Latin

Çarhypelek - 05

Total number of words is 3571
Total number of unique words is 2323
28.4 of words are in the 2000 most common words
40.9 of words are in the 5000 most common words
48.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Şol bada berdiler. Ol hezil edip içdi. Gözleri ýalpa açyldy, goja
ümläp goýberdi. Ol arzy-halyny gaýtalady. Aba ýene bolmady. Şol
üzlem-saplam sözler. Garşysyndaky indi daşynda pyrlanýar. Birdenem
keýpiçag güldi:
—Onda...ýaşuly: saňa elli şallak urmaly.
Töweregindäkiler, goja aňk-taňk boldy. Aba zordan tekrarlady:
—El-li şallak...
Gojany äkitdiler. Ol janyndan tamasyny üzüpdi. Onça urgudan
sulbasy galjak göwrä aman galmak başartmajakdy. Hernä oňa Remezan
aga gabatlaşaýdy:
—Amanlykmy, sakgaldaş?
Nöker ony itekledi. Remezan aga bir ýerlerde gören ýüzüňe
meňzetdi. Ýöne hakydasyna salyp bilmedi:
—Saglyk.
Onsoň ony nirä alyp barýanlaryny ýagşy bilensoň:
—Günäň ulumy?—diýdi:
—Bigünä.
—Aý, goý-a?
Remezan aga geňirgendi.
—Çypbakaý çynym.
—B-ýe-ýe... Aýt, göreli.
Sakgaldaşy Aba aýdanlaryny damdyrman gaýtalady. Remezan aga
ony jeza bermekden wagtlaýynça saklatdyrdy. Bu kürt gojasynyň
63
serdaryň ýanynda agramynyň saldamlydygyny köpler bilýärdi. Onsoň
nöker boýun sundy:
—Sakgaldaş, aýyplaşma, gören ýüzüme meňzetdim. Tanamadym.
—Garrapsyň, özi. Obamyzdan Patma gyrnagy alyp gaçyp gidipdiň.
—Hymm...O baý näjüre? Ýaşap ýörmi?
—Golaýda amanadyny tabşyrdy.
—Imany hemra bolsun, pahyryň. Niçik, Aba jan goldaw tapýany
obaňyzda?
—Sarsgyny uly. Ýöne meň-ä tamam çykmady. Gardan gaplaňa
ogşaýa. Ýogsam, iki oglum nökerliginde gezip ýör. Ýaňky hakyny alyp
bilmeýän agtyklarymyň her haýsy şolaryň ogullary.
—Tagat kyl, sakgaldaş. Bu ýerde bir säwlik bardyr.
Remezan aga içerik girenden Abanyň halynyň teňdigini bildi.
Herbap goja gözleri ýumularlaýan Abany diwan-arzdan äkitmegi
maslahat berdi.
Ol gijara, Aba özüni rastlap turanda, ikiçäk şeýle diýdi:
—Oglum, ne döw çaldy seni? Şerap — loly heleýdir. Agyn
şeýledir. Haram keýpiçaglyk berer-de, mes edip basym sandan çykar.
Dogry, han özüň, soltan özüň. Meň şumatky at urdurmamy gabahat
görme. Şalaram şerap içse içýändir. Ýöne zynazorlukdan, şerapdan gaça
dur. Derejäň kiçi-girim däl. Mazlumlar saňa gözüni dikýä. Bir çelek süýdi
bir çemçe garaýag harap eder. Gündiz tötänden sakgaldaşymyň birine
sataşdym. Günäsiz ol. Jezalandyrmakdan häzirlikçe saklatdym. Sebäbi
çyn bürgütler syçanlary awlamaýa. Säwlik barlygyny aňdym. Ertir arzyhalyny gowy diňle.
Goja çykyp gitdi. Aba boz-ýaz bolup galdy. Eýsem nätmeli? Oňa
sataşan derdem ýeňil-ýelpaý däl. Gysyp-gowrup alyp barýa. Melhemi
şerapdan gözledi. Gaýtam, it masgarasy boldy. Remezan aga doly
aýtmasa-da, gündizki arz eden ýaşulynyň sözlerini huşuna aýlady. Durabara ýeke özi maňlaýyny ýassyga degrerleýär. Ýa Akmaraly
golaýragynda saklaberse näder? Häli-şindi görse köşeşmezmikä? Ýöne ot
näçe ýakyn bolsa, ýakyp-ýandyrýanlygy bell-ä. belki, Remezan agany
Akmarala sözaýdyjy edip iberer? Razy bolmazmyka? Eger, öz burgudy...
Aýdaly, Balkan täwüre biri bolsa nätmeli?...
Kellesi hum ýaly çişen Aba daş çykdy. Daglara duman çöküpdir.
Şäher şowhuny sabaşypdyr. Aýyň şöhlesi daş-töweregindäki ýyldyzlary
nur saçmakdan keçipdir. «Asman ýyldyzlaprynyň hemmesi ýeke-täk
64
Aýça şugla saçyp bilenok. Onuň bir özi dünýäniň bar ýerinden görünýä.
Hawa, Akmaral ýeke täk Aýa çalymdaş.
