Latin

Ybraýymyň Gülşeni I - 05

Total number of words is 3606
Total number of unique words is 1875
25.4 of words are in the 2000 most common words
37.8 of words are in the 5000 most common words
44.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
wagtlap, Malwa mülki harap bolup, bir adalatly häkime
duş bolmady. Ahyrynda Behuç atly bir raja hökümdarlyk uýanyny eline aldy.
Raja Behujyň hökümdarlygynyň beýany
Raja Behuç hem puwar kowumyndandy. Ol
adalatda we sahawatda Bekrmajyta eýerdi. Gijelerine
keşbini üýtgedip, şähere aýlanardy. Pakyr-pukaralaryň
we misginleriň hallaryndan habar alardy. Hemişe ähli
güýç-gaýratyny abadançylyga hem-de bendeleriň
(ybadatçylaryň) hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga sarp
ederdi. Göwhergun we Bijager şäherleri, Hindiýe
şäherçesi onuň döwründe bina edildi. Zenanlary
haremhanasyna ýygnamakda açgözdi, aýallara aşa
hyjuwlydy. Ýylda iki gezek uly baýramçylyk gurnaýardy. Hindistanyň daş-töwereginden köp-köp sazandalar
79
we aýdyjy-bagşylar onuň dergähine gelýärdi. Bu
meýlis we aýşy-eşret tä kyrk güne çenli dowam edip,
tans etmekden, aýdym aýtmakdan, şatlanmakdan,
şagalaň etmekden başga hiç bir iş bolmazdy. Şol
günlerde ähli gatlaklara tagam, şerap we pan1
bermeklik iş alyp baryjynyň boýnuna ýüklenendi.
Dolanan wagty her haýsyna bir halat we on mysgal
tylla berlerdi.
Behuç elli ýyl patyşalyk edenden soň, barlyk
goşuny düwüp, ýokluk ýoluna ýorgalady.
Şol döwürde Basdyýu atly bir kişi Kunnuç tagtynda
oturyp, edil Bengala ýaly Kunnuç raýlarynyň
ygtyýaryndan çykan Bihär mülküni ýene-de eýeläp,
azat etdi. Ol örän şan-şöhratlydy, kuwwatlydy. Onuň
döwründe Bähram Gur täjir lybasyny geýip, Hint
memleketini barlamak hem-de hindileriň halýagdaýlaryny we ýol-ýörelgelerini öwrenmek maksady
bilen rajalar öýi Kunnuja gelýär.
Aýdyşlaryna görä, şol döwürde Kunnuç sebitlerinde
howply we wagşy bir pil peýda bolupdyr. Onuň
hereket edip ýören kişileriň bir toparyny basalap, heläk
etmedik güni bolmandyr. Basdyýu ençeme gezek ony
dep etmek üçin atlansa-da, hiç bir iş bitirip bilmän
dolanypdy. Taňrynyň takdyry bilen Bähram Guruň
Kunnuç şäherine giren güni ol pil şäheriň etegine gelip,
adamlaryň arasynda gulgula we howsala döredipdir.
Raja şäheriň derwezelerini ýapmaklaryny buýrupdyr.
1
Pan – burça meňzeş ösümlik, onuň ýapraklary çeýnelýär we ol işdäňi
açýar. Esasan hem Hindistanda giňden ulanylýar.
80
Bähramyň ýeke özi ol pili dep etmek üçin daşary
çykyp, bir peýkam bilen ony heläk edipdir. Tomaşa
etmek üçin şäherden çykan, şäher halkynyň ähli beýigipesi onuň öňünde baş egipdirler hem-de «berekella,
aperin» owazlaryny mawy pelegiň gulaklaryna
ýetiripdirler. Basdyýu bu habary eşiden badyna
Bähramy huzuryna çagyrýar. Bähram rajanyň ýanyna
gelende, rajanyň geçen ýyl Bähram Gura peşgeş eltip
beren ýakyn kişileriniň biri ony tanap, onuň kimligini
rajanyň gulagyna ýetirýär. Raja tagtyndan düşüp,
Bähramyň gaşyna barýar. Soňra oňa gyzyny berip,
ýokary hormat-sylag bilen ýola salýar. Ol tutuş ömrüne
hem her ýyl sowgat-serpaýlar iberip durupdyr.
Ol ýetmiş ýyl hökümdarlyk edenden soň dünýäden
ötüpdir. Kalepi1 şäherini we galasyny şol raja
esaslandyrypdyr.
Ondan otuz iki ogul galypdy. Doganlaryň arasynda
on ýyllap tagt üstünde dawa bolup, gije-gündiz uruşdyr
jeň bilen geçipdir. Ahyrynda Basdyýunyň goşunbaşysy
bolan Ramdiw atly bir kişi goşun serdarlary bilen
ylalaşyp, birleşip, paýtagt Kunnujy eýeläpdir hem-de
belent mertebeli raja bolupdyr.
Ramdiw Rathuryň rajalygynyň we hökümdarlygynyň
beýany
1
Kalepi – Demirgazyk Hindistanda bir şäher. Ol Ekber şanyň döwründe
uly we abadan şäher bolupdyr.
