Latin

Çarhypelek - 09

Total number of words is 3655
Total number of unique words is 2302
28.2 of words are in the 2000 most common words
40.7 of words are in the 5000 most common words
47.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýeňer, ýogsam, heläkçilige uçrar» diýerdi. Remezan aga — diýip jemledi.
Eýrana garşy duşmançylykly hereketlerini astrabatly türkmenleriň
üsti bilen amala aşyrmagy Aly soltan ozaldan küýlenip ýördi. «Ynha, indi
guşjagşazyň özi uçardan geldi. Diňe ýaýdan oky ataýmak galdy» diýip
keýpi çag ýyrşardy. Saba mahaly Aba serdary saz-söhbet bilen bir
menzile çenli ýola salyp, gujaklaşyp aýrylyşdy.
—5—
Tahmasp şanyň garşysyna bileleşmäge Aly soltanyň ýyly söz
bermegi Aba serdara ganat bekledi. Ol hyjuwlanyp, jeňe taýýarlygy
öňküdenem beter güýçlendirdi. Gije bilen gündiz deňleşip, parhy ýok
ýalydy. Ol haçan uklaýar, haçan dynç alýar, iýip-içýär - bulary golaý
ýanýandakylara-da, saýgarmak çetindi.
Ynha, ahyry garaşylan pursat geldi. Iki tarapyňam leşgerleri çäş
mahaly sap-sap bolşup durdular. Polat donlar, tygy-burranlar, almaz saply
gylyçlar, naýzalar güne ýalpyldaşýardylar, Tuglar adaja pasyrdaşýardylar.
Aýylganç ümsüklik höküm sürýärdi. Bu, elbetde, gopjak tupanyň
öňüsyrasyna meňzeýär. Gözýetim nökerden ýaňa iňňe oklasaňam ýere
gaçmajakdy.
Aba serdardyr Aly soltan duşman tarapa bürgüt nazaryny
salýardylar. Bular egin deňläp, iň öňde, saýlanyp, atyň üstünde sarsman
otyrdylar. Garşydaşlarynyň artykmaç, çalaja nymyldylaryny gözden
salmazlyga çalyşýardylar.
Duşman tarapdan tebli-jeňiň sesi eşidildi. Bärdenem şeýtdiler.
Mundan soňra Tahmaspyň sülsatlary bulut ýaly, süýşüşip
124
gaýdybermelidiler. Ýöne beýtmediler. Aba serdardyr Aly soltan
geňirgenişip, biri-biriniň ýüzlerine seredişdiler-de sarsmadylar. Çaý içim
salym geçdi. Birden duşman tarapdan söweş lybasly, ýeke atly,
naýzasyny öňe gezäp okdurylyp gaýtdy.
Aba serdar yzyna gaňryldy. Balkan bilen nazary kaklyşdy. Onuň
ýanynda çytuwanlanyp Akmaral durdy. Bäh, zalym-aýt, polat donluka-da,
owadan.
Aba ýüzüni sowdy: Balkan ýaňy öňe omzanda, beýleden biri
eýýam zymdyrylap barýardy. Ony tanady. Ol Durdy pälwandy.
Ahwal düşnüklidi. Ýekme-ýek söweşmelidi. Bularyň haýsysy
ýeňse ýa-da ýeňilse goşunyň güýjüni ölçejek mizan terezisi bolmaly ýaly
görünýärdi.
Garşydaşlar orta ýolda biri-birine naýza sünçdüler. Galkan tutulyp,
uçgun syçrady. Atlar öwrüm berdiler. Ýene naýzalaşdylar. Ýene galkan
tutuldy. Tutluşyk ýaňy başlady. Kimiň ýeňjekligini aýtmakdan irdi. Iki
tarapyňam ummasyz nökerleri bir adam ýaly dem alyp, dykgatly
seredýärdiler.
Näme üçindir, az-kem darygan Aly soltan Aba serdara gözüniň
gyýtagyny aýlady. Ol aljyraman, bürgüt şekilli otyrdy.Onsoň göwrümi
giňäp, söweşýänlere seretdi. Edil şu pursat duşman tarapyň batyrynyň
naýzasy omruldy. Durdy pälwana agdarmak üçin, maý döredi. Aly soltan
hut şeýderem öýtdi. Emma Durdy pälwan beýtmedi. Öz naýzasyny zyňyp
goýberdi. Bu daýhan adam üçinem düşnüklidi. Garşydaşyny
gylyçlaşmaga çagyrýar. Wah, böwründen sançmalydy ahyryn. Durdy
pälwanyň hereketini makullamadyk Aly soltan, megerem, Aba serdardada, närazylyk alamatyny görmek üçin, onuň ýüzüne nazar aýlady.
Serdaryň göwni bir ýaly, gylam gymyldanok. Lapy keç bolan aly soltan
ýene söweşýänlere ser saldy. Ol bularyň güýçleriniň, jeň tilsimleriniň
deňeçerdigini on iki süňňi bilen duýdy. Beýle halda, täleý kime gülüp
baksa, şol ýeňiji bolýar. Durdy pälwan şol pursady eýýäm goldan
sypdyrdy. Adamyň ömründe bir gezek bagty çüwýär ahyry. Gör-le,
muny! Bu gezek Durdy pälwanyň gylyjy syndy. Duşman tarap
güwüldedi. Ýer sarsyp gitdi. Aba serdar, Aly soltan, bütin goşun şol bada
tijendiler. Duşmanlaryň meýli aýdyňdy. Olar öz batyrlaryndan
garşydaşyny çapmagy talap edýärdiler. Ýogsam ol, Durdy pälwanyň diri
galmaga beren pursadynyň öwezini doljak bolsa, gylyjyny taşlamalydy.
