Latin

Ybraýymyň Gülşeni I - 10

Total number of words is 3747
Total number of unique words is 1884
33.4 of words are in the 2000 most common words
45.9 of words are in the 5000 most common words
53.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
başymdan dep etse, her ýyl Kabulystan bilen
Zabulystanyň hyrajynyň iki essesine barabar salgydy
abadan hazyna gowşuraryn – diýip, arz etdi. Soltan:
– Biziň jyhat niýeti bilen Gaznadan çykanymyza iki
ýyl boldy. Goý, iki ýyl alty aý bolsun. Onuň möhümini
çözüp, soňra yzymyza dolanarys – diýdi.
Şondan soň Soltan Dabyşlymyň welaýatyna leşger
çekip, sähelçe pursatda ol ýerleri basyp aldy.
Dabyşlymy diriligine tutup, terkidünýä Dabyşlyma
tabşyrdy. Terkidünýä Dabyşlym:
– Biziň ygtykadymyzda patyşany öldürmek
mynasyp däl, tersine dessur şeýledir: heran-haçan bir
patyşa beýleki bir patyşadan güýç bilen üstün çyksa, ol
öz tagtynyň astynda bir garaňky we darajyk öýjagaz
gurup, ýeňen duşmanyny şol ýerde tussaglykda
saklaýar hem-de bir kiçijik deşik açyp goýup, şol
ýerden tussagyna suw-nan berýär. Bu ýagdaý tä şol iki
180
sany ýeňlen we ýeňen häkimden biri ömrüni
tamamlaýança dowam edýär. Meniň häzir onuň ýaly
taýýar jaýym ýok, hatda häzir öz duşmanymy şol
usulda saklamaga-da mümkinçiligim ýok. Onsoň
soltan ugran badyna bu töwereklerden onuň
tarapdarlarynyň topalaň edip, ony meniň elimden
almaklary mümkin. Soltandan towakga edýärin, ony öz
ýany bilen paýtagt Gazna äkitsin. Haçanda men mäkäm
ornaşyp, dergähiňize iki sany kişim baranda, ony
ibersin – diýip, arz etdi.
Mahmyt bu haýyşy hem kabul edip, iki ýyl alty
aýdan soň, dolanyş baýdagyny Gazna tarap parladyp
ugrady.
Permdiw, Ejmiriň rajasy we beýlekiler agyr leşger
toplap, Soltanyň geçjek ýoluny tutupdylar. Soltan
söweşmegi oňaýly görmänsoň, Sint ýolundan Multana
tarap ugrady. Bu ýolda käbir ýerlerde azyksyzlykdan,
käbir ýerlerde suwsuzlykdan mähnet çekip, esgerler
halys tapdan düşdi. Olar agyr muşakgat bilen dört ýüz
on ýedinji ýylda Gazna gelip ýetdiler.
Aýdyşlaryna görä, Soltan Sint sährasynyň üstünden
Multana ugran mahaly: «Bir ýolbelet tapyň» diýip
buýrupdyr. Bir hindi bu ýumşy kabul edip, yslam
leşgerine ýolbelet bolupdyr. Ol leşgeri asla suw gyrasyny görmedik bir sähra eltipdir. Olar bir gije-gündiz
ýöränlerinden we hiç hili suw tapmanlaryndan soň,
ordada aljyraňňylyk peýda bolup, kyýamat almatlary
ýüze çykypdyr. Soltan ýolbelet hindiden ýagdaýy
soranda, ol:
181
– Men Sumanatyň pidaçylaryndandyryn. Seni we
seniň leşgeriňi heläk etmek üçin şu sähra getirdim –
diýip, jogap beripdir.
Soltan dergazap bolup, hindini ölüme höküm edýär
we hut şol gije leşgergähden sähra tarap çykyp gidýär
we nyýaz ýüzüni harlyk topragyna goýup, nala bilen
hezreti Züljelalyň dergähinden bu beladan halas etmegini dileýär. Gijäniň bir bölegi geçende demirgazyk
tarapdan bir ýagtylyk peýda bolýar. Leşger buýruga
görä, ol ýerden göç edip, şol ýagtylygyň yzy bilen ýola
rowana bolýar. Daňdan mahaly bir suwuň gyrasyna
ýetýärler we goşun patyşalarynyň yhlasynyň bereketinden şeýle heläkçilikli howpdan halas bolýar.
Terkidünýä Dabyşlym Sumanat hökümetinde doly
hökmürowanlyk tapýar. Onsoň birnäçe ýyldan soň,
soltanyň ýanyna köp sanly göwherler we hazynalar
bilen ilçilerini iberip, öz duşmanyny soraýar. Soltanyň
ýesir Dabyşlyma rehimi inip, ony ibermekde
ikirjiňlenip başlaýar. Emma terkidünýä Dabyşlymdan
teselli tapan1 döwlet sütünleri:
– Müşrik kapyrlara näme üçin rehim etmeli? Şeýlede soltanyň kabul eden işiniň tersine iş edilmegi laýyk
däl – diýdiler.
Garaz, ahyr ol juwan Dabyşlymy terkidünýä
Dabyşlymyň ilçilerine tabşyrdylar. Olar ony
Sumanatyň çäklerine ýetirenlerinde terkidünýä
Dabyşlymyň buýrugy bilen äht edilen zyndany
1
Bu ýerde terkidünýä Dabyşlymyň döwlet sütünlerine sowgat-serpaýlar
iberip, olaryň göwnüni awlandygy ýaňzydylýar.
