Latin

Gowşut han (Saragt galasy) - 10

Total number of words is 3794
Total number of unique words is 2144
32.4 of words are in the 2000 most common words
46.7 of words are in the 5000 most common words
54.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
—Han, ýaňky Hemragylyň öňki güjügi näme habar getirdi?—diýip gygyrdy.
—Gazy gazylýarka-da bir üýtgeşik habar bolarmy, Kelhan!—diýip, Gowşut
han ýylgyrdy.—Kiçi beg bize armaçy bolup gelipdir...
Sag dulda öz işi bilen gümra bolup oturan Karkara, kakasynyň namazyny
tamamlaman, ojagyň başyna gelip oturmagyny aýylganç bir waka hasaplap, gözlerini
tegeledi.
—Kaka, näme namazyň arasyny böläýdiň-le!?-diýip gyz gorkuly ses bilen
sorady.
Daňatar agadan jogap bolmady. Ol diňe gyzyna tarap dikanlap seretmek bilen
çäklendi. Kakasynyň nazary bilen nazary kaklyşan gyzyň endamyndan ýag garynja
ýörän ýaly boldy. Özüne tarap garaýan gözler, Karkaranyň göwnüne bolmasa,
gojanyň öňki gözleri däldi,
—Kelläň agyrýamy, kaka?—diýip, gyz ýene sowal berdi.
Daňatar aga sowaly eşitmedik ýaly:
- 95 -
—Gyzym, sen namazlygy ýygna-da goýaý—diýdi.—Indi men namaz okamaly
däl.
Bu sözler Karkarany hem haýran galdyrdy mem gorkuzdy. Ol kakasynyň
göwnüni götermäge çalyşdy:
—Ýaramaýan bolsaň, çaýyňy iç-de, kazasyny okaý!
—Ýygna diýdimmi, ýygna-da!
Karkara beýle haýbatly aýdylan gepi mydama mylaýym kakasyndan ömründe
ilkinji gezek eşidýärdi. Ýüregi gürsüldäp, bokurdagy dolan gyz sesini çykarmady. Ol
derrew ýerinden turdy-da, namazlygy epleşdirip, ýüküň üstünde goýdy.
—Gyzym, indi bizem gidäýsek öýdýän…
Gözenekde ýatan Gurbanyň oýanmagy Karkaranyň kakasyna bermek islän
sowalyny berdirmedi. Ol sygyry sagmandygyny Gurbanyň oýanmagy bilen ýatlady.
Karkara süýt kädini alyp daş çykdy.
—Ýegen jan, öten agşam Oraz meň düýşüme girdi. Aý, görenim düýşem däldile. Ýa Oraz jan meň ýanyma geldi ýa-da men oň ýanyna bardym..
Daýysynyň aklynyň üýtgändigini esli mahal bäri aňýan Gurban ähli
aýdylanlary sesini çykarman, diňläp oturdy. Diňläp oturdy, ýöne daýysynyň näme
diýjek bolýandygyna welin oňly düşünmedi.
Karkara öýe dolanansoň, Daňatar aga oňa ýüzlendi:
—Gyzym, maňa bir düwünçek tapyp ber!—Gyzynyň sowally bakyşyna-da ol
derrew jogap gaýtardy.—Aklyk berer ýaly. Seýitmuhammet işanyň ýanyna gidip,
täleýime garadyp geleýin...
Daňatar aganyň Seýitmuhammet işanyň gapysyndan garap, öý eýesidir öýdüp
salam bereni hem başga adam bolup çykdy.
—Weý, asyl sen işanam dalmidiň?—diýip, ýalňyşandygyny bilensoň, ol öýede girmän, bosaganyň agzynda ikirjiňläp durdy.
Öýde oturan tegelek ýüzli dolmuş adam Tejenden gelen myhmandy. Ol
Daňatar aga bilen alçak gepleşmäge başlady.
—Ýaşyň uly bolsa-ha, essalawmaleýkim, kiçi bolsa-da –waleýkimessalam –
diýip, myhman ýerinden turdy-da, elini uzatdy.
—Men-ä, ogul, senden uludygymam bilemok, kiçidigimem. Ýaşymam
bilemok.
Myhman gülüp goýberdi.
—O näme diýdigiň boldy, sakgaldaş? Heý-de, öz ýaşyny bilmezem adam
bolarmy?
—Olam seň işiň däl, sakgaldaş.
—Diýmedigimmiş-dä—diýen myhman birhili boldy. Şol mahalam: “Bu
bendäň akyly ýerinde däl bolara çemeli” diýip, içini gepletdi.
—Işan ýokmudy?
Myhman bu gezek eserdeň gepledi.
- 96 -
—Geliň, geçiň, oturyň! Işan aga-da ýazylmaga çykan bolaýmasa...
—Onda ol ýazylsyn otursyn. Men ýene bir gün geläýerin.
—Ýaşyňam hasaplaşman gidiberjekmi?—diýip, myhman bu gezek ýaňsyly
ýaly aýtdy.—Ýylyň näme bolar?
—Towşan bolaýmasa.
—Haýsy towşan?
—Ak towşan.
—“Ak towşan” diýen ýyl bolmaz, sakgaldaş.
—Ak bolmasa, garasymyş-da.
—Gara towşanam bolmaz.
—Aý, onda, şol iki müçelik towşan bolmaly.
—Dogry ýigrimi bäşimde diýsene!—diýen myhman, bu gesek çyny bilen
gülmeli boldy.—Bolubilýä, sakgaldaş.
