Latin

Gowşut han (Saragt galasy) - 16

Total number of words is 3752
Total number of unique words is 2134
31.9 of words are in the 2000 most common words
45.5 of words are in the 5000 most common words
52.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Saragtda 1855-nji ýylyň 16-njy marty–tekeleriň şum täleýine ýazylan agyr
günleriň iň pajygalysy başlandy.
Uly töňňäniň üstünde ýeke özi oturan Gowşut han sus görünýärdi. Ol ýanyna
gelip duran aýalyna:
—Saňa näme gerek munda?—diýip, argynlygy aňladýan garyljyk ses bilen
sowal berdi.
Köne bürenjekli Ýazsoltan sesini çykarman, ýapynjasynyň bir çetini galdyrdy.
Ýapynjanyň aşagyndan tabak göründi. Töňňeden düşen han aýalynyň gapdalyndan
sesini çykarman, geçdi-de gidiberdi. Ýazsoltan ýeňňe adamsynyň eden hereketinden:
“Tapdyň äriňi naharlajak wagtyňy!” diýen many çykardy.
Galanyň içini kesip geçip barýan han, çekiç sesi gelýän tarapa sowuldy. Ol kän
ýöremän, gyz-gelinleriň üýşmeginiň üstünden bardy. Han entek üýşmege gaty
golaýlamanka, on-ýigrimi sany eli çekiçli erkek adamyň bir iş bilen gümradygyny
gördi. Gyz-gelinler bolsa nobata garaşýan ýaly, olaryň daşyna aýlanyp durdular.
Ussalar, eli çekiç tutýan usully erkekler ýaragsyzlary ýaraglandyrýardylar. Gyssagara
ýasalýan ýaraglaryň nämedigini han bilýärdi.Olar gyrkylykdy, synnydy hem şolara
meňzeş, gan çykaryp biläýjek gurallardy. Emma çetdäki ýaşulynyň gapdalyndan
welin baş han biparh geçip bilmedi. Ol aýak çekmäge mežbur boldy. Ak sakgalynyň
ujy guşaklygyna ýetip duran goja öňündäki sandalyň üstünde ýatan, çekeligi aýrylan
gupbanyň ujuny ýençmäge häzirlenip otyrdy. Onuň gapdalynda-da ýüzi salyk gelin
durdy. Baş han gupba şol gelniňki bolmalydyr diýip çaklady. Ýene-de sanlyja
salymdan häzirki nepis gupbanyň nämä öwrüljekdigini göz öňüne getirende,Gowşut
hanyň ýüregi endiräp gitdi. Otaga dakylýan inçe tarapy ýenjilip, uzyn taýagyň ujuna
berkidilenden soň, gupba ýaraga öwrülmelidi, gözellik nyşany wagşylyk görnüşine
geçmelidi.
Amanýaz serdary soň Hywanyň beýik minarasyndan taşlap öldürýärler. Onuň hanlygyň
garşysyna baş göteren inisi Atamyrat serdar bolsa, Hazaryň Aşyradasyna gaçyp gitmäge mežbur
bolýar./Hywa taryhyndan./
1
- 158 -
Ýaşulynyň çekiji gupbanyň depesinden inmek üçin ýokary galanda, Gowşut
han tas: “Saklan, agam!” diýip gygyrypdy, ýöne gygyryp bilmedi. Ozal gara saçyňam
üstünde gözellige gözellik goşup duran kümüş gupba bu gün gara başy ölümden
goramaga synanyşyk etmelidi. Şol barada oýlanan Gowşut han gupba ýençmäge
başlan, belkem, öňki kesbi kümüşçi ussa ýaşulynyňam, onun gapdalyndaky
gupbasyny däl-de, näzik ýüregini ýençdirýän ýaly sandyrap duran gelniňem
ýanyndan tizräk daşlaşanyny kem görmedi. Ol gidip barýarka-da, gupba ýençdirýän
gelniň häzir näme barada oýlanýandygyny çaklajak boldy. Belkem, ol özüniň şol
gupbany ilkinji gezek geýen gününi ýatlandyr. Belkem, başy täze gupbaly gyzyň
kejebede oturan wagtyny göz öňüne getirendir.
Aňyrda ýene bir topar aýal, on-on iki ýaşly oglanlar göründi. Olaryň
hemmesiniňem elinde şagla dokalan biýz mata bardy. Olara, Kelhan Kepele
aýtmyşlaýyn, “Tozançylar” diýýärdiler. Tozançylar şol şagla mata bilen ýüz-gözlerini
örtüp, duşman çozanda öňünde tozan turuzmalydylar. Ol hereket Gowşut hanyň
türgenleşik mahaly synagdan geçiren pirimidi. Tozana kürsäp giren duşman
aljyramalydy, basga düşmelidi.
Baş han täze gazylan körpeçleriň ýanynda-da durup geçdi. Çagalary körpeje
salýardylar-da, ýene daşyna çykarýardylar. Şeýdip, olary içi garaňky körpeç bilen
öwrenişdirýärdiler. Han ol ýerde uzak durmady. Ol aýallara: “Gaýrat ediň!”—diýdide geçiberdi.
Galanyň ortasyndaky gum üýşmeginiň üstünde on bäş- ýigrimi töweregi ýaşuly
toplanypdy. Olaryň arasynda Nepes molla, Täçgök serdar, Amansähet serdar dagy
hem bardy. Mollalar, batyrlar, aksakallar gezek-gezegine öňe saýlanyp, wagyz
edýärdiler, Hudaýa sygynýardylar, adamlary topragy duşmandan goramaga çagyr
ýardylar.
