Latin

Çarhypelek - 04

Total number of words is 3512
Total number of unique words is 2331
28.1 of words are in the 2000 most common words
39.8 of words are in the 5000 most common words
48.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
—Birki gün gozganmasaň, tiz gutularsyň — diýibem tabşyrdy.
Ýigitler derrew gökleň ilinden gelen Batmanyň ýokdugyny
gördüler. Ýer ýykyp gözledilerem, tapmadylar. Olaryň bir bölegi daňa
golaý geldi. Aljyraňňy ýüzleri, gaharlydy. Sesleri külbeleri sarsdyryp,
ýerinden göçüräýjek bolýardy:
—Gökleňlere çozalyň?
—Öýlerine ot berip, ýumralyň!
—Erkek göbeklisini gyralyň!
—Şeýdeliň! Häzirlikçe serdarymyz Akmaral bolsun! Özem
beletdir, o ýerlere!
—Akmaral, Akmaral-how, daşary çyk, tiz bol!
Akmaraldyr Balkan Remezan aga seretdiler. Goja sakgalyny
daraklap, pähimlenýärdi. Ol ahyry agraslyk bilen başyny galdyryp, gysga
gepledi:
—Ýigitler, ýüregiňizi ele alybermäň. Gökleň iliniň günäsi ýok.
Nätjek, gül meýdanynda demirtikenem gögerýär.
Akmaral ýeňillik bilen dem aldy. Batman ýoklugy bilenden bäri
oňaýsyz haldady. Bu ýowuzlygyň sebäpkäriniň özüligini boýun alasy
gelenokdy.
Islese-islemese-de,
dogry
çaklamany
saýlady:
47
«Gabaňjaňlygyň işi bi...» Onsoň beter kibiti gysyldy. Daşyna-da
çykarabilmedi. Hökümsiz jeza çekýäne meňzedi. Herhal, Remezan
aganyň ýaňky sözlerinden soň, näme üçindir, teselli tapdy. Ýigitlerem
ýuwaş-ýuwaşdan köşeşdiler.
On-onki gün geçdi. Remezan aganyň hasabyndan Balkan
saýhallyrak ýöräp gidibermelidi. Ol gün içinde taýaga söýenip, birki
gezek daş çykýar. Ýogsam, içini hümledip ýatyr. Reňki sargylt kakyp
ugrady. gürleşmegem hylalla. Ýüzünem keseräk sowýar. «Aý, ýok,
ýigidiň başga güýçli derdi bar. Ýa o gökleň ýigidiniň şeýdip gidenini
içine salýarmyka? Belki, atynyň ölenine aýňalýan däldir? Ol, janawar,
dünýede bir taýsyz atdy. Älaýt, öz-ä, derdi elhenç şunuň».
—Balkan, inerim, saňa näme bolýa? Dyzyň sagalmaly şumada sen.
Ýigit sarsmady. Ýaşuly ileri -ileri omzady:
—Aýt, oglum, belki, nepim deger. Içiňi gowzatsaňam, ýüküň
ýeňlär. Ýogsam saralyp, solup, gözden ýitip barýaň. Ýigitleriňem göwni
çökgünleşýä.
Balkan ah çekdi. Remezan aganyň ini jümşüldedi. Şol bada, hälki
pikirleriniň hiç haýsy däldigini köpi gören garry aňşyrdy-da, kesgitli
gepledi:
—Derdi-belaňy paýlaşaýyn, inerim.
Balkan mundan aňry saklanmagy oňarmady. Dikeçlenip, uçlybrak
başlady:
—Remezan aga... bi dert... bi dert, çekerden çökder.
—Aýdyber, oglum!
—E-e-e...sen, Akmarala söz aýdyp bersene!
—A-a, ilki özüň taryna kakyp görmediňmi?
—Wah, gördüm-le.
—Göwnemedimi?
—Jogap bermedi.
—Onda, çemini tapyp, aýdyp göreýin.
Balkan ýokary turanyny bilmän galdy.
—3—
Aba Astrabadyň täze dikmesi Keçel Şahberdi soltana sowgat üçin
on tohum baýtal bilen iki sany uçganaklap duran igdiş at alyp barýardy.
Atly-ýaragly bäş ýigit hyzmatyndady. Gürgen derýasynyň ýakalaryna
48
aralaşanlarynda öňde uly bolmadyk iki syrgyn göründi. Ortada gaýdagaýmalaşyk. Gylýallary güýzän çaýyrlyga ýaýratdylar. Biri ýanynda
galyp, beýlesi şol tarapa eňdi.
Bärden at daljykdyryp baranlarynda, bir müddet saklanyp, ser
saldylar. Aýal-ebtat, oglan-uşak, uly adamlar garym-gatymdy. Sögüşýän,
ýakalaşyp duranlar bar. Elleri taýakly, ýabanyň ujuna gyrkylyk daňanlar
çeträkde çemelenişip durlar.
Aba bularyň galmagalyndan baş alyp çykyp bilmedi. Özlerine ýa
gözleri düşenok, ýa-da pitwa berenoklar. Ol gylkyjaklap, galawutly
gygyrdy:
—A-dam-lar, gulak asyň!
Märeke oňa tarap seretdi. Del atlylary görüp müýnürgeşdiler.
Sesleri tapba kesildi:
—Bes ediň-ň!!
Ýaşulynyň biri ýempäp golaýyna geldi:
—Beg ýigit, amanlykmy?
Onuň sakgaly titir-titir edýärdi. Ýüzem ganjaryp dur.
—Essalawmaleýkim, ýaşuly!
