Latin

Ogul - 02

Total number of words is 3799
Total number of unique words is 2093
29.5 of words are in the 2000 most common words
41.9 of words are in the 5000 most common words
49.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
haýatyň aňyrsyndan ýene Ogulbossanyň sesi eşidilýär.
--Garasar ýaly eýýäm uçup geldiňizmi, harteçjallar?!
--Nahar-a taýynlap gitdipdim, oglum.Çaý goý diýseňem…
--Ýok, eje, häzirlikçe hijisem gerek däl. Işim kän.
Atamerdan howlynyň töründäki kiçijik jaýa tarap gidýär.Jaýdan elbyçgymy,
paltamy alyp çykýar.Ol üýşüp ýatan tagta böleklerinden haýsydyr bir zat üçin
gereklerini saýlap başlaýar.Gapyda bärik bakyp duran Gyzdurdy ene oglunyň
edýän hereketlerine guwanç hem buýsanç bilen seredýär.
Gyzdurdy ene içerde bir zada gümra.Salam berip Ahmet ýegen gelýär.
--Gel, Ahjmet ýegen! Ýegençi, çagalar gurgunmy?..
--Oňat, daýza, gurgunçylyk.
--Sen meň şu töwereklerde ýeketäk garyndaşym bolýaň, Ahmet ýegen.Ýöne bir
obada ýaşasaňam, garry daýzam bardyr diýip, günde-günaşa gapymdan-a gelip
duraňok.
--Aý,daýza, iş-alada…
--Atamerdan jan ilki gelende bir gara berdiň-de…
--Ol aýdýanyň-a dogry, daýza.
--Atamerdan daýyň bilen salamlaşdyňmy?
--Wiý,ol bärdemidi?
--Hawa, şu gün geldi. Howluda iş-alada bilen gümradyr.Ejesiniň pytraşyp ýatan
zatlaryny tertipleşdirjek bolýar.
Ahmet ýegen daş çykyp Atamerdan bilen salamlaşýar.Onuň edýän işlerini synlap
durýar.Gapdalda iki bölek bolup ýatan rezin turba çiňerlip seredýär.
--Atamerdan daýy, sen o turbany kesip zaýalaýypsyň-ow!
--Zaýalamok, Ahmet ýegen, gerek boldy, kesdim.
--Kesmeli däl ekeniň-dä.Ony men alyp gidäýjekdim.
--Geregiň şular ýaly turba bolsa, indiki gezek gelemde tapyp beräýerin.
Atamerdan kesen tagtalaryny jemleşdirýär, ölçeýär…
--Atamrdan daýy,sen bir zatjagaz-a etjek bolýaň. Hajathana gurjakmy? Ozalam-a
biri bar. Bir howluda ikisi nämä gerek?
--Ýalňyşdyň, Ahmet egen. Tomus suwa düşüner ýaly jaýjagaz gurmakçy.
--Ol kime gerek?
--Ejeme gerek.
14
--Yetmişden geçen garry aýalam duşa girip, suwa düşer ýörermaýt!? Senem, daýy,
birhili… türkmençiligi bilmeýän ýaly…
--Türkmençilikde “Garry aýal suwa düşmän, porsap ýörmeli” diýen kanun barmy?
Beýle düzgüni kim tapypdyr? Türkmençiligi bozýan özümiz.
--Ýazmaça kanun, düzgün-ä ýok welin… Gyzdudy daýzamyň duşa suwa düşüp
ýörenini göz öňüne getirip bilemok-da…
--Daýzaň suwa düşsün-düşmesin, ol onuň öz işi. Men öz ogulluk borjumy berjaý
edýän.
--Aý, seň Gyzdurdy daýzamyň hakyky ogludygyňam entek belli däl bolaýmasa…
Atamerdanyň elindäki byçgy ýere gaçýar.Ol aljyraýar, tolgunýar.
--Ony kim aýtdy saňa?
--Hiç kimem aýdanok. Özüm çaklaýan… Gyzdurdy daýzamyň şu obada menden
ýakyn garyndaşy ýok ahyryn.Men ony, kempiriň ýakyn adamy bolamsoň, çak
edýän…
Ahmet ýegeniň aýdan sözleri netijesinde Atamerdanyň göz öňüne
getirmesi:Aşhanada Gyzdurdy gap-gaç ýywyşdyrýar. Ahmet ýegen onuň
hereketlerini synlap dur.
--Daýzaň bilen salamlaşmaga geläýdiňmi, Ahmet ýegen?
--Salamlaşmaga-da geldim. Ýöne men saňa bir derwaýys habar aýtjakdym welin,
aýdyp bilmän ýördüm-de…
--Aýdyber.
--Aýtsam, daýza, sen Atamerdanyň öz ogluň däldigini bilýäňmi? Ol seň howlyňa
göz gyzdyrýan kezzap bolmaly.
Gyzdurdynyň elindäki zatlar gaçýar.Özi hem şalkyldap ýere ýazylýar.Ahmet
ýegen ony saklamaga ýetişmeýär.Ol garryny süýräp, beýleki otaga geçirýär-de,
onuň döşüne gulagyny tutýar.Aljyran Ahmet haýdap daşaryk çykýar.
--Haý, adamlar, geleweriň, daýzama bir zat boldy! Ýetişeweriň!—diýip, ol uly ili
bilen gygyrýar.
Göz öňüne getirmeden soň: “Näme üçin adamlar hemme kişiden erbetlige
garaşýarakalar? Ýa-da erbet dälden erbetlige garaşýanlaryň özleri erbetmikä?
