Latin

Ybraýymyň Gülşeni I - 13

Total number of words is 3730
Total number of unique words is 1718
31.1 of words are in the 2000 most common words
44.1 of words are in the 5000 most common words
50.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bolansoň, tussaglykdan boşadyp, ýurduň diwanbaşysy
we Gaznanyň kütwaly wezipelerini oňa tabşyrýar.
Soňra köpden bäri Hezreti Ymam Aly Ryzanyň mübärek gümmeziniň ýolbaşçysy we şol döwürde diwan
başlygy bolan Sury ibn Mugtazy hem tussag edýär, ol
şol ýerde wepat bolýar. Emir Möwduda Ärtegin barada
erbet zatlar aýdylýar. Şonuň üçin ony öz huzurynda öldürdýär.
Hut şu ýyl türkmenler Gaznaly soltanlygyna göz
dikip, Bust sebitlerine gelýärler. Soltan Möwdut leşger
iberýär. Söweşden soň olar ýeňlip gaçýarlar.
436-njy ýylda wezir Hoja Tahyr wepat bolýar we
onuň ýerine Hoja Abulfath Abdyryzzak ibn Ahmet ibn
Hasan Meýmendi wezirlige geçýär. Ýene-de soltan
Möwdut şu ýylda Togrul Hajyby Busta tarap iberýär.
Togrul Sistana çenli gidip, Abulfazl Zeňňiniň dogany
Abulmansury ýesir edip, Gazna getirýär.
437-nji ýylda Seljuk türkmenleri üýşüp, Gazna
tarap ýöriş edýärler. Olar Bustdan geçip, Emiriň
244
kerwensaraýyny talanlaryndan soň, Togrul Gaznanyň
leşgeri bilen olaryň garşysyna çykyp, güýçli söweş
başlanýar. Türkmenler ýeňlip gaçýar we köpüsi
öldürilýär. Togrul şu ýeňişden soň Gandaharyň
Germsir diýen ýerine gidip, ol ýerde «Surh kulah»1
atlandyrylýan welaýatyň türkmenlerini öldürip, bir
toparyny hem ýesir edip, Gazna getirýär.
438-nji ýylda Emir Möwdut Togruly ýene-de uly
leşger bilen Busta tarap iberýär. Ol Teginabada ýeten
badyna, iýen duzuny depeläp, emire garşy topalaň
turuzýar. Bu habar Emir Möwduda ýetende, ony mylaýymlyk bilen ýene-de öz tarapyna çekmek üçin, onuň
ýanyna birnäçe adam iberýär. Togrul olara:
— Emiriň ýanyndaky adamlar meniň bilen
duşmandyrlar. Şonuň üçin men onuň hyzmatyna baryp
bilmeýärin – diýip jogap berýär. Şondan soň Emir
Möwdut Aly2 ibn Hadym Rabygy on müň atly bilen
Togruly dep etmäge iberýär. Olar şol sebitlere ýetenlerinde, Togrul birnäçe adam bilen gaçyp gidýär. Aly
onuň leşgeriniň üstüne çozup talaýar we olaryň
birnäçesini tutup, Gazna getirýär.
Ýene-de şu ýylda emir Möwdut uly hajyp Emir
Baýtegini3 Gura tarap iberýär. Ol Guruň golaýyna
ýetende, Weledheji4 Guryny öz ýany bilen alyp, Abu
Alynyň galasyna ugraýar. Soňra galany basyp alyp,
1
Gyzyl telpek, gyzylbaş.
"Tabakaty Ekberide": Aly ibn Tabyg.
3
Asyl nusgada: «Bastegin». "Tabakaty Ekberide": Babtegin, Baýtegin.
4
"Tabakaty Ekberide": Şirbeçje.
2
245
gurlylaryň ygtybarly serdarlaryndan bolan Abu Alyny
tussag edýär. Bu gala Emir Hajypdan öň ýedi ýüz ýyl
bäri hiç kimiň basyp alyp bilmedik bir galasydy. Ol
Weledheji bilen Abu Alynyň boýnuna künde baglap,
Gazna getirýär. Soltan olaryň kellelerini kesýär. Şu
ýylda soltan ýene-de Emir Hajyp Baýtegini
türkmenleriň serdary bolan Bähram1 Ýanalyň üstüne
iberýär. Bust sebitlerinde iki topar bir-birlerine uçrap,
urşa girişýärler. Türkmenler ýeňilýärler.
439-njy ýylda Kuzdaryň emiri topalaň edýär.
Emir Baýtegin onuň üstüne barýar. Kuzdaryň2 emiri
uruşýar we ýeňilýär. Birnäçe wagt geçensoň, tabynlyk
ýoluna düşüp, salgyt bermäge razy bolýar. Emir Hajyp
dolanyp Gazna gelýär.
440-njy ýylda Möwdut özüniň iki uly ogly
Abulkasym Mahmyda we Mansura bir günde halat,
tebil we baýdak berip, Abulkasym Mahmydy Lahora
tarap we Mansury Berşura tarap iberýär. Şeýle hem ol
Gaznanyň kütwaly Abu Alyny serkerdebaşy edip, hint
talaňçylaryna temmi berer ýaly Hindistana iberýär.
Abu Aly ilki Peşawere barýar. Ol Mahtile3 galasyna
ýüzlenende, bu galanyň duşman bolan häkimi Ehin4
1
"Tabakaty Ekberide": Bähramsal.
