Latin

Ogul - 10

Total number of words is 3795
Total number of unique words is 2114
28.9 of words are in the 2000 most common words
41.0 of words are in the 5000 most common words
47.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
berk ýapylaýdymyka?
--Şeýle ýaly—diýip, Batyr aýalynyň aýdanyny tassyklap, baş atýar
Kyn güne galyp, nätjegini bilmän, aşaky dodagyny dişlän duran Ejegül sesini
çykarmaýar.
71.
Sirkiň agşamky görkezlişiniň iň soňky nomeri dowam dýär. Howa akrobatçylary
al-asmanda täsin hem howply maşklar edýärler.Aşakda tomaşaçylar zalynda
Berkeliniň ýanynda oturan Aýläle ýokarda bolup geçýän ýüregiňi artykmaç
titredýän hereketlere uzak seredip bilmän, ýüzüni aşak salýar-da, ýoldaşyna
gysylýar.Berkeli ýuwaşlyk biln onuň egninden tutup özüne tarap çalaja çekýär.
72.
Sirk gökezlişi tamam bolýar.Tomaşaçylar salkyn giçligiň ýakymly howasyndan
dem alyp, öýli öýüne tarap ugraýarlar.Olaryň arasynda Aýläle bilen Berkeli hem
bar.Olar çalarak gol tutuşyp seýil baga meňzeş giň hem gür agaçly köçäniň gyrasy
bilen barýarlar.
--Awtobusa münýäsmi?—diýip, Aýläle soraýar.
--Şu salkyn howada, şu ýakymly agşamda awtobusa münmekden pyýada
ýöräniň gowy dälmikä?
--Sowalyma “ýok” diýen jogap bermediň. Ýöne men saňa düşünýän hem
goldaýan—diýip Aýläle Berkelä çalaja gysmyljyraýar.
Uzaklaşansoň bir göwrä meňzäp ýanaşyk barýan iki göwre elektrik şöhlesinden
hem Aý nurundan ýasalan ajaýyp agşam kölüne siňip barýar.
73.
109
Berkeliniň ejesi Aýjan Ejegül jorasynyň öýünde myhmançylykda. Çaý-nahar
edinilendigini saçagyň üstündäki görnüş habar berýär.
--Ejegül jan, maňa rugsat ber, turaýyn.
--Otursa-na, dogan! On bäş ýyldan soň bir gezek gpymdan geldiň welin…
--Indiki sapar sen bize baraňda uzagrak oturaýarys.
Aýjan gaýtmakçy bolup gapa ýetensoň:
--Läle jan bilenem salamlaşyp ötägitjekdim welin, nesibämde ýok eken.
--Ýaňadandan gatnaşyp başlarys nesip etse. Indi ýygy-ýygydan görşer
ýöreris.Öňki ýaly birek-biregi on bäş ýyllap ýatdan çykarmarys.
Aýjan bosagada aýak çekýär.
--Senden içimi gizlemesem, araky garyndaşlyk açmak hakda eden oýnam-çig
gepimizi çyna öwräýsemmikäm diýmänem duramok, dogan. Sen şol hakda-da
birneme oýlangyn.
--Pylan diýmäýin.Nesibesir, joran…Men-ä gyzym ýetşendirem öýdemokdym
welin,--diýip, Ejegül gülümjireýer.-- Iliň gözi ýiti. Eýýäm gudaçylyga gelip
ýörenem bar.
--Özüňem edil ýaga depjek ýalysyň. Menem şeýle. Görýäniň, eşidýäniň oňlulyk
däl. Şu gün baryşyp, ertesi aýrylyşybam ýörler häzirki döwrüň ýaşlary.Utançhaýa-da ýok bularda.
--Wah, men seň bilen guda bolmaga iki elläp razy-la…Nesibedir-dä!
-- Özüň razy bolsaň, nesibedir diýmäň näme?
--Onuň sebäbi, sen bu döwrüň ýaşalaryny tanaýaň-a, jora jan. Jygba-jyga
gelende, olar öz sähetlerini özleri belleýäler,! Şzlerem bozýalar.Arada Lälämiň
bile, bir synpda on ýyl okan ýoldaşynyň ejesi bilen kakasy gudaçylyga geldi welin,
gyzyň özi olary gaýdyp gelmez ýaly edäýdi.
--Ýüzlerini aldymy?
--Ýok.Gödek söz diýmedi, ganatman kesdi. Ikimiziň döwrümizde gyz halky
başgarakdy.
--Läle gyz Aýjan daýzasy gelse mylaýymja gepeleşer, nesip bolsa.Kesjegem
bolmaz, gatatjagam bolmaz.
--Belki.
--Sag otur, Ejegül. Habarlaşaly, duşuşaly.
--Sag bol, joram!
Ejegül bilen Aýşan gadyrly hoşlaşýarlar.
74.
Berkeli bilen ejesi öýde. Ogly agşamlyk naharyny iýýänçä Aýjan oňa seredip
oturýar.
--Nahar iýýänçäm garaşdyň, eje. Sag bol! Indi başlabereli!—diýip, agzyny
süpüren Berkeli ýylgyrýar.
--Nämä başlamaly?—diýip, Aýjan geňirgenýär.
--Toý etmek gürrüňine.
Oglunyň jogabyna Aýjanyň keýpi bozulýar.
--Ýaňsylap janymy ýakma!—diýende, onuň gözlerinde ýaş görünýär.-- Ýigrimi
üç ýaşyň dolýa. Ýene iki-üç ýyl sallah gezseň, deň-duş gyzlaň hemmesi durmuşa
110
çykyp gider welin, garran oglan diýip hiç kim saňa gyzynam bermez… Bir hoş
habar aýdaýjakdym welin, keýpimi bozanyň üçin aýtjagam däl.