Tümmegiň üstündäkiler baş hanyň gelmegi bilen, oňa ýol berýän ýaly bolup,
bir tarapa çekildiler. Han ilki Täçgök, soňam Amansähet serdaryň ýanyna
baryp,nämedir bir zat barada hümürdeşdi.
Gowşut han aksakallardan üç-dört ädim öňe süýşdi-de:
—Halaýyk!—diýip, märekä ýüzlendi.—Agyr howp alnymyza geldi. Eger-de ki
biz bala-çaganyň ömrüniň dowamat bolmagyny islesek, eger-de ki biz gelingyzlarymyzyň wejera edilip, erkeklerimiziň namys astynda galmagyny islemesek,
eger-de ki Taňrynyň beren ömrüni öz erkimize ýaşamak höwesimiz bar bolsa, gelen
ýagynyň öňünde bil epmän, mertlerçe durmaly, Gaýry ýol ýok. Biz duşmany
ýeňmesek, duşman bizi ýeňýä. Duşman ýeňse-de, biz üçin, ogul-gyzymyz üçin, balaçagamyz üçin ýagty gün ýok. Teke kakabaşrakdyr, tekepbirdir. Emma ki kimiň
kimden göwni galan bolsa, hasaplaşygy ertä goýalyň. Gan-hun algy-berginem ertä
goýalyň. Ähli zatdan gymmatlysy—Watan, toprak, erkinlik. Bu gün öýke-kine
unudylsyn. Watandan, toprakdan öýke-kine etmek mertlik däl. Biz kişi topragyny
basyp almak üçin ata çykamzok. Biz kişi perzendini gul etmek üçin, kişi neslini
gyrmak üçin gylyja ýapyşamzok. Biz öz topragymyzy goramak üçin, öz
balalammyzyň başyny aman saklamak üçin, aksakal atalammyzyň sakgalyndan
tutulmazlygy üçin,uýalammyzyň süýrelmezligi üçin,gelinlemmiziň wejera
edilmezligi üçin, ötenlemmiziň mazaryny duşman atynyň depelemezligi üçin
janymyzdan geçmäge taýyn. Tekä öňbaşçy edip belläniňiz men—Gowşut han ibn
- 159 -
Öwezdurdy serdar, il-günüň ykbaly üçin gara başymy orta goýmaga taýyn. Özüni kişi
hasaplaýan her bir tekäňem şu toprak üçin janyny gurban etmäge taýyndygyna men
ynanýan. Merdiň jaýy jennet, namardyňky dowzah bolsun! Mert boluň, goçaklar!
Bala çagany ölümden goralyň, hatynlarmyzyň, uýalammyzyň namysyny goralyň,
atalammyzy gul edilip satylmakdan goralyň. Alla bizdendir. Ol bize medet berer...
Galanyň daşynda galmagal güýjedi. Aňtawlar, gözegçiler haýdaşyp geldiler-de,
Hywa nökerleriniň bärik süýşüp gelýändigini habar berdiler. Surnaýlaryň iniňi
tikenekledýän ýakymsyz zenzelesi edil galanyň içinde çalynýan ýaly bolup ýaňlandy.
Çagalaryň agysy, aýallaryň ahy-waýy surnaýlaryň sesine goşuldy. Zir-zöwrançylyk
başlandy. Gala diwarynyň üstündäkileriň hem gala hüjüm edýänleriň ikitaraplaýyn
atyşygyndan emele gelýän gümpüldi köpeldi, däriniň ysy dem alynýan howanyň
ornuny eýelän ýaly boldy. Ýap-ýaňy-da galanyň üstünde, daş-töwereginde uçuşyp
ýören guş-gumrular umma gaçyp, çöp-çalama siňmäge mejbur boldular.
Ilkinji esasy hüjüm galanyň derweze tarapyndan başlanar öýdülip
çaklanylýardy.
Täçgök serdaryň öňbaşçylygyndaky saýlantgy ýigitleriň iki ýüz töweregi şol
ýerdedi. Ýarag ýetmezçilik edýänem bolsa, derweze tarapdan gelýän duşmany
serpikdirmek borjy tabşyrylan ýigitleriň eli ýaragsyzy ýok diýen ýalydy.
Galanyň içindäki ýagdaýa serenjam berip ýören Gowşut han ýanyndaky dörtbäş nöker bilen derwezäniň ýanyna baranda, iki taraplaýyn atyşyk güýjäpdi. Täçgök
serdaryň ýigitlerinden iki sanysy eýýäm jansyz göwre bolup ýatyrdy. Olara ser salyp,
Gowşut han Täçgögüň ýanyna baranda, serdar baş hanyň kalbyna girip çykan ýaly:
—Arymyz köýýän däldir, han—diýdi.—Bir seret!
Gowşut han derwezäniň yşyndan daşaryk garady, Bärik ok atýanam kändi
welin, ýaralananlary, gurban bolanlary süýräp barýanlaryňam sany az däldi. Bolsa-da,
Gowşut han öz tarapynyň güýjüniň asgyndygyna doly göz ýetirdi. Ol kalbyndakyny
gizlejegem bolmady:
—Gaty mäkäm duraýmasag-a, serdar...