—Bolanda-bolmanda, saňa näme?
Düwünçegini goltugyna gysyp duran Daňatar aga yzyna aýlanansoň, birneme
ynjalan myhman:
—Toba-tagsyr!—diýip, pyşyrdady...
Nirä ugranynam bilmän, gidip barýan Daňatar aganyň öňünden, haýsydyr bir
aladasy bilen alakjap ýören Şirinjemal eje çykdy. Ol ýaşulynyň aklynyň birneme
üýtgändigini ozal eşidipdi. Şonuň üçinem kempir tizräk ara açmak isledi. Daňatar
aganyň çaga sowaly ýaly bir topar soragyna jogap gaýtaranson, ara düşen dymyşlyk
kempiri biynjalyk etdi. Şol dymyşlyk bir erbetligiň üstünden eltäýmesin öýdup
aljyran Şirinjemal eje özi özünden erksiz:.
—Daňatar jan, başga sowalyň ýokmudy seň?—diýdi.
—Sowalym kän, Şirşep eje.
Ady dogry tutulmasa, has beterem ‘”Şirşep” diýilse, kempir örän ýaman
görýärdi, ony diýeni itden beter ýigrenýärdi. Ýöne ol häzir şol ýigrenji sözi
ýeňsesinden däl, göni ýüzüne aýdyp dursa-da, Daňatar agany ýigrenip bilmedi. Bu
mahal kempiriň gorkusy ýigrenjinden güýçlidi.
—Sowalyň kän bolsa, aýt-da..
—Näçe ýaşadyň?
—Ýetmiş üç, Daňatar jan.
—Pygammer ýaşynam ýaşapsyň-da?
—Ýaşaldy, Daňatar jan.
—Haçan öljek, Şirşep?
—Sanalgymyz dolan güni öleris-dä, Daňatar jan.
—Sen alty ýyl mundan ozalam-a “Sanalgym dolsa, öljek” diýýädiň. Nä seň ol
sanalgyň doýmaz-dolmazmy?
—Ony Hudaý biler, Daňatar jan.
—Men ýaňyja Hudaýyň ýanyndan geldim. Öňi bilen-ä, ol saňa salam aýtdy..
Şirinjemal ejäniň Hudaýyň salamdan soňky aýdanyny eşitmäge gaýraty
çatmady. Gije-gündiz Alladan aňsat ölüm diläp oturan kempir, özüniň ýetmiş üç
ýaşyndadygynam, mydam söýget edinýän, şol bolmasa ýöräbem bilmeýän uzyn
hasasynam unudyp, şeýlebir gaçdy welin, onuň diňe tozany göründi.
- 97 -
Daňatar aga, näme üçindir, yzyna aýlandy. Ol ýene Seýitmuhammet işanyň
gapysyndan bardy-da, içerik hem girmän, öňki gezek duran ýerinde saklandy. Işanyň
täk özi ekeni.
—Seýitmuhammet işan! Seýitmuhammet işan—diýip ol çalt-çaltdan
geplemäge başlady.—Oraz jany öldüreniň kimdigini aýtsana! Ol derýaň düýbünde
gizlenip ýatanmyş diýýäler welin, şol çynmyka?
Seýtmuhammet işan kemakyllylyga ýeten adamynyň göwnüni ýykmazlyk
isläp:
—Çyndyr, çyndyr—diýdi.—O pelit senden gorkusyna suwuň ýüzüne çykyp
bilmän ýatandyr.
—Işan!—diýip, Daňatar aga gazaplandy.—Onda sen maňa pata ber. Men öz
ganhorymy, suwuň düýbinde ýatyrka, çapym-çapym edip geleýin.—Şondan soň ol
gaty-gaty ýöräp derýa tarap gitdi.
Aýdan sözüne puşman eden Seýitmuhammet işanyň öýde galmaga karary
çatmady. Ol gojanyň yzyndan gitdi.
Işan derýa golaýlanda, Daňatar aga raýşyň üstünde suwa seredip durdy. Onuň
bolşundan howatyrlanan Seýitmuhammet işan:
—Haý, saklanaweri!—diýip, naýynjar ses bilen gygyrdy.
Emma Daňatar aga işanyň haýyşyna gulak gabartmady. Ol özüni raýyşdan
göýberdi. Şol dem işan hem kenara gelip ýetdi. Ol üns bilen suwa seredip, Daňatar
aganyň çykmagyna garaşdy.
Aradan esli wagt geçdi. Emma Daňatar aga gaýdyp görünmedi. Diňe kenara
gelip urýan ýeňiljek tolkunlar: “Daňatar öldi! Daňatar öldi!” diýýän ýaly
pyşyrdaşdylar. Ol pyşyrdyny bolsa diňe, ähli zady unudyp, suwuň ýüzüne henizem
tamakin nazary bilen garaýan Seýitmuhammet işan eşidýärdi.
Bars ýylydy. Mädemin hanyň ynam etmegine görä, onuň nökerleri bu ýyl edil
bars ýaly bolup, tutan ýerini goparmalydy. Şonuň üçinem ýigrimi müň 1 goşun hijri
senesiniň 1271-nji ýylynyň rabby aýynyň ýedisinde, sişenbe güni 2 Hywadan çykyp,
Mara tarap süýşüp ugrady.