Kuzdar (Kusdar) – gadymda Sistanyň we Mükräniň aralygynda
ýerleşýän bir şäher bolup, Ýakup Hamawynyň sözlerine görä Bustdan 80
parsah aradaşlykda ýerleşipdir. Ol şol döwürde Gazna degişli hasaplanypdyr.
Utby «Ýemininiň taryhy» atly kitabynda ony Sint etraplarynyň biri
hasaplapdyr. Ýakut Hamawy hem özüniň «Ýurtlaryň sözlügi» atly kitabynda
şu pikiri tassyklapdyr.
3
"Tabakaty Ekberide": Mahiýe. Mahitle bolsa gerek.
4
"Tabakaty Ekberide": Ahenin.
2
246
ýekelikde gaçyp gidipdir. Abu Aly soltan Mahmydyň
döwründe, köp hyzmatlar edip ömür geçiren we käbir
meseleler zerarly Hindistana gelip, Keşmir daglarynda
ýaşap ýören hindileriň serkerdesi Hejri Tikiň1 ýanyna
adam iberip, ony köp mylakatlyklar bilen öz ýanyna
çagyrýar hem-de bir topar söz we wadalar berip, Gazna
iberýär. Emir Möwdut hem oňa mylakatly garap, teselli
beripdir. Abu Aly kütwalyň Sintde bolan döwründe
onuň duşmanlary göriplik edip, Emir Möwduda ol
hakda ýaramaz habarlary ýetiripdirler. Şol sebäpli
kütwal Abu Aly köp olja we baýlyk bilen Gazna
dolanyp gelende, Emir Möwdudyň buýrugy bilen ony
tussag edip, Mirek ibn Hüseýin Wekile tabşyrýarlar.
Dört gün geçensoň, duşmanlar ony zyndanda öldürýärler. Olar emir Möwdutdan rugsatsyz bu erbet işi
edendikleri sebäpli, ony gizlin saklamak üçin, Emir
Möwdudy başga zatlara meşgul bolup, birnäçe wagtlap
özleriniň işi gizlin galar ýaly, her gün gezelenje sapar
etmegi
ündeýärdiler
we
hyjuwlandyrýardylar.
Ahyrynda Emir Kabula gitmegi karar edýär we ol
ýerden Horasana gidip, bu welaýaty türkmenleriň
elinden almak isleýär. Ol Sejawent we Löwger
sebitlerine ýetende, ol ýerdäki hazynalary ele salmak
üçin Sankut2 galasyna barýar. Ol şol galada tötänden
gulunç (köriçege) keseline duçar bolýar. Onuň bu
keseli gün-günden beterleşýär. Ol bialaç Abdyryzzak
weziri Seljuklaryň golastyna geçen Sistana tarap
1
2
"Tabakaty Ekberide": Hejraý.
"Tabakaty Ekberide" Sankuh. "Muntahabyt-tawaryhda" Siýalkut.
247
iberýär. Özi kejebä (tagtyrowana), käte bolsa pile
münüp, Gazna tarap ýola düşýär. Gazna ýetende, kesel
ýatan ýerinden Mirege Abu Aly kütwaly tussaglykdan
boşadyp getirmegini talap edýär. Mirek Wekil
hilegärlik edip, bir hepde möhlet soraýar. Heniz bir
hepde geçmänkä, Emir Möwdut dört ýüz kyrk dördünji
ýylyň Rejep aýynyň ýigrimi dördüne pany dünýäden
ötýär. Ol dokuz ýyl soltanlyk edipdir. Aýtmaklaryna
görä, şol ýyl Mawerannahryň we Bamyýanyň ähli
emirleri oňa mal we leşger kömegini berip, Seljuk
türkmenleriniň ellerini Horasan ülkelerinden çekdirmeklige äht eden ekenler. Emma olaryň (Seljuklaryň)
täleýi güýçli çykyp, ýazgyt öz işini edipdir.
Abu Japar Mesgut ibn Möwdut ibn
[Mesgut ibn] Mahmyt Gaznalynyň soltanlygynyň
beýany
Möwdut ahyret saparynyň goşuny düwensoň,
patyşalyk tagtynyň dawasyny edýän Aly ibn Rabyg
Hadym dört ýaşly çaga bolan Abu Japar Mesgut ibn
Möwdudy Gazna tagtynda oturdýar. Soltan Mahmyt
Gaznalynyň döwründäki emirlerden bolan Baýtegin
Hajyp onuň bu işi bilen ylalaşmansoň, Aly ibn Rabyg
bilen onuň arasyndaky iş urşa baryp ýetýär. Gaznanyň
ähli ilaty ýarag dakynyp, Baýteginiň öýüniň işigine
gelýärler. Soltan Mesgudyň oglanlaryndan Abulhasan
Aly şäherdedi. Aly ibn Rabyg ony dep etmek isleýärdi.
Emma ol şobada gaçyp Baýteginiň ýanyna gelýär.
248
Baýtegin ähli döwlet sütünleriniň ylalaşmagy bilen
Mesgut ibn Möwdudy bäş-alty gün «patyşalyk
edenden» soň, patyşalykdan aýryp, agasy (kakasynyň
dogany) Abulhasan Aly ibn Mesgudy soltanlyga
göterýär.
