Latin

Ybraýymyň Gülşeni I - 09

Total number of words is 3711
Total number of unique words is 1861
28.7 of words are in the 2000 most common words
42.1 of words are in the 5000 most common words
49.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
etdiler hem-de soltan Mahmyda öwgüler aýtdylar. Oňa
Allatagaladan üstünlik we ýeňiş dilediler. Ol gün
Bagdatda şeýle bir şatlyk-şagalaň boldy welin, göýä
diýersiň edil kesgitlenen yslam baýramlarynyň biri
ýaly boldy.
Bu işler şeýle bir ýokary derejede bolup, beýik
sahabalaryň Arap, Ajam, Rum we Şam ülkelerinde
159
ýerine ýetiren işlerini soltan Mahmyt Hindistanda
berjaý etdi hem-de özüniň bu dünýäsini we ahyretini
abadan etdi.
Dört ýüz on ikinji ýylda alymlaryň, ýagşyzadalaryň
we musulmanlaryň uly topary jemlenişip, soltanyň
mübärek dergähine gelip:
– Soltan her ýyl sogap gazanmak üçin Hindistana
gidýär we ol ýerde yslam nyşanlaryny ýüze çykarýar.
Emma köp wagtdan bäri araplaryň we kyrmytylaryň
derdinden Mukaddes öýüň – Mekgäniň ýoly bagly.
Musulmanlar olardan gorkusyna we Apbasly halypalaryň gowşaklygy sebäpli haj sogaplaryny
gazanmakdan mahrum – diýip, arz etdiler. Soltan
Mahmyt olaryň haýyşyny kabul edip, hökümdarlyk
edýän ülkesiniň kazylar kazysy bolan Abu Muhammet
Nasyhyny Emir Haj1 belläp, oňa kerwen ýolundaky
araplara sarp etmek üçin otuz müň sap gyzyl dinar
berdi we Mukaddes öýe rowana etdi. Ululardan, hanbeglerden, hormatlylardan we kiçilerden örän köp
adam oňa hemra boldy. Olar menzil-mekanlary aşyp,
badyýa-arap sährasyna gelip, Faýt2 atlandyrylýan bir
ýere ýetenlerinde, araplar adaty ýörelgelerine
laýyklykda ýol kesip, böwet boldular. Kazy Abu
Muhammet Nasyhy ylalaşyk ýörelgesine eýerip:
«Ýolumyzdan aýrylsynlar» diýip, olara bäş müň dinar
ugratdy. Araplaryň Hammat ibn Aly atlandyrylýan
serkerdesi ondan ýüz öwrüp, öz leşgerini kerweni ta1
2
Haja gidýän uly kerweniň emiri.
Asyl nusgada: «Kaýt».
160
lamaga we çapawullamaga häzirledi. Tötänden şol
wagt kerwen adamlaryndan peýkam atmakda ussat
bolan bir türkmen Hammada tarap peýkam atdy.
Takdyryň ýazgydyna laýyklykda, peýkam onuň
başyndan degip, şobada atdan ýykyldy. Araplar
eglenmezden onuň jesedini göterip, gaçmaga ýüz
goýdular. Kazy Abu Muhammet Nasyhy hatyrjemlik
we asuda köňül bilen şol ýylky haj dessurlaryny berjaý
edip, sag-salamat dolanyp geldi. Munuň üçin ybadat
edilýän Hökümdara – Taňra hamdy-senalar bolsun.
Hut şol ýyl, ýagny dört ýüz on ikinji ýylda soltan:
«Hindistanyň kapyrlary käýinçli we sögünçli dillerini
uzadyp, Kunnujyň rajasy Gäwrä melamatlar ýöňkäpdirler. Goşunynyň we nökeriniň köplügi bilen
özgelerden tapawutlanýan Kälenjeriň rajasy Nenda
bolsa, «Näme üçin soltan Mahmyda boýun bolduň»
diýip, Kunnuja leşger çekip, Gäwräni öldüripdir» diýip
eşitdi. Soltan Mahmyt bu gürrüňden soň, öňki
gezekdäkilerden hem köp leşger jemläp, köp sanly uruş
ýarag-esbaplary bilen Nendadan ar almak üçin
Hindistana tarap ugrady. Jun1 suwuna ýetende Çipalyň
agtygy, ýagny Penjabyň rajasy (ol birnäçe gezek
Soltanyň goşunyndan ýeňlip gaçyp gidipdi) Nenda
kömek we medet bermek niýetinde söweşe taýýar
goşuny bilen Soltanyň goşunynyň ýoluny kesdi.
Gazaply we çuňňur derýa geçmäge böwet bolup,
soltanyň ýakynlaryndan hem hiç kim suwdan geçip
1
Ýokarda «Çun suwy» görnüşinde getirlipdi.
161
bilmeýärdi. Birden soltanyň aýratyn gulamlaryndan
sekiz gulam birden suwdan geçip, Çipalyň agtygynyň
tutuş leşgerini pytradyp dargatdylar, ýeňdiler. Çipalyň
agtygy birnäçe kişi bilen güm bolup gitdi. Gulamlar ol
ýerden şol töwereklerde ýerleşýän bir şähere gidip, ony
taladylar we çapawulladylar. Buthanalary ýykdylar.
