Latin

Çarhypelek - 02

Total number of words is 3542
Total number of unique words is 2350
28.5 of words are in the 2000 most common words
41.0 of words are in the 5000 most common words
47.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
—Özüňe ynamyň berk bolsun.
Soňra aty gorgunyna goýberip, yzyna öwrüldi:
-- Me.Jylawy Akmarala berdi:
—Bol hany, tolgunma.
Akmaral gojanyň aýdyşy ýaly, mündi. Ol monçalygyny daşyna
çykardy:
--Tüweleme, gyzym. Ugraber, indi.
Şeýtdi-de, gidiberdi. Soňra pyýada, at üstünde gylyçlaşmagy,
naýzalaşmagy öwrenmäge girişdi. Ýylgyn jeňňelliginiň gyrasy
çapylmakdan kemelip-kemelip gitdi. Akmaralyň günüň haçan dogup,
haçan ýaşýanlygyny bilmeýän mahallary köpdi. Ýeke özem gezibererdi.
Ilki at gaýtarym daş-töwerege aýlandy, soňra örüsini giňeldiberdi. Bu
ýerlerde laçyn kimin erkindi. Özem her jülgäniň ot-çöpüne, haýwanyna
belet. Keýikler süri-süri. Her sürüniň haýsy çeşmeden suw içýänliginem
bilýär.
Bir gezek ýaraly möjegiň üstünden hültde baraýdy. Onuň gözleri
gyzaryp, tüýleri syh-syhlandy. Hyňrandy. Akmaral birbada doňdy. Ýüregi
düňküldäp, gursagyny ýarara getirdi. Gymyldasa, möjek towsarly
göründi. Beýdip uzak saklanyp biljek däldi. Onsoň yza çekilmek üçin
gozgandy. Möjek zyňdy. Akmaral gapdala çekilmäge ýetişip, gylyjyny
bulady. Möjek aýylganç uwwuldady-da, bir gapdala ýykyldy. Onuň derisi
boýnundan üzülerläp-üzülerläp dur. Gözlerinde welin ynsana bolan
ýigrenç, kine doňup galana meňzeýär.
Akmaralyň birbada ýüregi gyýyljak ýaly etdi, soňra elini salgap
goýberdi-de, gidiberdi.
Şundan üç-dört gün geçdi. Remezan aganyň iki sygry, bir ýaş öküzi
öz peýwagtlaryna otlaşar ýörerdiler. Ikindinem ýataga gelerdiler. Şolary
atly-ýaragly iki adam kowup barýarka göräýdi. Bu taýlaryny yns-jynsyň
aýak ýeterinden uzak hasap edýärdi. Ýöne indi nätmeli? Remezan aga
habar edinçäň ogrular ýurtdan çykjak. Onsoňam, ol goja kişi. Elinden zat
gelmezligi ahmal. Indi bu zatlaryň hakyky eýesi Akmaral bolmaly.
Ol, hol, öňräkden zompa çykyp, ýodajykda keserdi:
17
—Ah-ow, adamlar, o sygyrlar, biziňki. Nirä sürüp barýarsyňyz?
Atlylar saklandylar. Biri-biriniň ýüzüne seredişdiler. Birdenem
hahahaýlaşyp gülüşdiler. Biri:
—Oh-o! Gulamaly, biziňki şowuna. Biribar, bir gözel gyzam eçildi
— diýip beýlekisine aýtdy:
—Gel, gel, dag jereni, gel!
Atlylar oňa tarap ýöneldiler.
—Gelmäň, bäri!
Emma olar gögeleje gyzyň duýduryşyna ünsem bermediler.
Akmaral Remezan aganyň: «Gyzym, söweşde başarsaň, hemişe ilki
hüjüm etgin» diýen pähimini ýadyna saldy. Atyny debsiledi. Mes bedew
bir segredi-de, gulaklaryny ýapyryp, garşydaşlaryna okduryldy. Atlylar
birbada aljyradylar. Sebäbi bujagaz gyz hüjüm eder öýdüp küýlerine-de
gelenok. Her hal, biri gylyjyny gynyndan çykarmaga ýetişdi. Gylyçlar
howada çaknyşdy. Uçgunlar syçraşdy. Atlar çarpaýa galdylar. Ikinjisi
häzirem gözleriniň görenine ynanmaýan şekilli aýňalman, söweşe
girişenok. Ýogsam Akmaralyň heläklenäýmegi ýa-da tora düşmegi gaty
ahmaldy. Akmarala Taňry dogry nazaryny saldy. Garşydaşynyň aty
büdredi. Akmaral ony çapmaga ýetişdi. Onuň egni sallanyp atdan agdy.
Gyz yzyna öwrülip, beýlekiniň deňine geldi. Şonda onuň ýigdekçedigini,
reňkiniň ak samana dönüp, saňňyldaýandygyny bildi. Gowşap, gylyjyny
aşak sallady. Ilki diline gelen şu söz boldy:
—Uruşjakmy?
—J...j...juk.
—Bu kim?
—G...goňşymyz.
—Ugruňyz nirä?
—G...geçip barýardyk.
—Gaýdyp ogurlyk edermiň?
—Ýok, ýok.
Akmaral sygyrlaryny kowdy gaýdyberdi.
3
—Gyzym, ýüzüň üç ýuwlan ak esgä meňzeýär — diýip, Remezan
aga ol gelenden howsalaly aýtdy.
—Söweşdim.
18
—Aý, goýa?!
—Çypbakaý çynym.
—Nirede?
—Jeňňelde. Iki ogry sygyrlarymyzy kowup barýar eken. Üstünden
baraýdym.
