Latin

Gowşut han (Saragt galasy) - 01

Total number of words is 3704
Total number of unique words is 2204
31.3 of words are in the 2000 most common words
45.3 of words are in the 5000 most common words
52.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:
Х1Х-njy asyryň dowamynda türkmen taryhynda
bolup geçen
pajygaly wakalar milletimiziň ata-Watany jandan eziz söýýändigini bütin dünýä äşgär görkezdi.1855-nji ýyldaky Sarahs
söweşi, 1858-nji ýyldaky Garrygala söweşi, 1860-njy ýyldaky
Mary söweşi,1873-nji ýyldaky Gazawat söweşi hem-de 1879
-njy we 1881-nji ýyllardaky Gökdepe söweşi türkmen halkyny
tutuş adamzadyň hakydasynda Watan goragçylarynyň ölmezýitmez edermenliginiň synmaz ruhunyň belent nusgasy hökmünde
müdimilik galdyrdy.
GOWŞUT
HAN
(SARAGT GALASAY)
(Taryhy roman)
***
“Kethudalar
adaty,akylly-paýhasly
adamlardan
saýlanýar. Şeýle kethudalaryň biri bolan Gowşut han,
başa iş düşende, tiz çykalga tapmakda özgelerden
tapawutlanýan çuň akylly bolany üçin, türkmenlerde
ýokary derejäni eýeleýär”.
G-de Blokwil.
“Gowşut han türkmenleriň arasynda dörän üýtgeşik
kişi, göze gelimli syraty adam. Ol aýratyn edermenligi
bilen öz döwrüne çenli hiç haçan ne häkimi ne-de
tertip-düzgüni
ykrar
eden
kakabaş
tekeleri
jylawlamakda hem olara tertip öwretmekde özüniň
ajaýyp ukybyny görkezdi”.
Poruçik Alyhanow-Awarskiý
“Gowşut han ajaýyp serkerde”
EDGAR BULANŽE,
fransuz generaly
“Gowşut han türkmen taryhynda unudylmaz keşpdir”.
Berdi Kerbabaýew.
“Beýik Gowşut han!”
Rus generaly Komarow.
“Gowşut
han
türkmenleriň
garaşsyzlygyny
döretmekde arhitektor bolup hereket etdi.”
Doktor Mehmet Saraý
Türk taryhçy alymy
***
Töweregiň asudalygyny oýaryp ýaňlanan «Allahy ekber» bilen Saragt
sährasynda 1854-nji ýylyň jokrama tomsunyň ýene bir säheri başlandy. Bu günüň
niçiksi gutarjagy belli bolmasa-da, başlanyşy öňkä kybapdaş geldi. Dolan Aý hem
älemiň ýagtylmagy bilen edil düýnküsi ýaly, Düýeboýun öwlüýäniň depesinden
sallandy durdy.
Weýran bolup ugran gadymy Saragt galasynyň golaýyndaky obanyň bir
öýünden çykan boýy ortadan belendiräk, eti-gany ýerbe-ýer, ýüzi tegelek, saryýagyz
adam on-ýigrimi ädimlikde bagly duran atyň ýanyna ýetenden soň, töweregine
garanjaklady: “Serdar näme eglenýäkä?” diýip, öz-özüne sowal berdi, soňam aty
bagyndan boşadyp, ýeňillik bilen eýere gondy.
Ýaňy otuz bäş ýaşa girenem bolsa, öňi müçeneklenen gyrçuw gara sakgally ol
adam Gowşut handy. Ol sekiz ýyl mundan ozal dünýäden öten Öwezdurdy serdaryň
uly ogludy, başynyň ýaşdygyna garamazdan, Saragtda ýaşaýan türkmenleriň
kethudalarynyň öňe sürülýänlerinden biridi, öz tiresiniň hanydy. Gowşut hanyň garry
atasyna Akmämmet serdar diýýärdiler. Akmämmet serdar egri gylyjyň niçiksi
- 2 -
oýnadylýandygyny ahal ýigitleriniň köpüsine öwreden adamdy. Ol ahal tekeleriniň
bir bölegi suw ýetmezçiligi sebäpli Saragta göçmänkä dünýäden ötdi. Akmämmet
serdar Nedir şanyň garşysyna-da atlanan serdarlardandy. Gowşut hany hem ilat
edermen serdara mynasyp agtyk, il penasy bolan batyra mynasyp ogul hasaplaýardy.
Gowşut han heniz uly darkaşlara gatnaşmadygam bolsa, kiçeňräk çaknyşyklarda
edermenlik görkezen adamdy. Gowşutlar togtamyşyň beg taýpasynyň ýary gökje
tiresiniň çomalak-çüri urugyndandy.
Kän mahal geçmänkä, dor atyny säpjedip, Gowşudyň garaşýan adamy hem
gelip ýetdi. Ol Täçgök 1 serdardy. Täçgök serdar Atabaý ogly tekäniň utamyş
böleginiň syçmaz-aksupy-gyýr-alasakgal-alajagöz tiresindendi.
Täçgögüň gelmegi bilen töweregiňem jemendesi köpeldi. Ilden öňürti Gowşut
hanyň goňşusy Kelhan Kepele peýda boldy. Ol Saragtda tanalýan demirçi ussady.