Sergin howada süňňi ýeňlän Aba towsup atyna mündi-de, ýüzin
saldy. Janpenalaram süresebügine düşdüler. Onuň belli bir nokada
barmak meýli ýokdy. Aty keýpine çapyp barýardy. Göýä sar kimin çozan
Akmaral baradaky pikirlerden gaçyp barýana meňzeýärdi. Aty
daljygýança kowdy. Şäherden ýoňsuz daşlaşyp, dag etegindäki jeňňele
girdi. Towlam-towlam ýodajygy nazarlady. Dogrudanam, birbada
Akmarala meýilli oý-pikirlerinden sabady. Zymdyrylyp, bäş-alty keýik
ýoluny keçip geçdi. Atynyň başyny şol ýana sowdy. Göçgün halda
keýikleri alarladyp ugrady. Gyssanmaç keýikler birdenem serpigip, iki
gapdala pytradylar. Öňden bölek atly okdurylyp gelýärdi. Iki ganatdanam
şeýle. Syrylan gylyçlar bölekleýin düşýän Aý şöhlesine ýalpyldaşyr
gidýärdi. Çaknyşygyň boljagy şübhesizdi. Ýöne olar köplükdi.
Başbozarlaryň tokaý-dagda gezýänligi Abanyň gulagyna, elbetde, öň
ilýärdi. Muňa parhsyz garapdy. Onuňam sebäbi, güýjüne buýsandy. Häzir
howalasy basylman durmady. Ýöwsellemegem ölüm bilen barabardy.
Beýtse, yzyndakylaram el-aýagyny ýitirer. Ýöne eýýam giçdi. Duşman
janpenalar bilen arasyny kesipdi. Şeýle-de bolsa, ýeke özi bir ganatyň
öňünden çykdy. Ol ilki çaknyşany atyndan serreltdi. Ganat düýrmegi
bilen topulyp, daşyny gabady. Aba ýene birini gylyjy bilen parçalady.
Emma ony mazaly gysyja salyp atdan agdardylar. Golundan gyltyz
ýaralanan Abany galmanka, münderlenişip basdylar. Ellerini pugta daňyp
halkalaýyn töweregine aýlandylar. Orta ýaşdan geçen biri oňa ilki habar
gatdy:
—Ýer-ow, Isgender Zülkarnaýn, basym tora düşdüň? Halyň niçik?
Megerem, galtamanbaşy bolsa gerek, ol töweregindäkilere
ýüzlendi:
—Ýigitler, muny nätmeli?
Ýarym çyn, ýarym ýaňsy sözler eşidildi:
—Dar agajyndan asmaly!
—Daşlap öldürmeli!
—Goýsan-aý, Astrabatdan çyksyn, gaýdyp gelmejegine söz bersin!
Onsoň goýbereliň.
—Akmaral atly perizady maňa durmuşa çykarsyn. Öýlenip bilmän
ýörün.
65
Aba şunda çydabilmän topuldy. Şol bada ýykyp, aýaklaryny
saradylar. Ol urundy. Emma peýdasyzdy. Ýeňseden güpürt-tapyrt,
haýkylyk eşidildi. Duranlar atly-atyna atlandylar. Söweş başlandy.
gyssanan başbozarlar Abany ýeke taşlydalyr. Ol urundy, togalandy,
galabilmedi. Ysgyn-deramatsyz ýatyberdi. Daň tilkiguýruk bolanda
gylyjyny ýalaňaçlap, özüne tarap okdurulyp gelýän atlyny gördi.
Ýakynlanda hälki galtamanbaşylygyny tanady. Ölümini boýun alyp,
gözlerini ýumdy. Kellesiniň ýolunjagyna şübhe ýokdy:
—Hoş gal, ýagty jahan!
Hoş gal ..., başky söýgim, Akmaral!
Iki-üç ädimlikdäki «Wah...» sesine gözlerini ýalpa açdy. Arkasyna
naýza çümen ýaňky gana bulaşyp ýerde ýatyr. Yzýanyndan biri gelip,
deňinde atyny saklady:
—Aba!...
Endam-jany gurşup, haýallan Aba sesi tanady. Ysgynsyz
pyşyrdady:
—Balkan...Arslanym!..
Balkan çakganlyk bilen atdan düşüp, ýüpi kesişdirdi.
Owkalaşdyryp, göle hamyndan edilen meşiginden suw içirdi.
Balkanyň ýigitleri gelip başladylar. Olar geňirgenişip serdarlaryna
seredýärdiler. Az-kem gurbatlanan Aba dillendi:
—Janpenalar...Ýigitlerim niçik?
Balkan jogap gaýtardy:
—Paýhynlapdyrlar. It ogullaryny bizem pürreledik. Diri galan
ýekejesem ýokdur.
Soňra ýigitlerine buýruk berdi:
—Ot ýakyp, şara bişiriň. Goş ýazdyralyň bu taýda.
Basym keýik etiniň gyrmyzy közlerdäki jyzyrdylary eşidildi. Bular
ikiçäk galdylar. Balkan sorady:
—Düýş ýal-aýt, bi. Gijelikde näme gözläp ýörsüň howply
jeňňelde?
Gönülemek Abanyň ýüzünden gelmedi. Biraz gyzarylyp jogap
berdi:
—Gezelenje gaýdyp, daşrak düşüpdirin.
—Be-ýe...
—Özüň nätdiň?
—Garşylyk görkezdiler. Olaram pürreledik.
66
—Gaty gowy.
Gyşaryp et symyşlaýan Balkan, Aba şerbetli pyýala uzatdy. Ol
birdemde başyna çekdi:
—Bir täwüre gezelenç - aýt, öz-ä.
—Nähili duşduň bize?
—Geçip barýardyk. Galmagal-gykylyk eşidip, sowuldyk.
—O dünýä, bi dünýä unutmaryn, batyr. Hydyr ata bolup ýetişäýdiň.
Ýogsam, läşim serilýärdi.
