Latin

Çarhypelek - 11

Total number of words is 3572
Total number of unique words is 2368
27.5 of words are in the 2000 most common words
39.6 of words are in the 5000 most common words
47.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ýesirler dyndarylman, kowlup gelinýärdi. Ýagy duýdansyzlykda
dökülensoň, köpüsi gyssagara aýakýalaňaç daşary çykypdy. Akmaral hem
şeýle. Aýaklaryny gyçak-gyýçak daşlar gan-gabarçaklatdy. Häli şindi
ilişýän böwürslenler ýönegini aşyklynyň süňki ýaly sallaşdyryp, endamjanyny pişik darnaçaklan kimin, persala etdi. Onuň ýanyndan gelýän
Tokgar, ähli ýesirler şu halda. Duşman bulara ýowuz daryşýar. Ýüzi-gözi
şepagatly ýekejesem ýok. Öňem ýarawsyz enäniň biri gurby çatman,
ýykyldy. Turuzjak boldular. Başarmadylar. Ýesiriň biri söýgetledi, ýöne
yza sürendi. Onuň kebzesiniň arasyndan peýkam çümdi. Görgüli jynssyz
gygyryp, ýüzinligine ýykyldy. Öňküniň ýanyndan ýene biri sünjüldi. Şu
hili zabunlygy görýän ýesirler zähreleri ýaryrarlap, nirä sürülseler goýun
ýaly eňýärdiler.
Duşman gyzylbaşlardy. Kä bular türkmenlere çozup, ýesir
äkidýärdiler. Iki tarapyň hossarlarynyň güýji ýeteni yzyna satyn alýardy,
ýa alyş-çalyş edilýärdi. Bolmasa gul-gyrnak, hökmünde bazarlarda
satylýardy. Onsoň parslar, kürtler türkmen dilini, türkmenlerem olaryň
dilini öwrenip gidiberýärdiler.
Gyzylbaşlar bilen döwşüp gören Akmaral ýene şony küýseýär.
Emma enterpelegi öwrülen agyr göwre muňa ýol berenok. Başda gany
gyzdy. Birneme kuwwatam bardy. Peýkam bilen enäni wagşyýana
öldürenlerinde hemme güýjüni jemläp okdurymak isledi, sägindem, ýöne
çagasy ýadyna düşüp, basym huşuna aýlandy. Indi gitdigiçe gözleri
garaňkyrap, essi aýylýar. Büdreýärem. Tokgar oňa söýget berýär. Şeýle
halda esli ýöredi, emma dura-bara yza galdy, ahyry somalym durdy.
Tokgar ýuwaşja pyşyrdady:
—Gaýrat et, gyz.
Akmaral garnyny gujaklady. Hykgyldady. Onýança ýeňseçukuryna
şarpyldap gamçy gedi. Birki ädimläp, ýene durdy. Atly onuň garnyna
depdi. Urgy eliň daşyna degse-de, gözlerinden ýalpa ot çykan Akmaral
aýylganç gygyranyny bilmän galdy. Ýesirler eňşeşip, birdemde saklanyp,
yza gaňryldylar. Duşman atlylaram eýmendiler. Tokgar onuň diňe sesine
däl, guduz açan möjegiňkä çalymdaş birden ganguýma gyzaran
gözlerindenem düýrügip gaýra tesdi. Beýle halda özüniňem, heniz dünýä
inmedik çaganyňam öljekligi baradaky elhenç pikir ýyldyrym
152
çaltlygyndan Akmaralyň serine gelip geçdi. Garnynda görlüp-eşidilmedik
agyry döränsoň ýene aýylganç gygyrdy. Ýöne bu ses öňküden üýtgeşikdi.
Zenan sesem däl gaplaňyň arryldysyna meňzeşräk bir zat. Oňa mahluk
hökmünde garap, gözgyny halynda şirin lezzet alan şekilli, atyňky ýaly iri
dişlerini görkezip syrtaran diňe bir ýanyndaky gyzylbaşdy. Ýogsam, hiç
kimiň beýtmäge bogny ysmady.
Akmaral äsgermän gowşaksylanan ämert duşmanynyň gylyjyny
gynyndan çakgan sogrup, böwründen sokdy. At tasanjyramanka, jylaplap
el-halrak mündi-de, desbiläp, ýol ugrundaky birinem çapyp, jeňňellige
tarap tutdurdy. Birki peýkam şuwwuldap gulagynyň düýbünden geçdi,
soň haýkyrma sesi eşidildi. Megerem, bu gyzylbaşlaryň serdarynyňkydyr,
gaňrylanda welin, kowgy görmedi, hakykatdanam, ol ses gyzylbaş
serdaryňkydy. Nämäniň gopanlygyny birhaýukdan seljeren gyzylbaşlar
Akmaralyň yzyndan kowmak islediler, emma serdar azgyrylyp saklady:
—Haý, siz, namart ejeýler! Kowmaň! Mert hatyn, negadar ezýet
berip oňa. Erkinlik ene süýdünden halaly bolsun!
Onsoň ýola düşdüler. Akmaralyň gopduran wakasyndan soň
gyzylbaşlar has zabunlaşaýmalydylar, emma beýtmediler. Gaýtam
ýesirlere kän golaýlaşman oýturganyşdylar. Serdar esli mahal gülüp gitdi.
Ýöne mahal-mahal ezip içäýmeli Tokgara nazaryny aýlady.
