Latin

Gowşut han (Saragt galasy) - 13

Total number of words is 3836
Total number of unique words is 2197
31.6 of words are in the 2000 most common words
44.4 of words are in the 5000 most common words
51.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
—Heý,özünde beri bala-çaga nebsiagyryjylyk oýanmazmyka oň?
—Ýomudyň bala-çagasyny suwsuz gyrmaga taýyn Mademiniň teke çagasyna
nebsi agyrar öýdýäňmi?
Şony diýmek bilen, Gowşut han 1834-nji ýyldan bäri ýomut türkmenlerininň
ýerini suwaryp gelýän Dawdan akymyny hem köne Şarlawugy bent bilen baglamaga
Mädeminiň 1850-nji ýylda buýruk berendigini ýatlaýardy. Dawdan bilen Şarlawugyň
öňüni bent bilen baglamak ýomutlary gönüden-göni gyrgynçylyga bermek ýa-da
geçmeli suwy kesmek üçin bokyrdakda penje saklap durmakdy. Hökümdar zalym
bolanda, bala-çaganyň agy sesi onuň gulagyna hoş owaz bolup eşidilýär eken.
...Uzyndepäniň üstünde adam kändi. Kelhan Kepele bilen köne donunyň bili
eriş bilen guşalan, telpegi çümre geýlen Gowşut göreş tutýanlaryň ýanynda aýak
çekenlerinde-de hiç kim olara üns bermedi. Uzyndepäniň üstünde baş han peýda
bolar öýdüp pikir hem etmeýän adamlar öz şowhunlary bilen gümrady.
Göreş mahaly “gaňyr” bilen “basdan” gaýry gep-gürrüniň bolmajakdygyny
bilýän han, dört sany aýagyň töwerege gum tozadýan ýerinde uzak saklanmady.
Indiki barlan ýer köp adamlydy. Ol ýerde göreşem ýokdy, gaýry oýnam.
Daşyna halka bolup aýlananlary bir zat aýdyp, gyzyl-gyran gülüşdirýän adam Aý
aýdyňda gara tüňçe ýaly bolup oturan müçesi kiçi ýaşulydy. Kelhan Kepele: “Ol
Hezil aga bolmaly” diýip pyşyrdanda, Gowşut han ony ýakyndan tanamasa-da, adyny
eşidýändigini ýadyna saldy. Çyn adynyň nämedigini bilmese-de, han onuň lakamy
bilen tanyşdy.
Çokga sakgally ýaşuly gepe çeper adamdy. Ol diňleýänleriň özleri ýadaýança,
gyzykly gürrüňleri, erteki aýtmagy başarýardy. Adamlara hezil berýäni üçinem oňa
“Hezil aga” diýen lakam galypdy.
Ara düşen gülki-gowurdan soň Hezil aga gürrüňini dowam etdi.
—Aý, patyşa oýnatgy bolsa, wezir-wekili parasatly bolmaly-da. Ikiden biri.—
Çeträkde oturanlaram eşitsin diýip, Hezil aga sesine bat berdi.--Alla bir zady zyýat
etse, beýlekisini kem etmeli-dä...Onsoň, ýaňky kemakyl patyşanyň Peýruz atly akyl
käsesi püre-pür, dana weziri bolupdyr..
—Özüň oýnatgy bolsaň, weziriň danalygyndan ne peýda!—diýip, ýa-ha gepi
gyzyklandyrmak üçin, ýa-da gürrüniň soňuna tizräk ýetmek islän biri ýaşulynyň
sözüni böldi.—Del adam huzurynda otyrka, patyşanyň agzyna gep salyp bermek
bolmaz ahyryn.
—Dur-r, köşek!—diýen Hezil aganyň süýem barmagy howada öwrüm etdi—
Menem şony aýtjak bolýan-da..
—Hany?
—Bir öwra ýaňky akmak patyşanyň huzuryna çet ýurduň ilçisi gürrüň
geçirmek üçin gelmeli bolýa. Myhman gelmänkä,hiç kime görkezmän,patyşanyň
satanynyň arasyndaky märsäniň ujumdan inçejik sapak dakyp,ony oturmaly ýerinde
oturdan akylly wezir sapagyň beýleki ujuny hem öz barmagyna daňýa.
—Närsesinden ýüp daňdyryp, patyşa bolaýşyny!
—Şony diýsene!
—Ony näme üçin beýdýäkä?
- 127 -
—Şoňa düşünmeýän bolsaň, seňem akmak patyşadan gowulygyň ýok—diýip,
bu gezek Hezil aganyň özi hezil edinip güldi.—Ol patyşa birden artykmaç gepläýse,
“jylawyndan” çekmek üçin edilýä.
—Ýüp daňjak bolsaň, gulak bar, sakgal bar. Hökman satanyň arasyndan
daňaýmalymy?
—Satanyň arasy hem gizlin hemem amatly-da. Garşyňda ilçi otyrka,
sakgalyňdan ýa gulagyňdan sapak sallanyp dursa, gülkünç bolmazmy?
Gülüşmäge sähel bahana gözläp duranlar soňky sözleriňem gülki ýüküni
ýetirdiler.
Gowşut hanyň edil gapdalynda durup, arkan-ýüzin gaýşyp gülýän bir ýaş ýigit
içki joşgunyny gülki bilen daş çykaranyny hem az gören ýaly, bir eli bilen baş hanyň
egnine-de kakyp goýberdi. Han içini gepletdi: “Bu nä gowulyk! Pursat tapylsa,
gülmegem unudanok bular. Başda howp bar diýip, içlerini hümledip, oraçada busup
otursalar nädip bolardy? Bu nä gowulyk!”
