Latin

Ogul - 05

Total number of words is 3796
Total number of unique words is 2158
31.4 of words are in the 2000 most common words
44.4 of words are in the 5000 most common words
52.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýolagçy gelniňem oňa seredip oturuşyndan utandy. Gelin içinden nähili pikir
edýändir?! Iki sany epeý adamyň biri-hä wagt baryny ýitirip, garaşyp otyr,
beýlekisem şaýolda iki tarapa elewräp, geçýän maşynlary saklajak bolýar. Şeýdlip
gazanylan puldanam her haýsysyna ýetjek ýekeje manat.Adamlaryň dilinde
mährew barmy, geçip gidýän sürüjiler näme diýýändir?!
Gabat gelen üçünji maşyn saklandy. Emma Eseniň haýyşyny diňlänsoň, sürüjiniň
möhümini bitirjegem bolman, baş ýaýkap gitmegi nämäni aňladýar?
Esen Orazowiçiň jöwenek ýagyp duran howada bolup ýörşi başda Almazda
gülki oýaran bolsa, soňy gahara sapdy. Ol jübüsinden çykaran pullarynyň
arasyndan bir manatlyk tapdy-da:
51
--Sizde-de bir manat bar dälmi?--diýdi.
Gelin manatlygy öňe uzadansoň, çal jöwenekden don geýnen ýaly bolup duran
ýoldaşyna tarap elini salgan Almaz:
--Esen Orazowiç, gelniň gapjygynda maýda pul bar eken, gaýdyber!—diýen
gowy habary bilenem ýoldaşyny begendirdi.
Esen gapyny açan badyna onuň elindäki onlugy alyp gelne uzadan Almaz iki
sany birligi sürüjiniň oturmaly ýerine taşlady. Şol mahalam “Häzir gelin maşyndan
düşüp giden badyna, men muňa agzymdan ajymy pürkerin” diýip özüne wada
berdi.
Gelin maşyndan düşüp gitdi. Gelin gözdenem ýitip gitdi. Emma Almazyň
agzyndan Eseni mugyra getirjek ajylyk pürkülmedi.
Almaz ýoldaşynyň ýagdaýyna-ha düşünmeýär welin, öz bolşundanam baş
çykarmaýar. Ol Esen Orazowiç bilen köp ýyllar bäri tirkeşýär. Ýagdaýdan “Pis—
pisi, suw—pesi” diýen ýaly netije çykarjak bolsa-da, ikisiniň hüý-häsiýeti hem
kän gabat gelmeýär. Umuman-a, açgözlügi diýäýmeseň, Esen Orazowiçem ilgünüň şatlygyna gynanyp, tukatlygyna begenip ýörenlerden däl..Onsoňam, elli
ýaşdan soň täze dost gözläp tapjagyň Esen Orazowiçden gowy boljagyny sen nä
bilýäň?
Esen Orazowiçiň binýady giňden tutulan jaýynyň ýerzeminine aşakdan
girilýän gapynyň gapdalynda bir adam zordan sygaýar ýaly pessejik işik bar.
Aýratyn bir jaýjagazy esasy ýerzeminden bölmek üçin oturdylanyna otuz ýyl dagy
bolup ýörendir welin, şol işigi Eseniň özünden başga taňry bendesi açyp gören
däldir.Öý eýesiniň ynanjaň hem örän gowy aýaly bar. Adyna Dünýä diýýärler.Ol
dünýä ýaly düşnüksiz bolmasa-da, dünýä ýaly giň, üstesine-de sadarak. Ol açary
hem görkezilmeýän gapydan seýregem bolsa, girip-çykýan adamsynyň ýerzemini
bilen gyzyklananda ýigrimi ýyl mundan ozal alan jogaby bilen henizem
kanagatlanyp ýör. Uly ýerzeminden bölünip gurlan jaýda Dünýäniň adamsynyň
lukmançylyk işine degişli zatlary saklanýarmyş.Olary lukmançylyk bilen iş
salyşmaýan adamlara görmek zerurlygy hem ýokmuş. Dünýä-de şol lukmançylyga
degişli däl adamlaryň biri.Üstesine-de, adamsyny ýalan sözleýän ýa-da eli egri
hasaplamaýan o pahyr hemme aýdylana ynanaýýar. Lukman kişiniň gabat gelene
görkezilip ýörülmeýän adam süňk-saňklaryny ylym üçin saklaýan bolmagam
ahmal. Ol ýerde gaty gizlin hem örän zerur gerek däri-derman bar bolmagam
mümkin. Dünýä ýol çak edýän mümkinliklerine ynansa-da, äriniň öz ýerzeminine
öýdäkileriň hemmesi uklandan soň, howlynyň derwezesini-de ýapyp girýändiginiň
manysyna welin onçakly düşünmeýär. Ýene Dünýäniň şol giňligi-dä. Ol öz
ynanmazçylygyna özi jogap tapyp özüni köşeşdirýär. Syr saklamaýan adam
barmy? Dogtorlar-a hasam. Olar Hudaýyň beren keseliniň nämediginem näsaga
aýtmaýarlar ahyryn.