Gürmeleşikde bilinmän, Akmaralyň ýanyndaka açyk görlen bu perizada
beýleki serbazlar serdardan ätiýaçlanyp, garaklaryny dikmekden
mahrumdylar. Diňe bir garagaýtmaz ýaş ýigit assyryndan synlap gözleri
bilen iýäýjek-iýäýjek bolaýdy. Tokgary boýdaşynyň eden işleriniň
düýşünde ýa huşundadygyny entegem seljerebilmän, azara galyp, akly
haýran yrgyldap barýar.
... Akmaral mert, duşman serdaryň merdana sözleriniň özüni halas
edenliginden bihabar, jeňňellige urdy. Gyzgynyna, gahar-gazabyna esli
oturyp, soňa-baka ysgyny gaçyp, atyň boýnundan gujaklady. At janawar
uly bolmadyk jeňňelden ony çykaryp, maýdalyna gidiberdi. Täze
eýesinden garaw örmedi. Akmaralyň bolsa, garnyndaky sanjy güýjürgäp
hut janyny alyp barýar. Burgy bolaýmagam ahmal.
At uzak gitmän hatar-hatar dikilen, ummasyz köp çadyrlary, atlyýaragly adamlaryň gaý-gaýmalyşygyny görüp, saklandy. Şol tarapa,
gulaklaryny keýerdip, göreçlerini dykgatly dikdi. Howplumy-howpsuz.
Baş alyp, çykyp bilmedi. Onsoň hokrandy. Eýesinden hiç-hili duýduryş
ýok. Ol assa basyp, çekinibräk, ýoluny dowam etdi. Basym üç-dört atly
153
oňa tarap gaýtdy. Janawar eýesiniň halynyň ýabygorludygyna dözmedimi
ýa-da gelýänleriň häli-şindi görýän jandarlaryna meňzeşdigini syzdymy,
garaz, oýturlamaga, gaçmaga synanmady. Nätanyşlar daş-töweregini
gallanda, boýun egmäge kaýyldygyny aňladyp, guýrugyny bulaýlap
duruberdi. Gelmişekler zenanyň urnuşyny, perişan halyny görüp,
haýpygelijilik bilen aty idegläp äkitdiler. Getiribem zenany bir çadyra
saldylar. Derrew baş tebip geldi. Eýdip-beýdip Akmarala az-kem şerbet
içirdi-de çadyrdan çykyp ony getiren nökerlere:
—Aýal ugry... Çaga dogmaly. Biziň içimizde hatyn tebip ýok.
Ýöne bu gelin gurda ogşaýa. Dogumly hem çydamly. Çaga dünýä
inenden tizden-tiz gelinden soraň, ýagdaýy biliň. Elhenç horluk görüpdir.
Belki, gözbaşynda düýpli bir hadysa gopandyr. Seljerip, onuň
alyhezretlerini habardar ediň—diýdi.
Emma, zenan ýesiriň habary ondan-oňa geçip, baş geňeşçä,
yzýanyndanam alyhezretlerine ýetdi.
Bu çadyrlar Aly soltanyň serbazlarynyňkydy. Ol Astrabada baryp
gozgalaň eden türkmenlerden Horezmiň gaznasy üçin, ummasyz salgyt
ýygnap, yzyna — Ürgenje gelýärdi. Aba serdaryň gozgalaňyny öz
bähbitlerine gönükdirip, şäherdäki, onuň golaý-goltumyndaky obalaryň
türkmenlerini salgyt töleýän raýata öwrebilipdi. Haçan-da, baş geňeşçi
keýpiçag, soltana syrly ýesir, onuň gözgyny haly, owadanlygy barada dil
ýaranda ur-tut heremhanasyna gözegçilik edýän agta guly çagyrtdy-da
buýruk berdi:
Heremhanalardakydan ikisini ýanyňa al-da, aýdylýan hatyna
kömek et.
Agta gul iki-üç sagatdan öwrülip gelip, ýagdaýy aýtdy.
—Siziň aly hezretleriňiz, çaga öli dogdy. Hatyn sag-salamat.
Ýuwundyryldy, geýindirildi.
—Gurby çatjakmy bäri gelmäge?
—Ba-uw, peleňdir-peleň, hatyna ogşamaýar.
Gul iki bükülip, götinjekläp çykdy. Basym Akmaral Soltanyň
gaşyna getirildi. Tebigy reňkinden derek galmadyk, ýüzi gan-koksuz
zenan köpi gören soltanyň depe saçyny üýşürdi. Aýallara göwün
söýläniňi edibermeli «mahluk» diýip düşünýän hökümdaryň kalbynyň bir
ýerlerine rehimdarlyk uçgunlary ýylpyldatdy. Ol Akmarala oturmagy
aňladýan yşarat etdi. Meћalsyz, şonda-da aý kamatyny ýitirmedik ýesirine
154
Aly soltan gözlerindäki arman-dagy gizlemän, bihaýalyk bilen nazaryny
dikdi, oňa mylaýym ýüzlendi:
—Keýgim, ne iş düşüp başyňa? Söýle, Horezmiň, Horasanyň,
Astrabadyň barsy Aly soltan, man.
—Bilýän.
Soltanyň gulagynyň düýbünde gök güpürdän şekilli ahwal döredi.
Gözleri giňden açylyp, sowally seretdi. Zenan dowam etdi:
—Tahmasp şanyň sülsatlary bilen çaknyşmaly bolanda, Aba
serdaryň ýanyndakaň golaý arkaňdan görüpdimem.