Nahar başynda bolan wakany dolulygyna gürrüň berdi. Remezan
aga onuň ýeňşine begendi. Galagoplulygynam gizläp durmady:
—Be-ýe...be-ýe — diýip, gapak ýaly giň döşüni ýapyn sakgalyny
gaýta-gaýta daraklaberdi:
—Bi, jelegaýlara heniz adam aýagy sekmändi.
Her hal özüni tiz dürsäp ýokary galdy-da:
—Gyzym, çapan adamyň ölen bolsa, onuň dogan-garyndaşlary,
taýpasy ar almaga gaýdarlar. Gädigi özüm saklaryn. Sen şumatdan
gaçaýsaň nädýä?—diýip tisginjirän Akmaralyň ýüzüňe sowally bakdy.
Gyz pert-pert jogap gaýtardy:
—Remezan aga, name bolsak, bile bolaly. «Ölümden gaçyp
gutulyp bolmaz» diýerdi enem pahyr.
—Ol dogry. Ýöne garga hüşgärligi, tilki mekirligem peýda edýär.
Üç-dört günden aýlanyp gör. Imisalalyk bolsa, ýene geläý.
—Gitjekgä, Remezan aga.
—Balam, sen ýaş. Şoňa haýpyň gelsin. Men haýy gaçyp, waýy
galan adam.
Akmaral keskelläm öz niýetinden dänmedi. Daga iňrik çöküpdi.
Howa sergindi. Remezan aganyň birmahalky söweşjeň ruhy gaýdyp
gelene meňzeýärdi. Hereketleri çusdy. Ol gädige tarap gitdi. Çatma şol
tarapdan geläýmeseň, beýleki ýerleri berkdi.
Goja gün doganda öwrülip geldi. Akmaral gije birki gezek ýanyna
baryp gaýdypdy. Gädigi gündiz Akmaral saklady. Goja muny Akmaralyň
gije uklaryndan heder edip şeýdipdi. Dört-bäş gün bu ahwal gaýtalandy.
Gara-çyra görünmedi. Remezan aga şonda-da, köp mahallap hüşgärligi
elden bermän gezdi. Ol beterem Akmaralyň janyndan gorkýardy:
«Allajanlarym, bi gyz haýsy ýurduň jereni? Başyna ne külpetler
düşüpdir? Megerem, öz-ä hossarsyz bor-a çemeli» diýip, ençeme sapar
oýlanypdy. Soramagyň welin, ebeteýini tapman ýördi. Dogrusy, ataly-gyz
ýaly öwrenişipdem. Ýöne onuň geljeginiň aladasyny etmäge çen bolupdy.
Görnüşi ýaly, özi aýagyny göre sallap dur. Ol şu ýerlerde gurda-guşa şam
bolup galmaly.
19
Goja ahyry ýüregine daş baglap, Akmarala sowallar bilen ýüzlendi.
—Bala, göwnüňe alma. Haýsy ýurduň maraly sen? Näme üçin,
gaçgaklap ýörsüň? Iliň-günüň ýokmy?
Akmaral çöpjagaz bilen ýer dyrmalady.Remezan aga gaýtarga
garaşyp ýatyrdy. Gyz welin, barha başyny aşak egýärdi. Ses-üýni ýok.
Dymyşlygy Remezan aga bozdy:
—Wah, meniňem il-günüm, ýurdum bardy — diýende sesi hasratly
çykdy. Indi Akmaral onuň ýüzüne soragly äň etdi:
—Maňa beren sowallaryňy özüňe bereýin diýip, oňarman ýördüm.
Aýdaý, indi Remezan aga.
—Hawa, keýgim, meňem il-günüm, ýurdum bardy. Olar
bireýýämden bäri ýog-a döndi.
—O nä?
—Şeýle-dä, gyzym.
—Aýdaý-da ilki Remezan aga. Derdinişeli.
—Ody ölçerdik, bala. Indi agzyňa suw alan ýaly bolmak,
başartmaz.
Ol gyşaryp ýatan ýerinden dikeldi. Işige nazaryny dikdi:
—Ýurdum daşda.
—Haýsy ýerde?
—Sen bilmersiň gyzym. Astrabada golaý daglaryň içinde. Men
kürt.
—Kürt?!
—Hawa.
—O nä millet?
—Aý, türkmenler ýaly, erkinligi gowy görýän millet-dä.
Goja tilki derisinden tikilen şypyrmasyny agyr görýän şekilli,
çykardy. Ak gar kimin başyny sypaşdyryp goýberdi:
—Diňle, gyzym. Biziň taýpamyz azdy. Ýigrimä golaý hojalyk. Dag
içinde ýaşardyk. Sülgüniň jüýjesi ýaly agzybirdik. Ak ekin ekerdik.
Malymyzam bardy. Başga gerek-ýarak zadymyzy Astrabada gidip
alardyk. Keseki görse, durmuşymyza gözi gitjek. «Mesligem gara goýun
götär» diýýärler. Bizem götärdik. Özge ýurduň çebşine-de el garmazdyk.
Remezan aganyň maňlaýynda çyg göründi. Akmaral muny gojanyň
derdiniň kiçi-girim däldiginden gördi. Ol derini barmaklary bilen
syryşdyrdy-da, dowam etdi:
20
—Aşa pukaralyk özüňe ýagy eken. Men goýun bakardym. Bir gije
dakynyp ýatan goýnumyň silkinmegine ýalpa gözümi açdym. Aý dag
örküçleriniň aňyrsyna gizlenip barýardy. Şöhlesi welin öçmändi. Onsoň
ýagta üç kişiniň arkasy dowarly barýanlygyny saýgardym. Itiň ses-üýni
eşidilenok. Erbet, ýeserlik bilen öldüripdirler. Taýagymy kakyp alyp
topuldym:
—Taşlaň, how, goýunlary!
