Latin

Çarhypelek - 15

Total number of words is 2426
Total number of unique words is 1736
31.8 of words are in the 2000 most common words
45.6 of words are in the 5000 most common words
53.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
golaýjakdaky öýlerine sümüldi. Aba gultunyp, ýoňsuz garaşdy, emma ol
gyz gaýdyp daş çykmady. Näme üçindir, Rahym ahunyň birmahalky
Züleýha atly gelin barada aýdan hekaýaty ýadyna düşdi: gadym zamanda
Müsür hökümdary Potifaryň Züleýha diýen gözel aýaly bolupdyr. Haçanda Potifar Ýakup pygamberiň ogly Ýusuby gul hökmünde satyn alanda,
bu mes gelin onuň owadanlygyna aşyk bolýar. Emma Ýusup Züleýhanyň
muhabbetini ret edýär. Şol sebäpli gelin ärine Ýusuby şugullap, zyndana
saldyrýar. Ahyry bir gün Ýusup bendilikden çykýar we özüniň
parasatlylygy bilen Müsüriň baş wezirlik derejesine ýetýär. Ejir çeken
Züleýhanyň iki gözi kör bolup, aşygynyň ýolunda aglap köp oturýar. Iň
soňunda Ýusubyň aýdanyna boýun sunýar: ol Ýusubyň dogasy arkaly
juwanlanyp, gözleri-de açylýar. Onsoň Ýusup oňa öýlenýär.
209
Aba serdar öz ýanyndan bu gyza «Züleýha» diýip at goýdy. Özem
Züleýhanyň Ýusuba boýun egşi ýaly özüne boýun egmeli bolar. Onuň
abraýly dindar Hoja Muhammediň gyzydygyny basym anyklady. Atasyna
hem Hoja Muzaffar diýilýän eken. Goja ruhanynyň at-owazasy Astrabat
çäklerindenem geçýär. Dogan-garyndaşlary köp, tütjar baý.
Aba serdar gyzyň adyny bilmegem islemedi. Öz dakan Züleýha
adyny saklady. Üýtgetse, göwnüne gelişmejek ýaly bolup dur. Ol tizdentiz Hoja Muhammede iki gojany sawçylyga iberdi. Emma olar ýüzlerini
sallaşyp, öwrülip geldiler. Hoja Muhammet razylaşman, sypaýylyk bilen
kowup goýberipdir. Bu Aba serdaryň ýeňse damaryny taýaga dönderdi.
Ol reňkini agardyp, ýanyna janpenalaryny aldy-da, boýnuýogyn Hoja
Muhammediň öýüne tarap gönükdi. Baranda sesini sandyradyp buýruk
berdi:
—Şu parsyň gyzyny alyp gaýdyň. Garaw görkezse, gaýgyrmaň!
Saklawlar içeri kürsäp girip, gyk-baga bakman, gyzy daşary
çykardylar-da, araba mündürip, yzlaryna dolandylar. Aba serdar şol
gijäniň özünde nika gyýdyryp, ony törüne geçirdi. Emma Züleýha
kagyzdan ýasalan güle meňzeýärdi. Bimährem, kereşme-näzsiz.
Goltugyňa ýylan salan şekilli sowuk. Gelin muhabbetine suwsan Aba
serdar oňa hajjyk-hujjuk edip gördi. Eränok. Hatda geleli bäri ýekeje
gezek ýylgyranogam. Ýogsam, onuň islegi boýunça öz hyzmatkärleri
getirildi. Züleýha olar bilen pyşyrdap gepleşýärdi. Onuň ýat ýaby ýaly
bolup ýörmegi özüne göwni ýetýän Aba serdary kejikdirip ugrady. Bir
gezek gözlerini çym gyzyl, kirpikleriniň syh-syhlygyny gördi:
—Agladyňmy?
Züleýha sesini çykarmady.
—Kim göwnüňe degdi?
