Latin

Ogul - 13

Total number of words is 3728
Total number of unique words is 2225
31.3 of words are in the 2000 most common words
42.6 of words are in the 5000 most common words
49.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
--Aýnabat daýzamyň ýüzünden näme okadyň, Hajy?—diýip, Yklym oturan
ýerinden gygyrdy.
--Düşnüksizli okadym—diýip, Hajy hem entek içki otaga girmänkä, bosagadan
jogap gaýtardy.
Yklymyň ýanyna gelip, onuň beren salamyny alan Aýnabat daýza oglunyň
aýdanyna düzediş girizdi.
--Aýnabat daýzaň ýüzünde hiç mahal düşnüksizlik bolan däldir, Yklym jan,
mydama açyklyk bolandyr.
--“Ýuwaşan arama çenli şemally we bulutsyz howa”—diýip, Yklym radioda
howa maglumaty aýdylanda mydama eşidýän sözlerini ýaňsylap gaýtlalady.
--Edil özi. Bir übtügem bulut ýokdur, açykdyr!-diýip, Aýnabat daýza
gabarylýan ýaly bolup hekgerildi.
--Hany, onda, düşnükli bolar ýaly biziň öňümizde-de açyl, eje!—diýip, belli
jogaba garaşýan Hajy gyssandy.
Aýnabat sumkasyndan çykaran sellofan haltajygyň agzyny açdy-da, ony stoluň
üstünde goýdy.
--Getiren jogabymyň öňi ine, şü!
Bir penje çemesi ap-ak gandy gören oglanlar biri-birlerine sowally nazar
alaýarlar.
Hajy uzak saklanyp bilmedi.
--Iki ýüz gram gantdan jogap bolýarmyşmy, eje? Aşakdaky dukanda olar ýaly
gant tonnalap alsaňam bar. Oň üçin gudaçylyga gitmek gerek däl.
--Gant gantdyr-da, Aýnabat daýza—diýip, Yklymam içi gantly haltajygyň
manysyna düşünmeýändigini ýüze çykardy.—Gant diýilýän zat siz çagakaňyz gyt
eken. Indi…
--Düşünmedňizmi?—Iki ýigit düşünmeýändiklerini aňdyryp baş ýaýkansoňlar
Aýnabat daýza dowam etdi.—Şuň manysyny bilmeýän halyňyza ýene meni aý
ýaly gyza gudaçylyga iberýäňiz… Gudaçylyga barana gyzyň öýi içi ak gantly
düwünçek salsa, ýoluň ak, maksadyň rowaç boljakdyhyň alamaty hasap
edilýär.Süýlürnip ghatnaşaly diýildigi bolýar. Şu gantlar hoş habaryň buşlukçysy
bolmaly. Siz bi gowy manyly däbi ýadyňyzdan üykarmaň, oglanlar!
--Dogrudanam gowy däp—diýip Yklym baş atdy.
Hajy dostunyň ýüzüne ýylgyryp seretdi.
Yklym başam barmagyuny görkezdi.
*
Okuwçylar şäher eteginde ekilen ýaşajyk arçalara ideg edýärdler: eýikmän
oturan nahallaryň düýplerini ýumşadýardylar, çöp-çalamdan halas edip, suw
guýýardylar. Berdi Möwlamowiç okuwçylarynyň arasynda aýlanyp, edilýän işlere
ser salýardy.Ol Aýläle bilen Gunçanyňan ýanynda aýak çekdi.
--Gaýrat ediň, gyzlar. Şu siziň okuwçy hukuklykaňyuz öz eken agaçlaňňyza
iň soňky gezek ideg etdigiňiz bolar. Ýöne mekdebi gutaranyňyzdan soňam bu
meýdana gelnende, bujagaz nahallaň gür bag bolanyny görüp guwanarsyňyz., okan
144
mekdebiňizi, ýaşlygyňyzy atlarsyňyz… Ýaşlygyňam öz wagtynda gadryny bilmeli.
Ol bir geçensoň dolanmaz.
Synp ýolbaşçysy gyzlaryň ýanyndan gidensoň, aňyrrakda işläp ýören oglanlara
tarap ýöneldi.
--Mugallymmyzam ýaşlygyny küýseýär öýdýän—diýip, Aýläle güldi.—
Küýsäňde näme!
“Aýym” diýemde näme?
“Günüm” diýemde näme?
Ol Aýlar ýşdy gitdi,
O Günler öçdi gitdi—diýp, Aýläle garaşylmadyk ýerden goşgy okap, lorasyny
geňirgendirdi.
--Sen goşgam ýazýaňmy, gyz?
--Atamyrat Atabaýewiň täze çykan kitbyndan okadym. Olan ýaňky Berdi
mugallym ýaly ýaşlygyňy küýseýän goja bolsa gerek. Ýaşlygam, garrylygam geçer
gider…
--Hawa-da, birinji synpa okuwa girenimiz düýn ýlydy welin…--diýip, Gunça
uludan demini aldy.—Bolsa-da, men-ä özümi çaga hasaplaýan.
Biz özümizi çaga hasaplaýas.Ýöne çagalykdan saýlanandygymyzy bilýän
adamlar bolsa bize gudaçylyga gelmek üçin eýýämden ýol arçaýalar—diýip,
Aýläle ýylgyrdy.
--Ine, bu asla garaşylmadyk täzelik. Özi-de düýpden düşnüksiz täzelik.
Açylaýsana, gyz. Kim? Näme? Nire?
