Latin

Çarhypelek - 12

Total number of words is 3580
Total number of unique words is 2376
28.2 of words are in the 2000 most common words
40.5 of words are in the 5000 most common words
47.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
guzy diş bilen kakardylar. Şol waka gopmadyk bolsa ýardam bererdi. Indi
imrigmezem. Aý, dogry-da, walla, oglunyň özi hekemsireýä. Tumşugyna
kakylabilnendir.
Gelmişek içini hümledýän ýesiriň pikirini böldi:
—Nirä barýanymyzy bilýämi?
—Juk.
--Gaty daş. Horasan kentleriniň birine.
Oglan süllerdi. Saýrynyň oky nyşana degdi. Ýesiriniň
göwniçökgünlige düşmegine içki şatlygyny gizlemegem islemän, loh-
165
lohlap güldi. Birden Rahym ahunyň pähimlerinden: «Iň uly bela —
umytsyzlykdyr» diýip aýdany Abanyň hakydasyna geldi. Gerdenleri
ýazldy. Ekabyrlandy. Myssarmagy näumytlykdan eken. Nädip gaçyp
biler! Aý, ýok-ýok ýene eginleri ýygryldy. Müzzerildi. Bu gezek Rahym
işanyň hut sesini eşiden şekilli boldy. «Oglum, pirimiz Hezret Aly: «Iň
uly günä gorkudyr» diýip aýdypdyr. Gorkup, günä gazanma, ölümden
özgäniň alajy tapylýandyr. Sen, entek diri. Ýol uzak. Umyt atyndan
düşme».
Töweregine ýaltyldady. Rahym ahuna gözi ilmedi: Dädem: «Ahun
aga diri öwülýädir. Gyssanyp, çagyrsaň ýetişer» diýýärdi. Ugrunda
bolaýmasyn şu? Owazy gelip dur. Belki, Hezret Ala sygynýandyr.
Aba ekizlenip duşmanyna tiňkesini dikdi. Ol elleri bilen ýüzüni
gabatlady:
—Aý, uşak nazaryňy sow. Çeşmiň gurduňka ogşar. Mürewwetsiz
ýüzüňem.
Basym ýola-rowana boldular. Abanyň oglan başyndan müň dürli
köý gelip -- geçdi. Şonuň ýekejesinde-de, gaçmak usulynyň çäresini
tapmak başardanok. Dädesiniň Rahym ahunyň ýetişgirligi hakynda
aýdýanyna-da betgumanlandy. Daň agaryp barýardy. Dag başy
ümürsireýär. At ýangapdaldan öz maýdalyna ýöreýär. Irkiljireýän eýesi
kyn-gyssag görkezenok. Abanyň gözüne çiş kakylan şekilli. Uky ýadyna
düşenok. Ol indi köplenç ýanyna göterýän ok-ýaýyny almandygyna
ökünip aňyrsyna çykabilenok. Uky basmyrlaýan näkesden dynmaga
pursat döreýär. Ýangapdal jülgä indi. Saýry atyny ýodajyga gönükdirdi.
Çaky, bu ýerlere gözüni daňsaňam belet. Aty-da şeýle. Ol ýene
çaýkanjyrap ugrady. Şol barmana atynyň boýnuny gujaklady. At bir
kürtdürip ýoluny dowam etdi. Igdiş-aýt, zaluwat.
Aba bu pursady sypdyrsa, çyndan günä gazanjak hasaplady.
Geçirse, Rahym ahun, Hezreti Aly, Hak Tagala o dünýä, bu dünýä
bagyşlamaz. Oglan başyna gelen akyl şeýle. Asyl, oglanmy beri? On üç
ýaşy arka atyp barýar.
Ol saňňyldaýan eli bilen gelmişegiň gylyjynyň sapyndan tutdy-da,
ýuwaşja çekip, gynyndan sogurdy, çyn är kimin ýöwsellemän, ýeňse
çukuryndan saldy. At ürkekläp sägindi, Aba kellesi ýolunarlan pidasyny
agdaryp taşlap yza öwrüldi. Şol gaýdyşyna aman-esen öýlerine geldi...
166
Aba serdar üsti açyk galansoň häzir daňa golaý çigrekläp oýandy.
Orak möwsümidi. Maşgala düme ýerde ekilen ak bugdaýy, arpany orup
ýör. Munuň üçin göçülip gelnipdi. Ak ekin eken beýleki oklularam şeýle.
Aba serdar gursagyna deňiç ýorganyny çekip, gapdalyna äňetdi.
Aýbölek günbatardan — deňiz tarapdan öwüsýän sowujak şemala
ýygrylyp, gysmyljyrapdyr. Aba aýalynyň ýorganynam düzedişdirip, çiň
arkan düşüp ýatdy. Görgüli gün uzyn hysyrdanyp geçýär. Biş-düşi
taýýarlaýar. Sypynsa Abanyň enesiniň ady dakylan göze görnen gyzyna
orak oruşýar. Täze gelinkä dagy hemme iş eliniň ujundady. Oturypturýany göze ilmezdi. Şol sebäpli, ejesi pahyr «Aýym, gyzym» diýip
söýünç bilen ýüzlenerdi. Aýbölegiň taýýarlan dertisini, saryýagyny iýip
doýup bolmaz. Asal atylan ýalydyr. Näderdi? Uly gazany atarar-da
aýranly mesgäni guýar. Iki-üç okara tüwem atar. Tüwi mesgedäki aýrany
endigan siňdirip ýagy durlar. Çişen tüwini suzup alar. Iýiber, onsoň.
