Latin

Ogul - 15

Total number of words is 2778
Total number of unique words is 1701
33.8 of words are in the 2000 most common words
47.5 of words are in the 5000 most common words
53.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
--Yklym, salam. Men Hajy. Seniň maslahatçylyk etmegiňde ýazyp ýören
romanymyň hut häzir soňky nokdyny goýandygymy aýdaýyn diýip jaň edýän.
--Onda seni gutlabermelimi?—diýende, Yklymyň sesi begençli çykdy.
--Ýalňyşýaň, gadyrdan. Gutlanmaly adam Berkeli boksçy.
--Düşünmedim.
--Düşünmeseň, düşün. Häzir men Aýläläniň onuň maşynyna münüp gidenini
öz gözüm bilen gördüm.
--Ýalňyşýan bolaýma?
--Ýalňyşasym gelýär. Ýöne ýalňyşmaga ýol ýok. Ol hakykat…
Telefony gapdala taşlan Hajy maňlaýyny ýene rula goýdy.
*
165
Gapyny açanda ýylgyryp duran Aýjany gören Ejegül ony ýaňagyndan ogşap,
gujaklap içerik saldy.
--Gökden düşdüňmi gyz?! Gökdenem ýagyş bilen gardan başga-da, şeýle
gowlygam düşmeli ahyryn.
--Şu töwereklere ýolum düşdi-de, ýüzüňi görüp geçeýin diýip sowlaýdym.
Aýjan jorasynyň öňünde ikilik etdi. Ol bu töwereklere ýoly düşeni sebäpli
tötänden sowulmndy-da, ýörite gelipdi. Özüni goňşy diýip atlandyran uzyn
aýlayň gulagyna ýetiren geplerinden soň Aýjan oýa wagtam öňki Aýjan däldi,
ukuda wagtam.Ol özüne ýer tapmaýardy. Şonuň üçinem indiki gezek çyny bilen
gelmezinden ozal Ejegüli birneme yrbaslamak, taýynlamak, iň esay-da Aýläläni
görerin diýen niýet bilen gaýdypdy.Aýjan öz ýanyndan her hili taslama
tapýardy. Eger-de, Aýläle öz göwnünden turup, oglunyň göwnünden turmaýsa,
ol derrew Balkan tarapa jaň edip, Berkeliniň kakasyny gyssagly ýagdaýda
Aşgabada geler ýaly etjekdi. Aýjan şol goňşynyň Berkeliniň maşynyna münýär
diýip, keşbini suratlandyran, ýeňseçukury päki bilen syrylan jyndan sypmak
üçin hiç zatdan gaçjak däldi. Ony şu gün bu ýere gyssagly gelmäge mejbur
edenem keşbi Aýjanyň kellesinden çykmaýan gyzdy. Enäniň göwnüne
bolmasa,gyssanaýmasa ogly elden gidip barýan ýalydy.
Öýde bardygyny-ýokdugyny bilmek üçin telefon etmän gaýtsa-da, Aýjanyň
asmanda aýlanýan dilegi Ejegň öýünde gowuşdy. Ol gelende diňe jorasy däl,
jorasynyň gyzy hem bar eken.Hudaý hemme zady ugruna edäjek ýaky.
Aýlälä gözi düşen Aýjan oglunyň maşynyna münýän ýeňseçukury syrylan
gyzyň daş sypaty uzyn boýly aýalyň suratlandyryşynyň tersine bolaýanda-da,
onuň üstüne atanak çekdi. Ol bir görende sulhy almak bilen kalbyna jaýlaşan
Aýläläni, mesele diňe özünden çözülmeýänem bolsa, derrew öz tarapyna
geçirdi. Şonuň üçinem Ejegül bilen howul-halat egin kakyşan Aýjan Aýläle
gyza garsa ýapyşyp, ony esli salymlap gujaklap durdy. Şol mahalam onuň
kalbynda Ejegüliň gyzyny däl-e, öz ýalňyz gelnini gujaklaýan ýaly duýgy
oýandy.
