LatinEach bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Gowşut han (Saragt galasy) - 14
Total number of words is 3795
Total number of unique words is 2141
32.8 of words are in the 2000 most common words
46.5 of words are in the 5000 most common words
53.9 of words are in the 8000 most common words
welin üstünden barmady. Ol Hywanyň Saragt bilen oýnunyň deň däldigine Gowşut
hanyň kemsiz düşünýändigine ynanýardy.
—Indi esasy gep—diýip, Mädemin oturan ýerinde-de ýalpyldawuk guşagyny
çekişdirdi.
Seýitmuhammet işanam ýöne dymyp oturmazlyk hemem Mädeminiň göwnüni
götermek üçin:
—Biziň gulagymyz sizdedir, merhemetli han!—diýdi.
Mädemin has-da agras sypata çolandy:
—Nasretdin şadan niçiksi mähtub geldi?
—Nasretdin şadan däl, Sadryagzamdan—diýip, Gowşut düzediş berdi.
—Parhy ýok. Ýylanyň agy nä, garasy nä!
Gowşut han Tährandan gelen hatyň mazmunyny gaýtalady. Ol sözüni gutaran
badyna, bilinde Tährany boýun egdirmäge-de kuwwat bardygyny ýaňzytjak bolýan
ýaly, Mädemin ýene bilguşagyna elini ýetirdi.
—Ýok. Ol bolmaz, han. Tekäniň arkasynda Horasan däl, Hywa durmalydyr.
Siz eden ähtiňizden dänmeli bolarsyňyz.
Seýitmuhammet işan saklanyp bilmedi:
—Beýik Taňrym siziň kalbyňyza giňlik salsyn, merhemetli han. Ýöne biz
ähtimizden dänip bilmeris.
Kesgitli hem garaşylmadyk jogap Hywa hanyny haýran etdi. Emma ol jogap
sözüni aýmanka, gödegräk çykan gepi birneme ýumşatmaga gyssanan Gowşut han
gepledi:
—Merhemetli han, biziň işanymyzyň beýle diýmeginiň öz sebäbi bar..
—O niçiksi sebäp?—diýende, Mädeminiň sesi güňleç eşidildi.
—Biziňki diňe bir lebiz ähti hem däl. Teke Nasretdine kyrkdan bir zekat
töleýä. Ony-da jähennem diýsek, Eýran bizden girewem saklaýa.
“Girew” sözüni eşiden Mädemin pessaý ses bilen:
—Çilim!—diýdi.
- 137 -
Gapa gulagyny degrip, handan şeýle haýyşyň bolmagyna garaşyp duran ýaly,
şol pursadyň özünde eglibräk içerik giren çilimçi suwçilimi Mädeminiň öňünde
goýup çykyp gitdi.
Ümsümligi kädiniň hokurdysy bozdy.Içini tüsseden dolduran han daljygyp
sowal berdi:
—Näçe?
—Kyrk öýli.
Mädemin ýene bir gezek suwçilimi hokurdatdy. Oňa indi şeýtmekden gaýry
pişe hem galmadyk ýalydy. Her hal, Eýran Eýrandy. Näçe güýçli bolanda-da,
Mädemin Nasretdine türkmenlere haýbat atyşy ýaly derejede erjeşip biljek däldi.
Onsoňam Hywa hany girew üçin Saragtan Eýrana adam iberiljegini bilse-de, eýýäm
iş işden geçendir öýdüp pikirem etmeýärdi. Bolsa-da ol Nasretdiniň özünden
öňurdenine gatybir gynanybam durmady. Çünki Eýran Hywadan telim esse uly hem
bolsa, Mädemin onuň goşun derejesini özüniňkiden güýçli hasaplamaýardy.
Üstesine-de, Nasretdiniň bir Saragt diýip,Hywa bilen çaknyşmak üçin gylyjyna
ýapyşjagyna Mädemin eger-eger ynanmaýardy.
—Indi nätsek diýýäňiz?—diýip, Mädemin, ýasama ýylgyryp sowal berdi.
Ýöne ol hereketiň ýylgyryşdygyny ýa-da gazapdygyny Gowşut han onçakly aýylsaýyl edip bilmedi.
—Beýik han, bizde “Nätmekden Alla saklasyn” diýen nakyl bar. Alla nämäni
alnymyza ýazan bolsa, şony-da görübermeli bolar.
Mädemin birneme gazaplandy:
—Alla size Horasanyň guly boluň diýdimi?
—Merhemetli han!—diýip, Gowşut hem birneme dikeldi.—Allanyň adyndan
geplär ýaly, biz pygammer däl. Ýöne tekäniň takdyryny şeýle ýazan Alla oňa
Horasan bilen il bolmagy-da buýran bolaýmasa.
Mädemin ilki Muhammet Ýakup Mäteriň, soňam Gowşut hanyň ýüzüne
seretdi:
—Biz bu ýere gep uruşdyrmaga däl, garyndaş bolmaga gelipdik welin..
Hywa hanynyň “welisiniň” yzynda gep kändi. Ondan gan ysyna-da garaşsaň
garaşybermelidi. Şonuň üçin bolsa gerek, elinden tesbisini-de gaçyran
Seýitmuhammet işan gyssandy:
—Türkmenem garyndaşparazdyr, merhemetli han. Hywa kimin belent
garyndaşly bolsak, bizem arman çekmeris.
—Emişmedik, medet arkaly garyndaş bolýandyr. Sen şony bilýäňmi, işan?
Seýitmuhammet işan köp ýyllardan bäri ilkinji gezek uly derejedäki ýat
adamynyň özüne “siz” diýmän, “sen” diýenini eşitdi. Emma işan oňa ullakan pitiwada bermedi.
—Bilýäs, han aga, bilýäs.