Küýzä guýup, agzyny gaýymlap, ýazlag ýerinde mazaly edip göm. Indiki
ýaza çenli-de, ynjamaz. Gaýtam has tagamlanar. Süýtden peýnir, sargan,
gatykdan gurt etmeli ýa-da güžžüldedip ýanlyk ýaýmaly bolsa, çulumdyr.
Haly, palas, dolak dokasa-da şeýle. Şu mahalam, ýag guýan depbesini
kölegeli ýerde gömüp, gerek wagty alyp ýör. Dogry, indi gartaňlap
ugrany bildirýär. Şonda-da, zeýrenmez. Aýalynyň depesinde taýak
döwmek meýliniň dörändigi ýa gaty-gaýrym söz diýenligi Abanyň
hakydasyna gelenok. O kiçi Taňrysy hökmünde ärini hemişe sylaýar.
Aba beýlesine öwrüldi. Ikinji gum sekide çagalary süýji ukuda
ýatyr. Iň kiçisiniň myrrylda çalymdaş sesjagazam eşidilýär. Serdaryň daň
ukusy bütinleý bozuldy. Pikirleri bilen ikiçäklikde galdy. Ol Aly soltanyň
gepleşiklerinden soňam, gyzylbaşlaryň rahat gezjekdigine ençeme sapar
müňkürlenip gezdi. Olaryň şertim-şahyma edenligi barada Astrabatdan
çapar geläýjek ýaly boldy durdy. Elbetde, Aly soltanyň jeňsiz ýeňşini
unady. Sebäbi, nöker gany suw däl. Soltan bir okda iki towşan awlady.
Gan dökdürmedi hem-de türkmenleri gyzylbaşlaryň zulumyndan halas
etdi. Uzagyndan guwanmak nesip etsin. Emma, kalbynyň teýiniň bir
ýerlerinde mahal-mahal ynjalyksyzlyk döreýär. Ol pitnä öwrülip, aldymberdime salýar. Bu nämäniň alamatyka? Beýle diýseňem, Astrabat tarapy
asudalyk. Onda näme, gylyjyny gaýgysyz, gynynda goýasy gelenok?
Serdar ýene çiň arkan düşdi. Aý batypdyr. Sülmüräp daň atyp
gelýär. Şemal saýpallaşypdyr. Iç gysdyrgyç sähra ümsümligini oýanyp
ugran guş-gumrular bozup başlady. Ol elini uzadyp, sekiniň gapdalyndan
167
çyga ýeljeren bir gysym topragy aldy-da, ysgaşdyryp: «Gara başym
gurban saňa» diýip pyşyrdady, berk gysymlap, gursaklaryna oýkaşdyryp,
ýaýratdy. aslynda «uruş» diýen nägehan nireden döreýär? Onuň bilşiçe,
dünýäde iki tüýsli ýuwdarha-aћdarha bar: Biri gara ýer. Adamzady
ýuwdup, doýanok. Munuň erki ynsana degişli däl. Taňrynyň emri bilen
bolýar. Beýik Taňram hiç kime garaşsyz. Beýlekini hut adamzadyň özi
döredýär. Näme üçin? Häkimlik -- çäkli, isleg -- biserhet. Şeýle islegler
dälmi, Isgender Zülkarnaýna, Çingiz hana, türkmen Osman paşa dünýä ot
gorsadan? Ynsanyň turuzýan jeňi özüni-özüne heläkledýär. Eýsem,
adamzat ýaňky sähra ösümligi kimin, haçan rahat, ýazylyp -ýaýnap
gezer? Ýa zamananyň gäbi mydam azar durarmy?...
Aýbölek ýalpa gözlerini açdy:
—Hiýh, dädesi, uklamadyňmy?
Ol süýji-süýji pallap çommalyp oturdy. Adamsynyň jogap bererine
garaşdy. Aba-da dikeldi:
—Öňýanjagazynda oýandym.
—Şeýlemi? Daň-a, atdy. Oglanlar ertirlik taýynlaýançam ýatsynlar.
Ýöne... Ol pyşyrdabrak gepledi:
—»Garahan täjirlere orak gutarandan soň, kesgin sözümi aýdaryn»
diýipdiň. Ynha, möwsüm tamamlap barýa. Belli karara geldiňmi?
—Eneme duýdurdyňmy?
—Heniz ýaňzydamogam.
—Eger ... enem razylaşsa, unaýjak. Köpem gatnadylar.
Özüň niçik?
—Aýtdym-a, öň. Aýry maslahatym ýok.
Aýbölek dymdy:
—Oglankaň dädesini ýenjipdir diýýärler saňa.
Ol birden pyňkyrdy. Aba-da şeýtdi. Gülki sesi sähra ýaýrady.
Aýbölek tiz agzyny tutdy, ýöne giçdi. Çagalar oýandylar. Hawa, täleý işidä. Garahan täjiniň Abanyň ýenjen oglunyň ogly ejesini gününe goýman,
sawçylyga iberipdi. Bular at tezegini guratmadylar. Aba köp oýlandy.
Garahan täjirler okly taýpasynda uly oňurga. Özlerem mally-garaly.
Onsoň garyndaşlyk açmagy ýüregine düwdi. Birmahalky ara düşen
sowuklygam aýrylar. Maşgala giç galsa, oragy ak öýlän tamamlaýardy.
Abanyň ogullary üýşürilen harmany döwmek bilen başagaýdylar. Özi gün
gyzýança, huruçlanyp, orak orup alarlady. Gutaryp Enä kömege barar.