Akyl eýelerinden gizlin bolup galmasyn, sekiz sany
kişi bir patyşanyň goşunyny ýeňip bilmez. Megerem,
ol sekiz kişi emirlerden bolsa gerek we öz leşgeri bilen
suwdan geçip, şeýle uly işi bitiren bolsalar gerek.
Elgaraz, ol ýerden Nendanyň welaýatyna ugradylar.
Nenda söweşe häzir bolup, otuz alty müň atly, kyrk bäş
müň pyýada we alty ýüz kyrk pil bilen soltanyň
barabaryna gelip, leşgergäh düzdi. Soltan bir belent
depä çykyp, onuň leşgerini göz çaky bilen synlady.
Onuň leşgeriniň örän köpdügini görende gelenine
puşman edip, nyýaz maňlaýyny zarynlyk we mätäçlik
toparagyna goýup, Taňrynyň dergähinden ýeňiş we
üstünlik diledi.
Takdyry ýazgytdan, agşam düşende Nendanyň
kalbyna uly howp düşüp, ähli esbaplaryny duran-duran
ýerinde goýup, gaçyş ýoluny saýlapdyr. Ertesi Soltan
ondan habarly bolanda atlanyp, ilki bilen bukulary
barlap, köňlüni kapyrlaryň mekir-hilesinden rahat
edensoň, talaňçylyga el uzatdy. Yslam goşunynyň eline
älem-älem, jahan-jahan oljalar düşdi. Hut şol sebitlerde
bir jeňňelden Nendanyň bäş ýüz segsen sany pilini
tapdylar.
162
Yzynda galan Penjap we beýleki welaýatlardan
köňli hatyrjem bolmandan soň, şol ýyl şonuň bilen
kanagatlanyp, Gazna dolandy.
Kyrat we Nardyn welaýatlarynyň eýelenişi
Hut şol wagtlarda: «Hindistanyň serhet ülkelerinden
bolan Kyratyň we Nardynyň1 ilaty boýunlaryny
musulmanlyk halkasyna ildirmän, tabynlykdan we
Muhammediň şerigatyndan baş gaçyrypdylar. Köpüside butparaz» diýip, habar gelip ýetdi. Soltan leşger
jemläp, özi bilen demirçileriň, daş ýonujylaryň we
neçjarlaryň uly toparyny alyp, ol ülkä ýöriş etdi. Ilki
bilen Kyrata hüjüm edip, ol ýeri eýeledi. Kyrat
Hindistan bilen Türküstan ülkeleriniň arasynda
ýerleşýän bir sowuk ýer bolup, ol ýeriň örän köp
miwesi bardyr.
Ol ýeriň häkimi boýun bolup, watandaşlary bilen
yslamy kabul edensoň, soltan Mahmyt Hajyp Aly ibn Il
Arslan Karyby2 Nardyny eýelemäge ugratdy. Ol baryp,
ol ýerleri eýeledi. Ol ýerlerden sansyz baýlyk we gulgyrnak ele düşdi. Şol ýerde ýerleşen bir uly buthanany
ýykanlarynda ol ýerden bir nagyşlanan we oýulan3 bir
daş çykdy. Hindileriň düşünjesine görä, onuň bina edilenine kyrk müň ýyl bolupdyr.
1
Hindistanda bir welaýatyň ady.
Asyl nusgada: «Hajyp ibn Arslan Jazyp».
3
Bu ýerde «oýulyp nagyşlanan» diýen manyny aňladýar.
2
163
Soltan ol ýere gidip bir gala gurdy we Aly ibn
Gadarjugy1 oňa kütwal2 edip belläp, yzyna dolandy.
Lahor şäheriniň eýelenişi
Soltan Mahmyt dört ýüz on ikinji ýylda Keşmire
ugrap, Luhkuty3 gabawa aldy we oňa bir aý wagtyny
sarp etdi. Emma ol şäher gün-günden mäkämleşenden
soň, ony eýelemekden el çekip, ol ýerden dolandy we
Lahorda düşledi. Talaňçylyk we çapawullyk üçin daştöwerege leşger iberip, san-sajaksyz oljalary ele
saldylar. Bu gezek Çipalyň agtygy ejizläp, haly harap
bolansoň, Ejmiriň raýynyň gaşyna penalanyp barypdy.
Soltan Lahor şäherini eýeläp, ony özüniň ynamdar
emirleriniň birine tabşyrdy. Penjabyň welaýatlarynyň
köpüsini özüniň ynamdar we akylly emeldarlaryna tabşyryp, talaňçylykdan we çapawullykdan dönüp, ýurt
eýelemäge girişdi4. Ol diýarda ýeňiş nyşanly goşun
goýup, ol ülkelerde öz adyna hutba okatdyryp, baharyň
başynda Gazna dolandy.
Soltan Mahmyt dört ýüz on üçünji ýylda Lahor
ýolundan ýene-de Nendanyň welaýatyna ýöriş etdi.
Guwalýar galasyna ýetende ol galany eýelemek tamasy
bilen ony gabady. Dört günden soň ol galanyň rajasy
1
Asyl nusgada: «Aly ibn Gadar Seljugy».
Kütwal – häkim, şäherdäki baş goşunbaşy.
3
«Zeýnel ahbarda» «Luherkut».
