Latin

Gowşut han (Saragt galasy) - 08

Total number of words is 3785
Total number of unique words is 2173
30.7 of words are in the 2000 most common words
44.1 of words are in the 5000 most common words
51.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
aladasy başyndan agdyk.
Kelhanyň sözlerinden “Gyzyňy berjek adamyň kimdigine men belet. Ýöne, seň
göwnüň uçin ideg-sorag edäýerin” diýen many çykýardy. Karkara ol mana düşündi.
Şeýle hem ol özüne kimi ýanýoldaş etjek bolýandyklaryna-da göz ýetirdi. Gyzyň
ýüreginiň teýinde dörän gataňsy düwün esli salym tokgaryp durdy-da, birdenem
özüne inçejik ýol ýasap, hereket edendigini bildiripdi-de, ýokarylygyna at salyp gitdi.
Ol düwün ýokarrak baryp eränsoň, gyzyň ýaňagyna gözýaş bolup döküldi, Karkara
bilmelisini bilip, eşitjegini eşitdi. Ol ýaňagyny aýasy bilen syryp ýöräberdi, emma
öýlerine barmady. Tolgunma ýaş gyzy gijäniň garaňkylygyna tarap sowdy.
Karkara öýlerine däl-de, düýpden ters tarapa barýandygyny Kelhanyň düýe
ýatagynyň deňine ýetensoň, bilip galdy. Ol yzyna aýlandy. Öz-özüni ýigrendi. Eýýäm
tüm garaňka öwrülen agşamyň tutuk asmanynda her ýer-her ýerde balkyldaýan
ýyldyzlaram ýakymsyz bolup göründi. Uzakdan güňleç üýrýän itiň sesi hem ýigrenji
bolup eşidildi. Kelhan Kepele-de onuň şeýle güne sezewar bolmagyna garşy
durmady. Soň Karkara günäni Kelhandan aýryp, kakasynyň üstüne ýükledi. Kelhan
- 73 -
aga-ha onuň üçin keseki. Atasy öz gyzyny bir ýere bermäge razy bolup durka,
elbetde, keseki oňa garşy çykan bolup durmaz.
Karkara Oraz bilen Gurbanyň öýe girip barýandygyny gördi.Ol agzyndan
çykmaly: “Gurban, bärik gel!” diýen sözlerini utanç duýgusy bilen duşaklamaga
mejbur boldy,ýigit öýe gireninden soň hem habar gatmanyna ökündi.
Gyzyň gelen aýgydyna görä, ol şu gije Gurban bilen hökman gepleşäýmelidi.
Ertire galsa, iş-işden geçip, soňky aladalardan netije bolmajak ýalydy. Emma näme
üçindir, gapdalynda bolup geçýän wakadan Gurban asla habarsyz ýaly. Şol welin
düýpden düşnüksiz. Karkarany otdan alyp, suwa zyňýan hem şol düşnüksizlik. Ýa-da
ol Karkaranyň ykbalyna indi biparh garaýandygy üçin bilýänini-de bilmediksirän
bolýarmyka?
Ýüregine daş baglan gyz gapynyň eňsisini galdyrdy:
—Gurban, bir düýe boş gezip ýör welin, Kelhan aganyňky ýaly-la. Çyk-da,
ýatagyna kowsana!
Eýýäm dula geçip, ýassyga gyşaran Gurban gyzyň guran hilesine düşinmän:
—Bar, çyk-da şony ýatagyna tarap kowsana—diýip, ýumşy Oraza buýrdy..
Bu ýagdaýa Karkara gaharlanjak boldy. Gurban onuň gözüne bähbitli pursady
özi keýpihon elden gidirýän adam bolup göründi.
Orazam, ýerinden gobsunsa-da,daş çykmady.
--Kelhan agaň düýesi bolsa, aýlanyp,ýene ýatagyna barar.Ol ýuwaşdyr.
—Sen çykaýsana,Gurban!
Öýkeli ýaly ses bilen aýdylan soňky sözler Gurbana täsir etdi. Ol gürrüňiň
düýedenem ulurak bir gepiň bardygyny çaklap daş çykanda, boş gezip ýören düýe-de
görünmedi, at-da...
Gün guşluk bolmanka, köne gala tarap gelýän adam akymy kiparlady.
Ýygnananlaryň ahlisi biynjalykdy. Dowulçylar, hemişeki endiklerine görä, dowul
ýaýradýardylar, müňkürler kesplerine eýerip, çaklama çaklaýardylar. “Şu gije biz
gajar üstüne çozmaly” diýip, bir dowulçy dowul turuzsa, beýlekisi: “Ýüz müň
hywalynyň başyny jemlän Mädemin han Jojukly bilen Gulanlynyň arasynda ýük
ýazdyrypdyr” diýip,hywalylary has-da golaýa getirýärdi.Üçünji biri bolsa olary edil
öz gözi bilen gören ýaly, “Mädeminiň goşunynyň arasynda on sany mähnet hindi pili
hem bar” diýip, öňki howply habarlaryň üstüne agramlyk edip gorky ýüküni
ýükleýärdi.
Şolara meňzeş myş-myşlar derrew hemmäniň gulagyna baryp ýetdi. Käbirleri
bolsa täze hanyň adamlary ýene bir ýere ýygnamagyndan närazy boldy:
—Beýdip, her iki aýdan adamlary gysaja saljak bolsa, köp kişi Saragty terk
edip, ýene Ahala göçäýmese. Bu ýerde erkek göbekli galmaz.