—Bilseňiz, teke bir elinde iki garpyz göterjek bolman, Nasretdinden ýüz
öwürmeli. Teke üçin Hywadan mährem garyndaş bolmaz. Onsoňam..
Hanyň sözüni bölmesizdigine düşünse-de,saklanmadyk Gowşut
Hywa
hanynyň “onsoňyny” özi dowam etdi:
—Onsoň han aga, biz Aly aşyndanam, Weli aşyndanam galaýmasak...
- 138 -
—Ýok. Alynyňam, Weliniňem berjek aşyny size Hywa iýdirer—Mädemin
şunça saklanjak bolsa-da, özüne erk edip bilmän, Gowşudyň ýüzüne gazaply
garady.—“Däliden dogry habar”, Gowşut han. Teke Saragty terk edip, Mara göçmeli
bolar..
—Däli bolmasagam, bizem dogry habarymyzy aýtmaly bolýas—diýip, Gowşut
han, näme üçindir, Muhammet Ýakup Mäteriň ýüzüne garap gepledi.—Beýle teklibi
tekeler berjay edip bilmeýä.—Ol Mädemine tarap seretdi.—Türkmeniň
dagynykdygynyň sebäbini sizem gowy bilýäňiz. Megerem Allanyň özi türkmeniň
ýeri üçin dawa bolmasyn diýip, bize şeýle ýowuz topragy bagyş edendir. Ýöne bile
ýaşamaga ýagdaý bolanlygynda, türkmen taýpalary hiç kime töwella etdirmän, bile
ýaşardy. Her haýsymyzyň öz günemamyzy zordan aýlamaga kybapdaş ýerimiz,
suwumyz bar. Biz bir-biregiň rysgyny kemmek islämzok. Saragt tekeleri Ahaldanam
oňuşman däl, hut suw gahatlygy serarly göçüp gaýtmaly boldy ahyryn...Siz ony
bilýäňiz...
—Biz ony bilsegem, siz Mara göçmeli, han.
Gowşut hana sypaýçylygy bir tarapa taşlap,göni gepläýmekden gaýry ýol
galmady.
—Saragt siziň ol şertiňiz bilen ylalaşmaýa, merhemetli han.
Şu mahala çenli, her hal, sypaýyçylygy elden bermän gelen Mädemin han
Hywadan kalbynda göterip gaýdan aýgydyny ahyr daşyna çykarmaly boldy:
—Gedemligiň tomaşasyny meýdan görmeli edäýsek, nähili bolarka, han?
Mädemin aýtmaly eden iň coňky sözüni aýdandan soň, indi sypaýçylyk eden
bolup, edep görkezen bolup oturmagyň hajaty ýokdy. Şonuň üçih Gowşut han
gulagyna ýeten sözlere kybapdaş jogap gaýtarmaly etdi:
—Tomaşa meýdana ýetmäge dirän bolsa, at toýnagyna at çydar, han..
Hywa hanynyň Saragt hanyndan ahyr eşitmek islän jogaby-da şoldy.
Mädemin ynjaldy.
Gulanly uly basga galdy.Hojam Şükür kowum-garyndaşlarynyň hemmesini
aýaga galdyrdy. Uly-kiçiniň ahli aladasy belent mertebeli Hywa hanyny deňli-derejeli
garşy almakdy. Düýn Garaýapdan gelen çapar Mädemin Ynagyň Gulanlyda düşläp
geçjekdiginiň habaryny getireli bäri Hojam Şükür zowzuldama derdine sataşan ýaly,
bir ýerde uzak saklanybam bilmedi.
1855-nji ýylyň 10-njy martynda Mädeminiň goşuny öýlänler Gulanly sebitine
gelip ýetdi. Belentlikde ýörite goýlan adamlar, uzakdan peýda bolan tuga gözleri
kaklyşandan, oba tarap at saldylar.
“Gelýär” habary ýetirilen Hojam Şükür ýanynyň on-on bäş adamy bilen belent
myhmanyny garşylamak üçin atlandy. Bir atlynyň dyzynyň üstünde bolsa, ak gunduz
ýaly işşek bardy.
Obadan esli daşlykda Hojam Şükür goşunyň öňünden çykdy. Mädemin taýak
atyma gelende, atlylaryň başynda barýan Hojam Şükür “Duruň” diýen yşarat etdi.
Atlylar jylaw çekdiler.
- 139 -
Mädeminiň şu saparky hereketine ýanyndakylar hem haýran galdylar. Sebäbi
onuň Hojam Şükür derejesindäki adama beýle uly hormat goýanyny heniz gören
ýokdy. Ol bäş-on ädimlikde atdan düşdi-de, Hojam Şüküre tarap pyýadalap ugrady.
Özüne tarap,onda-da atdan düşüp gelýän beýik Hywanyň hanyny gören Hojam Şükür
bu wakany düýşüdir öýtdi, beýle mertebeli myhman pyýadalap gelýärkä, özüniň atyň
üstünde oturmasyny ymmata sygmajak gabahat hereket hasaplady. Ýöne ol
aljyramakdan ýaňa, aýagyndan sypan üzeňňini hem wagty bilen tapman, atdan
syrygyp düşmeli boldy. Mädemin Hojam Şüküre gujak gerdi. Dykyz hanyň gujagyna
arryk göwresini taşlan Hojam Şükür az salymlap dünýäni unutdy, bokurdagy dolup,
owasyna ýaş indi. Ol beýle uly hormata ömründe ilkinji, megerem, iň soňky gezek
mynasyp bolýardy.
Hojam Şükür özüni dürsänden soň, şu günki dabara mynasybetli ilkinji gezek
geýen ýalpyldawuk täze donunyň goltugyndan çykaran iki gulaç ýaly ak ýüpek
matany Mädeminiň biline çolady.