—Hiç kim.
—Onda nä şumjaryp ýörsüň? Gündiz eliňe çyra alyp gözleseňem
menden zyýadany tapardyňmy?
Züleýha ýene dymdy. Ene-atasy, dogan-garyndaşlary gapysyndan
sekenok. Hatda atasy Hoja Muzaffaryň gahardan ýaňa donuna sygman
ýörenligini hyzmatkärleriniň biri gulagyna ýetirdi. Eýrany-Turany
sersdyran bu owadan, gaýduwsyz, garagöz serdary näme üçin sulhy
almaýarka? Onuň deregine başga zenan bolsady, daş ýaryp maňlaýyndan
çykan beýle äriň eline suw akydabilse, Taňrydan müň keren razy bolardy.
Boýun almaly, şalaryň körekenligine mynasyp ýigit. Belki, ene-atasy ýüz
210
dönderensoň, kalby sowuklanandyr? Ol imrinmäge, Abanyň kalbyna
duman dagyny çökermezlige çalşyp, ellerini, aýaklaryny owkalaşdyrýar,
towlanjyraýar. ýöne, bary puç. Ýürekden däldigini äri-de syzýar öýdýän.
Ene-atasyndan bütinleý tamasyny üzsün diýen pikire gulluk edip,
kejigmesi pürepürlenen Aba gelnini Etrek ýurduna äkitdi. Özbaşyna, içi
düşelen halydan lowurdaşýan bezemen çadyr gurap berdi. Daşyna saklaw,
gullugyna öz hyzmatkörlerini goýdy. Çagalary welin, öwrenişmän,
gaçgakladylar. Aradaky göze görünmeýän diwar berkligi gowşatmady.
Ýoňsuz wagt geçende obanyň çetindäki birine tebip kempir myhman
boldy. Onuň eli ýeňilligi tiz agyzdan-agza geçdi. Beterem aýal-gyzlar
ürjülenip, gelip ugradylar. Ertesi Züleýha başyny ýassyga goýdy. Şatyrşutur kempiri getirdiler. Ol gapyda dim-dik duran işikbana daş çykmagy
ümläp, Züleýhany barlaşdyrdy, goşar damarlaryny tutup gördi:
—Balam, gorkar ýaly keseliň ýok. Ýöne...
Züleýha dikelenini bilmän galdy:
—Näme?
—Kalbyňda kine berçigip galypdyr. Ol ar almagy küýseýär.
Bildimmi?
—Bildiň, kempir.
—Bilen bolsam, bala, açyk gürrüň edeli. Men Astrabatdan geldim.
O ýerde Tahmasp şanyň aýratyn tabşyryk bilen gelen jansyzlary bar. Ýary
Etrek jeňňelliklerinde gizlenişip ýörler. Haçan kömek gerek bolsa, guk
beräýmeli. Tabşyryk şeýle: Aba serdary... öldürmeli. Hut patyşanyň özi
sylagyňy ýetirjek. Eneň-ataň-da, içi gara tütün eken. Asyl bi, eşekataly
göhert seni zorba-zor böwründe oturdypdyr. Şeýlemi?
—Hawa.
—Meň teklibimi niçik görýäň?
—Janym gurban, kempir, sözleriňe.
—Men ýene gatnaryn. Syrkawlygyňdan dura-bara sagal. Enşalla,
bu türkmeniň kellesini alarys.
Kempir aýdyşy ýaly etdi. Soňky gelende:
—Men, indi Astrabada giderin. Seni görüp, gürrüň edendigimi o
taýdakylara ýetireýin — diýdi-de, berk tabşyrdy: —Sowukganly bolgun,
balam. Bi, garadangaýtmaz güýçleşip aldyrtmaýa. Diňe al salmaly.
Düşündiňmi?
—Beter düşündim.
—Hoş, keýgim, işiň şowly bolsun!