Aýbölek endigi boýunça, düýäniň sowuk goruny getirdi. Küýzeden okara
168
guýup, adamsyna uzatdy. Ol gulkuldadyp, dynman, başyna çekdi. Şagga
derledi. Aýbölek öljerip ýelmeşen köýnegine, berdaşly göwresine ilkinji
gezek görýän ýaly, gizlin buýsanç bilen seredip, Enä tarap ýöredi. Ýoly
ýarpylaberende, birden ylgady. Başyny galdyranda Aba muny görüp, şol
bada eňdi.
Aýbölek bärden demi-demine ýetmän baranda, Enäniň eňekleriniň
şakyrdaşyp, gagşap duranyny görüp, haýykdy. Ol çirkin gygyranyny
eşidipdi:
—Nämeden gorkduň, gyzym?
Ene gapdalyna ümläp goýberdi:
—Hiýh!...
Aýbölek bilinden orak düşüp, iki bölünip, demsiz-düýtsüz ýatan
bilek ýogynlygyndaky ýylany gördi: —Hudaý gorapdyr. Üç gezek ýakaňa
tüýkür.
Aba-da geldi:
—Näme boldy, Enem?
Aýbölek oňa barmagyny uzadyp, ýylany görkezdi.
Ene bugdaýy gysymlap, oragy çekende eliniň ýumşak, sowugrak
zada degenini syzyp, ini düýrügipdi, onsoň biygtyýar çirkin gygyryp,
beýleräk zyňyp goýberdi. Görnüşi ýaly, ejesi hak aýdýar, Hudaý dadyna
ýetişipdir. Oglanlaram ylgaşyp geldiler.
—Enem, näme boldy? — diýşip, daşyndan aýlanyşyp,
hozanaklaşdylar.
Maşgala ýene işe pytrady. Aýbölek Enäni goýman, goşa iberip,
deregine özi orak ordy.
Öýlän salkyny aralaşyp, gün ikindi ýerine aýak dirände işi
togtatdylar. Enäniň taýýarlan agşam şamlygyny iýip, argynlygy mazaly
aýryp, Aý ýagtysyna döwek döwmegi müwessa bildiler. Goşa Aba ilkinji
gelip, sekiniň üstünde seleňläp ýatyrdy. Bu kadady. Oglanlar dädeleri
goşa gelmese, gözleri kör ýalydylar.
Bu günem deňiz tarapdan şemal adaja öwüsýär. Hezil. Göwnüňe
ýarap barýar. Şemal bolmasa, çybynlar zyňňyldaşyp, bimazalandyrýar.
At, sygyr tezegini tüsseledip, kowmagyň özi görgi.
Şamlyk sowlanda, Abanyň sekisine iki goja geldi. Aýbölek olara
hödür-kerem edip, çagalaryň ýanyna gitdi.
Golaý-goltumdaky orakçylar gijelerine gümür-ýamyr edişmäge
serdaryň sekisine gelip giderdiler. Gojalar obadandylar. Ikisem dul.
169
Ogullary orta hal güzeranlaryny dolandyrýardylar. Biri Mele aga,
daýanykly, beýlekisi Gully aga, inçesagat. Gojalaryň meýiljikleri bardy.
Aba olaryň ýüz-gözlerinden aňyp, dil ýarmaklaryna garaşyp otyr.
Mele aga ardynjyrap ýoldaşyna äňetdi, ondan ses-seda
çykmajagyny duýup, ýüregini bire baglap, gepledi:
—Aba, oglum, habarlyja geldik.
—Gullugyňyza taýyn, Mele aga.
—Bi, Alýar baýyň gyrnagyn-a, bilýäň.
—Bilýän.
Goja sözüne dangy berip, bimaksat sakgalynyň uçlaryny
sypalaşdyrdy. Alýar baý öňräk ýogalypdy. Onuň üç aýalyndan daşgary,
pars gyrnagy-da bardy. Baýyň körpe ogly bu zenany satmaga küýlendi.
Dullar gorjawlyk tapyp, menjeşip, gyrnagyň bahasyny galdyryp barýarlar.
Mekirje Gully aga Etrekde, sahylykda ýakasyny tanadan Göki baýyň
huzuryna dilegçilige bardy. Ol mylgyp:
—Bolýa. Bahasyndan gaçma— diýdi.
Mele aga näderini bilmän, aljyrady. Birden Aba ýadyna düşüp, bäri
eňdi. «Serdar Göki kimin, tütçar baý bolmasa-da, mertdir, dilegimi
bitirer» diýen niýet bilen gaýtdy. Gully aga başga haýyşy aýtmak üçin,
nobatyna garaşýardy:
—Mele aga dowam etdi: —Şo... gyrnagy Alýar baýyň körpe ogly
göçürýä. Gully ikimiz bäsdeş bolup durus. Büýä, Göki sahydan arka
tapyndy. Maňa-da sen goldaw ber. Gaýrat et, oglum.
Goja hut kemput ýetmedik çaga kimin, kemşerdi. Aba eger
«Başarjak däl» diýýäse dagy möňňürip aglarly göründi. Onsoň galyňy
tölemäge söz berdi. Mele aga ýyrşaryp, sakgaldaşyna hekgerildi. Aba
ýaşula ýüzlendi:
—Mele aga, näçe ýaşyňda?
Goja: «Yh-ym» edip, çekinibräk sakgaldaşyna göz gyýtagyny
aýlap:
—Aý, ýaşytdaş -- diýdi. Gully aga saklanabilmedi:
—Çypdyrma-how, Garakeýig-ä ýylyň.
