Latin

Ybraýymyň Gülşeni I - 14

Total number of words is 2668
Total number of unique words is 1377
31.3 of words are in the 2000 most common words
46.6 of words are in the 5000 most common words
53.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
garşysynda sap düzýär. Iki toparyň batyr esgerleri gylyçdyr naýza bilen söweşe girýärler. Soltan Sanjar bilen bile gelen Sistanyň patyşasy Abulfazlyň
edermenligi sebäpli Gaznalylar ýeňilýärler. Arslanşa
olaryň öňünde durup bilmän, Hindistana tarap gaçýar.
Soltan Sanjar Gazna gelip, kyrk günläp şol ýerde
saklanýar we bu welaýaty Bähramşa bagyşlap, öz
welaýatyna dolanýar. Arslanşa Soltan Sanjaryň yzyna
264
dolanany eşidip, Hindistandan leşger toplap, Gazna
tarap ýöriş edýär. Bähramşa ukybynyň we
taýýarlygynyň ýoklugy sebäpli, onuň öňünde durup
bilmän, Bamyýan galasynda penalanýar. Ahyrynda
hem, Soltan Sanjaryň kömegi we goldawy bilen ýenede Gaznanyň üstüne çozýar. Arslanşa owganlaryň
arasyna gaçyp gidýär. Soltan Sanjaryň goşuny onuň
yzyndan kowup, ony tutýar we Bähramşa tabşyrýar.
Bähramşa ony öldürýär we garşydaşsyz erkin
hökümdar bolýar.
Arslanşa üç ýyl soltanlyk edipdir we ýigrimi ýedi
ýyl ömür sürüpdir. "Tabakaty Nasyryda" şeýle
maglumat berilýär:
"Soltan Arslanyň döwründe gaty uly hadysalar
bolup geçdi. Şol sanda asmandan ot we güýçli
ýyldyrym geldi we şol otdur ýyldyrym sebäpli
Gaznada köp öýler we bazarlar ýandy".
Mugyzeddöwle Bähramşa ibn Mesgut ibn Ybraýymyň
hökümdarlygynyň beýany
Ol ulamalar we akyldarlar bilen köp oturyşýan,
olar bilen söhbetdeş bolmagy halaýan uly mertebeli we
haýbatly patyşa bolupdyr. Ol her bir kişä öz ylmyna
görä hormat goýýan eken. Şol sebäpden şol döwrüň
alymlary onuň mübärek adyna kitaplar ýazypdyr we
eserler düzüpdir. Şeýle-de Şyh Nyzamy "Mahzanul-
265
esrary" onuň adyna1 düzüpdir. Seýit Hasan Gaznaly
onuň soltanlyk tagtyna münen güni ony taryplap düzen
kasydasyny Soltan Sanjaryň huzurynda aýdyp berýär.
Onuň başky setirleri şudur:
Ýedi gat asmandan bir owaz geldi,
«Bähramşadyr jahan şasy, bil indi».
"Kelile we Dimne" kitaby onuň zamanynda
arapçadan parsça geçirilip, onuň ady bilen bezelipdir.
Aýtmaklaryna görä, küşti hem-de "Kelile we
Dimnäni" hint patyşasy Anuşirwan Adyla iberipdir.
Büzürjmehr Hekim köp muşagatlar bilen bu kitaby
gadymy pars dili bolan pehlewi diline terjime edipdir.
Soňra ol küşt hakda köp oýlanyp, onuň oýnalyş
usulyny bilipdir. Soňra ony getiren ilçi bilen oýnap,
birinji gezek deň oýnaýar, ikinji gezek ony utýar.