211
—Aýdanyň gelsin. Sag-salamat bar.
Kempir bükrelip çykyp gitdi. Züleýha oýlandy-oýlandy-da,
hyzmatkärleriniň gujurly ýaşyny ýanyna çygyryp, göwün matlabyny gösgöni aýtdy:
—Muhyp Aly, saňa bil baglap bolarmy?
—Haýsy meselede, bibim?!
—Biz şu taýda bendi. Mamlamy?
—Mamla, bibim.
—Erkinlige çykmak üçin türkana ärimi ýoldan sowmaly.
Muhhyp Aly oňa gorkuly äňetdi:
—Nädip?
—Öldürip.
—O-o-o...
Muhhyp Alynyň gyzdyrmaly ýaly, eňekleri şakyrlap, ýüzüne öliniň
reňki urdy.
—Bu teklibe sizden garaşdym. O tamam çykmady. Senem,
zenança-da ýok öýdýän, saňňyldap dursuň. Ah, siz erkekler!...
Ol şeýdidi-de, Muhhyp Ala gazaply hem ýigrençli şar gara
gözlerini dikdi. Soňra köýneginiň ýakasyny çäk-çäk edip ýyrtdy.
Beýle wejeralygy görmedik ýigit ilki açgözlük bilen ter
göwüsjiklere seretdi. Huşy başyndan uçup, gorkyny bütinleý unutdy.
Züleýha owsunlandy:
—Görýäňmi? Häzir gelende... «Zorlajak boldy» diýerin. Saňa
ynanman, maňa ynanar. Arrygyňy gynaýma, dänip.
Huşuna aýlanan hyzmatkär onuň aýagyna ýykylyp, aglamjyrap,
zarynlady:
—Beýtme, bibim, ýalbarýan! Gullugyňa taýyn. Hezreti Alydan
kasam içýän.
Züleýha, görgüli hyzmatkäri aýagynyň burny bilen kakyp goýberdi:
—Tur, erkek göbekli bolaýşyňy!
Muhhyp Aly ör turdy:
—Beli, bilim, beli.
Beýleki hyzmatkärlere aýt. Agşam namazynda-da bäri geliň. Özüni
dürsäp ugran Muhhyp Aly gapa tarap ýumlukdy.
Hyzmatkärler bellenilen mütdetde ýygnandylar. Züleýhanyň salgy
bermegi boýunça Aba serdary öldürmegiň ýollaryny ölçerip-biçdiler.
Ýöne kimiň ilki batyrynmalydygy çözülmänkä, duýdansyz özi hütde içeri
212
giräýdi. Ýogsam, daş işikde esewanlamaga hyzmatkäriň biri goýlupdy.
Onuň habar etmäge ýetişen däl bolmagy ahmal. Saklwlaryň arasy
çadyrdan az-kem açygrak. Barybir, bular Züleýhanyň daş goragy.
Dildüwşükden bihabar.
Aba serdar azymly söz urdy:
—Bu nämäniň toparlanyşygy? Belki, meniň garşyma dildüwşük
guraýansyňyz? Saklaw!..
Onuň aýylganç sesine saklawlar güpürdeşip geldiler:
—Bulary gylyçdan geçiriň!
Hyzmatkärler aýagyna ýykylyp, titreşip ýalbaryp başladylar:
—Göwnüňize güman gitmesin, hökümdarymyz!
—Bizi bibimiz çagyrdy.
—Ol hemişe-de çagyrýar.
—Ýüregiňizde sähel kir bolsa, barymyzy bir çukurda diriligimize
gömdür.
—Alladan ant içýäris, biz telek iş etmeris!
Züleýha-da batyrgaý gepledi:
—Muňa ynanmaň, her ädimi yzarlap ýören bolsaň, bulara degmän,
meni öldür! Kesekiligimi... öňem bilýärdim.