Abulhasan Aly ibn Mesgut ibn Mahmyt Gaznalynyň
soltanlygynyň beýany
441-nji ýylyň Meret aýynyň başynda Anna güni
Abulhasan Aly ibn Mesgut soltanlyk tagtyna geçýär we
Çagry begiň gyzy bolan Möwdudyň aýalyna öýlenýär.
Aly ibn Rabyg bolsa Mirek Wekil bilen bilelikde
başardyklaryndan zerdir jöwherler göterip, gulamlaryň
we emirleriň bir topary bilen Peşawere tarap gaçýarlar.
Aly ibn Rabyg bu ülkäni tä Multana we Sinde çenli basyp alypdyr we baş göterip, köp weýrançylyklar eden
talaňçy owganlary gylyç zarby bilen özüne tabyn we
boýun edipdir. Soltan Abulhasan Aly Merdanşa we
Izedşa atly doganlaryny Naý galasyndan çykaryp,
amanlyk öýi bolan Gazna getirip hormatlaýar we
sylaglaýar. Ol Abdyreşidiň baş göterendigi baradaky
habar ara düşensoň, hazynanyň gapysyny açyp, ilata
köp baýlyk bagyş edýär. Emma onuň bu işi peýda
bermeýär. Abdyreşit ýokarda agzalan ýylyň ahyrlarynda Gazna gelip, ony ýeňýär we özi täji-tagta eýe
bolup, birnäçe günläp hezzet-hormat bilen gün
geçiripdir.
249
Abulhasan Aly ibn Mesgut iki ýyl soltanlyk
edipdir.
Zeýnilmille soltan Abdyreşidiň soltanlygynyň beýany
Soltan Abdyreşit anyk rowaýata görä, soltan
Mahmyt Gaznalynyň ogludyr. Ol Möwdudyň permany
bilen Bust bilen Esferaýynyň arasynda ýerleşen bir
galada tussag edilýär. Abdyryzzak ibn Ahmet Hasan
Meýmendi ýolda Möwdudyň ölüm habaryny eşidip,
Sistana tarap ugramagyny bes edýär. Ol Teginabat
galasyna ýetip, şol ýerde birnäçe wagtlap saklanýar. Ol
Hoja Abulfazl, Reşit ibn Altyndaş Hajyp we Nuştegin
Hajyp Kerehi1 bilen bilelikde, 443-nji ýylyň başlarynda
Abdyreşidi tussaglykdan çykaryp, patyşalyga göterýär
hem-de menzilme-menzil Gazna tarap ýola düşýär.
Soltan Möwdudyň özi hem diri wagtynda özünden soň
onuň soltan bolmagyny wesýet edipdi. Onsoň soltan
Abulhasan Aly ibn Mesgut hiç-hili dawa-jenjelsiz we
uruş-sögüşsiz «gaçyş jülgesine» tarap ýüz öwürýär.
Soltan Abdyreşit hatyrjemlik bilen, öz ata-babalarynyň
tagtyna geçip, patyşalyk we mal-mülk işlerini
dolandyryp başlaýar. Ol soltan Abulhasan Alyny ele
salyp, Dendi Rubent2 galasynda tussag edýär. Soňra
1
Asyl nusgada ýokardaky ýaly. Ol Bagdatdaky Kereh şäherine degişli
bolan «Kerehi» däl-de, eýsem, «Kereji» bolup, onuň meşhur Kereç
şäherinden bolmagy hem mümkin.
2
Asyl nusgada şeýle. Emma bu galanyň adyny «Dendi Ru» diýip
okamalymy ýa-da «Dendi» diýip okamalymy, «Ru» sözi soňky sözüň
250
Hindistanda bolan we doly hökmürowanlyk gazanan
Aly ibn Rabygy her-hili hileler bilen öz ýanyna
getirýär we Nuştegin Hajyp Kerehini Hindistanyň
emirler emiri edip, üpjün goşun we emirler bilen Lahor
ülkesiniň hökümdarlygyna iberýär. Ol şol sebitlere
baryp, öňki gowşaklyk döwründe kapyrlaryň basyp
alan, Nigerkut galasyny bäş-alty günüň içinde olaryň
elinden basyp alýar we soltan Möwdudyň ýokary
wezipä göterenlerinden hem-de aýal dogany soltan
Möwdudyň ygtyýarynda bolan Togrul Hajyby Sistana
iberýär. Togrul Sistany basyp alýar we köp goşun
toplap, soltanlygyň pikirine düşüp, Gazna tarap ýola
düşýär. Abdyreşit onuň bu niýetinden habarly bolup,
Gaznada penalanýar. Togrul şäheri basyp alyp, Abdyreşidi soltan Mahmydyň öwlatlaryndan bolan dokuz
adam bilen birlikde öldürýär we Mesgudyň gyzyny
özüne nikalap alyp, «Gadyr bilmez1 Togrul» ady bilen
meşhur bolýar. Soňra ol Abdyreşidiň permany boýunça
Lahordan çykyp, Peşawer sebitlerine ýetip gelen
Nuştegin Kerehä dostlukly we mylakatly garaýyş bilen
hat ýazýar. Emma Nuştegin Kerehi gazaplanyp, ol iýen
duzy haram bolanyň hatyna aňrybaş gödeklik bilen
jogap ýazýar hem-de gizlinlikde Mesgudyň gyzyna hat
ýollap, ony gadyr bilmez Togruly öldürmäge iterýär.