—Onsoň üste ýagy dökülse, Gowşut han nätjekkä?
—Heleýler bilen gaýtarar-da.
—Öz heleýem müňbaşy bolar!
- 74 -
—Ha-ha-ha-a!
Başga birleri bolsa bu gezek erkek adamlaryň gajarlaryň üstüne dökülmek
üçinem, Mädemine garşy çykmak üçünem ýygnalman, üýtgeşik, ýöne entek näbelli
bir sebäp bilen çagyrylandygyny köpçülige düşündirjek bolýardy.
—Ýak, Ýarmämmet, seň ýaňky hatynlar bilen ýagy gaýtarar diýeniň-ä tüýs
ýerine düşdi-ow!
—Görnüp duran zat-da ol—diýip, Ýarmämmet diýilýän adam üýtgeşik bir gep
tapan ýaly temegini ýokaryk tutdy.
—Gyryberseň, erkek gutaraýar-da..
—Gowşut hanyň hatynynyň eline egri gylyç alyp, Mädeminiň yzyndan
kowalap barýanyny göz öňüne getirýäňmi sen? Ha-ha-ha...
—Hah-hah-ha-a!
—Başbogusam küle ýabyň guýrugy ýaly bolup, howada gaýyp barýandyr! Hoho-ho..
Ýaşulularyň depä golaýlamagy bilen galmagal, gülki ýatyşdy. Hemmäniň
nazary öňe dikildi.
Depäniň üstünde Oraz Ýagly, Gowşut han, Seýitmuhammet işan, Pendi baý,
Nepes molla, Täçgök serdar, Amansähet serdar peýda boldy. Kän mahal geçmänkä:
—Halaýyk!—diýip, Gowşut han märekä ýüzlendi.—Sizi gala çagyrdyk. Balaçaga biynjalyk bolup galandyr. Biynjalyk bolar ýaly, häli-häzirlikçe-hä, ýaramaz
habar ýok. Çozup gelýän ýygynam ýok…
—Onda nämä adamlary alada goýup ýörsüň?
—“Ýagy çozanok” diýmek üçin ýygnadyňmy?
—Işli adamlary işden goýmakdan lezzet alýaňmy?
—Go-go-go-go!
—Ýuwaş, halaýyk! Tagapyl ediň!..Sizi bu ýere ýygnamakdan maksat, bir-ä,
her obada, her tirede näçe atyň-ýaragyň bardygyny, ýaraga ýapyşyp biljek adamyň
sanyny bilmek isleýäs. Ýene bir maksat—size uly bir möhüm bilen ýüz tutmakçy.
—Dilegiň bamy?
—Ozal gedaýymyz azmydy?
—Diläber, han aga. Bar zadymyzdan eçileris.
—Go-go-go!
—Ýuwaş-ş! Han geplände diňlärler ahyryn.
—Ýuwaş, adamlar!—diýip,Gowşut han sesine bat berdi.—Iner dilegini
saljakgä. Üstümize hälimi-şindi dökülip durlar. Başymyzy goramaga ýaragymyzam
ýok. Ahally garyndaşlara adam ýollap, ýarag dilemekçi. Gökdepede özlerinden artasüýşe ýarag bolmaly...
—Oň üçin halka maslahat salmak nämä gerekmiş? Özüň han, özüň soltan,
aladany ediber-dä. Bize sala salan bolmak nämä derkar?
—Diläber dilejek zadyňy!
—Adamlar! Gün-güzeran hakda gep açsak, biziňkem bol-telkiçilik däl. Ahally
garyndaşlarda bu ýyl galla juda ýeňil gelipdir. Biziňki ýene ýagşy. Galla
ibermesegem olar bize zerur bolsa, ýarag kömeginem berer, jan kömeginem. Ýöne
biz olara gallany medet diýip ibermekçi bolýas. Eger kimde-kim, bala-çagasyndan
artsa, indiki bişekçilige çenli ýetjeginden zyýat gallasyndan göwnünden çykaranyny
- 75 -
beräýse... hem sogap gazandygy hemem Saragt ili üçin bähbitli iş etdigi bolardy.
Biziň ýaşulular bilen maslahatlaşyp, gelen aýgydymyz şeýle...
—Bermäýsem näme bolar?
—Güýç bilen alarmyň?
—Ýok, adamlar, özüňiz döwtalap bolup,razyçylyk bilen bermeseňiz, zorluk
diýen zadyň gürrüňi edilenok.
—Biri kän berer, biri az berer. Onda natjek?
—Eçileniňizi beriň. Hiç kim hiç kime az ýa-da kän beripsiň diýmez. Şu gunden
başlap, ýigitler obalara aýlanyp ugrar. Göwnüňizden çykaranyňyzy beriň. Öz
ýagdaýyňyza serediň.
—Bolany şolmy?
—Gep gutardymy?
—Gutaranok. Ýene bir möhüm gep bar.
—Ýene näme dilegçilik etjekkä?
—Aýt, han. Onyňam eşidip göreli!
—Eşitseňiz,—diýip,Gowşut han has-da agras görnüşe girdi.—Eşitseňiz,
adamlar, il içinde ganjygasyndan kelle asmak küýseýän “dogumly” ýigitler peýda
bolupdyr.
—Bolanda näme?
—Tekäň baş hany bolsaň, oňa guwan-da!
—Ýok, adamlar, beýle däl. Olar dogumyna han guwanmaly,il buýsanmaly
ýigitleriň hasabyna girenoklar. Olar geçip barýan bigünä kerweni çapýalar. Şolaň
kösti bilenem duşman gazanýas, ili üstümize çozdurýas,bala-çagany gan agladýas.