81
Ramdiw rathur kowumyndandy. Ol örän batyr,
gaýduwsyz we akylly kişidi. Ol ilki özdiýenli, başbozar
häsiýetli, serdarlary wagtyň geçmegi bilen ýuwaşýuwaşdan öňünden aýryp taşlady hem-de ülkäni
hanlyk pitnelerinden doly saplap, hatyrjem boldy. Şondan soň üpjün goşun bilen Marwara tarap ugrady. Ol
welaýaty keçhowaha taýpasynyň eýeçiliginden çykaryp
alyp, öz kowumyny – rathurlary ol ýerde ornaşdyrdy.
Şol seneden bäri ol kowum şol welaýatda mesgen
tutdular.
Ramdiw keçhowaha kowumyny ol ýerden göçürip,
Ruhtas galasynyň töwereklerinde ornaşdyrdy. Ol
kowumyň serdarlarynyň gyzlaryna bolsa, öz
haremhanasyndan jaý berdi. Şondan soň Lekehnutynyň
üstüne ýöriş edip, ol ýeri eýeledi hem-de ony öz inisine
(doganynyň ogluna) berdi. Soňra san-sajaksyz oljalar
ele salyp, üç ýyldan soň Kunnuja dolandy. Ol ýerde iki
ýyl ornaşyp, Malwa tarap goşun çekdi hem-de ony hem
özüniň diwan eýeçiligine geçirdi. Köp sanly obalar we
şäherçeler bina etdi. Nerur galasyny täzeden bejerdi
hem-de rathur kowumyndan birini ol ýeriň häkimi edip
belledi. Bijangeriň raýyndan gyzyny gelinlige sorady.
Nobat boýunça memleketiniň hökümet uýanyny elinde
saklap oturan Şiwraý Ramdiwiň şan-şöhratyndan we
haýbatyndan gorkup, gyzyny mynasyp şaý-sepleri
bilen bilelikde onuň gaşyna ugratdy. Ramdiw iki
ýyllap, Kündwanada1 bolup, köp sanly uly mülkdarlary
1
Asyl nusgada: «Kündwara».
82
öldürdi. Soňra Kunnuja dolanyp, ýedi ýyllap, aýşyeşrete meşgul boldy. Ondan soň Sewälik daglaryna
gelip, ol sebitleriň ähli raýlaryny paç tölemäge mejbur
etdi. Şol daglykda esasylaryň biri bolan hem-de iki
müň ýyla golaý wagt bäri ata-babalary bu mülküň
häkimi bolan Kemaýunyň rajasy ony garşylamaga
çykdy. Ertirden tä agşama çenli söweş meýdany jeň
bilen gyzyp, iki tarapyň batyrlarynyň köpüsiniň jany
söweş ornunda köýdi. Ahyrynda ýeňiş we üstünlik
şemaly Ramdiwiň ykbal baýdagynyň üstünden öwsüp,
ony ýeňişli pasyrdatdy. Kemaýunyň rajasy baýlygyny
we pillerini taşlap, dagda penalandy. Soňra Ramdiw
onuň gyzyny hem-de köp sanly sowgat-serpaýlar alyp,
mülki ýene-de onuň özüne tabşyrdy we özi ýöriş
uýanyny Nigerkut daglygyna öwürdi. Ol welaýaty hem
talaň sübsesi bilen süpürip barşyna, tä Henkut Pedeni
diýlip atlandyrylýan bir ýere ýetýänçä gitdi. Şondan
soň ýöriş uýanyny çekip, Nigerkut galasynyň
sebitlerinde ýerleşýän Derkä buthanasynyň hormatyna
öňe gitmedi. Adam iberip, ol ýeriň rajasyny huzuryna
çagyrdy. Ol raja onuň hyzmatyna baryp-barmazlyk
pikirine çümüp, alada galdy. Ahyrynda brahmanlar ara
düşüp: «Ramdiw buthanany zyýarat etmäge gelmeli,
raja hem şol ýerde onuň hyzmatyna barmaly» diýip,
karar etdiler. Soň şol karar edilişi ýaly biri-birini
gördüler.
Ramdiw buthananyň hadymlaryna örän köp zer,
altyn, kümüş berip, Nigerkutyň rajasynyň gyzyny ogly
üçin diledi. Soňra Jemu galasyna tarap ýola rowana
83
boldy. Jemunyň rajasy goşunynyň köplügine, galanyň
berkligine, ýoluň agyrlygyna, jeňňeliň gürlügine,
gallasynyň zyýadalygyna arkalanyp, pespällik etmän
söweşmek üçin öňe çykdy. Ahyrynda özüni Ramdiwiň
şir asýan meýdanynyň merdi däldigini bilip, gaçmaga
ýüz urdy. Ramdiw bir topary onuň yzyndan kowgyçy
belläp, özi galany gabawa aldy. Ony sähelçe wagtyň
içinde eýeläp, gaty köp halky ýesir aldy hem-de älemjahany doldurýan baýlyklary ele saldy. Jemunyň rajasy
ejizlik bilen aman diläp gelenden soň, onuň hem
gyzyny beýleki bir ogly üçin diledi. Soňra ol ýerden
göç edip, jennete meňzeş Keşmir dagyndan Penjap
topragyna guýýan Beht derýasynyň kenaryndan tä
Bengala we Sewälik daglarynyň tamamlanýan ýeri
bolan Şor deňziniň kenaryna çenli sebitlere, takmynan
bäş aýlyk ýola ýöriş etdi, aýlandy. Ol daglykda mekan
tutan bäş ýüze golaý raýy we rajany tutup, olary paç
tölemäge mejbur etdi we ummasyz zerlerdir göwherler,
mallardyr piller bilen dolanyş baýdagyny Kunnuja
tarap parladyp, ýola düşdi. Ondan soň paýtagtda uly
baýramçylyk gurnap, ähli goşunyň hakyny tutuşlygyna
on-ýigrimi göterim artdyrdy. Batyr esgerleri mertebelendirdi, ezizledi. Oljanyň üçden birini halka üleşdirdi
hem-de parahatlyk we rahatlyk tagtynda mäkämleşip
oturdy. Soňra hiç bir tarapa atlanmady. Elli dört ýyl
soltanlyk edenden soň, edil beýlekiler ýaly bu jahandan
göç etdi. Hindileriň ählisiniň pikirine görä, Ramdiw
ýaly şan-şöhraty beýik raja bolmandyr. Ol Keýkubadyň
ogly Firuz şa Sasanlynyň döwürdeşi bolupdyr. Her ýyl
84
oňa paç-hyraç iberipdir. Ol tabynlykda hiç hili kemkäslik, nogsanlyk etmändir.