Ýerzemindäki kiçijik gapynyň aňyrsynda ini-boýy dört ädim barly-ýokly jaý
bar.Jaýyň dört diwaryna-da galyň tagtadan edilen kitap goýulýan tekjeler ýaly seki
aýlanypdyr. Her öňýeten şol sekileriň üstündäki sanardan kän zatlaryň hemmesiniň
adyny hem biläýmese gerek. Olaryň arasynda, adamsynyň Dünýä aýdyşy ýaly
lukmançylyk işine, lukmançylyk ylmyna degişlilerem görünýär. Mysal üçin,
megerem, bir eýýäm ulanyşdan galan, matasy brezentden edilenem bolsa, tozup
52
giden tonometriň iki sanysy, demir bölegi poslap, üstüne kerep örtülip giden köne
şprisler, çaganyň içini ýumşadýan ujy suw sorýan çüňkli rezin pökgüjikler,
adamyň gyzgynyny ölçeýän gurallar. Garaz, gulp astynda goralýan, ýöne köçä
zyňsaňam, almak üçin egleniňe degmejek zatlaryň nämä gerek boljakdygy-da
düşnüksiz. Sekileriň üstündäki sanardan kän bolup göze görünýän zatlaryň
arasynda almaly diýlende garbaýmalylaram bar. Mysal üçin Awisenanyň
“Lukmançylyk ylmynyň kanonlary” diýen kitaby. Gynyna altyn çaýylana
meňzeýän uly pyçak, bir tarapy pyçak beýleki tarapy gyrgyçly çakgy, gyýnsyz
jöwher pyçak, kümüş çemçeler, üflenip çalynýan owadan saz guraly, bu çaklarda
hiç ýerde göze ilmeýän, ujuna altyn pero oturdylan alahekkäniň ýelegine çalymdaş
saply ruçka, uruş yyllaryndanam ozal gözden ýiten kaşaň gapakly syýa çüýşesi, el
terezileriniň telim görnüşi, köne döwürden gürrüň berýän kinoda ýa-da muzeýde
gabat gelýän, ulanyşdan galan, oltaňlanan ýeketaý çaryk, çilim salynýan kümüş
gapyrjak, tutaýy seçekl dürre gamçy… garaz, Esen Orazowçiň ýerzeminindäki
zatlary kesesinden synlap oňaýmasaň, atlaryny sanap gutarar ýaly däl. Bu hakykat.
Ýöne goraglanyp saklanýan ol zatlaryň sowgat berilmändigi hem hakykat. Olar
Eseniň ilde gaty seýrek gabat gelýän gylygynyň kömegi bilen ýygnan harytlary
bolmaly. Şonça zadyň haýsysynyň haçan, nähli ýol bilen ele salnandygyny Esen
Orazowiç edil öz adyny bilşi ýaly takyk bilýär.Sebäbi olar soňky eýesiniň ömür
taryhydygyndanam başga tükeniksiz lezzet. Esen Orazowiç maýdamy-irimi, parhy
ýok, ogurlyk etmekden diňe lezzet alýar.Ogurlyk onuň üçin erbetlik däl. Çünki
erbetlik adama lezzet berip bilmeýär.Ýene bir geň zat ol şu ýaşyna çenli ogurlyk
edip gelenem bolsa, obadan gaýdyp şäherleşen otuz ýylynyň dowamynda tapynan
dost-ýarlarynyň, gatnaşyk saklaýan tanyş-bilişleriniň hemmesi onuň çakdanaşa
açgözdügini-de, bir manady öz şirin janyndanam eý görýän gysykdygyny
bilselerem, bilmediksirän bolýarlar. Diýmek, Eseniň edýän hereketi ilden
çykmaklyk däl.
Esen Orazowiçiň ýerzemininiň ýene bir aýratynlygy ol ýerde elektrik yşygyna
derek üsti çüýşeli pelteli çyra ulanylýar.Şonuň üçinem daşardan şemal geläýjek
deşigi ýok jaýda nebitiň tutuk ysy derrew burnuňa urýar.Çyrany bolsa ýerzemine
gündiz girseňem, ýakmaly bolýar.
Esen Orazowiçiň ýerzemindäki zatlarynyň günde-günaşa üsti ýetirilip
durulmaýar. Käte bir günde iki zat gelse, käte üç aýda-da ýeke zat gelmeýär.Ýöne
ýigrimi ýyl bäri, seýregrägem bolsa damyp duransoň, kliçijik ýerzeminde köl
döredi.
Esen Orazowiç lezzet berýän gowulyk hasap edýän endiiniň özünde haçan
başlanandygyny ýatlap bilmeýär.Ol özüni bileli bäri mydama ogurlygy küýseýär.
Diýmek ol endik onuň özi bilen bile doglan bolmaly.Ol her bir zatda, her bir
hereketinde özi üçin diňe bähit araýar.Öz bähbidine gezek gelende kalbynda bar
bolmagam ahmal utanmaklyk, haýalylyk şol bada ýok bolýar.Bir gezek Esen
Orzowiç dosty Almaz bilen şäheriň gaýrasynda döredilen emeli köle suwa düşüp
gelýärkä, sebäbini-de aýtman, ýoldaşy üçin nätanyş bir howla sowuldy. Onuň
maşyny gaty ynam bilen sürşi, howluda arkaýyn öwrüm edişi bu ýere birinji gezek
gelmeýäninden habar berýärdi.Maşyn saklanyp-saklanmanka, iki tarapy-da serilgi
duran derwezä meňzeş gapydan togalanyp diýen ýaly haýdap çykan boýy gaty
53
kelte, oňa derek agram bereketi berlen, semizden dörtgyraň lokga adam Esen
Orazowiçi elinden tutup ulagdan düşürdi, Almaz bilenem köne tanyş ýaly bolup
gadyrly salamlaşdy. Almaz iki adamynyň saglyk hakdaky alşan sowaljogaplaryndan Esen Orazowiç togalak adamyň saglygyna seredendir diýen netije
çykardy.
