, ösgün
saçly suratyna seredip: «Özüňden gör, Erkin, öz «was-waslygyňdan gör,
men nädeýin, halys uwnup-çydar ýaly etmediň-ä, gara günüm, bähbidim
üçin edýän hereketlerimem ýaramazçylyga ýorduň-a...» diýerdim.
Şonda, kitabyň sahypalary meniň göz ýaşlaryma ezilerdi. Men
bolsam ýene-de onuň suratyna bakyp: «Eýsemde bolsa biz indi hiç
haçan görüşmerismi? Duşuşmarysmy?» – diýip, sorardym. Ýene-de
öňküleri ýaly jaň etmegini, ýaraşmak üçin ir ertir, giç agşam gapymyň
agzynda, penjirämiň öňünde köwejeklemegini, ýalbar-ýakar etmegini
isleýärdim. Hudaý meniň dilegimi kabul etdi. Arasyna on-on bäş gün
salyp, Erkin, iki gezek, bir gezeg-ä öýden çykyp işe barýarkam, bir
gezegem işden çykyp öýe gelýärkäm öňümden çykdy. Onuň ýüzi-gözi
argyn, ýadaw görünýärdi. Ejir çekýändigi bildirýärdi. Ony ömürlik
ýitiräýmändigime begenenem bolsam, gyňyrlygymyň ugruna gidip ýüz
bermedim. Gaýtam ýüzüni aldym. Öýe baranymdan soň welin, eden
işime ökündim. Gynandym. Doňýüreklik edip Erkiniň ýüküne ýük
urandygym üçin puşman etdim. «Gelmen» diýip gitse-de, honha,
gelipdir-ä, durup bilmändir-ä, sen bolsaň onuň salamynam almadyň,
gedemligiň ugruna gidip öz göwün küýsegiňden ýüz öwürdiň, diýip, özözüme käýindim. Şeýle-de bolsa öz ýanymdan günäniň ondadygyny
terkarlaýanymy kem görmedim. O-da soň ondan artyk gadryny gaçyrjak
bolup durmady. Gelmesini kesdi. Şeýdibem, sekiz aýa çeken aýralygyň
jebirli günleri başlandy.
Ýöne, Erkiniň çakynyň çyn ekendigine men şondan soň aý ýarym
hem geçmänkä göz ýetirdim. Görüp otursam ol bende Erkine aýdan
sözlerini ýanyna gelene aýdyp ýören bolsa nätjek! Bu zatlar maňa kemkemden aýan boldy. Şeýle-de bolsa men belli bir karara gelmäge
howlukmadym. Takyk anygyna ýetmän, şonça wagtlap hyzmatyňy edip
ýören adamy ur-tut kowup goýberäýmegem birhili. Oňa-da delil gerek.
Tutaryk gerek. Ol eý diýdi, bu beý diýdi bilen etseňem onda meňkem
Erkiniňki ýaly howaýy bir zat boljak.
Ýöne delil üçin uzak garaşmaly bolmady. Tutarygam tapyldy. «Her
zadyň öz wagty bar» diýlişi ýaly şondan soň uzaklaşdyrman, mollanyň
özünden-özi syryny açdy oturyberdi. Perdesini syrdy.
...Şol gün anna günüdi. Öýlänaralar molla dükanda işläp otyrka
ejem görme-görşe geldi-de, agşamlyk yzyna gidende gyzjagazlarymam
ýany bilen ýatymlyk alyp gitdi. Muny molla-da gördi. Şol pursat birhili
192
içiniň gülendigini men onuň gözleriniň ýyltyldysyndan aňdym. Inimem
bir zat syzan ýaly boldy. Hä, indi gitmez-ow şü, gitmeli wagtynda, diýip,
elewräp ugradym. Edil pikir edişim ýalam boldy. Budkany ýapandan
soňam gitmedi. Eýwandaky agaç sekiniň üstüne çykdy-da: «Öli aýatdan
doýmazmyş, gel, Jemal senem otur şu ýerde ylaýyk juma gijesi bendä
degsin edeli diýip, şo-ol, süre yzyna süre, aýat yzyna aýat okady oturdy.
