Latin

Çarhypelek - 14

Total number of words is 3559
Total number of unique words is 2280
29.7 of words are in the 2000 most common words
43.2 of words are in the 5000 most common words
50.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
«Beýdip, ýaplanyşyp durmak, elbetde, masgaraçylyk». Onýança
Balkanyň ýer sardyryp haýkyran sesi eşidildi. Tisginen Akmaral kellesini
galdyrdy. Balkan garşydaşynyň aýaklaryny ýerden saýlap, gobsunypgobsunyp, dyzyna ýetirdi-de, ýene bogazynda baryny edip, gygyryp, agyr
göwräni birýana eňdi, onsoň guşagyň aşak tarapyny bilebildiginden
dartyp goýberdi. Pälwan güpläp ýere degdi.
Göreş dargap, baýragyny alyp, ugraberjek bolanda, Balkanyň
ýanyna biri geldi:
—Siz Balkan pälwanmy?
—Hawa.
—Me. Ol bir tagta kagyzy uzatdy. Balkan ýaýdanybyrak aldy:
—Näme bi?
—Pälwanlygyňy taryplap şygyr ýazdym.
—E-e-e... Taňryýalkasyn! Kim bolarsyňyz?
—Türkmen şahyry Ýusup beg.
Balkan täze tanşy bilen elleşdi. Şahyr ony myhmançylyga çagyrdy.
Balkan sypaýçylyk edip, boýun towlady. Ertir bazaryň gündogar
çetindäki güjüm agajynyň ýanynda, guşluk mahaly sataşmagy belleşip,
aýrylyşdylar.
***
Balkandyr Ýusup beg salşyk eden ýerlerine deňeçir mahalda gelip,
köne tanyşlar ýaly çaklaňja meýhananyň bir künjüni eýelediler. Birki
bulgur meý içdiler. Ýusup begiň ilkinji sowaly şu boldy:
—Haýsy ýerden?
194
Balkan birbada jogap bermedi. Başyny aşak salyp, pikirlendi:
«Gönüsini aýdarmykam ýa-da... Içi güjükli biri bolaýmasyn? Onda
beýdip, ýerde-gökde goýman, şygyr düzmez-ä. Şygyr—şahyryň ýüregini
eliň aýasynda ýaly görkezýän närsedir».
Ol kellesini galdyrdy. Ýusup begiň ala gözleri içiňden-bagryňdan
geçip gelýärdi.
Balkan ýene sähel eglense, garşysyndakynyň göwnüne güman
gitjekdigini duýdy:
—Astrabatdan.
—Bo-uw... — Ýusup beg ümzükdi: —Niçik, Aba serdar?
—Gurat. Tanaýardyňmy?
—Ony bilmeýän türkmen barmy? Eýrany-Turany sarsdyrdy ahyry.
Görmek nesip eder-dä enşalla.
Ol eglip, ýuwaşja gepledi:
—Bi taýda, şanyň zyndanynda onuň aýaly bendilikde ýatyr.
Balkanyň agyr göwresi sarsyp gitdi. Tasdan: «Men şony aňtap
ýörün» diýipdi. Herhal, dilini dişledi, az-kem garaşmagy ýüregine düwdi.
Ýusup begiň getiren meýini ýene jyňkytdylar. Şahyr Tahmasp şanyň alym
dogany Sam mürze bilen Aýbölegi boşatmak üçin oňa töwella
baryşlaryny damdyrman gürrüň berdi. Balkan çuňňur pikir derýasyny
gulaçlap, uludan dem aldy-da, pyşyrdap aýtdy:
—Gönülesem... men şonuň yzyndan geldim. Nädip zyndandan
boşatmaly?
Ikisem birhowa dymdylar. Basym gapyda güpür-tapyr ses eşidilip,
içeri şa serbazlaryndan doldy.
Olar meýhana göz aýlap, üçüsi göni Balkana tarap gaýdyp, togtady:
—Balkan pälwanmy?
—Hymm...
—Onuň alyhezreti Tahmasp şanyň huzuryna barmaly. Hut öz
permany.
Täze dostlar biri-birine geňirgenişip seretmäge ýetişdiler. Balkan
nökerler bilen gitdi. Ýusup begem alas-gopaslanyp, güýmenmän, basym
turdy.
Balkan bilen Tahmasp şanyň gürrüňi uzaga çekmedi. Patyşa ony
başdan aýaga synlap, gözlerini dokundyrdy-da, sowal bilen ýüzlendi:
—Haýsy ýurduň bürgüdi?
—Horasanyň.
195
—Ýagyrnyň ýere degdimi?
Sähel ýaýdanan Balkan ýüzugra jogap berip goýberdi:
—Heniz-ä degenok.
—Şeýle güman etdim. Saňa synym düşdi. Köşk pälwany bolarsyň.
—Siziň sadyk guluňyz, kyblaýy älem.
—Ertirden başlap geliberersiň.
—Lepbeý...
Agajyň gabadynda garaşyp duran Ýusup Balkany görenden
howsalaly sorady:
—Eýgilikmi?
—Köşge çagyrýa.
Ýyrşarmakdan erni gulaklaryna ýeterlän Ýusup beg kanagatly
belledi:
—Bolsady ekseňem şundan gowusy tapdyrmaz. Yşjagaz açyldy.
Soňam ugruksyn, hernä.
Dostlar ümmüldeşip, bazara tarap ýöneldiler.
