Latin

Ogul - 07

Total number of words is 3740
Total number of unique words is 2086
31.4 of words are in the 2000 most common words
43.1 of words are in the 5000 most common words
49.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gelýär..
--Ýeňmän geçsin-le—diýip, ýerinden turan Aýläle pyşyrdaýar.Ol aňyrlygyna
ýöreýär.Gunça hem ondan galmaýar.
Itiniň ýüpüni biriniň eline beren, keýpi kök Hajy gyzlaryň yzyndan barýar.
--It uruşdurmak hähili erbetlik eken!
--Erbetlik däl, Gunça jan, wagşylyk eken.Onda-da baryp ýatan wagşylyk. Men
şu gün ömrümde ilkinji hem iň soňky gezek it uruşyny görüp, adamçylygy bar
adam, ýüreginde rehimdarlyk bar adam it uruşdurmaz diýen netijä geldim. Iki
sany aňsyz janawaryň bir-birini çeýnemeginden lezzet alyp bilýän adam adam
däldir, haýwança-da ýokdur, wagşydyr…
Golaý gelensoň. Aýläläniň soňky sözlerini eşiden Hajy aýak çekip, oýa batýar.
Onuň göwnüne bolmasa Aýläläniň: “It uruşdurmakdan lezzet alyp bilýän adam
adam däldir, wagşydyr!” diýen sözleri müň gezek ulaldylan görnüşde asmanda
ýaňlanýar. Hajynyň gelip durandygyny görmedik gyzlar ýuwaş-ýuwaşdan
daşlaşýarlar.
26.
Ýowar güni Aýlälä nahal ekişen ýigit Berkeli köplenç sportsmenleriň
göterýäni ýaly sumkany egninden asyp asyp, uly köçäniň ýanýodasyndan gidip
barýar. Köçäniň beýleki tarapyndaky awtobuslaryň saklanýan ýerinde duran
Yklym Berkelini görýär.Ol derrew köçäniň beýleki tarapyna geçýär-de, ony
“yzarlap” başlaýar. Berkeli uzak ýöremän, şäher stadionuna girip gidýär.Yklym
hem Berkeli stadionuň belli bir seksiýasyna sowulýança onuň yzyndan
galmaýar.Ol Berkeliniň giren gapysyndan geçip aýak çekýär-de, giň zalyň
öňündäki mähnet aýnaly penjiräniň gyrasyna çekilip, yzarlaýan adamynyň etjek
hereketlerine garaşyp durýar.
Geýip gelen eşiklerini çykaryp, sport eşigine giren Berkeli el-aýagyny ýazmak
üçin az-kem maşk edýär-- towsaklaýar, ylgaýar. Soňam boksýor elligini geýýärde, özünden biraz öň gelip, eýýäm maşk edip bolan hem “söweşe” taýyn bolup
duran ýoldaşynyň ýanyna barýar. Olar salamlaşan badyna, aňyrdan peýda bolan
sport eşikli, ýüzi agyr, çal saç adam elini çarpýar-da, iki oglany ringe “söweşe”
çagyrýar.Berkeli bilen ýoldaşy aýaklaryna ot basylýan ýaly towsaklaşyp,
bokslaşyga başlaýar.Çal saç trener käte olaryň “söweşiniň” arasyny bölüp, bir
zat-bir zatlar öwredýär. Iki ýoldaş baş atyşyp, aýdylany kabul edýändiklerini
aňdyrýarlar. “Söweş” ýaňadandan başlanýar.Berkeli gaçgaklap-gaçgaklap,
maýyny tapansoň, bir uranda garşydaşy tüwdürlip gidýär. Çal saç trener Berkelä
başam barmagyny görkezär, beýlekä süýem bamagyny çommaldyp “käýinç”
74
yglan edýär hemem onuň ýalňyşyna düzediş berýär. Şondan soň “söweş” ýene
dowam edýär.Mana düşünip, telim gezek baş atan Yklym: “Hajy ikimiz muny
urmakçy bolýas. Muň ýeke özi biziň synpymyzyň oglanlarynyň hemmesini uryp
ýykar” diýýär-de, stadiondan çykmak bilen bolýar.
27.
Berkeliniň düýşi: Düýşde onuň Aýlälä sataşan wakasy edil hakykatda bolşy ýaly
gaýtalanyp ugraýar. Aňyrrakda oglan-gyzlar öz işleri bilen gümra.Galan bir düýp
nahaly ekmek üçin çukur gazyp bilmän duran Aýläläniň ýanyna sowulan Berkeli
oňa:
--Çukur gazmaga kömekleşäýein, gyz?—diýýär.
Gyz oňa ýylgyryp seredýär.
--Kömekleşäýseň-ä kem görjek däl, oglan.
Gyzyň ýylgyryşy, mylaýym sesi Berkeliniň gözünden girip, ýüregine ýetýär.
--Hany pili ber bärik!
Pili uzadan gyz:
--Adyň kim?—diýip soraýar.
--Meň adym Berkeli. Seň adyň näme?
--Saňa meň adymy bilmek hökman däl.
Berekeliniň ýere uran pili topraga çüýlenen ýaly gymyldaman durýar.Ýaş
ýigidiň özi-de doňup galýar”
Düýşdäki görnüş şol pursata ýetende, Berkeli oýanýar. “Onuň adyny düýşde
soraman, oýalykda, ýanyňda durka soramaly ekeniň-dä, samsyk. Indi sen ony,
juda bagtyň çüwäýmese, taparynam öýtme. Adyny bilmeseň, familiýasyny
bilmeseň, okaýan mekdebini bilmeseň, ony nireden gözlejek? Şäherdäki onlarça
mekdebiň her haýsynyň gapysynda nobatçylyk etjekmi? Ozalam tötänden gabat
gelişi ýaly belki, köçeden barýarkam öňümden çykar. Durmuşda her hili tötänlik
bolýar ahyryn… Aý, nesibedir-dä!”
