Latin

Ogul - 14

Total number of words is 3754
Total number of unique words is 2230
29.4 of words are in the 2000 most common words
41.5 of words are in the 5000 most common words
48.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
--Rugsat soramak hökman däl—dýensoň, Berkeli gyzy açyk geplemek bilen
ýeňmeli etdi.—Men seni ýörite gözläp ýörkäm, rugsat soramak nämä gerek?
Meni saňa staşaýsam, öňi bilen gyz ýatkeşliginiň nähili bolýanmdygyny
bilmekçidim…
--Nädip?
--Bir sowalyň üsti bilen.
--Men ol sawaly çaklaýan. Hany, eşideli?
154
--Bu sowal seni öňki gezek göremde berilmelidi welin… Iki ýyldanam
gowrak mundan ozal, ýowar güni…
Aýläle sowalyň soňuna çenli garaşmaga özünde kanagat tapmady.
--Ýowar güni sen maňa arça ekişmäge kömekleşipdiň.
Sowalynyň soňunyň jogaba öwrülip, gyzyň dili, gyzyň sesi bilen aýdylansoň,
Berkeli üýtgeşik bur zada gabat gelen ýaly, hatda maşynyň tizliginem özünden
erksiz haýallatdy.
Çaklamanyň gabat gelenine Aýläle-de az begenmedi. Ýeýle hem iki ýyl
mundan ozal nahal ekişşen ýigidi görmek üçin näçe wagtlap oda-köze düşen
gyz, ony ýollardan-ýodalardan gözlän gyz, gel-gel indi oňa sataşanda-da ah
urman, içini çekmän, tolgunman oturyşyna özi hem haýran galdy.
-- Ikimiziň eken nahalymyz häzir bir enaýy bolup otyr.
--Sähel salymlygam bolsa köçeden ünsüni bölen Berkeli Aýläläniň ýüzüne
geňlik nazaryny aýlap goýberdi.
--Ony näbilýäň?
Iki tarapdanam açyk gürrüňe başlananam bolsa, hemme gepde açyklyk
höküm sürmedi—gyz edalylygy Aýlälä kalbyndakynyň doly daş çykmagyna ýol
bermedi. “Ikimiz ekenimiz üçin şol arçany ýörite görüp gaýdýan” diýilmäge
derek:
--Käte şol ýerlerden ýolum düşse görýän-dä—diýildi.
Herhal ýaňy tanşylany sebäpli gyz bilen ýigit arasyndaky bolaýmaly,
aýdylaýmaly gep-sözleriň agramly bölegi iki tarapyňam ýüreginde bolsa-da,
diline gelmedi…
“Diş bejeriş merkesine” ýetilende, Aýläle maşyndan düşjek bolanda Berkeli:
--Telefonuň nomerii berip biljekmi?—diýip sorady.
Aýläle telefonynyň nomerii, näme üçibdir, esli garaşdyrandan soň aýtdy.
Berkeliniň maşyny yzyna aýlandy.
*
Hajy bilen Yklym keýpine şähere gezelenç edip ýördüler. ”Toýota”
maşynynyň rulunda oturan Hajydy.Yklym ol ulaga şu gün birinji gezek
münmeýänem bolsa:
--Seň-ä kakaň maşyn alyp berjek diýen sözünde durdy—diýdi.
--Kakam sypmaga hjyýallandy—diýip, Hajy ýylgyrdy.—Ýöne sapalak
atmaga esas tapmady.Menem oňa beren sözümde durdum. Attestaty dörtlüksiz
aldym. Üstesine-de, ejemem çyny bilen meniň tarapymda durdy…
Gapdaldan çykan maşyn köçe düzgünini mazalay bozup, Hajynyň öňüne
sowuldy.Hajynyň maşyny jygyldap tormozlandy.
--Wagtynda tormoz beräýdiň—diýip, Yklym Hajynyň eden herekedini
makullady.
--Maşynam-a edinsek edindik wlin, indi Aşgabatda ulag sürmegem aňsat däl,
Yklym. Maşyn gün-günden köpelýär. Özüň ägä bolaňda-da..—Maşyndan
başlanan gürrüň birdenem ugruny üýtgetdi.—Boksçyny görýäňmi?
--Şu çaklarda-ha oňa hiç gabat gelemok. Men-ä Aýlälänem mekdebi
tamamlanymyzdan soň iki gezejik gördüm. Sen-ä ýygy-ýygydan görüşýänsiň-le.
155
Roman dowam edýärmi?
Hajy gaýtarjak jogabynyň sözlerini saýlaýan ýaly kän garaşdyransoň gepledi.
--Romany ýeke özüm ýazýan. Baş gahymanymymam hereket edenok. Şonuň
üçinem ol, ýazylsa-da gyzyksyz ýazylýar. Ahyry hem netijesiz gutaraýmasa.
--Ruhdan düşme, Hajy!—diýip, mydama bolşy ýaly Yklym bu gezegem
dostunyň göwnüni götermäge çalyşdy.—Meň kakam “Towşany araba bilen
kowalap tutmaly” diýen nakyly gaýtalamagy gowy görýär.
--O nakyl orta asyrlara degişli—diýip, Hajy ilki-hä ýaňsyly ýylgyrdy, soňam
agras keşbe girdi.—Birinjiden-ä, çöp-çalama, çarkandaklyga urup giden
towşany araba bilen kowalap bilmersiň.Gaýtam arabaň tigrini döwersiň. Towşan
düz ýerden gaçsa-da, bir motorly awçy peýda bolar-da, seň arabaňy yzda
galdyrar.
