Latin

Ogul - 08

Total number of words is 3753
Total number of unique words is 2092
29.6 of words are in the 2000 most common words
42.6 of words are in the 5000 most common words
49.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
döwlüp aşak gaýdýar.Eger gapdalynda duran Gunça öz wagtynda iteklemäge
ýetişmedik bolsa, giň klasa täk özi ýeterlik ýagtylyk berýän uly çyranyň agyr iki
şahy depesinden gaçyp, Aýläläni iň bärkisi, ýaraty etmegi-de ahmaldy.
Aşakdaky stoluň üstünden düşüp döwlen lýustra bölekleriniň şaňňyrdysy,
gyzlaryň çirkin sesleri goňşy synpdaky okuwçylara çenli bu ýere ýygnaýar.
Haýdap gelen Berdi mugallym ýüzlerini ak tam edip duran, gözleri ýaşly
gyzlaryň ýanyna barýar.
--Özüňiz aman galdyňyz dälmi? Ýara düşen ýeriňiz ýokmy? “Tiz kömege” til
edeýinmi? –Gyzlar ýok diýip baş ýaýkanlaryndan soň birneme ynjalan mugallym
ilki ýokaryk, soňam pytraşyp ýatan jýustra böleklerine seredýär.—Hudaý
sowupdyr. Şol iki şahyň biri depäňizden düşäýen bolsa, lýustranyň bahasy
hakda oýlanmazdyk welin, bu çyranyň bahasam az-küş däldir…
--Lýustranyň bahasyny tutuş synp bolup ýygnaýarys welin, gymmatdygy-da
duýulmaz—diýip, okuwçylaryň arasyndan kimdir biri saýlanýar.
--Näme üçin hemmämiz tölemeli? Döwen adamyň özi tölesin! --diýen ses hem
eşidilýär.
--Şol lýustrany men döwdüm, ýoldaş mugallym!--diýip, Hajy kesgitli
gepleýär.—Enem-atam bilen maslahatlaşmaga ertire çenli maý beriň, hemem siz
şular ýaly lýustranyň bahasynyň näçedigini aýdyň…
--Entek siz lýustranyň bahasyny ýadyňyzdan çykaryň-da, etmeli işleriňizi
ediberiň.
Mekdebiň direktory—gözi änekli, ýüzi gorkuly semiz adam ylgap diýen ýaly
peýda bolýar.
--Howply zat ýokmy, Berdi Möwlamowiç, howply zat ýokmy?—diýip, ol
aljyraňňy ses bilen synp ýolbaşçysyna ýüzlenýär.
--Gyzlar birneme gorkupdyr diýäýmeseň, hemem gymmatbaha lýustra döwüldi
diýmeseň, başga heläkçilik ýok, Sapar Amanowiç. Döwlen iki şah bolsa-da,
lýustrany tutuş çalşyrmaly bolar.
Sapar Amanowiç ilki gyzlara, soňam pytraşyp ýatan jäç böleklerine göz aýlap,
nazaryny synp ýolbaşçysynda saklaýar.
--Adama şikest ýetmedik bolsa, lýustra hiç-le. Heläkçiliksiz geçeni üçin men
bir lýustranyň bahasyny öz kisämden tölemäge-de razy…
Sapar Amanowiç synpdan çykanda, Berdi mygallym onyň yzyndan ýetýär.
--Lýustranyň bahasyny ýeke özüň tölejek bolma, Sapar Amanowiç.Menem
ýanyňa goş. Okuwçylaryň özlerem, her haýsy başarşyndan pul ýygna.maga taýyn.
Şeýdip, deňňene etsek, ýeňil düşer.
Sapar Amanowiç aýak çekýär.
--Beýtmämizde-de biz bir garyp ýurtda ýaşamyzok ahyryn, Berdi Möwlamowiç.
Öýlän häkimligiň bilim bölüminiň müdiriniň ýanyna baryp ýagdaýy aýdaryn
welin, bir lýustranyň bahasyny berip bolmaz diýmez.Sen onuň aladasyny
etme.Okuwçy gyzlaram biynjalyk bolup ýörmesinler
50.
86
Aýläläniň ýaşaýan öýi..Aýläle öýde ýok.Ejegül daýza içeriniň aladasy bilen
güýmenip ýör.Gapy jyrlaýar.”Bu kimkä? Aýläläň geler wagtyndan-a entek ir”.
--Salam, Ejegül!—diýip, Hajy Nuryýewiň ejesi Aýnabat daýza gaty
alçaksyrap bosagada peýda bolýar.—Öýde bar boilaýbilseýdir diýip gelýädim
welin, gowy bolaýdy. Niýetim ýaly ýolumam açyk-da meň. Meni tanamadyň
öýdýän?
--Gören ýüzüme meňzedýän welin…--diýip, Ejegül ýasama gülümjireýär.—
Ýöne nireden tanaýanymy hakydama getirip bilemok.
--Aýläle jan ýaly gyz ýetişdiren enäniň gapysyny gowy niýet bilen açan
nätanyş köpeler.Menem şol gowy niýetlilrtdrn bolsaamam, entek irräk
hasaplaýan.Ýöne men özümi saňa nätanşam hasaplamok.
--Geçiň, oturuň!
Aýnabat diwana geçip oturýar.
--Meň adym Aýnabat.Ikimiziň ilkinji hem iň soňky gezek nirede görşenimizi
men saňa ýatladaýyn. Bäş ýyl mundan ozal mekdepde ene-atalaň ýygnagy
bolanda, bileje oturupdyk.
