Latin

Çarhypelek - 01

Total number of words is 3582
Total number of unique words is 2415
29.2 of words are in the 2000 most common words
43.0 of words are in the 5000 most common words
51.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Annatagan NURGELDIÝEW,
ÇARHYPELEK
(roman)
Aşgabat – 2011
SESSIZ SÖZLI SÖHBET
1
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz
tagallasy bilen paýtagtymyzyň iň gözel ýerinde „Ylham― seýilgähi
açyldy. Soň şeýle seýilgähiň welaýat merkezinde hem açylmagynyň
gerekdigini öňe sürdi. Elbetde, olarda welaýatda doglup edebiýatda,
sungatda, medeniýetde yz goýan... tanymal adamlaryň ýadygärlikleriniň,
býust-heýkelleriniň goýuljakdygy düşnükli. Özüm edebiýat wekili
bolanlygym üçin Balkan welaýatynyň ýazyjylaryndan seni ýatlanymy
duýman galdym, Agam!
Eserleriňi okuwçy döwrümden okap başlanam bolsam talyp
wagtym içgin gatnaşyp başlapdym...
Maňa ýazan hatlaryň birnäçesi saklanyp galypdyr. Ilkinji ýazan
hatyň (1986-njy ýylyň 8-nji awgusty) hem talyp döwrüme degişli. Men
şol mahal Magtymguly adyndaky TDU-da türkmen dili we edebiýaty
ugrundan okaýardym. Okuwyň daşyndan şol döwürde iki dilde çykan
„Körpe― -- „Malyş― žurnalynda işleýärdim.
Ine, şol hatyň şeýle jümleler bilen başlanýar:
„Seýit inim, Salam!
Iş-güýç, saglyk gowumy?
Hatyňy aldym, köp-köp sag bol! Şeýt-de, ak ýürek bol!
Inim, öňem aýdandyryn, ýene-de maslahatym. Şol ýerde gal!
Obany öň görensiň. Obada alan täsiriň--duýgularyň oýanar. Irkilen
ýalydyr, oýanar.
S.Ýeseniniňkini hem göripler çykarmandyrlar. Onsoň, merkeze
gelipdir.
Ýadyňda sakla. Özüňden başga (ynanma). Şugulçylyk etme. Sen
entek ýaş, şonuň üçinem aýdýan. Gowy göremsoň aýdýan...―
Söhbediň ikimiziň aramyzda gidýänligi üçin başga ýagdaýlar
baradalygy sebäpli hatyň dowamyny almaýyn.
Annatagan aga, men merkezde galmasam-da, henize deňeç sizçe-hä
işläp bilemok... Ýogsam, ömürboýy obada ýaşadyňyz. „Bäş käkilik―,
„Gaplaň çagasy―, „Bedew takdyry―, „Azat bilen atasy―, „Gara bi― atly
hekaýalar, powestler ýygyndylaryňyz, „Baýram han― romanyňyz
özbaşdak kitaplar bolup çykdy. „Çarhypelek― romanyňyzy neşir etdirip
ýetişmediňiz. Kitap görnüşine getirip bilmedik powestleriňizdir
hekaýalaryňyzdan başga-da, başdan geçirmeler romanyňyzdan bölekleride metbugatdan okapdym.
2
Hawa, siz obada ýaşasyňyz hem işläp bildiňiz. Onda-da nähili
işlediňiz?!... Mugallym bolup işleseňiz-de, obanyň arçyny bolsaňyz-da,
suw edarasynda işleseňiz-de... esasy borjuňyzy edebiýatyň öňünde hasap
etdiňiz.
Annatagan Nurgeldiýew bolduňyz.
Indi gysgaça „Çarhypelek― romanyňyz hakynda. Ony üç nusgada
öýdäkimiz Abadan maşynkadan geçiripdi. Şol mahal Sakar etrabyndan
gelen aýal dogany Sadap hem oňa goşandyny goşupdy. Näme üçin
gelendiklerini bilemok, şol mahal uly gaýynagam Öwlüýäguly-da bizde
bolup ýördi. Deň-duş bolanyňyz üçin-mi, bilmedim, ikiňiziň ümüňiz
alşypdy. Uzakly gün öýden çykman gürrüňdeş bolup oturyp bilerdiňiz...
„Goý, özüňde dursun― diýip, „Çarhypelegiň― üçünji nusgasyny
mende goýup gidipdiňiz. Şol galşyna-da galdy.
Siziň bu romanyňyz taryhyň iň bir çylşyrymly döwrüni öz içine
alýar. XVI asyryň ortalarynda Etrek-Gürgen türkmenleriniň Astrabat
häkimliginiň zulumyna garşy gozgalaň Aba serdaryň gozgalaňy ady bilen
taryha ymykla girdi.
Etrek-Gürgen derýalarynyň aşak akymynda, Astrabat welaýatynyň
demirgazyk etraplarynda ekerançylyk hem-de ýarym çarwaçylyk bilen
meşgullanýan gökleň, okly, ýemreli, eýmir... türkmen taýpalary
ýaşapdyrlar. Olaryň ykdysady-syýasy ýagdaýlary örän agyr bolupdyr.