Soltan pikire çümüp, şol pursady ýatlady. Ol bimazalanyp, tas
züwwetdinlik edipdi. Ýöne ony Aba serdar, bu zenan, serbaza aňşyran
däldirler, ol yz ýanyndaky Durdy pälwan täwüre läheň göwreli
müňbaşyny hakydasyna getirip bildi. Bu hatyny başarmady.
Akmaralyň başdan geçirenleri hakynda aýdyp başlamagy
geçmişden arany üzdi. Ol dykgatly diňledi. Gelin gürrüňini soňlanda, az
kem oýlandy: «Meniňki şowuna. Gyzylbaşlaryň häzir çaňyny kakaýyn.
Aba serdara ýüzli bolaryn, bardy-geldi salgyt ýygnan türkmenlerim
aýagymdan arz edenlerinde hem maňa baş galdyrmazlyga nepi deger.
Belki-de, sürlüp barýan ýesirleriň içinde... gökleň güljagazlaryny
ysgabam göremok. Gyzylbaşlaň amat ýaragy, diri ýesir düşeni bolar. Bu
gelnem, dem-dynjyny alsyn, iýsin, içsin. Gaýtadan parlar. Ürgenje
äkideýin. Çyn güller hiç haçan solmazmyş.
Soltan daşyndan şeýle diýdi:
—Yslam münbaşy gelsin. Hatyna-da gowy serediň. Akmaral
ýokary zordan turdy. Iki -- baka hallan atdy. Ony ýykylmanka söýgetläp,
äkitdiler.
Yslamyň ýolbaşçylygyndaky müň nöker örän çalt ýola düşdi. Ol
ýesirleri sürüp barýan gyzylbaşlaryň yzlaryndan ýetende ýaňy garaňky
gatlyşypdy. Derrew garma-garjaşyklyk başlandy. Iki tarapam gaýduwsyz
söweşdi. Ýöne gyzylbaşlar ýadaw hem bäş ýüz atlydan köp däldi.
Güýçleri az. Onsoň tiz boýun egdiler. Iki ýüze golaý serbaz ýesir düşdi.
Gös-göni Yslamyň ýolbaşçylygy astynda on-onki horezmli nöker atly
kesindi tutup ýesirleriň içine aýlanyp, iňňe gözlän ýaly etdiler. Olaryň
ýekejesini gyra çykardylar, yz ýandan müňbaşynyň ýer godukdyran batly,
zorruk sesi ýaňlandy:
—Gökleňler, siz azat, arkaýyn öýüňize gidiň! Bu erkinligi onuň
alyhezretleri, adalatyň şamçyragy Aly soltan eçilýär.
155
Yslamyň keýpi çagdy. Ýitgisi kän däl, ýesir aldy. Soltan üçin
üzümiň suwy kimin gelnem tapdy. Bu, elbetde, Tokgardy. Bir ýesirlikden
boşap, beýlekä düşdi. Onda-da ýeke-täk özi. Owadanlyk köplenç
betbagtlyk getirýär. Görgüli beýle ahwaldan bihabar. Gyrgy gören serçä
dönüp galpyldap dur. Birsalym ýoňsuz aralyga ýesirleri goraglamaga, has
ejizlerine goltgy bermäge, nöker, at berip, çadyrlaryna dolandy.
***
Balkanyň topary birki gezek atlaryna dem-dynç berip, gyssagly
gelýärdi. Eşekliler has yzda süýrenip, bir eýýäm gözden ýitdi. Soňa baka
ýanyndaky atlylaram oňa eýermedi. Näbelli eýmenç şumlyk tümlügini
böwsüp, öňe sary ýalňyz zomaýardy. Ol peýkam bilen urlup ömri
paýawlap, guş-gurt dargadaňkyrlan biçäre enäniň meýdiniň üstünden
bardy. Ýüregi has howlugyp, ýoluny dowam etdi. Esli gidende surnugyp,
tapdan düşen aty büdräp ugrady. Balkan duşmanyň yzyndan çalt ýetmek
pikirine mübtela bolup bu janawaryň halyny gözden salypdyr. Mülemme
gyzylbaşyň garşysyna täk özi nämedi? Gom içindäki sypaljyga
meňzemezmi? Duşmanyň artyklygyny serinde aýlanogam.
Atyň nobatdaky büdremesine tas tüwdürilipdi. Janawar bu gezek
ýykylman zordan saklanyp, aňalyp durdy. Huşuna aýlanan Balkan düşüp,
horjunda galan iki goşawuç arpany torba guýup berdi, başyny silkeläp, şol
bada hütürdedip iýip başlady. Özünden kem surnugmadyk eýesem,
gyşarandan hor çekdi. Ep-esli mahaldan gözüniň awusyny alan Balkan
hähläp oýanyp, howul-hara ýola düşdi. Ahyry ýesirler öňünden çykdy.
Ekabyrrak biri ýagdaýy oňa düşündirdi. Ol gürrüňini soňlanda Balkan:
—Horezmliler haýsy tarapdan geldiler— diýip sorady. Jogap
berýän oýlanybrak durdy-da başyny ýaýkady:
—Bilmek kyn. Olar daşymyzy gabadylar.
—Gidenlerinde ýüzleri günbatarady — diýip başga biri jogap
berdi.
—Bolýa. Ýoluňyz ak bolsun! — atynyň ýüzüni hyrra şol tarapa
öwrüp:
—Öňüňizden obadaşlar çykar. Dolanaýsynlar, aýdyň! —diýdi-de
ugrady. Aly serdaryň adyny eşidende birneme derisi giňäpdi. Göwnüne
Akmaral hökman şolaryň üstünden baraýmaly ýaly bolup dur. Ýesirleriň
156
içine şunça janygyp, göz gezdirse-de Tokgary görmedi. Soramaga hem
ejap etdi.