Betbagt garra ýagşylyk isläp, ýagşylyga derek ölümine sebäp bolmalymy? Ýok,
muňa çykalga tapmaly” diýip içini gepleden Atamerdan hiç zat bolmadyk ýaly,
parahat ses bilen Ahmede ýüzlenýär.
--Özüň beýle zady çak edýän bolsaň, çaklamanyň döremegine tutarygyňam
bolmalydyr ahyryn?
--Tutaryk kän. Başga ýerlerden Aşgabada göçüp gelmek isleýän hilergär gytmy
näme? Biziň Aşgabada degip oturan obamyz bolsa şäherdenem gowy. Ümsümlik,
bag-bakja… Şu mahal bir sümelgejik edinjegem bolsaň gaty kän pul gerek… Bu
bolsa taýýarja howly. Daýzamam, indi näçe günüň adamsy…
Atamerdan Ahmet ýegeniň ýüzüne siňe seredýär.
-- Seň şu çaklamaňy özüňden başga adama aýtdyňmy, Ahmet?
--Senden başga adam oglunyň ýanynda dil ýaramok.Men ýat adam däl, men
ýegen.
15
--Sen ejemiň ýegeni bolýan bolsaň, meniňem şu obada iň ýakyn garyndaşym
bolýaň-da? Şeýle dälmi?
--Bolmalysy-ha şeýle welin…
--Onda, häli gün ýaşansoň, üstüňe baraýyn welin, iň ýakyn garyndaş bolup,
ikiçäk gepleşeli.
--Sen meň nirede ýaşaýanymy bilýäň dälsiň-ä?
--Salgy berseň, taparyn.
--Tapmak aňsat.Şu köçäniň gutaran ýerindäki saraý ýaly jaý meň öýümdir .Çep
tarapda.Ondan aňyrda diňe jar bardyr.
“Atamerdan jan-uw!” diýiip, Gyzdurdy enäniň sesi gelýär.
Atamerdan öýe tarap, Ahmet ýegen howlynyň gapysyna tarap ýönelýär.
Jaýyň daşişigi.Tutuş ak geýnen, ak sakgally, eli hasaly peşeneli ýaşuly Gyzdurdy
enäniň ýanynda dur.Atamerdan gelýär.
--Söýün aga,essalowmaleýkim!
--Wa-a-leýkimessalam, inim Atamerdan! Hany görşeli!—Hasasyny goltugyna
gysan goja,iki elinem uzadyp,gaýym görüşýär.—Inim, hoş gelipsiň! Sapa gelipsiň!
--Saglyk gowumydyr, Söýün aga?
--Aý, inim, Atamerdan, men saňa nähili jogap gaýtarsamkam? Men seň
kakaňdanam kän uly bolmaly.Bir kem segsen.Bu ýaşda öwnüp durar ýaly saglyg-a
hiç kimde-de ýok bolsa gerek. Seň bilen görüşmäge-de ýolda iki gezek durup
geldim.Ýogsam, aralyk üç ýüz ädim. Emma ki, Hudaýa şükür… Seň geljegiňi
bilýädim-de, ýüzüňi göreýin diýip gaýdyberdim.
Atamerdan kempire tarap elini salgaýar.
--Ejem bilen-ä deňleşjek bolmagyn, Söýün aga. Biý-ä, tüweleme, demirýol
wokzalyna-da pyýada gidip geläýýä. Özem orta ýolda dem-dynç hem alanok.
Söýün aga ilki ýylgyrýar, soňam agras görnüşe girýär.
--Saňa sataşansoň, ejeň bili kuwwatlandy, inim, Atamerdan.Muňa uly il begendi.
Ejeňi tanaýan-u--tanamaýan öz ýiten perzendini tapan ýaly bolup begendi.Alla
bendesiniň dişini ýylgyrtjak bolsa, maý tapar eken. Menem, inim Atamerdan, siziň
ýagdaýyňya gaty şat…
--Ahmet ýegen nä “gidýänem” diýmän gidiberdi-le, Atamerdan jan?
--Seň şo ýegeniňem düşnüksiz bir yşarat, Gyzdurdy.Petepet gabat gelse-de, öz
beremeli salamyny diläp almaly… Sag oturyň. Gitdim. Şeýdip, ejeňi görmäge
gelip durgun, Atamerdan, inim.
--Bor, Söýün aga. Senem biz illere gezmäge bar.
--Biz indi o ýollardan galdyk, inim!—diýip, derwezä tarap ýönelen Söýün aga
ýylgyryp gidýär.
Ýaşuly giden badyna Ogulbossan goňşynyň çagalarynyň biri haýdap gelýär.
--Gyzdurdy ene, suratçy gelýä, suratçy! Ol günki gelen agsak suratçy.
--“Agsak” diýme, köşek.Eşidäýse, ýaman görer.
--Ol adam agsag-a?
--Agsagam bolsa, agsak diýme.Ynha, sen garaýagyzja-da welin, hiç kim saňa
“gara” diýenog-a…
16
--Hany gelsin, eden işini göreli!—diýip, Atamerdanam suratça garaşýar.
--Garry ene, sag-aman otyrmyň?—diýip, egni uly sumkaly suratçy peýda bolýar
--Hudaýa şükür, sag-amandyrys.
--Çagalaň suratyny tanarmyň, ene?
--Öz çagalarynyň şekilini tanamazam ene bolarmy, garagöz?
--Özlerine meňzedip çykaran bolsaň-a, tanar welin—diýip, Atamerdan ýylgyrýar.
Suratçy öýkeli ýaly gepleýär.