Aba atdan düşüp görüşdi. Märeke harasat gopup, diňene dönüpdi.
Hiç kimden ses-seda çykanok. Ýaşulynyňam ýüzi az-kem durlandy. Sesi
has ýumşaksy çykdy:
—Gonagmyz bol, beg ýigit!
—Ýagşy. Kethudaňyz barmy?
—Obada ýok şumat.
—Galmagalyňyz näme?
—Aý...
Ýaşuly başyny aşak saldy. Aba gop berdi:
—Bolsa-da, bir emmasy bardyr?
—Her syrgynyň dogmalary üýşüp, iki taraplaýyn iti
uruşdyrypdyrlar.
—Ýeri, onsoň?
—Biri asgynlanda, beýlekini urupdyrlar. Itleri urlan tarapam
olaryňkyny ýenjipdir. Şeýdip, möwjäp gitdiberipdir. Syrgynda bir item
galmady. Tükel öldürdiler. Indem, seň sesiňe saklandylar, ýogsam
gyrlyşýardylar.
Aba geňirgänligini gizlejegem bolmady:
—Be-ýe...
49
Soňra märekä ýüzlendi:
—Öýli-öýňüze dargaň!
Märeke tolgunyp, üşerilişdi. Ýöne hiç kim butnamady. Goja
dillendi:
—Myhman töwellasyny alyň, adamlar!
Märeke ýuwaş-ýuwaşdan dargady. Goja bilen ikiçäk galan Aba:
—Eýýam, şeýdip, aralaýmazlarmy, ýaşuly?! — diýdi. Goja
ýazykly halda başyny aşak egdi, ýöne jogaby başga täwüreräk berdi:
—O mahal dil düşündirip boljak däldi. Bumat, garaz, myhman
sarpaňy sakladylarmy nämemi...
Aba syçrap, atyna mündi. Goja çynlakaý aýtdy:
—Gonagymyz bol-da, beg ýigit!
—Howlukmaç, puryja az, ýaşuly. Ýeneki bir sapar. Aba atynyň
başyny yza öwrüp, gönükdi. Sähel gidende, ýaşuly gygyrdy:
—Adyň näm-ow, beg ýigit!
—Aba.
—E-e-e...Aba diýdiňmi?
Ol baş yrady:
—Taňryýalkasyn, oglum-ow!
Çaň-tozan eýýam atlylary gabalapdy. Goja tä olar çöňňelen
gözlerinden ýitýänçä, elini kölegeledip, serede-serede galdy.
Aba dagy şol gün Gürgen derýasynyň olumyndan geçdiler. Bu
ýanyň sähralary çyglydy. Samana öwrülen dyz boýy otlar öl-myžžyk
bolup, gyşarylyşyp-gyşarylyşyp ýatyrlar. Özlerem ter. Gürgenlilerde:
«Tohumyňy ýere sep-de, orak mahaly geläý» diýen pähim bardy.
Öküzlimi, erkeklimi güýzlük ak ekin ekmek üçin ýer sürüp ýörenler
duşýardylar. Ýolagçylar öňküleri ýaly, bu gezegem oba barman, ýolda
goş ýazdyryp, düşlediler. Guş-gumrular ören çeninde ugradylar. Guşluk
mahaly bir türkmen obasynyň deňinden geçip barýarkalar, ýene bir
wakanyň şaýady boldular:
Obanyň çetinde märeke üýşüp durdy. Ortada biri mal ýaly
nogtalanyp, gazyga dakylgy, güýlüp ýatyr.
Aba haýkyryp salam berdi. Ýaşulular: «Waleýkim essalam,
düşüber, begzada!» diýişdiler. Işşekçer jahylyň biri ylgaşlap, gelip, at
tutdy. Türkmenlere mahsus uzak mahallap aman-esenlik soraşdylar. Ýöne
ýaşululara çenli, ýüzleri salyk, sulhdular. Aba oňaýsyz ýagdaýa düşdi.
Şeýle-de bolsa, wakadan gan ysynyň gelýänligini aňlap:
50
—Aýyplaşmaň, adamlar, bu nä boluş?—diýdi.
Hemmesiniň deregine Rahym ahuna çalymdaş inçebiçüw, uzynak
goja jogap berdi:
—Bolmasyz iş gopdy. Sen çözerden çökder.
—Be-ýe-ýe...Sebäpsiz çöpbaş-a, gymyldamaz.
—Ýöne-möne kişi däldigiňi at-ýaragyň, bezemen durkuň aýdyp
dur. Emma, gaýtalaýan, senden agyr, oglum, bi.
—Myhman hatyramyz bardyr, ýaşuly.
—Ol-a, şeýle weli...Ata-hoja, ahun-işanyň töwellasyny alman
durlar.
—Düwün çözerden çiňiş-dä.
—Hawa. Bolan iş şeýle. Bi, ýigit biziň taýpamyzdan. Gawun
saklardy. Şu obanyň ýigdekçesiniň biri gije ogurlyga barýar. Bary-ýogy
alanam iki gawun. Sakçy oýanyp «Dur, ho-ow!» diýip üç gezek gygyrýar.
Saklanmansoň, atyp goýberýär. Wah, oglan başyňa döneýin. Iki gawuny
dagy sorasaňam berýärler-ä. Ol ölýär. Sakçy sorap-idäp, daňa golaý
öýlerine getirýär. Bizem, aşy-suwy berlensoň, mertlik edip, gapylarynda
nogtalap dakdyk. Dädesi, garyndaşlary öldürip, ar almak isleýärler.
