Latin

Ogul - 03

Total number of words is 3803
Total number of unique words is 2098
30.0 of words are in the 2000 most common words
41.6 of words are in the 5000 most common words
48.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
--Bu pahyram şol possun üçin jibrinýär.
--O nä possun?
--Wiý, sen nä ol possun hakda eşitmediňemmi? Eý, Hudaý! Öten agşamdan bäri
possunyň dabarasy dag aşyp, owazasy dünýä ýaýrady. Obada ýondan gaýry gürrüň
ýok ahyryn. Düýn dükanymyza bir aýal possuny gelipdir welin, oň bahasam
ýigrimi müň manatmyş!
--Köne puldanmy?
--Ýok, täzeden.
27
--Bir possunyňam onça bahasy bolarmy, gyz?!—diýip, geň galan aýal elini
agzyna ýetirýär.—Şonça pul döküp bir possun aljak adam tapylarmyka?
--Çopan pahyram şony aýdyp janygýar-da. “Ol possuny şonça baga berip aljak
aýalam akmakdyr” diýýä.
Gürrüňiň näme barada gidýändigi düşündirilen aýal çopana tarap seredýär-de,
tassyklaýyjy baş atýar.
Özi bilen pikirdeş adam tapylanyna begenen çopan hoşamaý ýylgyrýar hem
ýene-de bir topar hereket edýär: bilindäki pyçaga ümleýär, şol pyçak blen kimdir
biriniň damagyny çaljakdygyny görkezip, bokurdagyna elini ýetirýär.
--O ýened-ä bir zatlar diýýä, gyz…
--Ol aýdýa, eger meň aýalym şol possuny alyp öýe getirmek däl, almaga hyýal
edäýse-de, blimdäki pyçak bilen damagyny çalaryn diýýä.
--Ýok-la, gyz, biziň Gojuk obamyzda-ha ýigrimi müň manat berip bir possun
aljak aýal tapylmaz.
--Ol possuny aýalyna alyp berjek erkegem tapylmaz.
Aýallaram, çopanam hyrçlaryny dişleşip, baş ýaýkaşýarlar.
Köçede
Göni köçe bilen otuz bäş- kyrk ýaşlaryndky bir zenan sygryny öňüne salyp,
ony sürä goşmaga alyp barýar.Ol görmegeý zenan Arzygül –Arzy- Arzy ýeňňe—
biziň komediýamyzyň baş gahrymany, obanyň balalar bagynyň aşpezi, başy boş
birki ýyllykda adamsyndan aýrylyşan. Arzygül öz tamynyň köçe tarapynda bir
zada güýmenip duran Arabaçy aga gözi düşenden dünýäni unudýar.
--Dükana üýtgeşik bir possun gelendigini eşitdiňmi sen, Arabaçy?
-- Possunly habardan öňürti taňry salamyny bermeli bolar-a, Arzygül?
--O possunyň bahasynyň näçedigini eşiden adam salam-heligi şol dem
ýadyndan çykarýa, Arabaçy. O bahany eşitseň, senem üç günläp hiç kimiň
salamynam almarsyň, hiç kime salamam bermersiň.
--Beýle bolar ýaly o possunyň bahasy näçe manatmyş?
--Tegelek ýigrimi müňmüş.
--Köne puldanmy?
--Täzeden.
--Düýnden bäri men şo possun barada müň adamdan müň bir gezek eşitdiim.
Biziň öýmüzde-de şol possundan başga gürrüň etmek gadagan ýaly. Ine, men şu
mahalam şol possunly gürrüňden gulagym biraz dynç alsyn diýip daş çykypdym.
Köçä çyksamam ýene şol gürrüň.
Arzy ýeňňäniň sygry gollay köçä golaý ýere-de uzap giden kädi biýaranyň
ýapraklaryny iýmäge başlaýar.
--Aý-u, Arzygül, Hudýym şol possun seň başyňa ýetsin, sygryňa seret ahyryn!—
diýip, gapdaldaky öýden aýal sesi gelýär.
Arsy ýeňňe sygryny kädi biýarasyndan kowýar.
--Dogrudanam, bir possun diýip biz dünýäni unudyp barýarys!
--Elbetde unudarsyň! Eýsem bir possunyň bahasy şonça bolarmy? Megerem ol
üýtgeşik bir haýwanyň derisi bolmalydyr.
28
--Ol dogrudanam şeýledir, Arabaçy! Oten agşam şony öz gözüm bilen bir
göreýin diýip dükana iki gezek bardym…
Gygyr ýene kädi biýara hüjüm edýär.Arzy ýeňňe ýene ony kowýar.
--Possun görjek bolup wagt ýitireniňden sygryňý otdan doýurmaly ekeniňd-ä.
--Ol possunyň bahasyna bäş sany sygyr alyp bolýar, Arabaçy…
Arzy ýeňňäniň öýünde
Arzy ýeňňe şifonerini açyp, esli salym içindäki eşikleri synlap durýar. Soňra
indi könelşen paltony çykaryp, öňünden-yzyndan synlaýar. “Bu-da öz wagtynda ak
bazarda tapylmaýan gymmatbaha paltody. Indi mumy geýip daş çyksaň…” Soňra
paltony ýerinde goýup, şifonýeriň agzyny ýapan Arzy esli salym oýlanyp durýarda, jaýyň daşky gapysyny ýapyp, ata-babadan galan haşamly sandygy açýar.Ol
ykjamlanyp oturýar-da, sandykdan çykaran düwünçeklerini çözüp, pul sanamaga
başlaýar.Pul sanap bolandan soň ýene şifoneri açýar, köne paltony synlaýar.”Iň
bolman-da hiç kimde ýok palto geýip, ilden-ä tapawutlanarsyň-da. Bu dünýäde
başga näme gerek! Görüp aýallary geplemez ýaly edäýsemmikäm?”