—Durarys, enşalla! Ýöne men, seň ilatyň hemmesini galada jemlemek
islemändigiň manysyna indi akyl ýetirdim, han.Şu mahal hywalylar galany
böwsäýse...
Serdaryň aýtman goýanynyň “Ählimiz gyrlaýmaly” diýen iki söz
bolmalydygyna han düşündi, ýöne Täçgöge derek welin geplemedi.
—Şu günki hüjümi aman-esen gaýtarsak, aksakallary ýygnamaly bolar, serdar.
Biz üçin “Gala urşy” amatly bolman, “It urşy1” bähbitli bolaýmasa. Netijämiz Epir
paşşasynyň 2 ýeňşi bolaýmaz ýaly, çykalga tapmaly. Manysyz gurban bolmagam
gahrymançylyk däl.
—Meňem çakym şeýle, han.
Edil gapdalda atylýan tüpeňleriň tarkyldysy han bilen serdary uzak
gepleşdirmedi.
Tüpeňleriň sesi top arryldysyna göşulyp, galmagal has-da howply ýagdaý
döretdi.
1
2
Gowşut hanyň “It urşy” diýýäni meýdanda, gaçyp-kowup uruşmakdy.( Awtor)
Epir şasy Pirriň ähli goşunyny gyrdyryp gazanan ýeňşi göz öňünde tutulýar.(Awtor)
- 160 -
Top sesinden gorkan çagalaryň, aýallaryň galmagaly öňküsindenem güýjedi.
Gala ýetmän daşynda ýarylýan top okunyň tot-tozany, galadan aşyp, içerde ýarylýan
oklaryň turuzýan tozany bilen birleşip, günorta tarapda gala diwaryna derek gara
duman süýşüp gelen ýaly boldy. Emma Hywa topy her näçe arlasa-da, galanyň
diwarynda göze görnüp duran opurylyşyk ýokdy. Gowşut han galanyň günorta
ganatyna ýetiberende, onuň ýedi-sekiz ädim gapdalynda oturan düýäniň üstünden top
oky düşdi. Düýe janawea, bir gezek bagyryp, iki gezek togalanansoň, uzyn
aýaklaryny uzatdy-da ýatyberdi. Han top okunyň myltygyň oky bilen oýnunyň deň
däldigine ilkinji gezek şeýle ýakyndan şaýat boldy.
Baş han gala diwarynyň üstünde özi üçin amatlyrak ýer peýläp, aşak oturdy. Ol
Hywa goşunlarynyň öňüne-yzyna ser salyp, top nirede, Mädemin nirede, seljermekçi
boldy. Emma topuň goşunyň nireräginde gurlandygyny anyklasa-da, Mädemin hanyň
hanjada bolýandygyny saýgaryp bilmedi. Aňtawlarynyň Gowşuda soňky getiren
habaryna görä, Mädemin Ajygam depede uzak eglenmän, ak çadyryny, näme üçindir
Pälizek depä geçiripdir. Ozi-de söweş mahaly hem çadyryndan çykman, darkaş
meýdanynyň aladasyny serkerdelerine tabşyrýarmyş. Gowşut soňky habara başda
ynanmajak boldy, soňam türkmenleriň güýjüniň Hywanyňkydan telim esse pesdigi
hakda oýlanybam, Mädemin hut özüniň söweş meýdanyna çykmagynyň zerurýetligi
hem ýokdur hasap edýändir diýen netijä geldi. Barybir söweş mahaly Mädeminiň
nirede bolýandygyny bilmek Gowşut han üçin hökmandy. Çünki ol ertir bolmasa,
birigün Mädeminiň asla garaşmaýan bir “oýnuny” etmek isleýärdi. Teke hany şol
oýna, şol oýunda utjagyna halys ýürekden ynanýardy. Eger hanyň kalbynda besläp
ýören hyýaly amala aşaýsa, çaknyşygyň netijesiniňem şoňa görä bolaýmagy ahmaldy.
Gowşut hanyň pirimi, eger batyrlar, serdarlar oňlasalar, ýakyn günlerde amala
aşyrylmalydy. Häzirlikçe welin, baş hanyn baha bermegine görä, bu günki
çaknyşykda hywalylaryň güýji rüstemdi. Gowşut hanyň hem teke serdarlarynyň
ählisiniň esasy aladasy duşmany gala goýbermän saklamakdy. Duşman gala girip
bilmän, yza gaýtsa, ol ýagdaý köp adamyň gurban bolandygyna garamazdan, tekeler
üçin üstünlik hasaplanjakdy.
Birdenem “Mergi gelende heşelle kakmak” diýen ýaly, Saragt galasynyň
içinde-daşynda jeset bary süýnüşip ýatyrka, janpenalaryň biri şeýle bir “Ha-hahaýlap” gülüp göýberdi welin, göz açyp-ýumasy salymlygam bolsa, gan dökülýän
söweşi ýadyndan çykaran Gowşut han gapdalyna nazar aýlady. Gülen ýigit henizem
joşgunyny saklap bilmän:
—Bir serediň! Bir serediň!—diýip, gygyrmak bilen öňe tarap elini uzadýardy..
Hanam, janpenalaram el uzan tarapa seretmeli boldular. Dogrudanam, gülerçede bar ekeni. Hywa nökeriniň biri aty bilen bile garyma gaçypdyr. Ýüz-gözi, kellesi,
ýallaryna çenli hapa samana gömlen at hanja ýüzjegini bilmän, çar tarapa urunýardy.
