Latin

Ogul - 11

Total number of words is 3726
Total number of unique words is 2173
30.4 of words are in the 2000 most common words
42.8 of words are in the 5000 most common words
49.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
--Seň göwnüňi ýykmaýyn, gideýin, eje.
--Mynyň aýry gep. Şeýdip senem adam bol-a.
--Ýöne, bir şert bilen.
-- Men hemme şertiňe razy, gitseň bolýa. Sen o gyzy görseň…Hawa, şertiň
näme?
-- Halaýan gyzyňy görmek üçin birigün agşam men seň bilen gidýän. Meň
halaýan gyzymam ertir saňa görünmäge gelýär.
--Başy başlanan döwletli işi sen oýun-henege öwürjek bolma, ýigit. Özüne
gaýnene boljagy-bolmajagy entek belli hem däl nätanşyň üstüne utanman, öz
aýagy bilen özüni hödürlemäge gelip bilýäň maşgalany men gelnim diýip duluma
geçirip bimen.Ony men görjegem bolmaýyn.
--Muny beýtmäli, eje. Men seň şertiňe durýan, senem meň bilen ylalaş. Eger
meniň ertir getirjegim göwnüňe ýaramasa, birigün seň diýýäniňi görmäge gidýäris.
Aşaky dodajyny dişlän Aýjan, sesini çykarman ýere bakýar.
121
87.
Berkeli bilen Aýläle Aýjanyň öýüne tarap pyýadalap barýaralar.Aýläle başyny
ýaýkaýar.
--Gelşikli-hä däl, Berkeli. Seň göwnüň üçin gözümi ýumaýmasam, gelşikli däl.
--Sen meň göwnüm üçin, men ejemiň göwni üçin… Göwünler ýykylmasa gowy.
--Kyn öz-ä…
--Nämesi kynmyş? Bararsyň, salamlaşarsyň, gaýdarsyň…
88.
Aýjanyň ýaşaýan köp gatly jaýy.Ýigit bilen gyz ikinji gata galyp, ýüzüne “4”
ýazylgy gapynyň öňünde saklanýarlar.Berkeli gapynyň jaňyny görkezip, Aýlälä
“bas” diýip ümleýär-de, ýylgyrýar.Egnini gysan gyz onuň aýdanyny goldaman,
başyny ýaýkaýar. Jaňy Berkeliniň özi basmaly bolýar.Aňyrdan açaryň şakyrdysy
eşidilýär.Utanýan hem tolgunýan Aýläle ýaýdanýar. Onuň elleri, eginleri çalaja
titreýär. Gyzyň uly planda görkezilýän gyzaran maňlaýynda, ýaňaklarynda der
damjajyklary peýda bolýar…
2009.
ATAJAN TAGAN
Y K B A L K Ö Ç E S I
(powest)
Aşgabadyň merkezinde gurlan täze mekdebiň onunjy synpynda sapak geçip
gutaran, saçyna çal sepen mugallym Berdi Möwlamowiç okuwçylaryna gaýtadan
ýüzlendi.
122
--Aşakda asylan bildirşden eýýäm habarlysyňyzam welin, meseläni gaty wajyp
hasaplaýanymyz üçin menem ony size gaýtalap ýatlatmaly edýärin…
Ýaşuly mugallym ýurdy gür baglyga öwürmegiň manysyny onunjy synpyň
okuwçylaryna däl-de, alty-ýedi ýaşly çagalara düşündirýän ýaly gaty agras görnüşe
girip, gürrüňi örän aňyrlardan aýlap başlady.Ýurdy saýaly ýa-da miweli agaçlara
bezemegiň medeniýetlilikden, döwletlilikden nyşan bolany sebäpli, oňa gadymy
grek imperiýasy zamanynda-da uly üns berlendigini, öz topragymyz barada
aýdylsa on- on birinji asyrlarda dünýäniň gözel şäherleriniň biri bolan Merwde
jahanyň dürli ýerlerinden gelen taryhçylary, alymlay haýran eden çarbaglaryň köp
bolandygyna çenli aýdyşdyrdy. Şonuň üçinem ertir paýtagtdaky hemme orta
mekdepleriň ýokary synp okuwçylary, ýokary okuw jaýlarynyň talyplary üçin
ýowar yglan edilmeginiň aýratyn bähbitli işdigini nygtady.Mugallym sözüni şeýle
tamamlady.
--Tutuş mekebimize, şol sanda biziň onunjy “B” synpymyza-da oturtmak üçin
belli bir san nahal bölünip berildi. Okuwçylaymyz bu derwaýys işde hiç kimden
yza galmaz diýen ynam edýärin.Ýowara siziň synp ýolbaşçyňyz hökmünde meniň
özümem gatnaşýaryn.Ýöne ertirki döwletli işe gözegçilik etmegi Hajy Nuryýewe
tabşyrýaryn. Garşy dälmisiňiz?
Inçesagtdan görmegeý oglan ýerinden turanda, synpy dolduran elçarşyşma,
mugallymyň teklibiniň goldanýandygynyň alamaty bolup ýaňlandy.
Okuwçylar synpdan çykyp ugranlarynda, jorasy Gunça bilen tirkeşip barýan
Aýläle Hajynyň egnine çalarak kakyp goýberdi.
--Men seni başlyk saýlanmagyň bilen çyn ýürekden gutlaýayn, Hajy Batyrowiç
Nuryew!
