Latin

Söýgüde serhet ýok - 05

Total number of words is 3838
Total number of unique words is 2228
32.0 of words are in the 2000 most common words
45.4 of words are in the 5000 most common words
51.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
päsgel berýär. Şeýle-de bolsa elimi gözlerime penalap ýolumy dowam
etdirýärin.
Men Jemallaryň jaýynyň girelgesine bardym-da, agzyny aldym
duruberdim. Dört gatly şol jaýyň girelgesiniň her gatynda üç hojalyk
ýaşaýar. Jemal birinji gatda. Ýokarda ýene üç gatyň bardygyny hasaba
alsaň her girelgede on iki hojalyk bolmaly. Şonuň üçin girim-çykym
azam däl. Şolaryň islendiginiň meni ýat görüp: «Saňa kim gerek? Näme
gerek? Näme işläp dursuň» diýmäge, ýeňsämden südenekledip
kowmaga-da haky bar. Hern-ä alagaraňkylyk bir gowy zat, ýogsam üstibaşyma gözi düşen ilkinji adamda şübhe döretjekdigime şek ýok.
Jemalyň eýwan tarapynda-da girip-çykýan gapysy, uly bolmadyk
howlujygy, Jemalyň öz aýdyşy ýaly, «tomusky rezidensiýasy» hatda
derwezejigem bar. Ýöne, ol tarapky gapy diňe tomus aýlary açýar.
Tötänden ýa haýsam bolsa bir iş bilen çykaýmasa, Jemal meniň duran
ýerimdäki gapysyndanam çykmaz. Sebäbi giç. Ýöne, şeýle bahananyň
hökman tapyljakdygyna, bir sebäp bilen Jemalyň daş çykjakdygyna
bolan ynam meni garaşmaga mejbur etdi. Sebäbi, şondan şuňa enäptenäp gelenime görä men ony daşyndanam bolsa bir gezek hökman
52
göräýmelidim. Maňa şol besdi! Onuň bilen gürleşmek, ýa oturyp
ogşaşmak niýetim ýok. Ol wagt maňa onuň didary gerek. Şol höwes
bilenem şol ýere bardym. Indem gapysynda imtilip durun. Görmän
gitsem uzyn gije ýatyp bilmejegime aklym ýetip dur. Ýöne, görmän
gitmejegime welin aklym ondanam beter ýetýär.
Daşarynyň garaňkylygy edil girelgäniňkä garanyňda el-halrak.
Birneme ýagty. Çünki, gapdaldaky dükanyň ýaşyl, gyzyl, aksowult
reňkler bilen yşyklandyrylan ýazgylary daş-töwerege dürli öwüşginli
ýagtylyk saçýar. Ýagşyň çisňäp durandygy sebäpli şol yşyklar
köçelerdäki, ýan ýodalardaky oýmur-oýmur bolup ýatan kölçelere-de
düşýär. Netije-de ýagty saçýan yşyklaryň sany artýar. Asyl ýer-gök
durşuna al-ýaşyl bolup dur.
Belki, ýaşymdan çen tutup, göwünlerine zat getiren däldirler-dä, her
niçik hem bolsa ýaşaýjylaryň maňa: «Kim how sen, näme işläp ýörsüň
bu ýerde gijäniň bir mahaly» diýip, abyr-zabyr edeni-hä bolmady.
Garaz, az durdum, köp durdum, megerem, Alla jan yhlasyma görä
berendir-dä, gije ýarymdan agyberende Jemallaryň jaýynyň çat
maňlaýynda, uly ýoluň ugrunda «jy-y-yk» etdirip bir gyzyl «Žiguly»
saklandy. Içindenem syrdam boýly, başy gyzyl ýüň ýaglykly, gara plaşly
bir gelin çykdy. Gapyny çep eliniň tersi bilen «gürpüldedip» ýapdy.
Egilip, açyk aýnadan sürüjä bir zatlar diýibem batly gadamlar bilen
bäriligine tarap gaýtdy. Men bir gyra çekildim. «Tyrk-tyrk» edip
duşumdan geçiberende men ony tanadym. Ol Jemalyň jorasydy. Elbetde,
zerur iş bilen ýörite gelendir-dä, ýogsam onuň ýaşaýan ýeri şäheriň o
çetindedi. Ony getiren maşynyň henizem öňki ýerinde durandygam onuň
howlukmaçdygyndan basym çykjakdygyndan habar berýär. Ol çyksa
Jemalam hökman ony ugratmaga çykaýmaly.
Jemalyň şol jorasyny dogrusy men halamokdym. Resmi taýdan
durmuşa çykmadyk hem bolsa onuň eýýäm telim äre barandygyny,
Jemalyň gürrüňleri arkaly bilýärdim. Ýaşlykda ýetim galyp, oba ýerinde
dogan-garyndaşlarynyň elinde önüp-ösenmişin, soňam okuwa diýip
Aşgabada gaýdanmyşynda hiç ýere-de girip bilmänmişin. Indem kim
baýrak bolsa şony är tutunyp näçe wagtlygam bolsa şony
ýaşaşyberýärmişin. Iki-üç ýerden dagy girdeji edýändigini aýdyp hatda
Jemal dagynyň ýanynda öwnüberýäremmişin. Ine, hut şol häsiýetleri
üçinem men ony halamaýardym. Has dogrusy ýigrenýärdim. Garasynyň
Jemala-da ýokaýmagyndan, abraýyna şikes ýetäýmeginden gorkýardym.
