Latin

Gowşut han (Saragt galasy) - 02

Total number of words is 3762
Total number of unique words is 2115
31.5 of words are in the 2000 most common words
44.9 of words are in the 5000 most common words
52.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gyzlar täze gelniň üstaşyry seçilýän igdedir, kişdeleri ulularyň aýaklaryna çolaşyp
çöpleýärdiler. Ýaş gelinleriň, gyzlaryň käbirleri bolsa, şol gyssagarada hem täze
gelniň ýüzüni görjek bolup dyrjaşýardy.
Erkek adamlaryň ýagdaýy bolsa, toý bahanasy bilen maslahata ýygnanan
geňeşçileriňkä meňzeýärdi. Uzak-ýakyndan gelen myhmanlara, goňşy-golam
aksakallaryna giň teläriň aşagy darlyk edýärdi.
Kim düýnde-öňňunda gajarlaryň haýsydyr bir obany talap gidişlerini aýtsa,
kim Mädemin hanyň nökerleriniň edýän gabahat işlerini ýatlady. Gürrüň Mädeminiň
nökerleriniň üstünden baranda, gassapçylyk ede-ede aransoň, bir gyrada gyşaryp
ýatan Kelhan Kepele dikelmäge ýaltanýan ýaly, ýatyşyny üýtgetmän, Nepes molla
ýüzlendi:
—Molla, şütüki, Mädeminiň enesi ýalamadyk nökerlerini usullyk bilen itden
çykaraýsaň, niçik borka?
Şahyr ýene çep eliniň süýem barmagyny murtuna ýetirip, ýaňsyly ýaly
ýylgyrdy.
—Geň galaýmaň, adamlar, içi ýananyňam öz gülküsi bolarmyşyn...
—Olary itden çykarmak üçin gaýrat gerek, Kelhan Kepele, gaýrat—diýip,
kimdir biri şahyra sözüni dowam etdirtmän, gygyrdy. Yzyndanam ol ýanynda
oturanyň gulagyna pyşyrdady.—Kelhan Kepele-hä tüýs han saýlaýmaly adam ekeni.
Soňuna garaman, öňüni çapjak.
Pyşyrdy gulagyna ýeten Kelhan Kepele gobsundy.
—Gaýrat-ha, ogul, şu oturanlaryň bijeden galanynda-da bardyr. Ýöne
öňbaşçymyz gaýratsyz diýseň, başga gep.
Ýaňky adam indi açyk gepledi:
—Gaýratymyz bolanda, ikimiziň aljak galamyz barmy? Mädeminiň nökerleri
öz mülküň içinde at oýnadyp, tümmüle gelen bugdaýyňy weýran edende-de, kowup
çykaryp bileňok-da...
Äwmezek Kelhan Kepelä ol sözler çalaja-da täsir etmedi. Märekäniň gülküsem
onuň ýüzüni gyzartmady. Gaýtam ol hiç hili ýakymsyz gep eşitmedik ýaly giňlik
bilen gepledi:
Olar meň bugdaýymyň ýele ýanyndanam geçip bilenoklar. Meňkiň ýanynda
Gowşudyň bugdaýçylygy bar ahyryn!
—Bolanda näme?
—Bolanda, olar Gowşudyň gözüni görenden ýumlugyberýäler.
—Mädeminiň nökerlerine göz görkezer ýaly kimmiş o Gowşut?
—Öwezdurdy serdaryň uly ogly bolmaly ol—diýip, Kelhan Kepele şol
sowalyň beriljegini öňünden bilýän ýaly, sowal aýdylyp-aýdylmanka, jogap gaýtardy.
Esli wagt bäri dymyp oturan Seýitmuhammet işan söze goşuldy:
- 12 -
—Il-halaýyk şo Taňry bendesiniň gürrüňini-hä kän edýä welin, elbet, jyny
güýçlidir-dä. Mekany jennet bolgaý atamyz pakyr aýdardy: «Zübda adamlar
bolarmyş, beýle ki adamyň gözünden mar-da gorkarmyş” diýerdi...
Märekä golaý gelip duran selçeň sakgally arryk adam:
—Haý, millet, eşitmedim diýme, öýleden soň toý göreşi boljakdyr—diýip,
türkmen toýlarynyň iň şowhunly pursady barada habar berdi.
...Gün öýläne sananda, Pendi baýyň märekesiniň sany düýnküsindenem
köpeldi. Uly baýraklar goýlup tutulýan baý toýlarynyň seýrek bolýandygy sebäpli, bu
günki dabara örän uzaklardanam gelenler bardy.
Selçeň sakgally jarçy ýene peýda boldy.
—Biline, goşaryna göwni ýetýäniň orta çyk, ha-aw! Baýragyň bir öweç. Pendi
baýyň döwleti yrylmasyn! Orta çyk, ha-aw!
Kelhan Kepele gyşaryp ýatan ýerinden gepledi:
—Jally, bu gün bagşam aýtjakmydyr?
Ýene bir ýetirilmeli habary unudan jarçy sesine gaýtadan bat berdi:
—Agşam Aman bagşy aýdym aýtjakdyr. Gulagy poslanyň gelibermelidir, haw!
—Güm bolsana!—diýip, alkymynda gygyrylan Kelhan Kepele ýylgyryp,
nägilelik bildirdi.
Şol mahal gündogardaky üsti gamyşly baýryň aňyrsyndan peýda bolan bir
bölek atly toý märekesiniň ähli ünsüni özüne tarap öwürdi.
