Latin

Çarhypelek - 08

Total number of words is 3602
Total number of unique words is 2393
28.6 of words are in the 2000 most common words
41.2 of words are in the 5000 most common words
48.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
—Hüş...hüşgär bool! Dön...dön...dönüklik...
Ol jan berdi.
109
—3—
Şa Tahmasp was-wasa ýolugan şekillidi. Mahal-mahal öňi jahyl
çykaslan ogullaryndan tagtyna göz garaldarlar öýdüp hederlenýärdi.
Beýle ahwal şalaryň durmuşynda häli-şindi bolup durýar. Ogly atasyny,
inisi agasyny...heläkleýär. Hut kakasy Ysmaýyl atasy Şyh Haýdary tagt
üçin öldüripdir. Onsoň ýene eýesine it ýaly wepaly, ygrarly türkmenlere
arka diremeli ýaly bolup görünýär. Asyl, türkmennleriňem onuň atababasyndan goldaw tapan pursatlary köp. Akgoýunly türkmenleriň
hökümdary Uzyn Hasan 874-nji hijri ýylynda duşmanlaryny ýeňenden
soň, Eýranyň patyşalygyna bellenýär. Ysmaýylş patyşnyň atasy Soltan
Jüneýit on müň goşuny bilen onuň gullugynda durýar. Ýörişler
guraýarlar. Ine, käbiri: Uzyn Hasan Soltan Jüneýde daýanyp Trabuzan
ýurtlaryny talaýar. Ummasyz olja alybam Diýarbekire gelýär. Ýogsam, ol
Trabuzanyň hökümdarynyň gyzy Despina hatynga öýlenipdi. Gazaply
hem batyr kişi eken. Bu wakadan soň, Uzyn Hasan Soltan Jüneýt bilen
Ardabile gaýdýar. Jahanşa Garagoýunly hem-de Şyh Jafar olaryň
garşysyna çykýar... Çerkezleriň ýurdy Dagystany çapawullaýarlar. Ýaz
aýlarynda ýene Dagystana çozýarlar. Bu gezek çerkezler gaýduwsyz
garşylyk görkezýärler. Söweşleriň birinde, Samur derýasynyň gyrasynda
Soltan Jüneýt öldürilýär. Deregine ogly şyh Haýdar bellenilýär. Din,
derwüşlik dünýäsine ulaşanlygyndan sabaýar. Ýeser goşun serkerdesi
bolýar. Ol Uzyn Hasanyň köşgünde kemala gelýär, edep-terbiýe alýar,
onuň gyzyna öýlenýär. Haýdar ady belli serkerdäniň hem ýegeni, hemem
giýewisi. Soň gaýynatasy onuň Kawkaza hökümdarlyk etmegine uly
hemaýat berýär. Hatda on iki zolak gyzyl mata dakynmaklygam
Haýdaryň düýşünde görenligini aýdýarlar. Aly hezretleri bir gije
düýşünde ýanyna gelip: «Senden soň biziň perzentlerimiz ýer ýüzünden
küprukap sözüniň ýoguna çykmalydyrlar. Ymam bolsaň, öz sopy
müritleriň başyna gyzyl matadan bir täç ýasap geýdir» diýýär-de elindäki
pyçagy bilen on iki gat saralan täjiň şekilini ýasap görkezipdir. Dogry, bu
düýşi kakasy Ysmaýylyň görenligini aýdýanlaram bar. Munuň parhy ýok.
Garry atasy Şyh Haýdaryň gören bolmagy gaty ahmal. Sebäbi onuň
ylmynyň gözbaşy sopuçylyk. Özem ilki dini gullukda gezýär. Beýle
adamlar keramatly, bihal däl. Uzyn Hasan ölenden soň, ogly Halyl
Akgoýunly tagta çykýar. Şa täji oňa bary-ýogy alty aý nesip edýär. Ony
110
dogany Ýakyp Akgoýunlyny agdaryp, özi hökümdar bolýar. Bu-da, üç
ýyldan geçmeýär. Şa nesilleriniň ykballary şeýle-dä.
Doganlarynyň meýillerini bilmek üçin, mahal-mahal yzlaryna
jansyzlary salyp görýär. Häzire çenli göze-başa düşüp ýörenleri ýok.
Öňräk okumyş dogany şazada Sam mürze huzuryna geldi. Ol meşhur
«Tuwaýy Samy» tezkiräni ýazan kişi, Türkmen şahyrlary bilen
dostlaşypdyr. Şolaryň biri üstaçly taýpasyndan bolan Ýusup beg.
Tahmasp şa munuň:
Göwün işim seniň yşkynda bolmaýar,
Aňsatlyk bilen göwün maksadym hasyl bolmaýar,
Ahym eger meni ýokluk tüweleýine uçratsa,
Gözýaşymdan ten toparagym palçyk bolmaýar.
--diýen duýgulardan püre-pür doly parsy dilindäki şygryny eşidip, çem
tapyp, sataşmak, söhbetdeş bolmak küýündedi. Türkmenleri daştöweregine köpräk toplamakda peýdalanjakdy. Gaýtam, tersine boldy.
Ýusup beg uly bazaryň orruk ortasynda Tahmaspyň şalygynyň tümlüge
barabardygyna degişli şygyr okap durka aňtawçylar tarapyndan tutuldy.