53
Gepden-gürrüňden gorajak bolýardym. Bu pikirimi Jemala-da
duýdurýardym. Ýöne Jemal onuň bilen köpden bäri joradygynyň,
ykbalynyň şeýle ýowuz bolandygy üçin oňa nebsiniň agyrýandygyny,
özem ýüz öwüräýse dagy onuň bütinleý hossarsyz galjakdygyny, hasam
kyn güne düşjekdigini, şonuň üçinem, gatnaşygyny kesmejekdigini çürtkesik aýdýardy.
Ýöne, ol biraz soňrak, belli bir sebäbe görä, barybir onuň bilen
arasyny kesmeli boldy. Şondan soň ol meniň bilen ylalaşdy. «Dogry
aýdan ekeniň, gazana golaýlaşmaly däl ekenim» diýdi.
Şol gyş gijesi, ýukajyk balagyň, ýukajyk kürtekçäniň içinde
digdenekläp, Jemalyň didaryna zar bolup durkam gelendigi üçin welin,
şol ýigrenýän gelnim meniň gözüme behişdiň perişdelerindenem ak
bolup göründi.
Ýarym sagatdan soň Jemal hakykatdan-da jorasyny ugratmak üçin
daş çykdy. Meni görüp tisgindi. Geň galdy. Duşumdan geçip barşyna:
sen näme işläp dursuň bu ýerde, diýen manyda aşaklyk bilen ýüzüme
mölerildi. Şeýdibem geçip gitdi. Eglenmänem öwrülip geldi. Ýöne,
duşumda aýak çekmäge durup gürleşmäge ejap eden bolsa gerek,
haýaljakdan ýöräp duşumdan geçip barşyna ýüzüme seretmän, diňe men
eşider ýaly edip: «Ertir arakesmede ýanyňa bararyn, bar, özüňem beýdip
durma, git, ýogsam üşärsiň» diýdi.
Men indi onsuzam yzyma gaýtmakçydym. Çünki, maksadyma
ýetipdim. Söýgülimi daşyndan görmeg-ä dä, eýsem onuň iki agyz
sözünem eşidipdim. Şonuň üçinem yzyma gaýdanymda aýaklarym
gelenimdäkiden kän ýeňil gopdy.
Ertesi söz berşi ýaly günortanaralar Jemal hassahana geldi.
Agşamky kelleýeňilligim üçin käýedi. «Beýdip ýörseň hiç haçanam
gutulmarsyň, men bolsam seniň basymrak gutulyp çykmagyňy isleýän.
Men seni küýseýän, her agşam «kursdan» çykanymda, hemişe sirkiň
maňlaýyndaky dükanyň yşykly ýazgysynyň ýagtysyna gara sudur bolup
görünýän keşbiňi gözleýän. Göwnüme sen bir ýerden çykaýjak ýaly daştöweregime garanjaklap ep-esli durýan. Ilki günler bileje ýöreýän şol,
çolaja ýolumyz bilen ýeke özüm gitdim. Şeýtsem, ýüregim karar tapar
öýtdüm. Emma tersine boldy. Bozuldym. Goňur derwezäniň deňine
ýetenimde bolsa şol tanyş it ilkä: hany ýoldaşyň, diýýän ýaly
gulaklaryny üşerdip ýüzüme çiňerildi, soňam tä, garam ýitýänçä
bikararlyk bilen çyňsady durdy. Şonuň üçinem, men indi o ýoldan
54
geçemok. Gyzlar bilen köçä çykýan-da, awtobusly gaýdýan...» diýdi.
Men oňa: «Bor, Jemal, men hökman gutulyp çykaryn, şondan soň ikimiz
ýene-de şol, öňküje ýol bilen bileje gatnap ugrarys, diýdim.
Hut şeýle hem boldy. Men gutulyp çykdym. Şol bir hereket
ugrumyz boýunça ýene-de gatnap ugradyk.
Şeýlekin süýji günleriň lezzetine gark bolup ýörşümize biz alty
aýlyk «kurs-a» beýlede dursun, tutuş bir ýylyň geçeninem bilmän
galypdyrys.
Indiki tomus çagalarynam alyp Jemal bilen deňze gitdik. Şol ýerde
geçen günlerimizi ýatlanymda men özümi hyýaly bir dünýede ýaşap
gelen adam hökmünde duýýaryn. Bary-ýogy bäş gün. Hiç zat ýaly. Käte
ömrüň bäş hepdesi, bäş aýy, hatda bäş ýyly duşuňdan duýdansyz geçip
gidýär. Soň şol döwrüň ýekeje pursadynam ýada salyp bolanok. Emma
biziň deňizde geçiren bäş günümiziň welin, hemmesi jikme-jik
gözlerimiň öňünde dur.
Özüň bilýäň, Awazadan jaý tapmak kyn. Tapaýanyňda-da hiç hili
şerti bolmadyk, ötlem-ötlem tünekleriň hersinde bir maşgala bolup
ýaşamaly. Bahasy bolsa gymmat. Köpüsem dollar talap edýär. Biziňki
welin şowuna boldy. Uçardan düşüşimiz ýaly student döwürlerimiz bile
okan kursdaş ýoldaşlarymyzyň biri Şirjan gabat geldi. Onuň özi şol
ýerlidi we welaýat gazetinde bölüm müdiri bolup işleýärdi. Köpden bäri
gabat gelişmedigem bolsak, meni görenden tanady. «Birini garşylamaga
çykdym welin, näme üçindir gelmedi» diýip, meni gujaklap durşuna
aýtdy. Maşyny bar ekeni, eltip şoňa mündürdi. Ýanyňdakylar kimler,
diýip soramady. Ýöne, dynç almaga gelendigimizi bilenden, göni Awaza
tarap sürdi we eltip daş-töweregi bag-bakjaly kiçeňräk bir jaýyň
gabadynda düşürdi. Derwezesini açyp, howla saldy. «Ine, şu meniň
aramgähim, isledigiňizçe boluberiň, bir köpügem gerek däl» diýdi.
