Latin

Gowşut han (Saragt galasy) - 07

Total number of words is 3850
Total number of unique words is 2157
30.4 of words are in the 2000 most common words
43.1 of words are in the 5000 most common words
50.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bilinmese, kiçiň kiçi bilinmese, nädersiň? Ýaňky “Ahyrzamana golaýlaýa” diýýän
gepiňiz çyndyr. Obalarda ogry-jümrem köpelipdir diýýäler.
- 62 -
—Dogry aýdýaňyz, Şirinjemal gelin—diýip, Seýitmuhammet işan ýeňil-ýeňil
üsgürindi.
Adynyň gapdalyna “gelin” sözi hem goşulan Şirinjemal ejäniň keýpi çaglandy.
Öz döwrinde gelin adyna hakyky mynasyp bolup gezenem bolsa, soňky gezek haçan
beýle ýakymly söz aýdylany kempiriň ýadyndanam çykyp gidipdir. Şonuň üçin bolsa
gerek, ol ýene bir gezek alyn saçyny sypap goýberdi. Emma onuň barmaklaryna
degen on sekiz ýaşly gelniň näzik saçy bolman, näziklik möwritini bireýýäm geçiren
gataňsy ak gyllardy.
Işan dowam etdi:
—Ol haramylaň derdinden öz gapyňdaky halal malyňam duranok. Arap hajy
bendäniňem toý-tomguda serpaý alyp ýören ýüwrügini ogurlapdyrlar. Ýogsam, o
bende ile-güne zepersiz, taňra sygnyp oturan dogaman adam-a. Annany-jumanam
bilmese nädersiň bi dinden çykanlar...
—Işan atasy, halal malyňa haram elini uzadana Hudaý göz görkezmeli
dälmidir?—diýip, Şirinjemal eje gaýtaryljak jogaby öňünden bilýänem bolsa, işanyň
sözüniň arasyny bölüp sowal berdi.
—We-eý,
Şirinjemal
elti,
aýdyp
oturanyňyz
nämedir?!—diýip,
Seýitmuhammet işan sowal halys ýürekden çykýandyr öýdensoň, gara çyny bilen
geňirgendi.—Elbetde, Biribar beýle näkeslere göz görkezer. Elbetde, ol ýoldan
çykanlaryň ahyrady tep-tekizdir. Elbetde, beýle ki murtarlara keramatly gürzi ataşy
garaşyp durandyr.
—Rastdyr!–diýip, gepe-söze goşulman oturan Gülsüm bibi hem bu gezek
adamsynyň aýdanlaryny tassyklap goýberdi.
Şirinjemal eje ýene sözledi:
—Biz obada hem bir pukara bendäniň sagdyrýan sygryny äkitjek bolup
durkalar göräýipdirler.—Kempir bu gezek ýalan sözledi. Ol obada hiç kimiň sygry
ogurlanjak bolmandy. Ol ýöne işanyň sözlerini delilleşdirmek, onuň ugrundan
gopmak üçin aýdylaýan zatdy. Öz ýalan sözüne birbada özi-de ynanyp, soňam ýalan
sözlänini hakydasyna getiren Şirinjemal eje howpurgady. Ol ýalan sözlenenini
keramaty güýçli işan aňar öýdüp gorkdy, “Kimiň öňünde ýalan sözleýäň?” diýip, özözüne igendi.
Emma keramatly hasap edilse-de, Seýitmuhammet işan ýalan sözlenenini
bilmedi, gaýtam, haýwanly gürrüňi adamly gürrüň bilen utgaşdyryp, ýaňky aýdylan
ýalan gepe-de berk ynanandygyny myhmanyna subut etdi oturyberdi.
—Mal-hal-a, baş saglygy üçin sadaka diýäýseňem bolar welin, öňräk gaýraky
obadan Daňatar aga diýen bir pukara bendäniň göze görnen gyzyny at ardyna
basansoňlar, yzlaryndan ýetäýipdirler...
Daňatar aganyň ady agzalanda, işanyň ony ýatlamagyny hudaýtarapyn bir
çüwmeklik hasaplan Şirinjemal eje pursaty elden bermedi. Ýogsam, ol niçiksi öwrüm
bilen şol gepiň üstünden barjagyny bilmän otyrdy.
—Işan atasy, siz şol Daňatar diýilýäni tanaýaňyzmy?
—Çalarak tanaýan, Şirinjemal elti.
—Heýlemi?—diýip, gaýtam, işanyň ony çala tanaýanyna begenen kempir
derrew işe girişdi.—Pendi baý şoň bilen öz daşkyrak ýegeni üçin garyndaşlyk açjak
bolýa.
- 63 -
—Juda gowy edýä. Alla oňlawersin! Pendi baý bir ýagşy adam. Işanmollasyna, musulmançylyga uly sarpa goýýan kişidir ol.
—Ýöne Daňataram gatybir göwnäp baranok.
— O nä geň ahwalat! Pendi baý ýalylar gapysyny açsa, armany nämekä?!
Bu gep göwnünden turan kempiriň sesi-de sandyrap gitdi.
—Wah, menem şony diýýän-dä. Indi ol iş üçin Pendi baýyňam lapy keç bolýa,
işan atasy.
—Dürsdür!
—Hawa, işan atasy, Pendi baýyň maşgalasam meni siziň ýanyňyza ýollady.
“Gaýrat edip, şol işi bähbide sary ugrukdyraýsalar” diýdiler.