--Başlyk saýlananymy çyn ýürekden gutlanyň üçin menem saňa halys ýürekden
minnetdarlyk bildirýäin, Aýläle Şadyewna Muhadowa!—diýip, Hajy hem Aýlälä
özüniňki ýaly äňeň bilen jogap gaýtardy.
Aýläle bilen Hajynyň arasynda bolan gep atyşmasyna, Aýläläniň synpdaşynyň
egnine kakyp geçmesine hiç kim üns hem bermedik ýalydy welin, asyl beýle däl
eken.Ikinji gatyň basgançagyndan aşak düşüp barýarkalar, Yklym atly pes boýly,
dykalanan ýaly semiz hem çypar sary oglan uzyn boýly, çakdanaşa arryk
ýoldaşyna degişýändigem çynyny aýdaýandygam onçakly düşnükli bolmadyk
tukat ses bilen ýüzlendi.
--Ýolbaşçylyga saýlanan bolsam, synpymyzyň iň owadan gyzy Aýläle meňem
egnime kakyp geçerdi.
--Näme, egniňe kakylmaýany üçin kemsinýäňmi? –diýip, ýylgyryp jogap
gaýtaran ýoldaşy Yklymyň egnine bat bilen urup goýberdi.—Me, oň üçin kemsinip
ýörme.
Entireklän Yklym ýykylmakdan zordan saklandy.
--Sen Aýläle däl ahyryn. Saňa Artyk diýýäler. Bedeniňde-de et bolman diňe
süňk bolany üçin eliňem daş ýaly—diýip, Yklym urlan egnini tutdy.—Aýläläň
Hajynyň egnine kakan eli seňki ýaly gaty däldir. Men kemsinibem duramok welin,
egnime saňa derek Aýläle kaksa ýakymly bolardy.
--Aýlälä gowy görünjek bolsaň, senem Hajy ýaly uzyn bol, görmegeý bol.
Artygyň sözleri Yklymy öňküsindenem tukat geplemäge iterdi.
123
--Hiç mahalam meň boýum uzyn bolmaz…
--Alada et, sporta gatnaş, azrak iý. Irden öýňüzdenem garnyňy doýrup
gaýdýansyň. Mekdebe gelibem her arakesmede bir bulka iýýäsiň.Beýtseň, boýuň
özmez, iniň öser. On sekizem ýaşaňok welin, agramyň ýüz kilodan geçýär.
--Bulka iýýänim hakda aýdýanyň dogry. Ýöne agram hakda aýdanyň
nädogry.Men ýüz däl, segsen dokuz kilo çykýan.
--Şu boýuňa şonam az göräňmi?
--Az göremok. Ýöne men üç günde bir bulka iýip oňup bilemok. Ajygsam
aşgazanym titräberýä.Soňam başym aýlanýa. Ýöne, men aç gezsemem boýum
ösmez. Sebäbi kakamam keltejik.Ejemiňem boýy uzyn däl. Ejesi bilen kakasy
kelte oglan uzyn bolmaýamyş.
--Olam gaty dogry däl welin, kelte boýlularam söýýäler ahyyn. Aýläle-de seni
birden söýse-de söýüberer. “Söýgi görk islemez” diýýäler.
--Ol mümkin welin, hiç kim söýmese-de, boýuň uzyn, görmegeý bolsaň
gowudyr-la.
--Ol başga gep. Öne egnine kakyp geçeni bilenem sen Aýläle Hajyny halaýandyr
öýtme.
--Meni halaman, seni halaman, Hajyny halaman, Aýläle onda kimi halaýarka?
--Biziň mekdebimizde okaýan uly oglanlaryň hemmesi Aýläläni halaýar, Aýläle
bolsa olaryň hiç birini-de halamaýar.
--Ahyrsoňy olam biri bilen dumuş gurmaly bolar-a? Ýa ol durmuş gurmak hakda
pikir etmeýärmikä?
--Sen onuň durmuş gurmagynyň pikirini etme-de, oňa özüňi halatmagyň
aladasyny et. Belkem maňlaýyň çüwer.
Süýem barmagyny çekgesine ýetiren Yklym ýoldaşyna “Kelläň ýok” diýen
yşarat etdi.
--Beýden bolma. Durmuşda her hili ýagdaý bolýar. Ynha, meň kakam bigörk,
ejemem gaty owadan. Özem kakamdan on bir ýaş kiçi. Halaşyp toý edipdirler.
Senem Aýläleden tamakin boluber.
--Aý, Aýläläni birneme götergileýälerem. Hajy Nuryýewem dörtlülsiz okaýar.
Ýöne bilim olimpiadasyna welin Aýläläni iberjekmişler.
--Dogrusyny dogry aýtmaly, Yklym. Himiýa gezek gelende mekdebimizde
Aýläleden ökde okuwçy ýok. Ynha, görfersi, olimpiada iberselžer ol hökman
ýeňiji bolar…
Iki ýoldaş mekdebiň gapdalyndan geçýän köçä ýetenlerinde, bir owadan ýaş
aýalyň özünden kän uludygy mese-mälim bildirip duran, çekgesi mazaly çalaran
hem bigörk adamyň tirseginden tutup gelýändigini gören Artyk ýoldaşyny çalarak
hürsekläp, olara tarap ümledi.
--Düşündim—diýip, Yklym ýylgyrdy.
--Düşünen bolsaň, göwnüçökgünlik etme.
