Latin

Gowşut han (Saragt galasy) - 04

Total number of words is 3873
Total number of unique words is 2177
32.7 of words are in the 2000 most common words
46.5 of words are in the 5000 most common words
54.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
—Tanamasaň, men seň agaň bolmaly.
Gowşut geň galdy. Ol dogan-garyndaşlarynyň, hatda bir mahal göçülip gaýdylan
Ahalda galan ilen-çalanlarynyňam hemmesini gaýybana bolsa-da tanaýardy. Ol, gelgel, Saragt sebtinde ýaşaýan agasynyň bardygyny şu mahala çenli bilmeýşine haýran
- 32 -
boldy. Birdenem ol: “Soňky demiň öň ýanyndaky gep bolsa gerek” diýip oýlandy-da,
hassa gojanyň göwnüni ýykmazlygyň aladasyny etdi:
— Nä wagt, nä zamana boldy, agam. Bi çaklarda dogan-garyndaşam ýat bolup
barýan ýaly.
—Niçiksi zamana boldy diýsene-e!—Sözüniň soňuny süýkdiren ýaşuly uludan
dem aldy.—Men seni, inim, soňky gezek göni otuz ýyl mundan ozal görüpdim. Sen o
mahal bäş ýaşly çagadyň. Entek molla-da berilmändiň. Şonda-da men Öwezdurda
“Ölseň, yzyň ýitmez” diýýädim. Sen şo mahalam ataňa gaty meňzeşdiň… Gözüm
açygam bolsa, oňly görenok. Seňem ýüzüňi saýgaramok. Ýöne men seň sypatyňy
aýdaýyn. Ýalňyşan ýerim bolsa “däl” diý, inim. Boýuň orta boýdan belendräk. Her
egniňde adam oturaýmaly. Uýluklaň tokly ýaly. Indi çekgäňem birneme çalaryp
ugran bolmagy ahmal—tohumňyzyň çekgesi ir çalaragandy. Gözüň “goýun göz”.
Ýüzüň tegelegräk, maňlaýyň giň. Özüňem saryýagyz. Ýalňyşan ýerim bolsa aýt,
köşek.
Goja ýalňyşmaýardy. Onuň beýan eden keşbi Gowşudyň sypaty bilen jikme-jik
bap gelýärdi. Gowşut gojanyň göwnüni götermek üçin däl, çyny bilen haýran galdy.
—Be-e, agam, welimidiň?
Hassa çalaja ýylgyrdy:
—Ýok, men weli däl, inim. Men Öwezdurdy serdaryň sypatyny ýatladym.—Ol
Gowşuda tarap elini uzatjak boldy.—Ýene bir gezek görüşeli, inim. Otuz ýyldan soň
görüşeli. Sen çagakaňam uly adamlar bilen görüşmegi gowy görýädiň..
Gowşut iki elinem öňe uzatdy.
—Indi sen gulak goý.—Gowşudyň tüýlek goşaryndan elini aýran goja
ýuwdundy—Indi gulak as...
—Men gaty çynym bilen gulak asýan, agam. Näme gepiň bolsa aýdyber.
—Men aýatda ýeke. Mende ne ogul bar, ne gyz, ne-de aga, ini. Ýadyňa düşýän
bolsa, Öwezdurdynyň sag goşarynda meň maňlaýymdaky ýaly tagma bardy.-Gowşut tassyklap baş atansoň, ýaşuly dowam etdi—Şo tagma meni ajaldan gutaran
tagma bolmaly. Kyrk ýyl mundan ozaldy. Men şonda ölmelidim. Ozaly—Hudaý,
galany—Öwezdurdy... Şonda men oňa: “Sen atadan ýeke däl. Men ýalňyz. Menem
özüňe gardaş et. Ikimiz dogan bolaly” diýdim. Ýagy gaýdansoň, molla çagyryp,
damak kesdik. Şeýdip, Öwezdurdy ikimiz dogan bolduk. Şeýdip, Öwezdurdy ikimiz
dogan bolup ýaşadyk. Ahyram ol ikimiz bir-birege ganym duşmana öwrüldik. Oňam
sebäbi men boldum...
—Aýdyber, agam!
Goja dymdy, ýuwdundy, birneme güýç toplady.
—Ýok, aýdybilmen. Men o syry jesedimiň ýany bilen gabryma äkitmeli bolýan.
Ol syry Öwezdurdy ikimizden başga bir Taňry bilýändir. Saňa-da aýdyp bilmen...
Şonda Öwezdurdy maňa: “Doganam öz emekdeşine tyg çekýändir, Oraz, ýöne, men
seni öldürmäýin—diýdi.—Eger ki peýmanam dolup, maňa öň gitmek miýesser etse,
sen-de meň patama gelseň, men ahyr eýýäme deňiç gabrymda dik oturmaly borun.
Doganlyk hatyrasyna sen şuny unutma” diýdi.
—Sen onsoň oň pendini berjaý etdiňmi?
Goja ilki-hä el hereketi bilen “Gyssanma!” diýdi, yzyndanam gepledi:
- 33 -
—Men ol obadan göçüp gaýtmaly boldum. Özümiň günäkärdigimi bilýädim.
Öwezdurdy menden öň gaýtdy. Men oň patasyna baryp bilmedim. Ýöne öz gapymda
damak kesip, tebärek çykartdym. Ýedisi bellenen güni hem giç öýlän öwlüýä gidip,
mazarynyň başynda aýat okap gaýtdym. Hawa, inim, menem indi bu ýagty jahandan
rowana bolýan.