Ellerimi serip dik oturmakdan ýaňa biloňurgam ýazara geldi. Onuň bolsa
öwrenenje käri, göwni bir ýaly. Hä diýmänem ýassy namazynyň wagty
geldi. «Öýe barýançam wagty geçer, şu ýerde okaýaýyn-la» diýip, onam
okady. Gitmäge welin hyýalam edenok. Eýesiz maşgalanyň öýünde,
gijäniň bir wagtyna çenli somalyp oturmaga özem ejap edäýmeli ýaly
welin, piňine-de däl.
Şol wagtam Erkiniň baýaky: «Ussany gijäniň bir wagtyna çenli
öýüňde saklapsyň» – diýip, meniň bilen käýinişeni ýadyma düşýä. Hä,
dogry aýdan ekeni-ow, daşyndan seretseň gelşiksiz ekeni-ow, diýip,
onuň bilen şunça wagtdan soň ylalaşýan. Ugradara bahana gözleýän.
Ahyram: ejeme jaň etsem-ä bir zat bolaýdymyka ddiýip gorkar, diýdimde, iki çagaly özüm bilen dertdeş, deň-duş adamsy bilen aýrylyşyp ýeke
ýaşap ýören Senem atly joram bardy, ine, şoňa jaň etdim. Çagalaryňam
al-da, ýatymlyk gel, özüňem çalt gel, eglenme, diýdim. Ukudan oýaran
bor-a çemelim, «A gyz aklyň bir ýerindemi eýýäm gije sagat on ikiniň
ýary boldy, çagalaram ýatyr» diýdi. Senemiň sesi garjaşyk, gorkuly
çykdy. Sagat ýüz bolanam bolsa gel, gep gutardy, çagalaryňam turuz,
özüňem şu wagt zat sorama, sebäbini gelensoň aýdaryn, diýdim. Ýarym
sagat geçip-geçmänkä ýetip geldi, henizem ukudan doly açylmadyk
çagalarynyň elinden tutup. Üçüsem aýak aldyklaryna pallaýarlar.
Ýüzleri ýelli, gabaklary pökgerişip, kirpikleri biri-birine çolaşyp dur.
Senem aşhanada aşak bakyp, içini hümledip oturan mollany görüp:
«Munuň näme gyz» diýýän manyda gözlerini tegeläp ýüzüme seretdi.
Men sesimi çykarman ony çagalary bilen törki jaýa geçirdim. Öňlerinde
çaý, süýji, köke goýdum. Usuljyk bilen Seneme näme üçin
çagyrandygymyň sebäbini aýtdym. Ol: «Entek diýen zady, eden hereketi
ýok dälmi» – diýdi. «Ýok, enteg-ä bolan zat ýok, ýöne, gorkym bar,
hemişe budkany ýapdygy gidýädi, bu günki bolup oturşy welin
göwnüme jaý däl, Erkiniň aýdanlary dogry bolup çykjak öýdýän, asyl şu
gün ýüzi-gözem öňküsi ýaly däl» – diýdim. «Biderek howsala
düşýänsiň-le, jan jora, öz-ä molla adam, üstesine-de äriň garyndaşy
193
bolsa... Aý, ýok, belki ýarawsyzlyk dagy tapynandyr-da...» diýip, Senem
göwünlik berdi. Ýöne, onsuzam ol geleli bäri biraz arkaýynlaşypdym.
Gider, gitmese-de ýeke däldigim üçin batyrnyb-a bilmez, galanynam
görübermeli bor-da, diýen netijä gelipdim. Ol welin, şonda-da
gozgananok. Bir görsem Senemiň çagalar-a oturan ýerlerinde
sermagallakdan gaýdypdyrlar-da, ellerini serşip, agyzlaryny açyşyp
ýatyrlar, özüniňem gözleri süzülip ýere siňip barýar. Men olara düşek
salyp berdim. Ýatyrdym. Özümem ýüregimi bire bagladym-da, aşhana
baryp: «Molla aga gaýdyň, giçden soň beýdip oturmaň, bizem ýatmakçy,
egerde ýaramaýan bolsaňyz, şu ýerde düşek ýazyp beräýeýin» – diýdim.