—Hawa, adamlar, onsoň çet illi myhman bilen gep-gürrüň başlanýa..
—Senem, Hezil aga, şo mahal, iň bolmanda, weziriň gapdalyndamydyň?-diýip
biri ýaňsyly sowal taşlady.
Hezil aga sowala ünsem bermedi:
Ilçi bilen ýurt arasyndaky alyş-berşiň gürrüňi edilýä. Samsyk patyşa akylly
weziriň yşaraty bilen gerek ýerinde baş atmalymyş. Makul däl gep gabat gelse-de,
ýene şol yşarat bilen baş ýaýkamalymyş. Galan mahaly ol weziriniň yşaratyna
garaşyp dymmalymyş..
—Başdan-aýak dymyp otursa, ol birhili bolmazmy, Hezil aga? Ol padyman 1
däl, patyşa ahyryn?!
—Padymandan parhy bolmany üçinem dymany gowy-da. Ähli gepem şonda.
Öz gepi bilen ýöreýän adam patyşa bolsa-da, uzak oturmaýa. Töwerege “Hä” diýip,
öz bähbidini araýan wezirleriniň gepi bilen ýöreýän patyşa uzak togtaýa.
Töwerekdäkilere bolsa şalyk gerekgä, baýlyk gerek. Hazynaň baýlygyna-da diňe
patyşa akmak bolanda arkaýyn el urup bolýa.
—Ol hiç. Yzyny aýtsana!
—Ýaňky akmak patyşa gep-gürrüniň arasynda käte ilçiniň ýüzüne garaýamyşda: “Siziň ilde-de...” diýýämiş. Yzyny bolsa aýtman goýýamyş. Sebäbi patyşa bir
namartaý gep ataýmasyn diýip, ol agzyny açandan, wezir ilçä duýdurman, barmagyna
daňylgy ýüpi çekýär ekeni. Ozalky şerte görä, ýüp çekilse, patyşa dymaýmalymyş. Tä
ilçi gürrüňini gutarýança, maý bolsa, patyşa “Siziň ilde-de...” diýen gepini gaýtalap
otyrmyş. Çet illi myhmanlary ýola salyp, yzyna dolanan wezir: “Merhemetlim, ýaňy
siz zol-zol “Siziň ilde-de” diýen gepi gaýtaladyňyz oturdyňyz welin, ilçä näme diýjek
bolduňyz?” diýip soraýa. Agras görňüşe giren patyşa: “Men ondan: “Siziň ilde-de
patyşanyň satanynyň arasyndaky närseden ýüp daňýalarmy?” diýip soraýjakdym”
diýýä.
Hezil aga ýene bir zatlar diýişdirdi. Ýöne onuň soňky sözleri gülki guýusyna
düşen damja bolup ýitip gitdi.
1
Padyman – sygyr çopan
- 128 -
Gülki-gowur ýatyşandan söň, bu ýerden gitmekçi bolan Gowşut han bilen
Kelhan Kepeläni soňky aýdylan gep saklady.
—Şu mahal Gowşut hanyňam satanynyň arasyndaky närsesinden ýüp daňyp
biljek teke tapylaýsady..
—“Öý diňlän öz gepini eşider!”—diýip, Kelhan Gowşudyň gulagyna
pyşyrdady.
—Ikimiz öz gepimizi eşitmek üçin bu ýere geldik-dä.
—Öz gepiňi eşidesiň gelýäniň çyn bolsa, ýene biraz tagapyl et—diýip, Kelhan
Kepele ýylgyrdy.—Üstüňden-ä barlandyr...
Gowşut hanyň adyna gep oklanyň sözi märekä siňip gitmedi. Ony gülki bilen
makullanam, oňa söz bilen garşy çykanam tapyldy.
—Aý, Gowşut hanyň närsesine eýýäm ýüp daňlanam bolaýmasa.
—Ha-ha-ha-a!
—Ýüpüň beýleki ujy kimiň elindekä?
—Ýüpüň beýleki ujy Mädeminiň elinde bolar-da.
—Hah-hah-ha-a!
—Onyň-a “Düýe nirde, närsesi nirde” diýlen boldy. Gowşut Saragtda,
Mädemin Maryda. Ýöne Gowşut iliň hany bolýan bolsa, näme üçin Mädemin gel
diýende, ili halas etmek üçin Mara tarap atlanmady. Men şoňa düşünemok.
Aý aýdyňda mähnet garantga ýaly bolup görünýän daýaw adam elini
kelemenletdi.
—Bigaýrat bolmalyň, adamlar! “Mert Hudaýdan görer, namart ýoldaşdan”
Başa agyr gün düşende, öňbaşça şyltak atýan adam kişi däldir...
—Saňa kişiligimi görkezäýsem, toba gelermiň?—diýip, öňki geplän öz
gyzmalygyny görkezdi.
Daýaw adam hem ondan pes oturmady:
—Sen öz kişiligiňi Uzyndepäň üstünde mazamlama-da, erte ýagy gelende
görkez.
—Hana arka durmaly mahaly gyşyk geplesek, dogrudanam, mertlik däl—
diýip, bir ýaş ýigit daýaw adamy goldady.—Başa geleni bile çekişmesek, hanymyz-a
han bolmaz, bizdenem mert kişi çykmaz.