--Nakyl göçme manyda aýdylýar, Hajy. Her bir işde howlukman hereket
etmeli diýildigi bolýar-da.
--Wagtyragynda netije bermeýän hereket irizýär, Yklym.
…Saga sowlup, darajyk köçä düşen maşyn kän gitmän, bir jaýyň gabadynda
saklandy.Yklym maşyndan düşende, hähilidir bir gep tapyp,öz keýpini götermek
islän Hajy:
--Ynjytmanjyk gapyňa getirenim üçin, iň bolmanda, benziniň bahajygyny bir
töle, gadyrdan—diýen boldy.
Sagbollaşyp ugransoň aýak çeken Yklym jübüsine elini sokdy-da sägindi.
--Bir manat töläýjekdim welin… ony agşam öýňüze eltip beräýerin. Ýogsam
sen ýitirersiň.
--Bir -- nol!—diýen Hajy,bu gezek çyny bilen ýylgyrmaga mežbur boldy.
*
Ejegüliň ýany myhmanlydy. Ýene Aýnabat gelipdi. Bu gezek ol ýeke-de
däldi, tutýan maksadynyň gaty düýplidigini tekrarlamak üçin bolsa gerek—ýany
bilen adamsy Batyry hem alyp gelipdi.
--Hem tanşarsyňyz, hem gürleşersiňiz diýdim…
Batyr kän geplmeýän, boýnyboş, aýalynyň aýdanyna-da hiç mahal däl
diýmeýän adam bolansoň.Aýnabadyň ilki aýdanyny söz bilen däl-de, baş atmak,
onda-da iki gezek baş atmak bilen tassyklady.Bir tarapdan-a onuň boluşy
özerksiz adamynyň roluny oýnaýan artiste-de meňzeýärdi.
--Obahojalyk ministrliginiň baş hasapçysy.Ulumsulygy, gedemligi ýok
adamdyr—diýip, Aýnabat häsýetnana doldurýan ýaly bolup, adamsyny Ejegül
bilen içgin tanyşdyrdy.
Ejegülem başga aýdara sözem tapmansoň:
--Ulumsy bolmasa gowy-da—diýdi.
--Şu günem şenbe güni. “Şenbe-de—şow” diýipdirler, Ejegül jan—diýip,
Aýnabat aňyrdan kalbynda besläp gelen sözlerii öý eýesine aýdyp başlady.—
Biziňem işimiz şow bolsun-da.
Aýalnyň aýdanlaryny öňki hereketini gaýtalap goldan Batyr bu gezek gep
nobatynuy hem aldy.
156
--Hawa, Ejegül dogan, biziňem Hajy üç gyzyň yzyndan berilen ýurt eýämiz
bolany üçin, gözümiziň ýetip duran ýeri bilen garyndaşlyk açmak isleýäs.
Bu gezek adamsynyň roluny aýaly oýnady: Aýnabat Batyra derek baş atdyda, onuň aýdanlaryny sözme-söz diýen ýaly ýaňadandan aýtdy.Aýdanlarynyň
üstüni hem özüçe ýetirdi.
--Maksadymyza ýetsek, uly geplemäýin welin, gyzyňy elimiziň aýasynda
saklarys, zada mätäç etmeris. Seň çagaň biziňem çagamyza öwrüler. Öýmüzde
nämämiz bolsa, özi eýelik eder. Biz ýöne daşyndan guwanar ýöreris. Uly umyt
bilen gapyňdan gelendiris, dogan.
Aýalynyň hemme aýdany, her gezek hereket bilenem tassyklanmasa nyşana
degmejek ýaly, Batyr bu gezegem öňirti baş atdyp, soň gepledi.
--Gyzyňy elimiziň aýasynda saklarys. Hemmämiz şoň hyzmatynda bolarys.
Aýnabat bilen adamsynyň ýagdaýy çözülmejek meseläni, bolmajak işi süýji
sözler, arkaly, ynama girmek akaly, ýalbaryjy aheň arkaly amala aşyrjak bolýan
adamlaryňka meňzeýärdi. Şonuň üçinem Ejegüliň olara nebsi agyrýardy. Şonuň
üçünem oňa geplemegem aňsat düşmedi, öz pikirini açyk beýanam edip bilmedi.
Ol öý eýesini yrmak üçin gözşýaş etmegi-de kiçilik bilmejek myhmanlayrnyň göwüni
göwnünleini göteräýjek söz gözledi.
--Geleniňiz gowy zat. Gapymdan siz ýaly gowy adamlar gelse, menem
ýaman görüp durjakgäl. Siziň aýdanlaryňyza-da ynanýan, özüňize-de ynanýan.
Ýöne..
Özlerinde ynam oýaran ýakymly sözleriň yzndan getirilen “ýöne” sözden soň
aýdylmaly pikir öňki gowluklar bilen bap gelmeli däldi.. ”Ýöne” sözi
gowulykdan erbetlie ýa-da erebetlikden gowulyga geçirýn köprüdi. Oňa
düşünýän Aýnabadyň derrew keýpi bozuldy.Ol entek yzyny eşitmänkä:
--“Ýöne” diýmese-ne, Ejegül jan—diýende, sesi naýynjar çykdy.
--Ýöne diýmesemem, men öňki gezek aýdanlarymy gaýtalamaly bolýan.
Diňe meň razylygym meseläni çözenok, Aýnabat. Ynha, sizem ogluňyzyň
aýdanyndan çykyp bilmän şu gapydan gelip ýörsüňiz-ä.
