Latin

Ogul - 04

Total number of words is 3815
Total number of unique words is 2140
29.8 of words are in the 2000 most common words
42.0 of words are in the 5000 most common words
49.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Egninden radio asylgy gaty üýtgeşik geň eşik geýnen ýaş ýigir Arzy ýeňňäniň
ýanynda aýak çekýär.
--Sibirden geldiňmi, daýza?
--Sibirde näme işim barmyş? Men Gojuk obasyndan geldim.
--Aý näbleýin, satýanyň Sibiriň harydy bolansoň soraýdym—diýip, ýigit ýoluny
dowam edýär.
--Ana, Wekil uzynam göründi! Oglunyň toýy üçin zat almaga gelendir.
Annajemalam ýanynda bolaýsa-ha… Meni bir görmän geçäýbilsediler hernä!
Wekil uzyn, iki adim aralykdan geçip gitse-da, Arzygüli gömeýär. Göze
ilmänine begenen Arzy ýeňňe hereket etmäge başlaýar.Ol geçip barýan ýaş hem
görmegeý rys aýalyna ýüzlenýär.
--Aý-u, sary gelin! Gowy possun almak meýliň bar bolsa-ha, öz nyrhyndanam
ýüz manat bäri hem bererdim.
Sarýgyz gelin possuny synlap gidýär.
Arzy ýeňňäniň keýpi bozulýa
--Halamady öýdýän.
Geçen possuna seredip geçýär.Emma hyrydar bolýan ýok.
Esli wagtdan soň ýaňky sary gelin bir erkek adamyny hem yzyna tirkäp gelýär.
Olar possuny çar tarapyndan synlap, käbir ýerini garyşlap, düýpli gözden
geçirýräler. Saryýagyz gelin possuny ýeňlenýär. Possun onuň edil özüne tikilen
ýaly egninde ykjam oturýar.Erkek adam öňe-yza çekilip possunyň aýalyň egninde
oturşyny synlaýar, ahyram “Otliçno!” diýýär. Saryýagyz gelin nyrh barada
çekeleşigem gurman, döşünden bahasy ýazylan resmi kagyzy hem aýrylmadyk
possunyň puluny sanap berýär. Arzygül ýüz manady yzyna gaýtarýar. Sary gelin
ony ýylgyryp kabul edýär. Şonluk bilenem Arzy ýeňňäniň bir aýlap keýpini bozan
possun bazar tolkunynyň içinde ýitip gidýär.Arzy ýeňňe saryýagyz gelniň yzyndan
guwanç bilen garap galýar.
--Possunyň toýda tozsun, sary gelin!
…Oba tarap barýan ulagyň içinde oturan Arzy ýeňňe egninden agyr ýük
aýrylansoň keýpiçag bolup görünýär.
Arzy ýeňňäniň öýi.
39
Ertir ir bilen. Ukusyny hem mazaly alan Arzy ýeňeňe oýananda-da keýpli
oýanýar.
--Heziller edip ýatypdyryn!
Ol daşaryk ýönelýär. Mundan ozal ýeňillik bilen açylyp-ýapylyp duran jaýyň
daşky gapysyny öý eýesi bar güýji bilen itekläbem zordan açýar. Kynlyk bilen
açan gapysyndan daşaryny synlan Arzy ýeňňe gyşyň birinji garynyň dyz boýy
galandygyny görýär. ”Hudaý meň possunymy satanymy nädip bildikä?”
Daragtlar gardan telpek geýen ýaly. Mellegiň joýalary tep-tekiz. Görýän
ahwalatyna aňk bolup, gapyny ýapmagy hem unudansoň, Arzygülüň ýüzüňe
ýaňagyny ýalap barýan sowuk şemal urup başlaýar. Sowukdan ýaňa kibtini gysyp,
titräp duran Arzy ýeňňe uludan dem alyp, başyny ýaýkaýar.
--Alhepus, bu dünýäniň düşnüksizdigini!
2. WEKIL OGUL ÖÝERÝÄR…
Obanyň ýazky görnüşi.Birki sany ýetginjek hem görmegeý, bezemen gyzlar
toý çakylygy bilen öýme-öý aýlanyp ýörler.
--Birigün Wekil aga gelin edinär. Toýa baryň! Toýa çagyýas!
Çakylykçylar Arzy ýeňňäniňem gapysyndan barýarlar.
--Arzy ýeňňe, birigün Wekil aga ogul öýerýär. Sizi toýa çagyrmaga geldik. Toýa
baryň!
Arzy ýeňňäniň keýpi kök.
--Oň bolsun! Hökman bararys, hökman! Hoş habar bilen gapymdan geleniňiz
üçin men siziň agzyňyzy süýjedeýin!—Ol şkafdan bir penje daşy owadan
kagyzly süýji çykaryp, gelenleriň hersiniň eline iki sanysyny berýär.
Ýolda
Arzy ýeňňe sähjer bilen ýola düşýär.Örän howlukmaç görünýär.Welosipedli
barýan Ýagşylyk onuň yzyndan ýetýär-de, edil gapdalyna baryp aýylganç
jygyldy bilen tormoz berýär. Arzy ýeňňe tisginip gidýär.
--Salam, Arzy ýeňňe!
--Salam welin, bütin dünýäni gohlap ýörmän, tigriňe ýag çalaýsaň
bolmadymy, han?
--Ol tigirden däl, tormozdan.
--Tapawydy näme.Niresi jygyldasa, öo ýerine-de ýag çalynýandyr-da.