--Indi ýadyma düşjek bolýar.
--Oglumyň adyna-da Hajy diýýäler…
--Wiý! Hajy bolsa, araky ogry kakyp gidende, yzyndan ýetip, gyzymyň
zynjyryny alyp beren oglandyr ol. Şol dälmi?
--Edil özi!—diýip, Aýnabat tekepbir dillenýär.
--Taňry ýalkasyn, gyz! Ogluňa-da biziň minnetdar bolandygymyzy aýt. Ömri
uzak bolsun! Aýläle jan bolan wakany aýdyp beripdi. Özi kiçi bolsa-da, bahasy
kiçi däldi o zynjyryň. Gidäýen bolsa, gaty gynanardym. Aýläle janyň on altysy
dolanda özüm sowgat edipdim.
--Meň Hajym “Şeýle waka boldy, ogryň yzyndan ýetip zynjyry alyp berdim”
diýip,ejesiniň ýanynda-da, kakasynyň ýanynda-da asyl dilem ýaranok-da.
Bizem ol bolan wakany ilden eşitdik. Men, Ejegül dogan, öz çagamy bu ýerde
öwüp otursam, gelşiksiz bolar. Ýöne Hajy ýaly tertip-düzgünli, edepli, akyllybaşly oglan az-azdyr. Mekdepde okadýan mugallymlaram ony gowy
görýäler.Ynanaý.
--Ynanýan, ynanýan…
--Aýläläň, ogryň, Hajymyň bir köçede, bir mahalda gabat gelmeklerem
tötänden däl bolsa gerek, Ejegül jan. Belkem ol bize ertirki gün ullakan
gowulygyň garaşýandygynyň kiçijik alamatydyr.
--Belki.
--Ömrümiziň ahyryna çenlem gatnaşmagy, bile bolmagy, zerur mahaly birekbirege ýardam edişmegi Hudaý bize miýesser etsin, Ejegül jan!
Aýnabat sumkasyndan gymmatbaha şokolad süýjüleri çykaryp, diwanyň,
kreslonyň, bufetiň, düşekleriň üsti bilen paýradyp seçmäge başlaýar.
--Bu nämäniň alamaty, Aýnabat?—diýip, Ejegül ýylgyrýar.
--Süýjülikde kabul et, süýjülikde gatnaşaly!.. Çagalammyzyň mekdebi
gutarmagyna-da göni ýigrimi bir gün bar. Olam üç hepde.
Gapy jyrlaýar.
--Açykdyur, giriberiň!
87
Ýedi-sekiz ýaşly oglanjyk öe girýär.
--Ejegül daýza, ejem agşamlyp pişme toýa gelsin!—diýdi.
--Sag bol, Dörtguly. Ejeňe aýt, hesip etse, daýzam hökman geler diý.
Dörtguly gidýär.Ejegül myhmana ýüzlenýär.
-- Gyzymyň synpdaşynyň gapymdan gelen ejesine çaý hödürlemän
durmaýyn.
--Çaý berseň, uly höwes bilen içerin, Ejegül dogan. Gidemde-de düwünçege
çaý bilen içer ýaly üç-dört bölejik ak gant salsaň-a, hasam göwnüm biter.
--Beýtmek entek irräk bolaýmasa.
--Men gyssanamok—diýip Aýnabat ýylgyrýar.—Göwün edýän-dä.
Ejegül pytraşyp ýatan süýjülere göz aýlaýar-da:
--Men çaý demläýin—diýip aşhana girip gidýär.
Aýnabat kitap tekjesiniň öňünde duran Aýläläniň çalarak ýylgyryp oturan
kiçeňräk portetini synlaýar.
--Hajymyň meni gyssamasynyň esasam bar eken. Bu gyzy elden gidirmeli
däl.Asylly ýylgyryşam müň gyza degýär.Bular ýaly maşgalany gelin edinip bilsek,
bizde arman galmaz!
Aýnabat ikinji kitap tekjesine tarap süýşende, elini agzyna ýetirip, aňk bolup
durýar.Sebäbi ýurduň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň Aýlälä
sowgat gowşuryp duran pursatynyň suratyna nazary düşýär.
Aýnabadyň içgepletmesi: “Hakyt Prezidentimiziň özi sowgat gowşurýa-da. Bu
hemme kişä ýetdirýän bagt däl ahyryn. Men seni sypdyrman, gyz. Ýwene bäş ýyl
garaşmalam bolsa garaşaryn. Ejeň bäş gezekde göwnemese, on gezek gelerin.
“Bermezek Taňrydan irmezek awçy alar” diýip ýöne ýere aýdan däldirler. Men şol
irmezek awçydanam beter bolaryn. Men seni sypdyrman, enşalla!—Aýnabat soňky
seredip duran suratyny üç gezek dagy ýüzüne sylýar.—Sen meň gelnim bolarsyň!”
51.
Günortanlar.Ejegül öz öýünde.Ol diwanda oturup, telewizorda bir gyzykly
gepleşige tomaşa edýär.Ol kä ýylgyrýar, kä gaşlaryny çytyp, geň galýandygyny
aňdyryp, agzyny eli bilen tutýar.
--Eje otyrmyň?—diýip, eli sumkaly Aýläle okuwdan gelýär.
--Ýadow görünýäň-le, gyz?
--Bu gün goşmaça-da bir sagat okadyk.Gutardyş synaglaryna taýynlyk görýäs.
--Okuwdan dynmagyňyza-da ýigrimi bir gün galdymy?
Aýläle ejesiniň ýüzüne geň galyp seredýär.