Aýjan gap-gaçlary ýygnaşdyrmaga başlaýar.
--Men nahar iýýänçäm garaşyp, bir zat aýtjakdygyňy aňdym. Sebäbi agşamlyk
sen meni irden işe ugradan ejemden üýtgeşigräk göründiň. Indi aýdaýsa-na! Gelin
edinýäsmi?
Aýjan çalaja ýylgyrýar.
--Iki tarapam göwnese, edinýäs—Berkeli ýylgyransoň.—Ýylgyran bolma. Sen
Ejegüli tanaýaňmy?
--Seň bilen bir mahal dokma fabriginde işlän Ejegül daýzamy? Sen o hakda
aýdýadyň. Özi ýadyma düşenok.
--Öz gözümiň ýetip duran ýeri. Joram. Gül ýalam gyzy bar. Biz şony gelin
edinmeli. Mejbur edemok.Öňürti görüşiň, gepleşiň…
--Özüň beri ony gördüňmi?
--Çagaka, seň bilen baga gatnaýarka her gün görýädim..
Berkeli arkan-ýüzin gaýşyp gülýär.
--Ýa eje, senem-ä, käte şeýlebir top atýaň welin, demirgazyga çenäp atan okuň
günortada ýarylýandygyna-da üns bereňok.
--Bir ýrde ýarylsa boldy-da.
--Ol bolanok, eje. Çagaka gören gyzjagazyňy ýigrimi ýaşansoň öwmek…
--Ýigrimi ýaşynaky suratyny gördüm. Aý ýaly maşgala bolup ýetişipdir.
--Bolsa-da, diňe suratyna seredip, tanamaýan gyzyňa gowy diýmek…
--O gyzyň ejesi gowy.
--Bolanda näme?
--“Enesini gör-de, gyzyny al” diýpdirler.
--Ony gadym zamanlarda aýdandyrlar. Häzirki zamanda enesini görmän, gyzyny
alýarlar.Gyzyny alanlaryndan soňam enesi bilen tanyşýarlar. Gylyk-häsiýet döwre
görä üýtgeýär, eje.
--Gylyk-häsiýet üýtgeýär diýib-ä siz dünýäni bulam-bujar etdiňiz.
--Beýle däl, eje.Ýaşlary tankytlamaly bolsa siz uly hyjuw bilen çozuş edýäňiz.
Gaýtam biz dünýäň ozal goýberen ýalňyşlaryny düzedýäris… Onsoň o gyz ikimiz
biri-birimizi halamasagam, çagaka göreniň üçin sen ony gelin edinmelimi?
--Ony ýagdaý aýdar.Meň duluma asylly ýeriň maşgalasy gelin bolup geçmeli.
-- Duluňa geçjek gelinligiňi ýakyn wagtlarda özümiň saňa görkezäýmegimem
ahmaldyr, eje. Sen azajyk gyssanma. Bize gaçmaga-kowmaga salym ber.
--Göz astyna alýanyň bar bolsa, näme üçin şu mahala çenli aýtmadyň? Ýa ol iş
öz eneň-ataňdan gizlin bolmaly işmidir?
--Ýaňy tanyşdyk.
--Kim tanyşdyrdy.
-- Tötänden.
--Nirede tanyşdyňyz?
-- Köçede.
--Köçe-de?!—diýip, oglunyň gaýtaran jogabyny halamadyk Aýjanyň sesi
süýgüp gidýär. Ol ogly howply bir habar aýdan ýaly gorkuly ses bilen:-- --Haýsy
köçede?—diýyp soraýar.
111
Berkeli ýylgyrybrak jogap gaýtarýar.
-- “Ykbal” köçesinde.
--“Ykbal” köçesi diýen köçe ýok bu şäherde.”Ümsüm köçe” bar, “Çetki köçe”,
“Saýaly köçe” bar. “Nurana”, “Owadan köçe” bar.Ýöne seň diýýän köçäň ýok.
--Bolmasa, bolar-da.Biziň ykbalymyzy birikdirse, ol köçä şeýle at dakaýarys.Oňa
meň ejemem garşy bolmaz.
--Ejeňmi?!—diýip, Aýjan alarylýar.
--Hawa. Berekeliň ejesi.
Gözüne ýaş aýlanan Aýjanyň sesi pessaýam bolsa, kesgitli çykýar.
--Ejeň ol köçä şeýle at dakylmagyna-da, ol köçede tanşylan gyza-da garşy
bolar.Şu habar kakaň gulagyna bir ýetsin… Biz saňa ýat adam bilen köçede
tanyşmagy başarýan gyza öýlenmäge ýol bermeris. Oglum bilen köçede tanyşýan
maşgala meniň törüme gelin bolup geçmez. Özi geçjegem bolsa, kakaň ikimiz
geçirmeris. Joramyň gyzy bilen görşersiň, eger ony halamasaň, kakaň indiki gezek
gelende men Balkana gudaçylyga giderin. Şu gepi ýadyňdan çykarma, ogul. Şu
gepi köçede tanşyp bilýän gyza-da hökman eşitdir. Bolýamy?
75.
Aýjan ýaşaýan jaýynyň birinji gatynda ýerleşýän dükandan bir zat alyp daşaryk
çykanda, onuň çykmagyna ýörite garaşyp duran ýaly, çakdanaşa uzyn boýly bir
aýal:
--Goňşy, salam—diýip, ony saklaýar.