Habar tutup durjakdygyny aýdybam gitdi.
Hemme aramgählerem deňze golaý welin, Şirjanyňky hasam golaý.
Gapydan çykan ýeriň. Penjireden deňziň ak köpürjikli tolkunlary görnüp
dur. Mahal-mahal şol tolkunlaryň owunjak syçrantgylary jybarlap gelip
ýüzüňe urýar. Salkynladýar. Bu janyňa joş ýakýar. Howly giň. Jaýy
ötlem-ötlemräk üç-dört otagdan ybarat. Işiginde üzüm dalbary, dalbaryň
aşagy agaç seki. Aşhana, hammam, tok, gaz, gap-çanak, ähli zat üpjün.
Biz ikindinaralar barypdyk. Az-kem dynç alýançak, çaý-suw
içýänçäk Gün ýaşdy. Garaňky düşdi. Kenaryň welin adamy entegem
55
egsilenok. Gaýtam topar-topar bolşup indiden soň barýanlaryňam hetdihasaby ýok. Bizem gitdik. Deňziň güwwüldisem, tolkunlaryň owsunam
gündizkisine görä birneme köşeşipdir. Garaňky asmanyň ýüzündäki
ýyldyzlar edil gara mahmalyň ýüzüne sepilen ak hünjiler ýaly
buldurapjyk dur. Deňziň o kenaryndan dogan ýaşmakly gelne meňzeş
ýarym Aý ýüzüňe ýylgyryp bakýar. O ýerde, bu ýerde çadyr gurup, ot
ýayşyp oturanlar göze ilýär. Gapdallarynda ulaglary bar. Radionyňmy,
magnitofonyňmy göçgünli sesi deňiz tolkunlarynyň üstünden aşyp
allowarralarda ýitip gidýär. Aýdym-sazyň sesi aramgähler tarapdanam
eşidilip dur. Çünki ol ýeri dürli harytlar satylýan ownukly-irili şahsy
dükanjyklardan, meýhanalardan, kafelerden doly. Köpüsem dört taýak
dikipdir-de, ýokarsyna mata büräpdir, aşagyna-da ýonulmadyk
tagtalardan howul-hara ýasalan stol goýupdyrlar. Özlerem ep-esli
ululykdaky gara daşyň üstünde gaýşarylyşyp otyrlar. Ýüzlerem burçakburçak der. Biz olary kenara aýlanyp bolanymyzdan soň baryp gördük.
Şondan soň biziň gün tertibimiz şundan ybarat boldy: Ir bilen
kenara barýas-da, şol ýerde oturyp arassa howadan dem alýas. Gün
guşluga galyberende suwa düşýäs. Ýöne, köp düşemzok. Aňry gitse,
ýarym sagat. Soň gelip ertirlik edinýäs. Günortan ýene-de kenara gidýäs.
Bu gezek biz ol ýerde köpräk bolýas. Çäge gyzansoň oňa bagryňy oýkap
ýa üstünde serlip ýatmak juda lezzetli. Günüň nury endamyňy
ýumşadýar. Meýmiredýär. Şol wagt suwam ýylaýar. Jemal çagalaryny
deňze goýberenok. Kenardan aýry ýatan kölçelerde düşürýär. Dogry,
kenaryň ýakasynda, ýalpajyk ýerlerde suwa düşüp ýören çagalaram köp,
ýöne, Jemalyň töwekgelçilik edesi gelenok. «Gözümize güýgüşip
aňyrrak gidäýmekleri mümkin» diýýär. Onuň bu pikirine menem
goşulýan.
Kiçi gyzy Jerenjigiň-ä dogrusy suw bilen kän höwesem ýok. Ol köp
wagtyny deňziň gyrasyndaky öl çägäniň üstünde oturyp
öýjagazlaryňmy, giden bir şäheriňmi ýa her dürli haýwanjagazlaryňmy,
şekillerini ýasamak bilen meşgul bolup geçirýär. Ýöne, deňiz
tolkunlarynyň owsuny güýçlenen wagty onuň ýasan şekiljikleriniň
barysy deňziň şor suwuna garylyp, eräp gidýär. Kenaryň gyrasy bilen
diň-göklerine garaşyp barýan gözleri gara äýnekli, kelte balakly
pyýadalaryň aýak astynda galyp «heläkçilige» uçraýanlaram bolýar.
Jerenjik welin o zatlara kän bir gynanybam duranok. «Bu nätdigiňiz
boldy» diýen manyda yzlaryndan garap durýar-durýar-da, oturyp
56
täzesini ýasamaga başlaýar. Şeýle-de ol her dürli owadanja
balykgulakjagazlary çöplemäni gowy görýär. Gaýdýançak şolardan epesli ýygnady. Umuman onda döredijilik üşüginiň bardygy bildirýär.