182
häzirlediler. Onsoň öz aralarynda ýörgünli bolan kada
laýyklykda ýörite bir legen-kündügi başynda goýup,
özüniň jylawunda ylgadyp, şol zyndana getirer ýaly hut
özi juwan Dabyşlymy garşylamak üçin şäherden
çykdy. Emma ýol ugrunda awa meşgul bolup, çar
tarapa gaty kän ýortýar hem-de yssy howada halys
lagşadandan soň, bir daragtyň saýasynda dynç almak
üçin gyzyl reňkli ýaglygyny ýüzüne ýapyp gyşarýar.
Şol wagt Beýik Taňrynyň takdyry bilen ýiti penjeli bir
guş ol ýaglygy etdir öýdüp, asmandan inip, ýaňky
ýaglyga gazap bilen penje urýar welin, onuň dyrnagy
terkidünýä Dabyşlymyň gözüni çykaryp, ony kör
edýär. Ol döwürde Hindistanyň han-begleri körlere
tabyn bolmandyrlar. Şonuň üçin goşunyň arasynda
topalaň turýar. Hut şol wagt hem juwan Dabyşlym
gelip ýetýär. Ondan başga hiç kim soltanlyga laýyk
däldi. Hemmesi onuň hökümdar bolmagyna razy
bolup, şol legendir kündügi terkidünýä Dabyşlymyň
başynda goýup, bellenilen zyndana çenli ylgadýarlar.
Päk Taňry bir göz açyp-ýumasy salymda terkidünýä
Dabyşlymy özüniň juwan Dabyşlym barada eden
tagallasyna giriftar edýär. «Ýakma bişersiň, gazma
düşersiň»1 diýen nakylyň mazmuny aýdyň bolup,
durmuşa geçýär. Ol öz ykbalyna haýran galyp, ýaş
ýerine gözlerinden gan dökdi. Ol öz ykbaly
mynasybetli şu sözleri diline getirýärdi:
1
Asyl nusgada arapça nakyl berlipdir: «Kim dogany üçin çukur gazsa,
oňa özi gaçar».
183
Göz, ýürek elinden meniň toprak bedenim ot, suwda,
Göz bilen gör, ýürek bilen rehm et, hal harap munda.
Hawa, Perwerdigäriň eradasy birini şalyk tagtyndan
düşürýär, başga birini bolsa balygyň garnynda sagaman saklaýar.
«Hekaýatlar ýygyndysy» atly kitapda şeýle
getiripdirler1:
Soltan ol welaýatyň buthanalarynyň birinde bir but
görüpdir. Ol but howada asyl-asyl bolup, hiç bir zada
berkidilmändir. Soltan örän haýran galyp, döwrüniň
hekimlerinden onuň syryny düşündirmegi sorapdyr.
Ählisi:
– Bu buthananyň üçegi we ähli diwarlary magnatis
daşyndan (magnitden), ol but bolsa tutuş demirden
edilipdir. Daş-töwereginiň ol buty dartyş kuwwaty
deňölçegli edilipdir. Onsoň but aralykda durup, hiç
tarapa gyşarmaýar – diýip düşündirdiler.
Soltanyň emri bilen ol buthananyň bir diwaryny
weýran etdiler welin, but başaşak gütläp gaçdy.
Halypanyň lakamlardan doly namasynyň gelmegi
Soltan Sumanat saparyndan gelen ýyly Apbasly
halypa Kadyr Billä soltan Mahmyda lakamnama
ýazyp, oňa Horasanyň, Hindistanyň, Nimruzyň (Sistan)
we Horezmiň hökümdarlyk baýdagyny iberdi. Soltana,
1
Muhammet Awfynyň «Hekaýatlar ýygyndysy» kitaby.
184
onuň perzentlerine we doganlaryna namanyň üsti bilen
lakamlar dakdy. Soltana Kähfeddöwle Welyslam1,
emir Mesguda Şyhabeddöwle we Jemalylmille2, emir
Muhammede Jelalyddöwle we Jemalylmille3, emir
Ýusuba Azudeddöwle we Müýeýýidilmille4 diýen
lakamlary beripdir. Soňra ýene-de: «Kimi özüňe mirasdüşer edip belleseň biz hem şol kişini kabul
edýäris» diýip ýazypdyr. Bu nama soltana Balhdaka
gelip gowuşdy.
Soltan hut şol ýylda Judy dagynyň5 etegindäki
derýanyň kenarynda ýaşaýan jet6 taýpalaryna temmi
bermek maksady bilen Multana tarap agyr leşger çekdi.
Sebäbi soltan Sumanat saparyndan gaýdyp gelýärkä,
jet kowumy onuň leşgerine çozup, biýedeplikler
edipdi, dürli ezýetler beripdi.
Soltan Multana ýeten badyna onuň buýrugy bilen
müň dört ýüz gämi ýasadylar. Her gämide örän mäkäm
we kuwwatly üç sany demir şah (myh) berkitdiler,
olaryň biri gäminiň maňlaýynda, beýleki ikisi bolsa,
gäminiň iki gapdalynda ýerleşýärdi. Bu şahlara
garşyma garşy gabat gelen her bir zat kül-uşak
bolýardy. Gämileriň baryny suwa saldylar. Her gämide
1
Döwletiň we yslamyň gaçybatalga gowagy, gaçybatalgasy.