Ol başyny galdyryp maňa seretdi. Ýylgyrjak bolan bolsa gerek, galyň
dodaklary müňküldedi, ýöne, çyzylmady. Hemişeki, sähelçe bahana
bolsa syrtarylyp çykýan sargylt dişleri bu gezek görünmedi. Birdenem ol
ellerini ýere diräp ýerinden turdy-da, leňňerli ädimler bilen maňa tarap
ýöneldi. Golaýlady. Gelşi ýalam owsun atdy-da, garsa gujaklady. Ilk-ä
gollaryny gollarymyň aşagyndan geçirjek boldy, o başa barmansoň
boýnumdan dolap aldy, ogşajak boldy. Şol wagtam burnuma ýap-ýaňyja
soýlan goýnuň içegeleriniňmi, kelle-aýagyňmy ýa çig deriniňmi
ýürekbulanjy agyr ysy urdy. Şol ys onda hemişe-de bardy, gapdalymdan
eýläk-beýläk geçende aňrym bärime gelýärdi, «Şol porsy ysy bilen şony
nädip öýüňde saklaýaň» diýip, ejemem häli-şindi käýeýärdi, ýöne, bulr
ýaly ýakynlaşyp görmämsoň nägerek-eýle çydajak bolýardym. Şol
gezek welin bar aladam onuň özündenem beter ysyndan dynmak boldy.
Men «pü-üwf...» etdirip bir elimiň aýasy bilen burnumy tutdum-da,
beýleki elim bilen onuň döşünden itdim, ýüzünden penjeledim, garaz,
golaýyma goýbermedim. Şol aralykda-da: Şumy seň maňa hossarçylyk
edişiň? Niýetiň-päliň şumydy asyl seniň – diýmäge ýetişdim. Goňşygolamlaryň ýanynda eden gürrüňlerinem ýüzüne basdym.
Haýalçyramakdan geçen gaýtam ol ýüzüni erbet bir eňşetdi-de:
«Jögüsireme! Sen näme şu çaka çenli bileňokmydyň meň nämüçin
şeýdip ýörenimi? Biz eýýäm bir ýyl bäri bir öýden bile girip-çykyp
ýörüs. Ony uly ilem bilýä. «Bize indi diňe nikalaşaýmak galdy» – diýdi.
Şondan soň meniňem ýüzüm ýyrtyldy: «Bäş wagtyna namaz okap
ýörsüň, özüňi bize hossar, ärime garyndaş saýyp ýörsüň, bir ýyl bäri
duzumy iýip ýörsüň. Ilden-günden utanaňokmy? Hudaýdan
gorkaňokmy, nikalaşar ýaly näme bolupdyr ikimiziň aramyzda – diýip,
sesime bät berdim. Ol mendenem beter gygyrdy. «ýok! Çekinemok!
194
Utanamok! Ilden utanýan bolsam bir ýyllap gapyňda gul bolmazdym.
Hudaýdan gorkýan bolsam sen zerarly çagalarymdan jyda düşmezdim.