***
Balkan aglaba köşk meýdanyndaky türgenleşik jaýynda wagtyny
geçirýärdi. Özünden başga pälwanyň ýene bäşisi bardy. Olaryň biri
türkmen eken. Bular Balkan bilen güýçlerini barlap gördüler. Ýeňildiler.
Ýöne türkmen pälwany mazaly çytanaklaşdy, olam basyldy.
Balkan mahal-mahal bazara, kireýine ýaşaýan öýüne baryp
gaýdýardy. Bir gün uly toý eden türkmeniň gyzy jylawuny çeýnäp,
çarpaýa galýan atyny ýolunda kesertdi. Ol:
—Pälwan oglan, şu at baş bermejek bolýa, Suwuna degip
bersene— diýdi.
Bu goňşusy bolup durýan gyzy öň birki sapar gören Balkanyň onuň
haýyşyny inkär etmek ýüzünden gelmedi. Atlary çalşyp münüp, dar
köçede aldygyna goýberdiler. Öwrülip öňki ýerine ýegelende Balkan:
—Baş bilmeýäne meňzänok. Mes at, diňe gatyrak tutmaly. Ata
çulumlugyňam görnüp dur— diýip, morta aýtdy. Çytawunlanan gyzyň
alma ýaňaklary gyrmyzylandy. Närazylyk alamaty görnen ýüzüni kesekese sowdy. Bular basym ses-üýnsiz aýrylyşdylar.
Ikinji sapar geçende kempiriň biri gapdalyndan çykdy:
—Balam, aýak çek!
196
Ol säginen Balkany ýoluň gyrasynda kölege salýan güjüme
ümledi. Balkan şol ýana bardy. Kempir buýtar-suýtar etmän, gös-göni
saklamakdaky maksadyndan başlady:
—»Aýrana gelen çanagyny gizlemez, guzym». Gürrüňim şüdürki:
meni Şükür baýyň gyzy Melike jan iberdi. Seniň bilen öňňin at
çapyşypdyr. Aýjemalyny gözüň görendir. Taryplap durmaýyn, Hakylhuşam kyrk gyza degýär. Şoň seni sulhy alypdyr. Gije-gündiz bikarar.
Ahyr ýüregine daş baglap, meni ýollady. Ýogsam, türkmen gyzlary
saçlaryna boglup öler, beýtmez. Özüňem bilýänsiň, bu bizde uýatsyzlyk
görülýä. Ýöne, Melike janyň dädesi Şükür baý agzyny gözleýä. Göwün
söýenine bermekçi. Özem, diýseň, yranmaz baý, üstüňe gonan bagt
guşuny sypdyrma, köşegim. Eneň ýaly kempiriň sözüni al. Ýalňyşmarsyň.
Balkan mylgyp jogap gaýtardy:
—Ene, meniň aýalym bar.
—Bolanda näme? Şükür baý-da dört heleýli. Melike jan aýal
üstüne barmaga razy. Öň ölçerip-biçipdir.
Balkan dilewar kempiriň ýüzüne urup bilmedi. Kellesini bir ýana
sowup:
—Oýlanmaga puryja ber, ene— diýdi.
—Näçe gün, guzym?
—Üç gün.
—Bi, uzak möhled-ä.
—Aý, onda iki gün.
—Bolýa. Ýöne Hakylyňy çaşyrma.
Balkan sesini çykarman atyny debsiledi. Kempir gatyrak seslendi:
—Şu ýerde sataşarysmy, oglum?
Balkan baş atdy. Kempir ýene özelendi:
—Dost kişä geňeşgin-uw!
At toýnagynyň dükürdisi kempiriň bu sözlerini ýoňsuz arany açan
Balkana eşitdirmedi. Ol diňe öz göwnüne geňeşdi: gyz muhabbetini
kempir aýdabildi. Onuň öňünde durmaga ýigit gaýraty gerek. Ýanbermez
hyjuw entek damarlarynda at çapýar. Ýöne gyzyň üzümiň suwy kimin
päkize söýgüsi ýüregini gozgap bildimi? Başarmady. Tokgar bir bakyşda
jadylapdy, Jylawlapdy, otsuz köýdüripdi.
Balkan «Ah» çekdi. Gözel Melikäni söýüp bilmejegini, ummasyz
baýlygyňam täsir etmekden ejizligini boýun aldy.
Duşuşyk güni kempire:
197
—Ene, ýalňyşýan bolsam, geç günämi. Oňarjakgä. Mel... gözel
Melike müdimilik hoş galsyn! — diýdi-de, atyny çapyp gitdi. Geň
galmakdan agzy öwelen kempir garasy ýitýänçä doňan şekilli seredip
durdy. Balkan bolsa, gaýdyp ol köçeden geçmedi. Şu wakadan köp salym
geçmänkä, Şükür baý bezemen meýhananyň içinde Balkanyň ýoldaşy
türkmen pälwany Naýzany bir künje çekdi-de, haşlap, dem alyp,
çynlakaý ýüzlendi:
—Ol horasanlyny görýäňmi?
—Bile bolýas.
—Agzyňy aç, aýdanyňy berýän. Ýöne şony gümlemeli.
Naýza pälwan oýlanyp köp oturdy. Ahyry Şükür baý dymyşlygy
bozdy:
—Belli karara gelerçe wagt boldy.
—Bilýän.
—Ýeri, niçik?
—Bi, baý aga, birhili...
—Nähili?
—Dönüklige barabar bolýa.
Baý tarsa turup, eglip, gulagynyň düýbüne ýuwaş, emma azymly
aýtdy:
—Ýigit, gör ýagdaýyňy, Şükür baý bilen oýun etmeli däldigini
bilgin.