Öňden dilleşikli bolany sebäpli, şol mahal hem yzda galan öňi işşekli adam
atyna gamçy çaldy. At şol dem gelmeli ýerine ýetip durdy. Heniz beýle uly han
görmedik adam, işşegi ýere düşürip, aljyramakdan ýaňa, kän mahal geçenden soň,
haýkyryp salam berdi.
Hojam Şükür öz bilindäki pyçagy sogurdy-da, myhmanyna uzatdy.
—Belent mertebeli hanymyz, şu işşegiň damagyny öz goluňyz bilen çalsaňyz,
bize uly hormat goýdugyňyz bolardy...
Mädemin beýle ýagdaýy geň görse-de, “Türkmeniň adaty şeýle bolsa gerek”
diýip oý edensoň, pyçagy eline aldy.
Işşekli hereket tüpkmeniň adaty däldi-de, Hojam Şüküriň gije ýatman, oýlap
tapan pirimidi.
Ýiti pyçak eýýäm güýlünip, ajala taýyn edilen janaweriň diňe bir damagyny
çalmak däl, tas boýnuny ýolup taşlapdy.
Böwri böküp duran işşege tarap sereden Hojam Şükür ýylgyrdy:
—Ýagşy adamlar damak kesende, şeýdip, maly gynaman kesermiş. Eliňiz ýeňil
ekeni, beýik han!
Heniz jany oňly çykmadyk işşegi eýeriň gaşyna atan adam oba tarap eňdi. At
her towsanda, işşegiň bogazyndan çykýan al gan töwerege syçrap barýardy. Şondan
soň Mädemin hem atlandy.
Atlylar hataryň çetinde dikilen ak öýe tarap ýönelenlerinde, ajalyna el bulan bir
ak köpek üýrmesiz mahaly üýrmesiz adama bakyp üýrdi. Ol parahat ýatan ýerinden
turdy-da, Mädeminiň atynyň alabederligini halamadymy-nämemi, onuň bäş-alty ädim
golaýyna ýetip, dişlerini syrtardyp, jabjynyp üýrmäge durdy. Belent myhman ak öýüň
golaýynda düşländen soňam it üýrmesini dowam etdi. Ol ýagdaýy myhmany
göwnüne alar öýdüp howatyrlanan Hojam Şükür, gapdalynda duran ýigitleriň biriniň
elindäki gara myltygy kakyp aldy-da, üýrüp duran itiň maňlaýyndan atyp goýberdi.
Iki gözüniň arasyndan gyrmyzy gany çogup çykan köpek aýylganç waňkyrdy-da, yza
serpildi. Emma ol bir ädimem ädip bilmän, agzyny ýere berdi. Kimdir biri ony art
aýagyndan tutup, derrew süýräp gitdi.
Gapa tarap ýöneljek bolup duran Mädemin saklandy.
—Biýem siziň iliň bir däbimidir, Hojam han?
- 140 -
—Hawa, merhemetli han, biz ilde belent mertebeli myhmana bakyp üýren iti
şeýdýändirler.
Öz hanynyň üç gün bäri ilkinji gezek ýylgyranyna şaýat bolan Muhammet
Ýakup Mäter ynjalykly dem aldy.
Suw entek ýylamandy. Onuň üstesine-de bu gün demirgazykdan öwüsýän
şemalyň ýakymy ýokdy. Şonuň üçinem balagyny dyzyna çenli çermäp, derýa
girenine kän mahal geçmedigem bolsa, Kelhan Kepele tizräk suwdan çykanyny kem
görmedi. Emma hokgalaryna çenli öl edip, kenarda kädileri suwdan dolduryp duran
aýallara, ýetişen gyzlara gözi düşenden soň, ol daş çykmagy özüne uslyp bilmedi.
Ol meşige suwuny boşadan kädisini ineriň ýanynda duran Gurbana tarap
oklady-da tulumyň özüni suwa çümdürdi. Agzy dar meşik ala pakyrdy bolup, suwdan
dolmaga başlady. Onýança-da Gurbana tarap zyňlan kädi raýyşdan yza togalanyp,
ýene Kelhan Kepeläniň ýanyna geldi. Kädini akymyň ugruna goýbermän saklan
Kelhan Gurbana alarylyp seretdi.
—Kelhan aga, ýaňadandan zyň-la!—diýip, Gurban ýokardan gygyrdy.
—Zyňamda nä tutubilýäňmi?—diýip, Kelhan kädini has batlyrak zyňdy. Kädi
Gurbandan sowa geçip, oturan düýäniň howudynyň ýanagajyna degdi-de, iki bölündi.
—Kelhan aga, beýle gaty zyňmazlar ahyryn.
—Men-ä, inim, şü gün saňa ýaranyp bilmedim. Çala zyňsam, tutma, gaty
zyňsam,tutma, dagy nädip zyňaýyn?..Döwlen bir suwkädi bolsun!
Birdenem Gurban Kelhan Kepeläniň bu mahal asla garaşmadyk sowalyny
berdi.
—Kelhan aga, sen o gün meň üçin bir ýere gudaçylyga-da barjak diýäýdiňmi?
—Asyl “Göleli sygyrdan” gürrüň edilmegini küýsäp duran ekeňiň-ow sen...
—Ondanam däl-de, gowusy, Kelhan aga, sen meň üçin hiç ýere gudaçylyga
barjak bolmasana...
—Gorkup ýörme, ýaş ýigit—diýip, Kelhan ýylgyrdy.—Men o gudaçylyk üçin
haýsy gapydan barmalydygyny gowy bilýändirin.
—Nädip bilýämişiň? Men o barada saňa hiç zat aýdamok ahyryn?
—Arkaýyn bol, inim. Bizem, “Gelin bolmasagam, gädikden garap görüpdik”
...Aňyrlarda-da derýanyň kenarynda adam-gara kändi. Meşikler, kädiler
suwdan doldurylýardy. Gowşut hanyň tabşyrygy bilen çöle siňmän, galada galýanlar
uçin ýeterlik agyzsuwy edinmelidi.