—Dürs aýdýaň, ýaş ýigit. Ahala çapar gönderip, näden nä borka edip, Eýrana
girew iberip, bir hepdede üç gezek türgenleşik gurap ýören hana ňädip dil ýetirip
bolar?
—Şu mahal biz Gowşut hanyň arkasynda dag ýaly bolup durmasak—diýip,
gaty gygyran Hezil aga, tüýküligine düwündimi-nämemi, üsgürinip, az-kem dymdy.
—Şeýtmesek, näme bolarmyş, Hezil aga?
—Gowşut hanyň arkasynda durmasak, bileňokmy näme boljagyny?—diýip,
özüni dursän Hezil aga öňküsindenem gaty gepledi.—Aýdaýynmy näme boljagyny?
—Aýt-da aýtjak bolsaň.
—Biz öz hanymyzy goldamasak, bir ujy Mademiniň elindäki ýüpüň diňe
Gowşut hanyň däl, hemmämiziňem närsämizden daňyljagy belli zat. Kişileň närsesi
duşman tarapyndan daňlansoň, hatynlammyzyň nä güne sezewar ediljekdiginem
özüňiz biliberiň!
- 129 -
Geplände mydama adamlary güldürýän Hezil aganyň bu sözleri märekede
gülki däl, ýöne ýylgyryşam döretmedi. Asyl hiç kimden ses-seda-da çykmady.
Nyýazmuhammet baýyň howlusyna ýetilende, “Güýçliň gowusy ýok” diýen
gepi ýatlan Gowşut han Mädemin başdan hörpüni ýokardan tutar öýdüp oýlandy.
Emma onuň çaky dogry çykmady. Salam-helik alyşmak, hal-ahwal soraşmakda
Hywa hanynyň agzyndan çykan sözler uruşmak niýeti bilen ýörite goşun çekip gelen
güýji rüstem kişiniň aýdaýmaly sözlerine meňzemedi. Esasy gürrüňe geçilende-de,
birneme haýbatlyrak geplenäýmeli ýerinde hem Mädemin sypaýyçylygy elden
bermedi. Hatda Gowşut han ýagdaýa görä hereket edip, Hemragulyny nökerleri bilen
Saragtdan çykarandygy üçin ötünç soranda-da, Mädemin myhmanynyň aýdanyny, iň
bolmanda, daşyndan-a makullap, baş atdy.
Teke hanynyň ýany bilen huzura gelen Nepes molla gürrüňe goşulman, iki
tarapyňam aýdýanlaryny üns bilen diňläp otyrdy. Iki hanyň arasyndaky gepleşik, edil
bagşynyň ilki pessaý heňden başlap, kem-kemden ýokary galyşy ýaly, gitdikçe
agyrlaşyp ugrady.
Mädemin birneme agraslanansoň:
—Han—diýip ardynjyrady.—Men sizi goňşy arada birek-birege zelel
ýetirmän, gaýtam, ýardam edip ýaşalyň diýmäge çagyrdym. Hywanyň saryga, tekä
ýamanlygy ýok.
—Biz şeýle niýetli çakylyga mynasyp bolanymyz üçin Hudaýdanam, sizdenem
razy—diýip, Gowşut han birhili, öz sözi bilen sözlemeýän adama meňzäp gepledi.—
Agzybir, arkalaşykly ýaşamagyň gymmatyna biz gowy düşünýäs, merhemetli han.
Biz şoňa mätäç. Türkmende “Arkalaşyk iki başdan” diýen gepem bar.
—Ras aýdylan gep, ras. Dogusyny aýtsam,siziň ýagdaýyňyz gowy däl, han. Siz
ony menden ýagşy bilýänsiňiz. Bir tarapyňyz Eýran, bir tarapyňyz aýmak. O
ýurtlaryň ikisi-de parahat ýaşandan goňşusynyň aýagyna badak atanyny gowy görýän
ýurt. Biz Mary iline ugramazymyzdan burun kän pikir ýüwürdip, şeýle netijä geldik:
Hywa arka durmasa, türkmeniň haly teň boljak. Birek-biregi penalamak üçinem agyr
goşun lazym...
—Goşun-a gerekdir, merhemetli han.
—Agyr goşun bizde häzir. Ýöne onam eklemeli, saklamaly. Uly harç-harajat
gerek. Şol meselede biziň akyldarlarymyzyň gelen netijesi siziňem göwnüňizden
turman durmasa gerek.
—Aýdyň, diňläp göreliň!
—Diňläp görmeli däl, han.—Mädeminiň perdäni aşakdan tutup başlandygyny
Gowşut onuň äheňi haýbatlanan sesinden aňdy.—Aýtsak, Saragt tekeleri Mara
göçmeli. Hywa bilen bir bolmaly. Arkalaşyk ädimi Mary topragyndan başlansa ýagşy
bolar.
Gowşut han her hili pirime garaşsa-da, Mara göçmek teklibi beýle göni, beýle
pert aýdylar öýdüp garaşmandy. Bolsa-da, ol teklip aýdylan bada nämäniň näme bilen
- 130 -
baglaşýanyny derrew kellesinde aýlady-da “Aýdyberiň” diýýän ýaly Mädeminiň
ýüzüne garady
Hywanyň “maslahatynyň” Saragt üçin buýruk bolup eşidilmelidigine
ynanýandygy üçin Mädemin han güýjüniň zyýatdygyna garamazdan, mylaýym
geplemäge çalyşdy.