Onsoň onuň barabarynda nardy oýlap tapyp, Hindistanyň raýynyň gaşyna iberýär. Ol diýaryň adamlary oňa
düşünmekden ejiz gelip, ahyrynda ony getiren
çaparlardan oýnamaklygy öwrenipdirler. Küşti oýlap
tapmakdan hindistanlylaryň yşarat edýän zady şudur:
Haýyr we şer ynsandandyr, älemdäki işler yhlas
we dalaş-tagalla bilendir. Köp işlerde, mysal üçin,
baýlyk we mertebe gazanmak, ylym kesp etmek we
1
Nyzamynyň "Mahzanul-esrary" adyna düzen Bähramşasy Arzynjanyň
patyşasy Mälik Fahreddin Bähramşa ibn Dawut ibn Yshak ibn Menguçekdir.
Nyzamy "Mahzanul-esrary" 552-nji ýylda, ýagny Bähramşa Gaznalynyň
öleninden dört ýyl geçensoň ýazyp gutarypdyr. Ol bu eserinde Bähramşa
Gaznala diňe birje ýerde yşarat edipdir.
266
şoňa meňzeş zatlarda, kaza-takdyryň we asman (pelek)
jisimleriniň hiç hili dahyly ýokdur.
Büzürjmehr bolsa onuň garşysynda şu aşakdaky
zatlary göz öňüne tutup, nardy oýlap tapýar:
Jahan düzgüninde dalaşyň kän bir dahyly, täsiri
ýokdur. Köplenç bar zat kaza we takdyra degişlidir.
Eger biziň oý-pikirlerimizdir etjek bolýan işlerimiz
takdyr bilen deň gelse, onda ol ugruna bolar, ýogsa ol
bolmaz.
Nardyň tagtasy pelek hökmünde we onuň iki daşy
ýyldyzlar hökmünde bolup, iki daşda gudrat galamy
bilen näme nagyşlanan bolsa, şol nagyş esasynda
oýnamak wajypdyr. Oýnamak bolsa pikirlenmekden
we çäre tapmakdan ybaratdyr.
Harun Reşidiň döwründe Ibn Mukaffag «Kelile
we Dimne" kitabyny pehlewi dilinden arap diline
geçiripdir.1 Soltan Bähramşanyň döwründe bolsa
arapçadan şol döwrüň ýörgünli dili bolan pars diline
geçirlip, onuň adyna düzülýär. Ondan soň Molla Hüseýin Wagyz Käşifi ony soltan Hüseýin Mürzäniň
döwründe şol çylşyrymly pars dilinden sada pars diline
geçirip, arapça goşgularyny taşlaýar we oňa «Enwary
Süheýli»2 diýip at berýär.
Soltan Bähramşa özüniň soltanlyk süren
döwründe
birnäçe
gezek
Hindistana
gidip,
1
Bu ýerde säwlige ýol berlipdir. Harun Reşit 170-193-nji hijri ýyllary
aralygynda halypa bolupdyr. Emma Ibn Mukaffag 142-nji hijri ýyllarynda,
ýagny onuň halypalygyndan ýigrimi sekiz ýyl öň öldürilipdir.
2
Enwary Süheýli – Ýeňiljek (aňsatjak) nurlar.
267
topalaňçylardyr gozgalaňçylaryň bir toparyna temmi
beripdir. Ol Hindistana giden ilkinji saparynda soltan
Arslanşa tarapyndan Lahor leşgeriniň serkerdebaşysy
edip bellenilen hem-de köp ýaramaz işleriň gözbaşy
bolup, garşylyk baýdagyny parladan Muhammet
Bahelimi 512-nji ýylyň Oraza aýynyň ýigrimi ýedisine
tussag edýär. Soňra onuň günäsini geçip, tussaglykdan
boşadýar we ýene-de öňküsi ýaly Hindistanyň
serkerdebaşylygyna belläp, Gazna tarap dolanýar.