Birimiziň uýamyzy at ardyna basyp gidýäler, ýene birimiziň hatynymyzy süýreýäler.
Indi biz şol “edermenler” sebäpli, bigünä halymyza namys astynda galyp
ýörmelimi?..
—Olara çäre görmeli!
—Gözlerini ýeňsesinden çekmeli!
-- Ele salmaly!
—Olaň haky ölüm!
—Talan talasyn, ýaşan ýaşasyn. Bize näme?
Gowşut han sesini has-da gataltdy:
—Aramyzda oýlanman, zat etmän, gaty akylly gürrüň edýänlemmizem bar—
diýip ol ýaňsylady—Ony biz eşitmedik bolaýalyň. Eger şol «batyrlar’ eden ýaramaz
işlerine toba kylyp, gaýdybam beýle zada baş goşmajakdyklary barada iliň öňünde
kişi wadasyny berseler...
—Toba kylsalaram günälerini geçmeli däl...
Han esli dymansoň, ýene gepledi:
—Şol «gerçekler» şu ýerde bar bolsalar, mert bolup, il öňüne çyksyn!
Hanyň haýyşynyň jogaby uzaga çekdi. Hiç kim öňe saýlanmady. Gowşut han
sypaýyçylyga daýanyp, ol meseläni çözüp bolmajakdygyna göz ýetirdimi,nämemi, öň
hatarda duran Jally jarçyny üm bilen öz ýanyna çagyrdy.
Diňiň üstüne çykyp, ýaşululardanam öňe geçip duran Jally jarçynyň sesi
uzaklarda ýaň berdi. Ol Gowşut hanyň aýdanlaryny gaýtalap, talaňcylaryň mert bolup
- 76 -
öňe çykmalydyklaryny, şeýtseler, günäleriniň birneme ýeňilleşdiriljekdigini habar
berdi.
Soňra Jally jarçy oba-oba bolup bölünip durulmalydygyny märekä ýetirdi.
Köpçülik gozgalaň tapdy. Ýaşulular diňden düşdüler. Daňatar aganyň ogly Oraz ozal
tabşyrylyşy ýaly Gowşut hanyň yzyndan ýöredi. Beýle ýagdaýy gören adamla,
ilkibada hiç zada düşünmän,eginlerini gysdylar. Täze han öz ýanynda çilim tutýan
oglan saklaýandyr diýip çak edenlerem tapyldy.
Obalara bölünip, topar-topar bolup duran adamlar bilen galla ýagdaýy, at-ýarag
ýagdaýy barada gürrüňleşýän diňe Gowşut han däldi. Belentlikden düşüp gaýdan
aksakallardan başga-da, otuz-kyrk sany,ozaldan tabşyryk alan adam hem ol işde
ýaşululara ýardam edýärdi...
Gün günorta sananda, Gowşut han iň soňky topar bilen gürrüňleşenden soň,
onuň näme üçin Orazy yzyna tirkäp ýörendiginiň syry açyldy. Deňine ýetip durlan
Kiçi keldi.
Oraz oňa tarap barmagyny çommaltdy.
—Sü adam bolmaly, Gowşut däde. Özüniňem dor aty bardy. Başyndaky
telpegem şüdi. Men çatmada otyrdym. Edil çatmaň ýanynda on aty büdredi. At
sägindi. Bu adam tas eýerden agypdy. Ýöne ýykylmady. Şonda muň çekgesinde
peşehorda yzynyň bardygynam saýgardym. Ol meni görmän, ýene atyny çapyp,
aňyrlygyna gitdi.
—Hany, ýigit, märekäniň öňüne geç,—diýip, Gowşut han mylaýym ses bilen
aýtdy.
—Hanlar hany öňe çyk diýse, çykaýmaly bolar, han aga.
Gowşut ýaňsylamany göwnüne-de alman, öňe çykan Kiçä bürgüdiňki ýaly ýiti
nazaryny aýlady
—Çykmaly diýilse, çykmalam borsuň, gerçek. Han saňa “Balagyňy düşür”
diýse-de, düşürersiň. Başga ýol bolmaz. Han sözi sözdür.
Bolsa-da, Kiçi kel gedem ses bilen gep urdy:
—Balaklaşylmasa-ha gowy bolardy,han aga...
—Gowy boljagyny menem bilýän,ýöne syrtyňda poh bolsa, pohlanan balagy
çykarmaly bolarsyň.Ýogsam, ys-kokuň bilen adamlaň dem alýan howasyny
zaýalarsyň. Il-gün seň porsulygyňdan dem almasyn. Şoň üçinem han aýdanda, köp
gaýtaladyp durma-da, balagyňy düşüräý.
—Mende poh bolmaz, han.
—Geçen anna güni Hywa barýan kerweni talanlaryň biri sen. Ýaranlaryň
kimdiginem bize aýtmaly bolarsyň. Aýdasyň gelmese-de, aýtmaga mejbur ederis.
Agyryňa çydasaň, müň ýaşa.
