Latin

Çarhypelek - 10

Total number of words is 3569
Total number of unique words is 2383
27.9 of words are in the 2000 most common words
40.9 of words are in the 5000 most common words
47.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
—Gylyjymdan beýleki ýaraglarymy, demir telpegimi, polat
donumy satsak toýy sowmagam ahmal.
—Gynanýan ýaly, özüň.
—Gynanman duramok. Ýöne barybir, indi ata atlanyp, söweş
etmek menden galsa gerek. Aýal aýal bolýar-da. Ahyry öý hojalykça
öwrülýä.
Tiz mahaldan Akmaralyň aýdýan zatlary satyldy. Balkanyň awlap
getiren keýiklerem mata, dänä çalşyldy. Pespäl, orta haldaky biri bilen
guda bolnup, toý edildi. Akmaralyň daýysynyň ogluny öýermegi obada
abraýyny galdyrdy. Daýzasynyň-a, ýyrşaryp, erni ýere ýygnanmady. Ody
bilen girip, küli bilen çykmaga taýyn. Akmaral bir mahalky suw alýan
çeşmesine gitmek islände:
—Akmaral jan, özüm gideýin. Ikigat ýalam görünýäň. Agram
düşäýmesin — diýip çyny bilen aýtdy. Akmaral boýun towlady. Bu
ýagşylygyň öwezini doldurmaga tamakinçilik ýaly bir zat bolup göründi.
Onsoň-da, daýysynyň maşgalasyny eline galdy hasap edip, ony gyrnaga
öwürmez. Arkalaşmak bolar, pursat gelende.
Akmaral gün geçdigiçe agraldy. Daýzasynyň oňşugam elhallykdan
aýryldy. Ýagşylanyp ugrady. Uly ogluna Balkan aw awlamagy öwretdi.
Onuň özem ýygy-ýygydan awa çykýar. Käte ýatyrlaýynam gidäýýär.
Bir gezek näbelet jülgesinde goş ýazdyrdy. Bu ýerde-de, keýikleriň
suw içýän sowuk çeşmesi bar. Adam aýagy basyp, ürküzilmänsoň,
käkilikleri saýraşyp gaçaýynam diýenoklar.
Balkan jülgäni içgin öwrenmek maksady bilen, atyny sonarlyga
goýberip, ýaraglaryny alyp, pyýadalady. Ol günorta çenli aýlandy. Öňki
görýän jülgelerinden del zat görmedi. Ýöne bir süri gulan ürküp,
daýyrdaşyp, gaçyp gitdi. Yzyna dolanmaly çeninde uly gowagyň agzyna
hültde baraýdy. Munda dünýäden bihabar gaplaň çagasy uklap ýatyrdy.
Mähri siňip, ýaňy egliberende gapdaldan aýylganç arryldy eşidilip,
birýana ýykyldy. Gözleri gyzaryp, murtlary syh-syh bolan, alabeden
gaplaň agzyny hatap ýaly açyp, nazarlap dur. Çala gymyldasa ýene atarly
görünýär. Bir goly iňňe dürtülen şekilli ýiti awuşaýan Balkana çähelçe
138
ikirjeňlenmäge salym ýok. Nätmeli? Ölmelimi ýa goranmaly? Hereketiňi
sypdyrjagam däl, bi. Ol töwekgellige ýüz urmaga meýillendi. Gaýratyň
bolsa, şeýtmeli. Töwekgellik— merdanlykdyr.
Uly göwresine gelişmeýän, pişik çakganlygynda, deň wagtda,
hanjaryny gynyndan sogrup, beýleki eli bilen telpegini aldy. Gaplaň
zynaňda, telpegini agzyna tutduryp, hanjary ýüregiň üstünden suwlady.
Janawar daşlary sarsdyryp, arryldap burlup-burlup ýykyldy, gany sil
kimin akdy. Ysgynsyzlanan Balkan entirekläp ör turdy. Bu merdana indi
onuň haýpy geldi. Wah, säwlik goýberdi-dä, özi. Çagasyny gabanyp
adama degdi. Perzendini ynjytmak Balkanyň küýünde ýokdy.
Kindiwanja, owadan jandary has golaýdan synlap, gözellige teşneligini
gandyrmak üçin eglipdi.
Başga ahwal Balkanyň ýüregini beter ezdi. Enesiniň sesine oýanan
çagasy onuň daşynda pelesaň urup, çyňsap, günäsiz gözlerini käte oňa
aýlap goýberýär.
Balkan gaplaňyň penjesi bilen çäkmenden geçirip salan ýarasynyň
awusyny birbada unudyp, çagany goltugyna alyp, yzyna öwrüldi. Ol çäş
mahaly öýüne geldi. Akmaral onuň çigninde myžžaran gany görüp
haýykdy:
—Hiýh!... Näm boldy?!
—Aý, tötänlikden, ýaralandym.
Akmaral usullyk bilen çäkmeni, biz köýnegi çykardy. Ýarany ýyly
suw bilen ýuwup, tämizledi. Ol gaplaňyň dyrnak yzlaryny magat görüp,
ýakasyny tutdy:
—Gaplaň bilen uruşdyňmy?
Gözleri süzgeklenýän Balkan geplemän, baş atdy. Ol Remezan
aganyň maslahaty boýunça, hemişe öýünde saklaýan atgulagyň—
damarlary maýdaja, ýapraklary ýaýbaň we uly, guradylan ýolsakçy atly
guýlan ösümlikli haltajykgyny aldy. Elbetde, ýaz aýlaryna, terkä,
sykanyňda munuň özünden suwjagaz çykýar. Şony mata ezip, ýara
daňaýmaly.