Muhammet
Bahelim
soltanyň
ýoklugyndan
peýdalanyp, Sewälik welaýatynda Nagur galasyny
gurup, öz maşgaladyr çagalaryny we zatlaryny (goşgolamlaryny) şol ýerde goýýar. Soňra ol arap, ajam,
owgan we halaçlylardan köp we üpjün leşger toplap,
topalaňçy kapyrlaryň köpüsini basyp ýatyrýar. Şol
sebäpli onuň tekepbirligi we men-menligi artyp,
soltanlygy we mülki ele salmaklyk dawasyny edip
başlaýar. Bähramşa bu habary eşidip, ikinji gezek Hindistana tarap ugraýar. Nam-nyşansyz gadyr bilmez
Muhammet Bahelim, özüniň emirlik kürsüsinde oturan
on sany ogly bilen bilelikde söweşdir uruş bilen
Bähramşany ýok etmekligi niýetine düwüp, oňa garşy
hereket edýär. Bu iki goşun Multan sebitlerinde birbirleri bilen ýüzbe-ýüz bolup, söweşe girişýärler. Bu
uruş şeýle bir gazaply bolupdyr welin, garry we bili
bükük pelek bütin ömrüne munuň ýaly urşy gaty az görüpdi. Gadyr bilmezligiň netijesi ýüze çykyp, ýeňlişiň
we gaçmaklygyň sarsar ýeli Muhammet Bahelimiň
baýdagynyň üstünden öwsüp başlaýar. Ol gaçyp
268
barýarka, özüniň on ogly we ýakynlary bilen bilelikde
jümjümä1 gaçyp, şeýle bir çümüp gidipdirler welin,
olaryň özlerinden we atlaryndan nam-nyşan
galmandyr. Soňra soltan Bähramşa serkerde Hüseýin
ibn Ybraýym Alawyny şol sebitleriň serkerdebaşysy
edip belläp, özi Gazna tarap hümmet guşagyny
guşanýar.
Bähramşanyň hökümdarlygynyň ahyrlarynda,
onuň giýewisi Kutbeddin Muhammet Gury Sury
Gaznada Bähramşanyň hökümi bilen öldürilýär.
Seýfeddin Sury özüniň doganynyň aryny almak üçin
Gazna ugraýar. Bähramşa onuň öňünde durup bilmän
Gaznadan Kermana2 gaçyp gidýär. Bu Kerman meşhur
Kerman şäheri bolman, eýsem Gaznanyň, Hindiň we
owganlaryň arasynda ýerleşen bir şäherdir. Ol bu
welaýaty basyp alandan soň, bu welaýatyň daştöwereklerinde daglaryň köp bolanlygy hem-de
atlylaryň bu ýerlerde hereket etmeginiň örän kynlygy
sebäpli, şol ýerde mesgen tutýar. Seýfeddin Gazna
gelip, ol ýeri basyp alýar we gaznalylara ynanyp,
olaryň arasynda ýaşap başlaýar. Soňra dogany
Alaýeddini ähli köne emirler bilen bilelikde Gura tarap
iberýär. Seýfeddin Sury Gaznanyň ilaty bilen gowy
gatnaşyk etse-de, Gurlylaryň olara zulum etmäge
güýçleri bolmasa-da, gaznalylar hemişe Bähramşanyň
1
Jümjüme – şorluk ýerdäki çukur, garym.
Kerman şäheri Ýakut Hamawynyň "Ýurtlaryň sözlügi" kitabynda
belleýşine görä Gaznadan dört günlük uzaklykda ýerleşen, Gaznanyň
etraplaryna degişli bolan bir şäherdir.