—A seňki?
—It.
—O hiç-le.
—Bo-uw, bir ýaş aratapawudymyz.
170
Aba olary köşeşdirip ýylgyrdy. Içinden eýýam olaryň ýaşyny
öwrüp, kesgitlänsoň:
—Ýaşulular, biriňiz ýetmiş bäş, beýlekiňiz ýetmiş dörtde. Ýa
gelinler saklamaýamy? Bi ýaşda beýdişip ýörsüňiz— diýdi. Ikisem deň
jogap gaýtardy:
—Göwün garramaýa, Aba jan.
Soňra Gully aga matlabyny aýtdy:
—Gyrnagyň bahasy heýwere galyp barýa. Goý, ikimizi keseden
synlap, haýsymyzy islese, barmagyny uzatsyn. Şuny gurnap ber.
Ol ýene al salmak isleýärdi. Özüniň gelşikliligine, bir ýaş kiçiligine
buýsanýar. Mele aganyň eli-aýagy ýogyn, iner göwre bolsa-da,
garaýagyz ýüzi goturakydy.
Aba ertir oba barmaga gojalara söz berdi. Olar süňňüýeňil gopup,
eşeklerine mündüler-de, oba tarap ýumlukdylar.
Aýbölek ýylgyryp, gelip oturdy:
—Ýaşululary oýnap ýören bolaýmasynlar?
—Bilmedim. Çynlary bilen özler-ä.
—Gyrnagy ýaş-a, oň.
—»Göwün garramaýar» diýdiler-ä.
Aýbölek megerem «Göwün görüp biläýseler» diýmek isledi. Emma
dilini dişläp, dymdy.
Aba saba çagy oba gidip, günortana golaý öwrülip geldi.
Mylgyýýan Aýbölek dörrew gyzyklandy:
—Kimiň aty ozdy? Göki sahynyňkymy, seňki.
—Meňki.
—Bahasyna näçe geçirmeli?
—Iki düýe, ýüz put däne, on goýun, bir at.
—Çökder salypdyr Alýar baýyň ogly. Taňryny gözlemändir.
—Seň göwnüň üçin» diýip iki dowary aýyrmak isledi. Menem
etmedim.
—Bir garry mülhidi beýdeniňden, bir garyp juwan ýigidi
öýermezlermi?
—Gönüläp gelseler, ýardam berýän-ä.
Aba loh-lohlap çynlakaý güldi:
—Gully aganyň owadanlygynyň, bir ýaş kiçiliginiň nepi degmedi.
Gyrnak el-aýagy ýogyn, daýaw Mele aga barmagyny çommaltdy.
—»Söýgi görk islemezmiş». Belki, olar öý...
171
Indi Aýbölek gülüp başlady. Demsalym gülküleri garyşdy, onsoň
Aýbölek gözüniň ýaşyny süpürip:
—Nika toý haçan? — diýip sorady.
—Goja gözi bagly guş. Howlugýa. «Salgydy agşama çenli geçir»
diýdi. Ynha, ugratjak.
Aba serdar galan gününiň ýarymyny Mele aganyň gelinliginiň
salgydyny deňleşdirmäge sarplady. Ol özünden lomaý çyksa-da, şu
işinden lezzet aldy. Ýeke gezip ýörkä hem gojalaryň hereketlerine
ýylgyrdy ýördi.
Ertesi kalbyna gor düşen şekilli hemişekisinden ir ýalpa gözlerini
açdy. Dodaklary kepäp, bokurdagy gurap barýar. Ýüreginiň urşam
çaltlandy. Nämäniň alamatyka?
Ol Aýbölegiň başujunda goýan okarasyndaky buza dönen goruny
bir demde içdi. Gözi ýerine geldi. Ýüregiň howsalasy basyldy.
Oýananyny görüp, horguran atyny baryp horjunly arpasyny dakdy, eýläbeýlä gezmeledi. Seýrekleşen ýyldyzlar öçe-öçe daň atdy. Günorta
tarapdan aýak aldygyna çapyp gelýän iki atla gözi düşdi. Eýgilige däldigi
bellidi. Bular gara çapardylar. Eýýam oýanan Aýbölek, oglanlar alasgopaslanyp seredişip durdular.
Çaparlar ýyldyrym kimin süýnüp, döwekçileriň ortasyndan
geçensoň, her kim duran-duran ýerinde, turan-turan ýerinde atly, eşekli,
pyýada eňipdiler. Golaý-goltumdakylaryň bir ujy gelibem ýetişdi.
Çaparlaryň atlaryny jylawlap, gezmeletdiler. Janawarlaryň agzyburny ak köpükdi. Demi-demlerine ýetenokdy.
Aýbölek gelenlere gorly okarany uzatdy. Olar dem alman diýen
ýaly, jyňkydyp, maňlaý derlerini telpekleri bilen syldylar. Märeke
aňkaryşyp, olaryň geplerine garaşýardy. Çaparyň gartaňy uzaklaşdyrman
habaryny berdi:
—Aba serdar, bizi Astrabat türkmenleri ýolladylar.
Horezmliler gozgalaň edenlere bimöçber salgyt saldylar.
Serdary Aly soltan. Raýat hökmünde galaba töledik. Ýöne bu pars
han-beglerini gylawlandyrdy. Horezmliler gidensoňlar, gorjawlandylar.
Bäş-alty günlükde aramyzda güýçli söweş boldy. Olar ýeňdiler.
