Latin

Ogul - 01

Total number of words is 3714
Total number of unique words is 1999
30.6 of words are in the 2000 most common words
43.1 of words are in the 5000 most common words
50.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.

AŞGABAT—2008
*
Waka 1988- 90-njy ýyllarda bolup geçýär.
Ýetmiş ýaş töwereklerindäki, entek daýanykly bolsa-da, eli taýak-hasaly, üst-başy
tämiz, çep aýagynyň üstüne çalarak agsaýandygy bildirýän Gyzdurdy ene arassa
şäher köçesiniň ýanýolçasy bilen gidip barýar.Ol öz içki pikiri bilen gümra, keýpi
çag, bir zatlara begenýän ýaly dodaklaryny müňküldedýär, çalarak ýylgyrýar, işaladasy bulen geçip barýan nätanyş adamlara-da, olar üns bermeseler-de, ýylgyryp
seredýär.Ol bir ýere howlukýan ýaly. Birdenem ol soňky gabat gelen ýaş ýigidi
ýolundan saklaýar.Gyzdurdy enäniň ýaş ýigitden bir zat soraýandygy bildirýär.Ýaş
ýigit golaýdaky kaşaň jaýa tarap elini salgaýar.Oňa herekedi bilen minnetdarlyk
bildiren garry ýoluny dowam edýär.
Gyzdurdy ene ýüzüne “Geologiýa gözleg işleri” diýlip ýazylan jaýa girip gidýär.Ol
gapyda oturan nobatça-da üns bermän, ondan rugsadam soraman, aňyrlygyna
ýöräberýär. Gözi äýnekli, inçeden uzyn ýaşuly nobatçy eli hasalay garrynyň
yzyndan ýerinden turup seredip galýar. ”Rugsat-beýlekem soranog-aýt. Kimiň
ýanyna barjagynam aýdanok.Özi bu ýeriň hojaýyny ýaly”.
Biziň kempirimiz uzyn zal bilen gidip baryşyna, ýene bir öňünden çykandan salgy
alyp: “Başlygyň kabulhanasy” diýlip ýazylan mähnet gapyny zordan açyp içerik
girýär. Başlygyň kömekçisi, görmegeý ýaş gyz gelene geň galyp seredýär.Kempir
oňa onçakly üns hem bermän:
--Başlyk barmy?—diýip soraýar.
--Bar—diýip jogap gaýtaran gyz uly gapa tarap seredýär.
Gyzdurdy ene şol gapa tarap ýönelende, ýerinden haýdap turan gyz kempiriň
ýoluna böwet bolýar.
--Girmek bolanok, garry. Başlygyň ýanynda adam bar.Her gelen adam kürsäp
giriberse, başlygyň öz işini etmäge mümkinçiligem bolmaz. Öňi bilen-ä siz
2
kimdigiňizi, nireden, näme mesele bilen gelendigiňizi aýtmaly.Girmäge rugsat
soramaly.Düzgün şeýle. Başlyk häzir zerur bir meseläni çözýär.Garaşyň!
--Men Aşgabatdan geldim, gyzym…Maňa Gyzdurdy ene diýýäler.
--Aşgabatdanam bolsaň, Gyzdurdy ene diýselerem, barybir, garaşmaly bolar.
Garaşyň.
Gyzdurdy ene ýüzüne dermatin örtülen diwanda aýak epýär. ”Garaşyň” diýýäň.
Men kyrk ýyllap garaşdym ahyryn, garagöz. Kyrk ýyl bäri! Şonam az görýäňmi
sen?”
Gyzdurdy enäniň ýatlamasy: Agşam ýeke perzendiň doglan gününe çagyrylan
myhmanlary ugradan Gyzdurdy bilen Orazly taýly gezek çaganyň başyndan
sypaýar.Gyzdurdy: “Ine, Atamerdan jan, bu gün bäş ýaşyň doldy.Myhmanlar saňa
näçe gowlyk arzuw etdiler. Arzuwlar hasyl bolsun!”.
ORAZLY: “Ýene iki ýyldan birinji klasa okuwa gidersiň.Ilkinji gün seni mekdebe
özüm alyp giderin”.
GYZDURDY: “Ýatar wagtyňam boldy, Atamerdan jan. Sen ukla, menem gapgaçlary ýuwuşdyraýyn”.Ene çagany öz krowatynda ýatyryp çykyp gidýär.
Gijäniň birmahaly ýer titreýär. Jaýyň üsti aşak çökýär. Apy-tupan, gohgalmagal, perýat. Alagaraňkylyk.Ölmän abat galanlar ýaralananlara, kesek astynda
galanlara hossarlyk etmäge başlaýarlar.Gyzdurdynyň özi bir aýagyny döwdürip
ölmän sypýar, adamsy welin kesek astynda galýar.Ol aýagyny tutup uwlap
ýatyrka; “Atamerdan nirede? Çagany tapyň!” diýip gygyrýar. Aman galan
Atamerdany goltuklap göterip barýan uzyn donlumy ýa-da halatly halas edijiniň
ýanyndaky eli kagyzly biri “Oglanyň ady näme?” diýip gygyrýar.Gyzdurdy agyly
ses bilen “Atamerdan Orazly” diýip jogap berýär.Gyzdudy adamsynyň heläk
bolandygyny ertir, gün dogansoň, kesek astyndan onuň jesedi tapylanda bilip
galýar.