Naýza pälwan ýerine ümledi. Baý lampa aşak oturyp, üşerildi:
—Başa-baş bir özüme başartmaz. Göreşende hemmämizi ýykýa, o.
—Belki, ýarag gerekdir?
—Bi-de biçem. Jaýymyza ýaragsyz barmaly. Ýaragdan ölenini
bilse, patyşa güman edip, bizi diriligine ýuwdar. Ony eý görýä.
—Hemralaryň içinde ynamdary bardyr-a?! Al ýanyňa. Muzdundan
gaçma. Şony welin, dogmadyga döndermeli.
—Yhm-mm. Olaryň biri bilen dost. Şony göreýin. Ertir şu mahal
jogabyňy bereýin.
Turanlarynda baý tekrarlady:
—Çynlakaý çörňeşmeli. Ýogsam özüňi...
—Düşnükli. O, näme, göwnüňe degdimi?
—Çintgeme.
Meýhanadan çykdylar-da, her haýsy öz ýoluna gitdiler. Şükür baý
Balkanyň Melikäniň söýgüsini ret edenligini eşidip, diňe ýarylabilmedi.
198
Üstesine, bu ýigit atyny dilände-de satmady. Bu-da, içinden çykmady.
Onsoň özüni äsgerilmedik saýyp, Balkany ýoldan sowmagyň küýüne
düşdi. Daşyndan göräýmäge, mahmal keşp baýy içgin tanaýanlar
garşysyna gitmekden heder ederdiler.
Ertesi Naýza pälwan razylygyny bildirip, meýhana geldi. Baý
göwnühoş halda onuň bilen bir piýala meý içdi.
...Balkan şol gije gelmeli wagtynda gara bermedi. Ol garaňky
galtaşyp, göz baglananda, belli mahalda gelip, Akmaralyň ýagdaýyny
sorap giderdi. Gije ýassydan agdy. Akmaralyň howsalasy artyp, erkek
eşik-lybaslaryny geýdi-de, içinden ýarag enjamlaryny dakynyp, atyny
münüp, ýüzüni şa köşgüne öwürdi. Baryp, demir derwezäni kakdy.
Kiçijik gözaradan goja derwezebanyň nägile sesi eşidildi:
—Näme gerek-how, saňa?
—Pälwanlaryň bary ýerindemi?
—Dördüsi ýok, demsalymdan gelerler.
—Haýsy köçeden gitdiler?
—Alynky uly köçeden.
—Bolýa, hoş wagtyň. Oh, ýogsa-da, hemmesi bile gitdilermi?
—Biri öň, üçüsi soňrakdan çykdy. Gijräg-ä galdylar özi.
Akmaral atynyň başyny hyrra yzyna öwrüp, garaňkylyga siňdi. O
ýany, bu ýany esewanlady. Şeýdip, bazara çenli gitdi. Gara-çyra
görünmedi. Ses-üýnem eşitmedi. Ýüregi erbetligi syzyp ugransoň,
näderini bilmän, säginip, diňşirgendi. Birden, golaýdaky garaňky
böwürden elhenç haýkyrma çykyp, tapba kesildi. Akmaral munuň agyn
Balkanyň sesidigini tanady-da, şol ýana atyldy. Uly hümerlenişigiň
üstünden baryp, aýylganç gygyrdy:
—Bal-kann!...
—Ouff...
Daljykma ses etekden eşidildi. Topar pytyrady. Akmaral ýeten
çetinden birini gylyçdan geçirdi. Balkanyň nagrasyna çydaman, yzyna
öwrülip, atdan düşdi. Entrekläp gelen Balkan Akmaralyň elinden gylyjy
kakyp, alyp, tümlükde sumat boldy. Akmaral-da bilguşagyndaky
gynyndan hanjaryny sogrup, gysymlap, şol tarapa eňdi.
Balkan olary esli mahal gözläp, garaňkylykda tapmady. Onsoň,
derwezäni saklamak küýüne gelip, güjüm agajynyň aňyrsynda esewanlap
durdy. Garşydaşlary basym göründi. Balkan gabatdan öňlerinden çykyp,
barşyna birini çapdy. Beýlekisi derwezä tarap okduryldy. Ýöne, golaý
199
baranda, ony-da kerçäp, gyssanmaç yzyna dolandy. Orta ýolda öňde
duşan Akmaraly ardyna mündürip, sessiz-üýnsiz öýüne geldi. Çyranyň
ýagtysyna onuň urgudan ümezlän bir gözüni, henizem gan sarkdyryp
duran burnuny, çykyp, güp ýaly çişen elini görüp, Akmaral haýykdy:
—Kimler o ýezitler?
—Öz saçakdaşlarym.
—Näme üçin beýtdiler?
—Bilemok. Men eglenmän yzyma gideýin.
—Bi halda niçik gitjek?
—Bir gije agyra çydaryn. Köşk lukmany bar. Belki, ýetişsem,
baranymda oňa görkezerin. Ýöne bir güýçli duşman söbügimi
sydyryglaýa. Onuň kimligini bilemok. Pälwan ýoldaşlarymy
küşgürendirler. Ýogsam, olaryň mende köýüp ýatan arlary ýok.
—Başga biriniňem köýen ary ýokdur-a sende?
—Ol-a, şeýle welin... Bilemok-da. senem ertir ýeriňi üýtget.
Çykgynsyz ýagdaý ýüze çyksa, Ýusup begi gözläp tap. Düşnüklimi?
