Latin

Ybraýymyň Gülşeni I - 03

Total number of words is 3593
Total number of unique words is 1763
26.5 of words are in the 2000 most common words
38.6 of words are in the 5000 most common words
45.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Aslynda Wiýas bolmaly.
42
bu hekaýaty wagyz-nesihatlar bilen garyp, assaýuwaşdan jümleleriň düzümine düzüp, kitap halkasyna
geçirýär hem-de oňa «Mahabharat»1 at goýýar. Agyzdilden eşidilişine görä, beýle atlandyrylyşynyň sebäbi
şeýledir: «Maha» uly manysyndadyr, «Bharat» sözi jeň
manysyndadyr. Ol kitap uly jeňler barada maglumat
berýändigi üçin oňa «Mahabharat» diýip, at beripdir.
Emma bu ýalňyş söze meňzeýär. Çünki «Bharat» sözi
hindi dilinde «jeň» manysynda gelmeýär. Görnüşine
görä, bu kitapda Raja Bhratyň belent mertebeli nebereleriniň ahwallary, wakalary getirilendigi üçin kitaba
onuň ady goýlan we ulanylyşda «a» sesi artdyrylan
bolsa gerek.
Has dogrusyny diňe Allatagala bilýär.
Hindiler Hekim Biýasy mukaddes adamlaryň biri
hasaplap, «Ol hemişelik diridir» diýýärler.
Hindileriň bir toparynyň ynanç-ygtykadyna görä,
her Duwapyr ýukda Biýas atly bir şahs beýleki
adamlaryň ahwallaryny düzetmek üçin döreýärmiş.
1
«Mahabharat» («Mahabharata») – hindileriň sanskrit dilinde ýazylan
uly gahrymançylykly eseri bolup, ol on sekiz kitapdan ybaratdyr. Ol kitaby
Hint akyldary Wiýasa degişli edýärler. Emma bu eser bir döwürde we bir
şahyr arkaly düzülmändir, belki ony birnäçe asyryň dowamynda ýüze golaý
şahyr düzüpdir diýlip çaklanylýar. Şol sebäpli-de onuň düzülen senesini
käbirleri biziň eýýamymyzdan öňki iki ýüzünji ýyldan biziň eýýamymyzyň
iki ýüzünji ýylyna çenli aralyk, käbirleri bolsa, biziň eýýamymyzyň üç
ýüzünji ýylyndan bäş ýüzünji ýylyna çenli aralyk diýip, ýazypdyrlar. Bu eser
100 müň beýtden gowrak bolup, Kurularyň we Pandularyň (bu kitapda
Kurlar we Pendler görnüşinde getirilýär) alyp baran söweşleri, Krişnanyň we
Arjunanyň ýeňişleri (bu kitapda Erjün görnüşinde getirilýär) baradaky
hekaýatlary öz içine alýar. «Hegut Gita» ady bilen belli bolan ylahy poýema
şu eseriň bir bölegidir.
43
Käbirleriniň ynanjyna görä, ol bir sany şahs bolup,
emma dürli görnüşlerde görünýärmiş.
Her haýsy bolanda-da Biýas birmalylaryň1 dilindäki
Bid kitabyny giňeldip, dört kitap edýär. Birinjisi Rek
Bid; ikinjisi Hijr Bid; üçünjisi Sam Bid; dördünjisi
Etherin Bid. Şol sebäpli-de ony Biýas atlandyrypdyrlar. Sebäbi Biýas sözüniň manysy giňişleýin
beýan ediji we çözüji diýmekdir. Bolmasa onuň asylky
ady Dedi Baýyn bolup, ol Miýana Duwap2
welaýatynda dünýä inipdir. Biýasyň ýaradylyşy barada
akyldan daş we geň-taň hekaýaty döredipdirler. Emma
bu kitabyň gaty uzalary alada edilip, ol hekaýat galama
geçirilmedi.
Ol bu geň-taň kitabyny altmyş lek beýt esasynda
böleklere bölüpdir. Ony ýazyp tamamlanyndan soň
Tehaniser sebitlerinde ýerleşýän hem-de bu kitabyň
ýazylyp tamamlanan ýeri bolan Sersiti derýasynyň
kenarynda uly baýramçylyk gurnap, älem etraplardan
we jahan sebitlerinden dana hekimleri çagyrypdyr.
Ençeme wagtlap baýramçylyk saçagyny açyp, halky
dürli engamlar, yhsanlar we hormatlar bilen
haýyrlandyrypdyr. Ol altmyş lek bölegi şeýle bölüpdir:
Otuz lek bölegi diwta taýpasyna ýöriteleşdiripdir. Olar
ýokary (asmany) mukaddes jandarlardan ybaratdyr. On
bäş lek bölegi Setrlugyň ýaşaýjylaryna bagyşlapdyr.
Olar hem ýokarky älemde ýaşapdyrlar. On dört lek
1
Birmalylar – Hindi-Hytaý ýarym adasynyň günbatar böleginde,
Aziýada ýerleşýän Birma ýurdunyň ilaty.
2
Miýana Duwap – bu sözüň iki derýanyň arasy diýen manysy bar.