Dükanda
Oba dükany.Arabaçy aga, Wekil, onuň aýaly Annajemal, Arzy ýeňňe, oba
okalgasynyň nüdiri Ýagşylyk dagy bar. Adamlar öz gerek-ýaragyny satyn alýarlar.
Söwda etmän, ýöne harytlara biparh garap duranlaram bar. Dükanyň iň görnükli
ýerinde oba adamlaynyň dilinden düşmeýän, edil janly aýy ýaly bolup görünýän
şol possun asylgy dur.Possun dükandaky arzan-u—gymmat harytlaryň
hemmesinden tapawutlanyp göze ilýär. Dükana gelen adamlaryň hemmesiniň ol
possuna aýratyn üns berýändigi hem düşnükli zat. Satyjy Şükür ozal asmagy
ýadyndan çykaransoň, aňyrdan alyp gelen bir garyş ýaly gaty kagyzyny possunyň
ýakasyndan asýar. Gaty kagyzyň ýüzüne ullakan edilip “20.000” diýlen san
ýazlypdyr.
WEKIL Ana, saňa gerek bolsa, ap-arzanja possun! Puluny töle-de, hezil ediniup
geýiber!
ARABAÇY. Söwda işgäleri bizi derňäp görjek bolýarmykalar ýa-da bu ýerde
başga bir gep barmyka?
WEKIL. Sen näme diýjek bolýaň, Arabaçy aga?
ARABAÇY. Diýjek bolýanym düşnüki ahyryn. Heý, onça pul beribem bir possun
alyp bolarmy?
WEKIL. Aýalyny sylaýan adam beterem alar. Aýala ýaranjak bolup, aýalyň
göwnünden turmak üçin nämeler edilmeýär. Aýal göwni diýip, her tarapyndan
müňlerçe adam gyrylýan uruşam turzulýar. Senem ýaş ýigit bolup görensiň-ä?
ARABAÇY. Biz ýaş ýigit döwrümizde beýle nysaklar ýokdy, inim. Egnimiz
açylyp durmasa, garnymyz doýsa oňňut eder ýörerdik. Indi döwrem üýtgedi,
senedem.
ANNAJEMAL. Döwrem üýtgändir, senedem.Ýöne akly ýerindäki erkek ýigrimi
müň manat seçip, aýalyna possun alyp bermez. Akly ýerindäki däl erkek ony
29
alaýanda-da akly ýerindäki aýaly beýle possuny geýmez. Geýäýse-de possunyň her
tüýi endamyna çümer durar. Bu possunyň bahasyna men diýen alty sany süýtli
sygyr bolýar ahyryn.
ARABAÇY. Menem şony diýjek bolýan-da.
WEKIL. Diýseňizem… On ýyl mundan ozal şu possun dükana gelen bolsa, men
muny Annajemala sowgat ederdim.
ANNAJEMAL. Sokul-da dursa-na, kakasy. Beýle puldar bolsaň, ogluňy öýerip uly
toý et-de, ili agzyňa aňkart. Maňa possundan şol zerur.
ARABAÇY. Ikiňiz dawaňyzy goýaýyň, bu possuny hiç kimem almaz. Dükanda
gum basyp ýatany galar.
ARZYGÜL. Döwlet şonça bahaly possun çykaran bolsa, alyjy tapyljagyna-da
ynanýandyr-da.Ýogsam-a dükandan çykman ýatjak haryt öndürilmäýjek ýaly.
ARABAÇY. Senem biziň döwletimiziň bir raýaty, Arzygül. Eýsem seň özüň bir
possuna şonça baha berermüň?
SATYJY. Özüni sylaýan, medeniýete düşünýän aýal bu possun üçin pul
gaýgyrmaz.
ARABAÇY ( satjja ynamsyzlyk bilen elini silkip, okalga müdirine ýüzlenýär.)
Inim, Ýagşylyk, sen okalga müdiri bolanyň üçin, ertirden agşama çenli kitap okap
oturmakdan gaýry pişäň ýok. Şonuň üçinem sen biziň obamyzyň iň bilimli adamy
hasap edilýärsiň. ( Ýagşylyk tekepbirlik bilen baş atansoň) Sen dogryňdan gel,
inim. Men ýaly çala sowatlynyň gözüni aç. Bir possunyň bahasy ýigrimi müň
manat bolup bilermi? O possunyň ýakasyna-ýanyna altyn suwy berilmäni hem
görnüp duran hakykat.
SATYJY. Eýýäm maňa müňkür bolýalar. Söwda işgäriniňki mydama şeýledir!
ARABAÇY. Ýok-la. Men saňa müňkürlik edemok-da, hakykaty biljek bolýan.
(Ýagşylyk ýylgyransoň). Nämä ýylgyrdyň, inim? Ýa senem biziň üstümizden
güljek bolýaňmy? Ýigrimi müň manat gaty kän zat bolýar-a. Özem biziň täze
pulumyzdan!
ÝAGŞYLYK. Aý, şü biziň obamyzyň adamlarynyň sadadanam sadadygyna
ýylgyrýan, Arabaçy aga. Ýigrimi müň manadyň nämejik. Kyrk müň manatlygam
possun bar.(Arabaçy aga ýylgyransoň). A sen hämä ýylgyrýaň? Ýa-da meniň
aýdanyma ynanmazçylyk etjek bolýaňmy?
