Latin

Çarhypelek - 03

Total number of words is 3521
Total number of unique words is 2284
28.3 of words are in the 2000 most common words
40.6 of words are in the 5000 most common words
47.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
galypdy. Bedewim meni görenden bardygyny bildirýän ýaly, gaýta-gaýta
kişňärdi. Baryp, sypaň-sermeň ederdim. Arpasyny bererdim. Bi gezek
ses-seda ýok. Düýrügip ylgaşladym. Atahyryň aňyrsyndan bir atly aňry
gönükdi. Giç dogan aýyň yşygyna tanadym. Aýlawda çapyşan demir gyr
atly. Ylgap, baryp, atymy görsem, demsiz. Öldürilipdir janawar. Ysgynmydarym gaçdy. Gözlerime ýaş aýlandy. Maňlaýyndan ogşap,
sypadym.Teniniň ýylysam gitmändir. Sähel ir turan bolsam...Wah, arman,
arman!.. Şo bada dodagym kepäp, içime ot düşene döndi. Şeýdip, gün
dogýança oturypdyryn. Il-gün, baý, gynand-ow.
Içime salyp, hiç kime aýtmadym. Ýogsam, taýpamyň ýigitleri
gyrlyşjaklar. Esli gezip, bir gije obadan gürüm-jürüm boldum. Atymyň
32
gandaryny idäberdim. Soňa-baka onuň bedewem adykdy. Sarsgyny
uzaklara ýetdi.
Meniňki ýuwaş-ýuwaş unudyldy. Enesi ýalamadyk bilýän eken...
Meniň atymy gümlese, özüniňkiniň taýsyz boljagyny. Obasy-da,
şöhratlandy, taýpasy-da.
Bir gije bardym atahyra, bukulyp, synlap güýmenenimi bilmän
galdym. Janawer, süýnüp-sarkyp dur. Elhepus, at bolaýşyňy. Behiştden
çykan hüýrmelegem beýle owadan däl bolsa gerek. Ynha, basym ölmeli
ol.
Janawar, del adamyň ysyny alandanmy — nämemi hokrandy.
Mundan aňry saklansam, oňarmajagymy bildim. Gylyjymy syryp, ýokary
galdym. Nazarymyz sataşaýdy. Baý-bo, o alma gözleri! Ýazyksyz
seredip, aman dileýäne çalymdaş özem. Süňňüm gowşap gitdi.
Gollarymyň ysgyny gaçyp, yrandym. Munça azaplardan soň, boş
gidibermelimi? Nätmeli?...
Bigaýrat, Balkan! Emýän bäbege meňzeýäň. Sal boýnundan
eglenmän.
Şeýdip, berdim özüme gyjydy. Etim gatalyp, gözlerim gan öýdi.
Entirekläp, golaýyna bardym. Gylyç ýalpyldap, depäme galdy. Ak
kişňedi. Janawar, soňky pursatda haramzada eýesini kömege çagyrýa.
Birden ýyldyrym çaltlygynda başga bir küý aňyma ornady. Atyň
deregine eýesini...
Hyrra beýläme öwrülip, öýüni nazarlap ugradym... Atyň
kişňemesine çykan bolmaga çemeli, orta ýolda sataşdy. Şobada kellesini
egnine salladym. Öwrülip, atyna mündüm-de, çaldym gamçyny. Janawar,
tiz wagtdan ýurtdan çykardy. Bäri-bärde durman, togtan ýerim şü. Dogry,
öňräk Gürgen derýasynyň ýakalaryndaky jeňňeldedik. Azgyn hanyň biri
bilen çaknyşdyk. Bu şeýle boldy.
Ol mazlumyň birini nähak öldüripdir. Inisi bizi tapyp, zar-zar
aglady. Gitdik. Han atlylaryndanam, bizdenem mazaly kemeldi. Azgynyň
özi bilen ýekme-ýek söweşe çykdym. Gürläp oturmaýyn, ýaşuly, onuň
içegesini boýnuna çoladym. Garaz, şondan soň, bäri tarapa çekildik. Bi,
taýlarda-da, aw awlaýas. Kerwen duşsa, paç alýas. Awaranyň durmuşyda. Ýurdundan gaçanlar, beýlekiler, keýpihonlaram tapylýar, gelip durlar.
Esasy güýjümiz saba-da geler. Kerwen aňtamaga gidipdiler.
Balkan söhbedini tamamlady. Remezan aga içini hümletdi. Kätede, gorsawa bişirilip ýap-ýaňy orta getirilen, çörekelere, haraý isleýän
33
ýaly, nazar aýlady. Bu ýigide şu bolup ýörşünden başga näme maslahat
berip biler? Arman, tapdan düşen çaglarynda sataşdy, ýogsam, kürt
daglaryna äkitmeli. Aly hanyň nebereleri bilen kerçeşmeli.
Onuň gursagynda berçigip, gemre baglan ary gaýnap joşdy.
Ýerinden gozganyberdi, emma tiz pähimlendi. Heniz bir naçaryň köýüp
ýatan ary bar. Belki, güýjüni nirä sarp etjegini bilmän ýören bürgüdi şo
ýana gönükdirmelidir?! Onýança, Balkanyň özi seslendi:
—Ýaşuly, adyňyzy bileli.
—»Remezan» diýiber.
—Remezan aga, belki, size goşularys. Delalatymyz ýeter. Başda
aýtdym, oklular garadan gaýtmaz diýýärler.
—Taýpadan gan algymyz ýog-a, biziň. Ýeke-täk birini gözlemeli.