4
Іňki gezeklerinde köplenç basyp alyp, buthanalary weýran edip
gaýdýan bolsa, bu gezek şol ýerlerde öz emeldarlaryny häkim belläp, gösgöni öz döwletiniň düzümine girizdi diýen manyny aňladýar.
2
164
suhangöý ilçileriň üsti bilen otuz bäş sany pil berip,
ýaraşyk baglaşdy. Soltan Nendanyň mesgeni bolan
Kälenjere gidip, ony gabawa aldy. Nenda üç ýüz sany
pil bermegi kabul edip, ýaraşyk isledi. Soltan muny
kabul edende olar synag üçin üç ýüz pili pilbansyz daşary çykaryp, sähra goýberdiler. Soltan türkmenlere
buýruk berdi, olar pilleri tutup, atlandylar. Galanyň ilaty
bu ýagdaýy synlap haýran galyp, türkmenlere telpek
goýdular we olardan has-da gorkdular. Nenda soltany
öwgüläp, hindiçe bir şygyr düzüp, onuň gaşyna
iberipdir. Soltan ony öz hyzmatynda ýören hindi, arap
we ajam akyldarlaryna görkezipdir. Ählisi «berekella»
we «aperin» diýipdir. Soltan muňa buýsanyp, on bäş
sany galanyň, şol sanda Kälenjer galasynyň häkimligine
belleýändigi baradaky permanyny, başga-da birtopar
sowgat bilen oňa peşgeş edip iberýär. Nenda hem onuň
öwezine soltanyň hyzmatyna sansyz baýlyk we soňsuz
göwherler iberýär. Onsoň soltan onuň diýaryndan el
çekip, Gazna dolanýar.
Dört ýüz on bäşinji ýylda soltan leşgerini gözden
geçirýär, hasaplaýar. Onuň leşgeriniň sany etraplarda
we welaýatlarda bolan leşgerlerinden daşgary elli dört
müň atly we üç ýüz pil diýlip ýazyldy. Ol şeýle
haýbatlylyk bilen Balha ugrady. Şol wagtlarda
Mawerannahryň ilaty Alyteginden şikaýat etdiler.
Soltanyň Balha1 gitmegi
1
Ähtimal bu ýerde säwlik bilen «Balh» diýip, ýazandyr. Görnüşine görä
Balha däl-de, Mawerannahra gidene meňzeýär.
165
Soltan Alytegini dep etmek üçin Jeýhun suwundan
geçdi. Mawerannahryň serdarlary ony garşylamaga
çykyp, öz derejelerine laýyk peşgeşler getirdiler. Tutuş
Türküstanyň patyşasy bolan Ýusup Kadar han ony
garşylamaga çykdy hem-de muhabbet ýörelgesinden
ýöräp, soltan bilen dostlukly ýagdaýda duşuşdy. Soltan
onuň gelenine hoşal bolup, baýramçylyklar düzetdi.
Olar biri-birlerine sowgat-serpaýlar berdiler. Ahyrynda
hem ylalaşyk we hoşallyk bilen biri-birinden
aýrylyşdylar. Alytegin mundan habarly bolup, gaçyp
gitdi. Soltan onuň yzyndan kowgy iberdi. Olar ony
tutup getirdiler. Soltan ony zynjyra baglap, Hindistan
galalarynyň birinde tussag etdi. Soňra özi Gazna
dolandy.
Hut şol ýyl, ýagny dört ýüz on bäşinji ýylda soltana
şeýle mazmunda arz etdiler:
«Hindiler: «Ruhlar bedenlerden aýrylyşandan soň,
Sumanatyň1 huzuryna we hyzmatyna gelýärler.
Sumanat bolsa, ruhlaryň her haýsyny laýyk hasaplan
başga bir bedenine geçirýär, ýöne tanasuh2 ýörelgesi
bilen geçirýär» diýýärler. Mundan başga-da olar
Sumanat hakynda: «Deňizleriň daşmasy we gaýtgyny
deňizleriň oňa ybadat etmesidir» diýip ynanýarlar.
Brahmanlar: «Sumanat soltan Mahmydyň döwen
butlaryndan göwni galyp ynjapdy. Şonuň üçin olara
1
Sumanat – butlaryň biriniň ady.
Іlen adamyň ruhunyň başga bir täze dogan janly bedene geçmegi
baradaky hyýaly düşünje.
2
166
hemaýat etmedi. Bolmasa, bir göz açyp-ýumasy salymda her kimi islese heläk edip bilýär» diýýärler. Şeýlede olaryň ynanjyna görä, Sumanat patyşamyş, beýleki
butlar onuň hajyplary we nowwaplarymyş1».
Soltan Mahmyt bu sözleri eşidip, Sumanaty
eýelemegi we ýigrenji sypat butparazlary gyrmagy
niýet edip, Meret aýynyň onuna ýörite leşgeri hem-de
Türküstan we beýleki welaýatlardan gelip, onuň ýeňiş
nyşanly ordasyna goşulan aýlyk-haksyz otuz müň sany
meýletin atly bilen Sumanata garşy ýöriş etdi. Sumanat
Oman deňziniň kenarynda ýerleşen bir uly şäherdir we
brahmanlar bilen beýleki kapyrlaryň ybadathanasydyr.