Gowşut ýöne dymyp oturmazlyk üçin:
—Ýatan ölmez, Oraz aga, ýeten öler—diýdi.
Ýaşuly Gowşudyň aýdanyny kabul etmeýän ýa-da düşünmeýän ýaly bolup
gepledi.
– Men ýerden ýeke çykan ýalňyzdym.Ýatara-turara ýerim bardy. Ýöne ýigit
çyksamam, atym ýokdy. Aýagynyň astynda aty ýok türkmene-de aýaksyz türkmen
diýlerdi. Öwezdurdy bir bedew at sowgat edip, meni adam sanyna goşdy, ile goşdy.
Bedew dagy däldi. Bir öwra, gaçmaly bolamda, ol bedew meni ölümden gutardy…
Öwezdurdy şeýle tarhan adamdy. Ahyrat pursaty gelende, ol meň günämi öter.
—Öter. Hökman öter.
—Bu jahanda indi meň il derdine ýarar ýaly zadym ýok. Ýalňyz atym ba. Özem
ýaş. Senem Öwezdurdyň perzendi. Şol halal maly saňa bagyş edýän. Bedewi ene
süýdünden halal hasaplap almasaň, men bu dünýäden gözümi açyp gitmeli borun,
inim. Ak ýürek bilen kabul etseň welin, bi gowgasy çoh jahanda ýene bir arman
meselämi çözüp gitdim hasap ederin. Külli türkmeniň haly gün-günden agyrlaşyp
barýa. Sen Öwezdurdy serdaryň ogly. Öwezdurdy serdaryň ogly bolan adam dulda
possun ýapynyp ýatybilmez. Sen ata çykmaly bolarsyň. Sen halaýygyň namysyny
goramaly bolarsyň. Meň saňa sowgat edýän bedewim gaçmaly bolaňda, seni bir
gezek gutarsa, kowmaly pursadyňam bir gezek ýetirse, meňňem Öwezdurda
doganlygymy hakladygym bolar. Ölmümiň öň ýany sen meň agyr ýükümu ýeňlet,
inim. Ýalňyz gojaň göwnüni ýykma...
Ysgynsyz garry gepläp ýadadymy ýa-da aýtjak zatlarynyň ählisini aýdyp
gutardymy, garaz, dymdy. Daşarda onuň sözüniň gutararyna garaşylyp duran ýaly,
edil şol mahalam eňsi serpildi. Içerik üç sany adam girdi. Olaryň ikisi ak sakgally
ýaşuly, üçünjisi Nepes mollady.
Salam-helikden soň,—iki gojanyň, ýaşy ulusy bolsa gerek—aksakallaryň biri
näsagyň has golaýyna süýşdi.
—Oraz beg, hal niçik? Birneme bäri bakýaňmy? Ýüz-gözüň-ä, tüweleme, öňki
görenimden has ýagtylanypdyr.
Ýatan adam gaýtarjak jogabyndan özi-de öňünden nägile bolýan ýaly dodagyny
ýaňsyly müňküldetdi, uludan-uludan ýuwdundy, nazaryny tüýnüge dikip, mawy
asman bilen sözleşýän şekilli gögüne garady.
—Indi bize, sakgaldaş, bäri bakma ýok-la..—Şuny diýensoň näsag ilki gepläne
däl-de, onuň gapdalynda oturana nazar aýlady.—Nepes molla, senem geldiňmi?
Ýaşyň uzak bolsun. Bizi sylany Taňry sylasyn. Indi maňa seň sesiňi eşitmek uzak
miýesser etmese gerek....
Oraz aga gözüni ýumdy. Nepes molla az-kem ileri omzady-da, hassanyň
goşaryndan tutdy.
- 34 -
—Kimiň öň, kimiň soň gitjegi belli däldir, Oraz aga. Entek köp gezek gazal
diňlärsiň sen. Hany, tizräk aýak üste gal. Onsoň “Babaröwşenem” gaýtadan çykyp
bereýin saňa.
Näsagdan birbada jogap bolmady, asyl ol gözünem açmady. Nepes mollanyň
sözleriniň hälkibir göwün galkyndyrmak üçin aýdylýan sözlerdigine ol kemsiz
düşünýärdi. Esli mahal geçensoň, näsag gözüni açdy-da, şahyra seretdi:
—Indi il-gün diňlesin, molla. Ýöne men ölmänkäm, seň sesiňi ýene bir gezek
eşideýin. Şony göwnüm isleýä.
“Şol”diýilýän bir goşgudy. Käte-käte töweregine adam baryny üýüşürip, şahyryň
kitap okaýan agşamlarynda Oraz aga märekeden yza galyp, Nepes mollanyň ýanynda
saklanýardy-da, “şol” şygryň aýdylmagyny soraýardy. Şahyr hem gojanyň ýürek
teýine mäkäm aralaşan goşgyny kyn görmän gaýtalaýardy.
Oraz aga ölüminiň öň ýanynda-da şol şygry eşitmek isledi.
Hiç mahalam ýaşulularyň göwnüni ýykmadyk şahyryň ýakymly sesi pessaý
ýaňlandy. Goja kişi hem hasratly hem lezzetli pursaty başdan geçirdi.
“Köňlüm, saňa nesihat, gezseň, serbe-ser gezgin,
Tany dosty-duşmany, öýňe bahabar gezgin.
Ganym bilen garjaşsaň, daýym muşty-per gezgin,
Gezseň dünýä ýüzünde, dowam täze-ter gezgin,
Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin.”