Hywa ilaty beýle agyr goşuny heniz görmändi. Garry-gurty, aýal-oglan-uşak
ýol gyrasyna çykyp, geçip barýan sülsady geň galyjylyk bilen synlaýardy. At, gatyr,
eşek, düýe hywalylaryň hälimi-şindi görüp ýören haýwanlarydy. Emma pil diýilýän
mähnet jandary welin, olar ilkinji gezek görýärdiler. Şonuň üçinem, sarymtyl
çanagyndan uzyn boýnuny öňe uzadyp, mytdyldap hereket edýän goşa pyşbaga
meňzeş, zordan tigirlenýän iki sany sary top hem adamlaryň onçakly ünsüni çekmedi.
Ýogsam, top diýilýän ýarag hem Hywanyň köçelerine günde-günaşa çykarylyp ýören
1
2
Mademiniň goşun sany taryh çeşmelerinde dürlüçe görkezilýär.
1855-nji ýylyň 10-njy ýanwary./Miladiniň täze hasaby bilen./
- 98 -
zat däldi. Köçe gyrasyndakylaryň hemmesi, iň uly haýwan hasaplanýan düýe-de
gapdalynda dursa, hiç zat bolup görünjek mähnet pile tarap aňk bolup seredişdiler.
Türkmen ýerine etjek uly ýörişine Mädemin han pil hem alyp gidýärmiş diýen
gürrüň ilat arasynda ozaldanam bardy. Emma ol habara hiç kim ynanmaýardy.
Sebäbi, uzak ýaşan aksakallaryňam ýatlaryna çala düşýän geçen söweşlerde, soňky
döwürleriň jeňlerinde-de, bu jelegaýlarda pil diýilýän haýwan urşa salynmandy.
Umuman, pil diýilýän jandar Horasanda, Turanda bardyram, bolmalydyram
öýdülmeýärdi. Ol bu ýurtlaryň diňe ertekilerinde gabat gelýärdi.
Aslynda-da hamy göze onçakly ýakymly gelmeýän gödek haýwanyň tot-tozan
siňen endamy köpleriň seňrigini ýygyrtdy. Çap-çal piliň üstünde oturan eli naýzaly,
murtly nöker kiçijik gurjak ýaly bolup görünýärdi. Piliň Mary, Saragt ilatyna göz
etmek, Mädeminiň güýjüni has-da mahabatlandyrmak üçin ýörite alnyp gidilýändigi
düşnüklidi. Düýedenem haýal ýöreýän piliň oda ýanan töňňe ýaly gödek aýaklaryny
äwmezlik bilen süýräp barşyny synlan kimdir biri ýanynda durana:
—Bi jandar Mary iline näçe mahalda ýeterkä?—diýip sowal berdi.
Sowal berlen pil bakan çopan ýaly:
—Kyrk günde—diýip, anyk hem ynamly jogap gaýtardy.
Jogabyň jany hem ýok däldi. Düşlenip, dynç alnyp, mallary otaryp geçilmeli
Hywa—Mary ýolunda bäş hepde töweregi wagt ýiter öýdülip çaklanylýardy.
Gün dogar-dogmazda öňi ýola düşen goşunyň hereketi uly guşluga çekdi.
Adam bary Mädemin hany görmek höwesi bilen garaşdy. Emma ol goşunyň başyndada, soňunda-da göze ilmedi. Bu bolsa ozal ýaýran “Mademin ýörişe ýolbaşçylyk
etmegi Horezm kazy bilen Muhammetmyrat Mähreme tabşyryp, özi Hywada
galýarmyş” diýen çaklamanyň dogrudygyny tassyklaýardy. Ýöne ol beýle däldi.
Horezm kazy goşunyň öňi bilen gidipdi. Muhammetmyrat Mährem bolsa bäş ýüz
atlynyň baştutany bolup, bireýýäm Ahala ugrapdy. Ol Ahala baryp, Mädemin hanyň
tabşyrygyna görä, ilat arasynda Hywanyň güýç-kuwwatynyň egsilmezdigi hakda
wagyz geçirmelidi. Şeýlelikde, Ahalyň Saragt tekelerine,Mary saryklaryna kömek
etmek meýliniň soňuna çykmalydy.
Eýran şasynyň Saragt tekelerine hem Mary saryklaryna ýollan haty, olaryň
Nasretdin şaha gaýtaran jogaby Mädemin hanyň gaharyny gaýnatdy, Mary ýörişiniň
tizleşmegine getirdi. Ýöne ýene bir zat Mädeminiň keýpine zeper ýetirýärdi. Hanyň
asla garaşmadyk bir wakasy boldy: Ak işan ady has-da ýörgünli Akmämmet
Gurbannazar molla ogly türkmenleriň üstüne ýöriş edilmegine pata bermedi.
Mädemin han beýle bolar öýtmändi. Sebäbi, birinjiden-ä, Ak işan Gurbannazar
molla ogly Hywanyň güýjünden çekinmelidi. Ikinjidenem ol özüne hanyň aýratyn
sarpa goýýandygyny hasaba almalydy. Ony uly hormat bilen Tejen aýagyndan
Hywa getirenem, işanyň öz islegine görä, Könürgenç medresesine ýerleşdirenem
Mädemin hanyň hut özüdi.