--Biz okaýarysmy ýa sen okaýaň, eje? Asyl sen biziň haçan mekdebi
tamamlajagymyzyň gününi sanap ýören ekeniň-dä?
--Beýle däl, gyz. Meň siziň günüňizi sanamakdan gaýry aladam ýokmy?. Seň
geljekki hyrydarlaň gije ýatman hasap çykarýar ekenler. Menem şu gün ýigrimi
bir gün diýen sany öýe gelen şol hasapçylaryň birinden eşitdim.
--Hasapçy geldi? Öýe geldi?
--Hawa, öýe geldi.
--Men-ä seň aýdýanyňdan many çykaryp bilen däldirin, eje—diýip, Aýläle
ejesine geň galyp seredýär.—Hyrydar näme? Hasapçy näme? “Kim? Näme?
Nire?” diýen ýaly…
88
--Gaty ajykmadyk bolsaň, bir minutjyk ýanymda otursaň, men şol ýigrimi bir
güni kimden, nämeden, nireden eşidenimem, ondan has geňräk bir habaram
aýdaýyn.
Sumkasyny stoluň üstünde goýan Aýläle ejesiniň ýanyna geçip oturýar.
--Hany diňläli, nähili geň habar aýdýarkaň.
--Şu gün seň synpdaşlaň biriniň ejesi bize salamlaşmaga, ýakyndan gatnaşmak
niýet bilen salamlaşmaga geldi. Göni aýtmas-da, men oň maksadyna düşünýän.
--Ine, bu dogrudanam, geň habar!
--Şol-a meň üçinem geň.
--Kimkä ol?
--Adyna Aýnabat diýdi.Emeli alçaksyraýamy ýa-da özi bir alçak aýalmy, asyl
iciňe-daşyňa geçip barýar.
--Aýnabat?!—diýip, ilki geňirgenen Aýläle soňam iki elinem serip
ýylgyrýar—Aýnabat? Aýnabat daýza meň synpdaşym Hajy Nuryýewiň ejesi
bolmaly.
--Hajyň ejesi bolsa, Hajyň ejesi-dä! Näme, sen ol aýalyň ogly bilen bilgilimiň?
Ol gaty ynamly gepleýär-le? Ýa-da onuň özi, gaýa ýok, gopuz ýok ýerden oda
düşen ýaly bolup ýörmi?
--Men onuň ogly bilen bilgili bolan bolsam, ol aýal seniň ýanyňda emeli
alçaklygam etjek bolup azara galmazdy. Başga äheň bilen gepleşerdi. Dogry
dälmi?
--Dogry aýdýaň.
-- Ikinjidenem, men biri bilen bilgili bolsam, saňa ony Aýnabat daýzadan öňürti
aýdardym. Ol maňa ejemden ýakyn däl ahyryn.
--Menem şýle bolarmyka öýdýän. Nahar taýýardyr.
--Aýnabat daýzadan beter ogly oda düşýändir.Ol şeýleräk-dä…
Aýläle aşhana girip gidýär.
52.
Hajynyň otagy.Içerde häzirkizaman ýigitleriniň halaýýan radio-tele-kompýutor
gurallary, bar.Yklym diwanda.Stol başynda oturan Hajy diwardaky sagada
seredýär.
--Ejemiň gidenine iki sagat boldy…
--Näme, on minutdan geljek diýipmidi?
--Sagat ýa minut-ha aýtmandy welin…
--Ejeň eglenenini dileg et.
--Näme üçin? Ejem Aýläläň ejesi bilen uzyndan-uzak gybat edişmäge gidenok
ahyryn? Tanşyp, salamlaşyp gaýtmak üçin gitdi.
--Eglenýän bolsa, gürrüň uzaga çekýändir. Ilkinji tanyşlykda-da gürrüň uzga
çekse gowulygyň alamaty.
--Adamyň ýüregini bilip bolýan bolsady. Menem Aýläläniň maksadyny
bilerdim. Biderek ugrunda gezmez ýaly…
--Aýläläniň maksadyny biljek bolma-da, sen onuň göwnünden turjak bol.
--Göwnünden turmak üçin men näme etmeli?
Yklym esli oýlanyp jogap gaýtarýar.
89
--Oňa bagyşlap goşgy ýazmaly.Durmuşa çykmadyk gyzlaryň hemmesi özlerine
bagyşlanyp goşgy ýazylsa gowy görýärmişler.
--Goşgy ýazyp bilmeseň näme etmeli?
--Söýgi temasyndan ýazanlaryňkydan gyrp-çyrp edibermeli. Aşyklar hemişe-de
şeýdýär ekenler.
Hajy ýylgyryp ýerinden turýar-da, aýnadan daşaryk seredýär, şatlanyp ellerini
owkalaşdyrýar.Ol aýdym aýdýan ýaly sözleri süýkdürip gepleýär.
--Ejem gelýä-är! Ejem jan gelýä-är! Ejem bize näme habar getirýärkä-ä?
Yklym hem aýdym äheňinde:
--Ejeň gowy habar getirýä-än-dir—diýýär.--Ikimiziň opera ýazaýmagymyzam
ahmaldyr, Yklym.
--Opera-ha ýazarys welin, oňa dirižýor tapylmaýmasa, Hajy.
--Dirižýorlygynam özümiz ederis. Ejem gelýä-är! Ejem gapydan ýylgyryp
girse-hä, gowy habar bilen gelenligi. Ýylgyrman, keýpsiz girse-de…
--Sen, dogrudanam, Mežnuna dönüpsiň, Hajy.
Gapy jyrlaýar.Hajy işigi açýar.
