Latin

Gowşut han (Saragt galasy) - 15

Total number of words is 3830
Total number of unique words is 2172
32.4 of words are in the 2000 most common words
47.1 of words are in the 5000 most common words
53.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Garşydaşynyň güýjine baha bermekde, Hywa hanynyň gelýän aýgydy hakykatdan
üzňe däldi. Tekeleriň Hywa goşunynyň güýjüne mynasyp baha bermezligi, oňa garşy
durmaga meýillenmekleri gatybir öňdengörüjilik hem däldi. Eger-de Gowşut han
akylly-parasatly bolan bolsa, Hywa bilen çaknyşmagy hyýalyna-da getirmezdi.—Bu
Mädeminiň edýän aýgydy.
Mädemin han, umuman, yrymçydy, aýakýoluna gidende-de käte bir zady
göwnüne getiräýýärdi. Emma onuň ertir, hut bisähet gün söweşe başlamaly etmegi-de
garşydaşynyň güýjüni halys äsgermeýändigi bilen baglydy.
...Ertir namazyny okan Mädemin Döwletýar atlyk bilen Abanur Nyýazmähremi
ýanyna çagyryp, iki müň nökerden ybarat goşuna baş bolup, daga tarap gitmegi
tabşyrdy. Olar iberilen ýerde birnäçe gün bolup, Eýran tarapa gözegçilik etmelidiler.
Üç topara bölünen iki müň goşun Akderbendiň, Mazduranyň hem Gyzylgaýanyň
töwereklerinde düşlemelidi.
Mädeminiň tekeleri uly urşa çykarman, abaý-syýasat bilen boýun egdirmek
hyýaly-da ýok däldi. Onuň galany oka tutman ýatmagy, ertesi hem köp wagtyny
kekeji gyzyl iki sany horazyň yzyna düşüp geçirmegi-de şonun üçindi.Üstesine,
Mädeminiň çak etmegine görä, gala ýygnanan türkmenler ol ýerde bir hepdeden
artykmaç ýaşap bilmeli däldi. Agyzsuwy gutaryp, porsap ýatan ilat, Gowşut han
islese-islemese, bala-çagany ölümden halas etmek üçIn derwezäniň açylmagyny talap
etmelidi. Häzir bolsa Saragt galasy içinde adam bara-da meňzemeýärdi.
Döwletýar atlyk bilen Abanur Nyýazmähremi Eýrana tarap ataran Mädemin
han belent ak çadyryna girip, köp eglendi. Halnazar Bahadur, Horezm kazy hem ýene
birnäçe adam çadyryň daşynda garaşyp durdy.
Öňki geýimlerini çykaryp, söweş eşigine giren Mädemin han esli salymdan
soň, gorkunç bir zada meňzäp daş çykdy. Ol çep elini bilindäki goşa nilli pereň
sapançasyna ýetirip, görkezme bermäge başlady. Onuň ilkinji tabşyrygy öz çadyryny
başga ýere göçürmek buýrugy boldy. Emma ony nirede dikmelidigini welin aýtmady.
Saragt galasynyň töwereginde Alaman depe, Ajygam depe, Herrik depe,
Guýrukly depe diýen ýaly birnäçe belentlik bardy. Olaryň haýsy biriniň üstüne çykyp
seretseňem, alys alnyňda bolup görünýärdi. Hanyň baş geňeşçisi olaryň arasynda iň
gowy hem amatlysy hasaplap, Ajygam depäni saýlady. Şol depäniň üstünde çadyry
dikilse, Mädemin goşunyň hem sülsadyň ortaragynda boljakdy. Ondanam başga,
Ajygamyň aýtymynyň giňräk bolmagy janpenalardan artyk ýene esli nöker
saklamaga mümkinçilik berjekdi.
...Gün guşluk galanda, goşa top gala tarap tigirlenip ugrady. Toplaryň öňünden
iki-üç ýüz sany atly nöker barýardy. Gala top oky ýeterlik aralyk galanda, öňden
barýan atlylar saga sowuldylar. Topçular saklanandan soň, Mädemin hanyň topary
çepe çekilip, täsin bir tomaşa garaşýan ýaly bolüp, nökerleriň hereketini synlap
durdy.
- 148 -
Taýak ýetim gapdaldan hanyň özlerini synlaýandygyny aňan topçular has-da
tiz hereket edip başladylar. Kän mahal geçmänkä, toplaryň atyşa taýyndygyny habar
bermek üçin Muhammedemin ýüzbaşy haýbatly ädimler bilen hana tarap ýöredi.
Mädemin han buýruk bermäge gyssanmady. Ol at üstünde sarsman oturyşyna
galanyň diwarynyň üstünde peýda bolan adamy üns bilen synlady. Ol adam aşak
düşüp, esli salym gözden ýitdi.
—Görýäňizmi toplaryň oýnuny!—diýen Mädemin han içini gepletdi: “Ol
Gowşut hanyň ýagdaýa göz ýetirensoň, sözleşige rugsat soratmak üçin iberen
adamydyr...”
Galadan düşendenoň, ýene göze kaklyşan adam ýüzüni gaýrak tutup, gaçmak
bilen boldy.
—Top atylmanka, biri gaçan bolsa, atylansoň, hemmesi gaçar—diýip, pessaý
aýdan Mädemin han birdenem haýbat bilen gygyrdy.—Atyň!
