Latin

Söýgüde serhet ýok - 15

Total number of words is 3872
Total number of unique words is 2084
33.3 of words are in the 2000 most common words
46.4 of words are in the 5000 most common words
53.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
menden gizlejek bolup görgüňi görersiň» diýýärdi. Meniň: Adamym
ýogalmadyk bolsa sen meniň bilen böwedi böwüsmän gatnaşyp bilerdiň
ahyry, diýen sözlerime bolsa: «Eger-de ýagdaý şony talap eden bolsa,
men seniň bilen tä kyýamat ahyra çenlem aralygy saklap gatnaşyp
bilerdim, ýöne sen meni olar ýaly ýolda-yzda sataşanlar bilen
deňeşdirme diýip, ýangynly jogap berýärdi... «Öň-ä «haýyr-sogap»
diýdiň, indem «deňizden hossar tapyndym» diýýäň, sen asyl meniň
gapdalymy boş goýmasaň näme... – diýip, üstüme topulaýarly görünýän
pursatlaram az bolmaýardy. «Haýyr-sahawatly» meseledenem
habaryňyz bardyr-la? – diýip, Jemal meniň ýüzüme soragly bakdy.
-Howwa, habarym bar, Erkin ikimiz ony «ak maşynly» waka diýip
atlandyrýardyk.
Şondan soňky gürrüň bermekçi bolýan wakasyny şol ýerden
okamakçy bolýan ýaly, Jemal çep gözüni süzüp, çat maňlaýyndaky
diwaryň ýüzüne siňňin seretdi.
– O-da bir taryh, Nepes... O-da meniň bir ýalňyşym. Erkiniň
ozaldanam ýagyr bolan ýagyrnysyna uran ikinji bir artykmaç ýüküm...
Beren jebrim... – Jemal jübüsinden owadanja, kiçijik ak ýaglyk çykaryp
gözüni süpürdi. – Gyzlarym bilen deňze gitmezimiň öň ýany, işim bilen
«estetmerkeziň», öý bilen Jeren janyň bakjasynyň arasynda o maşyndan
bu maşyna, bu maşyndan o maşyna münüp, ýetişiksiz günde haýdap
ýördüm. Şol wagt täze bir işe geçipdi-de, Erkiniňem öňküsi ýaly bizi
taksili gatnadara ýagdaýy ýokdy. «Iň bolmanda wagtlaýynça gaýrat et,
soň bir alajy bolar», diýipdi. Asyl ol şol gezek deňizdenem şol tertipdüzgüni berk edara zerarly galypdy. Edil şol döwrem özümden bäş-üç
ýaş uly bir ýigidiň maşynyna mündüm. Haýsy kysymdygy ýadyma
düşenok, ýöne, «Žigulidi». Reňki ak. Ýigidiň özi türkmenem bolsa dag
etek etraplaryndan bolsa gerek, daş keşbi daglylara meňzeş.
Burunlagrak. Hanasynyň içine çöken ullakan ala gözleri jalahlap dur.
Gönüläp seredende dagy içiňden geçip barýar. Göwresi daýaw.
175
Uzynagrak. Syratly. Giňden gelen ýaýbaň döşüniň tüýleri ýakasyndan
çogup çykyp dur. Sakgal-murty gür. Syran güni ýeri göm-gök bolup dur.
Özem hemişe ýylgyryp, ýuwaşjadan gepleýär. Geplemedik wagtam
ýylgyryp ýör.
Ilkinji gezek men onuň maşynyna tötänden mündüm. Elimi
galdyrdym, durdy. Tä iş ýerime barýançam üýtgeşik eden gürrüňimiz-ä
bolmady. Maşynyň içinde menden başga hiç kimiň ýokdugyna
garamazdan, müşderi köpem bolsa, näme üçindir ol ýoldan hiç kimi
almady. Göwnüme zat getirmän düşdüm. Hasaplaşdym. Uzynly günüň
hysyrdylary bilen ol ogalnam, maşynam ýatdan çykdy gitdi.
Agşamlyk işden çyksam edaranyň agzynda hakyt şol oglan
ýylgyrjaklap dur. Meniň yzymdan gelendir diýip dagy pikirem edemok.
Aý, şu ýerde tanşy-bilşi işleýändir-dä, şonuň yzyndan gelendir-dä
diýdim-de, deňinden sessiz-üýnsiz geçip ýoluň aňry ýüzüne bardym.
Ötýän maşynlara elimi galdyryp başladym. Oňa çenlem meni başga
biriniň alyp gidibererinden howatyr etdimi, nämemi, ol ýigit hasyrhusur» maşynyna mündi-de, maý tapyp duran ýerinden diýen ýaly,
«wazyrdadyp» meniň duran tarapyma geçdi. «Jy-yk» etdirip
gapdalymda durdy. Egilip ýüzüme seretdi. «Münüň, äkideýin» – diýdi.
Şol bir maşynyň bir günde iki gezek gabat gelmegi,onda-da garaşyp
durup, soňam ýörite maňa tarap öwrülmegi elbetde geňdi. Ýöne, men
barybir maşyn tutmalydym. Şonuň üçinem mündüm. Meniň
geňirgenenimi o ýigdem aňdy. Ara aýdyňlyk salmak üçinem: «Geň
galyp oturmaň, men ýörite geldim» diýdi. Görüp otursam, ol meniň
münen ýerimem, düşen ýerimem belläpdir. Işden çykylýan wagty bolsa
hemmä belli. Agşam sagat alty. Ýöne men Zübeýdanyň yzyndan
«estetmerkeze» gitmek üçin rugsat alyp altynyň ýarynda çykýan.