Hywa hanlygynyň raýaty hökmünde Horezm soltanlaryna pul, mal
görnüşinde agyr salgytlar töläpdirler hem-de Eýranyň ýerli, ýagny
Astrabat häkimleri tarapyndan gysylyp, häli-şindi dürli talaňçylyklara
sezewar edilipdirler. 1550-nji ýylda Astrabadyň täze häkimi Keçel
Şahberdiniň türkmenlerden agyr paç ýygnamaga synanyşyk etmegi
zerarly gozgalaň başlanypdyr. Okly taýpasynyň kethudasy Aba serdaryň
baştutanlygy esasynda gozgalaňçylar Keçel Şahberdiniň garyndaşy,
gözegçilik etmek hem-de salgyt ýygnamak üçin goýlan Şatyr begi
öldüripdirler. Gahar atyna atlanan Keçel Şahberdi goşun çekip baranda,
okly türkmenleri onuň goşunyny derbi-dagyn edip, özüni-de öldüripdirler.
Şondan soňra gozgalaň bütin türkmen obalarynyň gurşap alypdyr.
Astrabadyň käbir beýleki etraplaryna-da aralaşypdyr. Bu ýerlerdäki şanyň
dikmeleri gaçyp gitmäge mejbur bolupdyrlar. Tahmasp şanyň (1524-1578) uly goşun iberip, Aba serdaryň gozgalaňyny ýatyrmak üçin eden
birnäçe synanyşygy başa barmandyr. Aba serdar Eýran şasy bilen ozaldan
hem urşup gelen Ürgenç hem-de Durun welaýatlarynyň hökümdary Aly
3
soltan bilen ylalaşyk baglaşypdyr. Onuň aglabasy özbeklerden ybarat
bolan goşunyna daýanyp, 1554—1558-nji ýyllaryň dowamynda birnäçe
agyr söweşler edip, ajaýyp ýeňişler gazanypdyr. Türkmen atly goşunynyň
şöhratly serkerdesi Aba serdaryň dabarasy çar tarapa ýaýrapdyr. Tutuş
kenarýaka türkmenleri 10—12 ýylyň dowamynda Eýran häkimiýetlerine
garaşsyz diýen ýaly bolupdyrlar. Gozgalaňy güýç bilen basyp ýatyrmak
başartmanlygy üçin gajar hökümdarlary Aba serdaryň janyna
haýynçylykly kast etmäge girişipdirler. Aba serdar ukuda ýatyrka öz
aýalynyň guly, asly eýranly bir adam tarapyndan öldürilipdir. Onuň
kellesi Astrabat häkimine sowgat hökmünde eltip berdipdir. Şondan soňra
gozgalaň kem-kemden ýatyşypdyr.
Taryhçy alymlar Aba serdaryň gozgalaňynyň uly taryhy
ähmiýetiniň bolandygyny nygtaýarlar. Gozgalaň şowsuz tamamlansa-da,
türkmenleriň uly syýasy güýç hökmünde öz azatlygy hem-de
özbaşdaklygy ugrunda keseki ýurtly edijilere garşy göreşmäge
ukyplydygyny görkezipdir. Gozgalaň ýatyşandan soňra hem birentek
wagtlap, Astrabat sebitlerinde türkmenleriň täsiri güýçli bolupdyr. Şa
olaryň içki işlerine goşulyşyp bilmändir, salgyt salmandyr.
Annatagan aga, „Çarhypelek― romanyňyz üçin siz şu taryhy
wakany esas edip alypsyňyz.
Annatagan aga, „Çarhypelek― romanyňyz üçin siz şu taryhy
wakany esas edip alypsyňyz.
--Roman üçin maglumat kemterlik eden ýaly – diýipdim.
--Wah, inim, näsini aýdýaň, döwür bilen ara daş. Ýöne, Aba
serdaryň ykbaly erkime goýmady. Şonuň üsti bilen türkmeniň ruhy
dünýäsini, watansöýerligini, halksoýerligini açyp görkezesim geldi.
Gižželänim ýadymda:
--Agam, öňem-ä ýetmiş ýyldan gowrak wagtdan soňra goňşy ýurt
bilen gatnaşyp başladyk. Taryhyň bu wakasyny agzamak...
--Aý, indi, goýsan-aý! Gajarlaň aňyrsy türkmen dälmi näme?
Onsoň hem Aba serdaryň geňeşdary-da kürt ahyryn.Galyberse-de
Tahmasp şanyň aňyrsynda-da türkmen gatanjy bar. Taryhy bilmeýäniňe
men günäkär däl. Bolmasa-da Tahmasp şanyň gullugyndaky türkmen
şahyry Ýusup begi alyp gör...
Ýylgyrdym. Gaşyňyzy çytdyňyz.
--Beýdip, garry agaňy oýnajak bolmagyn. Heniz oýnalýan ýaşa
ýetemok – diýipdiňiz...
4
Şeýdip, bilgeşlin gaharyňyzy getirenime indi özüm ökünýän.
„Çarhypelegi― täzeden okap, adamlaryň haýsy halkdandygyna
garamazdan, dost-doganlyga nähili uly sarpa goýýandyklary barada
oýlanýaryn. Taryhy wakalaryň başga-başga ýagdaýlar bilen
baglanyşyklydygy barada pikir edýärin. Bu – Aba serdar babatda-da
şeýle. Munuň şeýledigine „Çarhypelek― romanyňyzy okan okyjylaryň göz
ýetirjekdiklerine-de ynanýaryn.
Agam, eger rugsat berseňiz sessiz sözli söhbedimizi häzirlikçe
tamamlaýaly...
Seýitmämmet HYDYROW,
şahyr, edebiýatçy.
