Latin

Ybraýymyň Gülşeni I - 06

Total number of words is 3661
Total number of unique words is 1900
29.1 of words are in the 2000 most common words
42.1 of words are in the 5000 most common words
49.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
biri-birleri bilen ylalaşyp, Mansury patyşalyk tagtynda
oturtdylar. Mansur Alptegini Buhara çagyranda, ol
Mansurdan howp edip, onuň huzuryna gelmedi, tersine
351-nji ýylda topalaň baýdagyny galgadyp, üç müň
atly aýratyn gulamlary bilen Horasandan Gazna tarap
ugrady hem-de ol welaýaty gylyç zarby bilen eýeläp,
özbaşdaklyk baýdagyny parlatdy. Horasan ülkesiniň
boşap galandygy baradaky habar Emir Mansura baryp
ýetende, ol ülkäniň häkimligini Abulhasan Muhammet
ibn Ybraýym Simjura bagyş etdi hem-de Alptegine
garşy iki gezek goşun ugratdy. Her gezekde hem ýeňiş
Alptegine ýar bolup, Mansuryň leşgeri ýeňlişe sezewar
boldy.
Ahmedylla Müstewfiniň rowaýat etmegine görä, ol
on bäş ýyllap döwletlilik we bagtyýarlyk bilen höküm
sürüpdir. Şol wagtyň dowamynda onuň goşunbaşysy
Söbüktegin hindiler bilen gazawat edip, ýeňişdir üstünlikler gazanypdyr. Alptegin 365-nji ýylda geçegçi
jahandan göç edende, ogly Abu Yshak Söbüktegin
100
bilen bilelikde Buhara tarap ugraýar1. Emir Mansur
Gaznanyň häkimligini Abu Yshaga bagyş edenden soň,
mülk we ýurt işleriniň serenjamyny etmek Emir
Söbükteginiň ygtyýaryna tabşyrylýar. Emma şondan
köp wagt geçmänkä, Abu Yshagyň ömri paýawlap,
dünýäden geçýär. Onsoň Gaznanyň han-begleri Emir
Söbükteginiň alnyndaky beýiklik we ululyk
alamatlaryny görüp, 367-nji ýylda ony özlerine häkim
belleýärler hem-de oňa Alpteginiň gyzyny nikalap berýärler. Emir Söbüktegin adyllyk we adalatlylyk
düşegini ýaýmakda tagalla baryny edip, zulumdyr
sütem esasyny çagşadýar. Emirleri, beglerdir hanlary
dürli-dürli hormatdyr mertebeler bilen ezizleýär.
Emma Jürjanynyň «Minhäç es-Suraç» atly
kitabynda şeýle getirilýär:
«Nasr Hajy ady bilen meşhur bolan bir bezirgen
Emir Söbüktegini Türküstandan getirip, Buharada
Alptegine satýar. Alptegin onuň alnynda parasatlylyk
we batyrgaýlyk alamatlaryny görüp, oňa hormat bilen
garap başlaýar. Ahyrynda-da Gaznada oňa özüniň
leşgeriniň emirler emiri derejesini bagyş edip, ony doly
ygtyýarly wekil edýär. Söbüktegin Ýezdigert
Şähriýaryň
neslindendir.
Ýezdigert
Osmanyň
döwründe Merw welaýatynda degirmende öldürilen
wagtynda onuň nesilleri we nebereleri Türküstana
düşýär. Türkler bilen garyşyp, iki-üç arkadan soň
1
Bu ýerde Alpteginiň ogly Abu Yshagyň Samanly hökümdary Mansur
ibn Abdylmälige boýun bolup, oňa tabyndygyny aňlatmak üçin Samanlylaryň
paýtagty bolan Buhara ugrandygy aýdylýar.
101
türkileşýärler. Onuň gelip çykyşy şeýledir: Emir
Söbüktegin ibn Jukan (Jowkan) ibn Garabeçkem ibn
Gyzyl Arslan ibn Garanaman ibn Piruz ibn ajamyň
patyşasy Ýezdigert».
Emir Söbüktegin häkimlik kürsüsinde ornaşandan
soň, Toga1 atly biri Bust galasyna häkim bolýar. Patur2
atly bir kişi Toga garşy duşmanlyk guşagyny guşanyp,
ony Bust galasyndan kowup çykarýar. Toga Emir Söbükteginiň dergähine penalanyp gelip: «Eger Emiriň
ýardamy bilen ýene-de Bust galasyna eýe bolsam,
hyzmatkärlik juluny egnime atyp, paç töläp, tutuş
ömrüme tabynlyk ýolundan gyşarmaýyn» diýip, arz
edýär. Emir Söbüktegin onuň haýyşyny kabul edip,
Busta leşger çekýär. Patury ýeňip, Togany maksadyna
gowşurýar. Emma ol eden wadalaryna geleňsizlik we
biperwaýlyk edip, oňa ähmiýet bermeýär. Emir
Söbüktegin onuň hereketlerindäki hiledir mekirlikleri
görüp, bir gün aw sährasynda gazap bilen wada eden
pajyny talap edýär. Toga gödeksi sözler bilen jogap
berip, gylyjyň dessesine el urup, Emir Söbükteginiň
1
Toga – bu at aslynda Togan bolup, manysy boýunça aw guşlarynyň
biriniň adydyr. Nasyreddin Söbüktegin bilen urşandan soň, Nasyreddin ony
we ýaranlaryny ýurtdan çykaryp kowýar. Bu barada «Taryhy Ýemini» atly
kitapda şeýle maglumat berilýär: «Ґlkäni ol biwepalaryň bozuklygyndan we
hapalygyndan päklediler. Bir sagadyň dowamynda ol sebitler halas edildi.