Onuň bilen gürleşmegem ýeňil. Alçak. Aýtjak zadyny çekinmän aýdyp
bilýär.
Zübeýda welin beýle däl. Agras. Edil uly adam ýaly. Dymma. Her
sözi agzyndan çekip almaly. Haçan görseň kenarda uzaklara seredip
otyr. Ejesini bir pursat gözden salanok. Öýdekä-de Jemal sähelçe
eglense ýa wagtynda jaň etmese howsala düşip, gözlerine ýaş
aýlaberýär.
Howwa, günortany biz şeýdip geçirýäs. Ondan soň ýene-de
aramgähe gidip naharlanýas. Dynç alýas. Uklap turýas. Agşamlyk ýatar
wagtyna çenli şol ýerde bolýas. Gelip çalarak garbanýasam welin
çagalaryň gözleri süzülip başlaýar. Olary kiçeňräk jaýlaryň birinde
ýatyranyndan soň Jemal meniň bolýan otagyma gelýär. Şondan soň tutuş
gije biziňki. Deňiz tarapky penjiräni açyp, içerini tämiz howadan
dolduranymyzdan soň düşege geçýäs. Söýgüniň melul ediji humary
deňziň birsydyrgyn eşidilýän kümüşsow «güwwüldisine» goşulyp, bizi
hyýaly bir dünýä alyp gidýär.
Kä gün ulag tutup şähere gidýäs. Aýlanýas. Bazara barýas. Iýer-içer
ýaly zat, esasanam balyk satyn alýas. Dogrusy, tä gaýdýançak balykdan
başga zat iýmedik diýen ýaly. Ol balyklary şäheriň doň balyklary bilen
deňär ýaly däl. Täze. Süýji. Agzyňa ýakymly.
Şeýdip ýörşümize bäş günüň nädip geçeninem bilmän galypdyrys.
Biz indi gaýtmalydyk. Men işsiz bolsamam Jemalyň zähmet
rugsady dolupdy. Çagalaryň kanikullaram tamam bolup barýardy.
Deňizde geçen şol süýji günleri gaýtalamak üçin biz şol ýylyň
güýzünde dynç alyş günlerine gabatlap bir gezek Çülüdäki, ýene bir
gezegem Pöwrizedäki dynç alyş öýlerine hem gitdik.
Gysga wagtlyk hem bolsa biz ol ýerde-de gowy dynç aldyk.
Wagtymyzy hoş geçirdik. Biri-birimiziň elimizden tutup baglara
aýlandyk, daglara dyrmaşdyk, soň aşak düşdük, çeşmeleriň
«şirrildisine», demsaýyn sapagyndan tänip zemin sary rowana bolýan,
tyllaýy ýapraklaryň «şygyrdysyna» gulak asdyk säherler turup guşlaryň
seslerini diňledik, ýöne, näme üçindir ikimizem barybir deňzi küýsedik
durduk. Geljek ýylam deňze gitmekligi wadalaşybam yzymyza gaýtdyk.
57
Ýöne Alla ugruna etmese öz diýeniň bolup baraýanok. Arly ýyl
arzuw edip gelendigimize garamazdan, indiki ýyl deňze gitmek
meselämizem şonuň ýaly boldy. Has takygy men galmaly boldum. Onuň
sebäbi uzaga çeken işsizlikden soň men ýaňy bir işe durupdym-da,
birinjiden-ä, deňze gitmek üçin men maddy taýdan taýyn däldim, karz
alara bolsa adam ýokdy, sen bolsaň Angliýadadyň, ikinjidenem edara
rugsat bererlikli däldi, üçünjidenem Jemal geçen ýyl deňzi şeýle bir
taryplapdyr welin, bu ýyl onuň bilen özünden kiçi uýasam, institutda
bile okan joralarynyň birem çagalary bilen oňa goşulmakçy bolupdyrlar.
Şonuň üçinem men-ä galaýanyma gaty bir gynanybam durmadym welin,
Jemal boýnuny burup durşuna: «Bir ýerden karz-kowal tapyp senem
äkidäýsem gow-a bordy welin, ýöne hem-ä seni olara görkezmekden
çekinýän, hemem olaryň ýanynda barybir mazamyz bolmaz...» diýdi.
Men: «Ýok, ýok, hiý menem bir seň hasabyňa deňze giderinmi!
Onsoňam gyýylma, ýanyňda uýaň bolsa, joraň bolsa içiň gysmaz, işalla
indiki ýyla çenli pul toplaryn welin, şonda ýene-de öňküjämiz ýaly
bileje gidäýeris, diýdim.
Ugramaly wagtlary golaýladam welin, bir gün Jemalam işime geldide: «Olaryň-a ikisem galarman boldular, senem gidibilmejek bolsaň...
Ýa menem biledimi yzyna tabşyraýsammykam» diýdi. Ýok, ýok,
tabşyrma, ýoluňdan galma, gidiber. Men Şirjana jaň ederin, ol seni
garşylaram, öten ýylky ýaly öz aramgähine ýerleşdirerem diýdim.
Şeýdibem ol şol ýyl deňze mensiz gitdi. Ýöne birhili nägile ýaly
bolup gitdi.