Pertapçent Sensediýýäniň beýany
Raja Ramdiw aradan çykandan soň, onuň
perzentleriniň arasynda agzalalyk, dawa-jenjel döräp,
ahyrynda iş uruş-söweş bilen tamamlanypdyr. Şu
sebäpli hem paýtagt Kunnuçda örän köp harapçylyk
bolupdyr. Ramdiwiň hasapçylaryň hasaplamakdan ejiz
gelýän hazynalary ýok bolupdyr. Ramdiwiň
goşunbaşylaryndan Pertapçent atly biri doganlaryň
dawa-jenjellerini özüne ganymat bilip, öz töweregine
örän köp goşun jemläp, Kunnuja tarap leşger çekipdir
hem-de ony ýeňillik bilen eýeläpdir. Ol ilki bilen
mülküň mirasdüşerleri bolan Ramdiwiň ogullaryny
etmekde tagalla edip, olardan hiç bir nam-nyşan
goýmandyr. Şondan soň etrapdyr sebitleri güýç bilen
eýeläp alyp, mäkäm ornaşan mülkdarlary assa-ýuwaşdan ýok edip, uly raja bolypdyr. Ol köp işleriň öz
islegine laýyk gurlandygyny we ýerine ýetirilendigini
görende kalbynda tekepbirlige we ulumsylyga ýol
berip, Eýran soltanlaryna peşgeşler ibermekden el
çekipdir. Kesgitlenen mukdardaky salgydy almaga
gelen Nowşirwanyň wekilini eli boş yzyna gaýtarýar.
Emma Eýran goşuny öz hökümdarynyň hökümine
görä, Multan we Penjap mülküne azar ýetirip ugranlaryndan soň, haýran we puşman bolup, öz etmişi üçin
ötünç diläp, köp sanly zerdir göwherler iberipdir.
85
Şondan soň olar hem talaňçylykdyr çapawullykdan el
çekipdirler. Pertapçent tä ömri ötýänçä her ýyl paçhyraç iberip durupdyr. Emma ol aradan çykandan soň
daş-töwerekdäki etraplaryň raýlary zor salyp we
güýçlenip köp welaýatlary eýeläpdirler. Pertapçendiň
perzentlerine bolsa azajyk ülke galypdyr. Şol sebäpli
hem olara «Rana» diýýärdiler. Çünki az mülkli we ejiz
raja hindiçe rana diýilýär.
Şol wagtdan tä şu kitabyň ýazylýan wagtyna çenli
hökümet Pertapçendiň nesilşalygynda saklanyp
durandyr. Emma diňe Küýlemiri daglygy bilen onuň
sebitleri olaryň ellerindedir. Olaryň ýurtlaryndan
Jaýtury, Mendsury we beýleki köp ýerlerini emir
Teýmir Sahypkyranyň öwlatlary1 basyp aldylar.
Raja Ananddiw Rajputyň beýany
Raja Ananddiw rajput bis taýpasyndandy. Raja
Pertapçent aradan çykandan soň, ol Malwa ülkesinde
baş göterip, günbe-günden işi ýokarlap, Malwa,
Nährwala, Ruht (Muruht) memleketini we Deken we
Berar ülkesini tutuşlygyna eýeleýär.
Ramger2 we Mahur galasy şonuň döwründe bina
edilýär. Ment we Neýzar galasy onuň esaslanydyran
galalaryndandyr. Ol Hysrow Perwiziň döwürdeşi
1
Bu ýerde mogollar nesilşalygy göz öňünde tutulýar.
Ramger – Hindistanda Rajputana welaýatynda ýerleşen bir şäherçäniň
ady bolup, Şekowaty etrabynyň merkezidir. Ol Jaýpuryň demirgazyk
gündogarynda ýerleşýär. Onuň örän ajaýyp tebigaty bardyr.
2
86
bolupdyr. On alty ýyl hökümdarlyk edenden soň
dünýäden ötýär. Hut şol ýyllarda hem harbylaryň
arasyndan Maldiw1 atly bir hindi baş göterip, köp ýygyn toplap, Delini Pertapçendiň perzentleriniň
eýeçiliginden gaňryp alýar. Ol Delini basyp alandan
soň, Kunnuja leşger çekip, ony hem golastyna
geçiripdir.