--Waý, Aýläle jan, bi senmiň asyl!? Tüweleme! Tüweleme! Golaýdaky
gözden, alysdaky dilden ýokarkyň özi gorsyn!.. Hasap etdim welin, seni
görmälime on bäş yil dagy bolup gidipdir. Tüwelem! Tüweleme!—Daşyndan
şeýle sözleri diýen Aýjan içinden bolsa “Sen meňki bolmaly” diýen pikiri üç
gezek gaýtalady.
--Aýjan daýzaň diýip gürrüňini edýänim şü bolmaly—diýip, Ejegül jorasynyň
säginmeginden peýalandy.--Näçe ýyl bir gapydan girip-çykdyk!
--Bir dogan ýaly bolup diýsene!—diýip, Aýjan özüniň bu öýe iň ýakyn
adamdygyny Aýlälä ýaňzytmak isledi.
--Dogandanam ýakyn diýsegem bolýa—diýip, Ejegüliň gyzyna eşitdirip
aýdan sözleri myhmanyň göwnünden turubildi.—Iýenimiz aýra gitmändi. Ol
mahallr biziň fabrigimizde…
Bu mahal uzak ýyllaryň aňyrsynda gizlenen fabrik ýatlanman, şu günüň zerur
meselesiniň üstünden barylmagyny isleýän Aýjan, başga zada üns bermen,
Aýläläni ölçeg terezisinden düşürmän saklap durdy. Tüýs şoňa geregi. Şiňňir
uzynam däl, jortmak kelte-de däl, çykyn-çykyn bolup duran semizem däl.. Aýlä
166
läniň ýüz keşwi welin Aýjanyň hyýalyndaky gelinliginiň ýüz keşbinen birneme
pesräk. Zyýany ýok. Öz maşgalaň çakdanaşa uz owadan bolsa-da gowy dälmiş.
Ilem bir zadyň anygyna ýetmän aýgyt etmez.
Eýýäm öz tarapyna geçiren gelinliginiň keşbinden göwni suw içen Aýjanyň
telim gün bäri gaty biynjalyk bolup ýören kalby birneme aram tapdy. Ýöne
begenjiniň gapdalyndan peýda bolan alada onuň Aýlälä sataşyp dörän keýpini
azrak bozdy. Ol hem Berekeliniň “Ykbal köçesinde” tanşan gyzynyň aladasydy.
Ýok, her eder-hesip eder welin, Aýjan Aýläläni elden gidirmez. Gerek bolsa,
ogly bilenem mazaly dikleşer, adamsyny kömege çagyrar. Aýjan şony
şeýtjegine-de Aýläleden gözüni aýyrman durka, edil ant içýän ýaly bolup özüne
söz berdi.
*
Eneli-ogluň arasynda her gün diýen ýaly gürrüňiň toýdan başlanyp, toýsyz
gutarmagy bu öýde esli mahal bäri düzgün diýen ýaly bir zada öwrülipdi. Şonuň
üçinem stol başyna geçip oturan Berkeli çalarak ýylgyrdy-da:
--Bu gün toý hakda gürrüň edemizokmy, eje?—diýip gepini gyşartdy.
--Gepiňi gyşardan bolma, ogul—diýip, Aýgan öýkeli ýaly, ýüzüni kesä
sowdy.— Şy gezek meň diýenimi etmeseň, tomaşany erte-birigün kakaň
gelende görersiň. Men seň bilen gepleşe-gepleşe ýadadym… Joramyň gyzy
hakd-da öten agşam saňa ähli aýtjagymy aýtdym.Sen şondn ýüz öwürseň…-Aýjan gödek bir zat diýmekden özüni saklady.—Meň göwnüme gaty degersiň.
Sen diýenimi edäge-de, birigün agşamlyk joramyň öýüne meň bilen
myhmançylyga gitseň-ä…
--Men seň göwnüňi ýykmaýyn, gideýin. Ýöne men o ýerde näme etmeli?
Oglunyň Ejegüllere gitmegine razylyk bermegine birneme ýumşam Aýjanyň
sesi ýakymly çykdy.
--Oturarys. Bir käse çaý içeris.Sen gyzy, gyz seni synlar.
--Bir şert bilen, eje.Men saňa hä diýýän, senem meň garşyma gitme.