Astrabada gelýärkäler Akmaral ýene gursagyna sümüldi: «Eý, Alla,
bi niçik, derdeser? Ýa az-kem unutmak üçin, uzaklara gan çaýkamaga
gitmelimi? Degmedige degmegem baş ýoluma muwakyp gelenok. Belki,
Akmaraly ýanymdan daşlaşdyraryn. Ýa golaýymda saklasam nädýä?».
Belli bir pikiri çugdumlaman, diwan-arza gelip oturdy. Ilki bilen
elli şallak urulmaly gojany getirdiler. Aba gep-gürrüňsiz işi onuň
peýdasyna çözdi. Soňra buýruk boýunça, Akmaral geldi. Ikisem biribiriniň ýüzüne seredebilmediler. Bir howa dymdylar. Ýaňaklar gyzdy.
Ýüreklerdäki gizlin muhabbet jeňi bulary ýüpsüz kökerdi. Elbetde, ilki
söz açmaly. Abady. Uzaklary sarsdyran gaýratly serkerde çumçuk ýaly
gyzyň adyny tutabilmedi. Ýüzüni keseräk sowup, ýygrylybrak gepledi:
—Müňlügiňe baş bolup, dag-tokaýlara aýlan. başbozarlar duşsa,
gylyçdan geçir. Ýarym aý puryja berýän. Şondan soň, öwrülersiň.
—Bolýa.
Gyz işige ýetip barýarka eginüstaşyr gaňrylyp otlukly nazar saldy
welin, ädimlerini assyryn yzarlaýan Abanyň kalby lerzana geldi.
Ýyldyrym uran ýaly tas ýykylypdy, çaýkanybyrak saklandy. Akmarala
berlen buýruk göwnüne indi ters göründi. «Jeňde öläýse nätjek?». Ol
golaýyndakynyň ýüzüne naýynjar seretdi. Buýrugy tas yzyna alýardy.
Munam bişeýkel görüp, dilini dişledi. Ýöne üç-dört günden kömek üçin,
Akmaralyň yzyndan Balkan batyry iberdi.
Ýarym aýyň her güni oňa ýyldanam uzak göründi. Içini hümletdi
ýördi.
—6—
Gyzylbaşlaryň şasy Tahmasp kakasy şa Ysmaýyl ölenden soň on
ýaş, alty aýlyk, ýigrimi üç günlükkä tagta çykypdy. Ol häzir ýigrimi altyýigrimi ýedi ýaş töwereklerindedi. Özem ýeser syýasatçy. Horasany
67
çapawulçylykdan goramak maksady bilen Horezm döwletine gol ýapdy.
Horezm hanlarynyň iň baý mülkleri günorta Türkmenistanda ýerleşýärdi.
Onuň merkezi bolsa, Durun galasydy. Bu ýerde şazada Din Muhammet
hökmürowanlyk edýärdi. Tahmasp Nusaýy, Abyberdi onuň golastyna
berdi. Beýtmek bilen, ol, bir okda iki towşan awlamagy göz öňüne
tutýardy. Hökman, şazada Din Muhammet häli-şindi Horasana çozýan
Buhara hany Ubeýdulla baş götermelidi. Horezm hanlary hem Horasana
garagyny sanjyp bilmejekdiler. Şa Tahmasp Hindistany-da, nazaryndan
sypdyrmady. Duşmanlaryndan ýeňlip, kömek sorap gelen Beýik
Mogollaryň şasy Humaýuna goşun berdi. Onuň ylaýta-da, ýany bilen
gelen garadangaýtmaz, inçe ilçi, türkmen Baýram hana göwni ýetdi.
Şeýle hemrasy bolan Humaýunyň ýeňlişine geňirgenmän durmady. Ol
Baýrama «hanlaryň hany» diýen dereje dakdy. Humaýuny bolsa,
ýeňişden soň, ýaş, heniz on altysyny doldurmadyk ogly Soltanmyrady
Gandagara häkim bellemeklige borçly ýetdi. Ýöne onuňky günbatarda
şowuna düşenok. Türkiýe bilen ganly söweş alyp barýar. Osman ýurdy
giňdi, güýçlüdi. Hökmürowanlygy Meditaranyň günbatar gyraklaryna,
Pars aýlagyna, Gara deňziniň gaýra çetlerine, Gyzyl deňzine we Adene
ýaýrapdy. Süleýman han bolsa, Majarystany dyza çökerip, Hindi
okeanyna çenli öňe gitdi. Meditaranyň hemme ýerini eýeläp, Rudes
adasyny boýun egdirdi. Bu tekepbir we ýeser han şa Tahmaspyň böwrüne
uly sanjy bolup durdy. Ol gyzylbaşlara garşy gaýduwsyz, berk
daraşýardy. Hatda şa Tahmasp türkleriň zor salmagyna çydaman,
paýtagty Töwrizden Kazwine geçirdi. Häzir şa tylla tagtynda hekgerilip,
ýanynda ýüzüni sallap duran baş wezirine «aýdyber» diýen äheňde ümläp
goýberdi. Bezir sowuk habara özi günäkär ýaly sazanaklasa-da, ýuwdunaýuwduna mälim etdi:
—Siziň Alyhezretiňiz...Astrabadyň soltany Şahberdi öldürilipdir.
Şa tas laňňa ýokary galýardy, hernä ümzügip, saklandy:
—Haýsy eşşegataly öldüripdir ony?
—Galtaman, türkmen Aba. Ilki salgyt ýygnaýjy Şatyr begi, soňrada özüni. Häzirki pursatda Astrabady basyp alyp, bir özi sorap otyr.
