Latin

Gowşut han (Saragt galasy) - 18

Total number of words is 2341
Total number of unique words is 1456
34.9 of words are in the 2000 most common words
47.7 of words are in the 5000 most common words
53.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Gowşudyň Bekmyrat tekä gözi ilmeýärdi. Ýöne ol “Göremok” diýmäge-de
ýetişmedi. Şalha batyr aňyrlygyna at saldy. Kän mahal, geçmänkä-de ol ýene hanyň
golaýynda peýda boldy. Gowşut onuň “Dönügi-hä aparandyryn” diýen sözlerini
eşidip galdy.
Ikinji tapgyrda galadan çykan dört-bäş ýüz atly Mädeminiň öň sapda gelýän
nökerleriniň gözüne yzy tükenmeze sapan ýaly bolup göründi. Ýalkap serdaryň,
Tozanly batyryň, Täçgök serdaryň ýigitleri duşman bilen garpyşandan soň, at başyny
saga-sola öwürdiler. Şeýlelikde, Hywa goşunynyň telim müň nökerden ybarat baş
sapynyň arasy bölündi. Şol mahal hem Artyk ärsarynyň galadan çykmak nobaty
geldi. Onuň yzyndaky aýallaryň at üstünde oturany iki ýüz gowrak bardy. Emma
olardan soň peýda bolan elleri syrykly, aňňally, käbiri egri gylyçly aýallaryň welin
sany sanardan kändi. Göräýmäge, galanyň içinde gelin-gyz galman, ählisi ýaraga
ýapyşan ýalydy.
Aýallar ölümdenem heder etmän, suw bölünen ýaly iki tarapa serpilen Hywa
nökerleriniň gala golaýdaky topary bilen garpyşdylar. Iki tarap hem mäjum bolup
garjaşansoň, hywalylar ýene tüpeň ulanmakdan mahrum boldular. Olara diňe gylyç
işletmek ýoly galdy. Emma olaryň gylyjy hem bu gezek ýaraglyk ukybyny ýitirdi.
Ujy gyrkylykly üç-dört gulaç syrygyň beýleki tarapyndaky aýalyň depesinden gylyç
salmak asla mümkin däldi. Uzyn syrykdan sowulsaň, aňňal bilen orak hem ýetip
gelýärdi. Aňňal bilen orak şeýle bir kändi welin, aýallaryň her elinde biri bar ýalydy.
Ozal mazaly türgenleşen tozançylar ussatlyk bilen tozan turuzýardylar. Ýer peşelip
galdyrylýan tozandan başga-da bir täsin tilsim bardy. Gowşut hanyň tapan ol
“oýnuna” Artyk ärsary “Gowşut düwünçek” at dakypdy. Içine birki penje gum
salnyp, çala çiglen köne esgiler barmaly ýerine atylyp baranda, sähel urga-da
çözülýärdi-de, üç-dört ädimlikde esli salym göz açar ýaly etmeýärdi. Tot-tozanyň
yzyndan görünmän diýen ýaly peýda bolýan ujy gyrkylykly syryklar bolsa, köplenç,
boş geçmeýärdi. Şeýle ýagdaýda işledilýän, görünmän gelýän gyrkylyk duşman üçin
görnüp gelýän egri gylyjyňkydanam beter howp döredýärdi. Iň esasy hem çagalaryny
ölümden gutarmaga bolan isleg, çagalaryny öldürmäge gelenlere bolan ene ýigrenji
aýallaryň güýjüne güýç goşup,olary wagşy ýyrtyjy ýaly bir gorkunç zada öwürýärdi..
Olar gaharjaň aç möjek ýaly bolup, duşmany dişleri bilen gemirmäge-de, dyrnaklary
bilen parçalamaga-da taýyndylar. Hywa nökerleri henize çenli beýle erjellik, beýle
- 178 -
hyjuw bilen söweşen garşydaşa gabat gelmändiler.Üstesine-de, Hywa nökerleri her
hili bela-betere gabat gelenem bolsalar,henize çenli aýal hüjümine sezewar
bolmandylar.Beýle ýagdaý olarda gorkumy,aljyraňňylykmy ýa-da ondanam üýtgeşik
howp bolup görünýän duýgy döredýärdi.
