Latin

Çarhypelek - 06

Total number of words is 3577
Total number of unique words is 2318
28.8 of words are in the 2000 most common words
42.1 of words are in the 5000 most common words
49.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Hyrady, Maşady, Horasany, Horezmi özüne tabyn edip, ýaýrawyny
ummasyz giňeldýär. Türkmenlere uly-uly orunlary ynanýar. Tekeliden
bolan Emir han Hyradyň hökümdary eken. Tahmaspa-da, howandarlyk
edip, terbiýe berýär. Şamly taýpasyndan, akylly we batyr serkerde
Muhammet Soltanyň, Balhyň harby serkerdesi, baharly taýpasyndan Ady
Şükür hanyň, zülkadar taýpasyndan, Şirazyň hökümdary Halym Soltanyň,
gajarlardan Gara Biri soltanyň...atlary şol mahallar meşhurlyk gazanýar.
Ysmaýyl şanyň harby tilsimlerinde hilegärlik uly rol oýnaýar. Ol Merwi
basyp alanda nädýär?
Tahmasp şa kakasynyň şundaky harby mekirligini hakydasyna
getirende buýsançdan gozganjyrady-da, ýyrşaryp goýberdi.
Göçüp-gonup ýören özbeklerden bolan Abylhaýyr hanyň agtygy
Şeýbany han Horasandan ýeňillik bilen geçip, Gyzylbaş döwletiniň
ýakalaryna aralaşýar. Kermana baryp, talaňçylyk edýär. Ysmaýyl şa-da
haýbat atýar. Ol kellesiniň gysgynyna Yspyhanyň külüni göge
sowurjaklygynyň habaryny ýetirýär. Bu han Hazar deňzinden tä ÇynMaçyna çenli uly döwletiň eýesidi. Özem şol aralygy örän tiz basyp alýar.
Oňa garaw berýän ýok eken. Sabyrly Ysmaýyl yňdarma hana
alamançylygyny togtatmagy ençeme gezek haýyş edýär. Emma gulak
asmaýar. Jany ýanan Ysmaýyl Horasana gelip, gündogara süýşýär. Özbek
goşunlary Hyrada tarap yza çekilýärler. Munda-da, uzak eglenmän,
Merwe gelýärler. Gyzylbaşlar Maşatda ornaşýarlar. Şeýdip iki tarapam
söweşe taýynlanýar. Heniz tumşugyna jaýdar kakylmadyk Şeýbany hanyň
goşuny ýadaw hem azgyn eken. Olaryň söweşjeň ruhlarynyň peselenini
bilýän Şeýbany han Maweranhahrdan harby kömege garaşyp, galada
gizlenýär. Ynha, şu ýerde tilkini hininden çykarmak üçin, Ysmaýyl şa
taryhda yz galdyran beýik hilegärligini ulanýar. Ol Şeýbana hat ýollap,
gyş çykýança, wagtlaýyn Maşada çekilýändiginiň, ýöne ýaz aýlarynda
öwrüljekdiginiň habaryny ýetirýär. Onsoň gyzylbaşlaryň on ýedi müň
goşuny Merw galasynyň gabawyny taşlap, Syýah-abyň köprüsinden
geçip, bukuda durýarlar. Göze çöp atylanlygyny aňmadyk Şeýbany han
goşunyny galadan çykarýar we gyzylbaşlaryň yzyndan kowýar. Haçan-da,
78
köprüden geçip, gala ýitirenlerinden yzda goýlan serbazdar Ysmaýyl
şanyň buýrugyny ýerine ýetirýärler: Olar köprüni ýumurýarlar. Şeýbany
han gapana düşýär. Gyzylbaşlar çozýarlar. Gandöküşikli söweşde
şeýbanylaryň hemmesini güjük gyran ýaly, paýhynlaýarlar. Şeýbany
hanyňam kellesi kesilýär...
Hany gyzylbaş serbazlarynyň, serkerdeleriniň birmahalky şöhrady?
Ýa olaryň içinde garadangaýtmaz türkmenler kemterlik edýämi? Ýa
harby hilegärlik?...Häý, ýal ýagylary...
Patyşa ör turdy: «Belki, Reşideddin gerekdir?» Ol köşgüň içinde
gezmeledi: «Gel, gel, indi ograş Süleýman han Uly ýa-da Dabaraly
tahallusyny alýa. Tahmaspa, gaýduwsyz Ysmaýyl şanyň ogluna ot
ýakdyranok. Bu-ýä, uly güýç, galtaman Aba näme diýsene! Yranmaz
döwletime baş galdyrýa.
Aslynda damarynda türkmen gany bolan patyşa dergazaplandy.
Ýumruklaryny düwdi. Birdenem kelebiň ujuny tapan şekilli hoşnutlandy.
Ellerini çarpdy. Işikde hyzmatkär nöker göründi:
—Baş weziri çagyryň.
Az salymdan wezir gelip, baş egdi:
—Ikindine deňeç, puryja berýän. Türumençäni suwara bilýän,
aşpez pars tapyň.
—Beli, siziň aly hezretiňiz.
Wezir gitdi. Patyşanyň ýene ýeke özi galdy. Başky oýlanmalaryna
dolandy: belki, kakasynyňky ýaly, türkmenlere uly wezipeler bermelidir?
Galtaman Abany Astrabada häkim belläp, köşeşdirmelidir?»