Akmaral ýapraklary mylaýym suwa öljüredip ýumşatdy-da, ýara
ýapyp, mata bilen sarady. Az-kem rahatlanan Balkan nahar iýenden soň,
gapa ýöneliberdi:
—Nirä barýaň?
—Gaplaňyň ýetim galan çagasyny getirip, ketege saldym.
Şoňa odur-budur berjek.
139
—Özüm bererin.
—Bi halda gorkaýma.
—Heniz gyzkam, möjek bilen tutluşypdym.
Balkan ejirli, ýöne buýsançly ýylgyryp düşegine geçdi. Akmaral
süýtli okarany alyp, daş çykdy. Şundan ynsan bilen haýwanyň arasynda
mährem gatnaşyk başlandy. Alabederje ers-merslenip gidiberdi.
Güjüklikden saýlandy. Itlar ýadyrgansalar-da, garaklaryny sanjyp
bilmediler. Olam itler bilen oňşukly gezdi. Hor-homsam edilenok.
Akmaral her neneň özelense-de, etmän, Balkan bäri bakandan awa gitdi.
Alabederjä keýik etini gysganmady. Akmaral adamsynyň ene gaplaňyň
ganyna galmagyndan ejir çekýänligini, şol sebäpli, onuň çagasynyň
göwnüni awlajak bolýanlygyny syzyp, öz ünjüsinden tiz el çekdi. Aw
awlanmasa, güzeranlarynyňam aşaklajakdygyna göz ýetirdi. Onsoňam,
Balkanyň gorky-ürkini bilmeýänligi oňa aýan.
Bir gezek alabederje süýr günortan yssyda öýüň kölegesinde çiň
arkan düşüp seleňläp, uklap ýatyrdy. Dagdan duýdansyz çykan läheň
kepjebaş göwresiniň ýarpysyna galdyryp oňa owsundy. Çalaja gymyldasa
zäherini pürkjek. Daş çykan Balkan muny göräýdi. Akmaral içeride
ýokdy. Ol daýzasynyň ýanyna gidipdi.
Balkan öýe girip, ok-ýaýyny aldy-da, ýeňsesinden peýkamyň birini
atdy. Ýylan wazyr-wuzur ses edip, peýkamyň daşyna oralyp, ony şarta
döwdi. Alabederje towsup turdy. Näme gopanlygyny aňşyrmanka, Balkan
okuň ýene birini goýberdi. Bu-da jaýdar ýerinden çümdi. Bahym ýylanyň
sesi, hereketi ýatdy. Balkan ony çete süýräp, otlady. «Hemrasy bolup
gijelikde ar almaga geläýmesin» diýen niýet bilen esli mahal alabederje
uklap ýatyrka garawullady. Ýöne öldürilen ýylanyň ýoldaşy çykmady.
Akmaral Sumbar derýasynyň olumyna suw almaga gidende-de
görse, temejigini ýokary tutup, galaba, yzyna düşüp seňkildäberýär.
Kenarda oýnap-oýnap, birhaýukdan yzyna dolanaýmasam bolardy.
Ýogsam, Akmaral ony gözden salmazlyna çalşardy. Bir sapar oluma
baran batlaryna gözüni güýdüşip gidipdir. Akmaral o taýyny, bu taýyny
esewanlady. Görmedi: «Aý, özi barar-da» diýip gaýdyberdi. Öe gelende
hysyrdanyp, ony bütinleý ununtdy. Haçan-da gün ikindi bolanda bir
ýerden gelen Balkan soranda küýüne gelip, ýazykly halda başyny aşak
sallady. Ýagdaýy aýtdy. Balkan ur-tut onuň salgy beren olumyna tarap
ugraberdi. Aýlanyp-aýlanyp uç-gyrak bilmedi. Ertir gün dogmanka ýene
gitdi. Onuň alabederi eý görýänligini diňe goňşy-golamlar-a däl, bütin
140
oba bilýärdi. Zerurýet işli-dertli bolmadyklar oglan-uşak diýmän, derýa
kenaryna eňdiler. Guşluk mahaly, çyňsaýanyny eşiden ýigdekçäniň biri
çuň gurrukda ony gördi. Balkan awa gidende, ýetginjege on sany käkilik
urup, getirip berdi. Akmaralam şundan soň suw almaga oluma gidende,
daşa goýbermedi.
***
Akmaral hemişekisi ýaly, olumdan ýaňy küýzesini suwdan
dolduryp ugraberjek bolanda, hamala ony öň garawullap duran şekilli,
gaba ýylygynyň aňyrsyndan bir gelin zompa çykaýdy.
Köne tanşy kimin habar gatdy:
—Salamelik, Akmaral.
—Heliksalam.
—Sag-salamat gezip ýörmüň?
—Berenine şükür, gyrmyldap ýörüs.
—Biraz saklan, bile gideli.
Ol ýere agram salmajak bolýan şekilli, basaýynmy-basmaýynmy
diýip, kenara tarap sallanjyrap ýöredi. Suwa egliberende ýalmanyp
Alabederje görnäýdi.
—Hiýh, kowaweri, gyz!
Ol gaýra tesdi. Akmaral ýylgyrdy:
—Degmez, arkaýyn alyber.