--Men o tetelli suratçylardan däldirin, gadyrdan. “Agsak suratçy” diýen ýörgünli at
agsaklygym üçin berilen däldir. Tutuş Türkmenistanda, inçe sungatdan baş
çykarýan adam bolsa meni tanaýandyr.
Suratçy uly rama salnan suraty Gyzdurdy enä uzadýar.
--Garry ene, şu portretiň bir ýetmezi bar…
--Hä, erbediräk çykaýypmy?
--Meň elimden erbet iş çykmaz, ene…
--Onda näme?
--Şu portretde seň keşbiň kemlik edýär.Men şo hakda aýdýan. Ogluň, agtygyň,
gapdalynda olary dünýä beren enäniň keşbi bolmasa, elbetde ýeri oýular
durar.Şeýle dälmi?
--Dogry.
--Dogry bolsa, garry ol kemçiligi düzetmeli.
--Aý, ynha, ejem bize gezmäge baranda ýa-da agtygy bilen gelni bärik gelip
jemlenende täzeden surata düşäýeris.
--“Nagt algyl, nagt bergil, nesýe söwda kylmagyl”. Siziň hemmäňiziň başyňyz
jemlenýänçä, häzirlikçe ejesi bilen oglunyň bile oturan suratyny alaýyn.Bir
hepdedenem ulaldyp getireýin. Razymysyňyz?
--Biz razy.Ýöne men iş köýnegimi çykaryp, başgasyny geýeýin—diýip,
Atamerdam içerik girýär.
Gyzdurdy ene portreti synlaýar.
--Edil janly ýaly-da…
--Ony çykarýan adam ussat bolsa, şeýle çykýa-da. Öwünýä diýme, garry.Men
hakykatçydyryn.Gowam bolsa, erbedem bolsa, hakykaty aýdaýmalydyryn.
Enemden şol häsiet bilen dogupdyryn.
Atamerdan geýnip gelýär.
Eneli-ogly münjede ýanaşyk oturdan suratçy öz ussatlygyny görkezjek bolýan
ýaly her hili hereketler edip surat alýar.
Suratçy gidensoň,ýene portreti synlan Gyzdudy ene:
--Muny maňa asyp ber,Atamerdan jan!—diýýär.
--Nireden sajak?
--Sen çüýüň bilen çekijiňi alyp gel. Asylmaly ýerini saňa özüm görkezerin.
Gyzdurdy enäniň ýatýan otagy.Eli çekiçli, çüýli Atamerdan görkezmä garaşyp dur.
Diwarlary synlap çykan ene öz ýatýan krowatynyň garşysyndaky diwary saýlaýar.
--Ine,edil şu ýerden as!—Ol belli bir nokady hem görkezýär.—Gyşaryp
ýatyrkamam siz bilen gepleşerim ýaly şu ýer gowy bolar.
17
--Surat bilen nädip gürleşjek,eje?
--Wah, balam, seň eneň jpgap gaýtarmaýan garamça bilen sessiz gepleşmäge
ökdeläp gidendir.
--Geň zat!
--Geň däl. Surat-a bir göze görnüp duran şekil.Biriş etjek bolsam,aýatda
ýokkakaň pahyr bilenem gürleşýän.
--Dur,eje—diýensoň, portreti görkezilen ýerinden asan Atamerdan ejesini elinden
tutup krowatyň gyrasynda oturdýar.Özi hem gapdaykna oturýar—Boldumy?
Göwnüňe jaýmy?
--Boldy,boldy.—Portrete golaýlan ene şekildäkileri barmagy bilen görkezýär.—
Balkan jan, Ýazgül jan, sen…
--Ýene bir hepdeeden seň suratyňam aňky ýoldaş getirter.Indiki gelemde özüm
asyp bererin ony.
--Bor, balam.Sen gelinçäň garaşaýaryn.
--Hany, gürrüňi dowam et.Onsoň kakama näme diýýäň sen?
Gyzdurdy ene ýene krowatyň gyrasyna geçip oturýar.
--Maslahat soraýan.
--Olam jogap gaýtarýarmy?
--Olam jogap gaýtarýa. Şoň “hä” diýen maslahatyny alsam, işim oňuna bolýa
ötägidýä.
--Haýran galaýmaly.
--Oňa haýran galma. Men seň bilenem näçe ýyllap hyýalymda gepleşip gezdim.
Ynanaý, Atamerdan jan, seň sesiňem eşidýädim men. Çagalyk sesiňi.Ýapýaňylaram ýorgana giremde sen maňa: “Eje, ýatjakmy?” diýýäň. “Hawa,
Atamerdan jan, ýataýsam diýýän” .Ertir gözümi açamda sen maňa: “Eje, sag-aman
turduňmy?” diýýäň.Hyýalymda seň bilen bileje oturyp çaý içýäs.
--Ýanyňda bolmasamam…
--Wah, balam, sen diri ýitikdiň ahyryn. Ozal-ahyr sataşjagyma umydym bardy-da.
Uruşdan ýaman hat alanlaram garaşýar-a. Ene kalby duýgur-da…
Atamerdan garrynyň goşaryndan tutup ýüzüne garaýar.”Ene kalby duýgurdyr
welin… Ynam, ynanmak nähili gowy zat! Ynamsyz ýaşaýşyň boş howadygyna
men şu kempiriň mysalynda göz ýetirdim… Ýöne Ahmet ýegen ýaly haýwanyň
dili seniň ynamyňy puja çykaryp, ýüregiňi ýarmasa ýagşydyr…”
--Eje, sen çagalaň şekline seret-de otur, men-ä öz aladam bilen bolmaly.