Garaşylmadyk ýerden tozanly, gyrkylykly çozuşa sezewar bolan nökerler kän
mahal geçmänkä, basga düşdüler. Gyrkylyklaryň, aňňallaryň şakyrdysy, gözüňi
açdyrmaýan tot-tozan hywalylary aljyratdy. Olar üçin iň elhenji-de aýallaryň ähli
galmagaldan belent çykýan çirkin sesleridi. Müňlerçe aýalyň gulagyňy ker edip
barýan aýylganç sesi birleşip, Saragt sährasynyň depesinde ýaň berýärdi, hywalylaryň
inini tikenekledýärdi. Beýle ýagdaý nökerlere top sesindenem erbet täsir etdi. Aýatda
bardyr öýdülmeýän, apy-tupanly, öň hiç ýerde eşidilmedik gohly-galmagally aýal
çozuşyna sataşan hywalylar ahyrzamana aralaşandyr öýtdüler. Olar üçin özleri ýaly
erkek bilen açyk meýdanda söweşmek bu günki uçralan beladan köp esse ýeňil
düşüpdi. Nökerleriň birnäçesi heniz darkaşda bolmadyk bu wakany hakykat däl-de,
düýşdür hasaplady.. Olar çala açylýan gözleriniň tozanyny süpürip, günorta tarap
çekilmäge mejbur boldular.
Uzan batyr, Güljemal Töre soky gyzy ýaly onlarça gelin-gyz at üstünde gylyç
işletdi. Ýöne olar uzak söweşip bilmediler. Artyk ärsary “Yza çekiliň!” diýip, buýruk
berdi. Şonda ol Uzan goňuryň hereket edişine üns bermäge ýetişdi. Artyk ol gelniň
yza aýlanansoňam, at üstünde dik duran ýaly bolup, üzeňňä galşyny, gylyjy örän
sagdyn salşyny görüp: “Äý, şüý-ä aýalam däldir”—diýip içini gepletmäge mejbur
boldy.
...Onlarça adamyň jesedi meýdanda galansoň, ýüzlerçe adam ýeňil-u—agyr
ýaralanansoň, Saragt galasynda begenje-şatlyga orun bolmaly däl ýalydy. Ýöne oňa
garamazdan, her hal, bolan çaknyşygyň netijesine begenmelidem, buýsanmalydam.
Çünki bu günki söweş saragtlylaryňam, hywalylaryňam edil beýle bolar öýdüp
garaşmadyk netijesini berdi. Mädeminiň goşunyna uly zarba uruldy. Bu günki söweş
Gowşut hanyňam, serdarlaryňam, tutuş ilatyňam ruhuna ruh, buýsanjyna buýsanç
goşdy. Ýöne Mädemin hanyň bu günüň ahmyryny ertir artykmajy bilen çykarmaga
döwtalapdygy welin ikuçsyzdy. Çünki ýeňlişiň salan ýarasy ýeňiş melhemi bilen
bejerilmelidi.
Köne berkitmäniň içi gaty giň hasap edilýän bolsa-da, örüsi çäkli hem daşy
belent gum üýşmegi bilen haýatlanan galada ýene üç-dört gün ýaşalsa, ýagdaý gaty
agyrlaşjakdy. Goş basyp ýatan müňläp-müňläp adamyň, şondan sahel azrak malgaranyň hajatynyň bir hepde bäri daşa çykarylmazlygy ys-koky barha köpeldýärdi.