5
BIRINJI BÖLÜM
I
1550-nji ýylyň tomsy ömrüni paýawlap barýardy. Etrek derýasynyň
gözbaşy gurana meňzäp, taňkyrap ýatyrdy. Derýanyň ýazyň ortalarynda
agzy-burny bilen dolup akanydy. Ondan bäri nem damanok. Hatda daňda
düşýän çygam seýrekledi. Bu derýa ýakalarynda oturan ýarym çarwa,
ýarym ekerançylyk bilen günlerini dolandyrýan obalylary darykdyrýardy.
Arpa, bugdaý, şaly bireýýäm teşnelikden igli çaga dönüp, süllerişip
galypdy. Çarwalar derýanyň akýan ugrunda, her ýerräkde çuň çukurlar
gazyp suw saklapdylar. Şondan özleri, mallary suwlanýardylar. Bu-da,
ajap hem kemelip ugrady. Bütin tomus ak çabga küýsän gojalar: «Beýik
Taňrydan biidin çöp başy gymyldamaz. Ynha, görersiňiz. Alladan buýruk
bolup ýer güýzär» diýip göwün ýüwürdýärdiler. Suw juda tygşytly
tutulýardy. Basym Ýaldyrak ýyldyzy dogmalydy. Şonda howa çigräp, çyg
düşmelidi. Çarwalar: «Onsoň süri dowarlary günaşa suwa ýakarys»
diýşip, özlerine basalyk berýärdiler.
Gurakçylyk belasy okly taýpasynyň kethudasy, ýaş, görmegeý ýigit
Abany beter hopukdyrýardy. Sebäbi taýpanyň hemme garamaty iki
egnindedi. Sag-salamat howpdan alyp çykmalydy. Emma nädip?...
Kethuda bellenilenine birki gezek ökünjek ýalam etdi. Hatda ýaşulularyň
maslahatynda ýaşlygyna dulanyp, boýun towlamak derejesine baryp
ýetipdi. Şonda köpi gören, pähimli hem okumyş Rahym ahun: «Oglum,
darygyberme. Arkaňda il-gün dur-a! Onsoň-da, Ýakup pygamberiň ogly
Ýusup Müsür ýurduna baş wezir bellenende, ýaňy otuz ýaşynda eken»
diýip, ýüregine jüňk bolan paýhasy aýtdy.
Ol häzir ýylgyn jeňňelliginiň içinde şagal ýodajygyndan barýan boz
atyň üstünde sarsman otyrdy. Demir sowut, demir telpekli bolup, eşigi
söweş lybasyndady.
Almaz saply egri gylyjy, ýaşyl mişi gynly hanjary sallanylgydy.
Nurana ýüzi garaörtleň, çytykdy. Owadan gözleri ganguýma, inçesagt
göwresi çygdumlanyp, awunyň üstüne towusjak barsa meňzeýärdi. On iki
süňňi owumlanan kethuda şeýdip, ýadawlygyny atyna duýdurman
gelýärdi. Onsoň kümüş göwüsbendinde gün yşrazlary oýnaýan at, düýbni
6
derlän gargy gulaklaryny keýerdip, galawlydy. Onuň yzyndan gelýän
atlar, ýigitlerem şeýle halda. Elbetde, tükel. Aglaba gylyçly. Otuza golaý
atlydan ses-seda çykanok. Diňe at toýnaklarynyň derdinden mum-helime
dönen toprakdan çaňjagaz ýokary göterilýär. Bularyň on atlysy öňden
aňtawa gidipdi. Duşuşmaly ýerem golaýlady. Ýöne olar henizem
görnenok. Bu ahwal Abany-da, ýigitlerini-de bimaza edýär: «Alla
janlarym, olar nebela ugradykalar? Ýa-da galtamanlar tutaýdymyka?»
Hawa, garakçylar okly taýpasynyň azyk getirýän kerwenini
talapdylar. Şol kerwen sag-aman gelenliginde, gurakçylygyň döretjek
gytçylygyndan halas bolmaga Abanyň syrgynyna ýardam etmelidi. Şonuň
üçinem kerweni hut Abanyň özi ýola salypdy. Emma şowuna düşmedi.
Garakçylar kerwenbaşy Garahan täjiriň kellesini kesip, horjuna salyp
iberipdirler. Beýlekilerem atlaryna ters mündürip daňypdyrlar-da:
«Baryň, gören-eşideniňizi kethudaňyza habar beriň!» diýipdirler. Diri
öwrülenleriň çaklamasy boýunça, olar gökleňler bolmaly. Bu-da Abanyň
pikirlenişiniň tersine. Sebäbi, gökleňler oklulardan şeýle bir daş däl. Ýagy
çozulyşygynda biri-birleriniň arkasyny tutýarlar, hatda gudaçylyk
garyndaşlygyny açyp ýörenlerem bar.
Garahan täjiriň ýedisi sowlanda, Rahym ahun: «Aý, öz-ä, olar
gökleň däldirler. Bolaýanda hem başga bir emmasy bardyr. Munda köýen
aryň öwezini dolmak ysy gelýä. Ýogsam, azyklary, düýeleri sowaga-da,
adamlaryň bitiniň burnuny gaňatmasaňam boljag-a?!» diýdi. Okly
ýigitleriň gany depesine urupdy. Şol sanda ýaş kethuda Abanyň hem.
Gahar-gazap paýhasdan üstün çykdy. Okluly ýigitler garakçylary hökman
gözläp tapmalydylar. Barybir, Garahan täjiriň garadan gaýtmaz ogullary
töwella gulak asjak däldiler. Olar eýýäm ýarag enjamlaryny
dakynypdylar.
...Abanyň aty birden kürtdürli. Onsoň, şol bada beýlekilerem
şeýtdi. Bu pursat ýylgyn jeňňelliginiň giň aýtymynda ýüze çykdy.