Türkmenler ýene iki hökümdaryň bir guluna öwrüldi.
Mähelle agras dymdy. Serdaryň reňki agaryp, eline ilen bugdaý
saljagazy günäkär ýaly, berk gysymlady. Ol Aly soltanyň at göçümine
172
indi düşündi. Gan-der bolup gazanan ýeňşini öz peýdasyna ulanypdyr.
Hemmeler oňa seredýär. Serdar dişinden syzdyryp gysga gepledi:
—Sabyr eýläň. Kömege bararys.
Märeke waglady:
—Astrabatly türkmenler öz doganlarymyz!
—Biz, olaryň öli ýerinde öli, diri ýerinde diridiris!
—Gyzylbaşlar ertir biziň başymyzda gylyç oýnadarlar!
—Serdar öňe düş!
—Serdar öňe düş!
Oklularyň ýaş ýigitleri telpeklerini ýolmalaşdyryp başladylar. Aba
şu pursatdan hereket etdi. Gürgen, Hazar ýakalaryna, gökleň iline çaparlar
ýollady. Gökleňlere, daga tarap gitjeklere aýratyn tabşyrdy:
—Ony... Balkanly ýomut Balkany hökman görüň. Oklularyň
döwek döwýän toparyna perman bermeseňem aýandy: gyssanmaly.
Iňrik garalanda Aba serdary sorap-idäp bir ýigdekçe geldi. Ol pertpert gepledi:
—Men, gökleň ilinden. Gyzylbaşlar oba adamlarynyň ýok mahaly
dökülip, ýesir sürüp äkitdiler. Balkan batyr dagy kowup yzlaryndan gitdi.
Bäri ýollanam şonuň özi.
—Kowup gidenler näçe bar?
—Gaty az.
Balkanyň toparynyň heläklenjegi şeksiz. Muny duýupdyram. Özem
Abanyň tanaýşyça ynansaň. Gyzylbaşlaryň al salyp tora düşürmeklerem
ahmal. Serdar özüniň ynanjaňlyk häsiýetini unudyp, howsalalandy.
Rahym ahun pahyr aýdardy: «Batyrlar ynanjaň bolýarlar. Sebäbi olara
hemişe hilegärlik ýetenok. Onsoň tiz heläkçilige uçraýarlar» Balkanda-da,
harby mekirlik kemter. Şony dagy ýeňip biläýse ähli Söýünhana serdar
bellemeli ýigit. Öz gowşak tarapyňy ýeňmegem uly ýeňiş. Emma bu
hemmä kişä başardanok.
Serdar howlukdy. Gyssagarada dört ýüze golaý atly toplap Balkana
kömek bermäge iberdi. Ýaşulularyň maslahaty boýunça özi merkezde
galdy. Kowçum-kowçum atly-ýaragly gelip ugradylar. Olara serenjam
berişdirip jeňe häzirlemelidi.
***
173
Güýz düşdi. Çigrekläp, daşardan öýe çekilinipdi. Ýöne gündiziň
yssyjygy heniz bardy. Nökerler üçin dikilen çadyrlar gözýetimden aňry
uzalyp gidýärdi. Daş-töwerekden gelýänler saýpallaşdy. Goşuny eklemek
diňe oklulara eýgertjek däldi. Azyk-owkat, mal-gara, at-ýarag bilen üpjün
etmegi aglaba taýpa kethudalary, baýlary öz üstlerine aldylar. Göki sahy
harby harajada bäş ýüz goýun, otuz düýe, elli gylýal, iki ýüz put däne,
altyş çadyr berdi.
Aba serdaryň çadyry orta aradady. Onuň depesinde ýaşyl Tug
pasyrdaýardy. Şeýle Tuglar müňbaşylaryň çadyrlarynda-da dikilgidi.
Nökerleriň keýpi çagdy. Gylawlydy. Başda sussy pesräk görnen
Balkandyr Akmaralam akyma goşulyşyp gitdi. Her kim «Aba serdar
gyzyny durmuşa çykarandan soň Astrabada ýöriş ediler» diýip
çaklaýardy. Aňtawçylar gije-gündiz işläp, şäheriň içinden golaýgoltumyndaky obalardan urmagy gurnapdylar. Böwedi çalaja dyrmalasaň,
sil yňyp ýol ýasajakdy. Goşunyň söweşjeň ruhunyň galyklygy Aba
serdaryň aýagyna ýelgamaga dönderipdi. Bu eýýäm ýeňşiň ýarpysy
azyryn.
Sähetli gun geldi. Garahan täjirler toýy uludan tutdy. On iki aýlaw
at çapyşygy, ýaglyga towusmak, pyýada ýaryş sowuldy. Göreşi soňuna
goýdular. Tegelekleýin aýlanan mähelläniň derdinden gözlemäge yş
tapylsa han boldugyň. Jarçy gygyrdy:
—Uly bolsaň, tur-how!! Baýragy sowutly-halykly erkek-how!! On
bäş-ýigrimi pälwan orta topuldy. Gökleň nökerleri-de Balkany itekläp,
haýyş edip çykardylar. Guşak ikidi. Her hal biri Balkana ýetdi. Garşydaşy
okly taýpasyndan Gara pälwandy. Etrek ýakalarynda ýagyrnysyny degrip
bilýän ýok. Ol esli mahal bäri özüni seýisläp ýör. Gaýnadylan bir çebşiň
etini lak-luk atyp, üstünden kerseni gyrmalaýan düýe goruny içýär.
Balkanyň göwresi ondan basylanok. Injiklerem syňňyldamady.