Eger-eger eşegiň gulagyna ýasyn aýdan ýaly gypynjam edenoklar:
—Taşlaň diýýän, ho-ow, goýunlary!
Biriniň yzyndan ýetenkirledim. Ol goýny ýere oklap, maňa
öwrüldi. Menem sägindim:
—Nädýäň-ow, gardaşym? Birki dowary dagy diläýmezlermi? Ýada çalşaýmazlarmy bir zada?
—Haý, eşekataly...
—Diliňi goýberme.
Beýleki biri ýurtdan çykyp barýar. Ugraberjek boldum, öňüme
aýlandy:
—Aýryl-how!
Ýaňrak öýlenipdim. Bir çagam bardy. Zorum ineriňkä barabardy.
Taýagym bar. Oňa-da buýsanman duranok. Ilki galmajagam bolýan.
Adyny
bilmesem-de
güman
edýän
kimlerdendigini.
Bular
garadangaýtmaz köp taýpadan. Birden, taýagymyň ujundan tutaýdy.
Silkip, çekip aldym. Agzyna-da gülçülletdim. Onýança, kelläme bir
mähnet zat degdi. Bilinden tutdum-da, gabyrdadyp, aşagyma saldym.
Gözlerim garaňkyrady. Gyzgynyma galdym-da, taýagymy buladym.
Diňe:
—Wah!..—diýen ahmyrly ses eşidildi. Ýatan kişi aýaklarymdan
ýapyşyp, özüne tarap dartdy. Ýüzünligine ýykyldym. Meni üç bolup,
galdyrman, suwa salma ýençdiler. Seňseläpdirin. Birhaýukdan gözlerimi
açdym. Kellämiň bir ýerinden gan ysy burnuma urdy. El degirmek
isledim. Bolmady. Ýüregim pyçak bilen dilinene döndi. Goşarym
döwlüpdir. Gozganmaga küýlendim. Paşmady. Gaýtam, özümden gitdim.
Gözlerimi açamda, ganreňk gün gyzaryp dogup gelýär. Döwlen taýak
golaýymda ýatyr. Sowujaga bolmaga çemeli, ganyň akmasy kiparlandyr
ýa-da akyp-akyp gözbaşy gurana meňzäpdir. Ýakam welin öl-myžžyk,
sykybermeli.
—Hiýh!
21
Akmaral ýakasyny tutanyny bilmän galdy.
—Tagat kyl, gyzym — diýdi-de, goja gürrüňini dowam etdirdi:
—Süýşeneňläp baryp, taýak döwüginiň uzynragyny aldym. Söýget
edinip, galyp bildim. Başym pyrlanyberdi. Sähel durup, goşa tarap
gyrmyldaberdim. Ölümiň öýünde bardym. Atam pahyr tebipdi. Şondan az
kem öwrenipdim. Beýleki elim bilen döwgi ýerine salyp, çala mydar
saradym. Ýüregim buz ýaly boldy. Ýöne gapyrgamyň birem azar berýä.
Endam-janym gök nil. Kepäbem ölüp barýan. Suwy köp içdim. Agyry
köşeşdi. Garbandym. Süri görnenok.
Yrgaldap, oba tarap ýola düşdüm. Ertesi ikindi mahaly bardym.
Ýöne gözlerimiň görenine ynanman, aňalyp durdum. Kepbelerimiz
ýakyp-ýandyrylypdyr. Ölüp ýatanlar bildirýä. Beýle gapdalymdan iňňildi
eşidildi:
—Suw...Suw...
Bardym. Gana bulaşyp ýatan çagalyk dostumdy. Ol meni saýgardy:
—Re...re...men...azmyň? ...Ýagy gyr...gyrdy. Suw...Oňa suw
berdim. Goşarymdan goýbermän, köp içdi. Şonda-da tamşandy:
—Aly
batyryňkylar...Tük-kel...wah-eý...paýhyn...paýhynladylar.
Ýesirem... ýesirem äkitdi... Ol özünden gitdi. Sowuk suwy kellesine
guýdum. Dostum, özüne gelebilmän, ýassy mahaly jan berdi. Çetde
sulbasy galan kepbäme golaýlaşdym. Gelnim, bir eli taýakly serlip ýatyr.
Parçalanypdyr. Çagamy gözledim. Tapmadym.
Gündizem keseklere çenli dördüm. Ýok. Ys-kokam demligiňi
daraldyp barýar. Mähriban obajygym, taýpam, ýanýoldaşym, çagam men
sebäpli, ýogaldylar. Hawa, olara gaýtawulym bahana boldy.
Dag gowagynyň birini eýeledim. Gün kerweni tirkeş-tirkeş geçip
durdy. Mazaly kuwwatlanyp, öňki hetdime ýetdim. Ar almak hyjuwy
gursagymy ýaralaýar. Emma, bütin taýpanyň garşysyna näme edip
bilerin? Deňizdäki saljagazdym. Dek ýatmadym. Ilki şol taýpadan at
ogurladym. Soňra üç-dört gylýalyny Astrabat bazarynda satyp ýarag
edindim. Ýöne olaryň hüşgärligini artdyrdym.
Bir gije olaryň çopanynyň birini ele saldym:
—Hany aýt, Remezan çopanyň taýpasyny näsebäpden gyrgyna
berdiňiz?