Onýança:
—Taşlaň, ýaragyňyzy!
—Gymyldamaň! — diýen sesler eşidildi. Daş-töwerekdenem
peýkamdyr tüpeňler gezeldi. Duzaga düşüldi. Diýmek, aňtawçylar
tutulypdyrlar. Sataşmaly ýer şu aýtymdy. Aba dagy olar öwrülip
gelýänçäler garaşmalydylar, ondan soň gözlegi dowam etmelidiler.
7
Aba ýigitlerine ser saldy, olaram -- oňa. Kethuda ýigitleriniň
ölerini-ýiterini bilmejek söweşjeň ruhuny gördi. Ýöne bu paýhynlyga
eltjekdi. Ol eliň aýtymynda görnüp dur. Nätmeli?
Garahan täjiriň bäş oglunyň ikisi öňe omzady, şol bada-da, atdan
jansyz agdylar.
Aba birbada aljyrady, gylyjynyň sapyny berk gysymlady. At
çarpaýa galdy. Gaba ýylgynyň aňyrsyndan gar reňk, çuw ak atly çykdy:
—Beg ýigit, gyrgynçylyk etmäli. Görüp dursuň-a, gapana düşdüň.
Günäliň oduna-da bigünäleri ýakma.
Abanyň süňňi gowşady. Ýene ýigitlerine seretdi. Olaryň köpüsiniň
ýüzünde geňirgenmek alamaty göründi.
Gazaply hem mekir duşmandan mährew sözler çykdy. Belki, bu-da
al salmakdyr! Rahym ahun: «Eýýup pygamber kimin sabyrly bolmalydyr.
Şeýtseň, her bir dartgynly we kyn işiň soňy düzüw çykar» diýip aýdardy.
Ýöne bu aldym-berdimli pursatda sabyrlylyga niçik ýan berersiň?
Ol garşydaşyna tiňkesini dikdi. Süňňi ýene gowşady, pagyş-para
bolup barýar. Asyl, bu jadygöý bolaýmasyn? Abanyň heniz duşmadyk,
owadan şar gara gözleri, garakça gelişmeýän ap-ak, näzik ýüzi üýtgeşik
mähirliligi bilen özüne çekýär. Perraç kirpikler eýýäm ýüregine süňjüldi.
Aba endiräp gitdi. Ýeri, beýle halda niçik söweşersiň?
2
Abanyň ýaňy ýagty jahana dünýä inen uçurlarynda syrgynyň
çetindäki ýeleşan çatmada ak öýlänler yzanda-çuwanlyk başlanypdy:
Gözlerimi nury bala,
Deräniň şiri bala,
Göklüginde oruldyň,
Eneň galdy kyn hala.
Kyn hala-how, boý, boý,
Boý, bal-ow!!
Gül ýüzüňden doýmadym,
Agyr ýüki duýmadym,
Ysa-koka dözmänim
Gara ýere düýnedim-ow,
Ow!! Ow!! Waý, bal-ow!!!
8
—diýip, agy aýdymyny aýdyp eňreýän biçäre enäniň ýürek
paralaýjy sesinden itler uwlaşdy. Dik gezip ýöreni görmek kyndy. Erkek
adamlaryň maňlaýy ýere degerläp-degerläp gidýärdi. Enäniň öňünde,
keçä dolangy, ýeke dikrary gana bulaşyp ýatyrdy. Bolan waka
aýylgançdy. Adamlar ýuwaş-ýuwaşdan aýňaldylar. Özlerini dürsediler.
Garyp enä oglunyň aşyny-suwuny bermäge il-gün kömek etdi.
Öldürişiniň sebäbem ýüze çykdy. Onuň ogly Hasar Garahan täjiriň süri
goýnuny bakýardy. Alty aýlyk haky bermäge golaýlanda, on bäş dowary
gije sürüden bölüp aýyrdy. Haçan-da Hasar hakyny talap ädende
Garahan:
—Ýitiren goýunlaryňy tap — diýdi. Türkana ýigit:
—Men ýok edemok, baý aga — diýmekden başga söz tapmady.
—Bilemok, tap.
—Satyp-sowamok, iýemok, baý aga!
— Kän, ýaňkalaşma.
—Dogrymy aýdýan. Rehimiň insin. Öňümiz gyş. Enem, gelnim,
bir çagam bar. Niçik ekläýin olary?
—Tüket, it ogly!
Jany ýanan Hasar oňa topuldy. Alkymyna gelende Garahan jöwher
saply pyçagy bilen göni ýüreginden suwlady...
Mahal geçdi. Adamlaryň gahar-gazaby ýatyşdy. Türkmençilikde
beýle halda gan ýa hun talap edilýär. Öňem ir dul galan enäniň gökleň
ilinden gelen doganlary şeýtdilerem. Kim, demi ýer ýarýan Garahanyň
ýüzüne durar? Şol sebäpli, doganlar ýüzüni sallaşyp gitdiler. Bossan enä
gandaryna nalyş etmekden başga alaç galmady.
Bir ýyla golaý wagt geçenden soň, başga bir elhenç waka enäniň
bükürelen bilini has-da egdi. Gözleri gap ylara geldi. Onuň arkalap odun
getirmäge giden gelnini ýylgyn jeňňelliginde asylyp ölen halda tapdylar.
Ol öz-özüni şeýtdimi ýa başga birimi, yns-jyns bilmedi. Ýoňsuz wagt
geçenden soň hyşy-wuşy gulaga ildi. Munda-da, Garahanyň ady geçdi.