Ýatlama gutaransoň, Gyzdurdy ene öz aladasy bilen gümra bolup oturan owadan
gyza alarlyp seredýär.Içgepletme: “Sen, garagöz gyzym, meň gören günümiň
ýüzden birinem görme. Görjegiň gowulyk bolsun.Ýöne sen kyrk ýyl bäri gözlenen
ýeke perzendime sataşmaly ýoluma böwet bolmaly däl ahyryn.Men ony kyrk
ýyllap gözledim…”
Gyzdurdynyň ýatlamasy: Gyzdurdy otuz ýaşlarynda.Haýsydyr bir şäherde otludan
düşen gahryman gelen şäheriniň çagalar bagyna barýar.Oňa Atamyrat, Atagurban,
Atadurdy atly, Orazow, Orazgulyew familiýaly oglanlary görkezýärler. Ol
çagalaryň özüniňki däldigini Gyzdurdy şobada seljerýär.
Ýollar.Ýodalar.Köçeler.Ýanýodalar…Gyzdurdy kyrk ýaşlarynda. Haýsydyr bir
raýon merkezinde awtobusdan düşen gahryman gelen ýeriniň çagalar öýüne
barýar.Ýene şol öňki ýatlamadaky ýagdaý gaýtalanýar… Otlynyň, awtobuslaryň
tigirleri ýol külterleýär.Gyzdurdy otluda.Gyzdurdy awtobusda. Gyzdurdy kä ýük
3
maşynyň kabinasynda, kä sandygynda, kä pyýada. Hemişe, hemme ýerde-de
Atamerdanyň keşbi onuň göz öňünde.Emma özünden derek ýok…
Gyzdurdy bir çagalar öýüniň derwezesinden girende, eýýäm on-on iki ýaşly
Atamerdana sataşýar. Oglanyň bedeni berdaşlanyp, ýigit çykyberenem bolsa, ýüzi,
esasanam gara gözleri üýtgemändir. Özüni bagty çüwen hasaplan ene oglana tarap
ýykylyp-sürşüp atylýar.Emma iki ädim aralyk galanda, Gyzdurdy aýagy
duşaklanan ýaly bolup doňup galýar.Atamerdana meňzeş oglanyň ýüzi başga bir
oglanyň ýüzüne öwrülýär. Der basyp ysgyndan gaçan ene özüni skameýka
goýberýär.Ony görensoň, bir bulgur suw alan terbiýeçi aýallaryň biri oňa tarap
ylgaýar. “Bir zadyňy ogurlatdyňmy, aldyrdyňmy, daýza?” Gyzdurdy tassyklap baş
atýar: “Men ýüregimi aldyrdym, ýüregimi!” Mana oňly düşünmedik terbiýeçi
egnini gysýar….
Ýollar, ýodalar, mekdepler, çagalar öýleri… Keýpsiz Gyzdurdy bir mekdebiň sport
meýdançasynda oýnap ýören oglan- gyzlary esli salym synlap duransoň, öz-özüne
“Atamerdan ýok” diýip pyşyrdaýar, gulagynda bolsa “Eje, men bar. Gözläber.
Taparsyň.Men bar” diýen ses ýaňlanýar. “Gözüm görmesini, aýagym ädilmesini
goýýança men seni gözlärin, balam”.
Gyzdurdy gartaşypdyr.Ol öz öýünde çagalar öýlerine, redaksiýlara ýazylan
haýyşlaryna gelen jogap bukjalaryna seredip otyr.Gaşýetleriiň bolsa çagalar
öýlerinde alnan suratlary çap eden onlarça sany bar…
…Ýatlama gutarýar.Başlygyň huzuryna garaşyp oturan Gyzdurdy ene
sumkasyndaky bäş-alty sany gazetiň birini çykarýar-da, eli kaskaly, işçi eşigindäki
ýigidiň keşbini synlaýar. Suratyň aşagyna “Burawçy Atamerdan Orazow” diýlip
ýazylypdyr. Suraty synlaýan garrynyň ýüzi göz-görtele ýaşalýana meňzeýär.Ol
hekgerýär, garran bedenine täze güýç goşulýan ýaly bolýandygy bildirýär.
Kän garaşdyran gapy ahyr açylýar.Gyzdurdy ene başlygyň ýanynda gaty kän
oturyp çykyp giden adamy nägile nazary bilen ugradyp goýberýär.Ol ýerinden
turanda, ondan öňürti gapa baran kömekçi gyz: “Duruň!” diýip içerik girýär-de,
gapyny aňyrsyndan ýapýar. Nägile garry: “Men ýene garaşmaly!” diýip içini
gepledýär.Owadan gyz peýda bolýar-da, gapyny açyp berip:
--Indi giräýiň, garry!—diýip, Gyzdurda ýylgyryp seredýär.
“Häliden şeý diýmelidiň-dä!” diýip içini gepleden enäniň ýüzi ýagtylýar.
Giň kabinetiň töründäki stoluň başynda keýpsiz oturan garamurt adam, salam-a
berse berdi welin, huzuryna geleni sowuk-sala garşylaýana meňzedi. Eli gazetli
Gyzdurdy ene: “Kyrk ýyl mundan ozal Aşgabatda ýer titredi.Biziň obamyzam
şähere egin diräp otyrdy…” –diýip habaryna başlaýar.
Gyzdurdy enäniň gepleýşiniň fonunda Aşgabat ýer titremesiniň kabir kartinalary
garamurt başlygyň göz öňünde janlanýar.Jaý ýykylýar.Gyzdurdy aýagyny tutup
4
ýatyr. Atamerdany kimdir biri göterip alyp barýar.Gyzdurdy gygyryp galýar.Gün
dogansoň Gyzdurdynyň adamsynyňam jesedini gara mata dolap alyp
gidýärler.Weýran bolan şäheriň depesinde samolýotlar aýlanýar.Esgerler adamlary
halas etjek bolup ýykylan jaýlary dörýärler…
Gyzdurdy enäniň elindäki gazýet garamurt başlygyň eline geçýär.Ol Atamerdanyň
suratyny baş ýaýkap synlansoň, derrew ýerinden turup kempiri gutlaýar,elini
gysýar.