Aýal bilen erkek köçäiň beýle tarapyna geçip, golaýda duran täzeje
“Toýotanyň” ýanyna bardylar.Çalsaç adam maşynyň gapysyny açyp owadan aýaly
aýratyn bir hormat bilen ulaga mündirdi-de, özi hem rula geçdi. Bu gezek Yklym
Artyga yaşarat etdi.
--Menem düşündim—diýip, Artyk jogap gaýtardy.
124
--Eşitdiňmi? Hajy Nuryýew mekdebi dörtlüksiz gutarsa, ene-atasy oňa ýeňil
maşyn sowgat etjekmiş—diýip, Yklym habar berdi.
--Ony-ha eşidemok welin, kakasynyň Haja uruşgan it alyp berendigi-hä
gulagyma degdi. Maşyn edinse-de gowy-da. Gabat gelse, barjak ýerimize elter.
--Puluny töleseň.
--Tölemeseňem mündirer. Hajy beýle gysganç däl-ä…
*
Şäheriň etegindäki giň meýdan adaty däl bir görnüşe geçipdi. Adamlaryň
kändigi bu ýere diňe bir nahal ekmäge däl-de, başga bir has wajyp iş bilen üýşülen
ýaly ýagdaý döredýärdi. Ýük maşynlary ekilmeli nahallary getirýärdi. Başga bir
maşyndan pil, bedre, dyrmyk düşürýärdiler.Ullakan çeleginiň böwrüne “Suw”
diýlip ýazylan ulaglaram peýda boldy.Telim ýere üýşürlip otlanan haşal otlardan
görerilýän ýeňiljek tüsse asmana galyp gözden ýitýädi.Ses güýçlendirýän
gurallardan ýaňlanýan ýakymly saz giň meýdany gurşan herekete dabara
goşýardy.
Okuwçylaryny daşyna üýşüren synp ýolbaşçysy Berdi mugallym ellerini
hereketlendirip, ýaşlara bir şatlar aýdyşdyrýardy. Ahyrsoňy onuň özi-de pile
ýapyşdy.Kim çukur gaşýardy kim maşynlardan nahal, kim bedreläp suw getirýärdi.
Işleýän adam sany kän bolansoň, aňyrsy iki-üç sagadyň dowamynda çägiserhedi ýok ýaly bolup duýlan giň meýdana göni hatarlar bilen ekilen ýaşajyk agaç
nahallary eýýäm göwün göteriji görk berýärdi. Nahallar ekilensoň sandyklary,
nahallara suw guýlansoň çelekleri boşan ulaglar ýuwaş-ýuwaşdan gaýdyp
başladylar.
Hajynyň synpaşlary hem edilmli işlerden dynyp, bir ýere ýygnanyp ugradylar.
Emma ýoldaşlaryndan uzagrakda az-kem eglenen Aýläle ekilmän galan bir düýp
arçany gördi-de, ony taşlap gitmäge ýüregi etmän, güýmenmeli boldy. Uranyňda
pili yza zyňyp duran gataňsy ýerde çukur gazmak gyz maşgala ýeňil düşmedi.
Emma garaşylmadyk ýerden kömekçi tapyldy duruberdi. Bäş-alty ädmlikdäki
ýodadan geçip barýan uzyn boýly, inçsagt oglan gyzyň çukur gazjak bolup kösenip
duranyny gödi-de, aýak çekdi.
--Gaty ýerde çukur gazmak saňa aňsat düşmez, gyz—diýip, ol aýak çeken
ýerinden Aýlälä habar gatdy.—Garşy bolmasaň, men kömekleşäýeýin?
--Garşy däl—diýip, elindäki pile söýenen Aýläläniň kalbynda ýylgyryp duran
görmegeý ýigide çalarak hyrydarlyk duýgusy oýandy.—Sizem arça ekmäge
geldiňizmi?
--Hawa. Bu gün tutuş şäher ýowrda… Hany, pili bärik ber!
Ýigit (onuň ady Berkelidi) pili alanda, eli tötänden Aýläläniň eline degdi. Ol iki
taraplaýyn çaknyşykdan inçe duýgynyň uçgunlary syçran ýaly boldy. Bir-birine
garan gara gözler seretmäge utanýan ýaly, derrewen nazary başga tarapa
gönükdirdiler.
Berkeli derrew çukur gazdy. Aýläle hem ekilmän galan arça nahalyny çukura
oturtdy-da, aňyrrakda duran suwly bedräni alyp geldi. Bedrä tarap gidende-de,
bedräni alyp gelýärkä-de, ýanyna gelip duranda-da Berekeli Aýläläni assyrynlyk
125
bilen synlady. Aýläle çukura suw guýansoňam, Berkeli aljyran ýaly hiç hili hereket
etmän durdy.
--Suw guýlansoň, çukura gum atmaly ahyr,oglan!—diýip.Aýläle ýigide
ýüzlendi.
--Wiý, ýogsa-da…--diýip, ol sözlerden soň özüne gelen ýaly bolan Berkeli
goýberen hatasyny düzetmäge durdy.Ol nahalyň düýbüne gum atyp bolýança-da
gulagynda Aýläläniň “oglan” diýen näzik sesi gaýtalandy durdy…
Aňyrrakda ýük maşynynyň ýanynda üýşüp duran synpaşlarynyň arasyndaky
Yklym Aýläläniň haýsydyr bir nätanyş ýaş ýigidiň ýanynda güýmenip duranyny
gördi-de, başgalara duýdurman, Hajy Nuryýewe ümledi. Ýagdaýy gören Hajy
Aýlälä tarap ugradanda, Yklym hem onuň yzyna düşdi. Ýöne olar Aýläläniň
ýanyna ýetýänçäler, gyza kömekleşip bolan Berkeli ol ýerden eýýäm ara açypdy.