Patyşanyň gulaklary şaňlady. Akjymak ýüzi derçigip, ter gara
sakgaly titredi. Ala gözleri welin, şol bada gyzardy. Tarsa turup, ellerimni
arkasyna tutdy-da, ýumruklaryny düwüp oýnatdy, iki ýana gezmäläp
başlady: «Her öňeten eşşegataly Sefewid döwletiniň häkimini öldüriberse
kagyzdan gaplaňa meňzemerismi? Abraýy ýelekçe, kölegesi köşekçe,
68
gymmaty-da, gara şaýy». Ol bir säginip, ýene öňki endigini gaýtalady:
«Muhammet Baýram han, galtaman Aba...Alyjy gurt bi, türkmenler. Biri
müňe taý. Hudaýa şükür, başlary birigip, bir supradan hörek iýenoklar.
Ýogsam dünýäni sarsdyrjaklar. Eý, Beýik Taňry, goraweri özüň...Bi, nä
boluş? Ejizläp ýören däldirin-dä, hernä? Menem özümi Isgender
Zülkarnaýdan kem göremog-a».
Ol töweregine ýalt-ýult etdi. Diňe häzirem başyny galdyrybilmän
duran baş wezirene gözi düşdi. Olam ýaňky oýlanmalary aňardan ejizdi.
Şa ynjaldy. Baş wezirine nazaryny dikmesini dowam etdi. «Ynha, ýal
ýagysy, atasy ölen ýaly, sortduryp dur. Eger mende Muhammet Baýram
han ýa-da Aba galtaman ýaly serdarlar bolsady, jahanyň gözünde ot
gorsardym. Lellim meňkiler. Şol sebäpli, ograşyň biri ograş, paňkelle
Süleýman han darkaş gurýar. Görübereris. Syçanjyklar öli şirdenem
titreýändirler».
Tahmasp şa tagtyna geçip oturdy. Aba barada belli bir kesgin
karara gelebilmän, baş wezirine gidiber — diýen ýeke sözi aýtdy. Ol
çykdy. Şa özüniň içki oý-pikirleri bilen ikiçäk galdy:
«Hymm...şazada Din Muhammede ne jyn urduka?» Men oňa
ummasyz hökmürowanlyk, erk, ygtyýar, eçildim. Belki, şony Aba
galtamanyň garşysyna küşgürerin. Aý, ýok. Goşunyň güýjüni bölmäýin.
Häzir iň howply duşman Süleýman han. Ol sähel gowşasaň, Sefewidleri
köki-damary bilen gyrar. Aba galtaman, diňe Astrabada güýmener. Onsoň
ony islän mahalyň pitige mündürmek bolar».
Şa gozganjyrady. Dura-bara onuň şazada Din Muhammetdenem
tamasy inçelip-inçelip üzülerledi. Ol öňräk huzuryna gelipdi. Ýanynda
gögeleje dogany Aly soltanam bardy. Indi şol agzy sary guşjagazyň
ýetişip gyzylbaşlara duşmançylykly garaýşynyň barlygy gulagyna ilipdi.
Din Muhammet öz doganynyň ýoluna kesermegi oňaranok. Belki,
oňarjagam bolanok. Onsoň nädip ony Aba galtamanyň garşysyna
goýarsyň?»
Garjaşyk pikirler gitdigiçe sarlar kimin çozup enter-tenterini
öwürdi. Ol sene ýazyjysyna Çingiz hanyň basyp alan ýurtlary we aýalebtatlary hakyndaky ýazgylary köp okatdyrypdy. Dünýä gan çaýkamak
häzirlikçe başardanok. Sary sakgal beýik basybalyjynyň aýalynyň bäş
ýüze golaýlanlygy hakydasynda berk saklanypdy. Tahmaps şanyň-da,
aýalynyň san-sajagyny baş agta gul biläýmese, gözden uçupdy. Orta ýaşa
ýetmänkä, ogul-gyzlarynyň haýsy hatyndan doglanlygyny bilmeýän
69
pursatlary duşýar. Ol günýaşandan birki günlükde getirilen gözel gelniniň
haremhanasynyň otagyna girdi. Ak golundan işdämen şerap içdi. Galbaň
göwüsjiklerini bihaýalyk bilen owkalaşdyryp, ysgady. Şerap hem aýal
tagamynyň hoşroý ysy gatyşyp melullandyrdy. Üstesine gelni
towlanjyrap, näzlendi. Eräp-akyp barýan bidöwlet aýalbaz şa onuň
lezzetli gujagynda günuzynky heňlän zeýilli pikirlerinden aýrylyp, süýji
rahatlyk tapdy. Ol şu pursat, dünýäni gelin gujagyna çalyşmaga taýyndy.
***
Horezm şazadalarynyň içinde iň ýeseri we gorsawy Din
Muhammetdi. Atasy oňa näme üçindir, ynanman, golastynda penaladyp,
boýunsunujylykly saklardy. Beýleki ogullaryna eçilişi ýaly artyk ýermülk, baýlyk-da bermedi. Basan ýerinden ot çykarýan Din Muhammet
garadangaýtmaz ýigitleri daşyna toplap Horasany ýygy-ýygydan
çapawullady. Şeýdip, ol ýerlerden baýlyk ýygnady. Ýesir alyşdyryp,
Horezmiň bazarlarynda gul-gyrnak edip satdy. Bir gezek Garagumda
Dinar atly guýynyň sebtinde Durundan zekat görnüşinde toplanan we
Horezme ýollanan düýedir goýunlary talady. Ummasyz mal olja aldy.