—Türtkmeniň arkasynda Horasan däl, Hywa durmaly, han. Sünni sünni bolar,
şaýy—şaýy.—Töwerekde bolup geçýän wakalardan kemsiz habarly Mädemin açylyp
ugrady: — Baş wezir Sadryagzamyň teke meselesinde näme pikir edýäninem,
düýşünde näme görýäninem biz bilýäs. Sadryagzam bu gün çagyrmasa-da, erte sizi
çagyrar. Onuň maksady amala aşsa,türkmeniň haly has-da agyrlaşar. Siz şondan ožal
Mara göçseňiz, Saragt üçinem, Hywa üçinem ynjalykly bolar. Hywa-da Eýran bilen
çaknyşmasyz bolar..
Mädeminiň soňky aýdanlarynyň ýapyk manysy Gowşuda-da, Nepes molla-da
düşnüklidi,—Hywa hany Saragt-ha beýle-de dursun, hatda Eýran ýaly uly döwlet
bilen erjeşmäge-de güýjüniň bardygyny myhmanlaryna duýdurýardy.
Ýuwmarlamak, gep oýnatmak bilen alyp biljek galasynyň bolmajakdygyna
düşünen Gowşut han gönülemeli boldy. Hywa hanynyň meseläni keserdip
goýmagyndan soň, açyk geplemekden gaýry ýol hem galmaýardy.
—Saragty terk edip, Mara göçmäge entek wagt ýetenok, merhemetli han.
Ozaly bilen Murgabyň suwunyň reýgan bolmazlygynyň ýoluny tapmaly. Suwy
tygşytly ulanar ýaly niresinden, nädip bent gurmagy anyklamaly. Megerem ki, siziň
beýik hanlygyňyz Saragt türkmenlerine hossar çykmak isleýän bolsa, şu mahalky
ýaşaýan ýerinde-de hossarlyk edip bilerdi. Saragt türkmenleri Mara göçse,
tekeleňňem, saryklaňňam meýletin gyrgyna berildigi bolar.
—Onda siz Hywanyň teklibini türkmeni gyrgyna bermek diýip kabul edýäňizdä? Beýle meýli bar bolsa, Hywa sizi Mara göçürmänem gyrgyna berip bilerdi
ahyryn.
- Sizde beýle meýil ýogam bolsa, şu maslahatyňyz amala aşsa, biziň gyrgyna
berildigimiz bolýa. Marynyň suwy häzir sarygyň özüne-de ýetenok. Ony siz
bilýäňiz.—Muny aýtmak bilen Gowşut Mädeminiň birneme ugrundan gopmak isledi.
Emma ondan peýdaly netije çykmady.
—Ýagdaý şony talap edýä, han.
Mädeminiň soňky sözi gepleşigiňem soňky nokady boldy. Gowşuda uly
çaknyşykdan ozal diňe birneme wagt utmagyň aladasyny etmekden gaýry ýol
galmady.
—Hywanyň maslahatyna gutarnykly jogap gaýtarmak üçin bize bir hepde
puryja berin, merhemetli han. Çünki tutuş ilaty bir ýerden başga ýere göçürmek ýaly
meseläni aksakallar bilen maslahat etmezden, meniň täk özüm çözüp biljekgäl.
Hernäçe puryja berlende-de, Gowşut hanyň ýene bir hepdedenem Mara
göçmek meselesinde üýtgeşik jogap getirmejekdigini öňünden bilýän, şony hem
isleýän Mädemin ol haýyşy gepsiz-gürrüňsiz kanagatlandyrdy.
- 131 -
1855-nji ýylyň mart aýynyň 4-i güni öýleden soň bolan maslahaty Gowşut han
uly çaknyşygyň öňündäki iň soňky geňeş hasaplady. Umuman, ol geňeşiň Saragt
tekeleri üçin asla-da iň soňky geňeş bolmagy ahmaldy.
Gowşut han Mädemin Ynagyň saragtlylaryň öňünde goýan şertini eýýäm
hemmeler bilýänem bolsa, Hywa hany bilen bolan gürrüňi ýene bir gezek jikme-jik
beýan etdi. Mara göçmek meselesinde aksakallaryň geňeşden öňürti bir çukura
tüýkürendiklerinden habarly baş han öz gepini şeýle tamamlady:
—Bize gidere ugur, sümere deşik ýok. Üstesine-de, her göç diýene baş egip,
tärimi howuda ýükläbersek, düýäň üstüni mekan tutmaly bolaýmasak.
Oraz Ýaglydan başlap, aksakallaryň hemmesi aýdylany makullap baş atdy.
Emma kimdir biri garaşylmadyk ýerden:
—“Eglen başy gylyç kesmez” diýen gepem-ä bardyr, han—diýdi.
—Maňlaýymyzy ýere degirmänräk, eglibem gördük. Utan kenegimiz
bolmady—diýip, hana derek Nepes molla gepledi.
Baş han şahyryň aýdanynynyň üstüni ýetirdi.
—Başymyzy aman goýjak bolup, ondan aşak eglibersegem, syrtymyz açyljak.
Beýtsegem, haýasyz hywaly syrtymyza aýlanjak. Ýa “Namartja olam, sagja olam”
diýlenini edäýeliňmi?—Gowşut sowal bereniň ýüzüne dikanlap seretdi.—Şoňa
razylyk berýäňmi?
Sowal beren adamyň ýüzi gyzaryp gitdi, emma sesini çykarmady. Onuň içki
pikirini Gowşut hanyň özi beýan etdi:
— Soňky şerte razy däldigiňi eýýäm gyzaran ýüzüňem aýdyp dur ahyryn...Indi
eglişige ýol galmady. Gep ýowa garşy durmakda.
