Latin

Gowşut han (Saragt galasy) - 05

Total number of words is 3787
Total number of unique words is 2155
31.9 of words are in the 2000 most common words
45.6 of words are in the 5000 most common words
53.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gezen onlarça sözünden biri-de aýdylmady. Ol ýöne dymyp durmazlyk üçin:
—Eliňdäki orakmy?—diýdi. Ol beren sowalynyň gaty ýöntem bolandygyna
sowal aýdylan bada düşündi, düşünse-de, şu mahal şol sadawar sowaldan gaýry gep
tapyp bilmejekdigine-de akyl ýetirdi.
- 42 -
—Dişleri kütelip gidipdir—diýen Karkara-da orakly gürrüňden uzaga gidip
bilmedi.
Gurbanam, Karkara-da indi çaga däldi. Emma aşyk-magşuklygyň görmelisini
görmeýän, akyllyny akmaga meňzedýän, akmagy akylly edýän, gorkakdan batyr
gahryman ýasaýan düşnüksiz kadalary, baş alyp çykyp bolmaýan çylşyrymly
öwrümleri bolýar. Kesesinden ýaňsyly ýylgyrylyp garalaýmaly hereketler-de, aşykmagşugyň gözi bilen garalsa geň-taň bolmaýar..
Gurban Karkaranyň elindäki oragy almak üçin oňa tarap ýöneldi. Bary-ýogy
üç-dört ädim ýoly geçýänçä, maýyna gelen pursatdan peýdalanmagyň pikirinde bolan
ýigit oragyň sapyna derek gyzyň goşaryndan tutmak pirimi oýlap tapdy. Onuň eli
gyzyň goşaryna tarap uzadam. Emma haýsydyr bir garaşylmadyk güýç Gurbanyň
eliniň hereketini üýtgetdi. Onuň barmaklary gyzyň ak goşaryna derek oragyň gaty
sapyny hem däl-de, demir tarapyny gysymlady. Şol pursat hem Gurban gyzyň ýörite
orak dişetmek üçin gelmändigine ýene bir gezek göz ýetirip, ak goşardan
tutmandygyna ökündi. Sebäbi ýülmek bolany üçin dişedilmäge getirilen oragyň ýiti
dişleri Gurbanyň barmaklarynda yzaly yz goýdy. Ýöne şol yza-da Karkaranyň oňa
nähili garaýşynyň bardygyny tassyklady. Bolsa-da, gyza tarap süýşmeli ýigit tersine
hereket etdi. Ol körüriň aňyrsyna duwlandy-da, köneräk ýaglyga dolangy bir zat alyp
çykdy. Köne ýaglyk gyza tarap uzady.
—Bi saňa ýadygärlik!
Karkara ýaglygyň içindäki zadyň nämedigini, elbetde, bilmeýärdi. Bolsa-da
ony gymmatbaha sowgat hökmünde kabul edip alan gyzyň näzik barmaklary özünden
erksiz sandyramaga başlady.
Köne ýaglygyň içinde Pendi baýyň toýunda tüýnüge towsulyp alnan täze
ýaglyk bardy...
Anna güni Oraz çakanyň kyrky bellenýärdi. Gün uly guşluk bolandan Kelhan
Kepele, Nepes molla, Gowşut üçüsi ýokarky oba tarap ugrady.
Suwuny peselden Tejen derýasy parahat akyp ýatyrdy. Goşa kenary bezeýän
gamyşlar gizlin bir gürrüň edişýän ýaly ýuwaşja pyşyrdaşýardylar. Suwuň gyrasynda
wakyrdaşýan gurbagalaryň ýiti sesi gamyşlaryň pyşyrdysyny basyp, kenardan çogup
çykýardy. Derýanyň edil gyrasyndan başlanýan ýandak, çeretenli düz meýdan tozan
siňen köne palasa meňzäp, giň gözýetimi tutup ýatyrdy. Her ýerde-her ýerde, ýanlary
torumly dokmäde düýeler, otlaşyp ýören sygyrlar görünýärdi. Şol giň giden çäksiz
düzlükde ýekeje düýp-de agaç ugry göze ilmeýärdi. Älem-jahan diňe düzlükden
ybarat ýalydy. Töwerege nazar aýlan Gowşut özüne habar berýän ýaly pessaý ses
bilen:
—Özi bir ýalaňaç meýdan welin, muň üstüniň gowgasyny!—diýdi.
Dogrudanam, ol sözler diňe Gowşudyň özi üçin aýdylan ýaly boldy, ýoldaşlaryndan
ses-seda çykmady. Gaýtam, esli salym geçensoň, aýdylany eşitmedige meňzän
Kelhan Kepele Gowşudyň gepine dahylly däl başga gürrüň tapdy.
—Allatagalla hemme adamy deň edip ýaratmaýar eken-ow!
—Beýle aýgyt nireden kelläňe gelip ýör seň?—diýip, Gowşut sowal berdi.
- 43 -
—Aý, şü Nepes molla hakda oý etdim-de, aýtdym goýberiberdim. Taňryň özi
käbir bendesine-hä eçilibilenini eçilýä, kä bendesinem gulaksyz-guýruksyz “Bar,
senem il arasynda geziber!” diýip, ugralla ýasaýa goýberiberýä.
—Seňem gulak-burnuň ýerbe-ýer ýaly-la?—diýip, ýene Gowşut dillendi.