Ýöne ol toýlara ýöriteläp baryp göreşip ýörmezdi. Gabat gelse orta çykyp,
uly baýragy alardy.
Tutluşanda garşydaşynyň helem-üçik däldigini syzdy. Şonda-da
endigi boýunça, kuwwatly gollaryna buýsanyp, ilki yralap görmek isledi.
Dagyň bölegi kimin, bytnamady. Balkanyň birneme sussy basyldy.
Beýtse, ýeňlişe barabardygyny ýadyna salyp çekip, göwresi bilenem
itekläp, süründi. Gara pälwanyň guşagy içinden geçerlese-de bili ýaý
bermedi, gözlerinden uçgun syçrap, şol bada gyzardy. Olam
garşydaşynyň ýeňil eýgertmejekdigini duýdy, der basdy. Märeke
174
üstünden suw sepilen şekilli. Sazlaşykly dem alyp tolgunyp seredýärdi.
Gara pälwan «Ho-op» edip gygyryp badaky urmak isledi. Balkan
aýagyny çekip ýetişdi. Mähelle gozganjyrady. Elbetde, çyn pälwanlar
göterip ýykýarlar. Bular biri-birini ýerden bir garyp saýlap bilmejege
meňzeýärler. Näderkäler? Esli mahal, hyklaşyp itek-çomaklaşdylar. Jarçy
gygyrdy:
—Pälwanlar, daýanyň ho-ow! Göreşmäge garaşýanlar köp-how!
Ikisem deň gopup bir tarapa eňişdiler. Şeýle halda az-kem durup,
güpürdäp ýykyldylar. Her kimiň aýagynyň aşagy sarsyp gitdi. Balkan
tarapdan seretseň ol ýykan şekilli. Gökleň nökerleri gygyryşdylar:
—Baýragy Balkan pälwana bermeli!
Gara pälwanyň tarapyndan ser salsaňam baýragy oňa bermeli.
Oklular gygyrdylar.
—Ýok. Gara pälwana bermeli!
Bekewüller aljyrap biri-birine seredişdiler. Gojalar tarap barany
boldy. Tiz çözmelidi. Oklular bilen gökleňler öjügişip barýardylar.
Üstesine oklular ýer eýeleri, özlerem kändi. Bekewüller pälwanlaryň
ikisem deňme-deň ýere degip, araçäre boldy diýen karara geldiler. Muny
jarçy gygyrdy:
—Halaýyk-ho-ow. Pälwanlar gaýtadan göreşmeli ho-ow!
Gulak asmadylar. Oklular tarapy güwwüldedi:
—Baş baýrak Gara pälwanyňky!
Gökleň nökerlerem kem galmadylar:
—Ýok, Balkan pälwanyňky!
Beýleki taýpanyňkylaryň ara ses goşany boldy. Beterem nökerler
goldadylar:
—Myhman hatyrasyna Balkan pälwana beräýmeli!
Bekewüller ikirjeňlendiler. Ýaşululara tarap äňetdiler. Gojalar gan
dökülmeginden hederlendilermi, ýa myhmana sarpa goýdularmy, garaz,
olaryň içinde makullaýjy baş atany göze ildi. Emma Balkan:
—Maňa dawaly baýrak gerek däl. Toý eýesine geçiräýiň— diýip
yglan etdi.
Oklular bekewülleri gysyp ugradylar. Gökleň nökerleri olary
goragladylar. Kimdir biriniň şaňňy sesi ýaňlandy:
—Ölşük boljak, Aba serdara ýetmeli!
Onýança jarçy mälim etdi:
—Baş baýrak Gara pälwana berildi-ho-ow!
175
Oklular däli porhana öwrülip, gujaklaşdylar, pyrlanyşdylar,
gutlaşdylar:
—Oklular gözüňiz aýdyň!
—Oklular gözüňiz aýdyň!
Gökleň nökerleri aňk-taňk bolşup, gyra çekildiler-de Balkana
gygyrdylar:
—Balkan, tiz bol, gideli.
Gökleňleri goldaýanlaram olara goşuldylar. Märekäniň ýarpysy
bulut süýşen ýaly, ýüzüni aňry öwürdi-de, gozganyp ugrady. Bular
öýkeläp barýarlar. Bölünip gitmek Aba serdaryň biloňurgasyny
omurmakdy. Näderini bilmän, hallan atýan Balkan orta çykanyna ökündi.
Agzalalyk döretdi. Aba, çyn dostuna dönüklik etdi. Niçik ýülünmeli?
Wah, şumat baýyň biri baş baýragy gaýtalap tutaýsa, olam göreşse. Goý,
ýykylsa ýykylsyn. Göreşde hökman ýykylmaýar. Ýykylynýaram. Hany,
onuň arkasyny tutjak täsipkeş ýomut? Allaowarrada. Öýkeläp barýanlar
eli ýuka nökerler. Howutly-halykly erkek ýok.
Gara örtlenen Balkan azalan märekäni serpip çykyp ugrady.
Jarçynyň ýanyna Göki sahy baryp, pyşyrdap gaýtdy. Jarçy şeýle bir jar
çekdi welin, ýer darka ýarylarly göründi:
—Halaýyk, eşitdim-eşitmedim diýmäň-ho-ow! Uly pälwanlar,
ikinji sapar göreşmeli ho-ow! Öňki ýaly baýragy Göki sahy tutýar-ow!!!
Gidip barýanlar tarsa dolandylar. Howlugyşyp eňip gaýtdylar.