Üç ýyl mundan ozal, ýagny 1851-nji ýylda, pygammer ýaşyna ýetende, Ak işan
hiç kimden görmedigini Mädemin handan gördi. Hanyň öz adyndan Könürgenje
ýörite ýollan wekili işanyň üstüni halat-serpaýdan doldurdy. Beýle hormata diňe Ak
işan mynasyp boldy. Ol ýatdan çykarylmaly hormat däldi. Emma Ak işan Mary
saparyna pata bermegini sorap, Mädeminiň ýollan ilçisine; “Belent mertebeli hana
aýt—häkim öz raýatyny çapmaz. Biz beýle işe pata bermäge Hudaýdan gorkýas”dýen
- 99 -
jogap berdi. Bolsa-da, Mädemin han pälinden gaýtmady. Çünki ýeňiş işan patasynyň
gury sözleri bilen däl, ýowuz güýç bilen gazanylýardy. Ýowuz güýç bolsa Mädemin
handa artykmajy bilen bardy.Badyhowa hanyň berk ynanmagyna görä, ol güýjüň
öňünde hiç hili päsgelçilik,müşgil iş bolmaly däldi.
...Mydam ýatan ornuna dolanmaga maý tapman, uzak wagt howada saklanmaly
bolan çal tozan, agyr goşun geçip gidenden soň, ýene ýere düşdi. Şagalaňly,
galmagally giň köçe ýene hemişeki asuda ýagdaýyna aýlandy. Birdenem şäherden
çykýan uly köçäniň başlanýan ýerinden ýene bir topar atly göründi. Öňden gelýän
dört atyň üstündäkiler harby geýimli, ýaragly adamlardy. Olaryň yzyndaky bezelen
ak atly bolsa Mädemin handy. Han daýawdy, dolmuşdy. Onuň öz göwresine
kybapdaş ak aty hem beýleki atlardan tapawutlanýardy. Kümüş apbasyjyklar bilen
bezelen uýanam, daşdan garanyňda, maňlaýynda ýeke gözi bar ýaly edip görkezýän,
depesi aýnaly gymmatbaha kelleki-de başga atlarda ýokdy. Onuň yzyndan gelýän
atlar hem bezelendi,owadandy, ýöne olar Mademiniňki bilen deňeseň, köne eşik
geýdirilen gözele meňzeýärdiler.
Mädeminiň bäş-alty ädim yzyndan sürüp gelýänler Babanyýaz atlyk,
Muhammedemin Ýüzbaşy, Halnazar Bahadur, Bekmyrat teke hem-de hanyň baş
geňeşçisi Muhammet Ýakup Mäterdi. Muhammet Ýakup Mäteriň edil gapdalyndan
sürüp gelýänem ýomut serkerdesi Orazmuhammet serdar ogly Amanýaz serdardy.
Uzak ýöluň bir çetinden ýaňy girilendigine garamazdan, Amanýaz serdar örän sus
görünýärdi. Muhammet Ýakup Mäter, näme üçindir, oňa tarap mahal-mahal göz
gyýtagyny aýlap goýberýärdi.
Märekäniň agramy bireýýäm daganam bolsa, baş hökmürowanyň peýda
bolmagy bilen ýol gyrasynyň ýene jemendesi köpeldi. Gojalaryn, oglan-uşaklaryň
tagzym bilen berýän salamyna Mädemin han baş atyp jogap gaýtarýardy. Muhammet
Ýakup Mäter hem, hanyň jogabyny az görýän ýaly, onuň yzy bilen baş atýardy,
ýasama-da bolsa, ýylgyrýardy. Baş han bilen baş geňeşçiniň hereketini beýlekilerem
gaýtalaýardy.
Hywa hanlygynyň goşuny millet, tire-taýpa düzgünine görä jemlenendi.
Hanlygyň soraýan ähli weleýatlaryndan tire-tire ornunda, taýpa-taýpa ornunda
goşunda gulluk eder ýaly bellenen sana görä nöker gönderýärdi. Olary at-esbap, harçharajat bilen üpjün etmek hem nöker iberýäniň hasabynady. Nökerleriň başynda öz
onbegisi, ýüzbaşysy, müňbaşysy durýardy.
Türkmen taýpalarynyň Mädemin hanyň goşunynda gulluk edýänlerine “Atlyk
türkmenler”, gulluga derek, her ýylda alynýan hasyldan belli bir möçberde salgyt
töleýänlerine-de “Şalyk türkmenler” diýilýärdi. “Atlyk” diýilýän hasaba girýän
Amanýaz serdar könürgenç türkmenleriniň öküz tiresiniň gutlybaý urugyndandy.
Hywa goşunynda has-da edermenlik görkezýänler ýomut ýigitleridi. Olaryň
öňbaşçysy Amanýaz serdar bolsa alarman-çaparmanlykda özüni kemsiz tanadan
adamdy. Gara murty tegelekden görmegeý ýüzüne haýbat goşup duran ol serkerdäni
türkmen nökerleri özleriniň öňbaşçysy hökmünde sylap, hormat goýsalar, Hywa
kethudalary onuň gaýduwsyzlygyndan, batyrlygyndan çekinip, hormat goýýardylar.
Amanýaz serdardan Mädemin hanyň özi-de az—kem eýmenmän durmaýardy. Onuň
han öňünde-de gepi geçginlidi. Ol Mädeminiň huzuryna barsa hem Bekmyrat teke
ýaly, ýaýaplajak bolmaýardy.