Nesibedir-dä, birdenkä işi bäşde gutarýan bolsa dagy, diýip o ýigidem
bir sagat ir gelipdir. Ýöne näme üçin? Beýtmek bilen onuň maksady
näme? Dogrymy aýdaýyn, Nepes, bir adam ugruňda çapalasa, şol kim
bolanda-da erkekleri-hä bilemok welin, aýal adam üçin-ä ýakymly
bolýan ekeni. Şol sebäpden bolsa gerek menem: Näme üçin meni
yzarladyň, näme üçin yzymdan geldiň, diýip, haýalçyrabermedim-de,
sypaýyçylyk bilen: beýdip azara galmaly däl ekeniňiz, köçede maşyn
kän ahyry diýdim. «Köçede müşderem gyt däl – diýip, ýigit birgeňsi
ýylgyryp oturşyna aýtdy. – Ýöne, her öňýeteni alasyňam geläýenok...»
Onuň bu sözem maňa kem ýaramady. Men indi ondan: siziň näme üçin
176
ala-böle meni alasyňyz geldi? Näme üçin ýörite geldiňiz. Bu ýerde bir
syr barmy diýip, soramalydym. Ol welin bu gezegem menden öňürtdi.
«Bilýän, siz mende bir niýet bardyr öýdýäsiňiz. Ýöne men köçe-köçe
kaňkap ýörenden belli bir müşderi tutanymy gowy görýän, onam
ýüzlerine seredýän-de, şüý-ä ynsaplyrak, adamkärçilikliräk bolsa gerek,
diýen adamlaryma öz hyzmatymy hödürleýän. Ýogsam käbirleri aýyň
soňunda hasaplaşarys, diýýärler-de, belaň sapynam berenoklar.
Gatnaýaň-gatnaýaň-da, ahyrsoňam özüň ýadap özüň goýaň...» – diýdi.
«Siz maňa-da şol hyzmaty hödürleýäňizmi» diýdim. «Howwa» – diýdi.
Bir meniň müşderi bolanym bilen gazanjyňyz ýeterlik bolmaz ahyry
diýdim. «Gaýgy etmäň, meniň başga-da müşderilerim bar. Olaryň hiç
biriniňem wagty siziňki bilen deň gelenok. Şol sebäpdenem siz meniň
üçin amatly müşderi» diýdi. Oňa çenlem öýmüziň deňine ýetdik. Ol
aýtdyrman saklady. «Onda garşy bolmasaňyz ertir irden yzyňyzdan
geläýjek».
Men onuň puluny berdim-de olar ýaly bolsa bolýa geläýiň. Menem
öňi-soňy her gün ir bilen şu ýoluň ugrunda golumy galgadyp durmaly
bolýan. Ir bilen maşyn tutmak bolsa kyn. Adam kän, men dokuza on bä
minut galanda çykaryn diýdim.
Ertesi çyksam, ol eýýäm garaşyp duran ekeni. Mündüm. Barýançak
ýene-de aramyzda üýtgeşik gürrüň bolmady. Düşjek wagtym ol elime
bir kagyz tutdurdy-da: «Agşam alta gelerin. Eger-de saý sebäp bilen
irräk çyksaňyz şu belgä jaň edäýiň. Başga-da gitmeli-goýmaly ýeriňiz
bolsa çekinmäň-de, çagyraýyň, men wagt tapyp gelerin. Artykmaç hak
talap edibem durman» – diýdi. Görsem iki belgi bar. Biri el telefony,
beýlekisi bolsa haýsydyr bir firmanyňky. Siz näme, firmada işleýäňizmi,
diýdim. «Aý, onda-da adym ýöreýä, ýöne esasy işim şü...» – diýip,
ullakan ala gözlerini maşynyň içine göz aýlady-da, dert-azar ugramak
bilen boldy.
Şondan soň assa-ýuwaş gürleşibem ugradyk. Öz diýşi ýaly arasynda
gyssanyp jaň bilen çagyran gezeklerimem boldy. Şolar ýalynyň birinde
ol juda usullyk bilen meniň maşgala durmuşym barada sorady. Men
adamymyň ýogalandygyny, iki gyzymy saklap oturandygymy aýtdym.
Ýöne Erkin barada dil ýarmadym. Nädip ýaraýyn? Ärim diýsem-ä o däl,
oýnaşym diýsem onça-da boljak däl. Onsoňam bar zady bilmek oňa
hökmanmy. Şondan soň köp wagt geçmänkä o-da öz durmuşy barada
gürrüň berdi. «Aýalym bar, ýöne, çagamyz bolanok, bir palçy maňa ile
177
köpräk ýagşylyk et esasanam mätäçlere kömek et, şeýtseň sogap
gazanarsyň, Hudaýyň söýgüsine mynasyp bolarsyň, ol saňa perzent
berer diýdi. Eger-de göwnüňize zat getirmeseňiz, sizem pulsuz
gatnadaýyn – diýdi. Birhili ýüregim süýşen ýaly boldy. Aý, ýok, pulsuza bolmaz diýenimde sesim aljyraňňy çykdy. «Bolar, näme bolman,
dogrymy aýtsam men şu maşynyň puluna mätäjem däl, ol maňa
onsuzam düşüp dur. Firmamyzyň ýagdaýy gowy. Käte daşary ýurda
gidip maşyn getirýäs» – diýdi. Men gorkup başladym. Janymy barlap
görmek üçinem onda şertiňiz bardyr-da diýdim. «Ýok, ýok, şertim ýok,
meň ýöne size kömek edesim, sogap gazanasym geldi. Aýdyşlaryna görä
ýetim oglana, dul hatyna kömek etmek hasam sogapmyşyn» diýip,
endigine görä şeýle bir mylaýym ýylgyrdy, welin, minnetdarlykdan ýaňa
gyzaryp aşak bakanymy bilmän galypdyryn. Birdenem başymy
galdyrdym-da: Siz barybir dul hatynlaryň, ýetim oglanlaryň baryna
kömek edip bilmersiňiz, olar siziň çak edişiňizden köpdür, diýdim.
