Latin

Gowşut han (Saragt galasy) - 12

Total number of words is 3819
Total number of unique words is 2180
33.4 of words are in the 2000 most common words
47.8 of words are in the 5000 most common words
55.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Gurban düýn türgenleşige gidip gelenden söň, üýtgän ýaly boldy. Sebäbi, gan
döküşilmeli söweşiň öňündäki türgenleşige çagyrylan bolsa, indi ol oglan-oglanjyk
däldi.Ganly söweşe oglanjyk däl, uly adamlar, mert adamlar gatnaşdyrylýar. Indi
Gurbanam şolaryň biri hasaplanýar eken. Ol öňde duran, aýtmaklaryna görä gaty
aýylganç bolmaly söweşe girmekden, duşmanyň ganyny dökmekden, öz ganynyň
dökülmeginden ýaýdanmaýar. Gaýtam ol çaknyşyga özi üçin mertligiň synagy
hökmünde garaşýar. Emma şol howply wakadan çekinmeýän ýigit sulhy alýan
gyzyna howply däl bir habary aýtmaga welin ýaýdanýar.
Öten agşam şol barada oýlana-oýlana Gurban özüne öňkülerindenem beter
igendi, sag-aman ertire çyksa, Karkara bilen açyk gürrüň etmek üçin öz öňünde
kasam içdi. Şony başarmasa, özüniň bigaýrat hasaplanmagy bilen-de ylalaşdy.
Tekeler arasynda atlary uly hormat bilen tutulýan il gahrymany bolan Tozanly batyr,
Çebşek batyr, Amansähet serdar, Durdy han, Gajar baý ýalylar bilen bir hatarda ilki
türgenleşige, yz ýanyndanam uly söweşe çagyrylýan ýigit bir gyzyň öňünde mertlik
görkezip bilmese, eline ýarag alyp, duşmanyň öňünde mertlik görkezip bilermikä?
- 116 -
Şeýle içgepletmelerden ýorgan edinen ýigit ony başyna çekdi. Ol ýorgan gijäniň bir
mahalyna çenli, tä uklaýança, agyr ýük bolup Gurbanyň üstünden basdy durdy.
Ertir irden Gurban sag dulda gap-gaja güýmenip oturan Karkaranyň
takyrdysyna oýandy. Oýanan badyna-da agşamky ýapynan pikir ýorganynyň henizem
üstündedigini duýdy. Agşam başlanan hyýalyň arasy bölünmän, ertire çenli dowam
eden ýaly boldy. Bolsa-da, gijeki batyrlyk öňki hörpünde däldi. Ol ýene özüne gyjalat
berdi. Ýöne aýdylmaly gepi haýsy sözden başlajagyny welin bilmedi.
—Sag-aman turduňmy?—diýip, gaýtam, onuň oýanandygyny gören
Karkaranyň özi öňürti dillendi.
Ýorganyň üstünde aýbogdaşyny guran Gurban dogumyny, hyjuwyny,
batyrlygyny dilinde jemlemäge özünde erk tapdy.Gurban Gurbany ýeňdi.
—Men, Karkara, dogrymy aýtsam...uzynly gije ýatman diýen ýaly, neme, bir
zadyň pikirini edip çykdym...
—Uzyn gije ýatyrmaz ýaly o nä pikir beýle?—diýip, inçe gyzlyk duýgusy bir
zady syzan Karkara hem gulak, göz bolup, Gurbana tarap garady.—Mädeminiň
pikirini etdiňmi?
—Ýok-la. Seň pikiriňi etdim... hem öz pikirimi...
—....................................?!--Karkaranyň ýüzi gyzaryp gitdi.
—Biz şeýle güne düşdük, Karkara. Nesibämizde bolandyr-da...
—Hawa—diýip, aýdylany tukatlyk bilen tassyklan Karkara gepiň yzyna
garaşdy.
—Daýym bilen daýzamyň işigi petiklenmez ýaly,ony ikimiz bile açyp
ýapaýaly diýjek bolýan. Men şoň pikirini etdim. Sen nähili görýäň?...
Näme etjegini, näme diýjegini bilmedik gyz aljyrandygyny bildirmejek bolup,
saga-sola garanjaklady. Öýüň hemme goş-golamy ýeke-ýekeden göz öňünden
geçenden soň, onuň nazary dulda duran süýtkädide eglendi. Ol çalt turup, süýtkädini
goltugyna aldy-da, öýden çykdy, gapyny ýapyp gitmegi bolsa unutdy.
Daşardan gelen salkyn şemal içerä urdy. Açyk duran işige sereden Gurban
gapynyň ýapylman galmagyny ýagşa ýorup,onuň bu öýe girilip-çykylmagynyň
dowamly bolmagyny Karkaranyň goldaýandygy bilen baglanyşdyrdy.
Mädeminiň iki sany sary topy, bir mähnet pili, agyr sülsady yzyna tirkäp Mara
gelmegi il arasynda göze görnüp duran galagoplyk hem döretmedi. Sebäbi, Hywanyň
Marydaky dikmesi Nyýazmuhammet baýyň jemi iki ýüz çemesi mollasy, kethudasy,
hammaly, hasapçysy uzak wagtyň dowamynda ilat arasynda wagyz-nesihat geçirdi.