--Aýnabat daýzamyň ýüzünden näme okadyň, Hajy?—diýip, Yklym oturan
ýerinden gygyrýar.
Hajy:
--Düşnüksizlik—diýip jogap gaýtarýar.
Aýnabat daýza içerik girýär.
--Aýnabat daýzaň ýüzünde hiç mahal düşnüksizlik bolýan däldir, açyklyk
bolýandyr, Yklym jan.
--“Ýuwaşdan arama çenli şemally hem bulutsyz howa!”
--Edil özi. Bir übtügem bulut ýok, açyk howa.
-- Hany onda, açyl-da, näme jogap getireniňi bize aýt, eje!
Aýnabat sumkasyndan çykaran sellofan haltajygy stoluň üstünde goýýar-da,
agzyny açýar. Bir penje ýaly ak gandy gören oglanlar biri-birlerine soragly nazar
aýlaýarlar.
--Ine getiren jogabymyň öňi.
--Gantdan jogap bolýamy, eje? –diýip, Hajy geňirgenip sowal berýär.-Aşakdaky dükanda olar ýaly gant tonnalap alsaňam bar ahyryn.Oň üçin
gudaçylyga gitmek gerek däl. Dükança puluňy uzadaýmaly.Näçe gerek bolsa,
gysganyp duranok.
--Gant gantdyr-da, Aýnabat daýza—diýip, Yklymam özüniň düwünçegiň
manysyna düşünmändigini ýüze çykarýar.—Gant diýilýän zat siz çagakaňyz gyt
eken. Indi…
--Düşünmediňizmi? –Hajy bilen Yklym başlaryny ýaýkansoňlar:-- Men näme
niýet bilen baranymy aýtmasamam Ejegiül, samsyk däl,
düşünendir.Türkmençilikde gyzly öýden içi ak gantly düwünçek alyp gaýtmak
gowlulygyň, ýoluň ak bolmalydygynyň alamaty hasap edilýär.Süýjürnip
gatnaşaly diýildigi bolýar.Bujagaz düwünçekdäki gantlar hoş habaryň
buşlukçysy bolmaly, oglanlar.Siz bu däbi ýatdan çykarmaň!
--Dogrudanam, gowy däp—diýip, Yklym baş atýar.
Hajy Yklymyň ýüzüne ýylgyryp seredýär.
90
Yklym başam barmagyny görkezýär.
53.
Mekdep okuwçylary şäheriň eteginde ozal eken saýaly agaçlaryna ideg
edýärler: oňly eýikmedik nahallaryň düýbüne suw guýýarlar, başgalarynyňam
çöp-çalamyny çapyşdyryp, düýplerini ýumşadýarlar.
Çal saçly synp ýolbaşçysy okuwçylarynyň arasynda aýlanyp, edilýän işlere
gözegçilik edip ýör. Ol Aýläle bilen Gunçanyňam ýanynda aýak çekýär.
--Gaýrat ediň, gyzlar! Şu siziň eken agaçlaryňyza okuwçy hukuklykaňyz iň
soňky gezek ideg edişiňiz bolar. Ýöne, mekdebi gutaranyňyzdan soňam, bu
ýerlerden geçeňizde, öz eliňiz bilen eken agaçlaryňyzyň gür bag bolanyny görüp
guwanarsyňyz. Okan mekdebiňizi, ýaşlygyňyzy ýatlarsyňyz. Ol gaty täsirli
ýatlama bolar.Ýaşlyk ýatlamasy bolar. Ýaşlygyňam öz wagtyda gadryny
bilmeli.Olam duýdurman geçip ötägidýändir. “Ýaşlygym, dolan!” diýip
gygyraňda-da dolanmaz.Ol ýöne manysyz hem gülkünç gykylyk bolar.
Mugallym baş atyp, ýylgyryp, gyzlaryň ýanyndan gidýär.Ol aňyrrakda Hajy
dagynyň işläp ýören ýerine ýönelýär.
Mugallym gidensoň, Gynça:
--Mugallymymyzam ýaşlygyny küýseýär öýdýän… Küýsäňde näme?
--Küsäňde näme diý-de goýaý.
“Aýym” diýemde näme?
“Günüm” diýemde näme?
Ol Aýlar ýaşdy gitdi,
Ol Günler öçdi gitdi”.
-- Beýle sözleri özüňden tapýaňmy, gyz?
--Ýok-la, arada Atamyrat Atabaý diýen şahyryň täze kitabyndan okadym.
Olam ýaňky Berdi mugallym ýaly ýaşlygyny küýseýän goja bolsa gerek.
-- Goja bolany üçinem dogry aýdýar. Ýaşlygam, ömürem geçip gidensoň
çagyranyňdan peýda ýok.
--Hawa-da, birinji synpa okuwa gelenimiz düýn ýalydy welin, eýýäm onunjyda
okap ýörüs. Ýene sanlyja günden mekdep bilenem hoşlaşmaly bolar.Ol düýş
ýaly bolup galar.
( Gyzlar pile söýenip. ýöne gürrüň edişip duranoklar.Olar gürrüňi iş arasynda
edýärler.)
--Bolsa-da, men-ä henizem özümi çaga hasaplaýan.
--Biz özümizi çaga hasaplaýas.Ýöne biziň çaga däldigimizi bilýän adamlar
eýýäm biz üçin gudaçylyga gelip başladylar—diýip, Aýläle ýylgyrýar.—Olam
biziň çagalykdan bireýýäm saýlanandygymyza şaýatlyk edýän tutaryk.