--Ol hakykat—diýip, Ejegüliň ugrundan gopsa, iş bitäýjek ýaly, Aýnabat
aýdylany derrew tassyklady.
--Ol çyn, Ejegül dogan—diýip, Batyram aýalyna kömege ýetişdi.
--Meňem aýdýanym çyn. Menem gyzymyň raýyny ýykyp bilmen.
Meseläni öz bähbidine çözmäge dyrjaşýan Aýnabat:
--Asylly maşgala öz enesiniň ýamanlyk etmejekdigine akyl ýetirer, Ejegül
jan--diýip, aňyrsy gärnüp duran hilegärlikdenem ýapyşalga gözledi.—Sen bizlik
bolsaň…
Garaşylman durka, Aýläläniň gapydan girmegi myhmanlaryň ikisinem
tisgindirdi, olaryň ýüzlerem, birhili, üýtgän ýaly boldy, aljyrana çalym eden
Aýnabat ýerinden turanynam özi duýman galdy.
--Geldiňmi, Aýläle jan?—diýip, ol gyzyň enesindenem öňürti gepledi.
Aýläle myhmanlar bilen baş atyp salamlaşdy.
--Tanşyp goý. Myhmanlammyzyň biri-hä Aýnabat daýza, birem oň adamsy
Batyr daýy.
--Aýnabat daýzany men tanýan, eje—diýip, Aýläle ýuwaşja gepledi.
157
--Gizläp otursy zat ýok, gyz. Bular saňa gudaçylyga gelipdirler…
Enesi sözüni gutaryp-gutamanka, myhmanlar üçin garaşylmaýan ýagdaý
boldy—Aýläle gepledi.
--Men ýene üç-dört ýylsyz durmuşa çykmajagymyň habaryny ozal bulara
ýetiripdim, eje.—Birdenem ol ejesinden nazaryny sowup, göni Aýnabadyň
ýüzüne garady.—Aýnabat daýza, sizem bir berlen jogap bilen ynjalaýyň. Men
Hajy bilen on ýyl bile okadym.Men ony sylaýan, synpdşlarymyzyň arasynda iň
gowy görýänim Hajy. Ýöne men ony doganym hökmünde gowy görýän. Men
size gelin bolup bilmen. Dogandan-dogana nika düşmeýänine siz mendenem
gowy düşünýänsiňiz.
Myhmanlaryňam, hatda Ejegüliňem asla garaşmadyk sözlerini aýdan Aýläle
içki jaýa girdi-de, gapyny hem berk ýapdy. Ol hereket diňe bir otagyň
gapysynyň däl, açylar öýdülen garyndaşlyk gapysynyňam mäkäm
ýapylandygyny gudaçylyga gelenlere düşündirdi.
*
Sirkiň agşamky gökezilişiniň soňky nomeri dowam edýärdi. Howa
akrobatlary al-asmanda täsin hem tomaşaçylar üçin gaty howply bolup görünýän
maşklar edýärdiler. Berkeliniň gapdalynda oturan Aýläle ýokarda bolup geçýän,
ýüregiňi bolmalysyndan artykmaç urdurýan hereketlere uzak seredip bilmän,
ýüzüni aşak saldy-da, ýigide tarap biraz gysyldy. Ýene-de şol “Gowulyksyz
erbetlik ýok” diýlen boly—Berkeli ýokardaky howpuň özi üçion döreden
mümkinçiliginden peýdalandy.Ol tanşylaly bäri birinji gezek Aýläläniň
egninden emaý bilen tutdy-da özüne tarap çekdi.
Sirk görnişi tamam bolandan soň, daş çykan adamlar agşamyň salkyn
howasyna siňip ugradylar. Olaryň arasynda Aýläle bilen Berkeli hem bardy.
--Awtobusa münýäsmi?—diýip, Aýläle Berkelä ýüzlendi.
--Şu salkyn howada, şu şypaly agşamda ulaga nünenden pyýada ýöräniň
gowy dälmikä?
--“Ýok” sözüni aýtman, sowalyma ýok jogap berdiň. Ýöne men düşündim
hem seni goldaýan—diýip, başga bir düşnüksiz dilde gepleýeän ýaly bolup öz
pikirini beýan eden Aýläle ýylgyrdy.
Uzaklaşylansoň bir göwrä meňzäp barýan iki göwre elektrik şöhlesinden hem
Aý nurundan ýasalan ajaýyp agşamyň ýagty kölünde ýüzüp gitdi.
*
Şäheriň merkezi bazarynyň ýanynda bolan duşuşykdan soň, Aýjan daýza
Aýläle hakdaky pikirini kellesinden çykaryp bilmedi. Süýji arzuw, döwletli
alada, elbetde gowulykdan nyşan. Nä wagt, nä zamana.Heňňam üýtgemese-de,
döwür üýtgedi. Döwrüň üýtgemegi adamlaryň hüý-häsiýetlerini-de özgertdi.
Öňküler ýaly jalbarynyň dyzy deşilse, ýama salyp geýäýjek, çaý bilen çöregi
bolsa oňňut edäýjek adam indi ýok. Häzirki zamanyň ýaşlary-ha aýratyn
gürrüň. Olar her etmeli-hesip etmeli relin, birek-birekden artyk, belent bolup
görünmeli. Hawa, belent bolmak hökman däl-de, belent bolup görünmeli.