Döwletiň şuglasy we milletiň (ymmatyň) görki.
3
Döwletiň beýikligi we milletiň görki.
4
Döwletiň çigni, ýardamçysy we milletiň kuwwatlandyryjysy.
5
Judy dagy – Ibn Amr adasyndaky bir dagyň ady bolup, aýdyşlaryna
görä Nuhuň gämisi şol ýerde saklanypdyr.
6
Jet(t) – Hindistanda ýaşaýan ykmanda we göçüp-gonup ýaşaýan bir
kowum. Käbir maglumatlara görä, soňra olar tutuşlygyna yslamy kabul
edipdirler.
2
185
tir-kemanly we eli nebit küýzeli ýigrimi kişi bolup, olar
jetleri köki-damary bilen ýok etmek üçin ugradylar.
Jetler bulardan habarly bolup, aýal-oglanuşaklaryny adalara
ugratdylar.
Özleri
bolsa
garpyşmaga çykdylar. Olar dört müň, başga bir
maglumata görä sekiz müň gämini suwa okladylar. Her
gämide hem birtopar ýaragly adam bolup, olar
garpyşmaga we gyrlyşmaga gyssandylar. Iki tarap biribirlerine ýetende gazaply uruş başlandy. Soltanyň
gämisiniň garşysyna gabat gelýän her bir gämi,
gäminiň şahyna ýetenden kül-uşak bolup, gark
bolýardy. Şeýlelikde, ähli jetler gark boldular, diri
galanlary bolsa, gylyjyň höregi boldular. Şondan soň
Soltanyň leşgeri olaryň aýal-oglan-uşaklarynyň üstüne
çozup, ählisini ýesir etdiler.
Soltan söweşden soň üstünlik we ýeňiş bilen Gazna
dolandy.
Soltan Mahmyt dört ýüz on sekizinji ýylda Tusuň
emiri Abulhars1 Arslany Amuýe suwundan2 geçip, şol
sebitlerde bozgaklyk edýän Seljuk türkmenlerini ýomýok etmek üçin, Abiwerde we Nusaýa tarap
ugratdy. Tusuň emiri gazaply söweşlerden soň, soltana:
«Soltanyň hut özüniň hereket edip gelmeginden başga
zat bilen olaryň bozgaklyklarynyň çäresini tapmak
mümkin däl» diýip ýazdy. Onsoň soltanyň hut özi
gelip, olary dargadyp perişan eýledi.
1
2
Asyl nusgada säwlik bilen: «Abulharb» görnüşinde ýazylypdyr.
Amuýe suwy – Amyderýa.
186
Soltanyň emirleri Yrak ülkesini eýeläp, ony Äli
Buýe (Büýeweýh) nesilşalygynyň eýeçiliginden
çykarandan soň soltan, ol ýerden Reýe gidip,
deýlemliler hökümdarlarynyň Reýde uzak ýyllaryň
dowamynda toplan hazynalaryny we baýlyklaryny
kynçylyksyz we mähnetsiz gola saldy. Ol ýerlerde köp
bolan kyrmytylardan we bozuk mezheplilerden kimdekim özleriniň bozuk mezhebinde durnuklylyk görkezen
bolsa, baryny gyrdy. Soňra Reý we Yspyhan
welaýatyny emir Mesguda berip, özi Gazna dolandy.
Şondan soň az wagtyň içinde oňa öýken kesel ýa-da
inçe kesel ýokuşyp, keseli gün-günden agyrlaşyp
başlaýar. Soltan örän kynçylyk hem ejir bilen özüni
adamlaryň nazarynda kuwwatly edip görkezýärdi. Ol
şeýle ýagdaýda Balha gidýär. Bahar gelende Gazna
ugraýar. Onuň keseli hasda agyrlaşýar we Gaznada hut
şol keseli zerarly dört ýüz ýigrimi birinji ýylyň Dört
tirkeşiginiň ikinji aýynyň ýigrimi üçüne Sogapgüni ýüz
müň hesret we arman bilen altmyş üç ýaşynda bu köne
dünýäden göç edýär. Ol otuz bäş ýyl soltanlyk sürýär.
Onuň jesedini ýagyş ýagyp durka, gije göterip,
Gaznanyň Piruzy1 köşgünde depin edýärler. Soltan
Mahmyt orta boýly, hoş endamly (näzik bedenli) we
ýüzi bugdaýreňk (sargyldyrak) kişidi. Ol soltan sözüni
özüne dakan ilkinji kişidir. Takyk maglumatlara görä,
soltan Mahmyt ölmezinden iki gün öň onuň buýrugyna
laýyklykda hazynadan gapjyk-gapjyk gyzyl we ak zer1
Asyl nusgada: «Pöwrize».
187
ler, dürli-dürli nepis göwherler, bütin ömrüne ýygnan
dürli-dürli nepis zatlaryny köşgüň içine getirip, köşgi
erem bagyna öwürýärler. Soltan Mahmyt olara hasratly
gözi bilen seredip, «Haý-haý» edip aglaýar. Birnäçe
wagtdan soň olary ýene-de hazyna ugradýar. Şeýle
wagtda hem hiç bir kişini olardan nesipli etmeýär, hiç
kişä hiç zat bermeýär. Ine, şuňa meňzeş zatlary üçin ol
belent mertebeli asylzada şaha husytlyk ýöňkeýärler.