Hanjara gezek bermeli, emma beýtmedi. Aly soltan onuň garadan
125
gaýtmaz, güýçli söweşijidigini, ýöne mert däldigini öz ýanyndan belledi.
Bu häsiýet ähli gyzylbaş serbazlaryna, serkerdelerine muwapyk ýaly
bolup göründi. Bimazalanan Aly soltan Durdy pälwana nazaryny dikdi.
Ol özlerine tarap gaçmady-da, öwrüm berdi. Garşydaşy gylyjyny howada
ýalpyldadyp, arany ýygjamlady. Aly soltan şu sapar diri galaýsa, berat
ýygnaýjylaryny tükgerden bu türkmen pälwanyndan kinesini düýp-teýkeri
bilen unutjaga meňzedi. Ýöne oňa diri galmaklyga yşjagaz görmedi.
Gylyja dözer ýaly, läheň däl eken özem. Aý, howa-da, merdanlary ahyry
öz mertlikleri heläk edýär. Naýzasy döwlende, duşmanyny sanjak bolsa
welin... Aly soltan pikirini jemlemäge ýetişmedi. Çaň-tozan, garmagürmelik boldy. Soltan Durdy pälwanyň mekir tilsimine ep-esli mahaldan
soň düşündi. Ol hanjaryny zyňyp garşydaşynyň atynyň döşünden
çümdürdi. At janawar öňe tarap ýykyldy. Duşman batyrynyň gylyjy
elinden gaçyp, beýleräk düşdi. Durdy pälwan ony almaga ýetişdi. Eýsem,
bu bagtyň ikinji gezek çüwdügimikä?...
Ol gert sowlanda, Durdy pälwanyň gylyjyny ilki, duşmanyňam
dişlerini akjarydyp hanjaryny soňra taşlanyny gördi. Türkmen barsy
garşydaşyna söweşmäge ikinji sapar pursat berdi. Dözmeklikdenmikä?
Duşmanyňa dözmezlik etmek-aýylganç säwlikdir. Beýle halda Çingiz han
pisint bolmaly.
Aly soltan Abanyň ýüzüne ser saldy. Ýene onda üýtgeşme
syzmady: «Bu adamyň ýüregi daşdanmyka ýa parhsyzmyka?» diýip
pikirlendi-de çatlyşyp duran garşydaşlarya göz aýlady. Soňra
gozganjyrady. Çözmesi kyn matalyň çözgüdini tapana meňzäp, çaga
kimin, ýyljyraklady. Hawa, soltan Durdy pälwanyň duşmanyny ölümden
näme üçin sypdyrýanyna indi düşünip galdy. Ony öldürip ýeňmegi däl-de,
dirikä dyza çökerip ýeňmegi isleýär. Bu belki, göz-açyp ýumasy
salymdaky ölümden elhenç jezadyr. Şeýledir. Ýok, bu türkmende
pähimem bar. Goý, duşmanyň özi dirikä ýeňlenini görsün! Ömürboýy
ýadyndanam çykmaz. Ýöne bular basym dag ýykylan ýaly, ýere tarap
gaýtdylar. Araçäre. Esli mahal süýkenişdiler. Ahyry Durdy pälwan onuň
garnyna münmegi başardy. Demir telpegini sypyryp taşlady-da, mähnet
ýumrugy bilen gözüniň üstüne gülçüldetdi. Aly soltanyň aňyşy boýunça,
megerem gözi çykandyr. Aman galmaga haky ýok. Ýatanam elini bulap
ýetişdi. Ýumruk Durdy pälwanyň burnuna degdi. Gan zogduryldy. Ikinji
öwrüminde pälwan duşmanynyň burnuna suňşurdy. Dura-bara garşydaşy
haýallady. Onsoň Durdy pälwan çemini tapyp, çala jan ýatanyň ýazy
126
maňlaýyna depdi. Ol özünden gitdi. Ysgyn-deramatdan gaçan Durdy
pälwanam göwresini aşak goýberdi. Iki tarapdan hem ses-üýn çykmady.
Aly soltan jeňiň bolmazlygyny ýüreginden küýsäp dur. Duşmanyň
agdyklygy görer göze-de bildirýär. Bu howalasyny basypdy. Aba
serdaryň bir durkuny saklaýan gaýduwsyz keşbinden arkalandy. Ýogsam,
«Assa gaçan namart» diýip, ýazzyny bermegem gaty ahmaldy. Aý,
onsoňam, serdarlaryň içinde şertim şahyma edilýän pursatlar köp-ä. Bu
hili san-sajaksyz sulsadyň garşysyna heniz çykyp görmändi. Onuň
garşydaşlary hemişe bölek-püçek bolupdy. Aba serdara kömek bermäge
söz berende oýlanyşyksyz hereket edipdir. Munuň köp içilen şerabyň
täsirinden bolmagam mümkin. Allanäme nökerleriniň ganlaryny
dökenleri bilen, aýratyn näme utuş gazanjak? Goý, Aba serdar jeň
meýdanyna orta çykdymy, özem söweşsin. Bu boljak jeňde onuň külüniň
göge sowruljagy görnüp dur.
Şeýle pikirler kellesinda at çapýan Aly soltanyň haly gyl üstündedi.