***
Tokgary ýuwundyryp, geýindirip, iýdirip, içirip, bezemen çadyra
saldylar. Bürünçden edilen uzyn direglerde çyralar ýanýardy. Göwresi
owmaçlanyp, mum-helime dönen görgülijik ýassyga başyny goýandan
uklady.
Aly soltanyň on-onki sany göçme haramhana çadyry bardy. Ol her
gije şolaryň birinde, yssy gujaklarda ýaýnaýardy. Täze getirilen tez
jerenden nobatyna garaşýan kürt gelniniň habary ýokdy. Agta gul
çyralaryň diňe birisinden beýlesini öçürip, Tokgary yralap oýardy.
Doňňara daş, hüýt gara guluň ýüz-gözünden aňabiljek yşjagazyň ýokdy.
Ol içerä nazar aýlap, iki adamlyk salyngy çymylga ümledi. Süňňi indi bir
pisligi syzyp ugran türkana Tokgar künçde çugudyp oturyberdi. Agta dil
ýardy:
—Bagty çüwen samsyjak. Ýanyňa barsyň özi — Aly soltan gelýä.
Düşege geç, çaltyrak. Tokgar gozganmady. Agta gyssady:
—Bol ho-ow, mahluk!
Tokgar gaýtam has ýygryldy. Soltanyň adyny eşidende-de gozgalaň
tapmadyk gelne geň galyp, agta gul elini silkip çykyp gitdi. Basym egnine
donuny ýelbegeý atynan, gaşlak, akmeňizli soltan geldi. Mürçe-miýan,
humaý gözli, şar gara saçlarynyň uçlary goşa mar kimin towlam-towlam
bolup ýatan Tokgara nazary düşdi. Ol owadan zenanlary köp görüpdi.
Biarman tiripdem. Ýöne bu gelniň gözlerinde öňkülere meňzemeýän,
aýratyn jady bar. Perraç kirpiklerem üstesine göni ýürege sünjüldi. Öňem
şerapdan az-owlak humarlanan Aly soltanyň bogunlary gowşap,
yranjyrady: Aperin! Bi, melek, agyn Şiriniň özi däldir-ä? Gözlerinde
gorky görünýä, edil saýatdan hederlenýän jerene ogşap. Gorkma, keýijek,
Aly soltanyň gujagynda bir gije ýazlasaň, soň özüň boýnuna bökersiň.
Hawa, bi, melek, agyn Şiriniň özi bolaýmasyn?...
Soltan başky pikirine dolandy. Onuň üçin dünýäde Nowaýydan
başga beýik şahyr ýokdy. Bilmegem islänokdy. Ýetginjekgä «Perhat we
Şirini» ürç edip okady. Henize çenli Şirin kibin perizada duş gelenok. Ine,
ilkinji gezek... Eline gylyç alyp, ata çykanda gara dagy süýşüren
Perhadyň ummasyz güýjüne sarpa goýdy. Mahal-mahal bolsa,
157
Nowaýydan şu setirleri hiňlenmäni gowy görerdi. Bu tüýs onuň ruhuna,
islegine kybapdaş:
Olib men tahti farmonimga oson
Çerik çekmeý, Hidotin to Huroson.
Horoson demakim, Şerozu, Tabriz,
Ki kilmişdur naýi kilkim şakarrez.
Aly soltan ala gözlerini güldürip, düşege tarap ümläp goýberdi.
Gelin gozganjyramadam. Diňe gaşap, titreýä. Näme bolýarka? «Sagdyn»
diýipdi agta gul. Aý kamata, jadyly gözlere huşy başynda uçan soltan
onuň näsebäpden çymylganda garaşmaýanlygy indi hakydasyna geldi.
Maňlaýyny tutdy. Çytawunlandy. Pikirini çugdamlap oňarmady. Ýa agta
gul aýtmadymyka? Aýdandyr. Geň ýeri, özi ümlände etmän otyr. Aý,
zyýany ýok, beýle perizadyň bujagaz hatasyny geçip goýber. Gaýtam, ol,
ertir diri Şirini eçileni, yhlasy üçin, Yslam ekä, gözelligi şu gelinden kem
bolmadyk bir türkmen atyny peşgeş berer. Megerem, munuň äri jahanda
iň bagtly kişidir. Ýöne ol, Aly soltan ýaly, hökmürowan däldir. Ebti agan,
mahlukdyr. O hilileriň bagtyny ogurlamak-halallykdyr. Ýok, bi, bolmaýa,
bagty gara gelni mynasyp taýyna gowşurmak bolýa.
Ömründe zenanlara hajyk-hujuk etmedik Aly soltan Tokgara
mylaýym ýüzlendi:
—Maralymjygym, bäri, gel, bäri!
Tokgar aňry gysyldy. Soltan çala eşidip, düşünen däldir öýdüp,
gaýtalandy: —Maraljygym, bärigel, bäri!
Bolmady. Aly soltan ýeňse damaryny gataltmak isledi. Eger-eger
başarmady. Niçik, beýl-aýt, bi. Tersine, ölüp-içip, eräp-akyp barýar.
Soltan ätmer-sätmer ädimläp baryp elinden tutmaga meýillendi. Ol
towsup, birýanlygyna çekildi. Akyly düzüwmikä şunuň? Baş tebip agta
gul «Pylan-pismidan» diýmändi. Ýa näzirgeýärmikä? Oňa-da meňzänok.