Ol ýeserlik bilen aglamjyrady. Şeýdibem, erkek kişiniň daşa dönen
damarlaryny ýumşatdy. Aba serdar bialaç buýrugyny yza aldy. Saklawlar,
hyzmatkärler çykyp gitdiler. Ikiçäklikde Aba serdar müňkürligi hakynda
gaýdyp dil ýarmady. Birki gezek aýalynyň ýüzüne assyryn ser saldy, ýöne
üýtgeşme syzmady. Belki, hyzmatkärlerdir Züleýha çyndan gahary
gelenligindendir, mahaly bilen ukusy tutmady. Eýlä-beýlä köp agdaryldy.
Bolanok. Aýbölegiň, Balkandyr Akmaralyň dereksiz gidibermekleri ýene
gozgalaňa saldy. Tahmasp şa bolan ýigrenji gursagyny çirkizerledi. Ol
dikeldi. Bir ýana bakdy: Züleýha jeren owlajyny kimin myrlapjyk
ýatyrdy. Onsoň Aba serdar golaýrakdan bäri bimaza edýän pikirlerine
dolandy: goşun toplap, Tahmasp şanyň tagtyny başyna ýumurmaly.
Merwli, balkanly, horezmli türkmenleri aýaga galdyrmaly. Türkmen
birleşse, almajak galasy bolmaz. Şeýdibem, özbaşdak döwlet gurmaly.
Kim göz garaltsa, tumşugyny owratmaly, hatda, Aly soltanyň-da. Rahym
ahun Oguz hanyň, seljuk begleriniň ýörişleri, ýeňişleri hakynda aýdardy.
Aý, öz-ä, dana kişidi. Pakyr onuň kalbynda müdimilik ornapdyr. Hut şu
mahalam ahunyň ikinji gezek öýlenişi barada dädesiniň gürrüň berşi
ýadyna düşüp ýylgyrdy.
213
Rahym ahunyň başdaş aýaly ýaş üstünden ýogalyp, juwan ýigitkä
dul galýar. Ahunyň obadaky bir dul gelni sulhy alypdyr. Söz aýdyjy
iberse, äre barmajakdygyny çürt-kesik mälim edipdir.
Bir gün ahunlara gapy aýlanyp ýören derwüş goja gelýär. Oňa
ýoňsuz zat emleýär hem-de öwredýär: «Gaýraky hatardaky üçünji öýe
bar. Onda ýalňyz dul gelin ýaşaýandyr. Özem yrymçyl. Gurra taşlan bol.
Ýorgudy şeýle bolsun: başynda kyýamat gopýa. Ilki sadaka ber, soňra-da
obaňda Rahym ahun atla durmuşa çyk. Bela-beter çüflenen ýaly sowlup
gidýä...»
Gelin sadaka berenden basym soň, Rahym ahuna bir kempiri
iberýär.
Aba serdar sarlar kimin çozýan dürli pikirleri pytradyp, sabaşmak
üçin daş çykdy.
Gije ýaryma golaý. Asudalyk. Golaýdaky çöküp oturan köşekli
düýäniň burnuny pyrryldadyşy eşidildi. «Oglanlar şu düýä suwy az içýä
diýýärler. Megerem, burny bitendir ýa ýaňy pyşgyranda gurçuk
gaçandyr» diýip, kelteçe pikirlendi. Golaýda saklawlaryň gezmeleýändigi
göze ilýär. Ol asmana ser saldy. Ýyldyzlar balkyldaşýar. Asman
giňişligini gylyç bilen şarta iki bölen şekilli, toplum ýyldyzlar araçäkläp,
gözýetimden aňyrda süýnmeklenip, ýitip gidýär. Rahym ahun pahyr ýol
bolup ýatan bu şuglaly ýyldyzlary «Çarhypelek» diýip atlandyrardy. Şu
mahal demirgazykdan günorta uzalýar, soňurragam, gündogardan
günbatara aýlanýar. Eh, çarhypelek, çarhypelek, näme üçindir ynsan
täleýini ýada salýarsyň.