Gazananjamyň gylla ýaryny seň içeriňe siňdirmezdim». Şeý diýdem
welin ganym depäme urdy: «Näme siňdirdiň sen meň içerime? Näme
getirip berdiň sen maňa? Äberdim diýip iliň ýanynda sanan zatlaryň-ňa
barysy meň öz satyn alanlarym. Ýöne, şu öýe aýak seken günüňden bäri
ýekeje sogruntgy getirenem bolsaň hasapla-da aýt, baryny tölejek. Okan
aýat-gurhanlaňňam goş şo zatlaryň üstüne. Karz diýip berenleriň-ä
ertiriň özünde gaýtaryp bererin... Suw satanyňa näme düşýän bolsa
onam hasapla. Beýle bet niýetiň bardygyny bilen bolsam başda
goýbermezdim men seni gapymdan. Aç ölsemem iýmezdim men seň bir
döwüm nanyňy. Çagalaryma-da iýdirmezdim. «Hossar men, hossar
men», diýen bolup asyl seň hossarlygyň aňyrsynda munça-munça bet
niýetler ýatan ekeni-ow» diýdim. Soňam holodilnigiň üstünde ýatan
keltejik, ýogyn oklawymy aldym-da, gara gürji ýaly garşymda «jöwjöw» edip duran mollanyň depesinde dalawladyp başladym, «Ýok bol!
Namart! Nalajedeýin! Ýüregi ýüzünden, ýüzi ýüreginden beter gara
päliýaman! Umytly ojagymyň içinde oturyp seň üçin eden dogaýy
dileglerim gözüňi tutsun! Törüme geçip okan namazlaryň syh-syh bolup
böwrüňden çyksyn» - diýdim. Oňa çenlem: «A gyz, näme bold-a» –
diýip, Senemem içki jaýdan tasap çykdy. Oňa gözi düşenden molla ajy
ýylgyrdy. Şonda onuň gözünde ölügsi uçgun, sowuklaç ýalyn göründi.
Ol dodagyny dişläp başyny ýaýkady-da, gapa tarap ýöneldi. Geýmägede howlugyp köwşüni eline aldy. Daş çykdy. Howlynyň derwezesinden
çykansoň oturyp geýdi. Ýerinden turup üsti-başyny kakyşdyrdy.
Ugrady. Garaňka siňip barýarka yzyna garap bir zatlar diýdi, ňöne, näme
diýenini aňşyrmadym. Şol gijäni Senem ikimizem çirim etmän geçirdik.
Ýekelikden, başyboşlukdan, keç ykbalymyzdan naladyk. Nädip
nalamaly jan dogan! Başyň boş bolsa öňýeten saňa bişen aş, miwe, aw
hökmünde garaýar. Her kim senden datjak, doýjak, awlajak, Erkiniň
aýdyşy ýaly parçalajak. Iň bolmanda aýal üstüne aljak, oýnaş edinjek,
islän wagty dostlary bilen öýüňe gelip, iýip-içip, mes bolup agynap
ýatjak, keýp çekjek garaz, Erkiniňki ýaly ýürekden söýen adamyňy
tapaýmak kyn. Olar ýalynyňam gadryny diňe ýitirenimizden soň bilip
galýas. Ah urup arman çekýäs, ýöne, giç bolýar.
Umuman, men Erkine gulak salman, köp ýalňyşdym. Käbir
adamlara tanap-tanamankam ýüz berdim, ynandym, golaýyma
195
goýberdim, niýetini aňanymdan soňam sag-aman sypjak bolup görgi
ýamanyny gördüm. Deňizde, «Başlyk» bilenem, sürüji – söwdagär ýigit
bilenem, molla bilenem şeýle boldy. Şol günüň ertesi ejem geldi.
Gyzlarymam getirdi. «Hany bi, suwçyň görnenok-la» – diýdi. Men ony
kowandygymy aýtdym. Ýöne, sebäbini aýtmadym. «Aý, hasabym dogry
çykanok şoň üçinem bir bahana tapdym-da sypaýyçylyk bilen
ugradaýdym», diýdim. «Gowy edipsiň, gyzym, indi bir muňa gyz ýa
aýal maşgala tapaly, gapyňda del erkek görünmese gowy» – diýdi. Bu
sözi mundan iki gün öň aýdan bolsa Erkinden gaty görşüm ýaly men
ejemdenem gaty görerdim, asyl şu meselede onuň bilen öňem telim
gezek dagy tersleşipdim. Sebäbi, edil Erkin ýaly şol mollany ejemem
biziň gapymyzda peýda bolan gününden bäri halanokdy. Ýöne, şol
gezek welin ondan gaty görmedim, sebäbi, onuňky dogrudy.