Ýöne bu pikirinden basym el çekdi. Özi-özüne jogap berdi: «Bi,
kölegäňden tisginmek bolýar türkmenler kakamyň döwründäki ýaly,
beýik hyzmatlar görkezenok maňa. Aba galtamana häkimlik eçilsem,
gorkudan edilendigi köre hasa bolup dur. Onda basym täç-tagtyňdan
aýrylarsyň. Aý-how, bi oglantak pikirler, nireden dömýä diýsene!
Çagşajak bolýarmykam? Ýa akylym nädürsmükä? Özüne göwniýetýäniň
çykalgasy däl-ä, bi. Ýöne türkmen adyny eşitsem, söbuk saňňyldym
artyberýä. Bi, nä beýle? Hymm...Şu etjek bolýan pyrryldagym şowlasa, şo
derde melhemdir, enşalla. Käte müň serbazyň alyp bilmeýän berk
galasyny akylly-başly çemeleşse, ýekeje serbazyň başarmagy ahmaldyr».
...Aşpezi aýdan puryjasyndanam öňräk getirdiler. Pygamber
ýaşyndan geçen kişi büküljiräp ýoňsuz durdy. Patyşa onuň sussuny has
basmak üçinmi-nämemi, mahaly bilen gazaply görnüşini aýyrmady. Şeýle
79
keşbinde ýene az salym otursa, aşpez görgüliniň takga jany çykarly
göründi. Ol patyşanyň dergähine näme üçin getirilenligini bilenokdy.
Tahmasp şa oňa habar gatdy:
—Türkmençäni bilýärmiň?
—Bilýän, siziň alyhezretiňiz. Ýaşkam köp mahallap Astrabatda
gezdim. Goňşymyzam türkmendi.
—Onda Astrabada beletsiň?
—Edil bäş barmagym ýaly belet, siziň alyhezretiňiz.
—Möhüm tabşyryk bar.
—Janym gurban, size şalaryň şasy.
Jany aram tapyp, dil açyp ugran aşpezi patyşa göz astyndan
gaýtadan synlady:
—Muzduňy tölärin.
—Beli, patyşahy Älem.
—Bi, harby syr. Diňe ikimizden başga kişi bilmeli däl.
Düşnüklimi?
—Düşündim, siziň alyhezretiňiz.
—Astrabatda Aba galtaman atly bir näkes döräpdir. Şonuň
aşhanasyndan iş tapynyp, o dünýä ibermeli.
Aşpez başyny aşak sallady. Ýüzüne kül urlan ýaly boldy. Muny
gören patyşa azymly gepledi:
—Patyşanyň tabşyrygynyň oýun-oýunjak däldigini bilgin.
Özüni rastlan aşpez pars dogumly keşbe girdi:
—Bilýän, patyşam.
—Gerek-ýaragyňy bererler. Ertiriň sözünde ýola düş.
Aşpez büküljiräp çykdy.
Akmaral abanyşyp, üstüňe ýykylarly görünýän howalaň daglaryň
bir deresiniň ýangapdalynda nokerlerine goşýazdyrmaga buýruk berdi.
Mundan öňe gitmek howpludy. Dere gitdigiçe inçelýärdi. Diňe yza ýol
bar. Daglaryň böwrüni garaldyp görkezýän kölgeleri iňrige sumat bolup
barýardy. Ýolbelet aňtawçylar bilen gidipdi. Olar bellenilen wagta
gelmän durlar. Belki, birmahalky Aba serdaryň aňtawçylaryny tutuşlary
ýaly, duzaga düşürendirler? Şu ýadyna düşende darygyberdi. Ol beýle
ýanda söwedeňläp ýören onbaşynyň birini ýanyna çagyrdy:
—Nökerleriňi al-da, öňe gidip gör. Gije ýarymynda öwrülip
gelersiň.
80
Onbaşy ýola düşdi. Şonda-da bimazalygy aýrylmady: «Aslynda,
ýolbelet kürt, bi depä näme üçin saldyka?» Abanyň beýdip goýbermesem
şu mahal maňzyna batmady. Gör, näçe günläp kaňkap ýörler. Nireden
taparsyň başbozarlary? Gapana ýeňil düşer ýaly olaram çöregi
ýeňsesinden iýýän däldirler-ä?!».
Ol nökerlerine ot ýakmagy gadagan etdi. Garawullar goýuşdyrdy.
Çalak-çulak garbandylar. Günuzyn at üstünde sütünleri süýnen nökerler
halkalaýyn tegelenişip, şol bada ymyzgandylar.
Akmaral irkilebilmedi. Ýadyna salmajak bolup şunça janygsa-da
Aba gelip gursagyna sümüldi. Hälki howsalaly oýlanmalar daglara siňene
döndi. Bary serinden çykdy: «Otlukly bakýa. Pagyş-para eredýärem. Ady
belli serdar gyza habar gatmakdan ejizmikä? Ýa ol bakyşlar aldawmyka?
Aý, ýok, onuň gözlerinde tämizlik görünýä. Gara ýürek kişiniň nazary
beýle bolmaz. Ömür salym geçip barýa. Men welin, oňa garaşýan. Her
demde garaşýan. Eý, Biribar, kömek eýle, maňa. Ýüregime sowuklyk sal.
Ýogsam, ot alyp barýa. Giň jahan daralýa».
Akmaral tarsa turdy. Abany az mahallygam bolsa, kalbyndan
çykarmak üçin ünsüni başga ýana sowmak isledi. Ilki gezmeledi. Daştöweregiň tümlük. Asmandaky patralyşýan ýyldyzlar bärden sähelçe
üfleseň göwnüne gaçaýjak şekilli göründi. Hal-ha, biri ak yz galdyryp
süýndi-de, öçdi. Bu Akmaraly birneme gussalandyrdy. Öňki gamgynrak
şirin duýgusyny artdyrdy. Öçen ýyldyz gysga ynsan ömrüne kybapdaş.