--Men seň ähli şertiňe razy, gitseň bolýa. Sen o gyzy görseň…
--Seň halan gyzyňy birigün agşam gidip görýäs. Menem öz halan gyzymy ertir
saňa gökeşmäge getirýän. Razymyň?
Aýjan her hili şerte garaşsa-da, beýle zada garaşmndy. Şonuň üçinem ol ýene
keýpden düşüp gepledi.
--Başy-başlanan döwletli işi sen oýun-henek bilen bozjak bolma. Özüni
görkezmäge öz aýagy bilen gelýän gyz…
Berkeli ejesiniň elinden tutup gepledi.
-- Gapyňdan gelen bilen salamlaşyp bilersiň ahyryn. Men oňa ýaşaýan
ýerimizi görkezeýin diýip söz beripdim. Onsoňam, eje, indi siziň ýaşlyk
döwrüňiz ýok ahyryn.Geler, salamlaşar, gider. Beýtmek aýyp däl…
Aýjan esli dymyp durandan soň gepledi.
--Ýeri, bolýa-da. Birigün agşam meň bilen Ejegüllere gitseň bolýa…
*
Şol gün agşam teatrdan çykylandan soň, Aýläle bilen Berkeli giň şaýol bilen
gündogarlygyna bakan ugradylar. Spektakl gysgajyk bolany üçin wagt entek
167
gaty irdi. Parahat şäher agşamara has-da gowlanypdy. Owadan agşamda dag
tarapdan öwüsýän jana şypaly aram şemal iki juwanyň keýpine keýp
goşýandygyny keseden garasaňam duýmak bolýardy.Ýöne Aýläle bilen Berekeli
el-ele berip barýanam bolsalar, olaryň özlerini alyp baryşlarynda ýuwanaklyk,
“öňdebaryjy” söýgi almatlary göze dürtülmeýärdi.
Öňden mazaly içgilidigini aňdyryp, giň ýanköçä zordan sygýan, elli
ýaşlaryndaky adam peýda boldy.Ol ýigit bilen gyzyň deine ýetende:
--Aýak çek, ýaş ýigit!—diýip, buýruk beriji äheň bilen Berkelä ýüzlendi.
Bular ýaly ýagdaýda aýdylan gepi eşitmediksirän bolup geçibermeli halyna:
--Näme hyzmat?—diýip, Berekeli aýak çekdi.
--Nähili çilim çekýäň? Maňa filtrsizi gerek.—Serhoş adam alan jogabyna öz
bahasyny kesdi.—Hm-m.. Çilim çekmeýändenem erkek bormy? Özüňem
owadan gyz bilen gezim edýäň. Owadan gyzlar içmeýän, çekmeýän ýigitleri
ýigit hasap etmeýäler.Sebäbi olaň ozlerem içýälerem, çekýälerem… Sen şony
bil…
--Ýörsene!—diýip, Aýläle Berkeliniň elinden çekdi.
Berkeli ýöräberende, serhoş adam:
--Eýäm jylawuňy eline beripsiň, gadyrdan--diýdi.—Indiden beýläk
ýanyňdakyň rugsady bolmasa, aýak ýoluna-da gidip bilmersiň, bagty ýatan.Siz
şeýdip, biz ýaly mert erkekleriň adyna ysnat getirýäňiz..
--Gürleşesiň gelýän bolsa, men saňa gürrüňdeş bolaýyn. Ýör tizräk!—diýip,
Aýläle gyssandy.
Dört-bäş ädim ýörelensoň Berkeli:
--Serhoşyňky ýaly sözleri taparmyň?—diýdi.
--Serhoşuňkydanam gowysyny taparyn—diýip, Aýläle jak-jak urdy.
Şol mahal hem Berkeli ozal Aýlälä ertir ejesiniň üstüne salama barmak
barada goýan meselesini şu güne, şu salkyn agşama geçirmegi haýyş etdi.
Jogap kän garaşdyransoň aýdyldy.
