Latin

Gowşut han (Saragt galasy) - 11

Total number of words is 3827
Total number of unique words is 2187
31.8 of words are in the 2000 most common words
46.5 of words are in the 5000 most common words
54.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gaharlanan Abanur Nyýazmährem ýigrimi ýaşlaryndaky ýigidi yzyna tirkäp, hanyň
öňünden çykdy.
—Merhemetli hanymyz, ine, şü ýigit ýörişe gitmekden boýun gaçyrýar. Näme
temmi bermeli diýseňiz....
Müňbaşy habaryny soňlap-soňlamanka, ýüzi agyr han mylaýym adama öwrüldi
duruberdi, asyl ol, garaşylmadyk ýerden ýylgyrdam.
—Ýeri, beçe, näme boldy saňa? Eneň ýadyňa düşdümi?
‘Eneň ýadyňa düşdümi?” diýen söz ýakymly äheň bilen aýdylanam bolsa,
”Namartladyňmy?” diýildigidi. Emma öwrümsiz hem sada ýigit oňa özüçe düşüneni
üçin:
—Enemem ýadyma düşýä, han aga—diýdi.
—Ýene näme ýadyňa düşýä seň?
—Söweşe girip, özüm ýaly bir mysapyryň tenine tyg salmakdan ýaýdanýan.
Mädeminiň ýüzündäki ýap-ýaňky ýylgyryşyň ornuny howply agraslyk eýeledi.
—Sen biçilen-ä dalsiň?
—Agta däl. Iki sany çagajygymam bar.
—Hemsaýaňam1 barmy?
Hanyň diýjek bolýan zadynyň manysyny öňünden aňaýmalydy welin, sada
ýigit ýene sadalygyny etdi:
—Gowy hemsaýalam bar, han aga.
—Onda, öz perzendiň hasaplaýanlaň ikisem hemsaýaň dölünden dörän beçeler
bolmaly..
Ýigit ýüzüni aşak saldy.
Şol mahalam dere batan atyny säpjedip gelen Bekmyrat teke içi bedeneli
kapasany Mädemin hana uzatdy-da, dört-bäş ädim gyra çekilip saklandy.
Guşuna sataşan hanyň ýüzi ýagtyldy. Ol kapasany ilki dyzynyň üstünde goýdy,
soňam agzynyň deňine çenli galdyryp, bat bilen üfledi. Bedene “Byt-byldyk! Byt-
1
Hemsaýa – goňşy.
- 106 -
byldyk!” edip, beýleki dula bökdi. Mädemin, bedene däl-de, özi saýran ýaly
gülümjiredi.
—Merhemetli hanymyz, bu ýigidi öýüne goýbermeli bormy?—diýip, häliden
bäri jogaba garaşyp duran Abanur Nyýazmährem dillendi.
—Ony tekeden sora—diýip, bedenesi bilen gümra han oýlanman, agzynyň
ugruna aýdyp goýberdi.
Sala salynýanyna monça bolan Bekmyrat teke hekerjekledi.
—Men hyzmata taýyn, merhemetli han!
Bedeneden ünsüni bölen Mädemin kapasany ýene dyzynyň üstünde goýdy,
Bekmyrada tarap seredip, gaşlaryny gerjeşdirdi.
—Ine, teke, sen, aýdaly, Allaguly hanyň üçünji oglumyşyň..
—Lepbeý, agam!—diýip, özüni eýýäm Mademiniň süýtdeş dogany hasaplan
Bekmyrat teke hanyň aýtmalysyny aýtdyrmazlyga-da milt etdi.—Gulluga häzir!
—Aýdaly, özüňem şü ak atyň üstünde otyrmyşyň.—Han atynyň keýerjekläp
duran gulaklaryna tarap garady.—Seniň bir nökeriň orta ýolda namartlap, Mara
gitmän, yza, Hywa gaýtmakçy bolýar. Sen oňa näme çäre görersiň?
Bekmyrat teke Nyýazmähremiň ýanynda ýüzüni aşak salyp duran nökere
seretdi, ony şol namartlaýan ýigit bolsa gerek diýip çaklady. Ol hanyň sowalyna
nähili jogap gaýtarjagyny bilmän, azara galdy. Sowala gaty oýlanşykly jogap
bermelidi. Onuň tapan jogaby göwnünden turmasa,Mädeminiň: “Senden Allaguly
hana ogul bolmaz” diýäýmegi-de gaty ahmaldy. Onsoňam Mädemin han at üstünde
oturan ýolagçydy—jogap agtaryp, onuň wagtyny hem almaly däldi. Üstesine-de,
Mädemin beýle sowal bilen Muhammet Ýakup Mäter ýaly has ýakynyna
ýüzlenäýmese, Bekmyrat teke ýaly hakynatutma ýüzbaşylaryna-ha hiç mahalam sala
salmaýardy. Şol pursat Bekmyrat teke hanyň nazar aýlawyna gabat geleni sebäpli,
oňa tötänden ýüzleniläýipdi. Emma ýüzbaşy ony beýle kabul etmedi.. Şonuň üçünem,
özüne uly ynam bildirilen Bekmyrat teke pursatdan peýdalanmaly etdi:
—Beýle ki namart kişini… Allaguly hanyň kiçi ogly... dirriligine ýere gömmeli
diýer, merhemetlim.