Mädeminiň Mary topragyna gelip ýetmezinden has ozal başlanan beýik Hywa
hanlygynyň ähli musulman bendeleriniň, ylaýta-da, Mary saryklarynyň çyn
howandarydygy barada, hanlygyň Buhara bilen Eýranyň Mary welaýatyny tozdurmak
maksadyny puja çykarmak üçin ýollan adyl hem hoşgylaw wekilleri duz-çorek bilen
garşy alynsa, sogap boljakdygy hakdaky düşündirişleriň bitiren işi uludy. Emma
Hywa goşuny Mara gelenden soňky hakykat olary näme bilen garşy alsaň sogap
boljakdygynyň sapagyny öwretdi.
- 117 -
Uly guşluk bolup barýarka, Nyýazmuhammet baýyň belent derwezesinden at
derledip giren iki sany çapar Mädeminiň ertir agşama golaý gelip düşjekdiginiň
habaryny berdi. Olar Ketde Kişmandan geçilenden soň, goşundan ozup gaýdan
ekenler.
Belent mertebeli myhman garşylanyşynyň özünde bar bolan ähli
mümkinçiligine görä, ozaldan taýynlyk görenem bolsa, çaparlar gelip ýetenden soň,
Nyýazmuhammet baýyň kiçi göwresi uly howla sygmady. Hut öz nazaryndan
geçirmese, haýsydyr bir zat kemter ediläýjek ýaly, ol geňeşçileriniň birnäçesini yzyna
tirkäp, jaýdan çykdy. Ol hatda palaw üçin gazylan ojaklaryň üstündäki gazanlaryňam
käbiriniň gulagyndan basyp gördi. Alkymlap gelen baharyň ýagyş-ýagmyryndan
penalanmak üçin aňyrsy at gaýtarym, hatar-hatar, telärleriň astynda, her ýerde-her
ýerde goýlan suwçilim kädileri boýny inçe garynlak adamlary göz öňüne getirýärdi.
Adama meňzeş suwçilim kädileri hem gözden geçirildi. Telärleriň gutaran ýerinde
ullakan jaý bardy. Nyýazmuhammet ol jaýyň eýwanyna baryp aýak çekdi, yzyna
gaýtjak ýaly hem etdi-de, bir zat ýadyna düşene meňzäp, eňsini galdyrdy. Emma
onuň ýany bilen ýören adamlar şol jaýa girmezlige ozaldan tabşyryk alan ýaly
eýwanda saklandylar.
Nyýazmuhammede ähli zatdan zerury şol jaýdy. Bäş-alty otagly ol jaý
Mädemin hanyň hut özüne niýetlenendi. Beýik han şol ýerde ýaşamalydy, aýşy-aşrat
çekmelidi. Iň uly otagyň diwarlaryna çenli üýtgeşik Hywa syrçasyna bezelendi,
töründe bolsa, göýä diýersiň, on adam bile ýatýan ýaly bir gulaç beýiklikde mähnet
körpeçe goýlupdy. Nyýazmuhammet baý uly otaga girip, öňi bilen körpeçäniň
üstünden basyp gördi. Onuň goşaryndan aşagy ýumşak ýüpegiň içinde gizlendi.
Şondan soň ol gapa tarap dolandy-da:
—Hasanany çagyryň!—diýdi.
Kän garaşdyrman, orta ýaşan, saryýagyzdan dolmuş aýal geldi. Öwrendikli
aýal gizlin gürrüňiň bardygyny aňyp, gapyny hem mäkäm ýapdy.
—Hemmesi näçe?—diýip, baý haýdan-haý sowal berdi. Sowal gümürtik hem
bolsa, Hasana üçin düşnüklidi.
Hywa hanlygynda gijelerini gelin-gyzlar bilen oýnaşyp, aýyşda geçirmegi
dünýä maly bilen çalyşmaýan adamlaryň köpdügini bilýän, käte garaw gaýtarjak
hossary ýok türkmen gyzlaryny-da olara sowgat eltýän Nyýazmuhammet baý
Mädemini hem onuň ýakyn egindeşlerini diňe bir saryk, salyr, tekäniň nepis halylary
bilen serpaýlaman, näzenin gelinler bilenem hezzetlemek isleýärdi.
Hasana kän garaşdyrman, jogap gaýtardy.
—Hemmesi ýedi sany, baý aga.
Baý bir zady aňynda hasaplaýan ýaly bolup, oýa batansoň:
—Başga tapylmadymy?—diýdi.
—Şol ýedinem zordan tapdyk.
—Hiç kim ol işe razy bolanok, baý aga.
—Sebäbi näme? Sen hak-heşdeksiz çagyraňok ahyryn.
—Sebäbi, baý aga, bu etraplarda menden başga ol işe döwtalap aýal ýok.
Nyýazmuhammet öz ýasawuna görä gödek gepledi hem ýaňsyly ýylgyrdy.
—Akmak gyrnak! Sendenem aýal bolarmy? Seň aýallygyň iki müçe mundan
ozal şemala sowrulan ahyryn.
- 118 -
—Ömrüň manysy, erkekligiň, aýallygyň ahyry şeýle-dä, baý aga.—Hasananyň
bu sözleri baýyň özüne degişli edip aýdan bolmagy-da ahmal,emma
Nyýazmuhammet oňa üns hem bermän:
—Tapan aýallaryň ýedisem derde ýarar--diýdi.- Ýöne Mädemin han üçin
münülip ýagyr edilen maýryk baýtal ýalysyny däl-de, münüş görmedik perizat
tapmaly. Sen şol sözüň manysyna düşünýäňmi, Hasana?