--Umuman, Berkeli, ol türkmençilikde… ol gaty kyn iş. Şol pikir sen aýdalyň
bäri kellämden çykanok. Men ýaýdanyp ýörün. Onda-da öňüňi garaňka tutup
barmak…
--Aşşamara adamlaň dynç alyp rahatlanýan wagty ikimiziňki ýaly sapar
etmek hasam gowy bolar. Barybir sen häzir biziň ýaşaýan ýerimizden geçip
gitmeli…Ýekeje minut Aýläle, ýekeje minut. Salamlaşarsyň-da, gýdyberersiň…
Aýläleden belli jogap bolmady.
Gapaldan geçip giden ýaş ýigidiň elindäki magnitofondan:
“Aşgabadyň agşamy,
Aşyklaryň agşamy.
Jeýlisaçlar şaýat bolar,
Päk söýgüniň dogşuna”—diýen köne aýdym setirleri eşidildi.
Aýdymyň sözleri şu gün ozalam birneme joşgunlyrak Berkeliniň keýpini
ýene göterdi. Ol Aýläläniň elinden çekip, ony bir tarapa sowmakçy boldy. Gyz
elinia sypdyrmaga synanyşdy.Emma başaramady.Ýigit gyzy has gyra, leýlisaç
söwütleriň ösüp oturan trapyna çekdi. Olar şol ýerde az-kem eglendiler.Berkeli
asmandaky dolan Aýa seretdi.Şu mahal başga-da üýtgeşik söz tapmadyk ýigit
168
özüni gurşap alan ýagdaýa kybapdaş bolup,birneme göçgünlendi. Owadan
şäher, aşaýyp Aýly agşam Berekeliniň agzyna söz salyp berdi.
--Asmanyň Aýlälesi—ýokarda, meniň Aýläläm ýanymda!..
Ol sözler Aýläläni aşak bakdyrdy.
Ýigit bilen gyz ýarym ädim ýaly süýşüp, bir-birlerine has-da golaýlaşdylar.
Dolan Aýyň şöhlesine lowurdaşýan leýlisaç şelpeleri juwanlyga hemaýat edýän
perdä öwrülip, Aýläle bilen Berkelini görer gözden gizlediler…
Ýigit bilen gyz Aýjanyň ýaşaýan jaýynyň ikinji gatyna galanlarynda, Aýläle
üşüdýän ýaly bolup göründi.Olar ýüzüne “4” ýazylgy gapynyň öňüne
baranlarynda, işigiň jaňyna tarap ümlän Berkeli “Bas” diýen yşarat etdi, ozalam
ýaýdanyp duran Aýäle başyny ýaýkady.Gapynyň jaňyny Berkeliniň özi basmaly
boldy.Aňyrdan açaryň şakyrdysy eşidildi. Utanýan hem tolgunýan Aýläläniň
elleri, eginleri çalaja titredi. Onuň çygjaran maňlaýynda, gyzaran ýaňaklarynda
der damjajyklary peýda boldy.
Murgap, 2009.
169
Türkmen halky ozal yktysady ýa-da ýakyn medeni gatnaşygy bolmasa-da,
Pereňistan ( Fransiýa) diýen ýurda gadymdan bäri uly sarpa goýupdyr.Beýik
türkmen şahyry Magtymguly baryp-ha 18-nji asyryň ortalarynda “Rum, Pereň
bolsa ýurdum” diýip ýazýar. Bu öz döwriniň ýokary sowatly şahsynyň
Fransiýanyň döwletli, belent medeniýetli ýurtdygyna göz ýetirendigini, öz
ýurdunyňam şeýle bolmagyny arzuw edendigini aňladýar.
1860-1861-nji ýllarda Fransiýanyň raýaty 28 ýaşly kapral Gulibef de Blokwil
(1832—1903) biziň obalarymyzyň birinde bendilikde bolup, “Türkmenlerdäki 14
aýlyk ýesirlik” diýen gündelik ýazypdyr.Megerem ol türkmen topragyna gadam
basan ilkinji fransuzdyr. Blokwil ýesirlik ýagdaýynda-da türkmenleriň däpdessurlaryny, dilini öwrenmegi, zenanlaryň inçe sungatyna, bagşylaryň zehinine,
aksakallaryň parasatlylygyna, çarwa halkyň gahrymançylygyna, watanperligine,
özboluşly söweş taktikasyna uly hormat bilen obýektiw baga bermegi başarypdyr.