Seýitmuhammet işan “şyg-şyg” edip güldi. Kempir iňkise gitdi. “Öňki
ýalanymam bilendir-de, ýüzüme gelip bilmän, aýdan däldir”. Şeýle oý etse-de,
Şirinjemal eje ýene ynjaldy. Sebäbi, ol Daňatar agalara gudaçylyga barmadyk Pendi
baýlary gudaçylyga baran edip görkezmek bilen öňki gezek doly ýalan geplänem
bolsa, soňky aýdany doly ýalan däldi, herniçik-de bolsa,ol hakykata golaýlaýardy.
Çünki gudaçylyk hakdaky gepi başlan Pendi baýyň maşgala agzalarynyň biri
Mälikdi. Şony ölçerip-döken kempir birneme köşeşdi. Bolsa-da, ony gülkiniň
döremeginiň sebäbi az gyzyklandyrmady.
—Işan atasy, nämä güldüňiz?—diýip, Şirinjemal eje tolgunýandygyny
basyrmak üçin, öý eýesiniň ýüzüne garaman sorady.
—Äý, bir gep ýadyma düşdi-de...
Kempiriň ýüregi aram tapdy. Çünki işanyň jogaby onun bilgiçliginiň
ýüzleýdigine şaýatlyk etdi.
—O nä gep?—diýip, kempir indi sowalyny arkaýyn aýtdy.
Işan bu gezek ýeňil-ýeňil ardynjyrady.
—Biziň atamyz bende gaty güýçli kişi bolan eken…
—Hawa, ony ilem aýdýa.
Gülsüm bibi hem iki aýdylany bir baş atyş bilen tassyklady.
—O bendäň ismi Möwlamberdi işandy, Şirinjemal elti. O gudratly bolany
üçin il onuň dürs adynam tutman, “Ýoldaşly işan” diýer eken.
—Ol bäbekkä sallançagynyňam özi üwrelipdir—diýip, Gülsüm bibi gaýyn
atasynyň abraýyny beýgeltmekde adamsyna goltgy bolar ýaly söz tapdy.
—Taňry nazar salan adamlaryň sallançagynyň özi üwrelýä diýip, oglankagam
eşidýädik.—Bu Şirinjemal ejäniň sözi.
—Bir gün, ýatan ýeri ýagty bolmuş atamyz bende öýle namazynyň yzyndan
tesbi sanap, doga okap otyrka, bir ýaş gelin juguryny jugurdadyp, onuň ýanyna gelýä.
“Ol öýe baraýyň, bibi eneňiz bardyr” diýýä atamyz bende. Otüki gelin, ýaşmak ýok,
ýaşynmak ýok: “Men bibi enäň ýanyna gelemok, Siziň ýanyňyza geldim. Haýdanhaý bir dogajyk beriň. Ýanlyk ýaýýan welin, ýag az çykýa” diýýä.—Işan
myhmanynyň ýüzüne garady.—Doga “dogajyk” diýmegem küpürdir, Şirinjemal elti.
—Ýogsam näme!—diýip, kempir derrew işanyň aýdanyny tassyklady.
—Atamyz bende oňa: “Ýanlyk diýilýän zada doga-tumar tär edip bilmez,
keýgim” diýýä welin, o gelin: “Jansyz ýanlyga täsir edip bilmedikdenem işan
bolarmy?” diýýä goýberiberýä. Muňa atamyz bendäniň gahary gelip:
“A, peläket pyşbaga,
- 64 -
Doga neýlesin ýaga?
Giç ýat-da, ir tur,
Alty pişegi artyk ur,—
Eliň batar sary ýaga”
diýip jogap gaýtarýa. Düşündiňizmi, Şirinjemal elti?
Şirinjemal elti düşündi. Sebäbi, ýandyk ýaýýan akmak gelne berlen jogap onuň
gudaçylyk hakdaky haýyşynyňam öwrümliräk aýdylan jogabydy.
Ýurt parahatçylyk bolup duranda-da, Saragt türkmenleriniň ýagdaýy ýeňil
däldi. Ýyl ýyl bilen kybapdaş gelmeýärdi. Gyş, ýaz gurak düşende, Tejen
derýasynyňam suwy peselýärdi. Şeýle bolanda ýaşaýyş kynlaşýardy, toprak umyt
edilen hasyly bermeýärdi, ýylgalla meselesi agyrlaşýardy. “Ýer gaty bolsa, öküz
öküzden görer” diýen ýaly, iýmäge nan tapylmasa, ilat arasynda närazylyk artyp,
ýüp syrygýardy-da, toýnukdan geçýärdi—başa düşen kynçylygyň garamaty baş
hanyň başyna atylýardy. Ýogsam, ýagyş-ýagmyryň az bolmagy, ýylyň gurak
gelmegi hana-bege bagly hem däldi. Il üstüne daşardan howp abansa-da ,
adamlaryň aglabasy ony baş han bilen baglaşdyrmak isläp durdy. Sebäbi, baş han
her zat etmelidi welin, howp döreden tarap bilen dil tapmalydy, şeýdip, başa gelen
belany dep etmelidi. Şony başarmasa-da, baş han baş hanlyga mynasyp kişi däldi.