.Salam-helik alşygyndan soň Ýagşylyk:
--Gaty irläpsiň welin, eýgilikmidir, Arzy ýeňňe?—diýýär.
--Arzy ýeňňäň niýeti-päli eýgilikdir. Şonuň üçinem onuň ugran ugry toýdur—
dabaradyr, Ýagşylyk jan.
--Bazara barýansyň-da.
--Ony näbilýäň?
--Sebäbi, beýle ir diňe başara gidilýär-dä.
--Dürs aýdýaň. Bazara barýan.
40
--Ýene possun almakçy bolýaňmy?
--Daň bilen keýpimi bozma, Ýagşylyk. Özüň-ä bir gowy ýigit welin… Şol
possunly gürrüňiň gutardygy bolsyn ylaýym.
--O gymmatbaha possuny ile göz edip alaňda-ha hiç kim duýmady welin…
--Ilden gizlenip satanymy welin uly il bilendir.
--Menem şony aýtjak boldumd-a.
--Bi zamanda adamlar ýagşyny gizläp, ýamany ýaýýalar.
--Ol mydamada şeýle eken,Arzy ýeňňe. Onuň üçin keýpiňi bozup ýörme.
Bazarlyk näme aladaň bar?
--Seň habaryňam ýokmy? Wekil ýegen toý edýär ahyryn.
--Habarym-a bar welin..
--Bar bolsa, iliň begenenine begenmegem başarmaly. Wekil ýegen ogul
öýerýär, menem şol toýa eltmek üçin ullakan goýun almakçy.Pul gysganman.
Dünýä iki gezek gelinmeýär. Adamlara hormat goýmaly.
--Ol düşnüki welin, Wekil aga size nähili ýegen bolýar?
--Birinjiden-ä, mekdepde okamyzda adamyň aňyrsy maýmyndyr diýip
öwredýärdiler. Hemmämiziň aňrymyz bir. Yzarlaşybersek, seň bilenem garyndaş
çykjagym hakdyr.
--Ol şeýledir welin, iň ýakyn garyndaşyň toýuna mal eltilýär-ä. Goýun ýüz
manada, iki ýüz manada berilmeýär ahyryn?
--Gepem şonda-da. Garyndaş däl halyňa toýa goýun eltseň, ony uly il gürrüň
eder. Olam Wekil ýegen üçinem, meň üçinem erbet bolmaz. Düşündiňmi,
Ýagşylyk jan?
--Indi düşündim, Arzy ýeňňe, aňry ýany bilen düşündim…
Awtobusda
Şaýoldaky duralgada adam kän eken.Ýetip-ýetmänkä awtobusyň gelmegi
bilen Arzy ýeňňe ulaga münenleri doly saýgarybam bilmeýär. Ýöne özi welin
münmäge ýetişýär. Öz obadaşlaryndan diňe Aýperi eje onuň gözüne ilýär. Arzy
ýeňňe awtobusuň yzyragynda duran Wekil agany welin görmän galýar. Aýperi
eje bilen ara esli bolansoň, hemem motoryň güwwüldisi gepleşmäge päsgel
berensoň, Arzy ýeňňe gygyrybrak geplemeli bolýar..
--Aýperi eje, senem bazara barýaňmy?—garry “ýok” diýen manyda baş
ýaýkansoň, Arzy ýeňňe dowam edýär.—Men-ä bazara barýan. Wekil ýegen toý
edýär. Toýa bir zat almaly-da. Ýöne sen meň ol toýa eltjegim kiçi-girim zatdyr
öýdäýmegin. Ile göz edip, ullakan goýun aljak. Ýogsam,Wekil meň
garyndaşymam däl welin…
Bazaryň öňünde
Bazar howlusynyň derwezesiniň öňünde gelip saklanan awtobusdan Arzy
ýeňňeden başga-da Arabaçy aga bilen Wekil hem düşýär. Wekiliň ýüzi salyk.
Arzy ýeňňe olar bilen salamlaşýar.
--Wekil jan, toý gutly bolsun! Ynha,menem seň toýuňa goşantlyk zat almak
üçin bazara geldim…
41
Wekil baş atsa-da, sesini çykarman geçip gidýär.
Bazarda
Şowhunly bazar. Arzy ýeňňe sygyr satylýan ýerden geçip, goýun satylýan
ere barýar.Ol üç-dört sany goýun saklap duran aýalyň golaýragynda saklanýar.
“Ýok, söwdada aýal bilen iş salyşmaly däl. Aýal halky bir manady adam
janyndan eý görýär. Erkekleriň köpüsi tarhandökerligem edäýýä…” Ol
beýleräkde goýun satýan ýaş ýigidiň ýanyna barýar.
--Öweçlere häçe nyrh kesýäň, jigim?
-- Birinjiden-ä, bular öweç däl. Üç ýaşdan geçen maň goýun. Iki ýüz bölekden
ybarat. Söwdalaşybermeli, ýeňňe. Muňa bazar diýýäler.
--Bir goýnam iki ýüz manat bolarmy!
--Bazaryň göterýäni şol. Diläber!
--Dilär ýaly nyrh aýtsaň dilener-dä.
--“Iki ýüz bölek diýdim-ä”. Sen biraz ýokary galarsyň, men biraz aşak
düşerin.Ýeýdip, iki taraplaýyn keýp çekeris. Bazaryň neşesem şondadyr, ýeňňe
jan!
