Latin

Ogul - 09

Total number of words is 3711
Total number of unique words is 2136
30.6 of words are in the 2000 most common words
42.6 of words are in the 5000 most common words
49.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
mydam datly bolsun! Ojagyňyz mydam otly bolsun! Ýigit bilen gyz gelýär, çuň
hormatly myhmanlar!
Gunçanyň synpdaşlary diňe bir ör turmak däl, stol başyndanam gidip, ýigit
bilen gyzy ýakyndan garşylaýarlar.Aýläle elindäki sellofan haltadan çykarýan daşy
owadan kagyzly süýjülerini çatynjalaryň üstüne penje-penjeden seçýär.Çagalar,
diňe çagalaram däl, ulylaram toý süýjüsini çöpleýärler.
Onuň gapdalynda duran Gunça el çarpyşmanyň arasyndan jorasyna ýüzlenýär:
97
--Aýläle jan, erte durmuşa çykaňda, menem seň üstüňden şeýdip, penje-penje
süýji seçerin!
--Ol güne sen gaty kän garaşmaly bolaýmasaň, joram!—diýip, Aýläle gülýär.
Golaýrakda duran Hajy bir Aýlälä, bir-de täze çatynjalara gezek-gezegine
seredýär. Toý lybasyny geýnen, toý dabara- şatlygynyň üçinde ýüzüp ýören Aýläle
Hajynyň gözüne şeýlebir owadan bolup görünýär welin, toýhanadaky onlarça
gözel gyzlaryň hiç biriniňde Aýläle bilen bäsleşip biljek gümany ýok.
Hajynyň iki gözi Aýlälede. Birdenem onuň hyýlynda öýlenýän ýigidiň ornuny-ha
özi eýeleýär, gelinligiň ak fatasy bolsa ak ýüzli Aýläläniň egnine geçýär.Ak fata ak
ýüze, uzyn boýa, gaz boýna, gara saça gelşip gidýär.Hajy bilen Aýläle täze
çatynjalar üçin niýetlenen, kejebä meňzedilip edilen “Toý tagtyna” tarap
ugraýarlar.Agyr märeke olary aýdym bilen, saz bilen, el çarpyşmalar bilen
ugradýar.
Birneme özüne gelse-de, hakyky çatynjalar kejebä ýetensoňlaram, tans üçin
niýetlenen aýmançada aňk ýaly bolup, ýeke özi galyp barýan Hajy ýoldaşlarynyň
biri stol başyna barmalydygyny egnine kakyp ýatlatmadyk bolsa, entegem şol
ýerde saklanjakdy.
59.
Onunjy synpy gutarýanlaryň hormatyna gurlan dabara başlanýar.Ol mekdebiň uly
zalynda geçýär.Stollaryň üstünde serhoş ediji içgülerden başga hemme zat bar.Zal
okuwçylaryň özleriniň çeken degişme suratlary, ýasan zatlary bilen bezelen.Bir uly
suratda boýy öz bolşundan telim esse ösdürilip çekilen Yklymyň, boýy öz
bolşundan telim esse gysgaldylyp çekilen Hajynyň tirkeşip barýan gülkünç
şekilleri bar.Okuwçylar hem mugallymlar ol şekilleri hezil edinip synlaýarlar.
Başga bir şekilde Aýläläniň saçy Gunçanyň, Gunçanyň saçy hem Aläläniň
boýnuna ( ýa-da biline) oralan. Ol degişme suratyň aşagyna uly harplar bilen
“Aýrylmaz joralar” diýlip ýazylypdyr. Ýene bir suratda synp ýolbaşçysy Berdi
Möwlamowiç saçy syrylyp, maňlaýyna “2” ýazylan bir okuwçynyň takyr kellesine
oturdulan ullakan guýguja böwrüne “Himiýa” sözi ýazylan kürşgeden suwuklyk
guýup dur.Ýene bi suratda mekdebiň müdüri böwrüne “10-A. 10-B” ýazylan iki
sany gäminiň tanapynyň ujunyň her haýsyny bir egnine alyp ( burlaklar ýaly),
ony kenara eltjek bolup azap çekýär..
60.
Sahnada eli mikrofonly müdir peýda bolýar.
--Hormatly mugallym-halypalar! Hormatly okuwçy-şägirtler! Siz indi okuwçy
hem däl welin okuwçy diýesim gelýär. Sebäbi okuwçyly mugallym, ýagny şägirtli
halypa hiç mahal garramaýar, hünärini, ussatlygyny mydama ösdürýär. Okuwçysyz
mugallym-- hiç kim, şägirtsiz halypa-da-- boş ýer, boş adam.Men şu mekdebe otuz
ýyl müdirlik edýärin.Şonça ýylyň dowamynda şu ýyl mekdebi tamamlan iki
synpymyz ondan öňki ähli synplardan ýokary boldy diýen netijä geldim.. Şu iki
synpda hemme zat ýerbe-ýer boldy, uruş-sögüş, adatdan daşary ýagdaý bolmady.
Meniň pikirimçe, şu iki synpyň okuwçylary biziň döwrümize, garaşsyz
98
Watanymyza, Prezidentimize tüýs berlen nesil bolup ýetişendir öýdýärin. Iki sany
onunjy synp birinji synpdan bäri dostlukly bäsleşikde bolany üçin oglan-gyzlar
düşünjeli bolup mekdebi tamamladylar.Bir ýylda bir synpda iki sany altyn medal
almak biziň mekdebimiziň taryhynda ilkinji gezek bolýan waka. Mekdebi altyn
medal bilen tamamlap, biziň hemmämize uly abraý getiren Aýläle Muhadowa
bilen Hajy Nuryýewe men mekdebiň müdirliginiň hem öz adymdan çäksiz
minnetdarlyk bildirýärin.Geliň, olara el çarpalyň!.