ARABAÇY. Ynanmazçylyg-a edemok welin, biziň obamyzyň adamlarynyň gaty
sadadyklary üçin ýylgyrýan. Ýigrimi müňüň nämejik? Elli müň manatlyk
possunlaram bar. Ynanýaňmy?
ARABAÇY. Aýdýanyňa ynansamam, ynanasym-a gelenok, inim. Sebäbi egniňe
elli müň manatlyk possun geýip daş çyksaňam gapdalyň janpenaly çykmaly
bolaýmasaň.
ÝAGŞYLYK. Ol maňa degişli sowal däl.
ARBAÇY. Saňa degişli sowalymam bar. Şu obada şu possuna hyrydar tapylarmy?
ÝAGŞYLYK. Tapylar, Arabaçy aga, hökman tapylar.
ARABAÇY. Men tapylmaz diýýän. Kimiň mamladygyny, ynha, wagt görkezer.
Ýene üç ýyldan gelseňem, possun şu duran ýerinde durandyr. Ýöne çaň basyp, bir
az reňki üýtgär diýäýmeseň.
30
ÝAGŞYLYK. Özüni sylaýan aýal, medeniýeti, düşünjesi belent aýal, özüniň
beýleki aýallardan birneme ýokarrakdadygyny bilýän aýal bu possuny alyp biler.
Alyp biler däl, hökman alar.Ýöne medeniýeti pes aýallar bu possuny alan aýalyň
eden hereketiniň manysyna düşünmezler, görüplik etmeklerem ahmal. Adam
psihologiýasy, onda-da aýal psihologiýasy şeýle, Arabaçy aga.
Ýagşylygyň aýdanlarynyň esasynda Arzy gyýal ýüwürdýär. Oba köçesi. Gar
küräp dur. Howa sowuk. Eginleri donlumy ýa-da ýuka paltoly aýallar tizräk öýe
ýetjek bolup digdirekleşip barýarlar. Arzy bolsa howlukman, tekepbirlik bilen
ädim urup barýar.Oňa sowuk täsir etmeýär.Sebäbi egninde ýigimi müň manatlyk
palto bar.Gabat gelen obadaş öňa tarap geň galyp, belkem hyrydar, belkem
görübilmezçilik bilen seredip galýar.
ARABAÇY. Psiholigiýa-msihologiýa diýip düşnüksiz gep tapmasa-na, Ýagşylyk.
ÝAGŞYLYK. Men saňa bar, hem bolup biljek hakykaty aýdýan, agam. Sen-a
sowal berdiň, menem jogap gaýtardym… Bu possun erkek adamyňky bolsa
alynman ýatar diýseň, men ynanardym. Erkekler bilen deňeşdireniňde aýallar
özlerine has belent sarpa göýýarlar. Aýallar öz aladasyny edgen bolýarlar. Şonuň
üçinem durmuşda aýalyň hormaty erkegiňkiden ýokarydyr.
Ýagşylygyň gürrüňini üns bilen diňläp duran Arzy aýdylanlary tassyklap baş
atýar.
ARABAÇY.Birneme pessaýlaweri, inim. Adam köp okadygyça bilmeýän zady
hem köpeläýýän ýaly. Sen erkek adamyň mazarda-da aýal maşgaladan bir depik
ýokarda goýulýandygyny ýadyňa sal.
ÝAGŞYLYK. Men ony bilýän. Ol Gündogarda, ýagny musulman halklarynda
şeýle.
ARABAÇY. Gündogarda-da, demirgazykda-da aýal aýallygyna galýandyr.
(Satyja.) Üçlük kaloş ýokmy, Şükür?
SATYJY. Dükana kaloş gelmeýänine ýarym ýyl boldy.
ÝAGŞYLYK. Kaloş ýok bolsa, Arabaçy aga ikimiz çekeleşigi ýolda dowam ederis
ARZYGÜL. (olar gidensoň). Kitaby köp okaýan adamyň gepi-gürrüňem başga-da.
SATYJY.Ýogsam näme! (Possunyň ýeňlerini düzedişdirýär).Ýagşylyk mydama-da
akylly gürrüň edýär…
Balalar bagynda
Iň soňky çaganyň tabagyna nahar guýansoň, Arzy ýeňňe oýa batýar. Gulagynda
Ýagşylygyň sözleri gaýtalanýar: “Bu possuny diňe özüni sylaýan, özüniň beýleki
aýallardan medeniýetlidigini bilýän aýal alyp biler!” Arzy ýeňňe “Tuwakbibi!”
diýip, işdeş ýoldaşyny çagyrýar. “Sörap göreýnin. Şol possun hakda munuň pikiri
nähilikä?”
--Näme hyzmat, Arzygül?
Arzygül oýlanýar: “Aýtmalymy, aýtmaly dälmi?”
--Kaşa iýjekmi?
Tuwakbibi onuň ýüzüne geň galyp seredýär.
--Şu mahala çenli heý, meň kaşa iýenimi görüpmidiň?
31
--Şu gün iýermikäň öýdüpdim.
--Ýok, ezizim, sen meni kaşa üçin-ä çagyrmaly däl. Kalbyňdaky alada kaşadan,
palawdan ýokarrakdaky mesele bolaýmasa… Ýa, birine aşyk bolduňmy? Ýakynda
toýa garaşmalymy?