Şu mahal atyny derýadan suwa ýakyp gelýän Gowşut han şol barada
oýlanýardy. Ine, Mädemin han. Onuň bilen nähili edip dil tapmaly? Onuň Mary
bahanasy bilen Saragta döküljekdigi ikuçsyz. Mädeminiň ol maksadynyň ozaldan
gelýän maksatdygyny diňe Gowşut han däl, Saragt düzünde mal bakyp ýören sada
çopan hem bilýär. Hywa hanynyň gara güýjüniň nähilidigini, oňuň öňünde
durmagyň akla sygmajak derejede kyn boljakdygyny bolsa çopan bilenok, Gowşut
han bilýär. Geň zat: Saragt kethudalary Mädeminiň goşunynyň hatarynda sekiz müň
sany türkmen nökeriniň bardygyna çenli edil özleri barmak basyp sanan ýaly anyk
bilýärler. Emma tutuş türkmende däl, diňe Saragt tekelerinde eli ýarag tutýan ňäçe
adamynyň bardygyny welin olar bilmeýärler. “Adam sanyny bilmän, ýarag sanyny
bilmän, sen nädip Mädemin ýaly agyr goşunly hanyň öňünden çykjak?” Gowşut
hanyň sowalyna häzirlikçe jogap ýokdy.
Derýanyň mal-gara suwa ýakylýan güzeri hanyň öýünden bäş ýüz ädim çemesi
günbatardady. Şol güzerden otuz-kyrk ädim gündogarda mähnet toraňňy kenara saýa
salyp otyrdy. Kökleriniň esli bölegi açylyp, derýanyň erňegine sallanyp ýatansoň,
suw içip duran ullakan bir jandara çalym edýän toraňňynyň giň saýasy
tomusmy,gyşmy-- adamsyz bolmaýardy. Ol ýerde epeý-epeý adamlar, çaga ýaly
galmagal edişip, omadaklaşyp,düzzüm oýnaýardylar, küşt dikýärdiler, jedel
edýärdiler.
Şu mahalam, baş han atyny iýdip gelýärkä-de, toraňňynyň aşagyndaky bäş-alty
sany degenek pyýada küşdüň başyndady. Olar oýna şeýle bir gyzygypdylar welin,
ýaşaýan topragyna agyr ýagynyň dökülmegine garaşýan iliň adamlaryna
meňzemeýärdiler. Küştçüler üçin giň jahanda goh-da ýokdy, galmagalam. Ähli üns
takyrjak ýere ýazylan küşt matasynyň üstünde bolup geçýän iki taraplaýyn söweşe
- 65 -
gönükdirilipdi. Şol sebäpli olar Gowşut hanyň gelip duranyny-da aňmadylar. Eger-de
at hokranmadyk bolsa, hana asla-da üns berilmejek ekeni. Salam-helik alşylmagynada diňe şol hokranma sebäp boldy.
Küşt matasynyň bir tarapyndaky bäş adam mal ýöredýän dolmuş ýaşulyny
goldaýardy. Beýleki tarapdaky gara jürjene kiçijik adamynyň bolsa täk özüdi—oňa
janköýerlik edýän-de ýokdy. Ol adamynyň ýüzüne Aman aga diýilse-de, il içindäki
ýörgünli ady Aman jalaýdy. Oňa Aman neşe-de diýýärdiler. Amany jalaýlygy üçin
däl-de, neşebentligi üçin halamaýardylar, bolsa-da onuň guýmagursak küştçidigine
welin sarpa goýýardylar. Ýekme-ýek küşt dikip, ony utaýýan adam bu sebitlerde
seýrekdi. Ölemen küştçi hasaplanýan Gowşut hanyňam Aman jalaýdan, köplenç,
döwi pes gelýärdi. Küşde kesesinden ser salyp, biraz duran han oýnuň humaryna
özüni aldyrmanka, bu ýerden daşlaşmak üçin ýoluny dowam etdi.
Hanyň ugranyny görenleriň biri:
—Han aga ötägitdi-le?—diýip, töwerekdäkileriň hemmesine-de deň degişli
hem sowal, hem habar berdi.
Ähli kişä derek Aman jalaý samrady:
—Han gitdi diýýäňmi? Gidende näme? Hany, göç! Han siz ýaly akmak
bolmany üçin gidendir. Küşdüň başynda Aman jalaýyň oturanyny gören adam akylly
bolsa süzüliberer. Ynha, siziň altyňyzam tirkeşip, Gowşut hanyň yzyna düşübermeli
bolarsyňyz. Ýa sizde akyl ýokmy?.. Göçüň!
—Göçüldem-dä. Göçülende eliňden näme gelýämiş seň?
—Elimden näme gelýänini weziriň atdan agansoň bilip galarsyň...
Gowşut küştçülerden bary-ýogy otuz-kyrk ädim daşlaşanda, hasasy öz
boýundanam uzyn kempir onuň ýoluny kesdi.
Han salam berdi, garry salam aldy.
Han geçibermekçi boldy, garry oňa geçmäge ýol bermedi.
—Sen Gowşut han-ha dälsiň, ýigit?
—Şol bolmaly men. Näme hyzmat, ýeňňe?
—Men seni gözläp öýüňe-de bardym. Möhümimi aýtmazdan öň bir doga
okaýyn,köşek.—Gumak ýolda tapyr-tupur aşak oturan kempir agzynyň ýetişdiginden
samramaga başlady. Onuň doga diýip okaýany gurhan süresi hem bolman, öz sözi
bilen aýdylýan alkyşdy, ýagşy arzuwlardy. Ol tekäniň üstüne howp inmeginiň öň
ýany täze hana rowaçlyk dileýärdi.
—Indi bolsa, sen, han, meň arzyma gulak as!—Hasasyna daýanyp ýerinden
turan kempir, handan algysy bar ýaly, arzyny gaharly äheň bilen beýan etdi.—Sen,
uly iliň hanydygyň çyn bolsa, meň sygrymy tapyp ber. Han kişi garyp-pukaraň
hossary bolmalydyr. “Gaýry rakybyň bolmasa, babadaşyň ýokmudy?” diýip, dürs
aýdypdyrlar. Türkmen türkmeniň malyny ogurlaýa. Şü musulmançylyga sygýamy?