Hajy bilen Aýläle öňe saýlanýarlar. Hemmeler olara el çarpýarlar.Müdir dowam
edýär:
--Şu iki synpyň üstünligi özara ýaryşyň, geçirilen bäsleşikleriň netijesi hasap
edýärin. Ýadyňyzda bolsa, şu iki synp on ýylyň dokuz ýylyny bäsleşik, ýaryş bilen
geçirdi. Mugallymlaryň hem okuwçylaryň islegine görä, şu gün iki synpyň
okuwçylary üçin kakylan soňky jaňyň yzyny hem iki synpyň bäsleşigi bilen
dowam etmegi makul bildik. Goý, şol bähbitli bäsleşik, peýaly çekeleşme
mähriban mekdep hakyndaky unudylmajak ýatlama bolup, siziň ýadyňyzda
galsyn… Oraz Annaýewiç, başlaber!
Gutardyş agşamyna gatnaşýanlaryň köpüsi “HER SOWALA BIR JOGAP” diýen
ýazgynyň ýanyna ýygnanýarlar.Bu epizody alyp barýan ýaş mugallym Oraz
Annaýewiç öňe saýlanýar-da:
--Her synpdan üç adam bärik çyksyn!—diýýär.
Iki synpdan alty adam mugallymyň ýanyna barýar.(10 “B” synpdan öňe
çykanlar—Aýläle, Hajy hem Yklym.)
Mugallym her tarapa bir bloknot bilen bir galam berip, işe girişýär.
--Başladyk. Bäsleşigiň düzgüni köneden gelýän düzgün. “Dutaryň owazy” diýen
sazy haýsy kompozitor döretdi? Jogabyňyzy bloknota ýazarsyňyz.
Bäsleşige gatnaşyjylar özara maslahatlaşyp bellik edilen bloknoty mugallyma
gowşurýarlar.Mugallym iki bloknota-da seredip:
--Iki tarapam dogry jogap gaýtarýar--diýýär.—Ol sazy döreden kompozitor
Nury Halmämmedow. Hasap 1:1 bolup açyldy. Indiki sowal: “Hindistanda ýaşap
geçen türkmen şahyry hem serkerdesi”.
Ýaryşa gatnaşýanlaryň ýazan jogaby barlanýar.
--Iki tarapam dogy jogap berýär. “Baýramhan türkmen”. Hasap 2:2. Indiki sowal:
“Türkmen kompozitory Çary Nurymowyň döreden islendik aýdymyndan bir
bölegini hiňlenmek”
Taraplar maslahatlaşýarlar.Aýläle öňe saýlanyp hiňlenýär.
--Öwsüp barýan mymyk ýeller,
Saňa arzym gowşurmazmy?
Bizi aýra salan ýollar,
Indi gaýdyp duşurmazmy?
--Dogry.
10-njy “A” synpyň wekili öňe saýlanýar.
Obasy bar goşa diňli,
Sowuk suwly, ter öleňli.
Ili gökleň, ady Meňli,
99
Ol söwer ýardan aýryldym.
Emin mugallym “Dur” diýen manyda elini galdyrýar.
--Nädogry. Magtymgulynyň sözlerine ýazylan ol aýdym kompozitor Çary
Nurymowyňky däl-de, Aman Agajykowyňky. Hasap 2:1 boldy. Indiki sowal:
“Watan hakda aýdylan gymmatly pikir”.
Bäsleşige gatnaşyjylar bellik eden bloknotlaryny mugallyma berýärler. Mugallym
okaýar.
-- “A”synp: “Watan enäniňem sallançagydyr”.
“B” synp: “Watany satyp bilýän bar, satyn alyp bilýän ýok”. Men bäsleşigiň
emini kökmünde bu parasatly zözleriň ikisine-de “5”-lik baha bermek isleýärin.
El çarpyşylýar.
--Hasap “B” synpyň peýdasyna 3:1 boldy.
El çarpylýar.
Ak halatly çişik aşpez peýda bolýar.
--Bäsleşik hezil zat welin, naharlaram-a sowaýar, ýoldaş emin! Bu sözlere näme
baha berersiň?
--Bu dana sözlere-de men, baş emin hökmünde arassa “5”- lik goýýaryn.
Razymysyňyz, hormatly adamlar? Garşy ýokmy?
--Razy!
--Razy!
--Garşy adam ýok!
--Ýaşasyn akyl-parasatly eminimiz hem aşpezimiz!
Mugallym:
--Soňky aýdylan parasatly sözleriňem bahasy “5”-lik.
Gülki, şatlyk, el çarpyşma, saz…
61.
Ejegül gapyny açanda daş işikde Aýnabat daýza dur.Ol Ejegüle ýylgyryp salam
berýär.
--Seň gapyňdan ýöne gelesim gelensoň gaýdyberdim, Egegül jan.
Gurgunmysyň?
--Hudaýa şükür, janymyz-a sag. Gelen—döwlet. Gel, Aýnabat!
--Janymyz sag bolsa, hemme işimiz rowaç bolar, enşalla. Saglyk bolsa, tutýan
maksatlarymyzyňam hemmesine ýeteris.