--Kalbymda näme bolsa-da, toý tutmak ýaly erbetlik ýok, Tuwakbibi jan. Öň toý
tutup näme gördüm. Boýnumdan ilen duzakdan kazynyň güýji bilen zordan
dyndym. Gaýdyp men äre çykmak däl, äre çykmagyň pikirini etsemem baryp ýatan
samsyk aýal boldugymdyr…
--Ant içme. Pelek işini öňünden bilip bolmaz.
--Men şony öňünden bilýän.
Tuwakbibi Aýrzygülüň ýüzüne mekir ylgyryş bilen seredýär.
--Diýseňem, aňryňda bir galagoplug-a bar, Arzygül jan.Aýtmagam, aýtmazlygam
öz işiň.
--Ynanaý, kalbmda kaşa hödürlemekden başga hiç hili pikir ýok.
Tuwakbibi güdensoň Arzy ýeňňäniň gulagynda ýene şop Ýagşylygyň aýdanlary
ýaňlanýar.
Oba dükanynda
Dikanda satyjy Şüküriň täk özi. Ol işsizlikden ýaňa meýmiräp otyr. Arzygül
gelýär. Satyjy onuň bu mahal ýönelige gelen däldigini çaklaýar.Ol derew ýerinden
turup, possunyň ýeňlerini düzedişdirýär.
--Hoş gördük, Arzy ýeňňe. Geleniň gowy bolaýdy.Içimi hümledip otyrdym.
--Içiňi gysdyrmajak bolsaň, dükana täsinje-täsinje haryt getirerler.
-- Ýene alty günden meniň şu dükanda işleýänime göni ýedi ýyl dolýar. Şol
ýedi ýlyň içinde bular ýaly haryt birinji gezek geldi.Ýene ýedi ýyldanam
gelerinden gelmezi ýakyndyr. Myny, Arzy ýeňňe, alan adamam geýmezmikä
öýdýän.
--Geýmejek adam näme üçin alsyn? Aslynda muny bir adam geýmeli bolar
diýip tikendirler ahyryn?
--Ol şeýledir erlin,bu geýmäge dözer ýaly mal däld-ä. Duluňdan asyp, seredip
otursaňam tükeniksiz lezzet bolar. Guwandygyňça-da guwanasyň geler.Ýöne…
-- Halaýan ýokmyka?
--Arzy ýeňňe sen şu obaň iň medeniýetli zaenany hasaplanýaňam welin..
Hawa-da, käte akylly adamlaram akylsyz gep ataýýalar-da…
--Näme boldy?
Satyjy possuny eliniň aýasy bilen sypalap, başyny ýaýkaýar.
--Heý, bular ýaly maly hem halamaýan adam bolarmy? Muňa dil ýetirjek ýa
akmakdyr, ýa-da kördür… Göreniň gözi gidip agzy suwaryberýä welin..
--Onda näme?
--Birinjiden-ä, alym bolmasagam, hat okap bilýäs.Ynha, seret!—Possunyň
bahasyny barmak basyp görkezýär.—Ikinjidenem, puly baryň äri göwnänok, äri
göwnäniňem puly ýok. Iň esasam üçünji sebäp. Bu haryr medeniýeti ýokarrakdaky
zenanlaryň harydy. Dogrumy aýtsam, Arzy ýeňňe, şu harydyň uly manysyna
32
düşünäýjek şu obada iki sany aýal bar. Bir-ä sen, birem oba geňeşiniň başlygy
Hüsünjemal Allapenaýewna.
--Ol näme üçin muny alaýmaýaka?
--Özünden başga hyrydar tapylmaz öýdüp arkaýynlaşýan bolaýmasa. Ýörite iki
gezek gelip synlap gitdi.
--Seň öz aýalyňam şepagatuýa bolup işleýär. Özem aga-gara düşünýän, şular
ýaly harydyňam manysyny biläýjek medeniýetli maşgala…
--Seň näme diýjek bolýanyňa düşünýän, Arzy ýeňňe. Men “ Görüpleň gözi
çyksyn” diýäýjek welin, bizde bu possunyň bahasyna ýeter ýaly zerurymyzdan
artykmaç pul ýok. Karza girip haryt almagam…
Arzy ýeňňe satyjynyň “Görübiň gözi çyksyn” diýen sözlerini öz ýanyndan
gaýtalaýar.”Dogry aýdýaň. Ýene bir ýyldan elli ýaşyň onlugynyň gyrasyndan
girýäň, Arzygül. Häzir geýmeseň, haçan geýjek? Ýigrmi müň manat bahaly
possuny egniňe atyp bir gezek daşaryk çykmagam ýigrimi müň manada
degmeýämi! Üstesine, sende-de dostam bar, duşmaham..”
Lal sygyr çopan almaga gelen papirosyny kisesine salansoň, dabarasy dag aşan
possuny synlaýar-da, başdaky sygyr goşmaga gelen aýala “aýdanlaryny”
gaýtalaýar.Soňundanam “Aýallarda kelle ýok” diýip çykyp gidýär.
--Sygyr çopanyň näme diýip gidenine düşündiňmi, Şükür?
--Düşündim welin, durmuş diýilýäň çylşyrymly närse sygyr çopanlaryň
görkezen ýoly bilen däl-de, akademiklwriň görkezen ýoly bilen gitmeli. Onsoňam,
Arzy ýeňňe, possuny obadaşlaymdan kimdir biri aldy-almady meniň üçin atyň
gulagy ýaly dep -deň. Aýlyk planym dolmasa, muny bazara çykararyn welin, elli
ýerinden ýapyşyp alarlar.
Bir eli bilen çalarak bilini tutup, Arabaçy aga dükana girýär.