Aýdyşlaryna görä, Kunnuç şäheri onuň döwründe
şeýle bir derejede abadanlaşypdyr welin, tenbuly2
satýan dükanyň sany otuz müňe ýetipdir. Altmyş müň
sany aýdyjy we sazanda öýleri döräpdir. Şol döwre
mahsus beýleki zatlary hem şu ölçeg bilen ölçäp bolar.
Maldiw kyrk iki ýyldan soň aradan çykýar. Hiç bir
perzendi bolmandan soň, her ülkede bir raý peýda
bolupdyr. Şondan soň tä sarsmaz yslam dininiň älemi
nurlandyryjy Gününiň Hint memleketinde dogan wagtyna çenli beýik mertebeli raja hökümdarlyk tagtynda
oturmady. Meselem, Soltan Mahmyt Gaznaly gazawat
we jyhat etmek maksady bilen Hindistana gelende
Kunnuçda Gäwr3 atly raja hökümdarlyk edýärdi, Miretde Dehrem4 Det, Mehäwünde Gülçent, Lahorda
1
Maldiw – Hind ummanynda ýerleşýän adalar toparynyň (arhipelag) ady
şu şahsyň ady bilen baglydyr. Ol Seýlon adasynyň günorta-günbatarynda
ýerleşýär. Onuň merkezi Mal (Male) şäheridir.
2
Tenbul – ýapragy çeýnelýän we iýilýän ösümlik. Ol esasan Hindistanda
ösýär.
3
Gäwr – Bengaladaky Gäwr şäheriniň ady şu rajanyň adyndandyr.
Häzirki wagtda şol şäherden diňe harabalyk galypdyr.
4
Dehrem (Dehreme) – Hindistanda bir sebitiň ady şu şahsyň ady bilen
baglydyr.
87
Çipal1 ibn Iştipal2, Kälenjerde Bejira hökümdarlyk
edýärdi. Şeýle-de Malwada, Ejmirde, Güjratda we
Guwalýarda aýry-aýry häkimler häkimlik edýärdi.
Şeýlelikde, olaryň ahwallarynyň hem beýanyny etmek
bilen, yslam soltanlarynyň (olaryň ýagşy işleri kyýamat
gününe çenli dowam etsin!) wakalaryna (aslynda şu
kitaby ýazmakdan maksat hem olaryň haýyryhsanlaryny beýan etmekdi) girişeliň.
Hint memleketinde yslam nurunyň peýda
bolmagynyň beýany
Güneş nurly köňüllerden örtügli galmasyn, yslam
eýelerinden Hindistan serhetlerine gadam basyp, bu
diýaryň ilaty bilen gazawat eden ilkinji kişi Mühellep
ibn Abu Sufradyr. Bu sözüň giňişleýin beýany
şeýledir:
Pygamberleriň serweri Muhammet sallallahy alaýhy
wesellemiň göç eden wagtyndan gaýdýan hijri ýylynyň
ýigrimi ýedinji ýylynda Basranyň häkimi Abdylla ibn
Amyr Parsyň ilatynyň möminleriň emiri Omar aradan
çykandan soň, ähtini bozandygy üçin ol ýere
möminleriň emiri Osman tarapyndan leşger çekip,
ýeňiş we üstünlik bilen ýene-de Basra tarap dolandy.
Otuzynjy ýylda möminleriň emiri Osman Welit ibn
Ukbany mydama şerap içýänligi sebäpli Kufe häkim1
Çipal – Lahoruň patyşasy bolup, soltan Mahmyt Gaznalynyň
döwürdeşidir.
2
Asyl nusgada «Iştipal».
88
liginden boşadyp, Sagyt ibn Asy onuň ýerine belleýär.
Sagyt hut şol ýyl Tabarystana tarap ýörişe gidýär. Şol
ýörişe möminleriň emiri Hasan bilen Hüseýin (olara
Allanyň salamy bolsun!) hem gatnaşypdyrlar. Olaryň
haýyr-yhsanly gadamlarynyň bereketinden Astrabadyň
mülk öýi (paýtagty) bolan Jürjan (Gürgen) welaýaty
eýelenipdir. Jürjanyň ilaty ýaraşyk tölegi üçin iki ýüz
müň dinar beripdirler we yslama girip, öz öýlerini abat
edipdirler.
Otuz birinji ýylda Abdylla ibn Amyr möminleriň
emiri Osman tarapyndan Horasany eýelemäge
bellenilip, agyr leşger bilen Kerman ýolundan
Horasana ugraýar. Onuň goşunynyň öň hataryny
çekýän Hanyf ibn Kaýsdy. Olar Sistany, Kahystany we
Nişapury tabyn edýärler. Tusuň merzbany (häkimi)
hem olar bilen ylalaşyk edýär. Saragt, Hyrat, Badgys,
Gur, Garjystan, Merw, Talykan we Balh hem
musulmanlaryň eýeçilik gurşawyna girýär. Abdylla
özüne azajyk wagtyň içinde uly ýeňişler nesip edensoň,
Kaýs ibn Haşymy Horasana, Hanyf ibn Kaýsy Merwe,
Talykana we Nişapura, Halyt ibn Abdyllany Hyrada,
Gura we Garjystana häkim belläp, özi Beýik Käbäni
togap etmek üçin yhram baglap, Hyjaza tarap ugraýar.