Ol garawullary barlaşdyrdy. Olar sak durlar. Gelip, düşeginde
gyşardy. Eýlä-beýlä agdarylyp, ahyry irkildi. Ýöne tapyr-tupura, gohgalmagala basym oýanyp, syçrap, ýerinden turdy. Atyna atlandy. Hawa,
gijn ýarymynda çozan başbozarlar bilen söweş başlandy. Elbetde, bu
ýolbelet kürtüň dönükliginiň edenidi. Hernä, ýigitler gapyl galman,
tutuluşyga ýetişen bolaýsalar ýagşy.
Jeň gün doganda hem gidip durdy. Gabawa düşen Akmaralyň
nökerleri ölenlerini-ýitenlerini bilmän goranýardylar. Böwsüp çykmak
başartmajakdy. Yza ýol ýok. Ony duşmanyň uly topary böwetläpdi.
Soňa-baka garym-gatymlandy. Biri-biriňi saýgarmak derdesere
öwrüldi. Maslyklar münderlendi. Adam gany towlanjyrap-towlanjyrap
akyp, ýol ýasaýardy. Saba çagynda tämiz ys alan bürgütler depäňde
gaýyşýardylar. Töweregi çolaran Akmaral ýegdekläp gaçyp barýan
biriniň söbügine düşdi. Ýoňsuz daşlykdanam duşman atlysynyň üçüsi
gaýtdy. Bular ýoly ýarpylamanka, gaçyp barýanyň ýeňseçukuryndan
81
gylyç saldy. Kellesi ýolunarlap, göwre birýana agyp, ýykyldy. Akmaral
tanady. Bu — şol, dönük ýolbeletdi. Seňrigini ýygryp, bir dem pidasyna
seretdi-de, duşmanlaryna göz aýlady. Olar gözleri ýok ýaly, okdurylyşyp
gelýärdiler. Gana boýalan gylyçlary hem howada galgaşýardylar.
Akmaral birbada el-aýagyny ýitirdi. Ilkinji gezek söweşjeň şekilli
aljyrady: «Wah şumat Aba bolsady. Ýa gudrat bilen Balkan ýetişäýse.
Hany olar?...Gaçmalymy?...Niçik syparsyň? Onsoň-da, öz nökerleriň
aglabasy gyryldy. Ol muny bilýär. Birden beýle gapdaldan iki aralygy
nazarlap, at çapdyryp gelýän nökeriniň biri gözüne ildi. Müňbaşysy üçin,
goramaga gursagyny galkan edýän ýigitleriň barka hem gaçmaga
meýillenerlermi? Päh, zenanlyk edýäň-ow, Akmaral!»
Ol kuwwatlanyp, göni duşmanyň öňünden çykdy.
Nökerleri gylyçlaşyp, çetki birine atynyň boýnuny gujaklatdyrdy.
Özem garşydaşyny atdan agdaryp, agzyny ýer garbatdyrdy. Ýöne
uzakdan atylan peýkam şuwwullap geldi-de, atynyň böwründen çümüp,
serreltdi. Akmaral zordan zyňmaga ýetişdi. Ýaňy galanda nökeri
gapdalynda keserdi-de, şol bada «Wah, Akmaral...» diýip, atdan ýykyldy.
Onuň gursagyna ikinji atylan peýkam sümlüpdi. Akmaral oňa ýaltda
bakdy. Ýüregi jigledi. Ýöneliberende, ýüzi aňry duşman atlysy gaňrylyp
özüne gönükdi. Ol birhowa kürtdürdi. Megerem, demir telpegi açyp,
Akmaralyň çözlenen çomuç saçlaryny görendir. Ýa-da dönük ýolbeletden
öň müňbaşynyň gyzdygyny, onuň-da, garşydaşydygyny bilip, aňalandyr.
Her hal, Akmaral mundan peýdalandy. Mişi gynyndan hanjaryny sogrup,
alyp zyňdy. Duşman gursagyny tutup, ýykyldy.
Akmaral nökeriniň başyny galdyrdy:
—Hiý-h?...
Ol başyny yrady:
—Batman, men...
—Nädäýdiň, oglan, özüňi?
—Armanym..., ar...ma...nym ýok, el-eliňde ölsem.
Ol ümezlän gözlerini peýkama aýlady:
—Indi, sog-sogur mu...mu...muny...
Agzyndan zogdurylyp gan akan Batman duşman oky aýrylmanka
jan berdi. Akmaralyň bogazy dolup, elleri titredi. Ol:
—Nädäýdiň, oglan özüňi?—diýip, ikinji gezek zarynlap, zordan
aýtdy:
82
Perişan halda oturyberdi. Bogazam gurap, teşnelikden ölüp
barýardy. Ol şeýle halda näçe mahal eglenenini bilenok. Ýöne:
—Ak - Akmaral...—diýen sese ukudan oýanan ýaly, tisgindi.
Başyny galdyrdy. Gözlerine ynanmajak boldy. Bu Balkanyň agyn özüdi:
—Seni gözläp ýörün, name işläp otyrsyň?
Akmaral entirek-tentirekläp ýokary turdy. Ysgynsyz seslendi:
—Suw bersene!
Balkan derrew suwly meşigini uzatdy. Akmaral ýakasyna
saçalandyryp, hezil edip çeşme suwuny ganýança içdi:
—Haçan geldiňiz?
—Ýaňrak.