--Bu täsin waka, ene. Ýöne, Atamerdan bilen duşuşmak üçin üç gün-hä
garaşmaly bolar.
Garaşylmadyk habara garrynyň gözleri petreýär.
--Aýdýan gepiň manysyna özüň düşünýäňmi, garagöz!? Heý, ýene üç günläbem
garaşyp bolarmy? Men oňa çydaman.
--Kyrk ýyl garaşypsyň, ýene üç gün çydamaly bolarsyň.
--Ol bolmaz, ogul. Sen meň ýagdaýyma düşün…
--Men ýagdaýyňa düşünýän welin, Atamerdanyň işleýän ýeri bu ýerden iki ýüz
kyrk kilometr.Tä barýançaňam aňňat-aňňat alaňlar, çägelik, ýol-ýoda ýok.Men
beýle şatlykly günüň hormatyna seni maşynly ugradybam bilerdim. Ýöne, garry,
sen o ýollara çydamarsyň. Özümä, entek ellä-de ýetemok welin, iş bilen şol ýere
gitmeli bolamda-da, öňünden ýaýdanyberýän. Üç günden Atamerdanyň topary
nobatçylgy gutaryp gelmeli. Saňa, ene, gitmekden garaşmak amatly bolar. Gül ýaly
myhmanhanamyz bar…Myhmanhanany islemeseň, meniň çagalarymyň arasynda
boluber
--Men, dünýäm, tutuş ömrümi şoňa garaşyp geçirdim ahyryn…
Gapydan giren çypar sary adam başlyk bilen garrynyň gürrüňiniň arasyny bölýär.
--On altynja gaty gyssagly halda generator ýetirmesek, iş togtaýar, başlyk.Jaň
etdiler.
Ýerinden laňňa galan başlyk ýumrugyny stola urýar, başyny ýaýkaýar.Iki
adamyň iş meselesi barada gürrüňleşip durka Gyzdurdy ene içini gepledýär: “Bu
adamlaň ogly-gyzy ýokmyka? Çagalaryndan aýra ýatyp görmedilermikä?”
Çypar sary adam çykyp gidensoň, başlyk Gyzdyrda ýüzlenýär.
--Garry, sen gorkman, wertolýota münüp bilermiň?
--Wertolýot diýýäniň şahly uçarmy?
--Hawa.
--Wah, men ýerde-de hasa bilen ýöreýän ahyryn…
--Ýogsam ogluň bilen şu gün duşuraýjakdym. Barybir biz ol ýere wertolýot
ýollamaly bolduk.Garaşylmadyk ýerden. Bir sagat çemesi wagtyň içinde eltip
taşlardy…
--Oglumyň ýanyna ýetirjegini bilsem, wertolýot däl, men şeýtanyň üstüne
münmäge-de razy.
--Sertolýotam edil şeýtan ýaly. Şahlaram bar—diýip, başlyk “loh-loh” gülýär.—
Şeýtanyň şahyndan ýapyşyp uçup baryşyň göz öňüme gelýär…
Garamurtyň öňündäki telefon jyrlaýar.Başlyk başga dilde gepleşýär.Gepleşigiň
arasynda Atamerdanyň adynyň tutulandygyny eşiden ene tisginip gidýär, başlyga
5
tarap üşerilip seredýär.Trubkanyň agzyny bir eli bilen tutan başlyk Gyzdurda
ýylgyryp garaýar.
--Häzir seni ogluň bilenem gepleşdirjek, garry.—Azajyk garaş.Häzir ony telefona
çagyrarlar.
Gyzdurdy: “Men hemme ýerde garaşmaly bolaýýan-da!”
Başlyk jaýyň içini ýaňlandyryp gygyrýar:
--Gutlaýan, Atamerdan! Seň ejeň tapyldy.Aşgabatdan ýörite gelipdir. Meň
ýanymda otyr.Sen oňa meňzäbem dursuň. Ynha, baranda özüňem meň aýdýanymy
tassyklarsyň, arkadag.
Gyzdurdy tekepbir görnüşe girýär: “Meň oglum bolsa, elbetde, maňa meňzärdä!”
Başlyk telefon gepleşigini dowam edýär.
---…Generator eltmeli wertolýot bilen ýanyňa iberýän.Toý şaýyňy tutuber.Ýöne
bu hoş habary kimiň öňürti buşlandygyny welin unutmagyn, arkadag!—Trubka
garra tarap uzaýar.—Hany, gepleş!
Garrynyň eli öňe uzanam bolsa, sandyraýan barmaklary diýen etmejek
bolýar.Trubkanyň gulaga tutulýan ýeri onyň kä ýaňagyna degýär, kä maňlaýynda
oýnaýar.Telefonda “Alýo?” ýaňlanýar.
--Balam, Atamerdan ja-an!—diýen jogap jaýy doldurýar.Trubka garrynyň elinden
gaçýar. Ol özüni oturgyja goýberensoň, zordan ýykylman oturýar.
Başlyk garra tarap ýylgyryp seredýär.”Men saňa düşünýän, garry!”