Eýerden agan nöker bolsa, megerem, ýaragynam gaçyran bolarly—iki eli bilenem
atynyň guýrugyndan ýapyşyp, samanly suwuň ýüzünde gaýyp ýördi. Ahyr at amatly
bir ýer tapyp, garymdan çykdy. Ol özünem halas etdi, eýesinem. Beýle täsin wakany
gören baş hanam ýylgyrman saklanyp bilmedi.
Gowşut han diwardan aşak düşen pursady, aňtawlaryň biri ýetip geldi, Han
ondan habar sorady. Aňtaw şu günki söweşe Amanýaz serdaryň nökerleriniň
gatnaşmaýandygyny, olaryň, umumanam, Saragt söweşine girmekden ýüz
- 161 -
dönderendiklerini aýtdy. Teke hanynyň agyr süňňi birden ýeňlän ýaly boldy, içinden
bolsa: “Garyndaşlygyňy-ha görkezdiň welin, oň üçin gara kelläňden geçmeli
bolaýmasaň, ýomut”—diýip,ol aýgyt etdi.
Han körpeçleriň gapdalyndan geçip barýarka, “Ýa, Alla! Ýa, pirim!” diýip,
elewräp ýören Seýitmuhammet işan inçejik sesi bilen:
—Han, aýak çekeweri!—diýip gygyrdy.
—Gulluk, işan aga!
Bir zatdan gaty gorkan çaga ýaly bolup, tutuş göwresi bilen sandyraýan
Seýitmuhammet işan:
—Başymyza kyýamat inmedik bolsa ýagşydyr, han—diýdi.—Indi ilat şeýdip,
gyrlaýmaly bolarmy? Adamlar ölýä ahyryn, han. Belany dep edip bilmezmiň?
Towakga kylsak, niçik bolar? Sen han adam, oýlansana, inim! Heý, bala-çaga rehmi
inmezmi o kapyryň? Oglan-uşagam gyrylýar-a, han...
Tutuş tekede sarpasy ýetik işanyň aglamakdan zordan saklanýandygyna hanyň
nebsi agyrdy, özüniň bolsa, ýaşulynyň islegini bitirmek üçin edil şu mahal elinden zat
gelmeýändigine haýpy geldi. Onuň jogaby gysga boldy.
—Işan aga, biz bir synanyşaly...Pelek işidir..
Şondan kän mahal geçmänkä, galanyň diwarynyň iň belent ýerine çykan adam
haraý islenýändigini duýduryp, elindäki ak telpegi esli salym iki tarapa bulady.
Gala hüjüm etmegi togtadan Hywa serkerdeleri ýagdaý bilen Mädemini
habardar etdiler. Han serkerdeleriniň hereketini oňlady, hemem türkmenleriň ýan
berenine hoşwagt bolansoň, Muhammet Ýakup Mätere ýylgyryp seretdi:
—Küşt meýliň barmydyr, Mäter?
Muhammet Ýakup Mäter hanyň keýpini bozmak islemeýäni üçin ýüreginde
ýok gepi diýdi, aýdan sözlerindenem özi uýaldy:
—Merhemetli han, siz bilen küşt dikip, başga wagt-a utup giden ýokdy welin,
bu pursat-ha...
Mädemin ala gözlerini ýumup, çyny bilen ýylgyrdy.
—Gowşut hanyň üç gezek top atylansoň, ak telpek bulaýşy ýaly, üç göçümde
alarsyň diýmekçimiň?
Ýalanyny çyna berimsiz edip aýtmak islän Mäter:
—Edil üç göçüm bolmasa-da, uzaga çeker öýdemok. Siziň küşt oýnaýşyňyzy
tutuş Horezmin bilýär ahyryn.
Küşdüň berjek lezzetini Mäteriň ýakymly sözlerinden almak bilen oňdumynämemi, Mädemin gürrüňi oýundan çyna ýazdyrdy:
—Tekeler haçan geler öýdýäň, Mäter? Ýa biz munda indi palaw iýip
ýatmalymy şeýdip?
Muhammet Ýakup Mäter esli oýlanyp jogap gaýtardy:
—Bu gün bolmasa, erte geler, merhemetli han. Jan özlerine lazym..
—Näme üçin bu gün däl-de, erte?
—Ölen-ýitenleri-de ýygnamaly bolar ahyryn...
- 162 -
—Olardan birneme adam gyrlan bolsa gerek—Mädemin birdenem kürtdirip
durdy-da, gaşyny çytdy.— Bizdenem wepat bolan barmy?
Muhammet Ýakup Mäter söweş maglumatyny eýýäm alypdy. Şonuň üçinem ol
säginmän jogap gaýtardy:
—Bizden biri kem otuz adam wepat berdi. Ýeňil-ýelpaý tyg düşenleriň
maglumaty alynmady. Olar känem däldir-le.
—Bir kem otuz diýdiňmi?—Mädemin Mätere dikanlap seretdi.—Onça adam
niçik wepat boldy?
—Tekelerde-de mergen kişiler kän, han aga.—Mädeminiň keýpiniň
bozulandygyny duýan Mäter ýagdaýdan derrew baş alyp çykdy.—Neme-dä,
merhemetli han...Alla her bendesine bir hili olüm buýrýa. Horasanda ajaly ýeten
Horasanda ölmeli, Saragtda peýmanasy dolanam Saragtda galmaly. Ol Taňrynyň
emri.