Telim süri goýun geçip gitdi.
—Mallary nirä sürmeli etdiler, Kelhan aga?
—Ýaňkylar-a Garrybende tarap barýalar. Ýöne mallaň köpüsi eýýäm guma
siňendir..
Aksakallaryň çaklamagyna görä, Mädemin erte-birigünden gijä galman Saragta
aralaşmalydy. Ähli obalara çapar ýollap, çöle siňmesiz edilenleriň ertirden gijä
galman gala töweregine jemlenmelidigi habar edilipdi. Emma eýýämem Saragt
galasynyň içinde-daşynda-içinde görünýän adamlaryň, mallaryň sany-sajagy ýokdy.
- 141 -
..Saragt
galasynyň
daşyndaky
köne
garym
giňeldilýärdi,
çuňaldylýardy.Galanyň ýykyk-ýumruk ýerlerine gum üýşürilýärdi.Ol iş garaňky
düşende-de togtadylmaýardy.
Ýatyş telpegini çümre geýnen Gowşut han garymyň gyrasynda gezmeläp, işe
serenjam berýärdi. Ol gala ýetip gelýän Kelhan Kepelä gözi düşüp, ýylgyrmaga
mejbur boldy.
—Ussa, sen iki meşik suw bilen bir aý oňarmyň?
Adamlar Kelhana tarap seredişdiler. Onuň bolup gelşi, dogrudanam,
gülkünçdi—balagy henizem dyzyna çenli çermelendi, howanyň sowugynyň
bardygyna-da garamazdan, çäkmeni hem ýeňlenmän, egnine ýöne atylaýandy, ezýaka
köýneginiň çäginden bir tüňküji görnüp durdy.
—Aý, han aga, men-ä bir meşik suw bilenem bir aý oňaryn. Asyl suw
içmesemem bolar.
Garymyň içinden kimdir biri inçejik sesi bilen gygyrdy:
—Aý, iner bol-a, Kelhan Kepele!
Kelhan ýylgyrdy:
—Kelhan Kepeläň inerdigini sen indi bilýäňmi!
Adamlar wakyrdaşyp gülüşdiler. Bir seretseň, bu ýere ýygnananlar örän
şadyýandylar, gülüşýärdiler, degişýärdiler.
—Han aga, şü ýerden-ä suwam çykjak—diýip, garymyň içindäki ýigit Gowşut
han deňine baranda ýokaryk gygyrdy.
—Suw çyksa, oňa ýetesi näme bar?—diýip, kerte elini dirän han aşak bökdi.—
Hany, piliňi bärik ber, goçagym!
Bir käse çaý içim salymda Gowşut han dört-bäş ädim ýeriň batgasyny zyňyp
çykdy. Yzda gögümtil läbik galdy. Han depen ýerine aýagyny goýup gördi. Onuň
çokaýy seçegine çenli palçyk boldy.
Töwerege garan baş han ýagdaýdan hoşal boldy. Garymyň içindäki adamlar
aýtdyrman, diýdirmän, hanyň hereketine öýkünip başlapdylar.
Pili eýesine gaýtaran han daş çykdy:
—Indi suw goýberip, saman sepeläberseňizem bolar.—diýen han galanyň
borjak şahalaryndan örülip ýasalan täze derwezesine tarap ýöneldi. Ol gazylan
çukurlaryň üstüni basyryp duran adamlaryň ýanyna ýetip aýak çekdi.
—Serdar, ýagdaý niçik?
Amansähet serdar başyny galdyrdy.
—Şunam basyraýsak, boluberýäs, han..
Amansähet serdar galada körpeç ýasaýanlaryň bir bölegine ýolbaşçylyk
edýärdi. Körpeçler ýaňy dünýä inen guzular üçin däldi-de, adam çagasyna
niýetlenendi. Ýeriň böwrüni gazyp, agzy gytak edilýän körpeçler depesinden top oky
düşäýende-de, ýumrulman durmalydy. Onuň yzgarly teýine çöp-çalam düşäp,
üstündenem keçe, ýorgan-düşek atýardylar.
Gowşut han galanyň orta gürpüne ýetende, adamlara tüpeň paýlap duran Nepes
molla gabat geldi. Ol Ahaldan getiren gara myltyklaryny eýýäm paýlap
gutaryberipdi. Ýigitler gezek-gezegine gelip, tüpeň alanlaryndan soň, bir tarapa
çekilip duruberýärdiler.
Gowşut han Nepes molla ýüzlendi:
- 142 -
—Molla, Taňry bizden bolsa, enşalla, Mädeminiň çadyryny başyna ýumrarys.
Gowşut han ol sözleri ýöne dymyp geçmezlik üçin diýipdi. Emma Nepes molla
oňa birbada hiç hili jogap gaýtarmady, “Han aman—il aman” diýip, içini gepleden
şahyr Gowşudyň sussunyň pes däldigini ýagşa ýordy.
Gowşut han şahyryň paýlaýan myltyklarynyň birini eline aldy-da, agramyny
ölçeýän ýaly saldarlap görenden soň, yzyna gaýtardy. Birdenem ol özüne erk edip
bilmeýän ýaly bolup, aýagynyň burnuna seretdi, agyr oýa batdy. Ýap-ýaňy-da
howalasy belent hanyň birden beýle doňup galmasyny gören synçy şahyr sowal
bermän durup bilmedi:
—Han, dogryňy aýt, şu mahal näme hakda oýlandyň sen?