Golaýlaşansoň, zenanyň gul kimin, hoşboý anbary burnuna urup,
hyjuwlanan soltan awuny tutup, ýüzüni dyrnaçaklaýşyna üns bermän,
düşekde ýatyryp, bagryna basdy. Tokgar mähnet göwräniň aşagyndan
eýdip-beýdip çalt sypyp, gapa tarap ylgady. Aňyrdan güýçli iteklenip,
goýberilmedi. Ol gaýralygyna serreldi. Gözlerinden ýalpa uçgun syçrady.
Soltan onuň haram keýpine boýun sunmak islemeýändigini indi aňşyrdy.
Muhabbetiň ornuna damarlarynda wagşyýanlyk dyňzady. Ýap-ýaňyda
emeli gahary getirjek bolanda oňarmandy. Häzir gözbaşy dyrmalanyp
açylan dek öz-özi joşýar.
158
Ol ýolbarsyň jereni awlaýşy kimin, atylyp, Tokgary ýene tutup
düşege geçirdi. Asyl leblere şorumtyk dodaklaryny basyp, eliniň biri bilen
köýnegi serpdi. Bada-bat dodagy şeýle bir awady, çydaman elhenç
gygyrdy. Gujakdan boşan Tokgar ýene gapa ylgady. Tiz özüni rastlan
soltan dulda gysdyrylgy hanjary sogrup alyp, zyňdy. Kebzesiniň arasyny
tutan gelin ses-üýnsiz ýüzinligine ýykyldy. Içinden ýalyn geçen serdar
dişlenende çydaman, gygyryşyny hakydasyna tiz getirip, pidasynyň jyňk
etmeýşine haýran galdy. Garagöz jerenlerem merdem bolýan eken.
Aly soltan bu geň mugjazanyň al ganynyň türkmen halysyna
akyşyna kalby gyýymlanyp, az pursatlyk synlap, özi bilmezden
pyşyrdady: «Wah, ýaraga dözer ýaly däldiň Maraljygym. Özüň... özüň,
oňarmadyň. Bagtly etjekdim, seni. Meniň günäm ýok».
Soňra derçigen maňlaýyny barmaklary bilen sylyp, haşlap dem
aldy-da, elini çarpdy. Şol bada hyzmatkär nöker, yz ýanyndan agta gul
gapyda sömeldi:
—Äkidiň!...
Tokgary keçä doladylar. Onuň iň soňky sözlerini gulaklary jam
ýaly soltan magat eşitdi:
—Ah..., bür... bürgüdim, Balkan, nirede sen?...
Merdi öldürseňem, ýeňip bolmaz eken. Eýsem, melegiň diliniň
senasy Balkan atly goç ýigit kim? Haýsy ýurduň alyjy gurdy?
Şu wagta çenli, heniz zenanlardan garaw görmedik Aly soltan
ýokarky sowallara bimazalanyp kirpikli gözüni çalmady.
Balkan welin, ýaňy çyzylan daňyň ümüş-tamyşlygynda lageriň
tegelekleýin goýlan saklawynyň biriniň üstünden bardy. Tizden on-onki
nöker üýşdi. Saklaw başam gylawlanyp geldi. Pilmahmyt kimin, kişiden
susty basylyp, ýuwaşja seslendi:
—Ugur nirä, ker ýigit?
—Aly soltany gözleýän.
—Nädersiň, ony? Bize aýdyber?
—Ikiçäklikde gürrüňim bar.
—Haýsy ýurduň çapary?
Balkan ýöwselledi «Agzyny ysgap göräýermikäm? Barybir,
dogrusyny aýtmaz. Belki, bihabardyr».
Saklawbaşy sowalyny gaýtalap, dylmyldady:
—Haýsy ýurduň çapary?
159
Balkan söhbetdeşiniň göwnüne güman gidip barýandygyny syzyp,
harby adamynyň hilegärligini ulanmagy ýüregine düwdi:
—Etrek ýurdundan, Aba serdaryň çapary.
Saklawbaşynyň gözleri giňden açyldy. Beýleki nökerlerem biribirleriniň ýüzlerini gözlediler. Dem salymdan saklawbaşynyň özi atyny
gorgunladyp, öňe düşdi. Çadyrlara taýakýetim galanda deňleşen Balkana
gyşaryp, pyşyrdabrak sorady:
—Näme, eýgilikmi?
—Harby syr.
Olar ençeme çadyrdan geçip, biriniň ýanynda saklandylar.
Balkanyň at-ýaragyny goýduryp, içeri goýberdiler. Ol sowuk garşy
alanyň Aly soltan däldigini bildi. Pert-pert gepledi:
—Maňa Aly Soltan gerek.
—Men, geňeşbaşçysy. Arzyňy aýdyber, diňleýän.
Ol ulumsylyk bilen ýüzüni kese sowdy. Bu Balkanyň ýeňse
damarlaryny taýaga dönderdi. Tas yzyna çykýardam. Ýöne özüniň gaty
seresaply hereket etmelidigine tiz pähimlendi:
—Hökman özüni görmeli.