Jogap Mädemini birneme ynjaltdy.
1855-nji ýylyň 17-nji martynda guşluk mahaly tekelerden ilçi gelendigi mälim
boldy. Muhammet Ýakup Mäter ol habary aýtmak üçin çadyra girende, Mädemin çep
elini ýokary göterip “Ýuwaş!’ diýen manyda yşarat etdi. Häzir hanyň ähli ünsi
kapasadaky bedenededi. Bedene “Byt-byldyk! Byt-byldyk!’ edip, enaýy saýraýardy...
Mädeminiň huzuryna ilçi bolup gelen Seýitmuhammet işandy. Ol bu mahal
Muhammet Ýakup Mäteriň getirjek habaryna garaşyp, ýüpek çadyryň daşynda durdy.
Telim gün bäri ukudan ganmadyk işanyň ýüzi solak görünýärdi.
Pälizek depäniň üstünde harby eşikli nökerler, haşamly sandyklar, aw tazylary,
hana nahar taýynlamak üçin haýdaşyp ýören aşpezler bardy. Olar işanyň nazarynda
uzak saklanmady. Işanyň ünsüni çeken agzy garalyp görünýän sary top boldy. Ozal
bir top elden gidensoň, indi ägä bolunýardy. Gerek däl mahaly, top Pälizek depäniň
üstünde, örän goralýan ýerde saklanýardy.
Seýimuhammet işan topy synlap durka, gara murtly daýaw nöker peýda
boldy.Ol gözüniň gytagyny ilçä gönükdirip, elindäki köne esgi bilen sary topuň nilini
süpürmäge başlady. Ol äwmezlik bilen hereket edip durşuna Seýitmuhammet işana:
—Heý, teke, nämä aňkarýaň?—diýdi.
Seýitmuhammet işan özüni bileli bäri “Heý” diýen kemsitme eşidenini ýadyna
salyp bilmedi. Ol Saragt galasyndan alysda, şol galany ýumurmaga gelen
duşmanlaryň arasynda duranam bolsa, saklanyp bilmedi:
—Ýigit, biz “Heý” däl. Biz—tekäniň baş işany. Özumem teke däl, ärsary.
—Teke bol, ärsary bol, hemmäňiz bir bozgak türkmeniň tohumysyňyz-da.
Senem şolaň birisiň.
—Ýyl öwürşsek, megerem, siziň ataňyzam bizden juwan geler.
Seýitmuhammet işan özüniň kimdigini aýdansoň, top süpürýän ýigit: “Işan aga,
siz meniň günämi ötüň! Men sizi tanaman, hata etdim” diýer öýtdi. Emma top
süpürýän içýakgyç gürrüň tapdy:
—Bi sary top üçin işanyňam, mollaňam parhy ýok. Öňünde durzup atsaň,
pygammerem bolsaň ýykýa. Muň adam dannawy bolmaz...
- 163 -
Seýitmuhammet işan:
—Essagpyrylla!—sözüni üç öwra gaýtalamaga mejbur boldy.—Küpür
gepleme, ogul. Taňry emr etse, seň sary topuň lal açar, lal.
—Lal açma-az—diýip, nöker top süpürmesini dowam etdi.—Bi top atylar.
Ýöne siziň ogurlap giden topunyz lal açar, Atyp bilmejek bolsaňyz, bir topar tekäň
ganyna galyp, ony alyp gaçmak nämäňize derkardy?
—Wagty gelse, olam atylar.
—Sen işanam bolsaň, türkmenleriň myltykdan başga zat atyp bilmejegini
aňmaýar ekeniň.
Seýitmuhammet işan barmaklaryny owkalaşdyrdy, ýuwdundy, ahyram, topa
däl-de, gaýralygyna garap duruberdi.
Ak çadyryň eňsisi serpilip, Muhammet Ýakyp Mäter göründi. Ol bäş-on ädip,
çalarak tagzym bilen ilçini öz ýanyna çagyrdy.
“Bularyň arasynda-da edep-ekramlysy bar ekeni!”- diýip, weziriň hereketinden
hoşal bolan işan içini gepletdi.
—Merhemetli han size garaşýar—diýen Mäter, ilçini çadyra çenli ugratsa-da,
näme üçindir özi içeri girmedi. Ýogsam, şeýle uçraşyklarda Muhammet Ýakup
Mäter elmydama hanyň gapdalynda oturýardy.
Mädemin bilen Seýitmuhammet işan gol sunuşyp görüşmedi. Oňa garamazdan,
han:
—Işan aga, oturyň!—diýip, hatda ilçiniň oturmaly ýerini-de el salgy bilen
görkezdi.
“Hudaýa şükür! Nökeri “sen” diýse-de, hany “siz” diýýä bulaň”—Işan hanyň
habar gataryna garaşdy, emma esli mahallap Mädemin söz diýmedi.
—Merhemetli han, bizi-hä siziň huzuryňyza ýolladylar—diýip, ilçiniň özi
dillenmeli boldy.
Mädemin gapdalyna garady.
—Çagyrylan wagtyňyz-a ýörite gijä galyp gelýäňiz siz,—diýip, ol Gowşut han
bilen bolan Garaýap duşuşygyny henizem ýadyndan çykarmandygyny ýaňzytdy.-Çagyrylmadyk wagtyňyzam säher bilen huzura gelýäňiz...