—Ol şeýle. Sen garry, olam naçar. Arkaly kişiniň almajak galasy
bolmaz. Akyl bermäge çakym ýok. Saldarlap gör özüň.
—Oglum, eýýam saldarladym. Bumatky, oýnum, ýöwselleýämiňdälmiň, synag.
Balkan çatmany sarsdyraryl güldi. Remezan aga-da, mys-myslady.
Akmaral bir ýylgyrdy, soň kesgin aýtdy:
—Remezan aga, arymy özüm alaryn. Kesekä daýanmaýyn.
—Bilýän, gyzym. Her hili ahwalyň ýüze çykmagy ahmal. Şonda,
gyssansak, Balkan oglum, dirensin.
Daşarda güpürdi-tabyrdy sesler eşidildi. Ýigitleriň biri gapyda
göründi:
—Batyr, oglanlar, tutuş kerweni getirdiler.
—Nebela, beýle?
—Paç tölemändirler.
—Ýüklerini düşürdiň. Näçe adam?
—Gaýtawul bermek isläpdirler. Oglanlar üçüsini pürreläpdirler.
Bäşisini diri getirdiler.
—Zor saklaw goýuň. Ýelleri gaçyşsyn. Ertir gepleşeris. Ertir
Balkan batyryň kerwenbaşa sowaly gysga boldy:
—Pajyňy nä bermediň?
Kerwenbaşy ýüzüni kese-kese sowdy. Asyl gepleşmek islänok.
Balkanyň sesi güňleç çykdy:
—Kyrk şallak uruň!
Kerwenbaşynyň ýüzi agardy. Tosunsyramak, tekepbirlik perdesi
syryldy. Ony südenekledip beýleräk eltdiler-de, elini-aýagyny daňyp
34
ýüzin ýatyrdylar. Balkan haýran galyp: «Bu, näme buýsanýarka? Gel,
şunuň kerwenini bitewiligine alyp galaýyn. Şallakdan soň, göreneşidenini habar berer, kowup goýbereýin» diýip oýlandy.
Remezan aga bolsa: «Megerem, gysyk adamdyr. Onsoň öleniniýitenini bilmez. Ýöne jan süýjüdir. Kyrk şallakdan soň näderkä?» diýip,
içini gepledýärdi. Birden kerwenbaşynyň hemralarynyň biri galpyldap
durşuna gygyrdy:
—E-ýeý, Garahan, hötjetligiňi goý-da, berip dyn pajy. Gyrada atyň
irişmesiniň ujuny oýnakladýan Akmaralyň elleri birbada hereketlenmän,
doňdy. Göwresi titräp gitdi. Ol Balkanyň ýanyna baryp, dişlerinden
syzdyryp gepledi:
—Şu adamy az salymlyk ygtyýaryma ber.
Balkan baş atdy. Akmaral kerwenbaşynyň alkymyna bardy:
—El-aýagyny, çözüň!
Ýigitler buýrugy çalt berjaý etdiler. Kerwenbaşy ör turdy.
Akmaral özüne basalyk berip oňa ýüzlendi:
—Okly taýpasyndanmy?
—Edil özi. Ezýet çekdireniňizi eşitse, kethudamyz Aba çaňyňyzy
kakar.
Ol hekgerilip, apaň-apaň basdy. Gözleriniň gyýtagyny gaýta-gaýta
Balkana aýlady. Batyr äwmän otyrdy.
Akmaral ýeserlik bilen oňa bat berdi:
—Garahan batyrmy siz?
—Jahylkam kakabaş gezdim. Ýaşym bir çene baranda, täjirlige baş
urdum.
—Hymm...Bir çopanam öldüdiňizmi?
Garahan baş yrady. Akmaral wagşy gahar-gazabyny zordan saklap
alkymyna dykyldy-da, ýuwaş, emma azymly sorady:
—Şoň...gelnini.. kim öldürdi?
—Özi-özüni.
—Ýalan?!
Akmaralyň aýylganç sesine atlar ürkekledi. Garahanyň gözleri
hanasyndan çykarlap, götinjekledi:
—Dur, arwah!
Akmaral onuň bogazyna gylyç çenedi: -Gönüle!!
—Men...men... ony zor-zorladym. Ow-owadandy.
—Gylyç beriň eline!
35
Göz açyp-ýumasy salymda tutdurdylar. Aňk-taňk bolan Garahan:
—Men zenana el galdyrjak däl — diýip, aýdyp bildi.
—Çalt bol, gurrumsak!! Ganymy aljak men!!
Gylyçlar jarkyldaşdylar. Garahan birki gezek:
—Hununy...hununy...—diýip madyrdady. Akmaral öwrüm berdide, tilsim bilen gylyjyny garnyndan sokdy, soňra çykaryp kellesini ýoldy.
Säher çagy gany bugarýan gandarynyň kellesine öçli seretdi. Uludan dem
aldy.
—Maşalla, balam, maşalla!
Ol Remezan aganyň egnine elini goýmasyndan aýňaldy. Gojanyň
gursagyna maňlaýyna berip, birden horkuldap aglady. Remezan aga
başyny sypady:
—Goý, gyzym, goý! Hudaýa şükür et, aryňy ýerine saldyň —
diýdi.
Balkan buýruk berdi.
—Kelläni horjuna salyň-da, obasyna ýollaň!
Atlara ters müňdürilip goýberilenler Garahanyň birmahalky üsti
gömlen ganly işini arçasalar onuň ogullarynyň gizlinlikde
gümlemeklerinden
hederlendilermi-näsemi,
garaz,

sebäpli
öldürilenligini aýtmadylar. Diňe kerweniň paç tölemänligi üçin alnyp
galnandygyndan dil ýardylar. Belki, baranlar düşünişmän gaýdandyrlar.