—“Gurt agzasaň, gurt geler” diýleni boldy biý-ä!
—Gelmän geçseler bolmyýamy şolar!
—Toýy bulamazlary ýaly, yzlaryna gaýtarmaly ekeni!
Soňky söz şahyryň göwnünden turmady. Ol, toýuň eýesi bolmasa-da, ynamly
gepledi:
—Toý üste gelen adam yzyna gaýtarylýan däldir. Her kimem bolsa, öz
rysgalyny iýip gitmeli bolar.
Pendi baýam hem çyny bilen hem-de şahyryň göwnüni götermek üçin:
—Göreşde ýykany-ha baýragyny alar, galanlaram damaklanyp gitjek ekenlerdä–diýdi.
Gelýänler Hywa hany Mädemin Ynagyň Mary hem Saragt türkmenlerinden
paç ýygnaýan nökerleriniň bir toparydy. Aýaklarynyň astyndaky owadan atlaryň zyba
gözel ýaly bolup gelişlerini göreniňde, göwnüň göterilibermelidi. Emma
üstündäkileriň zeperi bilen ol atlar hem toýda oturanlara ýek bolup göründi,
kädaýym-kädaýym olaryň ýiti toýnaklarynyň ilatyň göz dikip garaşýan däneçiligini
weýran edip gidişleri ýatlandy…
Hywa nökerleri toý telärine on-on bäş ädim golaýlansoňlar, jylaw çekip, salam
berdiler.
Toý eýesiniň yşaraty bilen Jally jarçy öz borjuny berjaý etdi.
—Ýigitler, toý üste geldiňiz, atdan düşüň. Meýliňiz bar bolsa, häzir toý göreşide başlanjak.
Nökerleriň öňbaşçysyna Hemraguly han diýýärdiler. Mary, Saragt
türkmenleriniň arasynda onuň adyny eşitmedik ýokdy. Ol Mädeminiň iň edermen
goldaşlarynyň biridi. Ýaşy ýaňy otuzdan agan ol ýigit örän tutanýerlidi, keserlidi.
Ýöriş mahallary ol mydama baş hanyň ýelesinde durýardy, onuň janpenasy bolup
- 13 -
hereket edýärdi. Hemraguly daş sypaty bilenem öz nökerlerinden parhlanýardy: adam
oturubermeli belent eginleri hywadony ýaraýyn diýýärdi, mydama gahara doly ala
gözleri ozalam agras ýüzüni has-da hyýrsyzlandyrýardy.
Salyr, saryk, tekäniň salgyt tölemekden birneme boýun gaçyrýandygy sebäpli,
Mädemin han nökerleriniň sanyny iki essä çenli köpeldip, nökerbaşylygyna hem
Hemragulyny belläpdi. Hemragulynyň öňbaşçylygyndaky han nökerleri Mädemini
nägile etmeýärdiler. Teke, saryk, salyrdan ýygnanýan harytlar Hywanyň Marydaky
dikmesi Nyýazmuhammet baýyň huzuryna ýollanýardy. Ol ýerden hem ýörite
kerwenler bilen Hywa aşyrylýardy.
Kä halatlarda, özlerine göwni ýetip, ata çykan türkmen ýigitleri galla, haly,
şaý-sep ýüklenen kerwenleri Hywa ýolunda talaýardylar. Beýle hereketiň bolsa
zyýandan gaýry netijesi ýokdy. Gaýtam, talanan pajyň öwezini doldurmak ýene
pukara ilatyň gerdenine düşýärdi.
...Hemraguly han öz daş görnüşine kybapdaş haýbatly gepledi:
—Göreş bar bolsa, atdanam düşeris, bil hem tutarys.
Atdan düşüp, düşege geçen nökerlere duz-tagam hödürlendi...
Toý göreşi başlandy. Pendi baý, Seýitmuhammet işan, Nepes molla hem ýene
dört-bäş sany aksakaldan özge hemmeler diýen ýaly göreş tutulýan ýere bardy.
Teläriň astynda galanlar bolsa şahyryň gürrüňini diňleýärdiler. Göreş tutulýan ýere
ýönelen kimdir birine gözi düşen şahyr, birdenem, öňki edip oturan gürrüňiniň
ugruny üýtgetdi:
—Ýollary ýazy üstünden düşende-hä bulaň kän bir bidüzgünçililik etmeleri
ýokdy welin, şol Kiçi kelden bolsa gerek, Mädeminiň nökerleri suwa-da
hojaýynçylyk etjek boluberipdirler.
Kiçi keliň öz ýeke ogly Mäligiň ýakyn dostudygyny bilýändigine garamazdan,
Pendi baý hem söze goşuldy:
—Il aýtmyşlaýyn, kowum-gardaşlary hem ondan geçipmişler. Ol Mädeminiň
nökerbaşysyna ýüz tutanmyş. “Özüm türkmenem bolsam, türkmenlerde gan algym
bar. Olar meň atamy öldürdiler” diýenmiş.
—Garry-gurta dagam gamçy galdyraýmasy barmyş oň.
—Şeýdýän bolsa-ha, ony atdan agdaraýsa bor welin, gözüň bilen görmän...