Iki topuň birden atylmagy bilen Saragt düzlüginiň depesinde henize çenli
eşidilmedik aýylganç bir gümmürdi ýaňlandy. Howada ýeňiljek tüsse tegmilleri
peýda boldy.
Toplar gezek-gezegine telim gezek gümmürdänden soň, elini salgan Mädemin
han:
—Däri harçlamaň, bes ediň!—diýdi. Ol gala tarap seretdi. Onuň diwarynyň
hoňkaryp görünýän ýa-da ýykylan ýeri ýokdy.
Ilkinji “abaý hüjümini” şowly hasaplan Mädemin han at başyny yza aýlady. Ol
uzakdaky Ajygam depäniň üstünde agaryp görünýän ýüpek çadyra tarap sürdi.
Mädeminiň ilkinji hüjüminde top okunyň gala diwaryna golaý dikilen gara
öýüň üstünden düşmegi bilen bir goja hem eli çagaly gelin wepat boldy.Toplar
şondan başga ullakan opurlylyşyk döretmändiler.
Emma toply meselede Gowşut hanyň howatyrlanmasy dogry bolup çykdy. Top
oky üç adamynyň başyna ýetenem bolsa, onuň ýaňy köp müň adamlyk boldy. Top
hüjüminden soň adamlaryň arasynda bolmalysyndanam has beter dowul döredi.
Dowul turuzmagy gowy görýänler ýagdaýy has-da çişirmäge başladylar, Hywanyň
iki topuny ýigrimi iki edip görkezdiler. Türkmeniň bala-çagasyna nebsi agyran
Mädemin entegem toplaryň diňe ikisini öňe çykaranmyş. Başyna agyr iş düşen sada
adamlar bolsa, näme diýilse, hatda ynanylmasyz gepe-de ynanýardylar. Çişirmeleriň
ýelini gaçyrjak bolup, serdarlaryň, batyrlaryň eden tagallasyndanam oňly netije
çykmady.
Adamlar, näme üçindir, çyna ynanman, ýalana ynanmak isleýän ýalydylar.
Beýle ýagdaý uzak dowam ediberse, ilatyň ýaraga ýapyşmaly eliniň sowajagy-da
belli zatdy.Sussupes adamlar ýaraga ýapyşanlarynda-da, gazanyljak netije az
boljakdy.
Saragtlylaryň düşen ýagdaýyna göz ýetiren Gowşut han uzynly gün şol
aladanyň ýüküni göterip gezdi. Ol ýük gije ýarym bolýança-da hanyň gerdeninden
düşmedi..
- 149 -
Oýlana-oýlana, han ahyr belli bir nokatda saklandy. Saklananda-da entek ol
isleg ýerden atylan ok entek degmedik asmandky ak guş ýaly ýetilmedik arzuwdy.
Han hut şu gije on-ýigrimi sany batyra özi baş bolup, Hywa goşunynyň sapyna
aralaşmaly hem goşa topy atylmaz ýaly etmeli diýen netijä geldi. Onuň pikiriçe,
tekeleriň çöken ruhuny götermek üçin diňe sol ýol bardy. Gijäniň bir çaka
barandygyna garamazdan, Gowşut han Amansähet serdaryň bolýan ýerine tarap
ugrady.
Han gidip barýarka, gara öýleriň biriniň eňsisi serpildi-de, eli hasaly hökür
ýaşuly daş cykdy. Ol Gowşudy görensoň, allaniçigsi bolup, yzyna aýlandy. Onuň
içerik girmän, eňsiniň aňyrsynda bukulyp durandygyny aňan han; “Janam garry
adama gereg-ow!” diýip, içini gepletdi. Ol gojanyň näme üçin beýdýändigini bilmek
isledi.
—Ýaşuly, essalawmaleýkim! Daş çykypsyň-la? Entek namaz wagtyndanam-a
irräk ýaly.
Goja eňsiniň bärsine çykyp salam aldy.
—Inim, namaz seň ýadyňa düşýä. Men üç gün bäri peşewimi saklap bilmesem,
nädersiň!
—Näme, gyşy gyşlap, ýaza ýeteňsoň, sowuklap ýörmüň?
—Daşyňy müň lek goşun gabasa, saryja tomus düşende-de buşugyň damar
durar,inim.
—Müň lek goşun bilen araňda dag ýaly gala-da bar ahyryn..
—Toply belaň öňünde gum gala durup bilmez, ýagşy ýigit.
—“Il bilen gelen—toý-da baýramam-a” diýipdir köneler. Ýa ony bir agzy boş
teke aýdaýdymyka?
Goja Gowşut hany tanamaýar ekeni. Şonuň üçinem ol arkaýyn gepledi.
—Kim aýtsa, şol aýtsyn welin, indi bize arkaýyn ýatyp ölmegem nesip etjek
däl öýdýän, inim. Ili gyrgynçylyga berjek bolýanlaryň kalbyna şeýtan bir bulagaýlyk
salýandyr-da. Ýogsam-a... Aý, şehit öldügimiz boljak eken-dä!
Ozalam kellesi hum ýaly çişip duran Gowşut hanyň sesi birneme gataldy:
—Oňi bilen-ä, agam, suw görmän, tamman çykarýan däldirler. Kimiň şehit,
kimiň kazy boljagyny bir Hudaý biler. Soňam, sen ýaly köpi gören ýaşuly, gaýtam,
batyrlara dili bilen medet berip oturmazmy?
Goja dymdy. Emma Gowşut han dymyp bilmedi:
—Agam, ýaňky, ili gyrgyna berjek bolýan kimkä?