Kalby adamlara ýagşylyk etmek meýlinden doly, sowatly fransuz türkmen
çagalaryna, näsaglara elinden gelen kömegi edipdir.
Ýesiriň gündeligi hem Parižde öwrenen dokumentleri esasynda türkmen
ýazyjysy Atajan Tagan “Keseki” ady bilen taryhy-dokumental roman döretdi.
Türkmen-fransuz gatnaşygy hakynda ýazylan ilkinji romanyň birnäçe dilde 400
müň ekz.tiraž bilen çap edilmegi-de, roman esasynda goýlan spektaklyň indi
birnäçe ýyl bäri biziň Puşkin adyndaky teatrymyzyň sahnasyndan düşmän
gelmegi-de şeýle ynsanepwer, özi keseki bolsa-da keseki çarwalara rehimdar
garan ýokary adamçylykly fransuzyň şu gün üçinem nusgawy obrazynyň açylyp
görkezilendigi üçin bolsa gerek.
Göni 150 ýyl mundan ozal Blokwiliň gatnaşmagy blen fransuz hem türkmen
halklarynyň arasyndaky inçejigem bolsa gurlan taryhda ilkinji adamçylyk
köprüsiniň biziň döwrümizde barha giňejekdigine, berkejekdigine, onuň üstündäki
dostluk gatnawunyň arasynyň kesilmejekdigine biz halys ýürekden ynanýarys.
170
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimyhammedowyň resmi sapar
bilen ilkinji gezek Fransiýa gidip-gelmegi döwür, taryh, ynsan, döwletara
gatnaşyklary barada az-kem oýlanýan adamyny gaty kän zat barada oýlanmaga
mejbur edýär. Türkmeniň “Ýigidi ýoldaşyndan tana” diýen dana gepi diňe bir
adama baha bermek üçin aýdylan pähim däl.Ol maşgala, hojalyk, ýurt, döwlet,
döwlet ýolbaşçylaryna-da degişli bolmaly.Biziň milli liderimiziň Fransiýa ýaly
ýurda şol ýurduň iň hormatly myhmanlarynyň biri hökmüde resmi sapara
çagyrylmagynyň aňyrsynda gaty uly many ýatyr. Öz ýyrdumyzy özümiz magtaýan
ýaly bolup aýtmanymyzda-da, Fransiýa ýaly ýurduň Türkmenistan bilen yktysady,
medeni, syýasy gatnaşygy berkitmek üçin edýän tagallasy biziň ýurdumyz üçinem
uly abraýdyr hem biziň ýurdumyzyň şu günki ýagdaýyna obýektiw baha
berilýändiginiň, ertirki gününe berk ynam bildirilýändiginiň, milli liderimiziň
dünýäniň ösen ýurtlarynyň syýasaty derejesindäki syýasy nem yktysady ýoly alyp
baryşynyň goldanýandygynyň alamatydyr.
Fransiýa ýaly yktysady, medeni taýdan ösen 1200 muzeýli, 300 neşirýatly, her
ýylda 120 töwwregi film çykarýan, her günde birýarym milliondanam gowrak
kitap satylýan ýurt bilen aragatnaşyk saklamak biziň ýurdumyz üçinem hem
peýdadyr hem abraýdyr. Biziň Prezidentimiziň dünýä medeniýetiniň MekgeMedinesi hasap edilýän Parižiň, “Şol şäheri göreňsoň ölmek bolmaýar” diýdirýän
Parižiň, ýylda sekiz million tomaşaçy girip-çykýan Juwrly Paižiň, Monmartrly,
Eýfel başnýaly Parijiň hormatly myhmany bolmagy-da bir tarapdan bizde öz
liderimize buýsanmak duýgusyny oýarsa, beýleki tarapdan onuň Türkmenistany
ýokary medeniýetli ýurtlaryň derejesine ýetirmek isleginiň örän düýplüdigine
şaýatlyk edýär.