Durlanmady. Çaklama aýdylýan bolmagam ähtimal. Barybir, naçar
enäniň elinden näme geljek? Ol indi ýekeje gyz agtygy, kiçijik, aýyň
bölegi ýalyjak Akmaraljygyň janyndan heder edip başlady. Dişini berk
gysdy. Öňki ýaly, Garahanyň adyna-da, gat-gaýrym söz aýtmady:
«Dostdan duşman kän» diýip pähimlendi. Bir günem ýagdan gyl sogrulan
ýaly bolup, paty-putusyny eşege ýükläp, doganlarynyň ýanyna — gökleň
iline daga tarap gaýtdy. Çetde gurlup berlen külbejikde mekan tutdy.
9
Akmaraljygy zekata düşen geçiniň süýdi bilen ýöretdi. Göze görnen gyz
çeniňde Bossan ýene syrkawlap, ýanyny ýere berdi. Agtygyna bolan
wakalary aýdyp:
—Guzym, ogul ornuny tut. Arymyzy köýdürme. Köneler:
«Sallançakda ýatan bir çaga elli ýyl geçenden soň dädesiniň ganyny
alypdyr» diýerdiler» diýip sözüni soňlady. Basymam jan berdi.
Akmaral körpe daýysynyň elinde gezdi. Daýysy pukara adamdy.
Daýzasy welin, yzgytsyz. Her günde dürli ýumuşlary buýurýar:
—Aýu, Akmaral!
—Näme, daýza?
—Nirede sen?
—Ynha, bardym, goýun ýatagy arassalap ýörün.
—Git-de, dagdan odun getir.
—Bolýa, daýza.
—Häý, saçy ütülmiş, gymylda çaltrak.
Arkalap odun getirer. Ýumuş ýene taýyndyr:
—Çeşmeden suw getir.
—Häzir, daýza.
Suw getiriler. Günüň haçan dogup, haçan ýaşanyny bilmeýän
purtsalary köp. Iňrik garalar. El degirmende bugdaý üwäp başlar. Şol
undan bir garny aç, bir garny elhal. Ýöne şeýle ejirli durmuşda hem
Akmaral ers-mers ösdi. Babyr bilek, ýognas. Eleşan biz köýnek onuň
gözelligine zeper ýetirmekden ejizdi.
Bir gezek Akmaralyň okaraly getiren gyzgyn süýdünden daýzasy
içip otyrka ondan çürşen at garynjamy ýa-da siňek çykaýdy. Onuň
aňyrsy-bärsine geldi:
—Bi, näme?
—Bilmedim, daýza.
—Ite berýäňmi, muny?
—Juk.
—Onda ilki suw bilen çaýkarlar-da.
—Tämizledim, atdanlykda.
—Merezlikde...
Gyzgyn süýdi ýüzüne serpip goýberdi. Her hal, Akmaral elini
ýüzüne tutup ýetişdi. Ten awusy ýüregine ornady. Aglamazlyk üçin,
dodagyny gan öýdürere getirip dişlidi. Gyzyň çydamlylygy gaýtam, ony
odukdyrdy. Ol Akmaralyň ýarym-ýaş eňränini, bolmanda, agyra çydaman
10
«Waý-ýeý!» diýip zarynlap gygyranyny isleýäne meňzeýärdi. Onsoň tarsa
turup, tärimden asylgy gamçyny aldy-da, ony saýgylap başlady. Akmaral
yzly-yzyna degýän urgudan ellerini tutup goranýardy. Şol barmana gamçy
süýdüň dökülip, pakgardan tenine degdi. Gyz allaniçigsi gygyryp,
gamçynyň sapyňdan tutmaga ýetişdi. Ol aýakly garpyz ýaly dolmuşça,
garajürjen daýzasyndan bir silkende gamçyny aldy. Gahar käsesi
pürepürlenensoň hem-de agyra çydaman ýüzkessir daýzasyny gamçy
bilen çaldy. Bu-da, köräp duran ody tutaşdyrana döndi:
—Waý, il-gün kömek ediň-uww!
Gykylyga gapydan äri içeri girdi:
—Näm-aýt, bi, galmagalyň?
—Wah, seň erni suwlulygyňdan bi-uw! Waý-waý-ýeý!
—Näme boldy, ho-ow?!
—Bi, aýjyn urdy! I-i-i!
—Urdy?!
Polady ýumşak Yhat daýysy Akmaralyň gök nil bolan ýüzüne
geňirgenip äňetdi. Gowşady. Daýysynyň gözlerinde rehimdarlyk ejizlik
bilen gatyşdy. Ol onuň el galdyrmajagyny aňdy. Ýeke-täk hossarynyň
geçirimliligi gyzyň ýüregini ersdirdi. Onuň gözleriniň owasynda ýaş
göründi. Äriniň gowşak damarlydygyny bilýän Nabat daýzasynyň
bolmajasy boldy:
—Ärsiräpdir, bi-ýeý! Senem erni suwly talagymy ber-ýeý! Bir
ýetimçä buýrup bileňog-eý...
—Goýsan-aý!
—Goýjak däl-eý...
Yhat daş çykdy. Aýalynyň iniňi düýrükdiriji gyjydyny eşitdi:
—Batyr bolsaň, git-de dädeň ganyny al, tula!
Ilkinji gezek eşiden bu sözleri Akmaralyň ýüregine ok bolup çümdi.