--Ol sowalyňa soň jogap bererin. Her kim, garry bolsa-da, onlarça ýyl mundan
ozalky ýaşlygyna dolanmagy küýseýär. Men bolsam, üç aý munan ozalky ýekeje
günüň gaýtalanmagyny isleýän. Şol gün gaýtalansa, öňki goýberen ýalňyşymy
gaýtalamazdym. Şu bir düýp arça nahalynam gaýtadan ekerdim.
Aňk-taňk bolan Gunça Aýlälä geň galyp seretdi.
--Näme samraýaň, gyz? Ýa özüňi aňy gaçan kempirlige ýeten hasaplap ýörmüň?
Aýläle gapdalynda ýetilmeli arzuiwy duran ýaly Gunça däl-de, bir tarapa seredip
gepeledi.
--Ýok, Gunça jan, meňki kemirligiň samramasy däl-de, ýaşlygyň azuwy.
--Ýaşlygyň arzury bir düýp nahal oturtmak bolsa, beýle arzuwa ýetmek kyn däl.
Men çukur gazaryn, senem kömekleşersiň…
--Ýok, joram, çukury sen däl, başga kişi gazmaly.—Aýläle düşündiriş
bermezinden öň gapdalynda enaýy bolup gögerip oturan arça nahalyna trap elini
salgady.—Şu nahaly ekemde, geçip barýan bir gowy ýigit maňa kömekleşdi.
“Söýgi bir bakyşda döreýär” diýen gepiň çyndygyna men şonda göz ýetirdim. Men
ozal görmedik, tanamadyk ýigidime bir bakyşda aşyk boldum.Ol oglan aşyklyk
hakda ýeke söz hem diýmän, çyn aşyklygyň nähili bolýandygyny maňa düşündirip
gitdi. Men ozal dessanlardaky aşyklaryň özlerini alyp baryşlaryny ýeňilkellelik
hasap edýärdim welin…
--Näme, ony gömek kynmyşmy?
--Adyny bilmeseň, familiýasyny bilmeseň, nirede okýany ýa işleýäni näbelli
bolsa…
145
--Seň mynyň-a “Bir bar eken, bir ýok eken-e” baraýdy. Üç aý mundan ozal bir
gezek çala göreniň öňüňden çyks-da tanamarsyň.
--Ýalňyşýaň, Gunça jan, gaty ýalňyşýaň. Meniň nazarym onuň ýüzüni
fotoapparat bolup surata aldy. Ony ýene bäş ýyldan elli metr aralykdan görsemem
tanaryn.Ýöne indi men oňa sataşmaýmasam. Sataşmasamam, käte-käte gelip şu
arçany synlap giderin…
--Sataşarsyň, Aýläle. Hemme ertekileriňem soňy gowulyk bilen gutarýa…
Aýläle Gynçanyň ýaňsylaýandygynam, çynyny aýdýandygynam seljerip
bilmedi.
Birdenem Aýläle pilini ýere diredi-de;
--Ony göýäňmi?—diýip arçanyň şahajygyna tarap barmagyny uzatdy.
Şol tarapa siňe sereden Gynça açara dakykýan halka ýaly kinniwanja bezegiň
şahadan sallanypjyk duranyny gördi.
--Ol seň dakaň belligiňmi? Seň ertekiň erteki däl-de, çyn ýaly-la?
Aýläle-hä tassyklap baş atdy, Gunça-da geň galyp baş ýaýkdy.
*
“Çatynjalar öýi” diýen dükanyň öňünde garaşyp duran Gunçanyň ýanyna
Aýläle geldi. Olar salamlaşanlaryndan soň Aýläle:
--Meni çagyrdyň welin, näme üçin çagyrandygyňa düşünemok, Gunça—diýdi.
--Şoňa meň özümem onçakly düşünip baramok. Ýene bir hepdeden maňa
gelneje bolmaluy Gülnara “Aýläle joraňam çagyr, fatany bile saýlalyň” diýensoň
men saňa jaň etdim.
--Fata saýlaşar ýaly men nä ozal fata geýip görüpmişimmi?
--Geýmeseň, geýersiň-dä—diýip, Gunça ýylgyrdy.—Ana, Gülnara-da jigisi
bilen gelýär!
Gülnara hem onuň on-on iki ýaşly jigisi Laçyn gelip, garaşýanlar bilen
salamlaşanlaryndan soň, olaryň dördüsem dükana girip gitdiler.
Diýseň kaşaň geýnen dükan işgärleri, az-kem ýasamaragam bolsa, gyzlary
alçaklyk bilen garşy aldylar.
--Biz-ä fata saýlamaga geldik—diýip, bu dükana gelinmegiň manysy özözünden düşnükli bolsa-da, Gunça satyjylaryň birine ýüzlendi.
--Gaty gowy-da!—diýip, alyjylara haryr saýlamakda maslahat beriji owadan
gelin gelenleri yzyna tirkäp, salonyň törüne tarap ugrady hem iş ýagaýyna görä
endik bolup giden sözleri gaýtalamaga başlady.—Fata durmuşyň başy. Fata—toý.
Fata—şatlyk. Fata almaga gelen bolsaňyz, bagtyňyz açyk bolsun! Açyk bolaram
enşalla! Biziň dükanymyzdan alynan fata eýesine hem abraý, hem döwlet getirýär.