Hajy bilen Yklym gidip barýan nätanşyň diňe yzyndan seredip galmaly boldular.
--Ýaňky oglan kim, Aýläle?—diýip, Hajy başlyklyk äheňi bilen sowal berdi.
--Men häbleýin onuň kimdigini—diýip, sowala geňirgenen Aýläle öýkeli ýaly
ses bilen jogap gaýtardy.—Öz-ä biz ýaly arça ekmäge gelenleriň biri bolmaly.
--Adyny soramadyňmy?
--Tanalmaýan adamyň adyny näme üçin soraýyn?
--Tanalmaýan halyna ol näme üçin seniň ýanyňa gelýär? Sen ony ozal
görüpmidiň?
--Birinji gezek görýän.
--Seň bilen näme işi barmyş oň?
--Geçip barýar eken-de, çukur gazjak bolup kösenip duranymy görüp
sowlaýdy.
--Çukur gazdyrjak bolsaň, öz oglanlammyzyň birini çagyraýmaly eekeniň-dä.
Biz entek ol oglanyň kimdigini tanamaly bolarys.
--Men onuň kimdigini bilerin—diýip, Yklym hem Berkeliniň giden tarapyna
seretdi.
--Ony tanamak näme gerekmiş?—diýip.Aýläle Hajynyň ýüzüne garady.
--Gerek, Aýläle—diýip, Hajy uly bir ýykgynçylygyň sebäpkärini gözleän sülçi
ýaly bolup, agras gepledi.—Başga bir mekdebiň oglany biziň gyzymyza
kömekleşen kişi bolup üstümizden gülmeli däl. Gaýdyp sokulmasyz ýerine
sokulmaz ýaly oňa sapak bermeli bolar.
Hajy Aýlälä duýduman Yklyma gözüni gypdy. Yşaratdan dürs many çykaran
Yklym syr bildirmeýän kişi bolup aňyrlygyna ýöredi.Hajy blen Aýläle hem iş
gurallaryny alyp, synpdaşlarynyň üýşüp duran ýerine ugradylar.
Egni sport eşikli Yklym uly ýaryşyň öňünden türgenleşik geçýän sportsmen
ýaly ylgawyny ýazdyrman Berkeliiň deňindenem geçip, esi gidensoň yzyna
aýlandy. Ol şeýle hereket bilen yza tarap gaýdanda, garşysyndan gelip, Berkeliniň
ýüzüni elin görmekçi bolýardy. Ol maksadyny amala aşyryp, Berkeliiň deňinden
elli ädim çemesi geçenden soň aýak çekdi. Ýadawlykdan ýaňa demi demine
ýetmeýän Yklymyň ýüregi agzyndan çykaýjak boldy. Ol sojap-sojap gepledi.
--Sen näme, bedip, öljek bolup ýörsüň? Aýlälä kim çukur gazyşanda näme?
Onuň azary saňa ýetipmi, samsyk?
126
…Okuwçylar getirilen iş gurallaryny maşynlaryna ýükläp bolan batlaryna
Yklym hem peýda boldy. Ol assyrynlyk bilen Hajynyň ýanyna bardy.
--Ýetdim. Ylgap, deňindn geçen boldum, yza gaýdan boldum… Men ol
oglanyň haýsy mekdepde okaýandygyny-ha bilemok welin, ýüzünden tanaýan.
Özem biziň töweregimizde ýaşaýa. Käte köçede gabat gelýä.
Aýdylany üns bilen diňlän Hajy tabşyrygy ýerine ýetirilen komandir ýaly bolup
razyçylykly baş atansoň:
--Sen Aýläläniň ol oglany tanamok diýen gepine gatybir ynanyp barmagyn —
diýdi-- Ol gyz şeýtanlygyny edýändir.
--Dogry aýdýaň. Tanamaýan bolsa, ol oglan öz ýoldşlaryndan aýrylyp, biziňem
gapdalynda ýokdugymyzy peýläp, Aýläläniň ýanyna gelmezdi ahyryn.
--Ýogsam näme!—diýip, ýoldaşynyň çaklamasy bilen ylalaşan Hajy Yklyma
täze tabşyryk berdi.—Sen ony yzarla. Biz ony öz mekdebimiziň gyzlaryna tarap
seretmäge-de ýaýdanyp duran ýalyetmeli bolarys.
Tabşyrygy kabul edýän ýaly Yklym agraslyk bilen baş atdy.
*
Myhmanhananyň owadan jaýynyň öňi gül-gülälekler bilen bezelendi. Jaýyň
maňlaýyndaky gyzyl matanyň ýüzüne “Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň
arasynda gtçirilýän bilim olimpiadasyna gatnaşýanlara üstünlik arzuw edýäris”
diýen sözler ýazylandy.Myhmanhananyň öňündäki giň aýmançda üç-dört sany uly
awtobus garaşyp durdy.
Birdenem eginleri owadan sport eşikli olimpiadaçy ýaşlar myhmanhanadan
çykyp başladylar.Olaryň Arasynda Aýläle Muhadowa-da bardy. Ýaşlaryň daş
çykmagy bilen töwerege dolan gowur uzaga çekmedi.Ýaşlar şadyýan
galmagallaryny öz ýanlary bilen awtobuslara alyp girdiler. Kän mahal geçmänkäde awtobuslar tämiz hem giň köçä düşüp, ilerik, daga tarap ugradylar.Dürli
etraplardan gelen oglan-gyzlaryň nazary awtobusyň daşyndady. Olar kaşaň jaýlary,
owadan gülli arassa meýdançalary nebsewürlik bilen synlaýardylar.