—Bir zamanda Merwde iki sany tophana bolupdyr, molla.Top ýasaýanlar
Badhyzdan getirilýän pisse agajyny ýakyp, mis eredipdirler.Topuň ýany bilen düýäň
howudyna baglap atylýan bir ykjam ýarag hem ýasar ekenler. Aý, olam topuň bäri
ýanyndaky ýaragmyş-da. Adyna “Sapbozan” diýýär ekenler. Duşmanyň sapyny
bozýan ýarag ekeni…
—Şu mahal şol sapbozandan bolaýsa diýýäňmi?
Çaga arzuwçyllygynyň üstüniň açylanyna hanyň ýüzi gyzaryp gitdi.
—Dogrymy aýtsam, molla, şu mahal şondan on howutlyk bolaýsa diýdim..
—Arman çekme, han. Barymyz bilen bazar eýlesegem, işimiz rowaç bolar. Biz
basyp alamzok, basyp aljak bolýandan özümizi goraýas. Bala-çagalammyzyň ýagşy
nesibesi bardyr...
—Belki, Hudaý!—diýip, Gowşut han baş atdy.
...Şahyryň ýanyndan gaýdan hanyň ýoly galanyň gündogar ganatynyň daşynda
işläp ýörenleriň üstünden düşdi.
Haltalap getirilýän samany suwdan püre-pür edilen garyma tarap süýşürip
duran ýaşuly, Gowşut hanyň beren salamyny alandan soň, çarşagyny ýere dikdi-de,
han bilen görüşdi.
—Tekäň malyny saman alapasyndan-a dyndardyň, han—diýip, ýaşuly degişdi.
Gowşut han oňa ýylgyryp, jogap gaýtardy.
—Teke jan tapsa, malyna alapalyk saman tapar, agam. Türkmeniň çöli giňdir.
Alla özümizi aman goýsa, malymyzam aman galar.
—“Gark bolan sypaldan ýapyşar” etjek bolýaň-da onda?—diýip, goja
göwnüçökgün gepledi.
Gojanyň aýdany hana ýaramady. Onuň ýüzündäki ýylgyryş agraslyk bilen
çalyşdy.
—Ýok, agam, beýle däl, Men sypaldan ýapyşjak bolamok-da, “Saman
astyndan suw goýberen” etmek isleýän.
Goja dymdy. Şol pursat adamlaryň hemmesiniň ünsüni çeken bir waka gopdy.
Dünýäniň aladasyny, adamlaryň häzirki galagoplylygyny duýmakdan mahrum
bir erkek eşek öz maksadyna ýetmek üçin derýa boýunda öňüne salan başga bir
eşegini kowalap gaýtdy. Erkek eşek zorruk sesi bilen arlap, töweregi galmagaldan
dolduryp gelýärdi. Emma öňdäki mada eşek onuň islegini amala aşyrtmaýardy.
—Tapdyňyz-a kowalaşjak wagtyňyzy!—diýip, biri nägilelik bildirdi.
—Mädemin gelmänkä, keýp kökläýjek bolýandyrlar-da—diýip, ýene biri
gepledi.
- 143 -
Gaçyp gelýän eşek edil Gowşut han dagynyň ýanyna, garymyň gyrasyna ýetdide, ýa-ha öňünde ýüzi samanly, aşagy suwly garymyň bardygyny saýgarmady, ýa-da
saýgarsa-da, gapdala sowulmaga maý tapmady, garaz, samanly suwa başşaklygyna
agdarylyp gitdi. Ony kowalap gelýän eşek welin, özüne erk etmäge ýetişdi. Ol
gapdala sowuldy-da, awundan umydyny üzendensoň, tumşugyny ýokaryk tutup,
aňyrlygyna gitdi.
—Haý, bigaýratladyň-ow!—diýip, Gowşut hanyň ýanynda duran ýaşuly
başyny ýaýkady.—Ejizlediň-ow!
—Özüň şoň ýerinde bolsaň, näderdiň, agam?—diýlende, handan garaşmadyk
sowaly mada eşegiň üstüne bökermidiň?
Goja ýylgyrdy. Yzyndanam:
—Aý, han, özümem şondan mert eşek däl bolaýmasam—diýip, hakykaty
boýun alan ýaşuly gara çyny bilen gülüp göýberdi.
Suwa gaçan eşek kä çümüp, kä çykyp, garymyň beýleki kenaryna ýetdi, emma
raýşa welin dyrmaşyp bilmedi. Ol suwdan çykjak bolup, näçeler eşek erjelligini etsede, netije bolmady.
Gulaklary, kellesi, gerşi yzgarly samana gömlüp, mähnet bir ezilen syçana
meňzän eşek ýow howpy bilen gaşlary çytyk adamlary-da ýylgyrmaga mejbur etdi.
Göçgünräk ýigitler tomaşakär bolup, şowhun turuzdylar. Ahyram boýnuna ujy
halkaly tanap zyňyp, haýwany daş çykardylar. Endamyndan saman gatyşykly gara
läbik sarkyp duran eşek esli salymlap tomaşa edilýän maýmyna öwrüldi.
Il deňinde gülkä goşulan Gowşut han:
—Saman astyndan goýberilen suw-a adamlara hezil berdi!—diýdi.
Hanyň ýanyndaky ýaşuly hem:
—Belki, Mädemin şü garyma gaçanda-da, şeýdip gülşäýedik-dä!—diýip
göwün ýüwürtdi.
—Agzyňdan hudaý eşitsin!—diýen han ýöräberende, ýaşuly ony güýmedi.
—Ýaňky eşekden mysal tutsaň-a, niýetimiz hasyl bolaýjak ýaly, han...
Älhepus, adamdan emel gutuljakgäl-ow!
Gowşut han:
—Alla-da şeýtansyz oňmandyr ahyryn, agam—diýdi.
Daşlaşyp ugran han görmese-de, ýaşuly baş atdy.