—Serdar iberdimi?
—Hawa.
—Başbozarlar nätdiler?
—Pürreledik.
—Ýolbelet dönüklik eidi. Mazaly ýetişäýdiňiz. Ýogsam, birimizem
diri sypmaýardyk.
—Seňkiler tükenerläpdir. Aba ýokuş görse gerek.
—Aý, nädeýin, duzaga düşdük-dä.
—Garakçylar uly güýç eken.
—Hawa. Özlerem ýolbars kimin söweşdiler.
Ýaralylary alyp, giçlik yza dolandylar. Ýarawsyzlary öňe goýberip,
aýlanybrak, gaýtdylar. Şonda başbozarlaryň kiçiräk toparyna duşup,
gylyçdan geçirdiler.
Akmaralyň müňlügini paýhynladyp gelmegi Abanyň hemme
keýpine sogan dogrady. Onuň üstüni ýetireýinem diýmedi. Akmaralyň
özüni bolsa, ýüzbaşlyga belledi. Daş-töwerekden başbozarlary aňtamagy
bes etdi. Diňe olaryň bir ýerde bar sesini eşitse, dargatmagy ýüregine
düwdi. Ýöne garşydaşlary hem kiparlady. Ülkä asudalyk aralaşdy. Emma
kalbyndaky pitne welin, köşeşmedi. «Päh-eý, ýigdekçe kimin, ýygrylyp
ýörsüň. Içinden ýalyn geçen kişä meňzäňok» diýip, özüne gyjydam berdi.
Birki gezek Akmaraly görmäge, göwün matlabyny dökmäge çemelendi.
Ýöne, häzirlikçe dilini dişlemegi makul bildi.
Ebeteýini tapmady. Täk özüni çagyrmaga-da, Akmaralyň abraýy
üçin, bogny ysmady. Ol durmuşa çykmadyk gyz. Beýdiberse, bolgusyz
hyşy-wuşy gürrüňiň döremegi ahmal. Düýn Remezan aga oňa:
83
—Oglum, Aba jan, çagalaryňy, gelniňi, getirdäýsek nädýä? —
diýdi. Aba oňa soragly nazaryny dikdi:
—Astrabada gelip, köplenç gulagyň sallanma gezýäň. Belki,
maşgalaň ýadyňa düşýändir?
—Remezan aga, biz, at üstüniň adamsy. Nirede name boljagymyz
belli däl. Ýogsam, pikirlenip görýän olar barada.
—Gönüle, oglum, onda. Haýsy dert azar berýä. Melhemini gözläli.
Aba ýüz-gözüni sapajak-supajaklatdy:
—Göünüňe bolaýmasyn, Remezan aga? Janym sag, döw nogtalap
biljek.
—Hymm. Beýle bolsa, Hudaýa şükür.
Goja ynanan kişi boldy. Abanyň ýüreginiň teýinde gizlin bir syryň
barlygy äşgärdi. Ol syryň pynhan we ýalňyzlygyny, onuň hiç kime
aýdylmajagyny duýdy. Ýöne serdaryň şol süýji syry Akmarala bolan
muhabbetidir öýdüp ýatsa-tursa kellesine gelenokdy. Şu gürrüňden soň
Abada: «Beýlekiler aňşyrýan bolsalar, göz gülban bolup ýörmän, özümi
ele alaýyn» diýip rastlanmaga küýlendi.
***
Balkanyň muhabbet derdini ýörüşdir-jeňler birneme egisýärdi.
Mydama bular tapdyrýarmy? Onsoň kellesini gaty daşa uruberesi, hüwläp
çöl-beýewana çykyberesi gelýärdi. Akmaraly halas etmegi birneme
göwnüni ganatlandyrdy. Remezan aganyň ýanyna çaga kimin, ýyrşaryp
geldi:
—Tüweleme, oglum, aty ozana meňzeýäň!
—Ozmanam durmaz, enşallasa.
Ol indi birmahal Etrek jeňňelligindäkisi ýaly utanjyramady. Dil
açdy:
—Remezan aga, ýadyňa düşýärmi?
—Näme, ol, oglum?
—Sawçy bolmalydyň. Ýöne...
—Oh...Huşum gursun. Ýöne ine-ganalygam ýok şondan bäri.
—Indi tizleşdir, Remezan aga.
—Bolýa, inerim. Ertiriň özünde çöp döwen ýaly edeýin. Ertesi
Remezan aga Akmarala pent beriji äheňde başlady:
84
—Gyzym, ertirki çeýnejek çöpüň gümana. Ynsan ömri-de,
türkmeniň bahary ýaly gysga. Şu gysgajyk pursady hem ýaşan şekilli
ýaşamaly. Munuň ilkinjisi jübütlenmek. Bu-da, adam ata How Ene döräli
bäri gelýär.
Goja ýekedyz oturyp, sakgalyny daraklap goýberdi:
Zenanyň ata çykyp ýöreni az. Ömrüňi ýele sowurma. Gulak as,
balam, jübütlenmäge wagt boldy, saňa.
Ol sözleriniň nähili täsir edýänligini biljek bolýan ýaly gözlerini
Akmaralyň ýüzüne aýlady. Onuň ýüzi narynçlanyp, elleri saçlarynyň
uçlaryny oýnaýardy. Başyny galdyrybilenok. Goja muňa monça bolup:
«Utansa, gaňryşyma gaýdyp bilmez» diýen netijä geldi.
—Mynasyp taýyňam bar. Özem söz aýdyjy edip iberdi meni.
—Kim, o?