...Gün öýläne sananda, gelenler hassa bilen hoşlaşyp, ýola düşdüler. Iki ýaşuly
ýokarky oba, Gowşut bilen Nepes şahyr hem köne gala tarap ugrady. Esli ýol
geçilýänçä, Gowşut bilen şahyryň özara gürrüňi ekin-dikin hakda gitdi. Soň Gowşut:
—Ýaňky ýaşuly kim bolmaly?—diýip, şahyra sowal berdi.
Elini arkasyna tutup, aýagynyň burnuna garap barýan Nepes molla, şol
durkuny üýtgetmän, ýeňiljek ardynjyrady.
—Oňa Oraz Çakan diýýäler. Il içindäki ýörgünli ady Çakan mergen. Wagtynda
kän edermenlik görkezipdir. Dört-bäş atly duşmanyň dagy yzyndan täk özi-de kowga
çykaýar ekeni. Ähli gazananyny orta dökäýýän jomart adam bolupdyr. Magtymguly
şahyr aýtmyşlaýyn, hernäçe ýaşasaňam, ahyry—ölüm. Han bol, beg bol, dannawy
ýok. Ata çykyp, gylyç syran dag ýaly gerçegiň bir gysym bolup ýatyşyny görýäňmi?
“Men-men” diýen ärler ýatyr gum bolup...”
Gowşut, şahyryň aýdanlary barada oýlanýan ýaly, sesini çykarman ýoluny
dowam etdi. Esli ýörelensoň, derýanyň sag kenaryny ýakalap oturan uly oba ýetildi.
Çetki öýüň ilersindäki köne tamdyryň külüni ýassanyp ýatan it “Menem bardyryn”
diýýän ýaly, birki gezek üýrüp goýberdi.
Gara öýden eli suw kädili bir gelin çykdy-da, derýa tarap gaýtdy. Daşrakdan
garasaň, ol gelin bezelen gurjaga meňzeýärdi—boýny gargylykly, goşary bilezikli,
ýakasy dagdanly, saçy jugurlydy. Üstesine-de, boýunyň juda pesligi ona oýunjak ýaly
bir görnüş berýärdi.
Gowşut dagy entek güzere ýetmänkä, kädisini suwdan dolduran gelin raýyşa
çykyp saklandy, ýolagçylar deňine ýetensoň bolsa, eda bilen baş atyp, salam berdi.
Gowşut agzy ýaşmakly gelin gepläberer öýtmändi, emma erkek adamlardan
uýalýan ýaly, ýüzüni bir tarapa sowan gelin:
- 35 -
—Şahyr aga,—diýende onuň sesi edil çaganyňky ýaly näzik bolup eşidildi.
Agzyndan gaçyrany bary-ýogy iki sany söz hem bolsa, gelniň diliniň birneme
çalgyrtdygy şol bada bildirdi—Sizler biziň dilegimizi haçan kabul kylýaňyz? “Bahar
aýynda” diýdiňiz, baharam bireýýäm ötüp gitdi. Hemme gözellere şygyr goşýaňyz.
Maňa gezek gelende welin… Nä bizler kiçgine bolanymyz üçin hasaba
goşaňyzokmy? Boýy kiçginelerem Taňrynyň bendesidir ahyryn?
Gowşut ol gelniň oduň bir bölegi ýalydygyna haýran galdy. Şonuň üçinem ol
henize çenli aýal maşgalany beýle içgin synlamadyk hem bolsa, gelniň üst-başyna
gaty ünsli garady. Onuň aýagynda ökjesi belent gyrmyzy köwşi bardy, boýnundaky
gargylygyň ini üç barmakdan pes däldi.
Nepes molla sapalak atýan äheň bilen gepledi:
—Siziň islegiňizi berjaý kylardym welin, şahyr ýedi ýoluň üstünde gazal
aýdyp dursa, nähili bolar, gelin?
Gelin oňa sypalga goýmady:
—Bi jahanda bolmaýan zat gytmy, şahyr aga? Honha, şu gün çetki obadan
gawunlykdan gelýän bäş gyzyň iki sanysyny at ardyna basyp alyp gaçypdyrlar. Ýeri,
oňa näme diýersiňiz? Kişi maşgalasyny alyp gaçmak bolýamyş-da, bir biçäräniň
göwnüni galkyndyrmak üçin şahyra ýol üstünde gazal aýtmak bolmaýamyşmy?
Gowşudyň ýüregi jigläp gitdi, Karkaranyň düşen gününi ýatlady. Ol gelniň
aýdanyna ynanmazçylyk edýän ýaly:
—Keýgim, o habary, ýöne dil ujundan aýdaýdyňmy ýa-da şeýle ýaman iş
dogrudanam boldumy?—diýdi.
Gowşut sowalynyň onçakly ýerine düşmändigine agzyndan çykan badyna-da
düşündi welin, gelniň sözleri onuň çakyny gutarnykly tassyklady. Onuň sesi kineli
ýaňlandy.
—Agam, şahyrdan gazal diňlemek üçin beýle şum habary, bolmadyk bolsa,
dilime alyp bilmen ahyryn. Men iliň ejiz balasynyň göterilenine begenip duramok.
Bolan zady aýtdym. Ha ynanyň, ha ynanmaň. Ol öz işiňiz...
Şygyr hakdaky pikiri birbada unudan Nepes molla özüni bolup biläýjek
wakalaryň içinde duýdy, gyzlary at ardyna basyp barýan talaňçylar göz öňünde
janlansa, gulagynda naçarlaryň ahy-nalasy ýaňlandy. Şol galmagalyň arasyndanam
Gowşudyň sesi eşidildi:
—Şahyr aga, gelniň göwnüni ýykma, gazalyň bar bolsa, aýt!.