Zyndana salnanda-da, aman dilemedi. Sami mürze dosty Ýusup begiň
günäsiniň geçilmegini, gaýtaldasa, deregine özüniň türmä salynmagyny
sorady. Hiç hili sypajak-sypajaklyga ýol goýmady. Özem döwüniň
çigişmeginden hederlendi. Şol sebäplem, Ýusup begi zyndandan boşatdy.
Hudaýlygyňy gözleseň Sam mürze Ýusup begi zamunlyga alyp özi
bilipmi—bilmänmi, oňa uly ýagşylyk etdi. Tutaşybermäge ýakyn
uçgundan-howpdan dyndardy.
Patyşa bu gün tylla tagtyna adatdakysyndan ir gelip gondy. Gijeki
içilen al şerapdan, Töwriziň häkimi tarapyndan peşgeş berlen kereşmenäzli gelniň oýun-dalaşyndan oňly ukusyny almansoň: şirin-şirin palladyda, içki oýlanmalary bilen ikiçäk galdy. Ýardam bermeginde Mogol
patyşasy Humaýun duşmanlaryny ýeňdi. Söz berşi ýalam, Soltanmyrady
Gandagara häkim belledi. Ýöne gögele oglany dildüwşüjiler hyýanatlyk
bilen öldürdiler. Ýogsam, hyzmatyna bärden berlen serbazlaram az-küş
däldi. Düşbi, gujurlyjady neresse. Ony mirasdüşer belleseňem bolman
durjak däldi. Dirikä perzendini goraglap bilmedi. Ölende beýlekileriň
täleýi niçik bolar? Kän ogul-gyzy agzybirligi saklap bilerlermi? Birine
boýun synarlarmy? Ýa-da täç-tagt üçin ganlaryny...Keçpelegiň oýny-ha
köpdür.
111
Tahmasp şa hopugyp, elini maňlaýyna diredi: Gözgüden şekiliň
görnüşi ýaly olaryň geljekki takdyrlaryny bilip bolsady. Belki, ynjalardy.
Emma özüniň 63 ýaş, 1 aý, 19 günde Ezraýyl perişdäniň janyny
aljakdygyny, 53 ýyl, 6 aý, 23 gün oturan patyşalyk tagtyndan jyda
düşjekdigini, ogly Ysmaýyl II 984-nji hijri ýylynda hökmürowanlygy
golda saklamaga çytalaşyp, doganlary Soltan Süleýman mürzäni, Soltan
Mustapa mürzäni, Soltan Mahmyt mürzäni, Soltan Ymamguly mürzäni,
Soltan Aly mürzäni, Soltan Ahmet mürzäni.. permany bilen
öldürjekdigini...biläýse ýüreginiň ýarylmagynyň ahmaldygyny huşuna-da
getirmedi. Ysmaýylyň ýigrimi ýyllap Kahkaha galasyndaky türmede ejir
çekjekdiginiň özem endirediji ahyry.
Onuň gulaklaryna owaz eşidilen ýaly boldy. Tisginjirän başyny
galdyrdy. Gaýragoýulmasyz döwlet işleri boýunça köşgüň möhürdaryny
— iş dolandyryjysyny ilkinji nobatda kabul etjekdigini düýn ikindi
mahaly baş wezire aýdyp goýupdy. Ynha, dergähinde şol gol gowşuryp
dur. Patyşa oňa «Aýdyber» diýen täwürde ümläp goýberdi:
—Siziň Aly hezretiňiz, Töwrizden ýygnanmaly ýüz müň tümeni
getirdiler.
—Pars welaýatyndan ýetmiş müň tümen...
Welaýatlaryň aglabasy salgytlaryny gijikdirmän iberipdirler. Iş
dolandyryjy soňragynda ýaýdandy. Patyşa onuň ýüregini bilen ýaly,
mazaly özi soranaýdy.
—Maşadyň häkimi nädipdir?
—Häzir o taýynyň tümen salgydy gelenok. Siziň Alyhezretiňiz.
Patyşa baş wezire gaňryldy:
—Maşadyň häkimini aýryp, ornuna şazada oglum, Soltan
Süleýman mürzäni bellemekligi höküm edýärin. Kätibe permany
ýazdyrarsyň. başga?
—Lahyjandanam gelenok.
—Oňa oglum Ymamguly mürzäni bellemeli. Dogry, oglanlaryň
ikisem juwan. Häzir biziň tarapymyzdan dolandyrarlar. Tejribe toplarlar.
Ýene barmy?
—Bar, kyblaýy ädem.
—Haýsy welaýat?
—Astrabat.
—?!
112
Tahmaspyň gulaklarynyň düýbünde gök gümmürdän şekilli
göwresi sarsyp gitdi. Reňki agardy. Möhürdara rugsat berip, jansyzlaryň
baştutanyny çagyrdy. Ol habaryny berdi:
—Horasanda Siziň garşyňyza wagyz edip ýören derwüşiň biri
tutulyp jezalandyryldy. Horezmde dildüwüşijileriň uly toparynyň üsti
açyldy. Agşam Astrabatdan bir aşpez pars geldi. «Diňe patyşanyň özüne
aýtmaly habarym bar» diýýä.
—Tiz getiriň!
Gözlerini süznekledip diňläp oturan Tahmasp şa ukudan oýanan
ýaly, janlandy. Sabyrsyz işige göz aýlady. Aşpezi getirdiler.
—Buýruk berjaý edildi. Siziň Aly hesretleriňiz.
—Maşalla! Niçik?
—Şerbetine zäher goşdum. Ondan soňam ýeriň asty bilen gaçdym.