Şeýle-de ol Mahmytly neberäniň duz-tagamy we
bölegimi, ýagny «Ýüzüni gizledi» diýen manyny berýän «Rubentmi» mälim
däl. Bu galanyň ady hiç bir çeşmede duş gelenok.
1
Asyl nusgada «Kapyrnygmat Togrul». Bu sözüň nygmat berijiňe
biwepalyk etmek, ikilik etmek, onuň duzuny depelemek, eden gadyrhormatyny ýere çalmak, gadyr bilmezlik manylary bar.
251
nygmaty bilen önüp-ösen Gaznaly emirlere hatdyr namalar ýazyp, Togrulyň bu ýaramaz işleriniň öňüni
almandyklary we göz ýumandyklary üçin olara käýeýär
we gyjalat berýär. Şu sebäpli-de hemmeleriň gaýrat we
namys damarlary joşa gelip, Togruly öldürmäge ylalaşýarlar. Şeýdip, soltanlyk nowruzy1 gününde, ýagny
soltan Mahmydyň tagtyna geçip hemmeleri
myhmançylyga çagyran gününde olar batyrgaýlyk
gadamyny öňe basyp, kyrk gün hökümdarlyk süren bu
gadyr bilmez jenaýatçyny öldürýärler. Nuştegin Kerehi
bu wakadan birnäçe gün geçensoň, Gazna gelip ýetip,
ululary we at-abraýlylary ýygnap, Emir Nasyreddin
Söbükteginiň zürýatlaryndan habar sorap, gözleg
edýär. Olardan galalarda üç adam diri galan eken:
Ferruhzat, Ybraýym we Şujag. Olaryň arasynda
soltanlyk bijesi Ferruhzadyň adyna düşýär. Ony häzir
edip, patyşalyk tagtyna geçirýärler we onuň bilen äht
edýärler.
Abdyreşidiň soltanlyk eden wagty bir ýyl
bolupdyr. "Tabakaty Nasyryda" şeýle setirler bar:
Gadyr bilmez Togruldan:
— Näme üçin hökümdarlyga we soltanlyga göz
gyzdyrdyň? – diýip soranlarynda, ol şeýle jogap
beripdir:
— Haçanda soltan Abdyreşit meni Sistana iberip,
elini meniň elimde goýup äht edende, şol wagt ony
1
Soltanlyk nowruzy – bir kişi soltanlyga bellenenden soň, ýörite bir gün
tagta çykyp, tagta çykan gününi baýram edip belleýär. Şoňa soltanlyk
nowruzy diýilýär.
252
şeýle bir gorky basdy welin, eli titräp başlady. Şondan
soň men onuň patyşalyga mynasyp kişi däldigini
bildim. Onsoň soltanlyga we mülke hantama bolup,
göz gyzdyryp, tagalla-yhlas etdim we oňa ýetdim.
«Soltanlyk eger diňe bir salym (pursat) hem bolsa
ganymatdyr».
Abdyreşidiň soltanlyk süren müddeti bir ýyla hem
ýetmändir.
Jemaleddöwle Ferruhzat ibn soltan Mesgudyň
soltanlygynyň beýany
Ferruhzat döwlet täjini başyna geýensoň, ýurduň
dolandyryş işleriniň uýanyny Nuştegin Kerehiniň
janypkeş eline tabşyrýar. Edil şol wagtlar hem Dawut
Seljukly Gaznaly döwletindäki özgerişiklerden habar
tapyp, Gazna tarap gyssanýar. Nuştegin Kerehi bolup
bilşinden doly taýynlyk bilen Gaznadan çykyp, olara
garşy söweşe ugraýar. Iki tarap sataşanlaryndan soň,
bir-birleriniň garşysyna çykyp, gylyçdyr oklaryna el
urup, bir-birleriniň ömürlerini kertip başlaýarlar. Irden
daň atandan, tä agşama çenli, iki toparyň söweşjeňleri
urşa meşgul bolup, bir-birlerini öldürmekden we heläk
etmekden başga iş etmeýärler. Ahyrynda Nuştegin
Kerehi ýeňişdir üstünlige eýe bolýar, Dawut gaçmagy
makul bilýär. Gaznaly esgerler seljuklylaryň yzyndan
kowup, olaryň goş-golamlaryny ele salyp, üstünlik we
ýeňiş bilen Gazna gaýdyp gelýärler. Bu ýeňiş
Ferruhzadyň hökümetiniň berkemegine sebäp bolýar.
253
Onsoň ol doly üpjün we ýeňiş gazanyjy goşun bilen
Horasana tarap ýöriş baýdagyny parladýarlar.
Seljuklylar tarapdan olaryň uly emirlerinden bolan
Kelisaryk1 köp goşun bilen olaryň öňlerinden çykýar.