Han bolsaň, sen maňa jogap ber.
Gowşut han güljegini-de, ýylgyrjagyny-da bilmän:
—Sygryňy ogurlan mendir öýdýäňmi, garry?—diýdi.
—Sensiň-ä öýdemok welin... Ogurlyk ýaman zat ahyryn.
—Hätjek-dä. “Ýol egrisiz bolmaz, il ogrusyz”.
—Ol şeýledir welin, “Jany ýanan Taňrysyna gargar” diýleni-dä, han. Bu günusaba guzlajak bolup duran sygrymyň öňňunky gidişi. Agtyjaklamma süýt-gatyk bor
- 66 -
diýip, gözümi dikip otyrdym. Töwerekden ideg-sorag etsegem, uç çykmady.
Senden haraý isläp geldim, han. Öýüňi idäp tapsam, bärik gaýtdy diýdiler.
—Özüňe kim diýerler? Haýsy obadan bolarsyň?
—Garaahmetlidirin..”Amansoltan küýki” diýseň, hemme adam tanar meni. Kä
bende tara ýüwürdip, sowsany dokap at alýa. Maňa bolsa, küýki bolmasamam, küýki
at galdy. “Amansoltant küýki” diýmän, Amansoltan eje diýseň, hiç kim tanamaz..
—Malyňy ogurlanyň kimdigini, heý, çaklaýaňmy?
—Iliňi ogruhana öwürseň, adyňa ysnat geler, han—diýip, kempir öz ugruna
hümürdedi.—Şony bilip goý.
Han garrynyň gulagy agyrdyr diýip çaklady
—Ol aýdýanyň dogry, ýeňňe. Ýöne bir garga gagyldany bilen gyş düşmez
ahyryn.
—Gyş düşmese-de düşmez welin, garga gagyldansoň, howadan eýgilige-de
garaşmagyn, han...Wah, bu gün-erte guzlajakdy özem.
Han gygyrybrak geplemeli boldy.
—Ony sen eýýäm aýtdyň. Müňkür bolýanyň bamy diýip soraýan men senden.
—Özüm-ä müňkür bolamok, Güman imandan aýrarmyş. Ýöne Şammy seýis-ä
Aman jalaýdan görýä. “Aman neşe-de” diýýämişler oňa. Sygryň örklenen ýerinde
şony görüpdirler. “Sygryň ogurlanany çyn bolsa, ogryňam şoldur” diýýä Şammy.
Hawa-da, käri pes kär bolsa, her ki zada garaşaýmaly-da o tetelliden. Ýöne tikilmese
don däl, tutulmasa ogry däl, han. Günäsini göterip biljekgä Taňry bendesiniň.
Gowşut han gyrçuw sakgalyny sypady-da, kempire soňky sözüni aýtdy:
—Sen, garry, ýol söküp, heläk bolup ýörme-de, obaňa gaýt. Men bir ideg-sorag
edip göreýin.
—Sen, han, ideg-sorag etme-de, meň sygrymy tapyp ber. Agtyjaklam oňa
garaşyp otyrlar.
Gowşut han bu gezek ýylgyrmaly boldy.
—Sygryň tapylsa-tapylmasa, birki günüň dowamynda habaryny ýetireris,
garry.
Jogap göwnünden turmasa-da, kempir han bilen hoşlaşdy.
Atyny yzyna aýlan hany bu gezek toraňňa tarap sowan küşt oýnunyň jadysy
bolman, Amansoltan kempiriň arzydy. Han gelen pursaty öňki döw tamam bolupdy.
Oýnuň kimiň haýryna gutarandygyny bolsa soraman biläýmelidi,—Aman jalaýyň
keýpi diýseň çagdy.
—Han aga, öz gökjeli küştçileň utulandygyny bilip, kömek bermek üçin yzyňa
dolanansyň sen. Şeýlemi?
—Gökjäň halynyň teň mahaly bolýan däldir, jalaý,—diýip, Gowşut han jogap
berdi.—Pyýadaň perzä çykaýan ýaly-la seň?
—Ony sen soraman bilmeli ahyryn, han. Aman jalaýy küştde utan teke
barmydyr?
—Dürsüňe dürs diýmeli. Küşde gezek gelende, Taňry saňa eçilibilipdir.
—Şony boýun alsaňyzam, men razy.
—Esli mahal bäri göze ileňok-la, jalaý. Ýa uzak illere küşt oýnamaga
gitdiňmi?
- 67 -
—Ahala gidip geldim, han. Garyndaşlammyňka. Bir hepde boldy yza
köwlenenime.
—Ahally garyndaşlaň gün-güzerany ganymatmy?
—Ýyl gurak gelipdir, galla azlyk edýä. Günemalary ýykma-ýykylma dolanýa.
Ýöne men olaň köpüsiniň keýpine döwek goşup gaýdaýdym öýdýän...
—O nä gep?
—Gämiden Bama çenli Aman jalaý bilen küşt diken gyrmyzy donly tekäň
ählisi ýanyny ýere berdi.
—Aý, edil beýle-de däldir-le—diýip, Gowşut han ýylgyrdy.—Birindenýarymyndan dagy utuldymam diý ahyryn.
—Çypbakaý çynymy aýdýan, han. Sen nä meň küşt oýnaýşyma näbeletmiň?
Üstesine,olar menden gepde-de utuldylar.