Kelhan Kepele öýli-öwzarly ogul-gyzynyň hem bardygyna garamazdan, aýaly
dünýäden öteli bäri, köplenç öz ussahanasynda bolýardy. Öýlenmek baradaky inçe
umytdan gutarnykly el üzmäni sebäpli, ýaşy bir çene ýetenem bolsa, ol heniz
sakgalyny hem doly goýbermändi, gyrçuwdy. Kelhan gaty daýaw, äwmezek,
çakdanaşa giňgöwrümli adamdy.
—Kelhan, gaty geýnüwli görünýäň-le?!—diýip, ony synlan Täçgök serdar
sowal bermän durup bilmedi.
Kelhan Kepele eňegini sypap, çalarak ýylgyrdy:
—Bu gün Pendi baýyň toýuna çagyryldyk, halypa...
—Asyl ýada-da düşenok, bu gün toýdur-ow! Toýa çagyrylmak ýalam bir gowy
zat bolarmy!—diýip, Gowşudam Kelhana täzeden ser saldy.
Loh-lohlap gülen Kelhan:
–“Eşegi ýüke çagyrýandyrlar”, Gowşut jan—diýip nakyl getirdi.—Biz
ýalakyny törde oturtmak üçin çagyrmaýanlaryny özüňem bilýänsiň-le. Gassapçylyk
etmeli.
—Gulan toýnagyndan kireý islemez, Kelhan. Hyzmat et, gassap bol, törde
otur,—toý bolup dursa gowy.
—Dürs aýtdyň. Toý bolawersin. Ýas bolman, toý bolsa, gije-gündiz gap-çanak
ýuwmaga-da razy.
Şol mahal üçünji öýden çykan adam, olaryň ýanyna gelmäge çekinýän ýaly,
gapyda esli wagt durdy. Yzyna, içerik dolanjak ýaly hem etdi. Ol Gowşudyň inisi
Hojagulydy. Eger-de agasy uzak hem howply ýola ugramanlygynda, öten agşamky
galmagaldan soň Gowşuda: “Aman-esen gidip gel” diýmäge-de onuň dili
aýlanmazdy.
Esli salym oýlanyp duran Hojaguly gowy bir täzelik tapan ýaly birden çalt-çalt
ädimläp, atlylara tarap gaýtdy. Ol gele-gelmäne agasyna ýüzlendi.
—Belkem, päliňden gaýdarsyň, Gowşut?
Agasy:
1.Ýaşuly türkmen ýazyjylary B.Kerbabaýewiň, , B, Soltannyýazowyň, awtora beren maglumatlaryna görä, Gowşut han 1819-njy ýylda dünýä
inip,1878-nji ýylda ýogalypdyr.Görnükli türk alymy doktor Mehmet Saraýyň “Türkmenler imperializm zamanynda” diýen taryhy işinde ol 1819-njy
ýylda doglup, 1877-nji ýylyň iýulynyň soňky günleriniň birinde dünýäden ötdi diýlip bellenýär. (awtor)
2. Täçgök serdar—Türkmenistanyň Halk komissarlary sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýewiň kakasy. (awtor).
- 3 -
—Belkem, bir ýassykda ýatyp turmadyk bolsaň, serdara Taňry salamyny
berersiň sen?—diýenden soň, inisi ýalňyşyny düzetdi.
Hojaguly özüni dawa-jenjele goşulmaýan, ýuwaş adam hasaplaýandygy
sebäpli, agasy Gowşudyňam ata çykyp, Eýran ýaly howply ýurda bendileri azat
etmek maksady bilen gitmegine düýpden garşydy. Şonuň üçinem ol töwerege
ýygnanan adamlardanam çekinmän, agasy bilen harçaňlaşmagyny dowam etdi.
—Saragtyň senden zyýadarak hany-begi barka, ýesir boşatmak saňa galypmy?
Gowşut inisi bilen gepleşmeýän ýaly, ýüzüni Täçgöge tarap öwürdi.
—Bu zamanyň kişileri zenança-da ýok, serdar. Anha, ýeňňesä dişini gysyp dur,
ýüwürjisem gözýaş edýär.
Hojaguly aýallaryň arasynda duran ýeňňesi Ýazsoltana tarap alarlyp garady.
Şol wagtyň özünde-de aýdýan sözleri agasyna degişli hem bolsa, ýeňňesine seredip
aýtdy.
—Sen päliňden gaýtmasaň, şu mahal agzyny açmaýan ýeňňem erte çuwala
bakyp gözýaş etmeli bolar. Ýöne giç bor…
Gürrüňiň dartgynlaşyp barýandygyny, soňunyňam oňatlyga ýetmejekdigini
aňan Täçgök serdar özüniň bardygyny duýdurdy. Ol Hojagulyny köşeşdirjek boldy.
—Biz alamana ýa söweşe gidemzok, Hojaguly! Dilegçilige, gedaýçylyga
gidýäs. Özem biz gedaýyňam torbasyzy. Gedaýa-da eçilen bir zat emleýa, bolmasada ony urmaýalar. Oň üçinem...
Hojaguly Täçgöge-de sesini gataldyp galdy:
—Oň üçinem torbaly gedaýy it-güjük garşy alýan bolsa, sizi naýza bilen
myltyk garşy alar.—Şuny diýdi-de, Hojaguly hyrra yzyna aýlandy.
At üstünde oturan Gowşut inisini ýasama ýylgyryş bilen ugratdy.
Iki atlynyň dem alýan howasyny inçeli-ýogynly ses doldurdy:
—Sag gidiň, aman geliň!
—Ägä bolaweriň!
—Gaýtarmyş ata, senden medet!