Boýy pessejik gelniň özüne gazal goşdurmak üçin şahyra ýüz tutanyna kän
mahal geçipdi. Şahyr ol gazaly derrew düzüp, ýat hem bekläpdi. Emma ony heniz
Bossantäçden özge hiç kime eşitdirmändi. Edil şu mahalam, Gowşudam goldansoň,
ýol üsti hem bolsa, şahyr şol gazaly aýtmagy ýüregine düwdi, şygryň sözlerini
kellesinde aýlady-da ýylgyrdy.
—Uýam, onsoň şahyr agaňdan gaty göräýmegin.
—Siz başga gelinleri-hä magtap ýazýaňyz, şahyr aga. Bizleri-de kiçgine
bolanymyz üçin syndyrmakçymysyňyz?
—Öwenimi, syndyranymy soň bilersiň..
Şahyr az-kem pikirlenip, ozaldan taýyn şygryň käbir ýerini üýtgetdi:
Bizni yşkynda ýakgan, gahry ýaman kiçgine,
Hoş tekellimginesi, ol şowky zyban kiçgine.
- 36 -
Gaşy zowetginesidir, misli keman kiçgine,
Dişi—dür, lebginesi gunçaýy dahan kiçgine,
Älhepus, ýakdy meni ol nary suzan kiçgine...
Şygry başdan-aýak üns bilen diňlän gelin, tolgunmakdan ýaňa aljyrajak boldy,
suw kädisini sag goltugyndan çepine geçirdi, gowuşgynsyz hereket etdi, üç-dört ädim
ýöräbem, aýak çekdi. Ol aňyrsyny bakyp durka, sowal berdi:
—Şahyr aga, siz o gazaly kagyza ýazyp bermermisiňiz?
—Bossantäç ýeňňeňiziň ýanyna aýlanaýyň. Birki günden ýazyp goýaýaryn.
Nepes molla gazaly diňlänsoň, gelin gaharlanar öýdüpdi. Emma tersine:
—Şahyr aga Alla ýalkasyn sizi!—diýen gelin hoşal bolup, öz ýoluna ugrady.
Onuň aýak basyşy ýeňildi, saçyndaky kümüş suwy berlen ýalpyldawyk jugurlar
hereketine goşulyp, ädilýän ädimi sanaýan ýaly gezek-gezegine jugurdap gitdi.
Azap çekip ýazan şygrynyň bagyşlanan eýesiniň göwnünden turmagyna,
Nepes molla-da içindenem bolsa, guwanman durmady.
...Gowşut bilen Nepes molla köne Saragt galasynyň deňine ýetdi. Şol ýerden
iki ýoldaşyň ýoly aýrylyşmalydy. Emma köne galanyň töweregindäki atly-ýaragly
adamlar, goh-galmagal ýene olaryň ýoluny birikdirdi. Iki ýoldaş gala tarap
sowulmaly boldy.
Galanyň işiginde kyrk-elli sany atly, eşekli adam bardy. Olaryň bimahal çak bu
ýere hiç hili sebäpsiz gelmedikleri-de öz-özünden düşnüklidi..
Eşeginiň gaňňasynda ýaş oglan ýaly keseligine oturyp, atyljagyna-da
müňkürlik döredýän, gunnagy inçelip giden uzyn nilli gara tüpeňini dyzynyň üstünde
goýan arryk ýaşuly goltugyndan çykaran togalajyk naskädisini agzyna kakdy. Soňra
ol gözüni çalaja süzüp, ýüzüni ýokaryk tutansoň:
—Ýigitler, bi ýagdaýymyzda başa erkek telpegini geýen bolup ýörmegimiz
utançdyr—diýip warryklady.– Han gelsin, bellisini edeliň. Özüm-ä, ynha, gara
kelläni şu mahal goýmaly-da bolsa, orta taşlamaga taýyn. Baş han gelsin, hanja
sürmeli hem bolsa, süreliň. Beýdip, ýaşap bolmaz. Namys diýenem biz zat
bolmalydyr adamda.
Ýüzleri salyk, tukat adamlardan ýaşulynyň sözüne söz goşany bolmady. Ikibir
—üçbir hümürdi dowam edip, manysy düşnüksiz bir gowur töweregi gurşap aldy.
—Ot ýanmasa, tüsse çykmaz, molla—diýip, adamlaryň golaýyna
geliniberende, Gowşut Nepes molla söz gatdy.—Ýaňky seň Kiçginäň aýdany dürs
bolarly. Adamlaryň terzi bozuk görünýä.
Ýygnananlaryň, dogrudanam, terzi bozukdy. Olaryň hemmesi gyşaryp ýatan
gala derwezesine tarap garaýardylar, şol derwezeden kimdir biriniň çykmagyna
garaşýan ýalydylar.
Gowşut dagynyň aýak çeken ýerinde duran ýigitler gelenlere gezek-gezegine
salam berdiler.
Ýigrimi ýaşlaryndaky garaýagyz ýigit münüp oturan küle ýabysyndan towsup
düşdi-de, ilki Nepes molla, soňam Gowşut bilen gaýym görüşdi, yzyndanam
janagyryly gepledi:
—Molla aga, sen okumyş adam, kän zat görensiň, kän zat eşidensiň. Beýle-de
bir naýynsaplyk bolarmy? Hany, aýdyň, bi bolýan zatlar ymmata sygjak zatlarmy?