Mädeminiň başdan beýle ýowuz daramasy işana ejizlemekden hem gönüsinden
gelmekden gaýry ýol goýmady:
—Bizi bala-çagaň gözýaşy siziň huzuryňyza getirdi, han aga...
—Iki gün mundan burun bala-çagaňyzyň bardygyny bilmeýärdiňizmi siz?
—Bilsegem, beýik han bize rehimdar bolar öýtdük-dä.
—Siz rehimdarlygyň ýüzüne şarpyk çaldyňyz. Siz Mädeminiň garadan
gaýtmaz Çingiz han neslindendigini unutdyňyz 1.
—Unutmasagam, musulman musulmana naýza sanjar öýtmedik-dä.
—Türkmenden musulman bolmaz, işan. Siz günäňizi ýuwmak üçin Käbä
gideňizde-de, maý tapsaňyz, ogurlyk edýäňiz. Türkmen gorkmasa, kapyrdanam
ýamandyr. Siz Nasretdine syrtyňyzy diräp, Hywanyň ýüzüne tüýkürdiňiz.
Mädemin özüni Çingiz han nesli hasaplap ýalňyşýardy.Onuň goňrat taýpasy Çingiz han nesline
degişli däl. ( Muhammedryza Agehiniň taryhyndan). Awtor..
1
- 164 -
—Ýok, merhemetli han, biz Hywanyň ýüzüne tüýküren däldiris. Biz Hywa
bilen hemişe-de il bolup ýaşarys.
Mädeminiň sesi birneme gataldy:
—Ýaşasaňyz, işan, “Mus-musuň Mustapasyny” aýdyp otur.
—Biziň “Mustapamyz”, merhemetli han, şundan ybarat. Eger siz toptophanaňyzy alyp, Garaýaba çekilseňiz, bala-çagany ölümden halas etseňiz, Gowşut
han maldan, hasyldan kyrkdan bir zekat tölemäge razy.
Mademin pessaý ses bilen sorady:
—Mara göçmäge razy dälmi?
—Göçmäge razy däl, oň sebäbi bar, merhemetli, han...
—Sebäbi maňa gerekgäl, işan. Men haýbat atmaýyn. Ýöne Mara göçmäge razy
bolmasaňyz...
Mädemin “Haýbat atmaýyn” diýse-de, onuň aýtman atan haýbaty aýdylyp
atyljak haýbatdanam aýylganç bolup, işanyň gulagyna ýetdi. Işan ilçi bolup gelmek
bilen tutan amala aşmadyk esasy meselesini goýbolsun etmeli boldy. Ol döwüň deň
däldigine akyl ýetirdi.
—Han aga, düýnki gezek bizden ýigrimi gowrak adam şehit boldy. Beýik
Taňrynyň hem musulmançylygyň haky üçin şol bendeleri öwlüýä äkidip jaýlamaga
ijaza berseňiz diýýäs.
Türkmenlerden wepat bolanlaryň sanyny eşiden Mädeminiň ýüzi üýtgedi,emma
sesini çykarman, baş atdy. Birdenem ol rugsat berenine ökünen ýaly, gelşiksiz
ýylgyrdy:
—Öz günäsi bilen ölen adamlary jaýlamaga Gowşut hanam gidermi, işan?
—Onçasyny anyk aýdyp biljekgäl, han aga. Gitse gerek.
—Hop ýagşy! Ýene bir gep. Gölegçiler öwlüýä ýaragsyz gitsinler. Eger ki bir
adam eli ýaragly görnäýse...
Seýitmuhammet işan ol teklip bilen razylaşandan soň, han dowam etdi:
—Asyl, Mara göçmäge razy bolmasaňyz, hemmäňiz öwlüýä baryp oturyberiň.
Dirikäňiz, öz aýagyňyz bilen gidäýmeseňiz, iki günden soň sizi jaýlamaga-da adam
tapylmaz.
Seýitmuhammet işan Mädeminiň men-menligine gaty geň galdy. Oňa nämedir
bir berk gaýtargy bermek isledi. Emma Gowşut hanyň: “Işan aga, her niçigem bolsa,
ilçi ganyny gyzdyrmaly däldir” diýenini ýatlap, saklandy. Bolsa-da, haýbatly hanyň
öňünde goja türkmeni kiçeldip gitmek islemedi:
—Han aga, Alla bizden bolsa, neresse çagalaň ykbalyny keç getirmez...
Ýaňsyly alamat bilen ýylgyran Hywa hany hörpüni öňküsindenem beýgeltdi:
—Alla sizden, işan.—Ol sözüne dyngy berensoňam, elini silkip goýberdi.—
Bar, Düýeboýun öwlüýä-de sizden bolsun!.
Seýitmuhammet işan ynjalan ýaly boldy. Onuň ynanyşyça, indi Mädeminiň
top-tüpeňi göçmeli däldi, göçäýse-de, Allany, Düýeboýun öwlüýäni äsgermäni üçin,
atan oky yzyna gaýdyp, özüne degmelidi.
—Han aga, rugsat berseňiz, men turaýyn..
Edil şol gepe garaşyp duran ýaly, Muhammet Ýakup Mäter bosagada göründide, Meýmene hanynyň huzura gelendigini Mädemine habar berip gitdi..
- 165 -
—Rugsat, işan, rugsat. Ýöne entegem giç dälkä, öz takdyryňyz barada ýene bir
gezek oýlanyp görüň..
Ilçi sesini çykarman, çalarak baş atyp, çykyp gitdi...