Serdaryň kalbyna bir gussajyk sümüldi. Bu näme?..
Ol muny biljek bolup, az-kem oýlandy-da, yzyna dolandy. Ertir işi
başyndan agdyk. Merwe, Balkana, Horezme ibermeli ilçileri saýlamaly.
Geňeş geçirmeli. Oklular hökman goldar. Taýpasyna hiç haçan ynamy
synmaz... Irkilmeli. Dury kelle — akylly-başly bolar.
Ol içeri girip, arkan ýatdy-da, gapak ýaly tüýjümek döşüni açyp,
gözlerini ýumdy. Basymam, hor çekip ugrady. Äriniň süýji uka
gidenligini çirim etmedik Züleýha bilip, saýhally ädimläp, usullyk bilen
daş çykdy. Töweregine garanjaklady. Saklawlaryň birinden beýlesi
uklapdyr. Bu-da häzir tapyr-tupur gyşaryp, kellesine keçe bürär. Onsoň,
ukladygy. Serdaryň indi aňsat daş çykmajakdygyny bilýändir.
Dogrudanam, iň soňky saklaw-da, ýan berdi.
214
Züleýha eglenmän, hyzmatkärleriniň çadyryna baryp, olary
turuzdy:
—Ol akmak dünýäden bihabar hor çekýä. Saklawlaram şeýle.
Onsoň iki sanysyny golaýdaky jeňňelde gizlenýän jansyzlara saklawlary
öldürmek üçin habar ýetirmäge iberdi-de, galanlara ýüzlendi:
—Haýsy goç ýigit ol ýigrenjini öldürer?
Duranlar başlaryny aşak saldylar. Züleýha olary gyssady:
—Ýöwsellemän, tiz çözüň!
Hyzmatkärler reňklerini ak saman edişip, sazanaklaşdylar:
—Bibim, men başarjak däl. Towugyň damagyny çalyp göremok.
—Menem.
—Aşpez oňaraýmasa.
—Başarmaryn. Aba-da Ezraýylyň tüýi bar. Ukudaka hem aýylganç.
Lapykeç bolan Züleýha:
—Biriň ýola münmäge atlary taýynla. Galanyňyz, daş çykyp, buky
ýerde garaşyberiň— diýip, aýgytly buýruk berdi-de, Muhhyp Alyny alyp
galdy: —Diňle, Muhhym Aly!
Ol onuň alkymyna dykylyp bardy. Gelniň mylaýym demi ýigidiň
ýüzüne urlup, galbaň göwüsjagazlary gursagyna degerläp-degerläp durdy.
Üstesine, janalgyç gözlerinem dikdi welin, pagyş-para eräýdi. Onsoň
Muhhyp Aly bibisiniň aýdanlaryny ret etmekden ejiz geldi.
—Bi işi oňarana şa serpaýy ýapylýar, bilýäňmi?
—Bilýän, bibim.
—Islän gyzyňa barmgyňy çommalt, öýlendireýin, mülk bereýin.
Başga hyýalyň barmy? Çekinme-de aýdyber. Bitirerin. Beýle bagtly
pursat adamyň ömründe bir gezek bolýandyr. Ony-da synpdyrma!
Muhhyp Aly Züleýhanyň yzyna eýerip, daşary çykanda aýagy ýere
ilmedi. Dogumlandy. Ynam gany damarlarynda at çapdy. Aba serdaryň
ýatan çadyryna ýetmäge howlukdy. Haçan-da içeri girende, serdaryň
ýüzüne gözi düşüp, kürtürdi. Reňki öçügsilendi. Ýüreginiň urşy çaltlanyp,
iki-baka hallan atdy. Züleýha hemme azabynyň puja çykaýmagyndan
hederlenip, şo bada Aba serdaryň öz gylyjyny eline tutdurdy. Muhhyp
Aly ýatanyň bokurdagyna çenäp, gözlerini ýumdy-da, almaz gylyjy aýlap
saldy. Kelle ýolundy. Gyrmyzy gan ýassyga akdy. Indi ýaýdanmaga wagt
ýokdy. Gyssanmalydy.