2
269
isleginde bolupdyrlar. Gaznalylar Seýfeddin Sury bilen
daşyndan dost bolan bolýardylar we gizlinlikde
Bähramşa bilen hat aragatnaşyklarynyň gapylaryny
açyk saklaýardylar. Gyş pasly ýetip gelip, Guruň
ýollaryny gar ýapyp, adamlaryň hereket etmäge
mümkinçilikleri
galmansoň,
birden
Bähramşa
owganlar, halaçlar we beýleki sährada ýaşaýanlardan
düzülen köp we güýçli leşger bilen Gazna sebitlerine
gelip ýetýär. Iki parsahlykdan uzak bolmadyk aralyga
gelip ýeten mahalynda, Seýfeddin Sury bu ýagdaýdan
habar tapyp, özi babatda yhlas we dostluk bilen
gatnaşyk edýän gaznalylar bilen uruş etmek ýa-da Nura
tarap gitmek babatda maslahatlaşýar. Gaznalylar ikiýüzlüligi şygar edinip, maslahat hakyny berjaý etmän
ony urşa iterýärler we jeňe ündeýärler. Seýfeddin Sury
«Maslahatlaşýan emindir, amanatçydyr» diýen söze
eýerip, olary maslahatda emin hasaplap Gazna ilatynyň
bir topary we gurlularyň birnäçesi bilen şäherden
çykyp, Bähramşanyň öňünde sap düzýär. Heniz uruş
başlanmanka, gaznalylar Seýfeddin Suryny tutup,
şatlyk bilen Bähramşa gowşurýarlar. Bähramşanyň
buýrugyna görä, Seýfeddin Surynyň ýüzüne gara
çekip, ýüz müň azap bilen gadam urýan bir ejiz we
lagar sygra mündürip, tutuş şäherde aýlapdyrlar.
Gaznanyň çagalary, hatda ýaşululary hem onuň yzyna
düşüp,
gygyryp,
sögünip
masgaralaýardylar.
Aýlanlaryndan soň, ony iň bir erbet azaplar bilen
öldüripdirler hem-de başyny teninden jyda edip, Yraga
Soltan Sanjaryň gaşyna iberipdirler. Seýfeddin
270
Surynyň weziri Seýit Mejdeddini hem dara çekipdirler.
Bu elhenç habar Alaýeddiniň gulagyna baryp ýetende,
içinden ot-ýalyn öwsüp, doganynyň aryny almak üçin
söweşjeň leşger bilen Gazna tarap ugraýar. Emma ol
heniz Gazna ýetmänkä, takdyr eli Nurda Bähramşanyň
dirilik tumaryny kakyp alyp, onuň ogly Hysrow şany
bu bäş günlük dünýäniň mähnetine duçar edýär.
Meşhur rowaýata görä, Soltan Alaýeddiniň ýöriş
edendigi baradaky habar Bähramşanyň gulagyna
ýetende, öz goşunyny ýygnap, uruşmak maksady bilen
Gaznadan çykyp, Alaýeddiniň ýanyna ilçi iberip:
– Bu edýän netijesiz islegiňden umyt üzüp yzyňa
gaýtmagyň saňa peýdalydyr, sebäbi seni ýok etmek
üçin, meniň müňlerçe şir ýykyjy pälwanlarym we
demir tenli pillerim taýýar dur. Gurly soltanlaryň nesilşalygyny birden ýok etmejek we dargatmajak bolsaň,
meniň garşyma çykmakdan saklan we söweşiň
eteginden asylma – diýip habar berýär. Soltan
Alaýeddin oňa şeýle jogap berýär:
– Bähramşanyň bu eden işi Gaznalylar
nesilşalygynyň ýaşmagynyň nyşanasydyr. Sebäbi
patyşalar bir-birleriniň ýurtlaryna leşger çekýärler we
biri-birlerinden üstün çykyp, hormatly kişileri
öldürýändirler, emma beýle ryswalyk we betnamlyk
bilen öldürýän däldirler. Gürrüňsiz, zamana bu eden
işleriň öwez tölegi we ybrat üçin senden hökman ar
alar we meni senden üstün çykarar. Bähramşa öz
pillerine buýsanmasyn. Eger onda pil bar bolsa mende
Harmil bar.