Märekäniň içinden öňe saýlanan küýküje kempir Gowşudyň ýanyna bardy.
Kempiriň elinde bir tegelek nan bardy. Ol nany Gowşuda uzatdy. Emma onuň eli
atyň gapbiline-de ýetmedi. Nan aşak eglen Gowşudyň eline geçdi..
Dişleri dökülip gutaran kempir eňegini hereketlendirdi.
—Itden-guşdan özi gorasyn! Sag gidiň, aman geliň!
Gowşut adamlaryň göwnüni götermek maksady bilen ýylgyrdy.
—«Ilçä ölüm ýok» diýipdirler, garry. Alla ugruna etse, giden adamlaram alyp
gaýdarys. Gowşut töwerege nazar aýlansoň, «Adamlaram alyp gaýdarys» diýen
gepiň, Alla sygnylyp aýdylanam bolsa, jüpüne düşmändigine göz ýetirdi. Sebäbi
ýygnananlaryň arasynda on bäşini dolduryp on alta giden Karkara on üç ýaşly jigisi
Oraz bilen durdy. Karkara Gowşudyň goňşusy, özünden gaýry ganybir hossary-da
ýok, häzirem Eýranda bendilikde ýören Daňatar aganyň gyzydy.
Geçen ýylyň güýzünde gajar alamançylary Saragta dökülenlerinde, Daňatar
agany mal sürdürip äkidipdiler. Karkaranyň ozaldanam keselbent ejesi hem şol
wakanyň yz ýanyndan ýogalypdy. Daňatar aga hakynda bolsa her hili myş-myş
bardy. Kim ony «Gajarlar ata süýredipdir» diýse, kimse: «Ol zyndandan gaçypdyr
welin, ele düşensoň, gözüni oýupdyrlar» diýýärdi. Garaz, Daňatar aga hakda oňly
- 4 -
habar-ha ýokdy. Ol şum habarlaram, niçiksi ýol bilenem bolsa, Karkaranyňam,
Orazyňam gulagyna ýetýärdi.
Gowşut han Karkaranyň ýagdaýyna düşünýändigi üçin, halyna nebsi
agyrýandygy sebäpli Eýrana gidip, bagty synap görmek isläpdi. Sebäbi, göze görnüp
ugransoň, gyz maşgalanyň derdeseri köpelip başlaýardy. Emma Karkaranyň welin
ýagdaýy ondanam başgaçady. Birinjiden-ä, ýaş gyzy ýaman gözden gorap saklajak
degerli hossar ýokdy, ikinjdenem, Karkara bu sebitleriň iň görmegeý gyzydy.
Gözellik gowulyk hasaplansa-da, Karkaranyň gözelligi onuň öz başyndan ýamanlyk
bolup inipdi. Oňa hyrydar göz bilen garaýanlaryňam, ony her hili mekru-al bilen ele
saljak bolýanlaryňam sany köpelýärdi.
...Karkara sesini çykarman, ýöne seredip dursa-da, Gowşut onuň aýtmaly
sözlerini aýtdyrmazdanam bilýärdi. Şonuň üçinem ol jylawy silkmäge mejbur boldy.
Märeke bilen hoşlaşan iki atly ilerligine tarap ugrady. Olar taýakýetim ara
açansoňlar, yzdan gelen: “Gowut ag-a!” diýen inçejik sesi eşidip, aýak çekmeli
boldular.
Märekeden saýlanan, uzyn biýz köýnekli sekiz - dokuz ýaşlaryndaky oglanjyk
ýolagçylara tarap ýelk ýasady. Ol atlylaryň ýanyna ýetip barýarka, köýneginiň etegi
aýagyna çolaşyp, tüwdürip gitdi, ýüzi ýer garbady. Oglanjyk örän tiz ýerinden turup
süssenekledi-de, ýene ýüwürdi. Ol iki atlynyň edil alkymyna baransoň, pesde durup
daga seredýän aly, ýüzüni ýokaryk tutdy.
—Gowşut aga, Täçgök aga! –diýip oglan at üstünde oturanlara gezek-gezegine
seretdi. Meňem kakamy getirersiňizmi?
Eleşan eşikli çaganyň sowalynyň öňünde ejizlän Täçgök serdar Gowşut näme
jogap gaýtararka diýen pikir bilen onuň ýüzüne garady. Tozanyň içinde ýyldyraýan
garaja gözler, at üstünde bolansoň has-da uly bolup görünýän uly adamynyň gara
gözleri bilen çaknyşdy. Gowşudyň göwnüne bolmasa, çaga gözleri: “Geler” diýseň,
gülerin, “Gelmez” diýseň, aglaryn” diýýän ýalydy.
Çaganyň nazaryndan gözüni aýran Gowşut ýüzüni aşak saldy. Onuň göreçleri
oglanjygyň ýalaňaç aýaklarynda saklandy. Çaganyň sag aýagynyň başam
barmagyndan gan çykyp durdy, dyrnagyň üstüne düşen topur bolsa ganly palçyga
öwrülipdi. Oňat jogaba garaşýan çaga agyry-ynjyny-da duýmaýan ýalydy.
Gowşut nazaryny nirede saklajagyny bilmän, Täçgöge tarap äňetdi. Gylyç
syryp, söweşe girilende ýaýdanmaýan Täçgök serdaryňam häzirki ýagdaýy
oglanjygyňkydan enaýy däldi.