—Aňyrsyna-da geçýän. Ýöne o diýýäniňiz tapylmaýa.
—Saryk obalaryna assyrynlyk bilen ser salynsa nädýä?
Ol maksadyň berjek netijesini öňünden bilýän Hasana arkaýyn jogap gaýtardy.
—Saryklara beýle ýumuş bilen söz gatyp bolmaz, baý aga. Saryk erkekleri
uýasyny ýa-da hatynyny başga biriniň aşagynda goýandan öz gara kellesini paltaň
astynda goýanyny gowy görýäler. Men olara belet, baý aga.
Nyýazmuhammet baý esli garaşdyryp gepledi.
—Uz owadan gaýtarmalara-da gyran degdimi?
Hasana dymdy.Onuň dymmagy baýyň isleginiň amala aşmajakdygynyň sözsüz
jogabydy.
Hasananyň “Ýedi sany” diýýän zenanlarynyň ýedisini hem baý
tanaýardy.Olaryň bary otuz ýaşdan ätländi, köpüsi bolsa Hywanyň özünden, ýorite
şol işden eklenç gözläp, gaçyp, tezip gelenlerdi. Olaryň hiç birindenem dikmäniň
göwni suw içmedi. Indi olaryň “ýygan ýandagyny” gaty horan bolaýmasa, çümhörek
düýe-de iýmeýärdi.
Baý gaýtarma hakdaky öňki sowalyny ýene gaýtalady. Hasana ýene dymdy.
Nyýazmuhammet baý onuň ýagdaýyna düşündi, şonuň üçinem tukatlandy.
Şöhratparazlygyň, ýaranjaňlygyň etdirmejek wejeralygy, baş goşdyrmajak
bihaýalygy bolmaýar ekeni. Nyýazmuhammet baý Maryda saryk, salyryň arasynda öz
häkimligini has-da berkitmäge, soňabaka hem Saragt tekeleriniň üstündenem hanlyk
etmäge ymtylyp, elinden gelenini etmelidi. Mädeminiň dura-bara ähli türkmeni özüne
tabyn etjekdigine ol ynanýardy, Hywanyň güýjüni bolsa hut öz güýji hasaplaýardy.
Özüniň güýjemegi üçinem şu gezek Mädeminiň göwnünden turjak hyzmat
görkezmelidi. Emma onuň şor maňlaýyna, saý-sebäp bilen gelen uly myhmanyň
goltugyna salar ýaly hoşsurat gyz hem tapylmaýardy. Onuň dogrudanam
tapylmanyna Nyýazmuhammet baý ynansa-da, Mädemin hanyň ynanmajagy welin
bellidi. “Duz bilen gyza-da gytçylyk aralaşjak eken-ow!” diýip, içini gepleden baý,
bahar aýy güle-gülälege meňzäp, gül-gülälekli meýdana çykýan saryk, salyr
gyzlaryny göz öňüne getirdi, göwün ýüwürtdi.
Şöhratparazlyk Nyýazmuhammet baýy adamçylygyň geçmäge milt edip
bilmejek serhedindenem ätlemäge mejbur etdi. Ol ukudan açylan ýaly bolup,
Hasananyň gulagyna pyşyrdady.
—Aýsuluwy getir bu ýana! Ýöne ol barada ýeke ynsan bir zat biläýse, şol
günüň özünde aýdanyňam, eşideniňem başyny alaryn. Şuny berk belle.
Aýsuluw Nyýazmuhammet baýyň öz gyzydy. Baý on alty ýaşly, diýseň
görmegeý gyzyny üç aý mundan ozal Mädemine jany-teni bilen hyzmat edýän
Bekmyrat tekäniň uly ogluna äre beripdi. Ol häzir atasynyň öýünde gaýtarma bolup
gezip ýördi...
- 119 -
Kän mahal geçmän, uzyn boýly, owadan gara gözli, inçebil Aýsuluw jaýa
girdi.
Ol ýüzüniň ýarysyny eli bilen tutup, gapynyň agzynda keserip durdy-da:
—Ata, çagyran ekeniňiz?!—diýdi.
Gaharlydygyny gizlemek islän baý, emeli ýol bilenem bolsa, gülümjiredi:
—Aýsuluw jan, balam, näme tukat görünýäň? Sen bu gün şat bolmalysyň, şat
görünmelisiň. Seň ataň öýüne beýik Hywanyň belent hany myhmançylyga gelýä. Sen
bu gün şady-horram bolmalysyň. Sen öýüne otuz müň atly myhman gelýän goly giň
atanyň gyzysyň, balam. Sen oňa şat bolmalysyň...
Ýygra gaýtarmanyň sesi çalaja çykdy:
—Men oňa gaty şat, ata!
—Şat bol, gyzym, şat bol. Meniň abraýym—seniň abraýyň. Ikimiziň
abraýymyz—tutuş Mary iliniň abraýy...
—Men oňa düşünýän, ata.
—Düşüneniň gowy,gyzym.Biz bu gije, tä daňdana çenli ulug myhmanymyz
bilen söhbet açyp oturmaly. Görübilmedigiň gözi çyksyn! Ojagymyzda aýşy-aşrat
başlanar. Uly il haýrana galar.. Senem, balam, biz bilen oturmaly bolarsyň.
Aýsuluw çalaja hereketlendi, emma sesini çykarmady.