«Dogry. Köpdür. Hemmesine kömek edibilmejegimem bilýän, ýöne,
ýagdaýymyň ýetenine ederin». Ol munam şeýle bir ýürekden aýtdy
welin, men oňa ynanman durup bilmedim. Ýöne, ätiýaç üçin: Eýsemde,
bolsa muny näme üçin siz başda aýtmadyňyz, diýip, soramany welin
unutmadym. «Dogry sorag. Emma turuwbaşdan aýtsaň her kim birhili
düşünýä. Ters düşünip uruşýan, sögüşýän adamlaram bolýa. Onsoňam
meňki döwlet kömegi däl-de, hususy kömek. Hudaýo...» Ol elbetde,
hudaýoly ýaly bir zat diýjek boldy, ýöne muny meniň gaty görerimden,
kömeginden ýüz öwürerimden çekindi. Meniňem ony şondan artyk
gyssasym gelmedi.
Elbetde, günuzyn iki ýana ulagsyz gatnap, ýetişiksiz günde ýören
naçar üçin birdenkä mugt ulagly bolup oturybermek hele-müçe zat däl.
Erkinde bolsa şeýle mümkinçilik ýok. Başdakysy ýaly ir ertir, giç
agşam, üstesine günortanyna-da yzymdan taksili gelip gatnadybilenok.
Işi berk. Ýöne başky hereketleri dogry ekeni. Ýeke gatnabersem, biriniň
çeňňegine iljekdigii aňan ekeni. Şonuň üçinem: Ak ýürekden aýdýan
bolsa-ha gowy zat, egerde aňyrsynda başga bir niýet ýatan bolsa-da
eteginden daşyny döken günim düşer gidibirin, kim meni saklap dur
diýen pikir bilen ak maşynly oglana «sogap gazanmaga» mümkinçilik
berdim. Ýöne, men şuny öňem hut şu meselede tas dälilik hetdine ýeten
Erkine duýdurmalydym. Aýtmalydym. Ýogsam onuň munam men
tarapyndan edilýän gözboýagçylyklaryň biri hasap etmegi mümkindi.
178
Gizlin edilen zadam ogurlyk bolýa. Ogurlyk bolsa iki gün. Bu gün
bilinmese ertir bilinäýmeli. Şonuň üçinem, muny ugruny tapyp Erkine
hökman duýdurmaly, maşynyna münýänem bolsam aramyzda haýyrsogapdan başga hiç zadyň ýokdugyny, ol oglanyň maňa ak ýürekden
hyzmat edýändigini düşündirmeli, diýen karara geldim.
Şol niýet bilenem, dynç günlerindäki duşuşyklarymyzyň birinde
men oňa bar zady bolşy ýaly edip gürrüň berdim. Ol munam gaty gördi.
Ýene-de gynandy. Ynjady. Göwnüne güman gitdi. Gunyzyn özüni sus
alyp bardy. Berýän soraglaryma düzüwli jogap bermedi. Bişiren
tagamlarymdan iýmedi. Ömür etmeýän zadyny edip arak içdi. Maňa kän
söýgi bildirmedi. Hatda hoşlaşjak wagtymyz meni ogşamanam özüne
kiçilik bildi. Namys etdi. Şol gün ony maňa azgyrylmakdan, agzyna
gelenini aýtmakdan saklan zat megerem onuň bar zady içine salmany
başarýandygy bolan bolsa gerek. Ol öz kalbyndaky harasady basjak
bolup jan edýärdi, ýöne, ol harasat gün-günden, onda-da hut men zerarly
güýjerleýärdi, kükregini ýaryp daşyna çykara yş gözleýärdi, pursat
peýleýärdi. Men Erkine gaýdyp şol maşyna münmejekdigime söz
berdim. Yz ýanam gyzlarym bilen deňze gitdim. Ak maşynly ýigide-de
erte-birigün deňze dynç almaga gidýändigimi, ýöne gaýdyp gelenimden
soňam yzymdan gelmezligini haýyş etdim. Men özümi siziň öňüňizide
oňaýsyz duýýan, umumanam biziň bu bolup ýörşümiz gelşiksiz diýdim.