- 37 -
Siz-ä uly han bolmasaňyzam bu ýere geldiňiz. Hakyky hanymyz bolsa aýagy syrtyna
ýelmeşen ýaly köne galadanam çykanok.
—Sen, ýigit, bir dem tagapyl et—diýip, Gowşut oňa ýüzlendi.—Ilki bilen sen
habaryňy ber. Nepes molla entek adamlaň näme sebäbe bu ýere ýygnanandyklaryny
bilenok. Näme gep bar?
Onýança-da galadan çykyp gaýdan üç-dört sany adama gözi düşen märekäniň
gowry kiparlady. Şahyryň ýanyna gelip duran ýigit hem Gowşudyň sowalyny
jogapsyz galdyryp, bar ünsüni şol tarapa gönükdirdi.
Galadan çykanlaryň iň öňünden ýöräp gelýäni Hojam Şükür handy. Onuň
aýagynda burny jaýtarylyp duran gaýyş ädigi bardy, egnindäki gyzylymtyl donunyň
üstünden bol dokalan ýuka çäkmen ýasgynjak alnandy. Etegi tegelenip duran çäkmen
onuň onsuzam kiçi däl göwresine haýbat goşýan ýalydy, ujy garamtyl seçekli
guşagyna ýarymaý görnüşli gylyç gysdyrylandy.
Baş han aý berip garaşýan adamlaryň öňüne geçip durdy-da, iki eliniňem
başam barmagyny guşagyndan geçirip, gözlerini süzdi, özboluşly bir nazar bilen
töwerege garady.
Häliden bäri baş hana garaşyp, gahara dolup duran adamlaryň, näme üçindir,
haýbaty gowşady. “Baş han gelse, pylan zat diýip içimi sowadaryn”, “Şu mahal
Hojam Şükür geläýse, enesinden dogup eşitmedigini eşitdirerin” diýip, öwnenlerem
onuň agras sypatyny görüp, ýüzlerini aşak salaýdylar. Hiç kimden ses-seda
çykmansoň, çagyrylyp getirilen Hojam Şükür hanyň özi dil ýarmaly boldy:
—Ýeri, adamlar, bu ne ahwalat?
Hiç kimden ses çykmady. Diňe günüň gijikmegi bilen örüp ugran çybynlaryň
tene sürtýän awusyndan ýaňa mejbur bolup, saga-sola galgaýan at guýruklarynyň
hereketi göze kaklyşýardy.
Öňki sypatyny üýtgetmän, eýläk-beýläk birki ädim hereket eden baş han,
adamlar dymyp duransoňlar, sesini gataltmaga mejbur boldy.
—Meň üstüme ýow bolup gelen bolsaňyz-a –ynha ýykyk gala. Bolmasa-da,
gaýry habaryňyzy beriň. Ýa indi şeýdip, agzy ýaşmakly ýaly bolup durjakmysyňyz?..
Gönümel aýdylmasa-da han adamlara “Agzy ýaşmaky aýal däl-de, erkek
bolsaňyz gepläň-dä. Ynha men” diýýärdi. Şonda-da häli-häzirlikçe-hä hiç kim
agzyny açmaýardy.
—Han kemsitse-de, adamlar dymyp durlar-aýt—diýip, saklanyp bilmedik
Gowşut öz pikirini Nepes molla ýetirdi..—Dymjak bolsalar, näme üçin bu ýere
geldikäler?
—Biziň millet-dä—diýip, Nepes molla ýaňsyly ýylgyrdy.—Öňbaşça nazary
düşende şeýdäýmesi bar-da kätе. Şeýtmek hem birneme öwünmek köpimiziň
ganymyzda bar ýaly. Toýnagy gyzansoňam, soňuny ýatlaman, öňüni çapar.
Atyň üstünde uçjak guş ýaly bolup, ýapyrylyp oturan, kebzesi haýwankädi
goýlan şekilli küýki ýaşuly eýeriň gaşyndan ýapyşyp, başyny galdyrdy.
—Han aga, adamlaň habary bar saňa. Adamlar...
Küýki ýaşula ýaňsyly ýylgyryş bilen sereden baş han oňuň sözüni böldi.
—Habaryňyz bar bolsa, sähet isleýäňizmi? Näme agzyňyza suw alan ýaly
bolup dursyňyz baryňyz? Aýdyň-da!
- 38 -
—Aýtsak, han aga,—diýip, hemmeden ýeser gelen küýki goja ýüregini bire
baglady.—Indi biz şeýdip, elmydama özümizçe bara-da, ýoga-da ar-namysymyzy
depeledip ýaşamaly borusmy ýa-da il-güne senden hemaýat bolarmyka?
—Näme bolupmyş ar-namysyňyza? Kim depeleýämişin siziň arnamysyňyzy?—diýip, haýbatly sowal bilen märekäniň sussuny basaryn öýdüp pikir
ýüwürden Hojam Şükür han adamlaryň ýüzüne gaharly garady.
Küýki ýaşulynyň hemmeden öňurti söz açmagyndan heserlenen bir ýaş ýigit
kiçi göwresine kybapdaş bolmadyk çakdanaşa ýogyn sesi bilen:
—Han aga, at oýnadan bolmasana!—diýdi.—Öz iliňde bolýan zady bilýän
dälsiň-dä? Baş han bolup, öz tünegiňde bolýan wakadan bihabar bolsaň, men täzeden
aýdaýaýyn…
—Aýt, gerçegim, aýt!—diýip, han oňa nazaryny dikdi.