—Düşnükli.
Balkan daş çykyp, gaty-gaty ýöräp, köşge gaýtdy. Gelse,
başagaýlyk eken. Ölenleri ýygnap ýörler. Derwezeban Balkanyň yz
ýanyndan jaňjagazyny jyňňyrdadyp, türmäniň baştutanyny, saklap
nökerleri aýak üstüne galdyrypdyr. Ol güpürt-tapyrdy eşidip, gözaradan
bolan ahwaly görüpdir.
Türmäniň baştutany şol bada onuň alnynda dikilgazyk boldy:
—Ýer-ow, pälwan, bu niçik boluş?
—Men-ä haýran. Olar öldürmek islediler.
—Baş weziriň permany esasynda, bir gije tussag etmeli. Sabada
onuň alyhezreti bilen çözülişersiň. Häzir ol dynç alýa.
Balkany ýeke adamlyk türmä saldylar. Ertir patyşa diwanhana
gelenden, ony çagyrdylar. Patyşanyň ilkinji sowaly şu boldy:
—Bi nä ahwal, horasanly pälwan?
—Özümem bilemok, kyblaýy älem. Olar meni şeksiz öldürýärler.
El-aýagymy saklap, boganlarynda, bir pursat gowşadyp, gygyraýdym.
Sesimi eşidip, geçip barýan bolmaga çemeli, biri kömege geläýdi. Birini
gümledi. Onuň gylyjyny kakyp, alyp, derwezäniň agzynda ikisini özüm
öldürdim. Kömege geleniň tümlükde ýüzüni saýgarmadym.
Patyşa perman berdi:
200
—Pälwany bejeriň. Bu adatdan daşary gopan päliýamançylygy
mazaly anyklamaly.
Ony hut patyşanyň tebibi Abunasyr Gilanynyň özi çykan ýerini
salyp, bejerip ugrady. Iýip-içmesini gaýgyrmansoňlar, tiz aýňaldy. Öz
käriniň ussady hasaplanýan türmäniň baştutany birki sapar ýanyna gelip
gitdi. Soňky gelende, bu çigimtiklikden baş alyp çykyp bilmändigini
zeýrenip aýtdy. Balkan bolsa, eýýäm türgenleşik işlerine girişip, öňki
tabyna gelip başlady. Ýöne indi şähere goýberenokdylar. Şu aralykda,
türmäniň baştutany bilen birneme ysnyşdy. Oňa yzyndan gelende Ýusup
bege getirdip, atyň haly horjunyny sowgat berdi. Sähel mahal geçende,
gönümel sorady:
—Japar, seniň türmäňde Astrabadyň Etrek ilinden bir zenan ýatan
bolmaly. Şeýlemi?
—Hawa.
—Onuň haly niçik?
—Beýleki bendileriňki ýaly-da. Oňa patyşanyň özi üns berýä. Ol,
kyblaýy älemiň şumatky baş ýagysy Aba galtamanyň aýalymyş.
—Be-ýe... muny beilemog-aýt.
—Onda nä gyzyklandyň?
—»Barmaklaryny sogurdypdyr» diýdiler. Zenana halyna niçik agyr
jenaýat etdikä? Onnoň soraýdym. Ýokuş görseň jogap berme.
—Üýtgeşik zat soraňok. Göwnüňe alma.
—Günäsi nämekä?
—Menem bilemok. Patyşa bir zad-a garaşýa. Şol bolmasa, ýoguma
köýer. Megerem, Aba galtamana urgy üçin tutup getirendir.
—Gaýratyňy Aba galtamana görkezmel-ä. Alynyň aryny Ahmetden
almaly däl-ä.
—Bi, şeýle. Patyşa onuň-da, çaňyny kakmaga san-sajaksyz serbaz
iberdi.
—Elbetde, kyblaýy älem bilen oýnuň deň gelmez.
—Edil özi, pälwan.
Söhbet tamamlandy. Birki günden Tahmasp patyşa Balkany
dergähine çagyrdy:
—Pälwan, toba geldiňmi?
—Hut şeýle, beýik hökümdarym.
201
—Baş wezir iki günden ogluny öýerip, uly toý edýä. Şoňa
taýynlan. Ýykylsaň, malyň talaňly, başyň ölümli. Üç pälwanymyň hununa
derek, jezaň şo bolar. Gidiber.
Balkan ilki tolgunmady. Toý mahaly golaýladygyça, howsalasy
artdy. Otursa-tursa, patyşanyň ýowuz şerti bimazalandyrdy. Ölümini
boýun alan wagty boldy. Herhal, Haktagala ýüregine sowuklyk saldy
öýdýän, toý gününiň öňki gijesi sarsman ýatdy. Saba çagy süňňiýeňil
oýandy. Guşluk bir çebişi suwa gaýnatdyryp, etini iýdi, çorbasynam
derman kimin, birki demde başyna çekdi. Az mahal gezmeläp, sowuk
kölegede üstüne ýeňil ýüpek örtünip, gün gyzýança uklady. Onsoň
oýanyp, öň getirdip goýan iki okara düýe çalyny başyna çekip, göreş
meýdanyna bardy. Türkmenler ony göreninden telpeklerini göge zyňyşyp,
wagyrdaşdylar, ellerini howada galgadyşyp, şadyýan salamlaşdylar. Bu
hili janköýerlige garaşmaýan Balkan gylawlandy. Şol aralykda Ýusup beg
bilen Akmarala nazary düşdi. Has-da kuwwatlanyp, güýjüne güýç
goşuldy. Özünde sekiz däl, on alty pälwany ýykyp biljekdigine ynam
duýdy. «Menlik» şeýtanyň boýnuna» diýip, içinden aýtdy.