Awtobuslar şäheriň etegindäki “Urgan ýoluň” öýjüklerine münülýän ýerine
gelip saklandylar. Ýaşlar, has beterem paýtagtdan başga ýerlerden gelenler “howa
ýoluna” haýran galyp syn etdiler. Kän mahal geçmänkä olaryň özlerem “howa
gämisiniň” ýolagçysy boldular.Ýöne şol pusatdan ozal bu ýere ýygnananlar üçin
geň bolup duýlan bir waka boldy. Daşyndan göräýmägä dokuz-onunjy synpyň
okuwçysy hasap ediläýmeli gödegräk bir oglan “howa gämisine” münmekden
boýun gaçyrdy.
Oglanlaryň biri oňa:
--Sen nä gyz maşgalalarça-da ýokmy? Gyzlaňam hemmesi gorkman münýäler
ahyryn—diýdi.
--Nähli söz bilen kemsitseňizem, men şoňa münüp biljek däl—diýip, oglan
kesgitli jogap gaýtardy.—Siziň müneniňizi görsemem, ýüregim agzymdan
çykarmyka öýdýän.
--Beýle ynjyk ýürek bilen sen olimpiada nädip gatnaşjak?
127
--Olimpiada simden sallangy kabinada geçenok ahyryn. Onsaňam meni sim
üzüler diýp gorkýandyr öýtmäň. Meň bolşum şeýle. Kakamam beýiklikden gorkýa.
Belkem ol kesel ýaly bolup nesil yzarlaýandyr.
Oglan-gyzlary goltugyna alan “Howa gämisi” ýuwaşjadan hereket edip
ugranda, täk özi ýerde galan oglan ýoldaşlaryna tarap seredip bilmän, tersine
bakyp durdy-da:
--Ýere sag-aman dolanyp geliň!—diýip pyşyrdady.
Howa deňzinde sessiz ýüzýän “gämä” atlanan ýaşlar al-asmandan ýere seredip,
hezil etdilr.Uly ak şäşer Aşgabat, onuň beýik ymaratlary belentden synlasaň, öz
eliň içinde ýaly bolup görünýärdi. Aňyrrakda döwlet baýdagy pasyrdaýardy,
Garaşsyzlyk binasy hem şoňa meňzeş belli-belli nokatlar gaýry nyşanlardan
tapawutlanyp görünýärdi. Aşgabat aeroportundan asmana galan ak uçar gündogara
tarap süýnüp barýardy, golaýrakda bolsa bir bürgüt howada gaýyp ýördi, yzakda
türkmeniň ýaşyl sährasy, ondan aňyrda sary çöl ýaýylyp ýatyrdy.Beýle gönüüşi
siňe synlap oturan kimdir biri:
--Üstünde gezip ýöremizsoň, ünsem bermändiris welin, asyl biziň çölümizem
gözel çöl eken!—diýip gygyrdy.
Başga bir oglan bolsa, ol sözleri ýapyşalga edinip, göçgünli ses bilen aýdyma
gygyrdy:
--Çölümiz gösel,
Ilimiz gözel.
Geljege barýan,
Ýolumyz gözel.
Ilimiz gözel,
Ýolumyz gözel…
Aýdyma gygyranyň dirižýorlyk etmeginde “howa gämisindäki” oglangyzlaryň hemmesi soňky iki setiri hor bolup, telim gezek gaýtaladylar.
Aýläläniň gapdalynda oturan oglan:
--Aýläläniň örän ýakymly sesi bar eken—diýdi.—Oňa “Howa gämisiniň”
birinji baýragyny bermegi karar edýäris. Makulmy?
--Makul!
--Gaty makul!
Ýoldaşlayndan galan oglanyň dileg edişi ýaly, “Howa gämisi” sag-aman yza
dolanyp geldi.Ýaşlar ýere düşenlerinde aşakda ýlgyryp duran oglany görenleriň
biri:
--Asmana syýahat edip hezil edinen-ä biz welin, ýerde galan nämä
ýylgyrýarka?—diýdi.
--Siziň ene topaga sag-aman dolanyp geleniňize begenjimden ýylgyrýan. —
Aşakdan seredip durmak münüp gitmekdenem kyn eken. Siz bilen bile giden
bolsam gowy bolardy gaýtam.
*
Prezident köşgündäki kiçeňräk zala bilim olimpiadasyna gatnaşanlar hem
başga-da çagyrylan adamlar ýygnanypdylar. Kän garaşdyrman, ýurduň Prezidenti
peýda boldy-da, ozaldan duran memmeriň arkasyna geçip çagyrylanlara ýüzlendi.
128
--Mekdep okuwçylarynyň arasynda ýurdumyz boýunça geçiilen bilim
olimpadasyna gatnaşan gadyrly ýaşlar!
Hormatly emin agzalary!
Gadyrly myhmanlar!