-5Gar reňk ak atly Abanyň ýanyna geldi:
—Abamy?!
—Hawa.
Garahan täjiri men öldürdim. Gundagdakam galan arymy yzarlap
gandarymy tapdym. Özem boýun aldy. Aňtawçylaryň bendi, biziň
ýigitlerde. Olaram, kerweniňem alyp gaýt.
Ol jogaba-da garaşman, tarsa yzyna öwrüldi. Aba kelteçe buýruk
berdi:
—Yzym bilen!...
Birhaýukdan olar Balkanyň mesgenine bardylar. Ýigitler
söhbetleşdiler, göwün açyşdylar. Aýrylyşmaly pursatda bulaşaýdy.
Gyrarakda Garahan täjiriň diri galan ogullary pyşyrdaşdylar, mundan soň,
olaryň körpesi at oýnadyp, gylyjyny ýalpyldadyp orta çykdy:
36
--Agalarymy nä öldürdiňiz? Balkan bada-bat gaýtargysyny berdi.
—Buýrugy amal etmediler. Muňy agzamak gerekmi beri? Ol jeň
meýdany. Biriň utup, beýlekiň utularsyň.
—Dädemizi kim öldürdi?
—Men!...
Balkan syçarap ýerinden turdy-da, atyna tarap ýöneldi. Remezan
aga bilen Akmaral biri-biriniň ýüzüne seredişdiler.
Akmaral baryp, atyna münüp, batyrgaý gepledi:
—Dädeň Garahan täjir bäbekkäm dädemiň nähak ganyna galypdyr.
Ejemi özüni asmaga mejbur edipdir. Gaýtam men ýene bir kelle almaly.
Remezan aganyň töwellasyna gulak asyp, dilimi dişläp, otyrdym.
gurrumsak, it ogly, gel bäri gylyçlaşsaň.
Akmaral sözüni soňlap-soňlamanka, Garahan täjiriň körpe ogly,
dişlerini gyjap, oňa tarap gaýtdy. Gyzam şeýtdi. Hemmeler doňan ýaly
bolup durdular. Diňe Balkan iki-baka gezmeleýärdi.
Täjiriň ogly arlap, ilki gylyç saldy. Akmaral gorandy. Ýekme-ýek
söweş esli mahal şeýle hörpde gitdi. Onsoň Akmaral hüjüme geçdi. Ýigit
zabun gorandy.
Akmaral birden hüjümini gowşatdy. Ol haýallandyr öýdüp çaklan
Remezan aga aga ersip gitdi. Balkan gezmelemesini goýdy. Beýlekilerem
dem almaýan şekilindediler. Hatda okluly ýigitleriňem gyza nebsi
agyrýan görnüşdediler. Täjiriň oglam garşydaşy peselendir hasaplady. Şol
sebäpli, hemme güýjüni, gahar-gazabyny toplap, gylyjyny şuwwuldadyp
inderdi. Ýöne bu Akmaralyň harby hilegärligi eken. Balkan bilen
tutluşandakysy ýaly, birýana pişik çalasynlygynda agyp dikeldi-de, hiç
zada galtaşmadyk gylyjynyň ugruna daýanman öňe ümzügen duşmanyň
ýeňse çukuryndan çalmaga ýetişdi. Atlylar munuň nähili bolanlygyny
göze ilmänsoň aňşyrmadylar. Diňe iki adam. Balkan başyndan geçensoň,
Remezan aga-da, öň öwredensoň bildi. Balkan ýylgyrdy. Remezan aga
agyr ýüküni düşüren ýaly, uludan dem aldy.
Inileriniň ýerde gana bulaşyp jansyz ýatanlygyny gören agalary
ileri omzady. Ýap-ýaňam Akmarala haýpy gelen okluly ýigitlerem
şeýtdiler. Balkanyňkylar-da, taýyndylar. Olar batyryň ümüne ýa
buýrugyna garaşýardylar.
Remezan aganyň howsalaly sesi eşidildi:
—Aba, oglum, gyrlyşyga ýol berme! Balkan, senem şeýt, oglum!
37
Aba öňräkden bäri bolup geçen wakalary saldarlaýardy. Rahym
ahunyň: «Iki adamy ýaraşdyrmak - sogap» diýýäninem ýadyna saldy.
Ýöne ýetişmedi. Garahan täjiriň ogly derrew orta çykaýdy. Indi hasam
bulaşjak. Goja dogry aýdýar. Onuň sözi gerek şu mahal.
Aba haýkyryp seslendi:
—Oklular, goz-gan-maň!!
Balkanam deňme-deň gygyrdy:
—Meňkilerem, but-na-maň!!!
Iki tarapyň-da ýigitleri gowşady. Barybir, ara, sowuklyk düşdi.
Oklular müzzermedi.
Aba buýruk berdi:
—Kerweni alyp, ýola düşüň!...
YŞK HESERI
--1-Aba ölemen awçydy. Özem uçup barýan guşuň gözünden urup
bilýän mergendi. Etrek sähralarynda bolsa, aw bol. Keýikler süri-süri.