Otuz ikinji ýylda möminleriň emiri Osmanyň
permany bilen Balh gazawatyna giden Abdyrahman
ibn Rabyga köp sanly musulmanlar bilen bilelikde
şehit bolýar. Möminleriň gylyçdan sypanlary gaçyp,
Jürjan we Jilan (Gilan) taraplara gidýärler. Şeýle-de hut
89
şu ýylda Ajam emirleriniň biri Karan1 Abdylla ibn
Amyryň hormatly Mekge-Medinä (Allatagala olaryň
ikisiniň hem hormatyny artdyrsyn!) zyýarata gidendigi
we Horasan ülkesiniň musulmanlaryň atlylaryndan
boşandygyny
görende,
Tabasdan,
Hyratdan,
Badgysdan, Kahystandan, Gurdan we beýleki
ýerlerden kyrk müň adam jemläp, musulmanlara garşy
baş göterýär. Nyşapurda Halabyň ýanynda bolýan
Abdylla Hazym kyrk müň adam bilen onuň şerini dep
edýär. Hut şu hyzmaty sebäpli Horasanyň häkimligine
mynasyp boldy.
Kyrk dördünji hijri ýylynda Mugawyýa ibn Abu
Sufýan Zyýat ibn Ümeýýäni Basranyň, Horasanyň we
Sistanyň häkimi edip belleýär. Hut şol ýyl
Abdyrahman ibn Şymyr Zyýadyň görkezmesi bilen
Kabuly eýeläp, ol ýeriň ilatyny özüne tabyn edýär. Şol
wagtlarda musulmanlaryň uly emirlerinden bolan
Mühellep ibn Abu Sufra Merw sebitlerinden Kabula
we Zabula gelýär. Soňra Hindistana girip, kapyrlar
bilen gazawat-söweş edýär. Bu söweşde on-on iki müň
gyrnakdyr gul ýesir alýar. Şol aralykda (döwürde) Hint
ilatyndan birtopary kem-kemden Taňrynyň birligini we
penakär pygamberiň pygamberligini ykrar edip,
musulman bolýarlar.
Elli üçünji ýylda Zyýat ibn Ümeýýäniň barmagyna
mergi (tagun) keseli degip, aradan çykýar. Mugawyýa
1
Asyl nusgada: «Karun». Ol 32-nji hijri-kamary ýylynda kyrk müň
adam bilen Horasanda gozgalaň edýär. Ahyrynda Ibn Hadymyň leşgerinden
ýeňlip öldürilýär we leşgeri dargaýar.
90
onuň perzendi Abdylla Kufäniň häkimligini berýär. Ol
birnäçe wagtdan soň Mawerannahra tarap ugraýar we
birnäçe şäherleri eýeläp, yzyna dolanýar hem-de
Basranyň häkimligine bellenýär. Ol Eslem ibn Zaragat
Kelabyny Horasanyň häkimi edip ugradýar.
Altmyşynjy1
ýylda
Mugawyýa
Horasanyň
häkimligini Sagt ibn Osman ibn Affaga berýär.
Altmyş ikinji ýylda Ýezit ibn Mugawyýa Selem ibn
Zyýady Horasanyň we Sistanyň häkimligine belleýär.
Ýezidiň Seleme hemra eden kişileriň biri hem
Mühellep ibn Abu Sufrady.
Selem özüniň kiçi inisi Ýezit ibn Zyýady Sistanyň
häkimi edip ugradýar. Ol: «Kabul patyşasy baş göterip,
özleriniň häkimi bolan Abu Abdylla ibn Zyýady tussag
edipdirler» diýip eşiden badyna, derrew leşger jemläp,
Kabulyň ilaty bilen söweşmäge ugraýar. Gazaply
söweşden soň ýeňlip, köp sanly esgerler gyrylýar. Bu
habar Selem Zyýada baryp ýetende, ol «TalhatutTalhat» lakamy bilen meşhur bolan Talha ibn Abdylla
ibn Hanyf Hazagyny Kabula iberýär. Ol Ubeýdäni2 bäş
ýüz müň dirheme satyn alyp gelýär. Şondan soň Selem
Sistanyň häkimligini Talha bagyşlaýar. Soňra Guruň
we Badgysyň leşgerini Kabula ugradyp, ol ýeriň
ilatyny gahar-gazap bilen boýun we tabyn edýär hemde Halyt ibn Abdyllany Kabulyň häkimligine belleýär.
Käbirleri bu Halydy Halyt ibn Welidiň neslinden,
1
2
Asyl nusgada säwlik bilen: «Ellinji» ýazylypdyr.
Ýokarda: «Abdylla ibn Zyýat» görnüşinde gelipdi.
91
käbirleri bolsa, Abu Jähliň neslinden bolupdyr diýýärler.
Halyt ibn Abdylla Kabulyň häkimliginden
boşadylandan soň Arap Yragyna dolanmagy kyn we
agyr hasaplap, täze häkimden gorkusyna aýal-oglanuşaklary we araplardan bolan topary bilen Kabulyň
han-begleriniň ugratmagynda Multan bilen Peşaweriň
arasynda ýerleşýän Süleýman dagyna gidip, şol ýerde
mesgen tutýar. Öz gyzyny musulman bolan
owganlardan ygtybarly hem mertebeli biriniň nikasyna
girizýär. Ol gyzdan köp perzentler dünýä inipdir.