Ýöne duşman tarapdan gaýdan üç atly onuň ünsüni özüne çekdi. Olar
söweş lybasyzdylar. Ýarag enjamlaram ýokdy. Aly soltan girdapdan
sogrup alnan ýaly, ynjaldy. Gelýänleriň ilçilerdigi şeksizdi.
Olar geldiler. Uzynak, hortaňy gyzylbaş serbazlarynyň baş
serdarynyň gepleşik geçirmäge çagyrýandygyny aýtdy. Aly soltan Aba
serdardanam öňinçä razydygyny mälim etdi. Umuman, birigen iki goşuna
Aly soltan eýemsireýärdi. Aba serdar ýykgynja bolany üçin, oňa gulak
asmaly bolupdy. Barybir, iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnajak däldi.
Ortada çadyr guruldy. Iki tarapyň goşuny ondan uzaklaşdyryldy.
Duşuşygyň bellenilen möhletinde Aly soltanam, gyzylbaş serdaram iki
ýüz atly janpenasy bilen geldi. Janpenalar ýoňsuz daşlykda goýuldy.
Gepleşik Aly soltan bilen baş serdaryň arasynda ikiçäklikde geçdi.
Şertnama düzüldi. Bu şertnama boýunça, Aly soltan Aba serdaryň öz
dogduk diýaryna dolanjakdygyna, Astrabat han-begleri bilen oňşukly
gezjekdigine onuň adyndan söz berdi. Gyzylbaşlaryň baş harby serkerdesi
bolsa, Aba serdara azar bermejekdigini aýtdy. Şeýdip, Aly soltan Aba
serdaryň hemme jogapkärçiligini öz boýnuna alyp, yzyna öwrüldi. Ep-esli
gündenem gyzylbaş serbazlary Kazwine tarap ýola düşdüler.
Aly soltan gyzylbaşlar gepleşige gelende, Aba serdary ýeserlik
bilen gyrada galdyrypdy.Indi «Uçardan geçen guşjagaza ýaýdan oky
çekäýmek» galdy. Şeýtmek üçinem Astrabada geldi. Ol Aba serdaryň
gozgalaňyny diňe özüniň doýmaz-dolmaz holtumynyň gowzuny
127
doldurmaga peýdalanyp ugrady. Soltan gozgalaň eden türkmenlerden
ilkinji nobatda salgyt ýygnamaga buýruk berdi. Ilat serdaryny ýitiren
durnalara döndi. Başagaýlyk, närazylyk döredi. Mekir soltan turuwbaşdan
erki öz eline aldy.
Oňa ýeke-täk aýgytly garşy çykan Durdy pälwandy. Salgyt
ýygnaýjylar obasyna baranlarynda boýun egmändir. Ýaňkalaşanlarynda
welin, olary suwa salma ýeňjip goýberipdir. Bu habary eşidende Aly
soltan hum ýaly çişdi. Habar getiren günäkär ýaly, oňa jabjyndy:
—Heý, siz, erni suwly eşşekler...
Ýöne tizem ýeli çykan meşik şekilli myssardy. Ýolunda keseren
depejik däl-de, gara dagdy. Göni sürünseň, eýgertmezligem ahmal. Belki,
uçgundan ýalyn dörär. A ikinji Aba serdar orta çykaýsa nädersiň? Çaňyň
kakylar. Şol sebäpli, ony açyk söweşip däl-de, hile bilen gapana
düşürmeli.
Ol dört sany mergene gizlinlikde aýratyn tabşyryk berdi. Bular
Durdy pälwanyň ýekelikde gezjek pursadyny aňtadylar. Şeýle günleriň
biri gelip ýetdi. Pälwan goňşy obadaky toýdan, ýylgyn jeňňelligindäki
şagal ýodajygyndan ýoldaşy bilen dünýäden habarsyz madyrdaşyp
gelýärdi. Peýkamlaryň şuwwuldysyna ýalta bakmaga ýetişmänkäler,
gursaklaryny tutup ýykyldylar. Soňra atlar tüwdürildi. Toýa gidensoň, ol
gün ýoklanmady. Ertesi ak öýlän tapyldy. Dönükligiň bolany belli, emma
ony niçik biljek. Gürgen ýakalarynda adygan pälwana haýsy kümsügiň eli
barar? Pähimdar garry enesi:
—Balamyň bäri-bärde duşmany bolmaz. Bi, gelmişekleriň işidir—
diýip, Astrabatda ot gorsaýan horezmlileri nazarlap aýtdy. Ýöne muny
nähili delillendirjek?
Enäniň gyzyl eňek üç sany agtygy, dogan-garyndaşlary, bütin
syrgyny dişlerini gajaşyp, Astrabada atlanmagy küýlendiler. Emma, köpi
gören ene oňlamady:
—Araňyzda Durdym bolsa, onda gürrüň başgaça. Arslanym ýok,
siz gögele hem deňizden damja. Sil böwetjigi syryp-süpürip goýberer.
Onnoň-da, günäsi boýnuna goýulmadyk, günäkär däl. Kymat eşegi
bolaýmaň, gaýtam.
Märeke dymdy. Muny ýüz keşbi agyn Durdy pälwana meňzäp
duran, gyzma uly ogly bozdy:
—Ene, bürgüt çagarary bürgüt şekillem ölmelidirler.
128
—Guzym, wagtyň geçmegi bilen, belki ganhorlaryň kimliginiň üsti
açylar. «Gana garrama ýok» diýerdi köneler. Maýsalykda orulmaň. Eneňe
«Hä» diýäý.