Patyşa gelenden jarçy gygyrdy. Göreş başlandy. Balkan göreşiň
öňisyrasyndaky gylawlylygy bilen garşydaşlaryny ýeňdi. Jarçy sesinde
baryny edip ýene gygyrdy:
—Onuň alyhezreti, jahana at-owazasy dolan Tahmasp şanyň
pälwany, Balkan pälwan, baş baýragy aldy-how!! Millet, eşitdimeşitmedim diýmäň-how!!
Şundan soňra, köşkde Balkanyň abraýy has-da artdy. Hut
patyşanyň özi serpaý ýapdy. Bu-da üstüne boldy. Emeldarlar ony
görseler, bükülip geçdiler. Muňa öwrenişmän, ilki-ilkiler ýüzi gyzdy.
Şäherde sözi ýörgünli adama öwrüldi. Badyhowalanan Balkan Aýbölegi
boşatmagy tas patyşadan sorapdy. Ýöne munuň özüňi özüň paş etmek
boljakdygyna basym huşy aýlandy. Bu gurulgy gapana basmak bilen
barabardy.
Balkan Aýbölegi ýuwdarhanyň elinden sypdyrmagyň başga
usullaryny pikirlenip ugrady. Ol Aba serdara kömege barmaga-da
gyssanýardy. Öz göwnüne, bahana dulanyp, güýmenip ýörene
meňzeýärdi.
Aba serdar Balkan bilen Akmaralyň özleriniň gelmeklerinden
tamasyny üzüp, ýene aňtawçy ibermegi küýlenip ýördi. Tahmasp şanyň
sülsatlary Astrabatdan bir menzile golaýrakda çadyrlaryny dikdiler. Olam
202
şäherden goşunyny çykaryp, şäheriň berräginde goş ýazdyrdy. Aba
serdaryň ýol saklawlary gyzylbaşlaryň iki ilçisini gözlerini daňyp,
ikindinara getirdiler. Olaryň ýaşy uluragy geplemäge başlady:
—Onuň alyhezretleri Tahmasp şanyň adyndan şert şüdürki: eger
boýun egseň, hatynyň azatlyga çykýar. Özüňe mülk berilýär.
Munuň jogaby eýýäm taýynam bolsa, Aba serdar biraz kürtdürip
gepledi:
—Türkmen namys-ar, diýar üçin, gara başyny goýýa. Şol sebäpli,
patyşanyň teklibini kabul edemok.
Ilçiler ýüzlerine kül urlan ýaly bolup, yzlaryna dolandylar. Şol gije
Aba serdar her nökere iki adamlyk ot ýakdyrdy. Bu onuň harby
sungatdaky hilegärligidi: goşun duşmana üç esse känelip görünmelidi. Ok
nyşana degdi. ummasyz ody gören gyzylbaş serkerdeleriniň howalasy
basylman durmady.
***
Astrabada golaýlan Aly serdar duýdansyzlykda gyzylbaş nökerleri
bilen ýüzbe-ýüz gabat geldi. Tutluşyk başlandy. Ýöne üç müň pyýada on
iki müň saýlama goşuna näme edip biler? Onsoň Aly soltan yza serpip,
aljyraňňy halda Gürgen derýasyna çekildi. Ur-tut goraghana gurmaga
girişdi: haltalary gumdan doldurdy, lageriň daşyna hendek gazdyrdy,
hatda çöküp oturan düýelerden berkitme ýasatdyrdy. Ol zordan
gyranýardy. Süleýman hany derbi-dagyn eden gyzylbaş serkerdeleri
gedemlenipdi.
Gedemligem
agzalylyk
döredýär.
Üstesine,
ýaýdandylaram. Ýogsam, gabawa salyp, bogup alaýmalydy. Heniz Aly
soltan bilen duşuşmaga ýetişmedik Aba serdar bolsa, haýsy söweş
tilsimini ulanjakdygy barada ilki çuňňur oýlandy: gaçyp, duşman
ysgyndan düşende dönüp söweşmelimi? Muňa «degdim-gaçdym uruş»
diýilýär. Aý, ýok, gaçmak hakynda pikirem etmeli däl. Çingiz hanyň
adygan serkerdeleri, asly türkmeniň alan-as taýpasyndan bolan Jebe
Goýondyr Sugudaý batyryň söweş usullaryny saýlasa näderkä? Bularyň
bir-ä, duşmandan asgynlap, gaçan bolup, olary ýadadýar, beýlekem şol
pursat öňdäki buky ýerden çykyp, paýhynlaýar. Bu-da, göwnejaý
görünmedi. Häzirki ýagdaýda başga tilsim tapmaly. Belki, gurt çozuşyny
etmelidir? Şeýdip, seljuk Togrulbeg, Çagry beg, Musa dagy gaznawylary
pytradypdyrlar. Muny Rahym ahun pahyr bir gije aýdyp beripdi: seljuk
203
begleri gaznawylardan ýeňlenlerine ar-namys edip, diňe ölebilmändirler.