Myhman bilen öý eýesi stol başyna geçip oturýarlar.
--Ejegül jan, Aýläle janam lukmançylyk instutytyna ýerleşipdir. Gutlaýan. Men-ä
gaty begendim.Näme, adamyň soňy garylyk bilen-dä.Öz öýüňde lukmanyň bolsa,
oňa ýetesi zat ýok. Meňem oglum diller institutyna girdi. Daşary ýurtlaryň dillerini
öwrenjekmiş. Başga dilleri bilseňem gowy-da. Özem ol häzir bize gaty zerur
gerek.Telewizorda görýäň-ä, daşary ýurtlardanam saryýagyzmy, garaýagyzmy
myhman bary ýöne gelip durandyr.
--Hawa-da, hünär edinip bolsa, oňa ýetyesi zat ýok. Menem seni gutlaýan,
Aýnabat. Işiňiz rowaç bolsun!
--Agzyňdam Hudaý eşitsin, Ejegül jan!
Telefon jyrlaýar.Ejegül trubkany göterýär.
100
--Geliber! Geliber! Men öýde.
Ejegül trubkany goýansoň, Aýnabat:
--Biri gelmelimidi?—diýip soraýar.
--Ýokarky goňşym jaň edýär.Şu köçäň ugrunda bir köne tanşymyzyň
garaşdyryp-garaşdyryp, agtyjagy bolupdy.Goňşym bilen şony gutlap gaýdaly diýip
dilleşipdik- de…
--Beýle bolsa, siz ýoluňyzdan galmaň!—diýip, Aýnabat keýpsizräk gepleýär.—
Menem sizi ýatdan çykaran ýaly bolaýmaýyn diýip gaýdyberdim, dogan.Senden el
üzmejegimem aýdyp goýaýyn. Ynha, çagalammyzam okuiwa girdi. Indi ikimizdede kämillik ýaşyna ýetenok diýer ýaly bahana ýok.
Ejegül ýaýdanyp gepleýär.
--Men-ä, dogan, saňa näme diýjegimem bilemok. Meseläni ýeke özüm çözmeli
bolmamsoň…
--Meseläni ýeke özüň çözýän dälsiň, maslahatlaşmalam bor welin, Ejegül jan,
edepli gyzyň erki enesiniň elinde bolar-da. Aýläle janam enesine gulak asmajak
maşgala däl. Iki tarapyňam bir-birine gözi ýetip durka, haýyr işi yza çekmäli,
dogan.
--Seň garyndaşlyk açmaga geleniňi men ozalam gyzyma aýtdym…
--Näme diýdi?—diýip, Aýnabat gyssanýar.
--Açyk hiç zat pyşgyrmady.
Gapy jyrlaýar.
--Garşy çykmadyk bolsa, şoňa şükür. Onsoňam, gyzyň açyk pyşgyrmagy saňa
bagly, dogan.
Ejegül ýerinden turýar.
--Men gapyny açaýyn.
--Açyber, açyber! Menem derrew turjak.
--Bu zamanda “Saňa bagly” diýen gepem gaty ynam bilen aýdybermeli däl.
Indiki ýaşlar biziň döwrümiziň ýaşlary ýaly däl, Aýnabat. Senem ony mençeräk
bilýänsiň.
--Bilýän-ä welin…Men ýene gelerin. Ýöne şu gezegem az-kem begendirip
goýberäýse-ne, Ejegül jan!
Ejegül ýylgyrýar-da, gapa tarap ýönelýär.
--Diňe meň ýylgyranymdan saňa peýda ýok-da.
--Seň çalaja ýylgyrmagyňam maňa birneme teselli berýä-dä, dogan…--Aýnaabat Aýläläniň suratyna seredýär.—Tä seni goparýançam geler duraryn…
62.
Duralgada garaşsa-da, Aýläläniň münmeli trolleýbusy mahaly bilen gelmeýär.
Gyzyň gaty gyssanýandygy kesesindenem aňdyrýar, zol-zol sagadyna
seredýär.Duralgada Aýläleden başga-da garaşýanam, sagadyna seredýänem bar.
Bir ýaşuly öz pikirini aýdýar. “Trolleýbusyň beýle gijä galýan wagty seýrek
bolýardy welin, ýolda bir ýerde sim üzülendir…”
63.
101
Ulaglaryň duralgasyndan bäş-on ädim öňe ýöräp, uly köçäniň gyrasyna ýeten
Aýläle geçip gidýän ýeňil maşynlara el galdyrýar, arasynda käte ýene sagadyna
seredýär.
64-a
Köneräk “Žiguliniň” rulunda oturan Berkeli köçäniň beýleki tarapyndan
gelýärkä, ulag saklamak üçin el galdyrýan gyzyň Aýjäledigini tanaýar. “Şol gyz!
Hökman şol bolmaly!” Berkeli Aýläläniň deňinden esli geçensoň, köçe düzgünini
bözup, aýlanmasyz ýerden awariýa howpuny döredip ýoluň Aýläläniň duran
tarapyna geçýär. Emma Berekeli Aýläläniň ýanyna ýetmänkä, gyz gelip saklanan
ýeňil ulaga münüp ugraýar. Berkeli gyzy alyp giden maşynyň yzyndan kowmakçy
bolup, ulagyň tizligini artdyrýar. Emma edil şol magal, asmandan inen ýaly bolup,
ýolpolis peýda bolýar. Onuň ala taýagy Berkelä saklanmagy yşarat edýär, üstesinede ýolpolisiň jürlewgi çirkin jürleýär.Berkeli hyrçyny dişläp, başyny ýaýkaýar:
“Bolmajak bolsa, bolaýmaly zadam bolmaz ekeni”.