Ile ýagşylyk edip ýören atasy ýogalandan soň, Kiçi kel özüni oba kethudasy
edip bellärler öýdüp gaty ynanýardy. Emma ýaşululyk başga birine berildi. Şoňa
gahar edip, kalbynda kitüw saklan Kiçi kel öz obadaşlaryndan ar almak maksady
bilen Hemraguly hanyň nökerlerine goşuldy. Şondan soň onuň zeperi diňe
obadaşlaryna däl, başgalara-da ýetdi. Hemraguly han “Her iliň awuny öz tazysy bilen
awlamaga” tiz ökdeledi.
Göreş meýdanyndan gelýän galmagal güýjedi.
—Göter!
—Bas!
—Çilşirme sal!
—Hemraguly jan, gaňyr!
Galmagal Pendi baýy hem gobsundyrdy. Ýa-ha ol öz toýunda türkmeniň
muşakgatly ahwalatynyň ýatlanyp durulmagyny oňlamady, ýa-da toýy toý kaddyna
ýetirmek isledi. Ol töweregindäkilere garap ýylgyrjaklady.
- 14 -
— Bil tutup, baýrak almasagam, bil tutýanlara tomaşa etsek nädýä, molla?!
—Ýörüň bäri!
...Göreş meýdanynyň ortasynda Hemraguly han durdy. Onuň göwni hoşdy. Ala
donunyň iki ýeňi-de tirsegine çenli çermelendi, ýasy bileklerinde yzgarly topragyň
yzy bardy. Bu bolsa onuň kimdir biriniň kebzesini ýere degrendigine şaýatlyk
edýärdi. Az salymdan soň, Gurban baýrak goýlan öweji orta getirdi. Hemraguly
hanyň erni bir ýere gelmedi.
—Hudaýam baýa berer, gedaýam baýa berer, Pendi baýam baýa berer—diýip
kimdir biri başyny ýaýkady.
—Bijeli oglan aglamaz!—diýip, onuň ýanynda duran gepläniň ýüzüne
garaman, orta çykarylan öweje seredip durka dillendi.—Goşaryňa göwnüň ýetýän
bolsa, senem orta çyk-da, paýyňy al. Bolmasa-da...
Hemraguly han, abşarylyp durşuna, adat boýunça, baýrak alnan malyň
maňlaýyna elini degirdi-de, nökerlerine tarap göz aýlady.
Bir kowçum bolup duran han nökerleriniň arasyndan Kiçi kel saýlanyp çykdyda:
—Ýüz ýaşa, han aga!—diýip gygyrdy.
Kelhan Kepele saklanyp bilmedi:
—Şol ýüz ýaşasa, saňa tohumlyk goýup gider-dä!
Kiçi kel yzyna gaňrylyp, ol sözleriň kimiň agzyndan çykandygyny bilip gitdi.
Ol Hemragulynyň baýrak alan öwejini märekeden saýlap gelensoň, Kelhanyň edil
alkymyna bardy-da, başgalara eşitdirmejek bolýan ýaly, dişiniň arasyndan syzdyrdy:
—Dahanyňa mäkäm bol, ýalta öküz.
Kelhan welin, aýdýanyny töwerekden gizlejegem bolman, gygyryp gepledi:
—Öküz bolsaň-a iliňe, her hal, nepiň deger welin, sen ýaly ýadyň iti bolup
üýrýän ganjyk iline zeperli myhman çagyrar.
Kiçi Kelhanyň ýüzüne çüýjerilip seretdi:
—Kimiň niçiksi ganjykdygyny entek göreris. Ýöne men, item bolsam, şu pille
üýrmesiz mahaly üýrüp, baý agaň toýuny bulamaýyn. Ýogsam-a...—Ol ýalpyldawuk
saply hanjaryna elini ýetirdi.
Kelhan Kepele äwmedem.
—Hol ortada duran mähriban agaň syrty pohlapdyr. O pyçagyň bilen şoň
hapasyny gazap aýyr.
Kiçiniň içine ot düşdi, seňrigini ýygyrdy. Ol seňrigini ýygranda, öz tapan
deňeşdirmesi öz göwnünden turan Kelhan Kepele ýylgyrdy. Dogrudanam, seňrik
ýygyrmasy Kiçini gaharjaň güjüge meňzetdi. Tekepbir Kiçi başga ýer, başga mahal
bolanlygynda, belki-de, Kelhandan beýle kemsidiji gepleri eşidip, ýöne durmasa-da
durmazdy. Emma häzir ol Kelhandan ýumruk salaýsa ýa-da onuň tenine tyg çekäýse
aman sypmajakdygyna akyl ýetirýärdi. Bolsa-da, ol dilini welin saklamady.
—Hemraguly hanyň syrty arassadyr, seň ýaly ýalta öküziň syrty pohludyr.
—Bolmanda-da, sen ýaly ýalap ýöreni barka, Hemraguly hanyň syrty mydama
päkize bolar-da.
Petekesine ot düşse-de, gaýtarmaga jogap tapmadyk Kiçi dymmaly boldy.
Kiçi bilen Kelhanyň arasynda bolup geçýän dartgynlykdan olaryň özlerinden
başga hiç kimiň habary ýokdy. Hemmäniň nazary ortada, garşydaşyny ýeňen horaz
- 15 -
ýaly gabarylyp duran Hemragulydady. Göreşe tomaşa edýänleriň kalbynda “Eýsem
ähli baýragy Mädeminiň nökerleri alyp gidäýmeli bolarmy? Şunça türkmeniň içinden
bir Hemragulynyň kebzesini ýere degrip biljek ýeke adam tapylmazmy?” diýen sowal
at salýardy. Emma “Men bar” diýip, orta çykýan ýokdy.