Şonça wagtlap her gün ýoluma garapmy ýa garawullapmy bilemok
ýöne deňizden gaýdyp gelip, rugsatdanam işe çykan ilkinji günüm,
deňze gitmezimiň öň ýany duşan ak maşynly oglanyň şol bir garaşýan
ýerinde süýjümtik ýylgyryp, sag elini maňa tarap çalaja bulaýlap
durşuna gözüm düşdi. Egninde-de näme üçindir sport eşigi. Erkine söz
berşime görä men indi onuň maşynyna münmeli däldim. Emma men
baryp onuň bilen salamlaşanymam, sessiz-üýnsiz maşynyna
münenimem bilmän galypdyryn. Erkiniň edarasyna golaýla
berenimdenem ýene bir etmesiz işi edendigimi duýmakdan ýaňa
ýüregim çalt-çaltdan urmaga başlady. Birdenem: şu ýigit bilen Erkini
tanyşdyrmaly, şeýtsem bu ikisiniň sözi alşar, bu ýigidiň hakykatdanam
haýyr-sogap üçin şeýdip, ýörenime ynanar şu wagtam şular ýaly adam
bar ekeni-ow – diýip begener diýen pikir kelläme geldi.
Men maşyny saklamaklygy ol ýigitden haýyş etdim. Erkiniň
kabinetine girişim ýalam: Bar, seret, men kim bilen geldim diýip, penjirä
tarap «üm» atdym Erkin: ýerinden turup meniň görkezen tarapyma
179
seretdi. Men: «Şo-ol, deňze gitmänkäm gürrüňini beren oglanym.
«Haýyr-sahawat» üçin işleýär, diýenim. Sen onuň bilen tanyşmaly,
Erkin. Ol gowy oglan. Edil sen ýaly. Ýüregi ýuka. Akylly. Ikiňiziň
sözüňiziň alyşjakdygyna men ynanaýan» – diýdim. Şeý diýdimem,
belany diýdim. Şol ýalňyşlygym üçin men özümi heniz-henizlerem
bagyşlap bilemok. Şol wakanam, deňizli wakanam oňa aýdyp
berendigim üçin puşman edýän. Dogrudanam, o zatlary gözi bilen
görmedik adamyny sen nädip ynandyrjak, şunça-ha tirkeşdim aramyzdada bolan zat ýok diýip. Erkin-ä uly adam welin, oňa çaga-da ynanmaz.
Şol gezegem bar edibilen zadym-onuň ýarasyny täzeledim. Aýdan
sözlerimiň barysy, ýeke-ýeke bagryndan ok bolup geçdi. Synasy gözgöz, öýkeni eleme-deşik boldy. Ýüzi gögerdi, gözlerem agyr hassanyňky
ýaly bulançak, çal görnüşe geçdi. Nazary bulaşdy. Şolar ýaly ynjyk,
sähel zady ýüzüne alyp, sähel zada üýtgäp duran duýgur adamy men
henize bu güne çenli göremok. Ol sähelçe zada-ha gül kimin açylýar,
sähelçe zada-da bütin durky bilen doňýar. Bir söz bilen ony ýaralabam
bolýar, hassalykdan sagaldybam bolýar. Onuň hatda ömür görmedik
adamlarynyň gaýybanasyndan gahar edip, ýigrenip ýörşüne-de, ömür
görmedik adamsynyň daşyndan gaýybana guwanyp ýörşüne-de men köp
gabat geldim.
Howwa, onuň içini tutup, iki ýana yraň atyp durşuny görüp, men şol
gezek eden işime ökündim. Özümi alyp barşym bilen onuň özüme bolan
söýýgüsini harlaýandygyma, ýigitlik mertebesini kemsidýändigime,
namys duýgularyny oýaryp, örtenmäge mejbur edýändigime düşündim.
Şonuň üçinem men şol gün gaýdyp şol maşyna münmejekdigim barada
Erkine söz berdim, onuň sözlerine eýgerip, ol oglany ugratdym-da,
özüm şol ýerden işime pyýada gitdim.
Söz berşim ýaly, men hakykatdan-da gaýdyp şol maşyna münjek
däldim, ýöne, bilgeşleşin edýän ýaly şol gije dynman ýagyş ýagdy.
Ertesem dowam etdi. Özem ýöne-möne ýagyşam däl-de, damjalarynyň
her biri kümüş gola ýaly. Işe diýip çykdym welin, ak maşyn öňküje
ýerinde garaşyp dur. Eýesem ruluň başynda ýylgyryp otyr. Gyýalap
guýýan güýçli çabgadan ýaňa onuň ýüzi çala saýgardýar. Dogrusyny
aýtsam men ony görüp begendim. Çünki, şol howada maşyn tutmagyň
aňsat bolmajakdygy görnüp dur. Işiň başlamagyna bolsa sanlyja minut
bar. Onsoňam şunça münüpdirin, ýene bir gezek münenim bilen üýtgän
zat bolasy ýok. Şol oý bilen men ylgaý baranymam, «şakyr-şukur»
180
gapyny açyp içine girenimem bilmän galypdyryn. Sowuk ýagşa ezilip,
birdenem ýyljak maşynyň içine girmekligiň, umuman elinjek maşynly
bolmaklygyň lezzetini men şonda ýene bir gezek duýdum.
Şol hereketlerimiň hemmesini Erkin edil iki ädim beýle ýanymda
synlap durandyr diýip dagy ýadyma-oýumada getiremok. Ýöne,
edaramyzyň gapysynda düşjek wagtym ol oglan bilen welin çürt-kesik
gürleşdim. «Düýnem gyssagara aýdyp bilmedim, ine, indi aýdýan
gaýdyp meniň yzymdan gelme, bar zat üýtgedi, bar zat gutardy, maňa
siziň haýyr-sahawatyňyz gerek däl, öňki eden hyzmatlaryňyza-da
taňyrýalkasyn diýdim. «Näme menden göwnüň galdymy? Ýa aýtmasyz
bir gep aýdaýdymmy, üýtgeşik hereket edäýdimmi», diýdi. Aý, ýok,
bolan zat ýok, ýöne indi gelme, men senden şuny haýyş edýän, diýdim.