—Jan agam, men günäsiz.
—Remezan çopan günäkärmidi?
—Ol biziňkileriň birini ýeňjipdir.
22
—Remezan çopan garaz degiberipdirmi?
—Bilmedim.
—Çypdyrma, güjük!
Ýakasyndan tutup silterledim:
—Ogurlyga barypdyrlar.
—Hymm
Ýakasyny goýberdim:
—Çopany nädipdirler?
—Öldüripdirler.
Men ajy ýylgyrdym. Onuň tanamaýanlygyny bilýärdim. Asyl, şol
taýpanyň hiç haýsam biziňkiler bilen gatnaşyk etmezdiler.
Äsgermeýändikleri belli:
—Çopanyň taýpasyndan erkek göbekli diri galdymy?
—Galanok. Diňe bir çaga...
—Çaga?!
—Hawa. Az-owlak hatyn ýesir aldylar. Şonda bir gelniň çagasy
bardy. Onuňam özüniňki dälmiş diýdiler.
—Çaganyň çep ýaňagynda künji ýalyjak haly barmydy?
Ol gözlerini elek-çelek edişdiriberdi. Garaz, göwnüne güman gitdi:
—On-a bilemok.
—Hatynlar obadamy?
—Bireýýäm Astrabat bazarynda satdylar.
—Gyrgynçylyga gatnaşdyňmy?
—Şol mahal obada bolanymsoň...
—Adam öldürdiňmi?
Ol ýaýdandy. Sesim azymly çykdy:
—Gaý-ta-lat-ma!...
—Diňe...diňe birini.
Birden ýeňse çukuryma gaty zat degdi. Entrekledim. Ýöne
ýykylmadym. Iki eken. Ätiýaçlylygy goldan beripdirin. Öňümdäkiniň
gylyç bilen şo bada kellesini egnine salladym. Uran gaçdy. Ýetip
kerçedim. Bi jelegaýlarda maňa durarlyk galmady. Bäri-bärde eglenmän,
ýurtdan çykdym. Agyn ogry syrtlan ýaly, ýene ýeke geziberdim.:
Remezan aga ýüküni ýeňleden şekilli, uludan dem aldy. Soňra
gaplaň derisinden daşlanan ýassygyna gyşardy:
—Gyzym, gatyk içeli.
23
Gürrüňiň yzyny diňlemäge howlugýan Akmaral tarsa turup, tiz
taýynlady-da, sowal berdi:
—Oguljygyň ady näme?
—Ahmet.
Remezan aga gatygyny şirinlik bilen süzüp, owurtlady:
—Görseň, tanarsyňmy?
—Çep ýaňagynyň haljagazyndan güman ederin. Aý, onsoňam,
atasyna çalymdaşdyr-a.
Ol göwnühoş loh-loh güldi. Jahanda ýeke-täk perzendini ýatlamak
goja lezzet berýärdi. Muny Akmaral aňyp otyr. Ony has gylawlandyrmak
isläp hem-de gara çyny bilen şeýle diýdi:
—Belki, gözlege çykarys?
Goja düwnükdi, esli mahallabam kühhäledi. Gözlerinden ýaş akdy,
ony süpürişdirdi, hortaň ýaňaklaryndan ýene ýaş syrykdy:
—Gyzym, bu düwnükmeden däl. Seniň hossarlyk sözleriň işi.
Ýogsam, taýpam gyrlanda-da, gelnim paralananda-da, gahar-gazapdan
ýüregim doňňara daşa dönüp, aglamagyň nämeligini bilmändim. Aý,
onsoňam, garralyp ýürek ýukalýar.
Akmaral indi sowalynyň hörpüni üýtgetmegi müwessa bildi:
—Biziň ile näjüre düşdüň?
—Bala, başdan geçirenlerimiň hemmesini aýtsam bäri-bärde
tükenmez. Sowalyňa gysgarak jogap berjek bolaýyn. Hawa, şeýdip
geziberdim dag içinde. Birki ýylda on-onki kellekeserem topladym. Bir
gün göwün matlabymy aýtdym:
—Ýigitler, ýola düşeliň.
Olara öň arymyň köýüp ýatanlygyny Ýaňzydypdym: —Kim
namartlajak bolsa, dillensin şumat. Duşmana ýowuz hem kän.
Gylyçlar howada çugdumlanyp çaknyşdy:
—Söweşeris!
—Bile öleris!!
—Äkit bizi ganhorlaryň üstüne!
Agzybir seslenmekleri hyjuwlandyrdy. Sähel salymdan duşmanlara
tarap ugradyk. Ýol daş. Esasy Aly hanyň syrgynyny tapyp, şonuň
neberesini çapmalydyk. Soňra ýagdaýa görä bolubermelidik. Niçik
gümlemelidigini ölçerip-döküp gelýäris. Diňe dördünji gün iňrik
garalanda Aly hanyň ýurduna aralaşdyk. Golaýlaşanymyzda-da dükürdisi
24
eşidilmez ýaly atlarymyzyň toýnaklaryna keçe saradyk. Süýji uka giden
çenlerinde çetden birini südenokledip öýünden çykardyk:
—Alyhanyň jaýyny görkez. Ýogsam, eýgilige garaşma. Tiz bol!
Öwzaýyň bozuklygyny çalt aňdy-da, gyzgyn gora basan şekilli
zowzanaklaberdi:
—Beli, agalarym, beli.