Şundan soň, bu gürrüňe dolanmady. Gijräk eşiden Aba serdaram
aýada geldi. Enäniň maslahaty boýunça, özüniň pikirini oňa aýtmadylar.
Dönükligiň pidasy bolanlygyny welin, gaýtmanka eşidipdi. Derdi
gozgaman, artygam kelam agyz sözlemän, taýyny ýitiren ýolbars şekilli,
ýüzüniň hamyny gara köýük edip yzyna dolandy. Orta ýolda kowup, bir
ýetginjek ýetdi. Ony soraman tanaýmalydy. Durdy pälwanyň uly ogly:
—Aba däde...
Ol utanjyrap sözüni soňlamady. Aba serdar geplemegine goltgy
berdi:
—Näme hyzmat, inim?
—Enem...Enem...küýünden çykarypdyr. Aba dädeňe aýt: «Ýeke-iki
bolup gezmesin» diýdi.
Serdar ilki başyny aşak sallady, soň galdyrdy. Ýigdekçe:
—Enem, dädemiň ölmeginde diňe horezmlileriň eli bardyram —
diýdi. Ol muny aýtmaly däldi. Dilinden sypdyranyny bilmän galdy.
Serdar almaz gylyjynyň sapyny berk gysymlady. Onuň şatyrdysy,
ýetginjege eşidilen ýalam boldy. Ol şu pursat huşuna aýlandy. Serdar
güňleç seslendi:
—Belki, olaryň serdary Aly soltandyr?
—Kepil bolup biljek däl.
—Baranymda nä aýtmady, garry ene?
—Ol muny saňa «aýt» diýsedi. Gaýtam, biziň ýolumyza-da, bent
boldy. «Günäsi boýnuna goýulmasa, günäli günäkär bolmaz»
diýýä.Ýetginjek yzyna öwrüldi.
***
Çaga kimin ynanjaň Aba serdar Aly soltan ar salar öýdüp göwnüne
güman getirmän, onuň maslahaty bilen ýurduna dolandy. Bäş ýylda golaý
wagtyň içinde üýtgeşiklikler bolupdyr. Görmegeý aýaly Aýbölegiň şar
gara saçlaryna ak gyrawlar düşüpdir. Bü-ýä, özüniňem iki dulugyndan
görnüpdi. Uly oglunyň murty taba gelip, jahyl çykanlygyny bildirýär. At
üstünde oturyşy, sary ýaýdan peýkam atyşy, gylyç oýnadyşy maňzyna
batdy. Ondan kiçisem dogumlyja, gurt çagasyna çalymdaş. Garaja
129
gözlerinde uçgun görnüp, oýnaklap dur. Rahym ahunyň ýogalanyna bir
ýyldan agypdyr. Aý, üýtgeşiklikleriň haýsy birini sanap çykjak. Ol azkem dynjyny alyp, şatyr-şutur ogluny öýerdi. Uly toý etdi. At çapdyrdy,
göreş tutdy. Bu golaýda, okly taýpasynyň içinde beýle dabaraly toý
bolmandy. Ilat hezil edindi. Güýz, gyş geçip, ýazyň ortaky aýy paýawlap
barýardy. Bu ýylyň bahary Etrek sähralaryna däli-porhan bolup geldi.
Ülkerde welin, ýagyş bir gije-gündizläp dynman ýagdy. Derýa joşup,
kenaryna sygmady. Daýhanlar ýer taba gelende, öküzdir bugurçylar bilen
ýer sürüp, gawun-garpyz ekdiler. Soňra orak möwsümi başlandy. Ak
bugdaýyň, arpanyň desseleri depe-depe bolşup, gözüňi dokundyrdy. Bol
rysgal Aba serdaryň göwün guşuna ganat bekledi. Onuň keýpi çagdy.
Adamlar bilen degişýärdi, gülüşýärdi. Özem oguldlaryna, aýalyna hezil
edinip orak oruşdy. Käte Balkan gelip gidýärdi. Oklular Aba serdaryň
öýüniň gara görnüm ýerinde oňa alty ganat ak öý tutup berdiler. Akmaral
bütinleý öý hojalykça öwrüldi. Ilat urbalyk geçi, goýun, hatda baýyň biri
sagynlyk düýe-de berdi. Aba serdar Balkana ýer sürmek üçin jübüt öküz
eçildi. Bir gezek ol Abanyň öýünde otyrka:
—Aý, serdar, biziň garamça gara bereňog-aýt — diýip morta
aýtdy-da, gapböwürde hysyrdaýan Aýbölegiň ýüzüne seretdi:
—Dogry gerek, gelneje?
—Hak gürrüň, ýüwürjim?
—Ho-op, gelnejem tassyklady. Şu gün agşam öýdäkiniň palawyny
iýmäge çagyrýan.
Ol jogaba-da garaşman, ör turup, çykyp gitdi.
Ikiçäk galan Aýbölek içini hümledýän adamsynyň ýüzüne göz
gyýtagyny aýlady:
—Bararlar-da, çagyrylýan ýeriňe. Göwnaçyk oglan ýaňky. Asylly
şeýle owadan gelnem barmyş. Menem bir gün ony çagyraýyn. Bärde,
ýeke olar. Onnoň-da, Balkan jan ýaly dostuňa.
Aba başga hörpden gopdy:
—Biz oglankak «Hasar çopan» diýen biri bolardy. Ýadyňa
düşýärmi?
Aýbölek biraz oýurganyp jogap gaýtardy:
—Birmahalky görlen düýş ýaly, bilýän.
—Şoň gyzy Balkanyň gelni. Ady Ak...Akmaral...