—Burun bolanda ňäme? Olam hil-hil. Oň asla ys almaýanam bolýa. Ynha,
mollany alyp gör. Hem okap bilýä, hem okadyp bilýä, gazalam düzýä, dutaram çalýa,
hiç kimiň elinden gelmejek eýer bilen kellekem ýasaýa. Tüweleme, käbir adama
Taňry joşaýýa. Araky Ahaldan gelen myhmanam molla bilen gazal aýdyşdy oturdy...
—Ýogsa-da, molla, Ahal diýlen ýaly—diýip, Gowşut şahyra ýüzlendi —
Obada bolmamsoň, barybam bilmedim, Ahaldan myhman geldi diýip gulagyma
ýetdi-le...
—Hä, bir dostumyz bardy.—Hal-ýagdaý soraşaly diýip gaýdyberipdir. Üç gije
ýatyp gitdi.
—Ahally garyndaşlaň oňňudy niçikkä? Näme gep-gürrüň bar?
—Aý, Gowşut, olaňam ýagdaýy biziňkiden ýagşy däl ýaly. Arpa-bugdaýam bu
ýyl gaty bir bitgin bolmandyr. Baryndanam bala-çaga arkaýyn iýenok diýýä. Ýene
aşaky ýomutlaň ýagdaýy olaňka görä, elhalmyş. Ors patyşasy bilenem söwda-satyk
edýämiş olar. Ors patyşasy olara howandarlygam etjekmiş.
—Asyl biz hiç kim bilen il bolman ýaşaberemizde neneň-niçik bolaýarka?—
diýip, Kelhan Kepele söze goşuldy.
Sowala Gowşut jogap gaýtardy.
—“Ýekäň çaňy çykmaz” diýenem bir gep bardyr, Kelhan.
—Bolanda näme?
—“Bolanda”, özbaşdak ýaşamak üçin iň bolmanda, daşyňy gorap duran arka
lazym saňa, duşmanyň gylawyny gaýtarjak leşgeriň bolmaly. Häzir türkmende şoň
ikisem ýok, Kelhan. Ony seň özüň bizden gowy bilýäň.
—Ol-a dogry.
—Dogry bolsa, şu pursatda bize ýeke ýaşamagam başartmaz. Kiçi il, ejiz il
garaşsyz bolup bilmez. Kiçi iliň erkinligi töweregindäki uly döwletiň ynsabyna bagly.
Kiçi iliň özbaşdaklygy gapdalyndaky uly döwletiň sakgalaynyň eke taryna daýanyp
saklanýar. Uly ýurt ojagaz gyly islän wagty üzüp biler. Biziň bakna erkinligimiz
bolsa tölege bagly. Paç tölemekden ýüz dönderen günüň seniň erkinligiň gutarar.
Nepes molla dowam etdi:
—Ors ýomuda arka durjakmyş. Ýöne iňlisem ýomudyň içine jansyz salypdyr.
“Ors bilen il bolmaň” diýip, wagyz-nesihat geçirýämiş.
—Araky geçip giden ala donly hem şolar ýaly jansyzlaň biri bolaýmasyn?-diýip, Kelhan şahyryň ýüzüne garady.
—Alla bilsin!
Kelhanyň “ala donly” diýýänini hiç kim haýsydyr bir ýurdyň jansyzydyr öýdüp
çakam etmändi. Şonuň üçinem türkini gaty ýagdaýly bilýän ol näbelli adam özüni
Käbä baryp, hajy bolup gelýän özbek ulamasy atlandyryp, köp obada düşläpdi. Zandy
ynanjaň hem sadawar türkmenler bolsa “Hajy aganyň” göwnünde ikilik bardyr
öýtmändiler.
Umuman, Saragt türkmenleriniň Hywa bilen salgyt tölemek baradaky
wadasyny hasap etmeseň, uly döwletleriň hiç biri bilenem penakär tutunmak hakda
- 44 -
hiç hili wadalaşygy ýokdy. Şonuň üçinem Käbeden gelýän “hajylary-da” näme diýip
çaklasaň, çaklap oturmalydy. Ýöne günbatar ýomutlarynyň Orsýet bilen söwda-satyk
gatnaşygyny açmagy Eýran döwletini, has beterem dünýäniň köp-köp ýurtlaryny
özüne bakdyran iňlisleri biynjalyk edýärdi.
...Gowşut dagy pata ýere baranlarynda gapyda giňden ýazylan palaslaryň
üstünde bir topar aksakal oturan eken. Salam-helik alşylyp, aýat-töwir edildi. Toýdada, ýasda-da, haýsy ugrdan başlananam bolsa, gürrüňiň yzynyň şol bir äheňe—
türkmeniň başyndaky kyn güne syrygyp gitmegi indi adat bolup galypdy. Bu ýerdede şeýle boldy. Oturanlaryň biri ýakynda Pendi düzünde salyrlaryň üstüne bir topar
aýmagyň dökülip, iki adamy öldürendiklerini, bir süri maly hem alyp gidendiklerini,
edil şol wakanyň içinde bolan ýaly edip aýdyp berdi.
Güberlip oturan aksakal, ardynjyrady-da, Gowşuda ýüzlendi:
—Gowşut beg, öňräk siz obadan bir pukaranyň gyzyny alyp gaçypdyrlar-da,
ýene yzyna getiripdirler diýen gep gulagymyza ýetdi-le. O nä ahwalat boldy?