Ol özüniň eýýäm maňa-da, çagalaryma-da öwrenişip ugrandygyny,
aýrylyşmaklygyň kyn boljakdygyny aýtdy. Zyýany ýok, öň biri-birimizi
görmän oňupdyrys, ýene-de oňarys, men saňa Hudaýdan goç-goç ogul
dilärin, diýdim.
Ol gyýylyp galdy. Esli wagt yzymdan seredip oturdy. Şol wagt onuň
ýylgyrmaýandygyny men yzyma seretmesemem duýdum.
Üstümden agyr ýük aýrylan ýaly boldy. Erkine-de jaň etjek bolýan
welin, telefonymyz işlänok.
Günortana golaý ýagyş kiparlady. Öýläne golaý bulutlar paralandy.
Gün göründi. Telefonymyz welin iş ahyr bolýança-da işlemedi. Mahlasy
günuzyn Erkin bilen gepleşip bilmedim. Agşamlyk öýüne jaň edýän
welin alanok. Alsa-da meň sesimi eşitdigi «jalkyldadyp» goýýa. Näme
üçin beýdýäkä diýýän. Ertesi arakesmä çenli zordan çydadym-da
,ýanyna gitdim. Ol meni diýseň ýowuz garşylady. «Sen sözüňde
durmadyň» diýdi. Men boýnuma almajak boldum. Emma onuň bar zady
gözi bilen görendigini bilenimden soň welin, boýnuma alaýmakdan
başga alaç galmady. Erkin, özüň bilýäň-ä, ýagyş ýagd-a.. Onda-da nähili
ýagyş... Men bolsam işe gijä galyp barýadym... Ýöne gaýdyp münmen...
Söz berýän... diýdim. «Sen düýnem söz berdiň... – diýip, ol öňküsine
görä has batly gepledi. – Gitdigiçe-de gazaby artdy. Käýindi. Ýöne, agyr
söz aýtmady. Ahyram aglap-aglap usurgan çaga ýaly tisgine-tisgine
sowuk demini aldy-da: - Umuman-a nätseň şeýtsene, meniň indi saňa
dahylly zadym ýok. Sen menden boş...» diýdi-de, kabinetinden çykdy
ötägitdi. Çykmazynyň öň ýanam çalarak sägindi-de, goltuk jübüsinden
dört eplengi ak kagyz çykaryp elime tutdurdy.
181
Bilşiňiz ýaly ol erbet gahary gelen wagty halys düňle bolýa. Gepläp
bilenok. Şonuň üçinem, şolar ýalyda köplenç, aýtjak zatlaryny
arkaýynçylykda kagyza geçirip gelýärdi-de sessiz-üýnsiz elime tutdurýar
gidiberýärdi. Haty nädip ýazmany bolsa ol adamdan öwrenmeli däl. Her
sözüni sünnäläp, jaýba-jaý goýup, aňyňa täsir eder ýaly edip bir ýazýa
welin, okanyňda iniň jümşüldäp, süňňüň elenip gidýä. Şonuň üçinem
men soňky döwürlerde onuň aýtjak zadyny hata ýazyp bererinden gaty
gorkýardym.
Şol gezegem şeýle boldy. Haty açyp, göz gezdirdim. Düýnden bäri
kabinetinde oturyp arkaýyn ýazan bolsa gerek, telim gezek gaýtadan
göçürilendigine garamazdan, entegem çyzylan, düzedilen ýerleri az däl.
Ol hoşlaşyk hatydy. Onda şu sözler ýazylandy. «Hoş, eý, gül ýüzli
ýarym! Gül Jemally jananym! Men seniň bu kemsitmeleriňe mundan
artyk çydap biljek däl. Men bu oýundan çykjak. Öňem men bu meýdana
bilmän giripdirin. Seni tanamandyryn. Daş keşbiňe aldanypdyryn.
Güljemalsyň öňdüpdirin. Elbetde men seni günäkärläbem biljek däl.
Çünki saňa puly köp, maşynly, kaşaň jaýly baý adam gerek. Mende
bolsa o zatlar ýok. Bar baýlygym söýgim. O-da saňa gerek däl. Ýöne,
bilip goý, hemme zady pul, ulag, baýlyk ýa wezipe çözýän däldir. Bu
zatlara sen bu gün düşünmeseňem ertir düşünersiň, ýöne, giç bor. Ýene
bir zat: Hiç kim seni mençe söýmez. Her kimiň senden lezzet alasy,
keýpiňi göresi geler. Bakja giren şagal ýaly parçalar-da, doýan günem
taşlar gider. Galanynam özüň bil. Sen täze döwrüň adamsy ahyry. Biz
bolsak köne pikirli adam...»