Iki goşun biri-birlerine ýetensoň, uruş we söweş ody
şeýle bir güýçli tutaşýar welin, çeperçilik meýdanynyň
atlylarynyň
we
dilewarlyk
meýdanynyň
çapyksuwarlarynyň dilleri ony wasp etmekden ejiz we
gysgadyr. Bu uruşda hem ýeňiş we üstünlik şemaly
gaznalylaryň goşunynyň üstünden öwüsýär hem-de
Kelisaryk we Seljuklylaryň at-abraýly adamlaryndan
başga-da birnäçe kişi takdyr penjesine ýesir düşýär. Bu
habar Çagry beg Dawut Seljukla ýetende, öz ogly Alp
Arslany Soltan Ferruhzadyň garşysyna söweşe ýola
rowana edýär. Nuştegin Kerehi oňa garşy söweşe
ugraýar. Emma bu gezek ýeňiş seljuklylara nesip edýär
we Gaznanyň at-abraýly adamlarynyň käbiri olaryň
eline düşýär.
Alp Arslan aňrybaş haşamat we şöwket bilen
yzyna dolanýar. Ýagdaýy beýle görnüşde gören
Ferruhzat seljuklylara degişli beýleki kişiler bilen
bilelikde, Kelisaryky halat ýapyp bendilikden azat edip
goýberýär. Bu ynsanperwerligi görüp, seljuklylar hem
Gazna ýesirlerini hormatlap, öz ygtyýaryna
goýberýärler.
"Rowzatus-sapa" eserinde rowaýat edilşine görä,
Mesgudyň ogly, Hamdylla Müstewfiniň aýtmagyna
1
"Habybys-siýär" eserinde: Kelsaryk.
254
görä, Abdyreşidiň ogly bolan Soltan Ferruhzat alty ýyl
patyşalyk edip, 450-nji ýylda gulunç keseli zerarly
ahyret älemine ýüz öwrüpdir. Ölmezinden bir ýyl öň,
hammamdaka onuň gulamlary ony öldürmegi
ýüreklerine düwüp, hammama girýärler. Emma ol bu
ahwaldan habarly bolup, gylyjyny çykaryp, olary dep
etmek we serpikdirmek üçin şeýle bir gazaply garşylyk
görkezipdir welin, adamlar bu ýagdaýy aňyp, derrew
hammama girip, gulamlary öldüripdirler. Bu wakadan
soň Ferruhzat bu dünýäni pes saýyp, hemişe ölümi
ýatlapdyr we ahyrynda şol ýylda Allanyň çakylygyny
«lepbeý» diýip, kabul edipdir. Ilki başlarda onuň
weziri Hasan ibn Mehran bolup, soňky wagtlarda Abu
Bekr ibn Salyh bu wezipäni eýeläpdir.
Zahyreddöwle soltan Ybraýym ibn soltan Mesgut
Gaznalynyň soltanlygynyň beýany
Soltan Ferruhzat bu pany dünýäden gaýdansoň,
Soltan Ybraýym hökümet tagtyny öz mübärek durky
we keremi bilen bezeýär. Ol diýseň takwa we dindar
patyşa bolupdyr. Ol özüniň ýaşlygyna we juwanlygyna
garamazdan nebsany (jismany) lezzetleri terk edip,
Rejep we Meret aýlaryny oraza aýyna goşup, her ýyl
üç aýy Oraza tutup geçirýän eken. Ol adyllyk we
raýatperwerlik düşegini ýaýmagy iň ýokary görnüşinde
berjaý edip, haýyr işleri etmekde ýokary derejede yhlas
255
edipdir. «Hekaýatlar ýygyndysy»1 eserinde şeýle
setirlere duş gelýäris:
Ol her ýyl bir gezek Ymam Ýusup Sejawendini öz
mejlisine çagyrardy, ol hem wagyz-nesihat edip,
adamlara öwüt-ündew bererdi. Ol soltan Ybraýyma
çekinmän berk sözler aýtsa-da, bu taýsyz ymamyň
gödekligi üçin ynjamazdy. Ol haty "nash" görnüşinde,
gaty owadan ýazýardy. Soltanlyk eden döwründe, ol
her ýyl bir gezek öz eli bilen bir Gurhan göçürip, bir
ýyl Beýik Mekgä we bir ýyl Mübärek Medinä iberdi.
Häzire çenli penakär pygamber Muhammet
hezretleriniň (s.a.w.) kitaphanasynda bu soltanyň eli bilen ýazan birnäçe Gurhany saklanýar. Soltan Ybraýym
tagta çykan ilkinji ýyllarynda seljuklar bilen «Iki
tarapyň hiç haýsy biri-birleriniň ülkelerine el urmaly
däl we Allatagalanyň amanady bolan raýatlara zyýanzeper ýetirmeli däl» diýen şert bilen parahatçylykly
ylalaşyk gazanýarlar. Ol soltan Mälik şa Seljuklynyň
gyzyny ogly Mesguda nikalap berip, dostluk
gapylaryny giňden açýar.
Aýtmaklaryna görä, ylalaşyk gazanylmazyndan
öň, soltan Mälik şa Seljukly Gazna ýöriş etmegi
ýüregine düwýär. Soltan Ybraýym howpa düşüp, onuň
çäresini tapýar we soltan Mälik şa Seljuklynyň emirleriniň adyna bir hat ýazýar. Ol hatyň mazmuny şeýle:
"Siziň bu taraplara gelmek babatda soltan Mälik
şany örän höweslendirýändigiňiz we ündew
1
Muhammet Awfynyň "Jawamygul-hekaýat we lawamygur-rowaýat"
eseri.
256
edýändigiňiz biziň mübärek gulagymyza gelip ýetdi.