Gowşut näme jogap gaýtarjagyny bilmedi. Ol Karkaranyň başyna düşen
wakanyň gaýtadan köpçülige ýaýylmagyny islemeýärdi. Şonuň üçinem ol bir oňaýly
jogap gaýtarmagyň pikirini edip otyrka, Kelhan Kepele:
—Ýaşuly—diýip, sowal bereniň adyny ýadyna saljak boldy. Ýöne aksakalyň
adyny tapmany üçin, ýene bir gezek “Ýaşyly” sözüni gaýtalap oňmaly boldy.—
Ýaşuly, neme-dä, il käte iňňäni iner edibem görkezäýýä. O gyz alnybam gaçylanok.
Bir betniýet şeýtmäge meýil etdi. Gowşudyň ýetip gelýänini görüp, ol ökje götermeli
bolupdyr.. Biziň özümizem bardyk şo ýerde...
Kelhanyňam bolan wakany bozubrak aýtmagynyň astynda Karkaranyň
abraýyny goramagyň syry ýatyrdy.
—Asyl şeýledir-le!—diýip, sowal beren aksakal Kelhanyň jogabyny özüçe
kabul etdi.—Bolmanda-da, ýaman işe baş uran adamlar maşgalany ýene yzyna
getiripdirler diýenlerinde-de geň galypdym-la...
Ozalky gelen bir topar adam turandan soňky ara düşen böwşeňlikden
peýdalanan Gowşut ortarakda oturan daýawdan saryýagyz adamyň ýanyna geçip
oturdy, ozal il bilen bilelikde elleşilen hem bolsa, ýaňadandanam görüşdi. Bu hereket
Gowşudyň ony gaýry oturanlardan tapawutlandyrýandygyna şaýatlyk edýärdi.
Aýratyn üns berlen adama Arnaguly saryk diýýärdiler. Arnaguly Mary saryklarynyň
arasynda uly abraýdan peýdalanýan, edermen hem gaty namysjaň kişidi. Onuň häzir
aýatda ýok atasy Oraz çakan bilen dogan ýaly dostdular. Şonuň üçinem ol atasynyň
dostunyň kyrkyna gatnaşmak üçin ýörite Saragta gelipdi. Gowşut bolsa Arnagulyny
ozaldan tanaýardy.
Pessaý ses bilen saglyk-amanlyk soraşylandan soň , Arnaguly şeýle diýdi:
—Oraz akgamyzyň ruhuna sarpa goýagaýaly diýip gaýtdyk, Gowşut. Akgam
bilen köp duz iýşen adam bolmaly bende. “Seýlem bir seýil, sergezdançylygam bir
seýil” diýlişi ýaly, hem-ä akgamyzy tirsegine galdyrdyk, hemem, tanyş-biliş, dost,
ýaryň güler ýüzüne gözümiz düşdi.
—Köp ýagşy edipsiň, Arnaguly!—diýip baş atan Gowşut, onuň aýdanyny söz
bilenem tassyklady.—Düşnüksiz bir zamana boldy. Saý-sebäp bilen görşüläýmese.
Her kimiň derdeseri özüne ýetik..
- 45 -
Soňra beýleki oturan ýaşulylaryň hem goşulmagy bilen gün-güzeran, alarmançaparmançylyk hakdaky gürrüň uly düşekde örüsini giňeltdi. Türkmeni biynjalyga
salýan töwerekde döreýän wakalaryň beýanyny Arnaguly saryk dowam etdi:
—Biziňem gürrüňimiz öwrenje sazandaňky ýaly şol bir heň.
—Ýagdaý bir meňzeş bolsa, heňiňem şoňa meňzeşdir-dä—diýip, Nepes molla
Arnagulyny gepini dowam etmäge iterdi.
—Men sarygyň kethudasy däl. Ýöne men sarygyňam, teke-ýomudyňam gamly
halyna iki didesi bilen gözýaş edýän saryk bolmaly. Ony araňyzda bilýäniňizem
bardyr.—Gowşut aýdylany tassyklap baş atansoň, Arnaguly dowam etdi.—Men saýsebäp bilen Hywa gidip geldim. Ýagdaýy öz gözüm bilen gördüm diýsemem, galat
aýtdygym bolmyýa—Mädemin han Mara hem Saragta dökülmek üçin agyr goşun
toplaýa. Ýagynyň haçan döküljekdigini aýdyp biljek däl. Ýöne döküljekdigi welin
aýdyň...
—Ak işandan näme habar, Arnaguly?—diýip, myhmanyň aýdýanyndan ozal
habarlydygyny aňdyran Gowşut sowal berdi.
—Ak işan hakynda-ha entek Hywada gep-gürrüň ýok ýaly—diýip, Arnaguly
gysga jogap gaýtardy.