Berkeli dikelýä-de, başujunda duran magnitofona elini ýetirýär. Aýdym
ýaňlanýar:
--Başky söýgim, şatlyk-gaýgym, nirde sen?
Ala gözli, ak maralym, nirde sen?
Berkeli magnitofonyň sesini haýalladýar.
--Dogrudanam, şol gyz meniň başky söýgim bolaýmasyn? Henize çenli hiç
bir gyz beýdip meniň ünsümi çekmändi ahyryn.Hiç kim düýşüme-de girmändi.
Ol gyzyňam, ýaňky aýdymda aýdylyşy ýaly, ak maraldygam çyn, ala
gözlüdigem hakykat. “Nirde sen?” diýen sowalam beribermeli. Ýöne ol “Saňa
meň adymy bilmek hökman däl” diýdi. Diýmek, gözlämde-de men ony tapmaly
däl. Ol gyz meniň nesibämde ýok. Ýogsam, iň bolmanmda, düýşde-hä adyny
gizlemezdi ahyryn.
28.
Berkeli, ejesi hem kakasy aşhanada ertirlik edinip otyrlar.Aýjan adamsynyň
ogluna siňe-siňe seredişini synlap, çalaja ýylgyrýar.
75
--On bäş gün aýra gezýäň welin, ogluňy gaty göresiň gelip gidäýýär öýdýän,
Atak?
--Men bu mahal Berkelä seredip, ogul hakda däl-de, gyz hakda oýlandym,
Aýjan.
--O nä gyz?
--Burawçy işgälerimiziň biriniň ýetişen gyzy bar welin, her gezek öýüne
baramda, gözüm gidip gaýdýan. Özlerem balkanly.Şäherde ýaşaýalar.Şol
maşgalany gelin edinip dulumyza geçiräýsek, men-ä arman çekmezdim welin,
Berkelem ykbalyndan närazy bolmazdy. Edepli, işeňňir, ortaça görmekli. Öňňil
mekdebi tamamlady.
-- Berkeli bilen kän bir ýaş tapawudam ýok eken-dä?
-- Hawa. Şol gyz-a meň maňzyma batýar, Aýjan. Ogluň ikinji kursy gutaran
badyna öýeräýsek nädýär?
--Wah, men seň şol pikiriňe garşy däl-le, Atak.
--Sen garşy bolmasaňam, men garşy, eje. Entek öýlenmek diýen gürrüň
bolmaz. Instituty dagy gutarmaly.Aspirantura hyýallanmaly.Ondan soň
öýlenmegiň pikirini etmeli. Prezidntimizem ylymlar akademiýsynyňam,
aspiranturanyňam işini gaýtadan ýola goýdy.
--Öýleneňsoňam institut gutaryp bolar, ogul. Üç-dört çaganyň atasyka okap
ýören talyplaram görüpdik.Gaýtadan açylan akademiýa-da, aspirantura-da indi
hiç ýere gaçyp gitmez. Özümiň giç öýlenenime-de henizem ökünüp ýörün.
Mekdebi gutaran badyma öýlenäýen bolsam, häzir üç-dört sany agtygyň atasy
bolardym. Meň ýalňyşymy sen gaýtalama, ogul.
--Nesip bolsa, uzaga çekdirmän, seň aýagyňy duşaklarys, Berkeli. Menem
gaty garramankam agtyk hüwdülemeli ahyryn.
--Ir öýlenýänleriňem ökünip ýörenileriniň bardygyny siz bilýäňiz-ä?
--Sen hökman şol ökünýänleriň hatarynda bolaýmalymy?—diýip, kakasy
Berkeliniň pikirine garşy gopýar.-- Hemme zat tebigatyň kanunyna görä öz
wagtynda bolsa gowy.Mysal üçin, ýaz pasly öz gelmeli möwrütinden gaty gijä
galyp gelse, güýzem ir düşse, şol ýyl daýhan oňly hasyl almaz. Öýlenmek,
durmuşa çykmagam edil şonuň ýaly mesele. Meniň bir akylly işgärim “Ajala
sataşmakdan başga zada gijä galmaly däl” diýýär.Senem akyllyja bol, Berkeli.
Men ol gyzyň suratynam ele saljak bolaryn.
Çaýyny içip bolan Berkeli ýylgyrýar-da, başyny ýaýkap, ýerinden turýar.
Ejesi oňa gyýa garaýar.
--Kellejigiňi ýaýkan bolma, ogul.
Atak käsesine çaý guýýar.
--Aýjan, şu meselde meň gara çynymdyr. Sen şony bil.
--Men nä saňa garşy gopýanmy?
--Garşy gopmasaňam, esasy ýüki sen götermelisiň. Men-ä, nä, özüň bilýäň,
öýe myhman.Şoň üçinem ogluňy özüň yrmaly bolarsyň.Onuň hemme islegine
bolýa diýip otursaň, saçy çalarýança öýlenerem öýdemok.Indiki ýaşlar şeýleräkdä.
Aýjan baş atýar.
76
29.
Mugallym klasda sapak geçýär.Ol aňyrsyny bakyp, gara tagtanyň ýüzüne san
baryny ýazyşdyryp dur.