—Han barka, başga kim bolsun! Hojam Şükür hanlygyna duranlygynda, bi
millet beýdip, galada porsap ýatmazdy. Gowşut han diýip bir han döredi. Mara iki
gezek gidip, bir iş bitirmedi. Gaýtam ýagyny yzyna tirkäp üstümize getirdi. Mädemin
bilen il bolmaga derek bizi gala gabap goýdy. Gajar bilen il bolan Gowşut han Hywa
bilen il bolabilmeýämişmi?
—Iki är tutunar ýaly, men deýýus heleý däl, ýaşuly—diýen gep Gowşudyň
agzyndan özünden erksiz sypyp gitdi.—Gazananyň ýaryny gajara ber, ýaryny Hywa
ber, onsoň özüň gum ýalap oňjakmy?
Gojanyň sesi sandyrady:
—Asyl seň özüň kim bolarsyň, inim? Tanatmadyňam...
—Maňa Gowşut han diýerler, ýaşuly.
- 150 -
Ýaşuly näme diýjegini bilmedi. Ol gara öýdenem kän uzaklaşman, çermegine
ýapyşdy-da, aşak oturdy.
Ol ýagdaýy gören han:
—Aýby ýok, agam, arkaýyn ýazylyber. Bi gojalygyň alamatydyr—diýip
ýöräberdi, şol mahalam özüne tarap gelýän on-on iki sany adamy gördi. Aý aýdyň
gijede Gowşut han olaryň arasynda Amansähet serdaryň, Şalha batyryň, Tozanly
batyryň hem Çebşek batyryň bardygyny saýgardy. Tozanly batyryň egninde bolsa,
manysy Gowşut hana düşnüksiz bolup galan düýrlenen tanap bardy. Emma han tanap
barada soraman, kalbyndaky esasy pikir bilen Amansähede ýüzlendi:
—Serdar, sen şu gije galada baş hana derek galmaly bolarsyň. Men bir hyýala
mündüm. Näme netije çykjagyny bolsa Alla bilýä. Bäş-on sany ýigit bilen Ajygam
depä tarap atlanmaly etdim. Gizläp oturasy syr ýok, serdar, Mädeminiň goşa topuny
ele salmasak, ählimiz şehide öwrülýäs.Hywa toplary Ajygamyň üstünde bolmaly…
—Sen eýýäm gijä galdyň, han,—diýip, Amansähet serdar Gowşut hanyň çak
etmedik jogabyny berdi.—Biz şol işi maslahatlaşaly diýip, seň ýanyňa ugrapdyk.
—Aýdyberiň!
—Aýtsak—diýip, Amansähet serdara derek Tozanly batyr jogap gaýtardy.—
Ynha, şü egnimdäki tanapy şoň üçin göterip gaýtdym. Biz eýýäm maslahaty bişirdik.
Gitmäge döwtalap batyrlaryň on iki sanysynyň başyny jemledik. Niçiksi hereket
etmelisinem ölçerdik-dökdük, oýlandyk—Bu habardan soň, tebigaty birneme
öwünjeňräk Tozanly batyr batlyrak gepledi.—Ýa-ha Tozanly batyryň gara kellesi
Ajygam depeden togalanar, ýa-da Mädeminiň sary toplary şü gije ýanyňa geler, han...
Gowşut han, näme üçindir, kesä bakyp gepledi:
—Adyň Tozanly bolsa-da, şemal turmanka, tozan turuzma, batyr. “Nesip etse”
diý.
—Men “Alla nesip kylsyn!” diýen sözi ertirden bäri gaýtalap ýörün, han aga.
Nesip kylaram, enşalla!
—Şeýdip, biraz aşak düşeweri, batyr.—Birdenem han äheňini üýtgetdi.—
Hawa-da, “Alar-alar” etseň, ala köpegem alarmyş. Ýapyşaňda, bolar diýip
ýapyşmaly.
—Ýagşy niýet—ýarym döwlet!—diýip, Amansähet serdar hanyň aýdanynyň
üstüni ýetirdi.
Gowşut han baş atdy:
—Şol sary toplary ele salyp bilsek, bizem “Ýarym ýeňiş” hasap etjek, serdar..
Mädemin hanyň sary toplarynyň ikisi däl-de biri, ýanynyň bir topçusy hem
bäş-alty sany gara oky,därisi bilen daň atmazynyň öň ýany Saragt galasyna getirildi.
Gowşut han gidenler gelýänçä ýatmak-ha beýlede dursun, oturybam bilmedi. Ol
derweze bilen elli-altmyş ädimlikde üýşüp ýatan suwly meşikleriň arasynda ýüzlerçe
gezek gatnaw etdi.
Bitirilen iş, Gowşut hanyň baha bermegine görä, akla sygmajak, amala
aşmagyndan aşmazlygy müň esse ýakyn işdi. Elbetde, hywalylar üçin ruhy utulyş,
- 151 -
saragtlylar üçinem aýny zerur wagty peýda bolan ruhy ýeňiş türkmenlere arzan
düşmedi.
Tozanly batyr bilen Şalha batyr Ajygam depäniň ýanynda özleri ýaly dört sany
teke edermenleriniň jesedini goýup gaýtmaly boldular. Gidenleriň arasynda iň
dogumlysy hasaplanýan Çebşek batyryň bolsa sag bykynyna Hywa pyçagy girip
çykdy.Ony haly juda teň ýagdaýda gala alyp geldiler.