—Aýtsam, han aga, şü gün öýlän bir gyz bilen bir gelnimizi gajarlar at ardyna
basyp göteripdirler.—Ýigit üzeňňä galdy-da, gamçysyny bulaýlady.—Şu adamlar ar
almaga gitmekçi. Senden pata almaga geldik. Biziň namysymyzy gorasyň gelýän
bolsa, niýetimizi oňla. Gidýäs-de, iň bolmanda, gara başa gara baş alyp gelýäs.
Baş han guşagyndan elini-de aýyrman, ädiginiň burnuna seredip, gündogara
bäş-alty ädim ýöräp togtady. Onuň aýak çeken ýeri hem Gowşut bilen Nepes
mollanyň duran ýeri boldy. Birdenem han başyny galdyrdy-da: “Sizem bärdemidiňiz
asyl?” diýýän ýaly, ilki Gowşuda, soňam Nepes molla sowuk nazar aýlady. Olaryň
beren salamyna baş han çalaja baş atyp, jogap gaýtardy.
Märeke esli salym dymyp durdy. Emma mahaly bilen Hojam Şükürin agzy
gymyldamady. Ahyr ol geplemeli boldy, ýöne ňäme üçindir, ýaňsylaýan ýaly çalaja
ýylgyryp gepledi:
—Özümiz-ä birmahallar, bular ýaly işde hanlaşyp-serdarlaşyp ýörmän,
edilmeli zady edibererdik, görmeli najatyny görübererdik..
Bu gepi diňlän Nepes molla diňe Gowşuda eşitdirmek üçin pyşyrdady:
—“Bürgüt garrasa, syçançy bolar, galtaman garrasa, öwünjeň” diýenleri çynow!
Marekäniň içinden çasly ses çykdy:
—Ile boş gürrüň gerekgäl, han aga. Seň birmahalky eden işleňňi edibiljek
adam kän. Ýöne Saragtyňam öz ilhany bar bolany sebäpli bimaslahat iş etmäli
diýýäs.
Hojam Şükür sag elini guşagyndan boşadyp, eňegine ýetirdi-de, sakgalynyň
ujuny agzyna saldy, esli salym dymdy, birdenem sakgalyny dişlemesini goýup:
—Menden maslahat sorsaňyz, adamlar..—diýdi, berjek maslahatyny tapmaýan
ýaly, märekäni esli garaşdyrandan soň, üzlem-saplam gepläp başlady.—Eýran bir uly
ýurt, toply-tophanaly ýurt, agyr leşgerli ýurt. Eýran diýilýän ýurt gazabyna tutsa, külli
türkmeni bala-çagasy bilen at tozuna garyp biljek ýurt. Güýçliniň gowusynyň
bolmaýandygyny özüňiz menden gowy bilýänsiňiz. “Alla rehimdarlyk bersin” diýip,
dileg edäýiň gowusy. Beterinden saklasyn. Şükür ediň!
—Alla gowusyny etse-de, gajarlar gowusyny edenok, han aga.
Hojam Şükür geplän adamynyň sözüne ünsem bermän, dowam etdi:
—Onsoňam, halaýyk, iki sany kel gyrnak diýip, Eýran ýaly uly ýurt bilen ýagy
bolup bilmeris Bir çemi-ýagdaýy dörände, ideg-sorag ediler. Ugruňyza geziberiň!..
- 39 -
Nepes molla hem Gowşut bilen gol gowşuryp görşen ýigit Hojam Şükür hanyň
iki-üç ädim beýleräginde durdy. Hanyň aýdan sozleri ýigidiň içindäki joşguny daşyna
çykmaga mejbur etdi.
—Han aga, gaty gowy maslahatyň bar ekeni—diýip, ýigit sandyrady—Şo
äkidilen iki maşgalanyň biri meň gelnim bolmaly...
Aýylganç bir zadyň diýiljegini ýüregi syzdymy nämemi, Hojam Şükür gepläp
başlan ýigidiň sözüni haýbatly sowal bilen böldi:
—Näme diýjek bolýaň sen, gerçek?
Atylan ok daşdan gaýtmady. Hojam Şüküriň haýbaty ýigidi gorkuzmady.
—Sen ideg-sorag etmegiň çemini tapynçaň, öz gelinleň birini maňa ber. Ozal
doly dulum indi boş dursa, gowy däl, han aga.
Nepes molla Gowşudyň ýüzüne garap, ýuwaşja gepledi:
—Ana, meň ýaňky diýenimiň manysy şü bolmaly. Yzyna bakman, öňüni çapýa
bular..
—Biýä gaty hetden aşma boldy—diýip, Gowşut baş ýaýkady.—Gahar
kapyrdyr. Ýöne herki sozüňem serhedi bolmaly-da.
Aýdylar öýdüp, ýatsa-tursa hyýalyna-da getirip bilmejek sözlerini märekäniň
öňünde eşitmeli bolan han gahardan ýaňa ýarylaýjak boldy, birbada näme edýäninem
bilmedi, gapdalyndakylaryň maslahatyna garaşýan ýaly, çalt hereket bilen sagynasoluna garanjaklady. Töwerekdenem hiç hili goltgy tapmadyk han bilindäki egri
gylyjy gynyndan şowurdadyp çykardy-da, göwnüne degen ýigidiň üstüne topuldy.
Ýigidiň gödek sözlerinden soň şeýle wakanyň boljakdygyny çaklap, edilmeli
herekete taýyn bolup duran Gowşut Hojam Şüküriň gylyç salan golunyň goşaryndan
ýapyşmaga ýetişdi. Han elini boşatmaga synanyşdy. Emma Gowşudyň babyr
bilekliligi onuň islegini paşdyrmady. Gutulgysyz ölümden halas bolan ýigit yza tesdi.