Hajy bir bölek kagyza “Aýläle, men uruşgan itimi kakamyň tanyş çopanyna
sowgat edendigimizi aýtmak üçin şu haty saňa ýazýaryn. Hajy.” diýen sözleri,
ýazyp, kagyzy epländen soňam daşyna “Aýlälä” diýen sözi ýazyp, öňündäki
okuwça uzadýar. Hat eýesine gowuşýar. Aýläläniňem: “Itiňi çopana sowgagt
edendigiň baradaky habaryň gelip gowuşdy.Men oňa gaty şat. Sebäbi men it
uruşdurmaklygyň örän erbet zatdygyna göz ýetirdim. Aýläle” diýip ýazan haty
Haja tarap gaýdýar.
Ýeňsesinde gözi bar ýaly, aňyrsyny bakyp işläp dursa-da, mugallym:
--Bu ýer hat gatnadylýan poçta däl. Bu er ylym alynýan öý—diýip,
okuwçylaryň köpüsine düşnüksiz bolup galan sözleri aýdýar-da, arasyny
kesmedik işini dowam ediberýär. Okuwçylaryň käbiri bir-birine soragly hem
geňgalyjy nazar bilen seredişýärler.
30.
Okuwdan soň Hajy bilen Yklym ýanköçeden özara gürleşip barýarlar. Hajy
egnine kakyp, Yklymy saklaýar.
--Sen maňa bir zady aýt, Yklym. Aýläle soňky wagtlarda ulumsulanan ýaly
bolup görünýär welin, o nämedenkä?
--Men näbileýin—diýip, Yklym egnini gysýar.— Şony menem aňýan.
--Sebäbi-hä bolmalydyr.
--Wiý, biz onuň pikirinem edemizok welin, Aýläle bilim olimpiadasynyň
ýeňijisi bolup geldi ahyryn.
--Ondan däldir.
--Nä ýeňiji bolmak oýun zatmy?
--Olimpiada-da baýrak alanyň sany ellä golaý okuwçy. Telewizorda özüm
gördüm. Men-ä onuň biraz üýtgemegini olimpiada bilen bagly däl bolsa gerek
diýip hasap edýärin. Ol biziň oglanlarymyza gedemlik bilen garaýana meňzeýär.
Onuňam bir sebäpjigi-hä bolmalydyr.
--Men-ä ölimpiadany telewizorda-da görmändirin.
--Näme sebäp bolup biler? Aýläläniň durmuşynda-da, biziň durmuşymyzda-da
göze görnüp duran özgeren zat ýok.Öňki ýagdaý. Men onuň göwnünden turjak
bolup, çakdanaşa uruşgan itimem ýok etdim. Näme üçin ol üýtgemeli? Belkem
şol nahal ekişen oglan bilen söýşüp ýörendir?
--Menem şony çaklaman duramok, Hajy. Birine aşyk bolanyň häsiýeti derrew
üýtgeýärmiş diýip uly adamlar gürrüň edýäler. Samsyk akylly ýaly, akylly
samsyk ýaly, sada ulumsy ýaly bolýarmyş.
--Näme ol nahal ekişen boksýor diýýäniň Aýläläni şol derejä ýetirer ýaly
üýtgeşik oglanmy?.. Näme dymýaň?
--Aý, menem ony tanap baramok, Hajy.Diňe ýolda-yzda görýän diýäýmesem.
Olam gaty seýrek.
--Daş sypaty nähili?
--Aý, gatybir üýtgeşigem däl… Menden-ä uzynrak…
77
--Mençe barmy?
Yklym Hajyny şu gün görýän ýaly synlansoň, jogap gaýtarýar.
--Aý, sen ýaly-da.
--Görmegeými?
--Menden-ä görmegeý.
--Mençe barmy.
Yklym Hajynyň ýüzüne seredýär.
--Aý, sen ýalyrak-da.
Hajy esli dymansoň gepleýär.
--Bilýäňmi, Yklym? Aýläläniň şol oglan bilen arasy bar bolsa, biz şol arany
sapak ýolan ýaly ýolmaly. Sen şol hakda oýlan.
Yklym baş atýar.
31.
Yklym şäher stadionynyň ýanyndan geçip barýarka, “Bildirişler” tagtasyna gözi
düşüp, aýak çekýär. Tagtanyň ýüzüne uly harplar bilen
“Şu ýlyň maý aýynyň on bäşinde biziň stadionymyzyň boks ringinde mekdep
okuwçylarynyň hem ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň arasynda boks
boýunça ýaryş geçirilýär. Ýaryşa okde boksçy ýaşlar Gurt Amanow, Sazak
Gulmyradow, Berkeli Mämmedow, Ata Ataýew, Aşot Petrosýan, Fikret Atakişi,
Jöwher Çaryýew hem başgalar gatnaýşar.Ýaryş sagat 18-de başlanýar”.
Bildirişi okap başlan Yklym “Okamda näme? Barybir men bize gerek oglanyň,
ýaryşa gatnaşýanam bolsa, adyny, familiýasyny bilemok ahyryn-- diýip içini
gepledýär.—Ýöne men bu habary hökman Haja aýtmaly bolaryn”.
32.
Hajy bilen Yklym jäher stadionuna tarap barýarlar.Yklym ýoldaşyna söz gatýar.
--Eger ýakyn gatnaşygy bar bolsa, ol oglan şu ýaryşa Aýläläni hökman
çagyrandyr. Iň bolmanda, güýçlüdigini görkezip öwünmek üçin.Sport bilen
gyzyklanýanlaram birneme göçmeräk hem şöhratparazyrak bolýalar-da.