Barybir, gelin göz gyýtagyny Alabederden sowman, «lykyrt»
etdirip, küýzesini dolduryp egin deňläp ugrady. Onuň ýöreýşinden
Akmaralyň tas aýaklary çaşypdy. Aksüýek gerdenler, aý şekilli gara gaşly
bu gelin hüýr sypatdy. Terjedi. Ýaz gülüniň humarlandyryjy ysy başyňy
aýlarlap barýardy. Kamaty obadaky gelin-gyzlara taýsyz. Ýöne Akmaral
muny heniz görmänligini bilýär. Başda synyk göwünräk görnen gelniň
gürleşdigiçe şähdi açyldy:
—Tanamadyňmy?
—Hawa.
—Adym Tokgar. Şu obaly, baý gelni.
Onuň sesinde hasrat duýuldy. Säginip, ýene ýörediler:
—Ýöne dul. Ojagy saklap otyryn.
—Ýogaldymy, adamyň?
—Güm gitdi.
141
Ara dymyşlyk düşdi. Tokgar gelin muny tiz bozdy:
—Käte oturmaga baraýyn-la, ýanyňa.
—Wiý, gyz, sorama nämä gerek, gözüm üstüne.
Göwnaçyk, üstesine, halyna ýüregi gyýlan Akmaral onda gelin
allygy bardyr öýdüp jinnek ýalam pikir etmedi. Atly geçip barýarka,
Balkana syny düşen Tokgar-da welin, gelin muhabbeti tutaşypdy. Onuň
täze göçüp gelen ýigitdigini görmese-de, eşidipdi. Her edip, hesip edip,
ýigidiň kalbynda söýgi uçgunyny ýylpyldatmaly. Tokgar ýaly, gelin
meýillense, gozgalaň tapmajagy barmy erkek kişileriň. Balkana golaýdan
ala gözlerini dikip, perraç kirpiklerini ýüregine sünçse, endiräbermezmi?
Adamsy ýitirim bolaly bäri onuň yşgynda gara kökenek bolan jahyllar
boldy. Ýöne olaryň hiç haýsyny sulhy almady. Olar gelin göwnüni awlap
bilmediler. Balkan welin, görmese-de sessiz-üýnsüz göni nyşanadan—
ýürekden urdy. Oňa ýakynlaşmak üçin, Akmaral bilen tanyşmalydy.
Tokgar ilkinji ädimi ýeserlik bilen ätledi. Bo-uw, owadanlar bilen
«oýnuň» deň gelmez. Başbermezek bedewi at oglanyň boýun sunduryşy
kimin, sülmüreder goýaýar.
Ertesi günorta mahaly, daşarda çykan mylaýym zenan sesi ojak
başynda güýmenýän Balkany ýaltyldap Akmarala bakmaga mejbur etdi:
—Akmaral, aýu Akmaral, gapydakyny aýyrsana.
—Ynhajykka!
Ol tarsa turup, Tokgar bilen Alabederiň aralygyna düşüp, içeri
saldy. Gabatlaşykda Balkany aňşyrmadyk gelin, gapböwürde oturandan
soň, ony gördi. Işikden ätlände öýe salam bermelidi welin, Alabederden
hederlenip, gyssagara unutdy. Indem ýüzi gyrmyzylanyp, uýaljyraýar. Bu
ýaňaklaryny güýzän almalara çalymdaş edäýdi. Aklyk bilen narynç
çaýylyp saglyk-amanlyk soraşmagam Balkanyň ýadyndan çykartdy. Gyzgelne gabak galdyrmaýan, jahanda Akmaraldan başga kaddy-kamatly
zenan bardyr öýtmeýän boýnuýogyn ýigit Tokgar ala gözlerini dikdi
welin, kirpikler atýan peýkamlary dek, ýüreginden parran geçdi. Ynsanyň
beýdibem ganyna galmak boljak eken-ow. Apat, sow nazaryňy, sow!
Elindäki ýüpjagazy gaçyryp, gündiziň günortany ýyldyz gören
şekilli aňkarylan Balkanyň huşy başyndan uçup, ysgyn-deramaty gaçdy.
Şagga derledi. Gelin ala gözlerini sowupdy. Ýöne ol göz açyp-ýumasy
salymda etjeginem edipdi. Gursagy gyzýan Balkanyň kalbynda ataşsyz ot
ýandy. Böwürde gopýan gap-çanagyň şykyrdysyna huşuna aýlandy.
142
Akmaralyň gaharly nazary içinden-bagryndan geçip gelýär. Älhepus, bu
gelinleri! Iki ýerden onuň täk janyny aldylar-aýt.
Oňaýsyz hala düşen Balkan yraň-daraňlanyp gapa ýöneldi. Ýüz
nökere taý gelip bilýän, läheň gaplaňyň ýoguna köýen, iner kuwwatly,
pälwan adamsynyň çumçuk ýaly nätanyş gelniň alnyndaky gözgülban
halyny görüp, gursagyny gabanjaňlyk ody çirkizen Akmaral Etrek
ýurdundan göçürdeniň özündäki şu mahalky närsedigini küýüne-de
getirenok. Bu ahwal onuň başdaky Tokgara bolan mährew garaýşyny
çym-pytrak etdi. Özi-özüne göwünlik berip gördi. Mahaly bilen eliniň
syňňyldysy aýrylmady. Göz görtele sowuk-salalygyň düşenligini Tokgarda, aňşyrdy. Söhbetdeşlik ugruberenok. Akmaral hatda sowallaryna haýal
jogap gaýtarýar. Ýogsam, jüýjeli palaw bişirip, nogul-nabat, kişmiş,
halwa, gatyk, aý, garaz, dürli-dümen nygmatlary öňünde goýdy. Janlaryna
noş bolmady. Soňa-baka Akmaral perwanaladam. Ikisem bilýär, göz
üçin, ahyry Tokgar gönüledi:
—Başky yssylygyň bolmady-la, gyz. Ne jyn urdy seni?