44
bölegi ýaradylanlaryň kysymlaryndan bolan we
ýaşaýyş sypatlary bilen sypatlanan Eksandaky we
Kendehripdäki1 pynhan ýaşaýanlara bagyşlapdyr. Bir
lek bölegi bolsa adamlaryň peýdalanmagy üçin
goýupdyr. Ony on sekiz «perpde», ýagny bapda
tertipläpdir, ol bolsa, ukyp eýelerine bereket ýetiripdir.
Bu bir lek bölek adamlaryň arasynda bardyr, ýagny
häzire çenli saklanyp galypdyr diýilýär hem-de
«Mahabharat» atlandyrylýar.
Ýigrimi dört müň bölegi (beýti) Kurlar bilen
Pendleriň jeňleri baradadyr. Galanlary öwüt-ündewleri,
wagyz nesihatlary, hekaýatlary, rowaýatlary we öňki
geçenleriň bezmdir söweşleriniň beýanyny we
düşündirişini berýär.
Brahmanlaryň ynam-ygtykatlaryna görä, her bir
«ýukda» bir pygamber ýa-da güýçli dindar alym bir
kitap ýazypdyr we şunça döwrüň geçmegine
garamazdan, ol kitaplar heniz hem aramyzda bardyr.
Hytaý, Hotan we Çyn kapyrlary ýaly Hint kapyrlary
hem: «Nuhuň tupany biziň ýurdumyza gelip
ýetmändir» diýýärler, has dogrusy, aslynda Nuhuň
tupanyna ynam etmeýärler. Olaryň käbirleriniň ynamygtykatlaryna görä, Brahmanyň we Kehteriniň zaty
(özlügi) gadym eýýamda bolupdyr. Beýleki köp
taýpalar2 üçünji Duwapyr ýuk döwrüniň ahyrlarynda
1
Bu ýerleriň niräni aňladýandygyny anyklap bolmady. Emma özünden
gelip çykýan mana seredeniňde Kap dagynyň aňyrsynda ýaşaýanlar ýa-da
başga bir älemde ýaşaýanlar diýen ýaly hyýaly bir düşünje göz öňünde
tutulýana meňzeýär.
2
Bu ýerde esasan gatlaklar göz öňünde tutulýar.
45
we dördünji Kelibuk döwrüniň başlarynda peýda
bolupdyr. Şeýle-de Rajput1 ilki bolmandyr. Ol soň
peýda bolupdyr hem-de taryh (sene) ýazylmazyndan
müň alty ýüz ýyldan gowrak öň bolup geçen raja Kebermajyt Kehteri ölenden soň soltanlyga hem ýetipdir.
Olaryň biri-biri bilen nesil baglanyşyk ýoluny2 şeýle
beýan edýärler:
Kehteri raýlary öz kenizlerini häzir hem hindileriň
arasynda ýöreýän düzgüne laýyklykda gündiz iş
buýrup, agşam erkin edipdirler. Olaryň her haýsy bir
magşuk3 tapynyp, perzentler dünýä inderipdirler. Olary
bolsa, kämil yzzat bilen öndürip-ösdürip, edil raýlaryň
perzentleri ýaly hormatly tutupdyrlar. Olar hakykatdan
1
Rajput – hindileriň meşhur taýpalarynyň biri. Bu taýpa (ýa-da
taýpalaryň birleşmesi) VIII asyryň II ýarymyndan başlap, Hindistanyň
taryhynda peýda bolýar. Olar ýuwaş-ýuwaşdan demirgazyk Hindistana we
Deken sähralarynyň bir bölegine ýaýraýarlar. Birnäçeleri olary belli bir
döwürde Hindistana çozuş eden Gunlaryň nesilleri hasaplaýarlar, käbirleri
bolsa, ýerli çarwa kowumlaryň bir şahasy hasaplaýarlar. Olar ýuwaşýuwaşdan ösüp, ahyry Hindistanda soltanlyk nesişalyklary döredipdirler.
Olar köplenç biri-birleri bilen söweş alyp barypdyrlar. VIII asyrdan tä X
asyryň ahyryna çenli Hindistanyň taryhy rajputlaryň soltanlarynyň
beýanyndan doly bolupdyr. Kunnuç şäheri şol döwrüň medeni merkezleriniň
biri bolupdyr. 712-nji ýylda musulman esgerleri Sogdy we Multany
eýeleseler-de, rajputlaryň güýçlerinden doly üstün bolup bilmändirler.
Musulmanlaryň hüjümleri hut şol sebitlerde togtadylypdyr. Musulmanlaryň
goşuny we goşun serkerdesi Muhammet ibn Kasym Sakafy hut şol ýerlerde
yslam döwletini esaslandyrypdyr. Ol döwlet birnäçe asyrlap saklanyp
galypdyr. Emma Sint çägeliklerinden geçip bilmändir we Hindistanyň içine
täsirini ýetirip bilmändir.
2
Bu ýerde nesil baglanyşygy göz öňünde tutulýar.
3
Bu ýerde aşyk oglan göz öňünde tutulýar.
46
hem şol öýde doglanlardan bolandyklary üçin1 özlerini
asylzada we belent mertebeli nesilden gelip çykan
saýyp, özlerini rajalaryň perzentleri hasaplapdyrlar.
Her kim olardan: «Siz kimiň perzendi» diýip, sorasa,
olar: «Rajputdyrys», ýagny «rajanyň perzendidiris» diýipdirler. Çünki «Raj» diýmek, «raja» diýmekdir,
«Put» bolsa, «ogul» diýmekdir.