--Ikimiziň piklirlenişimiz dep-deň, Yklym. Menem şu mahal hut şol barada
oýlanyp gelýärdim. Eger şol oglanam ýaryşa gatnaşa, Aýläle bilenem arasy bar
bolsa, tomaşaçylaryň arasynda biziň synpdaşymyzam kökman bolar. Biz onuň
bardygyny-ýokdugyny hem anyklarys.
--Bar bolaýsa nätmeli bolar?
--Ýaryş gutaranyndan soň Aýläle ol oglan bilen tirkeşip gider ahyryn.Yzlaryna
düşeris.
--Düşemizde-de biziň olara görüp biljek çärämiz bolmaz. Ol oglan ikimizi hem
bir uranda ýykar.
--Olam-a şeýle—diýip, Haly oýa batýar.—Näme etmeli? Olary arkaýyn
duşuşar ýaly-ha etmeli däl.
33.
Stadionyň boks boýunça ýaryş geçirilýän ýeri. Ýagdaý ulu toý dabarasyny
ýatladýar.Töweregi sport baýdaklary, al-elwan güller bezeýär.Gulaga ýaklymly
78
şowhunly saz ýaňlanýar.Ýaryşyň guramaçylary öz aladalary bilen haýdaşyp
ýörler. Zaly dolduran adamlaryň agramly bölegi ýaşlar.Olaryň hemmesi-de, edil
uly barýamçylyga gelen ýaly keýpli, joşgunly.
Hajy bilen Yklym hem tribunanyň orta gürpünde otyrlar.
--Sen sag tarapy, menem çep tarapy gözden geçireýin.
Ilki Hajynyň, soňam Aklymyň gözleri üýtgeşik bir dürbä öwrülüp, hersi bir
tarapy synagdan geçirip ugraýarlar.Dürbüler erkek adamlaryň ýa-da bigörküräk
gyzlaryň ýüzlerine gabat gelende, kän saklanman, derrew aňryk süýşýärler.
Görmegeý gyzlara sataşanda bolsa dürbüler Aýläle däldigi üçin derrew
geçibermeli bolsa-da, geregindenem artyk eglenýärler. Şeýlelikde, iki tarapda-da
bar bolan owadandan owadan gyzlar iki ýoldaşyň göz derňewinden geçýärler.
--Aýläle ýok—diýip, Hajy Yklyma habar berýär.
--Aýläle ýok—diýip, Yklym Haja habar berýär.
--Diýmek ol ikisiniň arasynda ýakyn gatnaşyk ýok—diýip, Hajy kesgit edýär.
--Gatnaşygy bar ýigidiniň boks ýaryşyna gelmezligi Aýläläniň onuň bilen
gatnaşygynyň ýokdugyny gutarnykly kesgitlemeýär. Belkem bu gün Aýläläniň
zerur bir işi çykyp, stadiona gelip bilen däldir.
--Olam mümkin—diýip, Hajy baş atýar.
Boks ýaryşy başlanýar.Ilkinji bolup öňe çykanlaryň hijisi hem garaşylýan ýigit
däl. Hajy Yklyma soragly nazar aýlaýar.Yklym “ýok” diýen manyda başyny
ýaýkaýar.Iki ýoldaş bokslaşýan ýigitlere onçakly üns hem bermäm, ýene
tomaşaçylaryň arasyndan Äýläläni gözläp baýşlaýarlar.Iki ýoldaş ýene bir-birine
seredip, hereket bilen “ýok” diýen jogap gaýtarmaga mejbur bolýarlar.
Ikinji gezek ringe ( aýmança) çagyrylan boksçylara gözi düşen Yklym
tisginip gidýär.
--Çep tarapda duran uzyn boýly oglan şol.
--Ýalňyşaňokmy?
--Ýalňyşamok. Men ony näçe gezek köçede gördüm. Edil özi.
--Bizden-ä ýaşy ulurak bolaýmasa.
--Mümkin.Ýaryşa diňe mekdep okuwsylary däl, ýokary okuw jaýlarynyň
talyplary hem gatnaşýalr.
--Sen ony nireden biýäň?
--Köçedäki bildirşde ýazylgy.
34.
Ikinji tapgyryň çaknyşygy has gyzykly başlanýar. Hajy bilen Yklym öz
janköýerlik edýänleri öňe çykan ýaly bokslaşylýan aýmançadan gözleirni
aýyrman, tolguna-tolguna tomaşa edýärler.
Kän mahal geçmänkä garşydaşynyň güýçli urgusyna çydamadyk Berekeli
ykylýar.Hajy begenjinden ýaňa iki bolup bilmeýär, ýerinden turup el çarpýar.
Berkeliniň ýykylanyna Yklym hem az begenmeýär.
Bokslaşygyň emini ýykylanyň ýanyna barýar-da, sanamaga başlaýar. San bäşe
ýa-da alta ýetmänkä, Berkeli ýerinden turýar. Bokslaşyk gaýtadan dowam edýär.
Tiz wagtdan Berkeliniň jaýdar urgusyndan soň onuň garşydaşy ýere ýazylýar.
Öňki ýagdaý gaýtalanýar -- emin “Bir, iki, üç…” diýip, gyşaryp ýatana tarap
barmagyny çommaldyp, haýbatly ses bilen sanap başlaýar.Emma 10-a çenli
79
sanalsa-da, Berekeliniň garşydaşy ýerinden turmaýar. Kömege gelen iki sany
adam gop berip, ýeňlen sportsmeni ringden alyp gidýärler. Onuň ýanynda ak
halatly lukman peýda bolýar.