Sülgün, togdary, käkilik, gyzylinjik ýaly guşlaryň mekany. Tilkiniň,
şagalyň, möjegiň sesleri gijeler gulagyňdan gidenok. Ylaýta-da, gyş
aýlary gözüňi ýumup kesekleseňem boş geçenok. Etrek ýurdy maýyl
bolansoň, uzakdaky sowuk ülkelerden ördek, toklytaý, gaz, durnalar uçup
gelýärler. Jagylda-juguldan derýa guş bazaryna dönýär. Dogry, häzirki
suw gytçylygynda kiparlady. Dag çeşmelerini gözläp gidendirler. Şeýle
halda bularyň iň dogumlysy möjek. Olar gündiz yssyda sürenlerinde
ýatýarlar, gije şikara çykýarlar. Öri meýdanlaryndan ogşuk-torum
tapmasalar, hut ýatakdakylary öldürip, garyn suwlaryny içip gidýän
mahallary bolýar.
Obanyň azyk-owkady çözüldi hasap edip gelýän Aba dartgynly
pikirlerden saýpallaşmak, göwün açmak üçin şikara ýatarlaýyn gitmegi
ýüregine berk düwdi. Daglara gider. Çaldamak-çaldamak aýlaw şah
mähnet goçlary göz öňüne getirip, awçy göçgünliligi gursagyna sümüldi.
Eýeriň üstünde gozganjyrap, süňňi ýeňledi. Birden ýadyna Akmaral
düşdi: «Päh, owadan-aýt, zalym. Armansyz aryny alabildi. Indi goç
ýigitleriň birine garamatyny ataýmaly». Onuň oklulardandygyna
buýsandy.
38
Ol agyz-burnuna düşen çanjagazlary süpürişdirip goýberdi-de,
Balkanyň keşbini huşunda aýlady. «Yňdarma, gözsüz batyrlardan
bolmaly. Beýle ýigitler bilen almajak galaň bolmaz. Megerem,
Akmaralyň taýy şodur». Şunda Aba tisginjiränini bilmän galdy.
Ýaltaklap, ýigitlerine göz aýlady. Olar kethudanyň içgepletmesinden
bihabardylar. Bu Abany rahatlandyrdy. Sebäbi ýüreginiň teýinde Balkana
bolan gizlin gabanjaňlyk köredi. Muny ýigitleriň ýüz-gözünden
aňşyrmazlygy ýagşy. Olar Garahan täjiriň ogullarynyň gussasyna
duýgudaşlyk bildiren kişi bolup dymýarlar, ýogsam, gylawlylyk, «awy»
oňanyň hoşnut göçgünliligi asmana galmaly.
«Akmaral»... Aba misli kalbyna ot düşüp, ony söndürjek bolýan
şekilli gursagyny gaýta-gaýta owkalaşdyrdy: «Akmaral...ot-ýalyn, gyz
däl, ol. Çabrasa köýdürjek. Bi, niçik, ahwal? Bi, niçik, ahwal? Bi, niçik,
gudrat? Öýli-işikli halyna...» Oňly gürleşibem bilmändi. Onda nä? ...
Diňe ilkinji sataşanda, perraç kirpikler ýüregine sünjülipdiler. Aba şonda
endiräp, tas atdan tüwdürilipdi. Şu wagtkysy şol mahalky «oýnuň» täsiri.
Bi, nebela? Ýä «söýgi» diýilýän apatmyka? Ol işşekçer jahyl däl-ä, indi.
Ol söýüp öýlenmese-de, derek boýly, mährew, maýa gözli, näzik gelniň
ýary. Agyn, Abanyň özüne kybapdaş goşa gumry ýaly perzentleri bar.
Kesekä nazar dikmek, gabahatlyga barabar bolmazmy? Dokuzy
düzüwligi, rysgally ojagy weýran etmezmi?
Ol bimazalanyp, obanyň garasy görnensoň, şol tarapy nazarlydy.
Hümerlenişik gözüne ildi. «Allajanlarym, bi nämäniň toparlanyşygyka?»
diýip, bada-bat oýlandy. Şeýdibem, başky pikirlerinden sabady. Birki
gezek debsilände, atynyň gorgunlamasy çaltlandy. Ýigitlerem Abanyň
yzyna eýerdiler. Olaryň köpüsi: «Urşan-sögüşen bolaýdymyka?» diýen
pikirlenmä ýykgyn etdiler. Ýakynlaşyberenlerinde märeke sar sürüsine
meňzäp, bäri çozdy.
Aba: «Ganjaryşmadyk bolsalaram ýagşy» diýip, içki tolgunmasyna
basalyk bermäge synanyşdy. Ilki garym-gatym bolşup ýigdekçedir
çagalar geldiler:
—Aba däde, geldi, gözüň aýdyň!
—Kerwen geldi!
—Azygymyz bolar-eý!
Biri-birini gujaklap, bökjekleşip, jagylda-juguldylar. «Bular
kerweniň, biziň sag-aman gelenimize begenip, yňypdyrlar» diýen Aba
obanyň içine aralaşanda ýedi-sekiz del atla gözi düşdi. Gyrada
39
hatarlanyşyp duran ýaşululara salam berdi. Olar biragyzdan
«Waleýkimessalam» diýip jogap berdiler. Aba ýeke-ýekeden görşüp
çykdy:
—Eýgilikmi?
Ol gözleriniň gyýtagyny atlylara aýlap goýberdi. Hemmeler
Rahym ahunyň hamy ýuka akjymak ýüzüne äňetdiler. Aba şol tarapa
gaňryldy.
—Eýgilikmi, ahun aga?
—Aý...Esenmeňliň dogmasy gyz alyp gaçyp, getirdi.
—Nireden?
—Goňjy Eýmir obasyndan.
—Bütüki, atlylar näme?