Soltan Mahmyt ertesi tagtyrowana münüp, meýdana
seýle çykýar. Oňa ähli zatlaryny, aýratyn arap atlaryny,
bardagly1 gatyrlaryny, dag sypat pillerini, döw ýaly
düýelerini we beýleki zatlaryny görkezýärler. Ol olary
görenden soň, ençe wagtlap seredip durup, edil
agyçylar ýaly gaty ses bilen aglap başlapdyr. Ol şol
aglap durşuna öz köşgüne tarap dolanypdyr.
Abulhasan Aly ibn Hasan Meýmendiden2 şeýle
maglumat getiripdirler:
Günlerde bir gün soltan Mahmyt Abu Tahyr
Samanlydan:
– Saman neberesi gymmatbaha göwherlerden näçe
mukdar jemläpdi – diýip, sorady. Şonda ol:
– Emir Nuh Samanlynyň döwründe hazynada ýedi
ratl3 nepis göwher bardy – diýip, jogap berdi.
1
Bardag – (Partap-Part). Gadymy döwürde Arranyň merkezi bolan bir
şäher. Ol häzir haraba öwrülipdir. Şol ýerleriň gatyrlary örän daýaw bolup,
hemme ýerde meşhurlyk gazanypdyr.
2
Ähtimal bu adam belli wezir Abulkasym Ahmet ibn Meýmendiniň
dogany bolsa gerek.
3
Ratl – 84 mysgala barabar bolan agyrlyk ölçegi.
188
Soltan Mahmyt muny eşidende ýüzüni topraga
berip:
– Hudaýa şükür! Päk Taňrytagala maňa saýlantgy
nepis göwherlerden ýüz ratldan hem artyk bagyş etdi –
diýdi.
Şeýle maglumat getirilýär:
Ömrüniň ahyrlarynda soltan Mahmyt:
– Nyşapurda bir adam bar, onuň örän köp altynkümşi bar – diýip eşiden wagtynda, ol:
– Ony getiriň – diýip, buýruk berýär. Ol kişi häzir
bolan badyna oňa:
– Eý, pylan kes! Maňa gelip ýeten maglumata görä,
sen mülhitlerden (ysmaýyllylardan) we kyrmytylardan
bolmaly – diýip ýüzlenýär. Şonda ol şahs:
– Eý, ynsaply patyşa! Men mülhit hem däldirin,
kyrmyty hem däldirin. Meniň ýekeje aýybym,
malymyň köplügidir. Her nämäm bolsa, menden al,
ýöne meni betnam etme – diýip, jogap berýär. Soltan
Mahmyt onuň ähli baýlygyny elinden alýar hem-de oňa
ýagşy ynançlydygy barada nama ýazyp berýär.
«Tabakaty Nasyryda» şeýle maglumatlar göze ilýär:
Soltan Mahmyt hemişe «Alymlar Pygamberiň
mirasdüşerleridir» diýen hadysa şübhelenýärdi,
kyýamatyň gopjakdygyna, özüniň emir Nasyreddin
Söbükteginiň neberesidigine şeklenýärdi. Bir gije
hylwatda bir ýerden gelýärdi. Perraçlar1 şem hem altyn
şemdan bilen soltanyň öňünden gelýärdi. Bir ylym
1
Perraç – nöker, hyzmatkär.
189
talyby medresede öz sapagyny tekrarlaýardy.
Garaňkylyk sebäpli her gezek kitapdaky jümleleri
görmäge mätäç bolanda, bir bakgalyň çyrasynyň
ýagtysyna gitmeli bolýardy. Soltanyň oňa ýüregi
awady hem-de şol şem bilen şemdany oňa bagyşlady.
Şol agşam hezreti Muhammet Mustapa sallallahy
alaýhy wesellemi düýşünde gördi. Ol Soltana:
– Eý, emir Nasyreddin Söbükteginiň ogly!
Allatagala seni meniň mirasdüşerlerimi ezizleýşiň ýaly
iki jahanda eziz etgeý – diýdi. Şeýdip, onuň üç
müşgilem şu waka bilen baglanyşyklykda çözülipdir.
Aýdyşlaryna görä, ol ölenden soňky ýyl Gazna gaty
güýçli sil gelip, ol şäheriň örän köp ymaratlaryny harap
edipdir we tükeniksiz halaýyk heläk bolupdyr. Ondan
başga-da Amr ibn Leýs Saffarynyň soltanlyk eden
döwründe guran bendi şol sil sebäpli şeýle bir weýran
bolupdyr welin, ondan asla yz-sor galmandyr. Köňül
gözlüler bu wakany şol adyl patyşanyň ölümi bilen
baglanyşdyrypdyrlar. Çünki, ol patyşanyň adyllygy
örän ýokary derejede bolupdyr. Bu barada şeýle tymsal
getirýärler:
Bir gün bir şahs soltanyň huzuryna şikaýat edip,
adalat sorap gelipdir. Soltan Mahmyt oňa üns berip,
ondan hal-ahwal sorapdyr. Ol adam:
– Meniň şikaýatym köpçüligiň içinde aýdyp bolar
ýaly şikaýat däl – diýipdir.