--Ýoldaşym bilen suwa düşüp gelýärdik-de,salamlaşyp geçäýeýin diýdim.
Başga mesele ýok.Sag bolsaň bolany.
--Täzelikde daşary ýurt towugy gelip düşdi. Iýip görenler gaty öwdüler welin,
doktorlaram onuň tagamyny barlasyn.
Togalak adam doktoryň “gerek” ýa-da “gerek däl” diýen jogabyna-da
garaşman, derrew yzyna gitdi-de, doňdurylan towuk salynýan neniz açylmadyk
karton gutyny alyp çykdy.Guty maşyna salnansoň, togalak adam Almazyň ýüzüne
seretdi.
--Saňa näçesini getireýin, gadyrdan?—Ol Almazyň “Maňa gerek däl” diýen
jogabyna ilki elini silkip jogap gaýtardy.Soňam—Bu gapydan gowy adamlar gelip
boş gitse gelşiksiz bolar—diýdi.
Togalak adam ýene öňki hereketlerini gaýtalady.Ol açyk gapydan girip çykanda
elindäki ýukajyk sellofan haltada iki sany towugyň bardygy göründi. Almazyň
garşylygyna garalman, ol iki towugam maşyna taşlandy.
Esen Orazowiç towuklaryň bahasyny hödürlejek adama mezemän, arkaýyn
durdy. Almaz ýoldaşyna öýkünip bilmedi, ýöne jübüsine eline sokanda, togalak
adam onuň goşaryna ýapyşdy.
--Pul çykarjak bolma. Pul görsem meň başym aýlanýar. Üstesine, sen bu
gapydan birinji gezek gelýäň. Puly indiki sapar alaýaryn.Bu gezek pul hödürleme.
Gaty görerin…
Eseniň çalaja ýylgyryp durşy tytuş bir guty towugyň bahasyny hödürlejek
adama-da meňzemeýärdi. Öz ýoldaşyny tanaýan Almaz ol ýagaýy geňlik diýibem
kabul etmedi.Ýöne onuň üçin hakyky geňlik ýüzugra, öýüne ýetilensoň bolup
geçdi. Maşyndan düşüp sagbollaşan Almaz mugt düşen iki towugyny hem alyp
ýöräberende “Dur!” diýen haýbatly sese yzyna gaňryldy. Eýýäm maşyndanam
düşen Esen Orazowiçiň ýüzi nätanyş bir adamynyňky ýaly bolyp göründi. Yslam
saklanmaly bolandygynyň sebäbini soramanka Esen:
--Iki towugyň bahasyny goýup git!—diýdi.
Beýle habar habar Almazy aňk etdi.Esen Orazowiçiň sesinde öýun-henegiň
alamaty bolmansoň, ol “Şu gezek bir ejizligini ýüzüne basaýyn” diýen aýgyda
geldi. Emma ýene başarmady.
--Towuklar ikimize-de mugt berldi ahyryn?—diýip geňirenmekden başga ýol
galmady.
Almazyň hakykaty ýüzüne aýdyp, namartlygyny gökezmäni sebäpli, ozalam
özüniň mamladygyna müňkür bolmadyk Eseniň tersiniň dürsdigine ynamy
berkedi.
--Towugy mugt beren adam seň tanşyň däl, meň tanşym.
Almaz ýene bir gezek ýoldaşynyň ýüzüne garady.Ýoldaşyň ýüzünde hamy
galyňlykdan başga alamat görünmedi.Nähili hereket etmelidigi hakda oýlanyp
gelen netijesini mertlik hasaplan Almaz jübüsinden çykaran iki däl, belki-de, dört
54
towugyňam bahasyna ýetjek puly ýoldaşyna tarap zyňdy-da ýöräberdi.Onuň puly
şemal alyp gider diýen çaklamasy-da amala aşmady. Pul ýere gaçsa-da, ýerde uzak
ýatmady, şemala-da berilmedi.
Öýüne giren Almaz öz-özi bilen gepleşdi. Eseniň eliniň egridigini, nebsine
gaty ejizdigini, şol iki häsýeti bilen diňe özüni däl, gatnaşýan adamlarynam
biabraý edýändgini bilselerem hiç kim Eseniň ýüzüne gelmeýär. Adamlar özleri
biabraý bolmak derejesine ýetmäge razy bolsalaram hakykaty ýoldaşynyň ýüzüne
aýdyp özlerinem, ýoldaşynam biabraýçylykdan halas etmegiň gamyny iýmeýärler.
Almaz şeýle kesgitlemäniň manysyna düşünse-de, özi hem şol dogry piklir bilen
hereket etmeýär. Näme üçin beýlekä? Ýoldaşyň kemçiligini açyk aýdyp
bilmezligiň ösüňe-de ullakan zeper ýetirýär ahyryn.Emma adam diýilýän mahluk
köplenç halatda öz bähbidiniň, ýoldşynyň bähbidiniň garşysyna hereket edýär.
Almaz durmuş düşnüksizligi hakda, Esen hakda oýlananda özüni hem ak guş
hasaplamaýar. Sen öz ýoldaşyň aýylganç kemçiligini ýüzüne aýdyp bilmeýärsiň.