--Iki kile şeker çek, Şükür.
Satyjy şeker çekip durka:
--Biliň agyrjak bolýamy, Arabaçy aga?
--Hawa. Bilagyrym bildirjek bolýa welin, howa bulaşsa gerek. Indi howa-da
bulaşsa bulaşybermeli. Çak boldy.
--Güýz ýyly gelse, gyş gaýly gelermiş diýýäler, şol çynmy, Arabaçy aga.
--Şol hakykat, Şükür.
Arabaçy aga gidensoň, dükanyň telefony jyrlaýar.Satyjy gepleşýär.
--Hawa, bar… Iň gowusy… Ýekejesi galdy… Geliberiň!
--Possuny soraýalarmy?—diýip Arzygül gyzyklanýar.
--Ýok.Üç sany tikin maşyn bardy. Hiç kim almady. Ikisini başga ýerden gelip
aldylar. Ana, iň soňkusynam şäherden gelip aljaklar.
Arzy ýeňňe tekepbir gepleýär.
--Tikin maşyny şäherden gelip alýan bolsalar, possunam men alýan, Şükür.
Satyjynyň barmaklary jadyly ýaly çalt hereket bilen pul sanamaga başlaýar.
Köçede
Goltugy possunly Arzy ýeňňe uly köçe bilen öz öýüne tarap gidip barýar.Onuň
gulagyna dürli ses, dürli sözler eşidilip başlaýar. “Sen biziň obamyzyň iň
medeniýetli zenanydygyňy tekrarladyň!” , “Gutly bolsun!” , “Sen ahli aýallardan
33
zor çykdyň!”, “ Ärsiz bolsaňam, ärli aýallardan agramly bolduň!” Emma köçede
gabat gelenleriň hiç biri-de onuň goltugyndaky zada üns bermeýär.Kimdir biri
köne motosikli bilen tozan baryny asmana göterip, Arzy ýeňňäniň edil
gapdalyndan geçip gidýär.”Täze possunyň üstüni tozandan doldurdy, ýezit.
Hudaým, iki tigriňem birden ýarylsyn!”
Arzy ýeňňe possunyny tozandan gorap, köçäniň gyrasyna çekilýär.
Eli orakly gelýän Annajemal onuň öňünden çykýar.Ol salamlaşýar-da,
säginmän, başga sözem diýmän geçiberýär.Arzy ýeňňe ony saklamaga melbur
bolýar.
--Haçan görseň, nirädir bir ýere eňip barýansyň. Aýak çekip, arkaýyn salamhelik soraşjak gümanyň ýok.
--Wah, doganjyk, aýak çekmäge wagt tapmasam nädeýin. Iki sygyr, dört göle,
alty tokly… Hemmesiniňem agzy bar, hemmesem ot iýjek…
Arzy ýeňňe Annajemaly närazy nazar bilen ugradyp goýberýär.
--Ýeri, “Goltugyňdaky näme?” diýip soraýanyň-da gynanyp öläýerin öýtdüňmi?
Ýogsam näme alyp barýanymy çaklaýansyňam welin…
Arzy ýeňňäniň öýünde
Arzy ýeňňe ullakan aýnaly şifoneriň öňünde. Onuň egninde eýýäm täze
possunyň bardygyny aýdyp durmasagam düşnüklidir welin… Ol possunyň bolluk
bilen edilen ýakasyny agzyna ýetirýär, ysgap görýär, gözlerini süzüp, arzur kölüne
gark bolýar: Demirgazygyň aýazly gyşy.Asyl çapgyn şemalyň sowukdan ýasalan
ýakymsyz şuwwuldysam eşidilýär. Şemal aýaz bilen mäjum bolup tutuş dünýäni
doňdurýar. Sümme tokaýyň belent daragtlaram agaçdan däl, buzdan ýasalypdyr.
Hemme zat üşeýär.Emma biziň Arzy ýeňňemize welin aýazly çapgyn şemalam
täsir etmeýär. Ol üşemege derek, tersine, derleýär.Gözüni açyp sowuk tokaýdan
çykan Arzy ýeňňe aýna seredip duruşyna ýylgyrýar.
--Gutly bolsun, gyz! Hiç kimiň alyp bilmedik possunyny toýdan-toýa geýmek
nesip etsin! Ýaş wagtymda-ha bular ýaly zat ýetdirmedi. “Öňüm gelenden soňum
gelsin” Serpaýyň gutly bolsun, Arzygül!
Ol yssa ýakyn güýz howasynda derledip barýan possuny çykarmaga mejbur
bolýar.
--Possun-a tüýs possun eken. Edil tamdyra çoýlan ýaly ediberdi. Şu possun
egniňde bolsa, kyrk çilläniň aýazynyňam etjek alajy bolmaz. Muňa beren puluň
azdyr!
Possunyny şifonerden asan Arzy ýeňňe radiony açýar.
Diktoryň sesi: “Gadyrly radiodňleýjiler! Indi bolsa ertirki boljak howanyň
ýagdaýy bilen tanyşdyrýarys. Türkmenistanyň howa gullugynyň çaklamagyna
hem garaşmagyna görä, ertir biziň ýirdumyzyň hemme ýerinde ýuwaşdan arama
çenli şemally, açyk howa bolar. Otuz-otuz bäş derejede maýyllyk bolar dyýlip çak
edilýär…
Arzy ýeňňe radiony gahar bilen öçürýär.