Togan bilen Baýtuz Kerman sebitlerine düşüp, şondan soň bu diýary hyýal
düýşünde hem görüp bilmediler».
2
Patur – bu ýerde säwlik gidipdir. Aslynda Baýtuz bolmaly. Baýtuz
Gaznalylaryň başky döwürlerinde orta çykan emirleriň biri. Ol Söbükteginiň
döwletiniň ilkibaşlarynda Bustuň häkimi Togany Bust galasyndan kowup
çykarýar. Baýtuzlar neberesi şondan gözbaş alýandyr.
102
elini ýaralaýar. Emir Söbüktegin hut şol ýaraly eli bilen
Toga gylyç urup, onuň işini bitirmek isleýär. Emma şol
wagt iki serkerdäniň ýaranlary biri-birleri bilen
garpyşyp, jeň-tozany asmana göterilýär. Toga pursat
tapyp, Kermaja tarap gaçýar. Bust galasy bolsa, Emir
Söbükteginiň ygtyýaryna geçýär. Ol diýarda Emir
Söbükteginiň durmuş ygtyýaryna geçen iň uly
bähbitleriň biri-de Abulfathyň1 özüniň hyzmatyna
gelmegidir. Onuň dürli sungatlarda, aýratyn hem
ýazuw we inşa2 sungatynda taýy ýokdy. Abulfath Paturyň kätibidi. Patur Bustdan çykarylandan soň, ol bir
ýerde gizlenipdi. Emir Söbüktegin onuň ahwalyndan
habar tapyp, höküm bilen ol şirin sözli danany öz
huzuryna çagyrdy hem-de onuň mynasyp kamatyny
dürli-dürli hormat-sylag halatlary bilen bezäp, hatpetek3 diwanynyň başlygy etdi. Ol tä Soltan Mahmyt
Gaznalynyň höküm süren döwrüniň başlaryna çenli şol
1
Abulfath – Aly ibn Muhammet ibn Hüseýin ibn Ýusup ibn Abdyleziz
Busty (Buharada ýa-da Uzkentde 400-401-nji ýyllarda aradan çykýar).
Gaznawylar döwründe arapça we parsça nama ýazýan meşhur kätipleriň we
şahyrlaryň biri. Ol IV hijri-kamary asyrynyň ahyrlarynda ýaşap geçýär. Ol
ilki Bustuň emiri Baýtuzyň hyzmatynda onuň kätibi bolýar. Söbüktegin
Baýtuzy ýeňenden soň, Söbükteginiň kätibi bolýar. Ol onuň ömrüniň
ahyrynda hem-de Mahmyt Gaznalynyň soltanlyk eden ilkinji döwürlerinde
baş kätip wezipesinde işleýär. Ahyrynda bir sebäp bilen soltan Mahmyt oňa
gaharlanýar. Abulfath Busty türk diýaryna gidip, şol aýraçylykda ýok bolup
gidýär. Awfy: «Meniň hut özüm onuň parsça we arapça iki diwanyny gözüm
bilen gördüm» diýip ýazýar.
2
Inşa – çeper we öwrümli jümleler ýazmak; çeper ýazuw.
3
Petek – gadym türkmen sözi bolup, hat, ýazuw, ýazgy, kitap diýen
manylary aňladýan «bitik» sözüniň üýtgän görnüşidir.
103
wezipäni ýerine ýetirdi. Şondan soň ondan ynjap,
Türküstana gitdi.
Emir Nasyreddin Söbüktegin Bust tarapdan arkaýyn
bolandan soň, ýöriş uýanyny Kusdara1 garşy öwürdi.
Garaşylmadyk pursatda ol ýere ýetip, onuň häkimini
ele salyp, özüniň nökerleriniň düzümine goşdy.
Şeýlelikde Kusdar hem onuň mülküne öwrüldi. Bu
ýeňişden soň Hindistan kapyrlaryna garşy gazawat
etmegi ýüregine düwüp, 367-nji hijri-kamary ýylynyň
ahyrlarynda Hint diýaryna ýüz öwürdi. Hindistanyň
birnäçe galasyny eýeläp, şol ýerlerde metjitler bina
etdi. Talaňçylyk we çapawullyk bilen örän köp oljalar
ele salyp, ýeňiş we üstünlik bilen ýene-de Gazna
dolandy.
Şol wagtlar Sirhintden tä Lamgana çenli we
Keşmirden tä Multana çenli bolan Lahor welaýaty
brahmanlardan bolan Çipal ibn Iştipalyň elindedi. Ol
şol döwürde yslam häkimleriniň hüjümlerini dep etmek
üçin Tehente2 galasynda bolýardy. Ol yslam söweşijileriniň öz ülkesine el uzadýandyklaryny görende,
örän howsala düşüp we ynjalyksyzlanyp, ol işiň
çäresini tapmaga girişdi. Leşgerlerini jemläp, dag sypat
piller bilen yslam ülkesine ugrady. Emir Nasyreddin
Söbüktegin hem leşgerini jemläp, Gaznadan hereket
1
Kusdar (Kuzdar) – Sistanyň, Mekranyň we Bustuň aralyklarynda
ýerleşen bir gadymy şäher. Ýakut Hamawynyň sözlerine görä, ol Bustdan
segsen parsah aradaşlykda bolupdyr. Bu şäher Gaznanyň sebitlerinden diýlip
hem hasaplanýar. Utby «Taryhy Ýeminide» ony Sint sebitlerinden diýip
belleýär.