Arzy ýeňňe ýene aňryk ýöreýär. “Ýaş oglan welin tapýan sözlerini gör! Hawada, bular öýde dogulman, bazarda doglanlar-da. Göbeklerinem göbegenäň päkisi
däl, pul kesen bolmaly. Heý, göbegenesiz doglanlar diýsänim!”
Arzy ýeňňe goýun saklap duran aksakalyň ýanyna baryp durýar.
--Mal almak meýliň bolsa-ha, gel, keýgim.
--Mal almak meýlim bolansoň bazara geldim-dä, agam. Wekil ýegen ýeke
ogluny öýerýär. Şoňa toý goşant etmekçi bolýan.
Wekil aga geçip barýarka, tötänden öz adyny eşidip aýak çekýär.
--Men seň Wekil ýegeniňi-hä tanamok welin, ynha şu goýny goşant diýip eltip
bilseň il gözüne abraýyň beýgeljegihini-hä mem saňa öňünden aýdaýyn.
--Näçe diýýäň?
--Ýüz segsen.
--Ýokary bolýa. Ýüz altmyş bereýin.
San gulagyna ýakmadyk ýaşuly aýdylany eşitmedik bolup, keserip durýar.
--Ýüz ýetmiş.
--Men hiç zat eşidemok.
--Eşidiler ýaly edäýerin. Ýüz ýetmiş bäş.
Ýaşuly goýnuň ýüpüni alyjysyna uzadýar.
--Nesip etsin!
Alan malyny zordan süýräp, Arzy ýeňňe bazardan çykyp barýar. Derwezäniň
Öňünde eli täze pilsaply hem orakly Arabaçy aga gabat gelýär.
--Arzygül, ak goýny näçä düşürdiň?
--Bäşi kem ýüz segsen .
--Ýüz ýetmiş bäş diýseň hasam düşnükli bolaýjak ýaly welin… Nesip etsin!
--Maňa däl, Wekiliň toýuna nesip eder, enşalla!
--Sen-ä gaty zor, Arzygül. Wekiliň ýakyn garyndaşlaryndanam toýa bular ýaly
goýyn süýräp barjagy bolar öýdemok. Sen obany haýran edersiň.
42
Arzy ýeňňe tekepbirlik bilen ýylgyrýar.
Geçip barýan ýaş ýigit:
--Ýeňňe, goýny satjakmy ýa aldyňmy?
--Aldym. Wekil ýegeniň toýuna goşant diýip aldym.
--Sen-ä ak bazarda Wekiliňem abraýyny göterýäň, Arzygül!—diýip, Arabaçy
aga ýaňsyly ýylgyrýar.—Toýuna ullakan goýun goşant eden adama seň Wekil
ýegeniň özi näme sertpaý gaýtararka? Olam gatybir eli açyk adamam däldir.Gördä!
Arabaçy aganyň soňky aýdany Arzy ýeňňäni oýa batyrýar.
Arzy ýeňňäniň gapysynda
Arzy ýeňňe getirip öz malýatagynda baglan göýnuny kesesinden synlaýar.
“Arabaçy aganyň ýdanynyňam jany ýok däl. Men-ä toýa iki ýüz manadyň bäri
ýany tölenip alnan goýun eltsem, toý eýesem serpaý diýip düwünçegime bäş
manatlyk ýaglyk salsa… Etjek zadyň häme? Ýok, Wekil ýegen beýle husyt
däldir. Üstesine-de ol bazarda malyň häçe nyrhlanýanyny öz gulagy bilen eşidip
gaýdandyr ahyryn…”
Köçede
Toý eşiklerini geýnip öýünden çykan Arzy ýeňňe toýa eltmeli goýnunyň
ýüpündn tutup, Wekil agalara tarap ugraýar. Geçip giden Ýagşylygyň
welosipediniň şakyrdysyndan ürken goýun tas eýesiniň elinden sypyp gaçypdy.
--Welsepit münmeseň seni ýer göterýän däldir!—diýlen sözleri Ýagşylyk
eşitmän gidýär.—Elimden sypaga-da, ümdüzüne gaçyp ötägiden bolsa
näderdim?
Öňünden çykan bir ýetginjek Arzy ýeňňä:
--Arzy ýeňňe, sen şu goýny bir ýüz ýetmiz bäş manat on ýedi köpüge satyn
aldymy?—diýen sowal berýär.
--O gepi kim tapýa?—diýip, Arzy ýeňňe gaharlanjak bolýar.—Köpüklär ýaly,
teňňelär ýaly men nä bu goýyny döwlet dükanyndan aldymmy? Bazardan aldym
ahyryn.
--Aý, näbleýin, men-ä o gepi toý ýerde eşitdim. Toý eýelerem size goýuna
derek näme halat ýapjaklaryny bilmeýärmişler.
--Soňky sözler gulaga ýakman duranok, han ogul. Elbetde, toýa ullakan goýun
eltilensoň, mynasyp jogabam gaýtarmaly bolar-da.
Keýpi göterilen Arzy ýeňňe tiziräk toýa ýetmek üçin howlugýar.
Toýda
Toý ýeri. Arzy ýeňňäniň öňünden ilki Wekiliň aýaly Annajemal çykýar.Wekil
uzyn bir çeträkde seredip dur.
--Şümi alan goýnuň!?—diýip, geň galan Annajemal elini agzyna ýetirýär.
--Näme, göwnüň ýetmedimi?
43
--Göwnüm ýetmezmi! Biz beýle maly ýakyn garyndaşlammyzdanam
göremizok. Agyla seret. Wekiliň süýtdeş dogannyň getirenem ýumruk ýaly kel
tokly. Terezä goýsaň, sekiz kile-de çykmyýa.