Ýolpolis gelip, düzgüne görä hereket edýär—bir aýagyny ýere urup çest berýär.
--Ýol hopsuzlygy gullugunuň kapitany Hojamuhammedow. Siz yza aýlanmaga
rugsat berýän görkezijiniň ýok ýerinen, basylmasyz gyzyl “çyzygy” basyp öwrüm
etmek bilen köçe düzgünini gödek bozduňyz. Dokumentleriňizi beriň!
--Men günämi boýun alýan. Ýöne men näme edenem bolsam, edil şu mahal
saklamasaňyz ömrüm ötýänçä size minnetdar bolup ýaşardym.
--Köçe düzgünini bozýanlardan henize çenli beýle gepi eşitmändim welin, näme
doktora gyssanýaňmy? Ýüz-gözüňem-ä näsag adam-a meňzänok…
--Dogrymy aýrtsam, gaty kän wagt bäri ýolda-yzda bolsa-da sataşmagynyň
arzuwynda gezen gyzym şu ýerde tötänden gabat geldi welin…
--Hut şöň üçinem köçe düzgünini bozduňmy?
--Wah, siz gabat gelmedik bolsaňyz men oň bilen duşuşardym welin, siz meni
güýmeýänçäňiz ol başga bir ýol maşyna mündi-de gidiberdi.—Berekeli gyzyň
münüp giden maşynynyň yzyndan seredýär.—Ol eýýäm göze çala görünýär.-Häzirem saklamasaňyz…
Berkeliniň beren dokumentlerini görüp duran ýolpolis:
--Gyzyň münüp giden maşynynyň yzyndan kowmakçymyň?—diýýär.
--Dogrymy aýtsam, kowup ýetmekçi. Häzir meň üçin diňe minut däl, sekundam
gaty gymmatly.
--Bu köçede ýokary tizlik altmyş km. Eýýäm ara açan maşynam altmyşdan
barýan bolsa, sen nädip onuň yzyndan ýetjek?
Berkeli ýylgyrýar.
--Aşklyk köp zadyň, howply erbetligiňem üstünden eltip bilýär. Sen gaty
gyssanýan bolsaň, az salym garaş!
Berkeliniň dokumentlerini alan kapitan köçäniň beýleki tarapynda duran gulluk
maşynyna tarap gidýär.Ol maşyna girip bir zatlar ýazyşdyrýar.Berkeli biynjalyk
bolup garaşýar.
Ýolpolis howlukman ýöräp gelýär-de, Berkelä dokumentlerini gaýtaryp berýär.
--Jerimäni tölenmeli ýerine tölärsiň. Gidiber, ýaş ýigit!
--Aý, gardaş, indi gidemde-gitmämde-de parhy ýok. Ol maşyn gözden ýitdi…
Hakykaty aýtsam, rehimiň inip, ýagşylyk edäýermikäň öýdüpdim welin…
102
--Onsuzam men saňa uly ýagşylyk edendirin, ýaş ýigit. Belki-de men seni maşyn
kowalap baýarkaň döräýmegi ahmal betbagtlykdan halas edendirin.
--Gözüm bar ahyryn... Belkem beýle howpdan sowlup geçjek bolardym.
--Bizem “Gelin bolmasagam, gädikden garap görüpdik”.Söýýän adam kör
bolýandyr, ýagşy ýigit. Işiň şowly bolsun!
Ýolpolis geçip barýan başga bir maşyna týagyny galdyrýar.
Maşynyň içinde keýpsiz halda oturan Berkeli duralga gelip saklanan
trolleýbusa seredýär. Onuň ýeňsesinde ullakan “18” ýazylgy. Berkeli uludan dem
alýar.
65.
Uly şäheriň esasy bazarlarynyň biriniň girelge-çykalgasynyň golaýynda, köçe
gyrasynda tötänden sataşan iki sany elli ýaş töweklerindäki aýal bir-birine gözleri
düşüp, birbada aňk bolup durýarlar. Soňra-da olar garsa gujaklaşýarlar,
tolgunmanyň döreden gözýaşlaryny süpürýärler. Diňe şondan soň saglyk-amanlyk
soraşmak sowal-jogabyna geçilýär. Golaýdan geçip barýanlar iki aýalyň biri-birine
beýle alçaklyk edişlerine geň galyp seredişip geçýärler.
Aýallaryň biri-- Aýläläniň ejesi Ejegül, beýlekisi --Berekeliniň ejesi Aýjan
bolmaly.
--Käte seni ýatlaýan-da, hasaplaýan. Ikimiz göni on bäş ýyl bäri görşemizok.
--Alty ýyl goňşy oturup, alty ýyl bir ýerde bile işläp, çagalammyzy iki ýyl bir
baga gatnadyp, şäheriň başga- başga ýerinden täze jaýa göçüleni üçin on bäş
ýyllap görüşmedik diýseň, kim ynanar, Ejegül jan? Hiç kim ynanmaz.