Jogaba tassyklaýjy baş atan Mädemin han çep eli bilen tutup oturan jylawy
silkdi. Bekmyrat teke-de onuň yzy bilen sürdi. Emma ol uzak gitmän, “Allaguly
hanyň körpe oglunyň” buýrugynyň berjaý edilişini barlamak niýeti bilen at başyny
yza öwürdi. Ol öňünden çykan Nyýazmähreme:
—Nädýäňiz?—diýdi.
Sowal Nyýazmährem üçin düşnüklidi. Ol märekäniň çetinde ýere bakyp duran
nökere tarap ümledi.
Günäkär hasaplanýan ýigidiň edil gapdalynda iki sany adam ürgün çägäni
tozadyp çukur gazýardy. Emma ýigit welin ol çukuryň özüniň kepensiz, jynazasyz
girmeli mazarydygyny bilse-de, göwnübir ýaly bolup durdy, gaçjagam bolmaýardy,
günäsiniň ötülmegini hem soramaýardy.
Çukur bil boýy gazylansoň, indi işiň ahyryna golaýlandygyna göz ýetirip,
nökerleriň arasyndan saýlanan, ýaşy durugşan adam saklanyp bilmedi. Ol Abanur
Nyýazmährem bilen Bekmyrat tekäniň haýsysyna ýüzlenýändigini hem aňdyrman,
ýalbaryjy äheň bilen:
—Agalar, indi bi bigünä ýigit şeýdip ötägitmeli bolarmy?—diýdi.
- 107 -
Nyýazmähremden öňürti Bekmyrat teke gepledi:
—O näme üçin “bigünämişin?”. Jahanda Mädemin hanyň permanyny berjaý
etmezlikden agyr günä bolmaz. Kimde-kim bu gabahat işi bigünälik hasaplasa,
günälä derek çukura özi girmeli bolar.
Bekmyrat tekäniň bolýan wakany Mädemine ýetirjekdigine ynanýan
Nyýazmähreme ýüzbaşynyň aýdanyny tassyklamakdan gaýry çykalga galmady.
Bolsa-da, Nyýazmähremiň çak etmegine görä, ýaş noker bu gün dünýä bilen
hoşlaşmaly däldi. Ol çukura gireninden soň, ahy-nala bilen günäsiniň ötülmegini
soramalydy. Bekmyrat tekäniň kalbynda hem rehim-şepagat döräp, çukurdan
çykarylan ýigide birki gamçy urmak bilen çäklenmelidi.
—Gir çukura!—diýen haýbatly buýruk ýaňlandy..
Nöker çukura tarap ýöremänkä, ilki Abanur Nyýazmähremiň,soňam Bekmyrat
tekäniň ýüzüne seretdi.Onuň bakyşynda rehim edilmegini soraýan sözsüz haýyş,
ýalbaryjy many bardy.Ol mana düşünen Abanur Nyýazmährem ýüzüni aşak salmaga
mejbur boldy,Bekmyrat teke welin,garyp nökeriň garaýşynyň manysyna düşünjegem
bolmady.
Buýruk gaýtalandy.Şol pursat aýylganç waka tomaşagär bolup duran ýüzlerçe
adam ýigidi ölümden gutarmak üçin, iň bolmanda, galmagal turuzmalydy ýa-da
ölüme buýrulan nöker dyza çoküp, gözýaş bilen aman soramalydy. Emma onuň hiç
haýsy-da bolmady. Köpçülik namartlyk, ňöker mertlik görkezdi. Ol çukura tarap
ýöneldi. Töwerekdäkileriň asla garaşman duran wakasy boldy. Köpçuligiň arasyndan
saýlanan bili guşakly, çal sakgally adam:
—Saklanyň!—diýip, çasly gygyrdy.
Ol ýaşuly Nyýazmährem müňbaşynyň aşpezi Maruf ekedi. Aşpez müňbaşynyň
öňünee bardy-da, iki elinem döşüne tutdy:
—Adyl serdarym! Men tutuş ömrümi hana hyzmat edip geçirdim. Bu ýigit bir
Taňry bendesiniň ýeke perzendi. Iki sany çagasy-da bar. Rehim kylyň! Munuň atasy
meniň goňşymdy. Günäsini ötüň! Neresse çagalaryna rehmiňiz insin.
Nyýazmährem Bekmyrat tekäniň ýüzüne seretdi. Ony gören Maruf eke
Bekmyradyň öňüne bardy:
—Serdarym, men tä ölýänçäm, size hyzmat edeýin. Garyp ýigidiň günäsini
ötüň! Azat ediň. Bolmasa-da, onuň ornuna meni gömüň. Köpüm ötüp, azym galdy.
Oňa derek men gideýin! Meni gömüň!
Bekmyrat teke soňky sözleriň çyndygyny ýa-da ýalandygyny barlap görmek
isledi. Onuň özi-hä, edil şeýle ýagdaýa uçralsa, hut atasynyň ölmüni-de boýnuna alyp
biljek däldi. Kimdir biri üçin öz şirin janyňdan geçmek onuň üçin akyla sygjak zat
däldi. Ol öz öňünde iki elinem döşüne tutup, tagzym bilen duran gojanyň ýüzüne
dikanlap seretdi. Ýaş ýigide derek çukura girmäge razydygy gojanyň ýüzüne mesemälim ýazylgydy. Onuň aýdan sözleriniň galat däldigine düşünen Bekmyrat teke
ýüzüni bir tarapa sowdy.
—Sen özgäň günäsini boýnuňa aljak bolup durma, goja. Geçinem öz
aýagyndan asýalar, goýnam.