Atamerdan gapa tarap ýönelýär.
Ähli ünsüni diwara gönükdiren Gyzdurdy enäniň nazary Atamerdanyň şekilinde
saklanýar. Enäniň oýlanmasy: “Garyp bol, baý bol, bagtly bol, betbagt bol—adam
ahyr bu dünýäni terk etmeli. Ölüm—deňlik. Senem bur gün gitmeli bolarsyň,
Gyzdurdy. Oň üçin birjigem gam çekme. Gitmek hemmäň maňlaýyna ýazylan.
Ýöne adam gidende-de sarpaly bolup gitse gowy-da. Öläde abraý gerek. Şol
abrýam hemme kişä ýetdirip duranok. Sarpaly ölüm—bagtly ölüm. Ölmüňem
bagtlysy, betbagty bolmaly. Hudaý saňa sarpaly ölüm bagyşlady, Gyzdurdy…
Edenne müň şükür!”
18
Enäniň göz öňüne getirmesi: “Howlynyň içi-daşy adamdan doly.Garrynyň
tabydyny alyp ugraýarlar.Tabydyň başyny, elbetde, merhumyň ogly Atamerdan
göterip barýar.
Gonamçylyk.Enäniň jesedi jaýynda goýlansoň, baş molla:
--Merhumyň ýakyn hossaryndan kim bar?—diýip soraýar.
--Ogly bar.Atamerdan.
--Rugsatmydyr, Atamerdan?
--Rugsat!—diýip Atamerdan logap gaýtarýar.
--Eneň mazaryna bir penje toprak taşla onda, Atamerdan.
Atamerdan aýdylanyny edýär.
Merhum jaýlanansoň, aýat okan molla agyr märekä eşitdirjek bolup, batly sesi
bilen;
--Gyzdurdy pahyrdan algyly bende barmydyr?—diýýär.
Köpçülik jogap gaýtarýar.
--Ýok.
--Ýok.
--Ýok.
--Gyzdurdy pahyrdan algysy bar adam öýüne baryp, ogly Atamerdany habardar
etsin.
Gyzdurdy pahyra bergili adam barmy?
Köpçülik jogap gaýtarýar.
--Ýok.
--Ýok.
--Ýok.
--Gyzdurdy pahyra bergili adam öýüne baryp, ogly Atamerdana gowşursyn…
Köp sanly gölegçi oba tarap gaýdanda onuň öňünden Atamerdan ýöräp gelýär.”
Gyzdurdy ene hyýaldan şu güne geçýär.
--Edenňe şükür,Hudaýym. Ölsemem, mazaryma bir penje gum atyp, hossarlyk
etjegim, algymy alyp, bergimi berjegim bar yzymda.
Agşamara.Uly köçäniň gutarýan ýeri. Gamyşly jaryň gyrasyndaky hütdük jaýa
golaý baran Atamerdan emeli ardynjyraýar.Ahmet ýegen daş çykýar.
--Hä, Atamerdan daýy, geljek diýipdiň welin, oýun edýämikäň öýdüpdim.
Geläýdiňmi?
--Atamerdan daýyň gelerin diýse geläýýändir—diýip Atamerdan ýowuz
gepleýär.—Atamerdan daýyň köçede gezip ýören ejize ganymam däldyr.
--Gelen bolsaň, gaty gowy-da. Öýe gireli, daýy!—diýip.Ahmet ýakymly
gepleýär.— Daýy-ýegen bolup çaý içeli.
--Daýyň ýegeni bilen ikiçäk gürleşäýsem diýýä. Şony nähili görýäň?
--Oňat görýän welin, içerik giräýeli!
--Içerik girmäli.Gaýtam, içerden daşlaşaly.
--O näme üçin?
--Sebäbi, biziň gürrüňimiz içeri gürrüňi däl, daşary gürrüňi.
--Bor, Atamerdan daýy, sen näme diýseň, şolam bolar.
19
--Hany, meniň yzym bilen jara tarap ýöre.
Jaryň gyrasyna ýetip aýak çeken Atamerdan yza dönýär.
--Hany golaýragyma gel.—Ahmet iki-üç ädim golaýlap durýansoň: --Bolgusyz gep
tapmaga gorkman, maňa golaýlamaga gorkýaňmy?
--Meň gulagym ýiti. Näme diýseňem eşiderin, Atamerdan daýy.
Atamerdanyň sesi sandyraýar.
--Men saňa daýy däldirin, Ahmet.Ýöne Atamerdandyryn.
--Gyzdurdy daýzamyň ogly bolsaň, maňa-da daýy bolarsyň-da.
--Men gaýtalap soraýan. Şu günki maňa aýdan gepiňi başga adamyň ýanynda
agzyňdan sypdyrdyňmy?
--Adam oglunyň ýanynda aýdamok. Aýtmajagyma-da saňa söz berýän.
--Gepiň erekegiň gepimi? Men häzir seni şu jara-da süssürip gidip bilýän.Ýöne
men saňa ilkinji hem iň soňky gezek ynanyp, aman goýaýyn. Seň şu günki aýdan
gepiň gulagyna ýetäýse, ejemiň ýüreginiň ýaryljakdygyny sen bilýäňmi, Ahmet?
--Bilýän.
--Şony bilýän bolsaň, ýene bir zady bilip goý. Eger seň töhmediň sebäpli ejeme bir
zat bolaýsa, men seni ýagty jahanda ýaşatman. Düşünýäňmi?
--Düşünýän,Atamerdan daýy, düşünýän.