Olardan iki kişi artyk şan-şöhraty bilen has-da
tapawutlanýar. Biri: Ludy, beýlekisi: Sur1. Owganlaryň
Ludy we Sur taýpasy şol jemagatdandyr2.
Handysdaky3 Burhanpurdakam4 ynamdar adamlaryň biriniň ýazan «Matlagul Enwar» atly kitabynda
şeýle maglumat gözüme ildi. Onda şeýle ýazylypdyr:
Owganlar Pyrgunyň kybtylarydyr5. Hezreti Musa
alaýhyssalam ol kapyrdan (Pyrgundan) üstün çykanda,
kybtylaryň birtopary toba edip, Musanyň getiren dini
bilen bezeldiler we düzeldiler, emma olardan Pyrguny
dost tutup, onuň hudaýlygyna berk ynanýan bir
1
Asyl nusgada säwlik bilen: «Su» görnüşinde ýazylypdyr.
Bu ýerde Ludy bilen Suruň nesilleri bilen bilelikde Halyt ibn Abdylla
bilen bile giden beýleki perzentleri we ýaranlary hem göz öňünde tutulýar.
3
Handys – Hindistanda, Dekeniň welaýatlarynyň biri.
4
Burhanpur – Hindistanda (Dekende) bir şäher. Ol Tapty derýasynyň
demirgazyk kenarynda ýerleşýär. Bu şäheri takmynan 801-nji hijri-kamary
ýylynda Nasyr han Faruky esaslandyrýar. Meşhur we ajaýyp binalaryndan:
Mübärekşa Farukynyň aramgähini we juma metjidini görkezmek bolar.
5
Kybtylar – gadymy Müsüriň ilaty.
2
92
jemagat aňrybaş jahyllygyndan (nadanlygyndan) ýaňa
yslamy1 ygtyýar etmän, özlerini watandan aýra
saldylar. Olar Hindistana gelip, Süleýman dagynda
mesgen tutdular. Olaryň kabylalary köpelip, owgan
adyna eýe bolupdyrlar. Ebrehe2 Käbäniň üstüne goşun
çekip giden wagtynda kapyrlaryň gaty köpüsi uzakdanýakyndan oňa ýaran bolupdyrlar. Şol sanda owganlardan hem ençeme taýpa wada edilen wagtynda3
Ebrehäniň gaşyna özlerini atýarlar. Emma Mekgä
ýetenlerinde ählisi öz jezasyny tapyp, ýokluk deňzine
baş çümdürýärler.
Elkyssa, owgan musulmanlary ekerançylyk we
ýaşaýyş maýasyny hasyl etmek bilen meşgullanyp, köp
sanly at, sygyr we goýun sürülerine eýe bolansoňlar,
Muhammet Kasym bilen hemralykda Sint ýolundan
Multana gelen hem-de şol ýerde ornaşan musulmanlar
bilen baryş-geliş edip, tanyşlyk gatnaşyklaryny
açdylar. Olaryň nebereleri köpelenden soň, ýüz kyrk
1
Bu ýerde Musanyň dini göz öňünde tutulýar. Musulmanlaryň
garaýşyça, Hudaý tarapyn inderilen dinler, inderilen wagty yslam dini bolup,
oňa uýanlar bolsa musulmandyr. Musawy, Isawy, hristian diýlip, berilýän
atlar diňe şertli atlardyr.
2
Ebrehe – Ibn Sabbah lakamy «Eşrem» we «Pil eýesi». Ol Hebeşiň
hökümdary ýa-da häkimi bolupdyr. Aýdyşlaryna görä, ol Sanga şäherinde
Eflis atly bir ybadathana gurup, Ýemeniň ilatyny haj etmäge şoňa getirjek
hem-de Käbä gitmekden saklajak bolupdyr. Emma Ýemeniň ilaty
ylalaşansoň, Käbäni ýykmak üçin ýöriş edipdir. Birden topar-topar guşlar
maýda daşlar zyňyp ugrapdyr welin, ol daşlar adamlaram, ulaglaram parran
böwsüp geçýän eken. Olaryň bary şol ýerde heläk bolýar. Ebrehe diýmek, şol
wagtky Hebeşi dilinde Ybraýym diýmekdir.
3
Bu ýerde ýöriş edilmeli wagt, ýörişiň bellenilen wagty göz öňünde
tutulýar.
93
üçünji hijri ýylynda daglykdan çykyp, Hindistanyň
Kermaç, Peşawer we Şunuran ýaly abat ýerlerini
eýelediler. Ejmiriň rajasy bilen garyndaşlygy bolan
Lahoryň rajasy, olaryň pitnesini dep etmek üçin özüniň
emirleriniň birini müň atly bilen olaryň üstüne iberýär.