Şol mahalam ýerden çykan ýaly bolup, bir garry adam peýda boldy. Ol orta boýly,
çuw ak sakgally dolmuşrakdy. Ýaşuly Hojam Şuküriň edil alkymyna gelip durdy-da:
—Gylyjy ber bäri, han!—diýdi.
Gowşudyňam, Nepes mollanyňam garaşmadyk wakasy boldy—han garşylyk
hem görkezjek bolmady. Gylyç gojanyň eline geçdi. Ýaşuly henizem hanyň
goşaryndan tutup duran Gowşudy bir tarapa süýşürensoň, gylyjy eýesine gaýtardy.
—Gylyjyňy gynyna sal, han. Iliň ýarasyna duz sepeleme. Herki sözüň öz
aýdylmaly ýeri bardyr.—Soň ol gyzma ýigide ýüzlendi.—Ataň ýaly adama, ol öteräk
gitse-de, adamçylyk serhedinden ätläp, telek söz diýmegin. Ol özüňe-de nep
getirmez.
Gyzma ýigit aksakalyň pendini kabul edýän ýaly, sesini çykarman, ýere bakdy.
Hojam Şükür gep-söz diýmän, gylyjyny gynyna saldy. Märeke ümsümligi
bozdy:
—Özüň han bol!
—Bize Hojam gara ýaly han gerek gäl.
—Özüň han bol!.
“Özi han bolmaly” ýaşula Oraz Ýagly diýýärdiler. Ol hem tekeleriň
kethudalarynyň biridi. Oraz Ýagly, indi gojalyk halys basmarlansoň, il öňüne düşüp,
ýolbaşçylyk edip bilmeýärdi. Ýöne biliniň kuwwatynyň gaçandygyna garamazdan,
- 40 -
geňeşde-maslahatda onuň sözi entek agramlydy. Gojanyň paýhasyna uly il sarpa
goýýardy.
Oraz Ýagly märekäniň gowuryna gulak asyp, ýüzüni aşak saldy. Bir tarapdan,
alnyp gaçylan biçäreleriň haly onuň ýüregini gyýsa, ikinji tarapdan, öňe düşüp ile han
bolýan adamynyň gyzmalygyna, gödekligine haýpy geldi. Märeke bolsa onuň
jogabyna garaşýardy. Emma, öňüni-ýzyny ölçermegi başarýan parasatly goja iliň
isleýän jogabyny gaýtaryp bilmeýändigi üçin dymmaly bolýardy.
Karkara bilen Gurbanyň bir gapydan girip-çykýandyklarynyň hem oňat, hem
erbet tarapy bardy. Oňatlyk—olar, her hal, günde bir-biregiň ýüzüni görüp
durýardylar. Erbetlik bolsa, olar öýdekäler ýüreklerinde besläp ýören arzuwlary
barada gep açmakdan mahrumdylar. Sebäbi Karkaranyn kakasynyň, Gurbanyň
daýysynyň diri çykan, Karkaranyň ejesiniň, Gurbanyň daýzasynyň jesedi çykan öýde
aşyk-magşuklyk hakda gürrüň etmek ýa-da ol hakda göz bilen gepleşmek hebesdi. Iki
juwanyň ikisi üçinem öýden diri hem öli çykanlar tärimiň aňyrsynda durup, ediljek
gürrüňi diňläýjek ýalydy. Şonuň üçinem olaryň ýagdaýy aýry jaýda ýaşap, setandaseýranda pynhan ýerde sataşýan aşyklaryň ýagdaýyndan köp derejede pesdi.
Bolan betbagtlykdan soň, Karkaranyň çak edişine görä, Gurban birneme
sowaşan ýalydy. Çaklamasyny hem Karkara özüçe esaslandyrýardy, esasam
düşnüklidi. Emma ol çaklamanyň tersine, şol wakadan soň Karkaranyň Gurbana
bolan duýgusy telim esse güýjäpdi. Çünki her bir namysly-arly ýigit beýle
biabraýçylyga sataşan gyzdan daşlaşmak bilen bolmalydy. Gurbanyň daşlaşmak
ýoluna düşmegi bolsa gyz üçin onuň geregini has-da artdyrmalydy.
Hakykat ýüzünde bolsa Karkaranyň beýle çaklamalary esassyzdy. Gaýtam,
tersine, Gurban indi ony özüne has-da golaý saýdy, oňa nebsi agyrdy, iň ýakyn
hossardygyny tekrarlamagyň arzuwynda gezdi. Ol Karkara gözi düşen mahaly geçen
güni, bolan wakany ýatlasy gelmän, geljek barada arzuw etdi. Geçeniň ýetilmesi
mümkin däl arzuw bolup, diňe geljegiň ýetiläýmegine umyt baglanýan arzuw
bolýandygy hem onüň ýüregini joşdurdy. Emma şol joşguny welin ol diline getirip
bilmeýärdi.
...Orak dişetmek bahanasy bilen dükanyň işigine gelen Karkara, içerden çekiç sesi
çykmaýandygy sebäpli biynjalyk boldy. Birdenem Gurbanyň: “Be-eý, mekir aýal
eken-ow!” diýen sesini eşidip ynjaldy. Ol iş arasynda, dynç alynýarka, Kelhan
Kepeläniň geň-enaýy wakalary gürrüň bermegi halaýandygyny ozal Gurbandan
eşidýärdi. Şonuň üçinem Gurbanyň şadyýan sesi gulagyna ýeten gyz ussa ýene bir
gyzykly gürrüň tapandyr öýdüp çaklady.