Gowşudyň beren sowaly düýpli sowaldy. Köneürgenç medresesinde sapak
berýän asly Bäherdenli Ak işan Gurbannazar ogly diňe öz dogduk mekanynda däl,
eýsem, tutuş Hywa sebitinde-de örän uly abraýdan peýdalanýan dindardy. Hywada
hanlyk derejesinde-de tutulýan uly işleriň köpüsi şonuň patasy alynmazdan
başlanmaýardy. Çünki Mädemin hanyň özi-de Ak işandan wagtynda sapak alan
adamdy. Gowşudyň edýän aýgydyna görä, eger-de Mädemin han Mara ýa-da Saragta
dökülmekçi bolsa, Ak işandan hökmany suratda pata alaýmalydy. Onuň iki sebäbi
bardy. Birinjiden-ä, Hywa hanlygynyň raýatlarynyň arasynda iň sarpaly işanyň ak
patasy ýeňşiň girewidi—Mädeminiň buýrugyny berjaý etmekden ýüz dönderse-de,
hiç bir nöker Ak işanyň sözüni ýykyp biljek däldi. Eger nöker şol işanyň patasyny
berjaý etmese, ony Hudaý-ha ýalkajak däldi welin, ene-ata, dogan garyndaş-da beýle
ogluň ýüzünden sypajak däldi. Ikinjiden bolsa, Hywa goşunynyň sapynda sekiz müňe
golaý ýomut ýigitleri bardy. Mädemin han şol sekiz müň türkmen nökerini öz
goşunynyň özeni hasaplaýardy. Üstesine-de, ýomut ýigitgitleriniň baş diregi
Amanýaz serdardan Mädeminiň özi-de çekinmän durmaýardy. Ýemreli, arabaçy,
garadaşly, çowdur, öküz, gojuk, garaçuka ýigitleriniň serdarlary-da Amanýazyň ýeke
sözi üçin janlaryndan geçmäge taýýardylar. Mädemin han akmak däldi, öwrümli pikir
ýöredýän, inçeden yzarlamagy başarýan uly syýasatçydy. Türkmeniň üstüne çozmak
üçin hataryna türkmen nökerleri hem girýän goşuna türkmeniň, özbegiň diňleýäni Ak
işandan pata almak ýeňşiň ýaryny söweşsiz gazanmakdy. Oňa Gowşut hem gowy
düşünýärdi. Hut şonuň üçinem ol Arnaguly saryga Ak işanly sowal bilen ýüzlenipdi..
Mädemin hanyň beýleki bir syýasatyndanam Saragt türkmenleri baş
çykarýardylar. Ol syýasat türkmeniň üstüne çozmagyň bahanasydy. Bahana üç
bölümden—salgyt, Eýran bilen gatnaşyk, Saragt tekeleriniň Mara göçmeginden
ybaratdy. Ol bahanalaryň hiç birini-de kabul etmäge tekeler razy däldiler. Sebäbi, ol
şertleriň üçüsi-de saragtlylaryň ýagdaýyny agyrlaşdyrmak üçin mazaly oýlanyp
tapylan pirimdi. Ýöne Gowşudyň aýgyt etmegine görä, üç şertiň iň agyry saragtlylary
Mara göçürmek şertidi. Ol Mädeminiň hem onuň geňeşçileriniň syýasy inçelik bilen
- 46 -
tapan şertidi. Ol şert “Iki duşmanyňy çakyşdyr-da, olar güýçden gaçansoň, özüň gan
dökmän, ýeňiji bol” diýen garşydaş ýurtlar arasyndaky gadymdan gelýän syýasatdan
ugur alýardy. Bu ýerde bolsa, Mädemin saragtlylary Mara göçürmek ýoly bilen teke
sarygy çaknyşdyrmalydy. Saragtlylar Mara göçse teke-saryk çaknyşygy Mädemin
goşulmasa-da hökmany suratda ýüze çykaýmalydy. Çünki Maryda saryklaryňam
özlerine zerur gereginden zyýat ýeri-de ýokdy, suwy-da. Bu çaknyşykda, gaýtam,
“ýaraşdyryjy” wezipäni oýnan Mädeminiň çaknyşan iki türkmen tiresiniň arasynda
galp abraý gazanmagy-da mümkindi. Syýasat diýen namart sungatda şolar ýaly
öwrümler hem bolýardy.
Saragtlylary Mara göçürmek meselesinde teke kethudalarynyň Hojam
Şükürden özgesiniň gelýän netijesi birdi. Hiç kimde saryklar bilen çaknyşmak meýli
ýokdy. Hojam Şükür hem şol pikirdedi. Ýöne ol Mädeminiňem garşysyna gidip
bilmeýärdi.
Gizlin syr diýilýän zat döwlet derejesinde-de, oba möçberinde-de gizlin bolup
uzak ýaşamaýar. Gaýtam, ol kä halatlarda gizlin boldugyça gizlin däl habardanam
gaty tiz ýaýraýar. Mädemin hanyň gizlin syrlary-da şeýle boldy. Ýogsam, onuň
saragtly türkmenler babatda-da gurýan syýasaty häli-häzirlikçe gizlindi. Ony
hanlygyň ýokary derejesinde gulluk edýän barmak basyp sanaýmaly adamdan
başgalar bilmeli däldi. Emma onuň entek amala aşyrylmadyk Ak işana ýüz tutmak
baradaky niýetine çenli eýýäm Saragtda-da bilýärler. Geň galmaly zat—Hojam
Şüküriň on gün mundan ozal Mara eden saparynda bolan gep-gürrüňiň habary entek
hanyň özi Marydanam ugramanka Saragta ýaýrady. Saryk aksakallarynyň Halypa
işan bilen Sary handan özgesiniň Mädeminiň niýetine saryk bilen tekäniň agyz
birikdirip garşy durmak hakdaky pikirini teke hany goldamandyr. Ony saragtlylar
eýýäm bilýärdiler. Şonuň üçinem Arnaguly sarygyň Oraz çakanyň kyrkynda ol
barada aýdan habary-da oturanlaryň gulagyna täzelik bolup eşidilmedi.