Gün ýalbyrap durdy. Pälizek depäniň üstünden Seýitmuhammet işana Saragt
düzlüginiň hemme ýeri görünýän ýalydy. Onuň göwnüne bolmasa, gözýetimiň üsti
Hywa goşunlarynyň ýapynjasyny ýapynyp, öz asyl reňkini başgalan ýalydy. Goşun
aşpezleriniň ojagyndan çykýan çal, gara, goňur tüsse, gowşak işilen ýüň tanap ýaly
bolup, dik asmana tarap hatar-hatar ýoda çekip gidýärdi. Düzlükde iki ýana at salyp
ýörenlerem, haýsydyr bir oýna güýmenýänlerem görünýärdi. Uzakdan, salgymyň
içinde ýaly bolup, ýalňyz oturan Saragt galasy göze kaklyşdy. Galadan tüsse
çykýardy. Ol bolsa galada ýaşaýyşyň dowam edýändigine güwä geçýärdi.
Seýitmuhammet işan oňa şükür etdi. Işan han çadyryny saklaýan nokeriň golaýyna
baryp saklandy. Ol Muhammet Ýakup Mäteri görüp gitmelidi. Çünki han nökerleri
ilçini goşunyň içinden geçýänçä ugratmalydy.
—Ýigit, meni Muhammet Ýakup Mätere sataşdyryp bilmezmiň?—diýip, işan
bir nökere ýüzlendi.
Onýança goltugy odunly biri geldi. Ol başda Seýitmuhammet işanyň gaharyny
getiren top süpürýän nökerdi.
—Eý, hammal, gojany Ýakup Mäterge sataşdyr.
Seýitmuhammet işanyň öňüne düşüp ugran hammal agzynyň ýetişdiginden
gepleýärdi, öwünýärdi. Ol Hywadan gaýdylaly bäri niçiksi toý-tomaşa görendigini,
her obanyň üstünden ýollary düşende, özüne juwan gyz bilen aýşy-aşrat sürmek
miýesser bolandygyny, umuman, Mädeminiň goşunynda gullukda durmagyň
hezillikdigini agzyny şapbyldadyp aýdýardy. Ol häzirem bir tomaşanyň—hana dil
ýetiren nökeriň ite daladylýan tomaşasynyň üstünden baryljakdygyny aýdanda,
dymyp gelýän işan saklanyp bilmedi:
—Inim, galat gep urýan-a dälsiň sen? Adam ogluny ite dalatmak bolarmy? Ol
şerigata sygýan zatmydyr?
Öňden barýan hammal aýak çekdi-de, ýaşulynyn ýüzüne çiňerildi.
—Mädemin ýaly beýik hana paýyş sögmek şerigata bap gelýämikä?
—Aý, paýyş sögen bolsa, o dünýäde jebrini çekerdi-dä.
—O dünýäde çeker. Ýöne bu dünýädenem paýyny alyp gitsin-dä.
—Aý, biz-ä bilmedik...
—Sen bilmeseň, men bilýän—diýip, hammal ynamly gepledi.—Bu dünýädekä
beýle adamyň diriligine hamyny sypyrmaly...
“Tomaşa” ýerine barlanda, Seýitmuhammet işan hammalyň ýalan
sözlemändigine göz ýetirdi. Ol birbada özüniň nirä, näme üçin gelendiginem
hakydasyndan çykardy.
Märekäniň öňünde, diňe uýat ýeri köne letde bilen örtülen, otuz ýaş
töweregindäki ýalaňaç adam durdy. Gara murty aşak sallanyp duran, pes boýluja biri
öňe çykdy-da gygyrdy:
—Merhemetli ragwarymyz bolgan beýik Mädemin hanyň abraýyga dil ýetireni
sebäpli, Abdylla Togta ogluny aç itlere daladyp, jeza bermeli...
Elleri ýalaňaç gylyçly nökerleriň arasyndan zymdyrylyp çykan iki sany daýaw
it ortada duran ýalaňaç adamyň üstüne bökdi. Gorkusyna özi ýykyldymy, ýa-da
- 166 -
itleriň zarbyny saklap bilmedimi, daýaw göwre bir tarapa agdarylyp gitdi. Ol jynssyz
ses bilen gygyrdy. Itler onuň çem gelen ýerinden agyz salmaga başladylar. Az
salymdan ýüz-gözi persala bolan adamda adam sypaty-da galmady...
“Tomaşa” uzak tomaşagär bolmaga ýüregi etmedik Seýitmuhammet işan, iki
eli bilenem ýüzüni tutdy-da, aşak oturdy.. Gözi garaňkyran işanyň ýa-ha dünýä
daşynda aýlandy, ýa-da ol dünýäniň içinde pyrlandy. Garaz, ilçi çommalyp oturmagada ýaraman, ýeňsesini ýere goýmaly boldy. Ol zordan elini hereketlendirip,
gapdalynda duran hammalyň synyndan çekdi:
—Ýigit, maňa Muhammet Ýakup Mäteri tizräk tapyp bereweri...
Galanyň howpsuzrak hasap edilýän gaýra tarapky ganatynyň öňünde dag
bölegi ýaly bolup ýatan ders üýşmeginiň töwereginde adam gaty kändi. Köne-küşül
haltalara ders gaplaýanlaryň arasynda gyz-gelinler hem bardy. Bir tarapda tüňňerişip
ýatan içi dersli haltalaryň sany dört ýüzden-bäş ýüzden habar berýärdi. Gowşut han ol
ders üýşmegini bir aýa golaý mundan ozal, Hywa tarapdan gelmeli howpuň çynyrgan
pursatlary ýygnadypdy. Ders galadan uzagrakdaky obalardanam, çekene sürüleriniň
agyllaryndanam atly, eşekli, düýeli getirilipdi.