—Balkan. Ýigidiň güli, gyzylyň gyryndysy. Hor bolmarsyň onuň
elinde.
Soňky wagtlarda Abadan tamasyny üzerlän Akmaral sesini
çykarmady. Ondan muhabbet sözüni eşitmäge köp garaşdy. Bolmady.
Arada pete-pet gelende-de, gabagyny galdyrman geçip gitdi. Göwnüne,
şondan soň gaçgaklaýana meňzeýär.
Remezan aga Akmaralyň dymmagyny razylygyň alamaty
hökmünde düşündi:
—Şeýt, gyzym. Gözüm bilen göreýin jübütleneniňizi.
Onsoň gabrymda rahat ýataryn.
Ol gijara Abanyň ýeke özükä Astrabatdaky kaşaň jaýyna bardy.
Gelmeginiň sebäbini gönüledi:
—Balkan bilen Akmaralyň toýuny tutmaga kömegiň gerek.
Abanyň on iki süňňi bilen doňanlygy gojanyň nazaryndan
sypmady. Ýöne ol, oňa kän ünsem bermedi. Abanyň welin, ýüregi
paralanana döndi: «Onuň o bakyşlary aldawmyka?...Ýok, ýok,
Akmaraldan görer ýalam däl. Wagtynda aýdyp bilmedim, muhabbet
sözüni. Eýsem, gyz halyna özi boýnuma böksünmi? Wah, eýýam
Remezan agany sawçylyga ibermeli eken. Indi giç. Balkan akylly bolup
çykdy. Belki, biri-birinde göwünleri bardyr?»
Ol janyny barlamak isledi:
—Olar näme...aşyk-magşukmy?
—Balkan jan-a daşynda perwanady. Akmaralam şo hili taý
tapynsa, köňlünde arman galmaz. Söz aýdanymda sesini çykarmady.
85
—Hymm...Şeýle
Aba tas: «Akmaralyň garaşýan bolmagam ahmal maňa» diýýärdi.
Hernä, dilini dişläp, pikire çümdi: «Mynasyp jübüt. Balkan, dag bürgüdi.
Ölüm penjesinden şol halas ýetdi meni. Muny ömürylla unutmaryn.
Onsoňam, sag ganatym. Akmaralda welin bagty çüwdi. Bahylçylyk
etmeli däl. Goý, ýöwselligim üçin, ömürboýy ejir çekip gezeýin. Gijä
galyp, aýdylmadyk muhabbetimden meni hiç kim halas edip bilmez. Hoş,
gal, saba çygy kimin tämiz muhabbetim. Hoş, gal.... Hoş gal, bigünä
Akmaral...»
Goja özüne bir zatlar aýdýan ýaly boldy. Düşünmedi. Soragly
nazaryny aýlady. Remezan aga gaýtalady:
—Çuň pikire batdyň, oglum. Meni unutdyň.
—E-e-e..neme...Toýy ulurak tutmak barada oýlanýan.
—Maşalla, guzym, maşalla!
—Toý sähedini bellediňmi?
—Ýene ýigrimi günden.
—Toýuň hemme çykgyny menden. At çapdyrarys, göreş
tutdurarys, bagşy aýtdyrarys.
—Kemi ýok, oglum. Gaýratlylyk hökman jeňde gazanylmaýar. Buda, bir mertlik. Dilegi bitirişem başgaça tüýs goç ýigitleriň.
Gojanyň gaýdanda göwresi gamaga dönüp, aýagy zordan ýere
ilýärdi. Birki günden Remezan aganyň aladasy has-da artdy. Hossarsyz
Akmaralyň ata-enesiniň, gelnejesiniň, agasynyň, jiçisiniň ornuny özi
tutmalydy. Durmuşa çykjak gyzyň toý eşigini taýynlamaly. Şaý-sepem
gerek. Nöker Akmaral bulary taýynlap bilmejekdi. Onda-da, gyssagara
mahaly. Türkmen zenanynyň ak işinden mahrumdy özem. Onsoň toý
eşiklerini, şaý-seplerini satyn almalydy. Muňa-da çykgyn gerek. Başga
küýüne gelmedik goja ýene Aba bardy. Ol gaşyny çytmady. Çaga ýaly
begenen Remezan aga ýaşy ulalyşan bir türkmen zenanyny tapdy. Şonuň
bilen maslahatlaşdy. Göwünjeňem gopdy. Tiz mahaldan saýlap-seçilip
gyrmyzy keteniden tikilen köýnek, çapraz-çaňňaly kürte, şaýly tahýa,
çabyt alyndy. Kümüş we altyn şaý-sepleriň toplumy bolan gulakhalka,
ýüzük, gülýaka hem hökmany. Gyzyl daşlaryň jadylaýjy güýjüni beýle
içgin synlamadyk hem-de görmedik Remezan aga nepislige,
öwüşginlilige, melul bolana döndi. Henize çenli bu gözellikleri
görmedigine ömrüniň biweç geçen pursatlary hasaplady. Biygtyýar
«Maşalla, aperin!» diýip seslendi. Ýogsam, ilki toý eşikleriniň bezegem
86
ony geň galdyrypdy. Çabytlara salnan ösümlikleriň şekilleri -- güllergunçalar, düşegi gyzyl, gara-ak, gara-sary reňkler, kürtäniň eteklerindäki,
gyralaryndaky, ýakalaryndaky nagyşlar - bular eşidilmedik şirin mukama
çalymdaş. Özüni türkmen durmuşyna, ýaşaýşyna belet saýýan goja
täsinliklere gabat gelýär. Kürtäniň ýeňleri yz tarapdan alaja ýüp arkaly
birleşdirilip, doga dakylyp goýuldy. «Gelne göz dezmezlik üçin şeýdilýä»
diýdiler. Ýerligi gyzyl iki sany türkmen halysam alyndy. Lowurdysy ýaňy
dogan Günden kem däl. Synçy Remezan aganyň ýene bir ahwal
nazaryndan sypmady. Toý zatlarynyň aglabasynda gyrmyzy reňkler
agdyklyk edýärdi. Munuň sebäbini soranda şol ýaşuly zenan:
—Gyzyl reňk - ganyň reňki. Eşigi geýýän gyzyň namysynyň
tämizligini aňladýar. Şeýle-de, bagty, şatlygy - diýdi.