Wertolýot asmanda.Ömründe ilkinji gezek ýerden aýagyny üzen ene özüni erbet
duýýar.Wertolýotdaky işçiler oňa ýardam edýärler.
--Gaýrat et, ene! Ynha, derrew aşak düşeris.
--Kyrk ýyl garaşypsyň, ýene on minut gaýrat et.Ýogsam…--diýip, biri degişjek
bolýar.
Gyzdurdy ene zordanam bolsa, ýylgyryp jogap berýär.
--Ölmen.Ölsemem ýere düşemsoň, oglumy bir gezejik görüp ölerin.Meň kyrk ýyl
bäri hudaýdan dilegim şoldy.
--Hudaý dilegiňi kabul etdi. Senem biziň dilegimizi kabul et-de, azajyk saklan!
Aýnadan aňňat-aňňat depeler görünýär.Uzakdan takyryň gyrasynda ýalňyz oturan
nebit skwažinasy göze kaklyşýar.
Skwažinanyň golaýyndaky wertolýotyň düşmeli ýeri. Atamerdan hem onuň işdeş
ýoldaşlary uçary garşylamak üçin ýygnanypdyrlar.
Işçileriň biri Atamerdana ýüzlenýär.
--Ejeňi gözläp, seňem-ä ýüz titmadyk, hat ýazmadyk ýeriň galmandy welin…
Beýleki işçi:
--Ynha, gözlenende tapylmadyk ene indi oglunyň üstüne özi uçup gelýär.Nesibedä.Hiçden giç ýagşy. Muňa-da begenmeli.
Ýene bir işçi:
--Begenmek diýen gepiň az bolýar.Atamerdan Balkan daglaryny sandyradyp toý
tutmaly bolar!
6
Uzakdan sudury görnen wertolýotaa tarap seredip duran Atamerdan hem
geçmişiniň käbir sahnalaryny ýatlaýar:
“Atamerdan çagalar öýünde.Ol özi duşdaş oglan bilen bu ýere gelen ýat aýallary
synlap, ejesini gözleýär. Geçip barýan bir aýalyň özlerine tarap seredenini gören
ýoldaşy Atamerdana ýüzlenýär.
--Şol aýal saňa tarap seredýär welin…
Atamerdan:
--Ýok, ol meň ejem däl. Meň ejemiň çep ýaňagynda peşehordanyň yzy bardy.
Ejemiň ýüzüniň tegelekdigi hem ýaňagynda peşehorda yzynyň bardygy ýadymda.
Diňe şol iki zat ýadymda saklanypdyr.Wagt adamyň ýüzüni süýrelip, tegeläp
ýüýtgetse-de, peşehordanyň yzyny hiç mahal ýitirip bilmez…
Atamerdan şäher köçesiniň ýanýolçasyndan barýar.Aňyrdan oňa tarap bir aýal
gelýär.”Belki şoldur!” Deňinden geçip giden aýalyň ýüzünde peşehorda ýok…
Awtobusda bir aýal aňyrsyny bakyp otyr.Atamerdanda ol aýalyň ýüzüni görmek
höwesi döreýär.Ulagyň yz tarapynda duran Atamerdan ýuwaş-ýuwaş ädimläp,
aňyrsyny bakyp oturan aýalyň öňüne geçýär.Assyrynlyk bilen onuň ýüzüne
seredýär. “Ejem däl”…
Awtobusdan düşüp gidip barýan Atamerdan içini gepledýär: “Belkem, ejem
bireýýäm dünýäden ötendir? Ýogsam men özümiň çep ýaňagy peşehordaly aýalyň
ogly bolmalydygymy gazýete-de ýazdym ahyryn…”
Wertolýotyň perleri pyrlanmasyny goýup, açylan gapysyndan Atamerdana
ozaldan tanyş iki sany adam görünýär. Atamerdan tolgunýar: “Ejem meni
tanarmyka? Tanasa näder? Men näderkäm?”
Elinden tutulyp ýere düşürlensoň, köpüň içinde duran daýaw adama gözi ilen garry
hasasyny hem taşlap oňa tarap okdurylýar. Emma Atamerdandan hiç hili hereket
bolmaýar.Garrynyň tomaşaça ( Atamerdanyň nazary boýunça) uly planda
görkezilen ýüzünde peşehordanyň yzy ýok. Aljyran Atamerdan içini gepledýär:
“Ýok. Sen meň ejem däl. Atylyp gelseňem, men seniň ogluň däl. Sen başga bir
ogluň enesi.Menem başga bir enäniň ogly… Men indi näme etmeli? Hakykaty
aýdaýsam ceniň ýüregiň ýarylar.Aýtmasamam…”
--Tolgunmakdan ýaňa gymyldap bilmän duraýt bi!—diýip, ýoldaşlarynyň biri
Atamerdanyň arkasyndan itekleýär.Atamerdanyň uly planda görünýän çaň basan
adikleriniň gonçlary gymyldasa-da, başlygy
duran ýerinden süýşmeýär.
Atamerdanyň dodaklary çalaja gymyldaýar: “Näme etmeli?”
--Bala-a-m!—diýen çirkin ses çägeli çöli endiredýär, nebitçileriň ýüzlerinde
tolgunma alamatyny döredýär.
Boýnundan asylsa-da, agramy bardygy hem bildirmedik garry göwre kyrkdanam
geçen adamy tolgundyrýar.Atamerdanyň gözlerinde ýaş damjalary görünýär. Ol
töweregine garaýar.Ümüriň içinde ýaly bolup görünýän ýoldaşlarynyň hemmesi
7
müzzeren çaga meňzäp, ýüzlerini aşak salyp durlar.Wertolýotyň alkymynda duran
daýaw uçarman hem elýaglygyny gözüne ýetirýär.