--“Çak edlýär, garaşylýar” Garaşaňda näme? Sen nä Hudaýmy? Meýdandan akgök ýygnanasoň, dekabryň ortasyna ýetilensoň, näçe garaşsaňam yssy howa
bolmaz. Size men belet. Siziň açyk howa boljak diýen gepiňize ynanyp, keçe etjek
34
bolup ýören ýüňümi ýagyşyň aşagynda galyrmadymm?—Arzy ýeňňe şifoneri
açyp, possuny gaýtadan synlaýar, öňe süýşüp, yza çekilip, başyny ýaýkap edinen
harydyna guwanýar.—Possunly habar eýýem tutuş oba ýaýrandyr. Ynha, aýal bary
“Arzygül, sen-ä är işini bitirdiň, gyz. Gutly bolsun!” diýip geler. “Taňryýalkasyn!
Size-de nesip etsin!” diýip ýetişseň bolar. Beýle haryt olara-ha hesip edermietmezmi welin, diýilmeli gepi diýmeli bolar.
Daşarda
Şol başky oba görnüşi. Daşda-içde adamlar öz iş-aladasy bilen gümra.Howa
maýyl. Ozalam belent asman hasam aňryk süýşäýen ýaly öňküsindenem belent
bolup görünýär.Gözýetimde bir übtügem bulut ýok. Tebigatyň görnüşi gyşyň
golaýdygyny däl-de, güýzüň başky günlerini ýatladýar.
Arzy ýeňňäniň öýünde
Şifonerden çykarylan possun bu gezek diwanyň üstünde ýatyr.
--Üç gün geçdem welin, meni gitlamaga gelýn ýok-la? Muňa nähili düşünmeli?
Gowulyga guwanmagy adamlar ýatlaryndan çykaraýdylarmyka?
Açyk duran gapynyň bosagasynda Wekil uzynyň aýaly Annajemal görünýär.
--Arzygül, sen öýdemisiň?
--Öýdedirin, Annajemal, geliber! Caçakçy gyrýas diýip, balalar bagynam birki
günlük ýapdylar. Gel, geç, otur! Çaý goýaýyn.
--Geldim-ä welin, çaýlaşyp oturmaga wagtym ýok, dogan. Mallara tirt, ot
yaýynlamagam ertirden –agşama iş bolýar. Basym toý etmek meýlimiz bar. Mallgara-da şonda birneme azalar-da.
Arzy ýeňňe Annajemalyň possuny görmegini, agzyny açyp, haýran galmagyny
isleýär.Emma gelen aýal possuna tarap seretmeýärem.Arzy ýeňňe: “Görse-de,
görmediksirän bolýarmyka? Umuman, aýallar erkekler bilen deňeşdireniňde hasam
görip bolýar diýýärler weln, şol çyn bolsa gerek”
--“Işe gutarma ýok.” Beýdip dünýäni tutup bolmaz-a.
--Seňem aýdýanyň jany ýok däl, Arzygül. Aramyz uzak bolmasa-da, gep-gürrüň
alyşmaga wagt tapamyzok. Nähili, dogan, saglyk gowumy? Gaty görme, dogan.
Ýene bir aýdan dagy toýa çagyrmaga gelerin-dä.
--Oň bolsun! Meni ýadyňdan çykaraýmagyn.
--Ilden öňürti seni çagyraryn.Arkaýyn bol.
--Tamdyry otlamalydym welin, öýde kükürt gutaran eken.Ýogsam tutuş iki
manatlyk kükürt alanymam ýap-ýaňy ýalydy welin… Bir guty kükürt dilemäge
geldim.
Arzy ýeňňe beýleki otaga kükürt almaga geçýär. Ýol ýerde-de hüňürdeýär.
--Utanman, tutuş iki manatlyk kükürt alyp, dükany göçürip getirendirin ödýär.
Şol dükandan bir bada ýigrimi müň manatlyk possun alyp gaýdýan nätmelikä?
--Maňa bir zat diýýäňmi, gyz?—diýip, bosagada duran Annajemal gygyrýar.
Arzy ýeňňe kükürt alyp çykýar.
--Hawa. Obada näme täzelik bar?—diýip soraýan.
--Men-ä täzelik eşidemok, gyz. Täzelik ýok hem bolaýmasa.
--Biziň obamyz maýda-iri täzeliksiz-ä ýaşamaz.
35
--Hawa, Tüňňi aga Ogulsapar çişigiň baggoýnuny iki ýüz manada diläpdir.
Ogulsaparam “ Ýene bäş manat galmasaň, berjekgäl” diýip goýnuny satmandyr.
Şol täzelig-ä bar.
--Tutuş oba bäş manadyň gürrüňini edýä. Emma meniň ýigrimi müň manat töläp
alan possunymyň bolsa gürrüňi edlmeýä. Bu dünýä düşnüksiz dünýä-dä.
--O nä possun?—diýip, Annajemal ör-gökden gelýär.—Şol bahasy ýigrmi müň
manatlyk possunmy?!—Ol ýakasyny tutýar, kükürt elinden gaçýar.— Waý, gara
çynyňmy, gyz?
--Anha, seredäý!—diýip, Arsy ýeňňe possuna tarap elini uzadýar.
Aljyran Annajemal dili tutulan ýaly bolup, aňk bolup durýar.
--Jan iller, bu akmak Arzygülüň eden işini görüň-le! Meň gözüm-ä görenok,
gulagymam eşidenok. Hiç haýsyna-da ynanamok… Gara çynyňmy ýa-da sen meňi
oýnaýjak bolýaňmy?
--Görüp durkaň, nämä ynanmazçylyk edýäň?