Sumanat buty şol ýerdedi. Bu wagt ol Benderi Diwe2
degişlidir we Pereň kapyrlarynyň eýeçiligindedir.
Taryhy kitaplarda: «Hezreti penakär Pygamberiň
döwründe Sumanat atly bir uly buty Käbe öýünden
göterip şu ýere eltip, onuň ady bilen baglylykda bir
şäher gurupdyrlar» diýlip ýazylypdyr. Emma brahmanlaryň yslam ýüze çykmazyndan birnäçe müň ýyl öň
ýazylan gadymy kitaplaryndan peýdalanylanda şeýle
maglumatlar berilýär: Bu but dört müň ýyl bäri
brahmanlaryň ybadatgähi (Taňrysy) bolan Kerşeniň
zamanyndan bäri bardyr. Brahmanlaryň sözlerine görä,
Kerşen şol ýerde gaýyp bolupdyr.
1
Nowwap – oruntutar, golastyndaky häkim.
Benderi Diw – (diw-dib – hindiçe ada manysynda) Diw (Diýu) porty
we adasy Katywar ýarym adasynyň çetinde, Hint ummanynyň kenarynda,
Kambeý we Keraçy aýlagynyň arasynda ýerleşýär.
2
167
Soltan Mahmyt Oraza aýynyň ortasyna Multan
şäherine ýetdi. Öňde otsuz-suwsuz beýewan bolansoň:
«Her kim birnäçe günlük suw we azyk götersin» diýip,
höküm etdi. Soltanyň özi hem esgerleriň alan zatlaryndan başga-da, ätiýaçlyk üçin ýigrimi müň sany ýörite
düýä suw we azyk ýükläp, Multandan çykyp ugrady.
Ol gan içiji beýewandan geçip, Ejmir şäherine we
galasyna baryp ýetdi. Ol ýeriň raýy ýol ugrundan çete
çekilipdi. Şonuň üçin soltanyň goşuny höküme
laýyklykda, talaňçylyk we gyrgynçylyk ýörelgelerine
başladylar. Esasy maksat Sumanaty ýykmak bolansoň,
galany almak üçin daňlyp galman, ýol sökmäge meşgul
boldular. Şol aralykda hanjar syryjy mertlerden doly
we söweş ýarag-esbaplaryndan püre-pür bolan birnäçe
galany gördüler. Emma hezreti Perwerdigär olaryň
ýüreklerine şeýle bir howp we gorky salypdy welin,
olar gylyç we naýza ulanmazdan tabyn bolup, köp
baýlyklary hem-de galalary soltanyň diwanyndakylaryň ygtyýaryna berdiler. Ondan soň Güjratyň Peteni
diýen ýerine, ýagny Nährwala ýetdiler. Ol şäheri
söweşijilerden boş görüp, soltanyň buýrugyna
laýyklykda, ol ýerden hem köp azyk-suwluk alyp,
gyssanmaçlyk bilen ýöräp, Sumanata ýetdiler. Deňziň
kenarynda bir gala gördüler welin, başy mawy pelege
ýetýärdi, deňziň suwy onuň dyrnagyna1 ýetmeýärdi.
Sansyz kapyrlar onuň diwarynyň üstüne çykyp,
musulmanlara nazar salýardylar hem-de belent owaz
1
Binanyň iň aşaky bölegi, esasy, özeni (fundamenti).
168
bilen: «Biziň Taňrymyz Sumanat hemmäňizi birden
heläk etmek üçin hem-de Hindistanda döwen
butlaryňyzyň aryny sizden almak üçin sizi bu ýere
getirdi» diýip, gygyrýardylar.
Ertesi, özünden göwnühoş bu älem günüň çeşmesinden nur alyp nurlananda, yslamyň batyrgaý
goşuny pelek haýbatly höküme görä, galanyň düýbüne
baryp
söweşe
girişdiler.
Hindiler
olaryň
batyrgaýlyklaryny we garadan gaýtmazlyklaryny
görenlerinde, peýkam ýagdyryjylardan gorkusyna gala
diwarlarynyň üstüni taşlap, galanyň içinden baryp
bolýan buthanalara girip, Sumanatdan medet dilediler.
Musulmanlar gala diwarlaryna merdiwanlar söýäp,
gala diwarynyň üstüne çykdylar we belent owaz bilen
tekbir (Allahu ekber) aýtdylar. Hindiler ýene-de agzybirlik bilen söweşe girişdiler.
Ol gün tä gijeligi we garaňkylygy aýryjy Aý pelegiň
pöwrize deý mawy galasynyň üstüne çykýança we
gelin ýüzli ýyldyzlar asman gijeliginden jilwe kakmaga
başlaýança iki tarapyň arasynda uruş dowam etdi.
Gijäniň garaňkylygy biri-biriňi görmäge böwet
bolandan soň, yslam esgerleri yzyna dolandylar. Ertesi
ýene-de öz işlerine meşgul bolup, ýiti naýzadyr jan
alyjy peýkam bilen hindileri galanyň üstünde awara
etdiler. Edil geçen günki ýaly merdiwanlar söýäp, daştöwerekden galanyň üstüne hüjüm etdiler.