Ara salym düşensoň, Jally jarçynyň sesi ýaňlandy:
—Babyr bilekliň bar bolsa, Hemraguly han bilen göreşe çyk. Baýragyň bir
tokludyr, ha-aw!
—Çyrlap ýörme-de, özüň orta çykaýsana!—diýip, biri degişdi.
—Wah, sese berilýän bolsa, Hemragulynyň bilini oňuraýmajakmy men?—
diýip, Jally hemişeki şähdiaçyklygy bilen çep goşaryny sag penjesi bilen tutdy—
Mende nä goşar bamy? Arryk towguň injigem bir, biýem bir.
Orta çykan bolmady.
Hemraguly han özüne garşydaş tapylmaýanyna çişip, ortada dähedemdessemleýärdi, töweregine halka bolup aýlanan adamlaryň ýüzlerine garaýardy. Onuň
nazary töwerekdäkiler bilen sözsüz sözleşýärdi: “Bilegi güýçliň barmy? Meni ýykyp
biljegiň barmy? Ýa-da Pendi baýyň goýan ähli baýragyny men alyp gitmelimi?”
diýýärdi. Emma oňa garaýan ýüzlerçe gözüň öňki bakyşy üýtgemeýärdi.
Hyzmat bilen gümra bolup ýören Gurban häzir alakjamasyny goýup, şunça
märekäniň içinden bir Hemragula garşydaş tapylmaýanyna aňk bolup durdy. Ol öz
nazaryndaky “Biriňiz çykyň ahyryn!” diýen haýyş bilen duranlaryň hemmesiniň
ýüzüne garap çykdy. Emma Gurbanyň umyt baglaýjak adamlarynyň ählisi ýaş ýigidiň
halys ýürekden ýollan isleginiň manysyna düşünmeýän ýaly bolup durdy.
Birdenem asla garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykdy.
Ýeňi çermelgi Kelhan Kepele orta geldi. Adamlar gülüşmedilerem,
pyşyrdaşmadylaram-da, bir-birleriniň ýüzüne geňgalyjylyk bilen seredişdiler.
Kelhan Kepele göwresine garanyňda daýaw adamlaryň hataryna girse-de, toý
pälwanlarynyň hataryndan däldi. Galyberse-de, ol bular ýaly ýerde Hemraguly han
ýalylar bilen bil tutuşjaklardan däldi. Ony Kelhanyň özi-de bilmelidi. Ony bilmesede, özüniň baýrak üçin orta çykmandygyny welin bilýärdi. Kelhanyň ýüzi
adatdakysyndan has agrasdy, garşydaşynyňky ýaly çakdanaşa daýaw bolmasa-da,
kelte biýz balak bilen gara hokga aralykdan görünýän tüýlek topugy ýogyndy.
Göreşiň şerti üç gezek ýykmakdy.
Hemraguly hanyň bilinden ebşitläp tutan Kelhan Kepele garşydaşyny
silkeşdirip ugranda, tomaşaçylar tolgunman durup bilmediler. Garşydaşlar bir-biregi
taýly gezek netijesiz göterenlerinden soň, ara sowuk-salalyk düşdi. Şol pursatdan
peýdalanan Kelhan Kepele Hemraguly hanyň aýagyna çilşirme salyp gaňyrdy.
Nökerbaşy süňňüne yza beren güýje çydap bilmän, kebzesini ýere degirmeli boldy.
Märekäniň şowhuny Saragt sährasyna sygmady:
—Berekella, Kelhan Kepele!
—Ogluň bolsun!
—Aýaly bolmadygyň nädip ogly bolsun!?
—Müň ýaşa, Kelhan Kepele!
—Baýragyň bolsa getiriber!
Emma Kelhan Kepelä baýrak berilmedi. Öňküsinde ahmal galan Hemraguly
han soňky iki tutuşygyň ikisinde-de Kelhany aňsatlyk bilen ýykdy.
- 16 -
Kelhan Kepele ýüzüni aşak salyp, meýdançadan çykyp barýarka, Kiçi kel oňa
söz gatyp galdy:
—Tapdyň-a deňeşjek adamyňy!
Kelhanyň gahary bokurdagyna geldi.
—Enesi ýalamadyk binamys diýsänim. Syrtyňda gaýratyň bolsa, çyk, seň bilen
bil tutaýyn. Eddil pohuňy jykdan çykan ýaly edäýmezmikäm. Kişi syrty bilen syrtly
boljak bolsaň, öz syrtyňy gorap bilmersiň, it ogly...
Kiçi ol sözleri eşitmediksirän bolup, gygyryp gitdi:
—Han pälwanyň baýragyny getiriň, ho-ow!
Kelhan Kepele tutuşda bilini gypjyndyrypmy, nämemi—adamlaryň öňüne
baransoň, birneme gyşarylybrak durdy. Onuň saklanan ýeri hem Pendi baý bilen
Nepes mollanyň ýany boldy.
Şahyr Kelhana ýylgyryp garady:
—“Ýigit garyp, namys baý” diýenlerini edäýdiňmi, Kelhan?
—Ýok, molla, men “Kasas kyýamata galmaz” diýenlerini etdim. Onsoňam
men o peläketi aldap-ogşap dagy ýykaýarmykam öýdüpdim welin, garaz, ol meň
çakym däl ekeni. Köpi gören tilki-dä...