Olar hasyr-husur kelläni halta salyp, eýýäm jeňňelde garaşyp
duranlara tarap ýola düşdüler.
215
***
Balkan dagy gyýaklap, göze ilmän, gizlinlikde gaýtdylar.
Astrabadyň çetinden giren ýerinde sataşan türkmeniň ýüzüniň
salyklygyny gördüler. Tahmasp patyşanyň goşunynyň masgara bolup
ýeňlip gaçanlygy eýýäm gulaklaryna degipdi. Köçelerde kemtersinden
ýekeje esgerem duşanok. Ahyry ol öňräkden barýan gojanyň yzyndan
kowup ýetdi:
—Goja, salowmaleýkim!
—Waleýkimessalam!
Garry elini kölegeledip, atlynyň ýüzüne seretdi. Tanamady.
—Ber ogul, habaryňy!
—Aba serdar diwanhanada barmyka?
Gojanyň nurana ýüzi üýtgäp, başy aşak sallandy:
—Şüňkar guşumyz gözden uçdy.
—Näme boldy?
—Etrekde amanadyny tabşyrypdyr.
Balkanyň mähnet göwresi endiräp, gulaklary gapylara döndi.
Gözleri ganguýma gyzaryp, dessine kepän dodaklaryny ýalaşdyrdy.
Birhaýukdan aýňalyp, gojadan nämedir bir zat soramak isledi. Emma ol
eýýäm ýerinde ýokdy. Akmaraldyr Aýbölek ýetip geldi. Akmaral
özeleniberdi:
—Oglan, ýüzüň hamy ýanypdyr. He jyn urdy seni?
—Etrege sürmeli.
Onuň sesiniň agy gatyşykly çykmagyna iýnleri düýrügen aýallar
seslerini çykarman, yzyna eýerdiler.
Balkan ýol boýy «Bu ýalan habardyr» diýip, özüni köşeşdirip
gaýtdy. Basan ýerinden ot çykarýan serdara birden näme bolar? Belki,
syrkawlandyr? Haçan-da Abanyň syrgynynyň gyrasyndan girende ýas
çadyryny görüp:
—Gelneje, söwer dostumy aldyrypdyryn— diýip, mundan aňry
saklanybilmän, elini ýüzüne tutup, uly ili bilen möňňürip, daşdan aglap
gaýtdy. Aýallar-da ýürek paralaýjy seslerini goşdular.
Eňşeşip,
öňlerinden çykdylar.
216
Balkan ýüzüni ýerden galdyrman, köp ýatdy. Iýmedi-içmedi.
Ýaşulular töwella edip, ahyry dikeltdiler. Çadyryň içinde gojalardan ýaňa
aýak basara ýer ýokdy. Balkan ýekeje sowal berdi:
—Bu niçik beýle boldy?
Hemmeleriň deregine Göki sahy gopan ahwaly düşündirdi. Balkan
iňrik mazaly garalanda, aýak ýoluna giden bolup, dem-dynjyny alan atyna
atlandy-da, ýene yzyna dolandy.
...Ol Astrabatdan Nowruzy gözläp tapdy-da, güňleç seslendi:
—Abanyň parsy nirede?
—Şäheriň çetinde ýaşaýar.
—A kellesini nätdilerkä?
—Berk saklaw bilen Tahmasp şa iberdiler.
—Hymm. Hyzmatkärleriň haýsysynyň el galdyrany bilmediňizmi?
—Ýok. Ýöne, Muhhyp Aly atly birine kän mülk berdiler. Indem
öýlendirjekmişler. Ol gelinlik saýlaýan bolmaly.