Sumanatyň raýlarynyň jeňi
169
Kapyrlar topar-topar bolup, Sumanaty gujaklap,
onuň bilen agyly we kalby dagly hoşlaşyp: «Söweş,
söweş» diýşip, tä gyrlyp gutarýançalar tagalla baryny
etdiler. Üçünji gün galanyň we buthananyň daştöwereginde bolan hindi esgerleri-de daş tarapdan
gelip, özleriniňkä medet bermek maksady bilen söweş
usullaryny edip, saplar düzdüler. Soltan Mahmyt bir
topary galany gabamakdan saklap, ýaňky jemagaty dep
etmäge girişdi. Iki tarap hem sözsüz we kelamsyz yhlas
we janypkeşlik edip, söweş meýdanyny duşmançylyk
we gahar-gazap ody bilen şeýle bir gazaply otladylar
welin, onuň howrundan ýaňa oduň özi gyra çekilip,
gaçybatalga gözläp ugrady. Söweş esgerleriniň
ahwalyny görüp, zamananyň kalby paralanýardy.
Permdiwiň we Dabyşlymyň emirleriniň yzly-yzyna
gelip ýetmegi, yslam leşgerinde gowşaklygy ýüze
çykarar diýen gorky döredipdi. Soltan Mahmyt
tolgunyp, bir çetde düşledi we şyh Abulhasan
Harakanynyň hyrkasyny eline alyp, mätäçlik ýüzüni
harlyk topragyna goýup, Taňrynyň dergähinden yhlas
bile ýeňiş we üstünlik diledi. Soňra öz esgerleriniň
arasyna gelip, kapyrlaryň üstüne hüjüm edip, ýeňiş we
üstünlik gazandy. Ol söweşde bäş müňe golaý müşrik
gyrylansoň, galanyň ilatyna gorky we howp aralaşyp,
söweşden el çekdiler. Gylyçdan sypan dört müňe golaý
brahmanlar we Sumanatyň hyzmatkärleri Oman
deňzine ýüz öwrüp, gämilere münüp, Serendip adasyna
çekilmek islediler. Emma soltan ondan öň munuň
pikirini edip, batyrlardan doly birnäçe gämini olaryň
170
ýol ugrunda keserdip goýupdy. Olar kapyr gämileri
görnen badyna derrew olara garşy hüjüm edip,
köpüsini ýokluk deňzine gark etdiler. Soňra soltan
Mahmyt perzentleri we dergähiniň ululary bilen gala
girdi. Ol ýeriň ähli ymaratlaryna tomaşa etdi. Şondan
soň galanyň içinden buthana bardy. Görse, ini-boýy
örän giň bir jaý eken. Onuň petigine elli alty sany
göwher bezegli sütüni direg edipdiler. Sumanat daşdan
taraşlanyp ýasalan bir butdy. Onuň boýy bäş gez bolup,
iki gezi ýeriň astyndady, üç gezi bolsa, ýeriň üstündedi.
Soltanyň nazary ol buta düşende joşa düşüp, elindäki
gürzi bilen onuň ýüzüne şeýle bir urdy welin, onuň
ýüzi çym-pytrak boldy.
Sumanatyň çagşadylmagy
Şondan soň soltanyň buýrugy bilen Sumanatdan iki
bölek daşy bölüp alyp, Gazna äkitdiler hem-de birini
juma metjidiniň işigine, beýlekisini soltanlyk köşgüniň
gapysyna taşladylar. Şeýlelikde, alty ýüz ýyldan
gowrak wagt geçendigine garamazdan, ol daşlar hälibu güne çenli, Gaznada durandyr we ony adamlar
görýändir.
Sumanatdan başga-da soltan iki bölek daş bölüp
alyp, Medinä we Mekgä iberdi. Ony köpçüligiň geçýän
köçesine taşladylar.
Takyk maglumatlara görä, soltan Mahmyt
Sumanaty döwmek islän wagtynda brahmanlaryň
birtopary dergähiň ýakynlaryna: «Eger patyşa bu buty
171
döwmän goýsa, biz patyşanyň gaznasyna örän köp zer
tabşyralyň» diýip, haýyş etdiler. Döwlet sütünleri bu
haýyşy soltana ýetirip:
– Bu daşy döwmek bilen butparazlyk resmi
(düzgüni) bu diýardan ýok bolup gitmez we hiç bir
peýdasy degmez. Eger kapyrlardan şeýle uly
mukdardaky gyzyl alnyp, haklylara we musulmanlara
berilse, has mynasyp bolar – diýdiler. Soltan:
– Aýdýan zatlaryňyzyň bary dogry we hakykat
bilen sepleşýär. Emma men bu işi etsem, maňa
«Mahmyt but satan» diýerler. Eger döwsem, «Mahmyt
but döwen» diýerler. Has gowusy, goý, bu dünýäde
hem, ol dünýäde hem maňa «Mahmyt but satan» dälde, «Mahmyt but döwen» diýsinler – diýdi.
Onuň ýagşy ynanjynyň netijesi şolbada soltanyň
durmuşyna şugla saldy. Çünki, Sumanaty köwek edip
ýasandyklary üçin ony döwen wagtlarynda onuň
içinden şeýle bir köp mukdarda nepis göwherler we
merjen-dürler çykdy welin, brahmanlaryň berjek bolan
zatlary bilen deňeşdirer ýaly däldi.