Haty okap bolşum ýaly kabinetden atylyp çykdym-da, Erkiniň
yzyndan ylgadym. Ol entek edaradan gaty bir daşlaşman ekeni. Şeýle-de
bolsa yzyndan ýetmek üçin ylgaşlamaly boldum. Ýetip öňüne geçdim:
Erkin, sen nähak ýere özüňi horlaýaň. Nähak gabanýaň. Ýeri, münsemmünüpdirin-dä. Maňa ulag gerekdigini, ertir-agşam degirmene giren
ýaly ondan-oňa ýelk ýasap ýörendigimi bilýäň-ä özüň. Ol ýigit bolsa
meniň öňümde hiç hili şert goýanok. Sogap gazanmakdan başga niýetem
ýok, diýdim. Ol dişini gysyp durşuna edil düýşde ýaly alasarmyk,
ýzlem-saplam gürledi: «Ol öz niýetini saňa bu gün duýdurmasa-da ertir
duýdurar. Bu gün aýtmasa-da ertir aýdar. Garaşyber. Maşynyna-da
münüber. Tanamaýan adam haýyr-sogap üçin nätanyş bir maşgala
munça hyzmat etmez. Şonça hyzmaty kabul edýän maşgala bolsa, irugiç onuň islendik şertine kaýyl bolar. Şonuň üçinem, men seniň edip
182
ýören hereketleriňe garşy däl. Asla garşy bolmana hakymam ýok. Biziň
başda gepleşişimizem şeýle. Belki şol ýigit seniň bagtyňdyr.
Gözleýäniňdir. Seniň bagtyňa böwet bolmaga bolsa öň eden şertimiz
boýunça meniň hakym ýok...» Bokurdagy doldumy, nämemi, ol
birdenkä dymdy. Ýöne, şondan artyk maňa gep düşündirjegem bolmady.
Öz häsiýetine görä ol entegem kän gürläpdi. Şonuň üçinem, gürrüňiň
gutarandygynyň alamaty hökmünde, başyny aşak saldy-da, ýoluny
dowam etdiriberdi.
Erkek adamlar babatda deňizde hut özümden alan sapagymy eýýäm
unudandygyma men diňe şondan soň düşünip galdym. Agşamara men
ýene-de öýüne jaň edip Erkinden ötünç soradym. Dagy-duwwara,
ölýänem bolsam şol maşyna münmen» diýdim. Ol esli wagt dymyp
durandan soň, uludan demini aldy-da: «Ýeri, bolýa-da görübereris-dä»
diýdi.
Emma meniňki ýene-de bolmady. Ertesi irden ýola çykdymam
welin, akja maşyn ýene-de geldi-de, gapdalymda keserdi duruberdi. Ol
ýigit maşyndan atylyp çykdy-da, üstüme howala boldy. «Haýyş edýän,
şu gezgem mün, saňa aýtjak zadym bar, soň gelme diýseň gelmäýerin»,
diýdi.
Özüme şonça wagtlap ýagşylyk eden adamyň ýüzüne ýene-de gelip
bilmedim. Mündüm. Ýöne, iň ýamany meniň işe barýan ýolum Erkiniň
iş ýeriniň üstünden geçýärdi-de, äpişgesiniň agzyndan ötüp barýarkak ol
bizi hakyt göräýdi. Menem onuň görenini gördüm. Gyssanjyma oňa
tarap elimi bulan bolaýmagymam ahmal. Kyn güne galdym. Düşjek
wagtym ol oglandan: Howwa, näme aýtjak zadyň bardy, diýip soradym.
Ol rula ýaplanyp oturşyna ýüzüme naýynjar garady-da: «Men indi
dogrudanam gelmäýinmi», diýdi. Howwa, gelme, diýdim. Başga aýtjak
zadyň barmy, diýen soragyma bolsa ol ysgynsyzlyk bilen başyny
ýaýkady-da, göni öňe seredip: «ýok», diýdi. Men düşdüm. Ind-ä
dynaýan bolsam gerek, diýip, oýlanýan. Ýöne, indi Erkine näme jogap
bermeli? Bu bolan işi oňa indi nädip düşündirmeli? Ýerime baryp jaň
edýän welin ýene-de şo-ol, düýnki hereketler gaýtalandy durdy. Sesimi
eşitdigi trubkany goýýar. Agşam öýüne jaň ederin ýa-da eritr
arakesmede ýanyna baryp düşündirerin, diýen pikir bilen özümi
köşeşdirdim. Gün welin ýyla döndi. Sagat alty bolandanam tüweleý ýaly
alahasyrdy bolup gapydan çykdym. – Jemal gözlerini tegeläp ýüzüme
seretdi. – Bilýäňizmi kim dur ekeni gapyň agzynda?
183
-Kim?
-Ýene-de şol oglan.
– Ak maşynlymy?
– Howwa. Özem hakyt gapynyň agzynda dur. Işdeşlerimem
gapdalymdan zybyrt-zybyrt geçişip durlar. Olardanam öler ýaly
çekinýän. Näme gerek, näme üçin geldiň diýip soramaga bolsa mejalym
ýok. Şo-ol ýüzüne seredip aňkarylyp durun. Bir erbet boldum, jan
dogan. Ol bolsa agzynyň ýetişibildiginden ýalbarýar: «Şu gezegem mün,
aýdyp ýetişmedik zadym bar, soň seniň ýoluňy kessem adam
bolmadygym» diýýär. Näçe wagtlap ýaýdanjyrap duranymy bilemok,
bir görsem maşynyň içinde otyryn. Ol bolsa meniň öýüme däl-de,
düýbünden ters tarapa tutduryp barýar.