Gowşut hanyň pirimine görä, Saragt galasyndan tä Pälizek depäniň deňrägine
çenli, gije ýarymyndan aganyndan soň, ýasy çil çekilen ýaly edip ders dökülmelidi.
Ony peýdalanmagyň wagty gelende, eger şemal gaýra tarapdan öwüsse,
müňlerçe halta derse ot bermelidi. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän tüsse, asmanzemin bilen ýuwaş-ýuwaşdan süýşüp, Hywa goşunynyň üstüne gara bulut bolup
inmelidi.
Dem almasy, görmesi, hereket etmesi kynlaşan goşun, şemal demirgazykdan
öwüsýäni sebäpli, tüssäniň ýukarak ýerine, günorta çekilmelidi. Ders çiliniň
gaýrasyndan, tüssesiz meýdandan Gowşut hanyň ýigitleri Pälizek depä çenli at
salmalydy. Ol işiň nähili netije berjegi öňünden belli bolmasa-da, teke hany öz
pirimine bil baglaýardy. Çünki esasy goşuna görünmän, şeýle ýol bilen hereket
edäýmeseň, Hywa nökerleriniň arasyny kesip, Palizek depä ýetmäge synanyşmak
özüňi ajalyň agzyna taşlamakdy. Şol depä aralaşyp, Mädeminiň çadyrynyň
töweregine, çalaragam bolsa, çabrap gaýtmak Gowşut hanyň baş arzuwydy. Onuň
pikiriçe, ol hereket amala aşsa, iki bähbit getirmelidi. Edil Mädeminiň çadyrynyň
ýanynda türkmen ýigitleriniň gylyç oýnadyp gaýtmagy Hywa goşunyny ruhdan
düşürse, şonça goşunyň gözüne çop atyp, baş çadyra çabrap gaýtmak türkmenleriň
ruhuny götermelidi. Bu syýasatyň syýasatdan has ýokary netije beräýmegi-de
mümkindi. Gowşut handa şol hakda-da inçejigem bolsa, tama bardy.
Gowşut han günorta boluberende, töweregindäki adamlar bilen ders
gaplaýanlaryň ýanyndan gaýtdy. Ol galanyň ortaragynda dikilen öýüne ýetip
barýarka, gapdaldan çykan nöker Eýran topçusy Mämmet parsyň gum içinden
tapylyp, gala getirilendigini habar berdi.
Gören ahwalatyndan soň, agzyna uçuk gaýnan Seýitmuhammet işan hana öýüň
bosagasynda diýen ýaly gabat geldi.
- 167 -
Mädemin bilen il bolmaklygyň başa barmandygyny Seýitmuhammet işany
gören badyna aňan Gowşut han emeli ýylgyrdy:
—Işan aga, Mädemin bilen mäşiň bişişmedik bolarly. Zeleli ýok.
Kysmatdakyny görübereris. Bizem Hudaýa sygynýas ahyryn..
Seýitmuhammet işan sesini çykarman, hanyň galdyryp beren eňsisiniň aşagyna
sümüldi. Täçgök serdar, Nepes molla, Amansähet serdar dagy hem işanyň yzy bilen
öýe girdi.
Öýdäkileriň hemmesiniň Mädemin bilen bolan gürrüňi eşitmäge
howlugýandyklary bellidi. Emma Seýituhammet işan welin, näme üçindir, dymyp
otyrdy. Şonuň üçinem Nepes molla gepbaşylyk söz gatdy:
—Işan aga, Bekmyrat teke bize salam ibermedimi?
Şahyryň degişmesini degişmedir öýdüp kabul etmedik ýaly, işan gara çyny
bilen:
—Bekmyrady-ha görmedim, molla—diýdi.—Ýöne men ondanam aýylganç bir
sat gördüm.Mädemin han sähel etmiş edeni ite daladyp öldürýär ekeni, Ana, men şol
gabahat işi öz gözüm bilen gördüm.
Seýitmuhammet işan şondan soň Mädemin han bilen bolan gepleşigi başdanaýak aýdyp berdi. Ol Gowşuda ýüzlenip, gepini şeýle tamamlady:
—Han, işan agaňyza “Hä” diýseňiz, şeýle towakgam bar. Şu oturanlaryň hiç
biri gölegçi bolup, gonamçylyga gitmesin. Mädeminiň neti-päli düzüw däl. Meň
ýüregim bir zady syzýa...
Beren maslahatyny ýaşulylar makullanlaryndan soň, işan iň soňky sözüni
diýdi:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gowşut han (Saragt galasy) - 17
  • Parts
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 01
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2204
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 02
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 2115
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 03
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2148
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 04
    Total number of words is 3873
    Total number of unique words is 2177
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 05
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2155
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 06
    Total number of words is 3811
    Total number of unique words is 2149
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 07
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2157
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 08
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2173
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 09
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 2166
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 10
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2144
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 11
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2187
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 12
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2180
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 13
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2197
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 14
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2141
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 15
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2172
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 16
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2134
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 17
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 2059
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 18
    Total number of words is 2341
    Total number of unique words is 1456
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.