“Goňşy” diýse-de, Aýjan ol aýaly ozal bir gezegem görmändigine ynanýar.
--Ikimiz ozal gabat gelşen däl bolsak gerek—diýip, Aýjan aýak çekýär.
--Men edil siziň jaýyňyzda ýaşamok.O jaýda ýaşaýan—diýip, nätanyş aýal
aňyrrakda duran köp gatly jaýa tarap elini salgaýar.
--O jaýda ýaşasaňam goňşy bolýaň-da.—diýip, Aýjan özüne salam bereniň
göwnünden turmak üçin başynam atýar.
--Bu işleriň arasyna düşmek oňatlyk hasap edilmese-de, ýagdaý siz ýaly gowy
maşgala degişli bolansoň, bilýäniňi gizlemegem içigaralyk ýaly bolansoň…
--Sen, goňşy, bir derwaýys zat-ha aýtjak bolýaň welin…
--Derwaýys bolansoň, dükana gireniňi gördüm-de, çykýançaň garawullap
durdum.
Gep maýda gep däl.Goňşy aralykda ony ýörüte öýüňe baryp aýtmaly welin, olam
birhili…
--Şu ýerde aýdyber.Peýdaly gep bolsa hem peýdalanaryn hem saňa minnetdar
bolaryn.
Özüni goňşy diýip atlandyrýan aýal howatyrlanýan ýaly töweregine ser salyp
gepleýär.
--Bir haýyşym: meniň saňa aýdan habarym ogluň gulagyna ýetmesin. Saňa
ýagşylyk etjek bolup, ogluňy özüme, gaýybana-da bolsa, duşman edinmäýin.Seň
gaty gowy ogluň bar diýýäler.Akylly, edepli…
--Arkaýyn gepläber. Gürrüň diňe ikimiziň aramyzda galar, goňşy.
--Soňky mahallarda seň ogluň maşynynda gyzmy, gelinmi—bir aýal maşgala
görünýär welin, şondan habaryň barmy?
112
-- Habarym-a ýok, goňşy. Ýöne çaklaýan. Özi ýaňzytdy.
--Çaklasaň, ägä bol. Bu zamanyň sada hem päk ýigitlerini oýnamaga ökde ökjesi
ýeňil gelinleriniň gözlegi seniň ogluň ýaly dokuzy doly oglanlar. Bir gezek
çeňňegini ildirse, olar ýalynyň çeňňeginden syparyn öýtmegin.Ogluňam gider,
ýaşaýan jaýyňam gider. Özümem şol meselede agzym bişensoň saňa içimi
dökäýýän.
--Men minnetdar, goňşy. Ýöne gören bolsaň, aýt. Daş sypaty dagy nähili ol
maşgalaň?
--Özüm-ä şoňa meňzeş gelin bilen bir öýde ýaşamazdymam. Boýy seň ogluň
boýundan bir garyş uzyn, boýny almaň sapagy ýaly. Yzy hem göni tagta kakylan
ýaly tep-ekiz. Öň-de ýok, yz-da. O pisint aýal çaga dogrup bilerem öýdemok menä…Ägä bol, goňşy, ägä bol. Ýatyp galaýma.
76.
Her eli içi zatdan doly torly Aýnabat bazaryň derwezesinden çykyp, oglunyň
maşynly garaşyp duran ýerine golaýlanda, Aýjana sataşan çakdanaşa uzyn boýly
aýal yzyndan ýetýär.
--Dogan, ýekeje munt aýak çek, saňa bir aýtmaly zadym bardy welin, gabat
geleniň gowy bolaýdy.
--Aýtmaly zadyň bolsa aýdyber!—diýip, Aýnabat oňa tutuk jogap gaýtarýar.
Uzyn boýly aýal, kimdir birinden heder edýän ýaly sagyna-soluna ser salansoň
gepleýär.
--Sizi ýakyndan tanaýan tanyşlarym gaty gowy ogluňyz bar diýýäler. Olar siziň
nirä gudaçylyga barýanyňyzy hem aýdýalar. Menem siziň barýan ýeriňizi oňat
tanaýan.
--Tanasaň, gowy-da.Gudaçylyga barmak diýilýän zat gizlin syr däl. Hesibe
çekse-hä bolarsyň, çekmese-de…
-- Gudaçylyk gizlin syr däldir welin, barýan ýeriň nähilidigine-de göz ýetirjek
bolmaly, dogan. O gyz siz ýaly abraýly hojalygyň duluna geçmeli maşgala
däldir.Daşy jäjek, içi möjekdir.Daşy aý ýaly bolsa-da, içi tüm garaňkydyr. Bir aý
geçmänkä ökünüp ugrarsyň.Tüýs bir ýerinden gelen gyzdyr ol. Şony gelin edinseň,
jaýyňam eliňden gider, ogluňam özüňki bolmaz.
Aýnabat ol aýalyň ýüzüne ýakymsyz nazar aýlaýar.
--Şolmy bar aýtjagyň? Haýyr işi bozmak üçin ara düşmek agyr günä bolýandyr.
Şony bilýäňmi sen?
--Men haýyr işi bozmak islämok-da, saňa ýagşylyk etmek üçin hakykaty
aýtdym.
--Adam ýamanlamakdan ýagşylygam bolmaz, hakykatam. Biziň gudaçylyga
barýan ýerimiziň maşgalasyny özümizden gowy tanaýan adam ýokdur.—diýen
Aýnabat elindäki torlary eýýäm özüne golaýlan ogluna berýär.
Ýüzüne urlana dönen uzyn boýly aýal yzyna aýlanýar.