Kiçi keliň Hemraguly hanyň nökerligini taşlap gaýdanyna bir aýdan gowrak
wagt geçenem bolsa, onuň sebäbini bilýän ýokdy. Ýöne Kiçiniň hywalylar bilen
öçlüdigi welin aýdyňdy. Onuň öz ülpetleri bilen Saragtyň üstünden geçen hut Hywa
kerwenini talamagy-da şol öjüň bardygyna güwä geçýärdi. Kerwen talanlaryň
beýlekileriniň kimdigi entek bilinmese-de, olaryň arasynda, megerem ýolbaşçy
hökmünde Kiçiniň bolandygy belli boldy. Ol habar gulagyna ilen Gowşut han
talaňçylyga garşy berk hereket etmegi ýüregine düwdi. Çünki Hywa kerweniniň
biriniň talanmagy ozal hem Mary, Saragt meselesinde yrsarap ýören Mädemin üçin
- 77 -
müň kerwenlik tutaryk boljakdy. Ol tutaryk sebäpli dörejek ýagdaýyň nähili netije
berjekdigini Gowşut han öňünden aňyardy.
—Kerwen talanlaryň arasynda men ýokdum—diýende, hanýň gazabynyň
gatydygyna düşünen Kiçiniň sesi birneme gowşady. Ýöne ol Oraza ýüzlenende welin
sesi gataldy.—Sen galat aýdýaň, oglan...
—Sen, gerçek, oglana hemle urma. Sen edil şü märekäni sylamaýşyň ýaly öz
ataňam sylaýan dälsiň.
—Han aga, men atamam sylaýandyryn, märekänem. Beýle sözleri, han
bolsaňam, kän diýibermegin.
—Men ol sözleri märekäniň adyndan diýýändirin. Sen iliňi sylaýan bolsaň,
bize zepersiz geçip barýan kerweni talap, iliňe hyýanat etmezdiň.
Märeke janlandy:
—Kellesini al, it oglunyň!
—Oň öňki edeni azmydy!
—Bular ýalyny diriligine ýere gömmeli!
—Iliň saňa näme diýýänini eşidýäňmi?.. Aşnalaň kim bolmaly? Şu ýerde
bolsalar, gelsinler ýanyňa.
—Mende aşna bolmaz.
—Sen nä adam dälmiň? Akmagyňam aşnasy bolýar ahyryn. Eýsem, sen
kerweni ýalňyz özüň taladyňmy?
—Ýalňyz özüm.
—Uly kerweni ýalňyz özüm taladym diýip bilýän adam hem kezzapdyr,hem
wyždansyzdyr. Beýle adamda täk özi kerwen talar ýaly syrt hem ýokdur...
—Ony näme üçin diýýäň, han aga?
—Adam şekilli gepleşilende,hakykaty aýdyp bilmeýän adamda ýalňyz özi
kerwen çapar ýaly gaýratam bolmaz. Sen gepi köpeltme-de, aşnalaň kimdigini aýt.
—Aşnam ýok diýdim-ä.
—Sen hany aldaňok, ili aldaýaň. Şony bil....
Gowşut han näçe gyssasa-da, Kiçi kel bile kerwen talan ýoldaşlarynyň
kimdigini aýtmady. Han aýgytly herekete geçmeli boldy.
—Hany, yzyma düş.!
Hanyň yzyna düşüp, aňyrrakda aýratyn bir topar bolup duran aksakallara tarap
barýan Kiçiniň gulagyna märekeden çykýan her hili sözler eşidilýärdi:
—Şony gözümiziň alnynda soýmasaň, sendenem razy bolmarys, han aga.
—Ite dalatmaly.
Kiçini yzyna tirkäp barýan Gowşut han ýaşulularyň ýanyna ýetip saklandy-da,
günäkäre aýgytly nazar aýlady.
—Senden iň soňky gezek soraýan, ýigit. Oňatlyk bilen ýoldaşlaň kimdigini
aýtsaň...
—Däliden dogry habar, han—mende ýoldaş bolmaz..
Kiçiniň tutuş Saragtyň iň abraýly adamlarynyň öňünde göz-görtele ýalan
sözläp durandygy üçin baş hanyň sesi gazaply çykdy.
—Çykar donuňy!
Hanyň rejesiniň geň däldigi daşyndanam bildirip durdy. Şonuň üçin bolsa
gerek, Kiçi kel bu gezek onüň aýdanyny ikinji gezek gaýtalatdyrmady.
- 78 -
—Köýnegiňem çykar!
Kiçi ilki ikirjiňlenip duranam bolsa, ol aýdylany hem berjaý etdi.
Han üçünji buýrugy berdi. Emma Kiçi ony ýerine ýetirmekden ýüz dönderdi.
Gowşut han buýrygyny gaýtalamady-da, Kiçä tarap gazaply garap, onuň özüne
ýüzlenýän ýaly:
—Duşüriň balagyny!—diýdi.
Kiçiniň balagyna ýapyşyberenlerinde, bolýan wakany synlap duran
Seýitmuhammet işan saklanyp bilmedi:
—Haý, ýigitler, togtaweriň!
Ýigitler işanyň sözüni ýykyp bilmediler.
Seýitmuhammet işan baş hana ýüzlendi:
—Jemagata uýat ýeriňi görkezmek biedeplik bolar, han...Şerigatda-da şeýledir.
Näme üçindir han başda çalaja ýylgyrdy, birdenem ýüzi öňki agyrlygyna
öwrüldi. Ol işana ýüzlenýän hem bolsa,sesini peseltmedi.
—Şular ýalylaň hyýanaty bilen biziň aýal maşgalalammyz ýat kişilere uýat
ýerini görkezmäge mejbur bolýa. Şerigat öňa näme diýerkä?
—Şerigatda, şerigatda...—diýse-de, işan gepini dowam etmäge birbada söz
tapmady.
Halk sesi hany goldady:
—Han dogry edýä!