—Göwnüňedir.
Akmaral ýasama ýylgyrdy. Tokgar-da şeýdip, gussaly gepledi:
—Meň özüm eneden dogma garamaňlaý ekenim. Adamym ilki
mahallar ezip içäýjek ýaly gördi, soňra, sowaşdy. Indem iç döküşer
tapandyryn öýtdüm. Bu-da, şowlamady. Kyn göräýme gyz, «Ýüzüme
çapyp otyr» diýip. Myhman söýerligiňe söz ýok, Taňryýalkasyn! Bugdaý
söze mätäçdim.
Ol ýokary turdy. Akmaralyň ýene-de rehimdarlyk duýgusy oýanan
şekilli, onuň lowurdap duran keteni köýneginiň syýnyndan çekdi:
—Otur. Bolmanda, az-kem.
Ol Tokgaryň perişan halynyň sebäpkäri özi hasap etdimi, ýa beýle
goýbermegi uslyp bilmedimi, garaz, gürrüňe ýol arçady:
—Adamyň jeňe gidende dereksiz ýitdimi?
—Onuň nirä, näme üçin gidenligini bilýän ýok. Dädesi gyzylbaş
kentlerinden ogryn-dogryn habar tutduryp gördi. Gul edilip äkidilen
bolsa, boýy bilen gyzyla gaplap, yzyna aljak. Gürüm-jürüm. Bellisi bolsa,
ýüwürjime çatmak isleýärler, meni.
—Adamyň ady nämedi?
—Batman.
—Batman?!
143
Akmaral zöwwe galanyny bilmän galdy. Tokgar bilen boýdaş
bolup dur. Elbetde, özi üçin, Mejnuna dönenliginden dil ýarmaz. Jeňde
ölenligini gönülär. Tokgaryňam bagty açylsyn. Juwan mahaly. Belki,
ýüwürjisi gyzgyn mähir bilen gurşasyn:
—Näme gyz, uç-gyrak bilýäňmi?
—Bilýän.
Tokgar geňirgedi. Delmurdy. Akmaral indi saklanyp bilmedi:
—Söweşde öldi.
—O niçik?
—Gözli şaýat özüm.
Akmaral gürrüň berdi. Haçan-da soňlanda Tokgar adaja aglady.
Akmaralyň göwnüne ol il ýüzi üçini şeýden şekillidi. Belki, özgäniň
öýünde möňňüribermegi uslyp bilen däldir. Ol basym gitdi. Yzýanyndan
Batmanyň gartaňlanyp, sakgaly çalaran, geýnüwli dädesi gelip,
Akmaraldan jikme-jik anyklady. Soňra patasyny alyp, aşyny-suwuny
berdi. Tokgaryňam Akmaralyň ýanyna gelmegi tapba kesildi. Balkan
welin, «ah» çekip geziberdi. Tokgar görünmedikçe, beter küýsedi. Bu
niçik ahwal? Söýgümi? Jahanyň hemme perizatlaryny gaşynda
goýsalaram, ol Akmaraly saýlar. Onda bu näme boldugy? Ýa oýnaş
küýseýärmi? Eger beýtmek islese, Astrabatda-da, gözel-gözel gyzgelinler bardy. Olaryň içinde otlukly bakanlary barmak basyp sanardan
köpdi. Ýüregini gozgap bilmändiler. Onuň üçin, Akmaral asmanyň ýeketäk Aýydy. Şunlugynda-da galmaly. Muny diýseňem, köp aýal alyp
ýörenler baryny söýýärmikäler?! Mümkin däl ol. Haram keýplerini
kanagatlandyrýandyrlar. «Gyzylbaşlaryň şasy Tahmaspyň aýalynyň sansajagy ýokmuş» diýýärler. Ýöne, ol şa. Azgyn. Hökmürowan.
Balkan Tokgar indi görnüp, çalaja yşarat etse, gujagyna dolaýjak
ýaly gördi. Azmazlyk, päkize melek Akmarala ikilik etmezlik üçin,
Tokgary kalbyndan çykarmaga ençeme gezek synandy. Bolanok. Ol
Akmaraly söýse-de, Akmaral ony söýýärmikä? Şu süýji, ýeke sözi aýdyp
görüpmidi? Hakydasyna gelenok. Onda näme Tokgardan gabandy?
Henize— bu güne çenli dil ýarmasa-da şonda-da açyk bildirdi. Özem, şo
hili Aba bakyp içine dogmaz oglan salypdy, soň, Etregiň olumynda
sataşyp... Bu ýadyna düşende ýaraly ýolbarsa dönýär. Şonda Akmarala
ýalbaranynda ökünjegem bolýar. Yrsaramagam isledi. Öň Akmaralyň
gaşynda dyza çökensoň indi buz üstünde tozan aramagy namartlyk, lebzi
bozmak hasaplady. Gatan damarlaryny birneme ýumşatdy.
144
Öten agşam Tokgar düýşüne girdi. Haçan-da, gujaklap, gysanda
towlanyp, naýynjar hykgyldady. Balkan ýalpa gözlerini açdy. Görse,
Akmaral gursagyndan itberýär:
—Janymy aldyň oglan, ýaňy gören ýaly. Ne döw çaldy saňa?
Çagaň ganyna galýaň.