Onsoň, her sapar gije ýarymyndan aganda, daňa ýakyn alagaraňkylykda,
duşmanlarynyň üstüne at goýup, gurt daran ýaly, ýeňlişe sezewar
edipdirler. Hawa, möjek ordasy hem galaba, gijäniň ýaryndan soň, çopan
süýji ukuda ýatyrka, itlere al salyp, sürüni weýranlaýar. Şu bolaýjak ýaly,
emma ol birden ýeňil gopup, ýokary galdy. Gyzylbaşlar arkasynyýeňsesini boş goýupdy ahyryn. Ynha, şondanam urmaly. Aba bärden
barar öýdüp, olaryň ýatsa-tursa küýlerine gelmez. Ilki Aly soltana
geňeşip, güýji çugdamlamaly. Ol ýanyna üç ýüz atly alyp, aýlaw berip,
hemrasynyň lagerine tarap sürdi. Aly soltanyň göwnüne güman gitmezligi
üçin, sesýetimde nökerlerini ätberdi. Hatda ýarag-enjamlarynam taşlap,
täk özi bardy. Soltan ony ýitirip-tapan şekilli, gadyrly garşylady.
Gujaklap, töre geçirdi, uzak mahallap hal-ahwal soraşdy. Aba serdar bu
pursat gutarandan soň, derrew öz maksadyny aýtdy. Aly soltan:
—Aperin saňa, serdar! Ikelläp goldaýaryn— diýdi. Aba serdar
bolsa, hödür-kereme-de durman, atlylaryna garşy ýöneldi. Ol garasyny
saýlandan, soltanyň ýanyndakylar nägile hüňürdeşdiler:
—Oňarmadyňyz siziň alyhezretleriňiz, oňarmadyňyz.
—Hawa, Yslam beg hak aýdýa. Büý-ä bolmady.
—Bolmady?! O näme diýip?
—Hökümdarymyz, gel-gel, guşkelle türkmeniň maslahatyna
mätäçmi? Öňki ýaly, oňa sala salmalam däldi. Dönäýmegem, ahmal,
gyzylbaşlara.
—Özi gelip dur-a, onuň
—Gelende näme? Tanapynyň üstünde odun goýup boljakmy şoň?
Ilki şuny saýgarmaly.
Gowur saýpallaşdy. Onsoň Aly soltan kesgin gürledi:
—Bumat deslapky ýaly däl, ýagdaýymyz. Güýjümi az. El-hal hötde
gelýäs goranmaga. Gyzylbaşlar agzybir hüjüm etseler, biziň külümiz göge
sowrulýa. Görüp dursuňyz-a, iki müňlük öňe omzasa, on müňi
gymyldanok. Uzaklaşyberse, bi hatalaryna düşünmeklerem ahmal. Indi
Aba serdar barada: ýaňky pikiri meň kelläme gelenok. Siziňkä-de
şeýledir. Eger oňa gurrumsak Tahmaspyň ummasyz goşunyny berseň,
şeksiz dünýäniň ýaryny basyp alardy. Isgender Zulkgarna ogşaýar. A
Çingiz hana dalaş guran batyr Jelaleddiniň damarlaryndaky gan kimiňki?
Türkmeniňki! Şuny-da mazaly biliň.
Oturanlaryň hiç birinden ses-seda çykmady.
204
***
Aba serdar gyzylbaşlaryň tylyndan duýdansyz döküldi. Olar
özlerini dürseýänçäler üzlem-saplam gylyçlaşdylar. Beýle elhenç
garpyşygy Süleýman han bilen söweşenlerinde-de görmändiler. At
toýnaklarynyň zarbyndan dörän çaň perdesi asmany gaplady. Nöker gany
sil kimin akdy. Hut peýkam degip, ölýän atlaryň gözleriniň öňünde
arman, ýigrenç şekilli ahwal doňup galýardy. Gykylyk-galmagal soňa
baka gulaklary gapara getirýärdi. Iki tarapyň urşujylarynyň aglabasy güňe
öwrülene meňzeýärdi.
Aba serdar öň hatardady. Ynha, onuň daşyny duşmanyň dördüsi
gabady. Ikisiniň arasyna düşüp, hersini çapmaga ýetişdi. Beýleki ikisini
janpenalary wagtynda ýeňselerinden gelip, atdan jansyz agdardylar. Ikindi
mahaly gyzylbaşlar basga düşüp, howul-hara gaçmaga synandylar. Emma
türkmenler alyjy gurda dönüpdiler. Edil şu pursat Aba serdaryň bukuda
goýan müňlügi aç ýolbarç kimin topuldy. Garşydan Aly soltanyň
gizlinlikde duran söweşip ýörenlerine kömege geldi. Telpeklerini çümre
geýen türkmenleriň duşmanlary palaç kimin ýatyryberişleri olary kemsiz
ruhlandyrdy.
Tümlüge dulanan duşman başly-barat gaçmaga yş tapdy. Aba
serdar bilen Aly soltanyňkylar birigip, süre söbüklerine düşdüler.
Gün gyrmyzylanyp dogdy. Jeň meýdanynda naýza, peýkam çümen,
gylyç bilen kerçelenip-çapylan nökerdir atlar sergi bolup ýatyrdy. Her
ýerräkde kömek soraýan ýa-da iňňildi sesleri eşidilýärdi. Toplum-toplum
gargadyr dazzarkeller maslyklarda gypynçsyz meýlis gurýardylar. Basym
iň güýçli duşmanlarynyň dönüp-deprenmäge halsyzlygyna göz ýetiren
möjek, şagal, tilkilerem läşlere tarap eňdiler. Beýle bol, azapsyz, taýyn
iýmiti olar nirede görüpdirler? Sährada jylawlaryny süreşip, altyn çaýylan
eýerlerini ýalpyldadyşyp eýesiz süri-süri atlar gezmeleşip ýördüler.