Eger-de häzirki ýagdaýymda bolan bolsadym, onda men orulardym,
çapylardym pul tapardym, işsizlik görmedik zadym däl, gerek bolsa
işdenem çykardym, ýöne ony ol ýere ýeke goýbermezdim. Özüň pikir
edip gör, ir ertir, giç agşam öýünden işine, işinden öýüne, agşamky
okuwyna, «merkeze» äkidip, getirip ýekeje pursat gözünden sypdyrsa
jany çykyp barýan adamam bir hiý, göwni bir ýaly söýgülisini uzak ýola
ýeke goýberermi? Häzirki ýagdaýymdan misil tutsaň bu bolup bilmejek
zat. Emma ol wagt men entek ondan arkaýyndym. Göwrümim giňdi.
Göwnümde garalyk ýokdy. Jemaly hiç kimden gabanmaýardym. Asla
gabanjaňlyk diýlen zadyň nämediginem bilmeýärdim. Özümi Şeýtana
oýnatmaýardym. Jemalyň maňa ikilik etmejekdigine ynanýardym.
Ýanyndan aýrylşasymyň gelmeýändigi her günde telim gezek görmesem
oňup bilmeýändigim bolsa diňe ony gowy görýändigim, söýýändigim
58
üçindi. Meniň ynanajyma görä, kimdir biri gyýa bakaýanda-da, Jemal
onuň petigulysyny beräýmelidi, on günlik golaýyna-da getirmeli däldi.
Bir keçje ýeri, men Şirjan bilen habarlaşyp bilmedim. Ol uzak
wagtlyk bir ýere iş saparyna giden ekeni. Şeýdibem Jemalyň ykbaly
nesibesine bagly bolup galdy.
Ol bary-ýogy bäş günden soň deňizden gaýdyp geldi. Gelşi ýalam
maňa jaň etdi. Salam-heligini tamam ederine mähetdel, özüniň deňiz
ýakasyndaky başdan geçirmelerini gürrüň bermäge başlady. Hususanam
men deň-duşrak bir barly adamyň tä gaýdýança özüni özgelerden
gorandygy, çagalaryna-da, özüne-de hossarçylyk edendigi, nämeler
iýdirip, nämeler içirendigi, ýörite maşyn tutup, geçen gezekki biziň
bilelikde gidişimiz ýaly, şähere gezelenje alyp gidendigi barada näme
üçindir ýanjap-ýanjap gürrüň berdi.
Şol gürrüňini ol ertesi iş ýerime gelende-de gaýtalady. Özem
telefondakysyndanam has giňeldip, süýjedip-süýjedip aýtdy. Edýän
gürrüleriniň täsirini ýüzümden aňmakçy bolýan ýaly, arasynda sözüni
kesip, gözlerimiň içine jüýjerilip-jüýjerilip garady, ýüzüme gyşarylypgyşarylyp bakdy.
Başda kän bir üns bermedigem bolsam soňabaka onuň ol gürrüňleri
degnama degip ugrady. Janyma ýakmady. Şeýle-de bolsa, syr
bildirmezlige çalyşdym. Gaty-gaýrym söz aýtmadym. Onsoňam eger-de,
ol iki arada haýsydyr bir hapalyk bar bolan bolsady, onda o barada
Jemal meniň ýanymda dil ýarmanam bilerdi. Şonuň üçinem men
Jemalyň şol gürrüňlerini basymrak ýadymdan çykaraýanymy kem
görmedim.
Ol welin bilgeşleýin meni gyjyklamakçy bolýan ýaly, şol deňizli
wakany soň-soňlaram, aram-aram, gerek bolsa-bolmasa gozgady ýördi.
Bu bolsa kem-kemden meniň kalbymda gabanjaňlyk duýgusyny
oýardy. Ol duýgy ilki çalarak köz bolup köredi, soň ýylpyldady,
birdenem tutaşdy-da, ullakan ýalyna öwrüldi.
Bar zat, ana, şondan soň başlandy. Ol wagt sen bardyň, ýöne aýdyp
bilmeýärdim. Ýalňyşýan bolaýmaýyn diýip, gorkýardym. Şonuň üçinem
özümi başardygymdan çeke tutmaga, gözüňe görünmezlige
çalyşýardym.
Ýöne oduň gerimi welin onuň bilenem çäklenmedi. Ony dünýeälemi ýakyp, ýandyryp barýan uly ýangyna öwren alaw düýbünden
başga tarapdan gopdy.
59
Deňizli wakalaryna kän bir pitiwa etmeýändigim janyna
ýakmadymy, nämemi, bir günem Jemal aýak üstünden iş ýerime geldide, iki elini arkasyna tutup, synasyny iki ýana yrap, ýylgyrjaklap
durşuna:
«Geçip
barýadym
welin
sowulaýdym»
diýip,
köwüşjagazlarynyň burnuny yzly-yzyna «tyrpyldatdy». Ýoly meniň
soňky iş ýerimiň üstünden geçýändigi üçin onuň öňem şular ýaly
sowulaýmasy bardy. Şonuň üçinem men göwnüme zat getirmän: «Gowy
edipsiň, gel, geç, otur» diýdim. Içip oturan çaýymdan hödürledim. Ol
welin meniň sözlerime pitiwa-da berenok. Söýünji habar bilen gelip,
indem buşlugyna garaşyp duran çaga ýaly gaýtam dylym-dylym edýär.