Balkan beýlesine agdarylyp, uklan kişi boldy, gözlerine welin çiş
kakylan ýalydy. Onuň bolup ýörşi agyn başky söýgä uçran ýigdekçä
meňzeýär. Gijeler ukusy kemeldi. Bahana tapsa Tokgaryň syrgynyndan
geçmäge ymtylýar. Telbelän bolaýmasyn? Baldyryndan çümmükläp
görýär. Aý, ýok, ten awusyny duýýar. Soňa-baka awa gitmesini kemeltdi.
Ýogsam, Akmarala gulak asmandy. Naharyny göwünsiz iýýär, käte
kemýärem. Gögele ýigdekçe kimin otyrka pikir derýasyna çümenini
bilmän galýar. Ondaky üýtgeşmäni Akmaral duýup ýör. Näme üçindir,
soramaga çekinýärem. Ýa Balkanyň gönüsini aýtmajagyny aňşyrýar. Öziä, gönümeldir ýigidiň. Ýüregindäkini gözgüden görýän şekilli
gözündenem biläýmelidir. Şo-ol, Tokgar gelip gidenden soň derdi-bela
sataşdy. Ahyry sabyr käsesi püre-pürlän Akmaral ýüregine daş baglady:
—Janyň sagmy, oglan?
—Gara dagy süýşürip biljek.
—Onda nä birhili ... gulagyň sallanma, ýüzüň solgun?
—Beýle däldir.
Göz-görtele boýun almady. Bo-uw, kalbyň jümmüşindäki dörän
pynhan syry äşgär edip bolmaz, jigerim aljagym, Akmaral! Belki,
birmahalky horlaýşyň indi senden ar aljakdyr. Göze görünmeýän, topsuz,
peýkamsyz, gylyçsyz, jeňdir bu.
Şulary serinde aýlan Balkan çykyp gitdi. Barşyna gyz-gelinleriň
suw alýan olumynyň birine gaba ýylgynyň aňyrsyndan garawullady. Köp
garaşdy. Göwnüne sallanjyrap oluma inäýjek ýaly bolup durdy. Paşmady.
Ertesi başga olumy saklady. Bu şowlady. Mergenler ilki, bir atanda
nyşanany urup bilmeýärler. Olar atyp-atyp mergen bolýarlar.
Tokgar suw alyp, kenardan esli saýlanyp sägindi. Hamala, dem
dürseýär. Töweregine ýalt-ýultam edýär. Eglenýär. Kime garaşýar?
Elbetde, Balkana. A, ol bolsa ýöwselläp dur. Päh-eý, namartaý, müň
duşmanyň garşysyna täk özüň çykýan halyňa bir gelniň üstüne
barabilmän syňňyldaýaň. Päh-eý...
Balkan atyna münüp, gorgunlatdy. Tokgaryň deňine gelip:
145
—Aý batanda... küdäňize bar — diýdi-de, jogaba-da garaşman
atyny ýüzin saldy. Elemtas halyny Akmaralyň biläýmeginden hederlenip,
mazaly ýüregi düşüşende öýe bardy, çala-çula garbanyp işige ýöneldi.
Şol bada Akmaral seslendi:
—Ugur hanjak, oglan?
—Awa.
—Awa gitme bormy, şumat? Aý batyp barýa. Ýol-ýoda görünmez-ä.
—Beletje ýerlerimiz bilen gideris. Ýene birki ýigit bar ýanymda.
Ol daş çykdy. Bäh, bu aýallar-aýt. Ýatyň-da ýorgana sömüldäň.
Sak itlere al salyp, oýturlanyp küdäniň düýbüne bardy. Be-ýe, eýýam
Tokgar garaşyp dur!
Balkan ses-üýnsüz ony gujaklap bagryna basdy.
—Ýuwaşrak, şirim, gapyrgalarymy owradýaň.
Ol näzirgäp Balkanyň gursagyndan itberdi. Ýigit onuň asal
dodajygyndan sora-sora ganmady. Birhaýukdan soňra ikisem doýgun
halda bedäniň üstünde serlip ýatdylar. Tokgar Balkanyň böwrüne
symsyklap söýünçli, emma ýuwaşja pyşyrdady:
—Eýýam irigäýdiňmi?
—Ýok, melegim.
Balkanyň dokmädeligi aýrylyp, kalbynda gaýtadan hyjuw
dyňzady. Tokgary gujagyna dolap aldy. Gör, bu söýgi gijesiniň
şirindigini! Çyn, muhabbet, gör, niçik eken! Akmaraly ýanyp-köýübem,
joşgun bilenem gujaklanda başda-ha meýillenmezdim, sowuklançdy.
Soňa-baka gelin muhabbeti oýanan ýaly boldy. Şu-da Balkany
gylawlandyrypdy. Emma Tokgaryňky muhabbetiň lezzeti, humary
üýtgeşik, biserhet keramat. Diýmek, Akmaralyň sulhy almaýar. Bu
ýadyna düşende tas Tokgary itberip, Akmarala bolan gizlin kinesini
ondan çykarýardy. Ýöne baly goýalan, tosunja gelin az-owlak gowşaklyk
tapan bürgüdiniň boýnundan dolap alyp, şeýle bir özüne çekdi welin,
Balkan diňe Akmarala bolan kinesin-ä däl, dünýäni unutdy. Ol Tokgaryň
meýdanly gujagynda ine-gana ýazlady, mahmal kimin, söýnükli gara
saçlary ýassandy, ter göwüsjagazlarda başyny goýdy, ak alkymyny
ysgady, kösük barmaklaryň sypamagyna Astrabat meýini içen kimin,
melullandy. Ine, muňa gelin muhabbetiniň ediberişi diýerler!