—He-eý, Kelhan, Kelhan! Oňa Hywa toýlarynda bil tutup, serpaý alyp ýören
Hemraguly han diýerler. Ikimiz ýalynyň mekiru-alyny göre-göre gelendir ol. “Garry
serçe kepege aldanmaz” diýip eşitmänmidiň?
—Eşidipdim özün-ä welin, umyt diýenem bar-da, molla.—Birdenem Kelhan
Kepele Gurbana gözi düşüp gygyrdy—Gurban, inim, bir owurt suw getirsene. Halys
bokurdagym gurady...
Gurban suw dilemek üçin gelin-gyzly ak öýüň gapysyndan baranda, işikde oňa
gabat gelenem Karkara boldy. Bu gün toýdy. Herniçigem bolsa, Karkara-da toýa
gatnaşýardy. Toý güni ol hem hemmeler ýaly şat bolmalydy. Emma gyzyň ýüzüne
siňe sereden Gurban onuň gözlerinden şatlyga derek hasrat alamatyny okady. Beýle
ýagdaý Gurban üçin düşnüklidi.
..Suwly tabagy başyna çeken Kelhan Kepele bir eliniň ýeňsesi bilen agzyny
süpürdi-de:
—Ak gyz ýoldaşyň bolsun, inim!–diýdi..
Kelhan Kepele “ak gyz” diýse-de, Gurbanyň göz öňüne ak gyz däl-de,
saryýagyz Karkara geldi.
Ýene Kiçi keliň köpüň gulagyna ýakymsyz bolup eşidilen: “Han agaň
baýragyny getiriň!”diýen sözleri ýaňlandy.
Gurban bu gezek baýrak getirmedi. Ol Hemraguly hana bermek üçin ikinji
sapar baýrak getirmek islemeýärdi, gaýtam, baýrak getirmek pikirini hyýalyndanam
çykaryp, arzuw kölünde ýüzýärdi. Eger-de garry adamlaryň gürrüňini edýän ak
sakgally, ak ýapynjaly, ak selleli perişdeleri şu mahal onuň ýanyna gelip:
“Köşegim, dilegiň bolsa aýt, kabul kylarmyz” diýseler, Gurban diňe ýekeje zat
dilejekdi. Ol dileg hem baýlyk, at-esbap, düýrme gylyç, uzak ömür, zyba gözel
däldi-de, Hemraguly hany ýykar ýaly güýç-kuwwatdy. Hany ol perişdeler!
Ikinji baýrak hem gowşuryldy.
Hakyky pälwanda adamçylyk düşnügi bar bolsa, iki baýrak dagy alansoň,
märekede özüne garşydaş tapylmasa, toýuň hasam şüweleňli bolmagy üçin soňky
- 17 -
baýraklary indiki tutuşjaklara galdyryp, “Ýadadym” bahanasy bilen gyra çykar
oturyberer. Emma Hemraguly han welin, toý göreşiniň bu ýapyk kadasyna eýermedi.
Gyzykly başlanan toý göreşi gyzyksyz gutaryp barýardy. Indiki baýraklardan
hantama adamlaram ýagdaýyň özi aýdyňlaşýança, seslerini çykarman durjakdylar.
Kyn pursatda Pendi baýyň özi çykalga tapdy.
—Myhman pälwan, indi siz dem alaýyň, aransyňyzam—diýip, ol Hemraguly
hana ýüzlendi.—Kiçi baýraklar üçin kiçi pälwanlar orta çykaýsyn.
Baýyň sypaýçylykly sözleri kalbyndan turan pälwan hem-ä hoş bolup
ýylgyrdy, hemem, iki elini-de döşünde goýup, tagzym etdi.
Öz toýundan hemmäniň göwnüniň hoş bolmagyny islän Pendi baý, şeýlelikde,
bir okda iki towşan urdy, hem-ä myhman pälwanyň keýpini bozmady hemem öz
ildeşleriniň göwnüni awlady.
Eýran topragyna gadam basylyp, tä Apbas hanyň obasyna ýetilýänçä, Gowşut
bilen Täçgök serdar hiç hili üýtgeşik waka sataşmady. Sorag-ideg edilip tapylan han
obasynyň çetinden girilen bada welin, ýeriň astyndan çykan ýaly, birden peýda bolan
ak köpek atlary arkaýyn ýöremäge goýmady. Köpek diriň-diriň towusýardy, agzyny
giňden açyp, janagyrly üýrýärdi. Ol atlaryň aýagyndan ýa-da guýrugyndan agyz salyp
bilmese-de, ýolagçylary esli salym güýmedi.
Itiň janygyp üýrmeginden bolsa gerek, oba ýetilen ýerdäki ilkinji jaýdan iki
sany epeý adam daş çykdy. Ilkibada olaryň bolşy parahat ýalydy. Emma atlylary
synlanlaryndan soň, olaryň bu jelegaýlaryň adamy däldigine göz ýetirdilermi,
nämemi, üşerilişdiler-de, derrewem kürsäp öýe girdiler. Olar uzak eglenmän hem daş
çykdylar. Bu gezek iki gajaryň ikisiniňem elinde uzyn nilli gara myltyk bardy.
Birdenem, olar edil dilleşen ýaly, obanyň orta tarapyna garap, bir zatlar diýip
gygyrmaga başladylar.
Olaryň zenzelesinden beleň alan ak köpek, ilki-hä diriň-diriň towsup üýrdi,
birdenem sesini tapba kesdi. Gajarlaryň galmagalyna aňk bolup galan Täçgök serdar
itiň hanja zym-zyýat bolanynam görmän galdy.