Atylyp işikden çykdy. Enesiniň çatmasyna girip, ýüzi çişýänçä aglady. Yhat
daýysynyň gelip, höre-köşe etmäge-de, gurby çatmady. Beýleki daýylar-a,
jahanda ýok hasapdy. Gyz ejizledi. Otlanyp ýa asylyp ölmäge küýlendi.
Enesiniň: «Guzym, ogul ornuny tut. Arymyzy köýdürme» diýen soňky
deminde aýdan sargydy gapylara gelen gulaklarynda ýaňlandy. Ol niýetinden
tiz el çekdi. Ýöne çumçuk ýaly daýzasyna ýençdirip ýören halyna niçik ar
alsyn? Öz gara başyny çarap bilmän ýör-ä.
Şunda ony ýene horluk basdy. Ýene enesiniň şol sözleri ýaňlandy.
Ol şeýdip ýatyşyna daňa golaý irkildi. Şol bada enesi başujunda oturdy.
11
Geýnüwlidi. Ýumruk sokaýmaly öňki ýaňaklary doly. Etlenipdir.
Birsyhly Akmaralyň başyny sypap, dodaklaryny müňküldedýär. Akmaral
onuň näme aýdýandygyna düşünenok:
—Ene, düşnükli aýtsana!
—Balam, bi taýda horlanyp ýörme. Ýör, äkideýin. Elinden çekýär.
Jan süýji zat. Akmaral ýalbarýar:
—Ene jan, beýtme! Ýaş men. Onnoň-da, dädemiň...Belki ejemiňem
aryny almaly. Özüň pent etdiň.
—Başararsyňmy, balam? Içim ýangynlydyr, maraljygym.
Akmaral bada kürtdürdi, soňra aýgytly jogap gaýtardy:
—Hudaý kuwwat berer, oňararyn, ene.
Enesiniň ýüzi açyldy, ellerini çarpdy. Gylyç, galkan, naýza, hanjar,
aý, garaz, söweş enjamlaryny getirdiler:
—Me, balam!
Ol birden gaýyp boldy. Akmaral gygyrdy:
—At ber-dä, ene jan! At!!
Enesiniň birzatlar diýýän düşnüksiz sesleri gulaklaryna ildi.
—Ene!! Ene jan!!
Öz sesine özi oýandy. Çugudyp oturdy. Jahan ýagtylypdyr.
Daýzasynyň körpe oguljygy işikde peýda boldy:
--Akmaýaý, aý, Akmaýaý, dädem Baggoýna aýpa beýmeli»-diýýä.
Akmaral başyny silkdi. Çaga bökjekläp gitdi. Ol gören düýşüni
serinde aýlady. Düýşleriň ýorluşy barada enesinden köp zatlary
öwrenipdi. Oýlandy: «Öli ýanyna çagyrsa, ýagşy däl. Ondan galdy.
Ýaraglar...Ýaraglar...»
Ýene çaga sesi eşidildi:
—Akmaýaý, aý, Akmaýaý, «Tiz bol» -- diýýä.
Ol süňňünde ýeňillik duýup ýokary turdy: «Başa gelenini göz
görer» diýerdem enesi.
Daýzasy şol günden başlap kelam agyz gepleşmedi. Ýumüş
buýursa çagalarynyň üsti bilen habar ýetirdi. Iňirdisi kemeldi. Göwnüne
bolmasa, gitdigiçe mährewlendi. Akmaralyň ýüki ýeňläne döndi. Igençli
sözleriň arkasyna daş urlandan agyrdygyny bildi. Daýzasynyň garaýşynyň
üýtgemegini bir gezek garaw görkezenligine ýordy. Munuň asyl beýle
däldigini tiz bildi. Ony äre berýärler. Özem obanyň jahyllary gyrlan ýaly,
ýedi onlugy külterläp ýören adama aýal üstüne. Elbetde, bu-da,
12
daýzasynyň «oýnudyr». Hem-ä, şol, bir urgynyň aryny ýerine düşürýär,
hemem lomaý galyň alýar. Bir okda iki towşan awlaýar.
Mylaýymsyramasynyň gözbaşy bildirdi. Nätmeli? Kime kömek üçin ýüz
tutmaly? Daýysy Yhadamy? Olam nalajedeýin, lellim. Daýzasy «Otur!»
diýse, oturýar, «Tur!» diýse, turýar. Her hal, şol wakada el galdyrmanlygy
ömürlik ýadynda galar. Dogry, henize çenli, gaty-gaýrym sözem diýenok.
«It görse, gözi agarjak» durmuşyna janam agranok. Ynha, sähetlije günde, golaýlaşýar. Akmaral has çaşgynlady. Bir gezek dagy gatyk deregine
suw getirdi. Öňküligi bolanlygynda, daýzasy heňkirerdi, belki, kellesinde
taýak döwerdi. Bu gezek ajy ýylgyryp oňaýdy, hekgerildem. Akmaral
özüniň ejizlänligini görmekden daýzasynyň üýtgeşik lezzet alýanlygyny
şu pursat aňşyrdy. Diýmek, gözgyny haldan rastlanmaly. Muňa göz
ýetirse-de, ölmez-ödi iýýän höreginem kemdi. Ol heniz ulanylyşyny
bilmese-de, enesiniň düýşünde beren ýaraglaryny köp küýsedi. Ahyry
ondanam tamasyny üzdi: «Men şol düýşi gün doganda görendirin.
«Gündizki düýş ýalançy» diýýärdi enem pahyr».
Haýsydyr bir keramatly güýjüň bu agyr haldan halas etmegini hälişindi isledi. Mundanam uç bildirenok. Gaýtam, sähetli güne üç gün galdy.