—Munyň-a çökderräk gelen bolaýmasa, jalaý,—diýip, bu gezek Gowşut han
çyny bilen ynanmazçylyk etdi.—Ahallylar küştde senden utulsalaram, gepde-hä
utulan däldir. Gepe gezek gelende, tutuş Gökdepäni ompa oturdýan Ýagmyr ýaňra
bardyr-a olarda.
—Ýagmyr bolsun, gar bolsun, meň ýanymda bir aşyk!—diýip, Aman jalaý
öwündi. Onuň hiç kime gezek bermän jürleýşi hanyň kalbynda müňkürlik döretdi.
Han ony neşeden keýpini mazaly kökläp gelen adam diýip çaklady. Şonuň üçinem ol
öz maksadynyň bähbidini arap, jalaýy ugruna kowdy.
—Ahally garyndaşlaň sözde-de senden utulaýyşlaryny! Aý, adamyňky käte
şeýdip çüwmelem-dä!
—Meňki mydama çüwýändir, han—diýip, agzy tebsiräp duransoň,
dodaklaryny ýalaşdyran Aman jalaý bolmajysy boldy. Ol baş han bilen däl-de,
neşebent ülpedi bilen dawalaşýan ýaly gögüne garap gepledi.—Name boldy diýsene,
han..
—Näme bolupmyş?
—Küştde utulan garyndaşlammyň biri ahmyryny çykarjak bolup; “Mary tarapa
göçensoňlar, garyndaşlammyzyň bary namazy-töwiri taşlap, diňe söwda-satyk bilen
meşgulmyş diýýäler welin, şol çynmy?” diýip, sowal berdi. Men oňa: “Ay, edil
beýle-de däldir” diýjek boldum welin, başga biri gara çyny bilen; “Ýuwmarlajak
bolmasana. Mary tarapda ähli adam söwda-satyga gidensoň, bazar güni ölen
adamynam ertesi jaýlaýamyşlar. Öňräk biziň bazar güni ýogalan ýegenimizem
şeýdipdirler” diýdi. Men oňa o gep ýalandyr diýdim. Ol çyn diýip, eňek bermedi.
“Asyl ony öwlüýä äkitmäge-de adam tapylmandyr. Hemme kişi bazardamyş”. Teý
bolmansoň, men oňa: “Aý, garyndaş, seň şol ýegeniň bazar güni ölmäge wagt tapan
bolsa, hakyky marylam däldir” diýdim welin, ahally garyndaşlaryň ýekejesem dil
ýaryp bilmedi. Adamlar pakyrda beräýdiler.
Toraňňynyň aşagynda oturan adamlaryň pakyrdysam Aman jalaýyň
hyýalyndaky pakyrdydan pes bolmady.
—Ahal beýlede dursun, şu gün-ä seň döwüň bi ýerde-de pes däl--diýip,
Gowşut han hem gülkä goşuldy.
—Dogry aýdýaň, han—diýip, Aman jalaý hekgerildi.—Meň döwüm hemme
wagtam, hemme ýerde-de güýçlüdir. Men hanyna-begine-de hiç mahal baş bermeýän.
Ynanmaýan bolsaňam, geç küşdüň başyna.
- 68 -
—Biz öwsek, özüňem öwnüberme!—diýip, Gowşut han atynyň rişmesini
toraňňynyň aşak eglip duran bir şahasyna baglady.--“Hemedan daş bolsa-da, kädibaş
ýakyn” Ahal uzagam bolsa, küşt matasy şu ýerde ýazylgy. Hany, bagtymyzy synaly!
—Syna han, syna!—diýip, Aman jalaý uly höwes bilen küşdüň mallaryny
dikmäge başlady.
—Birdenem men seň guş kimin uçjak bolup duran keýpiňi bozaýmaýyn,
jalaý?—diýen Gowşut han, küşt matasynyň beýleki tarapyna geçip, aýbogdaşyny
gurdy.
—Keýpimi bozsaňam, gaty görmen, han.
—Gepiň gepmidir?
—Aman jalaý iki gepleýän däldir.
...Küşt oýny tiz başlanyşy ýaly, mallaram derrew saýpal tapdy. Aman jalaýyň
bir pyýadasy zyýat diýäýmeseň, döw deňeçerräk barýardy. Niýeti oýunda ýeňmek
bolman, garşydaşyna duzak gurmak bolansoň, Gowşut han, maýyny tapsa, küşt
bermäge başlady.
Aman jalaý diýilýän adam diňe bir gowy göçümden lezzet alman, oýun mahaly
diliniňem hözirini görüp, küşde kellesi gyzanda, aýdýan sözlerinden hem keýp
çekýänlerdendi. Bu gezegem ol köne endiginiň ýatymyna görä gyşardy.
—Küştden turmalymy? Sen kim bolup Aman jalaýa küşt berýämişiň? Gowşut
han bolup küşt berýäňmi?
—Edil özi.Tur, küştden!
—Bolaňda näme sen Gowşut han? Sen Gowşut han bolsaň, men Aman jalaý.
Ine, turdum. Turamda, nädersiň?
—Ýene küştden tur!
—“Tur” diýýäňmi? Han “Tur” diýse, turmaly bolar. Başga alaç ýok.
Bolmanda-da, göçüp gonmagy goşanç görer ýaly Aman jalaýyň agyr ýüki ýokla.Turmaly bolsa gaçaýarys. Saragtyň meýdany giň.
Töwerekdäkiler küştçüleriň adaty samramasyna öwrenişip gidensoňlar, häzirki
geplere-de gulak gabartman, diňe oýna tomaşa edýärdiler.