Üstesine, agyzsuwy meselesi hem kynlaşyp ugrady. Alapalyk suwdan
doldurylan meşikleriň aglabasy boşapdy. Galanyň içinde bar bolan üç sany guýy,
gaty bereketli hasaplansa-da, mallaryň teşneligini gandyrmaga-da düýpden
ýetişmeýärdi. Gündogar tarapdan öwrüm edilip, garaňkylyga bukulyp, gizlin
getirilýän ýüzlerçe meşik suw hem onça jemende üçin ürpek çäge daman ýeke
damjadan tapawutlanmaýardy. Bu ýagdaýdan tizräk netije çykarylmasa, basym önki
duşmanyň ýanyndan ýene bir duşman –teşnelik belasy dörejekdi. Ol duşman bilen
söweşmek bolsa Mädemin bilen söweşenden agyr boljakdy. Ol duşman gylyçdan,
- 179 -
topdan ýa-da edermenlikden çekinjek duşman däldi. Şol barada oýlanyp, il
ýatyberende hem galanyň içinde gezmeläp ýören Gowşut han ýene derwezäniň
alkymyna bardy. Goragçy, gözegçi ýigitler ýerli-ýerindedi. Hany tanan nökerler ör
turup, haýsydyr bir büýruga garaşdylar. Han saglyk—amanlyk soraşsa-da, artyk zat
diýmän, geçip gitdi. Ol belent diwara mündi-de, alagaraňkylyga bukulyp ýatan
galanyň içine garady. Gözüne zat ilmese-de, şol alagaraňkylygyň aşagynda gizlenen
müňlerçe janyň beýik Taňrydan, galyberse-de özündenem medet diläp ýatandygyny
Gowşut han bilýärdi. Taňry belentdi, onuň elinden köp zat gelýärdi. Gowşut han
bolsa, il tama etse-de, özüni şol dileg edip ýatanlaryň biri ýaly hasaplaýardy. Şonuň
üçinem “Eý, Alla, özüň rehim edeweri!” diýip pyşyrdan han hem Hudaýa sygyndy.
Niçeme gün bäri gana ukusyny almadyk hanyň öz ýagdaýy-da gopgunly
galanyň içindäki ýagdaýdan gowy däldi. Ertir başlanmaly agyr söweşde iki ýana çarp
urjak müňlerçe Hywa atlarynyň Saragt sährasyny torç etjek ýiti toýnaklary hanyň
kellesinde şu mahal güpürdeýärdi. Galanyň içindäki ýagdaýyň çykalgasyz bolşy ýaly,
hanyň başynda at salýan dürli pikir, dürli arzuw–hyýal, her näçe çyrpynsa-da, daş
cykyp, amala aşmaga ýol tapmaýardy, ýol tapylsa-da, aňyrsy petikdi. Günde görlüp
ýören ak sakgally, perişdesypat gojalar, ak gyňaçly kempirler, bigünä çagalar, göze
görnüp ugran görmegeý teke gyzlary, ýaňy mahmal atynan ýuwa ýaly näzik gelinler
hanyň göz öňünden ýene bir gezek bir-bir geçip gitdiler. Ýagdaýdan çykalga
tapylaýmasa, olar agyr süteme, wejeraçylyga sezewar edilmelidi. Olaryň ykbaly
barada oýlanýan akylly-başly adamlar Saragt galasynda başga-da kändi. Ýöne baş
hanyň jogapkärçiligi olaryňkydan has ýokarydy.
Agşamyň sowujak şemaly ýaňagyna degen Gowşut han, gop berlen ýaly bolup,
zöwwe ýerinden turdy-da, ýüzüni şemal gelýän tarapa tutdy. Şemal demirgazykdan
öwüsýärdi. Han üç-dört gün bäri diňe gündogardan öwsen şemalyň ugruny
üýtgetmegine sabyr-takatsyz garaşypdy.