Obamyzam goňşy. Garynja gatnawly özlerem. Indi o zatlar galyp,
agzalalyk dörejek.
—Hanyňyz nirede?
—Astrabada gitdi, soltan täzelenipdir, gutlajak diýip.
—Hymm...Huna ylalaşmadylarmy?
Goja gaýtargy bermänkä, öýden dykyz göwreli biri çykyp azymly
gepläp, köweldi:
—Näm-aýt, Taňry soragçysymy sen! Ýeňsäňi el ýaly et, tizräk!
Duranlar, ýigitler onuň ýüzüne bakdylar. Abanyň reňki agaryp,
gözleriniň damarlary inçejik gyzyl çyglyma öwrüldi. Gylyjynyň sapyny
şatyrdadyp gysymlady. Ýigitleri çala yşarat bolsa, ýaňkynyň kellesini
togalamak üçin, galkyjakladylar. Köwek öwzaýyň bozuklygyny görüp,
götinjekledi. Uzynak goja howsalaly aýtdy:
—Begzada ýigit, deň bolma onuň bilen. O taýagyň ne başy, ne-de
soňy. Aý, bir, köwegräk kişi-dä.
«Häýt, eşşegataly, arman ýeri däl-dä. Beýtsem, gaş düzetjek bolup,
göz çykarana meňzejek. Aý,bolýa-da. Her obanyň öz saňsary bolar
diýerdi Rahym ahun» diýip, içinden oýlanan Aba tiz akylyna aýlandy. Öe
girdi. Ojagyň gaýra çetinde orta ýaşan hortaň kişi maňlaýyny ýere
51
degrerläp-degrerläp ýatyrdy. Uzynak goja-da içeri girdi. Aba oňa aýat
okatdyrdy. Öý eýesiniň hal-ahwalyny soraşdyryp, gynanç bildirdi:
—Men-ä, ýolagçy myhman.Tötänden geldim. Kalbyňa sowuk gar
ýagyp, Hudaý kuwwat bersin! Beýle halda gaýratlylyk, giňgöwünlilik
gerek. Bu zatlar aýdylandyr. Bolmasyz iş bolupdyr. Nätjek, Hudaý işidir.
Ata, hojanyň töwellasyny almazlygam «ýagşy däl» diýerdi biziň Rahym
ahunymyz.
Ahunyň adyny eşidende öý eýesi başyny galdyrdy:
—Okly taýpasyndanmy?
—Hawa.
—Be-ýe...Ejem okly taýpasyndandy.
—Onda daýyň men.
Aba az-kem ileri omzady. Içeri adamdan doldy. Orta saçak
ýazyldy. Howa täzelendi. Uzynak goja gürrüňe at goşdy:
—Rahym ahun guratmy!
—Sag-salamat, il derdine ýarap, gezip ýör. Tanaýaňyzmy?
—Öňräk Astrabada geçip barýarka, bir gije myhman bolupdy. Gaty
okumyş eken.
Aba öý eýesi bilen birhowa ýene gümür-ýamyr etdi. Onsoň
turmaga rugsat sorady:
—Rugsat -- Alladan. Myhmanym bol, dowar soýaýyn.
—Sylagyňa Taňryýalkasyn, howlukmaç. Hun al-da, meniň
ýumşumy bitir, ýegen.
Öý eýesiniň ýene ýüzi boz-ýaz boldy. Oturanlara birlaý göz aýlap,
şeýle diýdi:
—Niçik maslahat?
Garyndaşlaryndan, ses-üýn çykmady:
—Adyňy aýt, daýy?
—Aba.
—Hymm...aý, bolýa,özümiz oňşarys.
Aba daşaryk çykyp, daňylgy ýigidiň nogtasyny çözmäge-de
howlugyp, gylyç bilen kesişdirdi-de, turzup goýberdi.
Giç öýle Astrabada golaýlaşdylar. Indi howalaň gara dag üstlerine
abanyp dur. Şäher şu dagy goltuklap otyr. Demirgazyk-Gündogarynda uly
desga göze ildi. Geçip barýa birinden soradylar:
—O nä?
52
—Şanyň permany bilen gurulýar. Mübärek-abat galasy şol.
Gutaryp barýarlar.
Şa Tahmasp türkmenlerden çekinmän duranokdy. Gala harby
goranyş berkitmesidi. Aba muny Astrabada baranda bilip galdy.
Aba gylýallary soltanyň gaznaçydyr atbakarlaryna tabşyrdy.
Bellenilen güni bezemen köşge girdi. Aýak aşagynda halylar
lowurdaşýardylar. Astrabadyň han-begleri, serdardyr kethudalary içerini
dolduryp, ýuwaşjadan söhbet guraşyp otyrdylar. Soltan tördedi. Aba onuň
bilen görşende ulumsy han ýüzüne-de seretmedi. Seňrigini ýygrybrak,
kese-kese bakdy. Bu az-kem Abanyň ýeňse damaryny gatatdy. Herhal,
içerä göz aýlanda, gelenleriň arasynda iň ýaşydygyny bilip, köşeşdi.
Çeträkde orun tapdy. Tenleri ýuka köýnekden görnüp duran üzümiň suwy
ýalyjak owadan gyzlar pyrlanyşýardylar. Bu ýaş ýigidi galkyndyrman,
näme üçindir, aňyrsyny bärsine getirdi. Ol gaşlaryny bürüşdirip, soltana
ser saldy. Ter gara sakgally Şahberdiniň akjymak ýüzi derçigensoň, şar
gara agta guluň biri baryp, ýelpemäge durdy. Ortada iýlip-içilýärdi. Dürli
nygmatly kümüş mejimeler hatar-hatardy. Yragyň çüýşe golçalaryny,
olaryň içindäki nogul-nabatlary, gantly kökeleri görmäge göz gerekdi.