...Oraz çakanyň öýüniň ýeňsesinden bir gallaç kişi peýda boldy. Ol uzyn boýly,
saryýagyzdan hortap gojady. Gojanyň sag elinde, uzyn boýy bilen boýdaş bolup
duran gargy hasasy bardy. Mütgel köýneginiň eteginden garynjygy görnüp duran
dokuz-on ýaşlaryndaky oglanjyk bolsa, onuň çep elinden tutup gelýärdi. Oglanjygyň
özüne ölçelip tikilmändigi mese-mälim bildirip duran, tüýleri maňlaýyny basýan
şypyrmasynyň astyndan jyklaýan garaja gözleri zordan görünýärdi. Ol töwerekden
heder edýän ýaly, gojanyň dyzyna gysmyljyrap gelýärdi.
Oturan märekäni gören oglan ýaşula bir zatlar diýdi-de, elinden çekip, ony
saklady. Kör goja hasasyny goltugyna gysyp, barmaklarynyň arasyndan
barmaklaryny geçirdi-de, ýogyndan ýakymly ses bilen gazal aýdyp başlady:
—Essalawmaleýkim, ulug hem kiçik!
Gara bagrym gana döndi, doganlar.
Görer günüň ýagşy bolsun, halaýyk,
Gara bagrym gana döndi, doganlar.
Üste ýagy çozdy, kowha-gaç boldy,
Şum täleýim, şum ykbalym keç geldi.
Goşa ogluň başyn gyzylbaş aldy,
- 47 -
Gara bagrym gana döndi, doganlar.
Suwsana suw bersem, men Hyzyr bolsam,
Türkmeniň merdiniň ugrunda ölsem.
Atanazar diýer, men irat kylsam,
Gara bagrym gana döndi, doganlar.
Sözüni tamamlan goja, tizräk ýapyşaýmasa, idegçisi gaçyp gitjek ýaly, eleşanja
oglanjygyň ilki şypyrmasyny, soň egnini sypap, ahyr onuň eline elini ýetirdi.
—Saýyl kişi, düşek üstünden!—diýip, aksakallaryň biri kör goja oturmagy
mürähet etdi.
Gepläniň garry adamdygyny kör goja sesinden aňdy:
—Sakgaldaş, biz saýyl däl. Biz il-güne zepersiz aýlanyp ýören Taňry bendeleri
bolmaly.
—Taňry bendeleri!—diýip, aksakal ýalňyşyny boýun alýan ýaly derrew onuň
aýdan sözlerini gaýtalady.—Oturyň, tagam dadyň! Bu düşek dünýäden öteniň
kyrkyny bellemek üçin atylan düşek bolmaly. Oturyň, degsin edip geçiň!
“Heýlemi?” diýen kör goja oglanjygyň egnine kakdy. Onuň ähli hereketine
düşbi bolup giden çaga gojany Gowşut bilen Arnaguly sarygyň ýanyndaky boş ýere
eltip oturtdy, özi hem garrynyň gapdalynda aýbogdaşyny gurady. Ol ýat adamlara
garnyny görkezmäge utanýan ýaly, biz köýneginiň etegini çekişdirdi. Emma aslynda
bollukdan biçilmedik etek çekileni bilenem uzamady. Gözleri akyllyja düşbi çaga
birneme öňe eglip oturmaga mejbur boldy. Bu ýagdaýy üns bilen synlap oturan
Gowşut, oglany töwerekdäki gözlerden goramak üçin, adamlaryň öňüni penalap, oňa
tarap süýşdi. Oglan beýle hereketiň manysyna düşündimi-nämemi, Gowşudyň
ýüzüne assyrynlyk bilen seretdi-de dikeldi.
Olaryň öňünde tabak goýuldy. Pata ýeriniň düzgünine görä tabak çalt yzyna
gaýtdy. Ajygan bolara çemeli, agzyna salanyny derrew ýuwudan çaga, giden tabagyň
yzyndan hantamaçylyk bilen garap galdy.
Tabak äkidilenden soň, hiç kimden rugsat hem soramadyk kör goja:
—Alhemdulilla! Alhemdulilla!—diýip başlan dogasyny okady-da, asmana
serip oturan uzyn barmakly ellerini ýüzüne syldy. Oglan hem şol hereketi gaýtalady.
—Jaýy jennet bol-a bendäniň!—diýen ýaşuly, şondan soň, sermeşdirip,
oglanyň elinden tutdy.—Turaly, balam, turaly!
—Taňry bendeleri, namaňyz bar bolsa, ýene birini goýup gidiň!—diýip, kör
gojany başda düşege çagyran aksakal dillendi.
Kör goja aýak çekdi-de, indiki aýtjak namasyny agtarýan ýaly, gögüne garady,
keseräk durup, dodaklaryny müňküldetdi. Ol ýene gargy hasasyny goltugyna gysyp,
nama aýtmaga başlady. Oglanjyk bolsa kör atasynyň obama-oba aýlanyp, köp gezek
gaýtalan sözlerini eşidip lejigen ýaly, ojagyň başynda dik durup gazal diňleýän
Şirinjemal ejä tarap manysyz seretdi durdy.
Gojanyň soňky namasy hem iliň ahy-nalasy, agyr gün-güzerany hakdady.
Gazalyny tamamlan goja ýola düşüberende, eli tabakly gelen Şirinjemal eje
oglanjygyň ýanynda saklandy. Ol içi etden doly dogramaly tabagy öňe uzadyp:
—Al, balam, al, Oraz agaňa degsin edersiň!—diýdi.
- 48 -
Oglanyň eli tabaga tarap uzamady. Şirinjemal eje öňki sözlerini gaýtalady.
Şondan soň kör goja:
—Alaý, Molladurdym!—diýdi.