Soltan ony ýekelikde çagyryp, şikaýatyny diňläpdir.
Ol adam:
190
– Uzak wagtdan bäri patyşanyň ýegeni1 her agşam
meniň öýüme gelip, meni gamçynyň zarby bilen öýden
çykaryp kowýar we aýalym bilen tä daňdana çenli bile
bolýar. Men şunça wagtyň dowamynda döwlet
emeldarlarynyň ählisine aýdyp çykdym. Emma ýekejesiniňem ol wakany siziň arzyňyza ýetirmäge gaýraty
çatmady. Sebäbi ählisi ondan ýüz görýärler we hiç
birinde bir ejiz pakyryň göwnüni görüp, onuň dadyna
ýetişer ýaly derejede Belent we Päk Taňrydan howpdur
gorkusy ýok. Hemmesinden näumyt bolanymdan soň,
seniň dergähiňe ýüz öwrüp, oňaýly pursata garaşyp
ýördüm. Ine, bu gün şol döwlet miýesser boldy. Häzir
sen bir patyşasyň, Belent we Päk Taňry raýatlaryň we
golastyndakylaryň ahwalyny senden sorajakdyr. Eger
perýadyma ýetişseň, ol meniň myradym, bolmasa-da
sabyr-takat ederin, Taňla2 Hakyky Ar Alyjy özüniň
adalaty we gahar-gazaby bilen men ejiz biçäräniň
aryny zalymlardan alar – diýip, arz etdi.
Soltan Mahmyt muny eşidende şeýle bir gam-gussa
batdy welin, saklanyp bilmezden aglamaga başlady.
Soňra:
– Eý, misgin biçäre! Näme üçin mundan öň özüňi
biziň ýanymyza ýetirmediň – diýip sorady.
Ol adam:
– Eý, patyşahy älem! Uzak wagtdan bäri her gün
oňaýly pursata intizarlyk çekýärdim. Diňe şu gün müň
hile we mekirlik bilen gapyçylaryňdan we
1
2
Asyl nusgada: «Patyşanyň aýal doganynyň ogly».
Taňla – erte, kyýamat güni.
191
ýasawullaryňdan sypyp, olaryň bilmeýän bir ýoly bilen
özümi seniň hyzmatyňa ýetirdim. Bolmasa biziň ýaly
pahyrlara öz ahwalyny patyşanyň hyzmatynda arz edip
biler ýaly güýç-gudrat, mümkinçilik nirede? – diýip,
jogap berdi.
Soltan Mahmyt aýtdy:
– Häzir sen hal-ahwalyňy maňa aýtdyň, indi: «Men
öz ahwalymy patyşanyň huzurynda arz etdim» diýip,
başga hiç bir kişä duýdurma. Arkaýynlyk bilen git-de
öz öýüňde otur. Heran-haçan ýaňky zalym ýene-de
öňki endigi boýunça gelse we seni daşary çykaryp
kowsa, derrew meniň ýanyma gel we meni ägä et.
Ol adam aýtdy:
– Eý, soltany älem! Maňa ol wagt özümi seniň
ýanyňa ýetirip bilmek nireden miýesser bolsun?!
Soltan gapy sakçylaryny çagyryp, ol kişini olara
görkezip:
– Heran-haçan şu kişi geläýse, ony saklamaň we
geçirip goýberiň. Goý, men nirede bolsamam, ýanyma
gelsin – diýdi.
Soňra ýene-de ol kişä ýuwaşjadan:
– Eger birden olar: «Patyşa uklap ýatyr» diýseler
ýa-da başga bir bahana bilen seni saklasalar, sen pylan
ýerden gel hem-de ýuwaşjadan seslen. Şonda öz
maksadyňa ýetersiň – diýdi.
Şondan soň ýaňky biçäre hatyrjem bolup, ynam
bilen öýüne gitdi. Ol gije hem ertesi agşam hem onuň
öýüne hiç kim gelmedi. Üçünji agşam gelip ýetende
soltanyň ýegeni öňki endigi boýunça ýarym gije ýene192
de geldi we ýaňky kişini öýünden çykaryp kowup,
özüniň aýşy-eşretine meşgul boldy. Ol şahs ylgaýylgaý soltanyň köşgüniň işigine geldi. Gapy sakçylary
oňa ýol bermediler hem-de:
– Häzir soltan özüniň haremhanasynda, hiç kime ol
ýere barmaga ýol ýokdur. Eger diwanhanada bolan
bolsady, onda hiç kim saňa böwet bolmazdy – diýdiler.
Onsoň ol adam bialaç soltan Mahmydyň özüne aýdan
ýerine baryp, ýuwaşjadan:
– Eý, soltan! Näme edýärsiň? – diýip, seslendi.
Soltan Mahmyt şobada:
– Eý, pahyr biçäre! Şol ýerde dur, ine, häzir
çykdym – diýdi.