Aradan uzak mahal geçmänkä, Apbas hanyň obadaşlary basga düşdi—uly-kiçi
aýaga galdy. Hataryň aňry çetindenem, ortagürpündenem eline çem gelen zady alyp,
näme matlap bilen bu ýere gelendikleri heniz aýdyň däl iki atla tarap eňşip
gelýänleriň sany köpeldi.
Gowşut atyň üstünde bir durkuny üýtgetmän, bolýan waka tomaşa edip otyrdy.
Ol çozuşyp gelýänler hakda-da, gara myltyklar hakda-da, olaryň edip biljek işleri
hakda-da oýlanmaýardy. Ol diňe Apbas han bilen ýa-da onuň geňeşdarlary bilen
sözleşer ýaly, iki dili hem bilýän adamy tapmagyň pikirini edýärdi.
Galmagal, şakyrdy birneme ýatyşdy. Biynjalyk bolup üýşen kän sanly adam
Gowşut bilen Täçgögüň daşyna telim gat diwar bolup aýlandy. Gajarlar kimdir
biriniň aýratyn buýrugyna garaşýan ýaly, üşerilişdiler.
Gowşut syr bildirmezlik bilen töwerege ser saldy. Ýygnananlaryň ýaşy uluragy
bolsa gerek diýen çak bilen bir murtlak gajara tarap atyny iki-üç ädim sürdi-de:
—Essalawmaleýkim!—diýdi.
- 18 -
Murtlak gajar tüpeňiniň gundagyny ýere diredi.
—Waaleýkum assalam, turkaman.
Gowşut oňa düşnükli bolar ýaly parsça söz gözledi. Ýöne oňly başaran zady
hem bolmady. Ol iki dildenem garjaşdyryp, maksadyny beýan etjek boldy:
—Biz adami ki nabikar. Biz adami Apbas han... müşerref. Apbas han
meram... 1
Murtlak gajar egniniň üstaşyry gaňryldy-da:
—Mähammed!—diýip gygyrdy.
Orta boýly şar gara adam mähelleden öňe saýlandy. Murtlak bir zatlar
diýensoň, ol onçakly arassa bolmasa-da, örän düşnükli türkmençeledi;
—Myhman aga, habaryňy ber!
Myhmanyň beýle garşylanyşyny geň gören Täçgök serdar dilmajyň “myhman
aga” diýen sözüne ýylgyrman zordan saklandy.
Gowşut dilmaja habaryny bermäge durdy:
—Biz ýaragsyz-güýçsiz gelen ilçi. Siz obada, eşitmegimize görä, Apbas hanyň
elinde bendi bolup ýören biziň adamlammyz bolmaly. Şolaň ykbaly bilen
gyzyklanaly diýip ata çykdyk. Hemram ikimizi, Taňrynyň haky üçin, hanyň ýanyna
eltäýseňiz...
Muhammet dilmaç aýdylany murtlak gajara düşündirdi welin, ol märekä tarap
ýüzlenip, bir zatlar diýdi. Märeke şol bada dargamak bilen boldy. Ýöne gelenleri
tanap galmak isleýän ýaly, olar esli ýere baransoňlaram, gaňrylyp-gaňrylyp, atlylara
tarap seredişip gitdiler…
Murtlak gajar bilen Muhammet dilmaç gelenleriň öňüne düşüp, Apbas hanyň
öýüne tarap ugrady. Obanyň içinde, ýolboýy jaýlaryň yşyndan jyklaşýan parslar
olary geň nazar bilen öz deňinden geçirdiler.
Apbas hanyň öýi obanyň ortagürpünde ekeni. Gowşut dagy pagsadan bina
edilen belent diwarly gala ýaly howlynyň howalanyp görünýän derwezesinden
girenlerinde, münjäniň üstünde keserip ýatan Apbas han özi deň-duş bir adam bilen
küşt oýnaýardy.
Myhman geleni aýdylsa-da, ähli ünsi küştde bolany sebäpli, Apbas hanyň
gulagyna degen habar beýnisine oňly ýetmedi. Barybir ol gapydan gelinenini aňyp,
küştden nazaryny aýyrman, çep elini salgap, «Geliber» diýen manyda yşarat etdi.
Myhmanlar atlaryny teblä baglanlaryndan soň, gelip hana salam berdiler.
Salam alan han, gol uzadyp görşenem bolsa, küştden aýrylyşyp bilmän,
gelenlere onçakly ünsem bermedi. Myhmanlar düşegiň gyrasyna geçip oturdylar-da,
küşdüň dünýäsiniň howasyndan dem almaga mejbur boldular.
…Gabawa düşen garşydaşy soňky göçümini edende, han ýasama ardynjyrady-da,
küşt berdi, ýeňilendigini boýun alan garşydaş gyra çekildi. Diňe şondan soň, keýpi
kökelen Apbas han iki elinem palasa diräp, yza süýşdi, oturan iki sany nätanşa üns
berdi, «Bu adamlar nireden peýda boldy?» diýýän manyda bir murtlagyň, bir-de
gapdalda çugutdyryp oturan Muhammet dilmajyň ýüzüne garady.
Murtlak gajar ýagdaýy beýan etdi.
1
“Biz Apbas hanyň ýanyna barýan size zepersiz adamlar.’ diýen ýalyrak.
- 19 -
Ýuka ädiginiň başlygyna pitikläp oturan Apbas han Gowşudyň gapdalynda
ýatan haly horjuna seretdi.