--Garaşylmadyk täzelik.Özi-de düşnüksiz täzelik.
--Belkem düşnüklidir.
--Açylaýsa-na, Aýläle jan.Kim, kime, kim nirä, kim kim üçin gudaçylyga
barýar?
--Soň aýdaryn.
91
--Uzagyndan biziňem şu wagtky gara saçymyz ýaňky Berdi mugallymyňky ýaly
çap-çal bolarmyka, Aýläle?.. Ýoge-eý!—diýip, gaşlaryny çytan Gynça ertirki
geljek garrylykdan şu gün ýaýdanýar.
--Gorkma, Gunça jan, ýene ýüz ýyldanam seň saçyň şu mahalky garalygynda
durar.
--Men oňa düşünýän. Ýöne garry kempir bolunmagyny islämok-da.Men şu
mahalky Aý ýaly Aýläläni aýagyny zordan süýräp barýan garry aýal diýip göz
öňüne getiip bilemok. Getiresimem gelenok.
--Wagt seň isläniňe, islemäniňe garanok, jora jan. Ölüm bilen wagt iň adyl
kanun diýýäler.
--Ölümi bir ýatlamaly welin, şeýdip, ýaşlygymyzyň geçdigi bolarmyka?
Geçenden soňam gaýdyp gelmese… Eý, Hudaý…
Aýläle nahalyň düýbüni ýumşadyp durka:
--Geçen ýaşlygyň onlarça ýyldan soň yzyna aýlanmajagy-hä hakykatdyr welin,
ýaşlygyň hut düýnki güni-de, näçe arzuw etseňem, gaýdyp gelenok.Ýaşlygymyň
düýnki güni dolansa, men özümi bagtly gyz hasaplardym. Düýnki gün gaýdyp
gelse, men şu nahaly ýaňadandan ekerdim, özümi hem öňki gezekkimden başga
hili alyp barardym. Öňki gezek goýberen ýalňyşymy gaýtalamazdym.
Gunça aňk-taňk bolup, Aýlälä geň galyp seredýär.
--Näme samraýaň, gyz? Ýa eýýäm garrylyga ýetip, özüňi aňy gaçan kempir
hasaplap ýörmüň?
--Ýok, Gynça jan, meňki kempirligiň samramasy däl-de, ýaşlygyň arzuwy,
ýaşlygyň joşguny.
--Ýaşlygyň bar arzuwy bir düýp nahal ekmek bolsa, ol arzuwa ýetmek kyn dälle. Cen çukur gazarsyň, menem kömekleşerin…
--Ýok, sen kömekleşmeli däl.Şu nahaly eken günümiz geçip barýan bir gowy
ýigit maňa kömekleşdi. “Söýgi bir bakyşda dörär” diýlen kesgitlemäniň
hakykatdygyna men öz mysalymda göz ýetirdim. Men ozal görmedik,
tanamadyk ýigidime bir minudyň üçinde aşyk boldum. Ol oglan gep-söz diýmän,
maňa çyn aşyklygyň nämedigini düşündirdi.Men ozal dessanlardaky aşyklaryň
özlerini käte dälirän ýaly alyp baryşlaryny hem ýeňilkellelik hasaplaýardym.
Men ýalňyşypdyryn. Beýle däl eken.Aşyklyk adamy maýmyn edip oýnaýar eken
(gözlerini süzýär). Nahal ekişmäge sen kömekleşmeli däl, şol gabat gelen oglan
kömekleşmeli, jora jan. Şony göresim gelýär.
--Nä ony görmek kynmyşmy?
--Adyny bilmeseň, familiýasyny bilmeseň, nirede okaýandygyny ýa-da nirede
işleýändigini bilmeseň, ony nädip tapjak?
--Adyny bileňok, özüni tanaňok, nirede okaýanyny, nirede işleýänini bileňok…
Sen-ä muny “Bir bar eken, bir ýok eken” diýen ertekä öwürdüň goýaýdyň,
Aýläle jan.
--Dogrudanam meňki erteki ýaly boldy.Hyýalymda şony gözleýän.Şol ýigidi
göresim gelýär.
--“Hyýalymda seň yzyňy yzlaýan,
Şeýdip gije-gündiz seni gözleýän”—diýip, Gunça köne aýdym setirlerini
hiňlenýär.
92
--Dogry aýdýaň. “Şeýdip gije-gündiz şony gözleýän” Ýöne indi her näçe
gözlämde-de, netije bolmaýmasa.
Bolmanda-da üç aý mundan ozal ýeke gezek gören ýigidiň “Men şol saňa
nahal ekişen oglan bolmaly” diýip özi aýdaýmasa, pete-pet gabat gelseňem, sen
ony tanamarsyňam.
--Ýalňyşýaň, Gunça gyz. Men ony, diňe kirpigini görsemem, elli metr
aralykdanam tanaryn.Sebäbi ony ilki göremde, meniň gözüm fotoapparat bolup,
onuň ýüzüni surata aldy.Ol suraty hem men mydama kalbymda göterip ýörün.
--Haja nebsiň agyranokmy?
--Ýok. Sebäbi Haja-da ýürek berer ýaly mende iki ýürek ýok ahyryn.
--Hajy hem erbet oglan-a däl, Aýläle.
-- Onuň erbet däldigini menem bilýän..Erbet däl Haja Gunça gyz ýüregini
beräýsin-dä.
--Ýalbaryp, köýüp, ýüregiňi eýelemek islemeýän adama özüň ýüregiňi
hödürleseň, ýüregiň gadyry bolmaz, Aýläle jan.Dogry dälmi?