Owganlar söweş bilen öňe müňzäp, hindileriň köpüsini
gyrýarlar. Bu wakadan soň, Lahoryň rajasy öz
doganoglanyny soňky derejede üpjün edilen iki müň
atly we bäş müň pyýada esger bilen başbermezek owganlaryň üstüne iberýär. Bu gezek yslam hüllesi1 bilen
bezelen halaçlylar, gurlular we Kabulyň ilaty olara
ýardam bermegi özleriniň hümmet boýunlaryna parz
hasaplap, dört müň adam bolup, olara kömege
gelýärler. Olar bularyň gelmeginden arkalanyp,
garşylyk baýdagyny has-da parladýarlar. Olar bäş aýyň
dowamynda kapyrlar bilen ýetmiş gezek jeň edip, köp
söweşlerde üstün geldiler. Şol aralykda hem sowuklyk
goşuny kapyrlaryň üstüne çozup, olary ejizledip, har
we zebun edensoň ählisi jeňden el çekip, yzyna
dolanýarlar. Gyş möwsümi geçenden soň, Lahor
rajasynyň doganoglany ýene-de täze leşger bilen şol
tarapa ugraýar. Bu gezek hem öňki ýörelgä laýyklykda
Kabulyň ilaty bilen halaçlylar olara kömege
ýetişipdirler. Kermaç bilen Peşaweriň arasynda iki
topar biri-birine sataşýarlar. Käte kapyrlar jeň bilen öňe
omzap, musulmanlary tä daglyga çenli kowalaýardylar,
käte musulmanlar zor salyp, kapyrlary peýkam zarby
1
Hülle – ýüpek parça.
94
bilen öz mekanlarynyň töwereklerinden sürüp
çykarýardylar.
Ýagyş möwsümi1 gelip ýetensoň, kapyrlaryň leşgeri
Nilap suwundan2 alada batyp, ätiýaç edip, ýeňiji bilen
ýeňliji mälim bolmazdan öz mekanlaryna dolanýarlar.
Kabullylar we halaçlylar hem öz mekanlaryna we
mesgenlerine gaýdyp gelýärler.
Olardan her kim:
– Dagly musulmanlaryň ahwallary nähili boldy,
neneňsi ahwallar peýda boldy – diýip, sorasalar, olar:
– Kuhystan (daglyk) diýmäň, efganystan3 diýiň. Ol
ýerde efgandan we gowgadan başga hiç zat ýok –
diýip, jogap beripdirler.
Görnüşine görä şu sebäpden, adamlar öz dillerinde
olaryň mekanlaryna Efganystan (Owganystan), olaryň
özlerine bolsa efgan (owgan) diýipdirler. Emma
hindiler ol taýpa «Petan» diýýärler, ýöne beýle at berilmeginiň sebäbi mälim däldir. Emma pikir edişime
görä, yslam soltanlarynyň döwründe ilkinji gezek
Hindistana gelenlerinde, olaryň Petne şäherinde mekan
tutandyklary üçin olara hindiler «Petan» diýendirler.
Ylym Alladandyr.
Şol döwürde Lahoryň rajasy bilen kehker
kapyrlarynyň arasyndaky işler duşmançylyk bilen
tamamlanandan soň, kehkerler ýakyn goňşudyklary
1
Asyl nusgada: «Möwsümi beresat». Beresat – Hindistanda üznüksiz
hem-de güýçli ýagyşlaryň ýagýan döwri.
2
Nilap suwy – Sint derýasy.
3
Efgan – ahy-nala; efganystan – ahy-nalanyň mekany, ahy-zaryň
mesgeni.
95
sebäpli owganlar bilen birleşdiler. Onsoň raja owganlar
bilen ýaraşyk baglaşyp, dawa-jenjel düşegini düýrledi
we Lamganatdan birnäçe ýerleri olara berdi.
Owganlylaryň arkasyndan şol sährada oturan halaç
kowumyny hem olar bilen şärikdeş etdi. Ýöne olara
serhetlere gözegçilik edip, yslam goşunlaryny Hindistana girizmezligi şert goýdy.
Owganlar Peşawer daglygynda bir gala galdyryp,
ony Haýbar atlandyrdylar. Olar Ruh1 welaýatyny
eýeläp, Samanly patyşalarynyň döwründe olaryň Lahor
welaýatyna azar ýetirmeklerine ýol bermediler. Şol sebäpli Samanlylaryň çozuşdyr talaňçylyklary başyndan
ahyryna çenli diňe Sint we Bahatyýýa2 taraplara
bolupdyr.
Ruh daglyk ýerler bolup, esasan, uzynlygyna
Bujuryň3 töwereklerinden tä Bekre4 degişli Siwi
şäherçesine çenli, inine Hasan Abdaldan5 tä Kabuldyr
Gandahara çenli ýerlerde we şol daglygyň sebitlerinde
ýerleşendir.
Gazna hökümetiniň hökümdarlyk nobaty Alptegine
ýetende, onuň goşunbaşysy Söbüktegin köplenç
1
Ruh – Kabulyň töwereklerinde ýerleşýän bir dagyň ady. Bu ýerde şol
dagyň ýerleşýän welaýaty göz öňünde tutulýar.
2
Bahatyýýa – asyl nusgada: «Bahatyna»; Hindistanda ýerleşen bir şäher
bolup, ony Mahmyt Gaznaly basyp alypdyr. Onuň patyşasynyň ady
Beçehradyr. Beçehra söweşde soltan Mahmytdan ýeňilýär. Bu patyşanyň ady
şu kitapda «Bejira» görnüşinde gelýär.