Diwardan düşen han nökerleriň ýanynda aýak çekdi, Amansähet serdardan
başlap, tä Kelhan Kepelä çenli on-on bäş adamynyň adyny tutdy. Olar öň bellenişi
ýaly, şeýle ýagdaý dörese, gije ýarymdan agansoň, meýdana ders äkitmelilere
ýolbaşçylyk etmeli adamlardy. Hanyň tabşyrygyny alan ýigitler derrew ady tutulan
adamlaryň gözlegine gitdiler.
1855-nji ýylyň 19-njy martynda, Gün dogar-dogmazda, Saragt galasy bilen
Pälizek depe aralykda ahyrzamana gopan ýaly boldy. Saragt sährasynyň bir tarapy
heniz görülmedik agyr tüsse ýapyndy. Tüssäniň çykýan ojagynyň uzynlygy üç-dört
müň ädimden uzak bolmasa-da, günorta tarap ýuwaş-ýuwaşdan süýşüp barýan goýy
gara dumandan ýaňa çöp-çalam, adam-gara, hatda ullakan-yllakan ýapylaram
görünmedi. Tüsse, saragtlylaryň matlabyny aňýan ýaly, Hywa goşunynyň agramly
böleginiň düşlän ýerine tarap akýardy. Demirgazykdan öwüsýän ýaz şemaly
pessaýdy. Ol hem sähel ýokary galan tüssäni pytratman, diňe ilerligine sürýärdi...
...Ders çili öten agşam gije yýrymdanam agandan soň, çekilip başlandy.
Gowşut hanyň görkezmesi bilen dersli ganarlar eşege, ata däl, diňe düýelere
ýüklendi. Sebäbi eşekleriň aňňyrmagy, atlaryň kişňemegi ahmaldy. Dogry, bäşdir- 180 -
üçdür eşek aňňyrany ýa-da birki sany at kişňäni bilen süýji ukuda ýatan Hywa
nökerleriniň tarsa turup, ýaraga ýapyşybermekleri gatybir mümkinem däldi. Emma
Gowşut han, barybir, hüşgärligi elden bermejek boldy.Tebigat hem türkmenlere arka
durýan ýaly asmany bürän garamtyl ýaz buludy älemi gündizlige öwürmeli dolan
Aýyň öňüne perde tutdy,ders daşaýan saragtlylary hywalylaryň gözünden gorady.
Tüsse çiliniň demirgazyk tarapy, başga bir dünýä bolup görünýärdi. Dersden
ýasalan çil älemi jennet bilen dowzaha bölýän ýalydy. Saragt galasyndan tä Pälizek
depäniň iki-üç ýüz ädim bäri ýanyna çenli atlu-pyýada hatar tutan müňlerçe türkmen
ýigitleri ýaraglaryny häzirläp, tüssä tarap seredip durdy. Eger tüsseden gaçan
hywalylar gaýralygyna çekiljek bolsalar, olar gylyç bilen, tüpeň bilen garşylamaga
taýyndylar. Emma Gowşut hanyň buýrugyna görä, türkmenleriň özleri tüssä girip
hüjüm etmeli däldiler. Hanyň baş maksady müň töwerek saýlama batyrlary sag-aman
Pälizek depä ýetirmekdi. Gowşut han duşmany “Baş bolmasa,göwre läş” diýen
synagdan geçirmegi esasy maksat edinýärdi.
Türkmenler gaty kän mahal garawullap dursalar-da, Hywa nokerleriniň
ýekejesi-de tüsse çilinden gaýrada görünmedi. Olar, Gowşut hanyň çaklaýşy ýaly,
tüssäniň ýukalýan ýerine, ilerligine çekilýän bolmalydy.
...Galadan çykyp, Pälizek depä tarap ýönelen müňdenem gowrak atlynyň
başyny Gowşut han çekdi. Onuň töweregini türkmenleriň iň edermen batyrlary
hasaplanýan Şalha batyr, Tozanly batyr, Täçgök serdar, Durdy han, Gajar baý, Nepes
molla, bamyly Ýalkap serdar, Artyk ärsary, Arnaguly saryk, ýarasyndan aýňalansoň,
şu gun ilkinji gezek ata çykan Çebşek batyr Gurbanmeňli ogly, Daňatar aganyň
ýegeni Gurban, Oraz Ýaglynyň ogly Sahytnyýaz han dagy gurşap barýardy.