«Habybys-siýär» atly kitapda şeýle maglumat
berilýär:
Sumanat taryh eýeleriniň gelýän netijelerine görä,
bir butuň ady bolup, hindiler ony «butlaryň iň ulusy»
hasaplaýarlar. Emma şyh Ferideddin Attar munuň
tersine maglumat berýär. Onda şeýle beýan edilýär:
Mahmydyň esgerleri alanda Sumanady,
Içinden but tapdylar, Nat eken onuň ady.
172
Bu beýtden mälim bolşuna görä, «Suma»
buthananyň ady bolup, onda ýerleşdirilen butuň ady
«Nat» eken.
Bu setirleri derňew galamy bilen ýazan kişi1 şeýle
netije çykarýar:
Hakykatdan hem öňki köne taryhçylaryň (Alla olara
rehmet etsin!) aýdany hakykata has ýakyn, emma şyh
Ferideddin Attaryň aýdany hem olaryň aýdanyna ters
gelip duranok. Çünki, «Sumanat» sözi hakykatdan hem
«Suma» we «Nat» sözleriniň birikmesinden
düzülendir. «Suma» şol buty ýasan bir patyşanyň
adydyr. «Nat» hem şol butuň adydyr. Soňra bu iki söz
biri-biri bilen baglanyşyklykda köp ulanylandygy
sebäpli edil «Baalbek» ýaly bir söze öwrülipdir we şol
buty aňladýan düşünjä öwrülipdir, diňe ol hem däl, ol
söz şol buthanany, hatda şol şäheri aňladýan düşünjä
öwrülipdir. Diýmek, eger «Sumanaty» şu butuň ady
hasaplasalar hem, ýa-da ol buty diňe «Nat»
atlandyrsalar hem nädogry däldir, ikisi-de dogrudyr.
«Nat» sözüniň hindi dilinde düýp manysy uly,
beýik diýmekdir. Hindi dilinde ulanylýan «Jeknat» sözi
hem şuňa meňzeşdir. «Jek» halaýyk manysyndadyr,
«Nat» bolsa, «Halaýygyň eýesi» manysyndadyr. Ýöne
iş ýüzünde gepleşikde köplenç bir düşünje hökmünde
ulanýarlar we söz hökmünde manysy seljerilmeýär2.
1
Bu ýerde Muhammet Kasym Perişdäniň özi göz öňünde tutulýar.
«Sumanat» hindi dilinde ulanylýan iki sözden: Suma, ýagny Aý we
Nat, ýagny Hudaý diýen sözlerden düzülendir.
2
173
Aý tutulan gijeleri ýa-da Gün tutulan wagtlary
Sumanat buhthanasynda iki ýüz, üç ýüz müňden zyýat
adam jem bolupdyr we uzak ülkelerden ol ýere nezrdir
sadakalar getiripdirler. Hindistan häkimleriniň
Sumanata wakf (bagyş) eden obalarynyň sany iki müňe
golaýlapdyr. Sumanata üznüksiz iki müň brahman
ybadat edipdir. Her agşam Sumanaty Gang derýasynyň
täze suwy bilen tutuşlygyna ýuwupdyrlar. Ýogsa,
Sumanat bilen Gang derýasynyň arasy alty ýüz
kuruhdan1 zyýadady. Şeýle-de agramy iki ýüz mana
barabar bolan we töwereklerinde jaňlar dakylan tylla
zynjyry
ybadathananyň
çüňkünde
häzirläp
goýupdyrlar.
Ony
kesgitlenen
sagatda
hereketlendiripdirler we onuň owazyndan brahmanlar
ybadat wagtynyň bolandygyny bilipdirler. Şonuň ýalyda bäş ýüz sany aýdymçy we tansçy keniz, üç ýüz sany
sazanda kişi ol buthananyň hyzmatynda bolupdyr.
Olaryň zerurlyklary nezr-sadakalardan we wakf edilen
zatlardan üpjün edilipdir. Mundan başga-da ol ýerde
zyýaratçylaryň sakgal we saçyny taraşlamak üçin üç
ýüz kişi bellenipdir. Hindistanyň köp rajalary öz
gyzlaryny Sumanatyň hyzmatyna nezr edip, şol
buthana iberipdirler. Diňe buthananyň özünden
soltanyň hazynasyna şeýle bir köp pullar we nepis
göwherler düşdi welin, onuň ondan biriniň ondan biri
hem Hindistanyň hiç bir patyşasynyň hazynasynda
ýokdy.
1
Kuruh – parsahyň üçden bir bölegi. Käbir çeşmelerde üç ýüz, käbir
çeşmelerde dört ýüz gez diýlip berilýär.
174
«Taryhy Zeýnel maasyr»1 atly kitapda şeýle
maglumat berilýär:
Ol buthananyň içki merkezi, ýagny Sumanatyň
duran ýeri garaňkydy. Ol jaý buthananyň asma
çyralarynda goýlan göwherleriň şöhlesi arkaly
ýagtylýardy.
Sumanatyň hazynalaryndan şeýle bir köp kiçijik
altyn we kümüş butlar tapyldy welin, hetdi-hasaby
ýokdy. Bu barada Hekim Senaýy şeýle diýýär:
Käbedir Sumanat misli bir pelek,
Mahmyt bilen Muhammetden boldy päk.