-- Muňa-ha ýirimidenem ýokary geler diýýäler.
--Ýigrimi kilodan ýokarydygy görnüp dur ahyryn.
--Bahasyndan gaçmadym-da.
--Ony eýýäm tutuş oba bilýär.
--Adam adamy sylasa ol bilinmeli-dä.
-- Sylanyň üçin biz saňa ömrümiz ötýänçä minnetdar, Arzygül jan. Hany, ýör
öe gireli. Goýnuňy oglanlar agyla salarlar…
Bir ýigit Arzy ýeňňäniň getiren goýnuny alyp gidýär.
Toýdan soň
Içine toý serpaýy salnan ýaglygy goltugyna gysyp barýan Arzy ýeňňäniň
dünýä bilen işi ýok. Ol näme serpaý salnanyna tizräk göz ýetirmek üçin öýüne
tarap howlugýar.
Töweregine garaman, haýdap öýüne giren Arzy ýeňňe gapyny ýapmaga-da,
aşak oturmaga-da kanagaty çatman, dik duran ýerinden düwünçegi açýar.
Düwünçekde ullakan gyzyl seçekli ýaglyk bar eken. “Bular ýaly gowy ýaglyk
dükanlara-ha düşmeýär. Bazarda-da muň bahasy ýüz manada golaý bar”
Açyk gapydan goýnuň mälänini eşiden Arzy ýeňňe daşaryk seredýär-de,
gymmatbaha ýaglygy hem unudyp agyla tarap ylgaýar. Onuň toýa elten goýny öz
agylynda agaja baglangy durdy.”Özüniň gaçyp gelmedigi hem belli zat”
Wekil agalar tarapgan toý sazynyň owazy eşidilýär. Arzy ýeňňe şol tarapa
seredýär:
--Alhepus, bu dünýäniň düşnüksizdigini!
3. NOWRUZ ALMASY
Obanyň uly köçesinden bir arryk aýal barýar. Başga bir semiz aýal hem oňa
tarap gelýär.Olar ýüzbe-ýüz bolanlarynda, arryk aýal öz aýdýan habaryna gaty
geňirgenýän ýaly bolup:
--Eşitdiňmi, gyz, Arzygül äre çykýamyş?—diýýär.
--Kime?
--Arabaçy aganyň göçüp gelen ýegeni Batman ýuwaş bilen nikalaşjakmyş.
--Menem saňa şol habary aýdaýyn diýip gelýädim-dä. Ol iksini
birleşdirmegiň aladasyny edýänem Arabaçy aganyň özümiş.
Iki aýal hoşlaşýar. Arryk aýal köçäniň aýak ujuragyna ýetende öňünden başga
bir aýal çykýar.Olar öňki görnüşdäki ýaly ellerini agyzlarya ýetirip bir-birege
habar berýärler. Elbetde, gürrüňiň Arzy ýeňňäniň äre çykmagy barasynda
gidýändigi düşnükli. Semiz aýal hem köçäniň beýleki tarapyny ädimläp
tamamlap barýar.Onuň öňünden hem bir aýal çykyp, olaryň ikisi hem aýak
çekýär. Köçäniň beýleki tarapynda arryk aýal bilen bolup geçen görnüş bu ýerde
hem gaýtalanýar.
44
Giň oba köçesinde garrylyk serhetleriniň hemmesinden geçiberen, hasasyna
söýenibem zordan “dähedem-dessemläp” ýöreýän garry adam peýda bolýar.
Onuň öňünden çykan bir ýaş ýigit, salam-helikden soň:
-- Kerwen aga, eşitdiňmi? Arzygül äre çykýamyş—diýýär.-- Ony Arabaçy
aganyň Batman ýuwaş diýen ýegeni alýamyş.
--Kim aýal alýan bolsa, akyl iş edýäler. Aýal durmuşyň bezegi. Aýal erkegiň
hossary. Aýal erkegiň daýanjy. Aýalym bolan bolsa, menem şeýdip, ýeke özüm
köçede süssenekläp ýörmezdim, köşek…
Arabaçy aganyň öýünde
Arabaçy aga bilen Batman ýuwaş çaý içip otyr.
--Batman ýegen, seniň ýanyma göçüp gelmegiň meň üçin gowy boldy. Ýaşyň
belli bir derejä ýetensoň, ýanyňda hossaryň bolsa kem däl. Muňa durmuş
diýýäer. Muň garaşylmadyk öwrümleri kän bolýar.
Ýuwaşdan ýygra Batman hem çaý içýär hemem daýysynyň edýän pendini
diňleýär.
--Öýlenmek meseläňi-de men oňlaýan ýegen. Sen entek garry däl. Öňki pahyr
ýaşap ýörenliginde sen häzir üç-dört çaganyň atasy bolardyň. Olam nesibe işidir.
Seň häzirki öýlenjek bolmagyňam nesibe işi. Ýekelik Hudaýa ýagşy. Arzygül
badyhowaragam bolsa, erbet maşgala däldir. Onuň badyhowalygy bilenem şu
oba-ha öwrenşip gidipdir, ýuwaş-ýuwaşdan senem öwrenşersiň-dä. Göwnüňden
turmaýan hereket etse-de,känbir garşysyna-da gitmejek bol. Häzilikçe. Birden
yza tesip durmasyn. Arzygül bilen ýaşasaň, içiň-ä gysmaz, egen… Oň bolsun!