Bir sary topuň ele salynmagy üçin Saragtyň dört sany batyrynyň başy goýuldy.
Bir sary topuň elden gidirilendigi üçin näçe sany Hywa nökeriniň başynyň
alynjakdygy bolsa ertir irden, top hakdaky habar gulagyna ýetiriljek Mädeminiň
ynsabyna, gahar-gazabynyň ýetjek derejesine baglydy.
Ýesir edilip alnyp gaýdylan nöker dogumly gözleri ýanyp durah berdaşly hem
görmegeý ýigitdi. Ol gala getirilip, arkasyna daňlan eli boşadylan bada, her zat
edilse-de, topuň nähili atylýandygynyň syryny açmajakdygyny göni aýtdy. Şalha
batyr sypaýyçylyk edip gördi, abaý-syýasat edip gördi—netije çykmady. Ýesir nöker
topuň atylyşynyň syryny açyp, aman gutaran başynyň Ajygam depä baransoň
alynjakdygyny bilýärdi. Şoňa görä-de Şalha batyr oňa aýdylany etse, azyk-suwuna
çenli jemläp, Saragtdan göni Hywa ugratmagy wada berse-de, topçy razylaşmady.
Berke tutulsa, topçy ýan berer öýtdüler. Şalha batyryň yşaraty bilen iki gezek
ot bolup kebzesine ýelmeşen dürre gamçynyň yzasy-da ýesiri mugyra getirmedi.
Gaýtam, urgy oňuň mertliginiň derejesini beýgeltdi. Soňky degen gamçylar nökeri
halys ýegşertdi. Ol tabyn bolýan ýaly, çep elini öňe uzatdy-da, yşarat bilen Şalha
batyry ýanyna çagyrdy.
Nöker ejizländir hasaplan Şalha batyr onuň alkymyna bardy-da, özleriniň eden
hereketi hasyl berendir öýdüp halys ynanansoň:
—Häliden şeýtmelidiň-dä—diýdi.—Bizem, özüňem gynap näme etjekdiň?
—Siz meni biderek gynaýaňyz—diýip, ýesir Şalha batyryň göreçlerine gazap
bilen garady.—Men eden ähdine, beren sözüne dönüklik edýän namartlardan
däldirin. Men çyn özbekdirin…
--Çyn özbek bolsaň,topuň atylyşyny bize öwret-de,öz başyňy ölümden
gutar.Sende-de ene-ata,bala-çaga bardyr.Şolara rehmiň insin.
--Enemem bar,atamam, bala-çagamam bar.Ýöne mende bigaýratlyk ýok.
Birdenem ýesir Şalha batyryň bilindäki pyçagy çakganlyk bilen sogrup aldyda, ony öz gursagyndan bat bilen sançdy. Teke nökerleri bir tarapa gyşaran ýesiri
ýere ýetirmän tutmaga-da ýetişmediler.
Şol mahal bu ýere gelen Gowşut han bilen Kelhan Kepele bolan waka çalarak
şaýat boldular.Han ýagdaý bilen gyzyklandy.Şalha batyr hemme wakany bolşy ýaly
aýdyşdyrdy.
Çep eliniň barmaklary bilen iki dulugyny penjeläp,telim gezek baş atan baş
han gözüni ymykly ýumup ýatan gursagy pyçakly nökere seredip durşuna, tabşyryk
berdi:
--Beýle ki mert ýigidiň jesedini şagallara şam edip,meýdana zyňmak hebes
bolar.Muny adam şekilli jaýlaň!
Şalha batyr tassyklaýjy baş atdy.
--Hywaly nöker-ä beýtdi.Indi nä maslahat?—diýip,han içinden özüne beren
sowalyny daşyndan aýtdyp goýberdi..
- 152 -
Garaşylmadyk ýerden Kelhan Kepele töweregi geňirgendirdi.
—Hywaly aýdanyňyzy etmäni üçin gam çekmäň, ýigitler. Bi sary top atylar...
—Dilini tapmasaň, nädip atylarmyş?—diýip, Kelhanyň gepine ynanmazçylyk
eden Şalha batyr seňrigini ýygryp,gaharlanjak boldy.—Bi nä seň towşan atyp ýören
gara myltygyňmyşmy?
—Hywaly öwretmese, maşatly öwretjek eken-dä.—diýip, Kelhan arkaýyn
gepledi.—Saragt ilinde Mämmet pars diýen biri bolmalydyr. Ol şumat ýa-ha
galadadyr ýa-da guma göçenler bilen gidendir. Oň başga gidere ýeri ýok.
Nasretdiniň goşunynda topçy bolan Mämmet pars diýilýän orta ýaşlaryndaky
adam, gan-hun algy-bergisi üçinmi-nämemi, bäş-alty ýyl mundan ozal maşgalasynam
ýanyna alyp, Saragta gaçyp gelipdi. Ol özüniň topçy bolup gulluk edendigini Kelhan
Kepeläniň ýanyna pilini taplatmak üçin baran gezegi gürrüň beripdi.
Kelhan Kepeläniň habaryny diňlän Gowşut han gapdalynda duran nökere
buýruk berdi:
—Mämmet pars diýilýän adam çölde bolsa-da, gyrda bolsa-da, tiz tapyň!--Ara
salym düşensoňam, Gowşut han —Atylmasa atylmasyn—diýip, Şalha batyryň
ýüzüne garady.—Aňyrdan bärik atylandan, bärde atylman durany gowudyr...Är işini
bitirdiňiz,batyr. Müň adamyň edibilmejek işini etdiňiz...