271
Alaýeddiniň goşunynda iki sany kişi bardy. Olara
Harmil diýýärdiler. Gurlardan bolan bu iki adam
batyrlykda we başarjaňlykda ägirt bolup, asman
haýbatly pili hem «küşt tagtasynyň gyrasyndaky
öýünde «Şah mat» edýärdiler»1 we özleriniň oljasy, pidasy hasaplaýardylar. Ilçi gaýdyp gelip eşiden sözlerini
Bähramşanyň arzyna ýetirende, onuň daşky keşbi
üýtgemese-de, köňlüni gaýgy-gam gurşap alyp,
kalbyny güýçli gorky eýeleýär. Elkyssa, bu iki topar
bir-birleri bilen ýüzbe-ýüz bolup, kineli pelegiň
gulagyna gylyçlaryň «çapa-çap» we oklaryň hem
«şapa-şap» owazlary baryp ýetende, uly we kiçi Harmil
edil mes pil kimin uruş meýdanyna çykdylar. Uly
Harmil hanjary bilen bir tanymal piliň garnyny ýyrtýar.
Pil onuň üstüne ýykylýar we olaryň ikisi hem ölýär.
Kiçi Harmil hem başga bir pili ýykýar we özi sag-aman
onuň aşagyndan çykýar.
Elgaraz, bu uruşda pilleriň bolmagy edil sygyr we
gäwmişler mysalynda peýdasyz we netijesiz bolýar.
Alaýeddin bilen Gur emirleri uly topar bolup, birden
Bähramşanyň üstüne çozup, Gaznalylary öz zarbalarynyň
astyna
alýarlar.
Gaznalylar
leşgeriniň
serkerdebaşysy, batyr hem-de gaýduwsyz Döwletşa ibn
Bähramşa bu jan alyjy söweş meýdanynda janyny
behişt hazynaçasyna tabşyrandan soň, Bähramşa elaýagyny ýitirip, Hindistan ülkesine tarap gaçýar. Soňra
1
Bu ýerde söz oýnadylyp, entek piller göçüm etmänkä, şany duran
ýerinde gozgatman mat edip bilýärler, pil göçüme-de girip bilmän galýar
diýen many öňe sürülýär.
272
köp wagt geçmänkä, oglunyň we beýleki zatlaryň gamgussasyndan keselläp, pany dünýäden ebedilik behişde
göç edýär.
Iň ygtybarly rowaýata görä, ol 547-nji ýylda
wepat bolupdyr. Ol otuz bäş ýyllap soltanlyk edipdir.
Bähramşanyň döwründäki şahyrlaryň biri Şyh
Senaýydyr. Onuň doly ady Abulmejit Mejdut ibn
Adam Gaznalydyr. "Nafahat"1 atly kitapda şeýle maglumatlar getirlipdir:
Şyh Senaýynyň toba etmegine sebäp bolan zat
şudur:
Bir gezek gyş paslynda soltan Mahmyt ülkeleri
basyp almak üçin, Gaznadan çykanda, ol soltan
Mahmydy taryplap, bir kasyda düzüp, onuň mübärek
arzyna ýetirmek üçin, onuň goşunyna, ordasyna tarap
ugraýar. Ol ýolda gidip barýarka, bir hammam
ojagynyň gapysyna ýetende, görse «Laýhor» ady bilen
meşhur bolan we şeraba göwün berenlerden biri özüniň
sakysyna:
— Mahmydyň gözüniň kör bolmagy üçin bulgury
doldur – diýýär.
Saky:
— Mahmyt bir musulman patyşa, ol jyhat işine
meşguldyr – diýýär.
Laýhor oňa:
— Ol bir biderek adamjykdyr. Özüniň hökümi
astyndaky ýerleri gowy eline alyp, gysymyna gysyp
1
Möwlana Nureddin Abdyrahman Jamynyň "Nafahatul üns min
hazaratul kuds" eseri.
273
bilenok. Şonda-da başga ýurdy basyp almaga gidýär –
diýip, ol bulgury başyna çekýär. Soňra ýene-de:
— Senaýy şahyryň kör bolmagy üçin ýene bir
bulgur doldur – diýýär. Saky oňa:
— Senaýy dana we nepis duýguly şahyr – diýýär.