Dünýäniň Fransiýa ýaly belent medenýetli ýurtlarynyň raýatlarynyňam
gadym döwürlerden bäri Türkmenistan diýen, ol ýerlerde ady seýrek eşidilýän ili
görmek, onuň milli medenieti bilen tanyşmak arzuwynyň bolandygy bizde-de
buýsanç oýarýar. Uzak illere syýahat etmegi ýeňilleşdirýän uçarlaryň, tehniki
ulaglaryň ýok zamanynda, Fwropa bilen Garagum aralygyny paý-pyýada geçmäge,
söwda kerwenerine daklyşyp, hatda harby ekspedisiýalara goşulyup
Türkmenistany görmek üçin agyr ýola düşmäge taýýar adamlaram
bolupdyr.Diýmek türkmen topragynda-da ser salar ýaly, ýatda galar ýaly, göz
eglener ýaly zatlaryň bardygyny olar bilipdirler. Prezidentimiziň Fransiýa sapar
etmegi meni Türkmenistana ýetmek üçin kellesini etegine salmagha döwtalap
jahankeşde adamlaryň birini, onda-da hut Fransiýanyň raýaty bolan adamy ýene bir
171
gezek ýatlamaga iterdi. Ol adamynyň doly ady Žorj Anri Gulibef de Blokwil.
Normandiýada doglup, Parijde ýogalan. Ýaşan ömrüniň 14 aýyny bolsa türkmen
obalarynyň birinde—Marynyň etegindäki Goňur obasynda geçiren.
Meniň Blokwil bilen “tanyşmagymam” 1965-nji ýylda tötänden bolup geçdi.
Moskwa şäherindäki harby-taryhy arhiwde 19-njy asyr türkmen taryhyna degişli
materiallary öwrenýärkäm, Ýewropa awtorlarynyň biriniň Fransiýanyň raýaty
Bokwiliň tötänden türkmen topragyna düşendigini belleýän habarynyň üstünden
bardym.Ýöne ol gysgajyk habardy, Bokwil hakynda hiç hili maglumat bermeýärdi.
Şonuň üçünem men gözlegi dowam etdim.Ahyram isleýän maglumatyma W.I.
Lenin adyndaky SSSR-iň ( häzir Russuýanyň döwlet kitaphanasy) kitaphanasynda
gabat geldim.
1875-nji ýylda çap edilmegi togtadylan, Sankt-Peterburgda çykýan
“Bütündünýä syýahatçysy” diýen žurnalyň 1872-nji ýldaky 1-nji hem 2-nji
sanlarynda Žorž Blokwiliň “Türkmenlerdäki 14 aýlyk ýesirlik”diýen ýatlamasy
fransuz dilinden terjime edilip çap edilipdir. Şol döwürde keseki bir adamynyň
türkmenleriň durmuşyndan galdyran ýazgysy beýle zada ilkinji gezek gabat gelýän
student üçin hasam täsin, hasam gyzykly bolup göründi. Men kitaphana telim gün
gatnap, ol ýatlamany tutüşlygyna depdere göçürdim. Blokwiliň ýazgysy baradaky
“14 aýlyk ýesirlik” ady bilen ýazan çaklaňja makalamy bolsa “Edebiýat we
sungat” gazeti çap etdi. Men onuň bilenem kanagatlanmadym. Kän mahal
geçmänkä, “Pereňli ýesiriň ýatlamasy” ady bilen powest ýazdym.Powesti şahyr
Kerim Gurbannepesow şol wagt özüniň redaktorlyk edýän “Sowet edebiýaty”
(häzirki “Garagum”) žurnalynda tutuşlygyna çap etdi. Soňra ol “Uruşdan soňky
söweş” diýen powestler ýygyndyma girdi. Kerim Gurbannepesow ýaly şahyryň
hem talapgär redaktoryň göwnünden turanam bolsa, metbugatda edebi derňewiň
ýokary bahasyny alanam bolsa, ürç edilip okalanam bolsa, powest gowşakdy.
Özümiň şy günki edebiýata garaýşym bilen baha bersem-ä, çap edilmäge-de
onçakly mynasyp däldi. Çeperçilik derejesi pesem bolsa ony türkmen okyjylarynyň
halamagynyň sebäbini bolsa powestiň döreýiş çeşmesiniň gyzyklydygy, saýry bir
milletiň wekiliniň türkmen topragyna düşüp ýörmeginiň täsindiginiň özüne
çekendigi bilen düşündiresim gelýär.