Torlary maşyna salan Hajy;
--Sen ýaňky aýaly tanaýaňmy, eje?—diýýär.—Şol aýalyň iki metr dagy boýly
ogly üç ýyl mundan ozal biziň goňşy mekdebimizi gutardy. Men olary käte bile
113
barýarkalar görýädim. Şol oglanyň özem sapak gutaran mahaly, bir zat gözleýän
ýaly käte biziň mekdebimiziňem töweregine aýlanyp gidýärdi.
--Şolar ýaly bir zat tapsa-na! Eneli ogluň tutýan maksady düşnükli onda.
-- Ol aýal, tanamaýan halyna seni näme üçin saklady? Senlik näme aladasy
barka?
--Ýetişen ogly bar bolsa, onuň aladasynyň sebäbine indi düşündim.
--Araňyzda bir täsin gep-ä bolan ýaly, eje?
Aýnabat elini silkip jogap berýär.
--Aýal gybatlarynyň hemmesini eşitjek bolup ýörmezler, Hajy. Sen erkek oglan
ahyryn…
Eneli ogul ulaga münýär.
Maşyn göni köçä düşýär.
77.
Daş çykan Aýläle diş merkeziniň öňündäki aýmançada maşynynyň ýanynda duran
Haja gözi düşýär. Hajy Aýläleä Aýläle Haja tarap ýöreýär.
--Salam, Aýläle.
--Salam, Hajy.Oňatçylykmy? Ejeň, kakaň dagy hem gurgunmy?
--Olaryňam soňky gezek size baryp gaýdanlary bäri keýpleri ýok. Ejemiň-ä ilki
günler gan basyşam ýokarlandy.
--Ol işe gaty ynam bilenem ýapyşmaly däl, Hajy. Sen akylly oglan ahyryn.
Durmuşda hemme maksadyňa ýetibem bolanog-a.
--Bolmasa-da, seniň meni özüňe dogan saýmagyňy entek-entek menem islämok,
Aýläle.Şol sözüňi yzyna alaýsaň-a, men özümi bagtly saýardym.
--Sen onsuzam betbagt däl ahyryn. Synpdaşlarymyzyň hemmesi akylda—
paýhasda-da, ýaşaýyş manysynda-da Hajy Nuryýewiň derejesine ýetmek
isleýärdiler.Häzirem şeýledir.Tüweleme, seň hemme zadyň ýerbe-ýer.
--Senem doganlyk barada diýen sözüňem yzyna alaýsaň, men özümi hemme
manyda işi oňan adam hasaplardym.
--Alardym welin. Seniň maňa doganlyk ornundan aýrylyp ýetmek isleýän
ornuňy başga biri eýeledi.
--Men oňa ynanamok, Aýläle.
--Sen şoňa ynan-da, özüňi maňa dogan hasapla, Hajy. Şeýtseň, özüňem
ynjalarsyň, menem ynjaldarsyň. Sen maňa ynan.
--Enteg-ä ynanasym gelenok… Nirä ugradyň?
--Öýe.
--Ýör,onda men seni öýňüze çenli maşynly äkideýin!
Aýläle çalaja ýylgyrýar.
--Nämä ýylgyrdyň? Ýa maňa janyňy ynanaňokmy?
--Ol hakda däl. Men ýüregimiň uzak wagtlap sag bolmagyny isleýän.Lukman
alymlar bolsa “Ýüregiň dermany aýakda” diýipdirler.
--Maşyn münmän, pyýada ýöremeli diýildigi bolýa-da. Ýöne şony diýýän
alymlaryň özlerem maşyn münýärler.Olaryň pyýada gezip ýörenlerini görmersiň.
--Biz özümiz alym bolmamyzsoň, alymlaryň edenini etmän, et diýenini edýäris.
Maşyny alymlyga ýetenimizden soň münübereris.
114
--Düşnükli. Gepiň keltesi sen pyýada gitjek-dä.
--Ýadaýançam.
--Onda sag bol.Bir ýadow günüň gabat gelerin-dä.
Öňki synpdaşlar sagbollaşýarlar.
Aýläle öz ugruna ýöreýär.Maşynyna giren Hajy gyzyň ädim uruşyny synlap
oturýar.Emma uzak pyýada gitmedik Aýläle aňyrrakda duran köne maşyna baryp
münýär.Hajy onuň münüp giden maşynynyň yzyndan sürüp, deňinden
geçiberende, rulda oturan ýigidiň keşbini ýadyndan çykarmadyk Berkelidigini
görýär-de, olardan ozmasyny goýup, yza galýar.Ol maşynyny köçäniň gyrasynda
saklap, esli oýlanyp oturanyndan soň:
--Sen örän bagtly ýigit ekeniň, gadyrdan—diýýär.-- Ýöne sen öz bagtlydygyňa
gowy düşünýärmikäň?
Hajy maşynyň ruluna maňlaýyny goýup esli oturanyndan soň, başyny galdyrýarda, el telefonuna ýapyşýar.
--Aleo! Yklym? Salam.Men Hajy . Seniň maslahatçylyk etmegiňde ýazyp ýören
romanymyň hut şu mahal soňky nokadyny goýandygymy saňa aýdaýaýyn diýip jaň
edýän.
--Onda seni gutlabermelimi?
--Ýalňyşýaň. Meni gutlamaly däl. Gutlanmaly adam Berkeli boksçy.
--Düşünmedim.
--Düşünmeseň, häzir men Aýläläniň Berkeli boksçynyň maşynyna münüp
gidenini gördüm.
--Nätdiňaýt?