Muňa juda gahary gelen Durun häkimi onuň kellekeserlerini paýhynlady.
Özüni bolsa, tutup daňdy hem-de Horezm hanynyň huzuryna iberdi.
Emma, dogumly Din Muhammet günuzyn sütüni süýnüp, gije uklan
sakçylary öldürip, Ürgenje gaçdy. Bu ýerde atasynyň möhrüne çalymdaş
möhür basyp, Durunuň häkimine gelmegi talap edip perman gönderdi.
Haçan-da häkim Ürgenje gelende, ony tutup, şatyr-şutur gylyçdan geçirip
dyndy. Bu Horezmiň mirasdüşer şazadalarynyň tagt ugrundaky ýowuz
çyknyşyklaryna gabat geldi. Ol Horezm hanlygynyň esasyny goýan Ilbars
hanyň nesillerine uzak mahallap demrigip ýatan kinesini pürkmegiň
pursady boldy hasap etdi. Şonuň üçin, Ilbars hanyň ilen-çalanlaryny
bütinleý diýen ýaly, rehimsizlik bilen gyryp tüketdi. Şundan soň,
Durunuň häkimligine bellendi. Haçan-da, Duruna gelende Buhara hany
Ubeýdulla Horasana çozdy. Pursatdan peýdalanyp, Din Muhammet
ýanyna dogany Aly soltany-da alyp, Tahmaspyň huzuryna gitdi. Tahmasp
ony gowy garşylady. Din Muhammet Buhara bilen gyzylbaşlaryň biribirine ýagylygyndan ýeser peýdalandy. Ol gelip Nusaýy, Abyberdi
dolandyryp başlady. Basym Ubeýdulla hanyň Merwdäki dikmesi bilen dil
düwşüp, bütin Merwi öz golastyna geçirdi. Gahar käsesi püre-pürlenen
70
Ubeýdulla han Horezme ýöriş etdi. Muňa Daşkendiň, Samarkandyň,
Gissaryň daş-töwereginde ýaşaýan özbek hanlary, baýlary-da goşuldylar.
Bular Ilbarsyň nesillerini gyrandyklary üçin, Horezm özbeklerini
jezalandyrmakçydylar. Mawerannahryň özbekleriniň beýle ýörelgesi
çynlakaý bolmady. Olar garyndaşlarynyňka gelip, köşeşdirmek bilen
oňşuk etdiler. Dogry, il ýüzi üçin, az-owlak günäkäre temmi berdiler.
Ýerli ilatyň aglabasyna, şol sanda türkmenlere-de azar bermediler.
Ubeýdulla hanam garşylyksyz alnan Horezmi agyrtmady. Diňe bu
taýdaky özbekleri dört topara bölüşdirip, Buhara, Samarkanda, Daşkende
we Gissara göçürişdirdi. Han Ürgençde öz ogluny häkim edip goýdy. Diri
galan Horezm hanynyň nesilleri bolsa, gaçyp Din Muhammediň ýanyna
geldiler. Ol indi Durunda Horezm hanlygynyň merkezi, ýeke-täk
baştutanydy. Gaçyp gelen soltanlar, begler bilen Ürgenje ugrady.
Ýanynda iki müňe golaý nöker bolup, olaryň içinde Etrek, Gürgen
türkmenlerem bardy. Ol Uzboýdaky adakly-hyzyrlara kömek üçin ýüz
tutdy. Bular müň atlysyny berdiler. Din Muhammet türkmenleriň uly
goltgy bermeginde Ubeýdulla hany basym dyza çökerdi. Göçürilen
özbeklerem yzyna getirdi. Horezmiň hökmürowanlygyny bütinleý
gaýtadan dikeltdi.
Din Muhammet Ubeýdulla hany ýeňendigi hakyndaky habary
Tahmasp şa ýetirmek üçin, ýörite çapar ýollady. Muňa gyzylbaşlaryň şasy
hoşnut bolanlygyny gizlemedi. Halat-serpaý iberdi. Her ýyl Sebzewaryň
ilatyndan üç müň töwrizli bilen salgyt ýygnamaga rugsat berýän
permanyny çykardy.
Din Muhammet ýene Duruna dolanyp geldi. Öňküsi ýaly, Nusaýy,
Abiwerdi, Merwi dolandyryp başlady. Bu wakalardan bäri on-onki ýyl
geçdi. Hökmürowanlyk öz akymyna, asuda barýardy. Hatda Tahmasp
şanyň arkasyndan Horezmiň Horasandaky mülküne-de eýelik edýärdi.
Ýöne birmahalky gögeleje Aly soltan indi ýigit çykypdy. Onda bir
damjany iki bölen şekilli, özüniň jahyl döwründäkisine meňzeş endikler
bar. Gorsaw, gözsüz batyr. Gyzylbaşlara-da, özüne-de gulak asmak
islänok. Onuň käte Astrabadyň gyrak-bujaklaryna salgyt ýygnamagy
bahalap, çapawulçylyk edýänligi gulagyna ilýär. Özem uly güýje öwrülip
barýar. «Beýle bolanda, Tahmasp şa bir elinde ýylan, beýleki elinde bilbil
saklaýana çalymdaş, dostlugyň bozulmagy ahmal. Dogry, bimazalygy
baradaky habar häzir Tahmasp şa ýeten däldir» diýip çaklaýar. Ol Aly
soltanyň az-owlak talaňçylygyna-da çydar. Ýöne uly oduň uçgundan
71
tutaşýandygyny unutmaly däl. Uçgunjykka öçürmeli. Aly Soltan basym
gelmelidi. Oňa çapar ýollanyna ýesli mahal geçipdi.