Laýhor:
— Eger ol nepis duýgudan nesipli bolsady, özüne,
öz derdine ýarajak bir işe meşgul bolardy. Gaýtam, ol
özüniň hiç bir işine (derdine) ýaramajak birnäçe bihuda
sözleri kagyza ýazypdyr. Ol özüni näme üçin ýaradandyklaryny bilmeýär – diýýär.
Senaýy bu gürrüňleri eşidip, şobada özgerýär we
gaflat şerabyndan aýňalyp, sopuçylyk bilen
meşgullanýar. Çuňňur düşünjeli akyldarlardan gizlin
galmasyn: Şyh Senaýy Bähramşanyň asyrdaşy bolup,
ol bu kitabyny1 525-nji ýylda şol mertebeli mübärek
şanyň adyna düzüpdir. Soltan Mahmyt Gaznalynyň
421-nji ýylda wepat bolanlygy üçin, bu iki sene
deňeşdirilip görlende, akyldar taryhçylaryň ýanynda
şeraphor Laýhoryň hekaýatynyň soltan Mahmydyň
zamanynda bolandygynyň hakykatdan daşdygy örän
aýdyň bolýar. Görnüşine görä, bu waka Soltan
Mesgudyň döwründe bolup, kätipler ýalňyşyp, Soltan
Mesguda derek soltan Mahmydyň adyny ýazypdyrlar.
Ylym Alladandyr.
«Taryhy Güzide" eseriniň eýesiniň aýtmagyna
görä, Şyh Senaýy Bähramşanyň döwründe wepat
1
Bu ýerde "Hadykatyl-hakykat" eseri göz öňünde tutulýar.
274
bolupdyr. Başga käbir akyldarlaryň (alymlaryň)
aýtmaklaryna görä, ol 525-nji ýylda, ýagny "Hadykat"
eserini soňlan ýylynda wepat bolupdyr.
Zahyreddöwle Hysrow şa ibn Bähramşanyň
soltanlygynyň beýany
Ygtybarly rowaýatlara görä, Bähramşa Gaznada
wepat bolansoň, Hysrow şa emirleriň ylalaşmasy bilen
soltanlyk tagtyna geçýär. Edil şol wagtlar hem
Alaýeddin Gurynyň ýakynlap gelýänligi baradaky
habaryň yzy üzülmeýänligi üçin, ol aýal-çagalary bilen
Hindistana tarap gidip, Lahor şäherinde mekan tutýar.
Alaýeddin Gury Gaznada «Gaznalylary öldürmekde,
weýran etmekde we talamakda hiç kim özüni çetde
saklamaly däl» diýip höküm edýär. Şoňa görä-de ýedi
günläp adamlary öldürip, şäheri talamakdyr weýran
etmekde hiç hili kemlik etmändirler. Alaýeddin
Surynyň gulagyna: «Seýfeddin Suryny köçelerden we
bazarlardan aýlan wagtlarynda, gaznaly aýallar edil
toýdaky ýaly dep we deprek bilen Suryny masgaralap
aýdym aýdypdyrar» diýip habar ýetýär. Şonuň üçin ol
Gaznanyň hem aýallarynyň birtoparyny öldürýär we
hiç kime rehim etmeýär. Soňra Gura tarap ugraýar. Ol
ýolda gidip barýarka nirede Söbükteginiň öwladyna
degişli bina görse, ählisini ýykyp we ýakyp "Jahan
ýakyjy Alaýeddin" diýen lakama eýe bolýar. Soňra
Seýfeddin Surynyň weziri bolan Seýit Mejdeddiniň
aryny almaklaryna buýruk berýär. Onuň buýrugyna
275
görä, gaznaly seýitleriň bir toparyny boýnundan
gumdan doly torbalar asyp, Firuzkuha äkidýärler. Şol
ýerde hem ählisiniň başyny kesip, olaryň ganlary bilen
torbadaky gumlardan palçyk ýasap, Firuzkuhyň
diňlerini ýasamakda ulanypdyrlar.