Baş hanyň soňky teklibini geňeş goldady. Ýöne onuň ilaty galada jemlemän
söweşmek pikiri jedel döretdi. Hanyň pikiriçe, adamlary gala gaplap goýup, söweşe
girmeli däldi. Ony aksakallaryň, batyrlaryň hem köpüsi oňlamady.
Ilki bilen Goňuryň edermen ýigidi Şalha batyr gepläp, ol öz pikirini şeýle
tamamlady:
—Barybir, Taňry ajala salym bermejek bolsa, suwsuz çölde şehit bolandan,
Saragt galasynyň içinde öleniň ýagşymyka diýýän men-ä, han aga.
Gowşut han göni Şalha batyra seredip oturana meňzese-de, nazary töweregi-de
görüp ýetişýärdi. Şonuň üçinem ol Şalha batyryň aýdanyny köpleriň baş atyp
goldandygyy saýgardy.
—Biziň bu galamyz ýaragyň duşman ýaragyndan güýçli bolsa, galadyr. Bu
gala bir gara gazan. Aşagynda ot ýaksaňam bolar, üstüni gapaklap, howasyny
kesseňem bolar. Mädeminiň süýräp getirýän toplary şu gazanyň gapagy bolmaly.
Özi-de, meň aýdýanymdan dürs many çykaryň, adamlar. Men ýowa garşy durup
bilmejek garrylary, bala-çagany, zenanlary çöle çykarmak hakda aýdýan. Biz
gyrylsagam, neslimiz dowam eder ýaly tohumlyk galmaly ahyryn.
Baş hanyň pikirine goşulýan Nepes molla niredendir bir ýerden ýadynda
galan:
“Dary şa çozanda türkmen üstüne,
Tumar gyz ýeňipdi Garagum bile”—diýen setirleri gaýtalady. Emma ol, hiç
kim eşitmedik ýaly üns berilmänem galdy.
- 132 -
Teke geňeşi erkindi. Onda agzyna näme gelse, aýdyp goýberýänem tapylýardy.
Bu gezegem şeýle boldy. Çokga sakgally arryk ýaşuly gobsundy-da:
—Biziňki ýylanyň gumy gysgayşyna barýan bolaýmasyn, han?—diýdi.—
Mädemine ýer gerek bolsa, Saragtyň ýeri gytmy? Bereliň-dä. “Ýamandan boýuňy
satyn alyp gaç” diýen bir gep bar.
—O gep bar, agam. Ýöne “Dört derwüş bir keçä sygar, iki soltan bir ýurda
sygmaz” diýenem bir gep bar. Mädemine toprak derkar däl. Ol teke bilen sarygy
çakyşdyryp, ikisini bir ýumrugyň içinde saklamak isleýä. Teke bilen sarygyň birbirini gyrmagyny maksat edinýä. Teke Mara göçse, Mädemin şol maksadyna, harçharajat çykarman, öz ganyny dökmän, teke bilen sarygyň dökjek ganynyň hasabyna
ýeňiş gazanýa. Oňa ýer gerek däl, şer gerek. Sen şoňa düşünýäňmi, agam?
Hanyň “agasy” “Düşündim” diýse-de, onuň indiki atan sowaly öňküsiçe-de
bolmady.
—Senem onsoň Mädeminden gorkýaňmy?
Gowşut han ýaşuly adamyň gepini ünssüz goýup, ony köpçüligiň öňünde
gelşiksiz ýagdaýa salmagy uslyp bilmänsoň;
—Men saňa näme diýsemkäm, agam?—diýip, çalaja ýylgyrdy.—“Han handan
gorkar, han hatynyndan”. Töwekgelçilik, ynam gowy närse. Ýöne gorkmalyňdan
ätiýaçsyz bolmagam akyldan nyşan däl bolsa gerek.
Çokga sakgallynyň başga ýana alyp giden gürrüňiniň ugry ýene Şalha batyryň
başlan gepine dolandy. Başy şypyrmaly adam gepledi:
—Şalha batyryň aýdanyny bizem unaýas, han aga. Şü kyrk ýaşymyň gylla
ýaryny çölde geçirdim. Şu mahalam mallary ogluma goýup, bi ýere geldim.
Gaşy çalarak çytylan Gowşut han:
—Gepiň magadyny aýt, agam. –diýdi.—Ýogsam, tekäň ojak başyndaky
gürrüňi Mädemin gapymyzdan garansoňam gutarmaz.
—Gepimiň magady, han aga, çöl diýilýän närsä men gaty belet. Ajalyň üstüne
baryp, amanadyňy tabşyrandan, oň özi seň üstüňe gelsin.”Hä” diýmän jokrama
yssam başlanar. Ol bala-çagany aman goýmaz. Çöl biçak rehimsizdir. Çöle çekilenler
heläk bolar, han aga...
—Aýdýanyň jany ýok däl. Ýöne aslynda-da türkmeniň duşmany, gyrlyp
gutarar diýen maksat bilen bizi Garaguma getirip dykdy. Bi gaty ýowuz toprak. Görgi
görsegem, gyrlyp gutarmadyk. Gaýtam, ýowuz çöl bize howandar çykdy.