Böwreginiň bökýändigi, içiniň byjyklaýandygy bildirýär. Iki gözem
penjirede. Arasynda şo tarapa eglip-eglip seredýär. Ahyram gözlerini
güldürdi-de, aşaky dodagyny titredip: «Bilýäňmi, men kim bilen
geldim» diýdi. Süňňüm erbet bir ýakymsyz zady syzan ýaly sesimi
sandyradyp gepledim: «Kim bilen?» Ol penjirä has golaý bardy. «Ho-ol,
maşyny görýäňmi?» Men onuň salgy beren tarapyna seretdim. Ol ýerde
duran maşyn bir ýa iki däldi. Şonuň üçinem soragy men onuň özüne
bermeli boldum. «Haýsy maşyny?» «Hon-ha, dur-a bir ak maşyn,
gyzylyň yz ýanynda». «Kim ol?» «Araky gürrüň berenim-dä şol. Bir
oglan haýyr-sahawat üçin taksiçilik edýän ekeni diýdim-ä».
Dogrudanam deňze gitmeziniň öň ýany ol maňa şolar ýaly bir zat
aýdypdy.
Ol wagt meniň ýaňy bir soňky işime ýerleşen döwürlerimdi we
düzgüni juda berkdi. Işden ýekeje minudam gijä galmak ýa ir gitmek
bolanok. Arasynda-ha asylam sypdyranoklar. Ertirem, agşamam işgärler
bölüminiň başlygy eli kagyz-galamly gapynyň agzyny alyp durandyr.
Asla men deňizdenem şol ýagdaý sebäpli galypdym ahyry. Jemal bolsa
bilşiň ýaly, gyzynyň yzyndan altynyň ýarynda gidýär. Şonuň üçinem
men iň bolmanda wagtlaýynça onuň ýeke özüniň mensiz gatnamagyny
haýyş edipdim. Soň ýadyma salyp görsem, edil deňize ýeke goýberenimi
kyn görşi kimin, ol meniň şol teklibimem birhili gaty gören ýaly
bolupdy we sesini cykarman, aşak bakyp, dodagyny dişläp sus gidipdi.
Soňam bir gün duşuşyk wagtymyz çaý içip otyrkak gyzy bilen agşamara
merkezden gaýdyp gelýärkäler tötänden bir ýaş ýigidiň maşynyna
münendigini, onuňam münen, düşen ýerini belläp ertesi irden yzyndan
gelendigini, özüniňem taksiçiligi mätäç adamlara sogap üçin edýän
ekendigini aýdypdy. Nämemişin gyzy bilen eden «gümür60
ýamyrlaryndan» ol ýigit Jemalyň hossarsyz, ýeke maşgaladygyny
aňanmyşyn we ony şol kategoriýa degişli hasap edenmişin.
Içimi it ýyrtyp barýanam bolsa men şol gezegem özümi sowukganly
alyp barmaga çalyşypdym. «Aý, ilçilikdir, Jemal her hili adam bardyr,
ýöne, «...bir emmasy bolmasa, guýruk munda ne ýatyr» diýlen bir
pähimem bardyr, onsoňam sen edil sadaka mätäç adamam däl-ä, özüňi
beýle pese gaçyrman: «Ýok, dogan, taňryýalkasyn, men öz günümi
özüm görerin, siz mendenem mätäçleri tapyň-da, şolara kömek ediberiň»
diýäýmeli ekeniň-dä diýipdim. Şeýdibem o mesele galypdy. Iň
bolmanda men galandyr öýdüpdim. Ýöne, ine, şol gürrüňlerden soňam
ol ýene-de: «Gör, men kim bilen geldim» diýip, ony maňa güjeňleýä. Şu
oýlara gümra bolup, ind-ä ýarylaýsam gerek diýip, otyrkamam: «Ýenede yzymdan geläýipdir-dä... Nädeýin-dä... Kak-to ne udobno... možet
tanyşarsyňyz... öz-ä seň bilen pikirdeş ýaly...» diýen sesi gulagyma
geldi.
Ine, şunda welin saklanyp bilmedim. Edil gyrasyndan içýan çakan
ýaly ýüregim erbet sançdy. Kalbym gobsundy. Ýüregim ýerinden
gozgandy. Beýnimiň içi sarsyp gitdi. Gaharym joş urdy. Zehinim
bulaşdy. Şeýle-de bolsa, aýaklarym bilen ýer depip, uly ilim bilen
gygyrybermekden zordan saklandym-da: «Bu barada biz öň gepleşipdigä, Jemal! Nokat goýupdyg-a! Indikiň näme! Yzyňdan geleni bilen
münübermeli bormy her öňýeteniň maşynyna» diýdim. «Münmeziňe
goýanog-a, eýläme bir geçip, beýläme bir geçip, signal berip ile masgara
edip barýar-a...» diýip, gaýtam öňküsindenem beter içýakgyç gürrüň
tapdy. «Munyň-a bolanok, Jemal, barybir münmeli däl ekeniň» diýdim.
«Münende näm-ä-ä... Näme eder öýtýäň-ä...» diýende bolsa ýüregim
eýýäm soňky on minudyň içinde ikinji gezek sançdy. Şonda men bütin
göwräme agram salyp: «Erkek adam aýal maşgalany näme edýän bolsa
senem şeýder» diýdim. Bu meniň Jemala ilkinji gezek gaty söz
aýdyşymdy. Şonuň üçinem ol muny juda ýokuş görer, aglar, eňrär, ýat
ýerde maňa bir iş bolar öýtdüm. Onuň welin terzem üýtgemedi. Şol bir
köpmanyly ýylgyryp durşuna: «Pyşgyrýança bir müneýin, dil açan
günem özüm jogabyny bererin, sebäbi bu gatnaw bilen maňa ulagsyz
kyn bolýa» diýdi.