Atamerdan daşardan gelende Gyzdurdy ene köne şkafynyň öňünde bir topar
düwünçegiň arasynda otyr.
--Eje, ömür boýy ýygnan baýlygyňy hasaplaýaňmy?—diýip, Atamerdan ýylgyrýar.
--Ejeňde üç sany baýlyk bardyr. Biri sen, biri Balkan jan, Biri-de gelnim. Başga
baýlygy men baýlyk hasap etmeýän… Balkan jan üçin düýe ýüňünden elluk
örüpdim-de, şony tapaýyn diýip yşgaby açdym.—Etegindäki ellikleri Atamerdana
uzadýar.—Öz elim bilen ördüm. Indi bi beýle sowgadyň iň soňkuay bolaýmasa…
--Näme üçin beý diýýäň, eje? Öňde segsen bar.Seçsenden aňyrda togsanam bar…
--Togsandan aňyrda ýüaem bardyr welin… Indi göz ýok, Atamerdan jan. Inçe
işden galynaýdy öýdýän.
Atamerdan ellikleri synlap:
--“Eneň öz eli bilen öreni” diýip gowşuraryn welin.Balkan gaty begener, eje.
--Ýadyňdan çykaraýmagyn ýöne!
--Ýatdan çykmaz ýaly edäýerin.
Düýeýüň ellikler Atamerdanyň diplomatyna girýär.
Ynjalan ene ýylgyrýar.
Atamerdanyň düýşi. Gyzdurdy enäniň ýaşaýan obasynyň adamlary elleri
çarşaklymy-da, orakly Atamerdany kowalap ýörler.Gaçyp-teşip surnugan
Atamerdan ahyr ele düşýär. Sud başlanýar. Hemme kişi garalowjy. Ses, söz
eşidilmese-de “gepleýän” adamlaryň elleriniň herekedinden, seredişlerinden,
tolgunyşlaryndan
hemme
kişiniň
Atamerdany
günäkär
edýädikleri
bildirýär.Gyzdurdy ene bir gyrada ýüzüni aşak salyp dur. Suda başlyklyk edýänem
Söýün aga. Söýün aga söz alýar:
--Sen Gyzdurdy enäniň çep ýaňagynda peşehorda yzynyň ýokduginy bileniňden
soňam…
20
--Men bagty ýatan ýalňyz kempire ýagşylyk etmek isledim…
--Biz sen ýaly adamlaryň bagtypese nähili ýardam edýändiklerine belet.Saňa nälet
bolsun, nälet!
Märekäni iki tarapa bölüp, polisiýanyň maşyny peýda bolýar.Maşynyň rulunda
oturan hem Ahmet ýegen…
Der basan Atamerdan oýanýar.
Atamerdan howluda başlan işini dowam edip dur.Garaşylmadyk halda Ahmet
ýegen derwezeden girýär.
Atamerdan: “Bu näme üçin gelýärkä? Öten agşam gören düýşüm hakykatda
dowam etjekmikä?”
--Atamerdan daýy, salowmaleýkim!
--Salam.
--Meň näme üçin gelenimi bilýäňmi?
--Bilemok, ýöne bilesim gelýär.
--Men ötünç soramaga geldim.
--Agşam sesimi gataldanym üçin, gaýtam men senden ötünç soramaly.
--Ýok, beýle däl. Men sen hakda ýalňyş pikir edipdirin.Eger sen meniň çak eden
adamym bolsaň “Ejeme bir zat bolaýsa, seni ýaşatman” diýmezdiň-de, gaýtam
Gyzdurdy daýzama çaltyrak “bir zat” bolmagyny islärdiň. Şeýle dälmi?
--Adamçylyk nukdaýnazaryndan garasaň dogry netyijä gelipsiň.
--Dogrudanam, meň eden çakymyň manysy gulagyna ýetäýen bolsa, daýzam pahyr
nä güne düýşerdi!
--Ýalňyşyňa düşünip, ony boýun almagam mertligiň alamaty, Ahmet ýegen. Ir
bilen şeýle habar bilen geleniňe men begenýän. Daýy-ýegeniň arasynda tow
galmasa gowy-da.
Ahmet baş atýar.
Ahmet ýegen gidenden soň Gyzdurdy ene ýanyna gelip, garry tut agajyna elini
diräp,Atamerdanyň edýän işini synlaýar.
--Arma, oglum!
--Bar bol, eje. Senem arma!
--Aryp-armaz ýaly men näme iş edýämişim?
--Girip-çykyp ýörmegem iş ahyryn.
--Onyňam dogry. Adam garrasa, girip-çykmagam iş ýaly bolýar eken.—Az-kem
dyman ene goja tuda seredýär.—Atamerdan çan, şu tut agajy seň bilen gözlüje
ýaşyt diýsemem ýalňyşman.Özem iki düýpdi. Kakaň pahyr nahallary oturtdy-da:
“Gyzdurdy, bu şatutlaň biri seňki, birem meňki bolmaly”-- diýdi.Ýer yranandan
soň iki tuduň biri gurady.Şol guranam kakaňky bolmalydyr… Anha, indi biýem
gurap gutarjak.
--O tudy entek-entek guratmarys, eje. Arkaýyn ýaşaber. Düýbüni ýumşadarys,
wagtly-wagtynda suw bereris…
--Ömürdir-dä, oglum. Baky ýaşaýan barmy? Ýogsam, bu güne ýetilensoň, bäş-üç
ýyl ýaşalaýsa-ha kem däl welin… Agtyk gelin görerin diýib-ä hörpi aňyrdan tutup
biljekgä. Ýöne agtygyň özüne guwanyp biraz ýaşasam-a kem görmerzdim.