Atamerdanyň boýnundan gujaklap asylyp duran enäniň hortaň barmaklary
ýuwaşjadan ýazylýar. Garry göwre aşak sallanýar.Emma Atamerdan ony ýere
ýetirmän saklaýar.Ylgap gelen biri köne penjegini çykaryp, garrynyň kellesiniň
astyna ýassyk edýär.
Işçilerden biri gözlerini süpürýär.
--Kyrk ýyldan soňky duşuşygyň netijesi şeýle bolmalam-da!
Gyzdurdy enäniň ýüzüne garap oturan Atamerdan hasratly ýylgyrýar.Ýylgyryşyň
manysyna özleriçe düşünen işçiler Atamerdanyň şatlygyna goşulyp hoşal
bolýarlar.
Ýüzüne “lkinji medisina kömegi” diýlip ýazylan gapyrjakdaky käbir dermanlar
bilen garryny özüne getirmäge synanyşýarlar.Emma netije bolmaýar
Gyzdurdy enäni göterip wertolýota mündirýäler. Onuň gözi ýumuk.Garryny
götermäge kömekleşen işçi daş çykanda degşip gidýär.
--Ogluňa çykdajy çekdirmejek bolup, bizi toýdan mahrum edäýmegin, garry!
Sertolýot gelen yzyna tarap uçup barýar. Gözleri ýumuk enäni Atamerdan gujaklap
otyr. Wertolýot şäher aeroportuna gelip gonýar.”Tiz kömek” maşyny garaşyp
dur.Atamerdan Gyzdurdy enäni gyjaklap düşürýär. Lukmanlar oňa kömege
ýetişýäler.
“Tiz kömek” şäher keselhanasynyň gapysyna gelip saklanýar.Götergiçde ýatyrlan
Gyzdurdy enäni lukmanlar keselhana alyp girýärler.
Atamerdan ukuda ýaly bolup, gözi ýumuk ýatan garrynyň ýüzüne garap otyr. Gelip
duran şepagat bajy oňa ýüzlenýär.
--Garrynyň haçan özüne geljegi belli däl. Gözüni açsa, doktorlar derrew
halyndan habar alarlar. Siz öý telefonyňyzy goýuň-da, aladaňyz bilen boluberiň.
Biz bu ýerde näsagy ýeke goýmarys.
Atamerdan öz öýüniň işigine ýetip gelýär. Gapydan eli pökgüli atylyp çykan on
ýaşlaryndaky Balkan: “Eje, kakam geldi!” diýiip gygyransoň, Atamerdan bilen
gujaklaşýar.Ol kakasy bilen öýe tarap ýönelende, Atamerdan:
--Sen stadiona gidiber, Balkan. Türgenleşigi sypdyrma. Geleňsoň gürleşibereris.
Iç işikde Atamerdany aýaly Ýazgül garşylaýar.Är-aýal duşuşygy.Atamerdan
aýalynyň ýaňagyndan ogşaýar.
--Gaty ýadow hem aladaly görünäň-le, Atamerdan?
--Sen ýadowlygymyň sebäbini sorama-da, näme üçin wagtyndan ir gelenimiň
sebäbini sora, Ýazgül.
8
--Şol sowal-a edil dilimiň ujunda welin, adamsy öýe gelmeli wagtyndan ir dolansa,
aýaly hem onuň sebäbini sorasa, birhiliräk boljakd-a.
--Ol “birhiliräk” bolsa “Näme boldy?” diýip soraý.
--Soradygym-da.
--Araky gazýetde çykan suratymy görüp, meni öz ýiten ogly diýip kabul eden bir
garry aýal, Aşgabatdan ýörite gelip, meniň yzymdan bardy…
Atamerdanyň aýalyna berýän düşündirişi çöle wetolýotyň baryşy, garrynyň
garşylanyşy, düşen ýagdaýy, onuň şäher keselhanasyna getirlip ýerleşdirilişiniň
sahnalary çalt hem gysgaldylan nusgada gaýtalanýar.Ol kartinany göz öňünden
geçiren Ýazgül gaýnan çäýnegi demlemän söndürýär-de, stol başyna geçip aňk
bolup oturýar.
--Ýaňagynda peşehordanyň goýan yzy barmy?
--Gepem şonuň ýoklygynda-da.
--Sen o barada garrynyň özüne aýtdyňmy?
--Nätjegimem bilmedim birbada. Onsoňam, garry bilen gepleşibem boljak däldi.
Ol häzirem özüne gelenok. Gözünem açanok. Lukmanlar-a howply zat ýok
diýýärler…
Esli dymyşlykdan soň Ýazgül gepleýär.
--Peşehorda barada eşitdirmäniňem gowy bolupdyr.—Adamsy özüne sowal bilen
garansoň, aýaly pyşyrdap dowam edýär.—Şu mahal men özümi şol garrynyň
ornunda goýup görýän…
--Eýsem ýalan sözlemelimi?
--Çynam sözleme, ýalanam sözleme.
--Bu meselede geplemeseňem ýalan sözledigiň bolar ahyryn… Hawa-da, adama
ýagşylyk edip bolýan bolsa… O pahyryň näçe gün ömrüniň bardygam bir Hudaýa
belli. Aşgabatda ýer yranaly bäri hem kyrk ýyl geçip ýör…
--Peýdasyz hakykatdan peýdaly ýalan gowudyr diýjek bolýaňmy?