Täçgökden seda çykmansoň, Gowşut eýeriň gaşyna seretdi. Eýer gaşyna Gün
nury düşüp ýalpyldaýardy. Gödeňsi barmagy bilen eýer gaşyny pitikläp başlan
Gowşut ahyr dillenmeli boldy.
—Kakaň geler, goçagym. Kakaň geler...
—Haçan geler, Gowşud-aga, haçan?—diýip, öňküsindenem agyr sowal tapan
çaga towsaklady. Çykgynsyz ýagdaýa uçran Gowşut dymdy. Çünki ol oglanjygyň
kakasynyň haçan geljekdigini aýtmag-a beýle-de dursun, asla geljekdiginem ynam
bilen aýdyp biljek däldi.
Bu gezek Gowşuda derek Täçgök jogap gaýtardy:
—Kän-kän gije geçer welin, kakaň geler, köşek.
Jogaby içinden makullan Gowşut jylawy silkdi.
- 5 -
Bir eli bilen köýneginiň etegini çekip, beýleki elini hem ýokaryk galdyran
begençli oglanjyk, hoş habary adamlara tizräk ýetirmek üçin yza tarap daýrap gitdi.
“Ahe-he-e-e-eý!” diýen inçejik sesi eşiden Gowşut gaňrylyp, çaganyň yzyndan
garady. Oglanjygyň köýnegi dyzyndanam ýokardady, gamak ýaly aýajyklarynyň
astyndan tozan turýardy. Indi onuň büdräsi gelmeýärdi.
...Deň goşluşan iki at ýandakly düzlük bilen säpjäp barýardy. Hiç kimden sesseda çykmaýardy. Şeýdip esli ýörelensoň, derýa tarapdan öň aýagynyň birine çalarak
ýemseýän biçak owadan aty iýdip gelýän arrykdan uzyn boýly, sakgallak adam
göründi. Ol Saragt tekeleriniň häzirki baş hany Hojam Şükürdi.
Durs ady Hojamguly molla Nazar ogly bolmaly Hojam Şükür häzir altmyş üç
ýaşyndady. Ol 1792-nji ýylda Tejeniň Kyrkguýy obasynda dogulýar. Ol togtamyşyň
wekil urugynyň garawekil garamah tiresindendi. Hojamguly ýaşlykdan dogumlydy,
ugrtapyjydy, heniz otuz hem ýaşamanka, Hywa hanlygy bilen-de ýakyn aragatnaşyk
saklapdy. Şonuň üçin bolsa gerek, ähli tekäniň hany Myrat serdar dünýäden ötenden
soň, Hywa hany Ispendiýar han Hojamgula aksakallyk derejesini bagyşlap, teke
kethudalarynyň garamagyna iberýär. Şeýlelikde, 1823-nji ýylda Ahalda geçen uly
teke geňeşinde ony Bäşgala tekelerine han belleýärler. Hojamguly han suw hem öri
ýetmezçiligi sebäpli, tekeleriň bir boleginiň Saragta göçmegini guraýar, soň bolsa,
aňyrsy iki-üç ýylyň dowamynda aç-ýalaňaç tekeleriň ezeneginden galdyrýar.
Adamlar bilen dil tapmaga ussat han, hatda goňşy ýurtlar bilen gepleşip, ekmäge
tohumlyk gallany-da karzyna almagy başarýar. Hojamguly Saragtda tertip-düzgüni
berkidýär, çagalaryň köpüsiniň mollada okap, döwrüne görä bilimli-sowatly
bolmagyna uly üns berýär, ýurtda ogry-jümrüleriň sanynyň azalmagyny, senetçiligiň,
dokmaçylygyň ösmegini gazanýar. Şonlukda, ol ilatyň uly hormatyndan peýdalanýar.
Emma ýaşynyň gaýdyp ugramagy bilen onuň hanlyk wezipesini berjaý edişi gowşap
başlaýar. Ilat arasynda nägilelik döreýär. Soňabaka nähili möhüm iş bilen ýüz
tutulsa-da, ondan: “Şükür ediňden” başga jogap almaýan ilat oňa Hojam Gara ýa-da
Hojam han diýmän, Hojam Şükür diýen lakam goýýar. Hojam Şükür Gowşut han
bilenem gaty ýakyn daýy-ýegendi.
...Başy çüri maşat telpekli Hojam Şükür şu mahal çapyşyklarda baýrak alyp
ýören, ýöne soňky toýlaryň birinde büdräp aýagyny agyrdan atyny derýadan suwa
yakyp gelýärdi. Han ol atyna çakdanaşa guwanýandygy sebäpli suwa-da özi
ýakýardy, torbasynam özi atýardy. Atynyň aýagy agsanyndan soň-a Hojam Şüküriň
işi-pişesi şol boldy diýen ýaly.
Baş hanyň deňine ýetilende Gowşut at başyny çekdi. Iki tarap salam-helik
alyşdy. Hojam Şükür iki atlynyň hanja, niçiksi maksat bilen barýandygyndan ozaldan
az-kem habardar bolsa-da:
—Ugur haýyr bol-a, ýigitler?!—diýdi.
Gowşut jogap gaýtardy:
—Ugrumyz-a gajar iline, han aga.
—Alamançylygamy, çaparmançylygamy?—diýen baş han, Täçgök serdara
nazaryny dikdi, ömründe ilkinji gezek görýän yaly, ony depesinden dabanyna çenli
synlady.—Nöker sany az görünýä-le?