Ýere gaçan kükürdi alyp, gaty geň galýandygyny agzyny bir eli bilen tutup
aňdyran Annajemal aňk ýaly bolup gidýär. Onuň yzyndan garap galan Arzygül baş
ýaýkaýar.
--Zannyýama heleý göwnüm üçin “Gutly bolsynam” diýmedi-dä. Hawa-da, gijegündiz mal-gara seretmekden başga zady bilmeýänden dagy nämä garaşjak?
Wekil uzynyňam aýal diýip saklap ýörenini! Bir bedre süýdi bular ýaly iki
possundan artyk hasaplaýar…
Arsygül radiony açýar-da, diwanda possunyň gapdalynda oturýar.
DIKTORYŇ SESI-- Daşary ýurt habaralaryna geçýäris. Hindistanda Gang
derýasynyň şoşmagy bilen agyr sil geldi. Ýurduň käbir ştatlary heläkçilikli zona
diýlip yglan edildi. Deslapky maglumatlara görä, adam ýitgileride bar…
ARZYGÜL.—Ýeriň ol ujynda sil geleni bilen siziň näme işiňiz bar diýse-ne. Öz
ýurduň täzeliklerini aýt-da, howa maglumatyna geç-dä!
DIKTORYŇ SESI.—Düýn Hytaý Halk Respublikasynda dünýä medizinasynyň
taryhynda heniz gabat gelmedik täzelik boldy. Gwansi welaýatynda ýaşaýan otuz
iki ýaşly Minhiniň bäşem çagasy boldy. Sinhua agentliginiň habar bermegine görä,
lukmanlar änäniň hem dünýä inen çagalaryň saglyk ýagdaýyny kanagatlanarly
hasaplaýarlar..
ARZYGÜL.—O habaryň bilenem ili aňk ederin öýtme. Hytaýda bäşem däl,
onam çaga dünýä inse-de geň görmeis. Hytaý Hytaýdyr-da. O ýuirtda ozal nä adam
azmy? Bäşden-altydan dogurmasalar Hytaýda milliard ýarym adam nireden peýda
bolsun!
DIKTORYŇ SESI.—Indi howa maglumatyna geçýäris.
ARZYGÜL.—Munyň başga gürrüň.
DIKTORYŇ SESI. Ertir Türikmenistanyň ähli ýerimde az bulutly, ýagynsyz,
gündogardan öwüsýän ýuwaşdan aram şemally howa bolar. Otyz-otuz iki, kä
ýerlerde otuz bäş derejä çenli maýyl bolar…
Radio tarap närazy nazar bilen sereden Arzy ýeňňe başyny ýakaýar.
Obanyň agşamky görnüşi
36
Töwerek garaňkyraýar.Köçe ugrundaky çyralar ýnýar.Obanyň agşamky
şowhuny kem-kem ýatyşýar.
Arzy ýeňňäniň öýünde
Arzy ýeňňe birneme köşeşen ýaly.Ol ýatmaga taýynlanýar.Ýatsa-da, ýatyşy
birhat, sagyna-soluna agdarynýar.Uklan ýaly edensoňam ýene gözüni açyp,
alagaraňkyda diwanyň üstünde çala görünýäň possuna tarap seredýär.
Irden oýanan öý eýesi diwara ýelmenen asma kalendaryň “21 dekabr” diýen
sahypasyny ýyrtyp mynjyradýar-da, daş çykýar. Asman arassa. Lowurdap gün
dogup gelýär.Arzy ýeňňe mynjyradan kalendar kagyzyny ýazyşdyryp ýene bir
gezek seredýär. “Ýerde-hä dekabryň ýigrimi biri, asmandan bolsa jokrama tomsuň
Güni dogup gelýär.Obadaşlara göz edip üýtgeşik possun geýjekdiň welin, Hudaý
nesip etdirjek däl öýdýän?”.
Köçede
Arzy ýeňňe irden işe baýarka okalga müdiri Ýagşylyga gabat gelýär. Iki obadaş
gara-gadyr bolup salamlaşýar.Edil tomus aýlarynda gezip ýören ýaly Ýagşylygyň
egninde ak, ýukajyk ýeňsiz köýnegi bar. Arzy ýeňňe oňa üns bermän durup
bilmeýär.
--Işe köýnekçe gidäýýäňmi, Ýagşylyk jan?
--Wah, Arzy ýeňňe, şu ýeňsiz köýnegem agyr ýük bolup duýulýar. Howany
göreňokmy?
-- Howa diý-de, goýaý sen. Munuň soňy bir abat gutaraýsa ýagşydyr.
--Erbetlig-ä bolmaz welin… Gazetleriň ýazmagyna görä, bütin dünýäde
maýylgançylyk. Soňy oňat bolar-da, geýlmän ýatan gyş eşiklerden häzir bolmaly.
Bular ýaly maýyl howada güýe köpelýär. Sütükli ýa ýüň eşiklere-de ýekeje güýe
düşse-de zyňaýmaly bolýar.
Şifonerden asylgy duran possun Arzy ýeňňäniň göz öňüne gelýär. Possunyň
ýakasynda, ýeňlerinde güýe bary moýmuldaşyp ýör.
Arzy ýeňňäniň öýi.
Arzy ýeňňe asma kalendardan “28 dekabr” diýlip ýazlan sahypany goparyp
alýar-da, ony diwanyň üstüne zyňyp göýberýär.Şifoneri açyp possuny synlaýar.
Possunyň ýüzünde güýä garşy düýnki sepen dermanynyň yzy çala bildirýär.