Daň agaryp gelýär. Guş-gumrularyň, ilteriň gozgalaň tapandyklary
bildirdi. Söýgi gijeleriniň ömri türkmen bahary dek gysga bolýan eken.
Balkan gitmäge meýillendi. Tokgar özelendi:
146
—Haçan sataşarys, şuňkar guşum!
—Göwnüň söýlän mahaly, ezizim.
—Onda.. ertir Aý batandan soň şu ýerde.
—Lepbeý, serwim. Balkan siziň sadyk guluňyz.
—Ýa ýene berneme... Eglenerismi?
Balkan magşugynyň maňlaýyndan adaja öpdi-de, alagaraňkylykda
gözden ýitdi. Oýun-dalaşdan indi gowşaksylyk aralaşan gelin guba gaz
ýöriýşini çaşyrybrak öýüne tarap ädimledi.
Wah, söýýän ýigidiň höziri başga-la. Batmanly gijäniň hemmesi
Balkan bilen geçirilen bir gijäniň lezzetine degenok. Bu şerimsizlikden
däl, çyn söýginiň öňünde zenan mertligiçe boýun almaklyk. Hawa, zenan
mertligiçe boýun almaklyk!
Balkan ikindi mahaly öýüne geldi. Birki sany keýik, horjunyň
gözlerini dolduryp käkilik getirdi. Ol Akmaralyň göwnüne güman
dumanyny döretmezlik üçin, göni daglara tarap tutdurypdy.
Içeri girip, ýassygy tirseklän badyna hor çekip başlady. Haçan-da,
oýananda Akmaralyň myrlap uklap ýatanyny gördi. Onuň üstüne örten
çäkmenini beýleräk oklap galdy-da, saýhal basyp, usullyk bilen daş
çykdy. Esli salymdan küdäniň ýanyna geldi. Tokgar heniz gelmändir.
Bolýan öýünde pelteli çyranyň yşyjagy gamyşlaryň gözarasyndan
ýylpyldaşýar. Ähtimal tärimiň daşyna aýlanan durluklaryň etegi gündiz
yssyja bolansoň serpilendir.
Bedäniň birini owmaçlap-owmaçlap tükedeňkirledi. Öten agşam
wagt çalt geçip, gysga göründi. Häzir az salymyň özi uzak ýyla dönüp
dur. Tokgaram gelenok. Birden golaýjygyndan nätanyş mydyrdy eşidildi.
Balkan bedeleriň gowaljyna—aňry dykyldy. Küde megerem, ujy
gyrkylykly syryk bilen, syhlanyp-syhlanyp barlanyldy. Urgynyň diňe biri
Balkanyň dyzyna gyltyz kakdy. Indi wejera bolmakdan ätiýaçlanyp
Balkan ýüregine ornan ýiti awa dodagyny dişläp çydady. Ýogsam,
bularyň boýnuny sograýmalydy. Nätanyşlar ýuwaşja gepleşdiler:
—Syçan bara, meňzänok.
—Şeýle öz-ä.
—Soňra ýene geläýeli.
—Bolýa.
Olar gitdiler. Balkan öten agşamky hylwat duşuşygyň
duýlanlygyna açyk göz ýetirdi. Indi durarlyk ýokdy. Ol yşyjagyň
ýylpyldysy sumatlanýança, ýüregi üzlene dönüp gaňrylyp-gaňrylyp gitdi.
147
Ertesi giç öýlän sergin aralaşanda obanyň çetindäki daşy ýylgyn, gamyş,
böwürslen bilen gatyşyp guşalan aýmança çalymdaş tekjelikde hümürdi
eşidip saklandy. Bu ýeri ýaşulularyň gümür-ýamyr edişýän hem-de
zeruryýet bolanda geňeş geçirilýän meýdançasydy. Häzir ýaşulular
üýşmändirler. Diňe ikisi bar. Işden sypynyp, eli degen assa-ýuwaşdan
gelşer. Gojalaryň biri obada belli wäşi, agzy paýyş Illi, beýlekisi gyzma
Hojaly agady. Illi sakgaldaşyna ýüzlendi:
—Zamana azypdyr, Hojaly.
—Zamana däl-de, päl azypdyr.
—Päh-eý, oňaraýdyň-ow. Päl azsa, zamananyň azdygy bolar-da.
Eşitdiňmi, Tokgar gelniň ýüzügaralygyny.
—Juk.
—Ýalan bolsa, günäsi meň boýnuma däl, aýdan-diýeniň boýnuna.
—Ýeri, aýdybersene, diliňden kireý islemeýän bolsaň.
—Otüki, balkanly ýomut bar-a, täze göçüp gelen.
—Adam Balkan. Pälwan ýigit.
—Şonuň bilen neme... hylwat gatnaşykdamyş.
—Aý, bi, heleý gürrüňidir. O ýigide synym oturýa. Gabak
galdyrmaz gyza-geline.
—Sataşyp durkalar görüpdir gelniň biri olumyň ýanynda. Ony
duýubam, Balkan atyny çapdyryp gidipdir.
—Aý, goýsan-aý, gybat gürrüňini etmesene.
—Bi, gybat bolýan bolsa, küdeleriniň ýanyndan ertesi, Tokgar
gelniň desmalyny tapypdyrlar. Gaýtam, ýene şol hiliräk mese Balkany
höwre goýbermeli.
—Agzyňy ýyg, ho-ow!
Hojaly aga diliniň aşagyna nas oklady. Eýlä-beýlä yranjyrady.