Aralykda bir waka gopdy. Ol hemişekisi ýaly, Sumbar derýasynyň
boýundaky ýylgyn jeňňelliginden odun getirmäge gitdi. Soňky wagtlar
oduny günde iki getirýär. Toýda ýakmaga gerek. Bu ölüme höküm
edileniň öz çukuryny özi gazýana meňzeýär. Ol islänok durmuşa
çykmagy. Onda-da, garry mülhide. Göründe dik otursyn-da ylahym
daýzasy. Islegiň garşysyna gitmeli pursatlar bolýan eken. Edil akymyň
tersine ýüzýän ýaly.
Akmaral derýanyň gyrasyna geldi. Derýa kenaryna sygman, däliporhan bolup akýar. Golaýdaky girdabyň ýüzi tegeleklenip gidýär.
«Ynha, şol girdap meni güzaplardan dyndarar» diýip, ýyldyrym
çaltlygynda pikirlendi. Kenary syryp deňine geldi. Geň galmaly, enesiniň
sesi lummurdaýan suwdan aşyp, gulaklarynda ýaňlandy: «Beýtme,
balam,...Kasam etdiň...ň...ň...»
Ol gulaklaryna barmaklaryny dykdy. Gözlerini daşa dönderip
ýumdy:
—Akmaralym...
«Razy bol, ene jan! Mundan aňry başaramok...».
Gyz göwresini derýa tarap egdi. Ýöne haýsydyr bir berdaşly güýç
ony saklady:
13
—Akmaral!.. Akmaralym!..
Ol ýalpa gözlerini açdy. Towlanjyrap, elden sypdy. Beýleräkde
ýatan paltasyny kakyp aldy:
—Gymyldama, ýerçekmiş!
Onuň garşysynda ýylgyryp duran baý ogly Batmandy:
—Aklyňa aýlan!
Ol öňe ümzükdi.
Akmaral aýylganç gygyrdy:
—Gelme golaýyma, ýezit!
—Seni ölümden gutardym
Batman «Akmaral ýene derýa tarap okdurylaýmasyn» diýip ätiýaç
edýän şekilli onuň bilen kenar aralygyna süýşdi, Akmaral indi birneme
özüni dürsedi, ýüregi düşüşdi. Muny ýigit duýdy. Az-kem öňe omzady:
—Gulak as, Akmaral! Toýa barmasaňam, eşidensiň. Men ýaňy
öýlendim. Gelnimem aýyň bölegi ýaly, ýalpyldap dur. Hol, öňräk, geçip
barýarkaň saňa nazarym düşdi. Şondan bärem ýüregime ot ýapyşana
döndi. Karar tapamok. Bu daglarala sygamok. Mejnuna öwrüldim. Rehim
et, maňa! Men...men...seni söýdüm.
Batman gyzyň aňkarylýanlygyny görüp, has öňe süýşdi: —Dogry,
men kakabaş gezdim. Heleýbazlygam etdim. Indi o zatlar gaýtalanmaz.
Ol bir towsanda gyzyň alkymyna geldi: — Isleseň gelnimi kowaýyn.
Batman onuň elinden tutdy, suhangöýlük bilen dowam etdi:
—Garry arwahyň buz ýaly sowuk gujagynda ne işiň bar?
Göwnüňem tapabilmez ol. Ýeriň aňry ujuna gitseňem äkideýin. Gaçaly,
Akmaralym, gaçaly!
Ilkinji gezek erkek kişiniň teniniň degmegi, söýünçli sözleri gyzy
ýaz bägülüniň müşk-anbar ysy kimin meýmiretdi. Ýigit ony bagryna
basaýmalydy, näme üçindir, kürtdürdi, şujagaz pursat-da, hemme
azabynyň soňuna sogan dogrady. Muny sypdyranlygy üçin ömri
paýawlaýança ökünip gezmegem ahmal. Ýogsam, zenan tagamyna gezek
gelende ýaşlygyna garamazdan, ýeserjedi.
Şu aralykda enesiniň Akmarala: «Egniňde iner ýüki bardyr, bala.
Tiz özüňi ele al» diýen sözleri eşidilen ýaly boldy. Ol allaniçigsi
haýkyrdy:
—Çe-kill!! E
lini silkin aýyrdy-da, oba tarap ökjäni göterdi.Batman gursagyna
ura-ura bulum-bujur ahmyrly oýlanyp galdy: «Wah, ony zorlaýmalydym.
14
Kime ýeterdi dat-bidady? Näme gelerdi Yhadyň elinden... Aý, ony edip
bolmaz. Men Akmaraly söýdüm. Söýýän gyzyňy beýtmek, erkek kişiniň
işi däldir...».
Akmaral bolsa, niräliginem bilmän, şol gün ýarygije çeninde öýden
gaçdy.
Ol gözlerini ýalpa açdy. Şonda üstüne eglip duran agajet, burunlak
- seňrikmen, garaýagyz ýaşulyny gördi. Ýaşulynyň ýüz keşbiniň
parahatlygy hudaýlykly bendedigini aýdyp durdy. Öň sähnä dönerlän gyz
galagoply gözganjyrady.
—Gorkma, gyzym, Hudaýa şükür, gözleriňi açdyň.
Akmaral endam-janynyň zerzawlygyndan, dyzynyň biriniň ýiti
agyrysyndan gaşlaryny çytdy:
—Döwlen -- ýenjilen ýeriň ýok. Hernä çöregiň bitin eken. Gaýadan
uçupsyň.