Bu adamynyň beýle doňýürekdigine göž ýetiren aşpeze özüni gyra çekäýmelisi
galdy. Ol bolup geçýän ýagdaýa seredip bilmän, aňyrrak ýöredi. Esli mahaldan soň
- 108 -
ýeriň teýinden iňňidi gelip başlady.Iňňildi derrewem kesildi. Kesilse-de, ol ses edil öz
içinden çykýan ýaly bolup, goja aşpeziň gulagynda ýaňlandy durdy.

Bala-çaga, aýal-ebtaty biynjalyk etmek islemedimi-nämemi, Gowşut han
türgenleşigi gür obalardan alysda, sähraýy meýdanda geçirmegi makul bildi.
Türgenleşige gatnaşmalylara haçan, nirä ýygnanmalydygy öňünden habar berildi.
Ene ýabyň gyrasy bilen atyny maýdalyna sürüp barýan Gowşut hanyň
gapdalyndaky Täçgök serdar bilen Amansähet serdardy. Olardan on-on bäş ädim
yzyrakdanam bäş-alty sany atly ýigit gelýärdi.Açyk aýdylmasa-da, ol ýigitler baş
hanyň janpenalarydy. Il içinde Mädemin han “tumşugyny belent tutýan Gowşut
hanyň janyna kast etmek üçin Saragta içaly goýberipdir” diýen gep hem ýaýrady.
Şonuň üçin bolsa gerek,soňky mahallarda baş han öz obasyndan saýlansa, ýany
ýigitlidi.
Atlylar edil şertleşen ýaly, dil ýarman gelýärdiler. Gowşut han bolsa, diňe
Mädemin hakda pikir edýärdi. Ol Hywa bilen gan döküşmän dilleşmegiň ýoluny
agtarýardy. Ol ýolda bolsa diňe bir hakykat ýatyrdy–Saragt bilen Hywa
çaknyşaýmalydy. Gowşut hany has-da biynjalyk edýän zat eýýäm Saragta dabarasy
dolan sary toplardy. Dogrusy,mahabat berlip,bolşundanam beter ulaldylýan sary top
diýilýän aýylganç ýaragy Gowşut hanyň özi-de heniz görmändi, görmese-de, sary
topuň ilat arasyna dowul saljagyny öňünden aňýardy. Mädeminiň Hywadan Saragta
ýeke pil süýräp gaýtmagyny ýatlanda welin, baş han öz ýanyndan ýaňsyly ýylgyrmak
bilen çäklenýärdi. Ýanyp duran ot bolanda-da, bir piliň Saragt topragyny köýdürip
bilmejekdigine Gowşut han ynanýardy.
Üstüniň ot-çöpi gurap, zagpyran reňk ýapynyp ýatan alaňyň gapdalyndan
aýlanylansoň peýda bolan obanyň bäri tarapynda uly märeke göründi.
—Bi nämäniň alamaty?—diýip, öňürti Amansähet serdar dillendi.—Ýaglyga
dagam towsulaýýan ýaly. Öz-ä toýa meňzeýä.
—Agzyňdan Hudaý eşitsin!—diýen han jylawy çalarak silkip goýberdi.
Amansähet serdaryň çaklamasy dogry bolup çykdy. Ýöne ol bu günu-erte üste
ýagy döküljek bolup durka, has takygy, eýýäm dökülen hasaplamaly ýagynyň
alkymynda göreş gurlup, ýaglyga towsulyp toý tutulmagyny baş hanyň goldamagyna
onçakly düşünmedi. Onuň baş han toý tutýanlara zeper ýetirmejek bolup, obadan
sowlup geçer diýen çaklamasy-da dogry çykmady. Tersine, Gowşut han at başyny toý
ýere tarap öwürdi.
Toý galagoply döwrüň toýy däl ýalydy. Gelin-gyzlaryň apaly toý lybaslary-da
garçyn çuwallardan çykarylan ekeni.Olar gyzyl çog bolşup giň sähranyň bu
oýtumyny al-elwan gül örten ýaly edip görkezýärdiler. Sany kän bolmasa-da,
gyrmyzy donly, ak telpekli ýigitleriň ökjeleri ýeňildi, toý gazanlaryndan göterilýän
tagamly ys göwnüňe hoş ýakýardy.
- 109 -
Toý dabarasynyň keýpli howasynda hoşwagt gopýan märekäni at üstünden
synlan Gowşut han: ‘Toý bilen ýas bile geler” diýleni çyn eken-ow!” diýip içini
gepletdi.
Atlylar toý ýerine ýetenlerinde, märekeden saýlanan gyrçuw gara sakgally,
otuz bäş-kyrk ýaşlaryndaky, gaty daýaw adam gelýänlere tarap ýöneldi. Çaky, ol baş
hany daşyndan tanaýan bolarly—ümzügi şoňa tarapdy.
Gowşyt han ony toý eýesidir diýip çak etdi. Ýetip gelýän adamyň gabarasyny,
gadam urşuny, diýseň görmegeý sypatyny synlan baş han oňa kesesinden guwandy.
“Tüwleleme, türkmende-de Taňry nazar salan, periştesypat adamlar bar-ow!”
Baş hana tarap gelýän adamyň, dogrudanam, Taňry nazar salma kemi ýokdy;
görmegeý zenanyňky ýaly al öwsüp duran ýaňakdan başlanýan, öňi kemsiz
müçeneklenen, ýag çalnana meňzeýän gara sakgal diýermiň, ala göz, uzyn boý
diýermiň, özüne juda göwni ýetikdigini aňladýan tekepbir ädim uruş diýermiň, garaz
ol “Bir kemsiz gözel bolmaz” diýen gepi-de ýalana çykarýardy,—kemsizdi. Üstbaşyna laýyk eginbaş ol adamynyň görk-görmegini has-da tebigy edip görkezýärdi.