—Bendilikde ýören adamlaryň yzyndan barýas, han aga. Güýç görkezmäge
ýagdaýymyz bolmansoň, Alla umyt baglap, dilegçilik edip göräýeli diýdik.
- 6 -
Güýç bilen bendi boşatmaga erkli adam Hojam Şüküriň özi bolmalydy.
Gowşudyň aýlawly gepiniň manysyny alan baş han “Ýatyp galandan, atyp gal” etdi:
—Bäş-alty sany Taňry bendesi üçin nökerleşmek ýa hanlaşmak derkarmyka?
Goňşy aralykda, alaman-çaparmançylykda onça-onça azaşma-tozaşma bola-bola
gelýän zat ahyryn. Beýtsek, ähli pişäni bir ýana taşlap, günümizi Horasan ýolunda
geçiräýmeli bolar-da. Ýer titränok, sil gelenok. Hudaýa şükür ediň! Onsoňam...
—Han aga, ýüwrügiň aýagy ýagşymydyr?—diýip, Gowşut baş hanyň sözüniň
arasyny böldi.
Hojam Şükür bu gepiňem astynda nähili manynyň ýatandygyna kemsiz
düşünse-de, düşünmediksirän boldy. Ol atynyň aýagyna garap gepledi:
—Ýüwrügiň aýagam indi ganymat.—Baş han, her hal, ýüwrükli gürrüňden
daşlaşmak isledi.—O mysapyrlar haýsy tireden bolmaly?
—Han aga, şolaryň köpüsini-hä özümizem tanamyzok. Iki sanysy Gowşutlaň
obasyndan.
—Olara kimler diýerler?
—Bir-ä üç-dört ýyllykda Duşakdan göçüp gelipdi. Beýlekisem meň goňşym.
Daňatar aga diýýäler. Yzynda-da ýüwsük ýaly oglan bilen biçäre gyzjagazy bar. Özi
gidensoň, ýaşulyň keýwanysam amanadyny tabşyrdy. Garaz, üsti-üstüne boldy.
—Bendiler haýsy ýerdemiş?
—Anyk-ha bilemzok welin, ýelden-ykdan ýetýän habara görä, Apbas hanyň
elindemişler.
Hojam Şükür Gowşudyň atynyň bökdergisine çala ýylgyryş bilen seretdi:
—Töleg üçin näme göterdiňiz? Horjunyňyz biçak ýuka görünýä-le?
Baş han bilen gep oýnadyşyp durmak islemedik Gowşut gönüsinden geldi:
—Tölege-göterime malymyz ýok, han aga. Kelhan ussaň sünnäläp ýasan bir
egri gylyjy bar. Sowgat diýip alyp barýas. Horjunda-da azyk-owkatdan gaýry zat ýok.
—Egnimizde gara kelle-de bar diýiň-dä.—Hojam Şükür ýaňsyly ýylgyrdy.—
Ojagaz sowgadyňyz bilen-ä…
Gowşut baş hanyň aýtman goýan: “...gara kelläňizi goýup gaýtmaly bolar”
diýen sözlerini içinden dowam etdi..
—Gara kelle ahyr bir ýerde goýulmak üçin ýaradylan-da, han aga—diýip, bu
gezek Täçgök gepledi.—Kysmatdyr-da...
—Kimiň ýüzi bilen gidýäňiz?—diýip, baş han, näme üçindir gaharlyrak äheň
bilen sorady.
—Iliň ýüzi bilen, han aga.
Hojam Şüküriň aýdylany makullanyna-da, ýaňsylanyna-da düşünip bolmady:
—Alnyňyz açyk bolsun! Iş bitirip gelseňiz, habar ýetiriň, hoşal borus.
Gowşut han bir zat diýjek boldy welin, derýa tarapdan küle ýabysyny gorduryp
peýda bolan garaýagyzdan gelen burny jaýtaryp duran adam päsgel berdi. Ol adam
heniz ýabysynyň başyny çekmänkä:
—Han aga, gaty kän eglendiň-le?—diýdi.—Adamlar saňa garaşyp dur
ahyryn…
Baş han birbada geňirgenýän ýaly sypata girdi-de, adamlaryň garaşmagynyň
sebäbi hakydasyna gelensoň, Hojam Şükür Gowşut bilen Täçgöge:
- 7 -
—Ýigitler, öz namysyňy nähili goramalydygyny öz gözüňiz bilen göreris
diýseňiz-ä, sürüň yzym bilen.
Gowşut bilen Täçgök bu günki bolmaly wakadan bihabardy. Bolsa-da, ýollary
derýa tarap barýandygy sebäpli, baş hanyň yzyndan sürmeli boldular...
Köne galany alkymlap oturan obada ikinji gün Pendi baýyň toýy dowam
edýärdi. Baý ol toýy üç günläp toýlamagy kalbyna gaplapdy. Bu sebitlerde ady belli
baýyň ýeke ogly Mäligiň öýleniş dabarasyna gaty kän adam ýygnandy. Düýnki edilen
işler ýaňadandan gaýtalanýardy. Ýeňleri çermelgi daýaw ýigitler elli-altmyş
ädimlikde dikilen agaçlaryň daşynda aýlanyşýardylar. Ölümine az mahal galan
goýunlar, şol pursatyň golaýlandygyny aňýan ýaly, bir ýerde durup bilmän,
mäleşýärdiler. Märekeman ýaşulynyň “Ony eýdiň! Muny beýdiň!” diýen sözleri
haýbatly çykýardy.