—Jansyzlar anyklarlar. Aýdýanyň dogry bolsa, serpaýdan ýüküň
ýeter. Ýalan bolsa, temmiňi alarsyň. Gidiber.
—Beli, kyblaýy älem.
Şa gürrüňe müňkirlik bilen gulak asyp, ýüzüni sallap duran baş
wezirine hoşnut garady:
—Ýaňka türkmeniň galtamanbaşysy Abany gümlemegi
tabşyrypdym. Indi gizlemegiň hajaty ýok.
Ol gije haremhanasyna hem gylawly bardy. Töwrizli näzeniniň ak
golundan şerap içdi. Dalaşdy. Ahyrda-da, onuň gor ýaly yssy gujagynda
irkilip galdy. Esli mahaldan ony gara basdy. Öl-myžžyk bolup derledi,
soň demi-demiňe ýetmän lagyrdady. Irkilmedik aýaly ony yralap turuzdy:
—Ne döw çaldy seni?
Patyşa sesini çykarman, gagşap has-da gysmyljyrady. Gelnem
bagryna basdy. Oýanmagyna umydigär bolup ýatan gujurly, ýaş zenan
onuň ärlik etmegini küýseýärdi. Hyjuwlanyp, ölüp barýardy. Emma şanyň
hajyk-hujuk etmäge hem gurby çatmady. Aýal onuň gözlerinde neresse
çaganyňky kimin, gorky gördi. Işdäsi ýanyp, tamasyny üzdi. Çytylanyny
bildirmezlige çalşyp, ýüzüni kese sowdy: «Munuň «Aba!» diýip
gygyrmasy näme? Ýa ol perişdäniň birimikä?» diýip serinde aýlady. Ärini
şu pursat içinden ýigrense-de, erkiniň tersine ak gyraw sepip ugran
başyny sypap-sypap, uklatdy. Özem ymyzgandy.
Tahmasp şa daňa golaý düýş gördi. Düýşünde Aba asmandan
perişdeler şekilli uçup gelip, almaz saply gylyjy bilen kellesini kesjek
bolanda, hähläp oýandy. Aýalyna seretdi. Ol dünýäni unudyp myrlap,
113
uklap ýatyrdy. Ap-akja ýüzünde welin, haýsydyr bir kine doňup galana
meňzeýär. Pökgüje, ýuka lebleri şirin-şerbet küýsetjek däl. Gaýratyň
çatsa, dolap gujagyňa almaly. Emma, Tahmasp şa beýle eşretden bizar
bolan şekilli oňa garagyny sançman, başujunda goýlan altyn pyýaladan
saçalandyryp, şerap jyňkytdy. Ol uklap bilmedi. Jahan ýagtylmanka,
ýörite lukmanyny çagyrdy. Hekim Abunasyr Bilany20 oňa yhlas bilen
seredip:
—Siziň Aly hemretiňiz, gorkar ýaly, keseliňiz ýok. Döwlet
işleorini azrak pikirlenip, birhowa şikara çyk. Keýpiňi çagla. Aýrylyşar
gider — diýdi.
Patyşa ýeňillik bilen dem aldy.
—4—
Ýakyndan bilýänleriniň gözüniň alnynda, sanlyja mahalda Abanyň
eti-gany çekildi. Soňa-baka ýüzi ýeňsesine dönerlidi. Türgenleşik işlerine
ser salmak, nökerlige almak, ýarag ýasalýan ussahanalara barmak...garaz,
ýetişiksiz günde. Sypynsa, diwanhanada arz-şikaýatlaram diňleýär.
Remezan aga ýogalandan soň, parslara müňkürligi artdy. Dürli bahanalar
tapyp, janpenalarynyň içinden olary aýyrdy. Diňen Remezan aganyň
agtyklary Nowruzdyr Gulam bolaýmasa, sap türkmenlerden goýdy. Goja
edilen dönüklik biline mazaly basypdy. Aşpez pars ele düşäýse, hut özi
iki üzüp bir ýalmajakdy. Arman, tapylmady. Häzirem aňtawçylar gözlegi
bes edenoklar. Assyrynlyk bilen agtarýarlar. Aba onuň kellesi üçin on
müň tümen baýrak belledi. Ol häzir bir garry enäniň arzyny diňläp otyrdy:
—Oglum, Aba jan, üýşüren-süýşürentgi şaýylarymy arabakeşe
berip, huzuryňa uly umyt bilen geldim. Adamym ir mahal öldi. Ondan bir
ogul galdy. Şony adam etjek bolup, ojagyny saklap oturbyýerdim. Ik
egirdim, dokma dokadym. Nogta gara saçlarymy barlylaryň gapysynda
sübse etdim. Şeýdip, ese-boýa galdyrdym. Dogumlyja boldy özem.
Bazaryň bir gyrasyndan bäş şaýa towuk alyp, beýleki gyrasynda alty şaýa
satdy. Golaý-goltumdaky obalara pyýada äkidibem on şaýa berdi. Bäşalty sany towugym bardy. Onuň ýumurtgalaryny bazarda...
Aba gymyldady. Garrynyň soňlanmajak ýaly gürrüňini şarpa kesip:
«Gysgalt, ene. Menden näme kömek gerek?» diýmek isledi. Ýene onuň
ýygyrt-ýygyrt ýüzündäki özüne bolan yhlasyny görüp, dilini dişledi.
Sabyrly garaşdy: «Gelýänler galaba şeýle. Uzyn-uzyn düşündiriş berýä.