Aba gyzaran ýüzüni kese sowdy. Aýbölek muny aňşyrmady:
—Bä, gundagda bir gyzjagaz galypdymy-nämemi. Şomy?
130
—Hawa.
—»Garahan täjir öldüripmiş dädesini» diýip hyşy-wuşy gürrüň
ýaýran ýalydy. Şeýle dälmi?
—Şo, çyn eken.
Aýbölek tisginjiredi. Hereketini goýup, adamsynyň ýüzüne äňetdi.
Häzirem ýüzüni keseräk sowýan Aba mundan bihabar gürrüňini dowam
etdi:
—Ýaňky Akmaral bar-a, aryny aldy.
—Garahan täjir ölende bir gep gulagyma ilipdi welin...
Zenan-a, ol, niçik beýdip bilipdir?
—Uzak gürrüňi bar. Ýöne gözümiň alnynda, Garahan täjiri
gylyçlaşyp, kerçedi.
—Eý, toba!..
Aýbölek elini ýakasyna ýetirdi. Aba serdar bimaksat daş çykdy. O
ýan, bu ýan köwejekledi. Günüň ýaşaryna kä howlugdy, käte
ýaşmazlygyny isledi. Gün ikindi ýerine baranda-da, aýagy Balkanlara
tarap ädilmedi. Ikirjiňlendi. Içeri girip, daş çykyp ýören Aýbölek:
—Wiý, oglan, häzirem gideňokmy, Balkanlara? — diýdi. Aba
jogap bermän, öýe girdi-de, başyny aşak salyp oturdy. Aýaly elewredi:
—Soňky mahallar bar zad-a, bolýa saňa. Oý-pikire çümeniňi
bilmän galýaň. Ýa saglygyň ýokmy?
—Gullunalma sag.
—Onda nä? Sussupes bolup ýörseň, ilki oglanlaryňa, soň taýpaňa
geçer. Gul-gula düşer-de, bütin ýurduňa ýaýrar. Sen welin, diňe oklulara
däl-de, ähli Söýünhana gerekli. Ýa özüň özüňi bileňokmy? Maňa bir aýda, derdiňi...
Aýbölegiň, owadan, söýünçli bakýan jeren gözlerinde ýaş
damjalary göründi. Onuň delmuryp oturmagy Aba serdary gozgalaňa
saldy. Ol başga mahal görmedik ýaly, gulaktozuny dyrmalan bolup,
mydyrdady:
—Aý, goýsan-aý. Heleýligiňi etme. Aýtdym-a, döwi nogtalap
biljek. Ýöne, şü, Durdy pälwanyň hyýanatly öldürilişi otursam-tursam
küýümden çykanok. Agyn sähra bürgüdidi. Bürgüdimi gorap bilmedim.
—Nätjek, ýazgytdyr-da. «Hudaýdan biidin çöpbaşy gymyldamaz»
diýerdi Rahym ahun. Ýatan ýeri ýagty bolsun neressäň. Oňa bütin il
gynandy.
131
Içeri Balkan girdi. Ol Aýbölegiň perişan halyny syzman, uly
şowhun bilen:
—Gelneje, boýun egmesem, gelniňiz—ä meni dim-dik
sömeldäýýär. Ýa serdar, seňem gaňryşyňa gaýdýarmy?—diýip, Abany
alyp gitdi.
Akmaral öýe haýsy myhmanyň geljekligini açyk bilenokdy. Balkan
aýdanda, çintgäbem durmady. Biş-düş taýýarlamak bilen boluberdi.
Haçan-da Aba serdar işikden ätlände gapböwürde ör turanyny duýman
galdy. Gözler biri-birine dikildi. Bu otlukly garaýyşlary gören Balkan:
«Öň pynhan gatnaşyk bara ogşaýa» diýip gabanjaňlyk bilen oýlandy. Her
hal Aba serdar ilki huşuna aýlandy. Ol Akmarala habar gatdy:
—Kökje gezip ýörmüň, Akmaral?
Bularyň arasynda başga gep-gürrüň bolmady. Söhbetdeşlik nahar
başynda-da, ugrugyp gidibermedi. Balkanyň gündizki keýpi gaçdy. Aba
serdardyr Akmaralyň hereketlerini gabak astyndan assyrynlyk bilen
synlap, sypdyrmady. Barybir, Akmaral gyýarak bakyp oturypdy.
Erkekleriň üzlem-saplam gürrüňlerine, hereketlerine pitiwa bermedi.
Ýöne Balkan bularyň biri-birine bakmazlyk üçin, özlerine zor
salýandyklaryny aňşyrdy. Gabanjaňlyk dumany göwnünden aýrylmady.
Barha-barha beterledi. Oňaýsyzlygy syzan Aba serdar basym turdy.
Ýorgana girenlerinde Akmaral adamsynyň öňki hyjuwnynyň,
mährewliginiň ýoklugyny derrew bildi. Otlukldy bakyşlar welin, küýünede gelenok.
Muňa ne jyn urdy? Düşege geçildigi gujagyna dolap alardy. Oýunbazdan, dalaşmadan, asal leblerden sormadan doýmazdy. Hut ýyldyrym
urana döndi. Ara gara dag keseren şekilli. Ýogsam, biserhet. Akmaral
aralygy dyrmalanda, iňňäniň gözünden geçýän sapajygy eline ilmedi.
Eýsem muny haýsy jyn kakdyka? Öz-ä, Aba serdar gelip gidenden soň
boldy. Oňam getiren...