“Näme sepenimi kim bilýär. Belkem bireýýäm güýji gaçan dermandyr. Şähere
gidip, täzesini tapmaly bolar. Possun satyn aldyňmy ýa-da başyňa bela satyn
aldyňmy? Munam güýä iýdirip, beren pulumam köýdüsem…”
Arzy ýeňňe radiony açýar.
DIKTOR.—Häzir howa maglumatyny diňläň!
ARZYGÜL.—Sizň nähili maglumat berjekdigiňizi men indi öňüňnden
bilýändiirin.
Radionyň sesini ýatyran Arzy ýeňňe daş çykýar. Ýene şol gyş aýynyň
howasyna meňzemeýän güýz görnüşi. Parlak gün dünýäni ýagtyldýar.
37
Arzy ýeňňäniň düýşi
Howa birden bulaşýar. Şatlama aýazly gyş düşýär. Çapgyn şemal şuwlaýar.
Eşikleri ýuka adamlar ýolda-yzda dygdyraklaşýarlar. Üşäp buza dönen Araabaçy
aga Arzy ýeňňäniň ýanyna gelýär.
--Meni seň ýanyňa oba geňeşliniň başlygy iberdi.Possunyňam geý-de, derrew
orta çyk. Häzir seň şanyňa bagyşlanan ullakan ýygnak başlanýar.
--Ahyr aklyňyza aýlandyňyzmy, biderekler?
--Depämizden inen aýaz oýlanmaga mejbur etdi.
--Ýeri, başgalar-a başgalar welin, Arabaçy aga, seni ne döw çaldy? Ýekeje
gezegem possunyň gutly bolsun diýmediň.
--Hatamy öt, gyzym. Men ýalňyşypdyryn. Şeýtana özümi oýnadypdyryn.
Üstesine görüpligem gurasyn!
Ýygnakda adamlar çykyş edýärler.
ÝAGŞYLYK. Arzy ýeňňe, sen bizi bagyşla. Görüplik erkekde-de bolýar aýaldada.
SATYJY. Menem görip.
WEKIL. Menem.
BATMAN. Men görip däl. Men Arabaçy aganyň ýegeni. Bu oba ýaňy göçüp
geldim. Men göripdäl. Adyma-da Batman ýuwaş diýýäer.
ARZYGÜL. Görüp bolmasaň, sen näme üçin gutlamadyň.
BATMAN. Birinjiden-ä men seni tananok…
ARZYGÜL. Tanamasaň tanşarys. Sypjak ýeriň bolmaz. Dünýäde görip däl adam
ýok eken…
ARABAÇY. Gadyrly obadaşlar, men köp gepläp, siziň wagtyňyzy almaýyn.
Ýazylany okaýaýyn. (okaýar). “Oba geňeşliginiň karary. Gymmatbaha possun
almak ilen pähim-paýhas babatda obamyzyň ähli aýallaryndan medeniýetli
ekendigini subut edeni üçin Gojuk obasynyň balalar bagynyň sada aşpezi Arzugüli
şol balalar bagynyň müdüriniň orunbasary wezipesine bellemeli” Gutlaýan,
Arzygül. Sen öz akyllydygyňy subut etdiň.
Arzy ýeňňe oýanýar-da, keýpsiz hüňürdeýär: “Indi şo possun üçin maňa
arkaýyn ýatuwam ýok. Däliremesem ýagşydyr ýene!
Köçede
Arzy ýeňňe daş çykanda sygryny sürä goşmaga barýan Arabaçy aga bilen
salamlaşýar.
-- Gaty irläpsiň-le, Arabaçy?
--Täze sygyr aldyk-da, süri bilen öwrenişdirmek üçin irräk alyp çykaýýan.
--Näçä aldyň?
--On manady kem dört müň. Süýtli çykdy hernä.Bähbitli mal…
“Seň possunyňdan bähbit ýok” diýdigimikä?” diýip Arzy ýeňňe içini
gepledýär.
--Saglygyň nähili? Guragyryň gozgaman durmy?
--Saglyk, şükür, oňat. Guragyry diýýäňmi? Ol-a şu ýyl ýadyma-da düşenok
diýen ýaly. Howadan habaryň barmy? Ýalbyrap dogup gelýň Güne seret! Don
38
geýmän, possun geýmän gyşy geçirmeli bolaýjak öýdýän… Höw!—Arabaçy aga
elindäki çybygy bilen sygrynyň sagrysyna çalaja kakýar-da, gidiberýär.
--Gör-ä, şu goja-da maňa gepini gyşardan bolýar.Ýa-da ondan dynaýsammykam?
Dükanam satan harydyny yzyna-da almaýar-da.
Bazarda
Uly bazar. Zat alýanlardan, satýanlardan, tomaşaçy ýaly ýöne aýlanyp
ýörenlerden ýaňa ýer-ýurt ýok. Goh-galmagal dik asmana göterilýär.Arzy ýeňňe
milli geýim-gejim satýan aýýalaryň ýanyna baryp durýar.Megerem uly bazarda täk
özi possun satýan aýal köpüň ünsüni özüne çekýän bolarly, geçen adam Arzy
ýeňňä tarap siňe-siňe seredip geçýär.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ogul - 04
  • Parts
  • Ogul - 01
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1999
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 02
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2093
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2098
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 04
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 2140
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 05
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2158
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 06
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 2100
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 07
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2086
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 08
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2092
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 09
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2136
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 10
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2114
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 11
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 12
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2203
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 13
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2225
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 14
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2230
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 15
    Total number of words is 2778
    Total number of unique words is 1701
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.