Gowşut han ýene küşt bermäge häzirlendi.
—“Agyr ýüküm ýok” diýdiňmi, Aman? Dogryňy sözle... Tur küştden! Indi nirä
gaçaýarkaň sen?
—Saragtyň meýdany giň diýdim-ä. Ine, gaçdym...Aman jalaý hiç mahal ýalan
sözleýän däldir. Meň sopbaş özümdigimi sen bilýäň-ä, han. Menden garybyň öýi
köýsün!..Indi-hä seň “Küşdüň” gutaraýan bolsa gerek.
—Bogaz sygry bar adamam garyp bolarmy?! Häzirlikçe seni küştden azat
edýän. Özüňi dürse.
—Seň aladaň men däldirin-de, küşt bermäge ýagdaýyň ýokdur,han..
—Beýle bolsa, ýene küşt!
—Küştmi? Gaçdym...Bogaz sygyr diýdiňmi?.. Indi men saňa küşt bererin...
Bogaz sygyr-a şu gün irden guzladam.
Küştden turmak üçin şany göteren Aman jalaýyň, ony ýerinde goýjak bolanda
barmaklary ýazylmady.—Ol allaniçigsi bolup, hanyň ýüzüne garady.
—“Bogaz sygyr guzlady” diýäýdimmi men, han?
- 69 -
—Diýme kemini goýmadyň, jalaý. “Aman jalaý iki gepleýän däldirem”
diýipdiň sen. Hany, küştden turmakçydyň-la...
Oýnuň humaryna akylyny aldyryp, artykmaç gepländigine Aman jalaý şondan
soň düşünip galdy. Düşündi. Emma indi giçdi. Ol şany penjesinde gysyp duruşyna:
—Meň indi küştden turmaga ýagdaýym ýok,—diýdi.—Sen bu gezek iki
oýunda-da utduň, han aga—Oýunçy utulanyny bilse ýagşy! Men utuldym.
Gowşut han küşt matasyndan nazaryny aýyrman gepledi:
—Men utamok, jalaý. Bu gezek hakykat utdy.
Küşde tomaşa edip duranlar nämäniň nämedigine düşünmänsoňlar:
—Ýan berme,Aman!
—Ýaňadandan dik!—diýip gygyryşdylar.
Aman jalaý töwerekdäkileriň sesini eşitmeýän ýaly bolup, hanyň ýüzüne
müýnli nazar aýlady-da, bir hili ýylgyryp goýberdi:
—Şu gezek-hä “Ker goýun giç ürker” diýenleri bolaýdy öýdýän.
—Beýle däl, Aman. Bu gezek biz “Hem zyýarat, hem tijarat” diýlenini etdik.
Iň gowusy, sen göleli sygry garaahmetli Amansoltan küýkiň öýüne elt-de, owuz
paýyňy iýip gaýt.
Agzyndan çykan aýdylmasyz gep zerarly küşdüň humary, dil lezzetiniň keýpi
başyndan uçan Aman jalaý iş-işden geçensoň, äden ädimini yza almaga-da
synanyşjak bolmady.
—Ýüki-ä agraldýaň-ow, han!
—Aý, sen onça-onça ýüki göre-göre gelýänsiň-le, jalaý…
—Ýok, han, bu gezek ýük hasam çökderräk geldi.
—Çökder däldir. Zeleliň ýaryndan gaýtmagam peýda. Utansaň,“Gowşut han
iberdi” diýäý. Şeý diýseň, ýüküňem birneme ýeňlär. Ýanyňa ýene bir jahylam
goşaýaryn. Ýekeden iki ýagşy.
Küşt matasyny dört epläp, köne donunyň goltugyna salan Aman jalaý
pyşyrdady:
—Men seýrek utulýan. Ýöne utulamda welin, gaýdyp galmaz ýaly bolup
utulaýýan.—Soňam ol ýüzlenýäniniň ýüzüne garaman.—Aýdanyňy bitireýin, han
aga. Ýöne şu gezek bir hatamy öteweri!—diýdi.
Gowşut han oňa hiç hili jogap gaýtarmady.
Soňky mahallarda Karkara gudaçylyga gelýänleriň sany köpeldi. Emma gyzyň
ýaman ada eýe bolandygy sebäpli bolsa gerek, garyndaşlyk gapysyny açmak
meýllileriň arasynda dokuzy dolusy ýokdy. Olar sözaýdyjy gelen wagtlary syr
perdesini syrmasalar-da, hakykat uzaklaşman ýüze çykýardy. Sagdan-soldan
öwüsýän gep şemaly gudaçylyga gelen adamlaryň agramynyň nahilidigini gizleýän
tutyny syryp taşlaýardy. Karkara sawçy bolup gelýänleriň hemmesiniňem ýagdaýy
bir kakuwdy. “Ýigdimiz edepli gyz ýaly asyllydyr” diýip, tarypy ýetirilýän
öýlenmelileriň köpüsiniň ýaşy otuzdan agandy ýa-da kyrk töweregidi. Dört müçäni
- 70 -
arka atanlary-da bardy. Oýlenjegiň ýaşy bärräkdäkileri hem ýa-ha telpegi agandy ýada iki-üç çagaly duldy.
Daňatar agalara boý ýigit üçin gudaçylyga gelinmeýändiginiň sebäbini uly il,
şol sanda gojanyň özi-de, Karkara-da bilýärdi. Karkaranyň gyzlyk namysyna el
garylmadygam bolsa, ady garady, öz deň-duşlaryndan orny pesdi. Şeýle bolansoň,
Karkaranyň özi-de boý ýigit bilen durmuş gurmak arzuwyna etmerin öýtmeýärdi.