Annajemalyň öýünde
Arzy şatlyk hem joşgun bilen öz toý maksatlaryny Annajemala gürrüň
berýär.
--Ertir agşamlyk öýümde “Geňeş toý” diýen ýaly bir kiçijik üýşmeleň
etmekçi. Kän adamam çagyramok. Batman tarapdan özi, Arabaçy daýysy, ýene
bir dosty geler. Men tarapdaham Annagül bilen sen barmaly.Barsa, adamyňam
çagyr. Menem hossarsyz, ýalňyz ýaly bolup oturmaýyn.Çaý içeris, gep-gürrüň
taparys.
--Oň bolsun, Arzygül, oň bolsun! Hökman bararys. A, sen ol Batman ýuwaş
diýilýäni gowy tanaýaňmy?
--Gow-a tanamok. Ýöne lakamy “ýuwaş” bolsa, erbet adam bolmaly däldir.
Arabaçy aga-da meni öz eli bilen oda iteklejek bolup durmaz ahyryn.
--Ol-a dogry.
--Batman Owgan urşuna-da gatnaşan. Olara döwlet bir topar ýeňilligem
berýä.Arzan bahasyndan maşyn dagam alaýmagymyz mümkindir.
--Belki, şeýle bolsun!
Arabaçy aganyň öýüniň işiginde
Batman ýuwaş ýüzüni aşak salyp, utanjyrap gepleýär.
45
--Arzygül, “ Geňeş toý”--bu ýanky diýip ýörmän, işimizi salyhatlyrak edäýsek
bolmazmyka? Ili örüzüp ýörmek nämä gerek diýjek bolýan. Ikimizem on sekiz
ýaşly juwan däl-ä…
--Näme, ilden gizlär ýaly nä biz ogurlyk edýäsmi? Özüň näme diýseň, ilem
şony diýer-dä. Iliň pikiri diýilýän gep belli bir damyň pikirinden döreýändir..
--Ýeri, bolýa-da. Göwnüňi ýykmaýyn.
--Meň göwnümi ýyksaň-a işiň rowaç bolmaz, Batman.Şony bil. Urşa
gatnaşandygyň baradaky güwähatyňy aldyňmy?
--Ol nämä gerek?—diýip, Batman geňirgenýär.
--Nämä gerekdigini bilmeýäň bolsaň, bilýäne gulak as—Batman içerik girip
gidensoň—Şüýem uruş weteranymyş-da. Ondan peýdalanmagyň ugruny bilenok.
Esli salymdan soň Batman daş çykýar.Onuň ýüzünde närazylyk alamaty bar.
--Tapdyňmy? Aldyňmy?
Batman baş atýar.
Köçede
Arzy bilen Batman uly şaýola tarap pyýadalap barýar.Batmandan ses-seda
bolmansoň, ýene Arzynyň özi geplemeli edýär.
--Näme dymýaň?
--Dymman, näme geplemeli?
--Lakamyň “ýuwaş” bolsa-da, birneme janlan, Batman. Häzir sagat näçe
boldy?
Penjeginiň gapdal kisesinden çkaran jübi sagadyna sereden Batman:
--Sekiz—diýýär.
--Sekiz bolsa sklizdir, ýöne indi sen ol traktoryňy hem goşara dakylýan
elektron sagat bilen çalşyrmaly bolarsyň.
--Parhy näme? Sagat sagatdyr-da. Ragty görkezse bolýa-da.
-- Sagat sagatdyr. Ýöne seň adam ýaly bolup ýaşasyň gelenokmy? Seňki ýaly
sagady biziň obamyzyň sygyr çopanam göterenok. Men saňa ýene bir zat barada
duýduraýyn. Maslahat toýa ýaşulylar gelende, başan-aýak geplemän oturmagyn.
Kän gepleýäne ýaňra diýýäler, asla geplemeýäne-de samsyk diýýäler.Men öz
adamyma samsyk diýlenden ýaňra diýilse gowy görerin.
Awtobusda
Arzygül bilen Batman münensoň, awtobus ugraýar.Ulag adamdan ýaňa
hyryn-dykyn bolmasa-da, oturyçlaryň hemmesi eýeli. Awtobusyň içini başdanaýak nazaryndan gçiren Arzygül:
--Boş ýer ýokmy, adamlar?—diýip gygyrýar.
--Ýeňňe, sen aýak üstünde durmaga boş ýer soraýaňmy?—diýip, dili gijäp
duranyň biri jogap gaýtarýar.
--Gep oýnadanm bolma, jijim—diýip, Arzygülem onuň jogabyny berýär.—
Men boş ýeri özüm üçin soramok, uruş weterany üçin soraýan.Olara hökman
oturmaga ýer tapylaýmaly. Kanuny okamak gerek, ýaş ýigit.
--Urşa gatnaşan diýer ýaly pişegine söýenip duranam-a ýok ýaly-la.
Utançdan ýaňa ýüzi gyzaran Batman özüni nirede gizlejegini bilmeýär.
46
Artobusyň içine ümsümlik aralaşansoň, Batman pessaý ses bilen Arza gowal
berýär.
--Aslynda biz nirä barýas, Arzygül?
Bu gezek Arzygülem pyşyrdap jogap gaýtarýar.
--Seň bilen-ä şähere baramsoň gepleşerin. Sen eýýäm eden gürrüňlerimiziň
hemmesini ýadyňdan çykarypsyň.