Sebäbi oňa ýigrenji görünerin öýdüp gorkýarsyň. Ýigrenji görünmek islemeýän
bolsaň, ýigrenji häsiýetli adam bilen gatnaşygyňy näme üçin kesmeýärsiň?.
Häsiýetleri gabat gelýän adamlar bile tirkeşýärler ahyryn.Bu näme üçin beýle?
Almaz ol sowalynyňam dürs jogabyny bilýär.Ýöne şol dürslügi durmuşa geçirmeli
bolsa welin, ol eýýäm başga adam.
… Lukmançylyk institutynyň dekanlarynyň biri on-on iki adam çagyryp, doglan
gününi belledi. Oňa Esen Orazowiç hem çagyryldy. Ol çagyrylan täk özi bolsa-da,
edepli kişileriň etmejek işi – institutyň çagyrylmadyk mugallymalarynyň birini
hem ýany bilen alyp bardy. Şeýtmek bilen ol özünem, mugallymanam öý eýesiniň
öňünde gelşiksiz ýagdaýa saldy. Kalbynda ýaramaz bir maksat saklamasa-da,
Esen Orazowiç şol görmegeý mugallymany käte maşynyna mündirmegem, ýygyýygydan köçede gabatlaşmagam kem görmeýärdi.
Myhmançylyga institutyň rektorynyň ylmy işler boýunça orunbasary, atly alym
hem çagyrylypdy. Hem-ä şonuň üçin hemem beýleki çagyranlary-da köçede
pyýada ýöremeýänler, sähel mürähet edilen ýere baryp ýörmeýänler bolany
sebäpli, öý eýesi elini gaty açdy. Çaklaňja howlynyň ortasynda goýlan stoluň
üstündäki nazy-nygmatlaryň deňli-derejelidigi hakda-ha gürrüň ýokdy welin,
hemme myhmanyň öňünde goýulmaýan gymmatbaha gap-gaçlar-da orta
çykarylypdy. Satyn alnany bäri megerem ilkinji gezek myhmana hödürlenýän altyn
çaýylan çaklaňja çemçeleriň saçak başynda goýylmagy bolsa tarhandökerlik edilip
joşulýandygyndan habar berdi. Ähli zatdan öňürti Esen Orazowiçiň ünsüni çeken
hem çyranyň şöhlesi bilen çaknyşyp, bolşundanam owadan görünýän şol çemçeler
boldy.
Myhmanlar stol başyna geçen badyna altyn çaýylan çemçeleri ýakyndan synlan
Eseniň nebsi erkinden rüstem geldi, agzy suwardy.Ol gapdalynda oturmaly
mugallyma hyzmat edýän kişi bolup, bir eli bilen onuň oturgyjyny süýürende,
beýleki eli bilenem oňa niýetlenen altyn çemçäni öz tarelkasyna tarap çekdi.Soňam
ol çemçe hiç kime görünmän, Eseniň täze penjeginiň goltuk jübüsine girdi.Nahara
başlanmazyndan öňürti hyzmat edýän iki sany ýigide tarap elini salgan myhman:
“Bärik bir çemçe goýuň!” diýip gygyrdy. Entek oturmanka özüne niýetlenen
çemçäniň bardygy gözüne ilen mugallyma sesini çykarman, öňündäki tarelkanyň
55
sagyna-çepine seredişdirdi. Onuň ýap-ýaňy gören çemçesini gözleýändigi
düşnüklidi.Ýöne Esen oňa üns bermedik kişi boldy. Ýigitleriň biri derrew çemçe
getirip gitdi.Ýöne altyn çaýylan çemçeler gaty hasaply ekenmi-nämemi, getirilen
owadanam bolsa, adaty çemçedi.
Magnitofondan ýaňlanan ýeňiljek saz keýpleri köklenen myhmanlaryňam
birnäçesiniň ökjesini ýeňletdi. Esenem şolaryň biri boldy.Ol görmegeý
mugallymany tansa çagyrdy.Olar ýaňy birki öwrüm edenlerinde, mugallymanyň
elindäki akja ýaglyk ýere gaçdy. Öňem oňa özini medeniýetli kişi edip
görkezmegiň aladasynda ýören Esen gabat gelen bu pursatdanam, elbetde,
peýdalanmalydy. Ol elýaglygy almak üçin çaltlyk bilen aşak eglende, goltuk
jübüdäki altyn çaýylan çemçe aşak gaçdy.Çemçäniň şaňňyrdysy öý eýesiniňem
ünsüni çekdi.Çagyran adamlarynyň her haýsynyň hüý-häsiýetine belet dekan
şaňňyrdynyň nähili ýol bilen dörändigine derrew düşündi.Ol Esen Orazowiç
sebäpli myhmanlarynyň öňünde gelşiksizlik duýdy, erte-birigün ony ýörite tapyp,
beýle ýaramaz ýagdaý üçin ýüzüni gyzartmagy özüne pent etdi.