—Alla şeýtany onuň adamlary oýnaýşyndan peýdalanjak bolup döreden
bolaýmasa.Başga nämä derkar diýip döretsin ony...
Gündogar ýaňy çalaryp ugrapdy. Älem-jahan, dynç alýan ýaly parahatdy.
Emma şol imisalalykda-da, şu günde-ertede gala göçmelidigini kellesinde aýlap
ýatany sebäpli bolsa gerek, oýanan Karkara gaýdyp uklap bilmedi. Ahyram bir hepde
mundan ozal enesi ölen çalja guzy ýadyna düşen gyz, emaý bilen ýerinden turdy-da,
daş çykdy. Entek ýaprak ýaýratmadygam bolsa, agaçlar säheriň alagaraňkysynda
owadan bolup göründi.
- 144 -
Öýüň gamşyna söýelgi süýtkädini alan Karkara mal ýataga tarap gitdi. Eýýäm
ele öwrenişen ýetim guzy, howandarynyň gelýänini görüp, ýatagyň agzyna
golaýlady.
Ýylgyn şahalaryndan gara öýüň tärimi ýaly gözeneklenip edilen agylyň içinden
daşaryk seretseň, älem has-da owadan bolup görünýärdi. Çalaja öwüsýän säher
şemaly agylyň içinden göterilýän çöp-çörüň agras ysyny Karkaranyň temezliginiň
üstünden kowup äkidýärdi-de, onuň ýerine tämiz howa getirýärdi.
Ýetim guza süýt içirip oturan Karkara “Hiýh!” edip tisginende, kädi tas elinden
gaçypdy. Hatar öýleri nazarlap, Gündogardan üç sany atly bärik gelýärdi. Ümüştamyşlykda olaryň näjüre adamlardygyny saýgaryp bolmaýardy. Ýöne bu mahal,
entek metjit tarapdan azan sesi-de çykmanka, atlylaryň bärik keýpine
gelmeýändikleri welin belli zatdy. Beýle adamlar, beýle bimahal çagy ýa-ha şum
habar bilen, ýa-da bet nýet bilen gelmelidiler.
Şol barada oýlanyp oturan Karkara ýetim guza içirmek üçin owujyna guýan
süýdiniň barmaklarynyň arasyndan sarkyp, gumalagyň, çörüň üstüne dökülýändiginide aňmaýardy. Ýylgyn şahalary hem görer göze öwrülip, golaýlan atlylaryň hemme
hereketini gyza indi aýyl-saýyl görkezýärdi.
Karkaranyň çaklamagyna görä, atlylaryň nazary hanyň öýüne tarapdy. Çünki il
örmänkä getirilýän zerur habar, nähili-de bolsa, öňi bilen hana ýetirilýärdi.
Gyzyň eden çaky dogry bolup çykdy. Atlylar hataryň üç gapysynyňam
deňinden geçip, Gowşut hanyň öýüniň işiginde saklandylar. Karkara şonda ortadaky
atlynyň öňune palasamy ýa-da dona dolangy zadyň keseligine basylandygyny,
özleriniňem ýaragly adamlardygyny saýgardy.
Ortadaky atly öňündäki zady ýere taşlansoň, olar yzlaryna aýlandylar. Bimahal
peýda bolan adamlaryň bir gizlin iş edýändikleri howlukmaç gidişlerindenem
aňdyrdy.
Karkarany ýene bir haýran galdyran zat—hatardaky dört-bäş sany itiň, edil
jadylanan ýaly, birindenem ses-üýn çykmanlygydy. Mundan ozal, gijäniň bir mahaly
bolsa-da, hiç kime azarsyz, öz günemasynyň aladasynda geçip barýan biçäre kirpä-de
boş haýbat atyp galýan itler bu gezek kere, köre öwrülipdiler. Diňe atlylar hatardan
mazaly uzaklaşandan soň, Çebşek batyryň atýatagynyň ýanynda irkilip ýatan köpek
birki gezek, onda-da göwünli- göwünsiz üýren boldy.
Şaýat bolan ahwalatyny ýamanlyga ýormak islemese-de, ol waka Karkaranyň
ýüregine howsala saldy. Ol ätiýajy elden bermejek bolýan ýaly, agyldan çykman,
atlylaryň giden urguna seretdi. Çalaran asmany özlerine perde edinen geň atlylar han
obasyndan eýýäm saýlanypdylar.
Süýtkädini hem agylda galdyran Karkara gorky bilen daş çykdy. Garny
süýtden oňly doýmadyk ýetim guzy nägileligini aňdyryp, zaryn mäledi. Guzynyň
zary aladaly gyza ýetmedi.
Karkara han öýüniň işik tarapyndan barmaga, gapa taşlanan zatdan heder edip,
gözenege aýlandy-da:
—Gelneje! Ýazsoltan gelneje!—diýip, uýala-gorka seslendi. Içerden aýal sesi
gelen ýaly boldy.—Gowşut dädem öýdemi, gelneje?
—Bi senmiň, Karkara?—diýip, Gowşut han seslendi.—Näme boldy?
Eýgilikmidir?
- 145 -
—Aý... Ýaňy üç sany atly gelip, gapyňyza bir zat taşlap gitdi—diýip, ýatanlary
biynjalyk edenini uslyp bilmedik Karkara zordan gepledi.
Atly sözi gulagyna ilen, başy açyk, egni ak balak-köýnekli haýdap çykan han
derrew gözenekde peýda boldy.
—Sen näme diýdiň-ä, Karkara?
—Ýaňy gapyňyza bir zat taşlap gitdiler, Gowşut däde...
—Sesiň gözenekden gelensoň, men gapa seretmändirinem—diýen Gowşut han
derrew yzyna aýlandy.
Taşlanan zada nazary düşüp, birneme yza tesen uly adamynyň hereketini
synlan Karkara bilesigelijilik bilen:
—Name taşlapdyrlar, Gowşut däde?—diýdi.