Ynha, ol gijara gapydan girdi. Agasynyň igenjegini öňünden
aňýanlygy üçinmi-nämemi, garaz, sowuk salamlaşdy. Gany depesine uran
Din Muhammet: «Düýnki çörek sorap ýören oglanjyk, bu gün temejigini
ýokary tutýar» diýip, oýlansa-da gaharyny ýuwutmagy başardy. Hoşamaý
habar gatdy:
—Hal-ahwal niçik?
—Gül ýaly, häzir.
—Hymm...Gaty gowy. Durmuşda zar zadyň ýok-da?
Şeýlemi?
—Edil özi.
—Onda...Astrabady talamagyňy bes edäýseň nädýä? Tahmasp
bilen sazlygymy bilýäň-ä. Eşitse, ýokuş görer.
—Astrabady, Maşady çem gelende özüňem gaýgyryp goýaňog-a.
Hazynaňy galňadýaň. Durmuşda zar zadyň ýok, seňem. Patyşa muny
eşitse, näder? Ýüzüňden syparmy?
—Ol maňa göz ýumar. Geçirer. Şeýtmek bilen, Horasany beýleki
özbek hanlarynyň has gyrgynçylyga salmagyndan goraýar.
—Meň gaýgymy etme. Tahmasp şa-da, elinden gelenini
gaýgyrmasyn.
—Bu-ýä kelläňden ýokary towusjak bolmaga çalymdaş.
—Şeýlemi?
—Hymm...
—Göwnüňedir.
—Onnoň-da, palawy iýip, tabagy hapalama.
—Artyk tagam beren dälsiň, agam.
—Be-ýe...
Ikisem birhowa dymdylar. Onsoň, Din Muhammet ýene ilki
gürrüňe ýol arçady:
—Belki, ýer-mülk gerekdir?
—Juk.
—Oňşukly bolsak, beýlekileriň gözi gider. Düşüngin şoňa.
—Raýatyňdakylara degemog-a men.
—Ol-a, mamla. Ýöne aýtdym-a, matlabymy. Gulagyň düýbünden
bişow geçirme. Garaz, gögelesiň entek.
72
Bu sözler Aly Soltanyň çetini gyzdyrdymy-nätdimi, tapsa turup,
gapa ýöneldi. Aralykda säginip, egniüstaşyr, çym gyzyl bolup, gaharly
seretdi:
—Men erkana bürgütdirin. Hiç kime ganatlarymy gyrdyrmaryn.
Degselerem aklyk islemesinler.
—Küýzäni daşa ursaňam, daşy küýzä ursaňam, belli zat, küýze
synar.
—Iki daşy biri-birine ursaňam, ot syçrar.
Ol agasyna merdemsi jogap gaýtaryp, beýlesine öwrüldi. Işige
ýetende ýene saklandy:
—Küýümden çykarypdyryp. Ortada duran altyna her kim el garyp
biler. Hut şoň üçin bolmaga çemeli, türkmen barsy Aba serdar Astrabady
basyp alypdyr.
Ol agasynyň gulaklaryny şaňladyp, ahyry çykdy. Din Muhammet
tebigaty boýunça, dargursak däldi. Sabyrly bolmagam oňarýan kişidi.
Ýöne bu gezek diwanhana ony gysyp-gowrup barýar. Agzalalyk hanlyk
sütünini yralar. Uzaklaşsa, syndydar. Oňa öňräkden bäri adakly-hyzyr
türkmenlerine beren wadasynda tapylmanlygy hem bimaza edýärdi.
Uzboýly türkmenler şonda Ubeýdulla hana garşy söweşmek üçin müň
nökerini orta çykardy. Ýogsam buharalylary ýeňmek çetindi. Wadasynda
tapyljak bolsa, adaklylary 12 müň goýun beratyndan 7, 71200 gazan
hakyndan, dek-ýekden 8 boşatmalydy. Ýanynda olara uly orun bermelidi.
Wada haramylyk türkmenleriň özünden sowaşmagyna getirdi. Belki,
tizden-tiz muny ýola goýup, adaklylaryň göwnüni awlamalydyr. Ýöne
gazna gowzar.
Nebsiniň gözüne ok atmakdan ejiz han ýokary turup, hut ýalnyň
çabramagyndan goranýan şekilli elini daldalady. «Uf» çekip: «Aba
türkmeniň beýtmesi näm-aýt?» diýip, Astrabady ondan gyssandy. «Aý,
onuň şa Tahmasp külüni göge sowrar» diýibem, ýene özi-özüni
ynjaldyrdy.
—7—
Horezm bulam-bujarlykdy. Mirasdüşer şazadalar han tagty ugrunda
eýýam dördünji gezek çaknyşýardylar. Bular ikä bölündiler. Biri-birine
edil itde-pişik ýalydylar. Şeýle günleriň birinde Aly soltanyň Ürgençdäki
73
baş geňeşçisiniň gapysy kakyldy. Gije ýaryma golaýlasa-da, geňeşçi
haýsydyr bir işe güýmenip, heniz uklamandy. Ol gapyny açdy:
—Hojam ha...
—Tanadyň
—Gijelikde näme beýle gyssanmaç?
—Aly soltan gerek.
—Ol häzir dynç alýar.
Geňeşçi ýaýdandy. Hojam han gidibermedi:
—Tapmaga kömek et, dostum. Bir bedewi peşgeş berýän.