Nyýazmuhammet gyzyna täsir etjek gep agtardy. Ýöne islegine laýyk söz hem
tapmady. Her niçik-de bolsa öz gyzyna “Han bilen bir gije ýakyn bol’ diýip, göni
aýdaýmak Nyýazmuhammede-de ýeňil düşmedi. Barybir, ol aýlawly sözleriň üsti
bilenem bolsa, gyzyna aýtmalysyny aýtmaga mejbur boldy.
—Senem, balam, myhmanlaryň arasynda oturarsyň. Sen, balam, Aýsuluw jan,
iň ketde myhman bolan Muhammedemin hanyň agzyna eňgur tutup bermeli
bolarsyň..
Aýlawly sözleriň hakyky manysyna tiz düşünen Aýsuluw tisginip gitdi. Onuň
sesi atasynyň gulagyna öz gyzynyň sesi däl bolup eşidildi.
—Ýok, men hanyň agzyna eňgur tutup bermen, ata. Ol aýyp bolar..
—Oň aýby bolmaz, balam, aýby bolmaz. Seniň han agzyna eňgur tutan
gollaryň her gezek ýokaryk galanda, ataň abraýam bir gez beýgeler. Sen oýlan,
gyzym!
Ýüzüniň ýaryny gizläp duran elini ýaňagyndan aýran Aýsuluw aýgytly sypata
geçdi:
—Ýok, ata, men ony başarman. Siz meni agzyna eňgur tutdurmak üçin ozal
birine berdiňiz. Şol maňa bes.
Baý öz gyzyny yrmaga täsirli söz agtaryp, aşak seretdi. Onuň gözüne kaklyşan
täze halynyň gölleri hem gyz bolup göründi. Ol ýene bir zat diýmek üçin başyny
galdyranda, gyzyna gözi ilmedi. Atasynyň jogabyny beren gyz eýýäm jaýdan çykyp
giden eken. Oňa haýran bolup yza tesen baý, Mädemin hana niýetlenen körpeçäniň
üstüne agdarylyp gitdi.

- 120 -
Afsalýolly Tährana dolanyp barandan soň, kän wagt geçmän, Saragta
Sadryagzamyň adyndan täze bir hat geldi. Ol hatda ozal berlen wadanyň çyndygyny
tekrarlamak üçin onuň bir şertiniň tizden-tiz berjaý edilmelidigi, ýagny kyrk öýli
turkmeniň girew iberilmelidigi hakda aýdylýardy.
Bu gün girew üçin gitmeli adamlar ugradylýardy. Şonuň üçinem Saragt
galasynyň öňi uly galmagaldy. Gidýän kyrk öýli bolsa-da, ahli teke Eýrana göçýän
ýaly Saragt sebitiniň köp ýerinden gaty kän adam gelipdi—kim gidýärdi, kim gidýäni
ugradýardy. Gäwüş gaýtaryp oturan inerleriň ýanyndaky elleri ýanagaçdyr tanaply,
toýnukly adamlar düýelere ýük urmaga häzirlenýärdiler. Kim gara öýüň uklaryny
goltuklap gelse, kim bir düýeden düşürilen tüýnügi başga bir düýä ýükleýärdi.
Suwdan doly meşikler, azykly çuwallar onda-munda pytraşyp ýatyrdy. Görnüş
guýynyň başynda ýük ýazdyran çarwa göçüni ýatladýardy.
Köne derwezäniň alkymanda Oraz Ýagly, Gowşut han, Seýitmuhammet işan,
Pendi baý,Amansähet serdar bäşisi durdy. Olar bir zadyň gürrüňini edýärdiler.
Ýaşulularyň golaýragyndaky uzyn boýly, tegelekden nurana ýüzli, egni agar
çäkmenli ýigit, edilýän gürrüňe goşulman, ýüzüni aşak salyp, donunyň bagjygyny
oýnap durdy. Ol Ňepes mollanyň uly ogly Muhammedrahymdy.
Az salym geçensoň, orta boýly, aýagy gara ädikli, dolmüş ýigit geldi-de,
ýaşulylar bilen salamlaşansoň, Muhammedrahymyň ýanyna baryp saklandy. Ol Oraz
Ýaglynyň ogly Sahytnyýazdy.
—Sen, ogul, o ýerde durma-da, hanyň alnyna bar. Seni han çagyrdy—diýip,
goja ogluna ýüzlendi.
Sahytnyýaz baş hanyň golaýyna bardy.
—Kakaňam ozal habardar edendir, inim--diýip, Gowşut han oňa ýüzlendi.—
Men seni Eýrana atarmakçy. Muhammedrahym ikiňiz girewe ugraýanlar bilen
gidersiňiz. Ikiňizem sowadyny çykan adam. Kyrk öýliniň girewe goýlandygyny
tekrarlaýan hat alyp gaýdarsyňyz..
—Men razy, han aga, Ýöne..—diýip, Sahytnyýaz gyssandy.—Ýöne haty
kimden almaly? Muhammedrahym ikimiz şa huzuryna baryp bilmeris ahyryn?
—Size şa huzuryna barmak hajaty ýok. Hat işiňizi Sadryagzam wezir
bitirer.Sadryagzamyň adamlary girewi has bärde garşylamalydyrlar.Siziň Tährana ýa
Maşada barmak aladaňyzam bolmaz.
Günbatar tarapdan gelen tüpeň sesi hanyň sözüni böldi. Duranlar üşerilişdiler.
Ajygam depäniň üstünden bir ak atly göründi.
—Ýagmyryň aty!—diýip, Pendi baý ony tanady.