Bäş ýyl bäri ýörite derňäp, hasap ýöredýäs. Biziň fatamyzy geýip toý tutan
ýüzlerçe gyzyň diňe üç sanysynyň durmuşy bişeýkel boldy. Galanlarynyň guran
durmuşy bal bilen şeker ýaly alşyp gitdi. Enşalla, siziň durmuşyňyz ýaly bagtly
durmuş gurmagy keseden görenler arzuw ederler…
--Näme hödürleýäňiz?—diýip, ýene Gunça gepledi.
--Saýlamak özüňize bagly—diýip, maslahatçy gelin ortadaky iki sany fata tarap
elini salgady.—Biziň fatalarymyzyň hemmesem oňat welin, soňky wagtlarda
gyzlar, näme üçindir, şu ikisiniň birini saýlaýalar.
146
Maslahatçy şeýle baha berensoň, şol iki fata beýlekilerden üýtgeşik dälem bolsa.
gyzlaryň gözüne üýtgeşik bolup göründi.Şonuň üçinem şol iki fatanyň birini
saýlap alan Gunça töründe uly aýna duran,toý tutubermeli giň kabina girensoňlar
onuň tutusyny ýapdy.
--Saýlanan Fatany Gülnara geýdirip gördüler, ony aýnanyň alnynda
duruzyp, öňünden-yzyndan, sagyndan-çepinden synladylar.Ýaşajyk Laçynam
ýetişen gyzlardan kem galmaýardy.Ol hem geýlen fatanyň o ýerini, bu ýerini
elleşdirip, çekişdiip, hemme zat bilen haryt alýanyň özündn beter gyzyklanýardy.
Gunça Laçynyň fatany synlamaga höwesekdigini kesesinden görüp “Ojagazy
görýäňmi?” diýýän ýaly Aýläle tarap çalaja ümledi.
--Gyzjagaz-da!—diýip, Aýläle baş atdy.
Uly aýnada görünýän egni fataly gözel gyz Gülnarany kemsiz synlan hakyky
Gülnara saýlan eşigini çykardy-a, Aýlälä ýüzlendi.
--Aýläle jan, ikimiziň boýumyzam, inimizem bir deňräk bar. Şu fata
göwnümden turmanam duranok. Nähili oturýandygyny egindekä-de synlaýyn. Sen
geýse-ne!
Fatany geýmek üçin Aýläle daşky köýnegini çykaranda, Gülnaranyň onuň
owadan bedenine hyrydar göz bilen garaýandygy kesesindenem mese-mälim
bildirdi.
Owadan fatany geýip, özüni aýnada synlan Aýläle hyýal kölüne gark boldy:
Onuň gapdalynda duran inçesagtdan uzyn boýly Gülnara birden ýaş ýigide
öwrüldi. Onda-da ol ghabat gelen ýaş ýigide-de däl-de Aýläläniň ýitigine aýlandy.
Berkeliniň özi-de toý lybasyndady. Häzir olar dükandan fata saýlanlaryndan soň
göni “Toý mekanyna” gitmeli. Egni ak fataly Aýläläni elinden tutup dükandan
çykaran Berkeli ony gapyda garaşyp duran bezegli toý maşynyna mündirýär.
Toýhanada bolsa, iki tarapyňam ýakyn adamlary täze çatynjalary gül desseleri
bilen garşylaýarlar.Birdenem Berkeli ümüriň içinde ýitip gidýär-de, onuň ornuny
Gülnara eýeleýär.Şeýdibem Aýläle üçin dabaraly başlanan toý, uzaga çekmänem
dabarasyz tamam bolýar.
*
Okuw başlanmazyndan ozal synpa giren iki jora Aýläläniň patrasynyň üstünde
goýlan bir desse çemene gözleri düşüp, bir-biriniň ýüzüne seredişdiler.
--Seň ýeriňde—diýip, Gunça jorasynyňam görüp duran zadynyň habaryny berdi.
--Meň ýeimde—diýip. Aýläle-de çemeniň öz ýerinde duranyny bilse-de,
Gunçanyň aýdan habaryny tassyklady.
--Erteki hakda saňa aýdanlarym ýadyňdamy, Aýläle jan? Seň ertekiň hakykata
öwrülip başlady.
--Ýok, ol çemen ertekiden gelen çemen däl—diýip, Aýläle bu gezek jorasynyň
aýdanyna goşulmady.--Men ony kimiň getirenini çaklaýan.
Aýläle çemene golaý gelende, ýapraklaryň arasynda gizlenen gök kagyzdan
edilen bukja gözi düşdi. Bukjanyň içindäki owadan otkrytka şeýle sözler ýazylan
eken:
“ Gadyrly Aýläle!
Men seni synpdaşlaymyzyň hemmesiniň adyndan doglan günüň bilen
tüýs ýürekden gutlaýaryn.Geljekde hem edil häzir biziň mekdebimizi
147
bezeýşiň ýaly tutuş şäherimizi bezemegiňi arzuw edýärin.Üstünlik
hemraň bolsun! Hajy Nuryýew”.
Gutlagy okan Aýläle ony Gunça uzatdy.
--Eden çakym dogry çykdy.
*
Mekdebiň uly zalynda onunjy synpyň gutardyş dabarasy başlandy. Stollaryň
üstünde serhoş edişi içgilerden başga näme diýseň bardy.Zalyň diwarlaryny
okuwçylaryň özleriniň çeken degişme suratlary bezeýärdi. Bir uly suratda boýy öz
boýundan telim esse uzyn edilip çekilen Yklymyň, boýy öz boýundan telim esse
gysgaldylyp çekilen Hajynyň bile tirkeşip barýan gülkünç şekilleri bar.Başga bir
suratda Aýläläniň saçy Gunçanyň, Gunçanyň saçy hem Aýläläniň boýnuna oralan.