Gowşut han ony ömrümde ilkinji gezek görýärdi. Ýöne ol welin baş hany
ozaldan tanaýandygyny başky gepinden aýan etdi.
—Essalawmaleýkim, merhemetli Gowşut hanymyz!
Gowşut han özüne ilkinji gezek ‘merhemetli” diýlenini hem ilkinji gezek
görýän adamyndan eşitdi.
“Be, bi Göroglysypat adam kimkä?” diýip, salam alansoň, Gowşut han özözüne sowal berdi.
At üstünde görüşmek edeplilik hasaplanmasa-da, Göroglysypat adam, hana
atdan düşmäge-de maý bermän, iki elinem öňe uzatdy. Ol Gowşut hanyň ýany bilen
gelen adamlara onçakly ünsem bermedi. Onuň küýi-köçesi baş handa boldy. Onuň
beýle hereketi Gowşut hanyň göwnünden turmady. “Alla her hili tarhanlyk etse-de,
ähli dokuzyňy doly edip goýberäýmeýär-dä “
Täçgök serdar bilen Amansähet serdar özleri bilen gol sunulyp görüşilmänine
kemsinjegem bolmadylar. Olar kyn döwür toý tutan diýlip çaklanýan, toýuna-da,
garaşmadyk ýerinden baş hanyň gelmegi bilen aljyran kişiniň ýagdaýyna düşünmek
islediler.
Bolsa-da, ol adamynyň özüni alyp barşy birhili, adaty hereket däl ýalydy. Ol
hanyň atynyň rişmesinden ýapyşanda, garap duranlar hormatly myhmany ulagdan
düşürmek üçin ýapyşandyr öýtdüler. Emma ol beýle bolmady, Gowşut han otuz alty
ýaşap gabat gelmedik wakasyna sataşdy.
Göroglysypat adam jylawy elinden sypdyrman, owadan gözlerini ýumdy-da,
ýüzüni ýokaryk tutdy, birdenem, ýakymly sesine bat berip, gazal aýtmaga durdy:
—Söýýän seni Taňrym beren Watanym,
Söýýän seni hyzyr gören götenim.
Sen bolmasaň, baky ýerdedir ýanym.
Sensiň meniň ar-namysym, imanym.
Sen aglaňda, aglap, gülseň, gülermen,
Seň ugruňda jandan geçip, ölermen.
Ynan, Watan, ýürekde sen, başda sen,
Gözümiň üstünde, edil gaşda sen.
- 110 -
Bilsin il-gün, biz Watany söýmeli,
Watan üçin gara başy göýmaly.
Bu gün şahyr ogluň Öre Haksapar,
Seň ugruňda ýüwrüp, gazallar tapar.
Gowşut han, Öre Haksaparyň inini-boýuny göz çaky bilen ölçejek bolýan ýaly,
ony başdan-aýak täzeden synlady.
—Nätdim, merhemetli hanymyz?—diýip,decbi-dähel berilmedik bahany tizräk
almak islän şahyr gyssandy.
—Oňat gazal-a aýtdyň, şahyr aga. Ýöne, Watan diýilýän keramat boş galmagal
bilen ýüzlenilýän gudrat däl bolaýmasa. Ol “Men seň aşygyň!” diýip gygyranyňa
ynanar ýaly ökjesi ýeňil zenanam däldir. Watan diýilýän närsäni içiňden ,sesiňi
çykarman söýmeli.
Serdar halyna özi öwülmän, diňe Watanyň magtalmagy Gowşut hanyň
göwnünden turan däldir öýdüp halys ynanan şahyr derrewem goýberen hatasyny
düzetmek bilen boldy. Onuň sesi ozalkysyndanam belent ýaňlandy:
—Essalawmaleýkim, hanlaryň hany!
Daýym ömür sürgül, durdukça pany.
Sen türkmeniň tümde dogan Aýy sen,
Sen türkmeniň hakdan berlen paýy sen.
Bereketim, hümmetim sen, nanym sen,
Başymyzy jemlän Gowşut hanym sen.
Özüňi biz perişte diýp oýladyk,
Seni ile baky serdar saýladyk.
Türkmeniň bagtyndan çykan mydarym,
Göroglynyň ýaşyn ýaşa, serdarym...
Gazal gutarmady. Emma Gowşut hanyň diňlemäge takaty gutardy.Onuň
saryýagyz ýüzi ýalyn çabran ýaly bolup gyzardy. Ol öz adyna aýdylýan mahabatly
sözlere çydaman, töwerekden haraý isleýän ýaly daşyna garanjaklady.
Daşyndakylaryň nazaryna nazary kaklyşanda bolsa, ozalkysyndanam beter utandy.
Amansähet serdar dodaklaryny müňküldetdi. Han ol hereketdenem başgaça many
çykaryp, öz üstünden gülünmek diýip kabul etdi.
Öre Haksapar henizem gazalyny dowam edýärdi. Emma on iki süňňüni utanja
gapladan han, onuň näme diýýänini aňşyrman, diňe sesini eşitmäge mejbur bolýardy.
Gowşut han “saklan” diýen manyda eli bilen yşarat etdi. Şahyr saklanmaly
boldy. Han aýdara başga-da söz tapman, diňe sowal berdi.