Märeke ýene bir jan, bir tene öwrüldi. Pälwanlar orta çykyp, tutluşdylar.
Balkan turuwbaşdan şatyrdadyp çekdi. Gara pälwan, megerem, badaky
salmak üçin bolsun gerek, göwresini dikeldip, öňe ümzükdi. Bu pursady
Balkan sypdyrmady. Jarçynyňkydan asgyn bolmadyk ses bilen gygyryp,
garşydaşynyň aýaklaryny bir garyş ýaly ýerden saýlap, satanlaryna
dyzyny dolduryp, ýangapdala eňip, silkdi. Gara pälwan gürpüldäp degdi.
Ýer sarsdy. Balkanyň janköýerleriniň ýokary zyňýan telpeklerinden
asman zordan saýgartdy. Oklularyň aglabasynyň başlary aşak eglip, sesüýnleri çykmady. Balkan bolsa, çala seňselän garşydaşynyň elinden tutup,
haýaldan turuzdy. Gara pälwan onuň arkasyna kakyp entirekläbräk
ortadan çete ugrady.
Biri seslendi:
—Haý, pälwan, ýeriň bärde!
Gözleri garaňkyraýan Gara pälwan şol tarapa gönükdi.
176
Mähelle sähel wagt mundan öň yrsaryşmadyk ýaly, indiki göreşlere
sabyrsyz garaşdy.
Toýdan birki gün geçenden soň, oklularyň başyndan betbagtlyk
indi. Ýazda dyzboýy, guşaklyga ýeten otlar samana öwrülip akjaryp
ýatyrdy. Belki çopanlaryň biri seresapsyzlyk edendir, sähra ot aldy. Ýer
güýzemese-de, öri meýdanlaryndaky otlar gyşy bilen boljakdy. Oklular
häzir ýagşy küýsäbem duranoklar. Eger ýagyn ýagaýsa, terligini saklaýan
saman otuň şiresini aýryp, tagamyny gaçyrýar. Mal-gara üçin
ýokumlylygy peselýär. Taýpa ýaz aýlary bededenem ýüküni tutdy.
Galaba her öýüň golaýynda küdeler depe turup dur. Ýöne sähradaky bu
elhençlige gol gowşurmaga göz gyýmajakdy. Öňüni almak gerekdi.
Goýry tüsse asmanyň günbatar tarapyny gara keçe tutulana dönderdi.
Şatyrdysy allaowarradan eşidilýär, bölek-bölek oturan syýrgynyň birine
howp saldy. Adamlar alagalmagal bolşup, öýleri çözmäge girişdiler. Ilat,
goşun aýak üstüne galdy. Bärden Aba serdar dagy at çapdyryp bardy. Ol
gyssanmaç buýruk berdi:
—Ýel urgundaky oty ýygyp, gury ýere çekiň. Keçe, suw getiriň!
At hem öý keçeleri herekete geldi. Otlar ýygylyp başlandy. Düýeli,
eşekli, çelekler, meşikler bilen derýa açygragam bolsa suw çekildi. Belabeter ikindi mahal ýeňildi. Uzak ýaşap Rahym ahunyň özüniň oglantak
döwründe uly ýangyn döränligini aýdany Aba serdaryň şu günki ýaly
ýadynda. Şonda ýyldyrym çakym, ýylgyny uranda, sähra ot düşüpdir.
Adamlar derýanyň beýleki kenaryna özlerini atyp, soňky demde halas
bolupdyrlar. Ol ýangyn Gürgen ýakalaryna-da golaýlapdyr. Häzirkide,
goşun ýüzi aklyk etdi. Ýogsam, heläkçilige uçratjagy şeksizdi.
Aba serdar ertesi ýyldyz ýerdekä goşunyny Astarbada tarap äkitdi.
--9-Tahmasp şa ýoňsuz mahal şikarda bolup, köşgüne dolandy. Şol
döwürde hekim Abunasyr Gilanynyň aýdyşy ýaly döwlet işlerini
başardygyndan serinden çykardy. Keýpi çaglandy. Özüni ele aldy. Dogryda, özüni Isgender Zülkarneýinden kem saýmaýan patyşa Aba ýaly bir
galtamandan hederlenip ýörse, dirikä öldügi dälmi näme?
Nobaty boýunça jansyzlaryň baştutany habaryny berende-de
müzzerilmedi:
177
—Siziň alyhezretiňiz, pars aşpeziniň Aba serdara zäher berip
öldürenligi ýalan çykdy. Biz ilik-düwme barladyk. Zäherlenen Aba
galtamanyň baş geňeşçisi bir kürt gojasy eken.
—Näme, kürt gojasy?!
Patyşa tagtynda gozganjyrady, zaňňa galmazlykdan zordan
saklandy.
—Hut şeýle, kyblaýy älem!
—Hiç kim duýmasyn, aşpeziň janyny jähenneme iber. Kürt... kürt...
bu dönüklik ahyry.
—Beli, siziň alyhezretiňiz. Aba galtamanda onuň kellesini getirene
baýrak goýupdyr.
—Galtamanyň heleýi näçekä?
—Ýeke.
—Aý, go-ýa?!
—Hut şeýle.
—Heleýiniň yhlasy niçikkä?
—Leýliniň Mejnuna muhabbetiçe bar.
—Be-ýe...