--Ikimizden başga hiç kim ynanmaz…
Üsti uly-uly ýaşşiklerden münder edilen, aşagy goşa-goşa tigirden doly mähnet
maşyn iki aýalyň duran çatrygynyň ýanyndan aýlanjak bolanda, gabarasy örän uly
bolansoň, olaryň gaty golaýyndan geçmeli bolýar.Aýallar abanýan howpa ünsem
bermeýeýärler.Uly kabinada çaga ýaly bolup görünýän uly adam aýnadan boýnuny
çykarýar-da:
--Gybaty köçeden geçip edäýeniňizde lezzeti gaçýarmy?—diýip jabjynýar.—Iň
ýigrenýänim ýol üstünde durup gybat edýän garry heleýler welin, olaram haýsy
çatryga barsam, maňlaýyma ýazylan ýaly öňümde durlar.
Öz günälerini boýun alansoňlar, ýakymsyz sözleri gülki bilen garşylan iki aýal
gürrüňiň arasyny bölüp, ýanýolça geçmeli bolýar.
--Ana, garry heleýem bolduk, dogan—diýip, Ejegül ýylgyrýar.
--Bolmanda-da elli ýaşaňsoň, agzy ýaşmakly gelin boljakmydyň? Tüweleme,
çagalammyz uly adam bolup ýör.
--Läle jan-a uly guz bolandyr? Şo kiçijikkä görşüm-dä. Häzir öňümden çyksada, özi kimdigini aýdaýmasa, tanamaýanam.
--Hawa, institutda okaýr—diýip, gyzyndan göwni hoş Ejegül tekepbirlik bilen
jogap gaýtarýar.—Ökdeje doktor bolup ýetişer diýýäler. Dişiň agyrmasyn, agyrsa
baryber.Eýýäm praktika geçip ýör.
--Entek arkasyny-ha ýapan dälsiň?
--Ýok. Häzirlikç-ä öz dulumda.
103
--Gyzyň durmuşa çykmadyk bolsa, seň gapyňdanm näsaglap barman, garyndaş
bolmaga baraýmaly-da onda?
--Nesibe işidir!—diýip, Ejegül ýylgyrýar, birdenem geňirgenýär—Wiý, sen
henizem ogluňy öýereňokmy?! Men-ä seni telim agtygyň enesi bolansyň öýdüp
ýördüm. Berkeli meň Lälämdenem üç ýaş uly bolmalydyr-a.
Aýjanyň ýüzi agraslanýar.
--“Henizem” diý-de, goýaý sen, dogan. Ilki-hä, instituta gireýin diýdi, indem
instituty gutaraýyn diýýä. Tomus yssymyş, gyş sowukmyş. Garaz sapalak atmaga
bahana tapylyp dur. Şeýdip meni hantama edip ýör. Ýogsam men öňräk gelin
edinmekçidim welin…
--Hawa-da, aý-günem geçýändiginem duýdurman geçip dur.
--Menem oňa şony aýdýan-da. Şol meselede günde-günaşa diýen ýaly aramyzda
çaknyşyk bolýar.Kakasam maňa igenýär. Özi rugsat bermese, menem guda bolaly
diýip, iliň gapysyny açyp bilemok.
--Kakasy öňki işindemi?
--Hawa, şol gaz-nebit bilen.
--Birki ýyllykda telewizorda Ataga meňzeş birini gördüm-de, şoldur öýtdüm.
--Ahmal. Gazçylary ýygy-ýygydan telewozorda görkezýäler..
66.
Berkeli bu gün praktika geçýän ýerine öňküsinden birneme irräk ugraýar.
--Näme, maşynsyz gitjekmi?—diýip, Aýjan diwardaky sagada seredýär.
--Bu gün hemmämizem edara irräk barmaly bolýas.
67.
Berkeliniň maşyny öňki gezek Aýläläni alyp giden ýeriniň golaýyna, awtobus
duralgasyna ýetmänräk saklanýar. Ol maşynyň içinde oturup, duralga gelýänleri
synlaýar.
Esli garaşylansoň, ýeňsesine “18” ýazylan täze çykan uzyn trolleýbus
Berkeliniň maşynynyň gapdalyndan wazlap geçip gidýär.Trolleýbus duralga
ýetende, Berkeli aňyrdan haýdap çykan Aýläläni görüp galýar.Uzyn trolleýbus
ony Berkelä ýetirmän, alyp gidýär.”Köçesiniň gutaran ýerinde öňünden
çykmalymy? A, birden başga alada bilen ýolda düşüp galsa…”
Berkeliniň maşyny trolleýbus dursa durup, ýörese ýöräp, onuň yzy bilen
gidýär.Berekeli trolleýbus her gezek duralgada saklananda düşýänleri gözden
geçirýär. Birdenem, orta ýola ýetilende, ýaňy bat alyp ugran torolleýbusyň iki
şahynyň biri ýokarky siminden sypýar. Ol ýöne bir simden sypmagam däldi-de,
şahyň bir ýeri döwlen ýaly şatyrdy hem asfaltyň ýüzünde bir bölejik demirem
peýda bolýar, birbada daş-töwerege penje-penje ot uçgünlary syçraýar. Elbetde,
sürüji ulagyň mundan aňry gidip bilmejegini aýdandyr-da, trolleýbusyň giňden
açylan gapylaryndan ýolagçylaryň hemmesi daş çykyp başlaýarlar.Kim
golaýdaky duralga tarap ýöreýär, kim köçä çykyp, ýüzugra gidýän ulag tutmak
bilen bolýar.
68.
104
Trollleýbusdan düşen Aýläle öňdäki duralga tarap ýönelýär. Berkeliniň maşyny
Aýläle bilen öňki duşuşykdaky etmeli bolan hereketi gaýtalaýar. Emma maşyn
deňine baryp saklansa-da, oňa tarap ýüzünem öwürmedik gyz, ýoluny dowam
edýär.Bu gezek tizligini birneme ýokarlandyran maşyn gyzyň birki ädim deňinden
geçip saklanýar.Sürüji maşyndan çykýar.Ony görüp ädim ätmesini goýan gyz,
ýakyn tanşyna sataşan ýaly mylaýym ýylgyrýar.