Keýpi gaçan Hajy Yklymyň ýüzüne seredýär.Dodagyny dişlän Yklym köp
manyly nazar bilen başyny ýaýkaýar.
Berkeli ýeňiji diýlip yglan edilýär.Diktor “ Berkeli Mämmedow ýeňiji boldy”
diýip radioda habar berýär. ”Ady Berkeli, familiýasy hem Mämmedow eken”
diýip, Yklym Haja onuň özüniň eýýäm eşiden habaryny gaýtalap aýdýar.
35.
Okuw tamam bolandan soň esasy gapysynyň maňlaýyna “Türkmenistanyň oba
hojalyk uniwersiteti” diýlip ýazylan gapydan talyplar çykyp gelýärler.Olaryň
arasynda eli diplomatly Berekeli Mämmedow hem bar.Ol bir gyzykly zadyň
gürüňini edişip barýan ýoldaşy bilen uly köçä ýetensoň hoşlaşýar.
36.
Giň, uzyn, owadan köçe. Öňünden gabat gelen tanşy bilen baş atyp salamlaşyp
geçen Berkeli ulaglaryň duralgasyna ýetip barýarka, özüne tarap gelýän Aýlälä
gözi düşüp: ” Edil özi. Bu gyzyň şondan başga bolmaga hiç haky ýok”—diýip
pyşyrdaýar. Emma ol gyz duralgada saklanyp, eýýäm giň gapylaryny açan
trolleýbusa tarap ýönelýär. Duralgada-da, ýanköçede-de adam kän bolansoň,
Berkeli ot alan ýaly bolup ylgamagy ýa-da “Saklan, gyz!” diýip, el bylap
gygyrmagy uslyp bilmeýär.Ýöne ädimini welin ýygjamladýar.Emma ýeňsesine
ullakan edilip “18” ýazylgy trolleýbus Aýläläni gujagyna alyp gidýär.
Näme etjegini bilmän galan Berkeli kem-kem daşlaşyp barýan trolleýbusyň
yzyndan keýpsiz garap duransoň, köçäniň gyrasyna çykyp, geçip barýan
ulaglaryň birini saklajak bolýar. Ol niýeti hem başa barmadyk ýigit, indiki gelen
“18” nomerli trolleýbusa haýdap girýär-de, “ýol çalyp” başlaýar. Emma aýnadan
daşaryk gözüni aýyrman seretse-de, ulag duralgalarynda, ýanköçede taparyn
diýip umyt eden gyzyny görmänsoň, ýoluny tamamlap bärik aýlanan trolleýbus
bilen Berkeli ýene yzyna gaýdýar. Eýýäm tanyş, salonda ýeke özi galyp, yzynada gaýdan ýigidi öňündäki aýnadan synlap oturan sürüji mikrofonyny eline alýar.
--Ýaş ýigit, yza gaýdýanyň üçinem pul tölemelidigini unytma! Özüňem-ä bir
zat gözleýän ýaly gaty aladaly görünýň.
Ýylgyryp ýerinden turan Berkeli kisesinden çykaran töleg petegine bellik
edýär.
37.
Okuw tamam bolupdyr. Aýläle mekdebiň giňden açyk derwezesiniň gapdalynda
dur.Geçip barýan synpdaş gyzlarynyň biri:
--Ýör, gideli, Aýläle!—diýýär.—Ýa sen öýlänem okajakmy?
--Siz ýöräberiň! Men Gunça garaşýan.
37-a
Aýläläniň Gunça garaşyp duran ýerinden kyrk-elli ädim uzagrakdan şol uzyn
oglana birneme çalymdaşyrak hemem edil onuň özi ýaly gaty uzyndan arryk aýal
mekdebiň derwezsine tarap barýarlar.( Olar eneli-ogul bolmaly.)
80
--Ana, şo derwezäniň öňünde duran gyz bolmaly, eje!
--Bolýa. Sen gidiber.
--Gepletmek üçin sen oňa näme diýjek?
--Ol meň işim. Gep tapylar.
-- Göwnünden turjak bolup gaty çynyňy etgin, eje.
--Maňa akyl öwretme.
Yzyn ýigit gapdala, uzyn aýal mekdebiň derwezesine tarap ýöreýär. Ol
deňine ýetensoň, garaşyp duran Aýlälä tarap sowulýar-da, aýak çekýär.
--Salam, daýza!—diýip, Aýläle oňa tarap seredýär.
-- Tüweleme! Tüweleme!—diýip, aýal alçaksyraýar.—Geçip barýan ýat
aýala-da salam berýäň gyz terbie görýän, edep-ekramly maşgala bolmalydyr! ö
--Sagat näçe boldy, gyzym? Aýtsana!
Aňyrdan Gunça peýda bolýar.
Sumkasyndan ýan telefonyny çykaryp sereden Aýläle;
--Ik bolmaga on minut bar, daýza!—diýýär-de, ýöräberýär.
Uzyn boýly aýal gyzlaryň yzyndan garap duruşyna hoşwagt bolup başyny
ýaýkaýar.
--Gül gunçasy ýaly maşgala eken. Nesip bolsa, men seni sypdyrman! Sen
meňki bolarsyň!
37-b
Mekdepden çykyp gelýän Gunça sumkasyndan çykaran gapjygyny açýar-da,
akja elýaglyk bilen gözüni süpürip, ony ýene gapjygyna, gapjygyny hem
sumkasyna salansoň, derwezä tarap ugraýar.Emma ol elýaglyk çykaranda
gapjygyndan dört eplenen ellilik puluň ýere gaçanyy duýmaýar.