Ýene bir zat: Blokwil näme üçin Pariži, gowy gününi taşlap, Tährana
gitmeginiň sebäbinem, Maşatdan Mara gelmeginiň asyl manysynam, öz ömür
beýanynam, hatda haçan, nirede doglandygynam, näçe ýaşynda ýesir düşeninem,
maşgala ýagdaýynam ýazgysynda görkezmeýärdi.Şonuň üçinem biziň käbir
taryhçylarymyzam ony jansyzdyr öýdüp çaklasa, käbirleri bolsa, ýatlamasyndaky
suratlara salgylanyp ony erkin hudožnikdir öýdýärdi. Emma Blokwil beýle
çaklamalaryň hiç haýsysyna-da degişli däl eken.
Gahrymanynyň ömür beýanyny doly öwrenmedik awtordan gowy esere-de
garaşmaly däl.Ýöne men ol meselede günäni Blikwiliň boýnundan aýryp, öz
boýnuma almaly bolýaryn .Sebäbi men çeper eser ýazmak üçin doly öwrenilmedik
materialdan eser ýazmaga howlukmaly däldim.Oňa soň akyl ýetirdim.Şeýlelikde
men Bloklwiliň ýoluny yzarlap taryhy roman ýazmak maksady bilen onuň
durmuşyny ýakyndan öwrenmegi maksat edindim, Fransiýa bilen bagkanyşykly
tanyş-bilişlerime, A.Ylýasow, M.Annanepesow ýaly taryhçylarymyza ýüz
172
tutdum.Hatda Çingiz Aýtmatowdanam Pariždäki terjimeçilerine-da hat ýazmagyny
haýyş etdim.Onuň eserlerini fransuz diline geçiren Lili Denidenem kömege
garaşdym.Ol maňa şeýle jogap gaýtardy: “Hormatly Atajan! …Paryž arhiwleriniň
hiç birindenem Blokwile degişli agyz dolduryp aýdar ýaly zat tapylmady.Ele
salynan bary-ýogy 18 sahypalyk işde-de siziň täzeden ýazmak isleýän eseriňize
goltgy bolar ýaly ýapyşalga ýok. 16.11.1987.Pariž.” Türkmen taryhçysy Myrat
Annanepesowa jogap ýazan fransuz taryhçysynyň hatynda bolsa: “Hormatly
professor! Haýpym gelse-de, Blokwiliň çeken suratlaryny ele salmak maňa
başartmady.Parižiň milli kitaphanasynda hem siziň haýyşyňyz bilen edilen
gözleglerden neyije çykmady.Kitaphananyň hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä
bolsa, gözlenýän suratlar aýatda bar bolsa, şol ýerde bolmalymyş…”
Gepiň keltesi hat üsti bilen, tanyş- bilişleriň kömegi bilen edilýän
hereketlerimden uç çykmajagyna akyl ýetirenimden soň Pariže özüm gidip görmeli
diýen netjä geldim. Blokwile gönüden-göni degişli maglumatlara gabat
gelmesemem, Parižiň köne köçelerini, 19-njy asyryň ortalaryndan galan
ymaratlary, gahrymanymyň gezen ýerlerini öz gözüm bilen görmekçidim.
Şeýlelikde men 1989-njy ýylyň 2-nji dekabrynda Pariže bardym.
Meniň ýandepderimde Blokwiliň özüne, maşgala ýagdaýyna, ýaşan döwrüne,
ol döwrüň syýasy, harby ýagdýlaryna degişli 26 sany sowal bardy. Özi hem goja
taryhyň sahypasyna meňzäp oturan Žak Blokwil sowallaryň hemmesine özünden
başga hiç kimiň tapmajak jogaplaryny gaýtardy. Men ol täsin goja çäksiz
minnetdarlyk bildirip, bagty çüwen awtor hökmünde, Elen aýtmyşlaýyn, “taryhdan
çykamsoň”, Parižiň salkyn howasynda gadymy köçe bilen ýeňil basyp ugradym…
Meniň Žak Blokwil bilen duşuşygym 1989-mjy ýylyň 8-nji dekabrynda bolup
geçipdi. Ondan bäri ömrüň ýigrimi ýyly aýlandy.Ondan bäri Gulubeg Bloklwiliň
hem Žak Blokwiliň kömegi bilen ýazylan “Keseki” atly taryhy-dokumental roman
dünýä indi.