Eýrandan çapar bolup gelen Safarak gajar hem çozuş edýänlere goşulypdy. Olar
gaýra tarapdan, tüssäni garawullap duranlaryň ýeňsesinden at saldylar.
...Gowşut hanyň gan döküşmezden güpbasdy etmek meýli doly amala aşmady.
Türkmenleriň bu günki hereketine hywalylar asla garaşmadygam bolsalar, Pälizek
depäniň eteginde Mädemini goramak üçin goýlan üç ýüz töweregi hnöker güpbasdy
edilmänkä, atlanmaga ýetişdi. Olar saýlantgy nökerler bolany sebäpli, çaknyşyk
başlananda gylyç gylyçdan ejiz gelmedi. Iki tarapdanam atdan agýanyň sany köpeldi.
Gowşut han bir hywalyny atdan agdarmaga ýetişdi. Şondan soňam onuň öňe
omzamaly aty birden sag tarapa tüwdürilip gitdi. Ýykylsa-da, gylyjyny elinden
gaçyrmadyk han aýagyny üzeňňiden zordan sypdyrdy. Ol ýerinden turanda, atynyň
öňki sag aýagynyň şalkyldap ýatandygyny gördi.
Ýetişibildiginden gylyç aýlap ýören Gowşut han:
—Ýokaryk! Ýokaryk ýetiň, goçaklar!—diýip gygyrdy,ozal batyrlaryna ýörite
tabşyryk berenem bolsa,öňki aýdanyny ýene gaýtalady.—Mädeminden gylyç salmaň!
Mädemin öldürilmeli däldir,goçaklar!
Gowşut hanyň häzirki aljyraňňy wagty hem öňki tabşyrygyny ýigitlere
ýaňadandan
ýatlatmagynyň
aýratyn
sebäbi
bardy.
Çünki,
uly-kiçi
söweşde,duşmandygyna garamazdan,baş hanyň,belent serkerdäniň bilkastlaýyn
öldürilmegi namartlyk hasaplanýardy.Baş han ýesir alynmalydy.Onuň başynyň aman
goýulmagy ýeňen tarapyň mertligine,adamçylygyna şaýat bolmaly diýen ýazylmadyk
düzgün bardy.Ol düzgüni özüni sylaýan,öz mertebesini belent saýýan ýeňijileriň
hemmesi diýen ýaly berjaý edýärdiler.
- 181 -
Hywa nökerleri gaýduwsyz edermenlik bilen söweşseler-de, güýjüň deň däldigi
öz netijesini berdi. Türkmenler günorta tarap çekilip başlan duşmany kowalajak hem
bolman, ähli ünsi Pälizek depä öwürdiler..
Safarak gajaryň atyny depäniň üstüne gönükdirenini gören Täçgök serdar:
—Şondan bir öňürtjek boluň, ýigitler!—diýip gygyrdy.
Depäniň üstüne çykylansoňam, Mädeminiň bir bölek janpenasy bilen
çarkşylmaly boldy. Bir adamynyň başy üçin onlarça adamynyň başy orta goýuldy.
Atlaryň kişňemesi, horruldysy gylyçlaryň şakgyldysy,adamlaryň ahy-waýy bilen
garjaşyp, beýniňi sarsdyrýan howply zenzelä öwrüldi.