38.
Aýläle bilen Gunça ikisi ýanköçä düşüp gözden ýitensoňlar, mekdepden haýdap
çykyp barýan Hajy aýak astynda ýatan puly görýär-de, ony alýar.Az-kem
oýlanyp duranyndan soňam, ol yzyna dolanyp, öz klaslaryna barýar-da, stol
başyna geçýär.Ol sumkasyndan çykaran bir sahypa depder kagyzyna:
“ BILDIRIŞ:
Şu gün mekdebiň töwereginde pul ýitiren adam pulunyň
sanynyň näçedigini hem onuň nähili manatlykdan
ybaratdygyny dogry bilýän bolsa, 10 “B” synpyň okuwçysy
Hajy Nuryýewden habar tutmaly” – diýen sözleri ýazýar.Soňra
ol giň zala çykýa-da, ýazan habaryny “Bildirişler” tagtasyndan asýar.
39.
Joralar öýlerine tarap barýarkalar, Gynça:
--“Iki kilo et almaly” diýip, ejem tabşyryk beripdi, Aýläle. Dükana sowlup
geçeli-le—diýýär.
--Ýör bäri, anha et dükany!—diýip, Aýläle ýanköçeden sowulýar.
Olar maňlaýyna “Et dükany” diýlip ýazylan gapydan girip gidýärler.
81
40.
Dükanyň içi. Orta ýaşlaryndaky satyjynyň keýpi çag.
--Geliň owadanja gyzjagazlar!—diýip, ol joralary ýylgyryp garşy alýar—Siz ýaly
alyjy köpräk gelse, biziňem söwdamyz oňuberjek welin, et alýanlaryň hemmesi
diýen ýaly men ýaly garry-gurty.
--Bize iki kilo et çekiň!—diýip, Gunça derek Aýläle gepleýär.
--Hem çorbalyk hem palawlyk bolmaly—diýip, Gunça aýdylanyň üstüni
ýetirýär.
--Eti köpräk, süňki azyrak bolmaly!—diýip, Aýläle degişýär.
--Iki kilo hem çorbalyk hemem palawlyk et çekmeli. Jylkasy köpräk, süňki azrak
bolmaly.Baş üstüne! Iň gowy ýerinden çekeris…
Çekilip, sellofan halta salnan eti alansoň, gapjygyny barlan Gunça aňk-taňk
bolup durýar.
--Pulum ýok, Aýläle. Ýarym sagat mundan ozalam bardy.Gapjygymdan
gaçyrypdyryn. Tutuş ellilikdi özem.
Satyjynyňam, gyzlaryňam keýpi gaçýar.
Gunça eti yzyna uzadýar.
--Äkidäýiň, pulunam ýene bir gezek getirersiňiz-dä. Iki kilo et üçin siziň şäheri
terk edip gitmejegiňize men ynanýan—diýip, ýaňky şadyýan satyjy indi agras
gypata girip gepleýär.
--Ýok, biz eti bahasyny bermän alyp gitmäli…--diýip, Gunça jogap gaýtarýar.
--Görüň-dä, men-ä çynymy aýdýan—diýip, satyjy uzadylan eti yzyna alýar.
Keýpsiz joralar gapa tarap ýönelýärler.
41.
Gurban baýramy döwri.Şäheriň meýdançalary toý lybasynda.Belentden gurulan
hem dürli bezegler, elektrik çyralary bilen bezelen owadan hiňňildikleriň üstinde
hiňňildiklerdenem beter bezenen gelinler, gyzlar, ýigitler şady-horram bolup
uçup ýörler.Aýdym-saz ýaňlanýar.Şaman otdan bökülýär, ýaglyga towsulýar.
Hiňňildik iki-üç sany bolsa-da, uçmak meýilli adamlaryň sany kän bolansoň,
nobata duranlaryňam sany az däl.
Hiňňildige nobaty ýeten iki sany oglanyň biri, yzrakda nobata duran Gunça bilen
Aýlälä tarap el bulaýar.
--Gyzlar, nobatyňyza garaşsaňyz kän durmaly bolarsyňyz, geliň, biz bilen
uçaýyň!
Ilki bir-biriniň ýüzüne seredişip, biraz güýmenen gyzlara olaryň gapdalynda
duran bir ýaş aýal.
--Çagyylýakaňyz baryň-da!—diýýär.—Kim bilen uçaňda näme? Barybir
gurbanlykda günäňi dökmekdir-dä.
--Biziň nä günämiz barmyka?—diýip, Gunça Aýläläniň ýüzüne geň galyjy
nazar bilen seredýär.
--Siz düşünmediňiz, gyzlar. Men size günäňiz bar diýemok.Gurbanlykda
hiňňildik uçulanda şeý diýläýýändir—diýip, ýaş aýal Gunçanyň sözňne
gyzlardanam beter geňirgenýär.—Ol günä barlykdan ýa-da ýoklukdan
däl.Türkmeniň adaty şeýle.
82
--Bagyşlaň! Biz düşünmändiis—diýip, Gunça aýala ýüzlenýär.
Aýal ýylgyrýar-da:
--Oglanlaň çakylygyna siz barmajak bolsaňyz, biz barjak--diýýär.
Gunça bilen Aýläle oglanlaryň ýanyna baryp, hiňňildige münärler.
Göçgünli iki ýigit gyzlary al howada kemsiz uçurýarlar.