Agzyna esgi dykyp, has ýakynlanymyzda, ony gümledik. Aly
hanyň köşgi saklawlydy. Bäş-alty serbazdan geçenok. Daş-töweregem
bag-bakjalyk. Bukulyp barmaga amatly. Ýedimiz öňe ugradyk. Beýlämiz
at saklady hem-de gyssansak ýardam bermäge çemelendi.
Köşgüň daşyna ýeserlik bilen aýlandyk. Bir pursatda saklawlara
topuldyk. Gylyçlaryň jarkyldysy, «Ah-wah» sesleri basym galdy.
Şowuna. Alyhanyň otagyna iki bolup girdik. Şemdanlarda ýogyn mum
şemler ölügsi ýanyp dur. Han ýüpek düşekde çäşerip hor çekýär.
Başujunda içi garamtyl-gyzyl şeraply kümüş pyýala. Keýigiň aşygy ýaly,
owadanja ýaş zenana pişik kimin myrlapjyk ýatyr. Ardynjyradym.
Ukudaka «öldürmäýin» diýip, «Ýatana ýylanam degmändir».
Ol zöwwe turdy. Gözlerini elek-çelek etdi:
—Bi, nä boluş?
—Ezraýyl, men. Remezan çopanyň taýpasyny gyrgyna bereniň
sebäpli Haktagala ýollady.
Eşegatalynyň ýüzi ap-ak gara döndi. Ýöne aman dilemedi. Öňe
ümzükdem, gylyç boýnuny ýolarlady. Ýanymdakam oýanan heleýini
şeýtdi. Beýleki otaglarda, howlularda goh-galmagal asmana göterilýärdi.
Biz han otagyna ot berip, ylgap daş çykdyk. Atlar taýyn. Megerem, onuň
inileri-dä, iki kişi bilen gylyçlaşdyk. Zaňňarlar gaýduwsyz eken. Zor
tutluşdylar. Ahyry ýere ýazdyk. Çar ýandan at aýaklarynyň dükürdisi,
galmagal eşidildi. Belli, han öýüne yňyp gelýärler. Men gygyryp, buýruk
berdim:
—Başyňyzy bozman, çekilmeli!
Ülkerlenip-toplanyp, gaçdyk. Yzymyzdan kowdular. Bizden ikisi
kemdi. Her hal, gabawy böwsüp, daga siňdik.
...Gaça uruş başlandy. Pytramaly bolduk. Şeýdip, duşmanyň
güýjüni bölmelidik. Barybir, biz azlyk.
Daňa golaý bir derýajykdan atly ýüzüp geçdim. Beýleki kenara
gaňrylyp, ser saldym. Asudalyk. Birki gün şol taraplarda entedim.
Ýoldaşlarymdan biriniňem gara-çyrasy göze ilmedi. Olaryň heläk
25
bolanlygyna şek-şübhäm galmady. Maňa gözlerini güýtmek başardypdy.
Ýogsam, diri galmaly däldim. Beýik Taňram dogry nazaryny saldy.
Bala, az-kem içim sowady. Kim bilýä, irde-giçde tanalmagymam
ahmal. Onsoň, o taýlaryny terk etdim. Gürgen derýasynyň ýakasynda
çolaja bir türkmen obasynda togtadym. Baý kişä talaban durdum. Menden
öňem bir kürt gyrnagy bar eken. Çala-mydar gurnalan çatmada ýaşaýar.
Görmegeý, ter gelin. Itiň art aýagyndan suw içýär özem. Bir gezek baýyň
heleýi ýenjip, kellesinde taýak döwdi. Maňlaýy ýarylyp, ganady. Mes
heleý ýadaýança urdy. Damarym dartmanam duranok. Baýyň özi bolsa,
suwlaýmagym gaty ahmaldy. Heleýe dişimi gysyp saklandym. Şol gije
çatmada usurgap ýatyrdym. Gapy açylan ýaly boldy. Dikeldim:
—Çüş. ş....bu men, Patma.
—Näme gerek?
—Hiç zat.
Ol misli özge biri bolaýmasyn öýdýän ýaly, ýalt-ýult etdi, soňra
çekine-çekine şeýle diýdi:
—Erkek göbekli bolsaň, meni bu ýerden alyp gaç, isleseň aýalyň
bolaýyn.
Meniň başym aşak sallandy. Ýaňy rahatlyk tapypdym. Gaýta
öýlenmegi küýüme-de alamok. Gabat gelende otlukly bakyşyna ýüzümi
sowýardym. Häzir ýüregim gohgandy. Ýöne ony nirä äkideýin? Özümiň
gaçyp atan ýerim şü-ýä. Halas etmelidigim dogry. Gül ömri kül bolup
barýa. Ýeňil-ýelpaý iş däl. Baý, arkaly kişi.
Çykgynsyz hala düşdüm. Ýygrylyp, hut ýere siňiberdim.
Müzzerilip, jogap bermän oturyşymy gören Patma, laňňa ýokary turup,
ýangynly gepledi:
—Gurt öýdenim, towşan eken. Züwwetdin!...
Çykyp gitdi. Gyjydam berdi. Zenan gyjydyna galmak ölüme
barabar eken. Mahaly bilen bulançak suw ýaly, nepesim durlanmady. Esli
wagt geçdi. Indi Patma ýüzüni sowýardy. Asyl golaý-goltumyma gelenok.
Gör, ykbal oýnuny, ýeriň o ujuna äkitmäge taýyn bolup ýörün. Gündiz
sataşmak başartmansoň, ýassy çemesi, edil ogry tilki kimin, bukdaklap,
çatmanyň gapysyna birki ädim bardym:
--E-e-eý, kim bi?