2
Asyl nusgada şeýle. Ähtimal «Tehte» galasydyr.
104
edip, onuň garşysyna çykdy. Iki serdar serhetde, ýagny
Multan welaýatynyň soňky çäginde biri-biri bilen sataşdylar. Birnäçe günläp, üznüksiz söweşdiler. Şol
söweşlerde Soltan Mahmyt hem kakasynyň
ýanyndady. Ol entek juwandygyna ýetginjekdigine
garamazdan, şeýle bir batyrlyk we merdanalyk
görkezdi welin, garry pelegiň gözi ony görmekden
ýaňa gamaşypdy.
Garpyşyk birnäçe gün dowam etdi. Emma ýeňiji
bilen ýeňliji belli bolmady. Şonda Soltan Mahmyda:
«Çipalyň leşgergähiniň golaýynda bir suwly çeşme bar.
Heran-haçan oňa biraz mukdar nejasat we hapa zat
düşse, güýçli ýel, ýyldyrym, gök gümmürdisi we gazaply aýaz peýda bolýar» diýip, habar ýetirýärler.
Soltan Mahmydyň buýrugy bilen şol çeşmä az-kem
hapa zatlar oklaýarlar. Çeşmäniň şol häsiýeti şonda
doly suratda amala aşypdyr. Şobada bulut peýda bolup,
ýyldyrym çakyp, gök gümmürdäpdir. Röwşen gündizlik edil tüm garaňky gije ýaly bolupdyr. Howa şeýle bir
derejede sowapdyr welin, atdyr beýleki haýwanlaryň
köpüsi heläk bolupdyr. Hindileriň damarlaryndaky
ganlary doňup, hereket etmäge ýagdaýlary galmandyr.
Ählisi ahy-nala etmäge başlapdyrlar. Beýle ýagdaýy
gören Çipal Emir Nasyreddin Söbükteginiň ýanyna ilçi
iberip, sowgatdyr paç bermäge boýun bolýar hem-de:
«Eger Emir ýaraşyk baglaşsa, onuň hökümdir
permanyny öz mülkümde ýörgünli edeýin. Emiriň
huzuryna birnäçe dag sypat pil we başga-da birtopar
sowgatlar ibereýin» diýip, habar iberýär. Emir
105
Nasyreddin Söbüktegin kämil sahawatlylygyndan ýaňa
derrew Çipalyň haýyşyny kabul etmek isleýär. Emma
perzendi Soltan Mahmyt ony kabul etmekden boýun
towlaýar. Şol sebäpli-de ýaraşyk baglaşmak yza
çekdirilýär. Onsoň Çipal Soltan Mahmydyň gaşyna bir
dana ilçi iberip: «Hindileriň hususan hem rajputlaryň
nadanlyklary we yňdarmalyklary siziň nurly kalbyňyza
mälim däldir. Olaryň nadandygy we yňdarmalygy
şeýle bir derejede welin, gazaply we howply
pursatlarda ilki özlerinde bar bolan ähli zady, baýlyklaryny we nepis zatlarynyň baryny özleriniň
sygynýan hem-de ahyret derejelerine ösüp geçmegiň
sebäbi hasaplaýan otlaryna oklap ýakýarlar. Şondan
soňra ýene-de seredip görýärler, eger halas we azat
bolmak ýoly büs-bütin ýapyk bolsa, öz ýörelge we
kadalaryna amal edip, kenizlerini we dürlerini oda
oklaýarlar. Soňra özlerinde dünýe malyndan hiç bir zat
galmandyklaryny görenden soň, biri-birleri bilen
hoşlaşyp, tä ählisi gyrylýança duşman bilen şeýle bir
derejede gazaply jeň edýärler welin, olardan külden
başga hiç zat galmaýar. Häzir bolsa, iş şeýle bir derejä
baryp ýetdi welin, indi biz mejbury ýagdaýda öz
düzgündir ýörelgämize amal etmeli bolarys. Eger bähbit şunda bolsa, erk-ygtyýar özündedir, bolmasa-da,
ýaraşyk baglaşyp, biziň çäksiz minnetdarlygymyza
mynasyp bolsun» diýip, habar berýär. Soltan
Mahmytda hindileriň bu sözleriniň dogrudygyna hiç
bir şek-şübhe galmansoň, ýaraşyk baglaşmaga razy
bolýar hem-de: «Çipal müň-müň (million) dirhem
106
hem-de elli sany pil tabşyrmaly» diýlip, haýyş kabul
edilýär. Onsoň Çipal özüniň esasy kişilerinden birini
girewine goýup, musulmanlardan bir toparyny mal we
pil tabşyrmak üçin ýany bilen alyp gidýär. Emma
Lahora ýetenden soň, ähdini bozýar hem-de Emir
Nasyreddin Söbükteginiň iberen kişilerini tussag edip:
«Tä Emir girewine alyp galan meniň adamlarymy
goýberýänçä, men bulary goýbermerin» diýýär.