42.
Hajy bilen Yklym hem hiňňildikli meýdanyň şatlyk-şowhunyň içinde. Hiňňildik
uçup ýören gyzlara gözi düşen Yklym.
--Ana, olaran bar eken—diýip seslenýär.—Hiňňildik uçup durlar.
--Olar diýäniň kimler?
--Aýläle bilen Gunça.
Iki ýigit synpdaş gyzlarynyň uçýan hiňňildiginiň ýanyna baryp durýarlar.Wagt
agşam bolansoň, elektrik yşygynyň düşmegi bilen hiňňildik uçýanlaryň eşikleri
zer çaýylan ýaly bolup görünýär. Gelin-gyzlaryň gülýakalary, gupbalary, şaýsepleri göz gamaşdyryjy şöhle saçýar.
43.
Başda keýpi çag Hajynyň Aýläle bilen Gunçany nätanyş iki sany oglanyň
hiňňildikde uçurýandyklaryny göreninden soň, derrew keýpi gaçýar.
--Men nirä barsamam, hemme kişiden gijä galmaly bolaýýan-aýt. Bu nä
beýlekä? Ine, bu ýerde-de eýýäm başga oglanlar menden öňürdipdirler.
--Hiňňildige gijä galmak hiç-de. Esasy meselede öňürtmeli.
--Esasy mesele diýýäniň näme?—diýip, Hajy Yklymyň ýüzüne seredýär.
-- O diýdigim, kimdir biri ýene senden öňürdäýmez ýaly, okuw gutarmanka,
ejeňi Aýlälelere ibermeli.
-- Mekdebi gutarmadyk gyza…
-- Ýok, hökman gudaçylyga däl. Tanyşmak, gatnaşyp başlamak ňçin.Sebäbi
türkmen gyzlarynyň köpüsi orta mekdebi gutaran batlaryna derrew durmuşa-da
çykaýýaarlare.Sen ilden öňürti hereket etmeseň, ýene gijä galarsyň. Seň ejeň
Aýläleň ejesi bien gatnaşsyn, ysnyşsyn. Soň bir ýyldanmy, iki ýyldanmy
gudaçylyga barylsa-da, ozal gatnaşykda bolsaň, tötänden gelen ýaly bolmaz.
--Sen mamla. Arada meň ejemem edil ýeýle pikir aýtdy.
--Seň ejeň dogry pikir aýdypdyr. Ýöne ol dogry pikir aýtmasyn-da, tiziräk
dogry hereket eitsin.
44.
Aýläle dagynyň hiňňildigi togtaýar. Hiňňildikden düşen iki jora özlerini
uçuranlara:
--Sag boluň, oglanlar!—diýip, ýylgyryşyp bir tarapa ýöreýärler.
--Ikimize aýdylmaly minnetdarlygy ýat oglanlar alýar—diýip, Yklym ahmyr
edýär.
--Menem şony aýdýan-da—diýip, Hajy ony tassyklaýar.
45.
Hajy bilen Yklymy gören gyzlar has-da şatlanýarlar.
--Gurban býram gutly bolsun!
83
--Gurban baýram gutly bolsun!—diýşip, gyzlar synpdaşlaryny, ellerini gysyp
mübärekleýärler.
--Ýene hiňňildik uçjakmysyňyz ýa boldy edýäňizmi?—diýip, Hajy gyzlara
sowal berýär.
--Ýok-la, ýadadyk. Öýe gitmeli—diýip, Aýläle jogap gaýtarýar.—Siz ýaňy
gelen bolsaňyz, uçuberiň. Ertir mekdepde duşuşarys.
Synpdaşlar sagbollaşýarlar.Gyzlar uly köçä tarap ýönelýärler.
Hajy gyzlaryň yzyndan garap durýar-da:
--Ýör, bizem olaryň yzy bilen gideli!—diýýär.—Ýogsam gyzlary hiňňildikde
uçuranlar ýene bizden öňürdäýmesinler.
--Ýör!—diýen Yklym ylalaşýar.
46.
Aýläle bilen Gunça ýanköçeden gidip barýarlar. Owadan şäher, ýakymly howa,
gündizlik ýaly ýagty köçe. Keýpi çag gyzlar özara gürleşip baryşlaryna, käte
töweregi ýaňlandyryp, “jak-jak”gülüşýärler.
Hajy bilen Yklym olaryň yzyragyndan garama-garama gelýärler.
--Basym mekdebem-ä tamamlaýas,Yklym. Seň näme maksadyň bar?
--Men gurluşyk tehnikumyna hyýal edýän. A, sen?
--Men entek belli netijä gelemok. Kakam bilen maslahatlaşmaly.
47.
Birdenem gyzlaryň garşysyndan gelýän oglan, ädimini çaltlandyrýar-da, olar
bilen gabatlaşansoň, Aýläläniň boýnundaky zynjyry kakyp alyşyna, köçe
gyrsyndaky gül ekilen ýer bilen gaçmaga başlaýar.Aýläle bilen Gunça şäheri
çirkin sesden dolduryp gygyryşýarlar.Hajy salymyny bermän, ogrynyň yzyndan
atylýar. Uzyn satan Hajy aýagy kelte ogry uzaklaşmanka, yzyndan ýetýär-de,
aýagyna kakyp ony ýere ýazýar. Kän mahal çeçmänkä, Yklymam, gyzlaram
goşaryndan mäkäm tutulyp duran ogrynyň ýanyna gelýärler.