Bu-da, gojanyň hoşuna geldi. Akmaral hökman bagt ummanyny
gulaçlar, şatlyk atyna atlanar. Ol ysgalmadyk ter gül, aýdylmadyk aýdym,
dadylmadyk durnagöz çeşme. Gawun sakçysynyň ternelerinde saba çagy
mahaly bulduraşýan kir-kimirsiz, tämizje ak çyglar.
Akmarala bukja-da, çatdylar. Munuň içindäkilerem bezelen eşikler,
matalar... Indi Balkana degişli zatlary taýynlamaly. Goja olary hem
birýüzli etdi: Telpek, don, ädik, guşak, dowar, tüwi... Satyn alyndy.
Bulara baýyň baýy bolmasaň güýjüň ýetjek däldi. Goja onsoň Aba gaýtagaýta alkyş sözlerini aýtdy.
Balkanyň aýagy ýere ilenokdy. Degişýärdi, gülüşýärdi. Tersine, toý
sähedi ýakynlaşdygyça Akmaral agraslandy, sülmüredi. Bu ahwal gözüne
ilen Remezan aga: «Eýsem, gyz halyna ýeňlesinmi? Akmaral janyň özi
dogabitdi agras-a» diýip, serinden birki gezek geçirdi.
Ynha, arzyly toý güni geldi. Remezan aganyň bir otagly jaýynyň
daş-töweregi märekeden iňňe oklasaň ýere gaçmajakdy. Toýa Astrabada
golaý obalardanam gelipdiler. Jarçylaryň zorruk sesleri ýaňlanýardy:
—Çapgy ýere baryň-ho-ow! On iki aýlawdyr-how!
Uly baýrak bir erkek, märeke eşidiň ho-ow!
At çapgy günorta mahaly tamamlandy. Onsoň göreş tutuljak ýere
tegeklenişdiler. Mähelle gözlär ýaly açyklyk tapsa razy boldy. Jarçy
gygyrdy:
—Uly bolsaň, tur-ho-ow! Baýragy bir torum!
Bagşylar agşam namazlaryndan soň, tä daň atynça aýdym aýdyp
hezil berdiler.
87
Toýdan soňky gün başsalma edildi. Akmaralyň tahýasy aýrylyp,
öňe goýberilgi örüm-örüm saçlary gulaklarynyň arkasyna - yza sallandy.
Remezan aga ikisiniň bolýan otagynda kürtä bukduryp, ýüzüni ýapdylar.
Goja muny aýallara beýemçilik edenden sorady:
—Nä, beýdýäňiz?
—Göz-dil degmezlik üçin.
—Bi, gaty gowy. Ýöne ynha...Akmaral jan nijezar menden ýüzüni
gizlär?..
Aýal güldi:
—Akmaral senden ýüzüni büremez. Arkaýyn bol.
Goja birneme utandy. Az-kem sabyr edäýmeli eken. Ýigitler
Balkana öwrüldiler:
—Gelniň ýüzüni aç!
—Ýüz-gözüni göreli!
Balkan degişdi:
—Görseňiz Aý ýalydyr.
—Gürleme! Görkez hany!...Päheý!
Şeýdip toý günleri geçdi. Remezan aga Akmarala ýüzlendi:
—Gyzym, mundan buýana ýene gylyjyňy syrmakçymy ýa-da öý
hojalykçy boljakmy?
Akmaral Balkanyň ýüzüni gözledi. Ol başyny aşak salyp biraz
oýlandy-da, Remezan aga bakdy:
—Men göwnüne degip biljek däl. Erki öz elinde.
—Onda, dillen, gyzym.
—Siziň aýdanyňyz bolar, Remezan aga.
Goja endigi boýunça sakgalyny daraklady. Onsoň Balkana:
—Oglum, bi ýerde seniň sözüň kanun bolmaly — diýdi. Balkan
kesgin aýtdy:
—Eýle bolsa, bir öýde iki nökeriň geregi ýok.
Akmaral yranyp gitdi. Nökerlik bilen hoşlaşmagyň oňa ýeňil
düşmänligini ikisem duýdy. Biri-biriniň ýüzüni gözlediler. Ýöne seslerini
çykarmadylar.
ÜÇÜNJI BÖLÜM
–I–
88
Bir otagda üç bolup ýaşamak Remezan agany darykdyrýardy:
«Bularyň ýaş başlary bar. Özlerem täze çatynjalar. Degşip-gülüşjekdirler,
dolaşjakdyrlar» diýip pikir öwürýärdi. Ýaşy ulaldygyça damak iýmesem
artdy. Häli-şindi taýynlamak, öňünde goýmak Akmarala ýükdür. Goja
ölçerip-bişirip biri gün Akmarala sala saldy:
—Gyzym, maňa ejaza ber.
Akmaral gözlerini tegeledi:
—Näme, Remezan aga?