Çetki öýüň ýeňsesinde, lowlap ýanýan oduň başynda bir zada gümra bolup
duran on sekiz ýaşlaryndaky, inçesagtdan nurana ýüz ýigit kişňän gara ata tarap
seredip: “Hä, sesiňden aýlanaýyn-a!” diýip, içki joşgunyny öz-özüne beýan etdi. Ol
ýigit Gowşudyň goňşusy Daňatar aganyň ýegeni Gurbandy.
Gurbanyň kakasy Döwran aga ýeke perzendi entek sallançakda ýatyrka
ýogaldy, ejesi hem ogly bäş ýaşyndaka garahassalykdan aýňalman, dünýäden ötüpdi.
Şondan soň Daňatar aga ýegenini öz öýüne getirmeli boldy. Gurban indi bir ýyl bäri
Kelhan ussanyň şägirdi bolup işleýärdi. Ol daýysynyň gyzy Karkarany gowy
görýärdi, Ýigit henize çenli gyza söýgi hakda söz aýdyp bilmese-de, dürli hyýala baş
goşýardy, öz arzuwy hakda Karkara-da bilýändir, aňýandyr öýdüp çaklaýardy.
Gurbanyň şol çaklamasy nädogry hem däldi. Daýy gyzynyň on bäş ýaşyny
doldurmagy bolsa Gurbany howatyrlandyrýardy. Gyz maşgala on bäş ýaşa dagy
ýetiberse, derrew onuň arkasyny ýapmak bilen bolunýandygy hemme kişi üçin
düşnüklidi. Bolsa-da, Gurban öz ýüregindäki arzuwy gyza açyk aýtmaga aýgyt edip
bilmeýärdi…
...Pendi baýyň dogan-garyndaşlarynyňkydan gowulyga tapawutlanýan täze
diken öýüniň gapdalyndaky teläriň kölegesinde oturanlaryň sany gaty kändi.
Giň hem uzyn ýeňleriniň ujundan barmaklary çala görünýän ýuka donly, ak
selleli, saryýagyzdan semizje, müçesi iri däl adam, öýden çykyp ugran gelinlere gözi
düşensoň, dymyşlygy bozdy:
—Pendi ber, goňşy edinmek nesibäň nirelere uçrady? Gudaň
döwletmentmidir?
Sowal berene Seýitmuhammet işan diýýärdiler. Ol Saragtyň iň ady ýörgünli
dogamanydy. Bu etraplarda uly toý, sadaka, bolsa, indi ýaşy ýetmişe ýeten
Seýitmuhammet işanyň rugsady bilen edilýärdi. Sähedini, bisähedini, ýyldyzyň
ýerdedigini, gökdedigini diňe şondan soramalydy. Onuň asly Garabekewül
ärsarylaryndandy.
Oturanlar hem Seýitmuhammet işanyň beren sowalynyň jogabyny eşitmek
isleýärdiler. Şonuň üçinem hemmeler Pendi baýa tarap seredişdiler.
- 8 -
Daýaw, eginlek, gyzyl ýüzli, görmegeý, ýaşy altmyşa golaýlan Pendi baý
çäkmeniniň bagjygyny oýnaşdyrdy, bogazynyň tüýdük ýalydygygyna garamazdan,
emeli ardynjyrady:
—Işan aga, gudam beglerden bolmaly. Onçakly döwletment ýerler-hä dä. Ulug
diýerler, Hazret diýerler, beglerde sarpasy bar kişiler.
Işan nazaryny bir nokada dikdi.
—Köp ýagşy! Goňşyň dürri-naýan bol-a! Ämin!
Seýitmuhammet işan elini göterende, oturanlaryň hemmesi-de şony gaýtalady.
Az salymdan gaýra tarapky çoganlygyň içinden bir tozan peýda boldy. Tozan
golaýlap-golaýlap, üsti adamly dor atla öwrülensoň, Pendi baý ýerinden turdy.
—Nepes molla ýaly-la bi gelýän?—Ol palasyň gyrasynda jüplenip goýlan sary
hokgasyny geýip, atlynyň gelýän tarapyna ýöneldi.—Myhmanyň atyny tutaweriň,
ýigitler!
—Nepes molla bolsa, garşylaweriň!—diýip, Seýitmuhammet işan hem
myhmanyň gelýän tarapyna ýüzüni öwürdi.—Dünýäň ähli künjeginiň habaryndan
horjuny doludur o kişiniň...
Nepes molla ýazylaryň kethudalarynyň birisidi. Kethuda bolup ol alty müçäni
arka atan aksakalam däldi-de, edenliligi, dogumlylygy bilen il arasynda abraý
gazanan adamdy. Ol elli dört-elli bäş ýaşlaryndady. Nepes molla haýsy tiräniň, haýsy
taýpanyň başyna iş düşse-de, öz ýigitlerini jemläp, derrew kömege ýetişerdi. Hut
şonuň üçinem baý-garyp, uly-kiçi oňa hormat goýýardy. Ol uzyn boýly, bugdaýreňk,
nurana kişidi. Ol gepe çeper adam il içinde Mollanepes şahyr diýlip tanalýardy.
Şahyryň gedemlik bilen gadam urup gelýän dor aty toýa gelen myhmanlaryň
teblede bagly duran atlaryna tarap haýbat bilen seretdi-de, boýnuny silkdi, ýiti sesi
bilen kişňedi. Gyrçuw sakgally şahyr atyny kişňedip, ümsümligi bozmajak bolýan
ýaly, rişmäni bat bilen silkip goýberdi. At birneme köşeşdi.