Aýakgap dükanynda
Şähere gelip ýeten geljekki täze çatynjalar maňlaýyna “ Aýakgap dükany”
diýlip ýazylan dükana girýärler. Hatar-hatar edilip goýlan köwüşleriň hemmesi
gözden geçirilse-de, hiç haýsysy Arzygülüň göwnünden turmaýar.Batmanyň
haýsydyr bir köwüşi synlap “Şüý-ä hiç neneňem däl ýaly” diýenini hem Arzygül
elini silkip, halamaýandygyny aýdýar.Ahyr Arzygül dükanyň satyjysyna
ýüzlenýär.
--Aýakgaplaryň hemmesi şu ýerde duranlarmy?
--Hemmesi däl. Ýöne şu ýerde görkezilenler nusgakyk üçin goýuldy. Aňyrdada şulardan üýtgeşigi ýok. Indi öňki döwürdäki ýaly haryt gizlenip satylmaýar.
Dükanda bar bolan köwüşleri gaýtadan gözden geçiren Arzygül ýene
satyjynyň ýanyna barýar.
--Sizde uruş weteranlaryna niýetlenen üýtgeşigräk zadam ýokmy?
--Ýeňňe, soňky wagtlarda baýramçylykda sowgat ediläýmese, indi urşa
gatnaşanlar üçin aýratyn dükan saklap ýörülenok. Dogry etdiler. Urşa
gatnaşanlaryň özlerem urşa gatnaşmadyklardan tapawutlanyp ýörmegi halap
duranoklar.
--Olaryň parhlandyrylmagyny ýa-da parhlandyrylmazlygyny ikimizden sorap
duranoklar, jigim. Ol barada ýörite karar bar.
Özi sebäpli başlanan ýakymzyz gürrüňi ahyryna çenli diňläp durmaga utanan
Batman ýuwaş dükandan çykmak bilen bolýar.
Köçede
Dükandan keýpini bozduryp çykansoň, Arzygül Batmanyň üstüne hüjüm
edýär.
--Urşa gatnaşan adam ýaňky ýaly satyjyň öňünde egnini gysyp durmaz.
Dogumlyrak bolar. Satyjy kimmiş? Satyjy-- gyrp-çyrp edip, ili aldap ýören
bisowat ütüji. Olarda agram, abraý bolmaz. Hany, ýör!
--Indi nirä?
--Surata düşmeli.
-- Surat nämä gerek?
--Bir haýyşym bar, Batman. Hudaýyň haky üçin sen meň garşyma gitme.
Durmuşdan öz hakyňy alyp bilmezlik… men seň göwnüňe degip durmaýyn.
“Surat nämä gerek?” diýýäň. Uruş weteranlary hakda gazetlerde hälimi-şindi
öwgüli makalalar çap bolup dur. Sen hakda-da ýazsalar surat gerek bolar.
Özüňem surata düşeňde, ýuwaşlygyňy edip, boýnuňy sallap oturmagyn.
--Surata düşmek meň halamaýan zadym-da, Arzygül.
--Garşyma gitme diýmedimmi?
47
Batman içini gepledýär: “Soňam “Urşa gatnaşan ärim hakda gazete makala
ýazanoklar” diýip edara baryna arz edip ýörse men näderkäm?”
Batnam bilen Arzygül mňlaýyna “Surathana” diýlip ýazylan jaýyň öňüne
baryp saklanmaly bolýar. Jaýyň aýnasyna “Surathana bu gün işlemeýär” diýen
ýazgyly kagyz ýelmenipdir.
Arzy ýeňňäniň keýpi bozulýar, Batmanyň keýpi göterilýär.
… Köçe gyrasyndaky dükanjykda üýtgeşik gyzyl alma satylyp dur. Nobata
duranlaryň sany hen gaty kän.
--Ýaz çykyp barýaka-da beýle ter alma satylar eken!—diýip, Arzygül
geňirgenýär.—Agşam ýaşulylar gelende saçagyň üstünde goýsaň, olar haýran
galarlar. Birki kilo alaly, Batman.
--Nobatyň uzyndygyny göreňokmy?
--Bolanda näme? Seň weteranlyk dokumendiňi görkezeris welin, bizi binobat
goýbermäge mejbur bolarlar. Hany, ýör!—diýip, Arzygül buýruk beriji äheň
bilen gepleýär.
--Nobatyň yzynda durubereli-le, Arzygül!—diýip Batman ýaýdanýar.—Seret,
garry adamlaram nobata dur ahyryn…
--Olaň binobat barmaga haklary ýokdur. Sen kanun boýunça hereket edýäň.
Kanuny berjaý etseň hiç mahal ýalňyşmarsyň. Şuny berk belle!
Öz isleginiň garşysyna hereket etmäge mejbur bolan Batman zordan-zara
nobatyň öňüne barýar.Nobatyň yzyragynda duran ýaş ýigit närazylyk bildirýär.
--Aý, halypa, yzda nobata duranlaryňam özüň ýaly adamdygyny bilýäňmi?
Ýa, sen üýtgeşik adammy?
Batmana derek eýýäm Batmanyň ýanyna golaýlaşan Arzygül jogap gaýtarýar.
--Ol siziň adamdygyňyzy bilýär. Ýöne sen welin, “halypa” diýýäniň uruş
weteranydygyny bileňok, ýaş ýigit. Olaryň hemme ýerde binobatdygyny sen
sowatly bolsaň bilmelisiň.
--Biri ýaramok diýip binobat girýär.
--Biri uruş weterany diýýär. Garaz…
-- Men ýaş çagamam goňşyma goýup gaýdypdym-da…
Ýadow görünýän satyjy gaşyny çytyp gepleýär.