Käbiriniň depişip-garpyşýany, muňa geň galýan şekilli gözläp
hokranyşýanlary göze ilýärdi. Jeň meýdany şübhesiz, olja meýdanyna
öwrülipdi. Diňe Aly soltanyň atbakarlary ýedi ýüz sagdyn at ýygnadylar.
Bu soltanyň paýyna düşen oljnyň ondan birine barabardy. Elbetde, Aba
serdar we onuň nökerlerem «haklaryny» köýdürmediler. Ummasyz
oljadan ýüklerini tutup, Astrabada ýöneldiler.
205
Aly soltanyň töweregindäkiler ýene: «Ýeňiş Aba serdaryň adyna
gitdi. Biziň nökerlerimiziň gany suwça görülmedi» diýşip, ýeňselerini
tüňňertdiler. Aly soltan sesini çykarmady. Onuň gara nebsi gysyp-gowrup
alyp barýardy. Olja az göründi. Astrabada gidip, türkmenlerden salgyt
ýygnamaga miltem edip bolmajakdy. Öňünde dag kimin Aba serdar
keserjekdi. Onsoň Horasany çapawullamagy nazarlap ýola düşdi. Belki,
Din Muhammet ýolda-yzda duşup, günbasdy eder?
Bu waka 1558-nji ýylyň güýz aýlarynyň birinde bolupdy.
–6–
Balkan Aýbölegi boşatmagyň hiç bir alajyny tapmansoň, dura-bara
sussupeslenýärdi. Bir gezek baranda Akmarala şeýle diýdi:
—Mundan gün bolmaz. Ýöne iýip-içilip gezilip ýör. Näme üçin
gelenligimiz unudyldy. Men gös-göni türmä hüjüm edip, ýykjakýumurjak. Şeýdibem, maňlaýy synap, gelnejemi alyp gaçjak.
—Bi, çaga höwesi. Derrew gapjarlar. Paýhaslanyp, başga bir tär
tapmaly.
—Belki, Ýusup beg bilen türkmenleri aýaga galdyryp, türmä
çozarys?!
—Bu-da maňza batanok. Şa güýji rüstem geler. Biderek gyrlyşyga
ýol bereniň galar. Özümizem heläk bolarys. Bitiň burnuny ganatmaly däl.
Ganadylsa-da, bilinmesin. Özem, az-küş bolsun.
Lapykeç bolan Balkan gatyrgandy:
—Aý, dana zenan, onda nätmeli? Astrabatda bu wagt gan döküşikli
söweş gidýändir. Aba hökman ýeňer. Muny eşidibem, patyşa gaharyna
Aýbölek gelnejemi ur-tut dar agajyndan asar. Hak gürrüňmi?
—Hak gürrüň.
—Howlukmaly.
Akmaral halyçanyň gölüni dyrmalap, ýoňsuz oturdy. Bu Balkan
üçin ýyla döndi. Ol ahyry dillendi:
—Türmäniň baştutanynyň ýoguna ýanmaly. Onuň eşigini geýip,
Aýbölek gelnejemiň zyndanyna aralaşmaly. Saklawlar bilmän goýbärler.
Elbetde, töwekgellik etmeli. Belki, şowuna düşer.
Balkan syçrap turdy-da, gapa ýöneldi:
—Ugradym.
206
—Dur, oglan!
—Hä, indi näme?
Akmaral ýylgyrdy:
—Saňa türmäniň baştutanynyň eşigi sygmaz. Şu, küýüňe
gelenokmy?
—Nätmeli bolar, akylly zenan?
Akmaral onuň kinaýaly sözlerini gulagynyň duşundan geçirip
düşündirdi. Onsoň şäher türmesine tarap ýola düşdüler. Balkany
tanansoňlar gylyjyny, hanjaryny alyp goýberdiler. Akmaraly welin
sakladylar. Balkan basym goýbermäge ejaza berýän haty görkezip, ony
ýany bilen äkitdi. Japar üýşmek kagyzlara güýmenip otyrdy. Ol işikden
ätlän owadan ýigide aňkarylyp, birbada togtady. Balkanyň tanşyny şatyrşutur öldüribermäge bogny ysman, ýaýdandy. Bahana gerek. Akmaral
bolsa, ümledi:
—E-e-e, Japar gardaş, Aba serdaryň aýalyny görmäge ejaza
bersene.
Japar huşuna aýlanyp, laňňa galdy. Aljyrady:
—Bolmaz, gardaş, bolmaz. Beýleki bendileriň haýsysyny isleseň,
baş üstüne.
—Saňa aýdylýar, ejaza ber!
—Bolm...
Sözüni soňlamanka Balkan agzyny tutdy. Bogup ugrady. Sähel
salymdan ýüzi gök dalaga dönen Japary künje çekip, eşiklerini sypyryp,
Akmarala geýdirdi. Onsoň darajyk zaldan ýöräp ugradylar. Iňrik mazaly
düşensoň, alagaraňkylykda ýüz-gözlerini doly saýgarmak çetindi. Ençeme
saklawlardan geçip, ahyry Aýbölegiň zyndanynyň demir gapysyny
şakyrdadyp açdylar. Türme jaýlarynyň dymyljak ysy burunlaryna hapylap
urdy. Akmaral tas ögäpdi. Bir dem agzy-burnuny tutup, saklandy.
Onýança Aýbölegiň:
—Kim bi? — diýen ysgynsyz sesi eşidildi.