Aýdyşlaryna görä, ol döwürde hindilerde kada şeýle
bolupdyr, ýagny rajalaryň (patyşalaryň) mejlisi
wagtynda brahman danalarynyň bir topary olaryň sag
tarapynda, kiçi derejeliler bolsa çep tarapynda oturypdyrlar. Heran-haçan bir möhüm iş ýüze çykanda,
olar rajalara maslahat beripdirler. Olar Çipalyň şunuň
ýaly nälaýyk iş etmek isleýändigini görenlerinde
üýşüp, rajanyň huzurynda: «Öňden görüjilik we
soňuny oýlamaklyk ýörelgesine laýyklykda, seniň bu
ähdi bozmaklygyň şumlugyndan ýaňa gürrüňsiz
betbagtlyk bu diýara atyny çapdyryp geler we biziň
ömrümizi kül eder. Sen gowusy uly-kiçimiziň
ýüregimize ölçegsiz howp salan bu türkmen bilen
söweşmän, kabul edilen zatlary iberip, halky hem-de
özüňi aman-esenlik sallançagynda hüwdüle» diýip, arz
edýärdiler. Emma betbagtçylyk möhleti gelip ýeten
Çipal bu maslahaty kabul etmeýär.
Emir Nasyreddin Söbüktegin bu ýagdaýdan habarly
bolan badyna ar almak maksady bilen joşan we daşan
derýa kimin möwç urup, agyr leşger bilen Hindistana
tarap ugraýar. Çipal hem beýleki rajalardan kömek
107
sorap, agyr leşger jemlemek bilen ony garşylaýar.
Aýdyşlaryna görä, şol ýyl ähli rajalar oňa medet
bermegi özleriniň diri galmaklarynyň özeni hasaplap,
oňa leşgerdir zer ibermekde hiç hili kemlik
etmändirler. Hususan hem, Deliniň, Ejmiriň, Kälenjeriň we Kunnujyň rajalary özüniň saýlantgy leşgerini
köp hazynalar bilen Penjaba ugradypdyrlar.
Gepiň keltesi, Çipal ýüz müň atlynyň we sansajaksyz pyýada leşgeriň özüniň baýdagynyň astynda
jemlenendigini görende gaýduwsyzlanyp, yslam
leşgerine garşy ýola rowana bolýar. Iki goşun biribirlerine ýakynlaşanlarynda, Emir Nasyreddin Söbüktegin Çipalyň leşgeriniň sanyny we ýagdaýyny
takyklamak üçin bir dagyň üstüne çykyp, duşman
leşgerini synlaýar. Görse, duşman leşgeri uç-gyraksyz
deňiz ýaly soňsuz, garynjadyr çekirtge ýaly sansyz hem
köp eken. Emma ol özüni goýunlaryň köplüginden
çekinmeýän bir gassap we durnalaryň hataryndan
eýmenmeýän bir şuňkar hökmünde saýyp, leşgeriň
serkerdelerini ýanyna çagyrýar hem-de olaryň hersiniň
özüne laýyklykda göwnüni awlaýar. Jyhat hem jeň
etmäge çagyryp we ündäp: «Maslahat şeýle, nobat
boýunça bäş ýüz sany söweşjeň esger söweşe ugrar.
Olar ýadanlarynda, dynçlaryny alyp duran beýleki bir
bäş ýüz esger duşmanyň garşysyna çykar» diýip, görkezme berýär.
Gepiň gysgasy, yslam goşuny ýokarda aýdylan
ýörelgä laýyklykda jeň edip, ýagdaýy şeýle bir derejä
ýetirýärler welin, sanlarynyň ummasyzdygyna
108
garamazdan, kapyr goşunynda ejizlik alamatlary peýda
bolup ugraýar. Şol pursatda hem yslam goragçylary
agzybirlik bilen toplanyşyp hüjüm edip, sansyz
kapyrlary gyrýarlar. Duşmanyň gylyçdan sypanlary
gaçmaga ýüz urýar. Musulmanlar olary tä Nilap
derýasynyň kenaryna çenli kowalap, gyrmakda we
öldürmekde kemini-kösüni goýman, örän köp oljalar
alýarlar. Şeýlelikde, Lamgan we Peşawer welaýaty, tä
Nilabyň kenaryna çenli ýerler musulmanlaryň
eýeçiligine geçýär. Ol welaýatlarda yslam şygarlary
rowaç tapyp, Emir Söbükteginiň tanymal adyna hutba
okap, zikge kakýarlar. Bu ýeňişden soň Emir
Nasyreddin Söbüktegin özüniň emirleriniň birini iki
müň atly bilen Peşawerde goýup, ol sebitleriň çarwa
ýaşaýjylary bolan owgan we halaç kowumyna öz
leşgeriniň içinden orun berip, özi Gazna ugraýar.
Şol döwürlerde Emir Nuh Samanly Abu Nasr
Parsyny Emir Nasyreddin Söbükteginiň ýanyna iberip,
Faýygyň gabahat işlerini oňa duýdurmagy we kömek
soramagy tabşyrýar. Emir Nasyreddin Söbüktegin Samanly neberesiniň bulam-bujarlygyndan habar
tapanda, onuň ar-namys damary herekete gelip, çaltlyk
bilen Mawerannahra tarap ugraýar.