Alaýeddin Sury yzyna dolanansoň, Hysrow şa
paýtagt Gazna göz dikip we Soltan Sanjaryň kömegine
umyt baglap, Lahordan üpjün goşun bilen Gazna tarap
ýöriş edýär. Emma şol wagtlar oguz türkmenleriniň1
Soltan Sanjary tutup, Gazna tarap ýola düşendikleri
üçin, olaryň öňünde durup bilmän, ýene-de Lahora
tarap dolanýar. Oguz türkmenleri on ýyllap Gaznany
öz golastynda saklapdyrlar. Ondan soň gurlular ony
oguz türkmenleriniň elinden alýarlar. Soňra Hysrow
şanyň emirleri pursat gelende, Gaznany ýene-de
gurlulardan alýarlar.
Käbir kitaplardan şeýle maglumatlar mälim
bolýar:
Hysrow şa jahan ýakyjy Alaýeddin Gurynyň
zyýan-zeperinden gorkup Hindistana gaçyp gidensoň,
jahan ýakyjy Alaýeddin Gandaharyň Germsir diýen
ýerini we Teginabady basyp alýar we ony soltan
Gyýaseddin Muhammede tabşyryp, özi Gura dolanýar.
Hysrow şa agyr goşun bilen Hindistandan Gazna
ugranda, jahan ýakyjy Alaýeddin onuň bilen ylalaşmak
isläp, Hysrow şanyň Gazna bilen kanagatlanyp,
Teginabat şäherini we galasyny özünde galdyrmagyny
1
Asyl nusgada: «Türkany guzzan» – guzly türkiler.
276
teklip edýär. Emma Hysrow şa kabul etmeýär. Onsoň
jahan ýakyjy Alaýeddin Gury şu aşakdaky rubagyny
düzüp, oňa iberýär.
Ilki kine binýadyn seniň kakaň goýandyr,
Şondan soň jahan halky bary bidat bolandyr.
Eger dykgat bermeseň bir Teginabat üçin,
Mahmyt nesliniň mülki tutuş ýele sowrular.
Hysrow şa Soltan Sanjardan ýardam geljegine bil
baglap, bu teklibe asla üns bermeýär. Takdyra
laýyklykda, hut şol birnäçe günlükde hem Soltan
Sanjaryň ykbal täleýiniň zebunlygy hakykata öwrülýär.
Hysrow şa jahan ýakyjy Alaýeddin Gurudan gorkup,
ýene-de Lahora gaçyp gidýär. Jahan ýakyjy Alaýeddin
Gaznany basyp alyp, Gura dolanýar.
Hysrow şa Lahor şäherinde 555-nji ýylda wepat
bolýar. Ol ýedi ýyllap höküm sürüpdir.
Gaznaly patyşalarynyň soňkusy Hysrow Mälik ibn
Hysrow şa Gaznalynyň soltanlygynyň beýany
Hysrow şa Lahor şäherinde bu gaýgy-gamly
dünýäden şatlyk öýüne göç edensoň, ogly Hysrow
Mälik onuň ornuna geçýär we paýtagt Lahory adalat
we ynsap bezegi bilen bezeýär. Ol Hindistanda soltan
Ybraýymyň we soltan Bähramşanyň eýeçiliginde we
golastynda bolan ähli welaýatlary doly zabt edipdir.