Bir rowaýata görä, raja Surajyň perzentlerine Rajput
diýipdirler. Ol barada az-kem aşakda soň beýan
ediljekdir.
Hindileriň ýene bir ynam-ygtykady şeýledir:
Älemiň ýaradylyşynyň ilkibaşynda toprak tebigatly
adam2 bolupdyr, mundan soň hem boljakdyr. Älem
gadymydyr. Hergiz pany bolmaz.
Emma ylym we bilim eýelerinden örtügli galmasyn,
hernäçe çak bilen sekiz ýüz müň ýyl bolan ýaradylşyň
başyndan bäri müňlerçe müň adam barlyk älemine
gelip, soňundan gizlinlik perdesinde ýören bolsalar-da,
şeýle-de ahwallary Ylahy Kelamda beýan edilen Jan
ibn Abuljan hem şolardan bolsa-da, olar toprak
tebigatly bolmandyrlar. Olaryň käbirleriniň asly
howadan, käbiriniň asly otdan bolupdyr. Heran-haçan
bir kowum näpermanlyk we başbozarlyk etse, gazaply
ar alyjy Jepbaryň emri bilen ýok edilipdir we başga bir
kowum döräpdir, emma toprakdan däl. Görnüşine görä,
1
Bu ýerde patyşanyň köşgi göz öňünde tutulýar. Olar patyşanyň
kenizleri bolandyklary üçin perzentlerini köşkde, ýagny patyşa degişli ýerde
dünýä inderipdirler.
2
Bu ýerde Adam ata we onuň perzentleri göz öňünde tutulýar.
47
hindiler olary toprak tebigatly adam diýip, göz öňüne
getiripdirler. Ýöne olaryň uly göwresi we uzyn
ömürleri barada aýdýan gürrüňleri hem-de Rama,
Lekhmene we beýlekilere degişli edýän geň-täsin we
ajaýyp işleri adamzadyň ahwalatyna muwapyk-laýyk
zatlar däl. Hemmesi boş gürrüňdir. Onuň akyl
terezisinde hiç hili agramy ýokdur. Eger ýüze çykyş
takdyrynda bar bolaýanlarynda hem, olar ýokarda
beýan edilen kowumdan bolmaly. Adam ogullarynyň
atasy Adam alaýhyssalamdan öň toprak tebigatly adam
bolmandyr. Adam alaýhyssalamyň döwründen tä şu
setirleriň ýazylan wagtyna çenli bolsa, ýedi müň
ýyldan artyk geçen däldir. Hindileriň: «Ýüz müň
ýyldan ençeme gezek geçendir» diýýänleri galatdyr.
Takygy şudur: Hint ýurdy hem edil ýer ýüzüniň
beýleki ýurtlary ýaly Adam alaýhyssalamyň perzentleri
ýüze çykandan soň abadanlyk sypatyna1 eýe bolandyr.
Munuň gysgaça düşündiriş beýany şeýledir:
Hezreti Nuh alaýhyssalam tupandan soň özüniň üç
ogluny – Samy, Ýafesi we Hamy asman-zemini
Ýaradanyň hökümi bilen Ýer ýüzüniň dürli etraplaryna
ugradyp,
ekin
ekmegi
(ekerançylyk
bilen
meşgullanmagy) buýurýar.
Sam ibn Nuh alaýhyssalamyň beýany
1
Bu ýerde «abadanlyk sypaty» diýlip, ýaşaýyş ýerine öwrülendigi göz
öňünde tutulýar. Sebäbi «abadanlyk» diýlip, diňe adam ogullarynyň eli bilen
işlenip, düzedilen ýerlere, umuman ýaşalýan ýerlere aýdylypdyr.
48
Hezreti Nuh alaýhyssalamyň mirasdüşeri we uly
ogly Samyň dokuz ogly bolýar: Erşet1, Arfahşet, Keý,
Nut, Ýut, Erem, Kybta, Ad we Muhtan2. Tutuş arap
taýpalary we beýlekiler şolaryň nesillerindendir. Şeýlede Hezreti Hut, Salyh we Ybraýym alaýhyssalam
özleriniň şejeresini Arfahşede ýetirýärler. Arfahşediň
ikinji ogly Keýumers ajam patyşalarynyň uly atasydyr.
Onuň alty ogly bolupdyr: Siýämek, Pars, Yrak, Tur,
Şam, Damgan. Şolardan Siýämek atasynyň ornuna
geçýär. Beýleki ogullary haýsy ülkä giden bolsalar, şol
welaýat olaryň ady bilen atlandyrylypdyr. Käbirleri:
«Nuh alaýhyssalamyň ogullarynyň biriniň ady Ajam
bolupdyr, ajamly diýmek şonuň öwlatlaryndan
diýmekdir» diýen pikiri öňe sürýärler.
Siýämegiň uly oglunyň ady Hüwşeň bolup, ajam
patyşalary, tä Ýezdigert Şähriýara çenli, barysy onuň
neslindendir.
Ýafesiň perzentleriniň beýany
1
Erşet – bu sözüň uly, iň uly, ulusy; ösen, aňy-huşy ösen; dogry ýola
düşen, dogry ýoly tapan diýen manylary bar.