Ýurdumyzda medeni, tehniki, sport forumlary, oba hojalyk, senagat sergileri
ýygy-ýygydan geçirilip dur. Beýle çäreleriň hemmesi-de Watanymyzyň öňe
gitmegine ýardam edýän çärelerdir.Ýöne siziň şu günki tamamlan mekdep
okuwçylarynyň bilim boýumça olimpiadasyna men has aýratyn üns beremek
isleýärin. Sebäbi ylym, bilim bolmasa islendik ýurtda beýleki ugurlardanam öňe
tutarlyk ösüş bolmaýar. Ylymly hünärmenleri ýok ýurt, yza gitmese-de öňe
gitmeýär. Geçen olimpiadanyň diňe ýaşlar olimpiadasy bolmagy has-sa
guwanmaly çäre. Sebäbi siz, ýaşlar biziň şu günümiziňem, ertämiziňem daýanjy
bolup durýarsyňyz. Şu güni hem ertesi ýaş, hyjuwly, zehinli hünärmenler bilen
üpjün ýurduň birigüniniňem, ýeneki günleriniňem rowaçlyga sepleşjekdigi özözünden düşnükli bolsa gerek. Atalaryňyzyň, agalaryňyzyň ýeten ýeňişli
sepgitlerini dowam etmek indi siziň nobatyňyz. Biz size guwanýarys, ynanýarys,
buýsanýarys. Geçirilen olimpiada gatnaşanlaynyň ýokary orun almadyklarynyňam
ýekejesi-de utuşsyz däldir. Olayň şeýle jogapkärli, hemmämiz üçinem bähbitli
bäsleşige gatnaşmagynyň özi-de uly utuşdyr. Siziň aň-düşünjäňiziň giňemegi
mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de ösmegine ýardam eder.Biziň öňe
gitmek üçin tutan ýoilumyz biziň durmuşdaky maksadymyzdyr, ykbal köçämizdir.
Şol ykal köçesinde halkymyzyň rahat ýöräri ýaly ony çarkandaksyz saklamakda
siziň edip biljek işiňiz örän uiludyr. Ertirki şol jogapkärli borjuňyzy siziň berjaý
etjekdigiňize ynam döretmäge şu gezekki ýaşlar olimpiadasynyň netijeleri hem
şaýatlyk edýär.Emin agzalaryna, uly çäräniň guramaçylaryna minnetdarlyk
bildirýärin.Işiňiz rowaç bolsun! Indi bolsa olimpiadanyň ýeňijilerine
Türkmenistanyň hökümediniň hem öz adymdan ýadygärlik sowgatlaryny
gowşurmaga rugsat ediň!
( Eger ssenariniň olimpiada epizodunda Prezidentimiziň keşbiniň döredilmegi
makul bilinmese, onda ol epizodda çykyş etmeli ( real bolmasa-da) döwlet
ýolbaşçylarynyň biri gutlag sözüni aýdyp biler. Ýöne Prezidentiň tabşyrygy bilen
geplän adam biziň baş gahrymanymyza Gurbanguly Berdimuhammedowyň
“Türkmenistanyň dermanlyk otlary” diýen kitabyny welin gowşurmaly bolar.)
Olimpiadanyň ýeňijisi bolan ýedi-sekiz sany okuwçy öňe çykýar.Prezidente
ýardamçylyk edýänleriň biri ýeňijileriň atlaryny okap başlaýar. Olaryň arasynda
Aýläle-de bar. Aýläläni gutlap, kitap hem gowşuran Prezident:
--Aýtjak zadyň barmy, Aýläle?—diýýär.
Aýläle utanjyrap egnii gyssa-da, ortada duran mikrofonuň öňüne barýar.
--Hormatly Prezidentimiz! Bilim olimpiadasyna ga atnaşanlary kabul etmäge
wagt tapanyňyz üçin, aýdan atalyk sözleriňiz, gutlagyňyz üçin biz size çälksiz
minnetdarlyk bildirýäris. Biz Watanymyzyň güllemegi üçin amala aşyrlýan uly
işlerde size ýardamçy bolup ýetişmegi arzuw edýäris.Mem yrymçy bolmasamam,
siziň maňa öz ýazan “Türkmenistanyň” dermanlyk otlary” diýen kitabyňyzy hut
yrymçy adam ýaly bolup kabul edýärin. Sebäbi mem lukmançylyk institutyna
girmäge taýynlyk göýärin.Siziň meniň nirä okuwa hyýallanýandygymy bilmeýän
129
halyňyza maň hut lukmançylyga degişli kitabyňyzy sowgat bermegiňizi diňe bir
uly sowgadam däl-de, meniň maksadyma ýetjekdigimiň alamaty hökmüde kabul
edýärin.Sag boluň, uzak ýaşaň!
Aýläläniň aýdan sözlerini diňlän adamlar el çarpdylar, Prezident hem çalarak
ýylgyryp baş atýar.
*
Aýläle jorasy Gunça bilen dokuz gatly jaýda ýaşaýardy.Şonuň üçinem ejesiniň
tabşyrygy bilen dükandan çörek almaga ugran Aýläle üçin gapysy açylan liftde
Gunçanyň durmagy garaşylmadyk ýagdaý bolmady.
--Nirä ugradyň?—diýip öňürti gunça sowal berdi.Aýläläniň jogabyndan soň ol,
näme üçindir, ýylgyrdy. -- Maksadymyz bir eken.
Joralar goňşy jaýdaky dükana girmänkäler, şäheriň gyraragy bolansoň, giňişlik
bolup görünýän meýdanda bir topar adamynyň üýşüp durandyklaryna nazary
kaklyşan Aýläle:
--Adamlar o ýere näme üçin üýşdükäler?—diýdi.