Düýpli medeni hem yktysady gatnaşygy ýok hem bolsa, “Pereňden Gyratyň
owazyny getiren” (“Görogludan”) türkmen, “Rum, Pereň bolsa ýurduň”
(Magtymguly) diýip, öz iliniň Fransiýa ýaly dabaralanmagyny isläp, onuň bilen
gatnaşyk açmak islän türkmen indi arzuwyna ýetdi.
173
“ KESEKI ”
Ýazyjy Atajan Taganyň 1860-1861-nji ýyllarda türkmen obasynda
bendilikde bolan Fransiýanyň raýaty Gulibef de Blokwiliň “Tükmenlerdäki 14
aýlyk ýesirlik” diýen ýazgysy esasynda okyja hödürlän “Pereňli ýesiriň
ýatlamasy” atly powesti ozal türkmen, rus, özbek dillerinde 400.000 nusga bilen
çap edilip, edebi derňewiň ýokary bahasyna mynasyp bolupdy.Ýöne awtor öz
gahrymanynyň geçen ýoluny yzarlamak üçin Fransiýa gitmek, hem onuň ýeketäk
diri galan diplomat doganoglany Žak Blokwili tapmak bilen Gulibew hakda entek
taryhçylaryňam üstüni açmadyk, ýazyjy üçin örän gymmatly materiallaryny ele
saldy. Netijede ozalky powestiň süňňünde “Keseki” ady bilen türkmen-fransuz
gatnaşygy barada gürrüň berýän ilkinji taryhy-dokumental roman dünýä indi.
Bendilikde her hili kynçylygy başdan geçirse-de, türkmen-fransuz adamçylyk
gatnaşygynyň inçejigem bolsa taryhda ilkinji köprüsini çarwa türkmenler bilen
birlikde gurmaga gatnaşan, bu topraga gelende türkmeniň keseki duşmany
hasaplanan, gidende türkmeniň ýakyny ýaly bolup giden Blokwil ýatlamasynda:
“Gaýdamda obanyň hemme adamy öýlerinden daş çykyp, meni arzyly adam ýaly,
esli ýere barýançam ýola saldy”- diýip, iki taraplaýyn hormaty beýan edýär. Ol
174
türkmeniň dilini, däp-dessurlaryny öwrenýär, aksakallaryň paýhasyna, çarwalaryň
söweş taktikasyna, ilatyň watanperwerligine keseki gözi belen ýokary baha berýär.
“Kesekli” romanynda beýan edilýän wakalardan göni 150 ýyl geçenden soň,
ýagny 2010-njy ýylyň fewralynyň başynda türkmeniň milli lideri Gurbanguly
Berdimuhammedow Pariže resmi sapar bilen gitmek arkaly Fransiýanyň raýaty
Blokwiliň gatnaşmagynda düýbi tutulan fransuz-türkmen gatnaşyk köprüsiniň
täzeden, has berk, has giň hem mizemez edilip gurulmagyny gazandy.Şol
türkmen-fransuz dostluk köprüsiniň üstündäki ikitaraplaýyn gatnawuň hiç mahal
arasy kesilmez.
“Keseki” romanynyň baş gahrymany Blokwiliň taryhy-dokumental keşbiniň
dürli dünýägaraýyşly halklaryň arasynda adamçylyk gatnaşygyny oýarmagyň şu
gün üçünem wajypdygyny tekrarkaýan nusga bolup hereket edýändigi bolsa eseriň
esasy leýtmotiwidir.
----------------------------
175
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Ogul - 01
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1999
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 02
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2093
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2098
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 04
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 2140
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 05
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2158
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 06
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 2100
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 07
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2086
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 08
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2092
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 09
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2136
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 10
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2114
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 11
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 12
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2203
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 13
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2225
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 14
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2230
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ogul - 15
    Total number of words is 2778
    Total number of unique words is 1701
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.