Goja kişi ýokary turup, içi goňrumtyl-gyzgylt şerbetli okara getirdi.
Akmarala dik oturmaga söýget berdi:
—Häzir, me, iç, şuny.
Ol okarany Akmarala uzatdy. Gyz ony az-azdan içip, soňra başyna
çekdi. Eneden dogup, bu hilli tagamly içgi içeni ýadyna düşenok. Goja
kişi göwnihoş ýylgyrdy. Orta keýigiň derisini saçak deregine ýazdy.
Üstünde hoz, nar, pisse goýuşdyryberdi:
—Bi, ir-iýmişler biziň dagda bol — diýip keýpihon aýtdy-da, daş
çykdy. Çörek, köze daglanan kakmaç getirdi. Içi gyzgyn süýtli okaranam
goýdy:
—Iýip-iç, gyzym. Basym kuwwatlanarsyň. Hiç zady gaýgy etme.
Şu ak başyň dikliginde saňa barmagyny batyran bolmaz.
Ol ýene daş çykdy. Akmaral birlaý içerä göz aýlady. Çatma
kuwwatly, syrdam arçalardan edilipdir. Kelteje gursakça, içmek, gamçy
asylgy dur. Ol arka tarapyna göz aýlady. Agzynyň öwelenini bilmän
galdy. Gylyç, galkan, hanjar, naýza, ok-ýaý, tüpeň, aý, garaz, tükel jeň
enjamlary.
«Allajanlarym, bi nä täwüre gojaka? Hereketleri ynamly, ýüzi
mährew. Han ýaşaýyşly. Özem ýeke gezip ýör».
Akmaral şu hili oýlardan soň, daş käsä geň galyp suw guýdy.
Bir haýukdan goja geldi-de:
—Sygry örä goýberdim — diýdi.
Akmaral iýip-içip bolupdy.
15
Oňa geňirgenibräk seredip otyrdy. Tanyşlyk açmaga howlukmaýan
goja ahyry:
—Adyňy aýdyp goýber, gyzym! — diýdi.
—Akmaral.
—Maňa Remezan aga diýiber.
Soňra şah ýaly murtlarynyň uçlaryny towlaşdyryp goýberdi. Ol
Akmarala üç-dört gün geçinçä gezmäge kän rugsat bermedi. Şu aralykda
Akmaralyň serine köp küýler gelip-geçdi. Ilki öýden gaçanynyň üçünji
gijesi gaýadan uçanlygyny hakydasyna saldy. Bagtyna Remezan aga
sataşypdyr. Ýogsam, guş-gurtlar läşini dargadardy. Ol çatmanyň daştöweregini esewanlady. Sygyr, goýun ýataklaryny gördi. At-da bardy.
Çatma jülgäniň gyrasynda ýerleşipdi. Gojanyň ýeke ýaşaýşy ony beter
gyzyklandyrýardy. Sakçydyr öýtse, bol ekinçiligem görnenok. Golaýda
diňe az-kem şüdügärlenen ýerjagazlar görünýär. Olam hol etekde,
ýylgynlaryň içinde, oýtumda bildirýär. Eýsem, bu syrly ýaşuly kimkä?
Gürläbereýinem diýenok. Akmaral-da, sorabilenok. Pursada garaşyp ýör.
Ol güýjüne girdi. Öň gara işe werziş bolan elleri birneme gijäp ugrady.
Damarlarynda ýaşlyk gany dyňzady. Onsoň-da, sagalansoň goja kişä
hyzmatyny etdirip ýörmäge uýaldy. Gaýtam, onuň özi dogabitdi
hyzmatkär-ä. Şol sebäpli:
—Remezan aga, maňa, garaz, bir ýumuş buýur - diýdi.
—Gurbatlandyňmy?
—Hawa.
—Şumad-a, görnüp duran etmeli işem ýok, keýgim.
—Aý, güýmensem gowy boljak.
—Öz etsem-petsemiň ýokmy?
—Özümiňmi?...At münesim, gylyç oýnasym gelýä.
—A-a-a -- Remezan aga agzyny açyk saklanyny bilmän galdy.
Ýöne geňirgenmesi ýüzünden basym aýryldy.
—At münerdiňmi, öň?
—Juk.
—Gylyç tutup görmäniňem belli.
—Hawa,
—Tarpdan başlamaly-da.
Akmaral baş atdy. Remezan aga ýene sowal beräýjek şekilli oňa
çiňňerildi-çiňňerildi-de, sesini çykarmady. Akmaralyň at-ýaraga
16
höweslenmegi ony çuslandyrdy. Küýkeren göwresi ýazylyp-ýazylyp,
çeňňelen göreçlerine nur gaýdyp gelene döndi.
Eýýäm çaý içim salymdan:
—Üzeňňä aýak basanyňdan çalt eýeriň üstünde goňmaly.Ynha!..
Hut garran bürgüt ýaly, atyň üstünde oturdy:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarhypelek - 02
  • Parts
  • Çarhypelek - 01
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2415
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 02
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 2350
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 03
    Total number of words is 3521
    Total number of unique words is 2284
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 04
    Total number of words is 3512
    Total number of unique words is 2331
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 05
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2323
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 06
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2318
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 07
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2321
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 08
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2393
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 09
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 2302
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 10
    Total number of words is 3569
    Total number of unique words is 2383
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 11
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2368
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 12
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2376
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 13
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 2399
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 14
    Total number of words is 3559
    Total number of unique words is 2280
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 15
    Total number of words is 2426
    Total number of unique words is 1736
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.