2
Bu Muhtan däl-de Kahtan bolsa gerek. Sebäbi araplaryň kahtanly
araplary atly uly kabylasy bar. Bar bolan maglumatlara görä, Kahtan
(Töwratda: Ýaktan) ibn Amyt ibn Sälih (Şalyh) Kahtanly araplar ady bilen
tanalýan bir uly kabylanyň atasydyr. Şonuň ýaly-da ol Hymýar, Kehlan
nesilşalygynyň, Ýemendäki tubbaglylaryň, Şamdaky gassanlylaryň hem atasy
hasaplanýar. Aýdyşlaryna görä, Kahtan Hazramöwtüň ýaşaýjylaryndan
bolup, soňra Sanga ülkesine gelýär we ol ýerleri abadanlaşdyrýar. Onuň
töweregine adamlar üýşüp, ony häkimlige göterýärler. Onsoň Kahtan Yraga
hüjüm edip, Aşur (Assiriýa) patyşasy Baalus bilen söweşip, söweş wagtynda
öldürilýär. Onuň doglan we ölen senesi barada anyk maglumat ýok.
49
Ýafes atasynyň hökümi esasynda Gündogar we
Demirgazyk sebitlere gidýär. Ol ülkede ondan
perzentler dünýä inýär. Iň uly oglunyň ady Türkdi. Şu
döwürdäki ähli türkiler: Eýran we Rum türkmenleri,
çagataýlar, özbekler we mongollar onuň neslindendir.
Ýafesiň ikinji oglunyň ady Çyndy. Çyn ülkesi şonuň
ady bilen atlandyrylýandyr. Ýafesiň üçünji oglunyň
ady Ardis bolup, onuň perzentleri Demirgazyk ülkäniň
çäginden tä zulmata çenli aralykda ornaşyp, ol ýerleri
abadanlaşdyrýarlar. Täjikler, gurlular, saklaplar1 onuň
neslindendir.
Hamyň perzentleriniň we Hint ülkesiniň
abadanlaşdyrylyşynyň gysgaça beýany
Ham belent mertebeli atasynyň emri bilen Günorta
ülkelere tarap ugrap, ol mülki abadanlaşdyrmakda
yhlas baryny edýär. Ondan alty perzent dünýä inýär:
Birinjisi Hint, ikinjisi Sint, üçünjisi Hebeş, dördünjisi
Efrenç, bäşinjisi Hurmuz, altynjysy Buýe (Büweýh).
Häzirki döwürde bar bolan bu ülkeler olaryň ady bilen
atlandyrylypdyr.
Hamyň Hint atly uly ogly häzir şonuň ady bilen
atlandyrylýan Hint ülkesine gidip, bar ünsüni ony
abadanlaşdyrmaga gönükdiripdir. Onuň dogany Sint
bolsa, Sint mülkünde ornaşyp, öz perzentleriniň ady
1
Saklap – slawýanlar.
50
bilen baglanyşykly Tehte1 we Multan şäherlerini bina
edýär.
Hindiň dört sany perzendi bolýar: Olaryň
birinjisiniň ady Purpdyr2 (Purapdyr). Ikinjisi Nebek
(Benek), üçünjisi Deken, dördünjisi Nährwal3. Olaryň
her haýsysy häzir olaryň ady bilen meşhur bolan bir
mülki we bir diýary abadanlaşdyrypdyrlar. Deken ibn
Hintden üç ogul dünýä inýär. Ol Deken mülküni olara
paýlap berýär. Olaryň ady: Merhet, Kehz we Teleng4.
Häzirki wagtda Dekende ýaşaýan bu üç kowum
şolaryň nesillerindendir.
Nehrewaldan hem üç ogul dünýä inýär. Olara:
Behruç5, Kensbaç1 we Mal Raç diýip at goýýar hem-de
olaryň ady bilen baglanyşykly şäherleri bina edýär.
1
Tehte (Tette) – Sint ülkesindäki bir şäheriň ady. Hindileriň özleri
«Tehtte» diýseler-de, çeşmelerde köplenç «Tette» görnüşinde getirilipdir.
Käbir çeşmelere görä, ol takmynan Multanyň kyrk parsaha golaý
günortasynda Sint derýasynyň deňze guýýan ýerine golaý ýerde ýerleşipdir.
Ol şähere Diwül (Dibül) hem diýipdirler. Bu şäheriň asylky ýerleşýän ýerini
Sint derýasynyň akymynyň dürli döwürlerde dürlüçe üýtgändigi üçin takyk
anyklamak mümkin däl.
2
Purp (Purap) – hindiçe «Gündogar» diýmegi aňladýar.
3
Nährwala şäherini şu Nährwal esaslandyrypdyr diýilýär. Ol Güjratda
ýerleşýän bir şäherdir. Іňki döwürde ol tutuş Güjratyň paýtagty bolupdyr.
Іňki döwürlerde Güjrata hem Nährwala diýlipdir. Behu we Behit atly rajalar
bu mülküň ady belli, belent derejeli rajalary bolupdyr. Peridunyň döwründe
Gerşasp olara garşy söweşe ugradylypdyr.
4
Teleng – Dekende ýerleşýän bir welaýatyň ady bolup, oňa Pelengana
hem diýilýär. Onuň mülk öýi (paýtagty-merkezi) Haýdarabatdyr.