—Saňa kim diýerler?
Soňky aýdan gazalynyň hanyň göwnünden turandygyna çyny bilen bil baglap,
kalby aram tapan şahyr ilgezek jogap gaýtardy.
—Maňa Öre şahyr diýerler, hanlar hany.Öre Sapar hem diýýäler.Ýöne has doly
adym Öre Haksapar bolmaly. Il içinde ýörgünli adym Öre şahyr. Seň adyňy
eşidemde, özüňi göremde ylhamym joşuberýä, hanlar hany! Gündiz sen hakda gazal
düzmesem, gije uklabam bilemok. Sen hakda “Serdarnama” ady bilen uly dessan
ýazmak niýetimem bar,merhemetli hanymyz.
Gowşut han morta gepledi:
—Haksapar bolsaňam, gazal aýdyşyn-a hakdan içeniňki däl ekeni..
- 111 -
Asla garaşmadyk jogabyny alan şahyr hopukdy:
—O nä sebäbe beý diýdiň, hanlar hany?
Baş han şahyryň sowalyny eşitmedik ýaly:
—Hakyna garasaň-a, ýaranjaňlygyň üçin kebzäňe kyrk gamçy urdurmaly
welin...—diýdi.—Ýöne, toýa gelişmeýän zady edip ýörmäli...Hakdan içen şahyr hiç
mahal öňbaşçyny öwmez.
Öre Haksapar hanyň şeýle aýgytly sözlerindenem dürs many çykarmak
islemedi:
—Hak söz hormatyň alamatydyr,merhemetli han aga.
—Hak söz öwgi bilen bir ýoldan ýöremez..
—Hakykaty aýtsaň, öwdügiň bolmaz, serdarym—diýip, şahyr ýan bermedi.
—Bilip goý, ýaranjaňlygy tamakinçilik döredýändir. Hak şahyr hiç mahal, hiç
kimden tamakin bolmaz.
Öre şahyr kanagat damaryny şunça berk tutsa-da, uzak saklap bilmedi. Çünki
handan alan bahasy onuň senediniň üstüne atanak çekýärdi.
—“Şahyr däl” sözüňe derek arkama kyrk gamçy däl, segsen gamçy ursaňam,
“Wäk” diýsem, atamyň döli bolmadygym, han aga...
—Ýaňky gazalyňdan soň tohum-tijiň gulagyny şaňlatmasaň, gowy bolardy.
Hydyr diýeni hyrs çykan şahyr köpçüligiň öňünde öz abraýyny goramaga
çalyşdy:
—Han aga, sen täk adam. Il diýilýän gudrat bolsa müňlerçe. Il meni oňlaýa. Oň
üçinem, han niçiksi akyldaram bolsa, oň pikirini däl, iliň pikirini oňlamaly bolaryn
ahyryn. Meni il goldaýa.
—Ajy hakykaty gizläp, süýji ýalana uýdurjak bolmagam ili sylamazlyga barar.
—Men gepimiň dürsdügini tekrarlamak üçin, iliň ynamyndan delil getirip
bilerin..
—Oňa ynanýan—diýip, Gowşut han düşnüksiz ýylgyrdy.—Özüne nepi degjek
bolsa, şeýtanam kurhandan delil getirýä.—Birdenem baş han ähenini peseltdi.—
Ýaman görme ,men saňa hakykaty aýtdym. Şahyrlyk diýilýän Taňry beren senediň
abraýyny gaçyrmaly däl. Öňbaşçyny öwme. Hanam hakyky han bolsa, öwgä mätäç
däldir.Özüni magtaýany goldaýan han aknakdyr.
Öwgini öwgä mynasyp däl
adamlar küýseýä. Öwgä mynasyby öwmek ony kemsitmek bolar.
—Iliň magtaýan serdaryny ýüzüne öwäýseňem aýyp bolmaz, han aga...
—Dur!—diýip Gowşut han başyny ýaýkady.—Sen bir hakykaty unutma.
Serdaryny ýüzüne magtaýan il ýeňlesdir hem betbagtdyr. Şol öwgini çyny bilen kabul
edip bilýän serdaram akmakdyr. Onsoňam, edil özüň ýaly erkegi ýüzüne magtap
durmagam erkeklik däl bolaýmasa..
Baş han ýürekden syzdyryp janyksa-da, onuň sözleri şahyra täsir etmedi.
—Hak sözümi bihal görüp, duşman okunma, han aga...
—Duşman okunamok. Ýöne dirikäň, ýüzüňe aýdylan galp öwgi öleňsoň,
mazaryňa daş bolup atylar. Ýene bir gep: şahyr bol, serdar bol, ýaranjaňy hiç mahal il
goldamaz. Goldaýa diýilse-de ynanma, galatdyr. Adyndan ýalan sözläp, üstüne günä
ýüklemäňde-de, halk pahyryň göterýän ýüki ozalam ýeňil däl ahyryn.
... Daýaw göwresi kiçelip, hanyň atynyň kellesiniň aňyrsynda ýiten ýaly, Öre
şahyr birden sumat boldy. Gowşut han onuň märekä siňip barýandygyny gördi-de:
- 112 -
“Ýene şol halk biçärä bukulmaly-da bular—diýip içini gepletdi.—Älhepus, halk
diýilýäniň giňgursakdygyny!”. Öz adyndan ýalan sözlenýän halkyň ýene şol galp
gepläni öz arasynda saklaýandygyna haýran galan han başyny ýaýkady. Çünki ol
galat gepläni üçin utandyrylan şahyryň gaçybatalga gözläp, ymgyr çöle çykman, ýene
şol halkyň içine siňenine şaýat boldy. Hawa-da, halk ýamanam ýaşyrýar, ajynam
ýuwudýar. Halk—giňgursak.Ol özüne peýdaly ýüki-de göteräýýär, peýdasyzyny-da.