--Hakykat.
--Men ony hemmämiziň gözümizden, ýadymyzdan hemişelik uçandyr öýdüp
ýördüm…
--Ol uçupdyr-da, bireýýäm Aýläläniň ýüregine baryp gonupdyr.Biziň bolsa
beýle ýagdaýdan habarymyzam ýok.Utuldyk. Onuň üçin Aýläläni ýigrenmerisem.
Utulsaňam mert bolmaly.
--Durmuş gaty çylşyrymly zat eken. Ruhdan düşme, Hajy.Roman ýazmak üçin
ýene tema, material tapylar.Başymyz ýaş-a.
--Görmeli-dä… Sag bol!
Hajy ýene maşynyň ruluna kellesini goýýar.
78.
Gapyny açyp, bosagada duran Aýjany gujaklap, ogşap aýrylan Ejegül:
--Jaň edip gelmeli ekeniň-dä—diýip, nägilelik bildirýär.—Taýynlyk görerdik.
Gel, geç, dogan!
Içerik birki ädim giren Aýjan Aýläläni görüp dünýäni unudýar.
--Aýläle-da şü!---diýip, Ejegül ylgyrýar.
--Men seni on bäş ýyl bäri göremok, Aýläle jan!—diýip, Aýjan ony bagryna
basýar, ýaňagyndan ogşaýar.
Zordan onuň goltugyndan sypan gyz:
--Aýjan daýzamy?—diýip ejesinden soraýar.
--Tanadyňmy?
115
--Ýok, çak etdim.
--Özüne ýakynyň kimdigini aňmaly-da, kalby syzmaly-da!—diýip Aýjan hoşwagt
bolýar.
Aýläle ýylgyrýar.Ýylgyryş ony Aýjana öňküsindenem owadan edip görkezýär.
Aýjan oňa seredip durşuna içini gepledýär: “Ine meň gelnligim, Ine meň törüme
geçmeli maşgala!”
Aýjanyň özüni gözi bilen gujaklap, sözi bilen sypalap durşundan birneme
utanan Aýläle, ondan sypmak üçin:
--Çaý goýaýynmy, eje?—diýýär.
--Çaýy özüm goýaryn. Sen dükana gidip gel. Aýjan daýzaňy üýtgeşik süýjikökeler bilen hezzetlemesek bolmaz.
Aýläle çykyp gidýär.Ejegül aşhana girýär.Aýjan onuň yzyndan barýar.
--Aýjan dogan, dulugyň biraz çişäýipmi? Dişiň agyrsa, Läläň ýanyna baraýgyn.
Ökdejemiş diýýäler.Barmazyňdan bir gün öň maňa jaň etseň, duýduryp goýaýaryn.
--Dişim -ä agyranok welin, birki gün bäri dulugym çişýä. Ýöne, diş-piş hiç-le,
Ejegül jan. “Göleli sygyrdan gürrüň edeli-le”. Ýaňky gyz meň gelinligim
bolmalymy?
--Öňki gezegem aýdyşdyk; bular öz göbegini özleri kesýän çagalar-da.
--Adaglysy bar diýip ýüregimi ýarmasaň bolýa, dogan. Galan meseläni özümiz
oňarjak bolarys.
--Näbleýin..
-- ………???
--Bar bolsa menem aňardym-la…
--Tas ýüregimi ýarypdyň. Şeý diýip meni ynjalt ahyryn!
79.
Ejegüliň öýi. Agşamlyk owkadyndan soň eneli-gyzyň arasynda Aýläläniň
ykbaly barada gürrüň başlanýar.
--A gyz, senem indi ýigrimi ýaşdan geçdiň…
Aýläle çalaja ýylgyrtp gepleýär.
--Näme diýjek bolýanyňy aňýan, eje.
--Aňsaň, oňa ýetesi zat ýok.
--Men seň ýekeje çagaňam welin, eýýäm irizäýipdirin öýdýän?
--Akyllyja geple. Men senden başga kime guwanmaly, kimiň aladasyny
etmeli? Hemişeler uzak wagtlap arkasy ýapylman oturan gyz kemli ýa-da betbagt
hasap edilýärdi… Gapymdan geleni Aýnabat daýza jogap berşiň ýaly etjek bolsaň,
işigimizi açanam tapylmyýa.
--Şol meselede biraz gyssanma eje.
--Gyssanma diýip, bir hokga çykaraýmagyn, gyz. Özüňem menden syr
saklamagyn. Nä biri bilen tanyşdyňmy? Şol Aýnabat daýzalaram gurply, abraýly
ýermişin…
--Men o daýzaň ogluny tanaýan, eje.
--Indi ogluny tanaman özüni tanaýanyň gelmekçi. Şonda näderkäň?
--Gapymyzdan hyrydar gelýän bolsa, näme üçin men ondan bihabarkam?
116
--Wagty-sagady gelende habardar edilersiň. Biri bilen tanşan bolsaň-a aýt.—
Aýläläniň “hawa” ýa-da “ýok” hem diýmän dymmagy Ejegüli gyzyklandyrýar.—
Nirede tanyşdyň?
--Köçede—diýen Aýläle ýene bir zatlar aýtjak bolýar, emma ejesi ona gepini
dowam etmäge maý bermeýär. Ejegül gaty geň galmklygyň alamatyny görkezip
elini öz ýakasyna ýetirýär.
--Indi men kimdir biri bilen köçede tanşyp durmuş gurýan gyzly ene boldummy?