Agaryp ýatan adam süňklerinden nazaryny aýran han Karkara tarap seretdi.
—Üýtgeşik zat ýok, jigim. Sen git-de, öýüňidäki iş-aladaň bilen boluber. Bärik
seretjegem bolma.
“Bärik seretjegem bolma” diýen söz gyz ýüregine has-da beter gyzyklanma
saldy, emma aýdylany etmeli boldy.
Karkara gidensoň, öýe gyssanmaç girip çykan han, alyp gelen ýapynjasy bilen
çagşaşyp ýatan süňkleriň üstüni örtdi. Şol pursadam Gowşut han Mädeminiň Saragt
sebitine aralaşandygyna göz ýetirdi. Bu gabahat iş şonuň işi bolmalydy.
Gowşut han öz öten-geçen garyndaşlaryny ýatlap, bu süňk-saňklaryň olaryň
haýsysynyňky bolup biljekdigi hakda kellesinde pikir aýlady. Emma pylanyňky
bolmalydyr diýip, belli birini çaklap bilmedi.
Säherdäki üç atlynyň galdyryp giden nyşanynyň manysyna Gowşut han
aňryýany bilen düşündi. Ol hereket adam kemsidilmeginiň, masgaralanmagynyň
aňrybaş seriştesi hasap edilýärdi. Mazardan çykarylan kelleçanak, süňk-saňk, jesedi
biynjalyk edilen merhumyň iň ýakyn hossarynyň ýa-da köpçülik kemsidilmeli
edilende tire-taýpanyň kethudasynyň, tutuş ilat kemsidilmeli edilende, ilhanynyň,
ýagny baş hanyň gapysyna taşlanýardy.
…Gowşut hanyn öýüniň töweregine ýygnanan kän sanly adamlaryň hemmesi
agyr oýa batdy. Olaryň her biri üsti ýapylgy süňk-saňky dünýäden öten öz
garyndaşynyňky hasaplady.Ýapylan örtügiň astyndan her kime öz ýakynynyň ruhy
jyklap ýatan ýaly bolup duýuldy. Diňe bir ruh jyklamak däl, süňk-saňklardan seda
gelip: “Meni gabrymda-da rahat ýatmaga goýmadyňyz. Bizde näme günä bar?”
diýilýän ýalydy.
Şonuň üçinem süňk-saňkyň daşynda aý berip duran adamlaryň her biri özüni
hut şu gün dünýäden öten garyndaşynyň jynazasyna duran ýaly hasap etdi.
Köpçülik doňup durdy. Hiç kim agzyndan söz gaçyrmady.
Iki tirsegini penjeläp, ýere bakyp duran Gowşut han, uzak sözlejek ýaly
eşidiler-eşidilmez ardynjyrady:
—Adamlar, bu gabahat işi kimiň, näme üçin edendigini özüňiz gowy
bilýänsiňiz.Bu jesediň haýsy gonamçylykdan, haýsy mazardan biynjalyk edilip
çykarylany belli däl. Ýöne bir zat belli. Bu jeset biziň her birimiziň iň ýakyn
garyndaşymyzyň jesedi bolmaly. Muny biz hossar hökmünde deňli-derejeli edip
ýerläliň!
Saragtyň baş hanynyň ähli saragtla ýüzlenip hemme aýdany şol boldy.
- 146 -
1855-nji ýylyň 14-nji martynyň giç öýläni Hywa goşuny Saragta gelip ýetdi.
Mädemin heniz atdanam düşmänkä, köne Saragt galasynyň täze derwezesiniň
ýapylandygyny habar berdiler. Han ilki gala tarap, soňam ýanyndaky Muhammet
Ýakup Mätere çalaja gaňrylyp seretdi:
—Peşe at toýnagyndan niçiksi ýol bilen goranyp biler, Mäter? –Sowal berlen
esli salym dymansoň, han özüne jogap berýän ýaly:—Ýa, akylly at peşäni depjegem
bolmazmy?—diýdi. Şeýle hem ol öz tapan geplerinden özi hoşal bolan ýaly, çalaja
ýylgyryp goýberdi.
Mädeminiň kimi peşe, kimi at hasap edýäni düşnüklidi. Onuň soňky
ýylgyrmasynyň sebäbi bolsa, türkmenleriň köne galanyň çöp-çalamdan edilen
derwezesini ýapmaklarydy. Galanyň emeli derwezesini suwy berlen polat bilen
çalşyranyňda-da, garşydaşyň zarbasyna çydap biljek däldi. Mädemin öz atdaşy
Muhammedemin ýüzbaşyny baş edip, iki sany agyr topy Hywa ýaly ýoldan oýnamak
üçin tigirläp gaýtmandy.
Heniz gara myltykdan üýtgeşik ýarag görmedik türkmenler üçin toplary gala
çenäp atmak däl, başga tarapa atsaňam, ýeterlik bolmalydy. Toplaryň aç peleňiň
arlamasy ýaly aýylganç sesi-de tekeleriň zähresini ýarmalydy. Dowul düşüp,
başagaýlyk aralaşan tekeleriň gedem kethudasy bolan Gowşut han hem onuň baş
aksakaly Seýitmuhammet işan gelip, Mädeminden aman dilemelidi.
Öz hanynyň ertir näme pikir etjegini-de şu gün bilýän Muhammet Ýakup
Mäter indi dymmaly däldi. Mädeminiň soňky ýylgyrmasy-da bir sowaldy.
Hökmürowanynyň haýsy tarapyndan, nähili ädim bilen barsa gowy bolýanyna
ökdeläp giden Mäter:
—Depilmäge-de mynasyp däl peşe teniňe yza berse, oňa jogap gaýtarmaly
bolar, merhemetli han. At özüniň artykmaçdygyny aýan etmeli bolar ahyryn...