Howandaryň gazaply şarpygy duşmanyň söýünjinden bähbitli. Türkmeniň hossaram,
garyndaşam gara çöl.—Han sözüni paýawlasa-da, goldanam,açyk garşy çykanam
tapylmady.Şonuň üçinem ýene onuň özi gepledi.—Gadym zamanda, Mazenderan
jeňňelinde ýuwha çykan iki sany aždarha ýaşanmyş. Olaryň biriniň kyrk kellesi, bir
guýrugy, beýlekisiniňem bir kellesi, kyrk guýrugy bolanmyş. Bir gün jeňňele ot
düşýä. Iki ýuwha gaçmak bilen bolýa. Kyrk guýrukly bir kelleli şamar başyny belent
tutup, otdan-ýalyndan urdumyşlap geçýär-de, göni gelen ajaldan özüni halas edýä.
Beýleki kyrk kelleli ajdarha bolsa, her kellesi bir tarapa çekensoň, hanja gitjegini
bilmän, ýalynyň içinde köýüp galýa.—Aşak bakyp geplän han tymsalyny gutaransoň,
ýüzüni galdyrdy.—Siz maňa kyrk kelle daksaňyz dakyň. Ýöne ýagyny dep
edýänçäk,köp kelläň arasyndan öz saýlap alan ýeke kelläňiziň çekýän tarapyna
gyşarmagyňyzy men sizden towakga edýärin. Makulmy, adamlar?
- 133 -
Ýene hyşy-wyşy köpeldi. Ýöne bu gezek gowruň manysy aýyl-saýyl eşidildi:
—Makul!
—Hanyň aýdýannyňam jany bar!
—Başaryp bolsa,tutuş ilaty bala-çagasy bilen gyrgyna bermeli däl...
Gowşut hanyň kellesinde öwürýän syýasatyna görä, Mädemini söweşe
girmezinden ozal näçe gezek büdredip bolsa, şonça-da tekeler üçin peýdaly boljakdy.
Baş han Hywanyň uzak ýoldan, harç-harajat çekip, Mara alyp gelen hindi
pilinden çekinmeýärdi, onuň haky gara myltyk ýa-da ujy zäherlenen naýzady. Ýöne
ol iki sany sary topdan welin gaty eýmenýärdi.. Sary toplaryň ok atyp edip biljek
weýrançylygyndan beteri-de, olaryň teke nökerleriniň aňyna salyp biljek gorky
howpudy. Şonuň üçinem Gowşut hanyň küýi-köçesi, nähili gymmat düşýänem bolsa,
şol toplary ele salmakdy ýa-da atylmaz ýaly etmekdi. Han şol maksadyny amala
aşyrmaga ýardam edip biläýjek Şalha batyr, Tozanly batyr, Durdy han ýaly bir topar
adam hakda öňden bäri oýlanýardy...
Saragt bilen Mary aralygynda ululy-kiçili guýynyň sany kändi. Olaryň
hemmesini iki günüň içinde sandan çykarmaly diýip, Gowşut han ýörite buýruk
berdi. Mary ýolundaky Iň esasy “Goşa guýyny” zäherlemegi bolsa, ikisini-de hut öz
ýanyna çagyryp, Kelhan Kepele bilen Gurbana aýratyn tabşyrdy. Ol işiň Kelhan
Kepelä tabşyrylmagynyň gaty esasly bolmagam mümkindi. Çünki Kelhan Kepele
ussaçylygynyň daşyndan dagyň çöp-çalamyndan, käbir mör-möjeklerden zäher
ýasaýarmyş, ony-da gerek pursady gylyjyň, naýzaň ujuna çalýarmyş diýip, il gürrüň
edýärdi. Kelhanyň zäher ýasaýany çynmy-ýalanmy, belli däldi, ýöne her ýyl
güýzeňräk ol daga tarap gidýärdi-de, üç-dört gün eglenip, yzyna dolanýardy.
..Kelhan Kepele ýolbelet hökmünde Esen çopan diýilýän ýaşulyny-da ýanyna
ýoldaş edip aldy. Esen çopan köp ýyllap Gulanlyda,Jojuklyda,“Goşa guýynyň”
töwereklerinde mal bakypdy, her alaňa, her oýa gaty beletdi. Onuň aýtmagyna görä,
sähra bilen sary çölüň serhedinde ýerleşýän “Goşa guýynyň” daşynyň adamsyz
mahaly bolmaýardy. Haçan barsaň, ýa-ha meşigini suwdan dolduryp duran çoluga,
ýa-da mallaryny nowadan gaýtaryp duran çopana sataşylýardy. Bu mahal welin ol
ýerlerde mal-gara-da,adamam görünmeýärdi.
Guýularyň birini “köprülemeli”, beýlekisini zäherlemeli edildi. Türkmenler
üste ýagy çozmak howpy abananda, duşman suwsuz kösener ýaly, degerli guýularyň
hemmesiniň üstüni tekizläp, guýy bardygy bildirmez ýaly edýärdiler. Howp
sowlandan soň bolsa, üstüni açyp, ýene olaryň suwundan peýdalanýardylar.
...Aryp gelen atlar suwa ýakylandan soň, telim gujak sazak, borjak şahalary
getirildi. Şondan soň üç adamyň arasyndaky ýeke pil durman işledildi. Içine hapasupa gaçmazlygyň aladasy edilen güýynyň erňegi dyzboýy peseldildi, getirilen
şahalardan agzyna köpri edildi. Köpriniň üstünden hem iki eplenen galyň atkeçe
ýazyldy.
Töwerekden ýygnanan abyrsyz oduna ot berlende guýynyň, nowanyň üsti
gyzan tamdyra aýlandy.