--Bir ýerde tanyşmaly bolar ahyryn? Ýakaňy tutuberýäň- le, eje…
--Seň ejeň ýok. Gepleme.—Ýedi arkasyna belet, gül ýaly joram gapymy açjak
bolup durka, men seni köçede tanşylýanyň yzyna tirkäp goýbermen.
Ýagdaý Aýläläni daşky gapa tarap ýöremäge mejbur edýär.
Bokurdagy dolan Ejegül onuň yzyndan gygyryp galýar.
--Indiki hepde-de Aýjan daýzaň ýörite geljekdir. Men oňa belli jpgap bermeli
bolaryn. Şony bilip git.
80.
Teatrdan çykylandan soň, Aýläle bilen Berkeli giň şaýoluň gyrasy bilen
gündogara tarap pidip barýarlar. Gijeki parahat şäher hasam gowlanypdyr.Owadan
agşamyň, ýakymly ýemalyň iki juwanyňam keýpini hasam gowlandyrandygy olara
keseden seretseňem bildirýär.Ýöne Aýläle bilen Berkeli el-ele berip baraýanam
bolsalar, olaryň häzirki gatnaşygynda ýuwanaklyk, “öňdebaryjy” söýgi alamatlary
görünmeýär.
Öňden içgilidigini mazaly aňdyryp, giň ýanköçä zordan sygýan bir adam gelýär.
Ol ýigit bilen gyzyň deňine ýetende:
--Aýak çek, ýaş ýigit!—diýip, buýruk beriji äňeň bilen Berkelä ýüzlenýär.
Ins bermän geçibermeli Berkeli, näme üçindir, saklanýar.
--Näme hyzmat?
--Nähili çilim çekýäň? Maňa filtrsizi gerek.
--Men çilim çekemok..
-- Hm-m… Çilim çekmeýändenem erkek bolarmy? Özüňem owadan gyz bilen
gezim edýäň. Owadan gyzlar içmeýän, çekmeýän ýigitleri ýigit hasap etmeýäler.
Sen şony bilýäňmi?
--Bilýän. Bilýän, ýaşuly.
--Bilýän diýseňem bilýän-ä meňzäňok.
Aýläle Berkeliniň elinden çekýär.
--Ýörsene!
Berkeli ýöräberende serhoş:
--Eýýäm jylawuňy eline beripsiň, gadyrdan. Indiden beýläk aýak ýoluna gitmeli
bolsaňam şondan rugsat sorap gidersiň, bagty ýatan. Häzirki zamanyň erkekleri
şeýle süpük boldular-da. Biz ýaly hakyky erkekleň adyna ysnat getirdiňiz…
--Gürleşesiň gelýän bolsa, saňa men gürrüňçi bolaýaryn.Ýör, tizräk!—diýip,
Aýläle Berkelini gyssaýar.
Ýöräp ugran Berkeli:
--Serhoşyňky ýaly özboluşly gep taparmyň?—diýýär.
--Ony-ha başarman—diýip, Aýläle gülýär.
117
Ýene bile esli ýöränsoňlar Aýläle özüni bir tatapa çekýän Berkeliniň elinden
elini aýyrjak bolýar. Emma başarmaýar. Gaýtam, ýigit gyzy az-kem gyra,
leýlisaçyň şelpelerine tarap çekýär.Olar şol ýerde az-kem saklanýarlar.Berkeli
asmandaky dolan Aýa seredýär. Şu mahal başga hem söz tapmadyk gyz:
--Nämä seredýäň?—diýen sowal berýär.
Owadan şäher, owadan Aýly ýagty agşam Berkeliniňem agzyna söz salyp
berýär.
--Asmanyň öz Aýlälesi-- ýokarda. Meniň Aýläläm-- ýanymda…
Aýläle bilen Berkeli bir-birege golaýlaşýarlar.Aý şöhlesine lowurdaýan leýlisaç
şelpeleri perdä öwrülip, juwanlary görer gözden gizleýär.
81.
Ýigit bilen gyz Aýläläniň ýaşaýan ýerine ýetip barýarlar.
--Sagbollaşamyzda näme diýmeli?
--“Ykbal köçesinde” duşuşýançak diýmelimi?—diýip, Aýläle gülýär.—“Ykbal
köçesi” diýen sözi ikimiziňem ejemiz halanok.
--Halamasalar halar ýaly täsir etmeli bolar.
--Nädip?
--Men seni öz ejem bilen duşurmaly, Aýläle…
82.
Agşamara. Aýläle telewizorda bir filme tomaşa edip otyr. Aşhanadan Ejegül
çykýar-da, diwana geçip oturýar.
--Hany, şol telewizoryňy ýap, gyz.
--Gyzykly kino gidýär, eje…
--Meniň seň bilen etjek gürrüňim telewizoryň kinosyndan müň esse wajyp.
--Ana, gutardam-la.
-- Hudaýa şükür! Meň wajyp diýänim ýene şol öňki gürüň.
--Aňýan.
--Aňsaň, Aýjan daýzaň gelmekçi…
--Gelse-ge, men edil häzir gutarnykly bir zat aýdyp biljek däl, eje. Gowysy, sen
ony umydygär etme-de, jogabyny beräý.
--O nähili jogap? Näme diýmeli?
--“Jora jan, men seni gaty gowy görýän. Ýöne sen bir aý—ýarym aý gijä
galdyň” diýäýmeli. Ol akylly aýal. Gepe düşüner.
Ejegül eýýämden gaharlanyp başlaýar.