Emir Nuh Sarahs welaýatynda onuň öňünden
çykyp, ony garşylapdyr. Emir Nasyreddin Söbüktegin
oňa duşmazyndan öň: «Meni garrap gojalandygym
sebäpli, atdan düşmeklik we üzeňňini öpmeklik
dessuryndan boşatsynlar» diýip, haýyş etdi. Emir Nuh
onuň haýyşyny kabul etdi. Emma Emir Nasyreddin
109
Söbükteginiň gözi Emir Nuhuň ýüzüne düşende, onuň
patyşalyk haýbaty onuň ygtyýar uýanyny şeýle bir
derejede elinden kakyp aldy welin, ol biygtyýar
atyndan düşüp, onuň üzeňňisinden ogşady. Emir Nuh
hem ony uly hormatdyr sarpa bilen gujaklady. Ol iki
bagtyýaryň duşuşygyndan soň köňüllere rahatlyk ýetip,
uly-kiçiniň kalbynda şatlyk gülleri açyldy. Aralarynda
şeýle bir gyzgyn söhbet boldy welin, hiç bir zamanda
onuň ýaly söhbet bolmandy.
Gepiň keltesi, söhbetdeşlikden we iýlip-içilenden
soň, ýurt işlerini düzgünleşdirmek hem-de ýerliksiz
wagt peýda bolan garşydaşlary dep etmek barada
maslahatlaşylyp: «Emir Nasyreddin Söbüktegin Gazna
gidip, goşuna ýardam bermekde we üpjün etmekde tagalla we yhlas etmeli» diýlen karara gelindi.
Emir Nuh Emir Nasyreddin Söbüktegini, onuň
perzentlerini we ýaranlaryny patyşalara laýyk
gymmatbaha halatlar, şalara laýyk hezzet-hormatlar
edip, dolanmaga rugsat berdi. Özi bolsa Buhara
dolanyp, leşger düzmäge girişdi.
Faýyk Emir Abu Aly Simjurynyň ýanynda
penalanypdy. Abu Aly Simjury emir Nuh bilen emir
Nasyreddiniň gelen karary barada habarly bolanda,
haýranlyk tüssesi onuň gözüni gapyp, aňyny
bulaşdyrdy. Onsoň ol özüniň saýlantgy geňeşdarlary
bilen bu babatda: «Eger bir hadysa ýüze çykaýsa,
haýsy welaýata gitmeli, haýsy güýçli kişä
panalanmaly»
diýip,
maslahat
etdi.
Ahyry:
«Fahreddöwle Deýlemli bilen dostluk-doganlyk ýoluny
110
açyp,
onuň
dostlugyny
mäkäm
ýapyşalga
hasaplamaly» diýen netijä geldiler. Onsoň Abu Aly
Simjury Japar Zülkarneýni Jürjana ilçi edip belläp, ony
Horasanyň we Türküstanyň Fahreddöwle Deýlemlä we
onuň weziri Sahyp Ybada ýarajak nepis zatlaryndan
mümkin bolan zatlar bilen Jürjana iberdi hem-de olar
bilen dostluk we doganlyk esasyny berkitdi. Olaryň
arasynda baryş-geliş gapylary giňden açyldy.
Şol wagtda Emir Nasyreddin Söbüktegin Balha
gelip ýetdi. Emir Nuh Samanly Buharadan hereket
edip, oňa birleşdi. Faýyk bilen Emir Abu Aly Simjury
olaryň hereketinden habar tapanlarynda, agyr leşger
hem-de Fahreddöwle Deýlemli tarapyndan iki müň atly
bilen ýardama gelen Dara ibn Şemsulmagaly we Kabus
ibn Wuşmagir bilen bilelikde söweşe taýýar bolup,
Hyratdan daşary çykdylar. Emir Nasyreddin Söbüktegin bir uly sährany saýlap, sag we çep ganatlary
düzetdi. Özi bolsa perzendi Soltan Mahmyt we Emir
Nuh Samanly bilen bilelikde merkezde durdy. Iki
goşun biri-birine ýetende, Abu Aly Simjurynyň sag we
çep ganaty Emir Nuh Samanlynyň sag we çep
ganatyndan üstün gelip, olary yza serpikdirdi. Işiň
elden gitmegine sähelçe galypdy. Birden Dara ibn
Kabus Emir Abu Aly Simjurynyň leşgeriniň
merkezinden çykyp hüjüme geçdi hem-de iki toparyň
ortasyna ýetende başyny aşak egip, Emir Nuh
Samanlynyň hyzmatyna geldi. Soňra ondan rugsat
alyp, Horasan goşunyna garşy ugrady. Emir Nuh
Samanla garşy baş göteren emirler we ähli esgerler:
111
«Daranyň bize biwepalyk etmegi köp sanly kişileriň
ylalaşygy bolmazdan mümkin däldir» diýen pikir bilen
ikigöwünli bolup, haýran bolup durdular. Emir
Nasyreddin Söbüktegin garşydaşlarynyň hataryndaky
gowşaklyk we bulaşyklyk alamatlaryny görüp,
gaýduwsyz batyrlaryň bir topary bilen hüjüme geçdi.