--Şu ýerde ýaşasaňam, seň habaryňam ýokmy?—diýip, Gunça biraz
geňirgendi.—Täzeden bäri mahal-mahal o ýerde it uruşdurýalar. Ikiumiziň
synpdaşymyzam olaryň arasynda görünýämiş. Hajy Nyryýew.
--Hajy Nuryýew it edinipmip diýip gulagyma degipdi ýogsamam. Ýöne men ony
guwanmak üçin alandr öýdüpdim.
--Men henize çenli it uruşyny göremok-da, Aýläle—diende, Gynçanyň gözleri
uçgunakklap gitdi.
--Menem edli sen ýaly—diýp, ol hem gürrüňi edilöän it urşuny synlasa kem
görmejekdigini boýun alýan ýaly bolup ýylgyrdy.
Şonlukda joralar it uruşdyrylýan ýere bardylar.Emma ol ýerde ozalam üç-dört
sany aýal hem bar bolansoň, gyzlaryň gelip duranyna hiç kim ünsem bermedi.
Her kim, şol sanda Hajy hem öz itiniň boýnundaky ýüpünden tutup durdy.
Aýläläniň göwnüne bolmasa, Hajynyň iti beýlekilerden hem daýawdy hem
hyýrsyzdy. Synpdaş gyzlaryna birden gözi düşen Haly ilki-hä geňirgenýän ýaly,
soňam biraz gabarylýan ýaly boldy.
Adamlary uzak hem garaşdyrman it uruşy başlandy.Öňürti Hajynyň iti bilen
başga bir iti orta çykardylart. Hajynyň iti garşydaşyndan güýji ökdedigini garpyşan
badyna tomaşaçylara äşgär etdi.Ol beýlekini ilki-hä mazaly dalady, soňam onuň
bokurdagyndan agyz salyp, derrew ysgynyny aldy. Hajy itiniň rüstemdigine
gabarylyp, “Gördüňizmi!” diýýän ýaly zol-zol gyzlara tarap seretdi.
Garşydaşy ýykylanyndan soňam Hajynyň iti onuň bokurdagyndan agzyny
aýyrmady. Hajynyň itiniň ýüzünde, beýleki itiň bokurdagynda gan tegmilleri
göründi. “Bes ediň! Öldürmänkä aýryň!” diýen haýbatly sesler ýaňlandy.Bolýan
wakany gören Aýläle iki eli bilenem ýüzüni tutup, aşak oturdy. Ol tolgundy,
aljyrady, gözleri ýaşa doldy. Birdenem onuň göreçleriniň öňünde başga bir waka
janlandy: orta çykyp uruşýanlar itler däl-de, itleriň eýeleri—Hajy bilen başga bir
adam boldy. Iki sany it bolsa gyrada durup, eýeleriniň biri-birine ýumruk
salyşlaryna tomaşa etdiler.Hajynyň garşydaşy uruşgan eken. Onuň salýan
ýumruklary Hajynyň maňlaýynda, ýaňaklarynda ganly tegmil galdyrdy.Emma
şonda-da Aýläläniň öz klasdaşyna onçakly haýpy hem gelmedi.
130
--Hajynyň iti ýeňdi, Aýläle!—diýip, Gunça gygyranyndan soň Aýläle özüne
gelen ýaly boldy.
--Ýeňmän geçsin!—diýip ol ýerinden turanyndan soň, pyşyrdady-da aňyrlygyna
ýöräberdi.Gunça hem onuň yzyna düşdi.
Itiniň ýňpňni ýanynda duran ýoldaşynyň eline beren Hajy gyzlaryň yzyndan
ugrady.
--It uruşdurmak nähili erbetlik eken!—diýip, Gunça özüne habar gatýan ýaly
ýuwaşja gepledi.
--Erbetlik diýme, Gunça, wagşylyk diý!. Onda-da baryp ýatan wagşylyk.Men şu
gün ömrümde ilkinji hem iň soňky gezek it urşuny görüp, sähelçe-de bolsa
adamçylygy bar adam, rehimdarlygy bar adam it uruşdurmaz diýen netijä
geldim.Iki sany itiň biri-birini çeýnemeginden lezzet alyp bilýän adam adam
däldir, haýwança-da ýokdur…
Gyzlara golý gelensoň, Aýläläniň soňky sözleri gulagyna ýeten Hajy aýak
çekmäge mežbur boldy. Onuň göwnüne bolmasa, Aýläläniň “It uruşdurmakdan
lezzet alyp bilýän adam adam däldir, haýwança-da ýokdur” diýen sözleri müň esse
ulaldylan ses bilen asmanda ýaňlnan ýaly boldy.
Hajynyň gelip duranynam görmedik gyzlar ol ýerden daşlaşdylar.
*
Ýowar güni Aýlälä arça nahalyny ekişen ýigit Berkeli egninden köplenç
sportsmenleriň göterýäni ýaly alabeder sumka asyp, uly köçäniň ýanýodasyndan
gidip barýardy. Köçäniň beýle tarapyndaky awtobuslaryň saklanýan ýerinde ulaga
garaşyp duran Yklym birden Berkelä gözi ildi-de, derrew gitmeli ugruny üýtgetdi.