5
Behruç – Bombeý (Maharaştara) welaýatynda (Merkezi şäheri-de
Bombeýdir. Onuň gadymy ady Tehana bolupdyr). Behruç etrapynda, Trabda
derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän bir şäher. Ol ençeme asyrlap
Hindistanyň günorta kenarýakalarynda söwdanyň we syýasatyň iň möhüm
merkezleriniň biri bolupdyr hem-de nepis parçalary we piliň gyýagyndan
51
Nebekden hem perzentler dünýä inýär we olar
arkaly Bengala2 mülki abadanlyk sypatyna eýe bolýar.
Hindiň iň uly ogly bolan Purp ibn Hindiň kyrk iki ogly
bolýar. Azajyk wagtyň içinde olaryň perzentleri
köpelýär. Şondan soň öz aralaryndan birini
ýolbaşçylyga
göterip,
mülki
düzgünnyzamlaşdyrmakda tagalla we yhlas edýärler. Onuň
ady Keşendi.
Keşeniň hökümdarlygynyň beýany
Gizlin galmasyn, Hindistan mülkünde hökümdarlyk
tagtyna ilkinji gadam basan kişi Keşendir. Ýöne bu
Keşen Hint halkynyň ol barada geň-taň efsanalar
döreden, akyldan daş hekaýatlar beýan eden we Hudaý
mertebesinde ybadat etmäge götergilän meşhur Keşeni
däldir. Bu Keşen akylly, parasatly, batyr we merdana bir
kişidi. Ol örän daýaw, berdaşly kişi bolansoň, ony at
göterip bilmeýärdi. Şonuň üçin onuň altyn deý aňyndan
we dürs pikiri bilen buýruk esasynda, ýabany pili duzaga
ýasalan dürli zatlary bilen meşhur bolupdyr. Ol gadymy şäherleri biri bolup,
musulmanlaryň hüjümlerinden ýaňa ol şähere köp zyýanlar ýetipdir. 980-nji
hijri-kamary ýylynda ony Ekber şa eýeleýär.
1
Kensbaç – bu ähtimal Kenbaýyt (Kenbaýt) bolsa gerek. Kenbaýyt
Hindistanyň gadymy we meşhur şäherleriniň biridir. «Nezhetil kulup»
(Göwünleriň şatlygy) atly kitapda berilýän maglumata görä, ol şähere tabyn
obanyň sany ýetmiş müňe ýetipdir.
2
Bengala (Bengal) – Hint ülkesinde ýerleşýän bir sebit bolup, häzirki
wagtda onuň bir bölegi Hindistana degişli (Günbatar Bengal, merkezi
Kalkutta), beýleki bir bölegi bolsa öňki Pakystana degişli bolup, (Gündogar
Bengal) häzirki wagtda Bengladeş atlandyrylýan özbaşdak döwlete öwrüldi.
52
düşürip tutýarlar hem-de bir çäre bilen ony eldekileşdirýärler. Şondan soň ol pile münýär. Onuň döwründe
Nebek ibn Hindiň neslinden Brahman1 atly bir şahs
peýda bolýar. Ol örän dana we parasatlydy. Keşen ony
özüniň weziri edinýär. Neçjarçylyk we demirçilik ýaly
köp hünärler Brahmanyň ylym-bilimi bilen peýda bolýar.
Käbirleriniň pikirine görä, ýazmakdyr okamak hem
şondan gaýdypdyr.
Şol döwürde Hint mülkünde bina edilen ilkinji
şäher Ud şäheri peýda bolýar.
Tahmuresiň döwürdeşi bolan Keşen dört ýüz ýyl
ömür sürenden soň, jahan bilen hoşlaşýar. Onuň
döwründe iki müňe golaý oba we şäherçe abat (bina)
edilýär. Ondan otuz ýedi ogul galýar. Şeýlelikde, onuň
uly ogly Maharaç2 onuň ornuna geçýär.
Keşeniň ogly Maharajyň hökümdarlygynyň beýany
1
Brahman – Sanskrit dilinde ruhanylar, ruhany ýolbaşçylar manysynda
ulanylypdyr. Olar Brahma dinindäki adamlaryň üç gatlagynyň biridir.
Hindileriň düýp ynanjyna görä, «Brahmana» örän beýik mertebeli bir
perişdäniň adydyr hem-de oňa sygynýarlar, öwgüleýärler. Şonuň üçin
hindileriň asylzadalaryna «brahman» diýýärler. Käbirleriniň aýtmagyna görä,
Zertuştyň hakyky ady Braham eken. Şu kitapda «Bid» (Weda) kitabynyň
ýazary hasaplanýan Biýas Hekim ony synap görmek üçin Hindistandan onuň
ýanyna gelipdir. Sataşanlaryndan we gürleşenlerinden soň Biýas Hekim onuň
dinine girip we ýörelgesine eýerip, Hindistana dolanypdyr hem-de onuň dinýörelgesini hindilere öwredipdir. Şondan soň şol topara «Brahman» diýen
lakam berlipdir. Brahmanlaryň asylky wezipesi Wedalary okamak, olardan
tälim bermek we dini däp-dessurlary ýerine ýetirmekden ybarat bolupdyr.
Ýöne hakykatda brahman sözüniň haýsy sözden gelip çykandygyny, onuň
asylky manysyny heniz alymlar takyklap bilenoklar.