Olar bu haýbatly hüjümden howsala düşüp, gaçyp
ugradylar. Soltan Mahmyt gaçýanlary kowalap, bir
toparyny gyryp, köpüsini ýesir aldy. Özüniň nygmat
berijisine garşy duşmanlyk we söweş baýdagyny
parladan ol bidöwletler özlerinden şeýle bir köp olja,
ýarag we baýlyk galdyryp gaçdylar welin, eger olar
şolaryň ondan biriniň ondan birini özleriniň arnamyslarynyň
galkany
edenlerindedi,
döwrüň
betbagtçylygyndan aman galardylar.
Faýyk bilen Emir Abu Aly Simjury Nişapura gaçyp
gitdiler. Emir Nuh Samanly Emir Nasyreddin
Söbüktegini «Nasyreddin» lakamyny bermek bilen
götergiläp, adyny arşa çykardy. Onuň ogly Soltan
Mahmydy «Seýfeddöwle» lakamy bilen mübärekledi
hem-de Abu Aly Simjura tabşyrylan emirler emiri
derejesini hem Seýfeddöwlä tabşyrdy. Soňra özi
myradyna ýetip, hökmürowanlyk bilen Buhara tarap
ugrady.
Emir Nasyreddin Söbüktegin bilen Seýfeddöwle
Soltan Mahmyt belent dabara bilen Nişapura tarap
ugranda, Faýyk bilen Emir Abu Aly Simjury howsala
düşüp, Jürjana tarap gaçdylar we Fahreddöwle Deýlemlä penalandylar.
112
Emir Nasyreddin Söbüktegin Gazna gaýdyp,
Seýfeddöwle Soltan Mahmydyň bir özi Nişapurda
galanda, Emir Abu Aly Simjury bilen Faýyk pursaty
ganymat bilip, Nişapura ugradylar. Olar Emir Nuh
Samanly bilen Emir Nasyreddin Söbükteginden kömek
gelip ýetmezinden öň, Seýfeddöwle Soltan Mahmyt
bilen gazaply söweşler edip, ondan üstün çykdylar.
Baýlyklary we esbap-serişdeleri tutuşlygyna basyp
aldylar. Emir Nasyreddin Söbüktegin bu aýylganç
habary eşiden badyna söweşe we jeňe taýyn leşgerini
jemläp, Nişapura ugrady. Tus sebitlerinde Emir Abu
Aly bilen Faýyga sataşyp, söweşe girişdi. Söweş
şuglasy ýanyp başlan wagtynda Emir Abu Aly Simjurynyň leşgeriniň yzyndan bir çaň peýda boldy. Çaňgubar sowulşandan soň, Seýfeddöwle Soltan Mahmyt
sap bozujy merdanlaryň uly topary bilen göze ildi.
Emir Abu Aly leşgeriniň iki ganatyny hem merkez
bilen sepleşdirip, Faýyk bilen bilelikde Emir
Nasyreddin Söbükteginiň merkezine hüjüm etmekden
başga çäre tapmady. Emir Nasyreddin Söbüktegin
aýagyny mäkäm diräp, ol hüjümi yzyna serpikdirdi.
Şol pursatda Seýfeddöwle Soltan Mahmyt gelip ýetip,
edil gahar-gazaply şir kimin duşmanlaryň üstüne
çozup, olary derbi-dagyn etdi. Emir Abu Aly Simjury
bilen Faýyk janlaryny sag-salamat gutaryp, Kelat
galasyna baryp ýetdiler. Bu ýeňişden soň Emir
Nasyreddin Söbüktegin göwün islegine laýyklykda,
hökümdarlyk kürsüsinde mäkäm ornaşdy. Ahyrynda
ömri elli alty ýaşa ýetende, 387-nji ýylyň Meret aýynda
113
Balh sebitlerinde Termiz diýen ýerde bedenleri weýran
ediji perişde onuň üstüne goşa aty bilen çapawullyk
etdi. Onuň jesedini tagtyrowana (kejebä) ýükläp,
Gazna getirdiler. Ol ýigrimi ýyllap hökümdarlyk etdi.
Ondan soň onuň perzentlerinden on dört kişi nobatmanobat soltanlyk jylawuny ellerinde saklap, Lahory we
şol sebitleri eýeçiliginde sakladylar.
Emir Nasyreddin Söbükteginiň weziri Abulapbas
Fazl ibn Ahmet Esferaýynydy. Ol ýurt işlerini
gysymyna gysmakda, goşundyr raýatyň möhüm
işleriniň serenjamyny düzmekde taýsyzdy.
«Jamygul hekaýatda» şeýle getirilýär:
Ilkibaşlarda
Emir
Nasyreddin
Söbüktegin
Nişapurda Alpteginiň hyzmatynda bolýarka, onuň bir
atdan başga hiç zady ýokdy. Tutuş günläp, sähra
gidýärdi we aw awlaýardy. Bir gün sährada aýlanyp
ýörkä, birden owlajygy bilen otlap ýören bir keýige
gözi ilýär. At çapdyryp, keýigiň owlajygyny tutýar
hem-de onuň aýaklaryny daňyp, keseligine eýeriň
öňüne alýar-da, şähere tarap ugraýar. Birazrak ýol
geçenden soň, yzyna ser salýar. Görse, ene keýik
yzyndan gelýär hem-de howsala düşüp sandyraýar.
Emir Nasyreddin Söbükteginiň oňa ýüregi awap,
rehimi inip, keýigiň owlagyny boşadyp goýberýär.