Myhman entek gaty golaýa gelmänkä, Gurban onuň öňünden çykdy.
—Essalawmaleýkim, molla aga. Jylaw çekiň, men atyňyzy tutaýyn!
Şahyr daýaw göwresine gelşip giden sesi bilen salam alansoň:
—Ýagşy ýigit, bi seň tutjak atlaňdan däldir, gaty gyrpadyr—diýdi, soňam
ýigidiň göwnüni awlamak üçin diýýändigini aňdyryp, öňki aýdanyny birneme
ýuwmarlady.—Öz eýesinden özge adama torbasynam atdyrýan däldir bi.—Şahyr
atdan düşensoň, rişmäni tirseginden geçirdi.—Hany, goçagym, gel, görşeli!
Gurbanyň çepiksi eli şahyryň ullakan hem gyzgyn aýalarynyň arasynda
gizlendi. Onýança Pendi baý hem ýetişip, myhman bilen gadyrly salamlaşdy.
Şahyra törden orun berildi.
Saglyk-amanlyk soraşylandan soň, şahyra dikanlap seredip oturan
Seýitmuhammet işan hemmeden öňürti dillendi:
—Dünýäde ne gep bar, molla? Sizler bir gezende kişilersiňiz, iýen-içeniňiz
özüňiziňki, gören-eşideniňizden sözlip oturyň!
Şahyr çäkmeniniň astyndan görnüp duran ýaşyl kürtesiniň etegini çekişdirdi.
—Işan aga...—Ol gürrüňi nämeden başlajagyny bilmeýän ýaly ýasama
ardynjyrady, gönümel burnuna gelşik berip duran çal sepip ugran murtuna çep eliniň
süýem barmagyny ýetirdi. Soňam:—Dünýäň ähli gepi türkmendedir, işan aga—diýip,
- 9 -
ýaňsylaýan ýaly bolup aýtdy.—Bizden gaýry ýerde imi-salalyk ýaly. Ýa biziň kişi
halyndan habarymyz ýok...
Seýitmuhammet işan şahyryň sözüni böldi:
—Hä, molla, türkmen nä Taňry bendesi dälmişmi?
Nepes molla işanyň beren sowalyny halamadygam bolsa, onuň göwnüni
ýykmazlyk üçin esli salym ikirjiňlenip oturdy, diýjek zatlaryny işana däl-de, başga
kişä aýdýan şekilli, gapdala seretdi:
—Türkmenem Taňry bendesi. Ol hak zat. Ýöne, men-ä, göwnüme bolmasa,
Hazar bilen Amyderýa aralykdan gaýry ýerde ses-üýn ýok ýaly hasap edýän.
—Ras aýdylan gep.
—Ýow bolsa, türkmen üste.
—Asyl dynmadyk.
Şahyr dowam etdi.
—Ärsaryny aýmak çapýa, ýomudy, gökleňi gajar çapýa. Tekäni bolsa, hem
gajar çapýa hem Mädemin.
—Äý, kysmatdyr, molla, bi zatlar. Wagty gelende gajaram çapylar, aýmagam.
Olaň özleri iflise döner.
Işanyň “Kysmat” diýen sözüni kän oňlamadyk şahyr dilini dişläp oturyp
bilmedi:
—Küpür geplesem, hatamy ötüň, işan aga!
Seýitmuhammet işan tiz dillendi:
—Hataňyzy Taňry ötsün, molla!
—Taňry her ki bendesini dünýä inderende, oňa rahatlygam berýändir ahyryn?
—Taňrym her ki bendesini bu dünýäge birehne edip iberýä. Öz erkini özüne
berýä. Bimürewwatlyk bolsa-da, gamgusarlyk bolsa-da, bendesiniň özi sebäp bolýar.
Ondan ötrin, Taňryda hiç hili günä ýok. Günäni bendesiniň özi gazanýa. Bendäniň
her egninde oturan Katibin hem Kiräbin diýen iki perişde onuň gazanan günäsogabyny hemişe hasap edip durýa.
—Kişiniň eden bimürewwetliginiň ejirini-ezýetini biz çekmelimi? Öz erkiňi,
bala-çaganyň rahatlygyny goramagam günä däl bolsa gerek?
—Oz päkizeligiňi goramaklyga şerigatda hem düzüw garalýa. Emma ki, işan
agaňyz bi bolýan myrtarlyklara üns berýän däldir ýa-da ki onuň üçin köýmeýändir
öýdüp oý etmäň, molla. Iliň ýaman halyna biz-de köýýäs. Emma ki goldan gelýän
çäre ýok. Taňra sygynmakdan başga alaç tapamzok...
Töwerekde hümürdi köpelip başlady:
—Külli türkmeni bir ýere ýygnamaly!
—Gajara, aýmaga aksakal ýollap, il bolmaly!
—Gajara aksakal ýollap, ozal-a mazaly il bolduň sen! Hany Ýanar mergen?
Hany Kertik hajy? Hany Kel ahun?
Ýatlanan adamlar hälimi-şindi maly çapylyp, ekerançylygy weýran edilip
durlansoň, tekeler tarapyndan gajarlaryň üstüne ýollanan ilçilerdi. “Ilçä ölüm
bolmasa-da” olar yza dolanmandylar.
—Akylly-başly han saýlamaly!