158
Ýeri, onsoň Aýjan bilen Atagyň gözlerini dikip oturan ýeke perzendiniňem
nesibesinden ýumruk ýalylygyndan ýüpek parça dolanyp ýöreniň biri çykaýsa,
nädip bolar? Ýüpek parça dolanmak akylsyzlyk däl-de, ýüpek parça dolanmagy
akyllylyk hasap etmeklik akylsyzlyk. Ýaşlaryň birnäçesi, has beterem gyzlaryň
arasynda soňky “akyllylaryň” hataryna girýän köpeldi.. Şu gün agyr märekeli
toý toýlap, edil bir hepdeden nikasyny bozýan gyz gytmy? Aýjan sadadan
akylly ogly üçin özi kybapdaş, iň esasam ulumsy däl gelinlik gözlemeli. Ol hem,
megerem, Ejegüliň gyzy bolup çykar. Tersine boljak bolsa Aýjan Ejegülli
pikirden bireýýäm daşlaşardy ahyryn. Aýjan ol barada entek çynlakaý
oýlanmaýyn diýse-de, oýlanman bilenok. Ejegüliň gyzy içen suwy
bokurdagynyň daşyndan görnüp, ýaňagynyň şöhlesi ýüzüni ýagtyldyp duran uz
owadandan bolup ýetişendgi gümana bolsa-da, ejesine çekip,sadadan
pespäldigine ynanmak bolar.
Şýle oýlanmalar Aýjany Ejegüliň üstüne gitmäge itekledi. Ol nähili-de bolsa,
ýene bir gezek jorasyna sataşsa, ogully-gyzly iki aýalyň arasynda olaryň
“aýaklaryny deňlemek” gürrüňiniň üstünden hökman baryljagyny çaklap, birinji
gezek, hälki bir myhmançylyga baran adam boldy.
Aýjan Ejegül bilen telefonda gepleşende, myhmançylyga barmagy giç
öýläne belledi.Onuňam sebäbi, şol mahala çenli Aýläle-de okuwdanmy, hünär
paktikasyndanmy dolanar öýdüp çaklady.Aýläläni görmek hem Aýjanyň
myhmançylyk saparynyň esasy maksatlarynyň biridi. Emma Aýjan şol
arzuwyna welin ýetip bilmedi. Nahar iýilýäçä, nahardan soňky gep-gürrüňli çaý
içişlik gutarýmç-da Aýläle oýe dolanmady. Şonuň üçinem myhmançylykdan
gaýtmazynyň öň ýany Aýjan:
--Aýläle jan bilenem salamlaşyp gidäýjekdim welin, nesibede ýok eken—
diýip entek üsti doly ýapyk maksadynyň bir çetini çalarak açmaly etdi.— Menä, gyz, araky garyndaşlyk açmak hakda eden oýnam- çig gepimizi çyna
öwräýsemmikämem diýmňn duramok.
Aýnabat daýzanyň eden “çozuşlaryndan” soň gudçylyk gep-gürüňleri bilen
indi birneme öwrenşen Ejegül:
--Nesibe işidir—diýip ýylgyrdy.—Göwnümize sala salyp göreli, joram. Bu bir
kyn mesele-dä.
Aýjan Ejegüliň “göwün” diýýäniň manysyna düşünýärdi, “göwün” Aýläle
bolmalydy.Ondan bimaslahat meseläniň çözülmejegi hakdy. Ejegül ol pikir
bilenem ylalaşýardy. Mesele ogul-gyzsyz çözüläýýän bolanlygynda onuň özi
üç-dört ýyl mundan ozal duluna gelin getirip, eýýäm agtyk hüwdülejekdi
ahyryn.
*
Aýjan içindäki syryny daş çykarmak üçin şunça howluksa-da, ogly
agşamlyk naharyny iýip bolýança kanagat etmeli boldy.
Ejesiniň öz garşysynda ýüzüne garap oturşundan bir many aňan Berkeli
agzyny süpüren badyna:
--Nahar iýýänçäm garaşdyň, eje. Indi aýdyber!—diýdi.
--Nämäni?—diýip, çlarak ýylgyran Aýjan geňirgenip sorady.
159
--Toý etmek gürrüňini.
--Sen ony nädip aňýaň?—diýen ene öňküsindenem beter geňirgendi.
--Ikimiziň soňky wagtlarda nä şondan başga gürrüňimiz barmy?
--Gepiňi gyşardan bolma, ogul—diýende, Aýjanyň gözleri nemlendi.—
Ýigrimi iki ýaşyň dolýa basym. Ýene iki-üç ýyl boý gezseň, seň deň-duş gyzlaň
hemmesi durmuşa çykyp gider… Bir hoş habar aýdaýjakdym welin, badymy
alanyň üçin aýtjagam däl.
--Aýdaýsa-na!
Ogly bu gezegem ýaňsyly ýaly äheň bilen geplese-de, habaryny aýtmaga suw
meýilli Aýjan ol äheňe ünsem bermedi.
--Iki tarapam göwnese, biz gelin edinýäs, Berkelim!
Berkeli eginlerini gysyp gepledi.
--Soňky aýdan sözleriňi eşiden adam hezil edip gülmeli welin, häzir men
gülsemem, seň gaharyň geler, eje.
--Men nä gülkünç zat aýdýanmy?
--“Iki tarapam göwnese” diýýäniň, elbetde, gülkünç. Iki tarap göwnemese,
toý bolmaýar.
--Gep gyşardan bolma-da, maňa gulak as. Sen Ejegüli tanaýaňmy?
Ýadyňdamy?
--Bir mahal seň bilen dokma fabriginde işlän Ejegül daýzamy? Sen o hakda
ozal kän gürrüň edýädiň. Gaýybana tanaýan.