Ol suratyň aşagyna “Aýrylmaz joralar” diýlip ýazylpdyr. Ýene bir suratda synp
ýolbaşçysy Berdi Möwlamowiç saçy syrylan, maňlaýyna “2” ýazylan bir
okuwçynyň takyr kellesine oturdylan guýguja böwrüne “Ylym” sözi ýazylan
kürşgeden suwuklyk guýýar.Iň uly suratda bolsa mekdebiň müdiri Sapar
Amanowiç böwürlerine 10 “A” hem 10 “B” ýazylan iki sany gäminiň tanapyndan
çekip, olary “Kenar” diýip ýazylan serhede tarap süýräp barýar.
Eli mikrofonly Sapar Amanowiç sahna çykýar.
Hormatly okuwçy—şägirtler! Siz indi okuwçy hem däl welin, okuwçy diýesim
gelýär. Sebäbi okuwçyly mugallym, ýagny şägirtli halypanyň özem, hünärem
hiç mahal garramaýar. Okuwçysyz mugallym, mugallymsyz okuwçy—boş ýer.
Men şu mekdebe ini otuz ýyla golaý müdirlik edýän.Şu ýyl mekdebi
tamamlaýan iki sany onunjy synpy men şu mahala çenli mekdep tamamlan
onunjy synplaryň hemmesinden ýokarydyr diýip çak edýän. Şu iki synpda
hemme zat isleýşimiz ýaly ýerbe-ýer boldy.Onuňan sebäbi şu iki synpyň
arasynda mydama dostlukly bäsleşik dowam etdi.Şol hem synplaryň ikisini-de
gowy netijelere geirdi. Şonuň üçinem şu günki dabaraly agşamy hem
bäsleşikden başlamagy makul bildik… Oraz Annaýewiç, başlaber!
Gutardyş agşamyna gatnaşýanlar“On sowala on jogap” diýen ýazgynyň
ýanyna ýygnandylar. Bu bäsleşii alyp barýan ýaş mugallym Oraz Annýewiç:
--Her synpdan üç adam öňe çyksyn!—diýip gygyrýar.
“B” synpdan Aýläle, Hajy hem ýene bir ýaş ýigit öňe saýlanýar.
Her tarapa bir depder bilen bir galam beren mugallym işe girişýär.
--Bäsleşigiň düzgüni köneden gelýän düzgün. “Dutaryň owazy” diýen sazy
haýsy kompozitor döretdi? Jogabyňyzy depdere ýaşarsyňyz.
Bäsleşige gatnaşýan taraplar özara maslahatlaşyp bellik edilen depderi
mugallyma gowşurdylar. Mugallym iki depdere-de seredip:
--Iki tarapam dogry jogap gaýtardy. “Dutaryň owazy” diýen sazy ýazan
meşhur kompozitor Nyry Halmämmedow. Hasap bir-bir bolup çyldy. Dowam
edýäs.Sowal: “Hindistanda ýaşap geçen türkmen şahyry hem serkerdesi”.—
Ýaryşa gatnaşýanlaryň ýazan jogaby barlandy.—Iki tarapam dogry jogap
berýer. Baýram han türkmen… Hasap iki-iki. Dowam edýäs. Türkmen
kompozotory Çary Nurymowyň döreden islendik aýdymyndan islendik dört
setirini hiňlenmek.
148
Taraplar maslahatlaşanlaryndan soň Aýläle öňe saýlanýar.
“Öwsüp barýam mymyk ýeller,
Saňa arzym gowşurmazmy?
Bizi aýra salan ýollar,
Indi gaýdyp duşurmazmy?”
--Dogry! Aýdymyň sözi şahyr Italmaz Nuryýewiňki. Onungy “A” gezek
sizden!
“A” synpyň wekili öňe saýlanyp hiňlenýär.
“Obasy bar diňli-diňli,
Sowuk suwly, ter öleňli.
Ili Gökleň, aday Meňli,
Ol söwer ýardan aýryldym.”
Emin mugallym elini galdyrýar.
-- Nädogry. Magtymguly Pyragynyň “Aýryldym” ýygrynyň sözlerine
ýazylan ol aýdym Çary Nurymowyňky däl, kompozitor Aman Agajykowyňky.
Hasap 2:1 boldy. Indikl sowal: Watan hakda aýdylan gymmatly pikir.
Iki tarap hem depderi gowşurnsoň mugallym okaýar.
--“A” synp: “Watan enäniňem sallançagydyr.” “B” synp: “Watany satyp
bilýän bar, satyn alyp bilýän ýok”.Men bäsleşigiň emini hökmünde soňky
jogaplaryň iukisine-de “5-lik” baha berýärin. Hasap onunjy “B” synpyň
peýdasyna 3:2 boldy.
Birdenem, garaşylmadyk ýerden ak halatly aşpez peýda boldy.
--Bäsleşik gowy zat welin, naharlaram-a sowajak, ýpoldaş emin. Bu habara
nähili baha berjek?
--Bu dana habara arassa bäşlik goýýaryn. Zähmet çekilip bişirilen naharlary
sowatmaly däl.Muňa hiç kimem garşy bolmaz.
Soňky degişmeler köpçüligi el çarpmaga mejbur etdi.