114
Mümkingadar, gysgarak aýdyp, wagt tygşytlamaly weli...» Içki
pikirlerinden sabap, enä gulaklaryny gerdi:
...—Dükanlar açdy. Tütjar baý boldy. Bäş aýaly bar. Her haýsyna
şarňyldap duran jaý gurdurdy. Hyzmatkär berdi. Men şormaňlaý köneje
hütdügimde galdym. Özüniň-ä haçan gapymdan gelenliginem unutdym.
Agtyk-çowluklarymyň garasynam görebilemok. Aýdyşlary ýigrimi dagy
bolmaly. Soňkularyny görsemem tanajak däl. Heý, beýle zalymlyk
bolarmy? Hülli-hülli saklabilmesemem, gözümiň ýagyny iýdirenimiň
öwezi şümi?...
Ene egnini silkip aglady. Ýöne gözlerinden ýaş çykanok. Aglapaglap gözbaşy gurana çalymdaş. Aba muny duýdy. Ini düýrükdi. Bu
biçäre enäniň ýüregi aglap dur. Hawa, ýüregi...
—Bir döwüm çörege zar. Itiň art aýagyndan suw içip ýörün.
Gapysyndan baramda, baýry heleýi ýüz bermän, kowup goýberdi. Özi
öýünde ýok eken.
—Ene, ogluň niredekä şumat?
—Bazardaky dükanyndadyr, oglum.
—Ady?
—Öň-ä Sapar ýetimdi, indi Sapar baý.
—Derrew tapyp getirmeli!
Köp salym geçmänkä Sapar baýy Abanyň gaşynda söneltdiler.
Saparyň gözleri hanasyndan çykara gelip, temekleri gymyldady.
Baýyň ýüzüni gözlemän seslendi:
—Tanaýaňmy, bi, ýeňäňi?
Baý hapyr-hypyr geýnen, iňňäniň gözünden geçiräýmeli derejede
sulbasy galan enesini görüp, ýüzüniň haýýady göçdi. Birki ädimledi:
—Eje...
Ene welin unudarlan tanyş sesine orak ýaly egrelen bilini ýazmak
isledi. Başarmady. Elini kölegeledip, ýüzünden gan damjak-damjak
bolýan, semrän ogluny zordan saýgardy. Göwni galkmasa-da, duw ak
bolan başyny belent tutdy.
Häkimiň hemleli sesi eşidildi:
—Enäniň ak süýdüni haklamazlyk - ýurduňa dönüklik eden bilen
deňeçerdir. Enesini söýeýän topragyny söýmez, topragyny söýmeýänem - enesini. Oňa görä-de, dönük Sapar baýa kyrk şallak urup,
jezalandyrmaly.
115
Semiz göwre yraň atyp, çalaja üfleseň ýykylarly göründi. Birden
ene Abanyň öňünde dyza çökdi:
—Beýtme guzym, o näletkerdäni! Eýdip eklenmeli bolsam,
açlykdan ölenim gowy.
Aba enäni ýokary galdyryp, ogluna azymly haýkyrdy:
—Ötünç sora eneňden! Ýogsam, segsen şallak...
Ol sözüni soňlap-soňlamanka mähnet Sapar baý iki bükütdi:
—Geç, hatamy eje jan!..
Kempiriň diňe dodaklary müňküldedi. Onuň sözleri hiç kime
eşidilmese-de, düşnüklidi. Gorkunjyndan ýallaklaýan näletkerde ogluň
günäsini bagyşlap durdy. Aba bolsa:
«Nijezar bu tetellileri demir kanun bilen boýun egdirmeli? Ynsap
jezasyndan ejir çekjek mahallary haçan gelerkä! Ah, zamana, zamana!..»
diýip, hasratly oýlandy-da, Sapar baýa:
—Rahym ahunyň aýdyşy ýaly, enäni Käbä çenli boýnuňda hopba
edip, äkidip-getirseňem bir gijeki ukudan galyp, beren ak süýdüni ödäp
bolmaz. Kempiri mundan buýana gözüň görejinden beter apalap sakla.
Oglanlaram käte barlap durarlar. Şonda... Kemlik tapaýsalar, aklyk isleme
— diýip gapyny görkezdi.
Eneli-ogul gitdi. Gapydan Balkan täwire her egninde jahyl
oturybermeli, döşi gapak ýaly, läheň göwreli kişi gapydan girdi. Yhlas
bilen bejerilen çalymtyk murtlary bugdaýreňk giň ýüzüne gelşik berýär.
Ol derrew habaryny berdi:
—Obamyz şundan üç menzil daşlykda Gürgen derýasyny ýakalap
otyr. Men, han. «Durdy pälwan» diýýärler adyma. Saňa gelmegimiň
sebäbi şüdürki. Biz ne Horezm, ne-de Astrabat häkimligine boýun sunup,
berat töledik. Otuz-kyrk sany atly-ýaragly nökerimem bar. Obada ýokkak
Horezmiň berat ýygnaýjylary gelipdirler. Parasatly garry enem olaryň
öwzaýynyň bozukdyklaryny aňyp, damarlaryny ýumşatmak isläp, öýe
myhmançylyga çagyrypdyr. Palaw bişirip, öňlerinde goýýa. Olar dört
adam. Tagam datman «Soň iýeris» diýşip, her haýsy bir etli süňki
ýaglyklaryna dolap, turubermek isleýärler.
Enem soraýar:
—Ogullarym, näme iýmediňiz?