- 134 -
..Ikinji guýa sarp edilmeli zähmet öňki bilen deňeşdireniňde ujypsyz hem
bolsa, hysyrdysy ýetikdi. Türkmenler guýy zäherlänlerinde, adatça, suwuna bir
attorba arpa döküp hem çäklenäýýärdiler. Arpa guýy suwuny içip bolmaz ýaly
derejäniň bäri ýanyna ýetirýärdi. Ýöne Kelhan Kepele bu gezek arpaly pirimi hem
ýüzleýräk hasaplady. Ol zäherlemegiň ýene bir tilsimini arpanyň üstüne urna
etmekçidi. Onuň gelen aýgydyna görä, guýa syçan ýa alaka-da taşlamalydy.
Kelhan Kepele ýany bilen alyp gelen attorbadan ulurak haltanyň bogusyny
çözüp, guýa arpa guýdy. Şondan soň syçan gözlegine çykyldy.
Umuman, guýularyň töwereginde syçan bolguçdy. Hatda alakadan, syçandan
goramak üçin guýynyň erňegine belent seki hem edilýärdi. Çünki alaka ýa syçan
gaçyp, guýynyň içinde ölüp galsa, şol suwdan içmek bolmaýardy. Ol jandarlaryň
maslygynyň mergi keselini döretmek howpy bardy. Guýa alaka, syçan gaçandygy
bilinse, suwunyň iň soňky damjasyna çenli çykarylyp, meýdana dökülýärdi. Ölen
jandaryň maslygy tapylyp, suw täzelenýänçä, şol guýydan mal-gara-da
ýakylmaýardy..
Esli wagt gözlenenden soň, Esen çopan bir syçan tutup, derrew onuň kellesini
mynjyratdy. Şol mahalam aňyrrakda, çöp-çalamyň, süplükleriň arasyny dörüp ýören
Gurbanyň “Haý,Kelhan aga,eteweri!”dýen howply sesi çöli ýaňlandyryp gitdi. Ol ses
syçan ýa-da alaka tutanyna begenýän adamynyň sesi däldi. Iki kişi iki ýerden ses
gelen tarapa ylgady.
—Näme boldy?—diýip, Kelhan Kepele entek ýigidiň ýanyna ýetämänkä,
hopugyp gygyrdy.
Gurbanyň ýanyna baran ussa gulagy bilen eşitmeli jogaby gözi bilen gördi.
Gorkmakdan ýaňa reňki çölüň çägesi bilen reňkdeş bolan ýigidiň bir ädim
gapdalynda ullakan sarymtyl ýylan ýatyrdy. Ol özünden hem eden işinden göwni
gaty hoş ýaly, gaçmak bilenem däldi. Ýetip gelen Esen çopanyň ikigulak pili, ýer
ýumşagam bolsa, ýylanyň gapbilinden bölüp taşlady.
Ýylan Gurbanyň sag aýagynyň baldyryndan çakan ekeni. Kelhan Kepele
bilindäki pyçagy aldy-da, aşak oturdy. Onun näme etjek bolýanyny bilen Esen çopan:
—Agzyňda ýara-ha ýokdur-da?—diýip sorady.
“Ýok” diýen manyda baş ýaýkan Kelhan ýylanyň dişiniň galdyran tagmasynyň
üstünden gan çykar ýaly edip atanak çekdi. Pyçagyň beren yzasy-da ýylanyňkydan
pes bolmady. Gurban ýüzüni çytyp urundy.
—Erkek bol!—diýip, Kelhan Kepele haýbat atdy. Ol çök düşüp oturyşyna,
syrtyny tüňňerdip, öňe egildi. Ussa gyrçuw sakgally eňegini müňküldedip, gany
çykyp duran ýarany sormaga başlady. Ol ýene çök düşüp oturdy-da, iň soňky gezek
tüýkürinenden soň, eliniň ýeňsesi bilen dodaklaryny süpürdi. Birdenem ol oturyşyny
üýtgetmän,öz çermegine ýapyşdy, çygyldy, hyklady, emma buşugyp bilmedi:
—Wah, içigar, gerek mahaly şüýem bolanok-da!
Garaşylmadyk ýerden balagy aşak düşürilen Gurban dikeldi-de, uýat ýerini eli
bilen penalady.
Kelhan Kepele oňuň eline kakyp goýberdi:
—Tapdyň uýaljak wagtyňy! Hany, siý derrew!—Ussa ýigidiň satanynyň
arasyna elini tutdy—Men-ä seň üçin gudaçylyga çykjak bolup ýörün, senem
öýlenewajyňy görkezmäge utanýaň.Nä öýlenewaç diňe sende barmyşmy?!
- 135 -
Ussanyň agzyndan çykan soňky sözler bir tarapdan, aýagyň yzasyny az
salymlyk unutdyrsa, beýleki tarapdan, ýigidi iňkise gidirdi; “Kelhan aga meň üçin
nirä gudaçylyga barjak bolýaka?”...
Gapdaldan seredilip durka, onda-da epeý adamynyň owujyna buşugmak
Gurbana aňsat düşmedi...
Kelhan Kepele ýarany ýuwansoň, galan peşew bilenem öz agzyny çaýkady-da:
—Indi atlanybersegem bolýa.—diýip ýaşula ýüzlendi.—Esen aga, sen giriňe
ilen syçany guýa taşlaý!..
Muhammetnyýaz ýasawulbaşyny bir müň atla serdar belläp, Garaýapda
galdyran Mädemin han 1855-nji ýylyň 9-njy martynda Saragta tarap ugrady.