Erbet gorkdum. Sen meni nirä alyp barýaä, sakla maşynyňy, men
düşjek diýip, gygyrdym. Açmak niýeti bilen gapnyň tutawyjyna
ýapyşdym. «Gorkma, arkaýyn gürleşer ýaly bize asuda ýer gerek –
diýip, ýigit parahat gürledi. – ýa kafeleriň birine baraýalymy?..» «Ýok,
ýok köpçülikde bir görünmäliň, asla-da maňa indi siziň maşynyňyza
münmek bolanok, diýdim. Hä diýmänem howa garalyp ugrady. Ýigit
meni şäheriň daşyndan aýlanyp gidýän ýola çykardy. Birdenem
maşynynyä tizligini haýallatdy-da, çaga ýaly ýyrşarylyp ýüzüme seretdi:
«Maşyn sürmäni öwrenesiň gelýämi? Öwrenjekmi? Öwredeýinmi?»
Dogrymy aýtsam maşynly bolmak, maşyn sürmek meniň öňräkden bäri
edip gelýän arzuwymdy. Şol arzuwymyň iň bolmanda ýarysyna bir
ýetmek üçin, men maşynym ýogam bolsa, sürüjileriň okuwyna-da
gatnapdym. Hukuknama-da alypdym. Şonuň üçinem ol oglanyň şo
teklibi şol wagt maňa şeýle bir hoş ýakdy welin, höwes, isleg bar zatdan
üstün çykdy. Men hatda ondan meni ol ýere näme üçin eltendigini
soramanam, wagtyň giçdiginem, çagalarymyň birini merkezden»
beýlekisini bakjadan almalydygymam, unudyp: Howwa! Süresim gelýä,
diýip, gygyrypdyryn. Muňa ýigidem begendi. Şonuň üçinem
ýylgyrjaklap oturşyna meniň bilýän-bilýän, diýip öwran-öwran gaýtalap
oturanma-da bakman ilk-ä: «Ine bu tormozy, bu gazy, bu sipleniýesi
bujagaz somalyp duran zadam nemesi... tizlik çalyşýany... – diýip,
«instruksiýa» okady. Soňam meni ruluň başynda oturdyp özi gapdalyma
geçdi. Elimden tutup ryçagy birinji tizlige geçirmäge kömek etdi.
«Indem usullyk bilen sipleniýäni goýber-de, çalajadan gazy bas...»
diýdi. Aýdanlaryny etdim. Maşyn ýöredi. Ony hakykatdan-da özümiň
184
herekete getirendigime ynanmajak boldum. Dogry, sürüjiligi
okaýarkamam men maşyn sürüp görüpdim. Ýöne, ondan bäri köp wagt
geçipdi. Begenjimden ýaňa tas, guş bolup uçupdym. Aklymy haýran
eden bu geň waka barada agşamlyk çaý başynda çagalaryma-da gürrüň
bererin diýip, göwün ýüwürtýändigimi bilýän. Belki, Erkine-de
aýdaryn? Howwa, howwa, hökman aýdaryn. Çünki bu ýere üýtgeşik zat
ýok ahyry. Birdenem dilime buýrubilmän o görgülini nägünlere
düşendigimi ýatladym-da, o pikirimi goýbolsun etdim. Maşyn bolsa
ýuwaşjadan gidip barýar. Göwnüme bolmasa, ol ýigit maňa barha
gysmyljyraýan ýaly. Ruly aýlamaga kömekleşende aýasyny elimiň
üstüne goýýar-da, wagty bilen aýyranok. Ine-de ol elini meniň dyzymyň
üstüne goýdy. Men birdenkä özüme geldim. Iki gözümem ýola dikip
oturşyma howply hereket edäýmezlik üçin: Muny nädip saklamaly
diýdim. «Gazy goýber, indem «sipleniýäni» bas-da ryçagy «yskordan»
çykar, indi bolsa tormozy bas...» diýip, özbaşyna gepleýän ýaly
hümürdäp oturan ýigit maşyn togtansoň goluny boýnumdan dolap aldyda, ýaňagymdan agyz urmak üçin bat bilen özüme çekdi.
Erkiniň ýöne ýere janyny ýakmaýandygyna, bir bähbidi bolmasa
erkegiň aýala hyzmat etmejekdigine men şonda ýene bir gezek göz
ýetirdim. Onuň aýdanlaryna wagtynda gulak asmandygym üçin
gynandym. Men onuň elinden sypdym-da, siltenip daş çykdym.
Maşynyň o tarapyna aýlandym. Sag tarapky gapysyny açdym-da,
henizem äm-säm bolup oturan ýigidiň ýüzüne gazaply garap: Bar, ýeriňe
geç, diýdim. Geçdi. Men öň öňde, onuň gapdalynda oturyp gelen
bolsam, indi yzky oturgyja geçdim. «Sür!» diýip azmly gepledim!
Elbetde, asyl-ha ol maşyna münmesemem bolardy, ýöne, wagt giç, ýer
çola, şäherdenem ep-esli daşlaşypdyrys, ondan galyp ýene kime
sataşjagymy Hudaý bilsin. Onuň özüniňem güýje daýanyp zoruna
tutubererinden gorkym ýok däl. Sag-aman şähere siňibilsem galan zadyň
bir alajy bor diýip, saňňyldap otyryn. Ýigit welin howluganok. Ýerine
geçenden soňam maşynyň o ýerini bu ýerini gorjalan bolup otyr. Hatda
açarynam towlanok. Ahyram gyýalap ýüzüme seretdi-de, öňküleri ýaly
mähirli däl-de, sowuklaç ýylgyrdy: «Gürleşibem-ä ýetişmedik».