—Esenmeňliň galyňy tölemäge gurby çatmady. Ýogsam, iki tarapy
ylalaşdyrdyk. Syrgynymyz dowar-beýleki tölemäge goltgy-da berdi.
Bular gudamyzyň garyndaşlary. «Goňşuçylykda äsgermän, basgyladyňyz.
Onsoň galyňy ýokary salýas» diýşip durlar. Şerigatda bularyňky nädürs.
Juwanlar meýilli bolup, razylaşsalar az-owlak süýt haky bermeli. Ýöne
ata-enänem göwnüni görmeli. Esenmeňlä özüň belet, eli ýuka. Gelnimizi
yzyna äkitjekler, oglum. Daýanýanam tapylmady.
—Talaplary näme?
—Tanaly sygyr.
—Ýene?
—Ýenemi?...
Goja kürtdürdi. —Iş maly üçin bäş keşer erkek. Ony özüm berjek.
Zekata getiripdiler. Sygrym welin, ýok.
—Hymm...
Aba çetde duran bir ýetginjegi elini salgap çagyrdy: —Gel, bäri!
Ol ylgaşlap, alkyma golaý sägindi.
—Derýanyň ýakasynda biziň sygrymyz bardyr. Tanaýaňmy?
Ýigdekçe başyny aşak saldy. Aba ýalňyşmazlygy üçin salgyny
berdi:
Tutar gulagynyň ujy alyk, ala-mula läheň sygyrdyr. Ynha at, basym
kow-da, getir!
Ýigdekçe Abanyň irişmesini uzadanyna mähetdel kakyp aldy-da,
pişik çakganlygynda eýeriň üstüne gonup, gaýra tarapa ýüzin saldy. Aba
Rahym ahuna ýüzlendi:
—Toý sähedi bellendimi?
40
—Birigün.
—Be...ýe
Aba ýüzüni sallady. Ahun bilesigelijilikli sorady:
—Näme ýaýdandyň, oglum?
Aba onuň gulagyna pyşyrdap diýen ýaly zatlar aýdyşdyrdy. Rahym
ahun gaşlaryny bürüşdirip kesgin gepledi:
—Toý-ýas ata-baba gelýän iki akym. Gabatlaşypdyr. Ertir Garahan
täjirlerden toýy geçirmäge rugsat soraýarys. Göwnemeseler, toý sähedini
yza süýşüreris.
Ol soňra ýaşululara tarap öwrüldi:
Adamlar, hemmäňiz Garahan täjirlere barmaly. Bolmaz iş ýüze
çykypdyr.
Özi öňi bilen Garahan täjiriň syrgynyna ugrady. Sowuk habara aňktaňk bolan adamlar ses-üýnsüz onuň yzyna düşdüler.
Gije ýassy çemesi Rahym ahun Abanyň öýüne geldi. Bular öňem
biri-biriniňkä gürrüňçilige barardylar. Okymyş gojanyň pähimli söhbedini
diňlemek Aba aýratyn şirin lezzet bererdi. Ahun bu gezek kelteçe gepledi:
—Aba jan, oglum, Astrabat häkimi täzelenipdir. Tizden-tiz sowgatsalamly şoňa barmaly. Beýleki hanlaryň, kethudalaryň eýýäm ýola düşen
bolmaklaram ahmal. Häzir ýadansyň dynjyňy al. Toý-ýasy özümiz
sowarys.
Ol basym çykyp gitdi. Etrek-Gürgen boýlarynda ýaşaýan
türkmenler atagzynyň gysajynda ýaşaýardylar. Bir tarapdan, gyzylbaşlar
hömürowanlyk etse, beýleki tarapdan, Horezm hanlygy ejir çekdirýärdi.
Rahym ahunyň ýaş Aba beren maslahaty demi daş ýarýan hömürowanyň
biriniň damaryny gowşatmak üçindi. Muňa Aba aňryýany bilen düşündi.
Ýöne nijezar beýdip towşan ýaşaýşynda gezjek? Ölseňem, gurt kimin
darkaş gurmak oňaýly bolmazmy? Bu meýil ýyldyrym çaltlygynda serine
gelip-geçdi. Nägileligini bildirmek üçin, ýüz-gözüni sowuklatdy. Ýöne
diňe okly taýpasynda däl, eýsem, bütin Söýünhanda ylymdarpähimdarlygy bilen adygan gojanyň teklibine birbada niçik garşy çykyp
biler? Täk okly taýpasyndan wekil barmasa, gyraklanmazlarmy? Şol
sebäplem, gojanyň ýüzüne durup bilmedi. Geplemedi. Ýol şaýyny tutmak
üçin pikir öwürdi.
—2—
41
Akmaral güýzüň siňňitli ýagýan ýagşynyň ýakymly şabyrdy sesine
gulak asyp, mahal-mahal eýlä-beýlä agdarylýar. Külbäniň beýleki
böwründe Remezan aga dünýeden habarsyz hor çekip ýatyr. Gyzyň
gojanyň ukusyna gözi, gitmänem duranok: «Wah, şeýdip dünýäni bilmän,
ýatsaňdyň» diýip göwün ýüwürtdi. Bolanok. Basym, Balkanyň dagy
ýörite wagt bilmek üçin saklaýan gyzylkekeç horazlary gygyryşybam
başlar. Ýöne ol nämä bimazalanýar? Gündizem pikir derýasyna gark
bolanyny duýman galýar. Hernä muny Remezan aga bilmese ýagşy. Bu
ahwaly gojadan gizlemek ogurlygyňy perdelemek bilen barabar. Herhal,
aýdyp bilmez. Özem mese-mälim horlandy. Reňki güýz heseri uran
bägüle meňzäp saraldy. Terje ýaňaklary myssardy. Bu haly gojanyň
aňşyrmazlygy mümkin däl. Birki günlükde-hä, ýiti-ýiti äňetdi-de, sesini
çykarmady. Belki, özüniň dil açaryna garaşýandyr. Goja sabyr-takatly
kişi.