Berýoza agajynyň kökünden hem-de kümüşden nepislik bilen ýasalan
pyýalalar, mis okaralar, altyn bulgurlar olara aýratyn gözellik berýän
ýalydylar. Gowrulan berre guzularyň, keýikleriň, käkilikleriň etleri
iýmeseň agzyňy suwartjakdy. Gymyz, agaranam üstesine. Soltana diňe
tylla tagt kemterlik edýär, ýogsam tutumy şalaryňkyça bar. Beýle baý
hem bol saçagy Aba ömründe ilkinji gezek görýär. Soltanyň özi bilen
görşende göwnüýetmezlik edenligini içinden ýokuş görenligine uýaljyrap,
ýaňaklary gyzdy: «Türkmen müň keren maml-ow. Eşek öz deňini gaşar»
diýip, kelteçe oýlandy. Ýöne özüni tiz rastlap, gozganjyrady. Onýança
aýlanyp ýören saky küýzeden kümüş pyýala garamtyl-gyzyl şerap guýup,
eline tutdurdy. Hoşroý ys burnuna urdy. Aba pyýalany emaý bilen
saçagyň gyrasynda goýdy. Bu ýüpek ýassyk ýassanyp, golaýjygynda
gyşaryp ýatan, orta ýaşdan geçen türkmeniň gözüne ildi:
—Içip görmänmidiň?
—Hymm...
—Abyzemzemiň suwundan kem däldir. Iç. Onsoň-da, sakynyň
beren meýini beýdip harlanyňy soltan göräýse, göwni galar. Nireden
özüň?
—Etrekden.
53
—Oklulardanmy?
—Bildiň.
—Ne ajap syratly ýigit ekeniň.
Ol gymyldanda Abanyň buýralary titreşýän silkme telpegine göz
aýlap goýberdi-de, çym gyzyl bolan ýüzüni beýlesine öwürdi. Şonda
mähelläniň bu ýaş ýigide seredýänligini gördi. Şahberdi soltan Aba
ýylanyň guşjagaza tiňkesini dikişi ýaly seredýärdi. Oňa henekler ýagyp
başlady:
—Soltanyň göwni gitdi.
—Ah-ow, ol muňa şeýlekin hyrydar bakýa.
—Maşalla!
—Asyl, bi, erkek lybasyny geýen hüýr-peri bolaýmasyn?
—Magşugyň aşygyna garaýşy ýaly öz-ä.
Gülki çabgasy içerini doldurdy. Soltandan çekinýän tansçy
gyzlaram bu owadan ýigide gaňrylyp-gaňrylyp äňetdiler.
Aba syçrap, turup, gapa tarap gönükdi. Ol özüni masgaralanan
hasap edip, eglenmän, Astrabatdan çykdy...
—4—
Ýigitler öwrülenlerinde ine-gana gaýdarys öýdýärdiler. Emma Aba
alamana barýan ýaly atyny gyssap kowdy. Özem çytuwan halda. Içini
hümledip, az gürledi. Şol keýpi bozuklygy bilenem öýüne geldi. Märeke
sekiz ganat ak öýi doldurdy. Elbetde, ilkinji içeri giren Rahym ahundy. Ol
hal-ahwal soraşyp, soňra soragly bakdy:
—Niçik, ogul, soltan?
—Mes, ol, ahun aga.
—Sowgatlary haladymy?
—Halandyr.
Abanyň gysgaça jogaplary, buz ýaly sowuk ýüz keşbi gojanyň-da,
beýlekileriň-de maňzyna batmady. Ýürek gysgynç dymyşlyk höküm
sürdi. Gelenler şol durklary bilenem ýuwaş-ýuwaşdan dargadylar. Iň
soňundan Rahym ahun turdy. Goja gapydan çykanda egni agyr ýükli ýaly,
ýegşerilip gitdi. Bu Abanyň gözünden sypmady. Gaýyň öňüsyrasyndaky
alamatlar görnüp dur. Mähelle muny duýdy. Aba ýalan-ýaşryk sözläp,
göwnüniň tersine gidip bilermidi? Bilerdi. Ýöne keýpi bozuklygyny
gizlemegi başarmady. Şeýdibem, ses-üýnsüz hakykaty aýtdy. «Egri biten
54
uzyn gamyşdan, kelte bolsa-da, gönüsi ýagşydyr» diýerdi Rahym ahunyň
özem» diýip, pikir öwürdi.
Ýoňsuz mahal geçdi. Her kim öz iş-derdi bilen güýmenip ýördi.
Şeýle günleriň birinde Abanyň işiginde çal saç aýal göründi. Ýarym-ýaş
eňreýär. Eşek münüp gelipdir, obasy daşrak bolmaga çemeli. Aba oňa
höre-köşe edip, rahatlandyrdy:
—Kim göwnüňe degdi, gelneje?
—Soltanyň öýünde ölmedigi.
—Şatyr begmi?
—Şo, çöpdüýbi.
—O nä!
—Salgyt tölemäge gurbum çatmady. Öwezine gyzymy süýräp
äkitdi.
Aba laňňa galdy-da, dişlerinden syzdyryp gepledi:
—O haramzadanyň gözünde ot ýakmaly. Ýaňrak ýygnadylar-a,
salgydy.
—Hawa, beýgim. Şonda syryp-süpürip üzülişdik. Ýene-de...