- 100 -
Adat boýunça iň edermen hem iň ynamdar nökerler ýöriş mahaly goşunyň
başky sapynda durmalydy. Mädeminiň ähli ýörişlerinde mydama öň sapda durýan
ýomut ýigitleridi. Başky sapda durmak hormatdy. Şol hormata eýe bolmak hemme
milletleriň, taýpalaryň ýigitleriniň arzuwy hem bolsa, ol Mary ýörüşinden başgasynda
diňe ýomut nökerleriniň paýyna düşdi. Mädemin hanyň goşunynyň baş sapynda
durýanlara, haýsy millet, haýsy tiredigine garamazdan, il aýratyn guwanç bilen
garaýardy, sylaýardy. Şol hormatyň parhyna barýan, neşesine düşunýän, guwanýan
ýomut ýigitleri esasy manynyň özleriniň serdary bilen baglydygyny bilýändikleri
sebäpli, Amanýazyň diňe başy üçin däl, dyrnagy üçinem baş goýmaga taýyndylar.
Emma bu gezekki ýörişe ugralmazyndan ozal, has takygy Ürgenje gidip geleli
bäri Amanýaz serdar, daş sypatyndan syr bermezlige çalyşsa-da, keýpsizdi, peşeneli
ýüzünde käte peýda bolýan ýylgyryşam ýasama ýalydy.
Agyr-u—ýeňil söweşe ugralmazyndan ozal Amanýaz serdar dogan-garyndaş,
dost-ýarlaryna salama gidip gelýärdi. Onuň söweşden öň salama barmasynyň asyl
manysyna ildeşleri dogry düşünýärdiler, şonuň üçinem Amanýazy soňky gezek
Temeçden Aksaraý obasynyň deňine çenli ugradan Orazmet aga serdaryň atynyň
jylawundan ýapyşdy-da: “Inim, uzadandan ýoldaş bolmaz. Aman git-de, esen gel—
diýdi. Soň ol, näme üçindir, ýüzüni aşak salyp gepledi.—Ýöne, bu gezek etjek
saparyň welin...Dogry, ýagdaý çaýyryň köki ýaly çylşyrym-çylşyrym. Megerem, sen-de özüň özünki dälsiň. Ýöne, inim...”—Orazmet aga “ýönesiniň” manysyny içinde
saklady. Gizlense-de, ol syr Amanýaz serdar üçin syr däldi, gaty aýdyň gepdi.
Amanýaz serdar ýaşulynyň aýdan hem aýdyp bilmän goýan sözleri barada
heniz Hywadan gaýtmanka-da oýlanyp ýördi. Oýlansa-da, häli-häzirlikçe onuň
elinden gelýän zat ýokdy. Ol syryň aňyrsynda Hywa bilen baglanyşykly bozmasy kyn
şertler, yza dönmesi çetin ähtler ýatyrdy. Şol şertler, ähtler diňe bir öküzleriň däl
çowdurlaryňam, ýemrelileriňem, garadaşlylaryňam, arabaçylaryňam el-aýagyny
baglaýardy. Zynjyr duşagyň bir ujy Hywada,—Mädemin hanyň elindedi, beýleki ujy
hem ýomutlaryň bala-çagalarynyň boýnundady. Bala-çaganyň ykbaly-da, rysgaly-da
şol zynjyra daňylandy. Amanýaz serdar hem şol zynjyra baglananlaryň biridi.
Mädeminiň Mary ýörişi hakykat ýüzüne geçip başlaly bäri hem Amanýaz serdar
“Nätmeli?” diýen agyr sowal bilen uklaýardy, şol sowal hem ony wagtyndan ozal
ukudan açýardy. Ol öň sapda durmaly ýomut ornunyň jemşitlere berilmeginiň
pikirini-de etmeýärdi,aladasy ondan düýplüräkdi.
Mädemin han türkmen serdaryňyň kalbynda galagoplygyň bolmagyna azdakände garaşýardy. Emma Amanýaz serdar bir kowçum teke sebäpli öz eşretli gününiň
mährinden geçer öýtmeýärdi. Sebäbi, ol eşret üçin abyrsyz pul harçlanýandygyny
serdar bimelidi.
Mädemin hanyň öz goşunynda türkmenlerden, garagalpaklardan Amanýaz
serdardan soň aýratyn üns berýänine Bekmyrat teke diýýärdiler. Ol hem Hywanyň
öwgüli ýüzbaşysydy. Ili ezmekde Garaýapda kän işler bitireni sebäpli, Mädemin han
Bekmyrat tekäni Hywa—öz ýanyna çekipdi. Mädemin “Her ýurduň awuny öz tazysy
bilen awlamaly” diýlenini edip, bu gezek Bekmyratdan peýdalanmak isledi. Ol
Amanýaz serdar barada öz kalbynda azda-kände müňkürlige orun berse-de, Bekmyrat
tekä welin doly ynanýardy. Kimiň nähili pikirdedigini ozaldan bilýän teke “Ýurdy
belet çapar’ etmekde tüýs gerekli adamdy. “Gulakly gala” gurlansoň, Mädemin ony
- 101 -
Mämmet hana derek bellemek islände, Bekmyrat tekäniň özi ol işden ýüz dönderdi.
Sebäbi, ondan ýaňa içleri ot bilen ýalyndan doly tekeleriň hem saryklaryň
Bekmyrady galada uzak ýaşatmajaklary bellidi. Ony Bekmyrat tekäniň özi-de
bilýärdi. Onuň türkmenleriň arasynda duşmany kändi. Şonuň üçinem Bekmyrat teke
Mädeminiň şu gezekki saparyny ýüreginden goldaýardy. Ol öňki öçli adamlaryndan
ar almak isleýärdi. Hywanyň agyr goşuny arkaňda dursa, ol maksada ýetmek müşgil
boljak däldi.