Şeýdibem ol bihaýa kişilere pena bolup, olara özünden nep gazanmaga ýol açýar.
...Öre şahyr gidensoň, bili eriş bilen guşalan pes boýly ýaşuly öňe çykyp, hana
ýüzlendi;
—Ýaňky aýdan sozleň bilen sen biziň göwnümizden turduň welin, biz biçäräň
günäsinem öteweri, han! Il şü ýagdaýdaka, menem ýeke oglumyň toýuny tutmaly
boldum. Nesibedir-dä, han. Ýogsam-a, şü pille bi gelşiklem däl ýaly...
—Gaty gelşikli, agam!—diýip, toý eýesiniň Öre şahyr bolman, başga kişi
bolup çykanyna begenen Gowşut han höwes bilen dillendi.—“Toý bilen ýas bile
geler” diýen gepi türkmen ýöne ýere tapan däldir. Toýuň mübärek bolsun!
—Aýdanyň gelsin, han aga!
—“Seýilem bir seýil, sergezdançylygam bir seýil” diýleni ýaly, bizem gaty
aladaly barýakak, sebäp bilen toý üstüne geldik. Şeýdip, biziň aladamyzyň ýoly
toýdan başlandy. Toý bilenem gutarar, enşalla. Seň toýuň türkmeniň indiki
toýlarynyň başy bolsun, agam!
Hanyň hoş sözlerine göwni galkan ýaşulynyň ýüzüne şatlyk çaýyldy.
—Göwnüm bitdi, han aga...Indi atdan düşäýiň!
Gowşut han ýasama ardynjyrady.
—Biziň atdan düşüp oturmaga ýagdaýymyz ýok, agam. Biz bi toýy soň dowam
edibereris. Bizi atdan düşürjek bolma. Aladamyz gaty ýetik.
Ýaşuly aýdylany goldap, baş atdy.
—Ony-ha bilýän welin..
—Bilýän bolsaň, “Toýa garrama ýok”. Nesip etse, biz seň agtyk toýuňa
toparymyz bilen geläýeris—diýip ýylgyran han, ýoldaşlaryna göz aýlady. Olar baş
atdylar.
Toý eýesi kethudalardan hoşal bolup galdy.
...Çil ýaly bolup gidýän pessejik ýapynyň gapdalyndan başlanýan sazaklyga
girilende, Gowşut han at başyny çekdi. Giň düzlükde bir topar gyz-gelin
görünýärdi.Ara esli bolansoň, han olaryň golaýrakdakylarynyň diňe birini— Töre
sokynyň gyzy, Hangeldi sokynyň uýasy Güljemaly tanady. Han Töre soky bilen
gatnaşykda bolany sebäpli gyzyny-da käte görýärdi. Ýöne şu mahalky ujuna gyrkylyk
daňylan taýagy elinde tutup duran çepiksi gelniň öňdäki darkaşda adamsy
Annaöweziň wepat bolup, ýaş başyna dul galjakdygyny, wagtyň geçmegi bilen hut
özüniň gudaçylyga barmagynda Güljemalyň Nurberdi hanyň Gözel bilen Narydan
soňky üçünji maşgalasy boljakdygyny, ahyrynda-da onuň tutuş Mary iliniň hany
saýlanjakdygyny welin Gowşut han hyýalyna-da getirmeýärdi.
Gyz-gelinler bilen türgenleşik geçirýän erkekleriň birine Artyk ärsary
diýýärdiler. Ol Mädeminiň Mara ugrandygynyň habaryny Lebap boýundan gaýdyp
saryklara ýetiren, ol ýerdenem ýoldaş tapyp, Saragta çapar bolup gelen otuz
ýaşlaryndaky ýigitdi. Onuň gylyç syryp, naýza işletmäge gaty türgendigi aýan
- 113 -
bolansoň, Gowşut hanyň hut özüniň haýyşy bilen Artyk ärsary häzirlikçe Saragtda
galmaly edipdi.
Gelin-gyzlaryň türgenleşige gatnaşmagyna kethudalaryň birnäçesi garşy çykdy.
Beýle pikiri Gowşut han goldamady. Ýöne olaryň türgenleşige çykmagy hökmany
suratda däldi, her zenanyň öz raýyna görädi. Bolsa-da, baş hanyň islegini goldap,
meýdana çykan gelin-gyzyň sany gaty käne ýetdi.
Zenanlara ýarag tutmagy öwredip, olaryň arasynda alakjap ýören Artyk
ärsarynyň hereketlerini synlan Gowşut han:
—Artyk han iş başynda eken-ow!—diýip, ýanyndakylara hoşamaý söz atdy.
—Kişi bar— öz hatynyna aýdanyny etdirip bilenok, kişi bar— kişi
hatynlaryna-da hökümini ýöredýär—diýip, Amansähet serdar degişdi..
—Kyn ýagdaýda bir agza garalsa gowy-da—diýip, degişmäni çyn ornuna
kabul eden Gowşut han at başyny gapdala aýlady.—Biz zenanlara päsgel bermäliň!