—Işan aga, sizem haramzada arka durjak bolmaň!
—Beýle adamyň tarapyny çalmak hebesdir!
—Işan uýalýan bolsa, gözüni ýumaýsyn!
Gowşut han, her hal, işanyň sözüni ýykmady, märekäniň öňünde Kiçiniň
balagyny düşürtmek üçin beren buýrugyny yzyna aldy. Şeýle hem ol günäkäre gamçy
urmagy hem başga adama tabşyrmady. Onuň öz elindäki gamçy ýokaryk
göterilýänçä, hiç kim beýle bolar öýdüp çak etmändi. Han Kiçini adamlaryň öňünde
ýalaňaçlap masgara edeninden soň, goýberer öýdüpdiler.
Hanyň gamçysy şuwwuldap aşak indi. Kiçiniň kebzesine ot ýelmeşen ýaly
boldy. Ol agyra çydap bilmän ýegşerildi.
Han soňky sözüni aýtdy.
—Biýem Gowşut handan!
Kiçi dişlerini gysyp buruljyrady.
—Han aga, mendenem bir gamçy ur!
—Şäriklerine urulmaly gamçam özüne degsin!
—Ýene bir gezek ur!
Gowşut han gaýdyp gamçysyny galdyrmady. Ol ýigitlere “Eşiklerini geýdiriň”
diýen yşarat etdi-de, ýüzüni aşak salyp, ýaşululara tarap ýöneldi. Onuň gulagyna:
—Eliňe güller bitsin!
—Päli azanlary şeýtmek gerek!
—Şeýtseň, başgalara-da sapak bolar!—diýen sözler eşidildi.
- 79 -
Öýle namazynyň azançylarynyň sesi ýatansoň, galanyň günbatar tarapyndaky
düz meýdan janlandy. Dumly-duşdan adam bary şol tarapa ýöneldi. Bu gün “Uly
ýaryş” diýilýän at çapyşygy bolýardy. Uly ýarýş Saragt etrabynda her ýylda iki
gezek—ýazda hem güýzde geçirilýärdi. Oňa goýulýan baýraklar uly baýlaryň hem
barjamly adamlaryň toý goşandy diýen ýaly eçileniniň hasabyna ýygnalýardy.
«Eçilýäniň» sany bolsa az däldi. Sebäbi, türkmen üçin at çapyşygyndan uly tomaşa
ýokdy.Ol garaşylyp ýörlen dabarady.
Uzak-ýakyn obalardan ýygnanan çapyşyga goýberiljek atlaryň käbiriniň eýesi
münmäge dözmeýän ýaly, bedewiniň gapdalyndan ýöräp, göýä beýle gözellik beýleki
ýüwrüklerde ýok ýaly özüniňkiniň ädim urşyna, keýerjekleýşine buýsanç hem
guwanç bilen garaýardy. Öwrendikli mes atlar ýöräp barylmaly ýere-de çapyp
ýetmek isläp, öňe-öňe omzaýardy. Atlarynyň gallawlygyna gomparyp, giň dona
sygman gelýän göçgün ýigitleriň ökjeleri ýeňildi.
Töweregiň şüweleňi çaman eşeklere-de täsirini ýetirýärdi. Olaram gulaklaryny
keýerdişip, dikirdilerini gataldypdylar.
Garaja taýharyň üstünde, üzeňňem edinmän, uzyn aýaklaryny sallap oturan
goja, başgalara garanyňda gözilginçdi. Eger-de ol dyzyny epmese, köneje hokgaly
aýagynyň ýere ýeter gümany bardy. Taýharly gojanyň şaňňy sesi-de gowurgalmagalyň içinden saýlanyp çykýardy. Ol ak eşegiň üstünde hekgerilip oturan
dikýeňse ýaşula söz gatdy:
—Agameňli, saňa garry eşegiňi çalşyrmaga wagt ýetmedimikä? Men bar,
şolam bar.
Ak eşekli oňa “Aýdýanyň näme-de” diýmedi. Ol gatyrak ýöredip, entek sandan
galmandygyny görkezjek bolýan ýaly, çokaýly aýagy bilen eşeginiň böwrüni gaşady.
Garry eşek eýesiniň islegini aňmady ýa-da hereketini çaltlandyrmaga gurbaty
çatmady,—öňki bolşuny üýtgetmedi.
—Aý, hürsekläp oturma ony—diýip, Agameňli aganyň eden hereketini synlan
taýharly goja gyjyt berdi.—O haýwanyň içini sanjydan dolduraňda-da, ädimini
ýygjamlatmaga mejaly ýok ahyryn—Şondan soň ol taýharynyň gerşine şaldyry bilen
çalaja kakyp goýberdi. Boýny kaşaň alajaly taýhar, ilki jyrtlajak ýaly etdi-de,
birdenem şaldyryň şyňňyrdysyna aýak goşup, ýorgalamaga başlady.
—Öňürti barana öweç berýändirler, gatyrak sür! -diýip, Agameňli aga
ýaňsylady. Şol bir mahalyň özünde-de ol taýharyň gidişine gözügidijilik bilen garap
galdy.
Öňürti baryp, öweç almajagyna gözi ýetse-de, Agameňli aganyň garry eşeginiň
gapdalyndan geçip gidenine-de monça bolan ýaşuly gara silkmesiniň uzyn tüýlerini
selkildedip, derrew ara açdy. Esli gidilenden soň, hokgaly gojanyň taýhary gytaklap
gelýän bedew bilen ýol kesişmeli boldy. Ozalam jylawundan çekilip, bady
saklanýanyna ahmyrly bedew dikirdäp barýan taýhara tarap gulaklaryny gyrpyp,
gazaply okduryldy. Üstündäki ýigit çakgan ekeni, atyň agzy taýhara ýa-da eýesine
ýetmänkä, çekip aldy.