Han ol ýerden gidende-de, dymyp duran sary topa tarap seredip geçdi:
—Düýnki düşman—bu günki dost.
Adamlar hanyň aýdan gepiniň manysyna özi gidensoň düşünip galdylar.
Dogrudanam, düýn duşman bolup bärik ok atan top, bu ýere gelip, atylman
dursa-da, duşmanlykdan daşlaşýardy..
Sekiz müň baş adamdan ybarat ýomut nökerleri Ajygam depäniň gaýra
tarapynda düşläpdiler. Olara goňşy bolup ýerleşenlerem jemşit nökerleridi. Jemşitler
galmagalçydylar, gapdalynda oturan bilenem, taýagatymdan habarlaşýan ýaly,
gygypyşyp gepleşýärdiler, sährany sarsdyryp gülüşýärdiler. Olaryň boluşlary,
galmagallary,ozalam keýpsiz Amanýaz serdaryň gaharyny getirýärdi. Jemşitleriň
haýsydyr bir manysyz gülküleri-de, ýomut serkerdesiniň üstünden gülmek üçin
edilýän ýalydy. Şu mahal Amanýaz serdar ýakymsyz gülkiniň ýassygy hasaplaýan
özi hakda oýlanýardy. Ol hut şu gün ýalňyzlyk hasratyny ýöne ýere çekmeýändigine
ymykly göz ýetirdi. Şol ýalňyzlygy döreden mesele barada oýlanýan serdaryň täk özi
hem däl ekeni. Ol şoňa begendi. Ýöne Gowşut hanyň diňe bir Mädeminiň etjek
hereketlerini öňünden dürs çaklaýşyna däl, ýomut serkerdesiniňem içki pikirini
uzakdan aňyşyna geň galdy. Belkem, Gowşut han Amanýazyň ýürek syryny
bilýändigi üçin hat ýollandyr. Daşyňy agyr goşun gurşap alansoň, kişiniň ol baradaky
içki pikirini okamak zerurmyşmy? Amanýazyň özi-de tekeleriň gününe düşen bolsa,
Gowşut hanyňky ýaly aýgyda gelerdi. Gaýry çykalgaň bolmasa, ýagşylyga
garaşmaýanyňdanam umytly bolmaly. Emma ki jemşitleriň ýomutdan öňde
goýlanyny teke hany nädip bilip ýörkä? Gurrandazlary dagy barmyka? Gelen
ýigitdenem soraýmandyryn...
- 153 -
Amanýazyň “gelen ýigit” diýýäni Gowşut hanyň ýomut serdarynyň üstüne
gizlin ýol bilen iberen çaparydy. Amanýaz serdar tekelere gaýtarmaly jogabyny
mazaly bişirýänça, Esen atly çapary öz ýigitleriniň arasyna ugratdy.
Ozalam Hywa - Saragt meselesinde köp mahal bäri agyr pikirleri kellesinde
aýlap ýören Amanýaz serdar indi-hä hasam keýpsizdi. Mädeminiň ýomut
nökerleriniň ornuny jemşitler bilen çalşyrmagy-da ýöne ýere tapylan pirim däldi.
Hywa hanynyň gelen netijesi inçe syýasatdy. Ýöne ol syýasat Amanýaz serdaryň
kalbyndaky gizlin syryň hakykat bilen kybapdaşdygyny welin tassyklaýardy, ony
maksadyny amala aşyrmaga iterýärdi. Emma Mädeminiň, ynam etmeýän halatynda,
ýomut nökerlerini öz goşunynyň sapynda saklamagynyň manysyna welin Amanýaz
serdar asla düşünmeýärdi...
Öçügsi çyranyň yşygyna tarap başyny egen Amanýaz serdar Gowşut hanyň ýol
lan hatyna ýene bir gezek göz aýlady:
“Ýomut kethudasy Amanýaz serdarga!
Öňi bilen özüňe hem edermen batyrlaryňa dogaýy salam bolsun. Yzysüre, üste
gylyç syryp gelen kişilerge dogaýy salam göndermekligi ejizlik hesap kylma.
Meger-de, bizler kişilikden ýüz dönderip, hatynlarymyzyň arkasynda
penalamakçy bolan bolsak, Taňry salamy birle ejizlik alamatyny sizleriň
agaňyz bolgan Muhammet Emin Ynaga göndererdik. Ondan ötri ki maglum
bolsun, biz munda ýalňyz. Hywanyň güýji sizge mälim. Üstesine tekäniň
emekdeşi ýomudam Hywanyň syrtyny goraýar. Heýem, ýomut tekä, teke
ýomuda gylyç salarmy? Heýem dogan öz emekdeşine tyg çekermi? Türkmeniň
türkmeni çapjagyna Muhammet Eminiň özi-de müňkür boldy. Eýsem bolmasa,
ol seniň ornuňy gelmişek jemşide berermidi? Ynagyň senden gorkusy bar.
Tekäniň bala-çagasy ýomudyňam nesli. Öz nesliňe—tekäniň bala-çagasyna
rehmiň insin, serdar. Men senden ýardama garaşamok. Emma ki kesgir ýomut
gylyjynyň teke bosagasynda gyýnyndan çykmagyna-da garaşamok. Alla ýaryň,
serdar!