Bu bize örän ýarady. Yhlas ýörelgesi şudur, ýagny siz
bu babatda çäksiz tagalla edip, soltan Mälik şa tizräk şu
welaýata geler ýaly bir zat ediň we eliňizden gelenini
gaýgyrmaň. Ondan belle-külli halas bolalyň. Biz hem
öňki eden kararymyza görä, size bermeli hyzmat
hakymyzy iki esse edip berip, siziň hemmäňiz babatda
çensiz mähirlilik we enaýat bildireris".
Ol bu hatlary bir atla berip, oňa:
— Soltan Mälik şa köp wagtyny aw awlamak
bilen geçirýär. Sen özüňi aw meýdanynda onuň ýanyna
elterleri ýaly pursat tap – diýýär. Soltan Ybraýymyň
beýle diýmekden maksady Mälik şanyň emirleriniň
onuň ýanynda ýok wagty, hatlaryň bir çet ýerde onuň
eline düşmegidi. Tötänden Mälik şa Esferaýyn
şäherçesinde düşläp, bir gün aw awlamak bilen meşgul
bolup ýörkä, aw meýdanynyň goragçylary, ýaňky
çapary tutup, soltan Mälik şanyň ýanyna getirýärler.
Soltan Mälik şa ondan ýagdaýlary soranda, sakawlap,
ugur-utgasyz gürläp başlaýar. Soltan Mälik şa
dogrusyny aýtdyrmak üçin, oňa birnäçe gamçy
urmaklaryny buýurýar. Mälik şanyň emri berjaý
edilensoň, ol:
— Men soltan Ybraýym Gaznalynyň çapary. Ol
meni şu ordanyň üstüne iberip, menden birnäçe hat
berip goýberdi – diýýär. Hatlary onuň elinden alyp,
Mälik şa berýärler. Ol hatlaryň mazmunyna göz
ýetirip, olary aýan etmegi makul bilmeýär we ýöriş
uýanyny özüniň öňki niýetinden sowup, öz soltanlyk
257
tagtyna dolanýar. Ahyrsoňunda barlaglar we derňewler
arkaly bu işiň soltan Ybraýymyň hilegärligidigi belli
bolýar. Soltan Mälik şa bu işiň hakykatyna göz
ýetirensoň, şeýle diýipdir:
— Soltan Ybraýym bu mekir hiläni biziň
öňümizde durup bilmejegini aňyp hem-de uruş turaýsa,
ýeňiljegini anyk bilip eden bolsa-da, biz onuň bu mekir
çäresi zerarly öz netimizden gaýdanymyz üçin, göýä ol
bizden üstün çykan ýaly boldy.
Ybraýym ibn Mesgut Seljuklylar tarapdan
arkaýyn bolansoň, Hindistana tarap goşun iberip, bu
diýaryň tä şol döwre çenli basylyp alynmadyk käbir
ýerlerini eýeleýär.
472-nji ýylda soltan Ybraýymyň özi Hindistana
tarap ýöriş edip, Lahordan takmynan 100 kuruha1
golaý aradaşlykda ýerleşýän, häzirki wagtda «Şyh Ferit
Şekergenjiň Peteni» ady bilen tanalýan "Ejudehen"
galasyny gabaýar we ony basyp alýar. Ol bu ýeňişden
soň, Rupal atlandyrylýan başga bir gala tarap ugraýar.
Bu gala bir beýik dagyň depesinde ýerleşip, bir tarapy
derýa, beýleki tarapy tokaý bolup, ondaky tikenli we
beýleki agaçlar zerarly, günüň şöhlesi oňa hiç hili täsir
edip bilmeýärdi. Agaçlaryň köpüsiniň üstünde zäherli
ýylanlar mesgen tutup, bu galanyň aşagynda durmaga
1
Kuruh – uzynlyk ölçegi; Käbir sözlüklerde parsahyň üçden bir aralygy.
«Burhany katygda»: «Parsahyň üçden biri bolup, üç müň gezdir (garydyr)»
diýlip, berilýär. Käbir maglumatlara görä, kuruh dört müň gezdir.
Hindistanda ony iki iňlis miline barabar hasaplapdyrlar. Ýogsa, parsahyň
üçden biri bir iňlis miline barabardyr. Şondan mälim bolşy ýaly kuruh her
ýerde bir dürli uzynlyk ölçegine barabar bolupdyr.
258
we söweşmäge hiç hili oňaýly ýer bolmandyr. Emma
soltan Ybraýym ol galany basyp almak üçin patyşalara
laýyk hümmetini sarp edip, taýýarlyk görüp, uruş
usulyny düzýär we azajyk wagtyň içinde, yslam
goşunynyň güýji bilen ol ýeri basyp alýar. Soňra şol
golaýlarda ýerleşen we Dere atlandyrylýan başga bir
ülkä tarap ýöriş uýanyny öwürýär. Ol ýeriň ýaşaýjylary
horasanlylaryň
neslinden
bolup,
olaryň
topalaňlaryndan bizar bolan Afrasyýap olary aýalçagalary bilen bilelikde, Horasan welaýatyndan
çykaryp, Hindistana iberen eken. Bu şäheriň ýaşaýjylary tutuş şol nesilden bolup, kesekiler bilen goşulyşyp
gatyşmandyrlar. Olar yhlas bilen butlara ybadat etmegi
we hemişe bozuklyk etmegi gowy görüpdirler. Bu
şäher diýseň owadan we abadan eken. Bu şäherde
giňligi ýarym parsah we çuňňurlygyndan ýaňa çuňlugy
anyk bolmadyk bir howuz (howdan) bar eken. Tutuş
ýyllap adamlar we olaryň haýwanlary bu suwdan
hernäçe içseler-de hiç hili tapawut duýulmaýan eken.