Bu Käbeden zyňdy butlary daşa,
Ol öç bilen ýapyşdy Sumanata.
Elkyssa, soltan Mahmyt Sumanatyň aladalaryndan
köňlüni hatyrjem edensoň, Nährwalanyň belent
mertebeli, şan-şöhratly rajasy bolan raja Permdiwe
temmi bermek üçin ugrady. Çünki Permdiw akybeti
öwgüli soltan Mahmyt galany we buthanany gabamak
bilen meşgul bolup ýören döwründe batyrgaýlyk edip,
Sumanata kömek bermek üçin leşger iberipdi. Onuň
leşgeri bilen bolan söweşde yslam leşgerlerinden iki-üç
müňe golaý kişi şehitlik şerbetini datmaly bolupdy.
1
Ýazaryň öz girişinde sanap geçýän çeşmeleriniň arasynda beýle kitabyň
ady ýok. Ähtimal kätip bu ýerde «Zeýnel ahbar» bilen «Täjil maasyr» eserini
garyşdyrandyr. «Zeýnel ahbarda» beýle maglumat ýok. Ähtimal bu maglumat
«Täjil maasyr» eserlerinden alnandyr.
175
Sumanat eýelenenden we syndyrylandan soň, raja
Permdiw Güjrat ülkesiniň paýtagty bolan Nährwala
şäherinden Köhendehe galasyna gaçyp baryp, şol ýerde
penalandy. Sumanatdan ol gala çenli gury ýer ýoly
bilen kyrk parsahdy. Soltan bagtyýarlyk we döwletlilik
bilen ol galanyň çäklerine baranda, ol galanyň daştöweregini örän uly we çuň suwuň gurşap durandygyny
gördi. Hiç bir tarapynda görnüp duran geçer ýaly
güzeri ýokdy. Ýeňiş nyşanly goşunyň guwwaslary
soltanyň buýrugy bilen hernäçe suwuň düýbüne
çümseler-de, hiç ýerden ýol tapmadylar. Ahyry ol ýeriň
öz guwwaslarynyň bir topary ele düşdi. Olar: «Pylan
ýerden geçmek mümkin. Emma geçilen wagtynda,
birden eger suw möwç urup, tolkun atsa, hemmeler
heläk bolarlar» diýip aýtdylar. Soltan Mahmyt Gurhany Kerimden pal açandan soň, Taňrynyň enaýatyna
bil baglap, töwekgellik edip, emirlerdir esgerler bilen
bile atyny suwa urup, sag-salamat kenara ýetdi we
galany eýelemäge girişdi. Permdiw sözüniň sagsalamatlygyny hemme zatdan ileri hasaplap, ar-namysdan we mal-baýlykdan geçip, tenha, näbellileriň
lybasynda galadan inip, bir çete gaçyp gitdi. Şondan
soň ýigitler we batyrlar galanyň içine girip, ýeňlen
kapyrlary gyrgyna berdiler.
Raja Permdiwiň gaçmagynyň we onuň baýlyklarydyr
göwherleriniň eýelenmeginiň beýany
176
Yslam urşujylary ýeňişden soň, olaryň zenanlaryny
we bala-çagalaryny ýesir edip, rajanyň baýlyklaryny
we göwherlerini hemişe «Ýene barmy»1 diýýän
doýmaz-dolmaz we abat hazyna tabşyrdylar.
Soltan Mahmyt ýeňiş we üstünlik bilen Nährwala
ugrady. Ol ülke hoştap howasy, sapaly tebigaty, hüýr
sypat gözelleri, göwün küýsediji çemenlikleri, akar
suwlary we bol harytlary bilen Hindistan diýarynyň iň
gowy ýeri bolansoň, soltan birnäçe ýyl ol ýerde
galmak, belki-de öz paýtagty edinmek, Gaznany bolsa
ogly soltan Mesguda tabşyrmak isledi.
Käbir taryhy kitaplardan mälim bolşuna görä, şol
asyrda ol ýerlerde birnäçe sap-arassa altyn känleri bar
eken. Soltan şolara hantama bolup, Nährwaly paýtagt
edinmek isläpdir. Emma häzirki döwürde ol känlerden
hiç hili yz-sor ýok. Onuň şol döwürde bolup, häzirki
döwürde ýok bolan bolmagy bolup biläýjek zat. Muňa
meňzeş zatlar örän köp bolýar. Şonuň ýaly-da soltan
Mahmydyň soltanlygynyň ilkibaşlarynda Sistanda altyn käni ýüze çykyp, soltanlygynyň soňky
döwürlerinde ýer titremegi zerarly ýok bolupdyr.
Soltan Mahmyt Nährwaladan başga-da birnäçe
altyn we ýakut känleri bolan Serendip we Pigu2
adasyna we beýleki benderlerdir adalara hantama
bolup, wagtyň geçmegi bilen esgerlerini gämilere
1
Gurhany Kerimiň 50-nji («Kaf») süresiniň 30-njy aýaty.
Pigu – ähtimal ýazaryň bu agzaýan ýeri Bermäniň günortasynda
ýerleşýän Pego şäheri bolsa gerek. Bu şäher öňler şu at bilen meşhur bolan
bir sebitiň paýtagty eken. Bu şäher hut şu at bilen meşhur bolan bir derýanyň
kenarynda, Rengu şäheriniň 70 km demirgazyk-günbatarynda ýerleşipdir.