Kän ýörelmän, erkek adamlaryň türgenleşik geçirýän ýerine ýetildi. Adam sany
gaty kändi. Olar dost-ýar,taýpa-taýpa bölünip, on bäş—ýigrimi adam bolup,
türgenleşik geçirýärdiler. Her kowçumyň arasy hem esli meýdan bardy. Şonuň
üçinem atly hem pyýada nökerler aňyrsyna göz ýetmez meýdany eýeleýärdi.
“Ýa,Alla!”, “Berekella!” diýen sözler atlaryň kişňemesi, hokranmasy, egri gylyçlaryň
çaknyşmagyndan döreýän kelteden tutuksy ses bilen garyşansoň, adaty bolmadyk
şowhun dik asmana göterilýärdi. Niredendir bir ýerden nyşana ok atýan tüpeňleriň
gümpüldisi hem gelip ýetýärdi. Her ýerde,her ýerde tot-tozan asmana çykýardy. Bu
görnüş parahat türgenleşigi däl-de, jan alnyp,jan berilýän agyr çaknyşygy ýatladýardy
Türgenleşik meýdanyna Gowşut hanyň ýanynyň kethudalary bilen gelendigi
aýan bolandan soň, ýigitleriň oýny çyna ýazan ýaly boldy, tot-tozan güýjedi, gohgalmagal artdy, iki tarapa at salýan ýigitleriň sany köpeldi.
Baş hanyň gelmegi bilen gylyçdan ot çykarmaga ökde Çebşek batyr, Şalha
batyr, Tozanly batyr ýaly bäş-alty sany tanymal adam gyra çekilensoň, türgenleşik
täzeden gyzyşdy.
Köpüň ýygnanan ýerinde, onda-da bular ýaly ýagdaýda her hili garaşylmadyk
wakalar-da bolaýýar. Ýüzin salyp gelýän dor at, edil bilgeşleýinden şeýden ýaly,
ýaşulularyň deňine ýetende, tüwdürilip gitdi. Ýykylanda tozana garylan ýigit bolsa,
esli salymlap duranlaryň nazaryndan gaýyp boldy. Adamlar at toýnagy ýigidi
heläkländir ýa-da, iň bolmanda, maýyp-müjrip edendir öýtdüler. Emma tozan
ýatyşansoň, atyň tüwdürilen ýerinden turup, esli ýerde aýak çeken bedewine tarap
ylgap barýan ýigide gözi kaklyşan Gowşut han:
—Hudaý gorady batyry!—diýip, başyny ýaýkady.
—Nany bitin ekeni!—diýip, Täçgök serdar hem hyrçyny dişledi.
Baş han bu ýere birneme gijigip gelipdi. Gaýrarakda, ýene üç günden soňa
bellenen uly türgenleşige gelmelidigini ýatladyp, ýigitlerine öýli-öýüne gaýtmaga
eýýäm rugsat beren serdarlaram bardy. Oňa garamazdan, Gowşut hanyň gelip duran
ýerine golaýdaky ýigitler türgenleşigi dowam edýärdiler.
Nyşana ok atyşmak gezegi geçensoň, eginleri uzyn nilli gara myltykly adamlar
bir gyra çekilip durdular. Olar nobatdaky türgenleşige tomaşakär bolmakçydylar.
Täze baranlar bolsa, nyşanany didiwana mündürip, howlukman çeneýärdiler.
- 114 -
Türgenleşigiň soňky tapgyry nyşana at üstünden naýza sançmakdy. Ýigitleriň
köpüsinde-hä agyz dolduryp, “Naýza” diýer ýaly naýza-da ýokdy,—ujuna gyrkylyk
ýa-da ak saply daňylan uzyn taýakdy, syrykdy. Gyrkylyksyz, synnysyz, ujy ýiti
ýonulan taýak tutup duranlaryň ýagdaýy-ha, hälki bir, gyzyl ýümrukdan elhalrak
diýäýmeseň, bir seretseň-ä, gülkünjirägem bolup görünýärdi. Şonuň üçinem ujy
demir çişli naýzaly ýigitleriň howalasy belent ýalydy.
Atlylar bilen pyýadalar bölünmän, bir toparda türgenleşýärdiler. Çünki hakyky
söweşe girilende, atly bilen atly, pyýada bilen pyýada aýry-aýrylykda garpyşman,
mäjum bolunýan ýagdaýlaram bardy. Şonuň üçinem pyýada nöker at toýnaklarynyň
arasynda-da gara başyny çaramagy öwrenmelidi.
Çebşek batyr Gowşut hana ýüzlendi;
—Han aga, Saragtda saman gaplar ýaly halta-da goýmadyk öýdýän. Ählisini
deşip çykan bolaýmasak.
—Zeleli ýok, batyr. Deşip bilseňiz, nyşana tapylar, Göwekden 1 gaýry ähli
zadymyzy siz üçin nyşana öwürmäge biz razy. Gaýrat ediň!
Kimdir bir dili duzly:
—Mädemini-hä göwegiňem aýryp garşylaýsaň bolman durmasa gerek!—diýdi.
—Seni göweksiz öňe goýbererdik welin, soň sünnet toýuňy etjek bolup harajat
çykarmaly bolaýmasak, goçagym—diýip, Gowşut han sözüň ýatymyna görä jogap
gaýtardy.
Töwerek gülkä gaplandy.
Baş hanyň aty öňe, naýzaçylara tarap ýöredi.