2
Maharaç (Maharaja) – Sanksritçe uly şa, beýik şa, uly patyşa, beýik
raja (raý) diýen manylary aňladýar.
53
Ol kowumyň serdarlarynyň we doganlarynyň
ylalaşmagy bilen hökümet tagtyna gadam basan
badyna mülki abadanlaşdyrmak we soltanlyk işini
düzgünleşdirmek babatda atasyndan has gowy we has
artyk tagalla edip ugraýar. Purpuň nesillerinden bolan
kişileri emirlik we hökümet (häkimlik) işine çekip,
Brahmanyň neslinden bolan kişileri wezirlik,
ýazyjylyk, müneçjimlik we tebipçilik işlerinde we
wezipelerinde saklady. Bir topar kişileri ekin we
ekerançylyk işlerine belledi. Bir bölek kişilere bolsa,
dürli pişeler we hünärler bilen meşgullanmagy we dürli
zatlar
ýasamagy
buýurdy.
Ol
ekerançylygy
ösdürmekde şeýle bir yhlas we tagalla etdi welin, Hindistanyň uzak çetlerindäki welaýatlaryň hem köpüsi
abadan boldy. Bihär1 şäherini bina edip, etraplardan we
welaýatlardan ylym we bilim eýelerini çagyryp, şol
şäherde ornaşdyrdy. Ybadathanalar we medreseler
gurup, düzedip, ol sebitleriň hasylyny ylym talyplaryna
bagyş etdi. Senasy (?) juky (ýoglar) we brahman2 okap,
öwrenip, ylmy işler bilen meşgullanyp başladylar.
Onuň soltanlyk eden döwri ýedi ýüz ýyla çenli dowam
edip, şol döwürde Hint ülkesi örän ösdi, rowaçlandy.
Ol Hindistanda Jemşidiň we Peridunyň derejesinde bo1
Bihär – Hindistanda bir welaýat bolup, Dekeniň demirgazykgündogarynda, Gatyň günorta tarapynda ýerleşýär. Onuň merkezi şäheri
Patnadyr.
2
Bu ýerde dürli ylymlar bilen meşgullanýan talyplar, meselem, ýoglar,
brahmanlar, ýagny ruhanylar göz öňünde tutulýar.
54
lup, soltanlyk işiniň mäkämleşmegi we goşundyr
raýatyň asudalygy üçin kanunlar we düzgünler goýdy.
Olaryň käbirleri häzir hem ulanylýandyr.
Her taýpany şol kowumyň ulusynyň ady bilen
atlandyrdy. Meselem, Rathu, Çuhan, Puwar we
beýlekiler. Ol hemişe Eýran patyşalary bilen dostluk
we doganlyk ýörelgesini saklaýardy. Emma ahyrynda
doganoglany ondan ynjap, Peridunyň hyzmatyna gidýär. Ol hem Gerşasp ibn Utrydy1 söweş isleýän goşun
bilen oňa kömege ugradýar. Gerşasp ibn Utryt Hint
diýaryna gelip, ol diýarda örän uly harapçylyk edýär.
Talaňçylyk we harapçylyk on ýyla çekýär. Onsoň
Maharaç welaýatyň bir bölegini öz doganoglanyna
berýär hem-de ony özünden razy edýär. Soňra
Gerşaspdan Peridun üçin peşgeşler ugradýar. Ömrüniň
ahyrlarynda mülkdarlar Senkeldip2 bilen Kernätek3
ikisi zor salyp, Dekeniň häkimi Şiwraýy kowup çy1
Gerşasp ibn Utryt – (Awestada «Geresaspa» – Lagar atyň eýesi) Jahan
pälwany, Utrydyň (Otrit – Orita) ogly, Samyň agtygy, Töweregiň (Tuwurk)
çowlugy, Spanýaspyň (Şeýdaspyň) ýuwlugy. Spanýasp bolsa, Durşaspyň
ogly, ol hem Tuguň, ýagny Turuň ogludyr. Gerşasp Awestada Naire-manaw,
ýagny pälwan hökmünde sypatlandyrylypdyr. Soňlugy bilen bu sypat
«Naryman» görnüşinde has ada öwrülipdir. Meşhur Rüstem Gerşaspyň
neberesedir.
2
Senkeldip (Sengeldip) – Serendip adasynyň ady şu şahsyň adyndandyr.
Seýlon adasy: Şri Lanka. Ol Hindistanyň günortasynda ýerleşen bir ýurt
bolup, Palk bogazy arkaly Hindistandan bölünýär. Ol daglyk ýer bolup,
daglary günorta tarap barha beýgelip gidýär. Rowaýatlarda getirilişine görä,
Adam ata jennetden kowlanda şol ýere düşüp, şol ýerde ornaşypdyr. Hindiler
bu ada «Senkelaýyp» hem diýýärler.
3
Kernätek (Kernatek) – Hindistanda Deken welaýatynda bir şäheriň ady
şu şahsyň ady bilen baglanyşyklydyr.
55
karýarlar. Ol Maharajyň hyzmatyna gelip, ondan medet
soraýar. Maharaç özüniň uly ogluny agyr goşun we dag
sypat piller bilen Şiwraýa goşup, ýola salýar. Dekeniň
mülkdarlary birleşip, uly haýbat we ýaragdyr uruş
serişdeleri goşun bilen saplaryny düzýärler. Gazaply
uruş turýar. Maharajyň ogly söweşde öldürilýär.