2
177
mündürip, şol adalara ibermek we ol ülkeleriň
gymmatbaha we nepis zatlaryny eýeçiligine geçirmek
isleýärdi. Emma ýeňiji döwletiň esasy sütünleri
ýagşylyk niýeti bilen:
– Köp we agyr mähnetler bilen arassalap, üstünde
köp sanly nepis «ynsan göwherlerini»1 seçen ýerimiz
bolan Horasan ülkesini taşlap, Güjraty soltanlyk öýi
edinmek patyşalyga ýaramly bähbitden uzakdyr – diýip, arz etdiler. Bu söz oňa täsir edip, yzyna dolanmak
niýetine mündi hem-de:
– Bir kişini saýlaň, bu ülkäni dolandyrar ýaly häkim
belläliň hem-de häkimlik uýanyny onuň kuwwatly
goluna tabşyralyň – diýdi. Döwlet han-begleri biribirleri bilen geňeşip:
– Bu ülkeden ýene-de güzer edilmejekdigi üçin şu
diýaryň öz adamlaryndan bir kişini häkim bellemeli –
diýip, soltana arz etdiler.
Soltan bu babatda Sumanatyň ilatynyň käbir kişileri
bilen sözleşip gördi. Olaryň birtopary:
– Bu diýaryň ilatyndan hiç bir taýpa at-abraýda we
gelip çykyşda Dabyşlymlaryň derejesine ýetip
bilmezler. Häzirki günde ol nebereden bir kişi şu ýerde,
brahmanlaryň
lybasynda
ryýazat-ybadat
bilen
meşguldyr. Eger soltan bu ülkäni şoňa tabşyrsa mynasyp bolar – diýdiler. Ýene bir topary bolsa, bu sözi
oňlaman:
1
Bu ýerde Horasan ülkesi ugrunda wepat bolan mertler göz öňünde
tutulýar.
178
– Terkidünýä Dabyşlym gödek häsiýetli kişidir. Ol
birnäçe gezek ýurdy öz eline almaklygyň dawasyny
edipdi. Her gezek hem doganlarynyň eline ýesir düşüp,
janyna aman diläp, buthanada penalanypdy. Ol öz erkine däl-de, mejbury ýagdaýda terkidünýäligi ygtyýar
edendir.
Juwazçyň sygrynyň başy bil, ol gapa ýetmeýär,
Künjüsinden eşitseňiz, sapak-ýüplük bitmeýär.
Emma onuň ýakyn garyndaşlaryndan başga bir
Dabyşlym bar. Ol örän akylly we dana kişidir. Ähli
hint brahmanlary onuň hikmetlidigini we lebzi
halaldygyny ykrar edýärler. Ol pylan diýaryň
häkimidir. Eger soltan enaýat ýüzünden oňa perman
hatyny iberse, ol başyny gadam edip, hyzmatyňa ýortup geler hem-de bu welaýaty saklamalysy ýaly saklap,
kabul
eden
paç-hyrajyny ýoluň uzaklygyna
garamazdan, her ýyl kemsiz-kössüz hazynaňyza ýetirer
– diýdiler.
Soltan:
– Eger ol biziň hyzmatymyza gelen bolsady we bu
aýdan zatlaryňyzy haýyş eden bolsady, onda, elbetde,
kabul edilerdi. Emma beýle uly ýurdy iş ýüzünde Hint
ülkeleriniň birinde patyşa bolup oturan we hergiz biziň
hyzmatymyza gelmedik bir şahsa tabşyrmak ýiti
akyldan yrak we kesgir pikirden daş görünýär – diýdi.
179
Güjratyň häkimliginiň terkidünýä Dabyşlyma
tabşyrylmagy
Soltan şeýle diýip, terkidünýä Dabyşlymy çagyrtdy
we Nährwalanyň häkimligini oňa tabşyrdy. Ol paç we
hyraç bermegi boýun alyp, Soltana:
– Pylan Dabyşlym meniň kowumlarymdandyr. Ol
meniň bilen duşmançylykly gatnaşykdadyr. Ol
soltanyň gideninden habar tapan badyna, şeksiz bu ýere
leşger çeker. Entek heniz düzüwli serişdämiň ýoklugy
we mäkämleşmedigim üçin meniň ondan ýeňiljekdigim
görnüp dur. Eger soltan enaýat edip, onuň şerini meniň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ybraýymyň Gülşeni I - 10
  • Parts
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 01
    Total number of words is 3452
    Total number of unique words is 2028
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    35.0 of words are in the 5000 most common words
    41.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 02
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 1904
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 03
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 1763
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 04
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 1825
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 05
    Total number of words is 3606
    Total number of unique words is 1875
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    37.8 of words are in the 5000 most common words
    44.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 06
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 1900
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 07
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 1924
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 08
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1910
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 09
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 1861
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 10
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1884
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 11
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 1862
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 12
    Total number of words is 3720
    Total number of unique words is 1745
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 13
    Total number of words is 3730
    Total number of unique words is 1718
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 14
    Total number of words is 2668
    Total number of unique words is 1377
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.