.Garry söwüde ýaplanyp duran on-on iki ýaşly pukara geýnen oglan:
—Waý, biziňki!—diýip, çirkin gygyrdy-da, topar atlylara tarap okduryldy. Ol
bara-barmana, yzky hataryň çepinden gelýän maňlaýy sakar atyň jylawyndan
ýapyşdy. Atynyň duýdansyz gyra çekilmegi bilen Bekmyrat teke tas ýykylypdy. Ol
bir eli bilen zordan eýer gaşyna ýapyşmaga ýetişdi, beýleki eli bilenem, öňüne gaçan
telpegini tutdy. Şondan soň ol osal bolmady. Bekmyrat teke üzeňňä galaga-da, örme
gamçyny bir aýlady welin, ýatakda duran ýa-da meýdanda gezip ýören atyny aldyran
oglanjyk ýere ýazyldy ýatyberdi. Demi içine sygmadyk neresse, esli mahal geçensoň:
—Waý, öldüm!—diýip gygyrdy.
—Ölseň, imanyň hemraň bolsun!—diýip, ýaňsylan Bekmyrat teke, gara
murtyny sypady.
Garamtyl donunyň bili hem gara guşak bilen guşalan garry adam haýdap geldide, oglanjygy ýerinden galdyrdy.
—Tur, Hangulym! Hana sarpa goýup, adyňa Hanguly dakypdym. Emma ki
seni urýanlaram han nökerleri bolup çykdy.—Ýaşuly at üstünde oturana şeýle bir
nazar bilen garady welin, göreçlerinde gorky alamatynyň bardygyna garamazdan,
bakyşy Bekmyrat tekäni eýmendirdi. Bolmasy ýagdaýyň ýüze çykaýmagyndan
howatyrlanan ýüzbaşy, has düýpli herekete garşy durmaga häzirlendi. Emma ýaşuly,
bilinde sary saply özbek pyçagynyň bardygyna garamazdan, hereketi el bilen däl-de,
dil bilen etdi:
—Uluk raýsimiz bulgan Mädemin hannyň nukerleri beýle ki ajyz işlerge
gaýymdyr öýtmegen erdim. Biçäre balanyň tenini awutsaň, huda seniň gollaryňy
istma kylar. Sen hem ogry, hem rüstem bolýaň. Hem-ä biziň atymyzy mugtuna alýaň,
hemem “Taňry ýalkasyna” derek, ýene depämizden gamçy salýaň. Han nökeri beýle
ki namertdir öýtmezdik.
Dogrusy, öz atyna agsal degensoň, deregine başga at getirilende, Bekmyrat
teke onuň nireden, nähili ýol bilen düşendiginden bihabardy, kimden, ňaçe teňňä
alynandygyny-da soramandy. Ol ýüzbaşa berlen täze at kimdir birini närazy edilip
alynandyr öýdüp-hä, hut ýaşuly özbegiň habaryny eşidýänçä, çakam etmändi. Şeýlede bolsa, bigünä oglanjygyň çeken yzasam, ýaşulynyň köpmanyly sözlerem,
töwerekden garaýan sada gözleriň uçguny bilen gönderilýän ýigrenç alamatlaram
Bekmyrat tekäni puşmana getirmedi.
Oglanjyk Bekmyrat tekä tarap topulanda, garma-güýrmelige nazary kaklyşan
Mädemin han at başyny çekipdi. Düzgüne görä, onuň ýany bilen barýan atlylaryňam
hemmesi şol hereketi gaýtalady. Mädemin entek nämäniň ňämedigini doly
aňşyrmasa-da, bir düýpli gepiň bardygyny çaklap, ýagdaý bilen gyzyklandy. Ol
özbek ýaşulusynyň ähli aýdanlaryny eşitdi, Bekmyrat tekäniň oňa jogap gaýtaryp
- 102 -
bilmän, at üstünde lal-jim oturyşyna şaýat boldy. Hanyň göwnüne bolmasa, soňky
dörän dymyşlykdan bir howply netije çykaýjak ýaly boldy durdy.
Bolup geçen wakany gözi bilen görensoň, hemmeden ozal hanyň özi geplär
öýdüldi. Emma ol geplemedi. Her hili oňaýsyz ýagdaýdanam oňaýly çykalga
tapmagy başarýan, şonuň üçinem sarpasy belent tutulýan Muhammet Ýakup Mäter
hem dymdy.
Ahyry Amanýaz serdar takat edip bilmedi:
—Sen-ä, Bekmyrat, huda urany pygammerem hasasy bilen dürter diýlenni
etdiň şü gezek. Bigünäni günäsiniň ýokdugy üçin urmak ymmata sygjak zatmy?
Hudaýdan gorkmadyňmy, ilden uýalmadyňmy sen?
—O enesi ýalamadyk beçäniň bi atyň eýesidigini men nirden bileýin, serdar?
Urulmajak bolsa, ýapyşmasyn-da. O meni tas atdan agdarypdy ahyryn—Bekmyrat
teke birdenem, aýdanyny ýuwmarlajak bolýan ýaly, sesiniň hörpüni peseltdi.—Han
gören özbek dürre gamçyň awusyna öwrenşendir-le,serdar...Gamçy gamçydyr-da.
Onçakly batly hem aýlamadym-la!
—Batly bolmasa-da, ýersiz urlan taýakda garaw bardyr, teke....Meňk-ä ýöne
aýtmak...
Iki türkmeniň arasynda nähili gep alşylanyny oňly eşitmese-de, manysyny aňan
Mädemin han, jogap okamaly Bekmyrat teke bolsa-da, sowalyny Amanýaz serdara
gönükdirdi.