*
Ejegül gapyny açanda, daşişikde Aýnabat daýza durdy.Ol öý eýesine
ýylgyryp salam berdi.Yzyndanam uly adamynyň aýtjak sözlerine meňzemeýän
sözleri tapdy.
--Şu gapydan ýöne gelesim gelip duransoň gaýtdym, Ejegül jan.
--“Gelen döwlet”. Gel!—diýip, Ejegülem ýylgyran boldy.
Myhman bilen öý eýesi diwana geçip oturan batlaryna, mydama gepläsi gelip
duran adama meňzeýän Aýnabat gepläp başlady.
--Ejeül jan. Aýläle janam lukmançylyk institutyna ýerleşipdir. Gutly bolsun!
Men-ä gaty begendim oňa. Näme, indi öňümiz garrylyk-da, lukmanyň öz
öýüňden örse gowy-da.Meňem oglum diller unstitutyna girdi. Bir topar dil
öwrenmekçi bolýa. Bir topar dil bilseňem gowy-da. Telewizorda görýäň-ä.
Saryýagyzmy, garaýagyzma, ýöne daşary ýurtdan myhman gelip durandyr bize.
--Hawa-da, hünär edimip bolsa, oňa ýetesi zat ýok—diýip, myhmanynyň
ýanynda ýöne dymyp oturan ýaly bolmazlyk üçin Ejegülem gep atyp galdy.—
Işiňiz rowaç bolsun, Aýnaabat!
149
Telefonuň jyryldysy Aýnabadyň aýtjak bolan sözleriiň nobatyny eýeledi.
Trubkany göteren Ejegül:
-- Geliber,geliber! Men öýde” diýdi.
Ejegüliň kimdir birine “Geliber” diýmegi göwnüden turmadyk Aýnabat
keýpsizräk äheň bilen:
--Näme, biri gelmelimidi?—diýip sorady.
--Ýokarky goňşym jaň edýä. Şu köçäň ugrunda ýaşaýan bir köne tanşymyzyň
kän garaşdyran agtyjagy boldy. Şony gutlap gaýdaly diýip goňşym bilen
dilleşipdik-de…
Aýnabat içini gepletdi. “Agtyk gutlamaga gitmek sagat bellenen toýa barmak
däl. Haçan baraňda näme? Goňşyňa ýene bir sagatdan gideli diýibem bolardy
ahyryn. Meň bilen uzak gürleşip oturmak islenmän edilýän hereketmikä bi?”
Bolsa-da Aýnabat sypaýçylygam elden bermedi.
--Sen ýoluňdan galma, Ejegül. Menem sizi ýatdan çykaran ýaly bolaýmaýyn
diýip gaýdyberdim. Senden el üzmejekdigimem aýdyp goýaýyn.Ynha,
çagalammyzam okuwa-da ýerleşdiler…
--Men-ä, dogan, saňa näme jogap gaýtarjagymam bilemok—diýip, gapynyň
jyrlamagy bilen myhmanyny ynjaltman sözüni gutarmaly bolan Ejegil diwandan
turdy.—Men işigi açaýyn…
*
Duralgada garaşsa-da, Aýlälä gerek trolleýbus mahaly bilen gelmedi. Gyzyň
gyssanýandygy kesesindenem bildirýärdi, zol-zol sagadyna seredýärdi. ”Beýle
garaşdyrýan wagty ýokdy welin, bir sebä bolandyr-da!” diýip, bir ýaşuly hiç
kim soramasa-da, duranlaryň köpüsiniň hyýalynda bar sowala degişli pikirini
aýtdy.
“Diş merkezinde” praktika geçip başlan Aýläle ol ýere ýekeje minudam gijä
galyp baraýmaly däldi. Hünär praktikasyndan okadýan mugallym şeýle bir işine
sakdy welin, talyplar ony görenlerinde ýaýdanyberýärdiler. Ol mugallyma ýöne
ýetre “Ýowuz professor” diýen lakam berilmändi.Ýekeje minut giç gelneni üçin
ol özüniň-ä gaharyny getirýärdi, talybyňam keýpini bozýardy. Ol professoryň
“Bäş ýyl okuw bir ýana, bäş aýlyk praktika bir ýana” diýen düşnüksizräk, ýöne
manysy boýunça zerur kesgitlemesi bardy.
“Ýowuz professory” ýatlan Aýläle ýene sagadyna seretdi-de, ýol maşyn bilen
gitmeli diýen netijä geldi. Duralgadan bäş-on ädim öňe ýöräp, köçäniň iç
gyrasyna ýeten gyz geçip barýan ýeňil maşynlara el galdyrmaga başlady, käte
ýene sagadyna göz aýlady.
Birdenem, saklanmagyna yşarat edilmedik köneräk “Žiguli”, Aýläle
sagadyna seredip durka, onuň aýagyna öň tigirini degrip diýen ýaly saklandy.
Gyz goşaryndaky aýnasy tegelek sagatdan nazaryny aýyrsa-da, gözüne başga
hili, ýöne has uly sagada meňzeş tegelek şekil kaklyşdy.Ol maşynyň tigriniň
ortasynda lowurdap duran ak nikeldsen edilen bezegidi.
--Gaty gyssanýan ýaly bolup görünýäň-le, gözel gyz?!—diýip, rul başynda
oturan ýaş gigit, bir tarapdan-a ýaňsylaýan ýaly, beýleki tarapdaanam ozaldan
tanyş ýaly bolup dillendi.