Naýza türgenleşigine ýygnanan ýigitler ondan,on bäşden bölünişip durdular.
Her toparyň öňünde-de, takmynan otuz ädimlikde eşek ýa-da düýe bardy.
Olaryň üstüne-de içi samandan, sypaldan, süplükden doldurylan halta ýüklenendi.
Çala görünýän gulagyna gözüň düşäýmese, gaba ýükden ýaňa eşegiň dagy
haýsy haýwandygynam tanar ýaly däldi. Käbir eşegiň üstündäki bolsa, daşy ýüp bilen
mäkäm daňlan syrkynmydyr-y—selmedi.
Aňyrdan at salyp gelýän adam haýwanyň ýüküni sançmalydy ýa-da egri gylyjy
hakyky söweşdäki ýaly edip salmalydy.
Gowşut han hem onuň ýanyndaky adamlar ýaňy murty taban ýigitleriň, ýigitlik
bilen birçak hoşlaşan çekgesi çalaranlaryň edil hakyky duşmana topulýan ýaly bolup,
üsti ýükli mallara tarap topulyşlaryny synladylar. Ýigitleriň hereketi, olara sapak
berýän halypalaryň joşguny baş hanyň keýpini göterdi. Emma duýdansyz ýüze çykan
ýagdaý, onuň keýpiniň üstüne sogan dogrady.
Nyşana naýsa sançmaly adamlaryň üçünji topary türgenleşigi tamamlap
barýarka, atyny ýüzin saldyran ýigidiň göwün diýeni bolmady. Ol “Ýa,Alla!” diýip,
naýzany ganaryň ortasyndan salanda, onuň ujy bir gaty zada degip, ýaragyň beýleki
ujy ýigidiň kükregine direldi. Ýigit şol bada atdan agdy. Üsti eýesiz galan at
jylawyny sallap, aňyrlygyna gitdi.
Bir topar adam ýigidiň atdan agan ýerine tarap ylgady.
1
Göwek—ýalaňaç adamyň uýat ýerini görer gözden gizleýän örtük, mata.( awtor).
- 115 -
Gowşut han, Täçgök, Amansähet serdar hem ýene birnäçe kethuda ol ýere
baranda, eýýäm iş işden geçen eken. Hemmeden öňürti gelip ýeten biriniň dyzynyň
üstünde başy goýlan ýigidiň gözleri ýumukdy.
Bolan ahwalatyň manysyna at üstünde oturan ýerinden göz ýetiren Gowşut han
içini gepletdi: “Ýowuň öňem, soňam gansyz bolmaýa-da!”
Kyn ýagdaýa sataşylsa-da, Daňatar aganyň garyp tüneginiň gapysy
ýapylmady—ojagynda ot ýandy, tüýnüginiň tüssesi kesilmedi. Agyry-ýeňil, durmuş
dowam etdi.
Gowulyksyz erbetlik ýok, ýagşylyksyz-- ýamanlyk. Daňatar aganyň ölümi
Karkara mynasyp däl adamlaryň gudaçylyk ýoluny kesdi. Beýle ýagdaýyň hemişelik
bolmajakdygyna Gurban düşünýärdi. Türkmençilikde ýakyn garyndaşy, has beterem
enesi ýa-da atasy dünýäden öten maşgala bir ýyl geçmese, gudaçylyga gelinmeýärdi.
Bir ýyldan soň ýene ýol açylýardy. Emma görüm-göreldäniň, ýygralygyň täsiri
Gurbanyň, düşünjesinden, isleginden ýokary gelýärdi. Ýöne daýysynyň kyrky geçip,
ölüm ýarasy birneme könelişip başlanan soň, ol hem başgaça pikir edip ugrady.
Gurban Karkara bilen bir gapydan bir tünege girip çykýar. Ikiçäk gürrüň
etmäge wagtam bar, mümkinçiligem. Ýöne ol kalbyndaky arzuwy daşyna çykarmaly
bolanda welin, derrew ýöwselläýýär. Ýogsam, ol düýşünde ýa-da hyýalynda edýän
hereketleriniň iň bolmanda üçden birini hakykat ýüzünde gaýtalasa, arzuwy amala-da
aşaýjak welin. Özi hereket edäýmese, Karkaranyň öňürti dil ýarmajakdygyna-da
Gurban akyl ýetirýär. Ölçerýär, dökýär. Çykalga-da näçe diýseň bar ýaly. Ol iň bol
manda Kelhan Kepele ýaly janyny ynanýanynyň, Ýazsoltan ýeňňe ýaly hormat
goýýanlarynyň ýanynda içini dökäýmeli ahyryn. Emma ony-da başaranok. Ol şu gün
Karkara hakda pikir edende, ertir aýgytly herekete geçmäge özüne wada berýär, irden
bolsa wadanyň bitmeli möhletini ýene ertire goýýär. Şeýde-şeýde, Taňrynyň beren
günleri hem yz-yzyna geçip barýar.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gowşut han (Saragt galasy) - 12
  • Parts
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 01
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2204
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 02
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 2115
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 03
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2148
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 04
    Total number of words is 3873
    Total number of unique words is 2177
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 05
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2155
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 06
    Total number of words is 3811
    Total number of unique words is 2149
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 07
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2157
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 08
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2173
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 09
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 2166
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 10
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2144
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 11
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2187
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 12
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2180
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 13
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2197
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 14
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2141
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 15
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2172
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 16
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2134
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 17
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 2059
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 18
    Total number of words is 2341
    Total number of unique words is 1456
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.