—Gidiber, gelneje. Nirede obaň?
—Hajygowşana golaý.
Kän bir göwni suw içmedik zenan yzyny gözleý-gözleý gitdi. Şatyr
beg Şahberdi soltanyň garyndaşydy. Okly taýpasyna wekil belläpdi.
Aýalyň gyzynyň süýrelmegi öňki kinesiniň üstüne urna boldy.
Aba şatyr-şutur atyna atlandy. Ony ikindinara obalaryň birine
aýlanyp ýörkä tapdy:
—Ýer-ow, beg, bi nä boluş?
—Näme bolupdyr?
--Taňry salamyny ýuwutdyňmy?
—Salgyt ýygnalýar.
-- Gyz süýrelýär?!
Şatyr begiň gyňralmasy artdy. Abanyň öwzaýynyň bozuklygyny
aňyp egri gylyjynyň almaz sapyny gysymlady. Ýanyndaky üç serbazam
şeýtdi.
—Syçan gaplaňdan hasap sorarmy? Tersine bolaýmasyn, ýal
ýagysy.
—Häýt, seniň bir enesi ýalamadyk
...Aba göni üstüne sürdi. Olam gaýtdy. Ortada sataşdylar. Aba
tilsim edip, göz açyp-ýumasy salymda begi kerçedi. Ýigitlerem serbazlary
55
atdan agdaryp, çapdylar. Beýle ganly wakadan soň Şahberdi soltanyň
sülsatlary bilen döküljegi äşgärdi. Gedem soltan pähimlenip, işiň
magadyna ýetip, anyklamakdan asgyndy. Aba-da, äwmän oturmady. Ilki
pytraň haldaky oklulara çaparlar ýollady. Jeňe ýaran atly-ýaragly Abanyň
syrgynyna süýşüp ugrady. Beýleki taýpalara-da, çaparlar gönderildi.
Abanyň soltana baş galdyranlygy Etrek, Gürgen, Astrabada - ýaka
türkmenlerine ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Bu ata-baba eýran
gyzylbaşlaryndan, Horezm hanlygynyň zulumyndan horlanyp gelýän ilaty
gylawlandyrdy. Uly lager emele geldi. Aba onbaşy, ýüzbaşy, hatda
müňbaşy goýuşdyrdy. Iki müňbaşynyň her haýsyna Balkandyr Akmaraly
ikirjiňlemän belledi. Ol gyzyň gabat gelende özüne ogrynça ýangynly
bakýanlygyny syzdy. Özem şol täwüre äňedýärdi. Ýöne häzir muhabbet
günleriň, aýşy-eşretiň mahaly däldi. Ene toprak, ar-namys gyl üstündedi.
Üňsüňi pytratman, çugdumlamalydy. Ol muňa aňryýany bilen
düşünýärdi. Nökerlere berk düzgün girizdi. Gündizine harby tälim
öwrenýärdiler. Obalara pytramak, mal gara el garmak gadagandy. Bir
gezek gijara südenekledip, nökeriň birini getirdiler. Aba oňa hyýrsyz
bakdy:
—Günäň näme?
Nöker buýtar-suýtar etdi. Serdar azym urdy:
—Saňa aýdylýar!
Ol süllerip, ýere äňetdi. Getirenleriň biri dillendi:
—Serdar, bi öňräkden bäri biziň gulagymyzy gazap gelýä.
—Maksady näme?
—Soltana gulluk etmäge äkitjek bolýa. Gitmedik. Ýaňy gaçjak
bolup durka tutduk.
—Dönük, gizlin gaçmagam oňarmadyk bolsa, hiç tarapy-da
gönendirmez. Gümläň!
Ysgyn-mydary gaçyp, ýüzüne öliniň reňki uran nökeri süýrekläp
äkitdiler.
Aňtawçylar basym Şahberdi soltanyň bäri goşun çekip
gelýänliginiň habaryny getirdiler. Aba harby maslahat geçirdi. Her kim öz
matlabyny aýtdy. Ilki Gürgenden gelenleriň müňbaşysy söz aldy:
—Etrek derýasynyň ýakasynda goranyş berkitmesini gurmaly.
Tizden-tiz obalara çuwal salgydyny salmaly. Gumdan dolduryp
goýubermeli.
—Gul batyr mamla — diýip beýleki biri ony goldady.
56
—Aý, büýä birhiliräk —diýip, Balkan batyr olara garşy çykdy.
—Birhilirägiň näm-aýt?
—Bukulyp ýatmak çemsiz-dä.
—Bukulmak bolýamyşmy şo? Söweş tilsim-ä, bilseň.
—Men-ä, Balkan batyry goldaýan
Hemmeler Abanyň tagallasy bilen çagyrylyp, gyrada sakgalyny
daraklap oturan Remezan aga ýalta bakdylar:
—Köpiňiz ýaş. Söweş tejribäňiziň ýöwselligi görnüp dur. Jeň
başlanmanka, goranyş saklamak — eýýäm ýeňlişdir. Duşmanyň öňünden
çykmaly. Hüjüm etmek — goranyşdyram. Diýmek, bir okda iki towşan
urmaly. Şeýtseňiz, özüne göwni ýetip gelýänler aljyraňňylyga düşer.
Sebäbi beýderler öýdüp tamakin däldirler. Jeňde aljyradyňmy, gutardygyň
biläý.
Indi sowukganlylyk bilen iki tarapy dykgatldy diňläp oturan Aba
serdara seretdiler. Elbetde, jemleýji söz şonuňkydy:
—Goja bütinleý dogry aýdýa. Guş-gumry örmänkä ýola düşmeli.