Gün ýalbyrap durdy, howa maýyldy. Sähraýy meýdanyň üstüne gök ýapynja
örtülip başlapdy. Irki baharyň bu ajaýyp tebigaty göwnüňi galkyndyrmaly ýalydy.
Emma Mädeminiňki tersinedi. Ol henize çenli beýle sussupes halda görünmändi.
Dogry, Hywadan ýörite getirilen, umumanam, hanlyga arzan düşmedik hindi pili,
Gowşut hanyň ýanyna Seýitmuhammet işany hem alyp, ikinji gezek gelip giden
gününiň ertesi haýsydyr bir kesele uçrap ölüpdi. Ol wakany Mädeminiň ýagşa
ýormandygy belli zatdy, ýöne tükeniksiz baýlygyň eýesi bir piliň ölümi üçin beýle
derejede gamgyn bolmaly däl ýalydy.
Gowşut hanyň gelip gideli bäri üç gün geçipdi. Şondan coň Mädemin hiç kim,
hatda iň eziz görýäni Muhammet Ýakup Mäter bilenem göwnaçyk halda gepleşme
ýärdi.Hywa hanlarynyň huzurynda gulluk edip ömrüni paýawlap ýören
Muhammetkerim Guşbegi Muhammet Ýakup Mäteriň ýanyna ýörite baryp, atasy
Allaguly han dünýäden ötende-de, Mädemini beýle tukat ýagdaýda görmändigini
aýtdy hem onuň sebäbini bilmek isledi. Mäter hiç hili jogap gaýtarmady. Emma dana
wezir hanyň bolşundan özüçe netije çykarýardy. Onuň gelen aýgydyna görä,
Mädeminiň keýpiniň beýle derejede bozulmagynyň sebäbi Hywadan döwi güýçli ýada, iň bolmanda, döwi deň ýurduň patyşasynyň däl-de türkmeniň, onda-da onuňam
haýsydyr bir bölejiginiň öňbaşçysynyň agyr goşun bilen gelen gudraty güýçli Hywa
hanyny äsgermänligidi.
Guşbeginiň gyzyklanmasyndan soň Mädemin bilen Gowşut hanyň arasynda
soňky gezek bolan gepleşige gatnaşan Muhammet Ýakup Mäter öz çaklamasyny
derňäp görmek ücçn şol duşuşygy ýatlady.
...Mädemin han, wada berlen wagtyndan telim gün gijigip gelen Gowşut han
bilen Seýitmuhammet işany “1855-nji ýylyň 4-nji martynda Garaýap galasynda”1
kabul etdi. Ol teke hanynyň gijä galmak bilen, Hywany äsgermändigi hakdaky
pikirini kalbyndanam, agzyndanam çykarmady. Ýöne Gowşut hanyň Saragt ilatynyň
adyndan sowgat getiren ýüpek donuna elini göwünli-göwünsiz uzadandygyny welin
ýaşyrjak bolsa-da, ýaşyryp bilmedi. Pähimdar Muhammet Ýakup Mäter: “Beýik hana
getirilen il sowgadyny ile görkezmek lazymdyr” diýen ýuwmarlama bilen ýüpek
dony hanyň elinden alyp, daş çykdy. Ol derrewem yzyna dolandy. Barybir Mädemin,
1
M.Agehiniň taryhyndan.( Awtor).
- 136 -
şunça aladalansa-da,kalbyndaky kinäni kalbynda basyryp goýmaga kanagat edip
bilmedi:
—Türkmen “Hiçden giç ýagşy” diýip rast aýdan ekeni, han. Öz bellän
möhletiňizden üç gün giç geleniňize-de şükür. Bir hepde giç geleňizde-de, etjek
zadym bolmazdy. Erk öz eliňizde.
Mädeminiň aýdanyna tersine düşünmelidi. Onuň etjek zady, edip biljek zady
gaty kändi. Hywalynyň “Erk öz eliňizde” diýmesniň dürs manysyna-da Gowşut han
dürs düşünýärdi. Marynyň, Saragtyň erki Mädeminiň elindedi. Muhammetmyrat
Mähremiňem Ahalda onça nöker bilen ýöne iýip-içip, gezim edip ýörmeýäni bellidi.
Şonuň üçinem ýow güni sarygyň hem tekäniň arkasynda duraýjak Ahalyňam
Mädeminiň eline gutarnykly geçen bolmagy ahmaldy.
—Merhemetli han, biz siziň öňüňizde günäli—diýip, Gowşut han “towşan
tüýlük” etdi, “günäsiniň” sebäbini welin “Adam başy aladasyz bolýamy?” diýip,
gümürtik delillendirdi.
Mädemin öz ýanyndan Gowşudyň “aladasynyň” syryny her hili tutaryk bilen
baglanyşdyrsa-da, Hywa bilen çaknyşyga taýýarlyk görülmegine syrykdyrmagyň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gowşut han (Saragt galasy) - 14
  • Parts
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 01
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2204
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 02
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 2115
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 03
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2148
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 04
    Total number of words is 3873
    Total number of unique words is 2177
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 05
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2155
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 06
    Total number of words is 3811
    Total number of unique words is 2149
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 07
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2157
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 08
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2173
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 09
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 2166
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 10
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2144
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 11
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2187
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 12
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2180
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 13
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2197
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 14
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2141
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 15
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2172
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 16
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2134
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 17
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 2059
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 18
    Total number of words is 2341
    Total number of unique words is 1456
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.