Kömege iberilen goşun bilen Şiwraý baýlyklaryny we
pillerini taşlap, ýadaw we ýaraly halda gaçyş sährasyna
ýüz öwürýär. Maharaç bu habary eşidenden soň, edil
ýylan ýaly öz-özi towlanyp we özüniň arman elini
çakyp (dişläp) başlaýar. Sebäbi tä şol döwre çenli
Dekeniň mülkdarlary, hatda Teleng, Pigu1 we Melbar
ýaly el ýeterden uzakdaky adalaryň mülkdarlarynyň2
hiç biri hem başbozarlyk we näpermanlyk etmäge
güýç-kuwwat tapmaýardy. Mundan başga-da şol
döwürde Sam Naryman Eýran hökümdary tarapyndan
Hindistany basyp almak maksady bilen Penjaba tarap
ugrapdy. Onsoň goşunbaşy Malçent Hindistanyň
saýlantgy goşuny bilen onuň garşysyna gidipdi. Şonuň
üçin onda sabyrdan başga çäre galmandy. Ahyrynda
Malçent gepe çeper ilçileriň üsti bilen zerdir jöwherler
we dag ýaly piller ugradyp hem-de Penjap mülküni
berip, Sam Naryman bilen ylalaşyk gazanyp, dolanyp
gelýär.
Käbirleriniň pikirine görä, Penjap Peridunyň
döwründen bäri Ajam patyşalarynyň ygtyryýanda
bolup, Gerşaspyň nebereleri, ýagny Rüstem we onuň
1
2
Pigu – Hindistanyň gündogarynda ýerleşýän bir etrap.
Bu ýerde esasan häkimler göz öňünde tutulýar.
56
ata-babalary Penjapda, Kabulda, Zabulda we Sintde
mekan tutupdyrlar.
Güýçli we haýbatly goşunbaşy bolan Malçent –
Malwa ülkesi şonuň ady bilen baglanyşykly bolupdyr –
Maharajyň
hyzmatyna
gelip
ýeten
badyna,
eglenmezden we haýal-ýagallyk etmezden haýbatdyr
gazap bilen Dekene tarap ugraýar. Garşydaşlary onuň
gelýändigini eşiden badyna özlerini ýitirip, töwerege
pytrapdyrlar. Malçent olaryň üstünden kine we ar
gylyjyny inderip, olardan nam-nyşan goýmandyr.
Soňra hemme zady ýerbe-ýer edip, yzyna dolanýar.
Ýolda gelýärkä Guwalýar we Biýana1 galasyny
gurmaga buýruk berýär. Malçent Telengana2 we Deken
mülklerinden hindi sazy bolan räk (rak) atly saz
guralyny we bu hakdaky ylmy hem alyp gaýdýar.
Malçent köplenç Guwalýar galasynda bolansoň, özi
bilen bilelikde alyp gaýdan sazçy alym Kelawetanyň
neslinden perzentler köpelip, ol ýerde bu ylym rowaç
tapýar.
Maharaç ýedi ýüz ýyldan soň barlyk goş-golamyny
baglap, ýokluk älemine ugraýar. Ondan on dört ogul
galýar. Onuň Gişuraç (Kaşuraç) atly mynasyp perzendi
Hindistanyň belent tagtyna gadam basýar.
1
Biýana – Hindistanda bir şäher bolup, ol ýerde reňklemekde ulanylýan
«nil» öndürilipdir. Nil esasan mawy we gök reňk bolup, gepleşikde «gök nil»
görnüşinde ulanylýar.
2
Telengana – asyl nusgada säwlik bilen «Telengama» görnüşinde
berlipdir. Dekene degişli bir welaýat. Merkezi şäheri Haýdarabat. Oňa Teleng
hem diýipdirler.
57
Gişuraç ibn Maharajyň hökümdarlygynyň beýany
Gişuraç hökümdarlyga geçen badyna her doganyny
bir tarapa ugradyp, Kalepi1 şäheriniň üsti bilen
Gündwana2 gelýär hem-de Dekenden baş göterip, tä
Senkeldibiň serhedine çenli at sürýär. Topalaňçy
raýlardan peşgeşler alyp, ilat gatlaklarynyň arasynda
düzgün-nyzamy berkitmekde tagalla baryny edýär.
Emma yzyna dolanan wagtynda Dekeniň mülkdarlary
birleşip, garşylyk baýdagyny parladýarlar. Gün-günden
olaryň güýç-kuwwaty zyýadalanyp, iş şeýle bir derejä
baryp ýetýär welin, olar gaty ynam bilen Gişurajyň
garşysyna gelipdirler. Ol garşy durmaga kuwwatynyň
ýokdugyny görüp, olar bilen ylalaşyk gazanyp, dolanyş
tuguny parladýar. Gelen badyna Menuçehriň huzuryna
nama bilen birlikde peşgeşler ugradyp, ondan ýardam
soraýar. Menuçehr Sam Narymany agyr goşun bilen
kömege ugradýar. Gişuraç tä Jalender3 diýen ýere çenli
1
Kalepi – Hindistanyň demirgazygynda ýerleşýän kiçijik şäher. Ekber
şanyň döwründe uly we abadan şäher bolupdyr.