Ol gyrpa ýüwrük Hojam Şükür hanyň atydy.
Ilatdan öýkeläp, Gulanlyda mekan tutan han göçüp gideli bäri ilkinji gezek
Saragta gelýärdi. Ol özüni han saýlamadyk adamlaryň etmişini bagyşlap, öýkesinden
- 80 -
ýazylany üçin yzyna köwlenmändi-de, uly ýaryşa atyny goşman kanagat edip bilmäni
sebäpli gelmeli bolupdy. Hojam Şükür at çapyşygyna gezek gelende, ahli
bähbidinden geçmäge-de taýyndy Üstesine-de, ozal tutuş Saragty, Tejeni baglan
atynyň bu gezegem uly ýaryşda ýeňiji boljakdygyna ol ynanýardy. Şol hem öýkeli
hanyň saragtlylara pitjiň atýandygyny tassyklajakdy. Hojam han üçin iň zerury, iň
geregi hem şoldy. Öýkeden ýazylmaýan tekepbir goja hemme tarapdanam ilden
artykmaçdygyny saragtlylara görkezmelidi.
At topulanda ürken taýhar bir tarapa atyldy. Üstündäki goja gaňňadan agmasada, ýykylandan enaýy güne düşmedi. Onuň diňe toý-şagalaňda geýýän, apalap ýören
gara silkmesi honda atylyp düşdi.
—Heý, jüre degmiş-ä!—diýip, ýaşuly ata tarap alarylyp seretdi
Ýerden çykan ýaly bolup, birden peýda bolan Hojam Şükür atynyň
dogumlydygyna guwanyp, ilki ýylgyranam bolsa, taýharlynyň ata alarylyp seredenini
görensoň,gargynjyny eşidensoň dymyp bilmedi:
—Çapyşyga goýberiljek bolup duran ýüwrüge ýaman göz bilen garalýan
däldir.
Taýharly goja düşüp telpegini aldy, ony kakyşdyryp geýensoň, hana salam
berdi..
—Ýaman göz bilen garamok-la, han aga. Atyň tasdanam meň zährämi
ýarypdy.
—Zährä ýarylar-ýarylmaz ýaly, bu iki arada bolan zat ýok ahyryn. Bolduň meň
başyma zähräli. Atdyr-da, dogumyna bäs gelip bilmese topularam. Eşegiňi
aňyrrakdan şüräymeli ekeniň-dä. Entegem sen şükür et!
Atlaryň çapyşyga goýberilýän ýolunyň iki gyrasy çöp-çalam bilen
belgilenendi.Aýlawyň ýokary çeti seleňläp oturan ýeke düýp toraňňydy. Atlar şol
toraňňynyň daşyndan aýlanyp gaýtmalydy. At çapyşygynda hem her ki oýunda bolşy
ýaly, hakyna jür däl, hilegärlik bilen baýrak almak isleýänlere-de gabat gelinýärdi.
Käte atlar topar edilip goýberilende. Garma-güýrmelikde aňylmazam öýdülip,
toraňňynyň bärsinden aýlanyp gaýdýanlaram tapylýardy. Şonuň üçinem toraňňynyň
üstünde ýörite adam oturdylýardy.
Toý-tomguda çirkin sesi bilen märekäni ähli zatdan habardar edýän Jally jarçy
at çapyşygynda-da öz kesbini ýöretdi. Onuň ilkinji habary şu boldy:
—Üç ýaşar ýüwrükden dört sanysy goýberilýä. Ýüwrügine göwni ýetýäniň öňe
saýlan ha-a-aw!
Bir eneden, bir atadan dörän ýaly meňzeş, lowurdap duran dört ýüwrük öňe
çykdy.Olaryň boýlaram, keýerjekläp duruşlaram meňzeşdi. Diňe biriniň maňlaýy
sakar diýäýmeseň, olar göz üçin saýlanyp getirilen ýalydy. Emma onuň tersine,
çapypsuwarlarynyň geýimleri welin dürli-dürlüdi. Ýöne olaryňam dordüsiniňem başy
täzeje tahýalydy.
Atlar ýaryşa goýberiljegini aňyp, tizräk ýüzin salmak üçin öňe-öňe
omzaýardylar. Çapypsuwarlaryň galpyldysy hem ýüwrükleriňkiden pes däldi. Olaryň
gözüne bolmasa, garşydaş atlaryň özüniňkiden boýy-da belent, aýaklaram uzyndan
inçe ýalydy.
Pellehanada Seýitmuhammet işandan başga Saragt kethudalarynyň hemmesi
diýen ýaly bardy. Oraz Ýagly, Gowşut han, Pendi baý, Nepes molla, Täçgök serdar,
- 81 -
Amansähet serdar dagy bir kowçum bolup, ýaryşa märekemanlyk edýän ýaşula tarap
seredip durdylar.
Öz atynyň sagyna-soluna geçip, sagrysyny, boýnuny sypaşdyryp ýören Hojam
Şükür ile goşulmak islemeýän ýaly, bir çetdedi. Oňa gözi düşen Nepes molla
saklanyp bilmedi:
—Hojam han indi köpçülige salama gelmän, aňyrda şeýdip durjakmyka?