Keýik owlagynyň boşadylmagyndan hoşwagt bolup,
sähra tarap ýüzlenýär. Gidip barşyna ol käte-käte yzyna
bakyp, Emir Nasyreddin Söbüktegine seredýärdi.
Şeýdip, keýik we onuň owlajygy ömrüniň ahyryna
çenli şadyýanlykda ýaşady.
114
Gepiň gysgasy, şol agşam Emir Nasyreddin
Söbüktegin hezreti penakär pygamberi düýşünde gördi.
Ol düýşünde oňa: «Eý, Emir Nasyreddin Söbüktegin!
Bir ejiz we haly perişan janawere eden mähribanlygyň
we merhemetiň Beýik Biribaryň dergähinde kabul
bolup, Perwerdigärlik diwanynda seniň adyňa
soltanlyk permany ýazyldy. Sen tutuş halaýyk babatda
hem hut şu ýörelgäni tutmalysyň. Hiç bir ýagdaýda
hem mähremligi elden bermeli dälsiň. Çünki
bagtyýarlygyň sermaýasy (özeni) hut şondadyr» diýip
aýdýar.
«Maasyryl muluk» kitabynda şeýle getirilýär:
Soltan Mahmyt Gazy juwanlyk döwründe, heniz
atasynyň merhemet we enaýat saýasy astynda aýşyeşret we hökmürowanlyk bilen ömür sürýärkä,
Gaznada jennet görnüşli bir bossanlygyň we örän
bezegli bir ymaratyň gurluşygyna girişýär. Ahyry ol
göwün açyjy bossanlyk we göwün göteriji bina tamamlanandan soň, uly bir toý tutup, beýik mertebeli
atasyny hem-de tanymal döwlet sütünlerini şol baga
çagyrýar. Şonda Emir Nasyreddin Söbüktegin:
– Eý, perzent! Bu bag bilen bu ymarat örän ajaýyp
we göwne ýaramly bolupdyr. Emma bu nesilşalygyň
her bir hyzmatkäri hem şunuň ýaly bir bagy gurup
biler. Soltanlaryň ahwalyna laýyk zat şudur: soltanlar
özgeleriň bina etmekden ejiz geljek ymaratyny ýa-da
dynç alyş bagyny gurmalydyr – diýdi.
Mahmyt hyzmat topragyny öpüp, tagzym edip:
– Ol nähili zat? – diýip sorady.
115
Emir Nasyreddin Söbüktegin:
– Danalaryň we bilimdarlaryň göwünlerini ymarat
edip, olaryň kalplarynda haýyr-yhsan nahalyny ekgin,
şeýdibem baky bagtyýarlyk miwesini ýygyp hem-de
özüňiň ýagşy adyňy tä kyýamata çenli durmuş sahypasynyň ýüzüne zer bilen ýazyp galdyrgyl – diýdi.
Nyzamy Aruzy Samarkandy şeýle ýazýar:
Mahmydyň bina eden belent-belent köşkleri,
Belentliginden ýaňa atdy asmana haýbat.
Häzir olaň baryndan galmady birje kerpiç,
Unsurynyň binasy baky galdy, atma-at.
«Ýemininiň terjimesinde» şeýle ýazylypdyr:
Emir Nasyreddin Söbüktegin ölüm hassalygyndan
birnäçe gün öň söhbetdeşlik wagtynda Şyh Abulfath
Busta:
– Biz inen keselleri we ýokaşan dertleri bejermekde
edil goýunlar ýalydyrys. Çünki eýesi ilkinji nobatda
onuň ýüňüni gyrkmak üçin ýere ýykyp, aýaklaryny
mäkäm daňýar. Goýun janawer şonda endik edilmedik
ýagdaýy we öwrenişmedik ahwalyny görüp, özünden
umydyny üzüp, köňlüni ölüme baglaýar. Ahyry ol
adam öz işini dynyp, goýny boşadyp goýberende,
goýun janawer aramlyk tapyp şatlanýar. Ikinji gezek
hem eýesiniň eline düşende, onuň ahwaly gorkydyr
umydyň arasynda bolýar. Ýene-de halas bolandan soň
bu ýagdaý bilen öwrenişýär hem-de ony bolmaly
ýagdaý hökmünde kabul edýär. Üçünji nobatda, gassap
116
ony soýmak maksady bilen ýere ýykanda, asla gorky
we howp etmän, öňküleri ýaly boljagyna ynanýar.
Şeýdibem bihabarlykda onuň bokurdagy gahar tygy
bilen kesilýär we şirin jany ýokluk ýeline sowrulýar.
Biz hem dürli keselleriň, betbagtlyklaryň we dertleriň
öňünde ýaşaýyş umydy bilen aldanýarys we
şatlanýarys. Ölümden gapyl galyp, ömür sürýäris,
ýaşaýarys. Birdenem kaza kemendi boýnumyza düşüp,
ajal bendi mäkämleşýär – diýipdir.
Aýdyşlaryna görä, onuň şu aýdan tymsaly bilen
onuň ölüminiň arasy dört günden artyk bolmandyr.
Emir Ysmaýyl ibn emir Nasyreddin Söbükteginiň
beýany
Emir Nasyreddin Söbüktegin ahyret saparyna azm
edende, Seýfeddöwle Soltan Mahmyt Nişapurdady.