Teke hany Gowşut han ibn Öwezdurdy serdar1”
Amanýaz serdar öz ýigitlerine bil baglaýardy, bimaslahat, täk özi bir netijä
geläýende-de, olaryň däl diýmejekdiklerini bilýärdi. Şonuň üçinem Gowşut hanyň
çaparynyň desbi-dähil hem jogabyny berip biljekdi. Ýöne ýagdaýyň köki Saragt
düzlüginden alysda galan Amanýaz serdaryň özüniň, nökerleriniň dogangaryndaşlarynyň ykbaly bilen baglydy. Oňa garamazdan, Amanýaz serdar öz
ýanyndan belli bir netijä geldi. Ýöne ol ýigitleriniň taryna kakyp, kimiň nähili owaz
edýändigini diňläp gormeli etdi.
Çadyrdan çykan Amanýaz serdar haýsy tarapa ýörejegini bilmeýän ýaly,
töwerege garanjaklady. Kowçum-kowçum bolup oturan nökerleriň hemmesiniň
ojagynda ot ýylpyldaýardy. Golaýdaky bir üýşmekden bolsa dutar sesi gelýärdi.
Dutaryň owazy hem serdaryň gitmeli ugruny kesgitledi.
Baharyň gelendigine garamazdan, agşam howasynyň az-kem çigregi bardy.
Emma dolan Aý ýere diňe ýagtylyk däl, ýylylygam iberýän ýaly, älemiň garaňky
däldigi, wagtyň ümzüginiň bahara tarap bolmagy göwnüňi göterýärdi. Amanýaz
1
Gowşut hanyň doly ady öz möhürinde şeýle ýazylýar./awtor/.
- 154 -
serdaryň kalbynda welin bu mahal gyşyň örküjidi, kiçi çille harasat turuzýardy. Onuň
gursagyndaky doňaklygy uzakdaky Aý däl, kükregindäki gyzgyn ýüregi-de ýyladyp
bilmeýärdi.
Serdar nazaryny gönükdiren yşyga golaýladygyça, dutaryň owazy güýjedi,
bagşynyň sesi belende çykdy:
“ ...Bir habar gönderiň Helep Şirwana.
Bir toý tutuň, älem galsyn haýrana.
Günde kyrk guzyny çekip bir ýana,
Iýsin goç ýigitlem ta-a men gelinçäm.”.
Aýdymyň sözleri ýakymly sese ýugrulyp çykanam bolsa, Amanýaz serdaryň
göwnüni götermäge derek gaşlaryny çytmaga mejbur etdi. “Hut ertir irden öz ganybir
garyndaşlary bilen gylyçlaşyga girjek türkmenler aýdym aýdyp, heň edip şatlanýan
bolsa.. Belkem men...” Belkem, Amanýaz serdaryň özi soňky edýän pikirleri bilen
ýalňyşýandyr? Belkem ol şu mahala çenli öz ýigitlerine beren bahasynda, eden
ynamynda ýalňyşandyr. Şu iki çaklamanyň haýsysy hakykata laýyk gelse-de, oňatlyk
däl. “Ertir doganlarynyň başyny almaga gitmeli ýomutlar nähili çaknyşyga
girjekdikleri barada oýlanmaýan bolsalar nädip bor? Sen serdar däl, Amanýaz, sen
akmak. Ertirki waka hakda oýlanýan ýomut aýdym aýdyp, heşelle kakarmy? Bular
aýdym-saz edip şatlanmaga derek gara geýip, matam tutmaly. Ýomut tekä gylyç
salar. Teke-de gujak germez-de, gylyja gylyç bilen jogap gaýtarar. Ol iki gylyjyň
haýsysy ýeňende-de söweş ýeňliş bilen tamamlanar. Ol iki gylyjyň haýsysy ýeňendede,ýeňen gylyjyňky ýeňiş-- baýram bolman, ýas bolar. Çünki teke bilen ýomudyň
kellesi aýry bolsa-da, ýüregi bir. Aslyna seretseň, bir türkmeniň egninde onlarça kelle
bar. Şol kellelerem göwräniň birdigini bilmän, bilmegem islemän, her haýsy bir
tarapa çekýär. Men ýalňyşýan bolsam, munça ýomut häzir Saragt düzlüginde goş
basyp ýatarmydy?..”
Amanýaz serdar özüni ejiz hem erksiz duýdy. Ol kalbyndaky hyýaly daşyna
çykarandan soň, ýigitleriň arasynda dörejek ýagdaýy göz öňüne getirjek boldy.
Howpurgady. Taňrydan gaýry hiç kime boýun egmeýän gyzma ýomutdyrda..Boýnyýogynlygyna tutsa, sen serdar bolaňda, eliňden näme gelerkä?..Suw
görmän, balagyňy çykarma, ýomut. Tagapyl et..
Serdaryň özlerine golaýlanyny gören ýigitler gobsunyşdylar. Emma dutar
owazynyň täsiri serdara goýulýan hormatdan ýokary boldy. Özi-de saz-söhbetiň
muşdagy bolan Amanýaz “Biynjalyk bolmaň!” diýen manyda elini hereketlendirdi.
Ony gören bagşy has-da göçdi.
“ —Günde müň guzyny çekip bir ýana,
Iýsin tekeli ilim ta men gelinçä-ä-äm...”
“Bu nämäň alamaty boldy?”—diýip, öz-özüne sowal beren Amanýaz oýa
batdy.—“Tä men gelinçämde” beýle sözler ýok ahyryn?! Göroglyda “Tekeli—
türkmenli ilden bolarmen” diýen ýeri bar Ýöne.. Ýa biýem maňa gyşardylýamyka?