Şol pursat men Jemaly tanamadym. Çünki şo çaka çenli men ony
aňly, düşünjeli, akylly-başly, parasatly agras bir gelin hasap edip
ýördüm. Şol wagt welin ol meniň gözüme ýeňles, özünem, golaýynam
61
sylamaýan, diňe öz göwnüni görýän, sähelçe bähbit üçin iň bir ýakyn
adamsynyňam ýüzüne gelip, synasyny orta goýup biljek ýakymsyz gelin
bolup göründi. Şol wagt men oňa ýa-ha iň soňky sözümi aýtmalydym,
ýa-da binamyslyga salyp oturybermelidim. Çünki men ony resmi
ýagdaýda bolmasa-da, öz maşgalam hasap edýärdim. Şonuň üçinem:
«Olar ýaly bolsa bolýa, bar, ýoluň açyk. Kimiň maşynyna münseň,
şoňka mün. Ýöne meni ýatdan çykar. Maňa seniň ýaly herdemhyýal
gelin gerek-gä. Men ýalňyşypdyryn. Daşyň meňzese-de, içiň meňzänok.
Sen Güljemal däl» diýdim. Menden beýle kesgitli gaýtawula
garaşmadyk bolsa gerek, ol boz-ýaz bolup durşuna: «Göreş meýdanyny
gaty basym taşlaýaň-la...» diýdi. Men indi gaharsyz, asuda gürledim.
«Özüňi göreş meýdany hasap edýän bolsaň, ol meýdanda men ýok. Men
beýle söweşiň esgeri däl. Wepaly ýar üçin başymy goýmalam bolsa
goýaryn, biwepa üçin welin...» Jemal erbet aljyrady. Düýbünden başga
sypata girdi. «Men saňa biwepalyk edemok, Erkin... Men... Men ýöne...
– diýip, bir gapa, birem penjirä tarap owsun atyp durşuna howlukmaç
gürledi. – Men häziriň özünde bararyn-da oňa git, gaýdybam garaňy
salma, diýerin... Maňa seniň söýgüňden başga zat gerekgä. Gödek
hereket edenim üçin bolsa bagyşla...» Men azajyk oýlanyp durdum-da:
«Bolýa, oňa men razy, şony ugrat-da, özüň şu ýerden işiňe pyýada ýa
awtobusly git» diýdim. Aýdyşym ýalam etdi. Ak maşyny ugradyp, özi
pyýada gitdi. Ýöne, men barybir ynjalyp bilmedim. Ertesi irden baryp,
şol maşyna ýene münýämi ýa ýok, barlap görmeli, diýen netijä geldim.
Ine, şo-da meniň şondan soňky başlanjak we ömürboýy dowam etjek
gabanjaňly hereketlerimiň başy boldy. Ol duýgynyň ýaňy bir gübürdäp
ugran ody has-da tutaşyp, aýylganç bir apata öwrüldi. Et bilen deriniň
arasynda ençeme wagt bäri meýmiräp, maýyna garaşyp ýatan «Waswas» gylyjyny syryp daş çykdy. Ur-tut meni eýerledi. Üstüme mündi.
Şondan soň ol meni islendik tarapyna bakan haýdatdy ýördi.
...Şol gije ýagyş ýagdy. Ertesi ir bilen bolsa öňküsindenem
güýçlendi. Şeýle-de bolsa, niýetimi amala aşyrmak üçin Jemallara tarap
ýola düşdüm. Egnimde ýagyş geçirmeýän, reňki gara, kapşonkaly balon
kürtekçe. Başymda gaýyş papak. Golaýlaberenimde özümi tanatmazlyk
üçin kapşonkany çümre geýdim, ýakamy galdyrdym.
Gatbar-gatbar gara bulutlaryň galyňlygyndan ýaňa daş-töwerek tüm
garaňky. Asmandan «alaşapyrdy» bolup inýän galapisint damjalardan
ýaňa öňüňde edil başy asmana ýetip duran kümüş diwar bar ýaly. Çen
62
bilen ýöräýmeseň, başyňy galdyrmaga, gözüňi açmaga maý ýok. Asfalt
köçäniň troturayň üsti, gyralary «lasyrdap» duran äpet gazany ýatladýar.
Aram-aram çykýan elhenç hem dowamly «gümmürdi» kalbyňa wehim
salýar. Ol süýr depäňde başlanyp, demir tigirli araba ýaly «takyrdap»
gidýär-de baryp gözýetimde ýitýär. Ýyldyrym çakan wagty bolsa asman
çat açana dönýär. Hatda onuň çat açan ýerleriniň otly çyzyklaryna çenli
görmek bolýar. Bu zatlaryň barysy birigip, ozaldanam garalyp duran
dünýäni hasam gorkunç görnüşe salýar. Ýagşyň arasyna käte bir
böwşeňlik düşen ýaly bolýar, ýöne ol uzaga çekenok. Täze güýç bilen
şaglap bir inýär welin, edil deňziň äpet gomlarynyň aşagynda galan ýaly
bolýarsyň. Meniň elimde ýagyş saýawany bar, ýöne ondan peýda ýok,
gaýtam zyýan edýär. Ýagyş gatyşykly sowuk ýel aşagyndan garbap alyp
dik ýokary göterýär-de, paraşýut ýaly öz ugruna tarap süýrekläp ugraýar
welin, menem ony elimden sypdyrmajak bolup esli ýere çenli yzyndan
ýelkildäp gitmeli bolýaryn. Juda bolmasa ýel ony eliňden kakyp alýarda, çepbesine çöwrüp ýere taşlaýar. Şonuň üçinem men öýden çykyşym
ýaly ony ýygnap goltugyma saldym-da ötügiň üstündäki terslin-oňlyn,
çatlym-çatlym bolup ýatan demir ýoljagazlaryň üsti bilen bökejekläp
diýen ýaly geçdim we «sirkden» soň Jemal bilen bileje gidýän
ýodajygymyza düşdüm. Ýagşyň güýçlüliginden we gürlüginden ýaňa
men barýan ýolumy çen bilen bilýän. Görgi baryny görüp sagadyma
seredýän. Dokuza ýigrimi minut bar. Ýene bäş minutdan Jemal öýünden
çykmaly. Sähelçe eglensem ýa ol çykmaly wagtyndan bäş minut öň
çyksa ýetişmezligim mümkin. Ýöne ol hiç haçan wagtyndan öň
çykmaýar.