Geňeşbaşçy «Gürrüň gutardy» diýen manyda seňrigini ýygryp,
gapa elini uzatdy. Balkanyňam melgun böwrüne dürtdi. Onsoň dyňzap
gelen gahar-gazabyny saklap bilmän, göterip, zyňyp goýbermek üçin
birki ädimledi. Geňeşbaşçy kömek sorap, tas nökerleri gygyrýardy. Ýöne
olar gelip ýetýänçäler bu mähnet pyýadanyň iki üzüp, bir
ýalmaýmagyndan çekindimi-nämemi, garaz, badyhowalygy ýatyp,
gözlerinde gorky göründi. Pessaý gepledi:
—Aly Soltanyň keýpi çag däl.
Balkan säginip, güňleç seslendi:
—Jany guratmy?
Geňeşbaşçy: «Dikdüşdi, haýwan, nireden gelen gysyr emgegaýt
bi?!» diýip, içini kelteçe gepledip, gysga jogap gaýtardy:
—Guraw.
—Elt, onda ýanyna.
Geňeşbaşçy iň soňky ýapyşalgasyna ýüz urdy:
—Aýtdym-a, keýpi çag däl. Ertir geläýseň nädýä? Kabul etjegem
gumana.
—Kabul eder. Aba serdaryň çapary diý.
160
Geňeşbaşçy Balkany yzyna tirkäp, daş çykyp, käkilik kimin,
ýorgalap ugrady. Basymam beýlekilerden saýlantgy, bezemen çadyra
girizdi. Soltan hakykatdanam keýpsiz, edil atasy ölen şekilli başy
sallangy, gözleri çym gyzyl, gabaklary pökgerişip dur. Çaky, gijesine
çirim etmändir.
Her hal Balkany görenden hemişekisi ýaly gabarylyp, ýüzüne
agraslyk çaýdy:
—Dostumyzyň başy belent, ýurdy amanmy?
Balkan birbada näme jogap bererini bilmän, kürtürdi. Ol indi aldap
biljek däldi. Onsoň gönüledi:
—Şo-ol, gyzylbaşlar bilen bolan gepleşikden soň Aba serdardan
basym aýrylyşdym. Özüme «Onuň çapary» diýip atlandyrmagym,
huzuryňa derwaýys iş bilen gelmeli boldum. Şeýtmesem, sataşdyrjak
däller saňa. Bu säwligimi geçgin.
Durdy pälwan pisint mähnet pyýadanyň batyrgaý gepleýşi soltanyň
göwnüne ýarady. Birdenem ýüzüne ýiti-ýiti seretdi: «Bu şo, Aba serdaryň
yz ýanynda duran iner göwre ýigit. megerem, Aba serdaryň sag elidir
diýip içinden pikir öwürdi. Daşyndan bolsa:
—Ýol bolsun! Diňleýän — diýip gop berip goýberdi.
—Obada ýokkak, gyzylbaşlar dökülip, ilaty ýesir edip,
kowupdyrlar. Siziňkilerem gaňryp ellerinden alypdyrlar. Bu
ýagşylygyňyş Hudaýdan gaýtsyn
Balkan sözüne dyngy berdi-de, soltanyň «Ýeri, indikiň näme?»
diýip, gözleriniň soraýan sowalyny duýup, dowam etdi:
—Ýöne iki ýesiriň täleýi näbelli. Şolary idegläp ýörün. Belki, uçgyrak bilýänsiňiz.
—Ikisem hatynmy?
—Hawa. Bir-ä gelnim, birem, onuň boýdaşy.
Soltanyň az-kem ýüzi gyzaryp, yranjyrady, soňra morta jogap
gaýtardy:
—Olaryň bir-ä öldi, biriniňem çagasy öli dogdy. Aly soltan az
mahal dymyp, pikirlendi-de, ýeser at göçümini etdi:
—Ony iýdirip-içirip dynç aldyryp ýörün. Bäri bakyşanda
goýberjek.
Balkan begenjinden gürrüňdeşini tas gujaklapdy. Çagasynyň öli
doganyň Akmaral, heläk bolanyň Tokgar bolaýmagynyň ahmaldygy
küýüne gelip, saklandy. Her hal janyny barlap görmegi müwessa bildi:
161
—E-e-e... ikinji gelin... boýdaşy... nähili öldi?
—Özünden boldy. —Söhbetdeşi sowally nazaryny dikdi. Gözlerini
sypjakladýan Aly soltan birden it ýylgyryşyny edip, üstüne abanyp
duranyň özüne sowal berdi:
—Adyňy aýt-da.
—Balkan.
Aly soltan tisginjiredi, eýlä-beýlä gyzmelän bolup, gaýrarak
çekilip, dulda asylgy gylyjyna göz gyýtagyny aýlap goýberdi. Onuň
ýüregi jigläpdi. Ýöne garşysyndakynyň çekge damarlarynyň tirsildäp
uranlygyny, öwzaýynyň bozulanlygyny eýýam görüpdem:
—Heniz onuň kibi, jadyly gözli perizada sataşmandym. Onsoň
bagtly etmek isledim. Ol pazylaşmady. Iň soňky deminde aýdan sözleri
boýnumda galmasyn: «Ah!... bürgüdim, Balkan, nirede sen!...»
Balkanyň läheň ýumruklary daş ýaly düwlüp, öňe ätledi:
«Öldüripdir, garamzada»...
Soltan duýduryş berdi:
—Bäri gaýtma. Aba serdaryň göwni üçin, bir gezege bu
äsgermezçilikli hereketiň hatasyny geçýän.
Soltanyň sesi gatalyp, ýüzüne öliniň reňki urdy. Ol sögünip,
doňňaradaş bolup duran Balkana ümzügip, sözlerini soňlady. —
Tanamadyk sylamaýa. Göwrelisine-de, tebiplerim, hatynlarym yssyindiwat etdi. Ýogsam, ölmegi gaty ahmaldy.