--Galmagal etmeseňizläň, adamlar! Ozalam kelläm agyryp dur. Uruş weterany
bolsa, binobat zat almaga haky bar. Galmagal etmäň. Alma kän.Hemmäňize-de
ýeter.
--Biz kanuna görä hereket edýäs—diýip, arka tapynan Arzygül arkaýyn
gepleýär.
Alma almaga nobaty ýeten aýalyň yzynda duran gaty garry hem keselbent
sypat, uzyn boýly adam gürrüňe goşulýar.
--Kanagatly boluň, adamlar! Gaharyňyzy getirmäň! Watan üçin gan döken
adam iki kilo almany binobat alany üçin keýpiňizi bozmaň!
--Dokumendiňi görkez, Batman!—diýip, Arzygül heserlenýär.
48
--Dokumet görkezmek nämä gerek? Ynanmazçylyk edýän ýok ahyryn.Gel,
inim meniň öňümden duraý!—diýip, biraz yza süýşen garry adam Batmana öz
öňünden nobat berýär.
--Üç kilo çekäý!—diýip, Batmana derek Arzygül gepleýär.
Satyjy üç kilo almany Arzygülüň torbasyna guýanda owadan gyzylalmalaryň
biri tagtanyň üsti bilen gapdala togalanyp gidýär.Batman almany tutjak bolanda
ýaşuly ondan öňürdýär.Onuň uzyn ýeňiniň astyndan görünýän melemtil
barmaklary gaýyşdan adam eline meňzedilip ýasalan jansyz sulba eken.Goja şol
protez eli bilen togalanyp barýan almany saklaýar.
--Al, inim, hesibäňi gaçyrma!
Gören ahwalatyndan ýaňa utanyp, imany göçen Batman togalanan almany
almagy-da unudup yza çekilýär-de, derrew nobatdan daşlaşýar.Öz eden
hereketinden göwni hoş Arzygül onuň yzyndan ýetýär.
--Gördüňmi? Nobata duran bolsaň, üç kilo alma diýip bir sagat wagt ýitirerdiň.
Dürs ýaşasaň, durmuşda kynçylyk ýokdur, Batman… Indi näme? –Edilmeli işler
ýazylam kagyzyna seredýär--Süýji-köke almaly, suw almaly, tikinçilerden
köýnegimi almaly. Indiki köçede bir joram ýaşaýa. Salamlaşyp geçmeli. Olam
bir käse çaý içirmän goýbermez. Agşamky myhmanlara nahar taýynlamaga
wagtam galmaýar.
--Bir zat edeli, Arzygül. Eger razy bolsaň..
--Hawa?
--Sen öz şäherlik etmeli işleriňi ýeke özüň arakaýyn edýäň. Menem öňürti oba
gidip, nahar atarýan. Şeýdibem, hemme işimizi howlukman edýäs. Razymyň?
--Razy-la. Wah, paýhasyňdan aýlanaýyn, Batman jan!
Arzygülüň gapysynda
Ulagdan düşen Arzygül öz gapysynda Arabaçy aganyň garaşyp duranyny
görüp geňirgenýär.
--Irläpsiň-le, Arabaçy aga? Eýgilikmi?
--Eýgiligiň bar bol-a, Arzygül. Sizi ne döw çaldy? –Arzygül gorkuly hem
soragly nazar bilen seredensoň.—Batman ýegen iki sagat mundan ozal ýanyma
geldi. “Geňeş toý” goýbolsun edildi, özümem ýene iki hepdeden aýlanaryn”
diýip gitdi. Bu nä beýle boldy?
Aňk bolan Arzygülüň torbasy elinden gaçýar.Gyzylalmalar saga-sola pytrap
gidýär. Arzygül başyny ýaýkaýar.
--Erkeklere ýagşylyk ýaraşmaz eken!.. Äl, bu dünýäň düşnüksizdigini…
2009
49
ATAJAN TAGAN
“K L E P T O M A N I Ý A”
( hekaýa )
Şäher etegindäki daçalyga tarap barýan maşynyň sürüjüsiniň gapdalynda
oturan orta ýaşly adam aýnadan daşaryk seredip, gyş paslynyň görnüşi bilen
gyzyklanýan ýalydy. Emma ol tebigat bilen däl-de, maşyn sürüp oturan ýoldaşy
hem kärdeşi Esen barada oýlanýardy.Näme üçin beýlekä? Hemme kişi gürrüňini
edýär? Gülýänem bar, gaharlanýanam, ýigrenýenem az däl. Bir tarapdan seretseň,
Esen ýigrenilmäge-de mynasyp. Emma biz welin ýigrenilmäge mynasyp adamy-da
ýigrenip bilmeýäris, iň bolmanda gatnaşygy-da kesmeýäris. Ýigrenilmäge
mynasyby ýigrenip bilmeseň, arany kesip bilmeseň, “Deň etmän duş etmez”
diýlene barar-da.
Özüne Esen aga, Esen halypa diýilmän, Esen Orazowiç diýlip ýüzlenilmegini
halaýan, altmyşa golaýlan lukman “dokuzy doly” hasap edilýänlerden.Ýokary
bilim, düşewüntli iş, gymmatbaga ulaglardan ikisi, içi kemsiz bezelen-beslenen
sekiz otagly jaýy bar giň howly, tükeniksiz bolmasa-da, dözse ýaýdanman sowup
ýörmeli pul… Çynmy-ýalanmy, gumda bäşdir-üçdür dowary bar diýibem gürrüň
edilýär.