—Ene, biz şu gezek obaňyzdan hökman berat alaýmaly.
Soltanymyzyň beren permany şeýle. Eger duz datsak, bolmaz iş ýüze
116
çykyp ganjarşaýsak, onda duz iýen ojagyňa kast etmek bolýa. Bu o
dünýä, bu dünýäde erbet iş.
—Han obada däl. Basym geler. Şonda...
--Puryjamyz az.
Bular düzde çopanlar garşylyk görkezensoňlar el-aýaklaryny
güýleýärler-de, iki süri goýny, bir süri düýäni goraglaýan serbazlar bilen
kowuberýärler. Agşam gelenimizde ahwaly aýtdylar. Şol bada ýola
düşdük. Yzlaryndan ýetenimizde mallary bermek islemediler. Köp
töwella etdik. Bolmady. Çaknyşykda serbazlary tükel gyrdyk. Eşidişimize
görä, indi olar goşun çekip üstümize gaýtmakçymyş. Bize kömegiňiz
gerek.
—Kim o soltan?
—Horezmiň Durundaky soltany Aly.
Abanyň başy aşak sallandy. Durdy pälwan: «Dabarasy dag aşýady
munuň, Aly soltanyň adyny eşideninde serçä dönäýdi. Päh-eý, namart-aý.
Başa gelenini göz görer-dä» diýip, pikirlendi-de, işige ýöneldi:
—Dur, nirä?
—Bigaýrat dostdan gaýratly duşman ýagşy» diýerdi enem.
—Beýle netijä gelmäge gyssanma. Akyllaşmaly mesele bar.
Durdy pälwan aýak çekip, ünsli Aba serdara garady:
--Basym Tahmasp şanyň nökerleri Astrabada döküljek. Şolara
garşy söweşmek üçin Aly soltandan kömek soramagy ýüregime düwüp
ýörün. Oňa görä, onuň dilini tapmagymyz gerek.
—Nädip?
—Çözmeli meselämizem, şol.
Aba serdar ýokary turup, gezmeledi-de, ýene ýerine geçip oturdy:
—Şumat, Aly soltan Durundamyka?
—Ýok, obamyzdan üç-dört menzil gaýra tarapda. Ol ýol boýy berat
ýygnap gelýän bolmaly.
—Nä sebäpden, iki häkime-de, berat bereňzok?
—Hökümdar bir bolar, iki bolmaz-a?!
—Bu, dogry.
—Onnoň-da, iki bolsa, köp aýallyň güni ýaly, bir zat bor. Halkyň
ganyny sorýan sülük-how, olar.
—Bu-da dogry.
—Bize ýardam bermek kyn düşjek saňa. Başa gelenini
görübermeli-dä. Ýogsamam, iki goç ýöne ýere süsüşmez.
117
—Aly soltan külüňi göge sowrar täk özüňiň.
—Ýeňlişimi käbiriniň ýeňşine bermerin.
—Gep çagalatma, pälwan. Güýjümizi toplamagymyz gerek. Häzir
dynjyňy al. Basym Aly soltana tarap ýola düşmeli. Ol uly güýç. Tahmas
şa bilenem mäşi bişişenok.
—Böriniň gowasyndan suw içjek bolýan goýnuň akyly nirede?
—Goýun, goýun şekilli bolsa, bir alajyny tapar, suw içmegiň.
—Bolýa. Serdar paýhasyna gulak asýan.
Durdy pälwan çykan badyna aňtawçylaryň baştutany alňasak halda
içeri girdi:
—Aba serdar, parslaryň dört hany dildüwşük gurap ýörler. Şu gije
dagyň iň bärki jülgesine üýşüp, şähere çozmaly.
—Haçan?
—Daňdan.
—Güýçlerini bilmek başartdymy?
—Takmynan, iki müň serbaz.
Aba serdar Balkanyňam müňlügini alyp, synagdan geçen nökerleri
bilen gün ýaşandan beýläk duşman höwürtgesine ugrady. Gije ýarymynda
hem daşlaryny gabady. Ýaş, dyzmaç hanlar şerap içe-içe, şähere
çozulmagynyň öňüsyrasynda «Aba serdaryň ornuna kim bolmaly?» diýen
meselede jedelleşip, çadyry göçüräýjek bolýardylar. Hatda gykda-baklyk
başlananda-da, wagtynda aýňalmadylar. Bu jedel nökerlerem
bimazalandyrypdy. Her kim öz hanyny orta çykarýardy. Ganjaryşmaga az
galanda Balkanyň nökerleri döküldi. Aljyran parslar birhaýukdan
çugdumlaşyp, gabawy böwüsmek islediler. Edil şol pursat üç ýüze golaý
atly bilen bukuda duran Aba serdar gyralaryndan girdi. Söweş gün
dogýança dowam etdi. Pars serbazlary paýhynladyldy. Ýekejesine-de
gaçmak başartmady. Aba serdar az ýesirleri, gola salnan iki hany ýer
garbap aman sorasalaram gylyçdan geçirmegi buýurdy.
***
Aly soltan çadyryň içinde täk özi oýlanyp otyrdy. Durdy pälwanyň
nökerlerini öldürip, salgyt tölemänligi onuň mazasyny alypdy. Ol beýle
garaw görmändi. Özüni Tahmasp şadan kem saýmansoň, bu urgyny
ýokuş görüp, ýarylarly-ýarylarly göründi. Şu pursat Durdy pälwanyň
obasyna gan çaýkamagy ýüregine düwdi. Ýöne Aba serdardanam ätiýaç
118
etmän duranok: «Bütin Eýran -- Turany sarsdyran kişi seniň üçin Din
Muhammet däldir» diýen pikir serine gelip-geçýär.