Yzyma gaňryldym. Baý dur. Aýakýoluna çykanda gören bolara
çemeli, ýogsam, garawullap ýörenokdy:
26
—Gul, senmi? Düşnükli. Iýýän duzuňat haramylyk edýäňmi?
Şeýlemi?
Ol çakgan yzyna öwrüldi. Päkligiňe damak ýyrtsaňam haýry ýok.
Her kimiňem göwnüne güman gider, bu halda.
Mazam bolmady. Çatmama ýöneldim. Ertir, belki, şumat niçik
gopgun turarka? Görgüli, Patma. Şormaňlaň doglupsyň. Şeýleligiňe hem
galdyň.
Baý öýüniň deňinde hümürdi eşidip, sägindim.
Aýaly sorady:
—O gyrnagyň gul bilen arasy saz eken diýdiňmi?
—Hymm.
—Nätmekçi?
—Ajala sabyr berse, dynaryn loludan, ertir.
—Öldürjekmi?
—Alynsa, sataryn, bolmasa...Halal ojagymy haramlatmaryn.
—A guly?
—Ganjyk guýruk bulamasa, köpegiň nä işi?...
Ýene yzyma öwrüldim. Patmany ýanyma alyp, baýyň mes atyny
obadan çykýança idip äkitdim. Onsoň mündük-de, gaçdyk bir Allany
çagyryp. Gaçyp-gaçyp gelip, şü taýda togtadyk. Ilki depme hal al
tigirlendi durmuşymyz. Garaz, Takyr ýerden öýli bolduk» diýleni. Indem,
görüp ýörsüň-ä, özüň. Allanäme.
—Hany, Patma gelnejem?
—Bir gün çeşmä suw almaga gidipdi. Menem -- oduna. «Eglendi»
diýip barsam...
Goja sägindi. Akmaral soňuny bilmäge gyssandy:
—Näme bolupdyr?
—Gaplaň parçalap gidipdir.
—Ýatan ýeri ýagty bolsun!
—Dilegiň kabul bolsun, gyzym!
Ikisem birhowa dymdylar. Akmaral biri-birinden elhenç wakany
diňlemekden bezgin şekilli sowal bermegi küýüne getirenok. Ýatlama
Remezan aganyň kalbyny para-para edipdi. Herhal, agyr ýüki egninden
düşürendäkiniň görnüşi ýüzüne çaýyldy. Ortada sünnälenip, laýdan
ýasalan pelteli çyrajyk gapydan ýeliň garjamagyna gyzyl dilini iki-baka
oýnadyp, sönerläp-sönerläp gidýär.
27
Her kim öz pikirine gümra bolup düşegine geçdi. Remezan aga
kellesini ýassyga goýandan ymyzgandy. Akmaral welin, eýlä-beýlä köp
agdaryldy. Ahyry gözlerini ýumdy.
Ertir başyndan geçenleri, enesiniň pentlerini Remezan aga gylyny
gyşartman, gürrüň berdi. Goja ilki gaýta-gaýta gozganjyrady, soňra endigi
boýunça, sakgalyny daraklap-daraklap, goýberdi-de:
—Täleýimizde çalymdaşlyk kän. Şol sebäpli, Taňry bizi
sataşdyrandyr. Ýogsam, men küje, sen küje. Ahmedi agtarmak, gündiz
ýyldyz gözlemä barabar. Seniň gandaryňdan welin, kelebiň ujuny tapmak
gaty ahmal — diýdi.
Akmaralyň aşygy alçy gopdy. Ýokary-ýokary turuberdi:
—Näderis?
—Okly taýpasyna - Etrek ýakalaryna aralaşmaly.
Akmaralyň birden gylawlylygy ýatdy. Muny aňan Remezan aga
sorady:
—Näme boldy, gyzym?
—Meň üçin, heläk bolaýsaň...Kürt adamsynyň derrew göze
ilmegem ahmal.
—Özüň belet, gepleýşimden-ä, güman edilmerin. Aý, onsoň ol
ýerlerde-de, gul kürtler bardyr. Ýöne hiç mahal ätiýajy elden bermeli däl.
Olar köplükdir. Samanyň astyndan suwuň akyşy kimin hereket etmeli.
Heniz gögelesiň, gyzym. Ýalňyz goýberip biljek däl seni.
Akmaralyň gözleri awuna towusjak möjegiňkä döndi. «Bi gyz
gandaryny irde-giçde hökman, kaklar. Maşalla, balam, maşalla!» diýip,
biygtyýar oýlandy-da, onuň hyýrsyzlanan näzik ýüzüne söýünçli äňetdi.
—Haçan ýola düşeris?
—Paty-putymyzy alyp, şumatdan.
Çaý içim salymdan, ýol şaýlaryny tutup başladylar.
4
Üçünji gün iki ýolagçy suw otlaryndan, üsti ýaşyllan çal-powdan
geçdiler. Çybynlar zyňlaşyp, asmana gapak boldular. Atlar silkinipkakynyp zordan gutuldylar.
Ýoňsuz mahal lüýgüň porsy ysy ýolagçylaryň burunlaryndan
gitmedi. Akmaralyň hatda ýüregem bulandy. Birki gezek ögedem. Basym
syrdym boýly, damarlak-damarlak garaklyk başlandy. Bu gutaranda
28
geçmesi kyn, gür ýylgyn jeňňeplliginiň gyrasyndan girdiler. Munda şagal
ýodajyklaram göze ilenok. Yns-jynsyň aýagy sekmedige meňzeýär.