--Dogry aýdýaň, gaty dogry.
Biraz dymyşlykdan soň Aýläle asmana seredip pyşyrdaýar.
--Indi barybir men oňa sataşmaýmasam…
--Muşakgat ýagdyrma, Aýläle. Dessanlardaky aşyk- magşuklaňkam gülalagüllük bolmandyr ahyryn.
--Meňkem şeýle bolaýmasa, Gunça jan. Bir gezek gören şol oglanym gözümiň
öňünden gidenok-da.
--Seňkiden netije bolar. Sebäbi seň sataşmagyň dessandakylara däl-de,
ertekilerdäkä meňzeýär. Hemme ertekileriňem başy bulaşyk bolsa-da, soňy
oňatlyk bilen gutarýar.
--Haý, näbileýin!
--Ynha görersiň, seňem ertekiň soňy toý bilen gutarar. Ýöne Haja-da meň
nebsim agyrýar.
--Hajy hem nebsiň agyrmagyna mynasyp oglan.
--Sen gören oglanyňam öwýäň, Hajynam öwýäň. Indi sen mendenem syr
saklajak bolýaňmy? Bu ýerde bir düşnüksizlig-ä bar. Maňa aýt, aýtma—ol öz
işiň.
--Syr saklaýan bolsam, nahal ekişen oglan hakda-da saňa hiç zat aýtmazdym
ahyryn? Ýaňky gudaçylyk diýýänimem Hajynyň edýän hereketi. Men Hajyny
gowam göremok, ýigrenemogam. Men Haja ýetmek arzuwy bilen däl-de, şol
nahal ekişen oglany görmegiň arzuwynda ýaşap ýörün… Şu nahaly şol oglan
ekişipdi. Men ol oglana sataşman. Ýöne onuň ekişen nahaly çynar ýaly belent
daragt bolar.Şonda-da men mahal-mahal şol daragtyň saýasynda durup ony
ýatlaryn.
--Şol hem hakyky söýgi bolar.
--Bolmanda-da, çyn söýgi ýetilmeýän söýgi bolýarmyş.
--Dogry aýdylan gep.Ýetilen söýgi ýuwaş-ýuwaşdan sowaşmak bilen bolýa
diýýäler.
Aýläle pilini ýere direýär-de, enaýy bolup ösüp oturan nahala gözleri doly
höwes bilen, arzuw bilen seredip durýar.
93
Ony synlan Gunça:
--Seň ertekiň erteki däl-de, çyn ýaly-la, Aýläle jan?
--Ol çyn, Gynça, çyn. Meseläniň kynlygam şonuň çynlygynda… Arça dakylan
nyşany görýäňmi?
Gunça seretse-de,hiç zat gözüne ilmänsoň:
--Men-ä hiç zat göremok—diýýär.
--Oňatja syn et!—diýip, Aýläle ýylgyrýar.
Gunça gaýtadan synlansoň, arçanyň bir şahasynda, gaty üns beräýmeseň
göze-de kaklyşmajak, açara dakylýan kinniwanja, ýöne owadan halkajygyň
sallanyp durandygyna gözi düşýär.
--Waý, hawa-da! Açara dakylýan halkajyk-da!
--Ojagaz halkany men bu nahal ekilenden bir aý geçensoň, ýörite gelip dakyp
gitdim, Gunça.
--Seň gara çynyň eken, Aýläle jan!
Aýläle gözüni süzüp baş atýar.
54.
“Çatynjalar öýi” diýen dükanyň işiginde garaşyp duran Gunçanyň ýanyna Aýläle
gelýär.
--Kän garaşdyrdymmy, Gunça?
--Ýok. Meniň gelenime-de geçen bolsa, üç minut geçendir.
--Meni çagyrdyň welin, näme üçin çagyrandygyň manysyna düşünip bilemok.
Näme etmelidigimi bir aýt ahyryn.
--Seniň näme etmelidigiň sebäbini özümem bilip baramok. Ýöne, ýene bir
hepdeden maňa gelneje bolmaly gyz—Gülnara “Aýläle joraňam çagyr. Fatany
bile saýlalyň” diýensoň, men saňa jaň etdim.
--Fata saýlaşar ýaly, men nä ozal fata geýip görüpdirinmi?
--Geýmeseň, geýersiň. Bu gün Gülnara fata saýlaşsaň, ertir özüň üçin almaga
geleňde-de ýeňil düşer… Ana, Gülnara-da jigisi bilen gelýär.
55.
Gülnara hem onuň on-on iki ýaşly gyz jigisi Laçyn gelip, gyzlar bilen
salamlaşýarlar.
Dükanyň içi. Diýseň kaşaň geýnen owadan satyjylar gyzlary, az-kem
ýasamaragam bolsa, alçaklyk bilen garşylaýarlar.
--Biz-ä fata almaga geldik!—diýip, Gunça habaryny aýdansoň:
--Gaty gowy-da!—diýip,dilewar satyjymy ýa-da alyjylaryň maslahatçysymy
görmegeý ýaş gelin gelenleri yzyna tirkäp, salonyň törüne tarap ugraýar hem
endik bolup giden sözlerine başlaýar.—Fata almaga gelen bolsaňyz, alnyňyzbagtyňyz açyk bolsun! Açyk bolaram enşalla! Biziň dükanymyzdan alynan fata
diňe bir düşümli däl, eýesine hem abraý hem döwlet getirýär. Bäş ýyl bäri ýörite
yzarlap, hasap ýöredýäris. Biziň fatamyzy geýip durmuş toýuny guran gyzlaryň
bäş ýylda diňe üç sanysynyň maşgalasy bozuldy. Galan ýüzlerçe maşgalanyň
durmuşy bal bilen şeker ýaly.Beýle ýokary görkeziji tutuş dünýäde-de ýokdur.