Balkan güňe dönüp, soltanyň sözlerini üzlem-saplam eşitdi. Bu
adam hem ýamanlyk, hem ýagşylyk edipdir. Terezä çekseň, haýsysy agyr
geler? Häzir muny bilerden pikiri çeşme suwy ýaly durdy däl-de, sil suwy
kimin bulançakdy.
Soltan iki dag çakyşana çalymdaş, ýer godukdyran, iniňi
düýrükdiriji ses eşitdi:
—Gelnimi boşatmaga, perman ber.
Aly soltan şol bada ellerini çarpyp, gapyda görnen nökere höküm
etdi:
—Yslam müňbaşa perman berýän. Hatyn bendigi erkinlige
goýbermeli.
Balkan hut biline urlan şekilli yraň-daraňlanyp, işige ýöneldi.
--8—
162
Aba serdaryň çaklaýşyna, Etrek sähralaryny Haktagalanyň nazar
salan ýerleridi. Topragy altyn bilen bäsleşýär. Guş-gumrusy seňrikden.
Ýyly ýurt bolany üçin eýýam, gyşyň ahyrky aýynda gögeleň görnüp,
sonarlyga öwrülýär, goşa ýaz bolýar. Myhman guşlar gelen ýurduna
gidebilmän, ýene biygtyýar eglenip, ýazlaýar. Aw etinem düýä ýükläp
getirýärler. Ak ekine gawun-garpyz, düme ekilýär. Derýadan
sowgutjyklap çekip, şaly ekip ýörenlerem bar. Garahan täjiniň öldürilen
ýylyndaky ýaly, eşek ýykylsa, dişi döwüljek gurakçylyk setanda-seýranda
gabatlaşýar. Ýöne derýany jylawlap bolaýsa dagy, lap urdugy däl, çar
pasylda hasyl alyp ýörmeli. Soňky wagtlarda bu barada kelle-de döwdi.
Gyzylbaşlar bilen ylalaşyga gelneni bäri, gylyjyň deregine pil oýnatmagy
arzuwlady. Harbylyk dogabitdi ganyna eýlenipdi, daýhançylygyň dartyşy
gowşak çykaýdy. Ýogsam, Rahym ahun pahyr heniz aýatda dirikä Etrek
derýasynyň Maşat-Misserian zamanynda owsarlanyşy hakynda geň
hekaýaty aýdyp beripdi. Şony etmäge meýillendem. Ýöne el çekdi.
Gojanyň aýdyşy boýunça ol döwürlerde Dehistan topragynyň ilaty beter
mes ýaşapdyr. Derýanyň öňüne gurşun guýup islän taraplaryna sowup
hasyl alypdyrlar. Soňa-baka azyp, goýny atyp urupdyrlar.
Bir sapar birehim ýagy çozýar. Pahyr Çingiz hanyň sülsadymyş
diýerdi olara. Heýwere zalym, ýykyp-ýumrup, ot berip, gyrypgyrjaşdyryp gelýärmişler. Degistan topragyňam çetinden giripdirler.
Gurbany gitdigim, Maşat ata bolsa, diňiň çür başyna çykyp, beýik Taňra
sygynyp, aýaklaryny sallap oturyberipdir. Apy-tupan gopup, ýagty jahan
tümlüge öwrülip, göz-gözi görmändir. Şeýle hal birnäçe güne çekipdir.
Körekeni Şir Kebir gelip: «Duşman gidendir. Öz ilimizi gyrgyna salýaň.
Aýagyňy çek» diýip töwelle edipdir. Keramatly Maşat ata: «Aýagym-a,
çekerin, garabaşyňyzy aman saklap bilseňiz» diýip gulak asypdyr.
Asman-zemin öz kaddyna gelipdir. Dogrudanam duşman giden şekillem
bolan eken. sary sakgal göze çöp atmak üçin gyra çekilipdir. Haçan-da,
jahan ýagtylananda, Etrek derýasynyň kenarynda saklanýar. Görse, derýa
gurşun bilen beklenipdir. Dehistanlylara gahary gelen Çingiz han uly
gurşun bendi ýykmagy buýrupdyr. Odun ýakypdyrlar. Bolmandyr.
Ussalar çörňeşipdirler. Bular-da başarmandyr. Hanyň gözleri gyzaryp
gahar-gazabyna bäs gelip bilmän, gumy gysymlap möjek kimin aýylgançaýylganç ulapdyr. Edil şol pursat gökleň baýtally birini tutup getiripdirler.
Ol Çingiz hanyň aýagyna ýykylyp, azat eýlese, gurşun bendi eretmegiň
tilsimini bilýänligini aýdypdyr. Han söz berýär. Ýesir semiz düýeleri,
163
öküzleri, sygyrlary, ýabylary öldürip ýaglaryny alyp, üýşürip, gurşun
bendiň üstüne ýapmagy maslahat beripdir. Şeýle edipdirler. Gurşun bent
eräp, derýa öz ugruna akypdyr. Elbetde, Çingiz han endigi boýunça,
dönügi ilki öldürdipdir.
«Leň» «agsak» diýen manyny aňladýan eken. «Gök» bolsa,
başrakda belleýşim ýaly, dönügiň baýtalynyň reňki. Ikisi birigende
«gökleň» sözi emele gelýär. Käbir süýtden gan gözleýän köpbilmişler,
«gökleň» taýpasynyň iştimaýy isminiň taryhyny şo dönüge
syrykdyrýarlar. Bu beýle däldir. «Gökleň» taýpasyny kemsitmek,
agzalalyk döretmek meýli bilen suňşurylýan ýarlykdyr...