—Näme gep, serdar?
“Bolan işi başdan-aýak görübem han ne sebäbe maňa ýüzlenýärkä? Ýa iki
türkmeniň biri beýlekisini günälemeli halatynda ýuwmarlaýşyny barlap görmek
isleýärmikä?” Şeýle pikir etse-de, Amanýaz serdar iki tarapyny-da elden bermezlige
çalyşdy:
—Bir hata iş ýüze çykypdyr, han aga...
—O nä hata iş?
—Bu at bir günä ýol bilenmi,nämemi, Bekmyrada sataşypdyr, han aga. Oňa-da
şu ýolda eýesi gabat gelipdir-de...
—Eýesi razy edilmedik aty ýüzbaşy ne sebäbe münýärmişin? Oňa näme
diýersiň?—Mädemin bilip, aňyrsyna geçýän zadynam bilmediksirän boldy.—
Aslynda ol at nähili ýol bilen siziň eliňize düşdi?
Amanýaz serdar näme jogap gaýtarjagyny oýlap durka, at eýesi ýaşuly
saklanyp bilmedi. Ol bolan wakany bolşy ýaly edip, hana düşündirdi.
Mädemin oýlandy. Iki dawagäriň biriniňkä ters, beýlekisiniňkä dürs diýmelidi.
Taraplaryň biri-hä hanyň ýüzbaşysy, beýlekisi hem öz iliniň pukara bendesi.
Mädemin köpçüligiň gözüniň alnynda ýüzbaşysyny eýerden düşürip, aty hak eýesine
gaýtaryp berse-hä, ýüzbaşy il öňünde masgara boljak. Uly ýörişiň başlangyjynda
beýle hereketden hiç kim üçinem utuş boljak däl. Ýöne bir ýüzbaşynyň göwni,
abraýy diýibem halk köpçüliginiň wekiliniň garşysyna gitmek bilenem utuş
gazanylmajagy belli zat.
Meseläni çözmeli iki çykalganyň haýsyna tarap gyşarjagyny bilmän esli
oýlanan han ahyr ýörelge tapdy. Ol hiç tarapyň-da göwnüni ýykman, bir okda iki
towşan urmaly etdi. Han at eýesi ýaşula ýüzlendi:
—Atyňa näçe teňňe nyrh kesýäň?
- 103 -
Mugt elden giden atynyň, iň bolmanda,sähelçe bahasyny aljakdygyna ynanan
biçäre ýaşuly begenmekden ýaňa halys aljyrap, hana wagty bilen jogap hem gaýtaryp
bilmedi. Gojanyň aljyraňňy ýagdaýa düşenini duýan han, jogaba-da garaşman,
penjesindäki teňňäni sanap-sanaman, ýaşula tarap uzatdy.
—Me saňa, iki atyň bahasy! Razy bol. Ýalňyşsyz ömür bolmaýa. Seň atyňam
bir ýalňyş ýol bilen şeýle bolupdyr-da.
—Biz razy! Müň keren razy, sahawatly han!—diýen gojanyň teňňeli eli
sandyrady.
—Eşitdiňizmi, adamlar?—diýip, Mädemin han sagyna,soluna garanjaklady.
Töwerekden makullaýjy jogap bary geldi.
Mädemin han iki atyň bahasyny çykaryp, köpçülik öňünde iki süri atyň
bahasyna barabar abraý gazandy. Tapan inçe piriminiň manysy hakda oýlanan
hökmürowan öz-özünden hoşal boldy. Howalasy has-da galan han Bekmyrada tarap
gönüläp seretdi-de, pyşyrdady:
—Gamçy aýlamak aňsatdyr,ýüzbaşy.Ýöne meseläni gamçysyz çözjek bolmaly.
Mademin pyşyrdanam bolsa, han öňünde pyşyrdamagy biedeplik hasaplan
Bekmyrat teke haýkyryp jogap gaýtardy:
—Dürs aýtdyňyz, merhemetli han, dürs aýdýaňyz.
Mädeminiň goşuny düýedir pil ädimine aýak goşup, pyşbaga tizligi bilen
hereket edýänem bolsa, agyr sülsadyň Hywadan çykyp, Mara ýönelendiginiň habary
bir hepde geçip-geçmänkä, Saragta gelip ýetdi. Şeýle wakanyň boljakdygyna köp
mahal bäri garaşyp ýören ilatyň esli bölegi aýdylan mahaly köne galanyň öňüne
ýygnandy.
Gowşut han, Oraz Ýagly, Täçgök serdar, Pendi baý, Seýitmuhammet işan,
Nepes molla, Amansähet serdar hem ýene on-on iki adam Saragt galasynyň ady barda özi ýok, çagşan derwezesinden çykyp, aýak çekdi.
Mähelläni synlan Nepes molla pessaý ses bilen Gowşut hana ýüzlendi:
—Munça märekäni türgenleşige alyp çykjakmy, han?
—Ilatyň ýygylany gowy zat, molla. Ýöne on ýaragsyzdan bir ýaragly bähbitli
bolaýmasa.
Oraz Ýagly bilen Seýitmuhammet işan, saryklardan çapar bolup gelen ýigidi
hem ýanlaryna alyp, duran ýerlerinde galdy. Beýleki kethudalaryň hemmesi märekä
siňip gitdi. Olar söweşe çykyp biläýjek adamlary toparlara bölüp, öňbaşçy
bellemelidiler, erte-birigün Saragt düzlüginde başlanmaly türgenleşige taýynlan
malydylar.