Oraz Ýagly ýüzüni kesä sowup gepledi.
—Ol özüniň öňki adamçylygyndan birneme daşlaşyp ýörendigini görkezýä.
Beýdip çete çykyp, ile goşulman durar ýaly näme bolupmyş bu iki ortada? Adam
dünýä-de baky gelenok ahyryn. Janam tende amanat. Päheý diýsänim!
—Ýa bizi üstüne eltjek bolýamyka?—diýip, Nepes molla hemmä deň sowal
berdi.
—Ýaşy bizden uly bolan bolsa, adamçylyk edip, üstüne barsagam barardyk—
Muny Pendi baý diýdi.Ol “biz” diýmek bilen Oraz Ýaglyny göz öňüne tutýardy.
—Han aga—diýip, Gowşut Oraz Ýagla ýüzlendi.—Ol menden ýaşuly. Taňry
salamyny berip geläýsem nähili bolarka?
—Men-ä makul bilýän. Sen barsaňam bolar, han. Daýy-ýegenlik görkezdigiň
bolar-da hemem.
—“Ýegen ugry ýagydyr, ýagam bolsa gowudyr”–diýip nakyl getiren Nepes
molla ýylgyrdy.—Ýagylyk-ha görkezdin, indi gowulygam görkez!
...Hojam Şüküriň edil alkymyna baryp duran Gowşut han mylaýym ses bilen:
—Essalawmaleýkim, han aga!—diýdi.
Salamyň jogaby, ýeriň teýinden çykýan ýaly, zordan gulaga ýetdi.
Gowşut elini uzatdy. Ýöne Hojam Şüküriň çalaja uzan elini gysymlanda,
Gowşut ony jansyzdyr öýtdi. Goja hanyň örän sowuk-saladygyny aňladan jansyz el
derrewem yza çekildi. Däp boýunça saglyk-amanlygy, ýaşuly hökmünde, Hojam
Şükür han soraşmalydy. Emma ol däbe eýermedi. Ýaş kiçi bolsa-da, ýegen soraşmaly
boldy. Ýöne sowallara göwnejaý jogap gaýtarmadyk Hojam Şükür görünmegem
islemeýän ýaly, atynyň aňyrsyna duwlandy.
Gowşut han yza aýlanmaly boldy. Emma ol şu gezekki eden hereketini özüni
kiçeltmek däl-de, adamçylyk görkezmek diýip hasap etdi...
Pellehanaçy ýaşulynyň ýanynda galmagal turdy. Ýuka donuny galgadyp,
alakjap gelen arryk adam, gahardan ýaňa sandyrap, Jally jarçynyň ýanynda duran
aksakala bir zatlar düşündirjek bolýardy.
Aksakal hem:
—Beýle däl bolaýmasyn, sakgaldaş?—diýip, sakgalsyzyň aýdýanyna
müňkürlik edýärdi.
—Men oňa gaty beletdirin, sakgaldaş—diýip, özüniň sakgalynyň ýokdygyny
hem unudan sakgalsyz ýaşuly jibrindi.—Ilden utanmasaňam, Alladan gorkmaly
ahyryn?
Pellehanaçy aksakal ýaryşa goýberiljek bolup duran atlaryň badyny almazlyk
üçin hakykaty ynandyrjak bolýanyň sözüne pitiwa etmek islemedi.
—Goý, bäri gelsin, dişini öz gözüň bilen gör!—diýip, hakykaty ýüze
çykaraýmasa, ynjalyk bermejekdigini beýleki subut etdi.
- 82 -
Pellehanaçy ýaşuly silkme telpegini çykardy-da, çapyşyga gitmeli atlara tarap
bulady:
—Haw, sakar ýüwrük, bäri gel!
Habary eşiden ýigit jylawy gowşadanda, çapyşyga goýberilendir öýden at öňe
atyldy. Beýleki üç at hem oňa öýkünjek boldy. Emma ýüwrükleriň arzuwy paşmady.
Olar gahar-gazaplaryny toprakdan çykarjak bolýan ýaly, aýaklary bilen ýer peşäp
galdylar.
Sakar ýüwrük gelip saklanan badyna, märekeman aksakal onuň kellesinden
tutup, agzyny açjak boldy. Emma kellesine kişi eliniň degenini ýokuş gören at başyny
silkip goýberdi.
—Hany, ogul, eýerden düş-de, atyň dişini görkez!—diýip, ýaşuly at eýesine
ýüzlendi.—Ýogsam, bu tapgyrdan galmaly bolarsyň.
Sakar ýüwrügiň dişi barlandy. Galmagal turzan adamyň aýdany dogry bolup
çykdy. Şonuň üçünem sakar ýüwrüge üç ýaşar atlar bilen çapyşyga gitmäge rugsat
bermediler.
Ýaryş başlanmanka şowsuzlyga uçran ýigit ýüzüni aşak salyp, atyny idip
barýarka, diliniň eýesi däliň biri oňa bolgusyzyny atyp galdy:
—Baýragyň gutly bolsun! Bize-de şeýtel ber-dä.
Keýpi ýok çapypsuwar ýagşydan-ýamandan sesini çykarman geçiberdi. Şol
mahalam onuň aty tezekläp goýberdi.
Kimdir biri ýaňsylap, şeýtel diläniň jogabyny berdi:
—Ana, saňa şeýtel. Gerek bolsa, tut telpegiňi!
—Geregiň şeýtel bolsun!