Akmaral eýlä-beýlä agdaryldy. Gelin mekirligine ýüz urdy:
Balkanyň elini sypabrak, sözsüz habar gatdy. Adamsy biparh. Ikisem
irkilmedi. Ilkinji gezek ýar gujagy boş.
Daňa golaý Balkan gelnine tarap öwrüldi. Biri-biriniň ýüzüne
ýylyjak demleri urdy. Şu sapar Akmaral boýny ýogyn ýigidinden beter
umydigär boldy. Ýöne paşmady. Ätjek, Behişde deňeýän meýdanly
gujagyna garagynam sanmady. Eý, Alla, ýa bagtly pursatlar ynsan
durmuşynda gysga bolýarmyka? Ne gözel ýaşaýyş köşgüniň binýady
132
ýykylaýdymyka? Ikisininem soňky wagtlarda çaga küýsegi artypdy.
Ýüreginiň eteginde bir ýerlerde gymyldynyň döränligini syzýan Akmaral
entek muny aýtmaga-da ýetişmändi. Şundan soň onuň adamsyna bolan
muhabbeti has artypdy. Ýorganda çala gymyldasa, özi gujagyna dolardy.
Öňkülerinden beter bagryna basyp, çekerdi. Hemişe nezirgäp, ýa
doýgunlanda gursagyndan itibererdi. Gelin söýgüsi o diwary ýykypýumurdy, ataşsyz magşugyny ýakyp-ýandyrdy. Gyzka kalbyn atalaň salan
Aba serdary bütinleý unudarlydy. Ynha, ol geläýdi. Şondan soňam
Balkan...
Sabyr käsesi pürepürlän Akmaral daňa golaý adamsyna habar
gatyp, janyny barlady:
—Eşidýäňmi?
—Hymm...
—Näm bolýa, oglan saňa?
—Hiç zat.
—Dünýäden bizar ýaly...
—Aý, göwnüňedir.
Ol beýlesine bakdy. Şunuň bilenem kelteje gürrüň gutardy. Onuň
bu bolşam jana döwlet eken. Guşluk bolan wakadan soň has odukdy. Bu
şeýle boldy. Akmaral Etrek derýasynyň iň saý olumyndan - hemişeki
alýan ýerinden küýzeli agyz suw üçin bardy. Edil şu pursat ýylgynlygyň
içinden zompa Aba serdar atly çykaýdy. Alkymyna geldi:
—Kökjemi, Akmaral?
—Şükür.
Gelniň on iki süňňi gowşap, pagyş-para eredi duruberdi.
Balkandan göwni galan Akmaral adamsyna gahar edipmi ýa
ymyzganan başky söýgüsi oýanypmy, garaz, şu mahal Aba gujagyna
dolmaga sähel ymtylsa gursagyndan iteklemäge gurby çatmajaga
meňzedi. Aba muny aňdy. Atyny goýberdi. Igdiş janawar beýleräk
çekildi-de, çaýyrlyga agyz urdy.
Uzak mahallap kösän böwet ýylyp-ýumruldy. Aldajy gelin gözleri
Abany endiretdi. Ol ýykylmazlyk üçin, tas Akmaralyň egnini söýget
edinipdi. Hallan atyp, saklanmagy başardy. Geplände sesi sandyrap
çykdy:
—Akmaral, meniň indiki ahwalym «Toýdan soňky tomaşa»
meňzemegem ahmal. Her hal, gijä galsamam aýtmagy ýüregime düwdüm.
Men seni söýdüm. Ýigdekçelik möwsümi geçende sataşan başky söýgim
133
bolduň. Mende göwnüň barlygynam duýýardym. Ilki-hä dilim baglanana
döndi. Ýeke sözi aýtmaga gurbum çatmady. Belki, çyn söýgi başda şeýle
pursada sezewar edýändir. Soňra Balkana dözmedim. Has takygy dostum
üçin, söýgimden geçdim. Muny hala akmaklyk saý, hala tenteklik. Bagt
guşuny dostuma eçildim. Balkan bolmadyk bolsa, başga kişä dyrnagyňam
dözmezdim. Duşmanlar bilen döwdülleşemde iki-üç esse güýç-kuwwat
beren ýangynly bakan gara gözleriňdi. Hut seniň adyň bilen öpdüm olary.
Ölüm pillesinde ýatyrkam iň soňky ýadyma düşen zenan sendiň. Suwjuk
sözler bilen başyňy-gözüňi aýlap oýnaş tutunjak bolamok. Dostuma
dönüklik etmek islämok. Indi müdimilik hoş gal, meniň wysal bolmiadyk
bagtym. Hoş gal, melegim! Hoş gal, başky söýgim, iň soňky demime
çenli söýjegim.
Aba tarsa yzyna öwrülip, atyna ýöneldi. Eginlerini silkip,
gözlerinden boýur-boýur ýaş dökýän Akmaral oňa nämedir bir zatlar
diýjek boldy. Edil şu pursatda, golaý ýandan Balkan atly göründi. Ol bir
sägindi-de, ýaraly ýolbars kimin «nagra tartyp, ýüzugra ýylgynyň birki
sany ýogyn, kuwwatly şahasyny çapyp, jeňňellige sümdi. Takyr-tukura
egneüstaşyr gaňrylan Aba ony gördi. Näme üçindir, başyny ýaýkap,
dodagyny ganöýdürere getirip dişledi-de, atyna atlanyp, debsiledi.