Şonuň üçin onuň kiçi inisi Emir Ysmaýyl atasynyň
wesýeti esasynda yslamyň gupbasy Balhda soltanlyk
tagtyna çykdy. Kalplary özüne çekmek we göwünleri
awlamak babatda köp tagallalar edip, atasynyň
hazynalarynyň gapylaryny giňden açdy. Esgerlere köp
zer bagyşlap, göwünlerini awlamakda hiç bir zadyň
kemini-kössüni goýmady. Emma oňa garamazdan,
ynsapsyz emirler hem-de goşunlar şol öňküsi deýin,
tamakinçilik boýunlaryny uzadyp, ýerliksiz talaplar
edýärdiler. Seýfeddöwle Soltan Mahmyt Nişapurda bu
habarlary eşiden badyna, Emir Ysmaýyla ýasnama
ýazyp, Abulhasan Hamawy bilen doganynyň gaşyna
117
iberdi hem-de: «Biziň puşdy-penahymyz bolan Emir
Nasyreddin Söbüktegin bu dünýäden göç edenden soň,
maňa bu dünýäde senden gadyrly hiç kim ýok. Sen
meniň görejim derejesindesiň. Sen her näme arzuw
edýän bolsaň, gaýgyrmam bolmaz. Emma uly ýaşyň,
döwrüň tejribesinden we soltanlyk işleriniň
inçeliklerinden habarly bolmaklygyň, mülküň berk
bolmagyna hem-de döwletiň dowam etmegine örän uly
täsiri bardyr. Eger şu sypatlar seniň durkuňda bar
bolanlygyndady, men seniň soltanlygyňa hemmeden
beter razy bolardym. Bilgin, atam aranyň uzaklygy we
ol ýerleriň goragly galmagy üçin seni mirasdüşer belläpdi. Häzir maslahat şeýle, ynsap we akyl ýüzünden
aň etgin hem-de hakykaty ýalňyşlykdan seljergin.
Atamyzdan galan zatlaryň baryny şerigata laýyklykda
bölgün. Bagtyýarlyk güneşiniň gündogary we döwlet
öýjüginiň dörän ýeri bolan Gaznany maňa ber. Men
Balh welaýatyny garşydaşlardan we bulambujarlyklardan arassalap, tutuş Horasan welaýatyny
saňa bagyş ederin» diýip, habar gönderdi. Emir
Ysmaýyl bu mährem sözleri aň gulagy bilen diňlemän,
aýagyny mäkäm diräp, oňa garşy çykdy. Seýfeddöwle
Mahmyt «Iň soňky em ot basmakdyr» diýlişi ýaly,
doganyny ýok etmekden gaýry çäre görmedi. Onsoň
agasy (kakasynyň dogany) Mugyzzylhaky we öz
dogany Nasyreddin ibn Emir Nasyreddin Söbüktegini
özi bilen birleşdirip, Nişapurdan Gazna tarap ýöriş
baýdagyny parlatdy. Emir Ysmaýyl hem Balhdan
çykyp, şol tarapa ugrady. Iki leşger biri-birlerine gelip
118
ýetdiler. Seýfeddöwle Mahmyt Emir Ysmaýyl gapmagarşylykly ýagdaýdan ýüz öwrüp, ylalaşyk gapylaryny
giňden açar ýaly yhlas bilen köp tagallalar etdi. Emma
hiç hili nepi degmedi. Bialaç leşgere buýruk berip, saplar düzetdi. Emir Ysmaýyl hem özüniň ýaranlary bilen
gelip, öz goşunynyň ganatlaryny we merkezini dag
ýaly piller bilen berkitdi. Şondan soň iki topar gylyçlaryny gynlaryndan sogrup, şeýle bir gyrgynçylyk edip,
«yhlas» görkezdiler welin, demir ýürekli gylyçlar
söweş mertleriniň ahy-nalasyndan ýaňa gan-ýaş dökdi.
Ahyrynda merkezde orun tutan Seýfeddöwle
Mahmydyň gazaply hüjüminden Ysmaýylyň leşgeriniň
sütünleri sandyrap, gaçmaga ýüz urdy. Emir Ysmaýyl
baryp, Gazna şäherinde ornaşdy we gabaldy.
Seýfeddöwle Mahmyt ony ähdi-peýmanlar bilen
galadan çykaryp, ondan hazynalaryň açarlaryny aldy.
Soňra iş ýüzünde emeldarlar we ynamdar kişiler belläp,
özi Balha ugrady. Birnäçe gün geçipdi. Emir Ysmaýyl
hem doganynyň ýanynda gezip ýördi. Seýfeddöwle
Mahmyt bir gün şatlyk mejlisleriniň birinde açyk
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ybraýymyň Gülşeni I - 07
  • Parts
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 01
    Total number of words is 3452
    Total number of unique words is 2028
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    35.0 of words are in the 5000 most common words
    41.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 02
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 1904
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 03
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 1763
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 04
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 1825
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 05
    Total number of words is 3606
    Total number of unique words is 1875
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    37.8 of words are in the 5000 most common words
    44.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 06
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 1900
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 07
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 1924
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 08
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1910
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 09
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 1861
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 10
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1884
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 11
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 1862
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 12
    Total number of words is 3720
    Total number of unique words is 1745
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 13
    Total number of words is 3730
    Total number of unique words is 1718
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 14
    Total number of words is 2668
    Total number of unique words is 1377
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.