Ýagmyr diýilýän Nepes mollanyň ýany bilen kerwene goşulyp, Ahala galla
äkiden ýigitleriň biridi. Tüpeň atylmagy bolsa uzak ýola giden adamlaryň aman-esen
dolanandyklaryny habar berýärdi. Olaryň gidenine ýigrimi gündenem kän geçenden
soň, Saragtda birneme biynjalyk hem bolunýardy.
Üç-dört sany ýigit Ajygam depä tarap at saldy.
Galanyň töwereginde üýşmeleň bolsa, mydama gelip ýetýän Atanazar batyl bu
gezegem köne endigini bozmady. Ol indi telim ýyl bäri gaýtalap ýören şol bir
aýdymyny aýdyp, gala tarap ýönelenden, işli-işiniň arasyny bölüp, tanyş sese diň
saldy. Hatda düýeler-de, bir zadyň bardygyny duýýan ýaly, goja tarap seredişdiler.
Atanazar aganyň agtygy ýarym ýylyň içinde esli tokarlanypdy ýa-da başyndaky gaba
- 121 -
gyrkma telpegi ony tokar görkezýärdi. Atasy galanyň agzyndaky duranlar bilen
görüşende, oba-oba aýlanyp, köpden edep gören oglanjygam, edil uly adam ýaly
bolup, ýaşulylar bilen gol gowşuryp salamlaşdy.
—Atanazar aga, ilde näme gep bar?—diýip,Amansähet serdar derrew sowal
berdi.
Atanazar aga endigine görä, agtygynyň egninde elini goýdy:
—Ilde gep köp. Ýöne gepiň iň tommaýlysy—müň lek goşuna baş bolan
Mädemin han Mara gelip, goş ýazdyrypdyr. Saragt bilenem il bolmak isleýämiş.
— Habaryň başy gowy bolmasa-da, soňy gowy. Saragt bilen il bolýanyň sany
köpelse, oňa ýetesi zat ýok—diýip, Oraz Ýagly, näme üçindir, ýaňsyly ýaly äheň
bilen gepledi. –Iliň üstüne goşun getirip, il bolunýamyka?..
Adamlar Nepes mollanyň gelerine garaşýardylar. Emma Ajygam depe tarapdan
şol ak atlydan gaýry gara görünmeýärdi.
Birden garaşylýan tarapdan däl-de, galanyň gündogaryndan dört-bäş sany atlyýaragly adam göründi. Olaryň iň öňdäkisini Oraz Ýagly tanady. Gara atyň üstünde
gaýşarylyp oturan ol oglansypat kişi Babanyýaz atlykdy. Oraz Ýagly dört ýyl
mundan ozal Hywa baranda, haýsy wezipäni amal edýändigini bilmese-de, onyu hana
golaý adamlaryň biridigini aňypdy.
Atlylar on-on bäş adim golaýa gelip jylaw çekdiler. Eýerden düşen Babanyýaz
atlyk öz atynyň jylawyny ýoldaşlarynyň birine tutdurdy-da, duranlaryň ýanyna
gelensoň:
—Essalawmaleýkum!—diýip, haýkyryp salam berdi, çalt-çalt ädim urup,
öňürti Oraz Ýagly, soňam beýlekiler bilen görüşdi.
Köpi gören Oraz Ýagly ýagdaýyň magadyna ýetdi. Ol, gaýtaryljak jogaby
öňünden aňsa-da, sypaýyçylykly gepledi.
—Musulman bendeleri, eger-de ki siz myhman bolup gelen bolsaňyz-a,
atyňyzy keçeläli—myhmanymyz boluň. Geçip barýan ýolagçy bolsaňyzam, atyňyzy
tutaly—duz-tagam dadyp geçiň. Ikisinem makul kylmasaňyz, onda habaryňyzy
aýdyp duruň!
Babanyýaz atlyk mylaýym sözledi:
—Han aga, biz uzak ýoldan gelen ilçilermiz. Biz mertebesi belent Muhammet
Emin hannyň sizlere goýberen mähtubyny alyp geldik.
—He, ilçi diýsene. Köp ýagşy!
Ilçi donunyň goltugyndan çykaran kagyzyny Oraz Ýagla uzatdy. Han ony alma
dy-da, Gowşut hana tarap elini salgady.
—Teke hany Gowşut han. Habaryňyz bolsa, maňa däl, oňa beriň!
Han öňünde tagzym etmek mekdebini kemsiz geçen Babanyýaz atlyk Gowşut
hana baş egende, onuň at üstünde oturan ýoldaşlary hem şol hereketi gaýtaladylar.
Hatda ýazylmagyna görä, “Saý-sebäp bilen” Mary topragynda düşlän Hywa
hany teke hanyna hem tutuş Saragt ilatyna dogaý salam gönderýärdi, köp-köp
ýagşylyklar dileýärdi, yzyndanam, “Eger Huda halasa”, Gowşut hanyň öz huzuryna
gelip-gitmegini towakga edýärdi.
Elbetde, beýle sypaýçylyky hatyň yzynyň döwmesi kyn çöpüniň bolmalydygy
Gowşut hana düşnüklidi. Ol birneme wagt utmalydy. Onsuzam ol ilçileriň yzy bilen
- 122 -
Mara tarap atlanybermekçi däldi welin, girew üçin gidýänleriň Eýrana aşandyklaryna
göz ýetirmän, Mädemin bilen duşuşmak islemeýärdi
Ýene bir gezek hödürlenen duz-tagam iýmek mürähedini kabul etmedik ilçileri
teke hanynyň häzir zerur aladasynyň bardygy, onuň ýene dort-bäş günden Mädemin
hanyň huzurynda boljakdygyny aýdyp, ýola saldylar...