Çat maňlaýymdan inýän çabganyň garşysyna ýapyrylyp barşyma
«Marlboro» ýazgyly dükanjykdan çen tutup, Jemallaryň deňine
ýetendigimi aňdym. Bir görsem o-da köçäniň aňry ýüzünde iki tarapyna
alakjap dur. Bärik geçmekçi bolýar. Ine-de ol gomlaryň garşysyna
ýüzýän gämi ýaly asmandan inýän çabgany özüniň giň maňlaýy, gaba
göwüsleri bilen süsňäp bäriligine tarap ugrady.
Men bardygymy bildirmezlik üçin bir gyra çekildim. Aşaklyk bilen
daş-töweregime seretdim. Onuň gelip durjak ýerinde maşyn ýok. Men
nähak ýere müňkürlik edip ýören bolaýmaýyn diýip, öz-özümden
utanýaryn hemem çenimiň çyn bolup çykmandygy üçin begenýärin.
Ýöne ol ýoluň bäri ýüzüne geçdem welin, düýnki ak maşyn edil, ýerden
çykan ýaly bolup geldi-de, deňinde saklandy duruberdi. Jemalam edil,
63
nika köşgüniň gapysyny ilkinji gezek açýan ýaş gelin ýaly seýkin basyp
bardy-da, çalarak eglip elini gapynyň tutawajyna ýetirdi. Eda bilen
çekdi. Açdy. Ululy-kiçili kümüşsow damjalaryň arasy bilen sülmüräp
maşynyň içine girdi.
Girenden soň ol sürüji oglan bilen baş atyp salamlaşdymy ýa
ýylgyryp şelaýyn gepleşdimi, ony men bilemok, asla bilesimem gelenok,
ýöne ýüregimiň suw ýaly eräp, şor gatyşykly süýjümtik yzanyň endamjanyma ýaýrap gidenini, gözümiň öňüniň ümezläp erbet bir entänimi
welin bilýän. Şol dem ertirden bäri süňňümi lagşara getiren sowuk
damjalaryň her biriniň başymdan gyzgyn gülle bolup ineninem bilýän.
Erbet ynjamakdan, kemsinmekden, örtenmekden ýaňa şol wagt men
Jemala duşalym bäri ilkinji gezek, söýgi diýlen nägehana nälet okadym.
Çünki şo günki ýaly weýran ediji zarbany men entek görmändimem,
eşitmändimem. Dili bir zat, göwni bir zat diýýän, beren wadasy bilen
edýän hereketleri biri-birine düýbünden ters gelýän nämähremiň
ýeňsämden gelip uran urgusy meni erbet entetdi. Ýüregimden bugaryp
çykýan gyzgyn söýgimi şeýdip, dört tigirli araba çalyşjakdygyny bilen
bolsam, men onuň golaýyna bir bararmydym? Kalbymyň töründen ýer
berermidim? Ýok, ol dogrudan-da Güljemal däl. Ol Jemal. Onda-da
erbet Jemal.
Aram-aram aýalym bilen bolýan sene-meneleri hasap etmeseň, han
ýaly günüm bardy, öz peýwagtyma işlärdim, ýazardym, ýatan wagtym
ýatyp, turasym gelen wagty turardym. Söýgüsiz geçip barýanam bolsam
dünýäde menden dertsiz adam ýokdy. Ýüregim öz ýerindedi, beýnim öz
maýdalyna işläp durdy. Şol beýniniň, şol ýüregiň içindäki inçejik gandamarjykdan syzyp ýagşu-ýaman, eser yzyna eser döräp durdy.
Zähmetini men çeksemem rehnetini il-gün görýärdi. Şol günki waka
çenlem elim işläp durdy, söýgi bolsa goltgy berýärdi, ýöne şondan soň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Söýgüde serhet ýok - 06
  • Parts
  • Söýgüde serhet ýok - 01
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2231
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2166
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 03
    Total number of words is 3793
    Total number of unique words is 2071
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 04
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2192
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 05
    Total number of words is 3838
    Total number of unique words is 2228
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 06
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2095
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 07
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2171
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 08
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2165
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 09
    Total number of words is 3772
    Total number of unique words is 2189
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 10
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2142
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 11
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 12
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2125
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 13
    Total number of words is 3811
    Total number of unique words is 2157
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 14
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2190
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 15
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 2084
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 16
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2181
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 17
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2218
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 18
    Total number of words is 3401
    Total number of unique words is 2009
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.