Onuň agzy ýelli Illä gahary geleni çynydy. Illi aga-da, ýan bermek
islemedi:
—Dogry-da, walla, pälwan ýigitler köpeler. Ýogsam, ownap barýa,
gökleňler.
—Sen, birgulaç diliňi çekjekmi, ýokmy?
—Çekmände nädersiň-aý?
Gojalar ör turup, uruşjak horaz ýaly, gabarylyşyp jikgerilişdiler.
Olaryň burunlary-da biri-birine degerläp-degerläp dur. Bularyň urşup
aýrylyşmagy gaty ahmaldy. Ýöne üçünji ýaşuly gelip, habar gatdy:
—Näme-how, paýlaşyp bilmeýän zadyňyz?
148
—Dogru-da, walla, boldy meň başyma batyr Aba serdar. Derrewem
gaňňasyny ele alýa.
—Hetden aşma.
Gojalar soňra «Päheý-de, weli...» diýşip aşak oturdylar.
Balkan boz-ýaz bolup, ýoluna sürdi: «Päl azsa, zamananyň azdygy
bolar-da» diýen Illi aganyň sözleri serinden çykmady. Heniz dirikä
Remezan aganyň aýdan bir pähimini ýadyna düşürdi.
Ýeliň çar ýandan ösüşi ýaly, döwür, zamana üýtgeýär.
Gadymyýetde Etrek sähralaryndan iki düýeli, gözleri ýanyp duran bir
ýigit Hywa kerwene gidýä. Şonda mysapyr aýalyň biri oňa: «Durmuşa
çykan gyzym gaýyn öýüne aşyp bilmän ýör. Äkitsene» diýýä. Ýigit
razylaşýar. Hywa ýoly uzak. Bir aýdan gowrak wagt geçirip barýa.
Ýogsam, ikiçäk, ýüregi kir-kimirsiz ýigit gözel gelne garagynam
sançmandyr. Gelniň adamsy öýde ýok. Ol döwürde Erkin goýun bakýan
eken. Ýigit üç-dört günden yzyna öwrülmeli. Öý eýesiniň tagallasy bilen,
oňa myhman bolýa. Öý eýesi garyp. Gije ýatmaly bolanda gelniň
gaýynatasy aýalyna: «Düşeklerini bile salaý» diýýä. Ol aýdyşy ýaly edýä.
Ýigit gelne ýene garagyny sançmaýar. Ikinji gije-de ýatmaly bolýa. Şonda
ol: «Terje owadan gelin. Ýolboýy degmedim. Myrlap ýanymda ýatdy.
Munda-da degmedim.
Gelniň gaýynatasy ýer salmaly bolanda aýalyna: «Bu gezek aýry
sal. Ýigidiň päli üýtgedi» diýýä. Onuň ýagşyzadalaryň biri bolmagam
ahmal. Eger şo gije päli azan ýigit haram keýpe ulaşan bolsa, muny
halamadyk Haktagalla dünýäni agdar-düňder etjek eken. Pähimdar garry
öňünden duýup, jahanyň abatlygyny saklapdyr.
«Be-ýe, meňem pälim azaýdymyka? Wagtlaýynmyka bi? Onda nä
Tokgar kalbymdan çykanok?» diýip, oýlanyp gezdi. Gün aýagyny ikindi
ýerine uranda:
—Haý, eşitdim-eşitmedim diýmäň, ho-ow! Dänä gitjek ertire taýyn
bolsun-ho-ow!— diýen eňegi çürüje, duluklaryna ýumruk sokaýmaly hor
jarçynyň sesini eşitdi. Bu kämahal bolýan ýagdaý. Balkanyň obasynyň
erkek göbeklisi demirgazyk tarapdaky iki gün ýolluk oba dänä çalyşmaga
gerekli haryt äkidýärdi. Ol oba Hywadan, Durundan kerwen gelýärdi.
Däneleri geçmände, Balkanyň obasyna gelýänlerem bardy. Ýöne bu
seýrek bolýardy.
Balkan Akmaralyň ýüzi az-kem göwşüldän palasyny äkitdi. Edil şo
gije-de oba ýagy döküldi. Duşman çozmazdan öňürti mazaly ölçerip,
149
biçipdir. Jeňde döwdülleşjek erkek göbekli obada ýok, galaba garry-gurty,
aýal-ebtat, oglan-uşak, gögele ýigdekçe. Özem süýji uka gidilen mahaly.
Öýlere, tamkepbelere, oraçalara ot berildi. Tüssäniň demligiňi daraldýan
ajymtyk ysy, tämiz howa ýaýrady. Yzanda-çuwanlyk başlanyp,
gulaklaryňy gapara getirdi. Itler uwlaşdylar. Garnyndan peýkam çümen
sygryň biri ýürek paralaýjy molady.
Akmaral öýi burugsap ýanýarka oýanyp, elemtas daşary çykdy. Şol
bada iki atly oňa süründi. Biri gelşine elinden tutup, towlady, aslynda,
süýrekledi. Dönüp-deprenmesi kynlaşan Akmaral garnynda iňňe dürtülen
ýaly, sanjy duýup, ejirli hyklady. Başagaýlykda, bir ýerden hyňranyp
Alabeder çykdy. Eýesiniň gözgyny halyny görüp, säginmän, duşmana
zyňyp, atdan agdardy-da, ony parçalap, çeýnedi. Ýyldyrym çaltlygynda
beýlekinem şeýtdi.