21
--Gelniň bilen agtygyň-a şu gezek saňa garaşjakdyram.”Alyp gelgin” diýip
tabşyrypdylar.Ýöne men şu ýerden baran badyma iki hepdeläp çöle gitmeli. Öýde
bile bolar ýaly, indiki gezek äkidäýeýin.
--Bolar, balam, bolar.—Ýene tuda seredip ýylgyrýar.—Öňümizdäki ýazda şu
tuduň tudanasyndan bir banka ýygnap, Balkan jana iberjek.Atasynyň özüni-hä
görmek oňa nesip etmedi welin, onuň eken tudunyň miwesinden bir datsyn çaga.
Derwezäniň aňyrsyndan peýda bolan jygyldy gapyda maşynyň saklanandyugyny
habar berýär.
--Bir ulag-a gelip saklandy. Sen geleňde öýümiň gelim-gidimem köpeliberýär,
Atamerdan jan. Men şoňa gaty begenýän, balam.
Derwezeden üç-dört sany adam girip gelýär.Olaryň biiriniň egninde kino surata
alýan uly kamera bar.
--Begenseň, ana geldiler, eje,
--Gelsinler! Gelen –döwlet!
Gelenler baş atyp salamlaşanlaryndan soň, olaryň biri ýylgyrar.
--Gowy bolaýdy.Ikisem bar eken.
Başga biri öňe saýlanýar.
--Bagt guşy depäňe gonupdyr, garry. Üç-dört aý mundan ozalam gutlapdyk, ýene
bir gezek gutlaýas! Gowulygy ilden gizlejegem bolmaly däl, garry. Şeýle dälmi?
--Gowulgy gizlemeli däl.Ýöne aýdan gepiň manysyna men düşünmän galdym-la.
--Gördüňmi, Atamerdan? Köp ýaşan adama gulak asmaly.Sen öňki gezek gaty az
geplediň.
--Ejem dogry aýdýar, gowulygy gizlemeli däl, ýöne ony mazamlap ýörmegem
gelşiksiz bolar.
--Geň galmaly! Şöhratdan gaçýan adamam bolýar eken. Telewizorda bäş sekund
görünmek üçin bize para hödürleýän adamlaram kän…
--Şöhratdan bagt bolmaz. Bagtyňy şöhrata öwürmegem agraslyk bolmaz.Men
telewizorda ähli aýtjagymy öňki gezekde aýtdym. Bir zady zol-zol gaýtalap
durmakdan siuze-de, bize-de abraý bolar öýtmäň...
Gelenleriň biri:
--Abraýymyzy arzan nyrha satmalyň, gideliň…
Gyzdyrdy ene öz ýatýan otagynda diwardaky suratlara seredip begenip dur.Indi
öňki suratyň ýanynda agsak suratçynyň enäni ogly bilen alyp portet edip getiren
suraty hem asylgy. Gyzdurdy ene edil çaga ýaly bolup her kimiň şekline
aýratynlykda barmagyny uzadýar.
--Bi-- gelnim Ýazgül jan, bi-- agtyjagym Balkan jan, bi-- oglum Atamerdan jan,
bi men—Gyzdyrdy, bi ýene men—Gyzdurdy, bi ýene Atamerdan jan… Alla köp
görmesin!
Telefon jyrlaýar.Gyzdurdy ene trubkany göterýär.
--Sen kim?.. Balkan jan? Wah, sesiňden aýlanaýyn, balajygym… Oňatmysyňyz?
Ejeňem,kakaňam gurgunmy?... Olar işde diýýäňmi?.. Enem salam aýtdy
diýgin…Bararyn, balam, bararyn… Göresiň gelen bolsa hökman bararyn. Sagja
bol, balajygym, sag-amanja bol… Wah, “ene” diýen diljagazyňa döneýin, sesiňden
22
aýlanaýyn, agtyjagym!--Gyzdurdy ene trubkany goýansoň portrete tarap seredip
ýylgyrýar.—Özüňjik jaň edäýdiňmi? Eneňi ýatlaýdyňmy? Göresiň gelip giden
bolsa men gezmäge baraýaryn…
Balkanyň sesi: “Men garaşýan,ene!”
Eli sübseli Gyzdurdy ene howlynyň içine ser salyp ýör.Atamerdanyň guran agaç
jaýjagazynyň daşyny elläp görýär. ”Bir enaýy jaý-da.Üç günde dikeltdi ötägitdi,
balam. Hudaý köp görmesin—elinden gelmeýän iş ýok!”
Oba mekdebiniň mugallymy Jumaguly gelýär.Ol garry bilen gaýym görüşýär.
--Seni görsem, ejemi gören ýaly bolýan-da, Gyzdurdy gelneje..
--Ejeň pahyr bilen gowy görüşýädik, işde-de bile paý alýadyk…Agtyjaklaryna
guwanyp entejik ýaşamalydy welin… Jumaguly jan, öýe gir.Derrew çäýnegi oda
goýaýyn. Garry ýeňňeň bilen çaýlaşyp git.
--Ýok, Gyzdurdy gelneje, mekdebe barmaly.Ýene bir gün çaý içmäge ýörite
geläýerin. Şähere jaň etmek aladam bardy-da…
--Öýe gir-de,nirä jaň etmeli bolsa, ediber Jumaguly jan.Tilpun işläp dur.Ýaňyja
agtygym Balkan jan bilen gepleşip goýdum.Özi jaň etdi.