Howwa, Erkiniň meni goraglap aýdan zatlary bu gezegem dogry
bolup çykdy.
Ýöne, bu barada men oňa jaň edip aýdyp bilmedim. Gelinlik
buýsanjym ýol bermedi. Ýöne barybir ony küýseýärdim. Ýaraşmak üçin
gelen gezeklerinde ýüz bermändigim üçin özümi günäkärleýärdim.
Çünki, puly, baýlygy bolmasa-da, maňa onuň söýgüsi, «däliligi»
gerekdi. Eli ýuka bolsa-da, Erkiniň ýüregi söýgä baýdy. Yşky
bimöçberdi. Ol nähili hereket etse-de, meni gowy görýändigi üçin
edýärdi. Söýgüniň ornuny hiç bir zadyň tutup bilmejekdigine, onuň ýok
ýerinde adamyň birek-birekden juda basym ýadajakdygyna men şonda
ýene bir gezek göz ýetirdim. «Düýe azaşmasa semremez», diýlişi ýaly,
adamyň şol zatlara düşünmegi üçin, şolar ýaly aýralyklar belki hökmany
şert bolup durýandyr?
Ine, şu zatlary serimde aýlabam aý ýarym dagy gezdim. Ahyram
çydam käsäm doldy-da, Erkine jaň etdim. Dogry, ýüz bermez,
gepleşmez diýen gorkymam ýok däldi, şeýle-de bolsa bagtymy synap
görmelidim. Iň bolman-da ýalňyşandygymy boýnuma alyp, ötünç
soramalydym.
Her niçik hem bolsa Erkin gaýra gaýyşmady. Gaýtam begendi.
Mollaly meseläniň öz çak edişine görä bolup çykandygyny, meniň ötünç
soraýandygymy eşidib-ä hasam açylyşdy.
– Egerde, şol aýralyk döwri göwnüňizden turaýjak biri
maňlaýyňyzdan çykan bolsa, maddy taýdanam doly üpjün etmeklige söz
beren bolsa, siz Erkinden ömürlik gidermidiňiz?
196
– Şeýle bir wariantyň bolup bilaýmegi mümkindi, eger-de Erkiniň
ömürlik gidendigine göz ýetiren bolsam. Emma, hernäçe özüne zor
salsa-da, ol entek menden gutarnykly el çekmändi. Muny onuň
ýaraşmak üçin ýanyma telim gezek gelip gidendigem subut edýä.
Üstesine meniň özümem ondan doly el çekmändim. Asla el çekmändim.
Çünki, beýle ýagdaý bizde öňem az bolmandy. Şolar geçdi, bu-da
geçer, diýip garaşýardym.
Ýöne näçe garaşmaly boljakdygyny welin bilmeýärdim. Onsoňam
birine garaçynyň bilen beren ýüregiňi yzyna alyp başga birine berip
bolmaýan ekeni, Nepes. Seni diňe bir adam söýüp bilýän ekeni. Senem
diňe bir adamy söýüp bilýän ekeniň. Ýüregi ikä bölüp ýa haýsydyr bir
başga ýürek bilen çalşybam bolmaýan ekeni. Kimde-kim mundanam
gowy birine sataşaryn, diýip, söýgülisini taşlasa ýalňyşar. Egerde şeýdip
bolýan bolsa, onda ol söýgi däldir. Şuňa meniň aklym ýetdi. Ýene bir
akyl ýetiren zadym-söýgüde bähbit aramak, baýlyga ymtylmak,
tamakinçilik atmek bolmaýar. Şol zatlaryň başlanýan ýerinde söýgi
gutarýar. Baýlyk – bu ruhy baýlyk. Söýmek we söýülmek. Erkinem ruhy
taýdan baý, aňy-düşünjesi zyýada adam. Ol biziň bu görýän
adamlarymyza meňzänok. Onuň kalby hyjuwdan doly. Ony telim ýyllap
ret etdiler, iş bermediler, eserlerini çykarmadylar, emma ol ruhdan
düşmedi. Ýykylsa ýene galdy. Turup ýene ylgady. Öýkeniniň demi
ýetmese bagry bilen süýşdi. Elliden geçip altmyşa ser urandygyna
garamazdan meni juwanlyk söýgüsi bilen söýdi. Onda-da kirsiz-kimirsiz
söýdi. Mendenem şony talap etdi. Men indi ony bu dünýede-hä däl, o
dünýede hem unudyp bilmerin. Hiç kime çalyşmaryn. Heniz-henizlerem
her gezek telefon «jyňňyrdasa» şolmuka, diýip, böküp ýerimden turýan.