Gowşut hana ilki gabat gelen tanyş ýüz hem Kelhan Kepele boldy.
—Kelhan, sen ilerik çykyp dur—diýip, han derrew görkezme berdi.—Ýanyňa
baryp adyňy tutan seň nökeriň bolar.
Kelhan Kepele at başyny salgy berlen tarapa öwürdi.
- 104 -
Şondan soň baş hanyň aýak çeken ýeri üç sany atly ýigidiň öňi boldy. Üç sany
saryýagyz ýigit bir-birine şeýlebir meňzeşdi welin, han olara haýran galman seredip
bilmedi. Münüp oturan atlarynyň reňki dürli bolaýmasa, eýer gaşyndakylaryň
donlary, telpekleri, hatda könelişen gara ädikleri-de bir meňzeşdi.
—Siz dogan-ha dälsiňiz?
—Biz üçem dogandyrys, han aga.
—Nireden bolarsyňyz?
—Gumly perreňlerden.
—Kimiň perzendisiňiz?
—Selim körüň ogullarydyrys.
—Ataňyz barmy?
—Atamyz dünýäden ötdi, han aga.
—Kim sizi ýola atardy?
—Enemiz, han aga.
—Ho-op ýagşy! Gowşut hanyň sözüni ýykmarsyňyzmy, goçaklar?
—Enşalla, ýykmarys.
—Haýsyňyz körpe bolmaly?—diýip, han çalaja ýylgyrdy.
—Men bolmaly!—diýip, hanyň ýylgyrmasynyň manysyna düşünen sagdaky
ýigit hem ýylgyryp goýberdi
Gowşut han “körpe” dogana tarap birki ädim ýöredi.
—Onda, sen, goçagym, eneň ýanyna baraňyzda, “Gowşut han iki agamy
türgenleşige çagyrýa” diý. “Meni bolsa, seň ýanyňa höwür üçin galdyrýa” diý.—
“Körpe” dogan bir zat diýmekçi boldy welin, han oňa ýokaryk galdyran çep eliniň
aýasyny görkezdi.-- “Hanyň sözüni ýykman” diýip, ýap-ýaňy berlen wada eýýäm
unudyldymy?
—Unudylanok welin, han aga, maňa derek agalammyň biri galaýsyn-la!
Gowşut han körpäniň haýyşyna ünsem bermän, beýleki ikisine ýüzlendi:
—Siz, goçaklar, ilerik çykyň-da, Kelhan Kepele diýen adamyny tapyň...
Agyr ýükli düýeleriň biçak haýal ýöreýändigi sebäpli, ýigrimi günde
arkaýynam barylar öýdülip çak edilen Daýahatyna ýigrimi ikinji günüň agşamlygy
zordan ýetildi. Şol ýerde hem ýük ýazdyrylandan soň, Mädemin han bir perman
çykardy. Kowçum-kowçum bolup owkat edinýän goşuna ýaýradylan ol permanda:
“Daýahatyndan ugralmazyndan öňürti töwerekdäki köne jaýlary ýykyşdyryp, adam
başyna bäş sany kerpiç götermeli” diýen buýruk bardy. Beýle buýrugyň
çykarylmagy, belli bir menzil geçilenden soň, farsahlary bellemäge diň salmak
üçindi. Onsuzam ýüki ýetik goşuna kerpiç götermek gaty ýokuş degýänem bolsa,
hanyň buýrugyny berjaý etmek hökman bolany üçin, Daýahatyndan ýüz müň
töweregi kerpiç köwlendi.
Ýigrimi üçünji gün ir namazdan soň sülsat ýoly dowam etdi. Mädeminiň
maksady ýene on bäş-on alty günden Mary topragyna baryp düşlemekdi.
- 105 -
Günüň dogmaly ýeri ýaňy gyzaryp başlapdy. Mademin han töwereginiň
hyzmatçylary, attutarlary bilen atlanmaga hyýallanyp durdy. Birden ol sökülip
başlanan ak çadyra tarap elini salgady-da:
—Guşum!—diýip, pyşyrdady.
Onuň ýanyna Bekmyrat teke haýdap geldi.
—Guşuňyz öňdäki sandyklaň ýany bilen ugradyldy, han aga.
Mädemin ýene bir gezek:
—Guşum!—diýdi.
Bekmyrat teke bäş-alty ädimlikde duran atyna towsup mündi-de, eýýäm
gözden ýitip barýan han ýüküniň yzyndan ýetmek üçin sülsadyň gapdaly bilen eňip
gitdi.
Mädemin aýagyny üzeňňä ýetirip-ýetirmänkä, agyr göwresiniň agramy uçan
ýaly bolup, ýeňillik bilen eýere gondy. Gop berip, ony ata mündirenler bolsa, han
seretmese-de, tagzym bilen gol gowşurdylar.
Mädemin uzak gitmän, at başyny çekmeli boldy. Nämedir bir zada örän
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gowşut han (Saragt galasy) - 11
  • Parts
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 01
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2204
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 02
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 2115
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 03
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2148
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 04
    Total number of words is 3873
    Total number of unique words is 2177
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 05
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2155
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 06
    Total number of words is 3811
    Total number of unique words is 2149
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 07
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2157
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 08
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2173
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 09
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 2166
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 10
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2144
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 11
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2187
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 12
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2180
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 13
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2197
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 14
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2141
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 15
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2172
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 16
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2134
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 17
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 2059
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 18
    Total number of words is 2341
    Total number of unique words is 1456
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.