--Tüweleme! Enesini ýatlap dursa gowy-da! --Jumaguly jaýa tarap gidip barýarkada gepleýär.--Ömri uzak bolsyn Atamerdanyň. Şu telefony çekdirip uly iş etydi.
Durmuşda zerurlyk bar, gyssagly iş bar. Şähere jaň etjek bolsaňam kantura ylgap
ýörmelidi.Atamerdan uly iş etdi. Ynha, özüňem agtygym bilen gepleşdim diýýäň.
--Hawa, agtygym Balkan jan bilen gepleşdim!
Iki sany sözsüz epizod
1.Aşgabatdan günbatara tarap barýan otlynyň içi.Kupede Gyzdurdy ene,
Atamerdan hem orta ýaşy iki sany aýal bar.Atamerdan bir alada bilen daş
çykýar.Onuü yzyndan mäirli garap galan ene ýanyndaky aýallara çykyp gideniň
kimdigini, nähili mährem oguldygyny “gürrüň” berýär. Iki aýal kempiriiň gňrrňini
haýran galyp, baş ýaökap,kä ýerine ýylgyryp,kä ýerine tukatlanyp diňleýrler.Olar
şeýle bagtyýar bolmak üçin Gyzdurdy enäni ýüzlerine sylýarlar. Eli birki sany
çüýşeli Atamerdan dolanyp gelýär. “Gep-gürrüň” gutarýar.Döt sany bulgurta suw
guýan Atamertdan olary ýolagçylara paýlaýar.Gyzdyrdy ene, elbetde, guwançly
tolgunýar.
2.Günbatardan Aşgabada tarap barýan otlynyň içi.Kupede Gyzdurdy ene, Ýazgül
hem iki sany ýaş gyz bar.Ýazgül bir alada bilen daş çykýar.Onuň yzyndan mähirli
garap galan ene çykyp gideniň kimdigini, nähili gowy maşgaladygyny, özüne
mähremdigini gyzlara “gürrüň” berýär.Gyzlar garrynyň gürrüňini aňk bolup
“diňleýärler” baş ýaýkaýaarlar,kä gamlanyp,kä şatlanýarlar.Ýazgül dolanyp
gelýär.Ol kagyz gaba dolap getiren owadan almalaryny ortada goýýar-da, öňürti
garryny, soňam ýolagçygyzlary hezzetleýär.Gyzdurdy ene, elbetdse, guwançly
tolgunýar.
Gyzdurdy enäniň howlusyny tanar ýaly däl.Terslin-oňlyn çekilen simleriň bir
böleginde ýuwlup tämizlenen ýorgandaşylar, ýassykdaşylar, enäniň köýnekleri,
23
beýleki tarapda kiçeňräk haly, palas, düşekçe bary asyldy. Gyzdurdy enäniň özi
daşardaky münjäniň üstünde Balkan bilen bir zada güýmenip otyr.Münjäniň üsti,
töwerekleri akan-dökänçilik.—geýilmejek köne eşikler, apgyrdy eplenip giden
köne aýakgaplar, süzgüli deşik köne elek, “igläp” giden sübse we ş.m. ulanyşdan
galan zatlar.
Içerdäki otaglaryň birinde kellesine maňlaýynyň üsti bilen ak ýaglygy çümre
bürenen,eli gigiýena ellikli Ýazgül Gyzdurdy enäniň “mülkünde” tertip-düzgün,
arassaçylygy amala aşyrýar”. Ol şifonerden tapylan jüründigi mazaly döwlen
üstesine-de bili hem çeňkli hum çäýnegi eline alyp, her tarapyndan seredensoň,
çalarak baş ýaýkap daşaryk ugraýar.
Eli köne çäýnekli Ýazgül Gyzdurdy enäniň ýanynda aýak çekýär.
--Enesi, rugsat soramanam zyňsam, sesiňi çykarmazdyň welin, özüňe-de
görkezäýeýin diýdim. Indi biz hiç mahal şu cäýnege demlenen çaýy özümizem
içmeis, gelen myhmana-da hödürlemeris. Şeýle dälmi?
--Nebis gursun, Hudaýym!—diýip, garry ýylgyrýar.
Şäher keselhanasy.Gyzdurdy enäniň ýagdaýy gaty pes.Atamerdan bilen Ýazgül
onyň krowatynyň gapdalynda otyr.Garry esli mahaldan soň gözüni açýar. Onuň
goşaryndan tutup öturan Ýazgül:
--Göwnüň isleýän zady barmy, enesi?—diýýär.
--Näme isleýäň, eje?—diýip. Atamerdanam soraýar.
--Ýekeje islegim bar, balalam, ýekeje..
--Näme isleseň, taparys.
--Islegim… meni öýe eltiň.—Atamerdanyň elinden tutýar.—Seň dünýä inen
ýeriňe baryp, aýagymy uzatmak höwesim bar…
Keselhanadan öýüne getirilen ene öz otagyndaky krowatynda ýatyr.Onuň daşynda
Atamerdan,Ýazgül hem Ahmet ýegen bar. Garrynyň ýagdaýy göz-görtele
agyrlaşýar.Onuň gözüne ýaş aýlanýar. Bir zat diýjek bolýar. Dili aýlanmaýar.
Ýazgül Atamerdana ümleýär. Atamerdam has golaýyna süýşüp garrynyň elinden
tutýar.
--Eje!—diýen Atamerdan tolgunýar.
Ol ses gulagyna ilendigini aňdyrýan Gyzdurdy enäniň dodagynda çalaja
ýylgyrýan ýaly görnüş peýda bolýar.