Şonuň sesine garaşýan. «Ýaňy jaň etdim welin ýok ekeniň, nirä
gitdiň...» diýip, gyssaberjek ýaly sandyraklap ugraýan. – Jemal azajyk
arkan gaýyşdy, dodaklaryny süpürdi. – Howwa dogan, şeýdip ýene-de
ýaraşdyk. Bir ýyla golaý aramyzda söýgüden, mähir-muhabetden gaýry
hiç hili gep-gürrüň bolmady. Günler, aýlar edil ýag bilen ýüpek deý biribirine çyrmaşyp, geçip barýardylar. Oňa bolan söýgümiň gün-günden
güýçlenýändigini üçin göwnümemi ýa hakykatdanam şeýlemi, Erkin
birhili ýigdelýän ýalydy. Gyzjagazlarymam indi oňa gowy
öwrenişipdiler. Ony edil öz ýakyn adamlary kimin sylaýardylar, bäş-üç
gün gara bermese ýa jaň etmese bizok bolýardylar. «Ýa ýene-de
tersleşdiňizmi» – diýip, çekinjeňlik bilen soraýardylar. Bir gezek biz
197
täze ýyl baýramçylygy gijesi çagalaram alyp, şäheriň merkezi
meýdançasyna «salýut» görmäge gitdik. – Jemal gözlerini tegeläp
ýüzüme seretdi. – Ýogsa-da siz şolar ýaly salýudy golaýyndan synlap
görüpmidiňiz?
– Ýok, göremok, ýöne, telewizorda görýän.
– Telewizorda düýbünden başgaça. Baryp görseň welin... – Jemal
bir zada begenen çaga ýaly elini çarpdy. – Eý, Huda-aý... Özüňi edil,
jadyly dünýä düşen ýaly duýýarsyň. Yşyk bilen garaňky asmanyň
ýüzünde şonça nagyş, şonça şekil çekip bolar diýseler ynanar ýaly däl.
Özem her dürli öwüşginli. Bütin şäheriň baýramçylyk dabarasyny,
şowhunyny artdyrýar, görküne görk goşýar. – Jemal birdenkä çynlakaý
sypata girdi. – Men esasy gürrüňimizden daşlaşaýdym öýdýän...
Howwa... Neme... Meniň ýene bir aýtmak isleýän zadym, erkin pikirli
döredijileri gysaşyň içinde saklan döwlet baştutanynyň aradan çykyp,
onuň ornuna täze ýolbaşçynyň gelmegi bilen, bilşimiz ýaly ýurduňam,
döredijilik işgärleriniňem, şol sanda Erkiniňem ýagdaýy gowulaşdy. Işede ýerleşdi. Ýokary okuw jaýlrynyň birinde mugallym boldy. Ondamunda goşgulary çykyp ugrady. Radio ýaýlymlarynda okaldy.
Telewizorda ol hakda gepleşikler gurnaldy. Neşirýatlarda kitap
çykartmak mümkinçilikleri döredi. Garaz, güzerany gowulaşdy. Hatda
ulagam edindi.