Çemçe ýere gaçanda, ol wakanyň döremegine gözli ýaýat bolan mugallymanyň
aýagy duşaklanana döndi, doňup galdy.Ol Esen Orazowiçi utanç diýilýän ynsaby
aýagynyň astyndaky haşamlanan beton örtügiň bir adamyň göwresi sygaýar ýaly
ýerini opurup, aşak alyp gider öýtdi.Onuň yzy bilen mugallymanyň özi-de ýer
astyna girip, töwerekden haýran bolup seredýän abraýly gözlerden gizlenmäge
taýyndy.Emma betonam ýarylmady, hiç kimi ýer hem ýuwutmady. Gaýtam, Esen
Orazowiç özünden gaýry hiç kim çemçäniň gaçanyny gören däldir, özünden gaýry
hiç kim şaňňyrdysyny eşiden däldir öýdüp, ony ýene jübüsine salansoň, tansy
dowam etdi.
Bolan iş mugallymany aňk etd1.Ol Esen Orazowiç bilen tirkeşip bu ýere
gelmeginiň, onuň bilen tansa çykmagynyň ökünip yzyndan ýetip bilmedi.Hut şu
mahalyň özünde bu ýerden ulukjyn alyp gitmäge kaýyl geldi.Ol eýýäm bir gezek
köpüň öňünde gözden düşen Esen Orazowiçi ikimji gezek masgara edip durmagy
uslyp görmän, oňa aýdylmaly zäwekli sözleri ertire goýdy. Mugallyma bile tans
edýän ýoldaşynyň gözüne garap bilmän, ýüzüni gapdala sowanda, görejine
kaklyşan dekanyň howlusyndaky ullakan hurma agajynyň güýz howasyna tylla
sary reňke aýlanan ýapraklary boldy. Ýapraklaram mugallymanyň gözüne
şahalardan sallanyşyp duran altyn ýaýylan çemçe ýaly bolup göründi. Mugallyma
özüni köpüň öňünde gelşiksiz ýagdaýa salan çemçelere seredip bilmän, ýüzüni
aşak saldy.Ol ertirmi ýa birigün Esen Orazowiçi ýekelikde görmäge howlukdy.
Görmegeý mugallymanyňam, öýüne myhman çagyran dekanyňam ertir
diýenem geldi, birigün diýenem. Olar Esen Orazowiç bilen ikiçäk bolubam
görüşdiler. Ýöne hiç haýsy-da mert duragada, açyk gepleşip bilmedi, telege telek
diýilmedi. Dost-ýarlary tersine ters diýmeýäni üçinem Esen Orazowiç tersini dürs
hasap edýärdi, özünde kemçilik bardyr öýtmeýärdi. Şonuň üçinem onuň
harsydünýälik keseli örüsini giňeldýärdi.
…Wagt entek onçakly giç bolmasa-da, ulag gatnawy kiparlap, köçeler
çolarypdy.Şaýol bilen maşynyny ýuwaş sürüp gelýän Esen Orazowiç köçe
gyrasynda elini galdyranyň ýanyna ýetip saklandy.El galdyran ýigrimi
ýaşlaryndaky ýigit eken. Esen Orazowiç öýüne çenli benzini netijesiz ýakyp
56
gideninden, bir manadam bolsa, gazanç edenini kem görmedi.Asyl ýigidiň ýoly
onyň bilen ugurdaşragam eken. Ýöne welin nyrh meselesindäki çekeleşme iki
tarapyňam esli wagtyny aldy.Sürüji ýedi manat kesdi, ýolagçy bäş diýdi.
Ýolagçynyň “bäşi” hem ýaýdanybrak diýenini aňan Esen Orazowiç köpi isläp,
azdanam galmagyň mümkindiginiň pikirini etdi. Bäş manadam pul.Olam köçede
pytrap ýatanok…
Eseniň gapdalyna münen ýigidiň elinde owadan ilikler bilen bezelen ýaly
klarnet diýilýän saz guraly bardy.Sürüji şol gural hakda sowal berdi, ýolagçy hem
jogabynyň üstüni indiki hepdede konsert bermek üçin daşary ýurda gidilýändigi
sebäpli, goşmaça bellenen saz türgenleşiginden gelýändiginiň habary bilen ýetirdi.
Esli ýörelip, “Supermarket” diýlýän mähnet dükanyň deňine ýetilende, ýaş ýigit
çörek almalydygyny aýdyp, birki minut saklanylmagyny haýyş etdi.Ol daşaryk
çykansoň, pul tölenmän gaçyp gitmek diýen ýaly döräýmegi ahmal müňkürlige
öňünden jogap berýän kişi bolup, elindäki saz guralyny öz turan oturgyjynyň
üstünde goýdy-da, dükana tarap gitdi.
Supermarkete sereden Esen çalaja ýylgyrdy. Ýaş ýigidiň girip giden dükany
oňa tanyşdy.Ýatlama Eseni şol tanyş dükanyň erkek adamlaryň başgaby satylýan
bölümine alyp gitdi.Ol kaşaňdan-kaşaň şlýapalara, her dürli papaklara, üýtgeşikden
üýtgeşik telpeklere howlukman ser salyp çykdy. Şol aýlanyp ýörşüne-de
howlykmanam bir gymmatbaha şlýapany başyna geýdi-de, ýuwaş ädimläp,
çykalga tarap ýöneldi.
Ýaşy birneme gaýdyşan diýäýmeseň, synçy gyz – gelinler tarapyndan ogryn
garalaýmaly boýly-syratly kişi dükana başy açyk girip, gidende bahasy tölenmedik
şlýapa geýip çykar diýip harytlara gözegçilik edýän bir topar aýal maşgalanyň
biriniňem kellesine gelmedi.