--Şoň gül ýaly gyzy bar. Biz şony gelin edinmeli!—Hoş niýetlere çolanan
Aýjan bu sözleri ýlgyrybrak, ýeňillik bilen aýtdy.—Ikiňiz görüşmeli.
--Özüň bir gördüňmi ony?
--Çagaka, seň bilen baga gatnaýaka her gün görýädim.
Berkeli bu gezek çyny bilen gülmeli boldy. Oglunyň gülküsi Aýjanyň
gaharyny getirdi.
--Gülen bolma. Ejegüliň gyzynyň erbet maşgala bolup ýetişmäge haky
ýok.”Enesini gör-de, gyzyn yal”.
Berekeli bu gezegem güläýmelidi welin, ejesini hasam gyzdyraryn öýdüp
saklandy.
--Häzirki zamanda gyzyny alyp, ondan soň enesini görýäler.
--Şeýdib-ä siz dünýäni bulam-bujar etdiňiz… Meň duluma asylly ýeriň asylly
maşgalasy gelin bolup geçmeli.
--Duluňa geçmegi müňkin bir maşgalany ýakyn wagtlarda saňa
görkezmegimem ahmaldyr, eje.
Ogly gaty bir howply habar aýdan ýaly Aýjan tisginip gitdi.
--Beýle bols, näme üçin şu mahala çenli dymdyň?
--Ýaňy tanyşdyk.
--Kim tanyşdyrdy?
--Özümiz tötänden tanyşdyk.
--Nirede?
--Köçede.
Oglunyň soňky jogabyby sowal edip:
160
--Köçe-de?!—diýende, Aýjanyň sesi süýgüp gitdi.Şonuň bilenem eneli-ogul
arasyndaky sowal-jogap gutaraýmaly ýalydy welin:--Haýsy köçede?—diýen
pessaý ses bilen aýdylan sowal peýda boldy.
Berkeli ýylgyrybrak joşgap berdi.
--Ykbal köçesinde.
Aýjan ogluna tarap dikanlap seredip oturşuna, esli salymdan soň kesgitli
gepledi.
--Aşgabatda “Ümsüm köçe” bar, “”Salkyn köçe” bar, “Nurana köçe” bar.
Ýöne “Ykbal köçe” diýen köçe ýok. Men bi şähere çagalygymdan bäri belet.
--Bolmasa, bolar-da. Biziň ykbalymyzy birikdirse, oňa şeýle at dakaýarys.
Aýjan pessaý ses bilenem bolsa, gaharlaýandygyny aňdyryp gepledi.
-- Ejeň ol köçä şeýle at dakylmagyna-da, şo köçede tanşylan gyza-da garşy
çykar. Men saňa köçede tanyşmagy başarýan gyza öýlenmäge ýol bermen, han
ogul. Şony bilip goý. Ugruňa kowulsa-da, çygşylda uraňda, jylawuňdan
çekilmez öýtmegin. Erte-birigün ataň geler, tomaşany ýonda görersiň sen…
Berkeli jogap berjek boldy. Birdenem, bu mahal ejesine gep düşündirmegiň
wagty däldigi barada oýlanan ogul gürrüňi soňa goýmaly etdi.Ol ejesini birneme
köşeşdirmek isläp, ýasama ýylgyrdy.
Elbetde, oglundan eşiden geň habaryndan soň, Aýjan ýasama däl, hakyky
ýylgyryş bilenem köşeşerli däldi. Ol öýke-kinesinden birneme düşüşmek üçin
gapjygy bilen torbasyny aldy-da, dükana gitmek meýli bilen gapa tarap ýöneldi.
Ol işikden çykanda-da, basgnçakdan düşende-de, uly köçäniň gyrasy bilen
ýywaş ýöräp barýarka-da ogly bilen “Ykbal köçesinde” tanşan gyz hakdaky
pikiri kellesinden çykaryp bilmedi. Ýogsam ol gyz bilen tanşylan köçäniň
niredediginem, ol gyzyň daş sypatynyň nähilidigenem çaklamaýardy.
Çaklamasa-da, onuň göwnüne bolmasa, ogluna çem gelen gyzy sataşdyran
köçe-de ibaly köçe bolmaly däldi, ol gyzam oňly gyza meňzemeýän bir ataýry
ýaly zatdy. Aýjan ol gyzy öz hyýalynda-da gowy gyzdyr öýtmek islemedi.
Sebäbi her bir ene ýaly ol hem öz ogluny hemme eneleriň ogullaryndan gowy
hasaplaýardy. Diňe bir gowy hasaplamagam däl, Aýjanyň ynam bilen kesýän
nyrhyna görä, onuň Berkelisi ýaly edepli, onuň Berkelisi ýaly edenli, akylly
ogul ýok, bolsa-da gaty seýrek bolmaly.Şeýle ogla mynasyp, gaýnenesiniň bir
tabşyranyny iki gezek gaýtalatmaýan, gaýnatysyny eliniň aýasynda saklaýan,
görkde-görmekde-de goňşusynyňky ýaly gaty owadan bolmasa-da, görklüje
gelin gerekdi.Üstesine-de Aýjanyň gelniniň ene-atasy-da, hälki bi arak-şerap
içip ýörenlerden däl, atly – abraýly tohumdan bolmaly. Elbetde, Aýjanyň isleg
şertiniň hemme şahasyna gabat geljek maşgala tapmagam arzuwda aňsatdy.