Biýem maňa gyjalat berildigimikä? Adamlar ýüzüme gelip bilmän, Göroglynyň ady
bilen düşündiriş berýämikäler? Kimiň ýüreginiň näme diýýänini bilip bilseň bil-dä,
ýomut!”
Kimiň ýüreginiň näme diýýänini gara kädili dutar aýdyp durdy. Ýomut dutary
ýomutlaryň adyndan, türkmeniň dilinde gepleýärdi. Dutar ýap-ýaňy bagşynyň söz
- 155 -
bilen aýdanyny az görýän ýaly indi ony saz bilen hetjikleýärdi, owaz bilen
gaýtalaýardy. Ol owaz Amanýaz serdary ýanar otdan çykaryp, buzly suwa zyňýardy;
“...Iýsin tekeli ilim,
Ha, iýsin tekeli ilim,
Ta men gel-inçä-äm..”.
Gara dutar serdaryň kalbyndakyny daşyna çykarýardy-da, şirin saza mündürip,
ýigitleriň gulagyna eltýärdi, düşündirýärdi, düşünmeýänlere gaýtadan aýdyp berýärdi.
Saz diňläp oturanlaryň arasynda Gowşut hanyň çapary Esen hem bardy.
Amanýaz assyrynlyk bilen ol ýigide seretdi, serede-serede hem sazyň jadysyna
haýran galdy.Çünki ol ýigit uly gandöküşligiň bosagasynda, bala-çaga üçin haraý
gözläp gelen ilçä däl-de, daýysynyň öýüne toýa gelen aladasyz ýegen oglana
meňzeýärdi, ertirki turjak harasat hakda, ol harasatda özünüňem başynyň
alynaýmagynyň ahmaldygy hakda oýlanman, saz hakda oýlanýardy. Ýogsam, onuň
şu mahal dyz degrişip, bile saz diňleýän ýigitleriniň biriniň elinden ölmegi-de
ahmaldy. Belki-de, şu mahal näzik tardan şirin owaz döredýän nepis barmaklar ertir
gödek gylyja ýapyşyp, Eseniň başyny alar. Belkem, Amanýaz serdaryň özi.. Ýok,
Amanýaz serdar ol gabahat işi etmez.
Amanýaz serdar şu ömründe gaty kän kelle kesendir. Amanýaz serdar ýene-de
köp kelle keser. Ýöne Amanýaz serdar Saragta gelip, türkmeniň kellesini kesmez.
Amanýaz serdaryň beýtmäge eli aýlanmaz. Doganyna gylyç syrsa, Amanýaz serdaryň
eli şel açar. Şu mahal Amanýaz serdar şeýle pikir etdi.
Serdary haýsydyr bir alada bilen gelendir öýden bagşy “Tä men gelinçäm”
bilen aýdym-sazy tamam etdi. Emma gara dutar gabyna girenden soňam, serdardan
seda çykmady. Şonuň üçinem bagşy gapdalynda oturan sag goşary saralgy ýigide
ýüzlendi:
—Hojamät, eliňe näm boldy-aýt?
—Elime-hä, doganjyk, üç gün mundan öň at toýnagy degdi-aýt. Henizemde
ýatuw berenok-da.
—Dym gaty agyrýan bolsa, döwlen-ýenjilen dagy bolamasyn,how?
—Şeýlemikadaýt, bilmän osal oturan bolamaýyn men.
—Wä-ä, dünýäde zor adamlar bolar eken-aýt—diýip, bagşy gürrüňi uzaltdy.—
Üç ýyl mundan burun Saragt tekelerinden Saparmät şepagat diýen biri biz taýa
gezmäge bardy. Bu ýerde oň Saparmät adyny ýoýup, Saparmämmet diýer ekenleraýt. Tüýs Taňry beren tebip eken. Oň ýaly tebip bolmaz dünýede.
—Beý diýer ýaly näm etdi ol-aýt?
—Gudrat görkezegaýdaýt şol-a.
—Aýdyp oturd-aýt.
—Gudraty gep bilen aýdyp bolmyýa, ony göz bilen göregäýmeseň..
Saragtly Saparmämmet şepagat diýilýän tebip Ürgenje gezelenje baranda,
myhman ýerinde bir dostunyň Gülnahal atly göze görnen uýasy aýagy çüýjükden
çykansoň, ejir baryny çekip ýatyrdy. Ol etrapda aýal tebibiň bolmazlygy derdi has-da
ötüşdirdi. Erkek tebiplerem ulugyzyň tenine, onda-da çüýjük töwereklerine el
degirmäge hukuklary bolmany sebäpli, batyrynyp bilmeýärdiler. Gülnahalyň özi-de,
ömrüni maýyp bolup geçirmäge razydy welin, ýat erkege çüýjügini elletmäge razy
däldi. Şonuň üçinem tebipler ol-bu ýapgy ýapmagy maslahat bermek bilen
- 156 -
çäklenýärdiler. Şeýlelikde, gyzyň ýagdaýy gün geçdikçe agyrlaşýardy. Ol saralypsolup barýardy. Saparmämmet şepagaty Gülnahalyň ýagdaýy bilen habardar etdiler.