Gelşim şü.
—Ol...ol...haremhanada keýp çekýä. Ýaňyrak Din Muhammediň
ýanyndan geldi.
—Kümüş saply gylyjam berýän.
Ol bilindäki gylyjy içeri oklady:
—Kän, keýp-ä ýok, özüniň.
—Gaýrat etsene.
Ol tümlükde sumat boldy. Birhaýukdan öwrülip geldi:
—Yzyma düşüber.
Hojam han bölek atlylary bilen aýdylanyny etdi. Ahyry ony bir
jaýa eltdi:
—Keýpi çaglanypdyr. Maňa «Gel» diýmedi. Belki, ikiçäk
söhbetdeş boljakdyr.
—Hudaý doldursyn hyzmatyň öwezini.
—Aý, senem, bolýa-da.
—Ömürrylla unutmaryn.
Bular aýrylyşdylar. Hojam han Aly soltanyň dergähine bardy.
Gujaklaşyp görüşdiler. Aly soltan hoşnut halda gürrüňe ýol arçady:
—Sen nire, bi ýerler nire?
—Göresim geldi.
—Aý, goýa?!
—Ýöne çynlakaý işem bar.
—Ine, indi gönülediň. Bu maňa ýaraýar. Aýdyber, şepäm.
—Eşidensiň, biz iki topara bölündik. Haýsymyzy goldasaň, şolam
ýeňýä.
Aly soltanyň ýap-ýaňyja hoşnutlygy ýüzünden syryldy. Gaşlaryny
bürüşdirip, oýlanýan görnüşe geçdi. Bary bir, möntegräk. Hojam han
74
onuň tutan guşuny ütendi. Bu garadangaýtmaz, kakabaş soltan nebsiniň
guludy. Şöhrat derýasynda ýüzmegem bişeýkel görenok:
—Sylag-serpaýyňy artygy bilen eçileris.
Aly soltan ajy ýylgyrdy:
—Bo-uw, göwnüň Kap dagynda pelpelleýä. Sylag-serpaý deňizden
damja bolýa.
Hojam han geňirgäp, oňa soragly nazaryny dikdi. Aly soltan etini
has gataldy:
—Gan döküp, täç bermegiň eşekden palan agdarmak däldigini
bilýänsiň. Tilkilenme. Onsoň-da, şundan üfläp goýbersem, ikiňizem Nil
derýasyna düşersiňiz.
Ol gorkudan jany bokurdagyna gelerläp, dem alanda el-hal gursagy
galgaýan Hojam hanyň soňky demini sanaýan hassanyň reňki urup, ak
samana öwrülen jansyz ýüzüne içinden-bagryňlan geçip barýan ala
gözlerini aýlady:
—Gulak as, beýleki öňňin gelip gitdi. Olam goldaw bermegimi
sorady. Oňa ýüz bermän goýberdim. Saňa han täjini geýdireýin. Ýöne...
Aly soltan ikiýana gezmeledi. Hojam han agzyny öweldip, nirä
aýlansa şoňa öwrüldi. Ol wagty bilen göwün matlabyny aýtmady. Ahyry
alkymyna gelip, kesgin gepledi:
—Gysymymda bolarsyň, has takygy kölegäm. Düýpli meselede
çöpbaşy menden iginsiz gozganmasyn. Düşündiňmi?
—Düş-düşündim. Sözüm-sözdür.
Aly soltanyň dura-bara geçisi daga ýaýrady. Hojam hana-da, jan
girdi. Iki ülpet iýdiler-içdiler. Şerapdan gözleri ümezledi. Ýüreklerde içgi
joşgun dyňzady. Hojam han dil açdy. Häliden bäri bimaza edýän içki
pikirini daşyna çykardy:
—Birden, olar Din Muhammetden kömek soraýmasynlar?
Aly soltan çaýkanjyrady. Şonda-da, çürt-kesik jogap gaýtardy:
—Ol meniň tersime gidip bilmez. Akymyň garşysyna ýüzüp
bolmaz-a.
Aly soltan dogany bilen arasyndaky oňşuksyzlygy tas agzyndan
gaçyrypdy. Hernä, dilini dişledi. Pynhan syry diňe çyn dost bilmelidir.
Ol howalaň dowam etdi:
—Ýer-ow, Horezmiň täçsiz hany, bi adamy kimdir öýdýäň?
—Çingiz hanyň agtygy Baty han.
75
Ikisem hahahaýlaşyp gülüşdiler. Içinde ýogyn mumyýa ýanýan
kümüş şemdanlar sarsgyn alan şekilli boldular. Gapynyň daşyndaky
hyzmatkär nökerler tisginjireşdiler:
—Aý, aldyň-aý, şepe.
—Çyndyr özem.
—Ha-ha-ha-ha!!!
—Ha-ha-ha-ha!!!
Bular daň tilkiguýruk bolanda çäşerilişip uklap galdylar.