Emma arzuwyň gyzyň kalbyna sapan inçeden ujypsyzja umyt sapagy ony Gurbana
tarap çekip durdy. Ýöne ol sapajygy Gurbanyň çekýändigini ýa-da öz gyzlyk alynyň
ýüreginde ornaşan arzuwynyň çekýändigini welin Karkara açyk anyklap bilmeýärdi.
Karkaranyň ýagşy arzuwlary ýaly, Gurbanly mesele gyzyň isleýşine görä
çözülmeli ýol bilen barýan bolmagy-da ahmaldy. Ol şeýle bolaýanda-da, edil şu
mahal gyz üçin utuş ýokdy. Gaýtam, häzirki ýagdaý umytly arzuwy umytsyz
hyýalbentlige ýakynlaşdyrýardy. Çinki, soňky bir hepdäniň dowamynda iki gezek
gelen ak telpekli, ýüzi mama dişän ýaşuly gudaçylyk meselesinde Daňatar agany
yraňkyrlapdy. Aktelpek düýn öýlän küle ýabysyna münjek bolup durka, eňsiniň
yşyndan oňa tarap ser salan Karkaranyň keýpi bozuldy. Sebäbi, aktelpek öňki gezek
gotur ýüzüni turşardyp giden bolsa, bu sapar keýpli göründi. Ol eýere özüni atandada ýeňil gopdy. Daňatar aganyň aktelpegi ýola salşy-da öňkusinden gadyrly boldy.
Ýagdaý gudaçylyk meselesinde iki tarapyň umytly bir netijä gelendigini aňladýana
meňzedi.
Şol mahal Karkaranyň hyýalyna her hili, hatda hiç bir ýagdaýda başaryp
bilmejek hyýallary-da geldi. Ol daşaryk çykaga-da aktelpege: “Ýaşuly, siz bize
gudaçylyga gelibem oturmaň. Meň öz adaglym bar” diýesi geldi. Şony diýesi geldi,
ýöne diýip biljek däldi..
Gyzynyň kalbyndaky wakalardan bihabar Daňatar aga bolsa, şol aktelpek bilen
garyndaşlyk gapysyny açyşmak meselesini oňuna çözüberipdi. Göze görnen, şol
mahalyň özünde-de ýaman ada eýe bolan, maňlaýyna kişi maşgalasy bolmak täleýi
ýazylan gyzyň tizräk arkasy ýapylaýsa, Daňatar aga-da kem görmeýärdi. Şeýle hem
indi ol öz gapysyndan baýyň ýa-da begiň boý ogly üçin gelinmejekdigine -de akyl
ýetirýärdi.
Agyr aladanyň astynda galyp, öýländen bäri içini hümledip gezen Daňatar aga
aýak ýygnananda, öýden çykyp gitdi. Esli mahaldan bäri kakasynyň täze tapan
bimahal çagy öýden çykyp gitmek endiginden Karkara özüçe bir ýakymsyz many
çykarýardy. Ol esassyz hem däldi. Soňky wagtlarda Daňatar aga edilip oturylan
gürrüňe laýyk gelmeýän garaşylmadyk gepi-de aýdyp goýberiberýärdi. Birdenem
akylyna aýlanan ýaly bolup, hatasyny düzedýärdi ýa-da diýen zadyndan utanýardy.
Birdenem ol haýsydyr bir alada bilen kimdir biriniň ýanyna ugraýardy-da, derrewem
yzyna-da aýlanaýýardy. Ol hereketler bolsa onuň akylyna birneme zeper ýetip
ýörendiginden habar berýärdi. Karkara kakasynyň öňküliginiň ýokdugyny aňýardy,
öýden çykyp gitse, biynjalyk bolýardy. Şonuň üçinem ol bu gezek ýaşuly gidensoň,
- 71 -
dulda oturmaga takat tapman, onuň yzy bilen daş çykdy. Daňatar aga Kelhan
Kepeläniň gara öýüne girensoň bolsa, kakasyny aňtaýan ýaly bolup ýörişinden utanyp
yza ýöredi.
Gudaçylyga gelýänleriň sany köpeleli bäri Karkaranyň öz ýagdaýy hem
kakasynyňkydan gowy däldi. Ol aýagy bişen ýaly bolup, bir ýerde hem kän durup
bilmeýärdi. Dünýäde iň ýakyn hossary kakasy bilen jigisi-de käte unudylýardy. Giň
jahanda diňe Gurban bardy.Älhepus, bu durmuşyň täsindigini! Iň ýakynyň daşlaşyp,
daşyň saňa ýakyn bolýar. Megerem Karkara-da akylyndan azaşyp ýörendir? Ýok,
Karkara akylyndan azaşmaýardy. Ony yşk öz girdabyna dolap, gyzyň diýýän
tarapyna däl-de, öz akym ugruna, “men-men” diýen ýigitleri, tumagy belent gyzlary
erkinden azaşdyryp, däli edýän ugry bilen alyp barýardy. Ol akymyň aslyýeti bir
bolup, asyrlar boýy gaýtalanyp ýören hem bolsa, her ädim ýoly müňlerçe adamyň
daban depgisini gören-de bolsa, ýol Karkara üçin ädim urulmadyk ýoldy. Şonuň
üçinem kakasynyň Kelhan Kepeläniň ýanyna girenini gören gyzyň kellesine hökman
gudaçylyga gelýänler hakda gep açyljakdyr diýen pikir geldi. Adamlary däli-porhana
öwürýän yşk akymy bolsa gyzyň çaklamasynyň çaklama däl-de, hakykatdygyny oňa
ynandyrdy. Akym ony Kelhan Kepeläniň öýüne tarap akdyryp ugrady. Ol ýerde häzir
Karkaranyň ykbal ýoluny saga ýa-da çepe sowmaly mesele orta atylýan ýalydy. Ony
Karkaranyň kalby syzýardy. Haýsydyr bir duýgy bolsa: “Bar, diňle. Näme gep
bardygyny bil” diýip onuň gulagyna çawuş çakýardy. Başga bir duýgy bolsa:
“Ulugyz öý diňlärmi? Seň özün üçin gelen sawçy hakda edilýän gürrüňi diňlemäge
hakyň barmy? Gören-eşiden näme diýer? Utan, Karkara, utan!” diýip, gyzy yza
çekýärdi. Ýene şol yşkyň akymynyň güýji edepden-ekramdan üstün çykdy. Karkara
Kelhan Kepeläniň öýüniň gözenegine uçup baranyny-da, ýöräp baranyny-da
aňşyrman galdy.