--Sen Aýjanyň aklyny kesgitlejek bolma-da, öz ykbalyň aladasyny et.—Aýläle
uzak wagt dymansoň.—Sen meni geplemän ýeňjek bolýaňmy? Eneň seň
ýamanlygyňa çapýandyr! Çül-çüp çagaly öýüň dördünji gelni bolup düşen
gyzlaryň günündenem habarymyz bar. Sen päliňden gaýt-da, ejeň diýeni bilen bol.
Ýalňyşma. Öz eliň-öz ýakaň bolar. Aýjandanam adam let iýmez. Men oňa belet.
Ölýänçä seni eliniň aýasynda saklar.Oglam akylly-başly ogul bolmaly. Gaýnata
boljagam parahat, akylly adam.
--Men onuň ogluny görmesem, tanamasam…
118
--Seni şu gün süýräp äkidýän ýok, gyz. Sen Aýjanyň ogly bilen görüş, tanyş.
Belkem, sulhuňyz alşar… Aýjan daýzaň dişem agyrýamyş. Baraýsa dagy oňatja
serediň. Özüň başarmasaň, saňa iş öwredýän mugallymyň seretsin.”Ejemiň jan
ýaly jorasy” diý.—Aýläle ýylgyransoň.—Nämä ýylgyrýaň?
--Ejeň jorasy bolsa-ha “oňatja”, başgalara-da “erbetje” seretmelimikä?
Gippokratyň kanuny bar. Doktor hemme näsary deň göz bilen görmeli.
--Men seň Gippekratyň bilenem, Mekgekratyň bilenem işim ýok.Meň öz
kanunym bar.Senem şol kanun bilen bolmalysyň. Ejeň jorasy barsa, oňa
başgalardan başgarak seretmeli.
--Bor, eger barsa, men oň dişli meselesi üçin elimden gelenini ederin. Ýöne
ikinji meselesini çözmek meniň elimden gelenok, eje.
--Eliňden getirmeli bolarsyň, Aýläle!—diýip, Ejegül gaty ynamly gepleýär.
83.
Aýläläniň poliklinikadäky praktiki okuw geçýän otagy. Aýjan näsagyň
oturgyjynda otyr. Üöne ol diş bejertmäge däl-de, ony bahana edinip gelene
meňzeýär. Ol ýüzüni bir tarapa sowup, Aýläläniň elindäki guraly agzyna
eltdirmeýär.
--Men siziň dişleriňizi barlaýyn, Aýjan daýza. Eger çylşyrymlyrak bolup,
bejermek özüme başartmasa, bize diş bejermegi öwredýän mugallymy
çagyraýaryn.Ol goňşy otagda.
--Ýök-ýök, del adam çagyrma.Henize çenli diş agyrydan adam ölüpdir diýip
eşidemizok. Menem ölmen. Seň bilen entek ikiçäk gürrüňimem bar meň. Diş üçin
ullakan alada-da etjek bolma.Sen-ä, Läle jan, meň dişimi görersiň, menem seni
görerin diýip gaýdyberdim.
--Men oňa gaty ynaýan, Aýjan daýza. Ýöne siz biraz geplemän oturyň. Men
bejeremesemem, geleniňize görä dişleriňizi barlaýyn.
--Ýok! Tersine edeli-le. Ilki gepleşeli, dişe soň geçeli… Gije-gündiz Hudaýdan
edýän dilegim—seni meň törümde oturtsa.
--Öýde ejemden her gün eşidýänimem şol gürüň. Indi bu ýere gelen Aýjan
daýzamam gürrüňini şondan başlaýar.
--Sebäbi ejeň bilen Aýjan daýzaň saňa ýagşylyk arzuw edýär-dä. Aýdýan-a meň
Hudaýdan dilegim sen.
Aýläle içinden: “Hudaýdan dileg etmek aýyp däl, Aýjan daýza. Ogluň ogul
bolsa, törüňem boş durmaz”.
--Men-ä saňa-da, jorama-da gaty bil baglaýandyryn, Läle jan…
AÝlÄLE: “Bil baglanyňdan netije ýok, Aýjan daýza. Sen gijä galdyň”
Aýläle diş gyrýan maşyny eline alýar.
--Gyýçak ýaly bolyp duran diş bar.Şony azajyk gyraýyn. Ýogsam ol agzyň içini
ýaralar.
AÝJAN. Şu hazanyň sesini eşitsem, dünýäm daralyberýä-dä meň.
AÝLÄLE. Şunuň sesini halaýan adam ýok.Kalbyňyzy giňräk tutuň, Aýjan daýza!
Aýjan agzyny açmga mejbur bolýar.
84.
119
Aýläle uly köçäniň gyrasyndaky owadan agajyň saýasyndaky skameýkada ýeke özi
otyr.Durmuş joş urýar—köçeden dürli kysymly, dürli reňkli maşyn bary nirädir bir
ýere gaty howlugýan ýaly eňşip barýarlar.Ýanköçeden gidip barýan pyýadalar
ulaglardanam beter.Olaryňam arasynda gyssanyp öňden barýandan ozyp
geçýänem, äwmezlik bilen ýuwaş ädim urup barýanlaram bar. “Şunça adam—
şonça-da dünýä. Her kimiň öz maksady, öz aladasy.” diýip Aýläle içini gepledýär.
Birdenem onuň nazary giň köçäniň beýleki tarapyndaky jaýyň ýüzündäki “1950”
(mysal üçin) diýlip ýazylan sanlarda saklanýar. San köçäniň ada derek goýlan
nomeri. Aýläle oňa üns bilen seredip otyrka, diwardaky nomeriň ýüzüni ilki duman
basýa-da, sanlara derek harplar bollýär. Harplar “YKBAL KÖÇESI” diýen
manyny aňladýar. Aýläle çalaja ýylgyrýar. “ Şu köçe, dogrudanam, Berkeli
ikimiziň ykbalymyzy birleşdirjek köçe bolup galaýjakmyka?”