Soňra daşary çykyp, ol adam bilen bile ýola rowana
boldy. Ol kişiniň öýüne ýetenlerinde görse, ýegeni ol
adamyň aýaly bilen bir düşekde ýatyrdy. Başuçlarynda
şem ýanyp durdy. Soltan derrew şemi öçürdi we hanjaryny çykaryp, onuň başyny teninden jyda etdi. Şondan
soň:
– Eý, Taňry bendesi! Bir suwuň barmy? Bar bolsa
getir, içeýin – diýdi. Ol kişi suwly küýzäni getirip
berdi. Soltan Mahmyt suw içip, ýerinden turdy hem-de:
– Bar eý, biçäre! Rahat ýat – diýdi. Ol adam
soltanyň synyndan ýapyşyp:
– Saňa şu döwleti bagyş eden Hudaýyň haky üçin
maňa aýdyň, şemi öçürmegiň sebäbi nämedi? Ondan
soň suw soramagyň we içmegiň syry näme? Maňa:
«Bar, indi rahat ýat» diýdigiň näme etdigiň? – diýip
sorady.
193
Soltan aýtdy:
– Eý, misgin biçäre! Senden zalymyň şerini dep
etdim we onuň haram başyny teninden jyda etdim,
häzirem ony alyp barýaryn. Şemi hem: «Görsem,
birden garyndaşlyk mährim oýanyp, temmi bermäge
böwet bolaýmasyn» diýip, öçürdim. Suw soramagymyň we içmegimiň sebäbi şudur: sen ahwalyňy maňa
arz eden mahalyň: «Tä şol zalymyň şerini şu pakyryň
başyndan dep edýänçäm suw-nan iýip-içmerin» diýip,
Hudaýyň öňünde äht edipdim. Şonuň üçin şu üç gijegündizde üznüksiz şuňa garaşdym. Häzir onuň şerini
seniň başyňdan sowdum we dep etdim. Teşnelik meni
halys egbarladypdy, şonuň üçin suw sorap içdim.
Elgaraz, ýagşy pikirli we hoşniýetli akyldarlardan
gizlin we örtügli galmasyn, meşhur soltanlaryň adalat
şygarlary barada hekaýatlar näçe köp bolsa-da, edil
şunuň ýaly hekaýat olaryň hiç biri barada aýdylan
däldir.
Bendeleriniň syrlaryny Alla has gowy bilýändir.
«Benagitiniň taryhynda» şeýle getirlipdir:
Soltan Mahmyt Horasana gidende şyh Abulhasan
Harakanyny zyýarat etmek isläpdir. Emma köňlüne:
«Men öz öýümden zyýarat niýeti bilen çykmandym.
Bu ýyl Horasanyň abadançylygyna girişmek niýeti
bilen gelipdim. Şol işiň bahanasy bilen Hudaýyň
dostlaryna zyýarat etmek edep şertlerinden däldir»
diýen pikir gelýär. Ol şol ýyl Horasandan dolanyp,
Hindistana gidýär. Ol ýerden hem dolanyp Gazna
gelýär. Soňra şyhy zyýarat etmek üçin «yhram baglap»
194
Harakana tarap ugraýar. Harkana baryp ýetende bir kişini iberip:
– Soltan seni zyýarat etmek üçin Gaznadan
Harakana geldi. Eger sen hem Hanakaňdan ony
görmek üçin bargähe gelseň, merhemetden daş
bolmazdy – diýip, habar iberdi. Soltan habar gönderen
adamsyna:
– Eger şyh bu pikiri unamasa, oňa: «Eý, möminler,
Alla etagat ediň we Pygambere, özüňizden bolan
häkimlere boýun synyň»1 diýen sahawatly aýaty okaň
– diýip tabşyrdy.
Ilçi tabşyrylan habary şyha ýetirdi. Emma şyh
ondan boýun gaçyrdy. Şonda ilçi ýaňky aýaty okady.
Şyh aýtdy:
– Günämi ötüň. Mahmyda: «Alla etagat ediň» diýen
jümlä şeýle bir gark bolupdyryn welin, «Pygambere
boýun synmakdan» utanýaryn we «Özümizden bolan
häkimlere» girişemogam» diýdi diýiň.
Ilçi gelip, bolan wakany soltan Mahmyda gürrüň
berdi. Soltan mylaýymlaşyp:
– Turuň! Bu kişi biziň güman eden kişimiz däl –
diýdi. Soňra öz lybasyny Aýaza geýdirdi. On sany
kenizege-de gulam lybasyny geýdirip, özi-de Aýazyň
ornunda durdy hem-de synag etmekden ötri şyhyň
hanakasyna ugrady. Ählisi hanakanyň işiginden girip
salam berende, şyh olaryň salamyny aldy, emma
1
Gurhany Kerimiň 4-nji («Aýallar») süresiniň 59-njy aýaty.
195
ýerinden turmady. Soňra ýüzüni soltan Mahmyda
öwrüp Aýaza seretmedi. Soltan Mahmyt:
– Soltan üçin ýeriňden turmadyň we oňa tagzym
etmediň?! Eýsem, bularyň ählisi duzakmy? – diýdi.
Şyh:
– Ählisi duzakdyr. Emma oňa düşmeli guşy ol däl.
Seni öňe tutupdyrlar, diýmek özüň öňe çyk – diýdi.
Soltan Mahmyt oturdy we:
– Maňa nesihat ber – diýdi.
Onda şyh:
– Nämähremleri daşary ugrat – diýdi.
Soltan yşarat etdi. Kenizler daşary çykdylar. Soňra
soltan Mahmyt aýtdy:
– Maňa Baýezitden bir hekaýat aýdyp ber.