Gapyda hyzmatkär nöker göründi:
—Soltanlaryň soltany, türkmen Aba serdar geldi.
Oýlanmamalaryndan sabamadyk Soltan birbada nökeriň
aýdanlaryna düşünişmedi. Sowal berdi:
—Kim?
—Aba serdar geldi
Onuň gulaklary şaňlap, gozganjyrady. Nöker jogaba garaşýardy:
—Goý, gelsin!
Ol etini gataldyp, ýüzüne närazylyk alamatyny çaýdy. Şeýdip,
öňünden Aba serdaryň howalasyny basmak isledi:
—Essalawmaleýkim, Aly soltan!
Soltan berdaşly göwräni görüp, laňňa galanyny bilmän galdy:
—Waleýkim essalam, Aba serdar!
Gadyrly görüşdiler. Soňra soltan törden orun görkezip mürähet
etdi:
—Geliň, geçiň!
Ikisem jaýlaşyp, hal-ahwal soraşdylar. Şu gysga aralykda Aly
soltan: «Megerem, nökerlerimi öldüren türkmenleri üçin, töwellaçy bolup
gelendir. Onda hunlaryny talap ederin. Ýöne bu ýigitde Ezraýylyň tüýi
ýaly, sussuňy basýan bir zad-a bar. Görenimden, öňki durkumy saklap
bilmedim» diýip, pikir öwürmäge ýetişdi. Içerä göz aýlan Aba serdar
bolsa: «Edil Şahberdi soltan ýaly, bezemenligi halaýan eken. Beýle
adamlar badyhowa bolýa. Badyhowalaram köwegşräk. Görübermelid-ä»
diýip oýlandy.
Orta derrew saçak ýazyldy. Sähel salymda guşuň süýdünden başga
iýer-içer ýaly zatlar getirildi. Aba serdaryň ýanyndakylary beýleki
çadyrda hezzetlediler. Olaryň arasynda Durdy pälwanam bardy.
Aly soltan tylla pyýala meý guýup Aba serdara uzatdy. Serdar
kürtdürdi. Soltan geňirgäp onuň ýüzüni gözledi:
—Näme saklandyň? Men gelene garaz, meý hödürlämok.
--Sylagyňa Taňryýalkasyn. Içemok.
—Aý, goýa?!
—Hut şeýle.
—Be-ýe...Söhbedimiz ugrugaýsa ýagşy.
—Gürgeniň kenaryndaky ýylgynlar bir derýanyň suwuny içýärler.
119
—Aldyň-aý, Aba serdar!
Jogapdan hoşnutlanan Aly soltan demini alman meýi başyna çekdi.
Gürrüňdeşi barada: «Sada, türkana, gönümel» diýip kelteçe oýlandy-da,
onuň esasy maksadyny bilmek üçin, ýol arçady:
—Ugur haýyrly, serdar.
—Ugram haýyrly weli...kömegiň gerek.
Aly soltanyň gözleri giňden açyldy. Söhbetdeşiniň gürrüňiniň
dowamyny eşitmäge sabyrly garaşdy:
—Tahmasp şa Astrabada çozmakçy. Şoň garşysyna bileleşäýsek
diýýän.
Aly soltan içki pikirini aňşyrtmazlyk isleýän ýaly ýüzüni keseräk
sowup, gözlerini süzgekletdi. Oýlandy: «Be-ýe... Munuň dabarasy dag
aşýady-la. Ýa şiriň gabarasynyň uly bolşy ýalymyka?...Özi dilege gelip
otyr. Ýallaklanogam. Ýogsam ugumy ýekelemek üçin hödürlän meýimi
içmelidi. Gözsüz batyr bolmaga çemeli. Beýle ärler tiz heläk bolar.
Gönümelliginiň üstüne birneme hile-mekirlik gatanç goşulan bolsa, dünýä
ot ýakdyrmazdy. Haktagala, garaz, bir keslik berýä-dä, ýaradanyna».
Aly soltan oňa göz gyýtagyny aýlady: «Äwmän otyr-aýt» Birden
morta aýdyp goýberdi:
—Türkmenleriň meniň nökerlerimi öldürip, beratlaryny
tölemändiklerinden habaryň bardyr.
—Bar, ýöne towşanlar hiç mahal öz sürenleriniň golaýgoltumyndaky otlara göz garaltmaýarlar. Onnoň-da, bir çyranyň ýagtysy
iki çadyry ýagtyltmaz.
«Dilewaram-aýt, bi. Soňky aýdanlaryna nähili düşünmelikä?»
Muny serinde aýlan Aly soltan açyk sorady:
—Soňky pähimiňe niçik düşünmeli?
—Türkmene Eýran-da, Horezm-de salgyt salýa. Olja meýdany däl-ä,
biz. Garamaýagyň gurbam çatanok üznüksiz salgytlary tölemäge.
Hökümdar bir bolmaly. Raýatlaram şoňa boýun synmaly. Şagaljyk şiriň
derisini geýeni bilen şir ýürekli bolup bilmez. Şeýle hem şir şagaljygyň
derisini geýeni bilen şagal ýürekli bolup bilmez. Öňki şirligine galar.