Patyşa gür gara gaşlaryny bürüşdirip, pikire çümdi. Jansyzlaryň
baştutany Tahmasp şanyň tutan guşjagazyny ütendi. Ol Aba galtamany
gümlemegi aýallaryň üsti bilen amala aşyrmaga küýlenýär. Güýçli
garşydaşlaryny öldürmekde köplenjem şeýdýär. Ýöne türk Süleýman
handa şowlamady. Aýalbaz bolmadyk Aba galtaman-da hem gümana. Ol
gultunyp patyşanyň näme diýerine garaşýar. Belki, kürt gojasynyň Aba
eden hyzmatlary üçin onuň dogan-garyndaşlaryny gyran-jyrana salmagy
buýrar.
Tahmasp şa az salymdan jynsyzlaryň baştutanyna gitmeklige ejaza
berip goýberdi. Aba galtamany nädip ýoldan sowmalydygy welin,
küýünden çykmady. Astrabada erk edip bilmese, bütin kenarýaka
türkmenleriň elden gitdigi. Bu merwlilere-de ýeter. Onsoň külli
türkmenden tamaň tala daňlan ýaly bolaýsyn.
Basym Süleýman hanyň ýeňse berip ugranlygynyň habaryny
getirdiler. Bu Tahmasp şany gylawlandyrdy. Alyp bolmajak gala
hökmünde görünýän Süleýman handy. Şol sebäplem, goşuny Abanyň
garşysyna ulanybilmän ýördi. Ýogsam, türkmen galtamanynyň külüni
göge sowurmagy eşekden palan agdarança-da görenok. Indi pursat döredi.
Ol ur-tut Aba garşy söweşmek üçin Kazwinden toplan goşunyny
178
Astrabada ýollady. Ätiýaçly şa gan dökmän ylalaşyga gelip bilse,
gowulygyny baş serdara tabşyrdy. Söweşde öňe omzap, yza çekilip
bilner. Kim bilýär, Süleýman han ýene janlanyberse, Astrabaћa gidýän
taýýarlykly saýlama goşun hökman gerek bolar. Haçan-da olar
parahatçylyk ýoly bilen ylalaşyk gazanyp gelenlerinde-de, patyşanyň
aýagy ýeňledi. Ýöne Aba serdaryň adyndan birmahalky gögeleje, häzir
uly güýje öwrülip barýan Aly soltanyň hökümdarlyk etmegi onuň üçin
tümlügine galdy. Bular niçik dostlaşyp ýörkäler? Aly soltan galtamanyň
arkasyny tutup, nähili bähbit araýarka? Dünýäni sarsdyran patyşa bilen
arasyny sazlajak bolman, Horasany garawullap ýörmesem garaňky.
Her hal onuň maňlaýy ýelä. Täleýi yga bakanok. Süleýman hany
dyza çökerenden soň bujagazlar bilen mazaly haklaşar. Aba serdaryň baş
geňeşçisi Remezan kürtüň dönükligem gonjuna gor guýdy. Onuň ilençalanlaryny jezadan sypdyrmaly däl. Aba galtaman Remezan kürti
öldüreniň kellesini getirene baýrak bellän bolsa, çyndan sarpa goýýan
eken. Tohum-tijini tüketmeli. Beýlekilere sapak bolar. Ýöne saman
astyndan suwuň akyşy kimin assyrynlyk bilen galtamanbaşa bildirmän
etmeli. Duýaýsa, ylalaşygy bozmagy ahmal. Oňa häzir gepleşigi
saklamagy gerek.
Tahmasp şa Remezan kürtüň tohum-tijini öwrenmegi jansyzlaryň
baştutanyna tabşyrdy. Ol birki aýdan dolanyp geldi hem-de patyşa şulary
aýtdy:
—Siziň alyhezretiňiz, dönük Remezan kürtüň bir ogly, gelni,
agtygy, alty sanam agtygy bar eken. Bular Astarabatda ýaşaýarlar.
Taýpasyny Alyhan atly biri gyrypdyr. Olam handan aryny alyp,
türkmenleriň içine gaçyp gidipdir. Soňam, Aba galtamana sataşyp, baş
geňeşçisi bolupdyr.
—Taýpasy gyrlan bolsa, Taňry göz görkezip bilipdir. Öňden
Allanyň halamaýan adamsy eken. Dirileriniň-de ýakasy meň elimde.
Ezraýyl perişdeden öňürtilemeli, örän gizlin halda. Ýogsam, il-gün ýylan
gäwüşese-de biler.
—Belki, kyblaýy älem.
—Gidiber.
Ynjalan patyşa birki gün döwlet işleri bilen gümra bolansoň,
böwşeňlik tapyp, söýgüli pişesine ýüz urdy: aýallaryna hatjagazlar
ýazmaga başlady. Ilkinji haty gyzy Merýem hanymyň ejesine ýazdy:
179
«Bikäm! Sag-salamatmyň? Merýem hanymy Ahmet mürzä durmuşa
çykarmak meýlim bar. Siziň pikiriňizi bilmek isleýärin.
Ýerdäki Taňryň Tahmasp şa!»
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarhypelek - 13
  • Parts
  • Çarhypelek - 01
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2415
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 02
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 2350
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 03
    Total number of words is 3521
    Total number of unique words is 2284
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 04
    Total number of words is 3512
    Total number of unique words is 2331
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 05
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2323
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 06
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2318
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 07
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2321
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 08
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2393
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 09
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 2302
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 10
    Total number of words is 3569
    Total number of unique words is 2383
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 11
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2368
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 12
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2376
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 13
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 2399
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 14
    Total number of words is 3559
    Total number of unique words is 2280
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 15
    Total number of words is 2426
    Total number of unique words is 1736
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.