Taňrymyz bolsa öz iki aýakly bendesini örän düşnüksiz hem gaty täsin edip
dünýä inderýär. Käbir daşyndan dokuzy düzüw ýaly bolup görünýän hojalykda
terbiýe alan maşgalanyňam akly-huşy ýukarak çykýar, ädim urşy, otur-turşy
maňzyňa batmaýar. Kete-sde il-günüň sylamaýan, agramsyz, arsyz eneatadanam özüne ilhany saýlaýmaly diýdirýän ogulam döräýýär. Garaz durmuş
gaty çylşyrymly närse. Adam pahyr diňe özi hakda pikir ýüwürdip, şol
çylşyrymlylykdanam özüne çylşyrymsyzragyny gözleýär. Hany, ceniň hemme
diýeniň hasyl bolaýýarmy. Ogul öýerýän eneler iliňkiden zyýat maşgala agtaryp,
161
iliňkiçe ýok maşgala nesibesinden çyksa-da kaýyl bolup ýörler welin, mesele
çözülýänçä ýaýdanýlýar-da.
Aýjanyň kalbyna siňe seretseň, ol entek jorasy Ejegül bilenem garyndaşlyk
gapysyny açyşmaga onçakly döwtalap hem däl. Köne nakyly aýtsalaram
aýdybersinler welin, Aýjan “enesini göreni” bilenem, ur-tut gyzyna
ýapyşybermez. Ene-ata başga-başga, ogul-gyz başga -başga. Öňi bilen şol
başgalyk barada oýlanmaly. Aýjan oýlanýaram.Berkeliniň göwnünden
turaýanda-da, olam Berkelini halaýanda-da, Ejegüliň gyzynyň boý-syratyny,
görk-görmegini, agramyny öz göz dürbüsinden geçirmese, öz köne terezisinde
agramlap görmese, Aýjan ynjalmaz. Köne terezi bilen köne dürbi bolsa ony
aldamaz.
“Ajygan ölmez, alňasan öler” diýipdirler-ä welin, diýselerem, biziň Aýjan
daýzamyz birneme howlugaýsa-da kem görenok. Ýogsam, giňden- giň “Ykbal
köçesiniň” ortarasynda durup, ýat ýigit bilen tanyşmagy başarýan gyz ( Şony
başarýan bolsa gyzmyka beri?) esasy meselede-de Aýjandan öňürtmegi başarar.
Suw seňrikden agyp, bolmasyz iş bolansoňam, ýer ýumruklanyňdan ne peýda!
Gaýtam öz ýumrugyňy agyrdanyň galar.
Aýjan aljak zatlaryny alyp, dükandan çykanda,ýörite garawullap durana
meňzeýän, çakdanaşa uzyn boýy özüni betgelşik edip görkezýän elli
ýaşlaryndaky nätanyş aýal salam-heliksiz gepläp başlady.
--Goňşy jan, bu meselede ýörite öýüňe baryp gören ahwalatyňy aýtmaly
welin, uslyp bilmedim. Haýyr işi bozýan şermende ýaly bolup görnäýmäýin
diýdim. Siziň maşgalaňyzy gowy tanamasamam, gowy adamlar gowudygyňyzy
aýdýalar. Şoň üçinem dükana gireniňi gördüm-de, çykýançaň garaşaýayn
diýdim.—Uzyn boýly aýal çep tarapda, ses ýetimdenem açygrakda duran on iki
gatly jaýa tarap elini salgap goýberdi.—Men, ana, ho jaýda ýaşaýan. Goňşy
bolýa-da.
--Aýdyber, goňşy!—diýip, nätanşyň nätanşa garaşyp näme wajyp gep
aýtjagyny bilen öňünden gyzyklnan Aýjan oňa tarap birki ädim süýşmek bilen
diňlemägä döwtalapdygyny aňdyrdy.
Uzyn aýal kimdir birine görünmekden heder edýän ýaly sagyna-soluna
ýaltaklady.
--Gürrüň ikimiziň aramyzda galsyn, goňşy…
--Arkaýyn gepläber.
--Geplesem, soňky wagtlarda seň ogluň maşynynda, gyzmy, gelinmi—bir aýal
maşgala görünýä welin, özüň habarlymyň?
--Habarly däl, goňşy. Ýöne çaklaýan.
--Çaklasaň, ägä bol, goňşy. Olar ýalynyň gözlegi seň ogluň ýaly porýadoçnyý
ýigitler.
--Daşyndan görmäge nähili, o maşgala?