Akmaral bolsa, başyny sallap öýüne gaýtdy. Balkan şol gidişine daňa
golaý geldi. Akmaral laýdan ýasalyp, tüsseläp duran pelteli çyranyň
körjümek yşgalaňyna onuň garap örtlenen elhenç ýüzüni, guduz itiňkä
çalymdaş gyzaran gözlerini saýgaryp, eýmendi. Bir gysymlandy, soňra
öz-özüne teselli berdi. Ýazyklymy näme men? Ikilik edemok. Ýöne
betgumanlyk perdesini niçik syryp bolar? Abanyň päkizeligini, özümiň ak
guşdygymy nähili delillendireýin? «Aba meni söýüpdir, ýöne dözmän,
dostuňa bagyşlapdyr» diýeýinmi! Bü-ýä, bolmaz. Eý, gurbanyň bolaýyn
Maşat ata, özüň bir munuň gursagyna sowuklyk sal.
Onýança Balkan mähnet ýumruklaryny keçä patladyp urup, arlady:
—Men ony kerçemelidim. Öňki dostlugy üçin degmedim.
—Aryň köýdümi?
—Bilýän dälsiň-aýt, sen.
—Näme bolýa, oglan saňa?
—Öýde-hä, aşyk-magşuk ýaly, bakyşdyňyz. Soňra-da, derýa
ýakasynda pynhan sataşdyňyz. Kör däl-ä, men.
134
—Gözli kör sen! Kördenem beter gumançy. Beýle halda ýaşaşyp
bolmaz. Ýöne bilgin, ak gardanam päkize ol. Iň gowusy talagymy ber,
meň. Wah, Remezan agaň eden işi boldy, bi. Şormaňlaý ekenim.
Akmaral maňlaýyna ýumruklap, horkuldap aglady. başyny aşak
salan Balkanyň gelnini höre-köşelemäge gaýraty çatmady. «Köşeşerdä»
diýen niýet bilen daş çykyp gitdi. Birhaýukdan öwrülip gelende,
gözleriniň görýänine ynanmady. Merdemsilenen Akmaral jeň eşiklerini
geýip, ýarag şaýlaryny dakynyp durdy. Göwni buza dönen gelni göz
gyýtagynam aýlamady. Balkan demi-demiňe ýetmän, zordan seslendi:
—Nirä?
Akmaral jogap gaýtarmady. Balkan özelendi:
—Aýdaýsana, nirä ahyry?
—Saňa näme parhy?
—Aýdaý-da...
—Baş alyp, gitjek.
—Beýtme Akmaral, ýalňyz goýma meni.
—Aşyk däl men, oýnar ýaly, sowul ýolumdan!
Ol gapa ýöneldi.
—Garnymdakynam düşürtjek kempiriň birine. Senden gan
damjasam galmasyn.
Balkan gapa gerňeldi:
—Onda...onda, meni öldürip git. «Wah» etsem, namart boldugym.
Ol bilindäki gylyjyny sogrup, Akmaralyň öňüne oklady. Gazaply gelni
gowşap, orta ýolda sägindi. Ýaýdandy. Balkan öňki aýdanynyň üstüne
suňşurdy:
—Birdem saklanma. Çapym-çapym et meni.
Akmaral lampa özüni aşak goýberdi. Balkan gerňelmekden
aýrylyp, ony gujaklady-da, ýüz-gözlerinden ogşady:
—Sensiz ýaşap biljek däl. Hem bu dünýäde, hem o dünýäde
geregim. Hatamy geçip, birje ýylgyr. Şo ýylgyryşa Etregiň bütin malmülkünden geçýän, janym. Balkandan beýle ahwala, sözlere garaşmadyk
Akmaralyň kalbynyň doň buzlary eredi. Bäh, bu zenanlar-aýt!
Gaharlansa, apat, mylaýymlansa, ýazyň bir güni! Şükür Hudaýa, tupan
sowuldy. Balkan onuň ýarag enjamlaryny, söweş lybaslaryny aýyrmaga
kömekleşdi. Ak golundan şerbet içdi. Jany has-da, şypa tapdy. Akmaral
oňa sala saldy:
135
—Garaz, ýüregiňde düwün galdy. Basym-basymdanam Abany
görersiň, üýtgär durarsyň, onnoň. Meňem indi gezesim gelenok bi taýda.
Ürkdüm. Göçeli.
—Ýerden ýeke çykan bolup galdym-a, men. Nirä gideris?
—Ýer-ýurt giň. Bolmasa, daýymlaryň ýanyna-gökleň iline gideli.
—Nöker-ä, men.
—Menem şeýle. Hojalyk işi bilen boldubereris. Il-günüň başyna
bela-beter inse atlanybermeli. Är-aýalyň maslahaty uzaga çekdi. Ahyry
bir çukura tüýkürildi. Göçmeklige ylalyşyldy. Akmaral jemledi:
—Özünem ýagdan gyl sogrulan ýaly bolup gije göçeli.
—Beýtsek, öýkeläp giden şekilli bolmarysmy?
Oklular, ylaýta-da, Aba göwnüne güman getirmezmi? Köp mahal
duş-çörek iýişdik. Nätsem-de, Aba meniň jan ýaly dostum. Gaharyma o,
bi, diýsemem ondan geçmek kyn maňa.
—Muny bilýän. Ýöne göwnüm aýdýan pikirimiň tarapdary.
«Göçjek» diýmäge açyk bahana tapmagam kyn. Aramyzdaky gizlin jeňide äşgär etmek has gelşiksiz.