—Raýymy ýykmagyn.
—Aýt, göreli.
—Dahanda15 dendan16 galmady. Gulaklar agralýa.
—Gojalsaň ýogsa-da, şeýder-dä. Muny özüňem bilýänsiň.
Tüweleme, janyň sagat. Hiç kime minnetiň ýok.
Akmaralyň soňky sözleri Remezan aganyň içki pikirini bilen ýaly,
onuň öňünde keserdi. Şeýle-de bolsa, goja göwün matlabyny çekinbräk
aýtdy:
—E...e...e...näme...gyzym, artykmaç ýük men. Öz çatmama, daga
gideýin. Gurt guşlara şam bolsamam, şo ýerlerde amanady tabşyraýyn.
Akmaralyň gaşlary bürülip, başy aşak sallandy. Biraz pikirlenip,
ýene galdyrdy:
—Bizden näme ýamanlyk gördüň? Ýa ol...göwnüňe degdimi?
—Ýok, özüň görýäň-ä, Balkan oglum, gözüniň üstünde ýer berýä.
—Onda bi meýliňi nädip, aýdym bilýäň?
—Aý, şeýtsem gowy boljak ýaly.
Birhili, daryşganlyk.
—Göwün sygsa, göwre sygar» diýerdi, enem pahyr.
—O dogry.
Remezan aga ýumşy bitmedik neresse çaga kimin başyny egip,
keçäniň gülüni dyrmalady. Birhowa dymyşlyk höküm sürdi. Goja soňra
başga hörpden gopdy:
—Guzym, men atymy, söweş enjamlarymy satyp, golaýrakdan jaý
alaýsam niçik görýäň?
Içeri Balkan girdi. Ol Akmaralyň ýüzüniň salyklygyny görüp aňktaňk boldy. Bir gezek Remezan aganyň, birgezegem gelniniň ýüzüňe ser
saldy. Hiç zat aňyp bilmedi. Gönüläp sorady:
—Näme bold-aýt, araňyzda? Jedelleşdiňizmi?
89
Ilki ikisem sesini çykarmady. Akmaral Remezan aga seretdi. Ol
başyny galdyrman otyrdy. Ahyry gelin dillendi:
—Remezan aga, öýüni başgalajak bolýa.
Balkan loh-loh güldi:
—Biziň ilde ýaşlara ak öý tutulardy. Bi ýerlerde tersin-ow.
Şeýlemi, Remezan aga?
Goja-da güldi, ýöne özbaşdak jaý satyn almak pikirinden el
çekmedi. Birki günden, gara görnüm ýerden jaý, goş-golam satyn alyp,
gojanyň ryskyny başgaladylar. Ol günde-günaşa Akmaralyň öýüne baryp
durdy. Soňa baka seýrekletdi. Onsoň Balkandyr Akmaralyň özlerem gelip
başladylar. Sebäbi Remezan aga bazara gatnamaga düşündi. Täze
gürrüňdeşler-sakgaldaşlar tapyndy. Düzzüm, sadranç oýnamagy öwrendi.
Oýunçylaryň mesgeni bazaryň çetindäki gumaksy ýerdi. Şonda
geýimlerini, telpeklerini ýassanyşyp gyşarardylar. Bir gezek oýunçylaryň
ýanyna keçä salyp, hammaly getirdiler. Olar dünýäni unudypdyrlar.
Gelenleriň biri dillendi:
—Ah-ow, ýaşulular, içiňizde tebip ýokmy?
Ses çykan tarapa birki sanysy ýaltyldady. Ynha, harry gulak biri
gygyryp dur:
—Näme diýýäň-aýt?
—Tebip gerek.
—Tebip boljakmy bi ýerde?!
Remezan aga başyny galdyrdy:
—Näm boldy, oglum?
—Ynha, şü hammal ýoldaşymyň aýagy çykypdyr, ýük gaçyrypdyr.
—Hany göreli.
Remezan aga keçäniň ýanyna bardy. Hyklaýan hammalyň
dyzçanagyny sypaň-sermeň edişdirdi:
—Wah, muny ýerine salmaga güýç-kuwwat gerek.
Hammal özelendi:
—Gaýrat et, ýaşuly. Muzdunam bereýin.
—Aý, ogul, puluň köp bolsa, çagalaryňa beriber.
—Beýtme, ýaşuly. Kömek et.
—Synanyşaýyn.
Remezan aga ýeňlerini çermeşdirdi. Çykygyň töweregini
sypalaşdyryp:
90
Muňa hajyrow ýaly, tebip gerek —diýdi-de, hammaly biraz
gürrüňe güýmedi. Onsoň «Ha-op» edip, injigi çekip goýberdi. Hammal
ynjaldy. Remezan aganyň bu tebipçiligi ilki bazara ýaýrady, soň beýleki
ýerlere. Düzzüm oýnaýan sakgaldaşynyň biri hut şol bada ýüzlendi:
—Sakgaldaş, bihal adam däl-ow, sen?
—Aý, biziňki bir tebibiň ýok ýerinde kemlik tapana ýardam
bermek.
Sakaldaşy muňa keskelläm ynanmady. Gaýtam derdini aýtdy:
— Sakaldaş, mahal-mahal ýüregim agyrýa. Melhemini salgy
bersene.
—Meni Lukman Hekimdir öýdýäň-ow. Aýtdym-a, meniňki bir
ýardam bermek. Şonuň käte köp abraý getiräýmesi bar. Olam çykyk,
döwük-ýenjikde. Oňa-da, güýç-kuwwat gerek.