Şyh aýtdy:
– Baýezit şeýle diýipdir: «Her kim meni gören
bolsa, betbagtlyk ýazgysyndan aman bolandyr».
Soltan aýtdy:
– Pygamberiň gadyr-gymmaty we mertebesi
Baýezitden zyýadadyr. Onda näme üçin Abu Jähl bilen
Abu Sufýan Pygamberi görseler-de, betbagt kişileriň
hataryndadyr?
Şyh aýtdy:
– Edep sakla we diňe öz häkimligiňe eýeçilik et.
Mustapany çaryýarlardan we birnäçe sahabalaryndan
başga hiç kişi gören däldir. Bu sözüň delili
196
Allatagaladyr. Ol: «Olar size seredip dursalar-da, sizi
görmeýärler»1 diýýär.
Soltan Mahmyda bu söz hoş gelip:
– Maňa pendi-nesihat ber – diýdi.
Şyh aýtdy:
– Dört zady ygtyýar et: birinji, perhizkärlik2; ikinji,
jemagat bilen namaz okamak; üçünji, sahawatlylyk;
dördünji, halaýyga rehim-şepagat .
Soltan aýtdy:
– Maňa doga-dileg et.
Şyh aýtdy:
– Bäş wagt namazda: «Eý, Allam! Mömin bendeleri
we mömin zenanlary günäden ýalkaweri» diýip, doga
edýärin.
Soltan aýtdy:
– Ýörite, aýratyn doga et.
Şyh:
– Akybet Mahmyt3 bolgaýsyň – diýdi.
Soltan gapjyk doly tyllany onuň öňünde goýdy.
Şonda şyh Harakany arpa tötegini öňünde goýdy
we:
– Iýiň – diýdi.
Soltan Mahmyt tötegi çeýnedi. Ol bokurdagynda
galdy. Şyh aýtdy:
– Bokurdagyňy tutdumy?
1
Gurhany Kerimiň 7-nji («Syrat») süresiniň 198-nji aýaty.
Perhizkärlik – takwalyk, dünýä işinden (baýlygyndan) ahyret işini öňe
tutmak.
3
Mahmyt – aslynda bu söz «öwgülenen, taryplanan, wasp edilen» diýen
manylary berýär.
2
197
Soltan aýtdy:
– Hawa.
Şyh aýtdy:
– Siziň gapjyk doly zeriňiz hem biziň
bokurdagymyzy şunuň ýaly edip tutýar. Zeriňizi alyň!
Muny biz «talak» edendiris.
Soltan:
– Maňa özüňizden bir ýadygärlik beriň – diýdi.
Şyh oňa özüniň köýnegini berdi. Soltan Mahmyt
dolananda şyh onuň üçin ýerinden turdy. Soltan:
– Ilkibaşda, gelen wagtymda bize hiç hili üns
bermediň, häzir bolsa ýeriňden turýarsyň – diýdi.
Şonda şyh:
– Ilkibaşda patyşalyk tekepbirligiň we synagdan
geçiriş jahyllygyň bilen geldiň. Häzir bolsa derwüşlik
pespälligi bilen barýarsyň – diýdi.
Soňra soltan Mahmyt gitdi. Soltan Mahmyt
Sumanat jeňine giden wagtynda Dabyşlym we
Permdiw bilen bolan söweşde ýeňilerin diýip howpa
düşende tolgunyp, bir çete çekilip, ýüzüni ýere
goýup, eline-de şyh Harakanynyň köýnegini alyp: «Eý,
Taňrym! Şu hyrkanyň eýesiniň abraýynyň hormatyna
maňa şu kapyrlardan ýeňiş gazanmagy nesip eýle. Şu
ýerden her näme olja alsam derwüşlere bereýin» diýip,
doga-dileg etdi. Birden bir tarapda gök gümmürdäp,
garaňkylyk peýda boldy welin, kapyrlar biri-birlerini
tanaman, biri-birlerine gylyç urup başladylar. Olaryň
köpüsi pytrap, yslam leşgeri ýeňiş gazandy. Şol gije
198
soltan Mahmyt düýş gördi. Düýşünde şyh Abulhasan
Harakany oňa:
– Eý, Mahmyt, biziň hyrkamyzyň abraýyny ýere
çaldyň. Eger ähli kapyrlaryň yslama girmegini dilän
bolsaň-da kabul bolardy – diýdi.
«Hekaýatlar ýygyndysy» atly kitapda şeýle
getirilipdir:
Soltan Mahmyt şyh Abulhasan Harakanynyň
ýanyna geleninde: «Horasanyň möhüm işleri şeýle bir
köp bolsa-da, Gaznadan diňe sizi zyýarat edeýin diýen
niýet bilen geldim» diýipdi. Şonda şyh oňa:
– Eý, Mahmyt! Eger sen Gaznadan meniň üçin
yhram baglan bolsaň, Hudaýyň öýünden yhram baglap,
seniň ýanyňa gelseler ne ajap – diýipdir. Soltan
Mahmydyň ahwalyna berekella, sebäbi şyh Abulhasan
Harakany onuň hakynda şunuň ýaly sözleri aýdypdyr.