Esen Orazowiç içini gepletdi: ýolagçy ýigit ulagyň döwlet belgisine tarap
gözünem aýlamady, sürüjiniň ýüzünem alagaraňkylykda ýatda saklar ýaly derejede
gören däldir.Aslynda, on minut ulanan ulagyň sürüjisiniň sypatyny ýatda saklajak
bolmak kime derkarmyşyn? Hut ertir gabatlaşylsa-da, birek-biregi tanamarsyň.
Sürüjiniň şol ynamy hem maşynyň birden öňe okdurylmagyna sebäp boldy.
*
Ýaz pasly gutarmanka, yssy gaty düşmänkä, baýyrlaryň maýsasyny Gün
çirkizmänkä, sekiz sany ýoldaş bolup sähraýy meýdana çykmak maslahatlaşyldy,
gidýänleriň baryndan deň-derejede pul ýygnaldy, gerek zatlary jemlemegem
Almaza tabşyryldy.Ol hemme işe ýeke özi ýetişmänsoň, ýoldaşlarynyňam
käbirinden peýdalanmaly etdi.Eline bahasy sanalyp berien Esene bolsa on
kilogram et almak paýy düşdi. Ol ertir gezelenje ugralmaly diýlen gün öýlänler,
Almazyň özi hem öýde ýokka, alan etini onuň çagalaryna goýup gitdi.
Gijara öýe dolanan, ýoldaşynyň endiklerine-de belet bolup giden Almaz
getirilen eti saldarlap gördi-de, onuň on kilogramdygyna müňkürlik etdi.Ol el
terezini tapyp çekip görende bolsa, getirilen et sekiz kilogram boldy.
Almaz Esen Orazowiçe aýtmalysyny ertire-de goýman, şu gün aýtmaly etdi.
Onuň aýtmaly sözleri bolsa gaty ýowuzdy, mert adamyň sözleridi. Bu ýaşda, bu
durmuşda, bu ýagdaýda iki kilogram et üçin bigaýratlyk etmek nämä derkar? Saňa
sekiz däl-de on kilogram etiň bahasy berildi ahyryn. Köçe jüwlügi ýaly bolup,
57
hökman ogurlyk etmelimi? Nebsiňe “haý” diýmäge çak bolmadymy? Almazyň
aýtmalylarynyň arasynda şu sözlerem bar. Günäsini boýun alýana meňzän Esen
dymýar.
Trubkany Esen Orazowiçiň özi göterdi. Ýap-ýaňy hem gönümel, mert adam
hökmünde ýoldaşynyň kemçiligini ýüzüne aýdyp biljek Almaz salam-helikden soň
birden başga adama öwrüldi duruberdi. Onuň hakykat diýip aýtmaly hakyky
sözlerine derek entek hakykatdygy näbelli: “Et-ä getiripsiň welin, garry malyňky
bolaýmasa” diýen sözler boldy, oňa derek bolsa “Sen nä ony iýip gördüňmi?”
diýen gödek sowal eşitdi.
Trubkany goýan Almaz dostuna aýdylmaly igenji özüne gönükdirdi.
Adamlaryň aglabasynyň bir göwresinde iki adam ýerleşýär.Birinjisi—içki adam.Ol
ýapyk hakykatçy.Hakykaty daşyna çykarmaýany üçinem onuň hakykatçylygyndan
bize nep ýok. Beýlekisi—daşky adam. Ol açyk, ýöne ýalançy.Onuň hakykaty
aýdyp bilmän ýalan sözlemeginden bolsa biziň özümize-de,ýoldaşymyza-da diňe
zelel bar. Ynsan içki ýapyk kalbyny açyp ýaşasa dünýä-de düzelerdi. Hawa, Almaz
şeýle pikir etdi. Ýöne ol pikirem ýapyk zat bolansoň, ondanam hiç kime peýda
ýokdugyna düşünýärdi. Düşünse-de, ýagdaý üýtgmeýärdi. Iň ýamany hem
düşünilenden soňam üýtgdilmeýän ýagdaýdy.
*
Esen Orazowiç iki hepde bäri öz ýerzeminine girmändi.Iki hepde başgalar üçin
on dört gün diýen many berýän bolsa, aşak düşmän geçiren iki hepdesi oňa iki
aý bolup duýulmalydy.Ýene ol öýdeçileri ýatansoň aşak düşdi.Guwanýan zatlary
öňat görner ýaly pelteli çyrany ýakanyndan soň, çüýşesini hem esgi bilen gowy
edip süpürdi.