Eýsem ony otdan alyp suwa, suwdan alyp oda oklaýan elhenç
ahwal näme?
Gyz ýene beýlesine öwrüldi. Gözlerini ýumdy. Bolanok. Ýogsam
onda arman galmady. Aryny ýerine saldy. Özüne ömürlik ýanýoldaşam
tapyljak. Görmegeý hem ýigitleriň naýbaşy Balkanyň otlukly nazaryndan
gaça durýar. Ýigit kemi ýok onuň. Şeýle garadangaýtmaz kişi gyz
ýüregini gozgap bilenok. Akmaral oňa imrinjegem boldy. Paşanok.
Ýigrenibem baranok. Ýigitleriň içinde ýene biri... uzagrakdan saýgardy,
otlukly nazar dikdi. Ýöne ol tiz ýüzüni sowup, ýoldaşlarynyň arkasyna
duwlandy. Göwnüne bolmasa, ony bir ýerde öň görenine meňzetdi. Esli
mahal ýadyna salmak isläp, oýlanybrak gezdi, soňra tiz unutdy. Gaýdyp
pikirlenmedem. Olam göze ilip durmady.
Gyzyň kalbynda pitne döreden ýigit Abady. Özem, şo-ol, ilki
sataşanda. Onuň maşgalalylygam belli. Şonda-da...oňaranok. Küýünden
çykaryp bilenok. Synanyşýaram. Diňe öz göwnüni aldany galýar. Bi,
näme boldugy?
Akmaral eliniň birini ýaňagyna söýget edindi. Eýsem, bi näme
boldugy? Söýgümi?
Ol bu sözi ilkinji gezek baý ogly Batmandan eşidipdi. Şol mahal
kän pitiwa bermändi. Bu söz, gör, nähili, elhenç hem şirin eken?! Onuň
kalbynyň bir ýerlerinde zenanlara mahsus ýüregi ýukalykdan Batmana
indi rehimdarlyk döredi: «Haý, neresse»... diýip, pyşyrdanyny bilmän
42
galdy. Muňa ukusyna sak Remezan aga ýalpa gözlerini açdy. Gaýta-gaýta
pallady, onsoň, Akmarala nazaryny aýlady:
—Ýagyş henizem ýagýar. Nesip etse, ýer güýzär. Il-günüň
maňlaýyndan dirär.
Goja säginip, sözüni soňlady: —Ýene, uklamansyň-ow, gyzym?
Akmaralyň ýaňaklary gyzdy. Ogurlygyň üstünde tutulanyň
ahwalyny başdan geçirdi. Goja öňem onuň kämahal uklamaýanyny bilýän
eken.
Akmaral sesini çykarmady. Daňa golaý ýagyş diňdi. Gyz
höwründen tazygan jerene döndi, ýöne ymyzgandy.
—Gyzym, saňa gelen bela-beter aýylganç. Muhabbetden gan hem
gül ysy gelýändir — diýip, Remezan aga ertir Balkanyň ýigitleri dagadüze pytrap, ikiçäk galanlarynda aýdyp otyrdy.
—Seniň menden başga syr alyp, syr berişjegiň ýok şumat.
Muhabbet belasynda birem, howlukmaçlyga ýol berme. Pähimlen.
Pähimlenmekden zyýan çekmersiň.
Ikisem birhowa dymdylar. Birden, atyň kişňeýän sesi eşidildi. Bu
özleriniňki däldi. Şol sebäpli, dilleşen ýaly, deň gopup, daşary çykdylar.
Ho-ol, uzagrakdan bir atlynyň ýüzin salyp barýanyny gördüler. Ol basym
ýylgyn jeňňelligine urdy. Remezan aga bilen Akmaral biri-biriniň ýüzüne
geňirgenişip seretdiler.
Gün çyraýly şöhlesini meýdana ýaýradypdy. Şahalarda
bulduraşýan ak damjalar üzlüp-üzlüp gaçarly görünýärdi. Gurak toprak
öljeräp ýatyrdy. Niredendir bir ýerlerden gelýän bozaganyň melul ediji
ysy gaňşyrawugyňa dykylýardy. Durlanan asmanda übtük bulut
görünmän, diňe mollatorgaýyň biri, hamala, bulary busup külbede
oturmakdan gezelenje çagyrýan ýaly, çyr-çytrak saýraýardy.
Olar süňňi ýeňillik duýdular. Dogrudanam, busulmak,
owadanlanan güýzüň bu mahalynda janyňa kast etjek bolmak bilen
barabardy. Ikisem ses-sedasyz deňme-deň atlaryna atlanyp, aýagaldygyna
çapdylar. Çaý içim salymda külbeleriň garasy ýitdi. Atlar çygjardylar...