Girewe gidýänleriň hem olary ugradýanlaryň arasynda ýaşulular bilen aýlanyp
ýören Gowşut han ýerinden turan ineriň gapdalynda aýak çekdi. Ol ýerde uzyn boýly,
gürzelek sakgally goja durdy. Onuň gapdalynda ýaş ýigit hem burnunyň üstünden
ýaşmak aýlan gelin bardy. Gelin hanyň gözüniň alnynda elindäki bir ýaşlaryndaky
çagany aksakala berdi-de, hünübirýan aglamaga başlady.
Çagany bagryna basan goja birhili tutuksy ses bilen:
—Goý, gelin, gözýaş etme!—diýdi.—Pelek işidir bu zatlar. Alla ugruna etse,
sag-aman ýurda dolanarsyňyz.
Çaga boýnundan ýapyşanda, ýaşulynyň özi hem hapa bolman durup bilmedi.
Ol öz ýagdaýyny töwerekden gizlemek niýeti bilen, agtygyna güýmenen boldy.
Emma onuň sesi welin garyljyk çykdy:
—Babagammarym, how! Gammar babam, how! Sen gelinçäň,garry ataň
garaşar, how! Goçjak ýigit bolup gelersiň, how!
Gowşut han ýaşula golaýlap, salam berdi.
Ýaşuly salam alsa-da, hapa bolanyna utanyp, hanyň ýüzüne garap bilmedi.
Hanyň:
—Mert bol, agam. “Il bilen gelen toý-da—baýram”—diýen sözleri gojany
birneme gurplandyrdy.
—“Il bilen gelen toý-da-baýram”, han aga. Mertdiris, bolarysam, enşalla.
Ýurda gerek bolsa, Eýran däl, ondan aňyrragam gideris.
—Şeý diý, agam. Bizem şü göç-hä-göçlügi keýpihon edemzok.
—Oňa-da akylymaz çatýa, han...
Baharyň ilkinji aýynyň tutuk asmanyndan damja damyp başlady.
Arkaýynçylyk bolanlygynda, maşgalasyny girewçi edip ugradýan ýaşuly: “Ýagaweri,
gurbany boldugym!” diýip, ýagmyry ýüzüne sylardy. Emma ol bu mahal ygal hakda
oýlanman, diňe näçe mahallykdygy hem näbelli girewçilik barada pikir edýärdi.
Ajygam depe tarapdan täzeden galmagal eşidildi. Üsti ýükli kerwen göründi.
Ahalda tapyldygyndan ýarag alyp gelýän Nepes molla Saragta dolanypdy.
Uzakdan Nepes molla gözi düşüp, girew ugradýanynam az salymlyk unudan
Gowşut han Ajygam depä tarap ýöneldi. Ol dört-bäş ädensoň, başyndaky telpegini
eline alanynam özi duýmady. Baharyň ilkinji damjalary bolsa, hanyň giň maňlaýyna
gelip düşýärdi.
Hywa goşunynyň öňbaşçylarynyň Nyýazmuhammet baýyň kabulhanasynda
iýip-içip, keýp-sapa çekip ýörendikleriniň habary Arnaguly sarygyňam gulagyna
ýetdi. Ol bir gün-ýarym gün iç girip-daş çykyp, töwerege ser saldy. Üýtgeşik zat
görünmedi. Obada öňki-öňkülikdi, imisalalykdy.
- 123 -
Bir gün Arnaguly başga-da daşarda, öýüň ykyşynda, elindäki çöp bilen ýer
dyrmap otyrdy. Birden ol:
—Ýeri-ow, Arnaguly!—diýen ses eşitdi.—Näme beýle agyr oýa batypsyň-la?
Arnaguly başyny galdyranda, garry eşegiň üstünde oturan müçesi juda kiçi
ýaşula gözi düşdi. Ol salam berensoňam:
—Aý, şü düşnüksiz dünýä hakda oýlanyp otyryn—diýdi.
Eşegini saklap, elindäki taýagy bilen boýnunyň ýüzüni gaşan goja:
—Bi dünýäni henize çenli, oýlana-oýlana tutan adam-a bolan däldir—diýdi.-Senem gör-dä, Arnaguly. Mädemin goşun tartyp gelipdir welin, habaryň barmy?
—Ýurduna müňläp goşun geler-de, ony eşitmän galan adam bolarmy?
—Onda-da, bi, seň at heläk, özüň heläk, çapar bolup gidip-gelen teke
garyndaşlaňdanam gara berýäni ýok. Ýa olar Mädemin Hywa dolanansoň,
geljekmikäler?
—Şonda gelselerem bir hasap..
—Şu mahal gelmejek tekeler hywalylar gidensoňam, gelmän geçsinler!
—Beýle güýçli ýagyň öňünde teke-saryk-salyr bile-de durup biljek däldir-dä.
Arnagulynyň sypaýyçylykly sözleri-de ýaşulyny köşeşdirmedi. Gaýtam, ol
Mädeminiň Mara dökülmeginiň sebäbi Arnaguluda ýaly, ýene hüjüm etdi.
—Onda näme üçin sen dilegçi ýaly bolup, Saragta gitdiň? Möhümiň
bitmejegini bilip durkaň, gitmeli däl ekeniň-dä.