Aba serdar oglantakka Rahym ahunyň hüjresine okamak üçin
gatnadym. Ýöne dini dersleri gowşak özleşdirdi. Polady ýumşak Rahym
ahun bujagaz oglany çabyr-çybyk bilen ýenjip, ýola getirjek bolmady.
Sypaýylyk bilen dädesine aýtdy:
—Megerem, Aba jandan molla ýa ahun çykmasa gerek.
—Aý, goýa?
—Hut şeýle. Oguz han, Seljek beg, Osman paşa gyzyklandyrýa
ony. Özem ganygyzgyn. Gep çekmedik. Sähel zat üçin talyplaryň
kellesine itiň derisini geýdirjek şekilli bolup dur. Okamak, ýazuwbozuwdan baş çykarýa. Besdir şo.
—Näme maslahat berýäň?
—Molla köp-de, serdar gyt bizde. Oglany şoňa gönükdir. Irdegiçde maňlaýymyzdan diremegi ahmal.
Ahunyň bu sözleri gynandyrman, aýagyny ýeňletdi. Astrabada
gidende bazardan oglana muwapyk ok-ýaý, gylyç getirdi.
Aba çirtmek bilen guş-gumry tutardy. Bir gezek ýaýdan peýkam
atyp, tilki urdy. Sübseguýrugy ýüzüp bilmänsoň, süýräp öýlerine
getiräýdi. Dädesiniň erni bir ýere ýygnanmady. Ol deňi-duşlary bilen
çürrükdepdi, hekgalam oýnardy. Garahan täjiriň Aba bilen ýaşytdaş ogly
gedemje oglanlara serdarlyk etmek meýillidi. Dogry, Aba barka
çekinerdi. Bir sapar weli, oýunda karam edip, kellesiniň gyzgynyna Aba
bilen ýakalaşdy. Soňra jüýje horaz ýaly ýolmalaşdy. Ahyry Aba çemine
getirip, tilsim bilen ýykdy-da, agyz-burnuna suňşuryp, gyzyl-gana
boýady. Baý ogly aglap öýlerine gitdi. Yzy bolsa, ula turdy. Garahan
täjiriň ogullary, inileri, aý garaz ilen-çalanlary çozup, Abalaryň gapysyna
üýşdüler. Oglan şonda-da dädesiniň arkasyny penalaman, tärime
kebzesini berip, Garahan täjiriň has-da dyzaýan inisiniň birine
164
peýkamyny çenäp durdy. Ol işikden ätlese peýmanasy dolaýmalydy.
Abanyň gözleri gahary joşan çaga barsyňky täwüredi. Onýança dädesiniň
dogan-garyndaşlaram ylgap geldiler. Bu galmagala Rahym ahun dahyl
bolup, töwella-tagsyr edip ýatyraýdy. Emma, iki-üç günden Garahan
täjiriň aýaly bilen Abanyň ejesi tamdyr gezeginiň üstünde tersleşip,
saçýoluşmaga az galdy. Garahan täjiriň aýaly gidip barýarka-da,
walalaýlady:
—Gurt bagryny iýen, heýwere sen. Onuň... Abaň dagy adam
öldürip yoren ganhor bolaýmasa, «Tüf» ýüzüme diýde tüýküräý.
Basym şeýle waka ýüze çykdy. Bu täjiriň aýalynyň pikirini
tassyklan şekilli bolaýdy. Aba örüden ir gelen birki köşekli düýesini
ýoňsuz daşlyga bakmaga äkitdi. Ol taýy ýandakly orundy. Obanyň garasy
görnenok. Gamyş-garak gatyşyk, hyşalyk jeňňelden del atly çykaýdy. Ol
gelşine Abany kakyp, alyp ardyna gonduryp gündogarlygyna tutdurdy.
Gije ýaryma çenli ýol ýöräp atyna arpa bermek hem-de az-kem demini
dursetmek üçin goş ýazdyrdy. Özem çala-çula garbandy. Aba habar
gatdy:
—Haýsy taýpadan?
—Okly.
—Dädeň baýmy?
—Aý, tütjar baý-a däl. Boljak.
—Gözlärlermi, seni?
—Gözleseler gerek.
Saýry dylmyldady. Gabaryldy. Pişge purtlaryny sypalaşdyryp-sypalaşdyryp goýberdi. Aba näme üçin hoşnutlananyny güman edýärdi.
Ol gul alyp barýardy. Şol sebäplem ogurlady. Agtaryp tapsalar, yzyna
satar. Ummasyz çykgyna dädesiniň täk özüniň gurby çatmajagyny
bilýärdi. Dogan-garyndaşlary üýşseler, ähtimal. Garahan täjir goldaýsa,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarhypelek - 12
  • Parts
  • Çarhypelek - 01
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2415
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 02
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 2350
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 03
    Total number of words is 3521
    Total number of unique words is 2284
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 04
    Total number of words is 3512
    Total number of unique words is 2331
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 05
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2323
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 06
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2318
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 07
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2321
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 08
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2393
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 09
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 2302
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 10
    Total number of words is 3569
    Total number of unique words is 2383
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 11
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2368
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 12
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2376
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 13
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 2399
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 14
    Total number of words is 3559
    Total number of unique words is 2280
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 15
    Total number of words is 2426
    Total number of unique words is 1736
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.