Şepagat gürrüni diňlän badyna näme etmelidigini göz öňüne getirdi. Türkmençiligiň
Hywa-Horezminde Saragtdakydanam berk tutulýandygyny bilýän Saparmämmet
tebip Gülnahaly, endamyna el degirmän bejermegiň ýoluny tapdy. Ol gyzyň
hossarlaryna:
—Üstüne münäýeňde-de ýokuş görmejek bir ýuwaş sygyr tapyň—diýdi.—
Malyň göwresi näçe uly bolsa, şonça-da gowy bolar..
Hossarlar aýdylana gaty geň galsalar-da, tebibiň tabşyrygyny berjaý etmeli
boldular. Ýuwaş sygyr tapyldy. Ony ilkagşamdan şerebeli tirtden mazaly doýurdylar.
Ertesi hem sygry tä günortana çenli yssy howada günüň astynda sakladylar. Gün
öýläne sanyp, sygryň suwsuzlygy iň ýokary derejä ýetende, üç-dört sany aýal
Gülnahaly sygryň üstüne mündürdi. Gyzyň bir aýagyna daňlan ýüpi, Saparmämmet
tebibiň özi sygryň garnynyň aşagy bilen aýlap, Gülnahalyň beýleki aýagyndan
mäkäm daňdy.
...Sygyr şeýlebir kän suw içdi welin, gapydan akýan kiçijik ýabyň düýbi
taňkyrar öýtdüler. Malyň garny ulaldygyça, gyzyn hem yzasy artdy. Ol tap getirmän:
‘Ýüpi çözüň!” diýip zarynlady. Gyzyň ahy-perýadyna tebip gulak asmady. Birdenem
Gulnahalýň çirkin sesi aýallaryň zähresini ýardy. Şondan soň tebip ýüpi kesip
goýberdi. Gyzyň sesi kem-kemden ýatyşdy..
Saragtly tebibiň çykan aýagy ýerine eltmek üçin tapan pirimine ilat haýran
galdy...
Gürrüňini tamamlan bagşy:
—Saparmät şepagaty tapagaýsaň-a eliňi tut ýaly ederdi seň—diýip, ýene eli
saralgy ýigide ýüzlendi.—Ta-ap, şoň ýaly zady huk edaýa şo kişi.
—Goýsaňaýt,—diýip, başga biri gepe goşuldy.—Gaýtam, ol eliňi döwüp
göýberegaýmasa, üstüme ýagy bolup geldiň diýip. Hem-ä sen oňa eliňi seýikletjek,
seýiklenen eliň bilenem depesinden gylyç saljak. Tapdyňdaýt akmak tekäni. Wä,
muny-aýt..
Soňky sözleri eşiden Amanýaz serdaryň gözleri ýalpyldap gitdi.
Gowşut hanyň çapary ýuwaşja gepledi;
—Saparmämmet şepagat aýatda ýok, adamlar..
—Be, o bende ellem ýaşan däldir-aýt—diýip, bagşy ýüzüni aşak saldy.—Jaýy
jennet bolagaý bendäniň!
—O pahyry geçen tomus, namaz okap durka, Mädeminiň nökerleri öldürip
gitdiler.
—O nä Mädeminiň berenni iýmänmi-aýt?
Ara dymyşlyk düşdi. Amanýaz serdar, geplemäge pursat gelenem bolsa,
ýigitleriniň pikirini bilmek üçin dymdy.
—Aý, olar ejize ganym-da.
—Bizem şoň nökerleri-dä—diýip, kimdir biri, serdaryň bardygyna
garamazdan, ýüregindäkini çekinmän aýtdy.—Biziňki Mädeminiňkidenem beter
namartlyk. Ýomut türkmen.Teke-de türkmen…
--Mädemin türkmeni türkmeniň eli bilen gyrdyrýa.
--Ýogsam näme-aýt!?
- 157 -
--Bi ta-ap bolmyýa,ýigitler.
--Türkmen şeýleräkda-aýt…
Amanýaz serdar kalbyndakyny daşyna çykarmagyň ýeri geldi hasaplady.
—Inim, sen öz hanyňa aýt—diýip, ol Esene ýüzlendi.—Ertir tekäň garşysyna
başlanjak söweşe ýomut ýigitleri girmiýä. Gowşut hana şeý diýegäý.
—Hat ýazman, söz berdi diýäýeýinmi, han aga?—diýip, Esen utanýan ýaly
bolup, serdaryň ýüzüne garady.
—Hawa, şeý diýegaý. Ýomudyň sözi iki çykýan däldir, inim.—Kesgitli
aýdylan bu sözlerden soň serdar dymdy. Ol öz gelen aýgydyna Mädeminiň nähili
garajakdygy hakda, başyna ir gelen ajalyň injekdigi hakda oýlandy. Ýöne ol bu mahal
şol ir gelmeli ajalyň özüniň Hywanyň beýik minarasyndan taşlanmagy bilen bagly
boljakdygyny welin çaklamaýardy 1
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gowşut han (Saragt galasy) - 16
  • Parts
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 01
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2204
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 02
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 2115
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 03
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2148
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 04
    Total number of words is 3873
    Total number of unique words is 2177
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 05
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2155
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 06
    Total number of words is 3811
    Total number of unique words is 2149
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 07
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2157
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 08
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2173
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 09
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 2166
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 10
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2144
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 11
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2187
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 12
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2180
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 13
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2197
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 14
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2141
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 15
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2172
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 16
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2134
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 17
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 2059
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gowşut han (Saragt galasy) - 18
    Total number of words is 2341
    Total number of unique words is 1456
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.