Ýygnan zatlaryna gözi düşende Esen her gezek şatlanýar, keýplenýär. Ol
tekjedäki närseleri öz halal puluna satyn alan däldirin öýtmeýär, şonuň üçinem
eden işinden utanmagyň ýerine özünde göwnüşoşluk döredýär. Ýerzeminde ýüz
sany zat bar bolsa, Esen Orazowiç ýüz gezegem şatlanan bolmaly. Özi-de şol ýüz
şatlyk ol ýerzemine täzeden girende täzedenem gaýtalanýar.Onuň gije-gündiz
edýän pikiri bir ýerdn zat ýonmak, bir zady pul bermän gazanmak bolany üçin, şol
pul berilmän gazananlarynyň hemmesiniňem taryhyny edil gara daşa ýazylan ýaly
edip ýadynda saklaýar. Ine,ol şu mahalam tekjelere ser salyp durka bir ýany
pyçakly,bir ýany gyrgyçly çakga bakyp ýylgyrdy. Gyrgyçly çakgynyňam öz
taryhy bar. Esen Orazowiç gawun baýramy edilýän ýerde harman-harman bolup
duran gawun üýşmekleriniň arasyndan geçip barýarka, aýbogdaşyny gurup oturan
silkme telpekli ýaşulynyň ýanynda aýak çekdi. Onuň ünsüni bölen gawun däldi-de,
bir ýany pyçak, bir ýany gyrgyç çakgydy.Özi-de ol geçeniň gözüne ilsin diýlip
lowurdaýança süpürilendi. Baýamçylygyň göçgünine goşulan goja ýanyna
sowlana bir gyz dilim gawun dadyryp, edýän işinden leşşet alýardy. Ol özünden bir
ädim aňyrda bolup geçýän wakalara ünsem bermeýärdi.Şoi üns berilmezligiň
netijesinde hem neniz beýle zady görmedik şäherlilere göz etmek üçin bir gujak
waharamanyň üstünde duran gyrgyçly çakgysynyň kimdir biriniň jübüsine girip,
bazardan çykyp barýanyndanam bihabar galdy.
58
Esen Orazowiç telim ýyl mundan ozal bolup geçen wakany ýatlanda, gawun
baýramçylygyna gelen ýaşulynyňam, onuň ýanynda durup gyz dilim gawun iýýän
adamlaryňam gözlerine çöp atyp, çakgyny duýdurman alyp gaýdyşyna häzirem
guwandy, ony ogurlyk däl-de ussatlyk, edermenlik hasaplady.
Tekjeleriň üstünde zat kändi. Eger Esen Orazowiç ol zatlaryň hemmesini
gözden geçirip, hemmesiniň taryhyny, iň bolmanda, gysgaldylan görnüşde ýatlap
çykjagam bolsa, tä ertir işe ugramaly wagtyna çenli ýerzeminde galaýmalydy.Ýöne
ortaky tekjäniň gyraragynda duran iki daňy pul, puldugy üçin bolsa gerek, Esen
Orazowiçi biparh goýmady.Iki daňy pul iki ýüz müň manatdy. Bäş ýyl myndan
ozal pul çalşylandan soň hümmetini ýitiren pul heniz-henizlerem Eseniň ahmyr
damaryny titredýär.Şol pul öz wagtynda peýdalanylan bolsa, ak bazardan altmyş
tokly alyp bolýardy.Olaram bu mahala çenli köpelip-köpelip… Onsoň neneň
ahmyr damaryň titremesin! Indi ol iki desse pula bir arryk towugam berilmeýär.
Ahmyr Esen Orazowiçi näzir samana öwrülen puluň kakyky pul döwrüne alyp
gitdi.
…Esen Orazowiçiň nebit-gaz ulgamynyň söwda guramasynda işleýän duldegşir
goňşusy bardy.Olar içgin gatnaşyp ýörmeselerem, kyrk ýaşlaryndaky gara murtly,
görmegeý goňşynyň puly arabaly getirip, çarşakly agdarýarmyş diýen haý-haýly
tarypy Esene-de ýetýärdi. Eseniň Rustem bilen ýakyndan tanyşmak islegi bardy,
ýöne işi çöldäki nebitçilere, gazçylara hyzmat etmek bolan goňşy öz öýüne
myhman diýen ýalydy.
Bir gezek işden gelen Esen Orazowiç howlusynyň gapysyny açjak bolup durka,
Rüstemiň aýaly gözýaş döküp daşarda peýda boldy.
--Esen goňşy, ýetişeweri, Rüstem gidip barýa!—Ol habaryny aýtdy-da,
eglenmänem yzyna ylgady.
Göňşusynyň öýüne baran Esen Orazowiç köwşüni çykarmaga-da gyssanyp,
diplomatyny gapdaldaky stoluň üstünde goýmaga-da ýetişmän, içerik girilýän
ýerdäki diwana gyşaran hem dünýäni unudan ýaly bolup ýatan Rüstemiň
ýagdaýyny halamady.Onuň aňryk çöken ýaly çuňalan gözleri ýumukdy, demini
hem garny bilen alýan ýalydy.
Lukman goňşy Rüstemiň göşaryndan tutup oturyşyna:
--Derrew bizden gan basyş ölçelýän tonometri getir!—diýip, aýala tarap
seretmän gygyrdy.Aýal giden badyna näsagdan nazaryny bölen lukman, diwanyň
gapdalynda öz aýagyna degip duran gara diplomaty stoluň üstüne geçirdi. Gara
diplomatyň hyýalyna näme alada salanyny Esen Orazowiç soňky eden hereketi
bilen düşündirdi: agzy açylan gara diplomat rejelenip goýlan heniz adam eli
degene meňzemeýän täzeje pullardan gapagyna çenli doludy.Esen Orazowiç bol
pula gözi düşenden soň, kellesine näme hyýal urandygyny hem ýene öz hereketi
bilen beýan etdi—onuň penjeginiň iki goltuk jübüsiniň her haýsynda bir daňy
ýüzlük gizlendi…
Rüstemiň gan basyşyny ölçän Esen Orazowiç derrew telefona ýapyşdy.Kän
mahal geçmänkä-de, howlynyň gapysynda böwrüne ”Tiz lukmançylyk kömegi”
diýlip ýazylan maşyn peýda boldy.