Yklym elinden tutulyp durlansoň, ogry ýigidi urmak üçin ýumrugyny düwüp
çöwjeýär.
--Biziň synpdaşymyzyň boýnundaky zynjyry alarça, sen kim bolupsyň? Häzir
men seň maňlaýyňy ýaraýyn.
Hajy elindäki zynjyry Aýläle uzadnsoň, Yklymy saklaýar.
--Degme. Muň çäresini polisiýa görer.
Ogry oglan ejizläp ýalbarýar.
--Dostlar, meň günämi ötüň!
-- Biz ogrudan dost tutunmaýarys. Seň çäräňi kanun görer. Ogryňam oturmaly
ýeri türme.
Ogry gyzlara bakyp ýalbarýar.
--Jan gyzlar, günämi ötüň! Men ýalňyşdym. Nädip şeýdenimi özümem bilmän
galdym.Şeýtan aldawuna gitdim. Günämi ötüň, gyzlar. Häzir meni polisiýa
tabşyrsaňyz, ömrüm köýer. Garry ejemem bar. Men polisiýa düşsem ejem näder?
Meni goýberiň! Bu maňa gaýdyp beýle iş etmezligime sapak bolar. Gaýrat ediň,
doganjyklar!
84
Aýläle Haja ýüzlenýär.
--Hajy, geliň munuň aýdanlaryna ynanalyň. Belkem bu eden işi, dogrudanam,
muňa sapak bolar.
--Hökman sapak bolar—diýip, ogry aýdylany tassyklaýar.-- Maňa rehimiňiz
insin, doganjyklar!
--Göýberse-ne, Hajy!—diýip, Aýläle hajynyň egninde elini goýýar.
--Goýber, Hajy!—diýip, Gunça-da töwella edýär.
Hajy ogrynyň elinden elini aýyrýar.
--Sen şu gyzlardan minnet çek. Ýogsam…
Ogry baş egip, minnetdar bolup gidýär.Ol esli ýöränsoňam, yzyna gaňyrlyp:
--Taňry ýalkasyn, gyzlar! Siz meni halas etdiňiz!—diýip gygyrýar.
--Indi biz sizi öýňüze çenli ugratmasak ynjalmarys—diýip, Hajy gyzlara
ýüzlenýär.
Aýläle zynjyrynyň halkasyndan sypan ýerini eli bilen düzedip boýnuna
dakansoň, uly köçä tarap ýöremänkäler :
--Men saňa örän minnetdar, Hajy!—diýýär.—On alty ýaşym dolanda ejemiň
alyp beren ýadygärligidi bu zynjyr.Yklym ikiňiz yzymyzdan gaýtmadyk
bolsaňyz, bu zynjyry gaýdyp görmezdimem, dakynmazdymam. Ejemem gaty
gynanardy.
48.
Gyzlardan bäş -on ädim yza galyp barýarkalar, Yklym Haja ýüzlenýär.
--Indi sen ejeňi Aýlälelere arkaýyn gudaçylyga iberip bilersiň, Hajy.”Ýok” diýen
jogap almajagyňyza men kepil geçýän.
--O näme üçin?
--Sen bu gün Aýläläniň gözüne Görogly bolyp görnensiň.Dogrudanam, sen uly
iş etdiň. Eger şu bolan waka polisiýanyň işgärleriniň biri şaýat bolaýan bolsa
“Edermen ýigit” diýip sen hakda gazýete makala ýazardylar, suratyňy hem
çykarardylar.
Hajy ýylgyrýar.
49.
Mekdepde “Arassaçylyk güni” geçirilýär.Her okuwçy bir iş bilen meşgul. Berdi
mugallymyň 10 “B” synpy penjireleri, stol- stullary süpürişdirýärler,diwarlaryň
tot- tozanyny aýyrýarlar.
Gunça bilen Aýläle jaýyň ýokarsyndaky ullakan lýustra seredip durlar.Çyranyň
şahlarynyň bir tarapynda garalyp ugran aňsyz kerep bar.Gyzlar şol kerebi
aýyrmagyň aladasynda. Aýläläniň elinde yjy kese agaçly pol ýuwulýan taýak
bar.Ol taýagy ýokaryk uzadyp, lýustra ýetjegini-ýetmejegini deňäp görýär-de:
--Taýagyň ujuna esgi daňmaly bolar—diýýär.
--Näme, taýagyň özi bulen aýryp bolmaz öýdýäňmi?
--Aýryp bolar welin, lýustra-da jäç ýa çüýşedir. Gaty agaç degip döwäýmez
ýaly, taýaga esgi daňsak ätiýaçly bolar. Onsoňam kerep bir ýelek ýaly ýeňiljek
zad-a, gaýtam, ýumşak esgi ony gowy aýrar.
Gunça tapyp gelen esgisini Aýläläniň elindäki agajyň ujuna saraýar.Aýläle
taýagy ýokaryk galdyranda, onuň ujundaky esgi oralan kese agaç lýustranyň iki
85
şahynyň arasyna girýär-de, hiç tarapa-da süýşmeýär. Aýläle taýagy aýyrjak
bolup agdygrak güýç sarp edýärmi-nämemi, alty şahly jýustranyň iki şahy
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ogul - 08
  • Parts
  • Ogul - 01
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1999
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 02
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2093
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2098
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 04
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 2140
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 05
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2158
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 06
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 2100
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 07
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2086
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 08
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2092
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 09
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2136
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 10
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2114
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 11
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 12
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2203
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 13
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2225
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 14
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2230
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 15
    Total number of words is 2778
    Total number of unique words is 1701
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.