Balkan ugraberdi. Nowruzam yzyndan galmady:
—Pälwan, nirä?
—Parsy heleýi öldürjek.
—Anyklajak bolaly. Aýtmasa, başga ýol galanok. Ýalňyşaýma
birden.
—Bolýa. Sen galaý, Nowruz. Men oklulara-da, duýdurman
gaýtdym. Dostumyň ganyny ýeke özüm aljak.
—Aba meňem agam. Keseden gözläp durup biljek däl. Kyn görme,
ýöne.
—Barybir, gandaryň kimdigini bilsem, ýaňky aýdanymdyr, bilgin
şony.
Bular atlanyp, şäheriň çetine geldiler. Züleýhanyň öýleriniň
daşynda tegelekleýin saklawlar dim-dik durdular. Bular oňa golaý bardy.
Nowruz pyşyrdap sorady:
—Näderis?
—Atylan ok yza gaýtmaz. Yňdarybermeli.
Ol atyny debsiläp, gylyjyny gynyndan çykardy. Gijelikdi. Aý
gyzarylyp, dagyň depesinden ýaňy göründi. At aýagynyň güpürdisini
eşiden pyýada saklawlaryň ikisi öňlerinden çykdy. Bular öwrüm berägede, her haýsy birini kaklady. Beýlekilerem topuldylar. Çaknyşyk uzaga
çekmedi. Saklawlaryň bary gylyçdan geçirildi. Balkan Nowruza daşaryny
esewanlamagy tabşyryp, özi içerä kürsäp urdy. Ýolugra işikbanyň
217
kellesinem egnine sallady. Öýde Züleýha ejesidir dädesi bilen oturan
eken. Balkan gelniň iki elini çugdumlap tutdy. Ol naýynjar iňňildäp,
dişlemek isledi. Balkan gülçüldedip urdy. Züleýhanyň gözlerinden ýalpa
ot çykyp, tas seňseläpdi. Agzyndan-burnundan şol bada gan akdy. Balkan
onuň bogazyna gylyç goýdy:
—Ga-an, ganjyk, kim öldürdi Abany?
—Muh-hyp Aly.
—Öýi nirede, görkez!
—Goýber elimi!
Balkan ony gapa tarap südenekledip goýberdi. Hoja Muhammet
gozganjyrady, emma Balkan oňa guduzlanyňka dönen nazaryny aýlady:
—Eger butnasaň, janyňy alyp, öýüňi başyňa ýumraryn.
Ol daş işikde duran Nowruza berk tabşyrdy:
—Kim çyksa, gylyçdan geçir!
Muhhyp Alynyň öýi daş däl eken. Şol sebäpli, eglenmän bardylar.
Balkan golaýlandan hanjaryny zyňyp, ýeke saklawyň garnyndan
çümdürdi-de, Züleýhanyň ýeňsesinden itiberip, öňe saldy.
Muhhyp Aly neşeden keýpini kökläp, mahmal düşekçäniň üstünde
çiň arkan düşüp ýatyrdy. Hyzmatkär aýagyny owkalap, ýaranyp bilse, iki
paý. Gapy açyldy. Ol hemleli gygyrdy:
—Kim bi?
—Ezraýyl!
Balkan ýanyndaky Züleýha gaňryldy:
—Şümi?
Züleýha baş atdy. Öwzaýyň bozuklygyny aňan Muhhyp Alynyň
dili tutulyp, dikelip-dikelmänkä, şuwwuldan gylyç kellesini beýlä
togalady. Hyzmatkär çirkin gygyrdy. Balkan gana boýalan gylyjyny oňa
galdyrdy. Hyzmatkär lala döndi. Onsoň Muhhyp Alynyň gan joralanýan
kellesini işikden asyp, ölüligini-diriligini saýgarmak kynlaşan,
doňňaradaş göwrä öwrüldi.
—Aýraýma! Goý, ilat ertir görsün.