150
Aýläle ýigidiň sowalyna geňirgenmedi. Sebäbi müşderileriniň göwünden
turmak isleýän kireýkeşleriň köpüsiniň dili süýji, agzyndan çykýanam köplenç
şoňa meňzeş sözler bolýar.
--Şu gezeg-ä ýalňyşmadyňyz.
Açylan yzky gapa tarap ýüzüni öwren ýigit nirä gitmelidiginem soraman:
--Beýle bolsa, mün!—diýdi.
Maşynda ornaşansoň, nirä gitmelidigini aýdan Aýläläniň ýigidi
synlamagyna öňdäki aýna kömekleşdi.. Aýnadan sürüjiniň diňe ýüzi görünýärdi.
Gyzyň takmynan kesýän bahasyna görä, ýigrimi bäşi töwereklän bugdaýreňk
ýigit köçede ýörite kireý edip ýörelerden-ä däl ýalydy. Onuň agras, ýöne
ulumsylyk düşnügi ýok gara gözleri Aýläläniň kalbynda mähremlik duýgusyny
oýardy.Ýigit gyza köp mahal bäri tanyş ýaly bolup göründi.Şonda-da Aýläle
ony şäger eteginde arça ekişen, ýadyndan çykmaýan, bir günden bir gün gabat
gelmeginden hantama bolup ýören ýigididir öýdüp eger-eger pikirem etmedi.
Jorasynyň ýanynda “Ýene bäş ýyldan elli ädimden görsemem tanaryn” diýip
öwünen gyz ol bir adim ýaly golaýynda oturanam bolsa tanamady.Oňa
garamqzdan, mundan ozal nätanyşlaryň ýanynda geplemegi halamaýan gyz bu
gezek, gaýtam özüne erk edip bilmeýän ýaly geplemän oturup bilmedi.
--El galdyrmankam saklandyň welin, gyssanýandygymy näbildiň?
Beren sowalynyň juda ýöntemdigi Aýläläniň ösüne-de bildirdi, bolsa-da,
ýigitden jogaba garaşdy.
--Sähel salymda iki gezek sagadyna sereden adamyň gyssanýandygy
düşnükli-dä.
Aýläle sesini çykarmasa-da, näme üçindir ýylgyrdy.
Berkeli gyzyň ýylgyrmasyny aýnadan görünýän nazary bilen garşy aldy.Iki
göreç sähel salymlygam bolsa duşuşdy.Aýläle gyz edepliliginiňmi,
utanjaňlygynyňmy akymyna düşüp, gabaklaryny aşak goýbermeli boldy.Bolsada:
--Sen nirede işleýäň?—diýip, sowal bereninden soň bolsa: “ Ýene bir gezek
göreriňden görmeziň ýakyn adamyň nitrede işleýäni bilen s näme işiň bar?”
diýip, hyýalynda öz ýalňyşyna dogry baha berdi.
--Suw hojalyk ministrliginde önümçilik praktiklasyny geçýän.
Aýlalä tas “Menem praktika geçýän” diýpdi welin, özüne erk edip geplemän
oturtdy.Şol bir bagtda hem ol şu gezekki bolşuna kesesinden baha bermäge
synanyşdy. Ol toý-tomguda ýanaşyk oturmaly bolýan, ozaldan tanyş
oglanlarynyň ýanynda-da özüni beýle erkin alyp barmandy.Şonuň üçinem ol
barylmaly ýere ýetilýänçä geplemän oturdy.
Maşyn alyn tarapyna “Diş bejeriş merkezi” diýlip ýazylan uly jaýyň öňüne
ýeip saklananda, Aýläle sürüjä pul uzatdy.
--Men kireýkeş däl—diýip, ýigit ýylgyrdy.—Gyssanýandygyňy aňdym-da,
duraýdym.
--Minnetdar!—diýip, ulagdan düşen gyz “Her gyssanýana beýdip
dözmezçilik etseň, maşynjygyň tiz tozaýmasa!” diýip, içini gepledip gitdi.
151
Diş merkezinden iki ýüz metr ýaly daşlaşan Berkeli özüne gelen ýaly bolup
tisgindi-de “Indi ýadyma düşdi.Şol gyz bolmaly ahyryn!”- diýip öz-özüne
gyjalata ýuwrulan habar berdi.
*
Şäheriň merkezi bazarynyň girelge-çykalgasynyň gapdalynda, köçe
gyrasynda tötänden sataşam iki sany elli ýaşlaryndaky aýal bir-birlerine gözleri
düşüp, ilki-hä aňk bolup durdular. birdenem ukudan açylan ýaly bolup, garsa
gujaklaşdylar, tolgunmadan dörän ýeňiljek gözýaşlaryny süpürdiler.Olar diňe
şondan soň saglyk-amanlyk sowal-jogabyna geçdiler.
Aýallaryň biri Aýläläniň ejesi Ejegül, beýlekisi hem Berkeliiň ejesi Aýjandy.
Olar ýigrimi ýyl mundan ozal dokma fabriginde bile işleýärdiler hem duldegşir
goňşy bolup ýaşaýardylar. Ol mahallar toýmy, çagalaryň doglan gününi
bellemek bahanasymy—adamlar ýygy-ýygydan gatnaşyk edýärdiler. Edaranyň
ýardam etmegi bilen aýallaryň ikisine-de meýdany giň jaý berildi. Ýöne nesibe
şeýle bolup, köne goňşulara berlen jaýlaryň hersi uly şäheriň bir ýerinden düşdi.