Enşalla, siziňem durmuşyňyzy keseden görenler arzur eder. Saýlaň!
94
--Sizem kömekleşiň-dä!—diýip, Gunça ýaş aýala ýüzlenýär.
--Saýlamak özüňize bagly—diýip, aýal iki sany Fata tarap elini salgaýar.—
Fatalaryň hemmesem oňat welin, soňky wagtlarda durmuşa çykýan gyzlar, näme
üçindir, şu iki görnüşde tikilene kän üns berýärler.
Gyzlar harytlary telim gezek gözden geçirip, asylgy duran fatalardan birki
görnüşini saýlap, Gülnara geýdirip görýärler, ony uly aýnanyň öňünde durzup,
öňünden-yzyndan, sagyndan-çepinden syn edýärler.
Ýaşajyk Laçynam ýetişen gyzlardan pes däl.Ol hem fatanyň o ýerinden-bu
ýerinden çekişdirip, hemme zat bilen gyzyklanýar, asylgy harytlara höwesgär
seredýär.
Gunça Laçynyň höwesekligini kesesinden synlap “Ojagazy görýäňmi?”
diýýän ýaly, Aýlälä tarap çalaja ümleýär.
--Gyz-da!—diýip, Aýläle baş atýar.
Gürrüňiň özi hakda gidendigini aňan Laçyn utanjyraýar-da, ýüzüni aşak
salýar.
Egnindäki fatany kemsiz synlandan soň, Gülnara ony çykarýar-da, Aýlälä
ýüzlenýär.
--Aýläle jan, ikimiziň böýumyzam, inimizem bir deňräk bar. Şu fata-ha
göwnümden turman duranok welin, nähili oturýandygyny egindekä-de bir
synlaýyn. Sen geýsene!
Fata geýen Aýläläni üns bilen synlan Gülnaranyň nebsewür hem hyrydar
bakyş bilen seredýändigi kesesindenem bildirýär.
--Saňa ýeke zat ýetmeýär eken, Aýläle…
--O nämekä, gyz?—diýip, beriljek jogaby öňünden bilýän ýaly, Aýläle henekli
ýylgyryş bilen Gülnara seredýär.
--Fata ýetenok—diýip, Aýläläniň geýen fatasyna seredip duran Gülnara içki
syryny daşyna çykarýar.
--Nesip eden güni biýem ol ýetmezçiligini düzeder-dä—diýip, Gunça geljekki
gelnejesine jogap gaýtarýar.
Owadan fatany geýip, aýnada özüni synlaýan Aýläle hyýal kölüne gark bolýar.
Birdenem onuň gapdalynda duran uzyn boýly inçesagt Gülnara gyzlykdan
ýigitlige öwrülýär. Onda-da gabat gelen ýigidem däl. Ol Aýläläniň ýitigi -Berekeli.Onuň özi-de toý lybasynda. Häzir olar Fata söwdasyny edip, göni
toýhana tarap gitmeli.
Egni ak fataly Aýläläniň elinden tutup dükandan çykaran Berkeli ony gapyda toý
bezegi bilen bezelen ak maşyna mündürýär.
Toýhanada Aýlälämiň hemme tanyşlary, ýakynlary ýigit bilen gyzy gül desseleri
bilen garşylaýarlar.Birdenem Berkeli ümüriň içinde ýitip gidýär-de, onuň ornuny
Gülnara eýeleýär.Kellisini silkip özüne gelen Aýläle fatany çykarmak bilen
bolýar.
--Menem şuny haladym—diýip, ol Gülnara ýüzlenýär.
--Seniňem göwnüňden turan bolsa, onda şuny alýarys!
56.
95
Hajy bilen Yklym bazardan bir desse gül alyp, ýanköçeden ýöräp gelýärler. Gül
Hajynyň elinde.
--Gudaçylyga barylsa-da, ejemiň aýtmagyna görä, garşy bolunmasa-da,
Aýläläniň maňa bolan garaýşynda hiç hili özgerme ýok, ýakynlaşma-daşlaşma
duýlanok, Yklym. O näme üçin beýlekä?
--Näme, ejeň gudaçylyga barany üçin Aýläle begenjinden ýaňa ylgap gelip seň
boýnuňdan gujaklamalymy?
--Onyňam dogry welin, bir üýtgeşiklik bolaýmaly ýaly-da.
--Belkem, gudaçylyga barylanyny ejesi oňa aýdan däldir?
--Aýdylmazlygy mümkin däl.
--Hemme zat ýuwaş-ýuwaşdan, ädimme-ädim ýüze çykar-da. Ol gün ejeň
gudaçylyga bardy—bir ädim. Bu gün sen Aýläläni doglan güni bilen gutlap bir
desse gül alyp barýaň—bu ikinji ädim.Ädim urmak üçin ýene-de bahana tapylar
durar.
57.
Okuw başlanmazyndan ozal Aýläle bilen Gunça synpa girýärler.Synpda şol
ikisinden başga hiç kim ýok.Aýläläniň oturýan stolunyň üstünde duran bir desse
owadan güli gören joralar aňk bolup, aýak çekýärler.
--Seň ýeriňde!—diýip, Gunça gözlerini petredýär.
--Meň ýerimde!—diýip, Aýläle tassyklaýar.