Kelhan Kepele, Saragta ady ýaýran demirçi ussadygyndanam bolsa bolar,
birneme öwünjeňräkdem, bir aýdanyny ikinji gezek gaýtalanda, oňküsinden üýtgedip,
has mahabatlandyryp aýtmagy-da halaýardy. Bu gezegem şeýle boldy. Gurbana ýapýaňy gürrün berlen hekaýat, gyz maşgalanyň ýanynda aýdylmaga onçakly mynasyp
däl ýaly hem bolsa, Karkara gapydan giren badyna ussa:
—Gowy geläýdiň, gyzym—diýdi.—Ýaňky Gurbana gürrüň beren hekaýatymy
saňa-da eşitdireýin. Adamçylykdyr, nepi degmegem ahmaldyr. Hany, geç!.. Bir dul
- 41 -
hatyn yz-yzyna iki gyzynyň arkasyny ýapmaly bolupdyr. Mekir hatyn ekeni.
Gyzlarynyň ikisine-de toýuň öň ýany sapak beripdir.—Kelhan Kepele Karkaranyň
henizem bosagada durandygyna üns berip, oňa ýene içeri girmegi mürähet etdi.
Emma Karkara, näme üçindir, öňki duran ýerinde galyp, ýaşulynyň gürrüňine gulak
asdy.
—Ol hatyn gyzlarynyň ikisine-de adamsy ertir turup gidende, donunyň synyndan
çekip galmagy tabşyrypdyr. Gaýdyp gelensoň, uly gyzy: “Turup gidende şeýtdim
welin, yzyna garap ýyrşardy-da, ötägitdi” diýipdir. Onda enesi: “Bir oýnatgy ýigide
sataşypsyň, syrtyna dürt-de, gurjak ýaly edip oýna-da ýör” diýip öwüt beripdir. Körpe
gyzy gaýdyp gelende: “Ýanýoldaşym turup gidende synyndan çekdim welin, yzyna
aýlandy-da, syrtyndan çekilenini şondan görüp, bilindäki gylyjyny gynyndan
sogurdy-da, gapdalda oturan bigünä pişigi iki böldi-de ötägitdi” diýip, enesiniň asla
garaşmadyk habaryny beripdir. Enesi: “Bir ganhor gedeme sataşypsyň. Ugruna
kowup, ägä bolaýmasaň, oň gylyjy indiki gezek özüňi iki böler” diýip, nesihat
beripdir.—Hekaýatyny soňlan ussa Karkaranyň ýüzüne seretdi.—Keýgim, nesip etse,
senem bir ýat oba düşersiň welin, ýaňky gürrüňi ýatlagyn. Nepi degse-de deger
duruberer..
Karkara Kelhan Kepeläniň hekaýatyny höwes bilen diňlese-de, soňky sözüne
degişli edilip aýdylan goşmaçany welin halap durmady. “Kelhan aga meň ýat oba
düşjegimi nä bilýäkä?—diýip, gyz öz-özüne sowal berdi.—Ýa-da men, dogrudanam,
başga oba düşjekmikäm?”
Dükanyň gapysyndan eli orakly adam gelse, möhüminiň nämedigi düşnüklidi.
Şonuň üçinem, entek oragyň dişi barlanmanka, gyz tolgunyp başlady. Oragyň ýöne
bahana üçin getirilendiginiň üstüniň açylaýmagy ahmaldy.
Emma Kelhan Kepele oragyň dişini barlamanka, daşaryk seretdi-de, burçda bir
zada güýmenip duran Gurbana ýüzlendi:
—Şägirt, bäri gel. Halypaň dirikä ondan ähli zady öwrenmelidir. Hol gelýän
atlyny synla. Şol atyň öňki sag aýagynyň toýnagy ösüpdir welin, döwlen bolmagam
ähtimaldyr..
Gurban halypasynyň öz ukybyna gezek gelende, az-kem öwünjeňlik häsýetiniň
bardygyna-da belet bolansoň, onuň göwnünden turmak isledi.
—Ony nädip bilýäň, halypa?
—Atyň saga ýemseýşinden aňýan—diýip, Kelhan Kepele murtuny sypady.—
Ynha, o bedewi ömür büdremez ýaly edäýeris.
Toýnak bejerilýän gurallaryny alyp, Kelhan Kepele daş çykdy.
Dükanda ikiçäk galynsa-da, Gurban bilen sözleşmegi ýüregine düwüp
gaýdanam bolsa, Karkara aýgyt edip bilmedi. Birinjiden-ä, onuň diline Gurbana
aýdar ýaly söz gelmedi, ikinjidenem, ozal batyrlyk ederin öýtse-de, dükana gelip
Gurbana gözi düşenden, onuň dogumy zym-zyýat boldy.
Gepleşäymäge amatly pursata garaşyp ýören Gurbanyňam kalbynda taýynlap
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gowşut han (Saragt galasy) - 05
  • Parts
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 01
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2204
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 02
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 2115
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 03
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2148
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 04
    Total number of words is 3873
    Total number of unique words is 2177
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 05
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2155
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 06
    Total number of words is 3811
    Total number of unique words is 2149
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 07
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2157
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 08
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2173
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 09
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 2166
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 10
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2144
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 11
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2187
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 12
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2180
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 13
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2197
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 14
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2141
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 15
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2172
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 16
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2134
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 17
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 2059
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 18
    Total number of words is 2341
    Total number of unique words is 1456
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.