--Salam, arça ekýän gyz!
--Salam, arça eken gyza kömekleşen oglan.
--Ikimiziňem ýadymyz erbet däl.
--Bagban guyzyň ady näme?
--Aýläle.
--Menem Berkeli… Maşyna münseň-ä barjak ýeriňe elteýin.
Aýläle maşynyň yzky oturgyjynda ornaşýar.Ýigit bilen gyz şondan soň bir-birini
öňdäki aýna arkaly görüp gepleşýär. Gepleşik oýun-degişme ýaly bolup geçýär.
AÝLÄLE. Trolleýbusyň siminiň sypjakdygyny öňünden bilipmidiň?
BERKELI. Ony öňünden bilmändim-de, şeýle bolmagyny öňünden diläpdim,
isläpdim.
--Diýmek, maňa ýamanlyk isläpsiň-dä? Adamyň adama ýamanlyk islemegem
durmuşda bolman duran zat däl.
--Ýok, bu gezek ýalňyşýaň. Men saňa ýamanlyk islemändim-de, özüme
ýagşylyk isläpdim.
--Birine ýamanlyk etmekdenem özüňe ýagşylyk gazanyp bolýarmyka?
Bolýanam bolsa, şol gowy däl.
--Meňki ýamanlyk islemek däl-de, tötänden bolan ýagdaýdan özüň üçin bähbitli
netije çykarmak.
--Onda gowulyga garaşmak üçin erbetlige sataşmalymy?
-- Ýene düşnüksizlik döredi. Men “Gowulyksyz erbetlik bolmaýar” diýen
gadymdan gelýän nakyla indi hasam ynanýan.Trolleýbusyň simi sypmadyk bolsa,
saňa sataşmazdym.Erbetlik gowluk getirdi.
--Biziňki indi öňki aýdylanyň gaýtalanmagyna barýar.
--Beýle bolsa, gürrüň şu ýere ýetende, filosofik çekişmämizde arakesme yglan
edeli.
--Men garşy däl.
--Gepleýşiňden çak etseň-ä dilçi bolmaly.
--Ýalňyşdyň—diýip Aýläle ýylgyrýar.—Dilçi däl, dişçi. “Diş bejeriş
merkezinde” praktika geçýän
--Menem praktikada. Ýöne suw ugundan.
“Diş bejeriş merkezine” ýetilensoň, Aýlälänň yşaraty bilen maşyn saklanýar. Ol
maşyndan düşjek bolanda, Berekeli:
--Telefonuň nomerini berip biljekmi?—diýýär.
--Indiki gezek.
--“Öňüm gelenden soňum gelsinmi?”-diýip, Berkeli ýaňsylaýar.
Aýläle ýylgyrýar-da, bir elini galdyyp, Berkeli bilen hoşlaşýar, birdenem yzyna
aýlanýar.--66-dan 41-23-44.
105
Berkeli aýdylan sanlary özüniň ýan telefonuna geçirýär. Gyz Berkeli bilen
gaýtadan hoşlaşyp poliklinikäniň gapysyna tarap ýönelýär.Berkeli esli salym
gyzyň giden ugruna seredip oturýar.
69.
Hajy täzeje “Toýotanyň” rulunda.Ýanynda Yklym bar.Olar maşyn münip, keýpine
şähere aýlanýarlar.
--Seň-ä kakaň maşyn alyp berjek diýen gepinde duraýdaýt! Ol mert adam eken.
--Sen diňe kakamy öwüp oturma-da, onuň ogluna-da “ mert” diý ahyryn. Menem
beren gepimde duranym üçin kakamam aýdanyny etmeli boldy.
--Olam dogry. Senem mekdebi aýratyn bellik bilen gutardyň.
--Şonuň üçinem kakamda sapalak atar ýaly çykalga galmady. Mejbur boldy.
Ýöne onuň gepinde durmagynda ejemiňem oýnan roly gaty uly boldy.Ýogsam
kakamda hilegärlik etmek pikiem ýok däldi.
Gapdaldan çykan maşyn, köçe düzgünini mazaly bozup, Hajynyň öňüne
sowulýar.Hajynyň maşyny jygyldap tormozlanýar.
--Görýäňmi?—diýip, Hajy başyny ýaýkaýar.
-- Wagtynda tormoz beräýdiň. Ýogsam-a…
--Maşynama-a edinsek edindik welin, dostum, indi Aşgabatda ulag sürmegem
ýeňil-ýelpaý iş däl. Maşyn gün-günden köpelýär.Özüň ägä bolanyň bilenem…
--Dogry aýdýaň. Ýaňky ýagdaýda-da sen günäkär däl ahyryn.
--Iki taraplaýynam hüşgär bolmaly…Heý, boksýory görýäňmi, Yklym?
--Şu çaklarda ýolda-yzda-da şoňa gabat gelemok. Men-ä Aýlälänem mekdebi
gutaralymyz bäri ýekeje gezek köçede gördüm. Sen-ä ýygy-ýygydan görüşýänsiňle? Roman dowam edýär dälmi?
--Romany ýeke özüm dowam edýän.Gahrymanymdan hereket ýok.Şonuň
üçinem ol ýazylsa-da, gyzyksyz ýazylýar.Ahyram netijesiz bolaýmasa.