...Dört bolup öňe çykan atlaryň üçüsi ýaryşa goýberildi. Üç at üç ýüz at barýan
şekilli uly güpürdi turzup, märekäniň öňünden zymdyrylyp geçende, toýnaklaryň
astyndan atylyp çykýan yzgarly toprak, toý pişmesi ýaly adamlaryň üstüne seçildi.
Bile gitmelilerinden galan sakar ýüwrük ýaryşa goýberilmänine ahmyr çekýän
ýaly çyrpyndy, diriň-diriň towusdy, hokrandy.Gaharly eýesi jylawy birki gezek gazap
bilen silkänden soň, at birneme köşeşdi. Şonda-da ol ýuka gulaklaryny keýerdip,
eýýäm uzakdan görünýän ýeke düýp toraňňa ýetip barýan atlardan gözüni aýryp
bilmedi.
Ikinji tapgyrda alty ýaşar atlaryň alty sanysy goýberildi. Bu gezek Hojam
Şükür hem, edil beýleki at eýeleri ýaly, oda-köze düşmeli boldy. Ol atynyň daşyndan
kebelek ýaly bolup, pyr-pyr pyrlanmaga başlady. Aty welin, onuň sypaň-sermeňini
duýmaýan ýaly, boýnuny dik tutup, çapyşykdan gelensoň, üstüne ýuka keçe atylyp,
gezdirilip ýörülen atlara tarap seredip durdy.
Goýberilmeli atlaryň Hojam Şüküriňkiden özgesi çapyk bilen bellik edilen
pellehana geldi. Hojam Şükür bolsa atynyň beýleki atlardan ozmagyny diňe sypaňsermeňe bagly hasap edýän ýaly, ýüwrüginiň daşynda henizem hümürdäp ýördi.
Jally jarçy pellehanaçy aksakalyň pessaý ses bilen aýdanyny öz belent sesi
bilen gaýtalady:
—Han aga, atlar size garaşýa!
Hojam Şükür:
—Jan berene jaý ber ahyryn!—diýip hüňürdedi,soňundanam atynyň guýrugyny
düwüp, sagrysyna kakdy.—Bar, janawer, ýoluň rowaç bolsun!
- 83 -
Bu gezek goýberilen alty atyň tapyrdysy öňkiniňem çeni bolmady. Tapyrdynyň
arasy bilen:
—Ýa, Alla!
—Hä, gözüňe döneýin!
—Hä, janym!—diýen sözler eşidildi
Bir çetde durup, atlaryň gidişini synlaýan Hojam Şüküriň bolşy aýratyn-da
gözilginçdi. Ol bir zatlar diýip pyşyrdaýardy, gamçy bilen aty gyssaýan ýaly, çep
elindäki örme ýüpi bulaýlaýardy,käte şol ýüp bilen gara ädiginiň gonjuna-da urup
goýberýärdi, dişlerini gyjaýardy. Bolsa-da, hanyň hereketlerine hiç kim üns
bermeýärdi. Adamlaryň hemmesiniň nazary eýýäm ýeke düýp toraňňynyň daşyndan
aýlanyp, bärik ýönelen atlardady.
Jally jarçy sesinde baryny edip, bir zatlary habar berýärdi. Emma tolgunýan
märekäniň galmagaly jarçynyň şaňňy sesini sykylyk ýaly düşnüksiz bir zada öwrüp
ýuwdup goýberýärdi. Adamlar entek pellehana golaýlamadyk atlaryň haýsysynyň öň
geljekdiginiň palyny atyp, aýgytly çözgüde gelmek üçin dawa edýärdiler. Her kim öz
gowy görýän atyny, eger ol yzdan gelýänem bolsa, öwüp arşa çykarýardy,
yzdadygygyna garamazdan, pellehana öňürti geljekdigini ýanyndaka ynandyrjak
bolýardy.
Ikinji tapgyra giden atlaryň arasynda Pendi baýyň gara ýüwrügi hem bardy
Ony,adaty, Mäligiň özi çapýardy. Köplenç ýaryşda Pendi baýyň aty ýeňiji bolýardy.
Ondanam ýyndam hasaplanýan Saragt sebtinde ýekeje at bardy. Ol hem Hojam
Şüküriň atydy.
Bu gezek Hojam Şüküriň aty bilen bir toparda goýberilýäni üçin Mälik jylawy
agramyna görä özünden has ýeňil dosty Kiçi kele ynandy. Kiçi at çapyp, jigitlik edip
ýörmese-de, inçesagtdan ýeňil bolany üçin eýere ýelimlenen ýaly bolup oturýardy.
Ol gykuwlap, aty göçürmegi, maýajyna gelse, sadarak çapypsuwara al salmagy hem
ussatlyk bilen başarýady. Şonuň üçinem Mälik Kiçä halys ýürekden bil baglaýardy.
Gumak ýerde aýbogdaşyny gurup oturan bir ýetginjek gapdalyndakynyň
böwrüne hürsekledi.
—Atabal, kimiň aty öň geler öýdýäň?
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gowşut han (Saragt galasy) - 09
  • Parts
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 01
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2204
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 02
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 2115
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 03
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2148
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 04
    Total number of words is 3873
    Total number of unique words is 2177
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 05
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2155
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 06
    Total number of words is 3811
    Total number of unique words is 2149
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 07
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2157
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 08
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2173
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 09
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 2166
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 10
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2144
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 11
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2187
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 12
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2180
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 13
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2197
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 14
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2141
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 15
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2172
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 16
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2134
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 17
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 2059
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 18
    Total number of words is 2341
    Total number of unique words is 1456
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.