Aňyrrakda ýanköçeden Berkeli peýda bolýar.Ol Aýläläni görüp, elini galdyrýar.
Aýläle hem oturan ýerinden Berkeliniň hereketlerini gaýtalaýar.
Berkeli gelip skameýkada ornaşýar.
--Kän garaşdyrdymmy?
--Känem däl. Diňe şu köçäniň san adyny söz ady bilen çalşyrmaga ýetişdim.
--Düşünmedim—diýip, Berkeli geňirgenýär.
Aýläle köçäniň beýleki tarapyndaky 1950 diýen sana tarap seredýär.
--Ana, şol sana derek başga at ýazdym.
--Indi düşündim.Dogrudanam, boş sana derek “Ykbal köçesi” diýseň has gelşikli
bolaýjak ýaly.
--Ol şeýle welin, onda “Ykbal köçesinden” ozal “Ykbal arçasy” ýa-da “Ykbal
çynary”diýen ady hem ulanmaly bolar.
--Sen şol eken nahalyňy ýatlaýarmyň.
--Ikimiziň bile eken nahalymyzy. Ikimizi ilki sataşdyran şojagaz nahal boldy
ahyryn. Şol nahaljyk bolmadyk bolsa “Ykbal köçesi-de” döremezdi.
--Onyň dogry.
-- Sen häzir şol maňa ekişen arçaňy tanarmyň, Berkeli?
--Kyn mesele. Ýüzlerçe bir meňzeş bolup ösüp oturan agaçlaryň içinden şojagaz
nahaly gözläp tapaýmak hiç kime-de başartmaýmasa.
--Maňa başardar—diýip, Aýläle ýylgyrýar.
--Ynanman…
--Men seni oňa ynanar ýaly edäýerin.
Aýläläniň ýüzüne aýdylana ynam etmeýän many bilen sereden Berkeli egnini
gysýar.
85.
Aýläle bilen Berkeli şäher etegindäki arçalykda.
--Arça ekilen meýdanyň aňyrsyna göz ýetenok welin, sen şol arçany taparyn diýp
ynam bilen geplän bolýaň. Hany tap-da.
--Taparyn.
--Ýöne sen şol nahal eken ýeriň töweregindäki gabat gelen arçany görkezibem
“Ine, şol!” diýseňem, maňa ynanaýmakdan başga çykalga galmaýar.
--Birinjiden-ä, men iňňe ýaly zatda ýalan sözlesemem tutylýan, Ikinjidenem, men
saňa ynanmazçylyk etmäge ýol goýman.
120
--Hany, göreli!
Aýläle hiç tarapa sowulman, göni “öz arçasynyň” ýanyna baryp durýar.
--Ine şol arça.Ikimiziň arçamyz.
Berkeli başga bir arça nahalyna tarap elini salgaýar-da, ýylgyrýar.
--Ýok, biziň arçamyz ol bolmaly.
--Ýaňsylan bolma. Näzir men seni ýaňsylamaz ýaly ederin.—Aýläle Berkeliniň
görkezen arçasynyň ýanyna barýar.—Hany şu arçanyň şoldugyny ynandyrar ýaly
deliliňi gökez-dä onda.
--Mende-hä delil ýok welin, sende-de ýokdur.
Aýläle “öz arçasynyň” ýanyna barýar.
--Hany, bärik gel!—Berkeli gelip duransoň ol özüniň arça şahasyna dakan
“nyşanyna” tarap elini uzadýar.—Şuny görýäňmi? Şu meýdandaky müňlerçe düýp
arçanyň diňe ýekejesinde şeýle bellik bardyr.
Aýläläniň belligini eli bilenem elläninden soň Berekeli:
--Dogudanam sen mamla!—diýip, haýrangalyjylyk bilen başyny ýaýkaýar.—Indi
ynanýan.Bu biziň arçamyzdyr.
--Biziňki!—diýip, Aýläle ýylgyýar.
86.
Aýjanyň öýünde. Agşamlyk naharyny iýip bolan Berkeli;
--Eje!-- diýip gygyrýar.Ejesi aşhanadan çykyp gelensoň, keýpi kök ogly
ýylgyryp gepleýär.—Agşamlyk naharymam iýip boldum welin, gürrüňiňe
başlaňok-la?
--Ynha, erte-birigün kakaň gelende hakyky gürrüň başlanar-- Ýüzi birneme
gaharly Aýjan oglunyň garşysyna, stol başyna geçip oturýar.
--Gepiňi gyşardan bolma, ogul. Şu gün seň bilen iň soňky gezek aýgytly gürrüň
bolar.Şu günem maňa hä diýmesem, goý, senli meseläni kakaň özi boýnuna
alsyn.Men saňa aýda-aýda ýadadym, ogul.
--Başlaber!
--Başlasam, men joram bilen dilleşdim. Birigün agşamlyk sen meň bilen olara
myhmançylyga gidýäň-de, joramyň gyzyny görýäň, tanyşýaň…Sen ony görseň…
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ogul - 11
  • Parts
  • Ogul - 01
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1999
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 02
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2093
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2098
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 04
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 2140
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 05
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2158
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 06
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 2100
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 07
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2086
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 08
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2092
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 09
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2136
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 10
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2114
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 11
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 12
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2203
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 13
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2225
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 14
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2230
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 15
    Total number of words is 2778
    Total number of unique words is 1701
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.