--Ruhdan düşme, Hajy. Meň kakam käte “Towşany araba bilen kowalap tutmaly”
diýen nakyly getirmegi gowy görýär.
--O nakyly men goldamaýaryn.Çöp-çalama, çarkandaklyga urup giden towşany
araba bilen kowalap tutup bolmaz. Gaýtam, arabaň tigrini döwersiň. Sen arabaňy
tigirleýänçäň, aňyrdanam motor münen bir awçy çykaýsa, ol arabalydan öňürder.
--Nakyl göçme manyda aýdylýar-da. Howlukman hereket edibermeli diýldigi
bolýa-da.
--Wagtyragynda netije bermese, hereket etmegem irizýär, Yklym.
--Olam dogry.Ýöne umytsyz ýaşamaly dälmiş.
--Umytly ýaşanyňda-da, umydyň netije bermän ýörse nätmeli?
Maşyn uly köçeden sowlup, kiçi köçä düşýär-de, bir jaýyň deňinde saklanýar.
--Öýüňe geldiň, gadyrdan!—diýip, Hajy ulagdan düşüp ugran Yklyma
ýüzlenýär.—Ynjytmanjyk getirdim dälmi?
--Getireniň üçin sag bol!
--Senem sag bol welin, bu zamanda-da maşynlaryň benzin bilen
ýöreýändiklerini sen bileňokmy?
--Bilýän. Bilemde näme?
106
--Bilýän bolsaň, töle-dä—diýip, Hajy elini serýär.
Jübüsinden çykaran puluny Haja uzadan Yklym, birdenem elini yza çekýär.
--Näme boldy?—diýip Hajy soraýar.
--Men häzir saňa pul bersem¸sen ony ýitirersiň. Gowsy, men muny agşam
öýňüze eltip gaýdaýaýyn.
--Bir—nol!—diýip, Hajy ýylgypyp, el çarpýar.
Iki dost ellerini galdyrşyp hoşlaşýarlar.
70.
Ejegüliň ýany myhmanly. Myhman –Aýnabat hem onuň adamsy Batyr.Batyr
ýygyrlyp oturan ýywaş adam.Ol kim näme diýse, şony hem tassyklap, baş atyp
otyr.
--Ejegül jan, maksadymyň gaty çyndygyny tassyklamak üçin adamymam
ýanym bilen alyp geldim.
Batyr aýalynyň aýdanyny tassyklap baş atansoň:
--Gaty çynymyzdyr, Ejegül—diýýär.
--Hem tanşarsyňyz hem gürleşersiňiz. Adyna Batyr diýýälelr.
--Tanşarys, gürleşeris—diýip, Batyr baş atýar.
--Oba-hojalyk ministrliginde hasapçy bolup işleýär..Ulumsulygy, gedemligi ýok,
ýetimçilikden adam bolan özem.
--Halamaýanym ulumsy adamlar—diýip, Batyr baş atýar.
--Gaty gowy-da—diýip, Ejegülem aýdylany çalaja baş atmak bilen tassyklaýar.
--Şu gün, özi-de şenbe güni—diýip, Aýnabat gürrüňini dowam edýär.—“Şenbe –
şow” diýilýär.Belki biziňem işimiz şow bolsun-da!
Aýalynyň aýdanyny öňki hereketeleri bilen goldan Batyr bu gezek söz
nobatyny hem alýar.
--Ejegül, biziňem Hajy ýeke oglumyz bolansoň, gözümiziň ýetip duran ýeri
diýip, siz bilen garyndaşlyk açjak bolýarys.
Bu gezek adamsynyň roluny aýaly oýnaýar. Batyra derek Aýnabat baş atýar-da,
aýdylany gaýtalaýar.
--Hawa, dogan, gözümiziň ýetipjik duran ýeri diýip gelýäs size. Seň çagaň
biziňem çagamyza öwrüläýse, biz ony iki tarap bolup söýeris. Maksadymyza
ýetsek, uly geplemäýin welin, elimiziň aýasynda saklarys, zada mätäç etmeris,
öýmüzde nämämiz bar bolsa özi eýelik eder.Biz ýöne daşyndan guwanar
ýöreris.Uly umyt bilem gapyňdan geldik…
Batyr baş atýar.
--Gyzyňy elimiziň aýasynda saklarys, Ejegül.
Ejegül kynlyk bilen, ýaýdanybrak gepleýär.
--Gelenňiz gowy zat.Gapymdan siz ýaly adamlar gelse, menem ýaman göremok.
Men siziň aýdýan sözüňize-de ynanýan, özüňize-de ynanýan.Ýöne…
--“Ýöne” diýmese-ne, Ejegül jan, “bolýa” diýsene!—diýip, Aýnabat söz
nobatyny alýar.—Razylaşsak, senem ynjalarsyň, bizem ynjalarys.
--Ol şeýle welin, Aýnabat, men öňki gezek aýdanlarymy gatalamaly bolýan.Diňe
meniň razylygym meseläni çözenok, dogan.Ynha, sizem ogluňyzyň aýdanyndan
çykyp bilmän meniň gapymdan gelýäňiz.Men ony aňýan. Şeýle dälmi?
107
--Onyň hakykat.
--Ol çyn—diýip, Batyr baş atýar.
--Meňem aýdýanym hakykat. Bu meselede menem gyzymyň aýdanyndan çykyp
bilmen.Üstesine-de, dört ýyl mundan ozal kakasam ýogalansoň, menem ýarym
göwün gyzymyň garşysyna gidesim gelenok.