--Men ýagyň gelýändigini olara duýdurmak üçin gitdim-ä. O nähili dilegçilik
bolýamyş?
--Barybir ol dilegçilik bolýa.
Ozalam bozuk keýpini öňküsindenem beter bozmajak bolup, Arnaguly:
—Suhty obasynda Ýagşymyrat diýen bir gepe çeper saryk bar. Şol käte özi
hakda düzen gazalyny aýdýa.—diýdi...
—O nä gazal?
—“Ýolötenden gelordym,
Bir sepjejik dilordym.
Bermejegnem bilordym,
Bermese-de, dilordym” diýýä. Bu bir degişme. Menem şol degişmedäki dilegçi
------1). Sepje—terne.
diýip hasap edäý sen.Men gaty görmäýin. Ýöne özüň bedew atyň däl-de, garry eşegiň
üstünde otyrkaň, ýerliksiz gyjalat beren bolmak...Türkmeniň öňde- soňda öýüni
ýykjak boş gomparmagy bilen biri birini äsrermezligi bolar. Senem erkek adam.
Mädeminiň garşysyna özüň näme hereket etdiň?..
Ýaşuly ýa-ha ýalňyşyna düşündi ýa-da Arnagulynyň kem-kemden sesini
gataldyp, kem-kemden gyzyp barşyndan heder etdi, garaz, onuň ýanyndan tizräk
daşlaşmak bilen boldy.
Ýerinden turan Arnaguly birsellem töweregine garap durandan soň, öýüne
girdi.Ol gapyny içinden ýapyp, töre geçende aýaly:
- 124 -
—Näme gapyny ýapýaň? Ýagty jahany bir görüp oturaly-da!—diýdi
—Gapyňy açyp,içerik goýberer ýaly daşarda gowulyk barmyşmy?—diýen öý
eýesi töre geçdi-de, çäkmenini üstüne ýapynyp ýatyberdi.
—Saňa näme boldy?—diýip, onuň hereketini birneme geň gören aýaly sowal
berdi.
—Ýas tutýan. Senem ýas tut.
Arnagulynyň kellesinde aç gurçuk ýaly bolup aýlanmaga başlan pikir Mary
bilen Saragtyň arasynda at saldy. Ol pikir kä ýany müňlerçe ýigitli Mara kömege
gelýän Gowşut hanyň gapdalyndan at goşsa, kä saryk ýigitlerini alyp, Saragta tarap
ýöneldi. Ýöne bu çykalgasyz iş başyna düşen adamynyň netijesiz arzuwydy.
Daşardan at aýagynyň dükürdisi gelmäge başlady. Arnaguly ony ýagşa ýordy.
Ýöne hakykat ýagşy ýorgudyň öňüni kesdi. Ol ýerinden turup ugranda, gapa
degen urgy öýi sarsdyrdy.
—Palta hakymy beriň!
Ses ýene gaýtalandy. Arnaguly gapyny açdy. Işikde iki sany atly durdy.
Olaryň, näme üçindir, ulusy däl-de, ýaş oglandygy sesindenem bildirip durany
gepledi:
—Näme, gulagyň kermidi? Palta hakymyzy ber!
Atlylaryň elinde, dogrudanam, uzyn saply aýpaltajyk bardy.
Gyzma Arnaguly sandyrady, tolgundy. Emma daşarda-da gapy syryp ýören
atlylara gözi düşenden soň, “Ýekäniň çaňynyň çykmajakdygyna” akyl ýetirdi. Bolsada, geplemäm saklanyp bilmedi:
—Jan berene jaý berseňiz bolmadymy?
Bu gezek ýaşulurak nöker dillendi:
—Bize seň janyň gerek gäl. Janyň özüňde durubersin. Palta hakymyzy ber.
Arnaguly öýüň içine göz aýlady. Emma hiç zatda nazary eglenmedi. Onýança
atdan towsup düşen ýaş nöker paltasyny ýoldaşynyň eline berdi-de, öýe kürsäp girdi.
Ol törde ýatan saryk gölli kiçijik halyny dolap aldy. Arnaguly hem nökeriň yzy bilen
daş çykdy. Hataryň ugrunda onuň gözüne ilen on-ýigrimi sany atly boldy.
Olar hem Mädeminiň saryklardan “palta haky” ýygnaýanlarydy..
Goşun çekip Mara gelen Mädeminiň Saragta-da aralaşjakdygynyň ikuçsyzdygy
Hojam Şüküriň soňky wagtlarda birneme köşeşen tarapdarlaryny gaýtadan
janlandyrdy. Olar il içinde wagyz geçirmäge başladylar. Maksat Gowşut hanyň il
arasynda barha beýgelýän abraýyny peseltmek, ony gözden düşürmekden ybaratdy.