Soň ýüzünde reňk, gan-pet galmadyk Züleýhany yzyna tirkäp,
daşary çykaryp, şeýle diýdi:
—Gidiber! Ýöne ýolda-yzda gyk-bak edip, asuda ýatan milleti
bimaza edäýseň... öldürerin!...
Geplemäge hal galmadyk Züleýha diňe başyny yrady. Balkan-da,
atyna towsup münüp, ýüzüni darajyk köçä tutdurdy.
218
SOŇY
Gysgaça düşündirişli sözlük
1. Söýünhan — Tarhy at. Altyn Ordany esaslandyran Batyý Hanyň
ady bilen baglanyşyklydyr. XVI asyrda Gürgen ýakalarynda ýaşaýan
türkmenleri «Söýünhan» türkmenleri ýa-da «ýaka türkmenleri» diýip
atlandyrypdyrlar. Muňa okly, gökleň, salyp, eýmir we ş.m. taýpalar
giripdir. Türkmen rowaýatlarynda klassyk şahyrlaryň eserlerinde
«Söýünhan» türkmen ähli türkmeni öz içine alýar.
2. Syýahpuşlar — «gara geýimliler», esasan, jeňňellerde
ýaşapdyrlar.
3. Abywerd — Bawerd — Kaka şäherçesiniň gadymy ady, ab-i—
suw, wer—gerd, «suwly şäher» diýmek. Nusaý bilen Merwiň aralygynda
ýerleşipdir. B.e. öň müňýyllyklarda degişli. Çingiz han weýran edipdir.
4. Meditaran — deňiz ady.
5. Majarystan — wengerler ýurdy.
6. Mawerannahr — Amyderýa we Syrderýa aralygynyň ady.
7. Berat — hatly-petekli salgyt.
8. Deh-ýek ýa-da daýak — ondan bir diýmek, ýygnalan hasylyň
ondan birini almak.
9. Kap — mifiki dagyň ady.
10. Çyn-Maçyn — Hytaý.
11. Syýah-ýab—Garaýap.
12. Reşideddin (1247—1313) — meşhur pars taryhçysy we akylly
wezir.
13. Tahallus — lakam.
14. Başsalma — gyz geýimleriniň aýal geýimleri bilen
çalşyrylmagy.
15. Dahan— agyz.
16. Dendan — diş.
17. Sadranç — küşt.
18. Muşaweret — geňeş, maslahat.
19. «Tuhwaýy Samy» — «Samynyň sowgady».
20. Abunasyr Gilany — Soňra Tahmasp şanyň ölmeginde
dönüklikde aýyplanyp, jezalandyrylyp öldürilýär.
21. Tygy-burranlar — kesgir hanjarlar.
219
22. Tebli — jeň-uruş depregi.
23. Çeşm— göz.
24. Murewwetsiz — rehim-şepagatsyz.
25.Keşgul — hoz agajynyň ýasalan, gaýyjak şekilli sadaka
taşlanýan gap.
26. Mümin — musulman.
27. Şäbistan — metjidiň gijeki ýatakhanasy.
28. Al-Maksidi — X asyrda ýaşap geçen taryhçy.
29. Juweýni — XIII asyryň birinji ýarymyna degişli taryhçy.
30. Galmyklar — mongollar.
220
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Çarhypelek - 01
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2415
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 02
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 2350
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 03
    Total number of words is 3521
    Total number of unique words is 2284
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 04
    Total number of words is 3512
    Total number of unique words is 2331
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 05
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2323
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 06
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2318
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 07
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2321
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 08
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2393
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 09
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 2302
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 10
    Total number of words is 3569
    Total number of unique words is 2383
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 11
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2368
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 12
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2376
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 13
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 2399
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 14
    Total number of words is 3559
    Total number of unique words is 2280
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 15
    Total number of words is 2426
    Total number of unique words is 1736
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.