Aňtawçylar şumatdan ugrasyn.
Ýassy çemesi berlen gysga buýruk şobada nökerlere ýaýradyldy.
Daň säherde Remezan aga keskelläm gitmäge göwnemedi:
—Näme beýdýäň, Remezan aga?
Ilki soran Balkan batyr boldy.
—Balalarym, men aýagyny göre sokup oturan garry. Kowha-kowa,
gaçha-gaça eýgermerin, jeň adamsy däl-de, öý adamsy. Wah, şumat
ýigrimi bäş-otuz ýaş dolanyp geläýse, bilýän-le, nätjegimi.
Goja hamsygyp, atyna tarap gyrmyldady:
—Ugur hanjak?
Balkan batyr ýene sorady. Goja kürtdürip, oňa tarap öwrüldi:
—Batyr oglum, sümelgäm bar, daglarda. Türkmen topragyny öweý
däl-de, ene topragymça görýän. Gylyjyňyz kesgir, ýaragyňyz atgyr
bolsun! Goý, şo taýlarda amanady tabşyraýyn.
Balkan batyr sesini çykarmady. Oňa özlerinden sogrulyp galmagyň
agyr düşýänligi görnüp durdy. Ýüzi sörtük çawlan ýaly, öňküsindenem
beter gara örtlenip, gözleri çym gyzyldy. Mundan aňry gepletseň,
aglaýjak ýalydy. Ýöne Balkanyň göwnüne ony haýsydyr bir güýç saklap
biljekdi. Ol nämekä?
57
Batyr böwrüne diň salyp, birden ýere bakyp duran Akmarala
naýynjar seretdi. Gyz sözsüs düşündimi ýa-da şu pursat göwün matlabyny
etmek küýüne geldimi, garaz, ylgap, Remezan aganyň öňüne geçdi:
—Menem gitjek! Öli ýeriňde öli, diri ýeriňde diri.
—Menem şeýle!
Balkan-da, ylgaşlap bardy.
—Beýdip, bölünişik döretmäň, guzularym. Bi, Abanyň
biloňurgasyny omurmakdyr.
Nökerler süýşüberdiler. Remezan aga ho-ol ortada galdy. Onuň
gözleri çygjardy:
—Bolmad-ow!..
Göwresini lampa aşak goýberdi. Gamak ýaly ýeňlän gojany
göterip, atyna mündürip, kowçum-kowçum bolup barýanlara tarap ýüzüni
öwürdiler.
–5–
Aňtawçylar duşman goşunynyň golaýdalygyny öňünden mälim
edipdiler. Aba amatly ýer saýlady. Gije bölek-bölek, juda köp ot
ýakdyrdy. Uzakdan ser salsaň misli sansyz asman ýyldyzlary zemine
gaçan ýalydy. Bu Aba serdaryň harby hilägärligidi. Goý, aňtawçylarynyň
Şahberdi soltana ýetiren çaklamasyndan goşun sany artyk görünsin!
Hüjüm daňyň alagaraňkysynda başlandy. Merkezden Balkan
batyryň müňlügi gitdi. Ýoňsuz mahal söweşip, öň tabşyrylyşy ýaly yza
serpikdiler. Gylawlanan duşman mazaly aralaşdy. Şol pursatda sag we
çep ganatdan Akmaraldyr Abanyňkylar çozup, gysyja saldylar. Gylyç,
naýza, şemşir, hanjar, aýpalta ýaly, söweş enjamlary dynuwsyz
hereketdedi. Atlaryň kişňeýän, harryldy seslerinden urşujylaryň
haýkyrmasyndan, iňňildisinden jeň meýdany ala-zenzeledi. Çadyrdan daş
çykan Remezan aganyň burnuna hut gan ysy dykyldy. Goja tas ögäpdi.
Çadyr haňkaryp galypdy. Onuň täk özi daş-töweregini esewanlap dur.
Barybir, görer göze hiç zat saýgartmajakdy. Çaň-tozandan gubarlanyp,
asmandan Gün zordan akjaryp görünýärdi. Duşman aýylganç söweşýär.
Lellim saýyp, gowşak taýynlanylan bolsa, kül-peýekun etjek eken. Ak
öýlän duşman ýeňse berip başlady. Ikisi, gaçyp gelýän bolara çemeli,
Remezan agany görüp, oňa tarap gaýtdy. Goja ata mündi-de, gylyjyny
ýalpyldadyp, olara garşy gönükdi. Arasyna düşmän, soldakysy bilen
58
gylyç uruşdy. Şonda ikisem atdan agdy. Beýlekisi saklanybilmän, esli
gidip, yzyna öwrüldi-de, Remezan aga topuldy. Golaý gelende, galkanyny
tutup, ýetişmänkä, hanjaryny zyňdy. Serbaz gursagyny tutup, atyndan
patlap ýere gaçdy. Özi bilen atdan agan welin gymyldy-hereketsiz ýatyr.
Çaky, seňseläpdir, egninde çalarak agyry syzan goja ör turdy. Näme
üçindir, oňa degmedi. Gaňrylyp-gaňrylyp seretdi-de, hokranyp duran
atyna münüp, jeň seýdanynyň gyrasyndan girdi. Garma-görmelikde
Akmaraly görerin öýdüp sägindi. Emma saýgarmady. Ol welin, bu mahal
dört serbazyň arasyna gabawa düşüp söweşýän Balkana kömek bermäge
at çapdyryp barýardy.