Gapdalda sübseguýruk tilki göründi-de, ökjäni göterdi. «Gy-ýuw!» edip,
Akmaral şol bada onuň söbügine düşdi. Ygally, şorumtyk ýere aralaşan at
öz güýjünde doly çapyp bilenokdy. Patyrdyk-patyrdyklap, palçyk
syçradýardy. Aw göçgünliligi kalbyna sümlen eýesi bolsa gyssap janyny
alyp barýardy. Şu sebäpli, öňündäki gaçyp barýan jandarjyga ýigrenç
dörän şekilli at az-kem daýandy. Dura-bara ara ýygjamlandy. Tilki şol
43
barmana jeňňellige urdy. Akmaralam galmady. Şeýdip, ýoňsuz
kowalaşdy. Tilki ahyry gözden ýitdi. Ol yzyna öwrüldi. Hilegärjigi
peýkam bilen tükgerdip bilýärdi. Ýöne keýpine, awçy göçgünliligini
uzaltmak isläp, degmedi.
Öňünde atly keserdi. ýüzi-ýüzüne düşüp, tisginjiredi:
—Hiý-ih!...
—Hawa, bi, men...
Batman arkaýyn jogap berip, ýylgymaga synandy. Şonda ýaňaklary
çukanaklap, ýüz keşbi ejirli göründi. Oýturaklady:
—Oslamadyňmy?
Akmaral dymdy. Batman çarpaýa galan atynyň jylawuny çekip
köşeşdirdi:
—Akmaral, söýgi derdi ýowuz eken. Hernäçe unutjak boldum.
Eger-eger bolanok.
—Niçik tapdyň?
Gyz bu goşa sözüň agzyndan çykanyny bilmän galdy. Şol sebäpli,
ökünýän ýaly, dodaklaryna barmagyny goýdy. Bu tersine, ýigidi
galkyndyrdy:
—Garahan täjirden ar alşyň Etrek sähralaryndan daglara ýaň saldy.
Eşdenimden, yzarladym gaýdyberdim. Indem, çolalyk aňtap, ogry syrtlan
ýaly garawullap ýörün. Siziňkilere goşulmagy oňardym.
Akmaral şo-ol, otlukly nazar salanyň Batmanlygyny ýyldyrym
çaltlygynda serinde aýlady. Hälki atyny ýüzin salyp gideniň-de şüdügi
şübhesizdi. Ol hopugyp, suwa gark bolup barýanyňky ýaly, gepledi:
—Men...şonda...jogabyňy beripdim-ä.
—Bu, dogry. Aýtdym-a, söýgi derdi ýowuz eken. Wagt geçdi.
Belki, doň ýüregiň erändir?
—Juk, öňki jogabym.
—Beýitme, Akmaral, men garyby köýdürme!
Gyz atyny debsiledi. «Akmaral, Akmaral-how» diýip, Remezan
aganyň-da, gygyrýan sesi eşidildi.
Batman hyrçyny dişläp galdy.
Akmaral Batmany göreninden, kän mahal geçmänkä, şagal
ýodajygyndan täk özi pikire çümüp gelýärkä, ýene bir atly ýolunda
keserdi. Ol başyny galdyrdy. Şeýle bir tolgunmady. Sebäbi bu pursat irdegiçde bolaýmalydy. Her hal, ýüregi alas-gopaslandy. Ýaňaklary çalaja
gyrmyzylandy.
44
Bu Balkandy:
—Akmaral...Ol bimaksat ellerini owkalaşdyrdy:
—Ýüz duşmana ýeke özüm garşy çykyp, söweşip biljek. Emma
şumat garşyňa... Niçik aýtjagymam bilemok, aýdylýanynam. Ýöne meni
telbe etdiň.
Gyz atyny sowup, ugrabermek isledi. Balkan gabalap, atdan düşdi:
—Ynan, ýüregim arkajyň ak gary kimin tämiz, gara niýetim ýok.
Birdem saklan, diňle.
Ol läheň göwresini aşak goýberdi. Çöke düşüp, Akmaralyň atynyň
üzeňňisinden ýapyşdy:
—Giň jahan dar maňa, jeren gözlim. Hem o dünýä, hem bu
dünýäm meniň. Şirin muhabbetim...
Akmaral atyny çalaja debisledi. Balkanyň eli üzeňňiden sypyp,
sözüniň arasy kesildi. Gyz ýigide bakdy. Balkanyň syratly, uly
göwresiniň çugdumlananyna, naýynjar keşbine haýpy geldi. Pyşyrdap
gepledi:
—Tur, oglan, beýtme!
Balkan galyp, entirekledi. Dyzlarynyň ysgyny gaçansoň,
Akmaralyň atyny söýgetlendi. Uzak ýerden ylgap gelen ýaly, haşlap dem
aldy. Ýazykly çaga kimin, başyny galdyryp bilmedi. Şu aralykda Akmaral
oýlanyp bildi: «Bi, Nähili, bolýa? Batman, Balkan meni söýýä. Men
welin...Abany. Ýok, söýgi — bu elhenç dert. Girdap-ýuwdarhamy,
apatmy? Haýsysy?...Wah, Balkan, ýigidiň güli, sen. Arman, imrigibem
bilemok. Nädeýin men! Şormaňlaý bolmagymam ahmal. Göwnümiň
tersine-de, gidip biljek däl. Bi, neressä, taýyňy başga ýerden gözle
diýeýin».
Ol ýüregine daş baglap, Balkana nazar aýlady. Balkan söýgüsini ret
edäýseň, ýyldyrym urana dönjek şekillidi. Gyz kalbyna rehimdarlyk indi.
Gowşap, saklandy. Birdenem: «Çüw, janawer!» diýip, jylawy silkip
goýberdi. At segräp, ugruny düzdi. Akmaral gür ýylgynyň şahalarynyň
arasyndan jyklap duran Batmanyň öňýajagazyndan geçse-de, görmedi.
Arany açdy.