…Pulluguny ýitiren pul Esen Orazowiçiň keýpini bozanam bolsa, hümmetini
ýakyn ýyllarda ýitirmejek, el telefony, klarnet, jöwher pyçak, taryhy dürregamçy,
59
altyn çaýylan çemçe ýaly zatlar onuň peselen keýpiniň öwezini doldy. Şol gowy
keýpiň ýelgini bilenem arkaýyn ýatyp ukudan ganmagy ýüreginde beslän lukman
gapyny mäkäm ýapyp gulplady-da, ýokaryk çykylýan basgançaga tarap ýöneldi.
Emma Esen Orazowiçiň keýpini kökeldip gazanan rahat ukusy ertire çenli
dowam etmedi. Gijäniň bir mahaly ony siltäp-siltäp oýaran aýaly “Öýümüz
ýanýa!” diýip jynssyz gygyrdy.Ukudan açylyp-açylmadyk lukman öz ýatan
jaýynda ot-tüsse görmänsoň, ilki ýadyna düşen ýerzemin boldy.Ol daş çykmanka
telefon apparatyna elini uzatdy.Aýaly oňa eýýäm ýangyna garşy gulluga habar
ýetirendigini aýtdy.
Esen Orazowiç daş çykanda ýangynyň ojagynyň ýerzemindedigine göz ýetirdi.
Aşakdan diňe tüsse çykman, mahal-mahal ýanar oduň sary dili hem görünip
gidýärdi. Esen Orazowiç şol gyssagarada ýangynyň näme sebäbe dörändigini
anyklajak boldy. Onuň çak etmegine görä, ýerzeminden gaýdanda söndürmek
ýatdan çykarylyp galdyrylan pelteli çyra gapy batly ýapylanda sarsgyna ýykylan
bolmalydy.Dökülen nebitdenem uly ýangyn döremelidi. Onuň şeýle bolmagy
ahmaldy.Ýöne iň esasy mesele ýerzemindäki ýigrimi ýylyň dowamynda ýygnalan
zatlardy.Altyn çaýylan çemçe, jöwher pyçak, muzeýe tabşyrsaň kän pul tölenjek
gadymy egri gylyç, üç ýüz dollar bahaly el telefon… Bu gyssagarada ýerzemindäki
zatlaryň hemmesini göz öňüne getirmegem, sanamagam mümkin däldi. Ýöne
olaryň hemmesiniň ýanyp küle öwrüljekdigini göz öňüne getirmek mümkindi.Ol
ýerzemie girip, entek ýanyp ýetişmedik zatlardan näçesini alyp çykyp bilse, özüne
peýda boljakdygy hakda oýlandy.Aýylganç ses edip gelen ýangyn södürýän
maşynlaryň peýda bolmagy-da Esen Orazowiçi ölüm howpy bilen bagly
bolaýmagy gaty ahmal adimi ätmekden saklamady.Hatda adam nebis diýilýän
arzan nägehany şirun jan diýilýän iň gymmat zadyndanam özüne ýakyn saýdy.
Esen Orazowiç tamyň gapdalynda ýatan kiçeňräk ýyrtyk palasy başyna atdy-da,
arzuwyna tarap ylgady, aýalynyň öňünde keserip durmagy-da, çagalarynyň
ýalbarmagy-da ony pälinden gaýtarmady.
Ýangyn söndürijiler haýdaşyp howla girende, olaryň öňdäkisiniň elinden
ýaşyşan aýal:
--Jaýyň ýanany jähennem, Eseni halas ediň!—diýip gygyrdy.Ol habaryň manysy
düşündirilen ýangyn söndürijiler aňk bolup sägindiler.Birdenem olaryň has
dogumlusymy ýa-da şeýle ýagdaýda başgalardan öňürti hereketi etmelisimi
agzyndan tüsse çykyp duran gapa ýetip gözden ýitdi.Ýangynçy ýerseminde uzak
eglenmedi.Ýöne şol gysga wagt hem onuň ýoldaşlary üçin, Esen Orazowiçiň
aýaly, çagalary üçin bir dogsa ýaşmaýan güne meňzedi.
Esen Orazowiçi süýräp ýerzeminden çykaran ýangynçy otdan goraýan
başgabyny başyndan aýyrdy-da: “Munyňyz sähnemidi?” diýdi.
Ýangyn söndürijileriň ýolbaşçysy çala jany bar lukmany howlynyň burçuna eltip
ýatyrmagy buýurdy-da, “tiz kömege” habar ýetirmek üçin telefona ýpyşdy.
Oktýabr, 2009.
60
Atajan Taganyň ähli ýazan eserleriniň arasyndan
özüniň okyja hödürlenmäge mynasybrak hasaplaýan
larynyň sanawy hem göwrümi
1. Sallançak mukamy, powest --150 sah.
2. Lal perişde, powest
--150
3. Aglasy gelýäň ak bulut,
--90
4.Aýylganç baharyň jybarly güni, powest, --80
5.Serwi gelin ( “Uiruşdan soňky söweşiň”
täzeden ýazylan nusgasy) powest --75
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ogul - 06
  • Parts
  • Ogul - 01
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1999
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 02
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2093
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2098
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 04
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 2140
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 05
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2158
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 06
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 2100
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 07
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2086
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 08
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2092
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 09
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2136
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 10
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2114
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 11
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 12
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2203
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 13
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2225
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 14
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2230
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 15
    Total number of words is 2778
    Total number of unique words is 1701
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.