Beýle maksady amala aşyrmak üçin bolsa häzir, megerem, ýene bir gezek
gabat gelmegi gaty gümana ýapyşalga bardy. Ýaýradylýan gep-gürrüňe “hä” diýseň,
Gowşut tekä han saýlanman, Hojam Şükür ornunda duran bolsa, Saragt üçin Hywa
howpy döremeli hem däldi. Mädemin tekeleri däl-de, hut Gowşut hany
halamaýandygy üçin Saragta göz görkezmek isleýärdi. Eger şu mahal Hojam Şükür
baş hanlyga gaýtadan saýlanaýsa, abanan howp öz-özünden ýitip gitmelidi. Elbetde,
bu gürrüňler esassyzdygyna garamazdan, Gowşut nanyň tarapdarlaryny-da
oýlandyrman durmaýardy. Çünki haýsy sebäbe görä dörejekdigine garamazdan,
- 125 -
Hywa bilen Saragt çaknyşaýsa, uly gandöküşlik bolmalydy. Gandöküşlik başlansada, kim atadan, kim oguldan jyda düşmelidi. Şol gürrüňleriň gapdaly bilen Hywanyň
diňe Gowşut hany halamaýandygyny, diňe şondan dynmak isleýändigini tekrarlamak
üçin Mädeminiň teke hanynyň başy üçin köp mukdarda teňňe baýragyny yglan
edendigi, şonuň üçinem Hywa jansyzlarynyň häzir Saragtda bukdaklap ýörendigi
hakda-da dowul ýaýradylýardy. Şonlukda, hüşgärlikde özüni şeýtandanam rüstem
hasaplaýan mekirsumaklar delräk eşikli adam görselerem, ony Hywanyň jansyzydyr
öýdüp şübhelendi.
Il arasyna ýaýraýan gürrüňler, kem-käsleýin bolsa-da, Gowşut hanyň gulagyna
hem baryp ýetýärdi. “Myş-myşlaryň” nireden, nähili ýol bilen döreýändigine ol
düşünýärdi. Oňa garamazdan, baş handa kimdigini tanatman, köpçüligiň gepgürrüňini öz gulagy bilen eşitmek islegi döredi.
Bahar entek tebigatyň üstünden öz hökümini doly ýöredip başlamadygam
bolsa, birki gün bäri howa gaty maýyldy. Hatda uzak wagtlap halys irizen içi letdeli
galyň donlary gündizugra çykaryp taşlamaly hem boldy.
Maýyl howa bolsa, Aý hem aýdyň bolsa, agşamlaryna garaňky tünekde busup
oturmagy halamaýan adamlaryň dört obanyň ortasyndaky Uzyndepäniň üstünde
ýygnanýandyklaryndan baş han habarlydy. Diňe ýaş-ýeleňler däl, sakgaly
guşaklygyna düşüp duran gojalaram ol ýere üýşüp, düzzüm oýnardylar, ýomak
atyşardylar, şeýdip, gijäniň uzyn tanapyny birneme gysgaldardylar.
Uzyndepe üstüne at derledip çykylýan belentligem däldi-de, adammy ýa-da
tebigat tarapyndan edilendigi-de belli däl gum üýşmegidi. Onuň depesiniň tekiz
meýdany taýagatymdanam giňdi.
Gowşut han maýyl howadan, Aýly agşamdan peýdalanmaly etdi. Ol ýanyna
diňe Kelhan Kepeläni alyp, gün mazaly ýaşandan soň, Uzyndepä tarap ugrady.
Geçilmeli ýol ep-esli bar hem bolsa, her kim öz içki dünýäsine berlip,iki ýoldaşyň
arasynda gep-gürrüň bolmady. Ahyr Kelhan Kepele ol dünýäden daş çykdy, ýone
çykan dünýäsinde eden pikirinem alyp çykdy:
—Han, bütüki, awşarlaram Mädeminiň tarapyny tutýamyş diýýäler-le. Bu
nähili gep boldy?
—Kelhan, “Baýyň bajasy kän, guluň hojasy” diýipdirler welin, o gepi Hojam
Şükür hanyň adamlary tapýa. Nämüçindiginem özüň bilýäň. Awşarlar Hywaň
tarapyna geçmez. Eger türkmen üste Nasretdin çozsa welin, awşarlar Eýranyň
tarapyny çalar. Olaň kethudasyna Ýusup han diýýäler. Ýusup han mydama güýçliň
tarapyndadyr. Dumly-duşdan bähbitli dost tutunmagy halaýan adam. “Dosty köpüň-dosty bolmaz” diýen gepem bar. Kim bilýä...
Gowşut gepini Kelhan üçin onçakly düşnükli etmän goýdy. Ol ýagdaý hem
ussany ýene öňki dünýäsine alyp gitdi. Emma Kelhan ol ýerde uzak saklanmady.
—Medet diläp baraly diýsek, bize arka duraýjak goňşy-golamam ýogaýt!
—Aýalyň kazy bolsa, arzyňy kime aýdarsyň? Goňşy diýýäniňem özi seň
üstüňe top süýräp gelýä. Diňe özüňe daýanaýmasaň...
—Ahaldan näme habar?
—Ahaldanam hantama bolar ýaly belli habar ýok, Kelhan. Şu güne deňiç diňe
Ýalkap serdardan habar geldi. Ol öz Bamysynyň ýigitlerini lemleýämiş.
—Oňa-da şükür et, han. “Haýt” diýmegem düýä medet!”
- 126 -
—Onyňam dürs.
Ara düşen dymyşlygy ýene Kelhan Kepele bozdy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gowşut han (Saragt galasy) - 13
  • Parts
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 01
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2204
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 02
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 2115
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 03
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2148
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 04
    Total number of words is 3873
    Total number of unique words is 2177
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 05
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2155
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 06
    Total number of words is 3811
    Total number of unique words is 2149
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 07
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2157
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 08
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2173
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 09
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 2166
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 10
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2144
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 11
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2187
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 12
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2180
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 13
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2197
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 14
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2141
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 15
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2172
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 16
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2134
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 17
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 2059
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 18
    Total number of words is 2341
    Total number of unique words is 1456
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.