Bu galanyň we şäheriň töweregindäki tokaýlaryň
köplügi zerarly girilýän we çykylýan ýollar belli
bolmandyr. Hint patyşalary bu ilaty basyp almak
mümkin däl diýen garaýyş bilen olara garşy
söweşmändirler.
Soltan Ybraýym ýolda gaty kösençlere duçar
bolýar. Olar şol tokaýlyga ýetenlerinde Ybraýym
birnäçe müň paltaly pyýada esgerleri öňe iberýär. Olar
ýolda päsgel berýän agaçlary çapýarlar. Şeýdip, goşun
esgerleri rahatlyk bilen öňe gidýärler. Olar şu usul bi259
len ol şäheriň töweregine ýetenlerinde, Hindistanyň
ýagyn möwsümi başlaýar. Şonuň üçin olar üç aý şol
kapyrlaryň ýaşaýan ýeriniň golaýynda güýçli ýagyn
zerarly saklanyp, köp mähnet-muşakgatlar çekipdirler.
Ýagyn kesilenden soň, şäheriň etegine baryp, ilki adam
iberip, olary yslama çagyrýarlar. Emma olar kabul
etmeýärler. Şonuň üçin urşa çykyp, ol ýeri güýç we
gazap bilen basyp alýarlar. Musulmanlar ýüz müň kişi
gul-gyrnak we şonça-da olja toplap, Gazna
äkidipdirler.
Rowaýat etmeklerine görä, bir gün soltan
Ybraýym Gazna barýarka, patyşanyň saldyrýan
ymaraty üçin başynda agyr daşy göterip, köp
mähnetdir kynçylyklary çekip barýan bir hammaly
görýär. Soltanyň onuň bu halyna nebsi agyryp, oňa:
— Daşy zyň – diýýär. Bu biçäre daşy zyňýar. Daş
meýdanda şol zyňylgylygyna galýar. Atlar çapyp
barýan wagtynda şol ýerden geçmeli bolanda ýaňky
daş zerarly gaty kösenýän ekenler. Bir gün dergähiň
ýakynlaryndan biri:
— Eger şol daş meýdandan aýrylmaga höküm
edilse, maslahatdan daş bolmaz – diýýär. Soltan oňa:
— Men oňa «Daşy zyň» diýdim. Indi «Ony
aýryň» diýsem, hökümi biziň sözümizde berk durup
bilmeýändigimize ýorarlar. Bu bolsa güýçli patyşalara
laýyk bolmaz – diýip, jogap beripdir.
Rowaýat edilmegine görä, şol daş şol durşuna tä
Bähramşanyň döwrüniň ahyryna çenli ellenilmän
ýatypdyr.
260
Soltan Ybraýym sözüne tagzym hökmünde hiç
kimi ýerinden gozgamaýardy. Soltan Ybraýymyň otuz
alty ogly we kyrk gyzy bolupdyr. Ol gyzlaryny atabraýly seýitlere we beýik derejeli alymlara durmuşa
çykarypdyr. Bir rowaýata görä, ol 481-nji ýylda wepat
bolupdyr. Şeýlelikde, ol otuz bir ýyllap höküm
sürüpdir. Emma başga bir söze görä, ol 492-nji ýylda
wepat bolupdyr. Bu rowaýata görä, ol kyrk iki ýyllap
hökümeti dolandyrypdyr. Ilkinji döwürlerinde onuň
wezirleri Abu Sähl Hojandy we Hoja Mesgut Rahjy
eken. Soňky döwürlerinde wezirlik baýdagyny
Abdulhamyt Ahmet ibn Abdyssamat parladypdyr. Bu
weziriň tarypy barada Abulfereç bir kasyda aýdypdyr.
Onuň başky setirleri şudur:
Sahylyk hem, adalat hem bilim kadasyny
Abdylhamyt Ahmet ibn Abdyssamat goýýandyr.
Ussat Abulfereç soltan Ybraýymyň asyrdaşy
bolup, onuň asly sistanlydyr. Käbirleri oňa gaznaly
hem diýipdirler. Unsury onuň şägirdidir. Ol Samanly
emirlerden bolan Abu Aly Simjurynyň höküm süren
döwründe orta çykyp, bu neberäniň öwgüçisi bolupdyr.
Ol diýseň hormatly we mertebeli adam bolupdyr.
Simjury nesilşalygyndan oňa köp sylag-serpaý berlipdir. Ol şygyr ylmynda gaty ökde we ussatdyr. Bu
babatda onuň bir nusgalyk şygry bardyr. Risala eýeleri
261
köplenç Abulferejiň goşgularyny mysal hökmünde
getirýärler1. Aşakdaky setirler şol şahyrdandyr:
Kytga
Bu döwürde symrug hem bagt guşy horram – şatdyr.
Mähnet, gam üçin dörän, bil,diňe adamzatdyr.
Hernäçe alymlaryň gaşlarynda bolsam-da,
Adamzat biçäredir, gamhoram adamzatdyr.