Akmaral entirekläp galdy. Alabeder birsyhly ony goraglap,
daşyndan aýlanýardy. Arkadagym Alabeder! Aýak tozuňa gurban
bolaýyn! Ýüzüň-gözüň dert görmesin!
Ýöne Akmaralyň alkyşy uzaga çekmedi. Tümlükden
alaýagtylykdaky Alabedere üç peýkam şuwwuldap, sünjüldi. Janawar
gyzgynyna ok atylan tarapa towusdy. Emma ýetmän, orta ýolda
ýüzünligine ýazyldy. Bu merdan duşmanyň ikisiniň janyny jähenneme
iberip, Akmaralyň gözüniň alnynda, onuň üçin, şirin janyndan geçdi.
Razy bol, janawar! Ýazgytdan gutulma ýok. Eneden dogma ýalňyzdyň.
Ýalňyzlygyňa-da söweşdiň. Arman, ýardam berip bilmedi. Diri galyp
bilse, ganyňy alar.
Basym dünýä injek çagasynyň ganyna galmakdan hederlenen
Akmaral artyk hereket etmezlige çalşyp, kebzesine gaýta-gaýta
suňşurylýan gamçynyň döredýän awusyna hyrçyny dişläp, çydady. Ony
obanyň ortasyna üýşürilen mähellä eltdiler. Başga-da, şeýdip, getirdi
durdular. Obany gugardyp, eňreýän märekäniň daşyny gallaşyp, haýal
ädimleýänleri saýgylap ilerligine sürdüler.
...Balkan dagy boş öwrüldi. Däneli kerwen gelmändir. Eňegi çürüje
jarçyny kimdir biri al salypdyr. Megerem, duşman aňtawçy-içalysydyr.
Yzlarynda erbetligiň gopmaklygyndan alas-gopaslanyp gyssagly
gaýtdylar.
Balkan gözleriniň görýänine zordan ynandy. Öýi küle öwrülip,
topbak depejige öwrülip ýatyr. Gözlerinde ahmyr doňup galan şekilli
Alabeder gonýan siňeklerdenem goranyp bilenok. Ondan dymyljak ys
150
gelýär. Duşman läşiniň ikisiniň serlip ýatanlygyny görüp, hemmesine
düşündi. Janawer, gaýratly tutluşypdyr... Ol eziz dosty kimin, Alabederiň
maňlaýyndan sypalap, geňeş geçilýän ýere bardy. Duranlaryň
hemmesiniň nazary oňa gönükdi. Berilýän sessis sowal düşnüklidi:
Nätmeli?
Içinden ýalyn geçip, azy ýaran Balkan ýabygorly ýaraglanan
topbajyk «nökere» serdarlyk etmeli. Hiç kim çetde başyny aşak salyp
duran, lellim oba kethudasynyň ýüzünem gözlänokdy. Tiz, duşmanyň
ikisini diňe Alabederiň heläklänligi aýan boldy. Ýogsam, ýagy garaw
görmän, ýesirleri äkidipdir. Agras, hasratly dymyşlygy goly saralyp,
myžžaryp gany çykan goja bozdy:
—Oglum, Balkan, ýol salgy ber.
Kethuda saklanyp bilmedi:
—Goňşy obalara çapar iberip, gelýänçä garaşmaly. Güýç toplap,
ýagynyň yzyndan kowmaly.
Oňa goly saralgy goja bada-bat jogap berdi:
—Beýdýänçäň, duşman sürenine baryp, ýesirleri paýlaşyp
pytradarlar. Goňşularyňam başyna nähili bela-beteriň inenligi belli däl.
Wagt ýitjek. Başga alaç tapmaly.
Biraz pähimlenen Balkan gepledi:
—Kethudanyň «Güýç toplamaly» diýşi dogry. Gojanyň
aýdýanlaram janly. Kethuda sen, bu taýda gal, dört-bäş ýigdekçe ýanyňa
alyp. Şolar bilen ýaralylary gözle, ölenleri jaýla, çaparlar ýolla. Kömek
bermegi gurnasaňam, iş bitirdigiň. Biz häzir gitmeli. Maňlaýdakyny
görübereris.
Ýaraly goja seslendi:
—Ýürejigim bolduň, oglum. Beýik Taňry biz tarapdan, enşalla.
Biriň köpe taý boluň!
Balkan ol sözüni soňlaýança garaşyp, atly duran ýigdekçäniň birine
şeýle diýdi:
—Ballym, sen, oklulara — Aba serdaryň iline git. Ýagdaýy aýt.
—Tapmaryn-a, olary.
—Soraşa-soraşa gidiber.
Ol atyny kybla öwrüp, ýüzin salyp gitdi. Balkanyň
töweregindäkiler otuz-kyrkdan kän däldi: Atly, ýabyly, eşekli. Ýarpy çeni
gylyçly, naýzaly, peýkamly. Galany syrygyň ujuna daňlan gyrkylykly,
serdesseli, aýpaltaly. Bular ýagynyň yzyna çalyp ugradylar.
151
***
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarhypelek - 11
  • Parts
  • Çarhypelek - 01
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2415
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 02
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 2350
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 03
    Total number of words is 3521
    Total number of unique words is 2284
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 04
    Total number of words is 3512
    Total number of unique words is 2331
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 05
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2323
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 06
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2318
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 07
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2321
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 08
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2393
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 09
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 2302
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 10
    Total number of words is 3569
    Total number of unique words is 2383
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 11
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2368
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 12
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2376
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 13
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 2399
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 14
    Total number of words is 3559
    Total number of unique words is 2280
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 15
    Total number of words is 2426
    Total number of unique words is 1736
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.