Gije ýarymynda iki bugurçydan ybarat göç daglara tarap-gökleň
iline ýola düşdi. Ýoňsuz gidilende, Akmaral sähel yzrak galdy-da,
Abanyň öýüne garşy ýangynly bir bakyp, indi ýüregini bire baglan ýaly,
elini silkip goýberdi. Onsoň atyny debsiläp, bugurçyny idip barýan
Balkan bilen egnini deňledi. Ebedilik, hoş gal, özüňem razy bol, başky
muhabbet!
Akmaral Yhat daýysynyň obasyna üçünji gün giç öýlän geldi. Del
göçi itler wowwuldaşyp üýrüşmek bilen garşy aldylar. Atlylar olaryň has
janygyp jabjynýanlaryna-da, pitiwa bermediler. Garaw görmänsoňlar, özözleri guýruklaryny ýamzyna gysyşyp, çekildiler. Bularyň seslerine
çagalar wüjürdeşip gaýtdylar. Ekabyrraklary tanamasalaram uzagrakdan
salam berdiler. Ulularyň daşarda gezip ýörenleri ellerini kölegeledişip
seretdiler.
Akmaral külbeleriniň sudury galmadyk ýerini zordan tapdy.
Daýysy onuň irde-giçde öwrülip geljegini bilen şekilli hiç kimi
sekdirmändir. Meýdança boş dur. Ilki oýurganyp Nabat daýzasy geldi. Ol
söweş lybasly, ýüzi-gözi ýele-güne gaýzygan Akmaraly tanamady. Özi
welin, owurtlary içine çöküp, ýüzüne-de ýakal düşüp, has garajürjenlenip,
hornalypdyr. Akmaral gözden uçarlan daýzasyna tanyşlyk berip,
salamlaşdy. Ol hemme beren ezýetlerini unudyp, onuň boýnundan
136
gujaklap, saklanybilmän, horkuldap aglady. Çaky ony horluk basypdyr.
Ejizläpdir. Süňňi erbetligi syzan Akmaral daýzasyna rehimi inip, ony
köşeşdirdi. Sähel mahaldan Yhat daýysynyň obasyny başgalanyna iki
ýyldan geçendigini bildi. Birmahalky dereksiz ýiten Akmaral atly ýetim
gyzjagazyň dolanyp gelenligi obanyň içine ýyldyrym çaltlygynda
ýaýrady.
Gökleňler bulary güler ýüz bilen garşyladylar. Derrew alty ganat ak
öýi dikdiler. Obada bu hili eşikleri bitin, bezemen, han öýüne çalymdaş
öý obada az-azdy.
Balkan ýürege salyp getiren iki dowarynyň biriniň şakga-şukga
damagyny çaldy. Gökleňler dagyň bölegi ýaly bu mähnet pyýada gözleri
dokunmak bilen seredýärdiler. Onuň sahykerdeligem eýýam olarda
buýsanç döretdi. Çar ýany başlary dumanlap duran daglar bilen gurşalan
oba garybrak görünse-de, adamlary Balkana ýarady. Ol ertesi beýleki
dowaryny öldürip sadaka berdi. Atly-ýaragly adama bu taýlarda awuň
bollugy bildirip dur. Ýeke Akmaraly eklemegiň gaýgysy ýok. Onuň üçin,
Balkan guşuň süýdünem tapar. Ýöne menlik şeýtanyň boýnuna. Iki-üç
günden: «Gözüň aýdyň! Ýurt gutly bolsun!» diýip gelýänler saýpallaşan
soň, Akmaral daýzasynyň öýünde kän eglenip geldi-de, ünjüli halda
şeýle diýdi:
—Daýym dirikä-de, oňşuk-okady ýabygorludy. Indi-hä, has
gaýralapdyr. Daýzamam gatybaş zenan däl.
Balkan sowal berdi:
—Näçe ogly bar?
—Üç.
—Olaryň ulusyna seň atyňy, ýaraglaryňy bereli. Men gysga
mütdetde ýarag ulanmagy, aw awlamagy öwredeýin. Huruşlary bolar,
gerek-ýarag zatlaryna çalşyp biler.
—Sen mamla. Muny ýola goýarys. Ýöne başga bir
gaýragoýulmasyz ýagdaý bar.
—Aýdyber-ä, men taýyn.
—Uly oglunyň deňi-taýy eýýam öýli-işikli bolupdyr.
Şony öýermeli.
—Nädip?
—Iki bugurçymyzy, Aýbölek gelnejemiň beren halysyny sataly.
Gowzunam karz alaly. Wah, Abanyň öküzleri örüde bolansoň, ätberip
gaýtdyk-da. Ýogsam-a, toýy sowmaga ýetse-de, ýeterdi.
137
—»Karz alaly» diýýäň. Bi ýerde men, hiç kimi tanamog-a?!
—Karzyňy üzjegiňi bilseler, beren tapylar.
—Bolýa.
—Wiý, ýogsa-da...
Akmaralyň ýüzüne gamgynlyk çaýyldy:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarhypelek - 10
  • Parts
  • Çarhypelek - 01
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2415
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 02
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 2350
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 03
    Total number of words is 3521
    Total number of unique words is 2284
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 04
    Total number of words is 3512
    Total number of unique words is 2331
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 05
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2323
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 06
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2318
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 07
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2321
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 08
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2393
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 09
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 2302
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 10
    Total number of words is 3569
    Total number of unique words is 2383
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 11
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2368
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 12
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2376
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 13
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 2399
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 14
    Total number of words is 3559
    Total number of unique words is 2280
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarhypelek - 15
    Total number of words is 2426
    Total number of unique words is 1736
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.