--M—m-men ra-azy…
Birdemem şol ýylgyryşa meňzeş görnüş garrynyň tutuş ýüzüne çaýylan ýaly
bolýar. Gyzdurdy ene doňup galýar.
Atamerdan ýerinden turup Ahmet ýegene seredýär.
--Ejem-ä işini bitirdi, Ahmet ýegen…
“--Hemme adam bu dünýäden şeýdip, ýylgyryp gdýämikä?”— diýip Ahmet
ýegen özüne sowal berýär.
Ýazgül merhumyň ýüzüni örtýär.
Atamerdan Ahmede ýüzlenýär.
24
-- Sen git-de, Söýün aga habar ýetir. Däp-dessuryň talap edýän zatlarynyň
hemmesi deňli - derejeli edilsin!
Agşamara. Atamedan dik duran ýerinden sanan pullaryny hem bir sahypa kagyzy
stoluň üstünde goýan badyna Ahmet ýegen gelýär.
--Çagyran ekeniň, Atamerdan daýy…
-- Habar geldi.Men gyssagly Nebitdaga gitmeli boldum… Ejemiň kyrkynam
abraý bilen geçirdik. Hyzmat etdiň. Sag bol, toýuňda gaýtsyn!.. Ertir öýlän sagat
üçde ýanyma bir hudožnik gelmelidi.Sen öýde bol.Ynha-da oňa tölenmeli pul.Soň
özüm oňa jaň ederin. Häzir ol şäherde däl. Şu kagyzam oňa gowşur. Bu ejemiň
mazar daşyna edilmeli ýazgy. (Ahmet ýegeniň alan kagyzynyň ýüzüne ullakan
harplar bilen: “ GYZDURDY ENÄ
OGLY ATAMERDANDAN” diýlip
ýazylypdyr).Ynha-da ejemiň howlusynyň, jaýynyň açarlary…
--Açarlary men nätmeli?
--Açarlar seňki bolar. Howla-da özüň eýelik et.
--Sen näme?!—diýip, ör-gökden gelen Ahmet aňk-taňk bolýar.
--Meň bu ýerde ýaşamak meýlim ýok, Ahmet ýegen. Öwrenşen ýerim, işim,
öýüm beýlede. Ejemiň ýylyny geçirip gidemsoň, men bu oba ýa gelerin ýa
gelmerin. Howlam, içindäki zatlaram seňki. Ejem bolmasa, bu ýere aýagymam
çekmeýä. Bu meň üçin indi boş jaý.Ýöne gapysy ýapylmasa, gowy bolar.Senem
ejemiň ýegeni ahyryn…Ertir hudožnige gowşurmaly zatlaryňy özüň bellije ýerde
goý. Men-ä giçki otly bilen ýola düşerin.
Pullary elindäki kagyza dolan Ahmet ýegen beýleki otaga girip gidýär.
Atamerdan Gyzdurdy enäniň krowatynyň gyrasyna geçip oturýar-da, diwardaky
suratlary synlaýar.Onuň nazary enäniň şekilinde saklanýar.Garrynyň wertolýotdan
düşüp, özüne tarap okdurylyşy göz öňüne gelýär, gulagynda “Balam, Atamerdan
jan!” diýen ses ýaňlanýar.Atamerdanyň gözleri nemlenýär. “Sen Ene, men ogul…”
Soňy
2008.
25
Atajan Tagan
ARZY ÝEŇŇE
ýa-da
D Ü Ş N Ü K S I Z
D Ü N Ý Ä…
Uly göwrümli kinokomediýanyň
ssenariýsi
26
Aşgabat--2009
1.POSSUN
Obanyň eteginde
Göni-göni köçeli, kaşaň-kaşaň jaýly häsirkizaman türkmen obasy. (Obany
Gojuk diýip atlandyrýarys.) Güýz paslynyň säheri. Hatar-hatar belent daragtlaryň
aňyrsyndan Gün dogup gelýär. Orta ýaşlaryndaky lal çopan göni tagtalardan edilen
giň agyla obanyň sürä gidýän sygyrlaryny ýygnaýar.Çopan sygryny goşmaga gelen
aýallaryň birine el hereketleri bilen bir “täsin” habary janygyp-janygyp düşündirjek
bolýar.Ol güpbüsiniň ýakasyny galdyryp geýilýän eşik, barmaklary bilen “pul
sanap” şol eşigiň bahasynyň gaty gymmatdygyny baş ýaýkap, howada “san
ýazybam” ýigrimi müň manatdygyny düşündirýär.
--Men şu neressäň diline düşünmäm ömrümi ötürtjek-dä. Ýogsam bu şu mahal
gara çyny bilen maňa bir zatlary-ha aýdyşdyrýar welin..
Lal çopan “dile” düşünmeýän aýaly “tankyt” edýär. “Seň kelläň ýok” diýip
elini silkýär. Soň öňki eden hereketlerini ikinji aýalyň öňünde gaýtalaýar. Sag
eliniň süýem barmagyny çekgesine eltip, kimdir biriniň kellesiniň boşdugyny, asla
düşünjesiniň ýokdugyny tekrarlaýar.
--Sen heý bir zat düşündimi?
--Diňe düşünmek däl, aňyrsyna-da ýetdim.
--O nämä beýle janygýar?
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ogul - 03
  • Parts
  • Ogul - 01
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1999
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 02
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2093
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2098
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 04
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 2140
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 05
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2158
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 06
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 2100
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 07
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2086
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 08
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2092
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 09
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2136
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 10
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2114
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 11
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 12
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2203
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 13
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2225
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 14
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2230
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 15
    Total number of words is 2778
    Total number of unique words is 1701
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.