Molladurdy ilkibada dogramany niresine saljagyny bilmän aljyrady, birdenem
şypyrmasyny çykaryp, öňe uzatdy. Şypyrmany dolduran etli dograma çaganyň
gözüne hoş ýakdy.
Agzyna işdämenlik bilen dograma salyp barýan horja neresse, ahy-nalaly
aýdymlary türkmeniň beýleki obalaryna-da ýetirmek üçin, garry atasyny yzyna
tirkäp, hatardan saýlandy. Ýasda oturan märeke olaryň yzyndan gamgyn nazar bilen
garap galdy.
Günortanlar Kelhan Kepele, Gowşut, Hojaguly üçüsi köwlän käşirlerini ura
gaplap boldular. Tüňçe getirmäge giden Gurban hem wagtynda dolanmansoň, olar üç
tirkeşik bolup, derýa tarap ugradylar.
Derýanyň ýoly ýarpylananda, gara atyny öz maýdalyna sürüp gelýän Pendi
baýyň ýalňyz ogly Mälik gabat geldi. Oňa nazary kaklyşan Gowşut ädim ogurlap,
ýoldaşlaryndan biraz yza galdy. Gowşudyň tötänden gabat geläýse, baý ogly bilen
söz alşyp görmek niýeti bardy. Çünki Karkara bilen bolan wakadan soň il içine
ýaýran gürrüňde şol işde Mäligiň ýegre dosty Kiçiniň eliniň bolmalydygy
aýdylýardy. Sebäbi, Hywa hanlygynyň Marydaky dikmesi Nyýazmuhammet baý
Saragtdan hem Murgap etrabyndan paç ýüklenen kerwenleri Mädemin hanyň
gaznasyna ugratmaga taýýarlyk görýärdi. Paç kerwenleriniň ýany bilen Hemraguly
hanyň nökerleri hem goragçy hökmünde gitmelidi.
Ol mydamada şeýledi. Mädeminiň göwnünden turmak isleýän Hemraguly han,
başarsa, “janly paç” alyp gitmekden hem gaýtmaýardy. Paç kerweni Hywa her gezek
gidende “janly paç” götermek başartmasa-da, ozal telim sapar gyz alnyp gidilendigi
barada il içinde gürrüň bardy. “Ot ýanmasa—tüsse çykmaz”, aslynda haýsydyr bir
derejede hakykat bolmasa, beýle gürrüň döremeli däl ýalydy. Käbir adamlaryň
aýtmaklaryna görä, Karkaranyň başyna düşen işiň hem şol “janly sowgat” bilen
bagly bolaýmagy gaty ahmaldy. “Ýurdy belet çapar”—Kiçi kel hem gyz
ogurlamakda esasy adamlaryň biri bolmalydy.
Şol gep gulagyna ýeten hem ol barada mydama oýlanýan Gowşut Mäligiň
obadan daşrakda gabat gelenini-de kem görmedi. Ol aladasyndan netije çyksaçykmasa, “Ýatyp galandan, atyp gal” etmek isleýärdi. Ýöne ol barada Kiçi kel bilen
sözleşmegi welin özüne juda kiçilik bilýärdi.
Kelhan Kepele bilen Hojaguly atlynyň salamyny alyp geçiberdiler. Olar yza-da
gaňrylmadylar, Gowşudyň Mäligi saklanyna-da üns bermediler.
Salamyna jogap alan Mälik at başyny çekensoň:
—Hyzmat, han aga?!—diýdi. Ol “Han aga” sözüni, ýaňsylaýan ýaly, aýratyn
hetjikläp aýtdy.
—Mende hyzmat bolmaz, baý—Gowşut hem “baý” sözüni batlyrak aýtdy.—
Hyzmat ýok, gep bar...
—Gep bolsa, aýdyber.
- 49 -
Guşagyny çekişdiren Gowşut agras görnüşe girdi.
—Il içindäki gürrüň ugrunda bar bolsa, sen Kiçi kel ýaly aşnalaňňa
aýtsana...ejize ganym bolmasynlar. Degerli hossary ýok maşgala ganymlyk etmek
mert kişiniň işi bolmaly däl. Ejize ganymy Hudaýam ýazgarýar, bendesem ýigrenýär.
Taýagyň iki ujy bolýandyr. Şonam bilip goýuň...
Gowşudyň sözleri gaty täsir etdimi-nämemi, bu gezek Mäligiň sesinde
agraslykdan gaýry äheň duýulmady:
—Beýle işlere meň dahylym ýok, han aga...
Gowşut jogapdan kanagatlanmasa-da, bir zada-ha göz ýetirdi. Il içine ýaýran
gürrüň hakykatdan üzňe däl eken. Eger şeýle bolmasa, Mälik Gowşudyň sözlerinden
soň ör-gökden gelerdi, parahat geplemezdi. Ol diňe özüniň ol işe dahylsyzdygyny
aýtdy. Şonluk bilen hem ol dost-ýarlarynyň gabahat işinden bihabar däldiginiň üstüni
açdy.
Başga gep-söz hem diýmän, Gowşut ýöräberdi. Ol öz herketiniň baý ogluna
täsir edendigine ynandy. Sebäbi, ol Mäligiň jylaw silkmänkä, özüne garap baş
atandygygyny görüp galdy..