Çolalyk, asudalyk Remezan agany kanagatlandyrdy. Asmandan daglara
çalymdaş, bölek-bölek garamtyl bulutlar arkalary agyr ýükli ýaly, adaja
süýşüşip barýardylar. Eger-de, şolaryň arasyndan gök asman çüýşäniň
döwgüne meňzäp görünmese, jeňňpliň üsti keçe örtülene dönjekdi. daştöweregiň görnenok.
Remezan aga burnunyň deşiklerini howadan dolduryp, gaýta-gaýta
ysyrgandy: «Aý, ýagyş ýagjag-a, meňzänok. Bulutlar uzak bir ýerlere
ýagyp, göç edip barýarlar öýdýän» diýip, özbaşyna hüňürdedi. Akmaral
atyň üstünde irkiljireýär. Ýolagçylaryň ikisem ýadawdy. Endam-janlary
owum-owum. Atlary-da surnugypdy. Aýtymrakda düşlediler. Derrewem
gaba ýylgynyň düýbünde sümelge gurnadylar. Garbanyp, mazaly demdynç aldylar. Gijäni şu ýerde geçirmegi müwessa bilipdiler. Özlerini
dürsänsoňlar, ýene ugradylar. Jeňňel pyçak arka ýukaldy. Şol bada bölek
atly zompa ýerden çykan ýaly, hyrra daşlaryna aýlandy.
Akmaral Remezan aganyň yşaratyna garaşman, göz-açyp ýumasy
salyp eglenmezligi ýüregine düwen şekilli, öňe omzady. Goja-da: «Başa
gelenini görübereris» diýip, pähimlenene meňzäp, doňda duruberdi.
Belki, atlylaryň hiç hili duýduryş bermänligi üçin Akmaralyň
hereketlerini oňlandyr. Herhal gylyjynyň sapyny berk gysymlady. Edil
gepleşilen ýaly, atlylardanam biri saýlandy. Orta ýolda çaknyşdylar. Öňe,
yza süýşdüler. Gylyçlar jarkyldaşdylar.
Söweş atlar öl-suw bolýança şu hörpde gitdi. Şundan soň Akmarala
gyltyzrak ýara düşdi. Muny saýgaran garry galtaman, aýylganç haýkyrdyda, atyny debsiläp, gylyjyny syrdy. Gahar-gazap oňa hut jahyllykdaky
güýç-kuwwatyny gaýtaryp beren şekillidi. Dünýäni unudyp tutluşyga
tomaşa edýän beýleki atlylar huşlaryna aýlanyşyp, öňünde kesermäge
zordan ýetişdiler. Goja gabawda Akmarala gaňrylyp-gaňrylyp, gözden
salanokdy. Nätanyşlar munuň ýoldaşy heläklenäýse, ölenini-ýitenini
bilmejekdigini duýdular hem-de hüşgärlenip sakladylar.
Akmaral indi ýadyna düşen ýaly ýa-da çemi geldi. Remezan
aganyň hopwly bir tilsimini ulandy. Ol garşydaşynyň bulan gylyjyny
ýapyrylyp gyşardy-da boş geçirdip, gylyç saldy. Gylyç goşardan
düşäýmelidi welin, gylyja degip, beýlekiniňki döwüldi. Akmaral
dembermezini galdyryp, hyýrsyz haýkyrdy:
—Aman dileseň, degmäýin!
29
Garşydaşy aňkaryldy. Sebäbi, Akmaralyň şypyrmasy gaçyp, nogta
gara saçlary ýylan ýaly bolup towsuşyp dur. Muny aňşyrdy, ýeňeniň
gylawlylygy bilen ýene gygyrdy:
—Bol, çaltrak, dyza çök!
Ýöne garşydaşynyň atlylary daşyna aýlanypdylar. Olaryň
arasyndaky Remezan aganyň hoşnut sesi eşidildi:
—Ýeňleniňi boýun almak är kişiniň işidir. Iner ogul, talaby berjaý
et!
—Tüf-u - diýip, ol tüýkürindi-de, Akmarala gorky-ürküsiz bakdy:
—Gyzdan asgyn gelemsoň, mendenem Balkan batyr bolarmy?
Öldüp, sizem degmäň, bulara.
Ol atlylaryna göz aýlady. Atlylar ýaýdanyşdylar. Akmaralyň gylyçly
eli aşak sallandy. Ýigit garaýagyzam bolsa, gelşiklidi. Pälwansypat, her
egninde jahyl oturybermeli. Akmaral gylyjy döwülmese, garşydaşynyň
baş bermejekligini şu pursat on iki süňňi bilen syzdy. Tutluşmadyk bolsa,
ýaraga dözer ýaly, däldiginem bildi. Ýigidiň mähnet göwresi aşak çökdi,
kellesini egdi:
—Gözelligiň öňünde baş egýärin.
Remezan aga keýpihon dillendi:
—Maşalla, inerim, maşalla!
Ýigitler wakyrdaşyp gülüşdiler. Akmaralyň bürşen gaşlary ýazylyp,
ýylgyrdy. Garpyşygyň soňy allanäme gutardy.
Balkan batyr galyp, atyna mündi-de, Remezan aga garap, şadyýan
seslendi:
—Myhmançylyga çagyrýas!
Goja loh-lohlap güldi-de, degişme äheňde jogap gaýtardy:
—Gurda myhman barýan goýnuň akyly nirede?
—Ýerinde. Çüw!
Balkan batyr atyny debsiledi. At aýaklary patyrdaşdylar.