Şäher bilen daçalygyň arasy üç kilometrden açyk däldi. Howanyň mazaly
sowgunyň bardygyny aňladýan ýaly ýagýan ygal ýuwaşjadan pelpelläp gelýän
ýeňiljek ak gar däldi-de, yzyndan üflenýän ýaly bolup, ýere howlugup düşýän çal
jöwenekdi. Şeýle howada maşyn sürmegem, ýola pyýada çykmagam kynrakdy.
Şonuň üçin bolsa gerek, giň şa ýolda göze ilýän ulaglary-da barmak basyp
sanaýmalydy.Öňden ýol gyrasynda duran eli çagaly aýala gözi düşen Almaz
Eseniň etjek hereketini göz öňüne getirjek boldy. Çagaly aýal geçýän ulaglary
duruzjak bolup yşaratam etmeýärdi, onuň islegi yşaratsyzam düşnüklidi.Gyş
howasynda ýol gyrasynda durany, onda-da eli çagaly aýal maşgalany sähel ynsaby
bar adam yşarata garaşman ulagyna mündüräýmelidi. Hany, Esen nädýärkä? Ol
aýdyşlary ýaly diňe özi hakda oýlanýan harsydünýämikä ýa-da kalbynda rehimşepagat barmyka?.. Ol bu gezek rehimdar boldy—maşyn eli çagaly aýalyň edil
ýanyna ýetip saklandy.
50
Özi bilen maşynyň içine ýakymsyz sowuk şemal hem alyp giren ýaş aýal:
--Ýarym sagadam duramzok welin, mazaly üşäýdik!—diýip, hem-ä ýagdaýyny
habar berdi, hemem minnetdarlyk sözüni aýtman, minnetdarlygyny beýan etdi.
1). “Kleptomaniýa—(grek sözünden dörän medisina termini). Käbir psihiki
näsazlyk sebäpli gitdikçe ýaýbaňlanýan hem adamy ogurluk, açgözlük ýoly bilen
harsydünýälige iterýän öňi aldyrmaýan ýagdaý. Lukmanlar dermany tapylmaýan ol
derdiň näsaglykdygynam, endikdiginem onçakly parhlandyryp bilmeýärler.
(Lukmançylyk ensiklopediýasyndan)
Ýeňil ulagyň ýanynda ýol gaýgy däl, gep- söz alşylmanka daçalygyň bäri
ýanyna ýeten maşyn saklandy. Gapjygyny çykaran aýalyň “Näçe tölemeli?” diýen
sowaly Almazy geňirgendirmedi. Nätanyş bolup maşynyňa münen ýolagçynyň
beýle sowal bermegi adaty zat. Ýöne “ Iliň berýän iki manadyny beräýiň!” diýen
jogap Almazy haýran galdyrsa-da galdyrdy welin, iň ýamany ony nätanyş bir
gelniň öňünde utandyrdy.Gelniň maşyna nünüp geçen ýoly iki kilometr hem barlyýokludy.Şol aralyk üçin eli çagaly aýaldan iki manat alyp biljek bolsa… Ýöne
Almaz ondan beterine haýran galmaly boldy.Çagaly gelin sürüjä on manat uzatdy.
Esen Orazowiç puly aldy-da, onuň puldugyna müňkürlik edýän ýaly, iki
tarapyndanam synlap, jübüsine elini sokdy, gaýtargy bermäge özünde maýda pul
bolmansoň, ýoldaşyna tarap seretdi. Mana düşünen Almaz, jübüsinde näme
baryny anyk bilmese-de, “ýok” diýen manyda başyny ýaýkady.
Gelniň elinde ýene bir manatlyk tutup oturandygyny gören Almaz ony
aslynda kireý üçin diňe şol birlgi göwnünden çykarandyr öýtdi.
Esen maşyndan çykmak bilen boldy. Almaz üçin bolsa kesesinden seredip
oturmasy ýeňil düşmedik ýagdaý şondan soň başlandy. Ýyly maşyndan çykansoň
egnine sepelenýän sowuk jöwenekden goranjak bolup boýnuny penjeginiň
ýakasyna sokaýjak bolup ýygrylýan Eseniň bolşy hem gözgynydy, hem gülkünçdi,
hemem utançdy. Penjesi gyzyl onlukly epeý adam geçýän maşynlary ellerini
kelemenledip saklajak bolýardy. Ilkinji geçen ulag-ha el galgadylany üçin aňyrdan
gelýän öňki tizliginem gowşatmady.Esen Orazowiç ulaglaryň ýöreýän ýerine has
golaý süýşeni üçinmi, nämemi ikinji maşyn ony kakyp geçäýmekden heder edip,
az-kem gyra çekilende, ýere düşensoň birneme şypyljan jöwenekden dörän
ýeňiljek gara läbik Eseniň diňe bir köwşüniň üstüne hapa suwukluk syçradyp gitdi.
Uzyn boýly, eginlek, görmegeý adamynyň iki manat pul üçin görene göz bolup,
gyşyň ygally howasynda göz-gülban bolup ýörşüni synlaýan Almaz, has beterem
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ogul - 05
  • Parts
  • Ogul - 01
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1999
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 02
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2093
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2098
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 04
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 2140
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 05
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2158
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 06
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 2100
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 07
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2086
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 08
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2092
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 09
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2136
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 10
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2114
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 11
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 12
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2203
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 13
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2225
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 14
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2230
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 15
    Total number of words is 2778
    Total number of unique words is 1701
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.