Karkaranyň ýüreginiň syzany dogry bolup çykdy. Ol gözenege baryp duran
badyna, çak eden gürrüňine başlandy.
–Şeýdip,käte biziň tünege-de ser sal ahyryn, Daňatar.
—Hem-ä ser salaýyn, hemem bir işiň maslahatyny edeýin diýip geldim, ussa.
—Oňarypsyň.. Ho ýassygy çekäý ýanyňa.
—Ýassyk gerekgälle. Uzynly günümem gyşaryp geçirdim.
—Gör-dä. Maslahatyň bolmalydygyny aňýadym.
—Nämeden aňýaň?
—Soňky mahallarda gapyňda bir del ýaby görünýä. Şondan aňýan.
—Hawa. Ýaby görünýändir.
—Bir ak telpegem göze kaklyşýa.
—Ak telpegem görünýändir. Ana, şol ak telpekliň gürrüňi meň gepim, Kelhan.
Uly alada-da. Enesiz maşgala bolansoň...
—Seň ýagdaýyňa düşünýän, Daňatar.
—Düşünseň, näme, gyz halkam kişi maşgalasy bolýa-da.
—Elbet, arkasy tizräk ýapylsa ýagşy.
—Meňňem hyýalym şo.
—Ak telpegi geýýän kimmiş?
—Men näbleýin, Kelhan. Öz-ä burkazlardan diýýä.
—Menlik näme hyzmat, Daňatar?
- 72 -
—Her niçik-de bolsa, soralsa-idelse ýagşy.
—Elbet, sorag-ideg etmeli. Bilmän, görmän, öz çagaňy el-aýagyny güýlüp, oda
taşlap bolmaz ahyryn. El bilen düzedilýän iş-ä däldir welin, soramalam, idemelem,
Daňatar.
—Sen ussa bolaňsoň, tanyş-bilşi kän adam-da. Men-ä nä, özüň bilýäň, oturan
hatarymyň adamlaryndan başgany tanamok diýsemem, ýalançy däl.
—Burkazlarda salam-helik edýänimiz-ä kändir. Ugruna çykaýarys, Daňatar.
—Özüň gaýrat et-dä.
—Adyna kim diýerler oň?
—Kimiň?
—Şol, ýaňky ak telpek geýýän burkazyň.
—Welmämmet diýdi.
—Welmämmet yzçy-ha däldir ol?
—Şol bolmaly.
—Öýerer ýaly kimi bamyş oň?
—Körpämiz diýdi..
—Halmämmetdir ol.
—Şol ady tutaýdy öýdýän.
—Körpämiz diýýän bolsa, ol körpeleridir welin, biziň diýýän Halmämmedimiz
boljak bolsa-ha,oň üç-dört sany çagasam bardyr.
Soňky sözi eşiden Karkara tisginip gitdi. Ol Kelhan Kepele: “Ýok, Daňatar,
onyň bolmaz. Gülüň gunçasy ýaly maşgalany beýle haldaky adama bermek telekdir.
Aktelpegiň hokgasyny derrew öňüne taşla” diýer öýtdi. Emma gyzyň dilegi tärimden
aňryk geçmedi. Kelhan Kepeläniň “Halmämmet üç-dört çaganyň atasydyr” diýen
nägile ähen bilen aýdan sözlerinden soň, ýaşulynyňam Karkaranyň islän jogabyny
gaýtarmazlygy hem onuň öz gyzynyň ykbalyna biparh garaýandygyny aňlatdy. Iň
bolmanda, Karkara-ha ony şeýle kabul etdi.
—Ýagşy, Daňatar, has göwnejaý bolary ýaly, men ertir burkazlar tarapa gider
geläýerin.
—Şeýt, ussa. Meňňem senden gaýry hossar tutunjagym ýok. Gowşudyňam
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gowşut han (Saragt galasy) - 08
  • Parts
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 01
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2204
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 02
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 2115
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 03
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2148
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 04
    Total number of words is 3873
    Total number of unique words is 2177
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 05
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2155
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 06
    Total number of words is 3811
    Total number of unique words is 2149
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 07
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2157
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 08
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2173
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 09
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 2166
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 10
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2144
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 11
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2187
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 12
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2180
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 13
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2197
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 14
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2141
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 15
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2172
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 16
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2134
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 17
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 2059
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 18
    Total number of words is 2341
    Total number of unique words is 1456
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.