3
Bujur – Kabul bilen Hindistanyň arasynda ýerleşýän bir welaýatyň ady.
4
Bekr – Kuhystanyň obalaryndan bir oba.
5
Hasan Abdal – Hudabendeli obalarynyň bir obasy. Ol Eýranda
Senendež şäherçesiniň Kurwa etrapçasynda ýerleşýär.
96
Lamgana we Multana çozuş geçirip, gyrnakdyr
gulamlary ýesir alypdyr. Owganlar oňa garşy
çykmakdan ejiz gelip, Penjabyň rajasy Çipala
Söbükteginiň basybalyşlary barada habar beripdirler.
Hindistan leşgeriniň ýiti sowukdan ýaňa ol sebitlerde
watan tutup bilmejekdigini bilensoň, bialaç
Bahatyýanyň1 rajasy bilen maslahat ed ýär. Soňra onuň
sözi bilen owganlaryň arasynda at-abraýly bolan Şyh
Hamydy öz ýanyna çagyryp, oňa emirlik derejesini
bagyş edip, hormatlaýar. Ol Lamgan we Multan
welaýatyny gorap saklamagy öz boýnuna alyp, bu
agzalan ýerleriň her birinde öz adamlaryndan birini
häkim belleýär. Şol seneden başlap, owganlar emirlige
ýetip, dereje eýesi boldular.
Alptegin ölüp, Söbüktegin onuň ýerine geçmezden
öň, Şyh Hamyt dawa-jenjeli maslahat görmän:
– Siz bilen biziň aramyzda yslamda şärikdigimiz
üçin çäksiz tarapdarlyk bardyr. Siz jenabyň keremli
ahlagyna bu taýpany hem özüniňki hasaplamak has
mynasypdyr. Şonuň üçin ýeňiji esgerlerini iberip, Hint
ülkelerini talaýan wagtynda, siziň haýryňyzy isleýän
bu jemagata päsgel bermezseňiz diýip umyt edýän –
diýip, Söbüktegine habar iberýär. Söbüktegin şol
wagtyň ýagdaýyna görä, onuň haýyşyny kabul edýär.
Çipaly ýeňenden soň hem onuň bilen oňşuk we dostluk
ýoluny öňe tutup, Multan welaýatyny oňa degişli
ýagdaýda goýýar. Emma soltan Mahmyt atasynyň
1
Asyl nusgada: «Bahatyna».
97
tersine owgan kabylalaryny ýeňip, dargadyp, olaryň
boýun towlaýanlaryny gyrýar we tabynlaryny jylawuna
hemra edinip, nökerler hökmünde hyzmatyna alýar.
98
BIRINJI MAKALA
GAZNALY SOLTANLARY ADY BILEN
MEŞHUR BOLAN LAHOR SOLTANLARY
HAKYNDA
Emir Nasyreddin Söbükteginiň soltanlygynyň beýany
Emir Nasyreddin Söbüktegin Nilap suwundan1
geçmedik hem-de Penjap ülkesiniň häkimligine
ýetmedik hem bolsa, käbir alymlar ony Lahor
soltanlarynyň
hatarynda
getirýärler.
Ynsany
bilimlerden we kämilliklerden habarly kişileriň
getirişlerine görä, Emir Söbüktegin bir türki gulam
bolup, Alpteginiň guludyr. Alptegin Samanly
döwletleriniň döwründe Horasanyň häkimligine
bellenilip, ol welaýatda uly mertebedir çäksiz
derejelere ýetýär. Abdylmälik2 bu dünýäden ol dünýä
1
Nilap suwy – Sint derýasy.
Abdylmälik – Samanly patyşasy Abdylmälik I ibn Nuh ibn Nasr,
lakamy Emir Reşit. Ol Yspyhanda Büweýh (Buýe) nesilşalygy bilen söweşip
ýeňiş gazanýar hem-de Rükneddöwle Deýlemlini paç tölemäge mejbur edýär.
Ol ahyrynda çöwgen oýnap ýörkä, atdan ýykylyp heläk bolýar (343-350-nji
hijri-kamary; 954-964-nji milady).
2
99
göç edende, Buhara emirleri Alpteginiň ýanyna çapar
iberip: «Samanly perzentlerinden hökümdarlyk tagtyna
haýsy kişi mynasyp» diýip, onuň pikirini soraýarlar.
Alptegin ilçä: «Mansur ibn Abdylmälik entek
juwandyr we soltanlyga mynasyp däldir. Bu dereje
onuň agasyna (kakasynyň doganyna) mynasypdyr»
diýýär. Emma çapar gaýdyp gelmezinden öň, emirler
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ybraýymyň Gülşeni I - 06
  • Parts
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 01
    Total number of words is 3452
    Total number of unique words is 2028
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    35.0 of words are in the 5000 most common words
    41.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 02
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 1904
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 03
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 1763
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 04
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 1825
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 05
    Total number of words is 3606
    Total number of unique words is 1875
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    37.8 of words are in the 5000 most common words
    44.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 06
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 1900
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 07
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 1924
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 08
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1910
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 09
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 1861
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 10
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1884
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 11
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 1862
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 12
    Total number of words is 3720
    Total number of unique words is 1745
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 13
    Total number of words is 3730
    Total number of unique words is 1718
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 14
    Total number of words is 2668
    Total number of unique words is 1377
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.