Derýa kenaryna ýeten üç kişi el ýuwmaga-da ýetişmedi. Sag kenary syryp,
gündogarlygyna gelýän iki sany gara göründi. Olar iki bolsalaram, bir-birege
söýenişip gelýändikleri üçin ýeke adam ýaly bolup görünýärdi. Beýle ýagdaýa geň
galan Gowşut: “Bu nä boluş?’diýip pyşyrdady.
Goşa bolup görünýänler has bärräk gelensoň, ýagdaý birneme aýdyňlaşdy. Orta
ýaşlaryndaky adam, ýykylyp ýatmasa-da, ysgyn-deramaty ýok ýaşula ýöremäge
medet berip gelýärdi. Ýaşuly Karkaranyň kakasy Daňatar aga bolup çykdy. Derýa
kenaryndaky jany sag üç kişi, ony tananlaryndan soň, begençden, geň galmakdan
ýaňa doňup galdy. Olar aňk bolup durdular. Kelhan Kepeläniň ozüniň däl-de, başga
kişiniň sesi bilen aýdylan ýaly:
—Daňatar geldi! Daňatar gelýä, adamlar!—diýen habary onuň özünem,
ýoldaşlarynam ukudan açan ýaly etdi. Üç sany epeý adam üç ýerden öňe haýdady.
Saragtlylaryň arasynda seýrek bolýan zat—üç sany erkek Daňatar agany gezekgezegine gujaklady. Kän mahal bäri gözden gaýyp bolanam bolsa, aljyramakdan,
tolgunmakdan ýaňa ýaşula Taňry salamyny bermek-de unudyldy.
Daňatar agany ilki gujaklan Kelhan, uly adamyň göwresini gujaklaýanyny hem
duýmanson, gojany sag-aman oba ýeter hem öýtmedi. Emma ol beýle däldi. Gojanyň
jany sagdy-da, ysgyny ýokdy. Hojaýynynyň odun ýygmaga iberen ýerinden
töwerekdäkileriň gözüne çöp atyp gaçan Daňatar aganyň azyk—owkatsyz çölbeýewan söküp ýörenine şu gün öýlän göni bir hepde dolýardy. Onuň goltugyna girip
gelýän rehimdar adam bolsa bir çaý içim salym wagt mundan ozal garaşylmadyk
ýagdaýda gabat gelipdi.
Aňyrdan ýetip gelýän Gurbana gözi ilen Kelhan Kepele, hata iş eden adama
ýüzlenýän ýaly, näme üçindir, gaharly ses bilen:
—Derrew yzyňa gaýt-da, oba habar ýetir. Daňatar daýyň geldi, Daňatar
daýyň!—diýip, gygyrdy.
Az salym aňk bolup duran eli tüňçeli Gurban, birdenem yzyna aýlandy-da,
aýagynyň ýetişdiginden ylgamaga başlady.
- 50 -
Goňşy gapyda alajabag örüp oturan Ýazsoltan ýeňňä-de hoş habary aýdyp
geçmegi unudan Gurban öýe kürsäp girdi-de, Karkarany görüp saklandy, sandyraýan
barmaklary bilen maňlaýynyň derini çaldy. Ol sojap-sojap gepledi.
–Daýym geldi, Karkara! Daňatar daýym geldi!
Karkara eşiden habaryna ynanmazçylyk edýän ýaly, ilkibada gözlerini
petretdi, birdenem, süňňi gowşap, ysgyndan gaçdy. Gara tärimler, hatar-hatar uklar,
tüýnük, ýary görnüp duran serpik gyzyň şatlygyna goşulýan ýaly, onuň daşynda esli
salym pyrlandy.
Gurban Karkara bir zat diýjek boldy, emma dili hereket etmedi. Şol mahal
hem ýaş ýigidiň alakjap gelmeginden bir zat aňan Ýazsoltan ýeňňe bosagada peýda
boldy.
“Öýle namazyndan soň erkek adamlar galanyň ýanyna ýygnanmaly” diýen
habar obalaryň ýaşulylaryna ýeteninden ilat biynjalyk boldy. Çagyrylanlar diňe
erkekler bolsa-da, gelenleriň arasynda aýalam kändi.
Köne galanyň öňi gyzan bazara döndi. Uzakdaky obalardan atly, eşekli, düýeli
gelipdiler. Ulaglaryny daşarda çem gelen zada baglan adamlar galanyň içine girdiler.
Şonuň üçinem, atlaryň kişňemesinden, eşekleriň aňňyrmasyndan ýaňa galanyň
daşyndaky galmagal hem içindäkiden pes däldi.
Aýallar erkek adamlara goşulman, bir böwürde aýratyn otyrdylar. Olar
zenanlara mahsus däl häsiýetde, edil ýasa gelen ýaly, ýektaýlaryny çümre bürenişip,
gep-gürrüň bilen işleri bolman dymýardylar. Olar bolmasy bir howply mesele bardyr
öýdüp howatyrlanýardylar, kim adamsynyň, kimse dogan-garyndaşynyň ýany bilen
gaýdypdy. Erkek adamlaryň näme sebäbe gala ýygnanýandygynyň sebäbini bolsa
olar bilmeýärdiler. Şol hem aýallary has-da alada goýýardy.
Garaşylmadyk ýygnanyşygyň sebäbini ýeke aýallar däl, heniz erkekler-de
bilmeýärdiler. Diňe “Türkmeniň üstüne Mädemin çozjakmyş” diýen çaklama bardy.