—Remezan, gumrular ýaly, biri-birimize öwrenişdig-ä. Jahanda
dostuňy ýitirmekden aýylganç zat ýokdur. Muny bilýänsiň. Akyla mätäç
däldigiňi eýýam bildim. Seniň buýran melhemiň derdimi dep edäýjek
ýaly, bolup dur, göwnüme.
—Ynanýaňmy maňa?
—Beter ynanýan.
—Guradylan erik iý. Oňa päki ýaly dişem gerek. Bolmanda, her
günde dört-bäşisini iýjek bol.
—Bolýa.
Ol ertir ýene birini yzyna tirkäp getirdi:
—Gije ýatanymda dabanlarym gyzyp, ot alyp barýa. Ýorgana
sokduranok.
—Ýygy-ýygydan gaharlanýaňmy?
—Hawa.
—Ýatmazyňdan öň aýaklaryňy gyzgyn suwda sakla. Peýda eder.
Sarymsagam çalyber dabanlaryňa.
Bu-da başga birini getirdi:
—Peşew haltam azar köküni berýä, sakgaldaş.
—Ajygan mahalyň az-azdan gawun iýiber. Belki, em bolsun.
Oýunçylaryň biri üç-dört gün görünmändi. Ol demgysmalydy.
Gele-gelmäne şeýle diýdi:
—Remezan, aýdaňog-aýt, ökde tebip ekeniň. Eşidensiň-ä, şyglap
oturanymy.
—Hymm...Waharman gawunynyň ternesini şemriber.
91
—Almaz ýaly, diş gereg-ä oňa.
Remezan aga ýylgyrdy:
—Başaranyňy iýersiň-dä.
Ikindinara orta ýaşdan geçen bir zenan öýüne geldi:
—Salamälik, Remezan aga!
—Geliber, doganym.
—Men-ä, obadan geldim. Işşekçer oglum bar ýanymda.
—Diňleýän.
—Adamym aşgazandan ejir çekýä. Sesinden käte it uwlaýa. Şoň
emini salgy bersene. Ýamanlyk ýüzüni görme. Agtyk-çowlugyňa guwan.
Soňky jümleler gojanyň kalbyny lerzana getirdi. Ol yranjyrady.
Her hal, zenana syr bildirmedi. Agtygyň - çowlugyň bolmasa, bu
derdiň emini niçik taparsyň? Şu ýerde birmahalky Ahmetjik ýadyna
düşdi. Emma ondan bütinleý tamasyny üzensoň, ýatlamazlyga çalşardy.
Sebäbi ýatlamak kyn, ýatlamazlyk ondanam agyr.
Zenan delmuryp jogaba garaşyp otyrdy:
—Bahar pasly gül-gülälekli meýdandan pyşdyl tutuň.
Şony üç-dört gün aç-suwsuz saklap, tutan ýeriňize eltiň-de,
erkinlige goýberiň. Ol derrew bir oty iýer. Ynha, şo ot aşgazana
dermandyr.
Aýal ýaýdanyp, çekinibräk aýtdy:
—Bumat güýzüň aýagy. Gülälekli meýdany nireden tapjak?
Jogabym üçin, ýokuşgöz görünmegim ahmal. Men bilen deň bolma,
hatamy geç. Häzirlikçe başga däri-derman tapylmazmy?
Elbetde, aýal mamlady. Remezan aga oýlandy. Haýsy emi salgy
bermeli? Ýabygorl-a, tebipçiligi. Muny boýnam alypdy, ýöne
sypdyrmadylar. Şeýle uly şäherde lukman ýokmuka? Bardyr. Muzduny
ýokary alýandyr. Şo sebäpli, garamaýagyň tölemäge gurby çatýan däldir.
Onuň birden ýüzi açyldy. Sakgalyny daraklap goýberdi:
—Gaýnadyp, ýagyş suwuny içibersin. Nepi deger.
Aýal alkyş baryny aýdyp çykyp gitdi. Remezan aga aşgazanyň bu
emini oglanka bir garry eneden eşidipdi. Ýadyna düşäýdi.
Ertesi günorta mahaly Akmaral geldi. Ol iýer-içer ýaly odur-budur
getirişdirdi. Ýuwan egin-eşiklerinem beýläräk süýşürdi. Goja az kem
igendi:
—Gözden ýitdiň. Bizem bütinleý unutdyň.
—Bazarda güýmenip, wagtyň geçenini duýman galýan.
92
Içeri bir kürt zenany girdi. Çekinjeň salamlaşdy-da, habaryny berdi:
—Goja, adamymy getirdim.
—Hany?
—Daşarda, arabanyň üstünde.
—Getir bakaly.
Onýança iki sany ýetginjek söýget berip boýny gawun samagyna
dönen hor kişini jaýa saldylar. Reňkiniň sargyltlygy güne ýatan gawuna
çalymdaş. Diňe sulbasy galyp, içinde demi bar.
Remezan aga haýykdy. Ony gepletmek isledi:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarhypelek - 07
  • Parts
  • Çarhypelek - 01
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2415
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 02
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 2350
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 03
    Total number of words is 3521
    Total number of unique words is 2284
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 04
    Total number of words is 3512
    Total number of unique words is 2331
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 05
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2323
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 06
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2318
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 07
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2321
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 08
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2393
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 09
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 2302
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 10
    Total number of words is 3569
    Total number of unique words is 2383
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 11
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2368
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 12
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2376
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 13
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 2399
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 14
    Total number of words is 3559
    Total number of unique words is 2280
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 15
    Total number of words is 2426
    Total number of unique words is 1736
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.