Dar jaýyň içi tümlük, göz gözi görenok.
—Çüşş... gelneje, bi, men, Akmaral.
—Akmaral.
—Akmaral?!
—Geň görseňem şo. Gurbatyň bolsa, gaýt bäri. Ýogsamam, baraly.
—Başga kim bar?
—Ýüwürjiň.
207
—Balkanmy?
—Hawa.
—Gelneje, salowmalekim!
—Heliksalam, sesiňi çykaraňok-aýt?!
Aýbölegiň damagy dolup, mundan aňry gepläp bilmän, işige tarap
gaýtdy. Ony yzlaryna eýerdip, ýuwaş, emma saýhally ýörediler.
Derwezäniň agzyna golaýlanlarynda sesini ýognaldyp,
gygyryp
goýberdi.
—Onuň alyhezreti Tahmasp şanyň gyssagly permany. Bendini
tizden-tiz huzuryna eltmeli.
Läheň demir derweze şakyrdadylyp açyldy.
***
Aýdylýan habarlar irden kabulhanasyna gelen Tahmasp şanyň
ýazzy maňlaýyny kesek bolup degýärdi:
—Horasanly pälwan Aba galtamanyň jansyzy eken. Ol türmäniň
baştutanyny öldürip, saklawlara hem al salyp, hatyny äkidipdir. Ýanynda
ýene biri bolmaly. Japaryň eşigini şol geýipdir.
—Aý, ograş, ýal ýagylary, iýýäniňiz kepekmi? Jübüt gaba telpek
türkmen bütin goraghananyň gözüne çöp atýa. Derrew kowgy iberiň.
Saklaw eşekleri, derwezebany türmä dykyň. Häý, siz, iýeni haram
bolmuş pedernäletler...
Baş wezir ýalynjaň epilip, ýalym-ýulum etdi-de, permany ýerine
ýetirmäge girişdi. Patyşa eýlä-beýlä gezmeledi. Oturdy-turdy. Ýene
oturdy. Dura-bara gahary kiparlaşdy. Agşamara Astrabat tarapdan atyny
gara dere batyryp gelen çapar ýer bagyrtlap, başyny galdyrabilmän,
zordan gepledi:
—Kyb-kyblaýy älem!...
Eýgilik habaryň ýoklugyny aňan Tahmasp şa ýönekeý esgere
heňkirdi:
—Pisiňi aşyryp ýatma, başyňy galdyr!
Çapar görgüli boýnundan agyr daş asylan ýaly boýnuny haýal
galdyryp, dowam etdi:
—Bir çemçe ganymy geç. Biziňkiler ýeňlip, gaçyp gelýä.
—Bi ejeýi-de şum habary üçin zyndana oklaň.
—Kyb-kyblaýy... men... men... bir ýetim.
208
—Äkidiň tiziräk haýwankädini! Ýetim bolsaň, Haktagala seni öň
gargapdyr. Düzüwli nöker hoş habar getirip serpaý alardy.
Bigünä serbazy süýräp äkitdiler. Tahmasp şa hut ýyldyza ýörän
ýalydy. Şowsuzlyk üstüne şowsuzlyk. Eýsem bu galtamanda niçik
keramat barka? Onuň saýlama goşunyny kül-peýekun etdi. Hamala,
Iskenden Zülkarneýne döndi. Täze Isgender Zülkarneýin jahandaky gün
ýaly ýeke-täkdir. Olam Tahmasp şa: «Dur bakaly, saýry galtamanjyk,
kelläňi kesip, derwezeden asmasam içim sowamaz».
Şeýle pikirlenen patyşa hum kimin çişip, ýumruklaryny daşa
dönýänçä düwdi.
***
Tahmasp şanyň saýlama goşuny derbi-dagyn edilensoň, ýerli
häkimler, han-begler Aba serdaryň garşysyna başlaryny galdyrmaga
ymtylmadylar. Mum-helimlendiler. Ýöne, Aýbölegiň, Balkanyň hem-de
Akmaralyň çuňňur guýa gaçan iňňe kimin ýitirimlenmegi Abanyň
keýpine sogan dograýardy. Tora düşmedik bolsalar olar eýýäm gara
bermelidiler. Henize çenli diri saklansalaram, ýeňlen patyşa gazabyna
gümländir. Şeýle halda gezip ýörkä, Aba serdar birden ýüregine ot
ýapyşan şekilli bolaýdy. Şäheriň bir çeti jeňňellige ulaşýardy. Ynha, şol
ýerde ýodajykdan hiňlenjiräp barýan pars gyzyna nazary düşdi. Serdaryň
ýüregi jigläp gitdi: gyz agyn Akmaralyň özüdi. Beýle-de bir damjany iki
bölen ýaly meňzeşlik bolar oguşýan!
Aba serdara gözi düşen gyz bolsa, tosunja jeren kimin
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarhypelek - 15
  • Parts
  • Çarhypelek - 01
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2415
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 02
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 2350
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 03
    Total number of words is 3521
    Total number of unique words is 2284
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 04
    Total number of words is 3512
    Total number of unique words is 2331
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 05
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2323
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 06
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2318
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 07
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2321
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 08
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2393
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 09
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 2302
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 10
    Total number of words is 3569
    Total number of unique words is 2383
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 11
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2368
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 12
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2376
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 13
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 2399
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 14
    Total number of words is 3559
    Total number of unique words is 2280
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 15
    Total number of words is 2426
    Total number of unique words is 1736
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.