«Rowzatus-sapada» şeýle beýan edilipdir:
Günlerde bir gün soltan Mahmyt öz köşgünde
otyrdy hem-de penjireden sagyna-soluna nazar
salýardy. Birden gözi bir garyp biçärä düşýär. Onuň
elinde üç sany towuk bardy. Ol bende soltanyň özüne
üns berendigini aňan dessine birhili-birhili yşaratlar
edipdir. Soltan ony görmezlige salyp, öz-özi: «Bu
yşarat näme sebäpli bolup biler» diýýär. Soňra soltan
ýene-de ol tarapa seredýär. Ol öňküsi ýaly yşaratlar
edýärdi. Soltan ony ýanyna çagyryp:
– Bu towuklar näme, ol yşaratlaryň näme üçindi we
nämäni aňladýar? – diýip sorady.
Şonda ol kişi:
199
– Men bir humarbazdyryn. Şu gün gaýybana
soltanyň adyny goşup, humar oýnadym we şu üç
towugy utup aldym. Şonuň üçin olary saňa getirdim –
diýdi.
Soltanyň buýrugy bilen ol towuklary ondan aldylar.
Ertesi humarbaz ýene-de geldi we ýaňadan towuk
getirdi. Soltan ony hem alyp: «Bäh, eýsem, munuň
başynda näme pikir-hyýal barka» diýip oýlandy.
Ol kişi üçünji gün hem ýene-de üç towuk getirdi.
Dördünji gün ol köşgüň öňüne gelip, soltanyň deňinde
eli boş gam-gussaly ýagdaýda süllerip, başyny aşak
salyp durdy. Soltan ony görende:
– Biziň şärikdeşimiz bu gün ajap bir hadysa uçran
ýaly. Ýüz-gözünden gam-gussanyň alamaty görnüp dur
– diýdi hem-de ony ýanyna çagyryp, ýagdaýyny
sorady. Ol adam:
– Bu gün men soltanyň şärikliginde garşydaşlaryma
müň dinar utdurdym – diýdi.
Soltan myssa ýylgyryp:
– Oňa bäş ýüz dinar bersinler hem-de oňa:
«Mundan soň men ýok bolsam, meniň şärikligim bilen
humar oýnamasyn» diýsinler – diýip buýurdy.
«Habybys-siýärde» şeýle beýan edilipdir:
Soltan Mahmydyň weziri bolan ilkinji kişi
Abulapbas Pazl ibn Ahmet Esferaýynydy. Ol ilkibaşda
Samanly soltanlarynyň belli emirleriniň biri bolan
Faýygyň kätibidi. Faýygyň ykbal güneşi ýaşyş çägine
ýetende, ol emir Nasyreddin Söbükteginiň huzuryna
gelýär we wezirlik kürsüsinde oturýar. Emir
200
Nasyreddin Söbüktegin wepat bolandan soň, soltan
Mahmyt hem ol wezipäni ýene-de onuň özüne ynanýar.
Abulapbas arap diliniň hülle bezeginden we bilim
zynatyndan boş bolany üçin, soltanyň arapça ýazylýan
permanlaryny, hökümlerini we buýruklaryny parsça
ýazmaga buýruk berdi. Ýöne beýik akyldar Hoja
Ahmet Meýmendi ony ýene-de arapça ýazdyryp
ugrady. Abulapbas ýurt işlerini düzgünleşdirmekde,
goşunyň we raýatyň möhüm serişdelerini häzirlemekde
taýsyzdy. Onuň wezir bolanyndan on ýyl geçensoň,
ahyry täleýi ykbal belentliginden ýaşyş belasyna duçar
bolup, wezipesinden boşadyldy. Taryhçylaryň käbiri
onuň wezipesinden boşadylmagyny şeýle beýan
edipdirler:
Soltan Mahmyt gül ýüzli, aý meňizli gulamlary
toplamagy örän oňat görüpdir. Abulapbas Pazl1 hem:
«Adamlar öz patyşalarynyň dinlerindedir»2 diýen
çözgüde laýyklykda amal edýärdi. Ol birnäçe gezek
Türküstan welaýatlarynyň birinde bir peri sypat
gulamyň bardygyny eşidipdi. Onsoň özüniň ynamdar
kişilerinden birini şol tarapa ugratdy. Ol kişi ýaňky
gulamy satyn alyp, zenanlaryň lybasynda Gazna
getirdi. Soltan bir şugulçydan bu ýagdaýlary eşidip,
weziriň ýanyna kişi iberdi hem-de ol gulamy talap etdi.
Abulapbas Pazl ol gürrüňi inkär etdi. Soltan Mahmyt
bir bahana tapyp, bihabar onuň öýüne geldi. Abulapbas
Pazl ähli hormat we sarpa şertlerini berjaý etdi, seçgi
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ybraýymyň Gülşeni I - 11
  • Parts
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 01
    Total number of words is 3452
    Total number of unique words is 2028
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    35.0 of words are in the 5000 most common words
    41.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 02
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 1904
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 03
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 1763
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 04
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 1825
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 05
    Total number of words is 3606
    Total number of unique words is 1875
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    37.8 of words are in the 5000 most common words
    44.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 06
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 1900
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 07
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 1924
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 08
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1910
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 09
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 1861
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 10
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1884
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 11
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 1862
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 12
    Total number of words is 3720
    Total number of unique words is 1745
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 13
    Total number of words is 3730
    Total number of unique words is 1718
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 14
    Total number of words is 2668
    Total number of unique words is 1377
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.