Ýetişdik, kemini goýmadyk, mundan artyk geçsek bar zat bulaşar, men
hemmesine düşündim, sür gideli, diýdim. Ol goltugyndan hemmesi
ýüzlükden ybarat bir daňy dollar çykardy-da, iki sanysyny sogrup aldy,
bärisine öwrülibem olary meniň etegime oklap goýberdi: «Ine, her aýda
185
şuny berýän. Regulýarno. Söwdam oňan wagty ondanam paýyňy
bererin» Meniň ondan şol wagt: Sogap üçinmi, çagaň bolary üçinmi,
diýip sorasym geldi, ýöne kejeleşip wagt ýitiresim gelmedi, şonuň
üçinem, etegimdäki täzeje ýaşyl ýüzlükleri garbap aldym-da, maşynyň
äpişgesinden zyňyp goýberdim. Ýigit: bu näme etdigiň boldy, diýýän
manyda ýüzüme allaniçiksi bolup seretdi-de, şakyr-şukur gapyny açdy,
daş çykdy, adaja şemalyň ugruna eýýämhaçan gara ýol bilen şähere
tarap bökejekleşip ugran pullaryň yzyndan ylgady. Ýetip biriniň üstüne
howala boldy. Egildi. Aldy. Oňa çenlem beýlekisi asfaltyň ýüzi bilen
gaýyp gitdi-de, ýoluň aňry ýüzündäki çöp-çalamlaryň arasyna siňdi.
Ýigit näler şol tarapa topuljakdy welin, şol pursat daşary ýurtlardan ýük
daşaýan on tigirli, ullakan maşyn ulýala «arryldy» bolup onuň öňüni
kesdi. Ýelginem ýaňy bir ýere gonup ýetişen ýüzlügi garbap aldy-da, dik
asmana göterdi. Soň ol pul ýene-de ýere düşdümi ýa düşmedimi,
düşäýende-de nirä düşdi, ony men
bilemok, ýöne, ýüzüni sallap
gaýdyp gelende o ýigidiň elinde ýekeje ýüzlügiň bardygyny welin magat
bilýän. Ol kabina gireninden soňam sortdurylyp ep-esli oturdy. Şuň biri
sen sebäpli ýitdi, diýýän manyda elindäki ýeketäk ýüzlügi maňa tarap
çommaltdy. Ahyram ony iki epledi-de, emaý bilen gursak jübüsine
saldy. Maşynyny otlady. «Wazyrdadyp» yzyna öwürdi. Şäheriň
lowurdaşyp duran al-ýaşyl çyralary, belent ymaratlary kem-kemden bize
tarap süýşüşip başladylar. Olara golaýlaşdygymyzsaýy göwräm giňeldi.
Birdenem ýoluma göz dikişip oturan gyzjagazlarym ýadyma düşdi-de,
ýüregim «jigläp» gitdi. Agym tutdy. Öz-özüme gaharym geldi.
Şol pursat bir ýerden Erkiniň atylyp çykaga-da, özümi suwasalma
ýenjerini isledim.
Şähere giren ýerimizde men ol ýigitden maşynyny saklamagy haýyş
etdim. Tanşalymyz bäri çen bilen her günüme on bäş manatdan
hasapladym-da, ep-esli manady «patyladyp» paneliň üstünde goýdum.
Iki gözümiň içine seredibem: Bagyşla, etegiň bolmansoň şu ýerde
goýmaly boldum. Az görseň habar edäý, ýene goşaryn, diýdim-de
özümem, Erkinem şunça belalara sataşdyran maşynyň içinden suwulyp
çykdym. Edil bilgeşleýin-ä etmedim welin, elbetde, gaharym gaty
gelendir-dä, gapysynam «gürpüldedip» ýapdym. Elimi galdyryşym
ýalam bir maşyn gelip gapdalymda saklandy. Barjak ýerimi aýtdym.
Nyrhyny aýtdy. Razylaşdyk. Sürüji tä barýançak sesini çykarmady.
186
Merkezde Zübeýda bilen ýene iki çaga galan ekeni. Biri oglan, biri
gyz. Özlerem meňzeşje. Diýmek, dogan bolmaly. Oglanjygyň gözleri
gorkuly. Ulurak bor-a çemeli, gyzjagazyň oturşy parahat. Mert. Men
Zübeýdany alyp ugranymdan ol ýerinden turdy-da, ýüzüme çiňerilip:
«Meniňem ejem gelermikä» – diýdi. Geler, geler, hökman geler diýdim.
Hamala heniz bolup ejesiniň gelmändigine özüm sebäpkär ýaly ojagaz
çaganyň öňünde erbet utandym. Bir ýerlerden tasap çykan nobatçy
gelniň kime aýdýandygy näbelli terzde ýüzüni tossardyp: «Ine, şeýle-dä,
birentek adamlar şuňňaly-da, öz çagalaryndanam bizar-da...» diýenini
eşidib-ä hasam erbet boldum.
Öýe gelenimden soň ur-tut Erkine jaň etdim. Bu gezek ol trubkany
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Söýgüde serhet ýok - 16
  • Parts
  • Söýgüde serhet ýok - 01
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2231
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2166
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 03
    Total number of words is 3793
    Total number of unique words is 2071
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 04
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2192
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 05
    Total number of words is 3838
    Total number of unique words is 2228
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 06
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2095
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 07
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2171
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 08
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2165
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 09
    Total number of words is 3772
    Total number of unique words is 2189
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 10
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2142
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 11
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 12
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2125
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 13
    Total number of words is 3811
    Total number of unique words is 2157
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 14
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2190
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 15
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 2084
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 16
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2181
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 17
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2218
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 18
    Total number of words is 3401
    Total number of unique words is 2009
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.