Hemişe Akmaraly aňtap gezýän Batman, Balkan onuň atyna
söýgetlenip durka gördi. Gyz onuň söýgüsini iki ýola açyk ret etse-de,
tamasyny üzmändi. Şol sebäpli, Akmaraly irde-giçde böwrüne geçirerin
öýdýärdi. Ikiçäk gören pursadynda welin, gabanjaňlyk ody gursagyny
çirkizdi. Süňňini saklabilmän, gagşady. Ar almak hyjuwy depesine urup,
45
gözi ýer görmedi. Haçan-da, Balkan güňe dönüp, atyna münüp
gorgunladyp ugraberende sary ýaýyny oňa öwürdi. Ýöne wagşy gahargazapdanmy ýa-da batyr serdary atjak bolmagyň ýeňil-ýelpaý
däldigindenmi, elleri saňňyldady. Barybir, peýkam ýaýdan sypdy. Ok
Balkana degmän, aty ýürekledi. Janawar ýüzin ýykyldy. Batman
jeňňellige sümdi.
Seňselän Balkan birhapýukdan gözlerini açdy. Atyň aşagynda
galan aýagynyň birini zordan aýyrdy. Atyna naýynjar seretdi. Endamy
buza dönen janawar dem-düýtsüzdi. Balkan birbada dyzçanagyndaky ýiti
agyryny unutdy. Atynyň başyny sylanda, okara ýaly goçak gözlerinden
şorumtyk, gyzyn ýaş paýrady: «Wah, atymyň däl-de, öz janymy almaly
ahyry!» diýip samranyny duýman galdy. Emma boljak iş eýýam bolupdy.
Oňa etjek alajyň ýok.
Balkan ýokary turmaga meýillendi. Başarmady. Ýüregi hut
üzülerläp gitdi. Agyra çydaman, gygyrmazlyk üçin, dodagyny gan
öýdürere getirip, dişledi. Töweregine ýaltaklady. Görmän, madyrdaşyp
geçip barýan bölek atlysyna gara galdyryp, haýkyrdy. Olar yňyp
gaýtdylar.
Balkany getirenlerinde, Remezan aga külbesindedi. Ýanynda
Akmaralam bar. Ol Balkanyň öňküsindenem beter garaörtlenen ejirli
ýüzüni görende:
—Eýgilikmi, oglanlar? — diýip, laňňa ýokary galdy. Arkan
ýatyrylan Balkanyň golaýyna bardy. Ýigitler sulhdular. Dymşyp, gojanyň
sowalyna jogap gaýtarman, batyra äňetdiler. Balkan yzadan gaşlaryny
çytyp:
—Atdan ýykyldym — diýip, kelteçe aýtdy.
Remezan aga balagy çermäp dyzdan geçirdi. Gök-nil bolan
damarlara seredip, sypaň-sermeň etdi-de, özbaşyna hüňürdedi:
—Weý, oglan, ýykylar ýaly, at baş bilmeýän, özüňem gögele däl.
Ýa-da aýagy kürüme didäýdimikä?
Ýigitler böwedi açylan sile döndüler. Wagyrdy sesi asmana galdy.
Ilki murtlarynyň uçlary çowluja biri dillendi:
—Ýykylmandyr, atypdyrlar.
Remezan aga-da, Akmaral-da bir müddetde oňa bakdylar. Goja
güňleç seslendi:
—Aý, goýa?!
Soňra Balkanyň ýüzüni nazarlady:
46
—Şeýlemi , oglum?
Ol baş yrady. Remezan aga oýurganyp aýtdy:
—Dönüklik — açyk duşmandan howpludyr. Sebäbi, ol ýeňsäňden
atýar. Megerem, ýagy uzak ýol söküp gelen däldir. Içiňizdedir. Beýle
bolsa, ýeňilmezek goşunam ýeňler.
Goja ýene agyryly dyzy sypalaşdyrdy-sypalaşdyrdy-da, silkibräk,
birden çekip goýberdi. Balkan «Wah» etmäge ýetişmänkä, hütürdi
eşidildi. Çykan dyz ýerine girdi. Balkanyň ýüregi buza döndi. Dar külbe
giňedi:
—Eliň-ýüzüň dert görmesin, Remezan aga!
Ol welin ýigitleriň birine tabşyryk berdi:
—Towugyň ýumurtgasynyň sarysyny çalaýsaň, yzasyny tiz
aýrardy. Bu ýerlerde ony nireden tapjak! Git-de, gamyş getir.
Gamyş gözläp, uzaga gitmeli däldi. Oýtumda, derýa ýakalarynda
boldy. Mähetdel etmän, äkeldiler. Remezan aga onuň birini saýlap, alyp,
dikligine iki ýardy. Bir garyş çeninde kesişdirip, dyzyň daşyna sünneläp
goýuşdyrdy-da, sarady. Ýanynda, dikelende daýanmak üçin, goşar
ýogynlygynda taýak goýdy:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarhypelek - 04
  • Parts
  • Çarhypelek - 01
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2415
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 02
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 2350
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 03
    Total number of words is 3521
    Total number of unique words is 2284
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 04
    Total number of words is 3512
    Total number of unique words is 2331
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 05
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2323
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 06
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2318
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 07
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2321
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 08
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2393
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 09
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 2302
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 10
    Total number of words is 3569
    Total number of unique words is 2383
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 11
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2368
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 12
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2376
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 13
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 2399
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 14
    Total number of words is 3559
    Total number of unique words is 2280
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 15
    Total number of words is 2426
    Total number of unique words is 1736
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.