Aly soltan: «Türkmeniň bu barsy ýene rast sözledi» diýip kesgit
netijä geldi-de, elini çarpdy. Şol bada gapyda sömelen hyzmatkär nökere
buýruk berdi:
—Saz-söhbet etsinler!
120
Salym geçmänkä, sazyň şirin owazy Aba serdaryň on iki süňňüni
yzarlap gitdi. Yz ýanyndanam ýarym-ýalaňaç gyzlar ortada pyrlanyşyp
başladylar. Bu birmahalka Şahberdi soltanyň köşgündäki ahwaly ýadyna
saldy. Seňriklerini ýygyranyny duýman galdy. Aly soltana bir nazar
aýlady-da, görmegeý myhman ýigidi jadylamak üçin jan edýän perisypat
gyzlara bakman, başyny aşak sallady. Gyzlaryň her haýsy ony umman
gözlerinde teşnelik bilen ýuwdup-ýuwdup goýberýärdi. Bir
pyrlananlarynda sähelçe süýşýärdilerem. Keýpihon meýdanly gujaklaryny
bagyşlajakdyklary göz-görteledi. Öň özünden gözlerini aýyrmaýan
gyzlaryň beýdişleri Aly soltanyň maňzyna batmady. Ol gabanyp,
gabaryldy-da, gözlerini alartdy. Gyzlar muňa üns bermediler. Misli: «Bir
gijäňizi myhman ýigit bilen geçirmäge goý-da, ertir öldüräý» diýýän
şekillidiler. Hemişe olaryň garaýyşlaryndan şirin lezzet alýan Aly soltan
müzzerildi-de: «Aba serdar suhangöýlük etmän, ses-üýnsüzem rüstem
çykdy. Är ýigitlere iň bolmanda bir gezek dogry baha bermegi oňar,
soltan. Galaba mekir-aly gara nebsi hemra edindiň. Eger Aba şumat
nökerlerimiň arasyna baryp dilewarlyk etse, gawun sakçynyň garantgysy
kimin meniň ýeke galmagym gaty ahmal» diýip, mertlik bilen boýun
aldy. Onsoň myhmanyna ýüzlendi:
—Batyr, bi, terje näzeninleriň haýsysy göwnüňe ýarasa, barmagyňy
çommalt. Aşnaň sahydyr.
Aba serdar birbada jogap bermedi. Dymdy. Aly soltan oňa
«Haýsysyny görkezerkä?» diýen niýet bilen nazaryny dikip otyrdy:
—Aý, soltan...ineme... Taňryýalkasyn!
Aly soltan zenan agzalanda ýigdekçe kimin, aljyraňňa düşüp
gyzarylan söhbetdeşiniň jogabyna ynanmaýan şekilli gulaklaryny gerdi,
näme üçindir, ardyjyrady. Aba serdar bolsa: «Meýden ýüz öwürdim.
Durdy pälwanyň zyýanyny ýeserlik bilen ýumarladym. Indem ýene
gaňryşyna gitdim. Bü-ýä, akymyň tersine ýüzjek bolmak ýaly, bir
täwire...» Onuň pikirlenmesini Aly soltan şarta üzdi:
—Batyr, beýle gözellerden niçik gaçýaň? Heniz ysgalmadyk ter
güljagazlar-a, bular.
—»Şerap - loly heleýdir» diýipdi. Remezan aga. Çaky, zenanam
başyňy humarlandyrmaly. Wajyp işde humarly başdan derek çykmaz.
—Kim o Remezan aga?
—Bir pähimdir kürt.
121
«Muny şerapdyr aýaldan ürken ýeri bar bolmaly. Haýp, dünýäniň
iň lezzetli aýşy-eşretinden kem rysgal eken» diýip, gynanç bilen pikir
öwren Aly soltan pent berdi:
—Hetdenaşa halallyk ynsanyň duşmanydyr, aşnam.
—Nätjek, dik ösen agaç şonlugynada galýa-da.
—Sen hakykaty aýtdýaň. Hakykat puldur. Pulam hakykatdyr. Ekiz
doganlardyr olar.
—Ösümlik dünýäsinde ilki dogry ösen agaç kesilýä, adamzatda
egrisi.
Biraz keýpi gaçan Aly soltan sazandarlara, tansçy gyzlara rugsat
berip goýberdi. Herhal ol, Aba serdaryň merdemsi keşbine gelşip duran
batyrgaý gep urşuny göwnüniň tersine bolsa-da, halandygyny öz
ýanyndan boýun aldy. Esasy meselede kömek bermäge-de razylaşdy.
Müňbaşydyr ýüzbaşylaram goldadylar. Iň soňundan Aba serdar ýene
göwün matlabyny aýtdy:
—»Hasaply dost uzaga gider» diýýä, biziň ýaşulularymyz.
Goldawyň üçin, näme şert goýýaň?. «Aý, eke jan, men seniň näjüre
kişidigiňi eýýam tanadym, sen welin Aly soltany tanamadyň. Senjagazda
hakymy köýdürsem, toprak başyma» diýip, oýlanan soltan gözlerini
mekirleç güldürdi:
—Iň soňky okuna çenli, dostuna bermäge taýyn kişä hasap-hesip
ýöredilip durulsa, niçik bor?
Jogap göwnünden turan Aba serdar sesini çykarman ýylgyrdy.
Ýöne gözlerini mekirleç ýylgyrtmasyny halamady. Muny daşyna çykarsa
«Süýtden gan gözläp, öte geçmek boljak» diýen pähime gulluk etdi.