--Maşgala diýip, ony arsyz adama öwürmese-ne. Özüm-ä şolar ýala sataşsam,
bir jaýda-da ýaşamazdym. Boýy seň ogluňdan bir garyş uzyn.Boýny gara sapak
ýaly.Syrtyna-da göni tagta kakylan ýaly. Yz-da ýok, öň-de. Olar ýaly aýal çaga
dogrup bilerem öýdemok men-ä. Dopgursa-da göz eglener ýaly zat-ha
dogurmaz. Gözleri içiňden geçip gelýän jükburun özem. Ýeňseçukuram erkek
162
adamyňky ýaly päki bilen syrylan keltesaç.Saçynam älemde ýok reňke boýapdyr
welin…
Aýjanyň gulagy dykylan ýaly bolup, soňky aýdylanlary doly eşitmedi. Ýöne
ozalky eşidenlerem ony öüüne sowulman, göni dälihana gidibermeli derejä
ýetiriberdi. Ol elinden gaçyp pytran kükürt gutularyny çöpläp dikelende, özüni
goňşy atlandyran aýalyň daşlaşyp barýandygyny gördi. Şol pursadam Aýjan
käte telewizorda görünýän, elindäki syryga daýanyp ýokaryk towusýan saçlary
syrylan uzynsatan gyzlary göz öňüne getirdi. “Ýok, olar ýaly harteçjaly gelin
edinip bolmaz…”
Alada astynda galyp, zordan öýüne dolanan Aýjan, özüni diwana taşlady-da,
gözlerini ýumup, oýa batdy… Ýuwaşjadan açylan gapydan yzyna bir nätanyş
aýal maşgalany tirkäp, Berkeli içerik girýär. “Ykbal köçesinden tapanym-a şu
bolmaly, eje. Tanyş bol, hem kabul et. Sen hut ertiriň özünde şu gyzyň ejesiniň
öýüne gudaçylyga barmaly. Men senden hiç zat gizlämok. Bu gyzyň kakasam
bar.Ýöne ol türmede.Adam pyçaklap düşüpdir.Men öz söýen gyzym bilen
hemme meseläni bişirdim. Aýal gudaň saňa garaşyp otyr.” Hyýalam bolsa, göz
öňüne getirme Aýjanyň dünýäsini çepbe çöwürýär. Gel-gel, indi sen özi köçede
kaňkap ýöreni, kakasy adam pyçaklap bilýäni gelin edinmelimi? Üstesine-de,
Berkeliniň yzyna düşüp gelen çöp bu oýde ýaşamaga mynasyp çöp däl ahyryn.
Görk kaýda, görmek kaýda. Haýwanat bagyndan gelen ýaly. Beýle zenan
duluňa geçen dessine öüüňden bereket göteriler.Ol gyz gele-gelmäe-de, Aýjany
gujaklap ogşaýar. “Mam!” diýende, onuň agzyndan temmäkiniň ysyndanam
agyr hem ajymtyk ys göterilýär, geýim-gejimem aňkap dur.Gaýnenesine “mam”
diýip ýüzlenýän nä milletkä? Kakasy türmede oturan gyz nireden görüm
görsün? Häli görseň, eejesem arakhordyr. Aýjanyň bagty ýatdy. Ýok, beýle däl.
Berkeli ýaly akylly ogul dogran aýal alasamsyk hatynlardan däldir.Ol Bekeliniň
ýalňyşy bilen bulaşan bagtyny özüniň enelik paýhasynyň güýji bilen düzeder.
*
Her eli içi zatdan doly torly Aýnabat bazaryň derwezesinden çykyp,
Hajynyň maşynly garaşyp duran ýerine golaýlanda, Aýjana sataşyp başyny
agyrdan uzyn boýly aýal onuň yzyndan ýetdi.
--Dogan, ýekeje munt aýak çek. Saňa eşitdirmeli zerur bir habarym bardy
welin, gabat geleniň gowy bolaýdy.
Gözi kaklyşandan maňzyna batmadyk aýaly Aýnabat tutukdy kabul etdi.
--Aýtmaly zadyň bolsa, aýdyber.
Uzyn boýly aýal edil Aýjana sataşanyndaky hereketlerini gaýtalady: sagynasoluna ýaltaklap gepledi.
--Maşgalaňyzy ýakyndan tanaýan tanyşlarym siziň akylly-başly gowy
ogluňyz bar diýýäler.Olar siziň nirä gudaçylyga barýandygyňyzam bilýär
ekenler.Menem siziň barýan ýeriňizi oňat tanaýan.
Aýnabat gudaçylyga barýan ýerinden indi tamasyny üzenem bolsa, nätanyş
aýalyň öňünde syryny paş etmedi.
--Tanasaň, gowy-da. Gudaçylyga barmak gizlin zat däl, nesibäň çekse-hä
guda bolarsyň, bolmasa-da…
163
--Gizlin syr däldir welin, barýaň ýeriň nähilidigine-de göz ýetrjek bolmaly,
dogan. O gyz siz ýaly abraýly hojalygyň duluna geçmeli maşgala däl. Daşy
jäjek, içi möjekdit oň. Çilimem çekýändir. Heý, gyz maşgala-da çilim çekermi?
Şony gelin edinseň jaýyňam eliňden gider, ogluňam özüňki bolmaz.
--Şümi bar aýtjagyň?—diýip,Aýnabat ol aýalyň ýüzüne ýakymsyz nazar
aýlady.-- Haýyr işiň arasyna düşmegiň agyr günä bolýandygyny bilýäňmi sen?
--Men haýyr işi bozmak islämok-da, saňa ýagşylyk isleýän…
--Adam ýamanlamakdan ýagşylyk bolmaz. Biziň gudaçylyga baran ýerimiziň
maşgalasynuy özümizden gowy bilýän ýokur—diýip, Aýnbat elindäki torlary
eýýäm ýanyna gelen ogluna berdi-de, ýöräberdi.
Ýüzüne urlana dönen arryk aýal hem yzyna aýlandy.
--Sen ýaňky aýaly tanaýaňmy, eje?—diýip, Hajy entek torlary maşyna
salmanka sowal berdi.“Ýok” jogabyny alansoňam, dowam etdi.—Şol aýalyň iki
metr boýly, özündenem hor ogly bar. Bizden iki-üç ýyl ozal goňşy mekdebi
gutardy.Men ýaňky aýaly käte ogly bilen bile barýakalar köçede görýädim. Şol
oglanyň özem sapak gutaran mahaly, bir zat gözleýän ýaly mydama biziň
mekdebimiziň töwereginde köw-söw urup gezýädi.