Söweş eşigini-de geýmäge ýetişmedik Mädemin han ak çadyrdan gap-gara
bolup daş çykdy. Hatda düýşüne-de girmegini mümkin däl hasaplaýan ýagdaýa
hakykat ýüzünde sataşandygyna göz ýetirenden soň bolsa, oňuň ýüzüniň reňki öz
çadyrynyň reňki bilen çalymdaş boldy. Hemişe jylaw tutup, üzeňňi saklap, emaý
bilen ata atarylýan hökmürowan han ýeňil oglan ýaly bolup, eýer gaşynda peýda
boldy. Emma ol gaçmaga-da, kowmaga-da maý tapmady.Daşyndaky atlylar
sanýetmez bolup göründi. Onuň gorkudan ýaňa has-da ulalan ala gözleriniň öňünde
egri gylyçlar hereket etse, gulagynda polat çaknyşygyndan çykýan ýakymsyz ses
ýaňlandy.
Üç sany janpena Mädeminiň daşynda janamana bolup pyrlanýardy. Birki gezek
tüpeň hem sapança sesi çykdy. Ýöne alabasgynyň içinde ýaraglary kimiň atýanyny,
okuň kime degenini saýgarar ýaly bolmady. Mädemininňhiç bir tarapa gitmäge
çykalgasy ýok mes aty hokranýardy, çarpaýa galýardy.
Safarak gajar hemmeden öňürti Mädemine golaýlaşdy. Emma onuň gylyjy han
bilen däl-de, janpenalaryň gylyjy bilen çaknyşdy.
—“Şu kapyry meň ýanymdan ýok ediň!1”—diýip, Mädemin aljyraňňy hem
gorkuly ses bilen gygyrdy.
Janpenalaryň iki sanysy gylyjy Safaraga tarap gönükdirdi.
Şol mahal gelip ýetişen Gurban Mädeminiň daşynda dörän böwşeňlikden
peýdalandy. Onuň aty Mädeminiň aty bilen deňleşdi. Mädemin han elindäki
lowurdap duran, goşa nilli pereň sapançasyny atmaga ýetişmedi. Üzeňňä galan ýaş
ýigit gylyjyny bat bilen aýlady, Mädeminiň iki erni gulaklaryna ýetdi. Ýüregine
baryp ýelmeşen aýylganç yza Mädemini eýer gaşyndan alyp gaýtdy.
Baş hanyň atdan aganyny gören janpenalar gaçmak bilen boldular.
Täçgök serdar şol aljyraňňylykda hem:
--Hanyň başyny aman saklaň,ýigitler!—diýip gygyrdy.Emma onuň sesi
özünden başga hiç kime ýetmedi.
Sahytnyýaz han atyndan towsup düşdi-de, huşy başyndan göçüp ýatan hanyň
boýnunyň çykan ýerinden bat bilen gylyç saldy. Mädemin hanyň kellesi göwresinden
aýryldy.
Şonuň yzysüre Sahytnyýazyn ýanynda peýda bolan Safarak gajar gana bulaşyp
ýatan han kellesini garbap aldy-da, eýere towusdy. Ol başga zada üns bermän, Saragt
galasyna tarap at saldy 1.
1. Agehinin taryhynda şol sözler ýazylypdyr,/Awt /.
- 182 -
Sähel mahal mundan ozal haýbaty bilen tutuş Turany titreden Mädemin
Ynagyň çal kellesi Saragt galasyna dirilik habaryny alyp gitdi.
Belent ýaňlanan “Allahy ekber!” bilen 1855-nji ýylyň 20-nji martynda
Mädemin hanyň saragtlylar üçin başlanmasyz eden güni başlandy. Gaty kän
türkmeniň jesedi jeň meýdanynda galanam bolsa, diriler özlerini azat duýdular.
Mädeminiň kellesi alnandan soň, oňa derek desbi-dähil öňbaşçy saýlanan
Abdylla han türkmen serdaryna şeýle mazmunly gyssagly hat ýollady:
“Türkmen serkerdesi Gowşut han ibn Öwezdurdy serdarga.