Uzakda galan dokma fabrigine gatnamak üçin tutuş şäheriň üstünden geçip,
ýolda gaty kän wagt ýitirmeli bolýardy. Şonuň üçinem olaryň ikisi-de ýaşaýan
ýerleriniň golaýyndan amatlyja iş tapdylar.Gitdikçe hojalyk hysyrdysynyň
artmagy, göçgünli ýaşlygyň kem-kem dşlaşyp, ozalkylar ýaly ýygy-ýygydan
gatnaşmak höwesiňem peselmegi öňki goňşulara bi-biregi onçakly
küýsetmedem. Şeýlelikde ozalky gadyrly goňşular, şu gün, on bäş ýyl töweregi
wagt geçensoň, birinji gezek, onda-da tötänden gabat gelişdiler. Şonuň üçinem
şonça ýyl görüşmedik iki aýalyň bir-birege berip biläýjek sowallarynyň soňy
gelmedi. Olar häzirki duran ýerleri-hä hasabam däl welin, tutuş şäherde-de
özlerinden başga adam ýok ýaly töweregi duýman, gaty-gaty gepleşýärdiler,
bazara girip çykýan adamlaryň käbiri hem aralary golaý duran, ütüşýän ýaly
ellerini hereketlendirip seslerine bat berýän iki aýala tarap geň nazar bilen garap
geçýärdiler.
Ejegül bilen Aýjan ýanýoda-da çekilmegi unudyp, uly köçäniň iç gyrasynda
saklanypdylar. Üsti uzyn-uzyn tagtadan münder edilen, aşagy goşa-goşa tigirden
doly mähnet maşyn iki aýalyň gapdalyndan aýlanjak bolanda, gabarasy ýeregöge sygman, olara gaty golaýlamaly boldy.
Mähnet maşynyň uly tamyň penjiresinden seredýän ýaly bolup özi uly bolsada kiçi görünýän gaharly sürüji aýnadan boýnuny çykardy-da:
--Gybaty köçeden geçip edäýseňiz lezzeti gaçýamy?—diýip jabjyndy.—
Meň iň ýigrenýänim ýol üstünde durup gybat edýän garry heleýler welin, olaram
haýsy çatryga barsam alnymdan çykaýýalar-aýt! Ýylanyň ýigreneni narpyz…
Öz ýalňyşlaryny boýun alýan ýaly, ýakymsyz sözleri gülki bilen garşylan iki
aýal gürrüňiň arasyny kesip, ýanýoda çekilmeli boldy.Gep-gürrüň şol ýerde
dowam etdi.
--Garry heleýem bolduk, dogan!—diýip, Ejegül ýylgyrdy.
--Näme, ýogsam, elliden ätläňsoň, agzy ýaşmakly gelin boljakmydyň sen?
Ýaşlygyň garrylygyň ýatlanmagy ogul-gyzly sowallaryň üstündn eltdi.
152
--Aýläle jan-a indi uly gyz bolup gidendir?—diýip Aýjan öňürti sorady.—Şo
kiçijikkä görşüm-dä. Şu mahal pete-pet gabat gelse-de tanajak gümanym
ýokdur.
--Hawa, uly gyz diý-de goýaý. Lukmançylyk institutynda okaýa. Ikinji kursy
gutaryp-gutarman, eýýäm praktika-da geçýäler. Dişiň agyrmasyn, agyrsa göni
baryber—diýip, Ejegül magtanmak däl-de, ýaňsylaýan ýaly äheň bilen jogap
berdi.
--Entek arkasyny-ha ýapan dälsiň?
--Häli-häzirlikçe-hä öz dulumda. Maňlaýy açyljak sähetli güni bardyr-da.
--Aýläle jan heniz durmuşa çykmadyk bolsa, seň gapyňdan näsag bolup
barman, guda bolmaga baraýmaly bolar-da.
--Nesibe işidir!—diýip, Ejegül hem ýylgyrdy.
Aýjan köne jorasynyň ýylgyrşyndan gowy many çykardy.
Ejegül bolsa:
--Sen henizem ogluňy öýereňokmy?—diýip, Aýjanyň ýigrimi iki-ýigrimi üç
ýaşly oglunyň entek öýlenmezligi ilde seýrek bolýan waka ýaly geňirgendi.
Wawwaly ýerindn basylan Aýjanyň ýüzünde närazylyk alamaty peýda boldy.
--“Henizem” diý-de goýaý, dogan.Il-kä instituta girmek, soň okamak bahana
boldy. Tomus yssymyş, gyş sowukmyş, garaz tapylyp dur.Özüň bilýäň, olam
indi on bäş ýaşynda däl.
--Hawa-da, aý-günem, geçýändiginem duýdurman geçip dur.
--Menem şony aýdýan-da.
--Bolsa-da, seňki ýeňil-le.
--O nähili ýeňilmiş?
--Ýeňil diýýänim, durmuş gurmak meselesinde gyz bilen oglanyňky başga—
başga-da. Ogul üçin gudaçylyga baran ýeriň unamasa, başga gapydan
barybermeli. Gyzly öýüň ykbaly iliň elinde…
Şuinça ýyllap duşulmansoň, köne goňşular kän-kän gepiň başyny agyrdyp,
kän-kän tanşyň gulaklaryny şaňladyp, ahyram soňky mahallarda telim gezek
çalşylan telefon nomerleriniň iň soňkusyny alşyp hoşlaşdylar.