--Sen gyzyňa gowulyk isleýäň-ä, Ejegül jan.Sen ol barada Aýläle jana çynyň
bilen düşündir.
--Asylly maşgala enesiniň öz gyzyna ýamanlyk etmejegine akyl ýtirer-ä—diýip,
Batyr ýene baş atýar.
-- Hemme aýdýanlaňňyzam dogry. Ýöne men sizi umydygär edip ugradyp
biljek däl.Şu günde-ertede men gyzym bilen gutarnykly gürüň edeýin—diýip,
Ejegül ellerini owkalaşdyrýar.—Men häzirlikçe size şondan başga söz berip
bilmerin, doganlar.
--Gaýrat et, Ejegül jan,
--Gaýrat et, dogan!
--Men gaýrat ederin welin, sizem maňa dogry düşüniň.
--Sen gaýat etseň, hemme zat güläle-güllik bolar, Egegül jan
Batyr bu gezek has çyny bilen baş atýar.
--Aýnabat dogry aýdýar, Ejegül. Sen ene ahyryn!
Aýläle gapydan girende, myhman aýal ýylgyrjaklap ýerinden turýar.Batyr hem
hähili hereket etjegini bilmeýän ýaly söm bolup dur.
--Geldiňmi, Aýlele jan?—diýip, Aýnabat gyzyň ejesinden öňürti gepleýär.—
Häliden bäri çep gaşym çekip durdy welin…
Aýläle myhmanlar bilen baş atyp salamlaşýar.
--Aýläle jan, tanyş bol!—diýip Ejegül gyzyna ýüzlenýär.—Myhmanlammyzyň
biri-hä Aýnabat daýza, birem onuň adamsy—Batyr daýy.Seň klasdaşyň Hajyň
ejesi bilen kakasy. Biz bilen garyndaşlyk açmaga gelipdirler. Ol barada men saňa
ozalam aýdypdym..Gürleşeliň, gepleşeliň, bularam ýöne hantama edip gatnadyp
ýörmän şu gün bellisini edeliň, gyzym. Ýogsam, gelýänleň öňünde menem özümi
bir hili duýýan.
---Aýläle jan, geldiňmi, bagtym? Saňa öz öýňüzde sataşmagam nesibämde bar
eken—diýip, Aýnabat alçaksyraýar.
“Men näme üçin seň bagtyňmyşym? Bagtly boluň, ýöne meň bilen bile däl,
aýratynlykda” diýip sessiz jogap gaýtaran Aýläle içki otaga girip gidýär.
Aýnabat bilen adamsy öý eýesine hantamaçylykly hem mähirli nazar bilen
garaýarlar. Aýnabat ýylgyrýar.
--Özüňem gaýrat edewerin, dogan!
--Şeýdeweri, Ejegül!—diýip, Aýnabadyň adamsy hem baş atýar.
--Men gaýrat ederin welin, şü zamanaň çagalarydyr-da. Bular öz pikirleri bilen
ýaşaýamyşlar…
--Oglumyz Hajy janam Aýläle diýip hoz-hozanak bolup ýör.Başga ýere
gudaçylyga gitmäge-de rugsat berenok.
--Meň ýaňky aýdýanym-da, dogan.
Aýläle içki jaýdan çykýar.
108
-- Aýläle jan, Indi biz Aýnabat daýzaň bilen Batyr daýyňa näme jogap
bermeli?
--Men bulara ýene dört-bäş ýyllap durmuşa çykmak meýlimiň ýokdugynyň
habaryny ýetiripdim, eje. Bir jogaby telim ýerde, telim gezek gaýtalanyň üçin
manysy üýtgänok.—Myhmana ýüzlenýär.—Aýnabat daýza, sizem rentgene salyp,
meniň içimi görjek bolup durmaň-da, dil bilen aýdylanyny kabul edäýiň. Men Hajy
bilen on ýil bile okadym.Men ony sylaýan, hormat goýýan, akyl-paýhasyna
guwanýan. Synpymyzda şondan edepli, şondan ýiti oglanam ýokdy.
--Ana, ana!—diýip, Aýnabat begenýär.
--Dogry! Dogry!—diýip, Batyram begenýär.
--Ýöne men Hajyny hut süýtdeş doganym ýaly gowy görýän.Men ony özüme
dogan hasapalaýan. Biz ömrümiz ötýänçä-de Hajy bilenem, siz bilenem
gatnaşarys.Ýöne men size gelin bolup bilmen. Sebäbi musulmançylykda-da,
hiristýançylykda-da, hiç bir dinde, hiç bir milletde-de dogandan dogana nika
düşmeýär.Ony siziň özüňizem bilýnsiňiz…
Aýnabat bilen adamsy bir-birlerine seredişýärler.
Aýläle beýleki jaýa girýär-de, gapyny hem içinden mäkäm ýapýar.
Aýnabat ýapylan gapa tarap garaýär.
--Garyndaşlyk açmak islän öýümiziň gapysy hem şol gapynyň ýapylyşy ýaly
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ogul - 10
  • Parts
  • Ogul - 01
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1999
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 02
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2093
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2098
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 04
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 2140
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 05
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2158
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 06
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 2100
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 07
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2086
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 08
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2092
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 09
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2136
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 10
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2114
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 11
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 12
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2203
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 13
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2225
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 14
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2230
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 15
    Total number of words is 2778
    Total number of unique words is 1701
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.