Atamerdan aýalynyň ýüzüne garap oturýar.Ýazgüliň ýaňagyndan gözýaş
togalanýar.Atamerdan ýüzüni aşak salýar.
Gyzdudy enäniň keselhanada ýatan ýeri.Ol henizem özüne gelmändir.Atamerdan
bilen Ýazgül onuň krowatynyň gapdalynda otyr.Näsagyň başujyndaky stoljygyň
üstinde iýer-içer ýaly zatlar bar.
--Men işden gijä galmaýyn, Atamerdan—diýip, Ýazgül ýerinden turýar.
Ýazgül gidýär.Atamerdan garrynyň ýüzüne seredip otyr.Gyzdurdynyň “Balam!” diýen çirkin sesi Atamerdanyň gulagynda gaýtalanýar. “Men ol sözüň seň
ýüregiň teýinden çykandygyna ynanýan. Ýöne özümüň seň balaňdygyma welin
ynanamok. Şeýle bolansoň, sen meniň ýürekden çykmaýan “eje” diýen sözüme
nädip ynanjak, garry? Seniň gaty duýgur bolmaly ene ýüregiň Atamerdanyň başga
bir enäniň ogludygyny syzmaýarmy? Ýa-da sen perzent aýralygynyň görgüsini
göreý –göreý enelik duýgusy kütelip giden enemikäň? Sen meni öz ogluň hasap
etdiň. Ol öz işiň.Ýöne men näme etmeli? Men indi hanja ýöremeli? Gözüňi açan
badyňa men seniň ogluň däldigimi aýdaýsam, gözüň baky ýumilmazmy? Men
nätmeli, garry?”
9
Atamerdanyň öýi. Ýazgül otaglaryň birindäki krowatyň üstündäki ýorgandüşekleri tertipleşdirýär.Balkan gelýär.
--Bu krowatda enem ýatmalymy, eje?
--Hawa, Balkan jan, bu düşegi eneň üçin taýynlaýan.
--Ol keselhanadan haçan çykýar?
--Ertir günortana çenli goýberjekler.
--Enemi çykaryşmaga menem gitjek.
--Agşam kakaň gelsin, ony bile maslahatlaşarys…
--Nähili oňat enemiz bar eken-ä!
--Kakaň gowy bolsa, eneňem gowy bolmaly-da, Balkan jan.
-- Eneň gowy bolsa-da, kakaň gowy bolýar-a?
--Umuman, sen mamala,Balkan jan—diýip, Ýazgül ýylgyrýar.--Eneň gowy
bolmasa, kakaňam erbet bolardy.
--Enem bizde näçe gün bolar, eje?
--Ýadaýança bolar.Ýadasa Aşgabatdaky öýüne äkideris.Ol ýerde ýadasa, bärik
alyp gaýdarys…
Şäher keselhanasynyň öňi. Gyzdurdy enäniň keýpi çag. Ol, birhili, ýaşalan ýaly
bolup görünýär.Onuň birgapdalynda Atamerdan, birgapdalynda Ýazgül.
Balkan:
--Men enemiň niresinden tutaýyn?
Gyzdurdy:
--Gel, balajygym, sen meniň hasamdan ýapyşaý!
--Ýok, taýak enem däl, enem—ene.
Ýylgyran Ýazgül garrynyň gapdalyndan aýrylýar.Onuň ýerini Balkan eýeleýär.
Täze ene, täze ogul, täze gelin, täze agtyk şeýdip gidip barýarlar.Garrynyň şatlygy
şähere sygmaýar.
Gyzdurdy enäni ugratmak üçin keselhananyn gapysyna çykan ak halatly lukman
olaryň yzyndan seredip baş ýaýkaýar: “Nähili bagtly garry! Nähili täsin durmuş!”
Atamerdanyň öýi.Öňi fartukly Gyzdurdy ene aşhananyň aladasy bilen gümra.Ol bir
zatlary ýatlaýar, ýylgyrýar, baş ýaýkaýar.
Gapy jyrlaýar.Goltugy bir desse gülli aýal içerik girýär.Ol güli kempire gowşuryp,
onuň ýaňagyndan ogşaýar.
--Gyzdurdy ene, siz bagtly ene! Gözüňiz aýdyň! Men sizden iki jaý beýleräkde
ýaşaýan.Gutlaýyn diýip ýörite geldim.
--Taňry ýalkasyn, garagözüm, taňry ýalkasyn! Geçiň, caý goýaýyn. Taýýar nahar
bar.
--Ýok, häzir men oturmaýyn.Ýazgül gaýnenesine duşany sebäpli goňşy-golam
aýallary ýygnap dabara gurjak diýýär. Şonda arkaýyn oturaýarys.Men gideýin.
Ýene bir gežek gözüňiz aýdyň.Siz bagtly adam!
10
Aşhana giren Gyzdurdy ene güli içi suwly ullakan bankada oturdýar.
”Dogrudanam, Gyzdurdy, sen bagtly adam! Hudaý köp görmesin!”
Balkan okuwdan gelýär.Ol arkasyndaky sumkasyny hem aýyrman, aşhana barýar.
--Men geldim, ene.
--Gelen bolsaň, gowy-da.Men saňa garaşyp otyrdym—Gyzdurdy Balkanyň
ýüzünden-gözünden sypaşdyrýar.—Senden aýlanaýyn, agtyjagym, senden
aýlanaýyn!
--“Nädip geldiň?” diýsene, ene!
--Meň agtyjagym nädip geldi, Balkan jan?
--Seň Balkan jan agtyjagyň ajygyp geldi, ene.