Emma Soltan Şyhabeddin Muhammet Gury diňe bir bu
277
beýik şöhratly nesilşalygyň paýtagty bolan Gaznany
basyp almak bilen çäklenmän, Hindistana hem göz
dikip, Peşaweri, Owganystany, Multany we Sindi
basyp alyp, 576-nji ýylda Lahora gelip ýetýär. Hysrow
Mälik onuň öňünde durup, jeň edip bilmejegini aňyp,
galada penalanýar. Soltan Şyhabeddin Muhammet
Gury hökmürowanlyk bilen Hysrow Mäligiň kiçijik
ogly Mälik şany1 bir meşhur pil bilen bile tutup alyp
yzyna dolanýar. Ol 580-nji ýylda ýene-de Lahora
gelýär. Hysrow Mälik ýene-de galada penalanansoň,
Soltan Şyhabeddin Muhammet Gury bu şäheriň daştöweregini we etraplaryny talap we çapawullap
Siýalkut galasyny gurup, ony özüniň ýakyn, ynamdar
adamlarynyň birine tabşyryp, özi Gazna dolanýar.
Soňra Hysrow Mälik Şyhabeddin Muhammediň
ýoklugyndan peýdalanyp, ulular bilen ylalaşyp, Siýalkut galasyny gabaýar, emma hiç bir iş bitirip bilmän
yzyna dolanýar. Soltan Şyhabeddin Muhammet Gury
Lahor şäherini basyp alamagy ýüregine berk düwýär.
Soňra 582-nji ýylda ilki daşyndan Hysrow Mälik bilen
dostluk açan bolýar. Soňra Hysrow Mäligiň ogly Mälik
şany patyşalyk esbaplaryndan näme zat mynasyp bolsa,
baryny taýýarlap, ynamly adamlar bilen goşup,
kakasyny görmäge Lahora iberýär. Hemralaryna bolsa
Mälik şany yzygiderli şerap içmäge ündemeklerini
tabşyryp, onuň ýuwaş ýöräp, ýolda bir topar ýerde düşlemegine sebäp bolmaklaryna buýruk berýär. Oglunyň
1
Asyl nusgada: «Mälik şanyň kiçijik ogluny». Emma aşakda: «Hysrow
Mäligiň ogly Mälik şany» görnüşde getirilýär.
278
geljek hoş habary Hysrow Mälige ýetende, ol hoşal
bolup we begenip, soltan Şyhabeddiniň ylalaşmasyna
we dostlugyna ynanyp, aýşy-eşrete we saz-söhbete
meşgul bolýar:
Bu tagt-u mülkde bilseň nogsandan gussa bardy,
Şanyň tapan çäresi çopanyňkydan kemdi.
Heniz Mälik şa ýolda wagty Soltan Şyhabeddin
Muhammet Gury başga ýoldan hersinde iki ýa-da üç
ätiýaçlyk ideg aty bar bolan böwsüji we ýeňil ýigrimi
müň atly esger bilen Gaznadan ylgar edip, Lahor
suwunyň kenaryna ýetip gelýär. Säher çagy Hysrow
Mälik gaflat ukusyndan oýanyp, suwuň kenaryny
duşman leşgeriniň golastynda görende, bialaç ejizlik
dilini aman diläp saýradyp, onuň hyzmatyna gelýär.
Şeýdip, Lahor ülkesi şu hilegärlik bilen hiç hili uruşdawasyz, soltan Şyhabeddin Muhammet Gurynyň
ygtyýaryna
geçýär
we
soltanlyk
Gaznaly
nesilşalygyndan Gurly nesilşalygyna geçýär. Hysrow
Mälik ýigrimi sekiz ýyllap höküm sürüpdir.
279
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 01
    Total number of words is 3452
    Total number of unique words is 2028
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    35.0 of words are in the 5000 most common words
    41.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 02
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 1904
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 03
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 1763
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 04
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 1825
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 05
    Total number of words is 3606
    Total number of unique words is 1875
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    37.8 of words are in the 5000 most common words
    44.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 06
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 1900
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 07
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 1924
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 08
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1910
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 09
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 1861
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 10
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1884
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 11
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 1862
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 12
    Total number of words is 3720
    Total number of unique words is 1745
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 13
    Total number of words is 3730
    Total number of unique words is 1718
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 14
    Total number of words is 2668
    Total number of unique words is 1377
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.