***
Ertesi täze dostlar şikara çykdylar. Nowruz günleridi. Bahar däli
porhan bolup gelipdi. Ol ümmülmez sähranyň goltuk-goýnuna hut
sygmajak ýaly görünýärdi. Çarwalar ýaşyl ýaýlalara ýazlaga çykypdylar.
Bölek-bölek boz sürüler agyp-dönüşip ýördüler. Gül-pürçükli sähra
garagöz, ter gelniň meýdany gujagyna çalymdaş gözýetimde göwüslek
bulutlara başlaryny çümdlüren daglar şekilli baýyrlar gubarlanyşyp dur.
Ýan gapdallaryndaky gyrmyzy güller sansyz közleri ýadyňa salýar. Daştöwerek göwün göterijidi. Şonda-da Aba serdar: «Bu owadan sährany
niçik keseki ýurtlularyň at toýnaklaryna dözjek?» diýip, ýüregi gyýylmak
122
bilen oýlandy. Ynha, öňdäki alaňdan garamtyl-goňras reňkli, garnynyň
aşagy ala-mula geň haýwan zompa çykdy. Ol bulary görse-de, gözi ýok
ýaly göni süsdürilip gelýär. Yz ýanyndanam gykuwlap, atly ýetginjek
göründi.
Geň haýwan deňine gelende, Aly soltan sary ýaýyny çekip atyp
goýberdi. Peýkam onuň ýagyrnysyna çümdi, kemteresinden haýwan
ýykylmadam. Soltan ýene bir peýkamy gönderdi. Olam ýeňsesinden orun
tapdy. Onda-da ýykylmady. Geňirgän Aly soltan Aba serdaryň ýüzüni
gözledi. Olam onuň ýüzüne bakdy-da, birden atyny debsiläp, kowdy. Aly
soltan-da galmady. Ýetginjegem bularyň yzyndan gelýär.
Aba serdar haýwany bölüp taşlamak üçin, ýagyrnysyndan çümen
peýkama golaý gylyjyny aýlap saldy. Ol ýykylman büdredi, awunmady
ýaly, jyňkynam çykarmady. Aly soltan köwlenjiräp öňüne aýlandy-da,
sary ýaýyny çekdi. Peýkam göze çümdi. Janawar gulun kimin, çygyryp
ters aýlandy. Soltan ýene birini goýberdi. Ok beýleki gözüne sümüldi.
Geň haýwan ýykyldy.
Aly soltan Aba serdara sowal berdi:
—Göýükmikä?
—Aý, ýok, göýüg-ä däl.
Onýança ýetginjek gelip, atynyň jylawuňy çekdi. Atly-ýaragly
şazada keşpli kişilere çekinibräk salam berdi. Aly soltan derrew sorady:
—Inim, näme haýwan-aýt, bi?
—Bilmedim, agam. Gije guzy körpeje girip, içindäkileri
paýhynlapdyr. Otuz dagy bardy. Ertir habarymyz bolup, tutup ýençdik.
On taýak döwdük, eger-eger duýanogam. Sypyp, gaçyp gaýtdy. Ýöne
atam biläýmese.
Alaňda ýetişibildiginden eşegini depirjikleýän goja kişi göründi. Ol
ýakyn gelende salam berdiler. Goja:
—Amanlykmy, begzadalar? — diýdi-de, howlukmaç eşekden
düşdi:—Ogullarym, muny gynanmaň-da edil maňlaýyndan bir oky
suňşuryň.
Aly soltan şeýtdem. Beýni çogup, gyrmyzy gan bilen gatyşdy.
Soltan munuň haýsy haýwandygyny bilmäge howlukdy:
—Goja, bu näme jandar?
—Bilmek kyn oglum. Ýöne atam pahyr aýdardy: «Gördären ýa-da
demirdyrnak atly haýwany bilýäňizmi? Seýrekdir özem. Ýagy garyş
ýarym dagy bardyr. Şo-da, goragydyr. Ur, ýenç, täsir etmez. Adam
123
bilenem çörňeşip ýörmez. Menem ömrümde bir gezek gördüm» diýip. Şo
bolaýmasa.
—Mert eken öz-ä.
—Hawa, diýip, goja Aly soltanyň aýdanyny ikirjiňlemän
tassyklady: —Ýöne örän ogry hem nebsewür eken. Birki guzyny iýip
gidiberen bolsa, diri gezer ýörerdi. Bu gylygy möjege kybapdaş.
Aly soltandyr Aba serdar ikindine çenli, keýik, gulan awladylar.
Bir möjegem urdular. Keýpiçag halda-da çadyra öwrüldiler. Olar gije
ümmüldeşip köp oturdylar. Geljekki söweş barada hem pikir alyşdylar.
Aba serdar muny:
—Duşmanyň öňünden çykmaly. «Kim ilki hüjüm etse, galaba
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarhypelek - 09
  • Parts
  • Çarhypelek - 01
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2415
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 02
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 2350
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 03
    Total number of words is 3521
    Total number of unique words is 2284
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 04
    Total number of words is 3512
    Total number of unique words is 2331
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 05
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2323
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 06
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2318
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 07
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2321
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 08
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2393
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 09
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 2302
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 10
    Total number of words is 3569
    Total number of unique words is 2383
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 11
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2368
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 12
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2376
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 13
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 2399
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 14
    Total number of words is 3559
    Total number of unique words is 2280
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 15
    Total number of words is 2426
    Total number of unique words is 1736
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.