Her kime berilmändir rahatlyk namasy,
Her kim özüçe derde giriftar adamzatdyr.
Alaýeddöwle Mesgut ibn Ybraýym ibn Mesgut
Gaznalynyň soltanlygynyň beýany
Soltan Mesgut ajaýyp ahlak we uly jomartlyk
bilen meşhur bolupdyr. Ol adyllykda we ynsaplylykda
jan aýaman yhlas edip, ilatdan bar bolan salgytlary
aýrypdyr, soltan Ybraýymyň patyşalara we emirlere
peşgeş beren ýerlerini öňki bolşunda goýupdyr. Ol
Soltan Sanjar Seljuklynyň "Mehdi Yrak" ady bilen
belli bolan uýasyny özüniň nikasyna geçirýär. Onuň
döwründe Lahoryň emiri Hajyp Togategin Hindistanyň
1
Ýazar Gaznalylaryň döwrüniň başlaryndaky şahyr Abulfereç Segzini
(sistanlyny) şol döwrüň ahyrlarynda ýaşan şahyr Abulfereç Runy bilen
gatyşdyrypdyr. Birinji beýt Abulfereç Runynyňky we ikinji kytga (kesindi)
Abulfereç Segziniňkidir.
262
goşunbaşlygyna eýe bolýar we Gang derýasyndan
geçip, soltan Mahmytdan başga hiç bir yslam
goşunynyň ýetip bilmedik ýerlerine baryp ýetýär. Ol
çozuşlar we talaňlar edip, sag-aman, köp olja toplap
Lahora dolanýar.
Soltan Mesgut on alty ýyllap, hiç hili gamgussasyz we aladasyz soltanlyk sürenden soň, 508-nji
ýylyň soňky aýlarynda bakylyk öýüne gowşupdyr.
«Taryhy güzide" eserinde şeýle setirler getirlipdir:
"Mesgut ölenden soň ogly Kemaleddöwle Şirzat
soltanlyk tagtyna gadam goýýar. Onuň soltanlygyndan
bir ýyl geçenden soň, ol 509-njy ýylda öz dogany
Arslanşa tarapyndan öldürilýär."
Emma başga taryhçylar Mesgudyň beýanyndan
soň, arada hiç kimiň beýanyny getirmän, göni
Arslanşanyň soltanlygy hakynda hekaýat edipdirler.
Soltaneddöwle Arslanşa ibn Mesgut ibn Ybraýym
Gaznalynyň hökümdarlygynyň beýany
Arslanşa Gaznanyň patyşasy bolan badyna Soltan
Sanjaryň ýanyna gaçyp giden Bähramşadan başga
özüniň ähli doganlaryny tussag edýär. Şol wagtlar
Soltan Sanjar öz dogany Muhammet soltan ibn Mälik
şa1 tarapyndan Horasanda hökümrowanlyk edýärdi. Ol
Arslanşanyň gaşyna Bähramşa babatda hernäçe hat
ýazyp, haýyş etse-de, Arslanşa onuň haýyşyny kabul
1
Soltan Muhammet ibn Mälik şa.
263
etmändir. Ahyrynda Soltan Sanjar Bähramşa kömek
etmegi ýüregine düwüp, Gazna tarap ýöriş baýdagyny
parladýar. Arslanşa bu habary eşidip, soltan
Muhammediň ýanyna ilçi iberip, onuň dogany Soltan
Sanjardan şikaýat edýär hem-de ondan Soltan Sanjary
bu niýetinden dändirmegi haýyş edýär. Soltan
Muhammet olary ýaraşdyrmagyň ugruna çykýar, emma
peýda bermeýär. Arslanşa soltan Muhammet
tarapyndan umydyny üzensoň, Soltan Sanjaryň aýal
dogany bolan, öz ejesi Mehdi Yragy iki ýüz müň dinar
we başga-da köp sylag-serpaýlar bilen Soltan Sanjaryň
ýanyna iberip, ylalaşyk isleýär. Mehdi Yrak onuň
(Arslanşanyň) zulmundan we doganlaryny dürli
azaplar bilen gynap öldürendiginden çäksiz gam-gussa
batandygy we ynjandygy üçin, Busta ýeten Soltan
Sanjara elhenç we gazaplandyryjy sözleri aýdyp, ony
Gazna gitmek babatda has-da çynlakaýlaşdyrýar.
Soltan Arslanşa ejesinden hem näumyt bolansoň,
göwnüni bire baglap, söweş taýýarlygyna girişýär we
otuz müň atly, sansyz pyýada we ýüz altmyş pil bilen
Gaznadan bir parsah uzaklykda, Horasan patyşasynyň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ybraýymyň Gülşeni I - 14
  • Parts
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 01
    Total number of words is 3452
    Total number of unique words is 2028
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    35.0 of words are in the 5000 most common words
    41.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 02
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 1904
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 03
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 1763
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 04
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 1825
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 05
    Total number of words is 3606
    Total number of unique words is 1875
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    37.8 of words are in the 5000 most common words
    44.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 06
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 1900
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 07
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 1924
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 08
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1910
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 09
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 1861
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 10
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1884
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 11
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 1862
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 12
    Total number of words is 3720
    Total number of unique words is 1745
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 13
    Total number of words is 3730
    Total number of unique words is 1718
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 14
    Total number of words is 2668
    Total number of unique words is 1377
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.