Şeýle bir gowy, umytly günleri başdan başdan geçirip ýördük welin,
birdenkä edil tomsuň güni asmanda ýyldyrym çakan ýaly boldy-da, bar
zat çepbesine çöwrüldi duruberdi.
Şol gezek men özümden kiçi erkek doganymyň doglan gününe
gitdim. Şenbe güni bolansoň başky hyýalym gündiz baryp, agşamlyk
öýüme gaýtmakdy. Ýöne, keýpi kök boldy-da, jigim hiç birimizem
goýbermedi. «Hemmäňiz galyň, men agşamlyk çişlik bişirjek, özliözümiz bolup oturalyň», – diýdi. Menem Erkine jaň edip, galmaly
bolandygymy aýtdym. «Bolýa» diýdi. Doglan gününi bellän doganymyň
arka ýüzünde iň uly agamyz ýaşaýardy, adam köplügi zerarly men
şonuňkyda ýatmaly boldum. Günuzyn hyzmat edip ýadandyryn-da,
ertesi on bire çenli ýatypdyryn. Şol aralykda-da haýsydyr bir emel bilen
Erkin jigimlere jaň edipdir. Meni sorapdyr. Telefony alan meniň
agamlarda ýatanymdan bihabar «ýok» diýip jogap beripdir. Megerem ol
şol gün ir bilen öýe gelen myhmanlaryň biri bolsa gerek, «Asla ol
agşamam bu perde bolmady» diýip jogap beripdir. Turup çaý-çörek
198
iýýänçäm sagat on iki boldy. Öýe ugrajak wagtymam Erkine jaň etdim.
«Men ejemlerde, häzir öýe barýan, diýdim. Erkiniň sesi edil bir wagtlar
däliräp, yzymdan kowalaýan döwründäkisi ýaly howsalaly çykdy. «Aý,
ýok, sen ejeňlerde-hä däl». Asla sen, agşamam şol ýerde bolmansyň!» –
diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrdy.
Bu onuň maňa: «Agşam nirä gitdiň? Kim bilen bolduň?» –
diýdigidi.
Elbetde, boljagydyr-da, muňa meniňem jynym atlandy-da: Sen
näme ýene-de gabanyp başladyňmy? Ýene-de meň beýnimi iýip
ugradyňmy? – diýdim. «Nähili düşünseň şoň ýaly düşün» – diýende
onuň sesi hasam gazaply eşidildi. Menem sesime bat berdim: «Onda
meni ýatdan çykar!» Jogaba garaşmanam trubkany goýdum.
Ýaňky sözi gaharyma aýtsamam-a aýtdym welin, Erkin ony şol
durşuna kabul eder, menden ömürlik ýüz dönderer, öýdüp kelläme-de
gelmändi. Öňki düzgünimiz boýunça ol gahary ýatyşansoň ölçeripdöküp, öz ýalňyşyna şol gün agşamlyk, aňry gitse ertesi jaň etmelidi.
Ýaraşmalydy. Emma birigünem, soňky günem, soňkusy günem ondan
ses çykmady. Meni haýranlar galdyryp dymdy. Üç aý geçdi, emma ol
meni idemedi. Diýmek, ol hakykatdan-da şol gije başga biriniň ýanyna
gidendirin öýdüpdir. Biwepa hasap eipdir. Öz hyýalatyna özi ynanypdyr.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Söýgüde serhet ýok - 17
  • Parts
  • Söýgüde serhet ýok - 01
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2231
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2166
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 03
    Total number of words is 3793
    Total number of unique words is 2071
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 04
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2192
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 05
    Total number of words is 3838
    Total number of unique words is 2228
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 06
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2095
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 07
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2171
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 08
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2165
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 09
    Total number of words is 3772
    Total number of unique words is 2189
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 10
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2142
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 11
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 12
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2125
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 13
    Total number of words is 3811
    Total number of unique words is 2157
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 14
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2190
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 15
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 2084
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 16
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2181
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 17
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2218
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 18
    Total number of words is 3401
    Total number of unique words is 2009
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.