Mädemin geňeşçisiniň jogabyndan hoşal boldy, emma ony derňäp görmek
isledimi-nämemi:
—Peşe çakany bilen at agyr güne düşäýmez-ä.
—Aýdýanyňyz dogry. Peşe däl, ýylan çakany bilenem, ajaly ýetmese, adam
ölmeýä. Ýöne musulman bendesine ýedi ýylda bir ýylan öldürmek parz.
Muhammet Ýakup Mäteriň jogaby hany kanagatlandyrdy.
Öňden bellenişine görä, Hywa goşunynyň agramly bölegi galanyň
günortasynda, Tejen derýasy tarapynda goş ýazdyrdy. Derýa tarapda düşlenmeginiň
iki sebäbi-türkmenlere goltgy diýlip iberiläýmegi ahmal Eýran goşunynyň gözüni
gorkuzmak hem Saragt galasyny suwdan mahrum etmekdi.Şoňa görä-de Mädemin
han galanyň daşyndaky garymy suwdan doldurmak üçin derýadan çekilen täze ýaby
tizden-tiz gömmeli diýen buýruk berdi.
Hywa goşunbaşylary ýük ýazdyrylan bada, tekeleriň göz oduny almak üçin, iň
bolmanda, keltejik bir çozuş amala aşyrylar diýip çak edipdiler. Emma agyr goşunyň
yzy gelip ýetýänçä, Gün hem ikindi ýerine bardy. Bir-ä giçdi, bir-de Mädemin han
agyr ýoluň ýadawlygyndan soň, ýatyp dynç almagy makul bildi.
- 147 -
Ertesi bolsa beýik han wagtyny aw etmek bilen geçirdi. Onuň goşun çekip
gelensoňam ýatyp, turup, awa çykyp, howlukman ýörmesi-de, tekeleriň garşylyk
güýjüniň nä derejededigine kemsiz göz ýetirýändiginden gelip çykýardy.Ol öňde
duran çaknyşykda Hywa tarapyndan känbir gan hem döküler öýtmeýärdi.

You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gowşut han (Saragt galasy) - 15
- Parts
- Gowşut han (Saragt galasy) - 01Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3704Total number of unique words is 220431.3 of words are in the 2000 most common words45.3 of words are in the 5000 most common words52.6 of words are in the 8000 most common words
- Gowşut han (Saragt galasy) - 02Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3762Total number of unique words is 211531.5 of words are in the 2000 most common words44.9 of words are in the 5000 most common words52.0 of words are in the 8000 most common words
- Gowşut han (Saragt galasy) - 03Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3820Total number of unique words is 214833.2 of words are in the 2000 most common words47.5 of words are in the 5000 most common words55.0 of words are in the 8000 most common words
- Gowşut han (Saragt galasy) - 04Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3873Total number of unique words is 217732.7 of words are in the 2000 most common words46.5 of words are in the 5000 most common words54.1 of words are in the 8000 most common words
- Gowşut han (Saragt galasy) - 05Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3787Total number of unique words is 215531.9 of words are in the 2000 most common words45.6 of words are in the 5000 most common words53.1 of words are in the 8000 most common words
- Gowşut han (Saragt galasy) - 06Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3811Total number of unique words is 214932.3 of words are in the 2000 most common words46.0 of words are in the 5000 most common words54.0 of words are in the 8000 most common words
- Gowşut han (Saragt galasy) - 07Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3850Total number of unique words is 215730.4 of words are in the 2000 most common words43.1 of words are in the 5000 most common words50.3 of words are in the 8000 most common words
- Gowşut han (Saragt galasy) - 08Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3785Total number of unique words is 217330.7 of words are in the 2000 most common words44.1 of words are in the 5000 most common words51.6 of words are in the 8000 most common words
- Gowşut han (Saragt galasy) - 09Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3880Total number of unique words is 216633.0 of words are in the 2000 most common words45.8 of words are in the 5000 most common words54.2 of words are in the 8000 most common words
- Gowşut han (Saragt galasy) - 10Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3794Total number of unique words is 214432.4 of words are in the 2000 most common words46.7 of words are in the 5000 most common words54.3 of words are in the 8000 most common words
- Gowşut han (Saragt galasy) - 11Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3827Total number of unique words is 218731.8 of words are in the 2000 most common words46.5 of words are in the 5000 most common words54.5 of words are in the 8000 most common words
- Gowşut han (Saragt galasy) - 12Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3819Total number of unique words is 218033.4 of words are in the 2000 most common words47.8 of words are in the 5000 most common words55.3 of words are in the 8000 most common words
- Gowşut han (Saragt galasy) - 13Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3836Total number of unique words is 219731.6 of words are in the 2000 most common words44.4 of words are in the 5000 most common words51.7 of words are in the 8000 most common words
- Gowşut han (Saragt galasy) - 14Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3795Total number of unique words is 214132.8 of words are in the 2000 most common words46.5 of words are in the 5000 most common words53.9 of words are in the 8000 most common words
- Gowşut han (Saragt galasy) - 15Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3830Total number of unique words is 217232.4 of words are in the 2000 most common words47.1 of words are in the 5000 most common words53.8 of words are in the 8000 most common words
- Gowşut han (Saragt galasy) - 16Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3752Total number of unique words is 213431.9 of words are in the 2000 most common words45.5 of words are in the 5000 most common words52.1 of words are in the 8000 most common words
- Gowşut han (Saragt galasy) - 17Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3769Total number of unique words is 205930.4 of words are in the 2000 most common words44.6 of words are in the 5000 most common words52.3 of words are in the 8000 most common words
- Gowşut han (Saragt galasy) - 18Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 2341Total number of unique words is 145634.9 of words are in the 2000 most common words47.7 of words are in the 5000 most common words53.5 of words are in the 8000 most common words