Agtygynyň golundan tutup, kör gojanyň galada peýda bolmagy hemmäniň
ünsüni özüne çekdi. Märeke sowlup, goja bilen oglanjyga ýol berdi. Oglanjyk
atasyny Hojam Şükür hanyň il-ulus huzuryna gelende kabul edýän gala içindäki
öýüne tarap alyp barýardy. Kör goja köne heňini gaýtalaýardy:
…Müň ýyl ýaşar ganymlary tükeden,
Ýygylsyn goçaklar saryk, tekeden...
Gyzylbaşy sanjyň ýeke-ýekeden,
Gara bagrym gana döndi, doganlar.
Oraz Ýagly ýaly ärler döresin.
Amansähet ýaly şirler döresin.
Zarbyňyzdan daglar-daşlar eresin,
Gara bagrym gana döndi, doganlar...
Kör goja gazalynyň yzyndanam:
—Mert boluň, goçaklar! Merdana boluň, goçaklar!—diýip, aýallaryň deňinden
geçip gitdi.
- 51 -
Goja gidensoň, Pendi baýyň aýaly Ogultäç eje gapdalynda oturan Ýazsoltan
ýeňňä ýüzlendi:
—Wiý, Ýazsoltan, “Hywa çozupmyş” diýýädiler welin, kör diwana “gyzylbaş”
diýýän ýaly-la?!
Ýazsoltanyň gaýtarara jogaby-da ýokdy welin, Atanazar diwananyň gelmegi
bilen gowury kiparlan märekäniň ýene galmagaly güýjäp başlady. Hemmeler baş
hanyň öýüne tarap seredişdiler.
Hanyň öýünden bir topar adam çykdy. Olaryň arasynda ile has bellileri Hojam
Şükür, Oraz Ýagly, Pendi baý, häzirki ýagdaýda-da tesbisini elinden aýyrmaýan
Seýitmuhammet işandy. Olaryň Gowşutdan özgesi galanyň ortasynda, adamlardan
saýlanmak üçin galdyrylan gum üýşmeginiň üstüne çykdylar.
Aýak üstünde duran jemende kethudalaryň aýtjak habaryna garaşdy. Emma
habar kän garaşdyrdy. Hojam Şükür hanyň ojagynda uzak mahal dowam eden
maslahat, meseläni çözdüm edenem bolsa, gutarnykly bir çukura tüýkürilmändi.
Esasy mesele ikidi—ilatdan nöker ýygnap, berk goşun toplamak hem Saragt ilatyna
täze baş han saýlamakdy.
Öňe sürülýän Oraz Ýagly indi baş han wezipesine bellenmekden gojady.
Hojam Şükür han maslahat mahaly Hywa hanlygy bilen bolmagy gaty ahmal
çaknyşyga taýýarlyk görülmegine garşy çykdy, çaknyşygyň türkmenler üçin utulyş
boljakdygyny nygtady. Şeýle hem ol häzirki agzalalykda baş hanlyk wezipesini hiç
kimiňem özünden gowy oňarmajakdygyny aýtdy. Oraz Ýagly oňa derek baş hanlyk
wezipesine Gowşut hany teklip edende bolsa, ol açykdan-açyk garşy çykmasa-da,
köpmanyly ardynma bilen nägileligini duýdurdy.
Maslahatyň başynda baş hanlyk aladasy üstüne ýüklenjek bolanda, Gowşut
çürt-kesik razylaşmady. Ol basym Mara döküler öýdülýän Hywa goşunyna garşy
çykyp, saryklara arka durmaly bolsa, ilden ozal atlanjakdygyny aýdyp, tutuş Saragta
öňbaşçy bellenmegini unamady. Onuň hem öz sebäbi bardy. Hojam Şükür han häzir
il üçin düýpli alada etmese-de, onuň tarapdarynyň sany köpdi. Ol mekirdi, gerek
ýerinde gaty ugurtapyjydy. Şonuň üçinem ilatyň esli bölegi ony ýürekden goldamasada, aýdanyna kän bir ýok diýmeýärdi. Gowşudyň pikiriçe, Hojam Şüküre-de esli
ynam bildirýän ilat, onuň diriliginde, han saýlansa-da özüne “hä” diýmäýjek ýalydy.
Hojam Şükür, daýy-ýegendiklerine garamazdan, gönümelligi, dogrusözlüligi üçin
Gowşudy onçakly halamaýardy. Gowşudyň özi ýok ýerinde onuň adyna öwgüli söz
aýdyldygy, gödek zat diýmese-de, iň bolmanda “Öwezdurdy hanyň ogly dälmi?”
diýip galýardy. Ol hem Gowşudyň il içindäki abraýyna şikest ýetirýärdi. Iliň
tutuşlygyna saňa ynam etmeýän halatynda han bolup öňe düşseňem, abraý
gazanylmajakdygyna Gowşut düşünýärdi.
Oraz Ýagly Seýitmuhammet işana ýüzlendi:
—Işan aga, jemagaty habardar etmeli…
—Aý, näme, han…—Seýitmuhammet işan hem, ozal gutarnykly bir netijä
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gowşut han (Saragt galasy) - 06
  • Parts
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 01
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2204
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 02
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 2115
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 03
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2148
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 04
    Total number of words is 3873
    Total number of unique words is 2177
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 05
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2155
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 06
    Total number of words is 3811
    Total number of unique words is 2149
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 07
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2157
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 08
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2173
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 09
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 2166
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 10
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2144
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 11
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2187
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 12
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2180
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 13
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2197
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 14
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2141
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 15
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2172
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 16
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2134
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 17
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 2059
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 18
    Total number of words is 2341
    Total number of unique words is 1456
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.