…Bazarlyk işini bitirip, awtobus duralgasyna baran Aýjan garaşmaly bolan
wagtynyň hemmesini köne goňşusynyň gyzy hakda oýlanmak bilen geçirdi.
Dört-bäş ýaşyndaka-ha ol gurjak ýaly gyzjagazdy.Tertiplidi, akyllydy. Indi
institutda dagy okaýan bolsa göze, göwne ýakymly maşgala bolup ýişen
bolmagam ahmaldyr. “Enesini gör-ge, gyzyny al”—Ejegüle çeken bolsa-ha ol
baran öýüňe rusgal getirmeli maşgaladyr.
Belkem, Aýläläniň rysgal-döwlet getirmeli öýi Aýjanyň öz öýi bolup çykar?
Bolaýmagy mümkin zat. Durmuş tötänlikden düzülýär ahyryn.Köne goňşularyň
hut şu gün, hut şol pursat bazara çykmaklary, edil bazaryň öňüne-de bir wagtda
peýda bolmaklary ýöne bir manysyz gabat gelişlik bolmaly däldir. Şu gün haýsy
gün? Şenbemi? “Şenbe—şow” diýipdirler. Belki, Hudaý…
Öz pikirlenmelerini hem ýanyna alyp ulaga münen Aýjan oturgyçda
ornaşansoňam ýakymly hyýllaryndan daşlaşmady, has dogrusy daşlaşjagam
bolmady.
*
153
Ilkinji duşuşykdan soň ara kän wagt düşmegi bilen, ýadyndan çykarmasada, hyýaly höwesinden birneme sowaşan Berkeli, düýn-öňňun “Diş merkezine”
eltip gaýdylan gyzy hahal eken gyzdyr öýdüp çaklansoň, yşk joşgunyna täzeden
aklyny aldyryp başlady. Gyzyň praktika geçýän ýerinde garaşyp durmagy
onçakly uslyp bilmedik ýaş ýigit garawullamak hereketini Aýläläniň öňňun
awtobusa garaşan duralgasyna geçirmeli etdi.
Berekeli duralga golaýlap maşynyny saklanda, ol ýerde üç-dört sany gyz
bardy. Ýöne olaryň arasynda sataşmak islenýän gyz ýokdy.
Birdenem täze çykan uzyn trolleýbuslaryň biri enaýy ses edip, Berkeliniň
deňinden geçip gitdi. Ol ýigrimi-otuz ädim öňdäki duralga ýeten bdyna Berkeli
aňyrdamn haýdap peýda bolan gyzy görüp galdy. Hawa, Berkeli ony diňe görüp
galdy.Sebäbi gyz bilen tolleýbusyň arasy dört-bäş ädim bolsa, Berkeli bilen
aralyk açygrakdy.Şonuň üçinem ak trolleýbusyň gujgynda gizlenen gyz göze
kaklyşan salgym ýaly bolup, ýigidiň nazaryndan uçdy.
Gyzy gören badyna ýitiren Berkeliniň kellesine trolleýbusyň yzyndan
garama- gara sürübermek pikiri geldi. Iň bolmanda öňňunky baran ýerine
ýetilensoň-a ulagdn düşer-dä. Birdenem ol öz gelen netijesini ýerliksizräk
hasaplady, başga nähili hereket etjegini bilmedi. Garaz, ýigit belli bir pikir
nokdynyň üstünde saklanynça, onuň ömründe ilkinji gezek şeýle sulhy alan
gyzyny özüne derek gujagyna alan ak trolleýbus barha daşlaşdy. Berkeliniň özi
maşynyň içinde oturanam bolsa, iki gözi uzaklaşyp barýan trolleýbusyň
üstündäki iki şahy bilen gitdi. Birdenem, goşa gözden sypman barýan goşa şah
simindan sypyp gitdi. Şahyň töweregine ot uçgunlarynyň syçrandygy göründi.
Trolleýbus togtady. Beerekeli “Gowulyksyz erbetlik ýok” diýen nakyly
ýatlady. Erbetlik-hä adam baryny barýan ýolundan tesdirip, trolleýbusyň
saklanmagydy, erbetlikden gelip çykýan gowulygam trolleýbus ýoluny dowam
etmese, adamlar, iň esasam, ýigidiň sataşmak isleýän gyzy ulagdan düşmelidi.
Özi üçin ýörite döredilen ýaly ýagdaýdan peýdalanmak islän Berekeli
derrew maşynyny otlady.Onuň bu gezekki islegi amala aşdy.Ol ulagdan düşen
Aýlälä gözi kaklyşandan öňki gezekki duşuşykda goýberen säwligini
goýbermezligi özüne pent etdi.
Öňdäki duralga tarap gidip barýan gyz deňinde saklanan maşynyň sürüjisine
gözi düşüp, ýöremesini goýdy-da, çalarak ýylgyrdy. “Hudaýa şükür!” diýip,
tanalanyna begenen ýigit maşynyň yzky gapysyna elii uzatdy.
Aýläläniň gepbaşylyk üçin:
-- Rugsat soraman maşyna münäýdim-le?—diýen sowaly onuň özüne
berilýän ýaly bolup ýaňlandy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ogul - 14
  • Parts
  • Ogul - 01
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1999
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 02
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2093
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2098
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 04
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 2140
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 05
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2158
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 06
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 2100
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 07
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2086
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 08
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2092
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 09
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2136
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 10
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2114
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 11
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 12
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2203
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 13
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2225
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 14
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2230
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 15
    Total number of words is 2778
    Total number of unique words is 1701
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.