Balkan Akmaral gelýänçä gyzylbaş serbazlarynyň birini gylyç bilen
paralap atdan agdardy. Ýüzünden gyltyz ýaralanyp, ganjaryp durdy. Batyr
gyzgynyna ony bilenokdy.
Akmaral gelşine, gaňrylyp-gaňrylmanka ikinjini ýeňsesinden
çapdy. Beýlekiler gaçmak bilen boldular. Süre söbügine düşdüler. Ýöne
uzaklaşmanka olary kakladylar. Akmaral Balkanyň deňine gelip,
saklandy:
—Serdar amanmyka?
Gyz bu sözleriň dilinden sypanyny bilmän galdy. Balkan bir sözde
jogap gaýtardy:
—Bilmedim.
Duşman ikindine golaý jeň meýdanyny bütinleý taşlady. Ýaralylary
ýygnaşdyryp, jemlenişdiler. Ölen-ýitenleri hasaba aldylar. Ýitgi azlyk
edenokdy. Ýöne gyzylbaşlaryň bularyňkydan agdyklygy köre hasady.
—Züwwetdin soltan gözüňize ilmedimi?
Remezan aganyň sowalyna Aba jogap berdi:
—Gördüm.
—Gutuldymy?
—Başa-baş söweşde, kerçedim.
—Maşalla, inerim, maşalla!
Remezan aga keýpiçag halda sakgalyny daraklap-daraklap
goýberdi. Balkan batyr seslendi:
—Serdar, mundan buýana nätmeli?
—Möjegi sürenindenem kowmaly.
Ýeňiş bilen ruhlanan gozgalaňçylar ýerli-ýerden gygyrdylar:
—Ýüregimizi bildiň, Aba serdar!
—Olary güjük gyran ýaly paýhynlamaly!
59
—Şäheriň külüni göge sowurmaly!
—Derýa suwuna gark etmeli!
—Harabaçylyga öwürmeli!
—Ilatyny gul-gyrnak etmeli!
Tomus çabgasy kimin, güwwüldi kiparlady. Serdar münbere
çykdy:
—Alyjy gurtlarym! Göwnüňize kine alman, gulak asyň bäri!
Alynyň aryny Ahmetden çykarmalyň! Onsuz-da duşmanyň merkini
berdik. Bigünä ilata el galdyrmalyň! Goý, şäher abat galsyn! Belki, onda
özümiz döwran süreris! Şahberdi gurrumsagyň gaçan towşantüýi
serbazlaryny pürrelemäge öňe!
—Öňe!
Meýdan ýene güwwüldi-şaggyldydan sarsdy. Ýöne gozgalaňçylar
şähere girmek islänlerinde berk gaýtawula duçar boldular. Elbetde, ýeňiş
hiç mahal arzan düşmeýär.
Başly-barat gaçan serbazdyr han-begler, şäherdäki baý täjirler,
ruhanylar, garaz, goranmaga taýýarlyk görüp ýetişipdirler. Aba serdar
Remezan aganyň maslahaty boýunça, özünem goşup, aýlanyp, tersinden
— dag tarapdaky jeňňelden dökülmegi Balkan batyra tabşyrdy. Şäheriň
içindäki türkmenleriňem öz özleri aýaga galdylar. Tutuş şäher ahynaladan doldy. Ýandyrylan jaýlardan çykýan goýry tüsseler burugsapburugsap asmana galýardy. Muny içinden döredýärdiler. Birki günden
şäheri goraýanlar ýöwsellediler. Balkan batyryň oslagsyz taýdan çozmagy
bilen, boýun egdiler.
Aba serdar Şahberdi soltanyň birmahalky arzyly törüne geçip
oturdy. Ýesir alnan han-begler, täjirler huzuryna getirildi. Serdaryň
buýrugy ýeke sözden ybaratdy:
—Gümlemeli!...
Aba şäherde düzgün-tertibi ýola goýmak bilen gümrady. Ynha,
pişgemurt, gaba telpek, etli-ganly bir türkmeni getirdiler. Munuň
üstünden, düýn baý kürt täjiri arzynypdy. Ol ony bahanalap, suwa salma
ýeňjipdir. Kürtüň özem sazanaklap durdy. Tersine, türkmen gaýşarylýar.
Abadan hem gypynç edenok:
—Muny horlanyň dogrumy, agam?
—Aňryýany bilen, inim.
—Paýlaşyp bilmeýäniňiz näme?
—Aý, hiç zat.
60
—Bü-ýä, bolanok.
—O nä? Bi, öň ýel öz üstlerinden ösýärkä, kän hunaba
ýuwutdyrdy. Indi ýel biz garybyň üstünden ösýä. Öwezini dolaly-da.
Aba az kem oýlandy-da, kesgin aýtdy:
—Şonda-da, beýtmeli däl, agam.
—O-o-uw. Inim, Aba jan! Özge ýurduň bilbilinden öz ýurduň
gargasy zyýadadyr. Onsoňam, bular saňa garşy söweşýärkäler, içinden
uranlaryň bir men. Häzirem gözünde oky bolsa urar.
Elbetde, türkmeniň aýdýanlary jansyz däldi. Şeýle-de bolsa,
Abanyň sabyr käsesi püre-purlendi:
—Otuz şallak uruň.
Birhaýukdan Abanyň tabşyrygy boýunça, ony ýene getirdiler:
—Niçik, agam?
—Beli, inim, beli.
—Gidiber.
Yzýanyndan üç-dört sany pars täjiri geldi. Bularyň kerwenlerini
talapdyrlar. Şonda birki hyzmatkäri öldüripdirler. Özlerem uzakdaky dag
etegindendiler. Garakçylaryň içinde «syýahpuşlary» barlygyny bilipdirler.