Ertesi eýýam Aly soltanyň nökerleri Hojam hanyň garşydaşy bolan
şazadanyň nesillerini atma-at bilýärdiler. Ynha, daňyň alagaraňkysynda
bir ýetginjek bilen çaga dar köçeden gaçyp ugradylar. Olaryň yzyndan
dört-bäş atly daýyrdaşyp kowup gelýärdi. Gyssanan çaga büdräp
ýüzünligine ýykyldy. Turup ýetişmänkä ýiti gylyç onuň bigünä kellesini
ýoldy. Ýigdekçänem şeýtdiler. Yzanda-çuwanlyk başlandy. Öýleriň
şatyrdap ýanýany göründi. Galmagal-gopgun asmana göterildi. Egin-başy
otlanan aýalyň biri çirkin gygyryp daş çykdy. Oňa ýardam beren
bolmady. Az mahaldan garaköýük bolan süňkler köçede galdy. Hojam
hanyň garşydaşynyň neslini rehimsiz gyrdylar. Indi onuň köp mahallap
agzyny suwjarydyp garaşan güni geldi. Märeke bary üýşdi. Surnaýlar
zorruldaşyp, deprekler gümmerdeşdiler. Hojam hany ak keçä
mündürdiler. Ulama: «Allahu Ekber» diýip, üç gezek dabaraly gaýtalydy.
Ak keçäni üç gezek ýokary galdyrdylar. Onuň bir çetinden Aly soltanam
tutup durdy. Iniňi düýrükdirýän ýüzüne seretmekden märeke hopugýar.
Şeýle-de bolsa, soltan it ýylgyryşyny etmäge synanýar. Mähelle seslendi:
—Han täji gutly bolsun!
—Hojam hanyň ömri uzak bolsun!
—Adalatly we rehimli bolsun!
Dabara gutardy. Sadaka berildi. Ülpetler ikiçäk galdylar. Hojam
han Aly soltana alkyş okady:
—Ýüzüň-gözüň dert görmesin! Taňryýalkasyn!
Aly soltan dommarylyp otyrdy. Hojam han göwnüni awlamak üçin
perwana şekilli daşyndan aýlanýar. Onuň şol doňňara daşlygy. Han
aljyrady:
—Guşuň süýdüni tapmalam bolsa taýyn.
Soltan sesini çykarmady:
—Göwün islegiňi aýt. Näme bermeli?
—Bo-uw, men sorap almalymy? Şeýlemi?
76
Hojam han özüni ýitirdi. Soltan turuberjek görnüşe geçdi. Han
mydyrdady:
—Gulak as! Hazaraspy, Ket galasyny berýän.
Soltan durkuny üýtgetmedi:
—Ürgenji seniňki.
Aly soltan gozganjyrady. Ýüzi biraz açyldy:
—Horasandaky mülk, bir süri gylýal, üç süri dowar, biri-birinden
owadan gyzlar...
Soltan güldi:
—Özüňe zat galdymy-how?
—Aý, dyrnagymyň kiri bilenem oňaryn.
—Ha-ha-ha-ha!!
—Ha-ha-ha-ha!!
Üç-dört günden Aly soltan onuň däl-de, ol Aly soltanyň dergähine
baryp, hasabat berdi:
—Baýyň biri Dawany peýdama çözseň, on sany tohum baýtal
bereýin» diýdi.
Soltan baş yrady:
—Beýleki biri iki düýe.
Soltan ýene baş atdy.
—Garybyň biri...horaz...
—Päh-eý, nätdiň-aý, muny. Ol özüňki. Onnoň-da, o hili ownukuşaga murtuňy bulap ýörme. Özüňe belli zad-a, şol.
Şepeler aýrylyşdydylar.
Şa Tahmasp lowurdysy gözüň ýagyny iýip barýan tylla tagtynda
ýeke özi, geçmişini ýada salyp pikir derýasyna çümüp otyr. Ata-babasy
Seýfiaddin Erdebilden başlanýar. Sefewi döwletiniň ady şonuň bilen
baglanyşykly. Bular hökmürowanlyk edýänçäler göçüp-gonup ýörýärler.
Şaýy mezhebiniň bir ugruny esaslandyrýarlar. Ysmaýyl patyşynyň atasy
Soltan Jüneýit oguzlaryň baýandyr taýpasyndan eken. Ol hökümdar Uzyn
Hasanyň aýal dogany Hatyja begime öýlenýär. Ikisiniň nikasyndan
Haýdar atly ogul dogýar. Ol kakasy ölende, Kawkazy dolandyryp
ugraýar. Özem doganoglan uýasy, Uzyn Hasanyň gyzy, näzik Halyma
Begim Älemşah bilen nikalaşýar. Bulardan ogul dünýä inýär. Ysmaýyl
adyny dakýarlar. Ol Sefewi döwletiniň düýbüni tutýar we berkleşdirýär.
Gazaply Ysmaýyl türkmenlere arka direýär. Onuň goşunynyň oňurgasyny
türkmeniň rumly, tekeli, owşar, baharly, gajar, üstäçli hem-de zülkadar
77
taýpasy düzýär. Şa bularyň içinden ýaýdan atyjy saýlama mergenler
bölegini döredýär. Şaýy türkmenleri on iki şaýy ymamynyň sarpasyny
saklap, on iki gyzyl zolakly telpek geýýärler. Gyzylbaş ady şundan gelip
çykýar.
Ysmaýyl şa Yragy, Azerbaýjany, Eýranyň günbataryny, Şirazy,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarhypelek - 06
  • Parts
  • Çarhypelek - 01
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2415
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 02
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 2350
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 03
    Total number of words is 3521
    Total number of unique words is 2284
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 04
    Total number of words is 3512
    Total number of unique words is 2331
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 05
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2323
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 06
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2318
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 07
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2321
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 08
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2393
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 09
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 2302
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 10
    Total number of words is 3569
    Total number of unique words is 2383
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 11
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2368
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 12
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2376
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 13
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 2399
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 14
    Total number of words is 3559
    Total number of unique words is 2280
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 15
    Total number of words is 2426
    Total number of unique words is 1736
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.