—Owadan teke horjunynda näme barka?
—Horjunda-ha bir tegelek nan bar, han aga—diýip, Gowşut jogap gaýtardy.
Apbas han çalaja ýylgyrdy. Gowşut ol ýylgyryşdan: “Bir tegelek nan bilen
bendi boşatmaga geldiňmi?” diýen many okady. Ýöne öý eýesi birdenem
ýylgyrmasyny bes edip, agras görnüşe girdi-de, kalbyndakyny daş çykardy:
—Hawa-da, bir döwüm nan üçin ata çykylyp, kelle-de kesilýä, belent
galalaram ýumrulýa. Haýýatyň edehädi şeýle-dä.
Apbas hanyň sözleri Gowşudyň göwnünden turdy.
Birdenem han myhmanyna sowal baryny ýagdyryp başlady:
—Seň özüň kim bolarsyň? Hanmyň? Begmiň? Han-beg bolmasaň, beýle agyr
iş üçin haýsy hanyň permany bilen geldiň? Ýanyňdaky kim? Attutaryňmy?
—Men hanam däl, begem dal.Gowşut han diýýäler.Ýöne men uly han däl-de,
öz tirämiň hany. Tekäň beg böleginiň ýary gökje diýilýän tiresinden. Biýem
attutarym däl, hemram. Muňa Täçgök diýýäler. “Ýekelik Hudaýa ýagşy” diýip, bile
gaýdyberdik. Biz siziň ile Oraz Ýagly hanyň sözi bilen geldik.
Oraz Ýaglynyň adyny eşiden Apbas hanyň gözleri janlanan ýaly boldy. Çünki
ol Oraz Ýaglyny ýagşy tanaýardy, ýer-suw dawalarynda, bendi boşatmak
maslahatlarynda ol ikisiniň ýüzbe-ýüz oturan pursatlary az bolmandy.
—Näme üçin onuň özi gelmedi?
—Hanymyzyň saglygy ýagdaýly. Indi oňa uzak ýola atlanmak kyn düşýä.
Gojalyk basmarlaberdi. Oraz Ýagly han...
Soňky aýdylanlar Apbas hany ýarasynyň üstünden basylan ýaly etdi. Ol
Gowşuda sözüni paýawlatdyrmady:
—Nähoşluk, gojalyk jahanyň iň erbet zady bolar ekeni. Has ýamanam gojalyk.
Hassalyga derman tapylýar, tapylmasa-da, adam biçäre, tapylar diýen umyt bilen
ýaşap bilýä. Ynha, meň maly-dünýäm ýere-göge-de syganok. Emma ýaşlygym,
kuwwatym ýok. Ýaşlygy gaýtarýan dermanam ýok. Ýaşlygy satynam alyp bolanok.
Ýogsam, men ähli emlägimi ýaşlyk bilen çalşardym-da, özüm jinde geýip ýaşamaga
hem razy bolardym.—Apbas han dymdy-da, geçen ýaşlyk dünýäsine aralaşdymynämemi, ahmyr bilen baş ýaýkady.
Hanyň kalbyndaky pikirlerini açyk dile getirmesini Gowşudam, Täçgögem
halady. Gojada syrty görnüp duran mekirligem, gürrüňdeşinden rüstem gelmek isläp
duran gedem häsýetem ýokdy.
Ýaşlyk arzuwyndan çykyp bilmedik Apbas han, barybir, ony şu gün bilen
baglanyşdyryp, gepini dowam etdi:
—Eger şu mahal otuz ýaş alnymda bolan bolsa, men seni göreşe
çagyrardym,—diýip, han Gowşudyň ýüzüne çaga nazary bilen seretdi.—Ýyksaň-a,
bendileriňi alyp giderdiň, ýykylsaňam, boş giderdiň.
—Han aga, sizde göreşden gaýry, şoňa meňzeş bir şert ýokmy?–diýip, hanyň
gürrüňine degişme bilen goşulmak islän Täçgök ýylgyrdy.
Apbas han hem ortada içi etden doly tabaga seretdi-de, myhmanyň
ýylgyryşyna ýylgyryş jogabyny gaýtardy:
- 20 -
—Ýaşyň meňkiden kiçem bolsa, göwräň meňkiden kiçi däl. Berre guzynyň
etini kim köp iýmeşek edäýeliň!
Gülmäge ullakan tutaryk bolmasa-da, kim çyny bilen, kimem birek-biregiň
göwni üçin gülen boldy. Şonluk bilenem, ara dymyşlyk aralaşdy. Esli salymdan soň
Apbas han Muhammet dilmaja öz dilinde bir zatlar diýişdirdi. Dilmaç “Bilemok”
diýýän ýaly manyda egnini gysdy. Öý eýesi baş atdy. Birdenem ol ortada, henizem
ýazylgy duran küşt matasyna seretdi-de, garaşylmadyk sowal tapdy:
—Türkmenlerde küşt barmydyr?
Şu mahala çenli myhmanlarynyň göwnünden turan hanyň soňky sowalyny
welin Gowşut halamady.
Küşde başy gyzanda, Gowşudyň dünýäni unudýandygyndan habarly Täçgök
saklanyp bilmedi:
—Han aga, meň ýoldaşymam küşdi gowy görýänleriň biri bolmaly.
Apbas han hekgerildi. Birdenem onuň bedeninde gojalyk öwünjeňliginiň
damary tarsyldady:
—Bolsa-da, ol meň bilen dikip bilmez. Men tutuş ömrümi küşt oýnap
geçirdim.