2
Gündwana – asyl nusgada «Güwndwara». Hindistanyň bir etraby
bolup, Dekende, hindileriň mukaddes derýalarynyň biri bolan we Bengala
aýlagyna guýýan Godoweri derýasynyň demirgazygynda ýerleşýär hem-de
günd taýpasynyň mesgenidir. Günd sözi aslynda goşun, leşger diýen manyny
aňladýar. Ähtimal bu at b.e.ö. birinji asyrda ärsaklylaryň bir böleginiň
Huzustandaky saklar bilen bilelikde döreden nesilşalygynyň iň güýçli
patyşalarynyň biri bolan Gündüfaryň ady bilen baglanyşyklydyr. Olar
Sistanda, Hyratda, Gandaharda we Penjapda hökümdarlyk edipdirler.
3
Jalender – aslynda «Jalhandar» görnüşinde bolup, Hindistanda Penjap
sebitlerinde Gimalaý dagynyň günbatar eteginde ýerleşýän bir şäher. Käbir
çeşmelerde Sumanatda bir welaýat hökmünde hem getirilýär. «Hududyl
älemde» getirilişine görä, ol Hindistanda bir dagyň üstünde gurlan şäher
58
öňe gidip, ony garşylaýar hem-de myhmançylyk
şertlerini doly berjaý edip, onuň bilen bilelikde,
Dekene tarap ýüz öwürýär. Dekeniň raýlary Eýran
goşunynyň haýbatyndan perişan bolup pytraýar we
Deken mülki ýene-de Hint rajasynyň golastyna geçýär.
Gişuraç Sam Narymanyň hyzmat şertlerini doly berjaý
edip, ony tä Penjabyň serhedine çenli ugradýar. Soňra
Menuçehr üçin köp sanly sowgat-serpaýlar iberip, özi
Ud şäherine gelýär hem-de hint ilatynyň üstüne
adalatlyk saýasyny ýaýyp, halaýygy rahat we asuda
saklaýar. Soltanlygyna ýüz ýigrimi ýyl bolandan soň,
uly ogly Firuzraý onuň ýerine geçýär.
Gişurajyň ogly Firuzraýyň hökümdarlygynyň beýany
Firuzraý hindileriň şaster1 ylmyndan, ýagny ylmy
kitaplaryndan doly habarly bolansoň, alymlardyr
bilimdarlaryň söhbetini hoş görüp, atlanmak we leşger
çekmek işlerini belli-külli ýok edip, wagtyny danalaryň
söhbeti bilen geçirýärdi. Pukaralara we haklylara köp
altyn-kümüşler berýärdi. Ol iki gezek Bihär şäherine
bolup, ol ýerde mahmal hem-de örän köp sada we nagyşly parçalar
öndürilýär eken. Ramyýan bilen Jalenderiň arasy bäş günlük ýol bolupdyr.
Bu şäheri Jalender, Jalhendehr, Jalendur görnüşinde hem atlandyrylypdyr.
1
Şaster – asyl nusgada: «Ylmy şasteri hindi» şatranç; Hindi şatranjy. Bu
söz «Şastersun»; «Şasutersun» görnüşinde hem ulanylypdyr. Bu ýerde
şatranç ylmyny agzamak bilen, ähli ylymlary göz öňünde tutýar. Sebäbi şu
kitapda getirlişi ýaly şatranç, narda we beýleki oýunlar şol döwürde örän
meşhur bolup, ylym derejesine baryp ýetipdir. Şonuň üçin şatranjy bilmeklik
hemme zady bilen şekilde görnüpdir.
59
gidip, sansyz haýyr-yhsanlar beripdir. Münir şäheri
şonuň döwründe esaslandyrylypdyr.
Onuň tarapyndan ýüze çykan bir nämynasyp iş
şudur:
Sam Naryman dünýäden ötenden soň, Menuçehriň
soltanlygynda bulam-bujarlyk bolup, gowşaklyk ýüze
çykýar. Pursada garaşyp ýören Afrasyýap onuň üstüne
leşger çekip, ony ýeňýär. Firuzraý Menuçehriň we Sam
Narymanyň hyzmat hukugyny ýere çalyp, Penjaba
leşger çekýär hem-de ol ýeri Zal ibn Sam Narymanyň
adamlarynyň ellerinden gaňryp alyp, Jalenderi özüniň
mülk öýi (paýtagty) edinýär. Soňra Afrasyýabyň huzuryna sowgat-serpaýlar bilen ilçi iberip, özüni onuň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ybraýymyň Gülşeni I - 04
  • Parts
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 01
    Total number of words is 3452
    Total number of unique words is 2028
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    35.0 of words are in the 5000 most common words
    41.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 02
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 1904
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 03
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 1763
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 04
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 1825
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 05
    Total number of words is 3606
    Total number of unique words is 1875
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    37.8 of words are in the 5000 most common words
    44.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 06
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 1900
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 07
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 1924
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 08
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1910
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 09
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 1861
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 10
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1884
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 11
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 1862
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 12
    Total number of words is 3720
    Total number of unique words is 1745
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 13
    Total number of words is 3730
    Total number of unique words is 1718
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 14
    Total number of words is 2668
    Total number of unique words is 1377
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.