--Şolar ýaly bir zat tapsana! Eneli ogluň tutýan maksady düşnükli indi.
--O nähili maksat?—diýp Hajy gyzyklandy.
Aýnabat elini silkip goýberdi.
--Erkek oglan aýal gybatyna goşulmaz…
*
Aýläle daş çykanda “Diş merkeziniň” öňündäki aýmançada maşynyň
ýanynda kimdir birine garaşýan ýaly bolup duran Haja gözi düşdi. Hajy Aýlälä,
Aýläle Haja tarap ýöredi. Olar düýnki synpdaşlar hökmünde gadyrly
salamlaşdylar.Aýläle hatda Hajynyň ejesiniň, kakasynyň ýagdaýlary bilenem
gyzyklndy. Ol hem Hajyny Aýlälä aýtmak isleýän gepine başlabermegine
tutaryk boldy.
--Olaňam soňky gezek size baryp gaýdanlary bäri keýpleri ýok—diýip, Hajy
gönüsinden geldi.—Ejemi-hä birbada ganjoşma-da heläk etdi. Indi ýagşy.
-- Ganjoşma döremez ýaly o meselä gaty ynam bilen ýapyşmaly däl, Hajy.
Durmuşda hemme tutýan maksadyňa ýetibem bolanog-a.
Aýläläniň aýdýanyny Hajy, islemese-de makullýardy. Emma ol ýene bir
gezek “sypaldan ýapyşan ýaly” bolsa-da, bagtyny synap görmek isledi.
--Ol şeýle. Ýöne ýetiläýmeli maksada ýetilse gowy-da. Men entegem şol
arzuwymdan el üzemok, Aýläle. Şoň üçinem meni dogan saýmak hakdaky
gepiňi yzyna almagyňy isleýän. Şony ýeýtseň, men özümi bagtly hasap ederdim.
Gürrüňi uzaldyp durmak islemedik Aýläle agras sypata geçip gepledi.
--Ony yzyna almak indi giç, Hajy. Seniň doganlyk ornuňdan aýrylyp ýetmek
isleýän ornuüy eýýäm başga biri eýeledi.
Hajy böwrüne dürtülen ýaly tisginende, onuň gözlerindenem uçgun syçran
ýaly boldy.
164
--Men oňa ynanamok, Aýläle—diýende bolsa, onuň sesi ýdylan habara
ynanmaýanyň däl-de, ynanýandygy üçin kemsineniň sesi hökmünde naýynjar
bolup çykdy.
--Sen şoňa ynan-da, özüňi maňa dogan hasapla, Hajy. Şeýtseň, özüňem
ynjalarsyň, menem ynjaldarsyň.Aýdýanymyň hakykatdygyny bolsa wagt
görkezer.
--Ynanasym gelenok—diýende Hajy ýokary okuw gaýynyň talybyna däl-de,
çagalar bagyna gatnaýan oglanjyga meňzedi.—Nirä ugradyň?
--Öýe.
--Ýör, men seni öýňüze çenli maşynly äkideýin.—Aýläle çalaja ýylgyransoň
Hajy sowal berdi.—Nämä ýylgyrýaň? Ýa maňa janyňy ynanaňokmy?
--Gep onda däl. Men öz ýüregimiň uzak ýyllaryň dowamynda sagat
işlemegini isleýän. Alym lukmanlaryň biri bolsa “Ýüregiň saglyk damary
aýakdan gaýdýar” diýipdir.
--Maşyn münmän, pyýada ýöremeli diýildigi bolýar-da—diýip, Hajy baş
atdy.—Ýöne şony diýýän alymlaryň özlerem maşyn münýändirler.
--Biz özümiz alym bolmamyzsoň, alymlaryň aýdanyy etmeli bolýarys-da.
--Gepiň keltesi, sen pyýada gitjek-dä?
--Ýadaýançam.
Synpdaşy bilen sagbollaşan Aýläle öz ugruna ýöräberdi. Maşynyna giren Hajy
gyzyň ädim urşuny synlap oturdy. Emma pyýadalap uzak gitmedik Aýläle
aňyrrakda duran “Žiguliniň” ýanynda aýak çekdi-de, onuň yzky gapysyny açdy.
Elbetde, ol ýagdaý Hajyny öňküsindenem keýpsizlendirdi.Ol durmalymy,
sürmelimi—näderini bilmedi.Ahyram Aýläläni alyp gideniň kimdigini bilmek
höwesi döräp, ol derrew maşyny otlady. “Toýota” ýuwaş gidip barýan
“Žiguliniň” yzyndan derrew ýetdi. Iki maşyn deňleşende, rulda oturan, keşbi
hakydasyndan çykmadyk ýigidi görenden soň oalky ozmak meýlini goýan Hajy
yza galdy. Ol maşynyny köçäniň gyrasynda saklap, esli salym oýlanyp oturdy,
“Sen gaty bagtly ýigit ekeniň, gadyrdan!—diýip üçini gepletdi.—Ýöne sen
bagtlydygyňa gowy düşünýärmikäň?”
Maşynyň ruluna maňlaýyny goýan Hajy esli salymdan soň başyny
galdyrdy- da, telefona ýapyşdy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ogul - 15
  • Parts
  • Ogul - 01
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1999
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 02
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2093
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2098
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 04
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 2140
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 05
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2158
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 06
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 2100
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 07
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2086
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 08
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2092
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 09
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2136
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 10
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2114
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 11
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 12
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2203
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 13
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2225
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 14
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2230
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 15
    Total number of words is 2778
    Total number of unique words is 1701
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.