--Wah, diljagazyňdan aýlanaýyn, balam. Ajygyp gelen bolsaň, sumkaňy aýyr-da,
eljagazlaňňy ýuw. Nahar taýyn.
Balkan stol başynda nahar iýip otyr.Gyzdurdy ene edil garşysynda oturyp, ony
synlaýar.Çaga işdä bilen nahar iýýär, ene oňa guwanýar.
--Balkan jan, men öläýsem, sen aglamagyn, balam?
--Nämüçin?
--Sebäbi men dünýäde iň bagtly adam. Hudaý iň bagtly adamlaň dilegini kabul
edýämiş. Men kyrk ýyl ýalňyz ýaşap, bir günüň içinde hem ogully, hem gelinli,
hem agtykly ene boldum.Onda-da nähili ogul, nähili gelin, nähili agtyk!
--Sen ölmelimi, ene?
--Ahyr bir gün ölmeli bolar-a, balam. Ölüme bagt diýilmeýär.Ýöne meňki bagtly
ölüm bolar.--Balkanyň gözüne ýaş aýlanýar.Gyzdurdy çaganyň gözýaşyny aýasy
bilen süpürýär.—Gözýaş etme, balam. Men seňden önen çagalaram görmeli.Köýen
kyrk ýylyma derek hudaý meň ömrüme ömür goşar.Ynha, özüň görersiň…
Ynjalan Balkan ýylgyrýar.
--Ene, seň ozalky ýaşan ýeriňde mekdep barmy?
--Bar, köşegim. Iki gatly ullakan mekdep bar. Ony näme üçin soraýaň?
--Sen aňryk gitseň, men aňyrda okajak, sen bärik gelseň, men bärde okajak.
--Olam bolar, balam.
Otlyny ýola salyp, öz ýerine tarap barýan nobatçynyň öňünden çykan başga bir
demirýolçy, aýak çekýär-de, aňyrrakdan peýda bolan Gyzdurdy enä tarap ümleýär.
--Şo kempirem ýygy –ýygydan şu ýerde görünýär welin, bir aladajygy bardyrda.
Nobatçy ýylgyrýar.
--O kempir her aýda bir gezek demirýol menziline hökman geläýmelidir.Oňa
Gyzdurdy ene diýýändirler.Ol hakda gazýetlere-de ýazdylar.Ol Nebitdagyň
otlusyny garşylaýar.
Demirýolçy sagadyna seredýär.
--Nebitdagyňkyň gelmegine tutuş bir sagat bar ahyryn?
--Gyzdurdy ene her gezek bir sagat gowrak wagt öňünden geläýmelidir.
--Işsiz garrydyr-da.Öýünde oturup bilýän däldir.
Nobatçy baş ýaýkaýar.
11
--Beýele däl, gardaş. O pahyry çäksiz begenç öýünde oturdanok.Ol tüýs bagty
çüwen kempir.
--Öýüňde oturmaga goýmaýan bagtdanam bagt bolarmaýt!?
--Gyzdurdy ene ýer yrarnanda ýitiren ogluny kyrk ýyl geçensoň tapdy.Nebitdagda
ýaşaýan ogly hem sypynsa Aşgabada, ejesini görmäge gelip gidýär.—Nobatçy
ýetip gelen Gyzdudy enä üns berýär.—Kempiriň şatlygynyň üstüne şatlyk goşaly..
--Nädip?
Nobatçy garra ýüzlenýär.
-- Ogluňy garşylaýasmy, garry?
Sowala keýpi göterilen kempir guş bolup uçýar.
--Hawa, balam, Atamerdan jany garşylaýan.
Gyzdurdynyň gulagynda; “Ogluňy garşylaýasmy, garry?” diýen sowal
gaýtalansa, nobatçynyň gulagynda: “Hawa, Atamerdan jany garşylaýan” diýen
jogap gaýtalanýar. Şol sowal-jogaby demirýol menzilindäki adamlaryň hemmesi
gaýtalaýan ýaly bolýar.
--Atamerdanyň gelmeli güni ir oýanýan. Bu jahanda meň Atamerdan jandan
derwaýys aladam ýok.
--Her gezek seni göremde, menem begenýän, garry. “Döwletliden döwlet,
bagtlydan bagt ýokuşarmyş” diýýäler.
--Hawa, oglum, bagtlam men boldum, döwletlem men boldum.Hudaýyň edenne
şükür!.. Oglum-a “Eje, sen azap çekip, otla çykjak bolma-da” diýýä welin…
Günbatar tarapdan peýda bolan otly ýuwaşjadan demirýol menziline golaýlaýar.
Otly golaýladygyça-da, Gyzdurdy enäniň dem almasy kynlaşýar. Ol tolgunýar.
Çep döşüne elini ýetirýär. ”Agzymdan çykjak bolma.Kanagat et!”
Oňat geýnüwli, syrdamdan daýaw, eli gara diplomatly Atamerdan wagondan
düşüp gelýär. Bagtyýar enäniň ýaňaklaryna şatlyk gözýaşy togalanýär.”Edil
kakasy-da. Boýyňdan-syratyňdan aýlanaýyn, balam, Atamerdan jan!”
--Salowmaleýkim, eje!
--Aleýiksalam, oglum!
Garrynyň çepiksi göwresi oglunyň uly gujagyna dolýar.Diplomatyny ýerde goýan
Atamerdan kempiri mäkäm gujaklaýar.
Atamerdan bilen Gyzdurdynyň münmeli awtobusynyň oturgyçlarynyň hemmesi
eýýäm eýelenipdir. Garryny göterip diýen ýaly ulaga mündiren Atamerdan
şadyýan ses bilen:
--Haýsy oturgyçda ýaşy otuz bäşden bärdäki adam bar bolsa, ýaşy iki otuz bäşe
ýeten ejeme ýer bersin!—diýip gygyrýar.