--Erteki hakda saňa aýdan sözlerim ýadyňdamy, Aýläle jan? Erteki hakykata
öwrülip başlady.
--Ýok, ol çemen ertekiniň iberen çemeni däl., hakykatyň getireni bolmaly.Men
ony anyk bilýän…
Aýläle çemene golaý gelende, ýapraklaryň arasynda gizlenen bukja gözi
düşýär. Bukjanyň içindäki owadan otkrytka:
“Gadyrly Aýläle!
Men seni ähli synpdaşlayrymyzyň adyndan doglan günüň bilen
tüýs ýürekden gutlaýaryn.Geljekde hem edil biziň mekdebimizi bezeýşiň ýaly tutuş şäherimizi bezemegiňi arzuw edýärin.
Jan saglyk, üstünlik, rowaçlyk hemraň bolsun.Uzak ýaşa.Hajy
Nuryýew”—diýlip ýazylypdyr.
Gutlagy okan Aýläle ony Gunça uzadýar.
--Çakym dogry çykdy.Me, oka!
Gunça gutlagy okap:
--Näme üçin gutlag diňe öz adyndan däl?—diýýär.
--Gutlaýanam özi, gül satyn alanam özi.Ýöne synpdaşlaryň adyndan.Bu hem
gowy pirim.Salyhatlylyk.
--O nähili gowy pirim? Seni halaýan bolsa, gutlasy gelýän bolsa, perde
tutunmak nänä gerekmiş? Biz orta asyrda ýaşamyzok ahyryn?
--Bolsa-da, Hajynyň bu hereketini men-ä agraslyk, asyllylyk hasaplaýan.
Onuň ýalňyş hereketlerem bar. Araky lýustra döwlende “Bahasyny men tölejek”
diýmesi ýerlikli bolmady. Ol görnüp duran hile boldy.Hajynyň seniň ýitiren
puluňy gaýtaryşyny, pul hakynda bildiriş bermegini men artykmaçlyk hem
adamçylyk diýip kabul edýän.
96
Synpa giren dört-bäş sany oglan-gyz ( olaryň arasynda Hajy bilen Yklym hem
bar) Aýläläni doglan güni bilen gutlaýar. Kim ruçka, kim galam, kim bloknot
sowgat edýär.Aýläle olara ýakymly ýylgyryş bilen jogap gaýtarýar, minnetdarlyk
bildirýär.
Gunça:
--Toý üstüne toý!—diýýär-de, sumkasyndan çykaran çakylyk hatlaryny
ýoldaşlaryna paýlaýar.
--Gunçanyň dogany öýlenýär. Gunça sizi “Altyn asyr” toýhanasyna
çagyrýar!—diýip, Aýläle çakylyk hatynyň manysyny ýoldaşlaryna düşündirýär.
--Öýlenmek ilki durmuş adamlarynyň köne düzgüni bolsa-da, modadan
düşmän gelýär-aýt!—diýip, Yklym degşen bolýar.—Biz nähili yzagalak!
--Ol köne düzgün bolsa sen oňa boýun bolma-da, ömrüň ötýänçä öňde baryjy
bolup ýaşaber!—diýip, oglanlaryň biri Yklyma jogap berýär.
--Ýok, men ony etmen. Ýeke özüň ile goşulman ýörseň, il seni halamaz—
diýip, Yklym ýylgyrýar.--Menem il ogly bolmaly. Menem il ýaly wagtynda
öýlenmeli bolaryn.
--Gepinde durup bilmeýän adam gep tapmaga ökde bolýar-da.
Okuwçylar gülüşýärler.
58.
“Altyn asyr” toý mekany. Aýdym-saz, şagalaň-şatlyk.Myhmanlar naz-nygmat
bilen kemsiz bezelen stollaryň başyna geçýärler. 10-njy “B” synpdan toýa
çagyrylan okuwçylaryň hemmesi bir ýerräkde oturýarlar.
Az-kem gijä galyp gelen Hajy bilen Yklym peýda bolýar.
--Aýläle dagynyň stolunyň başynda-ha ýer ýok eken!—diýip, Hajy Yklymyň
özüniňem görüp duran zadyny oňa habar berýär.
--Şeýle bolmalam-da.
--O näme üçin?
-- Sen mydama “Hemme zatda gijä galýan” diýmek bilen, öz-özüňi hemme
zatda gijä goýýaň. Sen gowsundan-gowsuny gözläp, dört sany galstugyň her
haýsyny iki gezekden daňyp çözdüň. Şeýdibem on minut wagt ýitirdiň. Ilki
dakynanyň bilen gaýdyberen bolsaň, Aýläläniň oturan stolunyň başyndan orun
almaga bizem ýetişerdik....
Iki dost Aýläle dagynyň edil gapdalyndaky stoluň başynda ornaşmaly
bolýarlar.
Aýdym-saz dowam edýär.
--Hormatly myhmanlar, ýigit bilen gyz gelýär! Täze ojak täze döwlet gelýär!
Ýigit bilen gyzy ör turup garşylalyň!—diýip, toýy alyp baryjy zaly ýaňlandyryp
göçgünli gygyrýar.—Toýňuz gutly bolsun! Gadamyňyz batly bolsyn! Tagamyňyz
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ogul - 09
  • Parts
  • Ogul - 01
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1999
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 02
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2093
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2098
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 04
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 2140
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 05
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2158
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 06
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 2100
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 07
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2086
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 08
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2092
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 09
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2136
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 10
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2114
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 11
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 12
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2203
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 13
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2225
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 14
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2230
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 15
    Total number of words is 2778
    Total number of unique words is 1701
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.