—Aý, han aga, biz o zeýilli küştçilerden-hä däl—diýip, Gowşut sypaýyçylyk
etdi.–Biz bir hälki, güýmenje üçin oýnaýan öwrenjelerden.
—Bolsa-da, seň bilen-ä küşt dikmeli ekeni welin. Maňa türkmenler bilenem
küşt oýnalandyr diýip öwünmegem gerek ahyry...
—Olar ýaly bähbidiňiz bar bolsa dikäýeris, han aga—diýip, Gowşut ýaşulynyň
ugrundan gopdy.—Utulsagam, bizem oturan-turan ýerimizde “Eýran hany bilenem
oýnalandyr” diýip paňkarardyk.
—Men razy. Ýöne ikimiz küşdi ertir dikmeli bolýas. Bu gün bizde ullakan it
urşy bar. Pah-pah, tomaşa bolar!
Myhmanynyňam, özüniňem aýdan gepinden hoş bolan Apbas han ýene
ýakymly ýylgyrdy.
Apbas hanyň obasynyň günbataryndaky çöketlige kän adam ýygnandy. Uly
tomaşa garaşýan gajarlaryň galmagaly asmana göterildi.
Han myhmanlaryny hem yzyna tirkäp ol ýere baranda, hemmeler oňa tarap
seredişdiler. Märeke hana ýa-da onuň ýanyndaky del adamlara däl, inçejik zynjyryny
şyňňyrdadyp, Apbas hanyň ýany bilen gelýän mähnet köpege aňkarylýardy. Ol
köpegiň ady Bisýardy. Bisýar parsça “artyk”, “zyýat” diýmek bolýardy. Obadaky ähli
itlerden zyýat bolsun diýen maksat bilen Apbas han köpegine şol ady ýörite dakypdy
“Bisýar” şeýle at dakylmasa-da, hakykatdanam bisýardy.
Çöketligiň gyrasynda it bary hatarlanşyp durdy. Bu mahal her kim öz itiniň
göwnüni tapmak isleýärdi, kellesinden sypalaýardy, boýnundan gujaklaýardy. It
eýeleriniň arasynda, edil adam bilen gepleşýän ýaly, ony-muny diýip, haýwana
“sapak” berip durany-da bardy.
Apbas hanyň Bisýaryny gören beýleki itler gozgalaň tapdylar, çalarak
çyňsanlary-da boldy. Sebäbi duran itleriň köpüsi ozal Bisýardan bir üle “paý” alan
- 21 -
haýwanlardy. Bisýaryň gulaklaryna ýetip duran gara jähekli agzy itleri däl, eýsem,
adamlary-da howatyrlandyrman durmaýardy. Garransoň, köplenç ýaşulular ýaly
gojalygyň şöhratparazlyk hem öwünjeňlik keseline uçran Apbas han bolsa beýle
ýagdaýa çişip, donuny ýaraýjak bolýardy.
Düzgüne görä, itli adamlar itlerini hem alyp, bir tarapa çekildiler. Emma Apbas
han welin olara goşulman, öňki ýerinde galdy. Ol hem gojanyň özüni beýleki it
eýelerinden, itini hem beýleki itlerden belent tutýandygyna güwä geçýärdi. Goja kişi
şeýdip, ilden saýlanyp durmakdanam uly lezzet alýardy.
It urşuna baştutanlyk edýän kişi mähnet bir ak goýny orta çykardy. Goýun orta
getirilenden soň, garpyşygyň başlanýandygyna endik eden itleriň ejiziräkleri-hä
çyňsady, dogumlylary bolsa: “Goýun meňki bolmaly” diýýän ýaly bir-birine gaharly
hyňranyşdylar. “Bisýar! Bisýar!” diýen sesler eşidildi. Öz ady tutulan Bisýar
hereketlendi. Emma Apbas han itini orta goýbermedi. Ol hemişeki endigine görä:
—Biýo! Biýo! 1—diýip, elini galgatdy.
It uruşdyryjy töweregine garanjaklady:
—Bisýar bilen goýberjegiň barmy?
It eýeleriniň hiç birinden jogap bolmady.
—Bisýar bilen çykarjagyň barmy?
Sowal gaýtalandy, dymyşlyk hem gaýtalandy.
Ilkinji baýrak, söweşe girip, gan dökmese-de, Bisýara berildi.
Täçgök serdar Apbas hanyň gapdalynda duran Gowşudyň gulagyna pyşyrdady:
—Han aga itiniň alan baýragyndan myhmanlaryna şeýtel berermikä?
Gowşut söz diýmän, çalaja ýylgyrdy.
Ikinji baýrak üçin öňkä görä kiçiräk goýun orta çykaryldy. Ol baýrakdan
hantama, bir-birlerine menzeşräk iki sany adam itleriniň boýnundan tutup öňe çykdy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gowşut han (Saragt galasy) - 03
  • Parts
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 01
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2204
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 02
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 2115
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 03
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2148
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 04
    Total number of words is 3873
    Total number of unique words is 2177
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 05
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2155
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 06
    Total number of words is 3811
    Total number of unique words is 2149
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 07
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2157
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 08
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2173
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 09
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 2166
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 10
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2144
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 11
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2187
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 12
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2180
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 13
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2197
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 14
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2141
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 15
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2172
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 16
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2134
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 17
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 2059
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 18
    Total number of words is 2341
    Total number of unique words is 1456
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.