Ýolagçylar gülüşýärler.Bir ýaş ýigit Gyzdurdy enä ýerini berýär.Garry oturgyjyň
ýapyşylýan ýerinden däl-de, gapdalynda dik duran Atamerdanyň goşaryndan
ýapyşyp oturýar.
12
Şäher bilen egin deňäp oturan, göni hem arassa köçeli oba. Atamerdanyň elinden
ýapyşyp awtobusdan düşen Gyzdurdy ene köçäniň gyrasyndaky tamdyra tarap
elini salgaýar.
--Şol tamdyry görýäňmi, Atamerdan jan? Ol ýer titremezinden ozalam bardy.Ýöne
biraz bärräkdedi. Bir gezek sen gözüme çöp atyp, öýden çykypsyň-da, şol
tamdyryň deňine ýetäýipsiň. Tamdyryň gapdalynda-da ala köpek ýatan eken.
Hernä, edil şol mahal bärden kakaň peýda bolaýypdyr. Baý şonda käýnendir-ä!
Ýogsam o pahyr sesini gataldagan däldi welin…
--Ala köpek maňa topulmanmy?
--Topulmandyr hernä. Topulaýan dagy bolsa kakaň pahyr meni öldürmekdenem
gaýtmazdy… Göwnüme bolmasa, şu ýollarda seniň aýagyň yzy bar ýaly bolup
dur…
Atamerdan: “Ýalňyşýaň, Gyzdurdy ene, ýalňyşýaň. Bu ýerlerde meniň çaga
dabanymyň yzynyň galmaga haky ýok.” Ol ýylgyran bolýar.
--Meň-ä o zatlar ýadyma düşenok, eje. Tamdyram, ala köpegem hakydamda ýok.
--Sen o mahallar kiçijikdiň, balam.
Atamerdan: “Bu garry islendik gepden özüne bähbitli çykalga tapaýýaraýt!”
Derwezäniň öňünde üç-dört sany towuk ýer peşäp ýör. Gyzdurdy ene towuklara
tarap seredýär.
--Sen kiçijikkäň towuga, näme üçindir,”pyt-pyt” diýýädiň.Bir gezek men köwüş
geýdirjek bolamda: “Pyt-pytlaram öz aýagy bilen ýöreýä.Menem öz aýagym bilen
ýörejek” diýip, köwüş geýmejek bolup aglapdyň.
Atamerdan: “Sen ýene ýalňyşýaň, garry.Towuga “pyt-pyt” diýýänem, köwüş
geýmejek bolup aglanam men däl, başga çaga bolmaly”.
--Onsoň men şeýdip, aýakýalaňaç gezýämidim, eje?
--Aýakýalaňaç kän gezdirmeýädim. Basyp-bagyrtlap, derrew köwüş geýdirýädim.Birdenem ol ýaşyl derwezä tarap gygyrýar.—0gulbossan-yw!
Howlynyň daş işişiginde bili eriş bilen guşalan, eli sübseli aýal peýda bolýar.
--Waý, ogluň geldimi, Gyzdurdy ene? Amanmyň, Atamerdan, gurgunmyň? Sagsalamat geldiňmi?
Atamerdana derek Gyzdurdy gepleýär.
--Hawa, Atamerdan janam ejesini görmek üçin gaýdyberipdir… Towuklaň daşarda
gezişip ýör eken-de, ýene araky ýaly, kowalap tutmaly bolaýma diýip
gygyraýdym..
Towuklara ünsem bermedik Ogulbossan goňşynyň howla girensoň şaňňy sesi
köçede ýaňlanýar.
--Sizem ýüregime düşüp ýörmäň-de, howludan çykyň ahyryn, garasarlar.Ýetiň,
anha, Gyzdurdy enäň ogly Atamerdan gelipdir. Baryň, salamlaşyň! Menem bir
salym siziň galmagalyňyzdan dynaýyn…
Gyzdurdy enäniň kiçeňräk, ýöne ykjamdan arassa howlusy. Içerik giren Atamerdan
öý eşiuklerini geýnip daş çykýar.Ogulbossan goňşynyň iň ulusy on ýaş töweregi,iň
kiçisi bäş ýaşlaryndaky bäş sany garaýagyzja ogullary güpürdeşip howla girýärler.
--Ana, Ogulbossan goňşyň jüýjelerem geldiler, Atamerdan jan!
13
Olar edepli uly adam ýaly bolup, Atamerdan bilen salamlaşansoňlaram, bir zada
garaşýan ýaly bolup durýarlar.
--Eje, diplomaty açyp bereýinmi?
--Aç, oglum, aç. Bulaň agzyny süýjetmeseň bolmaz-a.
Atamerdanyň açyp beren diplomatyndan alyp, her oglanyň eline owadan kagyzly
ýekeje şokolad tutduran garry öz eden işine agyzlary süýjerjek çagalardan beter
begenýär. Göwünleri biten çagalar dasyrdaşyp, howlyny terk edýrler. Pessejik
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ogul - 02
  • Parts
  • Ogul - 01
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1999
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 02
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2093
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2098
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 04
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 2140
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 05
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2158
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 06
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 2100
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 07
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2086
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 08
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2092
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 09
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2136
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 10
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2114
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 11
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 12
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2203
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 13
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2225
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 14
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2230
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 15
    Total number of words is 2778
    Total number of unique words is 1701
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.