Ol köçäni kesip geçdi-de, Berkelini garama-garama yzarlap başlady. Berkeli bolsa
uzak hem gitmän, şäher stadionunyň derwezesinden girip gitdi. Aňtalýan ýigit belli
bir ýere sowulýança Yklym hem onuň yzyndan galmady. Ahyram ol Berkeliniň
giren gapysyna ýetip aýak çekdi-de, giň zalyň öňündäki aýna penjiräniň gapdalyna
çekilip, yzarlanýanyň indiki etjek hereketlerine garaşyp durdy.
Egnindäki geýimleini çykaryp, sport eşigine giren Berkeli el-aýagyny ýazmak
üçin az-kem maşk etdi, towsaklady, oturup-turdy, soňam boksýor elligini geýdi-de,
özünden birz öň gelip, “söweşe” taýyn bolup duran ýoldaşynyň ýanyna bardy.Olar
salamlaşan badyna-da, aňyrdan peýda bolan sport eşikli , çekgesi çalaran, ýüzi
agyr adam elini çarpyp, iki ýigidi ringe “söweşe” çagyrdy. Berkeli bilen ýoldaşy
aýaklaryna ot basylan ýaly towsaklaşyp bokslaşyga başladylar.Trener käte-käte
olaryň “çaknyşygynyň” arasyny bölüp, hereket bilen söz blen bir zatlar öwretdi.
Iku ýoldaş baş atyşyp, aýdylan belligi kabul edýändiklerini tassyladylar, “söweşe”
ýaňadandan girişdiler. Berkeli gaçgaklap-gaçgaplap, maýyny tapansoň, bir gezek
jaýdar urdy welin, garşydaşy tüwdürlip gitdi.Trener Berkelä başam barmagyny
görkezdi, beýleki ýigidr bolsa ýene el hereketi bilen “käýinç berdi”. Käýnji kabul
eden ýigit ýerinden turanyndan soň, bäzleşik ýene dowam etdi. Ringde bolan
hereketleri başdan-aýak synlan hem ondan özüçe netije çykaran Yklym başyny
ýaýkady-da, stadiondan çykmak bilen boldy…
*
131
Şol gün gije Berkeli düýş gördi. Düýşde onuň Aýlälä sataşyşy bolşy-boluş ýaly
gaýtalanmaga başlady.Bir düýp nahaly ekmek üçin çukur gazyp bilmän kösenip
duran Aýläläniň ýanyna sowlan Berkeli:
--Kömekleşeinmi, gyz?—diýýär.
Gyz oňa ýylgyryp seredýär.
--Kömekleşseň-ä kem görjek däl, oglan.
Gyzyň ajaýyp ýylgyryşy, mylaýym sesi Berkeliniň gözünden girip, ýüreginiň
teýine baryp ornaýar.
--Hany, pili ber bärik!
Pili oňa uzadan gyz:
--Seň adyň kim?—diýip soraýar.
--Meň adm Berkeli. Seň adyň näme?
--Saňa meň adymy bilmek hökman däl.
Berkeliniň ýere uran pili topraga çüýlenen ýaly gymyldaman durýar. Sowalyna
kanagatlanarly-ha däl, has gödek jogap alan ýigidiň özi-de piliň ýanynda doňup
galýar.
Düýşüň wakasy şol pursata ýetende, ukudan oýanan Berkeli ýaňsyly ýylgyryp,
özüne igendi.”Onuň adyny bilesiň gelen bolsa, düýşüňe girende soraman,
hakykatda ýanyndakaň soramaly ekeniň-dä. Indi sen ony, juda bagtyň çüwäýmese
taparynam öýtmeghin. Adyny bilkmeseň, familiýasyny bilmesň, okaýan mekdebini
bilmeseň…”
Berkeli dikeldi-de, başujunda duran magnitofony açdy.
“Başky söýgüm, şatlyk-gaýgym, nirde sen?
Ala gözli ak maralym, nirde sen?”
“Dogrudanam, şol gyz meniň başky söýgüm bolaýmasyn? Henize çenli ondan has
owadan gyzlaram beýdip ünsümi çekmändi ahyryn.Hiç kim düýşüme-de girmändi.
O gyzyňam, ýaňky aýdymda aýdylyşy ýaly ala gözlüdigem çyn, ak maraldygam.
Ýöne ol saňa düýşde-de adyny aýtmak islemdik bolsa, gözläňde-de tapylmaz”.
Şeýle pikir edenem bolsa, ýaş ýigit öz hyýalyny ymytsyz aheň bilen tamamlamak
islemedi. “Düýşde göreniň tersine bolarmyş!”
…Berkeli, ejesi, kakasy üçüsi erirlik çaýyny içip otyrkalar, adamsynyň ogluna
seredip oturşyny synlan Aýjan:
--On bäş gün aýra gezýäň welin, ogluňy gaty göresiň geläýýär öýdýän,
Atak?—diýdi.—Siňe-siňe seredäň-le oňa…
--Men bu mahal Bewrkelä seredip, ogul hakda däl-de, gyz hakda oýlanýan,
Aýjan.
--O nä gyz?—diýip, bir ýakymly gepiň bardygyny çaklan Aýjan derrew
gyzyklandy.
--Geologiýadaky işgärlerimiziň biriniň ýetişen gyzy bar welin, her gezek öýüne
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ogul - 12
  • Parts
  • Ogul - 01
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1999
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 02
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2093
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2098
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 04
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 2140
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 05
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2158
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 06
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 2100
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 07
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2086
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 08
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2092
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 09
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2136
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 10
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2114
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 11
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 12
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2203
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 13
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2225
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 14
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2230
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 15
    Total number of words is 2778
    Total number of unique words is 1701
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.