Aba serdar olara temmi bermek üçin, bularyň ýanyna nökerleri
bilen Balkan batyry goşup goýberdi.
Şeýdip agşamara çenli, lüti çykyp ýadaýança işledi. Soňundanam
ogurlyk edip tutulan ýigdekçäni getirdiler:
—Goňşyň towugyny ogurladyňmy, inim?
Ol müzzerilip, ýere bakdy:
—Göniňden gel.
Ýigdekçäniň sesi agy gatyşykly çykdy:
—Hawa, agam.
—Näçe, towuk?
—Bäş.
—Bikär gezýäňmi?
—Köp gapyny kakdym. Iş tapmadym. Biz ýetim. Men, kiçi dört
ballym bar. Açlykdan iň kiçisiniň garny çişip ugrady. Onsoň mejbur
boldum.
—Hymmm…
Aba birhowa dymdy. Oýlandy. Onsoň ýigdekçä ýene sowal bilen
ýüzlendi:
—Käriň barmy?
61
—Juk.
—Nämä höweslenýäň?
Ol biraz pikirlenip, jogaýep gaýtardy:
—Ussaçylyga.
Aba gaznaçysyny çagyrdy:
—Bäş jübüt egin-eşik, birki dowar berersiň. Ertirem ýarag
ussalarynyň birine şägirt bellesinler. Towuklaryň öwezini doluň.
Bolmanda otuz-kyrk şallaga ýatyrylaryn öýdýän ýigdekçe
gulaklarynyň eşidenlerine ynanmady. Az mahaldan dogumlandy. Birden
ylgap bardy-da Abanyň aýaklaryna ýykyldy:
—Taňryýalkasyn, agam!..
Ol möňňürip aglady.
Aba ony götererläp turuzdy:
—Ýalňyşyňa düşündiňmi?
Ýigdekçe baş atdy:
—Haw-haw-a, ag-gam.
—Dagy-duwara gaýtalamarsyň gerek?
—Bol-bolýa, agam.
Dynç almak üçin Abanyň özem ör turdy. Çolalykda gelninden ilki
Akmaral ýadyna düşýär. Asyl, daňdan düýşüne-de girdi. Perişde täwire
uçup geldi. Özem harby lybassyz. Näzlenip-näzlenip, towlanjyrady.
Gözlerini güldürdi. Hut onuň demi şemal bolup Abanyň duluklaryny
sypady. Ýuka leblerinden şirin asal damjak-damjak ýaly görünýär.
Abanyň tutup bagryna basasy, şol leblerden ganýança sorasy geldi. Onsoň
öňe ümzükdi. Ol ganatlaryny pelpelledip uçdy ötägitdi.
—Saklan, ho-ow, Akmaral, saklan!!
Öz sesine özi oýandy. Görse, ýüpek ýassygy gujaklap ýatyr. Ýüzi
gyzardy. Hiç kimiň ýoklugyny bilse-de, töweregine ýalt-ýult edip seretdi.
Diňe kümüş şemdanlarda ýogyn mum şemler ses-üýnsüz ýanýardylar. Ol
az-kem ynjaldy. Asyl, zenan küýsäp ýören bolaýmasyn? Onda nä
dünýäde hatyn diňe Akmaralmyka? Azgynçylyk etmek islese, içen suwy
alkymyndan görnüp duran, üzümiň suwy ýalyjak peri-peýkerler bi
ýerlerde bol-a. Öýlenjegem bolsa, barlan gapy ýüzüne urmaz.
Onda düýp-teýkary bilen Akmaraly ýüreginden sogrup aýyrmak
meýli döredi. Öň içmedik garamtyl-gyzyl şerabyny ýoldaş edindi. Melul
halda birki gezek diwan-arzda oturdy. Gözleri ümezläp, gyzaryp dur. Bir
goja alnyna geldi:
62
—Aýdyber, ýaşuly.
—Oglum, Aba jan, men uzak bir obadan. Ençeme ýyl sürüsini
bakdyryp, husyt baý agtyklarymyň hakyny berenok. Soňky gezek hakyny
soranlarynda it ýaly ýençdirip goýberipdir. Öňki soltanyň gapysyndanam
goýbermediler. Indi şükür Hudaýa, adalatly çözgütleriň obalara-da
ýaýrady. Oglanlaryň hakyny äberseň, birini jübütlejek. Güneş bir garybada, nuruny dökmel-ä.
Abanyň göwresi yrandy. Gojanyň sözleri üzlem-saplam
gulaklaryna ilipdi. Onuň şu mahal ukusy gelýärdi:
—Ä-ä-ä...imm...ýaşuly, gaý-ta-la.
Dillerini agzyna sygmaýan ýaly, çykaryp, dodagyny ýalaşdyrdy-da,
ysgynsyz seslendi:
—Düýäň goruny getiriň.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarhypelek - 05
  • Parts
  • Çarhypelek - 01
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2415
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 02
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 2350
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 03
    Total number of words is 3521
    Total number of unique words is 2284
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 04
    Total number of words is 3512
    Total number of unique words is 2331
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 05
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2323
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 06
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2318
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 07
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2321
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 08
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2393
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 09
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 2302
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 10
    Total number of words is 3569
    Total number of unique words is 2383
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 11
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2368
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 12
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2376
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 13
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 2399
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 14
    Total number of words is 3559
    Total number of unique words is 2280
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 15
    Total number of words is 2426
    Total number of unique words is 1736
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.