Beýlekiler sürrenekleşip yzyna düşdüler. Birhaýukdan soň duldegşir
guralan goşa çatmanyň agyz tarapynda atlaryň irişmelerini ýylgyn
şahalaryna ildirişdirdiler. Aýmançadan iki işşek getirip şatyr-şutur
soýdular. Gapyrgaly bagyr - öýkeni gowruldy. Iýdiler-içdiler. Ýigitleriň
içinde göreş tutanam boldy. At ýaryşdylar. Özi-özünden toý şagalaňyna
öwrüldi.
Balkan batyr göz astyndan Akmarala ser salyp, Remezan aga sowal
berdi:
30
—Goja, ugur hanjak?
—Ugurmy?!
Az salymyň içinde gumrynyň taýyna ýaly höwrügen Remezan aga
sowal bermegine geň galypmy ýa-da degerli jogap apmaga wagt utjak
bolupmy, onuň jümlesini gaýtalap sägindi. Bu beýleräkde oturan
Akmaralyňam gulagyna ildi. Ol gaňryldy. Remezan aga gönülemegi
ýüregine düwdi:
—Ganlymyzy gözleýäs.
—Nireden?
Balkan batyryň ýüzi boz-ýaz boldy. Remezan aga muny duýmady.
Ýüzüni keseräk sowup, jogap gaýtardy:
—Etrek ýakalaryndan.
—Hymm... Etrek ýakalaryna iki-üç menzil bardyr. Haýsy taýpa?
—Okly.
—Kän hem gaýratly taýpa diýýärler.
Söhbediň arasy birhowa kesildi. Ýigitleriň daşarda wagyrdaşýan
sesleri eşidilýär. Akmaral sarsman, gürrüňe gulak asyp otyr. Ojakda
söneňkirlän közler körjümek ýylpyldaşýarlar-da, öçýärler. Ömür
paýawlaýar.
Remezan aga sorady:
—Özüň nireli?
—Balkanly, ýomut.
—Weý, oglan, daşdyr-a, o daglar.
—Daş. Gezdiňmi o ýerlerde?
Ýigidiň goçak gözleri uçganaklap, gozganjyrady. Göbek ganynyň
daman, oýnan, haýkyryp at çapan ýerleri ýadyna düşenligi şeksizdi. Ol az
pursatlyk bu süýji ýatlamasynyň arasyny şarta üzäýmegiňden heder edýän
şekilli, gürrüňdeşiniň ýüzüne çekinip seretdi. Şeýle-de:
—Göremok. Bir gezek, öňräk, eşidipdim.
—Haýp, ýaşuly, haýp! Gökleňmi, özüň?
—Juk, kürt.
—Be-ýe...Uzakdanmy?
—Hawa, aýyplaşma, oglum, höwürtgäňden üzňe entäp ýörsüň?
Garakçymyň?
—Aý, bilemok, men-ä. Şol täwir-ýe bir zat. Käte akylymam düzüw
işlänok.
31
—Akylsyza akyl berjek bolmakdan läheň gara dagy ýonup alyp
degirmen ýasamak ýeňildir. Görýän welin, sen akmak däl. Aljyraňňy,
pikiriňi çugdumlap, bir nokada gönükdirip bilmeýänligiň gaty ahmal.
—Şeýle, ýaşuly. Bimaksat entäp ýörün.
—Ne döw çaldy seni?
—Aý, neme...
Ýigit oýlanjyrap, sözüni soňlamady.
—Ýüregiňi aç, oglum — diýip, Remezan aga goldaw berip
goýberdi.
—Balkan dagynyň güneýinde ýaşaýardym. Güýmenjäm aw
awlamak, at çapmak. Balkan töwereginde toýnaklyny baglan ýüwrük
bedewim bardy. Bir gezek, howa çigrände Salyh baý ogluny öýerdi. At
çapyşygam bar. Ulusy on iki aýlaw. Bo-uw, at bary ýygnanypdyr.
Görmäge göz gerek. Märeke-de geldi. O hili uly toý bi ýakynda bolanok.
Uly aýlawa on bäş atly bolup gitdik. Baýragy bogaz düýe.
On aýlawdan soň, demirgyr at bilen meniňki galdy. Beýlesi
maýryldy, maýrylmadygam çydaman, sowuldy. Beýlekem, çyn bedew
eken. Käte ol, käte meniňki ozýa. Atlar gara suw derläpdi. Özümiziňem
köýnegimiz ölden arkamyza ýelmeşdi. Soňky aýlawda deňleşdik.
Bedewler iň soňky güýjüni goýdy. Agyzlary ak köpük. Boýunlary üzülere
gelýä. Gamyşgulaklar keýerilgi.
Pellehana golaýlaşanymyzda, märeke uly şowhun turuzdy. Meniňki
galmagala galkynardy. Bu gezegem şeýtdi. Güýjüne güýç goşuldy. Bir
garyş ozup, baş baýragy aldy. At dagy däldi, janawer, duran hazynady.
Meni mal-garaly etdi. Adymy arşa göterdi.
Şol gije... Daňa golaý oýanyp daş çykdym. Bu endik bolup
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarhypelek - 03
  • Parts
  • Çarhypelek - 01
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2415
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 02
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 2350
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 03
    Total number of words is 3521
    Total number of unique words is 2284
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 04
    Total number of words is 3512
    Total number of unique words is 2331
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 05
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2323
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 06
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2318
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 07
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2321
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 08
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2393
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 09
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 2302
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 10
    Total number of words is 3569
    Total number of unique words is 2383
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 11
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2368
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 12
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2376
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 13
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 2399
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 14
    Total number of words is 3559
    Total number of unique words is 2280
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 15
    Total number of words is 2426
    Total number of unique words is 1736
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.