Bu sözden soň her kim öz agyran ýerini tutup, her kim öz pikirini beýan etdi:
- 10 -
—Türkmeniň agzyny birikdirip oturan bir öňbaşçysy bolsady! Şumat
ýumrugyndan ot çykaran bolýan gajaryňam, aýmagyňam “Lepbeý” diýip dursa,
nädersiň?
—Hojam Şükür nä han dälmişmi? Ýöne, adamlar, täleý ters gelmesin diýeliňle. Bize çarhy-pelegiň girdabyna düşen ilat diýerler.
—“Türkmeniň dagy gaýgysy bolmasa düýesi ýaban çöker”—diýip, biri nakyl
getirdi-de, bolup geçýän betbagtçylyklaryň sebäbini özüçe düşündirdi.—Indi başa
gelýän bela gaýtawul bermäge derek, han dawasyny ediň. Ýagdaýyň pes bolsa han
neýlesin, serdar neýlesin?
—Bir hanyň täk özi ataş bolanda, niräni ýakjakmyş!?
—Han ataş bolup, başga zady ýakman, özüni ýaksa-da, biz razy. Şeýtse, hanyň
ýananyny gören adamam özüni ýakmak bilen bolardy. Ýöne bizde il üçin özüni däl,
çalarak janyny ýakýan hanam ýok...
Nepes molla Seýitmuhammet işanyň “Hojam Şükür nä han dälmişmi?” diýen
gepini ýerde ýatyrmady:
—Hojam Şükür indi gojaldy, işan aga.
Seýitmuhammet işan gojalan hanyň tarapyny çalmak meýli bilen bir zat
diýmekçi boldy. Emma berlen sowal ony togtatdy. Balagynyň dyzy ýamaly,
geçisakgal adam öňe-öňe omzady.
—Işan aga, ýaramazyň gullugynda durýanam ýaramaz bolýan dälmidir? Ýa o
zatlaňňam öz müçesine görä günäsiniň geçilýän-geçilmeýän ýagdaýlary bolýamyka?
Şü hakda şerigat näme diýýä?
—Ýaramaz birle ýaran bolganam ýaramazdyr.
Beren sowalyna öz islän jogabyny alyp, heserlenen ýaşuly töweregine
garanjaklady-da, sesine bat berdi:
—Şeýle bolýan bolsa, işan aga, biziň han diýip öňe tutup ýörenimiz Hojam
Şüküriňem syýnynda namaz okarlygy ýok-da?
Seýitmuhammet işan gatyrak giden arryk ýaşulynyň sustuny basmak niýeti
bilen oňa tarap gyýa garady, sesini-de az-kem sandyratdy:
—Bi nä gep boldy?
Arryk ýaşuly “atylan ok daşdan gaýtmaz” etdi:
—Hojam Şükür, däninim, işan aga, Mädemin hanyň ýaramazlyga baş goşan
nökerleriniň tarapyny tutýa ahyryn. Aýdýanym dürs dämi, adamlar?—Içinden
unanam bolsa, aýdylany tassyklap hiç kim daşyndan jogap gaýtarmady. Şoňa görä-de
ýaşulynyň özi özüni kanagatlandyrmaly boldy.—Elbetde, dürs diýýän. Nä meň ilata
galat söz bergim bamy!?
Bir tarapdan seretseň, arryk ýaşulynyň aýdýanynyň jany hem bar ýalydy.
Emma ol hyýalynda-da özüni Hojam Şüküriň deňinde goýup biljek adam däldi.
Seýitmuhammet işan bolsa tekäniň baş hanynyň Hywanyň öňünde näme üçin
“towşantüýlik” edýändiginiň manysyna sada adamlar bilen deňeşdireniňde, has
düýpli düşünýärdi. Ol inçe meseläni sada adamlara düşündiräýmek aňsadam däldi.
Şonuň üçinem gürrüňi çuňlaşdyrmak islemedik işan tesbi sanamaga gümra boldy.
Günorta golaý toý ýeri hasam şüweleňlendi. Üsti kaşaň kejebeli ak arwana
ýanynyň on-ýigrimi atbaşçysy bilen Pendi baýyň täze goňşusyny—ýeke perzendi
Mäligiň gelnligini—alyp geldi. Gümmezekläp oturan ak öýleriň alnyndan
- 11 -
okkesdirme geçýän ýigitleriň sany köpeldi, at toýnagynyň zarbyna çydaman, ýerden
ýokary galan ýeňiljek tozan töweregi gurşap aldy.
Gelni kejebeden düşürip, çetki ak öýe tarap alyp ugradylar. Daş-töweregi
görmegeý gyz-gelinler bilen bezelen täze gelin dähedem-dessemläp ädimleýärdi.
Üstüne mahmal örtülen beýik gupbasyndanmy ýa-da, dogrudanam, özi uzyn
boýlumy—täze gelin daşyndakylaryň depesinden garap barýan ýalydy.
Ýaş-ýuşlaryň serinde toý şagalaňyndan başga pikir ýokdy. Balaja oglanlar,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gowşut han (Saragt galasy) - 02
  • Parts
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 01
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2204
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 02
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 2115
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 03
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2148
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 04
    Total number of words is 3873
    Total number of unique words is 2177
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 05
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2155
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 06
    Total number of words is 3811
    Total number of unique words is 2149
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 07
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2157
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 08
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2173
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 09
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 2166
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 10
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2144
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 11
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2187
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 12
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2180
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 13
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2197
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 14
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2141
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 15
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2172
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 16
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2134
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 17
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 2059
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 18
    Total number of words is 2341
    Total number of unique words is 1456
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.