Taňrynyň iki goly bilen tutgan Hywa nökerleriniň ismiden men sizge towakga
gönderýärin. Mundan ötri ki bizni erte günorta tamanga aman goýmagyňyzy sorap,
öýleden soň ähli baýlyk-emläklerimizi-de size göýup, Saragty terk etjekdigimizi
ynandyrýaryn. Yzynda ene-atasy, bala-çagasy galgan musulman mysapyrlaryga
rehim kylyň! Tagzym bilen Gulmyrat agtygy Abdylla han”
Abdylla hanyň hatynyň manysy bilen eýýäm Saragtyň tutuş ilaty tanyşdy.
..Gün dogan badyna, galanyň öňüne kän adam üýşdi. Adamlaryň hemmesi-de,
günortana çenli puryja soran hywalylaryň, söweş meýdanynda galanlaryndan
başgasynyň, nepi degjek goş-golamlaryna çenli göterip, gije garaňkysynda Saragty
terk edendiklerini bilýärdiler. Olaryň hut düýn tekepbirlik bilen at oýnadan, häzir
bolsa ajal ysy gelip duran düz meýdanyna hem hasrat,hem buýsanç bilen garap duran
Gowşut han:
—Adamlar, hywalylar bizi aldaýdylar öýdýän?!—diýip, pessaý dillendi.
Kellesi biýz mata bilen saralan Nepes molla çalaja ýylgyrdy:
—Han, seni hemişe şeýdip aldawersinler! Şeýle bolsa,öňýetene özüni oýnadyp
ýören hanymyz bar diýip, kemsinmejegimiz hakdyr..
Baharyň ilkinji aýydygyna garamazdan, Gün guşluk ýerine barmadygam bolsa,
howa gyzyp ugrady. Elleri suwkädili, mytaraly gelin-gyzlar indi derwezesi serlip
ýatan galadan çykyp, Tejen derýasyna tarap ugradylar. Olaryň arasyndan Karkara
nazary kaklyşan Gurban geplemän durup bilmedi:
—Derýa-da arkaýyn suwa gitmek bar ekeni! Azatlyga çykdygymyz
bolawersin!
Ol sözler gulagyna ilen Gowşut han, geçip barýan gelin-gyzlara kesesinden
agras nazar aýlady-da, iki egninem hereketlendirip, uludan dem aldy:
—Inim, entek-entekler derýa-da azat däldir, türkmenem...
1964-2OO5.
Mary-Aşgabat- Moskwa.
”Tarih-i Muntazam Nasride” Mademiniň kellesini alan Safarak edilip gorkezilýär. Emma Mädeminiň ähli
ýörişlerini jikme-jik beýan eden Hywa taryhçysy Muhammedrza Agehiniň “Onuň Aly Hazretiniň iň soňky
ýedinji ýörişi hem ölmi hakynda” diýen taryhy işinde tekrarlanmagyna görä, Gurban Mädeminiň agzyny
çapýar. Sahytnyýaz han atdan agan Mädeminiň kellesini alýar. Safarak bolsa, kelläniň Eýran şasyna Gowşut
hanyň “sowgady” hökmünde Eýrana iberilmegine gatnaşýar. Mädemin hanyň kellesi 1855-nji ýylyň 20-nji
aprelinde, Nasretdiniň buýrygy bilen Eýranyň “Hökümet derwezesi” diýilýän ýernnde jaýlanýar. Onuň göwresi
bolsa,Gowşut hanyň buýrugy bilen göwdä salnyp, Saragtdan Hywa ugradylýar. Seýlelikde, bir Mädemin iki
mazarly adam bolup galýar./Awt./
1
- 183 -
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 01
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2204
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 02
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 2115
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 03
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2148
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 04
    Total number of words is 3873
    Total number of unique words is 2177
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 05
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2155
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 06
    Total number of words is 3811
    Total number of unique words is 2149
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 07
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2157
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 08
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2173
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 09
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 2166
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 10
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2144
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 11
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2187
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 12
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2180
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 13
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2197
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 14
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2141
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 15
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2172
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 16
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2134
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 17
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 2059
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 18
    Total number of words is 2341
    Total number of unique words is 1456
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.